TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Daýhan hojalygy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 75-nji madda)
(Türkmenistanyň 26.03.2016 ý. № 388-V we 13.11.2021 ý. № 431-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun daýhan hojalygyny döretmegiň esasy ýörelgelerini we onuň işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.
I bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Daýhan hojalygy
1. Daýhan hojalygy oba hojalyk önümçiligini bilelikde alyp barmak üçin bir ýa-da birnäçe maşgalanyň agzalary tarapyndan döredilýän oba hojalyk kärhanasydyr.
2. Är-aýallar, 18 ýaşy dolan çagalar, şol sanda perzentlige alnan çagalar, ata-eneler we beýleki ýakyn garyndaşlar daýhan hojalygynyň agzalary bolup bilerler.
3. Daýhan hojalygynda zähmet şertnamasy boýunça işleýän adamlar onuň agzalary bolup bilmezler.
2-nji madda. Türkmenistanyň daýhan hojalygy hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň daýhan hojalygy hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi
1. Daýhan hojalygynyň eýeçiliginde hojalyk jaýlary we gaýry jaýlar, baglar, önüm berýän hem-de iş mallary (guşlar), oba hojalyk tehnikalary we gurallary, ulag serişdeleri hem-de oba hojalyk önümçiligini özbaşdak alyp barmak, öz öndüren önümini saklamak, ýerlemek, gaýtadan işlemek üçin zerur bolan beýleki emläkler bolup biler.
2. Alnan girdejiler daýhan hojalygynyň eýeçiligi bolup durýar we olardan öz islegine görä peýdalanýar.
3. Daýhan hojalygynyň emlägini ätiýaçlandyrmak meýletindir.
4-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmek
1. Daýhan hojalygy özbaşdak önümçilik birligi bolup durýar.
2. Daýhan hojalygy öz işiniň ugurlaryny hem-de hojalygy ýöretmek bilen baglanyşykly beýleki meseleleri özbaşdak çözýär.
Kärende şertlerinde önüm öndürýän daýhan hojalygynyň önümçiliginiň ugry we möçberleri kärendä beriji tarap bilen şertnama esasynda kesgitlenilýär.
Daýhan hojalygy döwlet tabşyrygy esasynda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirende döwlet tarapyndan berilýän ýeňilliklerden peýdalanýar.
Daýhan hojalygy, şol sanda kärendeçi - daýhan hojalygy tarapyndan şertnamalaýyn borçnamalaryndan artyk öndürilen önüm öz ygtyýarynda galýar we olar tarapyndan erkin bahalar bilen özbaşdak ýerlenilýär.
3. Daýhan hojalygynyň Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň fiziki we ýuridik şahslary bilen özara gatnaşyklary şertnamalar hem-de Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary esasynda amala aşyrylýar.
4. Daýhan hojalygyna onuň ýolbaşçysy ýa-da onuň ynanç haty boýunça hojalygyň beýleki bir agzasy wekilçilik edýär.
II bap. DAÝHAN HOJALYGYNY DÖRETMEK
5-nji madda. Daýhan hojalygyny döretmegiň tertibi
Daýhan hojalygy ony esaslandyryjynyň (esaslandyryjylaryň) karary boýunça döredilýär.
6-njy madda. Daýhan hojalygynyň esaslandyryjy şertnamasy
1. Daýhan hojalygyny döretmegiň we onuň işiniň esasy hökmünde esaslandyryjy şertnamasy hasaplanylýar, şeýle şertnama daýhan hojalygyny esaslandyryjylar tarapyndan baglaşylýar.
Eger daýhan hojalygy bir esaslandyryjy tarapyndan döredilse, esaslandyryjy şertnama baglaşylmaýar.
Esaslandyryjy şertnamadaýhan hojalygynyň esaslandyryjy resminamasy hasaplanylýar.
2. Esaslandyryjy şertnamada şular bolmalydyr:
1) esaslandyryjylaryň daýhan hojalygyny döretmek hakyndaky karary, daýhan hojalygynyň ady we ýerleşýän ýeri;
2) esaslandyryjy - fiziki şahslaryň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalary görkezmek bilen, olaryň sanawy;
3) esaslandyryjylaryň, şeýle hem daýhan hojalygyny döretmegiň we bellige almagyň barşynda döredilýän daýhan hojalygyna wekilçilik edýän adamlaryň ygtyýarlyklary;
4) esaslyk maýasynyň möçberi;
5) esaslyk maýasyna her bir esaslandyryjynyň geçiren pul goýumynyň ýa-da harytýa-da emläk hukuklary görnüşinde geçiren goýumynyň pul bahasynyň düzümi, möçberi we möhletleri hakyndaky maglumatlar;
6) esaslyk maýasyna goşmaça goýumlary geçirmek hakynda karary kabul etmegiň tertibi, şeýle hem goýumlary öz wagtynda geçirmezligiň netijeleri;
7) daýhan hojalygynyň Tertipnamasyny tassyklamak hakynda karar;
8) girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;
9) esaslandyryjylaryň daýhan hojalygynyň düzüminden çykmagynyň tertibi.
Daýhan hojalygynyň esaslandyryjy şertnamasyna şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garşy gelmeýän daýhan hojalygyny döretmek hakynda we onuň işine dahylly beýleki şertler hem goşulyp bilner.
3. Daýhan hojalygynyň esaslyk maýasynyň iň pes möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 5 esse möçberinden ybarat bolmalydyr.
4. Şertnama ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilýär.
Esaslandyryjylaryň wekilleriniň daýhan hojalygyny döretmäge we esaslandyryjy şertnamasyna gol çekmäge hukuk berýän degişli ygtyýarlyklary bolmalydyr.
5. Esaslandyryjy şertnamanyň şertleri şol şertnama gol çeken esaslandyryjylar, şeýle hem daýhan hojalygy esaslandyrylandan we bellige alnandan soň oňa girýän täze gatnaşyjylar üçin hem hökmanydyr.
7-nji madda. Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy
1. Daýhan hojalygynyň Tertipnamasy ýuridik şahs hökmünde onuň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän esaslandyryjy resminamadyr.
2. Tertipnamada şu aşakdakylar bolmalydyr:
1) daýhan hojalygynyň ady, hukuk belgisi;
2) esaslandyryjy-fiziki şahslaryň adyny, ýaşaýan ýerini we şahsyýetini tassyklaýan resminamalary görkezmek bilen, olaryň sanawy;
3) daýhan hojalygynyň işiniň maksatlary we görnüşleri;
4) esaslyk maýasynyň möçberi, daýhan hojalygynyň emläginde esaslandyryjylaryň paýy hakyndaky maglumatlar;
5) daýhan hojalygyna gatnaşyjylaryň paýlarynyň birinden beýlekä geçiş tertibi;
6) girdejileri paýlamagyň we çykdajylary tölemegiň tertibi;
7) işi üýtgedip guramagyň we bes etmegiň şertleri.
Tertipnamada Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki düzgünler hem görkezilip bilner.
3. Tertipnama esaslandyryjylaryň umumy ýygnagynda biragyzdan tassyklanylmalydyr we ähli esaslandyryjylar ýa-da olaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilmelidir. Daýhan hojalygy bir esaslandyryjy tarapyndan döredilende Tertipnama onuň özi tarapyndan tassyklanylýar we gol çekilýär.
4. Tertipnamanyň nusgalyklary, şeýle hem oňa girizilen üýtgetmeler hakyndaky ähli resminamalar döwlet belligini amala aşyran edarada saklanylýar.
8-nj madda. Daýhan hojalygyny bellige almak
1. Daýhan hojalygyny bellige almak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Daýhan hojalygy özüniň döwlet belligine alnandygy hakyndaky şahadatnamany alan pursadyndan başlap döredildi diýlip hasap edilýär, şondan soň ol ýuridik şahsyň derejesine eýe bolýar.
9-njy madda. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini, mallary (guşlary), jaýlary, önümçilik desgalaryny bermegiň tertibi
1. Daýhan hojalygyny esaslandyryjy ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky degişli döwlet edarasyna, daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna:
1) ýer böleginiň, mallaryň (guşlaryň), jaýlaryň, önümçilik desgalarynyň berilmegi hakyndaky arzany;
2) hojalygy netijeli alyp barmak boýunça ykdysady esaslandyrmany berýär.
2. Arza onuň berlen gününden başlap bir aýyň dowamynda seredilmäge degişlidir.
3. Daýhan hojalygyny guramak üçin ýer böleklerini, mallary (guşlary) bermekden ýüz dönderilendigi barada kazyýete şikaýat edilip bilner.
10-njy madda. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini we mallary (guşlary) bermek
1. Daýhan hojalygyna ýer böleklerini bermek "Ýer hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Daýhan hojalygyna oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýer bölekleri:
1) peýdalanmak üçin - ýörite ýer gaznasyndan;
2) kärendesine - daýhan birleşikleriniň we beýleki oba hojalyk kärhanalarynyň ýerlerinden berlip bilner.
Şunda daýhan hojalygyna berilýän ýer bölegi azyndan 10 ýyl möhlete berilmelidir.
3. Ýer bölegini almaga isleg bildirýän daýhan hojalygy:
1) peýdalanmaga - ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça ýer serişdelerini dolandyrmak baradaky döwlet edarasyna;
2) kärendesine - daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýar.
4. Daýhan hojalygynyň alan ýerlerini ikilenji peýdalanmaga we kärendä bermek gadagandyr.
5. Mallary (guşlary) almaga isleg bildirýän daýhan hojalygy daýhan birleşigine, beýleki oba hojalyk kärhanasyna ýüz tutýar.
101-njy madda. Daýhan hojalyklary tarapyndan suwdan peýdalanylmagy
1. Daýhan hojalyklarynyň oba hojalyk hajatlary üçin suw üpjünçiligi olaryň döwlet suw hojalyk guramalary bilen baglaşan şertnamalary esasynda amala aşyrylýar.
2. Daýhan hojalyklaryna oba hojalyk hajatlary üçin suwaryş suwy Türkmenistanyň suw kanunçylygynda kesgitlenen tertipde suw çeşmeleriniň suwlulygyny hasaba almak bilen, suwy sarp etmegiň çäklendirilen möçberlerine laýyklykda berilýär.
3. Içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalar Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde daýhan hojalyklaryna eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlip bilner.
4. Daýhan hojalyklary özlerine eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berlen içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlarynyň hem-de olarda ýerleşen gidrotehniki desgalaryň işjeň ýagdaýda saklanylmagyna we ulanylmagyna jogapkärçilik çekýärler.
5. Döwlet suw hojalyk guramalary daýhan hojalyklarynyň ýüz tutmasy esasynda, olaryň eýelik etmeginde, peýdalanmagynda ýa-da eýeçiliginde duran içerki hojalyk suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlaryny hem-de olarda ýerleşýän gidrotehniki desgalary we tehniki enjamlary işjeň ýagdaýda saklamak, ulanmak boýunça daýhan hojalyklarynyň serişdeleriniň hasabyna tehniki kömekleri berýärler.
III bap. DAÝHAN HOJALYGYNYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
11-nji madda. Daýhan hojalygynyň hukuklary
1. Daýhan hojalygynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) hojalygy özbaşdak ýöretmäge;
2) bellenilen tertipde önümçilige niýetlenen binalary we desgalary gurmaga, ýer böleklerinde melioratiw işlerini geçirmäge;
3) sebitiň önümçilik-ykdysady mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaga we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşmaga.
2. Ýerden peýdalanyjynyň razylygy bolmazdan daýhan hojalygynyň ýerlerinde aw awlamak, balyk tutmak, tebigatyň önümlerini (kömelekleri, ir-iýmişleri we beýlekileri) ýygnamak işine ýol berilmeýär.
12-nji madda. Daýhan hojalygynyň borçlary
Daýhan hojalygy şu aşakdakylara borçludyr:
1) ýeri agrotehniki kadalara laýyklykda ulanmaga, onuň gurplulygyny artdyrmaga, öz hojalyk işiniň netijesinde şol çäkde ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna ýol bermezlige;
2) topragy suw hem-de ýel eroziýasyndan goramak, ýeriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakwe goramak boýunça çäreleriň toplumyny amala aşyrmaga;
3) beýleki ýer eýeleriniň, ýerden peýdalanyjylaryň we kärendeçileriň bähbitlerine zyýan ýetirmezlige;
4) ýeri diňe niýetlenilen maksadyna görä peýdalanmaga;
5) maldarçylykda weterinariýa, zootehniýa, sanitariýa kadalaryny berjaý etmäge;
6) kärende şertnamasynda kesgitlenilen borçnamalary ýerine ýetirmäge.
13-nji madda. Daýhan hojalygyny ýöretmäge bolan hukugy başga birine geçirmek
1. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy hojalygy ýöretmekden ýüz döndermäge we hojalygyň agzalarynyň ylalaşmagy boýunça olaryň birini hukuk oruntutary edip bellemäge haklydyr.
2. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy aradan çykan halatynda hojalygy ýöretmek hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalygyň agzalarynyň birine geçýär.
3. Daýhan hojalygyny ýöretmek hukugy oruntutara berlen wagtyndan ýer bölegini peýdalanmaga ýa-da kärendä bermek baradaky resminamalardan beýleki ähli resminamalar oruntutaryň adyna täzeden resmileşdirilýär.
14-nji madda. Daýhan hojalygynyň eýeçiligini miras almak
1. Daýhan hojalygynyň eýeçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde miras alynýar.
2. Daýhan hojalygynyň işini dowam etdirýän mirasdar miras hakynda şahadatnama berlendigi üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.
15-nji madda. Daýhan hojalygyny hukuk taýdan goramak
1. Daýhan hojalygynyň emlägi, onuň hojalyk işi döwlet tarapyndan goralýar.
2. Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň daýhan hojalygynyň işine gatyşmagyna ýol berilmeýär, daýhan hojalygy tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulýan halatlary muňa girmeýär.
3. Döwlet edaralarynyň ýa-da olaryň wezipeli adamlarynyň daýhan hojalygynyň işine esassyz gatyşan halatynda, olaryň gatyşmaklarynyň netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dolunmaga degişlidir.
4. Daýhan hojalygynyň emlägi diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elinden alnyp bilner.
5. Daýhan hojalygy öz borçnamalary boýunça emlägi bilen jogap berýär. Döwlet daýhan hojalygynyň borçnamalary babatda jogapkärçilik çekmeýär, daýhan hojalygy hem döwletiň borçnamalary babatda jogapkärçilik çekmeýär.
6. Döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýer bölegini almak barada aýratyn zerurlyk ýüze çykan halatynda, daýhan hojalygyna deň derejedäki ýer bölegi bellenilen tertipde berilmelidir, şeýle hem ýitirilen peýdanyň öwezini ýer bölegini alýan tarap dolmaga borçludyr.
IV bap. DAÝHAN HOJALYGYNYŇ IŞINIŇ ESASLARY
16-njy madda. Daýhan hojalygynda zähmet gatnaşyklary
1. Daýhan hojalygy zähmet şertnamasy boýunça beýleki adamlary wagtlaýyn işleri ýerine ýetirmäge çekip biler.
2. Zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärlere zähmet haky tölenilýär. Eger bu barada aýratyn ylalaşyk bolmasa, zähmet haky daýhan hojalygynyň işiniň netijelerine bagly däldir, ýöne ol Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen iň pes aýlyk zähmet hakyndan az bolmaly däldir.
3. Daýhan hojalygynyň agzalarynyň we zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärleriň zähmetini hasaba almak daýhan hojalygy tarapyndan özbaşdak ýöredilýär.
4. Daýhan hojalygy bilen zähmet şertnamasyny baglaşan wagtlaýyn işgärleriň arasyndaky zähmet jedelleri kazyýet tertibinde çözülýär.
17-nji madda. Daýhan hojalygynda durmuş taýdan goraglylyk
1. Daýhan hojalygynyň agzalary, şeýle hem zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda durmuş taýdan goralmaga degişlidir.
2. Daýhan hojalygynyň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatançlary geçirmegi «Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy onuň agzalaryna, zähmet şertnamasy boýunça işleýän wagtlaýyn işgärlere ýetirilen zyýan üçin, olaryň öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly maýyp bolandygy ýa-da saglygyna başga şikes ýetendigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
18-nji madda. Daýhan hojalyklaryny ösdürmek üçin döwlet goldawy
1. Döwlet daýhan hojalyklaryny ösdürmäge goldaw berýär, şol sanda olara uzak möhletli ýeňillikli karzlary almaga mümkinçilik döredýär.
2. Daýhan hojalygyna suwarymly ekerançylyk, beýleki önümçilik, durmuş we beýleki hajatlary üçin suwdan peýdalanmak çägi berilýär.
19-njy madda. Daýhan hojalygyna salgyt salmak
Daýhan hojalygyna salgyt salmak "Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna laýyklykda geçirilýär.
20-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň birleşmegä hukuklary
Daýhan hojalyklary meýletin başlangyçlarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jemgyýetlere, birleşmelere birleşip bilerler.
21-nji madda. Daýhan hojalyklarynyň işine gözegçilik etmek
Döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daýhan hojalyklarynyň işine gözegçilik edýärler.
22-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň hasaby we hasabatlylygy
Daýhan hojalygy öz işiniň netijelerini hasaba almagy we hasabatlylygyny bellenilen tertipde ýöredýär. Daýhan hojalygyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilmedik hasabatlylygy talap etmek gadagandyr.
23-nji madda. Daýhan hojalygynyň işiniň bes edilmegi
1. Daýhan hojalygynyň işi islendik wagtda daýhan hojalygyny esaslandyryjy (esasladyryjylar) tarapyndan bes edilip bilner.
2. Daýhan hojalygynyň işi şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) berlen ýer böleginden iki ýylyň dowamynda peýdalanylmasa ýa-da niýetlenilen maksadyna görä peýdalanylmasa;
2) kärendä berlip, bir ýylyň dowamynda kärendeçiniň günäsi bilen peýdalanylmasa;
3) ýer bölegi rejesiz peýdalanylyp, munuň özi topragyň zaýalanmagyna, şorlaşmagyna we hasyllylygyň peselmegine, ekologik ýagdaýyň ýaramazlaşmagyna alyp barsa;
4) mallary (guşlary) saklamagyň we weterinariýanyň kadalary bozulsa;
5) batyp galmak netijesinde;
6) bellige alnanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanşyklylykda daýhan hojalygynyň bellige alnyşynyň hakyky däldigi ykrar edilende;
7) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilen işi amala aşyrsa;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
3. Daýhan hojalygynyň işi bes edilen halatynda kärendä berlen ýer bölekleri daýhan birleşiklerine we beýleki oba hojalyk kärhanalaryna, peýdalanmaga berlen ýer bolsa ýörite ýer gaznasyna gaýtarylýar.
4. Daýhan hojalygynyň işi, onuň ýuridik şahslaryň ýeke-täk döwlet sanawyndan çykarylan pursadyndan başlap, bes edilen hasap edilýär.
5. Eger daýhan hojalygy köp ugurly bolsa, şu maddanyň 2-nji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen halatlarda, onuň işini tutuş bes etmäge esas bolup bilmez, bu ýagdaýda diňe ýerden, maldan (guşdan) peýdalanmak hukugy bes edilip bilner.
24-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) 1994-nji ýylyň 28-nji martynda kabul edilen "Daýhan hojalygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 1-2, 2-nji madda);
2) 2007-nji ýylyň 30-njy martynda rejelenen görnüşde kabul edilen "Daýhan hojalygy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007ý., № 1, 37-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2013-nji ýylyň 9-njy noýabry.
№ 445-IV.