TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., 2, 42-nji madda)

 

(Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 82-VI, 14.03.2020 ý. № 234-VI, 05.06.2021 ý.

№ 386-VI we 16.03.2023 ý. № 541-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň we beýleki guramalaryň iniň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär.

 

I Bölüm. Umumy düzgünler

 

1-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da aýry-aýry ýerlerinde girizilýän, Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ýuridik şahslaryň hukuklarynyň şu Kanun arkaly bellenilýän aýry-aýry çäklendirmelerine, şeýle hem olara goşmaça borçlaryň ýüklenilmegine ýol berýän döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslarynyň, olaryň wezipeli adamlarynyň işiniň aýratyn hukuk düzgünidir.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek, milli taryhy-medeni mirasy ýok edilmeden halas etmek, döwletiň konstitusion gurluşyny goramak üçin aýratyn ulanylýan wagtlaýyn çäredir.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

2-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmegiň maksatlary

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmegiň maksatlary onuň girizilmegi üçin esas bolan ýagdaýlary aradan aýyrmak, adamlaryň janynyň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün etmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak üçin zerur adaty şertleriň dikeldilmegi, milli taryhy-medeni mirasy ýok edilmekden halas etmek, Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goramak bolup durýar.

 

3-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmegiň esaslary

 

Adatdan daşary çäreleri ulanmazdan aradan aýyrylmagy mümkin bolmadyk, adamlaryň janyna, saglygyna we howpsuzlygyna ýa-da Türkmenistanyň konstitusion gurluşyna gönüden-göni howp salýan ýagdaýlaryň ýüze çykmagy adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin esas bolup durýar. Şeýle ýagdaýlara aşakda görkezilenler degişlidir:

1) tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar, adatdan daşary ekologik ýagdaýlar, şol sanda adam pidalaryna, adamlaryň saglygyna we daşky gurşawa zyýan ýetirilmegine, örän uly maddy ýitgilere we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň bozulmagyna getiren (getirip biljek) we giň gerimli heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleriň geçirilmegini talap edýän heläkçilikler, howply tebigy hadysalar, weýrançylyklar, tebigy we beýleki betbagtçylyklar netijesinde emele gelen epidemiýalar we epizootiýalar;

2) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny zorlukly üýtgetmäge, häkimiýeti zorlukly basyp almaga ýa-da eýelemäge synanyşyklar, köpçülikleýin bidüzgünçilikler, ýaragly gozgalaňlar, terrorçylykly hereketler, aýratyn möhüm desgalaryň ýa-da aýry-aýry ýerleriň gabalmagy ýa-da basylyp alynmagy, adamlaryň janyna we howpsuzlygyna, döwlet häkimiýet edaralarynyň hem-de öz-özüňi dolandyryş edaralaryň kadaly işine gönüden-göni howp döredýän zorlukly hereketler bilen baglanyşykly bolan milletara, dinara çaknyşyklar, bikanun ýaragly düzümleriň taýýarlanylmagy we hereket etmegi.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

II Bölüm. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmegiň tertibi

 

4-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek

 

1. Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen girizilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda Permanynda şular kesgitlenilýär:

1) adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin esas bolan ýagdaýlar;

2) adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmegiň zerurlygynyň esaslandyrmasy;

3) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilýän çägiň serhetleri;

4) adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän güýçler we serişdeler;

5) adatdan daşary çäreleriň sanawy we olaryň hereket edýän çäkleri, Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, ýuridik şahslaryň hukuklarynyň wagtlaýyn çäklendirmeleriniň gutarnykly sanawy;

6) adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulanylýan çäreleri amala aşyrmak üçin jogapkär döwlet edaralary (wezipeli adamlar);

7) Permanyň güýje girýän wagty, şeýle hem adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän möhleti.

3. Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda Permany gaýragoýulmasyz resmi çap edilmäge hem-de habar beriş serişdeler arkaly yglan edilmäge degişlidir.

 

5-nji madda. Türkmenistanyň bütin çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe Türkmenistanyň Mejlisiniň işi

 

Türkmenistanyň bütin çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende Türkmenistanyň Mejlisi adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwrüniň bütin dowamynda öz işini dowam edýär.

(2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

6-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän möhleti

 

1. Türkmenistanyň bütin çäginde girizilýän adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän möhleti 30 (otuz) gije-gündizden, aýry-aýry ýerlerde bolsa - 60 (altmyş) gije-gündizden ýokary geçmeli däldir.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhletiň dolmagy bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni tamamlanan hasaplanýar.

3. Eger-de adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän möhletiniň dowamynda bu düzgüni girizmegiň maksadyna ýetilmedik bolsa, onuň hereket ediş möhleti adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin şu Kanunda bellenen talaplar berjaý edilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen uzaldylyp bilner.

 

7-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň ýatyrylmagy

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin esas bolan ýagdaýlaryň şu Kanunyň 6-njy maddasyna laýyklykda bellenen möhletden öň aradan aýrylan halatynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Perman bilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini doly ýa-da bölekleýin ýatyrýar, bu barada Türkmenistanyň ýa-da onuň degişli aýry-aýry ýeriniň ilaty adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda habarly edilişi ýaly tertipde habarly edilýär.

2. Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaý düzgünini doly ýa-da bölekleýin ýatyrmak hakynda Permany kabul edilen pursadyndan güýje girýär.

 

III Bölüm. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde

ulanylýan çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler

 

8-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende ulanylýan çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda Permany bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe şu çäreleriň we wagtlaýyn çäklendirmeleriň  girizilmegi göz öňünde tutulyp bilner:

1) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli edaralarynyň, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny doly ýa-da bölekleýin togtatmak;

2) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde erkin hereket etmäge çäklendirmeleri bellemek, şeýle hem görkezilen çäge gelmegiň we ondan gitmegiň aýratyn düzgünini girizmek, şol sanda görkezilen çäge daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň gelmegine we ol ýerde bolmagyna çäklendirmeleri bellemek;

3) jemgyýetçilik tertibiniň, şeýle hem döwlet goragyna degişli desgalaryň we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini we ulaglaryň hereketini üpjün edýän desgalaryň goragyny güýçlendirmek;

4) maliýe-ykdysady işleriniň aýry-aýry görnüşleriniň amala aşyrylmagyna, şol sanda harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň dolanyşygynyň amala aşyrylmagyna çäklendirmeleri bellemek;

5) azyk harytlarynyň hem-de ilkinji zerur zatlaryň satylmagynyň, satyn alynmagynyň we paýlanmagynyň aýratyn tertibini bellemek;

6) ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri, şeýle hem beýleki köpçülikleýin çäreleri geçirmegi gadagan etmek ýa-da çäklendirmek;

7) iş taşlaýyşlary we kärhanalaryň işini togtatmagyň ýa-da bes etmegiň beýleki usullaryny gadagan etmek;

8) ulag serişdeleriniň hereketini çäklendirmek we olaryň gözden geçirilişini amala aşyrmak;

9) partlaýjy, howply himiki we biologik maddalary ulanýan kärhanalaryň we howply önümçilikleriň işini togtatmak;

10) maddy we medeni gymmatlyklaryň ýok edilmegine, ogurlanmagyna ýa-da adatdan daşary ýagdaý bilen baglylykda zeper ýetirilmegine açyk howp bar bolsa, olary howpsuz ýerlere göçürmek.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

9-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulanylýan goşmaça çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler

 

1. Şu Kanunyň 3-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde şu Kanunyň 8-nji maddasynda görkezilen çärelere we wagtlaýyn çäklendirmelere goşmaça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen şu aşakdaky goşmaça çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler göz öňünde tutulyp bilner:

1) ýaşamak üçin hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlaryny hökmany bermek bilen raýatlary howpsuz ýerlere wagtlaýyn göçürmek;

2) karantin girizmek, epidemiýa garşy hökmany sanitariýa we beýleki çäreleri geçirmek;

3) döwlet maddy ätiýaçlyklaryny, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ýuridik şahslaryň serişdelerini çekmek, olaryň iş düzgünini üýtgetmek, görkezilen kärhanalaryň ugruny adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde zerur bolan önümleri öndürmäge we adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde zerur bolan önümçilik-hojalyk işiniň beýleki üýtgetmelerine gönükdirmek;

4) adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe döwlet edaralarynyň, kärhanalarynyň, guramalaryň ýolbaşçylaryny öz borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin wezipesinden çetleşdirmek we görkezilen ýolbaşçylaryň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip başga adamlary bellemek;

5) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 8-nji bendinde we şu bölegiň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin döwlete degişli bolmadyk ýuridik şahslaryň ýolbaşçylaryny adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe wezipesinden çetleşdirmek we görkezilen ýolbaşçylaryň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip başga adamlary bellemek;

6) heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek we üpjün etmek zerurlygy bilen bagly aýratyn ýagdaýlarda zähmete ukyply ilaty mobilizlemek we görkezilen işleri geçirmek üçin zähmeti goramagyň talaplaryny hökmany berjaý etmek bilen adamlaryň ulag serişdelerini çekmek.

2. Şu Kanunyň 3-nji maddasynyň 2-nji bendinde görkezilen ýagdaýlaryň ýüze çykmagy bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde şu Kanunyň 8-nji maddasynda görkezilen çärelere we wagtlaýyn çäklendirmelere goşmaça Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen şu aşakdaky goşmaça çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler göz öňünde tutulyp bilner:

1) komendant sagadyny girizmek, ýagny gije-gündiziň bellenilen wagtynda köçelerde we beýleki jemgyýetçilik ýerlerinde ýörite berlen rugsatnamasyz we şahsyýetini tassyklaýan resminamasyz raýatlaryň bolmagyny gadagan etmek;

2) deslapdan senzurany girizmek ýoly bilen amala aşyrmagyň şertlerini we tertibini görkezmek arkaly metbugatyň hem-de beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň erkinligini çäklendirmek, şeýle hem metbugat önümlerini, radiohabarberijileri, ses gataldyjy tehniki serişdeleri, köpeldiji tehnikalary wagtlaýyn almak ýa-da gozgamasyz etmek, žurnalistleri akkreditasiýa etmegiň aýratyn tertibini bellemek;

3) adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin esas bolan ýagdaýlary aradan aýyrmaga päsgelçilik döredýän syýasy partiýalaryň we beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň işini togtatmak;

4) raýatlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryny barlamak, olary şahsy gözden geçirmek, olaryň goşlaryny, ýaşaýyş jaýlaryny we ulag serişdelerini gözden geçirmek;

5) raýat ýaraglaryny, ok-därileri, partlaýjy maddalary, ýörite serişdeleri, zäherli maddalary satmagy çäklendirmek ýa-da gadagan etmek, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir ediji maddalar bolan derman serişdeleriniň we önümleriň, etil spirtiniň, spirtli içgileriň, düzüminde spirt bolan önümleriň dolanyşygynyň aýratyn düzgünini bellemek. Aýratyn ýagdaýlarda ýaraglary, ok-därileri we zäherli maddalary raýatlardan almak, guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslardan bolsa ýaraglar, ok-däriler we zäherli maddalar bilen bir hatarda, söweş we okuw harby tehnikalaryny, partlaýjy we howply maddalary wagtlaýyn almak;

6) adatdan daşary ýagdaý düzgünini bozýan we adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde ýaşamaýan adamlary bellenen tertipde ol ýerden olaryň öz hasabyna, olaryň serişdeleri bolmadyk ýagdaýynda, soňra kazyýet tertibinde öwezini dolmak tertibinde ýerli býujetiň hasabyna çykarmak;

7) aýratyn agyr jenaýatlary etmekde güman edilip, Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda tutulyp saklanylan adamlary tussaglykda saklamagyň möhletini adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän bütin dowamyna uzaltmak, ýöne bu möhlet üç aýdan köp bolup bilmez.

 

10-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlawlara we sala salşyklara gatnaşmak hukuklaryny çäklendirmek

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwrüniň bütin dowamynda saýlawlar we sala salşyklar geçirilmeýär. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe döwlet häkimiýetiniň degişli saýlawly edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň ygtyýarlyk möhleti dolan halatynda, eger-de olaryň ygtyýarlyklary şu Kanunda bellenilen tertipde togtadylmadyk bolsa, görkezilen edaralaryň we adamlaryň wekilçiliginiň möhleti adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwri tamamlanýança uzaldylýar.

 

11-nji madda. Ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereketini togtatmak

 

Türkmenistanyň Prezidenti adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň hereketini, bu namalar Türkmenistanyň Prezidentiniň şu çäkde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda Permanyna garşy gelýän halatynda, togtatmaga hukuklydyr.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

IV Bölüm. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän

güýçler we serişdeler

 

12-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin güýçler we serişdeler

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin milli howpsuzlyk edaralarynyň, içeri işler edaralarynyň hem-de içeri işler edaralarynyň içerki goşunlarynyň güýçleri we serişdeleri, şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň raýat goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky edaralarynyň we bölümleriniň güýçleri we serişdeleri ulanylýar.

 

13-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin goşmaça güýçleri we serişdeleri çekmek

 

1. Aýratyn halatlarda şu Kanunyň 12-nji maddasynda görkezilen güýçlere we serişdelere goşmaça adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň esasynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri çekilip bilner. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň goşunlary we edaralary diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedini goramak maksady bilen çekilýär.

2. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri, beýleki goşunlary we goşun düzümleri şu wezipeleri ýerine ýetirmek üçin çekilýär:

1) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäge girmegiň we ondan çykmagyň aýratyn düzgünlerini saklamak;

2) ilatyň ýaşaýyş ukyplylygyny we ulaglaryň hereketini üpjün edýän desgalary we adamlaryň jany we saglygy, şeýle hem daşky gurşaw üçin ýokarlandyrylan howp salýan desgalary goramak;

3) ýaragy, söweş we ýörite tehnikany ulanmak arkaly zorlukly  hereketler bilen baglanyşykly bolan çaknyşyklara gatnaşýan özara garşylyklaýyn söweşýän taraplary aralamak;

4) bikanun ýaragly birikmeleriň hereket etmeginiň öňüni almaga gatnaşmak.

3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we  goşun düzümleriniň harby gullukçylary şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen wezipeleri içeri işler edaralarynyň, milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri we içerki goşunlarynyň harby gullukçylary bilen bilelikde harby tertipnamalara laýyklykda ýerine ýetirýärler. Şunda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlaryň we goşun düzümleriniň harby gullukçylary we işgärleri tarapyndan fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ýaraglaryň, söweş we ýörite tehnikanyň ulanylmagy, olaryň şahsy howpsuzlygynyň we maşgala agzalarynyň howsuzlygynyň kepillikleri Türkmenistanyň degişli kanunçylygynda bellenen tertipde, olaryň hukuk we durmuş taýdan goralmagynyň kepillikleri «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

14-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň ýeke-täk dolandyryşyny amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty bellenilýär.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň  komendanty:

1) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde degişli çäkdäki guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ähli ýuridik şahslaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň, raýatlaryň, şeýle hem içeri işler edaralarynyň, raýat goranyş, adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky edaralaryň we bölümleriň, adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde ýerleşdirilen harby bölümleriň serkerdeleriniň we adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek üçin goşmaça çekilen güýçleriň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan buýruklary we görkezmeleri çykarýar;

2) komendant sagadynyň wagtyny we hereket ediş möhletini belleýär;

3) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäge girmegiň we ondan çykmagyň aýratyn düzgünini kesgitleýär;

4) raýat ýaragyny we ok-därileri, düzüminde neşe serişdeleri, psihotrop maddalar, güýçli täsir edýän maddalar bolan derman serişdelerini we preparatlary, etil spirtini, spirtli içgileri we düzüminde spirt bolan önümleri satmagyň aýratyn düzgünini belleýär;

5) şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji bendinde görkezilen alnan ýaraglaryň, ok-därileriň, maddalaryň we harby tehnikalaryň saklanylyş tertibini we saklanylmaly ýerlerini kesgitleýär;

6) adatdan daşary ýagdaý düzgünini bozýan şahslary adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň çäklerinden bellenilen tertipde çykarýar;

7) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde şu Kanunyň 8-nji we 9-njy maddalarynda göz öňünde tutulan çäreleri we wagtlaýyn çäklendirmeleri ulanmagyň zerurlygy hakynda teklipler bilen Türkmenistanyň Prezidentine ýüz tutýar;

8) köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulanylýan aýry-aýry çäreleri ýerine ýetirmegiň tertibi barada degişli çägiň ilatyna habar berýär;

9) adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde žurnalistleri akkreditasiýa etmegiň aýratyn tertibini we olaryň iş tertibini belleýär.

3. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde hereket edýän ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ähli  mejlislerine gatnaşmaga we şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen öz ygtyýarlygyna degişli edilen meseleler boýunça tekliplerini girizmäge hukuklydyr.

4. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty görkezilen çägiň komendaturasyna ýolbaşçylyk edýär. Komendaturanyň işi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.

5. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendaturasynyň döredilmegi görkezilen çäkde hereket edýän ýerine ýetiriji häkimiýet ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini togtatmaýar.

(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda).

 

15-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň hereketini utgaşdyrmak

 

1. Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we olaryň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça işleriň utgaşdyrylmagy Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça döwlet topary tarapyndan amala aşyrylýar.  

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendaturasynyň düzüminde adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän güýçleriň we serişdeleriň hereketini utgaşdyrmak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän edaralaryň wekillerinden birleşdirilen dessin dolandyryş merkezi döredilip bilner.

3. Birleşdirilen dessin dolandyryş merkezine adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çägiň komendanty ýolbaşçylyk edýär.

 

16-njy madda. Türkmenistanyň bütin çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende goşunyň we harby birikmeleriň dessin tabynlygynyň aýratynlyklary

 

Türkmenistanyň bütin çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende ähli goşun we harby birikmeler Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän döwlet edarasynyň dessin tabynlygyna geçirilýär.

 

17-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmäge gatnaşan şahslara goşmaça kepillikler we öwezini dolmalar

 

1. Içeri işler edaralarynyň, milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärlerine, içerki goşunlaryň, raýat goranyşy, adatdan daşary ýagdaýlar we halas ediş işleri baradaky edaralaryň we bölümleriň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlaryň we goşun düzümleriniň harby gullukçylaryna, şeýle hem adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmäge gatnaşan beýleki şahslara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan goşmaça kepillikler we öwezini dolmalar degişlidir.

2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen şahslaryň hasaby Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

18-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýyň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça işleri maliýeleşdirmek

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek we adatdan daşary ýagdaýyň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.

 

V Bölüm. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde raýatlaryň hukuklarynyň kepilllikleri we wezipeli adamlaryň hem-de raýatlaryň jogapkärçiligi

 

19-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde çäreleri we wagtlaýyn çäklendirmeleri  ulanmagyň çäkleri

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulanylýan we Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenen döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň  ygtyýarlyklarynyň, adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň, ýuridik şahslaryň hukuklarynyň çäklenmegine (togtadylmagyna) eltýän çäreler ýüze çykan ýagdaýyň talap edýän çäklerinde amala aşyrylmalydyr.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde ulanylýan çäreler we wagtlaýyn çäklendirmeler Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyk gelmelidir.

 

20-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwründe fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we durmuş hukuklarynyň kepillikleri

 

1. Şu Kanunyň 9-njy maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendine laýyklykda heläkçilik-halas ediş we beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmek we üpjün etmek üçin çekilýän raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda zähmet haky kepillendirilýär.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek üçin esas bolan ýagdaýlaryň netijesinde ýa-da şeýle ýagdaýlary aradan aýyrmak ýa-da olaryň zyýanly netijelerini ýok etmek boýunça çäreleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly zyýan ýeten raýatlara zerur lukmançylyk kömegi edilýär, ýaşaýyş jaýlary berilýär, ýetirilen maddy ýitgileriň öwezi dolunýar, işe ýerleşmekde ýardam edilýär we zerur bolan beýleki kömekler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde hem-de şertlerde berilýär. Görkezilen ýagdaýlaryň netijesinde pida bolan raýatlaryň maşgalasyna, maýyplyga üçran raýatlara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kömek pullary tölenilýär.

3. Şu Kanunyň 9-njy maddasynyň birinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda emlägi we serişdeleri ulanylan ýuridik şahslaryň özlerine ýetirilen zeleliň öweziniň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde we möçberde dolunmagyna hukugy bardyr.

 

21-nji madda. Fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy, söweş we ýörite tehnikany ulanmagyň tertibi we şertleri

 

Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen fiziki güýji, ýörite serişdeleri, ýaragy, söweş we ýörite tehnikany ulanmagyň tertibi we şertleri adatdan daşary ýagdaý düzgüni şertlerinde üýtgedilmäge degişli däldir.

 

22-nji madda. Komendant sagadynyň kadalaryny bozan raýatlary saklamagyň tertibi

 

1. Şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendine laýyklykda bellenen komendant sagadynyň kadalaryny bozan raýatlar içeri işler edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň orunbasarynyň çözgüdi boýunça adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän güýçler tarapyndan komendant sagady tamamlanýança saklanylýar, öz ýanlarynda şahsyýetini tassyklaýan resminamalary bolmadyk raýatlar şahsyýeti anyklanýança, ýöne üç gije-gündizden köp bolmadyk möhlete saklanylýar. Kazyýetiň çözgüdi boýunça görkezilen möhlet on gije-gündizden köp bolmadyk möhlete uzaldylyp bilner. Saklanylan adamlar, olaryň ýanyndaky goşlary we ulag serişdeleri gözden geçirilip bilner.

2. Içeri işler edarasynyň ýolbaşçysynyň ýa-da onuň orunbasarynyň saklamak baradaky çözgüdi ýokarda duran wezipeli adama ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.

3. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde adamlaryň, haýwanlaryň we ösümlikleriň howply ýokanç keselleriniň ýaýramak howpunyň ýüze çykmagy netijesinde karantin girizilen ýagdaýynda, şu Kanunyň 9-njy maddasynyň ikinji böleginiň 6-njy bendine laýyklykda degişli çäkden çykarylmaga degişli raýatlar gözegçilik astyna almagyň bellenilen möhleti dolýança umumy esaslarda saklanylýar.  

(2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).

 

23-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň talaplarynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik

 

Şu Kanuna laýyklykda bellenilen adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň talaplaryny bozan  şahslar  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.  

 

24-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwrüniň tamamlanmagynyň hukuk netijeleri

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmek maksady we raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şeýle hem ýuridik şahslaryň hukuklaryny wagtlaýyn çäklendirmek (togtatmak) bilen baglylykda çykarylan Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary ýörite habar bermezden adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwrüniň tamamlanmagy (ýatyrylmagy) bilen bir wagtda güýjüni ýitirýär.

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň hereket edýän döwrüniň tamamlanmagy (ýatyrylmagy) adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň bozulmagy baradaky işler boýunça administratiw önümçiligiň bes edilmegine eltýär we görkezilen esaslar boýunça administratiw taýdan tussag edilen ýa-da saklanylan adamlar haýal edilmän boşadylmaga degişlidir.

 

25-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün etmäge gatnaşýan adamlaryň jogapkärçiligi

 

Içeri işler edaralarynyň, milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleri, Türkmenistanyň içerki goşunlarynyň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we goşun düzümleriniň harby gullukçylary tarapyndan fiziki güýjüň, ýörite serişdeleriň, ýaraglaryň, söweş we ýörite tehnikalaryň bikanun ulanylmagy, şeýle hem adatdan daşary ýagdaý düzgünini üpjün edýän edaralaryň wezipeli adamlary tarapyndan wezipe borçlarynyň we gulluk ygtyýarlyklarynyň bikanun ulanylmagy, şol sanda adamyň we raýatyň şu Kanunda bellenen hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepillikleriniň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

 

26-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde adyl kazyýetligi amala aşyrmak

 

1. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde adyl kazyýetlik diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda döredilen kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.  

2. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde hereket edýän kazyýetler tarapyndan adyl kazyýetligi amala aşyrmak mümkin bolmadyk halatynda, kazyýetde seredilmäge degişli işleriň kazyýet degişliligi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda üýtgedilip bilinýär.

 

27-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde prokuratura edaralarynyň işi

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

VI Bölüm. Jemleýji düzgünler

 

28-nji madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilendigi we onuň hereket edýän döwrüniň tamamlanandygy (ýatyrylandygy) hakynda Birleşen Milletler Guramasyny habarly etmek

 

1. Şu Kanuna laýyklykda adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara paktdan gelip çykýan Türkmenistanyň halkara borçnamalaryna laýyklykda ýokarda görkezilen halkara şertnamadaky borçnamalardan çykylmagy bolup durýan raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň wagtlaýyn çäklendirmeleri (togtadylmalary), bu borçlardan çykylmagynyň göwrümi we şeýle kararyň kabul edilmeginiň sebäpleri barada haýal etmän Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryny habarly edýär.

2. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu Kanuna laýyklykda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň tamamlanandygy (ýatyrylandygy) hem-de Raýat we syýasy hukuklar baradaky halkara paktyň düzgünleriniň hereketiniň doly göwrümde gaýtadan dikeldilendigi barada Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretaryna habar berýär.

 

29-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilendigi hakynda goňşy döwletleri habarly etmek

 

Türkmenistanyň aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilende Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Prezidentiniň adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizmek hakynda Permanynyň kabul edilen pursadyndan üç gije-gündiziň dowamynda adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine esas bolan ýagdaýlar barada goňşy döwletleri habarly edýär.

 

30-njy madda. Halkara ynsanperwerlik kömegi

 

Adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen çäkde halkara ynsanperwerlik kömegi Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde amala aşyrylýar.

 

31-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

 

1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

2. 1990-njy ýylyň 23-nji awgustyndaky «Adatdan daşary ýagdaýyň hukuk düzgüni hakynda» TSSR-iň Kanunyny (TSSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 15-16, 174-nji madda) güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

    Prezidenti                                                            Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2013-nji ýylyň 22-nji iýuny.

№ 412-IV.