TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda
Şu Kanun döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlaryny, usullaryny we tertibini belleýär hem-de döwlet emläginiň ynançly dolandyrylmagy amala aşyrylanda eýeçiligiň eýesiniň we ynançly dolandyryjynyň arasyndaky ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler:
1) ynançly dolandyrmak – bu dolandyrmagyň usuly bolup, oňa laýyklykda eýeçiligiň eýesi ynançly dolandyryjy bilen döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda şertnama baglaşýar;
2) eýeçiligiň eýesi – döwletiň adyndan ynançly dolandyrmak şertnamasynyň bir tarapy bolup çykyş edýän, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edarasy, şeýle hem oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarlylandyrylan beýleki edaralar (guramalar);
3) ynançly dolandyryjy – döwlet emlägini ynançly dolandyrmagy amala aşyrýan we ynançly dolandyrmak hakynda şertnama laýyklykda bu emläk babatynda eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň (bähbit görüjiniň) bähbitleri üçin islendik hukuk we hakyky hereketleri amala aşyrýan ýuridik şahs (esaslyk maýasynyň 50 göterimden ýokary paýy döwlete degişli bolan ýuridik şahsdan başga);
4) ynançly dolandyrmak hakynda şertnama (mundan beýläk – şertnama) – bu taraplaryň ylalaşygy bolup, oňa laýyklykda eýeçiligiň eýesi döwletiň emlägini ynançly dolandyryja belli bir möhlete ynançly dolandyrmak üçin berýär, ynançly dolandyryjy bolsa, eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň (bähbit görüjiniň) bähbitleri üçin döwlet emlägini dolandyrmaga borçlanýar;
5) döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek – şertnamada bellenilen şertlerde bäsleşik ýa-da göni (salgyly) bermek usulynda döwlet emläginiň ynançly dolandyryja berilmegi;
6) bäsleşik – döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek üçin ynançly dolandyryjyny şu Kanunda göz öňünde tutulan şertlerde bäsleşik esasynda saýlap almagyň usuly;
7) göni (salgyly) bermek – şertnamada bellenilen şertlerde, bäsleşik geçirmezden, döwlet emlägini anyk şahsa ynançly dolandyrmaga bermegiň usuly.
2-nji madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Türkmenistanyň döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de Türkmenistanyň Raýat kodeksinden, şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlary
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň maksatlary şular bolup durýar:
1) döwlet emlägini peýdalanmagyň netijeliligini we onuň girdejililigini ýokarlandyrmak;
2) ýurduň ykdysadyýetine daşarky we içerki maýa goýumlaryny çekmek;
3) ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň ykdysady we maliýe ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak we bu emlägi dolandyrmagy kämilleşdirmek;
4) işiň esasy ugurlarynyň, önümçiligiň we iş orunlarynyň saklanyp galynmagyny ýa-da täze iş orunlarynyň döredilmegini üpjün etmek;
5) durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam bermek.
4-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi aşakdaky döwlet emlägine degişlidir:
1) hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň maýalaryndaky paýlar we paýnamalar;
2) emläk toplumy hökmünde – döwlet kärhanalary, olaryň emläkleri (strategik ähmiýetli emläk toplumlary we emläkler muňa degişli däldir);
2. Bank, ätiýaçlandyryş we maýa goýum işi çygrynda ynançly dolandyrmagyň aýratynlyklary degişli kanunlar arkaly bellenilip bilner.
3. Şu Kanunyň hereketi «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan nebit işlerine we döwletiň hukuk tertibiniň, goranmak ukybynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly ýöriteleşdirilen işe degişli däldir.
II BAP. DÖWLET EMLÄGINI YNANÇLY DOLANDYRMAK BABATYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK
5-nji madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk – ygtyýarly edara), şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
6-njy madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça ynançly dolandyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawyny ylalaşýar;
4) döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) bermek barada çözgüt kabul edýär;
5) Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibini tassyklaýar;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň ygtyýarlylygynyň çäklerinde gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda ygtyýarly edara:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
3) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp, Ynançly dolandyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawyny tassyklaýar;
4) öz başlangyjy bilen döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksadalaýykdygyny esaslandyrýar we ony Ynançly dolandyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawyna goşmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklip berýär;
5) Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibini işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;
6) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak meseleleri boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
7) ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek baradaky tekliplerine we esaslandyrmalaryna garaýar;
8) Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) bermek boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklip berýär;
9) köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ygtyýarly edaranyň resmi web-saýtynda döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça geçirilýän bäsleşikler we olar bilen bagly maglumatlar barada habar berýär;
10) şu Kanun we şertnama boýunça eýeçiligiň eýesiniň we ynançly dolandyryjynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
11) ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryndan olaryň döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça işleri barada şu maglumatlary özünde jemleýän hasabatlary alýar:
a) ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň düzümi we gymmaty;
b) şertnamanyň çäklerinde ynançly dolandyryjynyň işi bilen baglanyşykly maglumatlar;
ç) döwlet emlägini ynançly dolandyrmagyň obýekti kärhana bolup durýan ýagdaýynda – şol kärhananyň maliýe-hojalyk işleri boýunça maglumatlary;
12) döwlet emlägini ynançly dolandyrmagy kämilleşdirmek babatynda teklipleri taýýarlaýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär;
13) ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralaryna döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça usulyýet kömegini berýär;
14) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda şertnamalaryň mysaly görnüşlerini işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;
15) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň ygtyýarlylygynyň çäklerinde gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça ygtyýarly edara teklipleri berýärler;
3) öz garamagyndaky döwlet emläginiň ynançly dolandyrylmagynyň maksadalaýyklygyny esaslandyrýarlar we ony Ynançly dolandyrmaga degişli döwlet emläginiň sanawyna goşmak hakynda ygtyýarly edara ýüz tutýarlar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmagy maliýe taýdan goldamagyň görnüşleri
Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi amala aşyrylanda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny üstünlikli durmuşa geçirmek, olar boýunça oňyn netijeleri gazanmak maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde maliýe goldawynyň şu görnüşleri berlip bilner:
1) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan nesýeler, grantlar, karz görnüşindäki serişdeler;
2) ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň algy-bergileriniň we alnan karz serişdeleri boýunça bergileriniň möhletlerini gaýra süýşürmek ýa-da olary hasapdan öçürmek boýunça ýeňillikler;
3) bank we maliýe kepillikleri;
4) maliýeleşdirmegiň, kepillikleriň, ýeňillikleriň we (ýa-da) öwezini dolmalaryň başga görnüşleri.
III BAP. DÖWLET EMLÄGI YNANÇLY DOLANDYRMAGA BERLENDE ESASY TALAPLAR
10-njy madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi
1. Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi eýeçiligiň eýesi tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek bäsleşik esasynda ýa-da göni (salgyly) bermek ýoly bilen amala aşyrylýar.
3. Döwlet emlägi kärhananyň tehnologik tapgyryny bozýan önümçilik we önümçilik däl bölümleri we düzüm birlikleri görnüşinde ynançly dolandyrmaga berilmeýär.
4. Ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emlägi beýleki emläkden aýrybaşgalanýar we ynançly dolandyryjynyň aýratyn hasabynda görkezilýär. Ol boýunça özbaşdak hasap ýöredilýär we hasaplaşyklar üçin aýratyn bank hasaby açylýar.
5. Hojalyk we paýdarlar jemgyýetlerindäki paýlar we paýnamalar görnüşindäki döwlet emlägi diňe gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen degişli ygtyýarnamasy bolan ýuridik şahslara ynançly dolandyrmaga berilýär.
6. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek, oňa bolan eýeçilik hukugynyň ynançly dolandyryja geçmegine getirmeýär.
7. Ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň bahasy emläge baha kesmek babatynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kesgitlenýär.
11-nji madda. Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) berilmegi
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça amala aşyrylýar.
2. Göni (salgyly) bermek şu ýagdaýlarda amala aşyrylýar:
1) eger döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek zerurlygy kanunda bellenen tertipde güýje giren Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan bolsa;
2) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda zerur hasaplanan beýleki halatlarda.
12-nji madda. Döwlet emläginiň bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga berilmegi
1. Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan işlenilip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Döwlet emlägini bäsleşik esasynda ynançly dolandyrmaga bermegiň esasy şertleri şulardan ybaratdyr:
1) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasy, onda anyk maksatlar we garaşylýan netijeler görkezilmelidir;
2) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça hödürlenen täjirçilik meýilnamasyny ýerine ýetirmegiň hökmanylygy;
3) ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň ykdysady ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak we bu emlägi netijeli dolandyrmak boýunça ynançly dolandyryjy tarapyndan berlen teklipleriň üpjünçiliginiň maliýe kepilligi üçin gatanç.
3. Emläk toplumy hökmünde – döwlet kärhanasy ynançly dolandyrmaga berlende şertnamanyň şertlerinde döwlet kärhanasynyň iş ugruny saklap galmak we döwlet emlägi ynançly dolandyrylýan wagtynda ynançly dolandyryjy tarapyndan eýeçiligiň eýesine ýetirilip bilinjek ýitgileriň öwezini dolmagyň üpjünçiligi hökmünde ynançly dolandyryjy tarapyndan girew berilmegi göz öňünde tutulyp bilner.
13-nji madda. Bäsleşik topary we bäsleşigi geçirmegiň tertibi
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşik geçirmek üçin eýeçiligiň eýesi tarapyndan bäsleşik topary döredilýär.
2. Bäsleşik toparynyň düzümine hökmany tertipde ygtyýarly edaranyň wekilleri girýärler. Zerur bolan halatynda bäsleşik toparynyň düzümine ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekilleri goşulyp bilner.
3. Bäsleşik topary:
1) bäsleşik geçirmegiň şertlerini kesgitleýär;
2) ynançly dolandyryja bildirilýän esasy talaplary belleýär;
3) bäsleşigi guraýar we geçirýär;
4) bäsleşigiň ýeňijisini yglan edýär.
4. Şu ýagdaýlarda bäsleşik bolup geçmedik diýlip ykrar edilýär:
1) bäsleşige gatnaşmak üçin ýüztutma berilmedik ýa-da diňe bir ýüztutma berlen halatynda;
2) gelip gowşan ýüztutmalar bäsleşigiň şertlerine laýyk gelmedik halatynda.
5. Bäsleşigiň jemleri bäsleşige gatnaşyjylara bäsleşik toparynyň mejlisiniň geçirilen güni yglan edilýär.
6. Bäsleşigiň jemleri bäsleşik toparynyň agzalary tarapyndan gol çekilen degişli teswirnama bilen resmileşdirilýär.
14-nji madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek üçin ynançly dolandyryja bildirilýän esasy talaplar
1. Döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilmegi üçin ynançly dolandyryjy:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýuridik şahs hökmünde bellige alnan bolmalydyr;
2) azyndan üç ýyl iş tejribesi bolmalydyr;
3) soňky iki ýylyň dowamynda peýda gazanyp işleýän bolmalydyr;
4) Döwlet býujetine we karz edaralaryna karz boýunça möhleti geçen bergileri bolmaly däldir.
2. Döwlet emlägi:
1) emläk toplumy görnüşinde berlende döwlet emlägi ynançly dolandyrylýan wagtynda ynançly dolandyryjy tarapyndan ýetirilip bilinjek ýitgileriň öwezini dolmak üçin ynançly dolandyryjynyň berilýän döwlet emläginiň bazar bahasynyň elli göteriminden az bolmadyk möçberdäki aktiwleri bolmalydyr;
2) hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň paýlary we paýnamalary görnüşinde berlende ynançly dolandyryjynyň maýa goýum aktiwlerini üstünlikli dolandyrmak tejribesi (azyndan üç mysal) ýa-da maýa goýum aktiwlerini dolandyryjy kärhana hökmünde tejribesi bolmalydyr we şular ýaly mysallar boýunça maglumatlary köpçülik üçin açmaga taýýar bolmalydyr.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde (birinji bölegiň 3-nji we 4-nji bentleri muňa degişli däldir) göz öňünde tutulan, ynançly dolandyryja bildirilýän talaplar şu Kanunyň 11-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga göni (salgyly) berilýän ýagdaýlaryna degişli däldir.
15-nji madda. Kepillik gatanjy
1. Kepillik gatanjynyň (üpjünçiligiň) möçberi ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň bazar bahasynyň on göterimi möçberinde bellenilýär.
2. Kepillik gatanjy aşakdaky ýagdaýlarda bäsleşigiň jemleri yglan edilenden soň, on iş gününiň dowamynda gaýtarylmaga degişlidir, eger:
1) bäsleşige gatnaşyjy bäsleşigiň ýeňijisi diýlip yglan edilmedik bolsa;
2) bäsleşik bolup geçmedik diýlip ykrar edilen bolsa;
3) bäsleşige gatnaşyjy tarapyndan bäsleşige gatnaşmak üçin berlen ýüztutma bäsleşik geçirilýän senesinden öň yzyna alnan bolsa.
3. Kepillik gatanjy şertnamanyň predmeti boýunça borçnamalar ýerine ýetirilen şertinde ynançly dolandyryja gaýtarylýar.
4. Ynançly dolandyryjy tarapyndan şertnamanyň predmeti boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmedik ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda kepillik gatanjy kazyýetiň çözgüdi esasynda gaýtarylman bilner.
16-njy madda. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşigi yglan etmek we onuň netijeleri barada habar bermek
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşigi geçirmegiň bellenen senesinden azyndan otuz senenama gün öň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ygtyýarly edaranyň hem-de eýeçiligiň eýesiniň resmi web-saýtynda bäsleşik barada habar berilýär.
2. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermek boýunça bäsleşik yglan edilende habar berilmäge degişli maglumatlaryň sanawy döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksadyndan ugur almak bilen, ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
3. Şu maglumatlar hökmany habar berilmäge degişlidir:
1) obýektiň (döwlet emläginiň) ady we ýerleşýän salgysy, iş görnüşi, bazar bahasy;
2) bäsleşigiň geçirilýän ýeri, senesi we wagty;
3) döwlet emläginiň ynançly dolandyrmaga berilýän möhleti.
4. Geçirilen bäsleşigiň netijeleri barada maglumatlar, onuň geçirilen gününden başlap, on iş gününiň dowamynda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde we ygtyýarly edaranyň hem-de eýeçiligiň eýesiniň resmi web-saýtynda ýerleşdirilýär.
IV BAP. YNANÇLY DOLANDYRMAK HAKYNDA ŞERTNAMA
17-nji madda. Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamany baglaşmak
1. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak bilen baglanyşykly hukuk gatnaşyklary, eýeçiligiň eýesi bilen ynançly dolandyryjynyň arasynda ýazmaça görnüşde baglaşylýan şertnamanyň esasynda ýüze çykýar.
2. Bäsleşigiň jemleri yglan edilenden soň on iş gününiň dowamynda eýeçiligiň eýesi bäsleşigiň ýeňijisi bilen şertnama baglaşýar.
3. Şertnamanyň baglaşylan pursatynda bar bolan, şeýle hem geljekde bolup biljek, şol sanda şertnamadan gelip çykýan esaslarda ynançly dolandyryjy tarapyndan döredilen we edinilen emläk hökmünde dolandyrylmaga berilýän döwlet emlägi, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly emläk hukuklary şertnamanyň predmeti bolup durýar.
4. Şertnama bäş ýyldan köp bolmadyk möhlete baglaşylýar. Ynançly dolandyryjy tarapyndan döwlet emlägini netijeli dolandyrmak maksady bilen uly möçberde maýa goýum goýlan ýagdaýynda şertnama on ýyldan köp bolmadyk möhlete baglaşylyp bilner. Şunda maýa goýumyň möçberi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen kesgitlenýär.
5. Ynançly dolandyryjy, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şertnama güýje giren pursatyndan döwlet emlägini dolandyrmaga girişýär.
18-nji madda. Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamanyň mazmunyna bildirilýän hökmany talaplar
1. Şertnama şular barada maglumatlary öz içine almalydyr:
1) eýeçiligiň eýesiniň ady we salgysy hem-de ynançly dolandyryjynyň ady we salgysy;
2) ynançly dolandyrmaga berilýän döwlet emläginiň düzümi, iş görnüşi;
3) döwlet emläginiň bazar bahasy;
4) gymmatly kagyzlar bazarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan ygtyýarly edarasy tarapyndan berlen ygtyýarnamalar (hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň maýalaryndaky paýlar we paýnamalar görnüşinde döwlet emlägi berlende);
5) ynançly dolandyryja tölenilýän hak-heşdegiň möçberleri we görnüşleri;
6) ynançly dolandyryjy tarapyndan öz işi barada eýeçiligiň eýesine hasabat bermegiň möhleti we tertibi;
7) şertnamanyň hereket edýän möhleti;
8) eýeçiligiň eýesiniň we ynançly dolandyryjynyň hukuklary we borçlary;
9) ynançly dolandyryjynyň döwlet emlägini ynançly dolandyrmakda eden çykdajylarynyň öwezini dolmagyň möçberleri we tertibi;
10) döwlet emlägi kem çykanda, şol sanda onuň ýagdaýy ýaramazlaşan mahalynda ynançly dolandyryjy tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň şertleri;
11) taraplaryň günäsi bilen eýeçiligiň eýesine we ynançly dolandyryja ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmagyň şertleri;
12) şertnamanyň möhletini uzaltmagyň we möhletinden öň ýatyrmagyň şertleri;
13) eýeçiligiň eýesiniň we ynançly dolandyryjynyň jogapkärçiligi;
14) ynançly dolandyryjy tarapyndan döwlet emlägini eýeçiligiň eýesine gaýtarmagyň tertibi;
15) eýeçiligiň eýesi tarapyndan ynançly dolandyryja kepillik gatanjyny gaýtarmagyň möhletleri we şertleri;
16) eýeçiligiň eýesiniň barlaglary geçirmeginiň tertibi;
17) taraplaryň arasynda ýüze çykýan jedelleri çözmegiň tertibi.
Şertnama taraplaryň özara ylalaşygyna laýyklykda, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän başga şertleri hem öz içine alyp biler.
2. Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasy şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
19-njy madda. Ynançly dolandyryja hak-heşdek tölemek we onuň çykdajylarynyň öwezini dolmak
1. Ynançly dolandyryjynyň şertnamada göz öňünde tutulan hak-heşdegiň tölenilmegine, şeýle hem özüne ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň ulanylmagyndan alnan girdejileriň hasabyna, emma degişli döwür üçin girdejileriň 20 göteriminden köp bolmadyk mukdarda ynançly dolandyran mahalynda zerur bolan eden çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr.
2. Ynançly dolandyryjynyň dolandyrmak boýunça çykdajylarynyň öweziniň dolunmagy:
1) paýnamalar boýunça, şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde ynançly dolandyrmaga berlen paýnamalar boýunça bar bolan diwidentleriň hasabyna;
2) paýlar boýunça, şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde ynançly dolandyrmaga berlen paýdan ýetýän arassa peýdanyň hasabyna;
3) emläk toplumyny dolandyrmak boýunça, şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde döwlet emläginiň ulanylmagyndan alnan girdejileriň hasabyna amala aşyrylýar.
3. Döwlet emlägini dolandyrmak boýunça ynançly dolandyryjynyň zerur çykdajylarynyň möçberi eýeçiligiň eýesi tarapyndan her ýyl ylalaşylmaga degişlidir.
20-nji madda. Ynançly dolandyrmak hakynda şertnamanyň ýatyrylmagy
1. Şertnama şu ýagdaýlarda ýatyrylýar:
1) taraplaryň biriniň şertnama boýunça şertleri we borçnamalary ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin beýleki tarap şertnamany möhletinden öň ýatyrmak barada ýüz tutan halatynda;
2) ynançly dolandyryjy ýatyrylanda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde onuň batyp galan diýlip ykrar edilen ýagdaýynda;
3) ynançly dolandyryjy döwlet emlägini ynançly dolandyrmagy amala aşyrmakdan ýüz dönderende;
4) eýeçiligiň eýesi tarapyndan şertnamadan ýüz dönderilende, ynançly dolandyryja şertnamada kesgitlenen hak-heşdegiň tölenen hem-de degişli çykdajylarynyň öwezi dolunan şertinde amala aşyrylýar;
5) şertnamanyň hereket edýän möhleti tamamlananda, eger şertnama taraplaryň ylalaşygy boýunça uzaldylmadyk bolsa;
6) eýeçiligiň eýesi ýa-da ynançly dolandyryjy tarapyndan şertnamada göz öňünde tutulan şertleriň we borçnamalaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmändigi bilen bagly kazyýetiň çözgüdi kabul edilende.
2. Şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň ynançly dolandyryjy şertnamada bellenen möhletlere we şertlere laýyklykda, döwlet emlägini eýeçiligiň eýesine gaýtarmagy üpjün edýär.
3. Şertnama taraplaryň biriniň başlangyjy boýunça möhletinden öň ýatyrylan ýagdaýynda, eger şertnamada başgaça bellenilmedik bolsa, ol bu barada azyndan üç aý öňünden beýleki tarapy habarly etmelidir.
4. Şertnama möhletinden öň ýatyrylanda ynançly dolandyryjy ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň eýeçiligiň eýesine gaýtarylmagyny üpjün etmäge borçludyr.
21-nji madda. Eýeçiligiň eýesiniň hukuklary we borçlary
1. Eýeçiligiň eýesiniň şulara hukuklary bardyr:
1) ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň bitewüligini we abatlygyny barlamaga;
2) ynançly dolandyrmaga berlen döwlet emläginiň işi bilen bagly maglumatlary almaga;
3) paýdarlaryň we gatnaşyjylaryň umumy ýygnagynda ynançly dolandyryjynyň ygtyýarlyklarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrmaga;
4) ynançly dolandyryjy tarapyndan şertnamanyň şertleriniň berjaý edilişini barlamaga.
2. Eýeçiligiň eýesi şulara borçludyr:
1) ynançly dolandyryja döwlet emlägini şertnamada göz öňünde tutulan möhletlerde bermäge;
2) ynançly dolandyryja hak-heşdek tölemäge we onuň şertnamada göz öňünde tutulan zerur çykdajylarynyň öwezini dolmaga.
22-nji madda. Ynançly dolandyryjynyň hukuklary we borçlary
1. Ynançly dolandyryjynyň şulara hukuklary bardyr:
1) şertnama laýyklykda eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň (bähbit görüjiniň) bähbitlerine islendik ýuridik we hakyky hereketleri amala aşyrmaga;
2) şertnama laýyklykda hak-heşdek almaga we döwlet emlägi ynançly dolandyrylýan mahalynda eden zerur çykdajylarynyň öweziniň dolunmagyna;
3) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda öndürilen önümleriň (işleriň, hyzmatlaryň) nyrhlaryny kesgitlemäge, kärhananyň gurluş düzümini we wezipe sanawyny kesgitlemäge we ony tassyklamaga hem-de işgärleri ýerli-ýerinde goýmagy amala aşyrmaga.
2. Ynançly dolandyryjy şulara borçludyr:
1) döwlet emläginiň bitewüligini we abatlygyny üpjün etmäge;
2) döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasynda göz öňünde tutulan girdejililigi üpjün etmäge;
3) şertnama laýyklykda döwlet emlägi babatda özüniň ynançly dolandyryjy hökmünde hereket edýändigini görkezmäge;
4) şertnamada bellenilen möhletlerde we tertipde öz işi barada eýeçiligiň eýesine hasabat bermäge.
3. Paýdaryň (jemgyýete gatnaşyjynyň) hukuklaryny amala aşyran mahalynda ynançly dolandyryjynyň şeýle kararlary kabul etmäge hukugy ýokdur:
1) hojalyk we paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyny üýtgetmek hakynda;
2) hojalyk we paýdarlar jemgyýetini ýatyrmak we üýtgedip guramak hakynda;
3) ynançly dolandyrmaga berlen paýnamalar bukjasyny (paýy) ýa-da onuň bir bölegini aýrybaşgalamak hakynda;
4) ynançly dolandyrmaga berlen paýnamalar bukjasyny (paýy) ýa-da onuň bir bölegini girew hökmünde ulanmak hakynda.
4. Emläk toplumyny, döwlet emläginiň aýry-aýry düzüm böleklerini hem goşmak bilen, ynançly dolandyran mahalynda ynançly dolandyryjynyň ony aýrybaşgalamaga ýa-da wagtlaýyn eýelik edilmäge we peýdalanylmaga bermäge, girewine goýmaga, hasapdan öçürmäge, ýykmaga, çalyşmaga haky ýokdur.
Ynançly dolandyryjynyň emläk toplumyny we onuň aýry-aýry düzüm böleklerini ýurduň daşyna çykarmaga haky ýokdur.
5. Paýdaryň (jemgyýete gatnaşyjynyň) hukuklaryny amala aşyran mahalynda ynançly dolandyryjy şu aşakda görkezilýän meseleleriň çözgüdini eýeçiligiň eýesi bilen ylalaşmaga borçludyr:
1) beýleki ýuridik şahslaryň esaslyk maýalaryna gatnaşmak hakynda;
2) döwlet emläginiň bazar bahasynyň 20 we şondan hem köp göterimini düzýän iri geleşikleri ýa-da birnäçe özara baglanyşykly geleşikleri baglaşmak hakynda.
6. Ynançly dolandyryjy emläk toplumyny dolandyran mahalynda eýeçiligiň eýesi bilen şu aşakdaky meseleleri ylalaşmaga borçludyr:
1) emläk toplumynyň, onuň aýry-aýry düzüm böleklerini hem goşmak bilen, göçürilmegini;
2) döwlet emläginiň düýpli abatlanylmagy üçin harajatlary;
3) hususy aktiwler bilen üpjün etmegiň hasabyna karz serişdelerini çekmegi;
4) döwlet emlägini dolandyrmak boýunça zerur çykdajylaryň möçberini.
7. Döwlet emlägini dolandyrmagy ynançly dolandyryjynyň özi amala aşyrmalydyr we bu hukugyny ol başga şahsa berip bilmez.
8. Ynançly dolandyryjy tarapyndan amala aşyrylan şeýle geleşikler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hakyky däl diýlip ykrar edilýär:
1) onuň üçin şu Kanunda we şertnamada bellenen çäklendirmeleriň bozulmagy bilen;
2) eýeçiligiň eýesiniň ýa-da onuň görkezen şahsynyň (bähbit görüjiniň) bähbitleriniň bozulmagy bilen.
9. Ynançly dolandyryjy eýeçiligiň eýesiniň bähbitleriniň zyýanyna amala aşyran hereketleriniň netijesinde, şeýle hem öz borçnamalaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talabalaýyk ýerine ýetirmändigi zerarly ýetirilen ýitgiler üçin jogapkärçilik çekýär we eýeçiligiň eýesine döwlet emlägini ynançly dolandyran wagtynda döwlet emlägini ynançly dolandyrmak boýunça täjirçilik meýilnamasyna laýyklykda hasaplanýan elden giderilen peýdanyň we emlägiň könelmesini hasaba alyp, emlägiň ýitmegi we oňa zeper ýetmegi zerarly ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmaga borçludyr.
10. Döwlet emlägi ynançly dolandyrylan mahalynda üçünji şahslar bilen özara gatnaşyklarda jogapkärçiligi ynançly dolandyryjy çekýär.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
24-nji madda. Jedelleri çözmek
Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2021-nji ýylyň 13-nji noýabry.
№ 414-VI.