TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adyny

döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 1, 18-nji madda)

 

Watanymyzyň täze Galkynyş we özgertmeler zamanynda ata-babalarymyzyň her bir jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly enelerimiziň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen:

1-nji madda. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adyny döretmeli.

2-nji madda. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adynyň nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

4-nji madda. Şu Kanun güýje girenden soň sekizinji we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýelän enelere görkezilen Kanuny degişli etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                Gurbanguly

    Prezidenti                                                   Berdimuhamеdow

 

 

Aşgabat şäheri.

2008-nji ýylyň 3-nji marty

 185-III

 

 

Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adynyň

DÜZGÜNNAMASY

 

(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 88-VI we 13.11.2021 ý. № 426-VI Kanunlary esasynda

girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

1. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we mynasyp terbiýelän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen dakylýar. Şu Düzgünnamanyň maksady üçin mynasyp terbiýelän diýip, çagalaryň beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösmegini, umumy orta bilim almagyny üpjün etmek bilen olaryň terbiýelenilmegine düşünilýär. (1-nji bendine girizilen üýtgetmeler 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär Türkmenistanyň 13.11.2021 ý. № 426-VI kanuny esasynda).

2. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlary bolup durýan aýallara, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlar bolup durýan hem-de Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan aýallara dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady bu hormatly adyň dakylýan ýylynyň birinji ýanwaryna çenli enäniň sekizinji çagasy dünýä inen we beýleki çagalary diri bolan mahalynda dakylýar.

Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adyny dakmak hakyndaky mesele çözülen mahalynda şu aşakdaky çagalar hem nazarda tutulýar: (3-nji bendiň ikinji tesimine girizilen goşmaçalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär Türkmenistanyň 13.11.2021 ý. № 426-VI kanuny esasynda):

- kanunda bellenilen tertipde ene tarapyndan ogullyga (gyzlyga) alnanlar;

- Watanyň bähbitleri goralanda ýa-da harby gullugyň beýleki borçlary ýerine ýetirilende, tebigy betbagtçylygyň netijeleri ýok edilende, ýa-da adamzat durmuşyny halas etmek, hukuk tertibini we döwlet eýeçiligini goramak boýunça raýat borjy ýerine ýetirilen mahalynda aradan  çykan ýa-da nam-nyşansyz ýiten, şeýle hem ýokarda görkezilen ýagdaýlar mahalynda alnan ýaralanmanyň, seňselemäniň, maýyp-müjrüpligiň ýa-da kesellemegiň netijesinde ýa-da zähmet maýyp-müjrüpliginiň ýa-da hünär keseliniň netijesinde aradan çykan.

4. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly ady dakmaklyga hödürlemek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere nyşan we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň on essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan enelere pensiýalarynyň (muňa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa we toplaýyş pensiýasy degişli däldir) ýa-da çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň, döwlet durmuş kömek pulunyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär. (6-njy bendine girizilen goşmaçalar 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär Türkmenistanyň 13.11.2021 ý. № 426-VI kanuny esasynda).

7. Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar, olara diş protezleri hyzmatlaryndan ‒ Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, jemgyýetçilik awtoulag serişdelerinden (taksiden başgasy), şeýle hem olara we olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryna suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuk berilýär. (Ýedinji bendine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 88-VI kanuny esasynda).

8. Türkmenistanyň "Ene mähri" diýen hormatly adynyň nyşany döşüň sag tarapyndan dakylýar.

9. Şu eneler Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakmaklyga hödürlenilmeýär:

kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi esasynda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ýa-da ata-enelik hukuklary çäklendirilen;

özi barada at-abraýdan düşürýän etmiş eden. (Goşulan 9-njy bendi 2022-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär Türkmenistanyň 13.11.2021 ý. № 426-VI kanuny esasynda).

 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň nyşanynyň diametri 45 mm bolan, ýerligi ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen sekiz güberçekli gülýaka görnüşinde bolup, onuň her daşky güberçeginde ak sirkoniý gaşy oturdylan. Onuň üstünde biri-biri bilen galtaşyp gidýän iki sany ýaý görnüşli şekil ýerleşdirilen. Olaryň daşky galtaşýan ýerinde gyzyl reňkli çigildem güli oturdylan.

Nyşanyň merkezinde diametri 25 mm bolan tegelegiň içinde çagaly enäniň altyn çaýylan güberçek şekili şekillendirilen. Tegelegiň daşy gyzyl reňkli syrça bilen örtülen ini mm bolan halkadan ybarat bolup, onuň ýokary böleginde türkmen dilinde «ENE MÄHRI» diýen ýazgy, aşaky böleginde kesişýän iki tarapa ýaýrap gidýän parahatçylygyň nyşany bolan zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.

Nyşan halkajyk arkaly beýikligi 20 mm, ini 30 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň bäş sany göli goýlan. Onuň iki tarapy açylan kitap sahypasy görnüşinde bolup, ýaşyl reňkli syrça bilen reňklenendir.

Nyşanyň esaslygy 925-nji mähekli kümüşden bolup, altyn çaýylyp ýasalýar.