TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 105-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 02.03.2019 ý. № 131-VI, 05.10.2019 ý. № 185-VI we 13.11.2021 ý. № 425-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu Kanun alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýär we raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

 

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) alkogol (mundan beýläk, şeýle hem – alkogolly önümler) – iýmit çig malyndan we (ýa-da) düzüminde spirt bolan iýmit önüminden taýýarlanan, etil spirtiniň ulanylmagy ýa-da ulanylmazlygy bilen öndürilen taýýar iýmit önüminiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan taýýar iýmit önümi;

2) alkogolyň zyýanly täsiri – alkogolyň ulanylmagy netijesinde adamyň janyna ýa-da saglygyna, onuň nesline, ýaşaýan gurşawyna, töweregindäki adamlara zeper (zyýan) ýetmegi, şeýle hem onuň bilen baglanyşykly lukmançylyk, demografik, durmuş-ykdysady we başga netijeler;

3) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak – alkogolyň öndürilmeginiň, dolanyşygyny çäklendirmegiň, mahabatynyň meseleleriniň düzgünleşdirilmegine, adamyň saglygynyň goralyp saklanylmagyna we berkidilmegine, alkogolyň ulanylmagy bilen bagly ýüze çykýan keselleriň, hukuk bozulmalarynyň öňüniň alynmagyna, raýatlaryň, ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda geçirilýän aň-bilim, terbiýeçilik, lukmançylyk-sanitariýa işleriniň ýokarlandyrylmagyna, bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegine ýardam berilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagyna gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk, sanitariýa-sagaldyş, bejeriş-öňüni alyş, durmuş we beýleki çäreleriň toplumy;

4) alkogolly önümleriň dolanyşygy ‒ alkogolly önümleriň satyn alynmagy (şol sanda importy), iberilmegi (şol sanda eksporty), saklanylmagy, daşalmagy we ýerlenilmegi bilen baglanyşykly iş;

5) alkogolly önümleriň mahabaty ‒ alkogolly önümlere gyzyklanma döretmek ýa-da goldamak hem-de olaryň bazarda öňe ilerlemegine ýardam etmek maksady bilen, alkogolly önümlere raýatlaryň ünsüni çekmäge gönükdirilen, islendik usulda, islendik görnüşde we habar bermegiň islendik serişdelerini peýdalanmak bilen alkogolly önümler hakynda ýaýradylýan maglumat;

6) alkogolly önümleriň öndürilişi ‒ tehnologik liniýalaryň, önümçilik enjamlarynyň we sehleriň, olaryň öndüriliş meýilnamasynyň, olaryň iberilmegi (şol sanda eksport edilmegi) üçin şertnamalaryň bolmagy bilen häsiýetlendirilýän, alkogolly önümleriň, etil spirtiniň, düzüminde spirt bolan önümiň tapgyrlaýyn çykarylyşy (önümçiligi boýunça iş);

7) pes alkogolly içgiler ‒ düzüminde taýýar önümiň möçberiniň ýedi göteriminden köp bolmadyk etil spirti bolan az gradusly alkogolly içgiler;

8) lukmançylyk duýduryşy ‒ alkogolyň zyýany barada alkogolly önümleriň satylýan ýerlerinde olaryň etiketkasynyň ýa-da sarp ediliş gabynyň ýüzündäki ýazgy we (ýa-da) surat görnüşinde ýerleşdirilen maglumat;

9) düzüminde spirt bolan önüm ‒ düzüminde taýýar önümiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan iýmit önümi, şol sanda çakyr çig maly, islendik erginler, emulsiýalar, suspenziýalar, üzümiň löderesi, başga miweleriň löderesi, piwo löti (muňa alkogolly önümler degişli däldir).

 

2-nji madda. Türkmenistanyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda kanunçylygy

 

Türkmenistanyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry

 

1. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň raýatlaryna, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara degişli bolup durýar.

2. Şu Kanunyň hereketi sarp edijä satylmak üçin niýetlenen, düzüminde taýýar önümiň möçberiniň bir ýarym göteriminden köp etil spirti bolan taýýar alkogolly önümleriň şu toparlaryna degişli bolup durýar:

1) likýor-arak önümlerini hem goşmak bilen, spirtli içgilere;

2) çakyr önümlerine, muňa çakyr çig maly degişli däldir;

3) pes alkogolly içgilere;

4) piwo we piwonyň esasynda taýýarlanýan içgilere.

3. Şu Kanunyň hereketi şulara degişli däldir:

1) maldan emele gelýän, düzüminde spirt bolan iýmit önümleriniň (gymyz, kefir, aýran, çal we başga önümler), şeýle hem spirtiň turşamasy arkaly alynýan kwasyň we spirte ýatyrylan otlaryň hem-de çakyr çig malynyň peýdalanylmagy bilen öndürilen alkogolsyz içgileriň önümçiligi we dolanyşygy bilen baglanyşykly işlere;

2) düzüminde spirt bolan saglygy goraýyş, weterinariýa, kosmetik, şeýle hem tehniki maksatly önümleriň önümçiligi we dolanyşygy bilen baglanyşykly işlere;

3) senagat taýdan gaýtadan işlenilmegi üçin niýetlenen, düzüminde spirt bolan iýmit we iýmit däl önümlere;

4) düzüminde olaryň umumy möçberiniň bir ýarym göteriminden az etil spirti bolan içgilere;

5) Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden üstaşyr geçýän alkogolly içgilere we etil spirtine;

6) ylmy we synag maksatlarynda öndürilen  alkogolly içgilere;

7) daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň, konsullyk edaralarynyň, döwletara we hökümetara guramalaryň, beýleki resmi wekilhanalaryň, şol sanda daşary ýurt döwletleriniň döwletara we hökümetara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalaryň peýdalanmagy üçin niýetlenen alkogolly önümlere;

8) nusgalar hökmünde sergilerde görkezmek, şeýle hem olary sertifikatlaşdyrmak üçin niýetlenen her bir degişli ady babatda ýedi litrden köp bolmadyk mukdarda Türkmenistana getirilýän alkogolly önümlere;

9) fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistanyň çäginde satylmazlyk maksady bilen, şahsy peýdalanylmagy üçin öndürilen alkogolly içgilere.

 

4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary

 

Şu Kanunyň maksatlary şular bolup durýar:

1) Türkmenistanyň häzirki we geljekki nesillerini alkogolly önümleri ulanýan adamlaryň sezewar bolup biljek howpundan we olar bilen baglanyşykly olaryň jany ýa-da saglygy, nesli üçin ýaramaz netijelerden goramak;

2) alkogolly önümleriň öndürilişine we dolanyşygyna, ýerlenilýän alkogolly önümleriň howpsuzlygyna we hiline gözegçiligi amala aşyrmak;

3) alkogolly önümleriň dolanyşygynyň çäklendirilmegine, alkogolly önümleriň raýatlar, şol sanda ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlar tarapyndan ulanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk we beýleki çäreleri amala aşyrmak;

4) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, alkogolly önümleri ulanýan adamlar tarapyndan hukuk bozulmalarynyň edilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleri amala aşyrmak;

5) raýatlaryň, ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda alkogolyň zyýany hakynda aň-bilim işleriniň geçirilmegine, olarda alkogolly önümlere bolan ýaramaz garaýşyň kemala getirilmegine, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesiniň emele getirilmegine we ornaşdyrylmagyna gönükdirilen öňüni alyş we aň-bilim çärelerini amala aşyrmak.

 

5-nji madda. Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary

 

Şular alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar:

1) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almaklyga, alkogolly önümleriň dolanyşygyny çäklendirmeklige we olaryň ulanylyşyny azaltmaklyga, raýatlaryň saglygyny, hukugyny we kanuny bähbitlerini goramaklyga gönükdirilen hukuk, ykdysady, guramaçylyk, durmuş we beýleki çäreleriň toplumyny amala aşyrmak;

2) Türkmenistanyň çäginde etil spirtiniň, alkogolly we düzüminde spirt bolan önümleriň öndürilişine, dolanyşygyna döwlet tarapyndan gözegçiligi amala aşyrmak;

3) alkogolly önümleriň nyrhlarynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrmak;

4) raýatlaryň we ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň ruhy-ahlak taýdan terbiýelenmegine gönükdirilen öňüni alyş, aň-bilim we beýleki çäreleri guramak we geçirmek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini emele getirmek we ornaşdyrmak;

5) raýatlaryň saglygynyň goralmagyna, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyna bolan hukuklarynyň üpjün edilmegi boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrmak;

6) alkogolly önümleriň ýaýradylmagynyň we ulanylmagynyň azaldylmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek;

7) alkogolly önümleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly keselleriň öňüni almak;

8) arakhorlukdan ejir çekýän adamlara lukmançylyk-sanitariýa kömegini bermegiň netijeli ulgamyny döretmek;

9) saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, bedenterbiýe we sport edaralarynyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagyna gönükdirilen işini ösdürmek;

10) döwlet edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça işini utgaşdyrmak;

11) maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goldamak boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, raýatlaryň we ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda alkogolly önümleriň ulanylmagy bilen baglanyşykly hukuk bozulmalarynyň öňüni almak boýunça maksatnamany işläp düzmek;

12) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak, arakhorlukdan ejir çekýän adamlaryň keselini anyklamak we bejermek çygrynda ylmy barlaglaryň ösdürilmegine ýardam bermek;

13) raýatlaryň boş wagtyny geçirmäge, dynç almaga, bedenterbiýe, sport we syýahatçylyk bilen meşgullanmaga bolan hukuklarynyň üpjün edilmeginde olara ýardam bermek;

14) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik birleşikleriniň sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gatnaşmak we alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen öňüni alyş we aň-bilim çärelerini amala aşyrmak üçin guramaçylyk-hukuk şertlerini döretmek;

15) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynyň işgärlerini, şeýle hem telekeçilik işi bilen meşgullanýan adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alkogolly önümleriň söwdasynyň düzgünlerini bozandygy üçin jogapkärçiliginiň gutulgysyzlygyny üpjün etmek;

16) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek.

 

6-njy madda. Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet kepillikleri

 

1. Döwlet Türkmenistanda öndürilýän we Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin howpsuzlygyna we hiline baha bermegiň düzgünleriniň we tertipleriniň bellenilmegini we berjaý edilmegini kepillendirýär.

2. Döwlet alkogolly önümleriň öndürilişiniň we dolanyşygynyň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar, şeýle hem adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilýän aňryçäk ýol berilýän kadalardan ýokary geçýän mukdardaky zyýanly maddalary özünde jemleýän alkogolly önümleriň Türkmenistanda öndürilmegine we Türkmenistana getirilmegine gadaganlyk belleýär.

 

7-nji madda. Jemgyýetçilik birleşikleriniň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça işe gatnaşmagy

 

Jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanuna we özleriniň tertipnamalaryna laýyklykda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygryndaky çäreleriň amala aşyrylmagyna gatnaşýarlar.

 

8-nji madda. Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek

 

Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.

 

II BAP. ALKOGOLYŇ ZYÝANLY TÄSIRINIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDA DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK

 

9-njy madda. Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde beýleki döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan döwlet edaralary bolup durýarlar.

 

10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy

 

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) Türkmenistanda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň (mundan beýläk – Milli maksatnama) durmuşa geçirilmegi boýunça döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

4) etil spirtiniň, alkogolly önümleriň we düzüminde spirt bolan önümleriň öndürilişi we dolanyşygy, alkogolly önümleriň ulanylyşynyň çäklendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

5) etil spirtin we alkogolly önümleriň nyrhlarynyň, şeýle hem olaryň eksportyn we importyn döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýar;

6) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmeginiň we Türkmenistanyň çäginde  söwdasynyň edilmeginiň meselelerini düzgünleşdirýär;

8) halkara hyzmatdaşlygyny ösdürýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda özüniň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy

 

1. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Milli maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça işi utgaşdyrýar, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleri, Türkmenistana howpsuz we oňat hilli alkogolly önümleriň getirilmegine gözegçiligi amala aşyrýar, alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almaklyga, alkogolly önümleriň ulanylyşynyň azaldylmagyna, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilişiniň netijeliligine monitoringi we baha bermekligi geçirýär.

2. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine, alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilişine, olaryň lomaý we bölek-satuw söwdasyna, alkogolly önümleriň söwdasynyň düzgünleriniň berjaý edilişine we Türkmenistanyň söwda işi hakynda kanunçylygyna laýyklykda olaryň mahabatyna  gözegçiligi amala aşyrýar, alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasynyň düzgünlerini işläp düzýär we tassyklaýar.

3. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden alkogolly önümleriň getirilmegi çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenmeginiň alnyp barlyşyna, şeýle hem paçsyz söwda dükanlarynda satylýan alkogolly önümleriň ýörite belgiler bilen belgilenmegine bildirilýän talaplaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

4. Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi alkogolyň ulanylmagynyň netijesinde raýatlaryň janyna ýa-da saglygyna zelel (zyýan) ýetirilmeginden goralmaga bolan hukuklarynyň üpjün edilmegine, serhoş ýagdaýda hukuk bozulmalarynyň edilmeginiň öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegine, alkogolly önümleriň mahabatyna, alkogolly önümleriň lomaý we bölek-satuw söwdasy hem-de daşalmagy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegine gözegçiligi amala aşyrýar.

5. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi alkogolly önümleriň öndürilişi üçin ygtyýarnamalaryň berilmegini we olary öndürijiler tarapyndan alkogolly önümleriň öndürilişine bildirilýän ygtyýarnama talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar.

6. Şu maddanyň birinji–bäşinji böleklerinde görkezilen döwlet edaralary alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler we Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

12-nji madda. Beýleki döwlet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi  dolandyryş edaralarynyň alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ygtyýarlylygy

 

Beýleki döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde:

1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;

3) milli Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

4) Türkmenistanyň çäginde öndürilýän we satylýan alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenmegini amala aşyrýarlar;

5) etil spirti we alkogolly önümler üçin goşmaça tölegleriň möçberlerini belleýärler;

6) etil spirtiniň we alkogolly önümleriň önümçiligi we dolanyşygy çygryndaky döwlet standartlaryny we tehniki şertleri işläp düzýärler;

7) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak we alkogolly önümleriň dolanyşygyny çäklendirmek meseleleri boýunça degişli ygtyýarly edaralar bilen özara hereket edýärler;

8) jemgyýetçilik aňynda alkogolyň ulanylmagyna bolan ýaramaz garaýşy döretmek boýunça hukuk, guramaçylyk, durmuş we beýleki çäreleri amala aşyrýarlar;

9) degişli çäkde şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;

10) alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak babatyndaky meseleler boýunça jemgyýetçilik birleşikleri we beýleki guramalar bilen özara hereket edýärler;

11) arakhorlukdan ejir çekýän adamlara lukmançylyk-sanitariýa kömeginiň maliýe, maddy-tehniki, guramaçylyk taýdan üpjün edilmeginiň meselelerine seredýärler;

12) döwlet, çäk we beýleki maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrýarlar;

13) raýatlaryň, ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň arasynda alkogolyň zyýany hakynda aň-bilim işleriniň geçirilmegine, sagdyn durmuş ýörelgesiniň wagyz edilmegine gönükdirilen çäreleriň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

14) Türkmenistanyň kanunçylygynda özleriniň ygtyýarlylygyna degişli edilen başga wezipeleri amala aşyrýarlar.

 

III BAP. ALKOGOLLY ÖNÜMLERIŇ ÖNDÜRILIŞI, DOLANYŞYGY, GETIRILMEGI, MAHABATY BOÝUNÇA IŞI DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK ÇÄRELERI

 

13-nji madda. Alkogolly önümleriň öndürilişine bildirilýän talaplar

 

1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary Türkmenistanyň çäginde alkogolly önümleri öndürmegi amala aşyrmaga haklydyr.

2. Türkmenistanyň hususy telekeçileri Türkmenistanyň çäginde piwo öndürmegi amala aşyrmaga haklydyr.

3. Alkogolly önümleriň öndürilmegi degişli ygtyýarnama bolan mahalynda amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň ýuridik şahslary we hususy telekeçileri alkogolly önümleri öndüren mahalynda şulara borçludyrlar:

1) alkogolly önümleriň öndürilişine bildirilýän ygtyýarnama talaplaryny we şertlerini berjaý etmäge;

2) önümçilik jaýlaryna, tehnologik enjamlara we öwselä, alkogolly önümleriň öndürilişiniň barşynda iş bilen meşgul işgärlere bildirilýän talaplary berjaý etmäge;

3) alkogolly önümleriň howpsuzlygyna we hiline önümçilik gözegçiliginiň maksatnamasyny işläp düzmäge;

4) öndürilen alkogolly önümleriň her bir tapgyrynyň hiline bildirilýän talaplary berjaý etmäge hem-de olaryň ýanyna hil şahadatnamasyny goşmaga.

5. Alkogolly önümler öndürilen mahalynda ulanylýan çig mal, iýmit garyndylary, iýmit goşundylary, tehnologik kömekçi serişdeler we materiallar howpsuz bolmalydyr we adamyň janyna ýa-da saglygyna, onuň nesline zelel (zyýan) ýetirmeli däldir, şeýle hem olaryň howpsuzlygyny we kadalaşdyryjy resminamalara laýyklygyny tassyklaýan laýyklyk sertifikatlary, girdeji resminamalary, hil şahadatnamasy (Türkmenistanda öndürilen önümler üçin) ýanyna goşulmalydyr;

6. Alkogolly önümleriň öndürilmegi üçin diňe iýmit çig malyndan öndürilen etil spirti peýdalanylmalydyr.

7. Alkogolly önümleriň öndürilmegine şu ýagdaýlarda ýol berilmeýär:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda berilýän ygtyýarnamasy bolmadyk halatynda, şeýle hem bellenen tertipde döwlet tarapyndan bellige alynmadyk bolsa;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda dolanyşygy Türkmenistanda gadagan edilen çig malyň, iýmit garyndylarynyň, şol sanda biologik işjeň goşundylaryň we materiallaryň, genetik taýdan modifisirlenen bedenleriň we adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin howp döredýän beýleki maddalaryň ulanylmagy bilen;

3) olaryň düzüminde adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin zyýanly maddalaryň aňryçäk ýol berilýän bellenen kadasyndan ýokary geçýän;

4-nji we 5-nji bentlerini Türkmenistanyň 05.10.2019 ý. № 185-VI Kanuny esasynda aýyrylan.

8. Türkmenistanyň çäginde düzüminde gurplandyryjy düzüm bölegi bolan pes alkogolly içgileriň öndürilmegine ýol berilmeýär.

9. Daşary söwda şertnamalarynyň şertlerine laýyklykda organoleptik, fiziki-himiki we mikrobiologik görkezijileri bolan eksport üçin alkogolly önümleriň öndürilmegine rugsat berilýär. Görkezilen alkogolly önümleriň Türkmenistanyň çäginde ýerlenilmegine ýol berilmeýär.

10. Eger öndürilýän alkogolly önümler adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen halatynda, öndürijiler haýal etmän olaryň önümçiligini ýaramaz hilli alkogolly önümleriň öndürilmegine getiren sebäpleriň aradan aýrylmagy üçin zerur bolan möhlete togtatmaga borçludyrlar. Eger görkezilen sebäpler bellenen möhletde aýrylyp bilinmeýän bolsa, öndüriji ýaramaz hilli alkogolly önümlerini öndürmegini bes etmäge, sarp edijilerden görkezilen alkogolly önümleriň yzyna gaýtarylmagyny üpjün edip, olary dolanyşykdan aýyrmaga, bellenilen tertipde olaryň bilermenler seljermesiniň, gaýtadan ulanylmagynyň ýa-da ýok edilmeginiň geçirilmegini guramaga borçludyr.

 

14-nji madda. Alkogolly önümleriň dolanyşygyna bildirilýän talaplar

 

1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslar, şeýle hem hususy telekeçiler Türkmenistanyň çäginde alkogolly önümleriň dolanyşygyny amala aşyryp bilerler.

2. Alkogolly önümleriň dolanyşygy boýunça işiň amala aşyrylmagyna degişli ygtyýarnamasy, şeýle hem kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän, bu maksatlar üçin niýetlenen obýektleri bolan mahalynda rugsat berilýär.

3. Diňe kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelýän, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet belligine alnan alkogolly önümler, şeýle hem olaryň gelip çykyşyny, howpsuzlygyny we hilini tassyklaýan resminamalary (laýyklyk sertifikaty) bolan alkogolly önümler, Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümler bolsa, goşmaça – bellenen görnüşdäki hil şahadatnamasy bolan mahalynda dolanyşykda bolup biler.

4. Içerki bazarda dolanyşykda bolýan alkogolly önümler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenmäge degişlidir.

5. Alkogolly önümleriň sarp ediliş gabynyň belgilenmesi kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelmelidir.

Pes alkogolly içgileriň belgilenmesinde içginiň bir günde ulanylmagy maslahat berilýän möçberi barada ýazgy bolmalydyr.

6. Alkogolly önümleriň sarp ediliş gaby alkogolly önümleriň ýaramlylyk möhletiniň dowamynda dolanyşykda bolan mahalynda olaryň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmelidir.

Pes alkogolly içgileriň sarp ediliş gabynyň göwrümi üç ýüz otuz millilitrden ýokary geçmeli däldir.

7. Paçsyz söwda dükanynda satylýan alkogolly önümler paçsyz söwda dükanynyň ammarynda ýörite belgilenmäge degişlidir. Paçsyz söwda dükanynda alkogolly önümleriň lomaý, şol sanda bölek-lomaý satylmagyna ýol berilmeýär.

8. Şulara ýol berilmeýär:

1) bellenen tertipde sarp edilmegi üçin ýaramaz hilli ýa-da howply diýlip ykrar edilen alkogolly önümleriň dolanyşygyna. Görkezilen alkogolly önümler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolanyşykdan aýrylmaga, tehniki maksatlar üçin gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýok edilmäge degişlidir;

2) düzüminde taýýar alkogolly önümleriň möçberiniň ýedi göteriminden köp etil spirti bolan alkogolly önümler üçin «pes alkogolly içgiler» ýazgysynyň we olaryň görnüşleriniň ulanylmagyna.

9. Alkogolly önümleriň şular ýaly gaplanmagyna ýol berilmeýär:

1) ýuka demirden bolan sarp ediliş gaplaryna gaplanmagyna (piwodan, pes alkogolly hem-de güýçlüligi on iki göterimden az bolan likýor-arak önümlerinden başgasy);

2) plastik gaplara (piwodan başgasy);

3) dolulygyna polietilenden, polistiroldan, polietilentereftalatdan ýa-da bir ýarym litrden köp göwrümi bolan başga polimer materialyndan taýýarlanan polimer sarp ediliş gaplaryna;

4) utgaşdyrylan polimer sarp ediliş gabyna, şol sanda polietilen örtgüli karton gutysyna we karton gutysyna ýerleşdirilen folgalanan polietilen pakete.

10. Alkogolly önümleriň saklanylmagy we daşalmagy olaryň howpsuzlygynyň we hiliniň aýawlylygyny, olaryň ulanylmagy üçin howpsuzlygynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün edýän şertlerde amala aşyrylmalydyr.

11. Saklanylýan, daşalýan we ýerlenilýän alkogolly önümleriň ýanynda degişli resminamalary bolmalydyr.

12. Alkogolly önümleriň ýaramlylyk möhletleri (ýaramlylyk möhleti göz öňünde tutulanlarynda) we olaryň saklanyşynyň şertleri olary öndüriji tarapyndan bellenilýär hem-de ýanlaryna goşulýan resminamalarda görkezilýär.

13. Gelip çykyşy bellenilmedik, Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we belgilenmegi, gaplanmagy, düzüminde adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin zyýanly maddalaryň barlygy boýunça kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelmeýän, degişli resminamalary, goşmaça töleg nyşanlary bolmazdan (ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bilen) satylýan alkogolly önümler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolanyşykdan aýrylmaga, gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýok edilmäge degişlidir.

14. Ygtyýarly edaralar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alkogolly önümleriň dolanyşygynyň ähli tapgyrlarynda kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň berjaý edilişine öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde gözegçilik etmäge borçludyrlar.

 

15-nji madda. Alkogolly önümler barada maglumata bildirilýän esasy talaplar

 

1. Sarp edijilere hödürlenýän alkogolly önümler barada maglumat kadalaşdyryjy resminamalarda we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esasy talaplara laýyk gelmelidir.

2. Alkogolly önümler barada maglumat Türkmenistanyň döwlet dilinde (içerki bazarda dolanyşykda bolýan alkogolly önümler üçin) we (ýa-da), rus dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde, öndürijiniň garaýşyna görä bolsa – beýleki dillerde hem, sarp ediliş gabyna – etiketkanyň (kontretiketkanyň, kolýeretkanyň), ýarlygyň, dykynyň, içlik-kagyzçanyň ýüzüne ýazylmalydyr.

3. Alkogolly önümler barada sarp edijilere hödürlenýän maglumat gös-göni sarp ediliş gabynyň her biriniň okamak üçin amatly ýerinde ýerleşdirilmelidir.

Reňksiz sarp ediliş gabyna guýulýan dury reňksiz alkogolly önümleriň guýlan senesi etiketkanyň (kontretiketkanyň) arka ýüzünde ýazylyp bilner.

Eger, alkogolly önümler hakynda zerur maglumat sarp ediliş gabyna dolulygyna ýerleşmese, öndürijiniň garaýşyna görä, maglumatyň ýa-da onuň alkogolly önümleri häsiýetlendirýän böleginiň  aýratyn sarp ediliş gabynyň her biriniň ýanyna goşulýan içlik-kagyzçanyň ýüzünde ýerleşdirilmegine rugsat berilýär.

4. Alkogolly önümler barada etiketkada görkezilen maglumat ygtybarly bolmalydyr, olaryň düzümi, özboluşlylyklary we sarp ediliş häsiýetleri, şeýle hem olaryň ulanylyş usuly (zerur bolan halatynda) babatda sarp edijilerde ýalňyş pikir döretmeli däldir.

5. Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümleriň şol sanda piwonyň, pes alkogolly içgileriň, piwonyň esasynda öndürilýän içgileriň sarp ediliş gabynda alkogolyň zyýany hakynda etiketkanyň möçberiniň ýigrimi göteriminden az bolmadyk ýerini eýeleýän şu mazmunly tapawutlanýan duýduryş ýazgysy ýazylan bolmalydyr (beýleki ýurtlardan getirilýän önümlerden başga): «Alkogolly önümler Siziň saglygyňyza zyýanlydyr!». Ýazgy gara, takyk, ýeňil okalýan şriftde, ak düşekde gara reňkli baş harplarda ýazylýar.

6. Türkmenistanda öndürilen alkogolly önümleriň sarp ediliş gabynyň belgisinde olaryň ulanylmagyna garşy şu mazmunly ýazgy ýazylmalydyr (beýleki ýurtlardan getirilýän önümlerden başga): «Alkogolly önümleri ulanmak ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara, göwreli we çaga emdirýän aýallara, merkezi nerw ulgamy, böwregi, bagry we beýleki iýmit siňdiriş agzalary näsag adamlara maslahat berilmeýär».

 

16-njy madda. Alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary we ýörite belgiler bilen belgilenmegine bildirilýän talaplar

 

Alkogolly önümleriň goşmaça töleg nyşanlary we paçsyz söwda dükanynda satylýan önüm üçin ýörite belgiler bilen belgilenmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

17-nji madda. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryna bildirilýän talaplar

 

1. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, Türkmenistanyň ýuridik şahslary we hususy telekeçileri (mundan beýläk – söwdanyň subýektleri) tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.

2. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri, gelýänlere hyzmat edýän zallary bolan jemgyýetçilik iýmiti kärhanalary tarapyndan, diňe restoranlarda, barlarda, kafelerde, toý dabaralarynyň geçirilýän jaýlarynda amala aşyrylýar.

3. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy şular bolan mahalynda amala aşyrylýar:

1) bölek-satuw söwdasyna ygtyýarnamasy;

2) olaryň gelip çykyşyny (girdeji resminamalary), howpsuzlygyny we hilini (laýyklyk sertifikaty ýa-da onuň göçürme nusgalary, ýurdumyzda öndürilýän önümler üçin – bellenen görnüşdäki hil şahadatnamasy) tassyklaýan resminamalary;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan belgilemeler;

4) goşmaça töleg nyşanlary ýa-da paçsyz söwda dükanynda satylýan alkogolly önümler üçin ýörite belgiler; 

5) alkogolyň zyýany hakynda lukmançylyk duýduryşy.

4. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna we jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlaryna olaryň söwdasynyň bolýan ýerinde şular bolan mahalynda rugsat berilýär:

1) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron gözegçilik-kassa enjamy, töleg terminaly;

2) şu mazmunly maglumat: «Ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara alkogolly önümleri satmak gadagan edilýär», şeýle hem alkogolyň zyýany hakynda maglumat.

5. Jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlary edilen mahalynda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy gös-göni alkogolly önümleri satýan (goýberýän) adam tarapyndan sarp ediliş gaby açylan şertinde amala aşyrylýar.

6. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy iş günleri sagat ondan sagat ýigrimä çenli amala aşyrylýar, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi, şeýle hem paçsyz söwda dükanlary muňa degişli däldir.

7. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasynyň wagtyna, şertlerine we ýerlerine, aýratyn ýagdaýlarda goşmaça çäklendirmeleri bellemäge haklydyrlar, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir.

 

18-nji madda. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny amala aşyrýan söwda obýektlerine çäklendirmeler

 

Şulara alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny etmäge ýol berilmeýär:

1) bilim edaralarynyň (şol sanda bilim edaralaryň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň) çäginde we eýeçiliginde, ygtyýarlygynda we (ýa-da) peýdalanmagynda duran, olaryň çäklerinden ýüz metrden az bolan aralykdaky jaýlarda ýerleşýän söwda obýektlerine. Şu bentde bellenen gadagan etme iş günleri sagat on sekizden soň, şeýle hem işlenilmeýän baýramçylyk we ýekşenbe günleri jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi üçin, olaryň çäginden ýigrimi bäş metrden az bolmadyk aralykda amala aşyrylýan alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna degişli däldir.

2) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektleriniň, saglygy goraýyş edaralarynyň (şol sanda şypahanalaryň) we medeniýet edaralarynyň çäginde we jaýlarynda, görkezilen edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, şeýle hem çaga iýmiti önümlerini ýerlemekde ýöriteleşdirilen jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda ýerleşýän söwda obýektlerine;

3) harby maksatly obýektleriň çäklerinde we jaýlarynda ýerleşýän söwda obýektlerine;

4) wagon-restoranlarda (wagon-kafelerde, wagon-bufetlerde, wagon-barlarda), şeýle hem deňiz gämilerinde we içerki ýüzüş gämilerinde, howa gämilerinde;

5) göçürip bolýan söwda obýektlerinde, şeýle hem alkogolly önümleriň söwdasy üçin bellenilmedik ýerlerde;

6) bedenterbiýe-sagaldyş we sport obýektlerinden, saglygy goraýyş edaralaryndan we medeniýet edaralaryndan, menzillerden, ýolagçy platformalaryndan, howa menzillerinden, deňiz we derýa portlaryndan, ulag ýangyç guýuş beketlerinden, harby maksatly obýektlerden ýigrimi bäş metre çenli aralykda ýerleşýän söwda obýektlerine (paçsyz söwda dükanlary muňa degişli däldir). Şu bentde we şu maddanyň 1-nji bendinde bellenen aralygy kesgitlemek Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar;

7) çaga iýmiti önümleriniň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniň bölümlerinde;

8) ýöriteleşdirilen söwda obýektleri, şeýle hem çaga ýa-da sport harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýan köpugurly söwda obýektleriniň bölümleri arkaly;

9) göçme söwda ulgamy arkaly (awtomaşynlardan, tirkeglerden, teležkalardan we beýleki ulag serişdelerinden), üstüne eltip berilýän, elden satylýan, islendik ýasama lotoklardan we tekjelerden (köçelerde, howlularda, jaýlarda);

10) ownuk-bölek söwda ulgamy arkaly.

 

19-njy madda. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna çäklendirmeler

 

Şu ýagdaýlarda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna ýol berilmeýär:

1) degişli ygtyýarnamasy bolmadyk söwda subýektleri tarapyndan;

2) goşmaça töleg nyşanlary bilen belgilenmedik ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bolan;

3) kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan sarp ediji üçin maglumatlar ýazylmadyk we (ýa-da) şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda lukmançylyk duýduryşy bolmadyk (Türkmenistanda öndürilen önümler üçin);

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda satylmagy gadagan edilen;

5) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň dokuzynjy böleginde görkezilen;

6) ýanyna goşulan resminamalary bolmadyk;

7) eger paçsyz söwda dükanynda satylýan bolsa, ýörite belgilenmesi bolmadyk;

8) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda sarp ediji üçin belgilenmesine, gaplanmagyna we maglumatyň ýazylmagyna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän;

9) howpsuzlygynyň we hiliniň görkezijileri boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän we (ýa-da) zyýanly maddalaryň aňryçäk ýol berilýän garyndylary ýokarlandyrylyp öndürilen;

10) olary öndürmek üçin ygtyýarnamasy bolmadyk Türkmenistanyň ýuridik şahsy ýa-da hususy telekeçisi tarapyndan öndürilen;

11) Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy bilen Türkmenistana getirilen;

12) ýaramlylyk möhleti geçen (ol bellenen alkogolly önümler üçin);

13) dolanyşykdan aýrylan;

14) jemgyýetçilik ulagynyň islendik görnüşi bilen;

15) söwda awtomatlary, beýleki elektron ýa-da mehaniki gurluşlar arkaly, uzaklykdan (distansion usul bilen);

16) telekommunikasiýalaryň ýa-da islendik beýleki tehnologiýanyň ulanylmagy bilen, Internet tory arkaly.

 

20-nji madda. Alkogolly önümleriň ulanylmagyna çäklendirmeler

 

Alkogolly önümleriň ulanylmagyna (içilmegine) şu aşakdaky ýerlerde ýol berilmeýär (alkogolly önümler guýlup satylmaga rugsat berlen, jemgyýetçilik iýmiti obýektleri (restoranlar, barlar, kafeler), şeýle hem toýlaryň, şanly seneleriň we beýleki dabaralaryň we dessurlaryň geçirilýän ýerleri muňa degişli däldir):

1) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çäginde we jaýlarynda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, harby bölümlerde we birikmelerde;

2) saglygy goraýyş edaralarynyň, bilim, medeniýet edaralarynyň çäginde we jaýlarynda, bedenterbiýe we sport desgalarynda, bejeriş-sagaldyş zolaklarynda, şu görkezilen edaralaryň ýanyndaky jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda, şeýle hem çaga iýmitiniň önümlerini ýerlemekde ýöriteleşdirilen söwda obýektlerinde we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalarynda;

3) ýerasty geçelgelerinde, demir ýol menzilleriniň, howa menzilleriniň, deňiz we derýa portlarynyň jaýlarynda, deňiz, derýa we howa gämilerinde, demir ýol ulaglarynda we jemgyýetçilik ulaglarynyň ähli görnüşlerinde;

4) rekreasion maksatly zolaklarda (şäher tokaýlarynyň, seýilgähleriň, seýil baglarynyň, şäher baglarynyň, howuzlaryň, kölleriň, suw howdanlarynyň, suwa düşülýän ýerleriň ýerleşen çäkleriniň serhetlerinde), dynç almak, bedenterbiýe we sport, syýahatçylyk bilen meşgullanmak, syýahatçylyk üçin niýetlenen we peýdalanylýan beýleki çäkleriň serhetlerinde, şeýle hem resmi köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän döwründe raýatlaryň toplanýan ýerlerinde;

5) köp öýli jaýlaryň howlularynda, girelgelerinde, basgançaklarynda, basgançak meýdançalarynda, liftlerinde we umumy peýdalanylýan jaýlarynda, çagalar üçin meýdançalarda;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki çäklerde, jaýlarda we jemgyýetçilik ýerlerinde.

 

21-nji madda. Alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyny amala aşyrýan söwda obýektlerine bildirilýän talaplar

 

1. Şäher ilatly ýerlerde alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy umumy meýdany elli inedördül metrden az bolmadyk ammar jaýlary bar bolan hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), şeýle hem hemişelik duran söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

2. Oba ilatly ýerlerde alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasy umumy meýdany ýigrimi bäş inedördül metrden az bolmadyk ammar jaýlary bar bolan hemişelik duran söwda obýektleri (ýöriteleşdirilen dükanlar), şeýle hem hemişelik duran söwda obýektleriniň arak-çakyr bölümleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan talaplar paçsyz söwda dükanlarynda alkogolly önümleriň bölek-satuw söwdasyna degişli däldir.

 

22-nji madda. Söwda hyzmatyna bildirilýän talaplar

 

1. Söwdanyň subýektleri sarp edijilere alkogolly önümleriň söwda hyzmatyny edenlerinde şulara borçludyrlar:

1) şu Kanunyň we söwda işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;

2) alyja alkogolly önümleriň howpsuzlygy we hili hem-de olaryň gelip çykyşy barada zerur we dogry maglumaty görkezmäge;

3) alyjynyň talap etmegi boýunça girdeji resminamasyny, laýyklyk sertifikatyny ýa-da onuň bellenen tertipde tassyklanylan göçürmesini oňa görkezmäge.

2. Söwdanyň subýektlerine söwda hyzmaty edilende alkogolly önümleriň satuwynyň amala aşyrylmagy şu halatlarda gadagan edilýär:

1) işlenilmeýän baýramçylyk (jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir) we hatyra günlerinde;

2) şenbe we ýekşenbe günlerinde (jemgyýetçilik iýmiti hyzmatlarynyň edilmegi muňa degişli däldir);

3) ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara.

 

23-nji madda. Alkogolly önümleriň mahabatlandyrylmagyna bildirilýän talaplar

 

1. Alkogolly önümleriň islendik mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär. Alkogolly önümleriň mahabatlandyrylmagyna bildirilýän talaplar «Mahabat hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen düzgünleşdirilýär.

2. Raýatlary, ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlary alkogolyň zyýany barada habardar etmek maksady bilen maglumat beriş çäreleri geçirilende alkogolly önümleriň we olaryň ulanylyşynyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde görkezilmegine ýol berilýär.

 

24-nji madda. Alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmegine bildirilýän talaplar

 

1. Alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde berilýän degişli ygtyýarnamasy bolan şahslar tarapyndan amala aşyrylýar, şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen ýagdaý muňa degişli däldir.

2. Türkmenistana getirilýän alkogolly önümler şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenen talaplara laýyk gelmelidir.

3. Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň howpsuzlygy we hili boýunça bellenen talaplara laýyklygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde oňa ygtyýarly edilen edaralar tarapyndan  olaryň ygtyýarlylygynyň çäklerinde kesgitlenilýär.

4. Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň gümrük taýdan resmileşdirilmegi we olaryň Türkmenistanyň çäginde dolanyşygy olaryň döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamasynyň, olaryň bellenen talaplara laýyklyk sertifikatynyň ýük gümrük deklarasiýasy bilen bilelikde gümrük edarasyna berlenden soň amala aşyrylýar. 

5. Şahsy hajatlar üçin niýetlenilen alkogolly önümler, görnüşine we adyna garamazdan, ygtyýarnama we goşmaça töleg nyşany ýa-da paçsyz söwda dükanlarynda satyn alnan alkogolly önümler üçin ýörite belgisi bolmazdan, bir litrden köp bolmadyk möçberde Türkmenistana öz ýany bilen getirilip bilner.

6. Şu alkogolly önümleriň Türkmenistana getirilmegine ýol berilmeýär:

1) howpsuzlygynyň we hiliniň bellenen talaplara laýyklyk sertifikaty, şeýle hem olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan resminamalary bolmadyk;

2) kadalaşdyryjy resminamalarda göz öňünde tutulan degişli goşmaça töleg nyşanlary (ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bolan) bilen belgilenmesi bolmadyk;

3) bellenen tertipde kontrafakt diýlip ykrar edilen;

4) bellenen tertipde döwlet belligine alynmadyk;

5) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň dokuzynjy böleginde görkezilen gaplara gaplanylan;

6) gurplandyryjy düzüm bölekleri bolan pes alkogolly içgileriň.

7. Alkogolly önümleriň şu görnüşleriniň Türkmenistana getirilmegine ýol berilmeýär:

1) güýçlüligi ýetmiş göterimden köp bolan alkogolly içgileriň (muňa önümçilik maksatly getirilýän etil spirti we düzüminde spirt bolan alkogolly önümler degişli däldir);

2) öýde öndürilen;

3) öndürijiniň sarp ediş gabyndan başga bir sarp ediş gabyna guýlan.

8. Türkmenistana bikanun getirilen, gelip çykyşy anyklanylmadyk, belgilenmesi, gaplanylyşy, adamyň jany ýa-da saglygy, onuň nesli üçin zyýanly maddalary saklaýanlygy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna we kadalaşdyryjy resminamalara laýyk gelmeýän, ugradyş resminamalary, goşmaça töleg nyşanlary bolmazdan ýa-da galp goşmaça töleg nyşanlary bilen satylýan alkogolly önümler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynmaga, gaýtadan ulanylmaga ýa-da ýok edilmäge degişlidir.

 

25-nji madda. Alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň öňüniň alynmagy

 

1. Alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň öňüni almak maksatlary bilen şular amala aşyrylýar:

1) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alkogolly önümleriň bikanun söwdasynyň ýagdaýlaryny ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça çäreleriň geçirilmegi;

2) Türkmenistana getirilýän alkogolly önümleriň, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde gümrük edarasy tarapyndan hasaba alynmagy.

2. Alkogolly önümleriň getirilmeginiň we dolanyşygynyň döwlet düzgünleşdirmesini amala aşyrýan döwlet edaralarynyň arasynda maglumatlary alyşmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýär.

 

26-njy madda. Alkogolly önümlere salgyt salmak

 

Alkogolly önümlere salgyt salmak Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

IV BAP. ALKOGOLYŇ ZYÝANLY TÄSIRINIŇ ÖŇÜNI ALMAK ÇYGRYNDA AMALA AŞYRYLÝAN ÇÄRELER

 

27-nji madda. Alkogola baglylykdan bejergä mätäçlik çekýän adamlara lukmançylyk kömeginiň berilmegi

 

Alkogola baglylykdan bejergä mätäçlik çekýän adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde degişli lukmançylyk kömegi berilýär.

 

28-nji madda. Alkogolyň zyýany baradaky bilimleriň wagyz edilmegi

 

1. Alkogolly önümleriň ulanylmagyny azaltmak, olaryň ulanylmagy bilen bagly keselleriň öňüni almak, öz saglygyňa jogapkärli garamagy we alkogolly önümleriň ulanylmagyna ýaramaz garaýşy döretmek maksady bilen, alkogolyň zyýany baradaky bilimleriň wagyz edilmegi amala aşyrylýar.

2. Alkogolyň zyýany baradaky maglumat şulary öz içine alýar:

1) alkogolly önümleriň ulanylmagynyň bes edilmeginiň artykmaçlyklary baradaky;

2) alkogolly önümleriň ulanylmagynyň lukmançylyk, demografiýa, durmuş-ykdysady taýdan ýaramaz netijeleri baradaky.

3. Raýatlaryň we ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlaryň alkogolyň zyýany barada habardar edilmegi döwlet häkimiýet edaralary, öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Raýatlara we ilki bilen, ýigrimi bir ýaşyna ýetmedik adamlara alkogolyň zyýany barada aň-bilim bermek maşgalada, bilim we saglygy goraýyş edaralarynda terbiýe we bilim bermegiň barşynda, şeýle hem iş ýerlerinde iş berijiler tarapyndan amala aşyrylýar.

Umumybilim we hünär bilimi maksatnamalary alkogolyň zyýanyny öwrenmäge degişli temalary özünde saklamalydyr.

 

V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

29-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

30-njy madda. Jedelleriň çözülmegi

 

Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

31-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

 

Şu Kanun 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär, muňa şu Kanunyň 14-nji maddasynyň bäşinji we altynjy bölekleriniň ikinji tesimleri, 15-nji maddasynyň bäşinji we altynjy bölekleri, 22-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendi degişli däldir.

Şu Kanunyň 14-nji maddasynyň bäşinji we altynjy bölekleriniň ikinji tesimleri, 15-nji maddasynyň bäşinji we altynjy bölekleri 2019-njy ýylyň 1-nji iýulyndan, 22-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji bendi 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Gurbanguly

    Prezidenti                                                          Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.

№ 99-VI.