TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 88-nji madda)
(Türkmenistanyň 08.11.2014 ý. № 147-V, 28.02.2015 ý. № 198-V, 23.05.2015 ý. № 235-V, 26.03.2016 ý. № 383-V, 23.11.2016 ý. № 484-V, 09.06.2018 ý. № 41-VI, 20.10.2018 ý. № 86-VI, 08.06.2019 ý. № 153-VI, 22.08.2020 ý. № 273-VI, 24.10.2020 ý. № 310-VI we 13.11.2021 ý. № 422-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda telekeçiligiň ösdürilmegine we maýa goýumlarynyň çekilmegine hem-de netijeli durmuş häsiýetli bazar ykdysadyýetiniň ösdürilmegi üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.
1-nji BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy – döwlet kärhanasynyň esaslandyryjysy döwlet bolan ýa-da esaslandyryjylarynyň biri döwlet bolmaly paýdarlar jemgyýetine ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegi.
2. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy – döwlet eýeçiligindäki emlägiň fiziki we (ýa-da) döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň eýeçiligine muzdly berilmegi.
2-nji madda. Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara we döwlet emläginiň dolandyrylmagy boýunça olar bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir.
2. Şu Kanunyň hereketi şu aşakdakylara degişli däldir:
1) döwletiň ýaşaýyş jaý gaznasy, şeýle hem Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän döwlet emlägi hususylaşdyrylanda ýüze çykýan gatnaşyklara;
2) erk-isleginiň garşysyna gidilip, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzdsuz alnyp ýa-da başga usul bilen döwlet eýeçiligine geçirilen emläge bolan emläk eýeleriniň, olaryň mirasdüşerleriniň emläk hukuklarynyň dikeldilmegine;
3) Türkmenistanyň baglaşan halkara şertnamalary boýunça Türkmenistanyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilýän ýagdaýlaryna.
4-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri
Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
1) eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwletiň emlägi hususylaşdyrylanda raýatlaryň hukuklarynyň deňligi;
2) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça çäreleriň bäsleşik esasynda geçirilmegi;
3) eýeçilik döwletiň garamagyndan aýrylanda we döwlet emlägi hususylaşdyrylanda işgärleriň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegi;
4) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň aýanlygy;
5) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň barşynda döwlet we jemgyýetçilik gözegçiliginiň üpjün edilmegi.
5-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi
1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça döwlet maksatnamasy (mundan beýläk - Döwlet maksatnamasy) esasynda we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Döwlet maksatnamasy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gatnaşmaklarynda eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarly edara bolup durýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
6-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri
1. Şu aşakdakylar eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup durýarlar:
1) emläk toplumy hökmünde -döwlet kärhanalary;
2) jaýlar, desgalar we gurluşygy tamamlanylmadyk obýektler;
3) emläk toplumy hökmünde kärhananyň hususylaşdyrylmagy tehnologik tapgyryny bozmaýan önümçilik we önümçilik däl bölümleri we düzüm birlikleri;
4) döwlet kärhanalarynyň aýrybaşgalanan bölümleri;
5-nji bendi Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 235-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren;
6) ýaşaýyş jaýlaryndaky umumy peýdalanylýan meýdan hasap edilmeýän ýaşalmaýan meýdanlar;
7) paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanalaryň (şol sanda oba hojalyk önümlerini öndürýän) emlägindäki gymmatly kagyzlaryňpaýy;
8) başga döwlet emlägi, muňa şu maddanyň ikinji böleginiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan emläk degişli däldir.
2. Şular eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri bolup bilmeýärler: ýerasty baýlyklar, tokaý gaznasy, suw serişdeleri, howa giňişligi, territorial suwlaryň we deňiz ykdysady zolagynyň serişdeleri, döwlet tarapyndan goralýan ýa-da aýratyn görnüşde peýdalanylýan tebigy çäkler, Türkmenistanyň taryhy we medeni mirasynyň obýektleri (seýrek duş gelýän medeni we tebigy ýadygärlikler hem-de tebigatyň, medeniýet taryhynyň, ylmyň we tehnikanyň obýektleri, şol sanda döwlet muzeýlerinde, arhiwlerinde we kitaphanalarynda saklanýan gymmatlyklar, olaryň ýerleşýän otaglaryny hem jaýlaryny goşmak bilen), şeýle hem ýer, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň merkezleriniň we obýektleriniň emlägi, goranmak obýektleri, bir bitewi energetika ulgamy, awtomobil ýollary, demir ýollar, deňiz we içerki suw ýollary, uglewodorod serişdelerini we nebit önümlerini daşamak üçin niýetlenilen magistral turba-geçirijileri, howa ýollary, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri, Türkmenistanyň Merkezi banky we onuň döredýän karz serişdeleri, döwletiň ätiýaçlyk, ätiýaçlandyryş we beýleki gaznalary, gidrometeorologiýa gullugynyň, daşky gurşawy we tebigy serişdeleri goramagyň, patent gullugynyň, standartlaşdyrmagyň we metrologiýanyň obýektleriniň emlägi.
Şu bölegiň birinji tesiminde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, milli howpsuzlyk edaralarynyň, serhet we içerki goşunlarynyň, döwletiň bilim berýän edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň, Ylymlar akademiýasynyň hem-de pudaklaýyn akademiýalaryň merkezleriniň esasy iş ugurlary bilen bagly bolmadyk döwlet emlägi eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýeki bolup biler.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli bolmadyk obýektlere döwlet eýeçiligindäki başga obýektler hem degişli edilip bilner.
7-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň subýektleri
1. Döwlet emlägini satyn alyjylar bolup durýan: Türkmenistanyň raýatlary, daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň ýuridik şahslary (olaryň şahamçalary, wekillikleri), daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri, şeýle hem eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda işi amala aşyrýan ýa-da bu işe gatnaşýan döwlet edaralary eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň subýektleri bolup bilerler.
2. Daşary ýurtlaryň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar, halkara guramalary, olaryň Türkmenistandaky şahamçalary we hemişelik wekillikleri eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak agentliginiň degişli netijenamasy bolan ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
8-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň görnüşleri
1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) döwlet kärhanasynyňpaýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmegi;
2) döwlet emläginiňpaýdarlar jemgyýetiniň ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhananyň esaslyk maýasyna goýum hökmünde girizilmegi.
2. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) maýa goýum bäsleşiginde satylmagy;
2) bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagy;
3) döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagy;
4) hususylaşdyrmagyň obýektiniň göni (salgyly) satylmagy;
5) kärende şertinde ulanylýan obýektiň onuň kärendeçisine satylmagy, söwda, hyzmat we administratiw maksatly obýektler muňa degişli däldir.
3. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň her bir obýekti boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň anyk görnüşi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
2-nji BAP. EÝEÇILIGIŇ DÖWLETIŇ GARAMAGYNDAN AÝRYLMAGY WE DÖWLET EMLÄGINIŇ HUSUSYLAŞDYRYLMAGY BOÝUNÇA IŞIŇ DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI WE DOLANDYRYLMAGY
9-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
10-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň dolandyrylmagyny amala aşyrýan edaralar
Ygtyýarly edara, şeýle hem öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli edaralary eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň dolandyrylmagyny amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
11-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarlylyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda:
1) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) şulary tassyklaýar:
a) Döwlet maksatnamasyny;
b) Pudagara merkezi topar hakynda düzgünnamany;
3) ygtyýarly edaranyň ýanynda Pudagara merkezi topary döredýär;
4) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny çykarýar;
5) ygtyýarly edaranyň hödürlemegi boýunça döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektleriň sanawyny ylalaşýar;
6) hususylaşdyrylýan obýektiň göni (salgyly) satylmagy barada çözgüt kabul edýär;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
12-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda:
1) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimýetiň ýerli edaralary bilen bilelikde Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ony Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga hödürleýär;
3) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny kabul edýär;
4) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektleriň sanawyny tassyklaýar;
41) öz başlangyjy bilen döwlet emläginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň maksadalaýykdygyny esaslandyrýar we ony döwletiň garamagyndan aýrylýan we hususylaşdyrylýan obýektleriň sanawyna goşmak hakynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine teklip berýär;
5) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri boýunça döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň görnüşini belleýär;
6) döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň obýektleri boýunça Ýörite topary döredýär we onuň işiniň netijelerini tassyklaýar;
7) döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli obýektler barada maglumatlaryň resmi metbugatda çap edilmegini üpjün edýär;
8) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň görnüşlerine laýyklykda döwlet emlägini satmak boýunça wezipeleri amala aşyrýar;
9-njy bendi Türkmenistanyň 23.05.2015 ý. № 235-V Kanuny esasynda güýjüni ýitiren;
10) döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagynyň tertibini, döwlet emläginiň maýa goýum bäsleşiginde satylmagynyň tertibini, döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagynyň tertibini, kärende şertinde ulanylýan obýektiň satylmagynyň tertibini, döwlet kärhanasynyň paýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana öwrülmeginiň tertibini işläp düzýär we tassyklaýar;
11) döwlet emlägini satyn almak-satmak şertnamalarynyň Mysaly görnüşlerini tassyklaýar;
12) döwlet emläginisatyn almak-satmak şertnamalaryny baglaşýar, şeýle hem olaryň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
13) hususylaşdyrmagyň subýektine hususylaşdyrylan obýekte bolan eýeçilik hukugy hakynda şahadatnamany we paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň geçendigini tassyklaýan resminamany berýär;
14) eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we döwlet emlägini hususylaşdyrmak meseleleri boýunça ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
15) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüne degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.
13-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda:
1) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) Döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzmäge gatnaşýarlar;
3) eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuknamalaryny kämilleşdirmek boýunça ygtyýarly edara teklipleri berýärler;
4) öz garamagyndaky döwlet emläginiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň maksadalaýykdygyny esaslandyrýarlar we olaryň eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýrylýan we hususylaşdyrylýan obýektleriň sanawyna goşmak hakynda ygtyýarly edara ýüz tutýarlar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda özlerine degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.
3-nji BAP. EÝEÇILIGIŇ DÖWLETIŇ GARAMAGYNDAN AÝRYLMAGY WE DÖWLET EMLÄGINIŇ HUSUSYLAŞDYRYLMAGY BOÝUNÇA IŞIŇ GURALYŞY
14-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işiň guralyşy
1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-da döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň geçirilmeginiň başlangyjyna Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary eýedir.
2. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-da döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň maksadalaýykdygy hakynda çözgüt kabul edilen halatynda garamagynda şol obýekt bolan degişli ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy onuň döwletiň garamagyndan aýrylmagy ýa-da hususylaşdyrylmagy hakynda teklip bilen ygtyýarly edara ýüz tutýarlar. Şeýle ýüz tutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawy ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy boýunça işi utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan ygtyýarly edaranyň ýanynda degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan Pudagara merkezi topar döredilýär.
4. Ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň döwletiň garamagyndan aýrylmaga we (ýa-da) hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi baradaky maglumatlary esasynda ygtyýarly edara döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň obýektleriniň sanawyny düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly ony tassyklaýar. Döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň obýekti görkezilen sanawa girizilende onuň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna ýa-da hususylaşdyrylmagyna çenli guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegine, üýtgedilip guralmagyna (goşulmagyna, birleşmegine, bölünmegine, aýrylmagyna, täzeden döredilmegine), şeýle hem işiniň togtadylmagyna, bes edilmegine we şol obýektiň ýatyrylmagyna ýol berilmeýär.
Döwletiň garamagyndan aýyrmagyň we hususylaşdyrmagyň obýektleriniň sanawyna Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýykylmaga ýa-da göçürilmäge degişli edilen döwlet obýektleri girizilip bilinmez.
5. Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak ýa-da döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça degişli resminamalary we olary döwletiň garamagyndan aýyrmagyň ýa-da hususylaşdyrmagyň görnüşleri boýunça teklipleri taýýarlamak, şeýle hem döwletiň garamagyndan aýrylmaga ýa-da hususylaşdyrylmaga degişli obýektiň bahasyny kesgitlemek üçin ygtyýarly edara sanawa girizilen her bir obýekt boýunça Ýörite topary döredýär.
6. Ýörite toparyň düzümine ygtyýarly edaranyň, döwletiň garamagyndan aýyrmagyň ýa-da hususylaşdyrmagyň obýektiniň administrasiýasynyň, onuň ýokarda durýan guramasynyň, degişli ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň, zähmetkeşler köpçüliginiň bähbitlerine wekilçilik edýän guramanyň wekilleri, şeýle hem beýleki gyzyklanýan taraplar girizilýär.
Ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen döwletiň eýeçiginden aýrylýan ýa-da hususylaşdyrylýan obýektiň gymmatyny kesgitlemek üçin Ýörite toparyň düzümine baha kesijiler çekilip bilner. Baha kesijileri çekmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.Baha kesmek boýunça hyzmatlaryň bahasyny tölemek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
7. Garamagynda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmagyň ýa-da hususylaşdyrmagyň obýekti bolan ministrlik, pudaklaýyn dolandyryş edarasy ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy Ýörite topary zerur resminamalar bilen üpjün edýär we onuň işine gatnaşýar.
8. Pudagara merkezi topar eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmagyň ýa-da hususylaşdyrmagyň her bir obýekti boýunça Ýörite toparyň işiniň netijelerine seljerme geçirýär we zerurlyk bolan halatynda öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde oňa degişli düzedişleri girizýär.
Ýörite toparyň işiniň netijeleri Pudagara merkezi toparyň hödürlemegi boýunça ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.
9. Ýörite toparyň işiniň netijeleri tassyklanylandan we ähli taýýarlyk işleri geçirilenden soň eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýrylmaga we hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi we onuň döwletiň garamagyndan aýrylmagyna we hususylaşdyrylmagyna gatnaşmak üçin ýüz tutmalaryň berilmeginiň möhletleri baradaky maglumatlar resmi metbugatda çap edilýär.
15-nji madda. Döwlet kärhanasynyň paýdarlar jemgyýetine ýa-da beýleki guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kärhana üýtgedilmegi hem-de onuň paýnamalarynyň satylmagy. Döwlet emläginiň paýdarlar jemgyýetiniň ýa-da beýleki guramaçylyk hukuk görnüşli kärhananyň esaslyk maýasyna goýum hökmünde girizilmegi
1. Döwlet kärhanasy eýeçiliginiň belli bir böleginiň satylmagy arkaly paýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhana üýtgedilip bilner.
2. Döwlet kärhanasy üýtgedilende, onuň döwlete degişi bolan paýnamalarynyň olaryň umumy başlangyç bahasyndan 10 göterimden köp bolmadyk bir bölegi, nominal baha boýunçaşu kärhananyň işgärlerine, şeýle hem pensiýa giden ozalky işgärlerine we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda iş ýeri (wezipesi) saklanyp galynýan adamlara satmak üçin hödürlenýär. Paýnamalaryň galan böleginiň satylmagy bäsleşikli esasda amala aşyrylýar.
3. Döwlet kärhanasynyň paýdarlar jemgyýetine ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşindäki kärhana üýtgedilmeginiň tertibi şu Kanunda bellenilen talaplara we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Döwlet emläginiňpaýdarlar jemgyýetiniň ýa-da başga guramaçylyk-hukuk görnüşli kärhanasynyň esaslyk maýasyna goýum hökmünde girizilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
16-njy madda. Hususylaşdyrmagyň obýektleriniň bäsleşikli söwdada (auksionda), maýa goýum bäsleşiginde satylmagy, paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagy, kärende şertinde ulanylýan obýektiň satylmagy
1. Söwda we hyzmat maksatly obýektler, gurluşygy tamamlanmadyk obýektler, şeýle hem durkunyň täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin maýa goýumlaryny talap etmeýän başga obýektler, bäsleşikli söwdalarda (auksionlarda) hususylaşdyrylýarlar. Eger-de hususylaşdyrmagyň görkezilen obýektleriniň durkunyň täzelenmegi we döwrebaplaşdyrylmagy üçin maýa goýumlary talap edilýän bolsa, onda olar maýa goýum bäsleşiklerinde hususylaşdyrylýarlar.
2. Hususylaşdyrmagyň obýektleriniň bäsleşikli söwdada (auksionda) we maýa goýum bäsleşiginde satylmagy hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi baradaky maglumatlar çap edilenden soň, ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän möhletlerde geçirilýär.
3. Hususylaşdyrmagyň subýektleri hususylaşdyrmaga gatnaşmak üçin ýüz tutmalar kabul edilenden soň bäsleşikli söwdanyň (auksionyň) ýa-da maýa goýum bäsleşiginiň geçirilýän gününe çenli hakujy tölegi hökmünde hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emläginiň başlangyç bahasynyň 10 göterimini we ygtyýarly edara tarapyndan Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda bellenilen ýygymy töleýärler.
4. Eger-de hususylaşdyrmagyň subýekti geçirilen bäsleşikli söwdanyň (auksionyň) ýa-da maýa goýum bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilen bolsa, onda onuň hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emläginiň başlangyç bahasyndan tölän 10 göterim pul möçberi şu obýektiň töleginiň bir bölegi hökmünde hasaba alynýar.
5. Eger-de hususylaşdyrmagyň subýekti geçirilen bäsleşikli söwdanyň (auksionyň) ýa-da maýa goýum bäsleşiginiň netijeleri boýunça ýeňiji diýlip yglan edilmedik bolsa, onda onuň hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emläginiň başlangyç bahasyndan tölän 10 göterim pul möçberi bäsleşikli söwda (auksion) ýa-da maýa goýum bäsleşigi geçirilen gününden soň 10 senenama gününiň dowamynda yzyna gaýtarylmaga degişlidir.
6. Bäsleşikli söwdanyň (auksionyň) ýa-da maýa goýum bäsleşiginiň netijelerine, şeýle hem hususylaşdyrmagyň subýektleriniň bäsleşikli söwda (auksiona) ýa-da maýa goýum bäsleşigine gatnaşandyklaryna ýa-da gatnaşmandyklaryna garamazdan olaragatnaşmak üçin tölenen ýygym tölegleriniň möçberi yzyna gaýtarylmaga degişli däldir.
7. Kärende şertinde ulanylýan döwlet emlägi, bäş ýyldan az bolmadyk döwürde ulanylanhalatynda, onuň kärendeçisine satylyp bilner.
8. Döwlet emläginiň bäsleşikli söwdalarda (auksionlarda) satylmagy, döwlet emläginiň maýa goýum bäsleşiklerinde satylmagy, döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržalarynda satylmagy, kärende şertlerinde ulanylýan obýektiň satylmagy şu Kanunda bellenilen talaplara we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
9. Ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde hususylaşdyrmagyň obýektleriniň satylmagyny amala aşyrmak boýunça işleri guramak we zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sanly elektron görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
17-nji madda. Hususylaşdyrmagyň resmileşdirilmegi
1. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň resmileşdirilmegi ygtyýarly edara bilen hususylaşdyrmagyň subýektiniň arasynda baglaşylýan satyn almak-satmak şertnamasy bilen amala aşyrylýar.
2. Satyn almak-satmak şertnamasynda döwlet emläginiň hususylaşdyrmagyň subýektine geçirilmeginiň tertibi, tölegiň görnüşi we möhletleri kesgitlenilmelidir.
Şeýle hem döwlet emläginiň bäsleşikli söwdada (auksionda) satylmagyndan we döwlet eýeçiligindäki paýnamalaryň gazna biržasynda satylmagyndan başga görnüşde satylan hususylaşdyrmagyň obýektleri boýunça satyn almak-satmak şertnamasynda obýektiň hususylaşdyrylandan soňky döwürdäki işiniň esasy ugurlarynyň, önümçiliginiň göwrümleriniň we iş ýerleriniň sanynyň saklanylyp galynmagy boýunça şertleriň berjaý edilmegi we olaryň hereket ediş möhleti göz öňünde tutulyp bilner.
18-nji madda. Hususylaşdyrylýan döwlet emlägi üçin töleg serişdeleri we hususylaşdyrmagyň obýektine eýeçilik hukugynyň ýüze çykmagy
1. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy hususylaşdyrmagyň subýektleriniň hususy we (ýa-da) karz serişdeleriň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna geçirilýär.
2. Döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasabyna geçirilýär, şu bölegiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir.
Eger-de hususylaşdyrylmaga degişli döwlet emlägi karz serişdeleriniň hasabyna emele getirilen (gurlan) bolsa, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüz tutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler bar bolsa, onda şeýle emlägiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler karzyň (karz boýunça hasaplanan göterimleriň hasaba alynmagy bilen), resminamalary resmileşdirmek boýunça bergileriň üzlüşilmegine gönükdirilýär, olaryň artan bölegi bolsa, şu bölegiň birinji tesimine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýörite hasabyna geçirilýär.
3. Hususylaşdyrmagyň subýektiniň hususylaşdyrylan obýekte bolan eýeçilik hukugy, onuň bahasy doly tölenilen pursatyndan ýüze çykýar.
4. Aýratyn halatlarda Pudagara merkezi toparyň hödürlemegi boýunça döwlet emlägini hususylaşdyrmak üçin serişdeleriň töleginiň satyn almak-satmak şertnamasynda görkezilen möhleti şu aşakdaky möhletlere süýşürilip bilner:
1) ygtyýarly edara tarapyndan - üç ýyla çenli;
2) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan – üç ýyldan köp möhlete.
5. Hususylaşdyrmagyň subýekti şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda hususylaşdyrmagyň obýektine eýelik etmäge we ony peýdalanmaga haklydyr. Hususylaşdyrmagyň subýektiniň hususylaşdyrmagyň obýektine erk etmeklige bolan hukugy hususylaşdyrmagyň obýektiniň bahasy doly tölenilenden soň emele gelýär.
6. Hususylaşdyrmagyň obýektiniň bahasy doly tölenilenden soň ygtyýarly edara tarapyndan eýeçilik hukugyna güwä geçýän şahadatnama ýa-da paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwletiň gymmatly kagyzlarynyň paýy satyn alnan halatynda - paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň başga şahsa geçendigini tassyklaýan resminama berilýär.
7. Hususylaşdyrmagyň obýektine bolan eýeçilik hukugy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
8. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektleri hususylaşdyrylanda bu obýektiň ýerleşýän ýer bölegi bilen bagly ýer gatnaşyklary babatdaky hukuklar we borçlar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hususylaşdyrmagyň subýektlerine hemişelik peýdalanmak hukugy bilen geçýär.
Şunda, şeýle obýektler hususylaşdyrylanda obýektiň eýeçilik hukugyna güwä geçýän şahadatnama ýa-da paýdarlar jemgyýetiniň esaslyk maýasyndaky döwlete degişli bolan gymmatly kagyzlaryň paýyna eýeçilik hukugynyň başga şahsa geçendigini tassyklaýan resminama esasynda satyn alyja Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan ýer bölegine ýerden peýdalanmak hukugyny berýän Döwlet namasy resmileşdirilýär.
4-nji BAP. MALIÝE GATNAŞYKLARY
19-njy madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-dahususylaşdyrylmagynyň obýektiniň gymmatyna baha kesilmegi
1. Eýeçiligiň öwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-da hususylaşdyrylmagynyň obýektiniň gymmatyna baha kesilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-da hususylaşdyrylmagynyň obýektiniň gymmatyna baha kesmeklige çekilen baha kesijileriň zähmetine hak tölemek bilen bagly çykdajylar, şeýle hem ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilen ýüz tutmanyň ýanyna goşulýan resminamalaryň sanawyndaky resminamalary resmileşdirmek boýunça bergiler, eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň ýa-da hususylaşdyrylmagynyň obýektiniň gymmatyna baha kesmek bilen bagly gaýry çykdajylar şu obýektiň bahasyna goşulýar.
20-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyndan we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeleriň peýdalanylmagy
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagyndan we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagyndan alnan serişdeler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän tertipde peýdalanylýar.
5-nji BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
21-nji madda. Döwlet kärhanalary döwletiň garamagyndan aýrylanda we hususylaşdyrylanda olaryň işgärlerine berilýän kepillikler
Döwlet kärhanalarynyň işgärlerine ol kärhanalar döwletiň garamagyndan aýrylanda we hususylaşdyrylanda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kepillikler berilýär.
22-nji madda. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrylmagynyň subýektlerine döwlet kepillikleri
1. Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we hususylaşdyrmagyň subýektlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan kepillikler we ýeňillikler berilýär.
2. Döwlet emlägi hususylaşdyrylanda hususylaşdyrmagyň obýektiniň ýerleşen ýer böleginden peýdalanmaga bolan hukuklar we borçlar onuň täze eýesine geçýär.
3. Döwletiň garamagyndan aýrylan ýa-da hususylaşdyrylan obýekt döwlet hajatlary üçin alnanda ýa-da sökülip aýrylan halatynda döwlet bu obýektiň bahasynyň öwezini dolýar.
23-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekilýärler.
24-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagy we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
25-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2014-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen "Türkmenistanda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we ony başga eýeçilige bermek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1992ý., № 2, 11-nji madda);
1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda kabul edilen "Türkmenistanda eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we ony başga eýeçilige bermek hakynda" (1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda kabul edilen Türkmenistanyň Kanunyna 1993-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň girizen üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen) Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993ý., № 9-10, 60-njy madda);
1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda täze redaksiýada kabul edilen "Eýeçiligi döwletiň garamagyndan aýyrmak we hususylaşdyrmak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 15-nji madda).
3. Şu Kanun güýje giren gününden başlap, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary üç aýyň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň18-nji dekabry.
№ 458-IV.