TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Awtomobil ýollary we ýol işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 5-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 150-VI, 13.11.2021 ý. № 424-VI we 24.07.2022 ý. № 500-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagy, şeýle hem ýol işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji bap. Esasy düzgünler

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

 

Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) awtomobil ýoly ulag infrastrukturasynyň bellenilen tizlikleri, düşýän agramlary we gabaralary bolan awtoulag serişdeleriniň hereket etmegi üçin niýetlenilen awtomobil ýoluna bölünip berlen zolagyň çäklerindäki meýdançalary özünde jemleýän obýekti.

Gurluş düzüm bölekleri, gorag we emeli ýol desgalary, abadanlaşdyryş düzüm bölekleri awtomobil ýolunyň we oňa bölünip berlen zolagyň çäklerindäki düzüm bölekleri bolup durýar. Ýol hyzmatlarynyň obýektleri, önümçilik obýektleri, ýola degişli ýaşaýyş jaýlary, şeýle hem awtomobil ýollarynyň abatlanylmagynyň ýerine ýetirilmegi, saklanylmagy we abatlygy üçin niýetlenilen başga ýola degişli desgalar awtomobil ýolunyň bölünip berlen zolagynyň çäkleriniň daşyndaky düzüm bölekleri bolup durýar;

2) awtomobil ýolunyň gurluş düzüm bölekleri awtomobil ýolunyň ýer düşegi, ýol esasy we ýol örtügi;

3) awtomobil ýolunyň abadanlaşdyrylyş düzüm bölekleri – ýol belgileri, ýol germewleri, yşyklandyryjylar we ýol hereketini düzgünleşdirýän başga gurluşlar, dynç alyş ýerleri, duralga nokatlary, pyýada ýodalary, ýanýodalar, awtomobil ýoluny yşyklandyrmak üçin niýetlenilen obýektler, göz aýlaýyş meýdançalary,awtoulag serişdeleriniň agram we gabara gözegçilik nokatlary, töleg alynýan nokatlar, awtoulag serişdeleriniň duralgalary;

4) awtomobil ýolunyň bölünip berlen zolagy awtomobil ýolunyň, onuň gurluş düzüm bölekleriniň, gorag we emeli ýol desgalarynyň, awtomobil ýolunyň abadanlaşdyryş düzüm bölekleriniň ýerleşdirilmegi üçin niýetlenilen ýer bölekleri;

5) awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklar awtomobil ýolunyň bölünip berlen zolagynyň iki tarapynda ýanaşyk ýerleşen we çäklerinde onuň abatlygynyň, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplaryny üpjün etmek, şeýle hem awtomobil ýolunyň durkunyň täzelenilmeginiň, düýpli, aralyk we gündelik abatlanylmagynyň geçirilmegi, awtomobil ýolunyň saklanylmagy üçin şertleri döretmek maksady bilen, olaryň peýdalanylmagynyň aýratyn düzgüni bellenilýän ýer bölekleri;

6) awtomobil ýolunyň durkunyň täzelenilmegi ýerine ýetirilen mahalynda awtomobil ýolunyň, onuň bölekleriniňparametrleriniň üýtgedilmegi amala aşyrylýan, awtomobil ýolunyň toparynyň üýtgemegine getirýän işleriň toplumy;

7) awtomobil ýolunyň düýpli abatlanylmagy awtomobil ýolunyň gurluş düzüm bölekleriniň, gorag, emeli ýol desgalarynyň, abadanlaşdyryş düzüm bölekleriniň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň çalşylmagy we (ýa-da) dikeldilmegi boýunça, ýerine ýetirilen mahalynda awtomobil ýolunyň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň gurluş we beýleki häsiýetnamalaryna täsir edýän işleriň toplumy; 

8) awtomobil ýolunyň aralyk abatlanylmagy awtomobil ýolunyň ulanylyp könelen gatlagynyň dikeldilmegi boýunça işleriň toplumy, şol bir wagtyň özündeýol örtükleriniň, gorag, emeli ýol desgalarynyň, abadanlaşdyryş düzüm bölekleriniň we (ýa-da) olaryň bölekleriniň deformasiýasynyň we bozulmalarynyň ähli görnüşleriniň düzedilmegi;

9) awtomobil ýolunyň gündelik abatlanylmagy awtomobil ýolunyň ulag-ulanylyş häsiýetnamalarynyň dikeldilmegi boýunça, ýerine ýetirilen mahalynda awtomobil ýolunyň ygtybarlylygynyň we howpsuzlygynyň gurluş we beýleki häsiýetnamalaryna täsir etmeýän işleriň toplumy;

10) emeli ýol desgalary – tebigy we başga päsgelçilikleriň üstünden ulag serişdeleriniň we pyýadalaryň hereket etmegi üçin niýetlenilen desgalar. Esasy emeli ýol desgalaryna köprüler, ýol geçitleri, tonneller, estakadalar, ýerüsti we ýerasty pyýada geçelgeleri degişlidir; 

11) gorag ýol desgalary – agaç ekmegiň düzüm bölekleri, sile garşy we gardan goraýan desgalar, haýatlar, ses goragly we şemal goragly gurluşlar, şeýle hem çäge süýşmesinden goramak üçin niýetlenilen we beýleki gorag maksatly gurluşlar;

12) önümçilik obýektleri – awtomobil ýolunyň düýpli, aralyk we gündelik abatlanylmagynda ulanylýan desgalar, şeýle hem awtomobil ýollarynyň işlemegini we abatlygyny üpjün edýän ýol desgalary we toplumlary;

13) ýol işi awtomobil ýollaryny, şol sanda gorag, emeli ýol desgalaryny, abadanlaşdyryş düzüm böleklerini taslamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk we gündelik abatlamak, saklamak, şeýle hem ýol işiniň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan gurluşyk materiallaryny, önümleri we gurluşlary öndürmek boýunça iş;

14) ýol hyzmatlarynyň obýektleri – binalar, gurluşlar, desgalar, ýol hereketiniň gatnaşyjylaryna barýan ýolunyň ugrunda hyzmat etmek üçin niýetlenilen başga obýektler. Ýangyç guýujy beketler, awtobeketler, awtomenziller, myhmanhanalar, kempingler, moteller, jemgyýetçilik iýmiti nokatlary, tehniki hyzmat beketleri, şeýle hemýanaşyk çäklerini abadanlaşdyrmak bilen, olaryň işlemegi üçin zerur bolan degişli obýektler (şol sanda awtoulag serişdeleriniň duralgalary) ýol hyzmatlarynyň esasy obýektlerine degişlidir.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we wezipeleri

 

1. Şular şu Kanunyň maksatlary bolup durýar:

1) awtomobil ýollarynyň işlemeginiň, awtomobil ýolundan peýdalanyjylaryň bähbitlerine ýol işiniň amala aşyrylmagynyň esaslaryny döretmek;

2) awtomobil ýollaryn peýdalanylmagynyň we ýol işiniň amala aşyrylmagynyň çygrynda iň täze tehnologiýalaryň we standartlaryň ornaşdyrylmagyna ýardam etmek;

3) awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň we ýol işiniň amala aşyrylmagynyň çygrynda maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak.

2. Şular şu Kanunyň wezipeleri bolup durýar:

1) awtomobil ýollaryny ösdürmek, olaryň ulag-ulanylyş häsiýetnamalaryny gowulandyrmak;

2) ýol işiniň amala aşyrylmagynyň çygrynda netijeliligi we päk ýürekli bäsleşigi üpjün etmek;

3) awtomobil ýollaryny halkara ulag ulgamyna birleşdirmek.

 

3-nji madda. Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işi hakynda kanunçylygy

 

1. Türkmenistanyň awtomobil ýollary we ýol işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.

2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.

 

4-nji madda. Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet syýasaty

 

Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet syýasaty şu aşakdakylaryň üpjün edilmegine gönükdirilendir:

1) awtomobil ýollarynda howpsuzlygyň, adamlaryň janynyň we saglygynyň goralmagynyň;

2) awtomobil ýollary peýdalanylan mahalynda fiziki we ýuridik şahslaryň deňliginiň;

3) ýol işi amala aşyrylan mahalynda ýuridik şahslaryň we ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň deňliginiň;

4) ulag infrastrukturasynyň kämilleşdirilmeginiň.

 

5-nji madda. Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi

 

Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda standartlaşdyrmak we ölçegleriň bitewiliginiň üpjün edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

2-nji bap. Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet

tarapyndan düzgünleşdirmek we dolandyrmak

 

6-njy madda. Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar

 

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi (mundan beýläk - ygtyýarly edara) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we dolandyrmagy amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.

2. Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda döwlet tarapyndan dolandyrmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarly edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryamala aşyrýarlar.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) şulary tassyklaýar:

a) Awtomobil ýollaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny;

b) Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň düzgünlerini;

ç) Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň tertibini;

d) Uly gabaraly we agyr ýükli ulag serişdelerin awtomobil ýollary boýunça ýöremeginiň tertibini;

3-nji bendiň «e» kiçi bendi Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 150-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

ä) Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünlerini;

f) Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň düzgünlerini;

g) Аwtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünlerini;

h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;

4) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň awtomobil ýollary we ýol işi çygryndaky işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy

 

Ýgtyýarly edara:

1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

21) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň abat saklanylmagyny üpjün edýär;

22) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň taslamalaşdyrylmagy, gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işler amala aşyrylan mahalynda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýär;

23) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işleriň guralmagyny amala aşyrýar;

3-nji, 4-nji, 5-nji bentleri Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 150-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

6) şulary işläp düzýär:

a) Awtomobil ýollaryny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny;

b) Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň düzgünlerini;

ç) Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmeginiň ýa-da bes edilmeginiň tertibini;

d) Uly gabaraly we agyr ýükli ulag serişdelerin awtomobil ýollary boýunça ýöremeginiň tertibini;

6-njy bendiň «e» kiçi bendi Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 150-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

ä) Awtomobil ýollaryny peýdalanmagyň düzgünlerini;

f) Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň düzgünlerini;

g) Awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünlerini;

h) Awtomobil ýollaryny gurmak, durkuny täzelemek, düýpli, aralyk, gündelik abatlamak we saklamak üçin pul serişdeleriniň geçirimlerini hasaplamagyň we peýdalanmagyň tertibini;

7) Awtomobil ýollaryny abatlamagyň geçirilmeginiň we saklanylmagynyň tehniki düzgünlerini tassyklaýar;

8) döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda bilelikde hereket edýär;

9) ýol işiçygrynda ygtyýarlylandyrmagy amala aşyrýar;

10) öz garamagyndaky awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgilerini we atlary berýär;

11) Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawyny ýöredýär;

12) halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar we awtomobil ýollary we ýol işi çygryndaky halkara we döwletara gatnaşyklarynda Türkmenistanyň bähbitlerine wekilçilik edýär;

13) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy

 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary:

1) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň abat saklanylmagynyň üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

4) öz garamagyndaky awtomobil ýollary taslamalaşdyrylýan, gurulýan, durky täzelenilýän, abatlanylýan we saklanylýan mahalynda standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýärler;

5) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy we saklanylmagy boýunça işleriň guralmagyny amala aşyrýarlar;

6) öz garamagyndaky awtomobil ýollarynyň hasaba alynmagyny ýöredýärler, ygtyýarly edara olar barada maglumatlar berýärler;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

II BÖLÜM. AWTOMOBIL ÝOLLARY

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

10-njy madda. Awtomobil ýollarynyň toparlara bölünişi

 

1. Awtomobil ýollary özleriniň degişliligi boýunça ygtyýarly edaranyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky hem-de ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollaryna bölünýärler.

2. Ygtyýarly edaranyň garamagyndaky awtomobil ýollary öz wezipe ähmiýetine görä, döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollaryna bölünýärler.

Döwlet ähmiýetli awtomobil ýollaryna şu aşakdakylary birleşdirýän awtomobil ýollary degişlidirler:

1) welaýatlaryň we etraplaryň edara ediş merkezlerini öz aralarynda hem-de Türkmenistanyň paýtagty bilen;

2) iri ulag ulgamlaryny (deňiz we derýa portlary, howa menzilleri, demir ýol beketleri, awtomenziller), şeýle hem döwlet ähmiýetli ýörite obýektleri.

Ýerli ähmiýetli awtomobil ýollaryna şu aşakdakylary birleşdirýän awtomobil ýollary degişlidirler:

1) şäherçeleri, obalary öz aralarynda hem-de etraplaryň we welaýatlaryň edara ediş merkezleri bilen;

2) şäherçeleri, obalary we etraplaryň edara ediş merkezlerini döwlet ähmiýetli awtomobil ýollary bilen.

3. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollary halkara awtomobil ýollarynyň sanawyna goşulyp bilner.

4. Şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň köçeleri we ýollary ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollaryna degişlidir.

5. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollaryna (mundan beýläk - pudak ýollary) olaryň we (ýa-da) olaryň kärhanalarynyň we guramalarynyň içki hojalyk işini üpjün etmek maksady bilen ulanýan ýollary degişlidir.

51. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollaryna – ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli ýuridik şahslara eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollary degişlidir.

6. Awtomobil ýollary hereketiň ýygylygyna görä bäş topara bölünýärler. Awtomobil ýolunyň bir topara degişli edilmegi Gurluşyk kadalarynda we düzgünlerinde bellenilen tertibe laýyklykda awtomobil ýollarynyň ulag-ulanylyş häsiýetnamalaryna görä amala aşyrylýar.

 

11-nji madda. Awtomobil ýollaryna bolan eýeçilik

 

Türkmenistanda awtomobil ýollary döwlet eýeçiligine we eýeçilik hukugynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli bolup durýar.

 

2-nji bap. Awtomobil ýollarynyň ady, san belgisi we dowamlylygynyň hasaplanylyşy

 

12-nji madda. Awtomobil ýolunyň kybaplaşdyryş san belgisi we ady

 

1. Awtomobil ýollarynyň kybaplaşdyryş san belgisi we ady bolmalydyr.

2. Awtomobil ýolunyň kybaplaşdyryş san belgisi maglumat beriji-görkeziji ýol belgilerinde we kartalarda görkezilýän elipbiýiň harpyndan we sanlardan ybarat bolup durýar.

3. Awtomobil ýolunyň ady Türkmenistanyň çägindäki ugruň başyndaky we ahyryndaky ilatly ýerleriň atlaryny, zerur bolan mahalynda bolsa - aralyklardaky ilatly ýerleriň atlaryny özünde jemleýär.

4. Awtomobil ýollaryna kybaplaşdyryş san belgileriniň berilmeginiň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

13-nji madda. Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawy

 

1. Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawy döwlet maglumatlar serişdesini özünde jemleýär we onda awtomobil ýollary hakynda maglumatlar bardyr.

2. Awtomobil ýollarynyň ýeke-täk döwlet sanawynyň düzülmeginiň we ýöredilmeginiň düzgünleri, onda bar bolan maglumatlaryň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

14-nji madda. Awtomobil ýolunyň dowamlylygynyň hasaplanylmagy

 

1. Awtomobil ýolunyň dowamlylygy onuň başlanýan ýerindäki ilatly ýerden ahyryndaky ilatly ýere çenli ýa-da Türkmenistanyň Döwlet serhedine çenli hasaplanylýar.

2. Awtomobil ýolunyň ilatly ýeriň çägindäki dowamlylygy awtomobil ýolunyň merkezi oky boýunça onuň başlanýan nokadyndan ahyrky nokadyna çenli hasaplanylýar.

3. Awtomobil ýolunyň dowamlylygyny hasaplamagyň şertli başlangyç nokady we şertli ahyrky nokady diýlip şu aşakdakylar kabul edilýär:

1) Türkmenistanyň paýtagtyndan başlanýan awtomobil ýollary üçin - awtomobil ýollarynyň Türkmenistanyň paýtagtyndaky 0-njy kilometriniň belgisi;

2) ilatly ýerleri birleşdirýän awtomobil ýollary üçin - poçta aragatnaşygynyň, döwlet häkimiýet edarasynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň aýratyn duran binasy ýa-da ilatly ýeriň merkezinde ýerleşýän başga bina ýa-da desga;

3) beýleki awtomobil ýollaryny öz aralarynda birleşdirýän ýa-da olara birikýän awtomobil ýoly üçin - awtomobil ýollarynyň kesişýän ýeri;

4) görkezilen obýektleri birleşdirýän awtomobil ýollary üçin - geografik, taryhy we beýleki obýektleriň çäkleri.

 

3-nji bap. Awtomobil ýollarynpeýdalanylmagy

 

15-nji madda. Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleri

 

Ygtyýarly edara tarapyndan awtomobil ýollarynyň abatlygyny we ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Awtomobil ýollarynyň peýdalanylmagynyň düzgünleri işlenilip düzülýär.

 

16-njy madda. Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin ýygymlar

 

1. Umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden geçýän ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketi diňe ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek çygryndaky degişli edara tarapyndan berilýän ýörite rugsatnama bolan mahalynda amala aşyrylýar.

2. Umumy agramy, okuna düşýän güýji we gabaralary bellenilen ölçegden geçýän ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin ýygymlar alynýar, olaryň tölenilmegi awtomobil ýollaryny peýdalanyjylary agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollaryndan ýörän mahalynda ýetirýän zyýanynyň (zeleliniň) öwezini tölemekden boşatmaýar.

3. Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin ýygymlaryň alynmagy Agyr agramly we uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöremeginiň tertibine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça ýöräni üçin töleg

 

1. Ulag serişdeleriniň hereketiniň ýokary tizlikli we howpsuz düzgünini üpjün edýän awtomobil ýollarynda, şol sanda emeli ýol desgalarynda şol ýollardan ýöreleni üçin töleg alnyp bilner.

2. Awtomobil ýoly, onuň bütin dowamynda ýa-da onuň aýry-aýry böleklerinde, şol sanda emeli ýol desgalary boýunça geçilýän böleklerinde tölegli bolup biler.

3. Degişli edaralaryň garamagyndaky tölegli awtomobil ýollary, olar tarapyndan ýuridik şahslara ýa-da ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslara-hususy telekeçilere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ulanmak üçin berlip bilner.

4. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti awtomobil ýoly garamagynda durýan şahs tarapyndan berlen tehniki-ykdysady esaslandyrma esasynda awtomobil ýolunyň, şol sanda emeli ýol desgasynyň tölegli ýollaryň toparyna degişli edilmegi hakynda karar kabul edýär.

5. Tölegli ýollaryň toparyna degişli edilen awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ýöräni üçin tölegiň iň ýokary möçberi we hasaplaşyk usulyýeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

18-nji madda. Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi

 

1. Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi abatlaýyş-gurluşyk işleri geçirilende, ýol hereketiniň howpsuzlygyna howp abanan halatlarynda geçirilip bilner.

2. Ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan tertipde amala aşyrylýar.

 

III BÖLÜM. ÝOL IŞI

 

1-nji bap. Umumy düzgünler

 

19-njy madda. Awtomobil ýollarynyň ösüşiniň meýilnamalaşdyrylmagy we ýol işiniň amala aşyrylmagy

 

1. Awtomobil ýollarynyň ösüşiniň meýilnamalaşdyrylmagy Türkmenistanyň awtomobil ýollaryny ösdürmegiň meýilnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Döwlet we ýerli ähmiýetli awtomobil ýollary babatda ýol işi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollary babatda ýol işi ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Pudak ýollary babatda ýol işi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine eýeçilik hukugynda degişli bolan awtomobil ýollary babatda ýol işi awtomobil ýollary eýeçilik hukugynda degişli bolan ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler we ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli ýuridik şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

20-nji madda. Ýol işiniň ygtyýarlylandyrylmagy

 

Ýol işiniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

 

21-nji madda. Ýol işiniň maliýeleşdirilmegi

 

1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky awtomobil ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 08.06.2019 ý. № 150-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

3. Pudak ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

4. Tölegli awtomobil ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi öz garamagynda awtomobil ýollary bolan şahslaryň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

5. Şu maddanyň birinji-dördünji böleklerinde görkezilen awtomobil ýollary babatda ýol işiniň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga çeşmeleriň hasabyna hem amala aşyrylyp bilner.

 

2-nji bap. Awtomobil ýollarynyň taslamalaşdyrylmagy, gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi, abatlanylmagy we saklanylmagy

 

22-nji madda. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi üçin ýer bölekleriniň berilmegi

 

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy, durkunyň täzelenilmegi üçin ýer bölekleriniň berilmegi Türkmenistanyň ýer hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Awtomobil ýoluna bölünip berilýän zolak

 

1. Awtomobil ýolunyň bölünip berilýän zolagynyň çäkleri onuň toparynyň göz öňünde tutulmagy bilen, awtomobil ýolunyň taslama resminamalary esasynda ýerleriň bölünip berilmegi boýunça bellenilen gurluşyk kadalaryna laýyklykda kesgitlenilýär.

2. Awtomobil ýolunyň bölünip berilýän zolagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda, şulara rugsat berilmeýär:

1) awtomobil ýolunyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, abatlanylmagy, saklanylmagy, şeýle hem ýol hyzmatlary obýektleriniň ýerleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolmadyk işleriň ýerine ýetirilmegine;

2) awtomobil ýoluna hyzmat edilmegi, onuň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, abatlanylmagy, saklanylmagy üçin niýetlenilmedik we ýol hyzmaty obýektlerine degişli bolmadyk binalaryň, desgalaryň we başga obýektleriň ýerleşdirilmegine;

3) agrotehniki işleriň ýerine ýetirilmegine, oturdylan nahallara zeper ýetirilmegine, bajaklaryň aýrylmagyna we gumuň çykarylmagyna, awtomobil ýolunyň bölünip berilýän zolagyny saklamak ýa-da awtomobil ýoluny abatlamak boýunça işler muňa degişli däldir.

4) Türkmenistanyň ýol hereketiniň howpsuzlygy çygryndaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna laýyk gelmeýän mahabatlandyrma gurluşlarynyň oturdylmagyna;

5) ýol hereketiniň howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýa-da ýol işiniň amala aşyrylmagyna degişli bolmadyk maglumat beriş germewleriniň we görkezijileriniň oturdylmagyna;

6) inženerçilik kommunikasiýalarynyň çekilmegine.

 

24-nji madda. Awtomobil ýollarynyň ýakasyndaky zolaklar

 

Awtomobil ýollary üçin ýol ýakasyndaky zolaklar bellenilýär, ilatly ýerlerde ýerleşýän awtomobil ýollary muňa degişli däldir. Awtomobil ýolunyň ýakasyndaky zolaklaryň bellenilmeginiň we ulanylmagynyň düzgünleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

 

25-nji madda. Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy üçin taslama-çenlik resminamalary

 

1. Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy üçin taslama-çenlik resminamalarynyň taýýarlanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde taslamalaşdyryş guramalary tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy üçin işlenip düzülen taslama-çenlik resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet bilermenler seljerilmesine degişlidir.

 

26-njy madda. Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi we abatlanylmagy

 

Awtomobil ýollarynyň gurulmagy, durkunyň täzelenilmegi, düýpli, aralyk, gündelik abatlanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

27-nji madda. Awtomobil ýollarynyň saklanylmagy

 

1. Awtomobil ýollarynyň saklanylmagy ulag serişdeleriniň awtomobil ýollary boýunça üznüksiz hereketini üpjün etmek, ýol hereketine howpsuz şertleri döretmek, awtomobil ýollarynyň abatlygyny üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Awtomobil ýollaryny saklamak diýlip awtomobil ýollaryny barlamak we anyklamak, ýollaryň örtüklerine, gyralaryna, eňňitlerine, desgalara we awtomobil ýolunyň bölünip berlen zolagyna yzygiderli gözegçilik edip durmak boýunça işleriň toplumynyň geçirilmegine düşünilýär.

2. Awtomobil ýollaryny barlamak we anyklamak awtomobil ýollarynyň ulag-ulanylyş görkezijileriniň bellenilen talaplara laýyk gelşine baha bermek, şeýle hem awtomobil ýollarynyň durkunyň täzelenilmeginiň, düýpli, aralyk we (ýa-da) gündelik abatlanylmagynyň geçirilmeginiň maksadalaýyklygyny esaslandyrmak we bu maksatlar üçin zerur bolan pul serişdeleriniň möçberleriniň kesgitlenilmegi üçin amala aşyrylýar.

3. Awtomobil ýollarynyň saklanylmagy Awtomobil ýollarynyň abatlanylmagynyň we saklanylmagynyň tehniki düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

28-nji madda. Awtomobil ýollarynyň ýol hyzmaty obýektleri bilen üpjün edilmegi

 

1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy we durkunyň täzelenilmegi taslamalaşdyrylan mahalynda awtomobil ýolunyň bölünip berlen zolagynyň çäklerinde ýol hyzmaty obýektleriniň ýerleşdirilmegi göz öňünde tutulmalydyr.

2. Ýol hyzmaty obýektleriniň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. Ýol hyzmatynyň obýektleri awtomobil ýolundaky görüşi ýaramazlaşdyrmaly däldir ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygyna başgaça täsir etmeli däldir.

 

IV BÖLÜM. AWTOMOBIL ÝOLLARYNY PEÝDALANYJYLARYŇ WE ÝOL EDARALARYNYŇHUKUKLARY WE BORÇLARY

 

1-nji bap. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň esasy hukuklarywe borçlary

 

29-njy madda. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň esasy hukuklary

 

Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň şulara hukuklary bardyr:

1) awtomobil ýoluny ýolagçylary gatnatmak, ýükleri daşamak üçin, şeýle hem öz zerurlyklary üçin peýdalanmaga;

2) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy netijesinde olaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň tölenilmegine;

3) awtomobil ýollary boýunça ulag serişdeleriniň ugurlary, hereket ediş şertleri we ulag serişdeleriniň hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilmegi ýa-da bes edilmegi hakynda maglumatlary almaga.

 

30-njy madda. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň esasy borçlary

 

1. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylar şulara borçludyrlar:

1) awtomobil ýolundan aýawly peýdalanmaga;

2) gurluşy we tehniki ýagdaýy standartlaşdyrmak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän ulag serişdelerini peýdalanmaga;

3) awtomobil ýollarynda arassaçylygy berjaý etmäge;

4) ýüze çykarylan ýol hereketiniň howpsuzlygyna päsgel berýän düzgün bozmalar hakynda ýol edaralaryna ýa-da ýol hereketiniň howpsuzlygy çygryndaky degişli edara habar bermäge;

5) özleriniň günäsi bilen awtomobil ýollaryna ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini tölemäge;

6) awtomobil ýolunyň diňe ýörite bellenilen ýerlerinden mallaryny sürüp geçirmäge.

2. Awtomobil ýollaryny peýdalanyjylaryň, tekerlerinde awtomobil ýollarynyň gurluş düzüm böleklerine we abadanlaşdyrylyş düzüm böleklerine zyýan (zelel) ýetirýän çykytlary, dişleri, çişleri, zynjyrlary hem-de başga düzüm bölekleri we gurluşlary bolan ulag serişdelerini peýdalanmaga hukuklary ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlar muňa degişli däldir.

 

2-nji bap. Ýol edaralarynyň esasy hukuklary we borçlary

 

31-nji madda. Ýol edaralarynyň esasy hukuklary

 

1. Ygtyýarly edaranyň, onuň kärhanalarynyň we guramalarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň garamagyndaky, şeýle hem awtomobil ýollary eýeçilik hukugynda degişli bolan ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz bölegine degişli ýol işini amala aşyrýan kärhanalar we guramalar ýol edaralary bolup durýarlar.

2. Ýol edaralarynyň şulara hukuklary bardyr:

1) abatlaýyş-gurluşyk işlerini geçirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyklykda ol barada ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna we awtomobil ýollaryny peýdalanyjylara habar bermek bilen, ulag serişdeleriniň hereketini wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da bes etmäge;

2) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde awtomobil ýollaryny peýdalanyjylar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda, şeýle hem Awtomobil ýollaryny peýdalanmagyň düzgünlerinde bellenilen talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmaga.

3. Ýol edaralarynyň, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygryndaky degişli edara bilen bilelikde awtomobil ýolunyň gurluş düzüm böleklerine zeper ýetirýän ýa-da abadanlaşdyrylyş düzüm böleklerini hapalaýan, ýa-da ýolda ýöremegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän ýörite rugsatnamasy bolmadyk agyr agramly we (ýa-da) uly gabaraly ulag serişdeleriniň awtomobil ýolunyň çäklerinden daşary çykarylmagyny talap etmäge hukuklary bardyr.

 

32-nji madda. Ýol edaralarynyň esasy borçlary

 

Ýol edaralary şulara borçludyrlar:

1) awtomobil ýollaryny peýdalanyjylara awtomobil ýollarynyň abatlanylmagynyň geçirilmeginiň möhletleri we aýlanyp baryp bolýan ýollar hakynda habar bermäge;

2) awtomobil ýollaryny peýdalanyjylara ýol hereketiniň howpsuzlygynyň talaplarynyň bozulmagy netijesinde, olaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde öwezini tölemäge;

3) ýollara ýanaşyk ýerleri we olara barýan ýollary tehniki taýdan abat we göwnejaý arassaçylykly ýagdaýda saklamaga, zir-zibilden, läbikden, çägeden, gardan arassalamaga;

4) awtomobil ýollarynyň bölünip berlen zolagynda görmegi kynlaşdyrýan we ýol hereketiniň howpsuzlygyny ýaramazlaşdyrýan zatlaryň we gurluşlaryň üýşürilip goýulmagyna, şeýle hem awtomobil ýollarynda ulag serişdeleriniň tekerleriniň ýol örtügi bilen ilteşmeginiň gowşamagyna täsir edip biljek ýangyç we başga maddalaryň ulanylmagy bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegine ýol bermezlige;

5) hyzmat edilýän awtomobil ýollaryny we olardaky desgalary ulag serişdeleriniň bökdençsiz we howpsuz ýöremegini üpjün edýän ýagdaýda saklamaga we Türkmenistanyň tebigaty goramak babatda kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

6) ýol şertleri boýunça ýüze çykan ýol-ulag hadysalarynyň sebäplerini öwrenmäge we olaryň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge.

 

V BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

33-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.

 

34-nji madda. Jedelleriň çözülişi

 

Awtomobil ýollary we ýol işi çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

35-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanunyň güýje giren gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda oňa laýyk getirilmäge degişlidir.

 

 

Türkmenistanyň                                                       Gurbanguly

     Prezidenti                                                       Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 2-nji marty.

№ 376-IV.