TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Mejlisi hakynda

 

Şu Kanun Türkmenistanyň Mejlisiniň işiniň guralyşyny, düzümleriniň iş tertibini, wezipelerini, ygtyýarlyklaryny we deputatlarynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda.

 

Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr.

Türkmenistanyň Mejlisiniň işi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň (mundan beýläk – Mejlis) işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

2-nji madda.

Mejlis ählumumy, deň we göni saýlaw hukugy esasynda gizlin ses bermek arkaly saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan saýlaw okruglary boýunça saýlanylýan 125 deputatdan ybaratdyr. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner.

Mejlisiň deputatlarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilýär.

 

3-nji madda.

Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyk möhleti bäş ýyldyr.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň deputatlarynyň ygtyýarlyklary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahatynda ykrar edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar.

Mejlisiň täze çagyrylyşy deputatlaryň ygtyýarlyklary ykrar edilýänçä diňe maslahaty açmak, Mandat we Ses sanaýjy toparlary saýlamak baradaky meseleler boýunça kararlary kabul edip biler.

Mejlis Mandat toparynyň teklipnamasy boýunça Mejlisiň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny ykrar etmek hakynda, saýlawlar hakyndaky kanunçylygyň bozulan halatynda bolsa, käbir deputatlary saýlamak boýunça geçirilen saýlawlary hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda karar kabul edýär.

 

4-nji madda.

Mejlis Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 79-njy maddasyna laýyklykda şu halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner:

1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda;

2) Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy);

3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik halatynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan.

Mejlis adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň we harby ýagdaýyň hereket edýän döwründe ýatyrylyp bilinmez.

 

II BAP. MEJLISIŇ WE ONUŇ DÜZÜMLERINIŇ IŞINIŇ GURALYŞY

 

5-nji madda.

Mejlis öz işini maslahat görnüşinde amala aşyrýar.

Mejlisiň işi onuň komitetleriniň we toparlarynyň maslahatlarynyň işine we meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmaga, olary bileleşip çözmäge, döredýän düzümleriniň we saýlaýan wezipeli adamlarynyň Mejlisiň öňünde jogapkärçiligine, hasabatlylygyna, aýanlygyna, jemgyýetçilik pikiriniň hemişe hasaba alynmagyna esaslanýar.

Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi gatnaşýan bolsa, onda ol doly ygtyýarlydyr.

Mejlisiň maslahaty açyk bolup durýar. Mejlisiň Dessurynda göz öňünde tutulan halatlarda ýapyk maslahat hem geçirilip bilner.

 

6-njy madda.

Mejlisiň maslahaty zerurlyga görä, ýöne ýylda azyndan iki gezek Mejlisiň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Mejlisiň nobatdan daşary maslahaty Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen ýa-da Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden bir böleginiň teklibi boýunça çagyrylyp bilner.

Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty onuň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki bölegi saýlanylandan soň otuz günden gijä goýman Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy tarapyndan çagyrylýar.

Saýlawlardan soň Mejlisiň birinji maslahatyny Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy açýar we Mejlisiň täze çagyrylyşynyň Başlygy saýlanylýança ol maslahaty alyp barýar. Mejlisiň maslahatyna Türkmenistanyň Prezidenti gatnaşan halatynda ol maslahaty açýar we alyp barýar.

 

7-nji madda.

Mejlisiň maslahatyna Mejlisiň Dessurynda bellenilen tertipde döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ylmy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem beýleki adamlar gatnaşyp bilerler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşmaga hukugy bardyr.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary Mejlisiň ähli maslahatlaryna gatnaşyp bilerler.

Mejlisiň maslahatyny guramagyň we geçirmegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

8-nji madda.

Mejlis deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär. Mejlis deputatlarynyň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetlerini we toparlaryny düzýär.

Mejlisiň Başlygy wezipesine dalaşgärler Mejlisiň deputatlary tarapyndan hödürlenilýär.

Mejlis gizlin ses bermek arkaly, deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen öz düzüminden Mejlisiň Başlygyny saýlaýar, ol Mejlisiň öňünde hasabat berýär.

Mejlisiň Başlygyny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygyny möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakyndaky meselä deputatlaryň azyndan üçden bir böleginiň talap etmegi boýunça Mejlis tarapyndan seredilýär. Mejlisiň Başlygy Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilen kanun esasynda wezipesinden boşadylyp bilner.

Mejlisiň Başlygy onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Şu ýagdaýda Mejlisiň Başlygyny wezipesinden boşatmak hakyndaky kanun açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen Mejlis tarapyndan kabul edilýär.

Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň Başlygy öz ygtyýarlyklaryny Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança saklap galýar.

 

9-njy madda.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary deputatlaryň arasyndan açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen saýlanylýar. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak hakynda Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary Mejlisiň Başlygy tarapyndan öz üstüne ýüklenilen wezipeleri ýerine ýetirýär. Mejlisiň Başlygynyň ýok wagtynda ýa-da onuň öz ygtyýarlyklaryny berjaý etmäge mümkinçiligi bolmadyk ýagdaýynda onuň wezipesini ýerine ýetirýär.

Mejlisiň Başlygynyň orunbasary onuň öz haýyşy boýunça, şeýle hem oňa öz borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik bermeýän ýagdaýlar sebäpli wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny wezipesinden boşatmak hakynda kanun açyk ses bermek arkaly deputatlaryň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

 

10-njy madda.

Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlamak ýa-da wezipesinden boşatmak hakynda teklipleri girizmegiň tertibi Mejlisiň Dessurynda bellenilýär.

 

11-nji madda.

Mejlisiň Prezidiumy döredilýär. Prezidium Mejlisiň işini guramagy amala aşyrýar.

Mejlisiň Prezidiumynyň düzümine Mejlisiň Başlygy, onuň orunbasary, komitetleriniň we toparlarynyň başlyklary girýärler.

Mejlisiň Prezidiumyna Mejlisiň Başlygy ýolbaşçylyk edýär.

 

12-nji madda.

Mejlisiň we onuň düzümleriniň iş tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

III BAP. MEJLISIŇ WE MEJLISIŇ BAŞLYGYNYŇ

YGTYÝARLYKLARY

 

13-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we Konstitusion kanunlaryny kabul etmegiň, olara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegiň meseleleri boýunça tekliplere, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry kanunlaryň taslamalary boýunça garaýyşlaryny beýan etmegi we makullamagy üçin Mejlis olary Türkmenistanyň Halk Maslahatyna iberýär.

 

14-nji madda.

Mejlis Konstitusiýany, kanunlary we kararlary kabul edýär. Olar Mejlisiň maslahatlarynda açyk ýa-da atma-at ýa-da gizlin ses bermek arkaly kabul edilýär.

Konstitusion kanunlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň azyndan üçden iki böleginiň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär.

Kanunlar we kararlar Mejlisiň deputatlarynyň umumy sanynyň sesleriniň ýönekeý köplügi bilen kabul edilýär.

Ses bermegiň tertibi Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

Mejlis tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bardyr.

 

15-nji madda.

Kanunlaryň, kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň hereket etmegi üçin hökmany şert olaryň çap edilmegidir.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi degişli kanun bilen kesgitlenilýär.

 

16-njy madda.

Kanunlaryň taslamalaryny, degişli meseleleri işläp taýýarlamak we olara deslapdan seretmek işlerini alyp barmak üçin Mejlis deputatlaryň hataryndan komitetleri we toparlary düzýär.

Komitetler hemişelik esasda düzülýär. Toparlar hemişelik, şeýle hem wagtlaýyn esasda döredilip bilner.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalaryny işläp düzmek, kanunlaryň taslamalaryny işläp düzmegiň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan, şeýle-de deputatlaryň öz başlangyçlary bilen girizilen kanunlaryň taslamalary esasynda, şeýle hem Mejlisiň Başlygynyň, onuň orunbasarynyň tabşyrmagy boýunça komitetler tarapyndan amala aşyrylýar.

Komitetleri we toparlary döretmegiň we ýatyrmagyň, olaryň başlyklaryny, başlyklarynyň orunbasarlaryny hem-de agzalaryny saýlamagyň we boşatmagyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

17-nji madda.

Türkmenistanyň kanunlarynyň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalary komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, kabul edilmegi üçin Mejlisiň maslahatyna hödürlenilýär.

Kanunlaryň we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň komitetlerde deslapdan ara alnyp maslahatlaşylmagynyň netijeleri, olar barada aýdylan teklipler we bellikler Mejlise komitetleriň çykaran netijeleri görnüşinde berilýär.

Türkmenistanyň kanunlaryny we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlaryny taýýarlamagyň we kabul etmegiň tertibi, bu işe komitetleriň gatnaşmagynyň tertibi şu Kanun we Mejlisiň Dessury bilen kesgitlenilýär.

 

18-nji madda.

Mejlisiň ygtyýarlylyklaryna şular degişlidir:

1) Konstitusiýany we kanunlary kabul etmek, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi we olara resmi düşündiriş bermegi amala aşyrmak;

2) Mejlisiň Başlygyny, Mejlisiň Başlygynyň orunbasaryny saýlamak, olary wezipesinden boşatmak;

3) Mejlisiň Prezidiumyny döretmek, onuň düzümine üýtgetmeler girizmek;

4) Mejlisiň komitetlerini we toparlaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak, olaryň düzümini tassyklamak, komitetleriň we toparlaryň başlyklaryny we olaryň orunbasarlaryny saýlamak hem-de olary wezipesinden boşatmak;

5) Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kabul edilen kanunlary tassyklamak barada meselä hökmany garamak;

6) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işiniň maksatnamasyny makullamak barada meselä garamak;

7) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakynda hasabaty tassyklamak barada meselelere garamak;

8) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlaryna hem-de ýurdy syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna garamak;

9) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakynda meseleleri çözmek;

10) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek;

11) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygyny, Türkmenistanyň Baş prokuroryny, Türkmenistanyň Içeri işler ministrini, Türkmenistanyň Adalat ministrini wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada meselelere garamak;

12) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçyny saýlamak. Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň hödürnamasy boýunça Adalatçynyň orunbasaryny saýlamak we wezipeden boşatmak;

13) döwlet sylaglaryny döretmek;

14) Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglamak, oňa harby atlary we gaýry döwlet atlaryny dakmak;

15) halkara şertnamalaryny tassyklamak we ýatyrmak;

16) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselesini çözmek;

17) döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek;

18) kanun çykaryjylyk işiniň ýyllyk we geljekki döwür üçin meýilnamalaryna garamak we tassyklamak;

19) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garamak;

20) döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň hem-de Geňeşleriň işine guramaçylyk-usulyýet kömegini amala aşyrmak;

21) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen Mejlisiň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry meseleleri çözmek.

 

19-njy madda.

Mejlisiň Başlygy:

1) Mejlisiň işine ýolbaşçylyk edýär;

2) Mejlisiň maslahatlarynda başlyklyk edýär;

3) Mejlisiň Prezidiumynyň, komitetleriniň we toparlarynyň düzümi barada teklipleri Mejlisiň garamagyna hödürleýär, olaryň işini utgaşdyrýar;

4) komitetlere, toparlara we deputatlara guramaçylyk, hukuk, ylmy taýdan, maddy-tehniki hyzmat edilişini üpjün edýär;

5) kanunlaryň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda, taýýarlaýjy toparlary we iş toparlaryny döredýär;

6) Mejlisiň komitetleriniň we toparlarynyň alyp barýan işleri hakyndaky habarlaryny diňleýär;

7) Mejlisiň diwanynyň gurluşyny we wezipe sanawyny tassyklaýar;

8) Mejlisiň kabul eden kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çap etmegi, «Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlaryny» neşir etmegi guraýar;

9) kanunlaryň, Mejlisiň kararlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edilmegini guraýar;

10) Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen Mejlisiň özara gatnaşygyny amala aşyrýar;

11) beýleki döwletleriň parlamentleri bilen gatnaşyklarda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär we parlamentara aragatnaşyklary amala aşyrmak baradaky işi guraýar;

12) beýleki döwlet edaralary, halkara we beýleki guramalar bilen özara gatnaşykda Mejlisiň adyndan wekilçilik edýär;

13) Mejlis tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda aýry-aýry kanunlaryň taslamalaryny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň garamagyna iberýär;

14) Mejlis tarapyndan kabul edilen we Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna iberilýän kanunlaryň asyl nusgadygyny öz goly bilen tassyklaýar, Mejlisiň kararlaryna gol çekýär;

15) Mejlisiň diwanynyň işgärlerini wezipä belleýär we olary wezipeden boşadýar;

16) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we Mejlisiň kadalaşdyryjy hukuk kararlary bilen Mejlisiň Başlygynyň ygtyýaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär.

Mejlisiň maslahatlarynda ses berlende deputatlaryň sesi deň bolan ýagdaýynda Mejlisiň Başlygy çözüji ses hukugyndan peýdalanýar.

Mejlisiň Başlygy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde buýruklary çykarýar.

 

20-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan Türkmenistanyň kanunlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmekligi Mejlis öz döredýän düzümleriniň üsti bilen amala aşyrýar we ýüze çykarylan kemçilikleriň düzedilmegini degişli ýuridik şahslara teklip edip biler.

 

21-nji madda.

Mejlis kanunlaryň ýerine ýetirilişiniň gidişi, geçirilen çäreler, kanunçykaryjylyk ulgamynda girizilýän täzelikleriň raýatlaryň durmuşyna edýän täsirleri hakynda gelen netijeleri we görlen çäreler barada Türkmenistanyň Prezidentine, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygyna maglumat berip biler.

 

22-nji madda.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasynyň 10-njy bendine laýyklykda, Mejlis döwlet häkimiýet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitleýär. Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda meselelere garalanda Mejlis olaryň konstitusionlyk prezumpsiýasyndan ugur alýar.

 

23-nji madda.

Mejlis kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygynyň meselelerine olary girizmäge hukugy bolanlaryň teklibi esasynda seredýär.

Kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin Mejlise teklip girizmek hukugyna Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahaty, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti eýedir.

Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar we guramalar, raýatlar kadalaşdyryjy hukuk namanyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygyny kesgitlemek üçin teklip girizmek hukugyna eýe bolan edaralara we wezipeli adamlara ýüz tutup bilýärler.

Mejlis girizilen teklibi delillendirip ret edip biler.

 

24-nji madda.

Mejlis jedelli kadalaşdyryjy hukuk namasynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyk gelýändigini kesgitleýän wagty onuň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýykdygyny şular boýunça takyklaýar:

1) kadalaryň mazmuny we görnüşi (formasy);

2) döwlet edaralarynyň arasyndaky ygtyýarlylyklaryň kesgitlenmekligi;

3) kabul etmegiň, gol çekmegiň, çap etmegiň we herekete girizmegiň tertibi.

Mejlis bu meselelere seredýän wagty taraplaryň delillerine we pikirlerine bagly däldir.

Mejlis girizilen teklipde görkezilmedik, emma barlanylan kadalaşdyryjy hukuk nama esaslanýan ýa-da onuň käbir düzgünlerini gaýtalaýan namalar boýunça hem karar çykaryp biler.

Mejlis geljekde olaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy baradaky meseläniň ýüze çykmagynyň öňüni almak maksady bilen taýýarlanylýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna gözegçilik we syn etmeýär.

 

25-nji madda.

Kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklygy hakynda Mejlisiň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden kararlary Türkmenistanyň bütin çägindäki döwlet edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan edaralar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr.

Mejlisiň kararlaryna olaryň iberilen edaralary hem-de wezipeli adamlar tarapyndan garalmalydyr we Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet göz öňünde tutulmadyk bolsa, Mejlisiň bellän möhletinde oňa jogap bermek hökmanydyr.

Şu mesele boýunça Mejlisiň kabul eden kararlaryna garamakdan boýun gaçyrylmagy ýa-da ýüz dönderilmegi, möhletleriň bozulmagy, berjaý edilmezligi ýa-da degişli derejede berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.

 

IV BAP. MEJLISIŇ KOMITETLERI WE TOPARLARY

 

26-njy madda.

Mejlisiň komitetleriniň esasy wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk kararlarynyň taslamalarynyň üstünde işlemek;

2) Mejlisiň ygtyýaryna degişli edilen meselelere deslapdan garamak we olary taýýarlamak;

3) Mejlis tarapyndan kabul edilen kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk kararlary durmuşa  geçirmäge ýardam bermek we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek;

4) täze kabul edilen kanunlaryň ýerine ýetirilmegi üçin kanundan gelip çykýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň öz wagtynda kabul edilmegine monitoringi amala aşyrmak.