TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Maglumat we ony goramak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 72-nji madda)
(Türkmenistanyň 14.03.2020 ý. № 234-VI we 05.06.2021 ý. № 390-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun maglumaty gözlemäge, ýygnamaga, almaga, ibermäge,öndürmäge, saklamaga, bermäge, ýaýratmaga we peýdalanmaga bolan hukuklary amala aşyrmakda, şeýle hem maglumat tehnologiýalaryny ulanmakda we maglumaty goramagy üpjün etmekde ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
1-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler peýdalanylýar:
1) maglumat – gözleniş, saklanyş, işlenip taýýarlanyş, berliş we ýaýradylyş usullaryna garamazdan ähli maglumatlar ýa-da habarlar;
2) maglumat tehnologiýalary – maglumaty gözlemegiň, toplamagyň, saklamagyň, işläp taýýarlamagyň, bermegiň ýa-da ýaýratmagyň usullary we ýollary;
3) maglumat ulgamy – maglumat binýatlarynda saklanýan maglumatlaryň we olaryň işlenilip taýýarlanylmagyny üpjün edýän maglumat tehnologiýalarynyň we tehniki serişdeleriň jemi;
4) maglumat-telekommunikasiýa tory – maglumaty aragatnaşyk ugurlary boýunça geçirmek üçin niýetlenen, aralaşylmagy hasaplaýyş tehniki serişdelerini peýdalanmak bilen amala aşyrylýan tehnologik ulgamy;
5) maglumata eýelik ediji – maglumaty özbaşdak döreden ýa-da haýsy-da bolsa bir alamaty boýunça kesgitlenýän maglumata rugsady bermäge ýa-da ony çäklendirmäge bolan hukugy kanun ýa-da şertnama esasynda alan şahs;
6) maglumata rugsat – maglumaty almaga we ony peýdalanmaga bolan mümkinçilik;
7) maglumaty peýdalanyjy – şertnama ýa-da başga kanuny esaslar boýunça maglumatdan peýdalanmaga rugsat alan şahs;
8) maglumatyň ýaşyrynlygy – kesgitli maglumaty peýdalanmaga rugsat alan şahs tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmany bolan, maglumatyň ýaşyrynlygyny üpjün edýän şol maglumata eýelik edijiniň razylygy bolmazdan şol maglumatyň üçünji tarapa berilmezligi barada talap;
9) maglumaty bermek – maglumatyň şahslaryň kesgitli topary tarapyndan alynmagyna ýa-da oňa geçirilmegine gönükdirilen hereketler;
10) maglumaty ýaýratmak – maglumatyň şahslaryň kesgitli bolmadyk topary tarapyndan alynmagyna ýa-da oňa geçirilmegine gönükdirilen hereketler;
11) elektron habar – maglumat-telekommunikasiýa toruny peýdalanyjy tarapyndan geçirilen ýa-da alnan maglumat;
12) elektron resminama – maglumat tehnologiýalary esasynda elektron görnüşde döredilen we gaýtadan işlemäge ýaramly maglumat;
13) resmileşdirilen maglumat – maglumaty ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda onuň material göterijisini kesgitlemäge mümkinçilik berýän rekwizitleri bilen resmileşdirmek arkaly material göterijä ýazgy edilen maglumat;
14) maglumat ulgamynyň operatory – maglumat ulgamlarynyň ulanylyşy boýunça, şol sanda onuň maglumat binýatlarynda saklanýan maglumaty işläp taýýarlamak boýunça işi amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
15) Internet torundaky saýt – Internet torundaky saýty barabar etmäge mümkinçilik berýän domen atlary ýa-da tor salgylary boýunça Internet maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň üsti bilen rugsat üpjün edilýän elektron hasaplaýjy maşynlar üçin programmalaryň we maglumat ulgamynda saklanýan beýleki maglumatlaryň jemi;
16) domen atlary – Internet torunda ýerleşdirilen maglumata rugsady üpjün etmek maksatlary bilen Internet torundaky saýtlary salgylamak üçin döredilen nyşanlar bilen bellemeler;
17) tor salgysy – maglumat ulgamyna girýän aragatnaşygyň telematiki hyzmatlary edilende abonent terminalyny ýa-da aragatnaşygyň beýleki serişdelerini kesgitleýän maglumatlary geçiriji tordaky barabarlaýjy;
18) Internet torundaky saýtyň eýesi – Internet torunda saýty peýdalanmagyň tertibini özbaşdak we özüniň garamagyna görä, şol sanda şeýle saýtda maglumaty ýerleşdirmegiň tertibini kesgitleýän şahs;
19) hosting prowaýderi – Internet toruna hemişelik çatylan maglumatlar ulgamynda maglumaty ýerleşdirmek üçin hasaplaýyş kuwwatyny bermek boýunça hyzmatlary ýerine ýetiriji şahs.
2-nji madda. Maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi we ony guramak bilen bagly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Arhiw gaznasynyň düzümine girizilen resmileşdirilen maglumaty saklamagyň we peýdalanmagyň tertibi arhiwler we arhiw işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
4. Şu Kanunyň kadalary intellektual işiň netijeleriniň we olara deňleşdirilen aýrybaşgalaşdyrylan serişdeleriň goragynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişli däldir.
5. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Maglumat we ony goramak çygryndaky gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmegiň ýörelgeleri
Maglumat we ony goramak çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary hukuk taýdan düzgünleşdirmek şu aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
1) islendik kanuny usul bilen maglumaty gözlemegiň, almagyň, geçirmegiň, öndürmegiň, ýygnamagyň, saklamagyň we ýaýratmagyň erkinligine;
2) maglumata rugsady çäklendirmegiň diňe kanun arkaly bellenilmegine;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilenlerden başga halatlarda döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi hakynda maglumatyň açyklygyna we şeýle maglumata erkin aralaşylmagyna;
4) maglumat ulgamlary döredilende, olar ulanylanda we olarda bolan maglumat goralanda Türkmenistanyň milli howpsuzlygyny üpjün etmek meselesiniň göz öňünde tutulmagyna;
5) maglumatyň hakykylygyna we onuň öz wagtynda berilmegine;
6) şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, özüniň razylygy bolmazdan raýatyň şahsy durmuşy hakynda maglumaty ýygnamaga, saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga ýol bermezligine;
7) eger döwlet maglumat ulgamyny döretmek we ulanmak üçin kesgitli maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenmedik bolsa, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bir maglumat tehnologiýalarynyň ulanylmagynyň beýlekileriň öňünde haýsydyr bir artykmaçlygynyň bellenilmegine ýol berilmezligine.
4-nji madda. Maglumat hukuk gatnaşyklarynyň obýekti hökmünde
1. Maglumat raýat we beýleki hukuk gatnaşyklarynyň obýekti bolup biler. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda maglumata rugsady çäklendirmek ýa-da ony bermegiň ýa-da ýaýratmagyň tertibine başga talaplar bellenilmedik bolsa, maglumat islendik şahs tarapyndan erkin ulanylyp we bir şahsdan beýleki şahsa geçirilip bilner.
2. Berilýän rugsadyň derejesine baglylykda maglumat hemmelere elýeter bolan maglumata, şeýle hem kanun esasynda rugsat çäklendirilen maglumata (mundan beýläk – rugsat çäklendirilen maglumat) bölünýär.
3. Maglumat berilmeginiň ýa-da ýaýradylmagynyň tertibine baglylykda şulara bölünýär:
1) erkin ýaýradylýan maglumat;
2) degişli gatnaşyklarda bolan şahslaryň ylalaşygy boýunça berilýän maglumat;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bermäge ýa-da ýaýratmaga degişli maglumat;
4) Türkmenistanda ýaýradylmagy çäklendirilýän ýa-da gadagan edilýän maglumat.
4. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen maglumatyň görnüşleri mazmunyna ýa-da eýelik edijä baglylykda kesgitlenip bilner.
5-nji madda. Maglumata eýelik ediji
1. Türkmenistan döwleti, fiziki ýa-da ýuridik sahslar maglumatyň eýelik edijisi bolup biler.
2. Türkmenistanyň adyndan maglumata eýelik edijiniň hukuklylygy Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, maglumata eýelik edijiniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) maglumata rugsady bermäge ýa-da çäklendirmäge, şeýle rugsadyň tertibini we şertlerini kesgitlemäge;
2) maglumaty ulanmaga, şol sanda ony öz garaýşy boýunça ýaýratmaga;
3) maglumaty şertnama boýunça ýa-da kanunda bellenilen beýleki esaslarda beýleki şahslara geçirmäge;
4) maglumatyň başga şahslar tarapyndan bikanun alnan ýa-da ondan bikanun peýdalanylan halatynda öz hukuklaryny kanunda bellenilen usullar bilen goramaga;
5) maglumat bilen beýleki hereketleri amala aşyrmaga ýa-da şeýle hereketleriň amala aşyrylmagyna rugsat bermäge.
4. Maglumata eýelik ediji hukuklaryny amala aşyranda şu aşakdakylara borçludyr:
1) beýleki şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmäge;
2) maglumaty goramak boýunça çäreleri görmäge;
3) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda şeýle borç bellenilen bolsa, maglumata rugsady çäklendirmäge.
6-njy madda. Hemmelere elýeterli bolan maglumat
1. Hemmelere elýeterli bolan maglumata rugsady çäklendirilmedik, hemmelere mälim bolan we beýleki maglumatlar degişlidir.
2. Hemmelere elýeterli bolan maglumat şeýle maglumatyň ýaýradylmagy babatda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilmegi bilen islendik şahs tarapyndan özüniň garaýşyna görä ulanylyp bilner.
3. Maglumata eýelik edijiniň çözgüdi boýunça hemmelere elýeterli bolan maglumaty ýaýradýanlardan şeýle maglumatyň çeşmesi hökmünde özüniň görkezilmegini talap etmäge hukugy bardyr.
4. Maglumata eýelik ediji tarapyndan Internet torunda ýerleşdirilen, adam tarapyndan ony gaýtadan peýdalanmak maksady bilen deslapdan üýtgetmezden awtomatlaşdyrylan ýagdaýda gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýän görnüşdäki maglumat açyk maglumat görnüşinde ýerleşdirilen hemmelere elýeterli maglumat bolup durýar.
5. Internet torunda maglumat açyk maglumatlar görnüşinde ýerleşdirilende döwlet syrlaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplary göz öňünde tutulmalydyr. Eger maglumaty açyk maglumatlar görnüşinde ýerleşdirmek döwlet syrlaryny düzýän maglumatyň ýaýramagyna getirip biljek bolsa, bu maglumaty açyk maglumatlar görnüşinde ýerleşdirmek ygtyýarly edaranyň talap etmegi boýunça bes edilmelidir.
7-nji madda. Maglumata rugsada hukuk
1. Fiziki we ýuridik şahslaryň şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplary berjaý etmek şerti bilen islendik maglumaty dürli görnüşdäki çeşmelerden gözlemäge we almaga hukugy bardyr.
2. Fiziki şahslaryň döwlet edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan, olaryň wezipeli adamlaryndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özleriniň hukuklaryna we azatlyklaryna gös-göni täsir edýän maglumaty almaga hukugy bardyr.
3. Ýuridik şahslaryň döwlet edaralaryndan we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryndan olaryň hukuklaryna we borçlaryna gönüden-göni degişli bolan maglumaty almaga, şeýle hem düzgünnamasyna (tertipnamasyna) laýyklykda öz işini amala aşyrmakda görkezilen edaralar bilen özara hereket etmegiň zerurlygyna degişli bolan maglumaty almaga hukugy bardyr.
4. Şulara rugsat çäklendirilmeýär:
1) adamyň we raýatyň hukuklaryna, azatlyklaryna we borçlaryna täsir edýän, şeýle hem guramalaryň hukuk ýagdaýyny we döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny belleýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna;
2) daşky gurşawyň ýagdaýy hakyndaky maglumatlara;
3) döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi baradaky, şeýle hem býujet serişdeleriniň peýdalanylyşy baradaky (döwlet ýa-da gulluk syry bolup durýan, şeýle hem kanun tarapyndan goralýan ýaýradylmagy çäklendirilen maglumatlardan başga) maglumata;
4) fiziki we ýuridik şahslaryň üpjün edilmegi üçin döredilen ýa-da niýetlenen kitaphanalaryň, muzeýleriň we arhiwleriň açyk gaznalarynda, şeýle hem döwlet we beýleki maglumat ulgamlarynda toplanylan maglumata;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda rugsady çäklendirmäge ýol berilmeýän beýleki maglumata.
5. Döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň işi baradaky, şol sanda maglumat-telekommunikasiýa torunyň hem-de Internet torunyň üsti bilen ýerleşdirilen maglumata rugsady üpjün etmäge borçludyrlar. Maglumaty almaga isleg bildirýän şahs ony almagyň zerurlygyny esaslandyrmaga borçly däldir.
6. Döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, wezipeli adamlaryň maglumata bolan hukugy bozýan çözgütleri we hereketleri (hereketsizligi) barada ýokarda durýan edara, wezipeli adama ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.
7. Maglumata rugsat bermekden bikanun ýüz dönderilen ýa-da onuň öz wagtynda berilmedik halatynda, şeýle hem soragnamanyň mazmunyna laýyk gelmeýän ýa-da görnetin nätakyk maglumatyň berilmegi netijesinde zyýan ýetirilen bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şeýle zyýanlaryň öwezi doldurylmalydyr.
8. Şu maglumatlar tölegsiz berilmäge degişlidir:
1) döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň öz amala aşyrýan işleri barada maglumat-telekommunikasiýa torlarynda ýerleşdiren maglumatlary;
2) gyzyklanýan şahsyň hukuklaryna we onuň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen borçlaryna täsir edýän maglumatlar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki maglumatlar.
9. Döwlet edaralarynyň ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işi barada maglumaty bermek üçin tölegler diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we şertlerde bellenilip bilner.
8-nji madda. Maglumata rugsady çäklendirmek
1. Konstitusion gurluşyň esaslaryny, beýleki şahslaryň ahlaklylygyny, saglygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, döwletiň goranmak ukybyny we howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen maglumata rugsady çäklendirmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen peýdalanmaga rugsady çäklendirlen maglumatyň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegi hökmany bolup durýar.
3. Döwlet syrlaryny düzýän maglumaty goramak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Maglumaty täjirçilik syrlaryna we kanun arkaly goralyp saklanylýan beýleki syrlara degişli etmegiň şertleriň, şeýle maglumatyň ýaşyrynlygynyň hökman berjaý edilmegi, şeýle hem onuň aýan edilmegi üçin jogapkärçilik Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
5. Fiziki şahslar tarapyndan wezipe borçlary ýerine ýetirilende ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan işiň kesgitli görnüşi amala aşyrylanda alnan maglumat, eger şol şahslara şeýle maglumatyň ýaşyrynlygyny üpjün etmek boýunça borçlar Türkmenistanyň kanunçylygynda ýüklenen bolsa (mundan beýläk – hünär syry) ol maglumat goralmaga degişlidir.
6. Hünär syryny düzýän maglumat üçünji tarapa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça berlip bilner.
7. Hünär syryny düzýän maglumatyň ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegi boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň möhleti diňe özi barada şeýle maglumaty berýän fiziki şahsyň razylygy bilen çäklendirilip bilner.
8. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, fiziki şahsyň erk-isleginiň garşysyna ondan onuň şahsy durmuşy baradaky maglumaty, şol sanda şahsy ýa-da maşgala syryny düzýän we öz içine raýatyň gelip çykyşy, saglygy, syýasy we dini garaýyşlary baradaky maglumaty bermegi talap etmek, şeýle maglumaty almak we ýaýratmak gadagandyr.
9. Fiziki şahsyň şahsy maglumatlaryna rugsadyň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
9-njy madda. Maglumaty ýaýratmak ýa-da bermek
1. Türkmenistanda maglumatyň ýaýradylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplary berjaý etmek bilen erkin amala aşyrylýar.
2. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmazdan ýaýradylýan maglumat, oňa eýelik ediji ýa-da maglumaty ýaýradýan beýleki şahs barada hakykata laýyk gelýän maglumatlary şol şahsy barabar etmek(identifikasiýa) üçin ýeterlik görnüşde we göwrümde özünde jemlemelidir.
3. Maglumaty ýaýratmak üçin maglumaty alyjyny kesgitlemäge mümkinçilik berýän serişdeler, şol sanda poçta ýollanmalary we elektron habarlary peýdalanylanda, maglumaty ýaýradyjy şahs maglumaty alyjyny şeýle maglumatdan ýüz döndermegiň mümkinçiligi bilen üpjün etmäge borçludyr.
4. Maglumaty bermek maglumat alyşmasyna gatnaşýan şahslaryň ylalaşygy boýunça bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
5. Maglumatyň hökmany ýaýradylmagynyň ýa-da berilmeginiň halatlary we şertleri, şol sanda resminamalaryň hökmany nusgalarynyň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
6. Urşy wagyz etmäge, milli, teniniň reňki boýunça, jynsy ýa-da dini ýigrenji, agzalalygy we duşmançylygy öjükdirmäge gönükdirilen maglumaty, şeýle hem ýaýradylandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda jogapkärçilik göz öňünde tutulan beýleki maglumaty ýaýratmak gadagan edilýär.
10-njy madda. Maglumaty resmileşdirmek
1. Türkmenistanyň kanunçylygy ýa-da taraplaryň ylalaşygy bilen maglumaty resmileşdirmegiň talaplary bellenilip bilner.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynda maglumaty resmileşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar. Beýleki döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bellenilen iş dolandyryşyň we resminama dolanyşygynyň düzgünleri, ýerine ýetiriji häkimiýet edaralary üçin iş dolandyryşy we resminama dolanşygy babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.
3. Resmileşdirilen maglumaty öz içine jemleýän material göterijilere bolan eýeçilik we emläk hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
4. Elektron habar alyşmasyna gatnaşýan şahslaryň gatnaşmagynda raýat-hukuk şertnamalaryny baglaşmak ýa-da beýleki hukuk gatnaşyklaryny resmileşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda bellenilen tertipde her biri elektron habar alyşmasyny iberijiniň elektron goly ýa-da hut öz eli bilen gol çekilene meňzeş ýol bilen gol çekilen şeýle elektron habar alyşmasyna resminama alyşmasy hökmünde seredilýär.
11-nji madda. Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi
1. Maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi şulary göz öňünde tutýar:
1) şu Kanunda bellenilen ýörelgeler esasynda maglumat tehnologiýalaryny ulanmak (maglumatlaşdyrmak) arkaly maglumaty gözlemek, ýygnamak,almak, geçirmek, öndürmek, saklamak, ýaýratmak we peýdalanmak bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň düzgünleşdirilişini;
2) fiziki we ýuridik şahslaryň maglumat bilen üpjün edilmegi üçin dürli maksatlara niýetlenen maglumat ulgamynyň ösdürilmegini, şeýle hem şu ulgamlaryň özara hereket etmeginiň üpjün edilmegini;
21) milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawyny hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek arkaly, milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryndan we maglumat tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanylmagyny, milli elektron kommunikasiýa we maglumat tehnologiýa önümlerini işläp taýýarlaýjylaryň hukuklarynyň goragynyň amala aşyrylmagyny, milli programma üpjünçilik önümleriniň işlenip taýýarlanylmagynyň we ulanyşa girizilmeginiň düzgünleşdirilmegini;
3) Türkmenistanda maglumat-telekommunikasiýa torlaryny, şol sanda Internet we beýleki kybapdaş maglumat-telekommunikasiýa torlaryny netijeli peýdalanmak üçin şertleriň döredilmegini;
4) maglumat ulgamynyň üsti bilen kämillik ýaşyna ýetmedikleriň aňyna ters täsir edilmeginden goramagyň üpjün edilmegini.
2. Döwlet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary özleriniň ygtyýarlyklaryna laýyklykda:
1) maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň ýörite maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga we durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar;
2) maglumat ulgamlaryny döredýärler we olarda saklanýan maglumata rugsady üpjün edýärler.
111-nji madda. Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawynyň hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawynyň ýöredilmegi
1. Milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk – Döwlet sanawlary) milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny ulanmaklygy giňeltmek, olaryň Türkmenistanda işlenip taýýarlanylandygyny tassyklamak, şeýle hem milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylara, olara eýelik etmek hukugy bolanlara döwlet tarapyndan ýeňillikleri bermek maksady bilen, Türkmenistanda aragatnaşyk babatda ygtyýarlylandyrylan döwlet edarasy tarapyndan ýöredilýär.
2. Döwlet sanawlarynyň ýöredilmeginiň tertibi hem-de olara girizilmeli maglumatlaryň düzümi, maglumatlara bildirilýän umumy talaplar, maglumatlaryň Döwlet sanawlaryna girizilmeginiň we olardan aýrylmagynyň şertleri we Döwlet sanawlarynyň ýöredilmegi bilen bagly beýleki düzgünler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan milli elektron kommunikasiýa ulgamlaryny işläp taýýarlaýjylaryň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnama hem-de milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň Döwlet sanawy hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.
12-nji madda. Maglumat ulgamlary
1. Maglumat ulgamlary şulary öz içine alýar:
1) döwlet maglumat ulgamlaryny;
2) ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlaryny;
3) beýleki maglumat ulgamlaryny.
2. Maglumat ulgamynyň maglumat gorunda bolan maglumata eýelik edijiniň hukuklary, onuň şeýle maglumat binýadyna bolan awtorlyk we beýleki hukuklaryna garamazdan goralmaga degişlidir.
3. Eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şu Kanunda döwlet maglumat ulgamlary üçin bellenilen talaplar maglumat ulgamlarynyň ählisine degişlidir.
4. Döwlet maglumat ulgamlaryny,ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlaryny ulanmagyň tertibi şeýle maglumat ulgamlaryny döretmek barada çözgüt çykarmaga hukugy bolan döwlet edaralarynyň tehniki dessuryna we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenip bilner.
5. Döwlet maglumat ulgamlary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maglumat ulgamlary bolmadyk maglumat ulgamlaryny döretmegiň we ulanmagyň tertibi şeýle maglumat ulgamlarynyň operatory tarapyndan şu Kanunda ýa-da Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen talaplara laýyklykda kesgitlenýär.
13-nji madda. Döwlet maglumat ulgamlary
1. Döwlet maglumat ulgamlary döwlet edaralarynyň ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek we bu edaralaryň arasyndaky maglumat alyşmasyny üpjün etmek maksady bilen, şeýle hem beýleki döwlet zerurlyklaryny (harytlary ibermek boýunça sargytlary ýerleşdirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek boýunça talaplar) üpjün etmek üçin döredilýär.
2. Döwlet maglumat ulgamlary fiziki şahslar, guramalar, döwlet edaralary hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edalary tarapyndan berilýän statistiki we beýleki resmileşdirilen maglumatlaryň esasynda döredilýär we ulanmaga berilýär.
3. Hökmany tertipde berilýän maglumatlaryň görnüşleriniň sanawy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olary bermegiň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýär.
4. Aýratyn döwlet maglumat ulgamlarynyň ulanyşa girizilmeginiň tertibiniň hökmany talaplary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.
5. Döwlet maglumat ulgamynyň intellektual eýeçiligiň obýekti bolup durýan böleklerini ulanmaga bolan hukuklar degişli tertipde resmileşdirilmese, onuň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
6. Döwlet maglumat ulgamlarynda saklanýan maglumaty işläp taýýarlamak üçin niýetlenen tehniki serişdeler, şol sanda programmalaýyn-tehniki serişdeler we maglumaty goramak üçin niýetlenen serişdeler sertifikatlaşdyrmak babatdaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.
7. Döwlet maglumat ulgamlarynda saklanýan maglumatlar, şeýle hem döwlet edaralarynyň garamagynda bar bolan beýleki maglumatlar we resminamalar döwlet maglumat binýatlary bolup durýarlar. Döwlet maglumat ulgamlarynda saklanýan maglumatlar resmi maglumatlardyr. Döwlet maglumat ulgamlarynyň hereket etmegini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döwlet edaralary bu maglumat ulgamlarynda saklanýan maglumatyň hakykylygyny we aktuallygyny, olara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda rugsat bermegi we olary rugsatsyz aralaşmakdan, ýok edilmeginden, şekiliniň üýtgedilmeginden, gabalmagyndan, nusgasynyň alynmagyndan, berilmeginden, ýaýradylmagyndan we beýleki bikanun hereketlerden goramagy üpjün etmelidirler.
14-nji madda. Maglumat-telekommunikasiýa torlaryny peýdalanmak
1. Türkmenistanyň çäginde maglumat-telekommunikasiýa torlaryny peýdalanmak «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, şu Kanunyň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň çäginde maglumat-telekommunikasiýa torlarynyň hojalyk we beýleki işlerde peýdalanylmagy şeýle ulgamlary peýdalanmazdan amala aşyrylýan bu görkezilen işleri düzgünleşdirmäge degişli goşmaça talaplaryň ýa-da çäklendirmeleriň bellenmegine, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryň berjaý edilmezligine esas bolup bilmez.
3. Maglumat-telekommunikasiýa torlaryndan peýdalanmak bilen telekeçilik işini amala aşyrýan şahsyýetleri we guramalary hökmany barabar etmek Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulyp bilner. Şunda Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän elektron habary alyjynyň elektron habary ugradyjyny anyklamaga mümkinçilik berýän barlagy geçirmäge hukugy bardyr, Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da taraplaryň ylalaşygynda bellenilen halatlarda bolsa, şeýle barlagy geçirmäge borçludyr.
4. Maglumat-telekommunikasiýa torlaryny peýdalanmak arkaly maglumaty geçirmek maglumaty ýaýratmagyň we intellektual eýeçiligiň obýektlerini goramagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryny berjaý etmek şerti bilen çäklendirmesiz amala aşyrylýar. Maglumaty geçirmek diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde çäklendirilip bilner.
5. Döwlet maglumat ulgamlarynyň maglumat-telekommunikasiýa torlaryna birikdirilmeginiň aýratynlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen bellenip bilner.
15-nji madda. Maglumaty goramak
1. Maglumaty goramak şu aşakdakylara gönükdirilen hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleriň amala aşyrylmagyny göz öňünde tutýar:
1) maglumaty birugsat aralaşmakdan, ýok etmekden, şekilini üýtgetmekden, gabamakdan, nusgasyny göçürmekden, bermekden we ýaýratmakdan, şeýle hem maglumat babatynda beýleki birugsat hereketlerden goramagyň üpjün edilmegini;
2) rugsady çäklendirilen maglumatyň ýaşyrynlygynyň üpjün edilmegini;
3) maglumata rugsada bolan hukugyň durmuşa geçirilmegini.
2. Maglumaty goramak çygryndaky gatnaşyklaryň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilişi maglumaty goramak boýunça talaplary, şeýle hem Türkmenistanyň maglumaty goramak hakynda kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçiligi bellemek arkaly amala aşyrylýar.
3. Hemmeler üçin elýeterli maglumaty goramak boýunça talaplar diňe şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen maksatlar üçin bellenip bilner.
4. Maglumata eýelik ediji, maglumat ulgamynyň operatory Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda şulary üpjün etmäge borçludyrlar:
1) maglumata rugsatsyz aralaşylmagynyň we onuň maglumata rugsada hukugy bolmadyk şahslara geçirilmeginiň öňüni almak;
2) maglumata rugsatsyz aralaşylan halatlaryny öz wagtynda ýüze çykarmak;
3) maglumata rugsadyň tertibiniň bozulan halatlarynda ýaramaz netijeleriň bolmagynyň mümkinligi barada duýdurmak;
4) maglumaty gaýtadan işleýän tehniki serişdeleriň iş hereketleriniň bozulmagyna getirip biljek täsir etmelere ýol bermezlik;
5) rugsatsyz aralaşylmagyň netijesinde üýtgedilen ýa-da ýok edilen maglumatyň dessine dikeldilmegine mümkinçilik döretmek;
6) maglumatyň goraglylyk derejesiniň üpjünçiligine hemişelik gözegçiligi amala aşyrmak.
5. Döwlet maglumat ulgamlaryndaky maglumaty goramagyň talaplary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär we olaryň ýerine ýetirilişine ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary tarapyndan gözegçilik edilýär. Döwlet maglumat ulgamlary döredilende we ulanylanda maglumaty goramak maksady bilen peýdalanylýan olary goramagyň usullary we ýollary bellenilen talaplara laýyk gelmelidir.
6. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen maglumaty goramagyň kesgitli serişdelerini peýdalanmaga we maglumaty goramak çygrynda işleriň aýry-aýry görnüşlerine çäklendirme bellenilip bilner.
16-njy madda. Maglumat we ony goramak çygrynda jogapkärçilik
1. Şu Kanunyň talaplarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
2. Rugsat çäklendirilen maglumatyň aýan edilmegi ýa-da şeýle maglumatyň başga bikanun peýdalanylmagy bilen baglanyşykda hukuklary we kanuny bähbitleri bozulan şahslar bellenilen tertipde özüniň hukuklaryny goramak, şol sanda zeleliň öwezini dolmak, ahlak taýdan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, at-abraýyny, mertebesini, namysyny we iş abraýyny goramak barada kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.Maglumatyň ýaşyrynlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmedik ýa-da maglumaty goramagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplaryny bozan şahs, eger bu çäreleriň kabul edilmegi we şeýle talaplaryň berjaý edilmegi şol şahsyň borjy bolup durýan bolsa,onda olaryň zeleliň öwezini dolmak hakyndaky talaplary kanagatlandyrylmaýar.
3. Hosting prowaýderi we Internet torundaky saýtyň eýesi maglumata eýelik edijiniň we maglumaty peýdalanyjynyň öňünde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maglumata rugsada goýlan çäklendirmeler üçin jogapkärçilik çekmeýär.
17-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 3-nji maýy.
№ 72-V.