TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda
Şu Kanun integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň döredilmegi, hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Býulleten – integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragynyň meseleleri boýunça resmi döwürleýin neşir;
2) integral mikroshema – özüniň esasynda önüm taýýarlanylýan materialyň göwrüminde we (ýa-da) üstünde elementleri we arabaglanyşygy bir bitewülikde emele getirilen, elektron shemanyň wezipelerini ýerine ýetirmäge niýetlenilen, gutarnykly we aralyk görnüşdäki mikroelektron önüm;
3) integral mikroshemanyň topologiýasy (mundan beýläk – topologiýa) – integral mikroshemanyň elementleriniň we olaryň arasyndaky arabaglanyşygyň jeminiň material göterijide görkezilen giňişlik-geometrik ýerleşişi;
4) topologiýany peýdalanmak – eger şu Kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, topologiýanyň, bu topologiýa özüne girizilen integral mikroshemanyň ýa-da şeýle integral mikroshemany özüne girizýän önümiň telekeçilik maksatlarda getirilmegi, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy ýa-da raýat dolanyşygyna başgaça girizilmegi;
5) topologiýanyň awtory – öz döredijilikli işi bilen topologiýany döreden fiziki şahs;
6) topologiýanyň hukuk eýesi – awtor, onuň mirasdary, şeýle hem kanuna ýa-da şertnama laýyklykda alnan aýratyn hukuga eýelik edýän islendik fiziki ýa-da ýuridik şahs;
7) Topologiýalaryň döwlet sanawy (mundan beýläk – Döwlet sanawy) – topologiýalar, topologiýanyň awtory ýa-da oňa bolan hukuga eýelik ediji, topologiýany döwlet belligine aldyrmak üçin haýyşnamanyň berlen senesi we onuň döwlet belligine alnan senesi hakynda maglumatlary, şeýle hem topologiýanyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki maglumatlary özünde saklaýan resminama.
2-nji madda. Topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Raýat kodeksine esaslanýar we şu Kanundan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Topologiýalaryň hukuk goragynyň obýektleri we şertleri
1. Topologiýalaryň hukuk goragy döwlet tarapyndan amala aşyrylýar.
Diňe özboluşly topologiýa topologiýanyň hukuk goragynyň obýektidir. Özboluşly topologiýa diýlip, onuň awtorynyň döredijilik işiniň netijesinde döredilen we döredilen senesine çenli awtoryna, integral mikroshemanyň işläp düzüjilerine we taýýarlaýjylaryna mälim bolmadyk topologiýa düşünilýär. Topologiýa başgaça subut edilýänçä özboluşly diýlip ykrar edilýär.
2. Döredilen senesinde elementleriniň jemi integral mikroshemanyň işläp düzüjilerine we taýýarlaýjylaryna umumy mälim bolan topologiýa hukuk goragy berilmeýär.
3. Döredilen senesinde integral mikroshemanyň işläp düzüjilerine we taýýarlaýjylaryna umumy mälim bolan elementlerden ybarat bolan topologiýa diňe şeýle elementleriň jemi şu maddanyň birinji böleginiň talaplaryny umumylykda ödeýän ýagdaýynda hukuk goragy berilýär.
4. Şu Kanun bilen berilýän hukuk goragy topologiýada ulanylyp bilinjek ideýalara, usullara, ulgamlara, tehnologiýalara ýa-da kodlanylan islendik maglumata degişli däldir.
II BAP. TOPOLOGIÝALARYŇ HUKUK GORAGY ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI
4-nji madda. Topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, topologiýalaryň hukuk goragy babatda ygtyýarlandyrylan edara – Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy (mundan beýläk – Türkmenpatent) topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralardyr.
5-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
6-njу madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) Türkmenistanyň topologiýalaryň hukuk goragynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalaryna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;
4) şulary tassyklaýar:
a) Topologiýalaryň döwlet belligine alynmagynyň tertibini, topologiýanyň döwlet belligine alnandygy hakyndaky şahadatnamanyň görnüşini, şeýle hem Býulletende çap edilýän maglumatlaryň sanawyny;
b) Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini;
ç) Fiziki we ýuridik şahslaryň topologiýa bolan bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary hakynda şikaýatlaryna seretmegiň tertibini;
d) topologiýalaryň hukuk goragynyň meselelerine degişli resminamalaryň görnüşlerini;
e) beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
7-nji madda. Türkmenpatendiň ygtyýarlylygy
Türkmenpatent topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça düşündirişleri berýär;
3) şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 4-nji bendinde görkezilen resminamalaryň taslamalaryny işläp düzýär we olary tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine berýär;
4) topologiýalaryň döwlet belligine alynmagy baradaky haýyşnamalary kabul edýär, olar boýunça bilermenler seljermesini geçirýär we topologiýalaryň döwlet belligine alynmagyny amala aşyrýar;
5) Döwlet sanawyny ýöredýär we topologiýanyň döwlet belligine alnandygy hakyndaky şahadatnamany berýär;
6) maglumatlaryň Býulletende çap edilmegini amala aşyrýar;
7) topologiýalaryň hukuk goragy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
III BAP. TOPOLOGIÝA AWTORLYK
8-nji madda. Topologiýa bolan awtorlyk hukugy
1. Topologiýa bolan awtorlyk hukugy onuň döredilmegi bilen ýüze çykýar.
Eger topologiýa iki we ondan köp fiziki şahsyň bilelikdäki döredijilik işi bilen döredilen bolsa, onda topologiýanyň her biri özbaşdak ähmiýete eýe bolan ýa-da bölünmeýän böleklerden ybaratdygyna garamazdan, şol şahslaryň her biri topologiýanyň awtory diýlip ykrar edilýär.
2. Eger topologiýanyň bölekleri özbaşdak ähmiýete eýe bolsa, onda awtorlaryň her biri onuň özi tarapyndan döredilen bölege awtorlyk hukugyna eýedir.
9-njy madda. Topologiýa bolan awtorlyk hukugynyň ykrar edilmeginiň şertleri
1. Hukuk eýesi öz hukuklary barada mälim edilmegi üçin, topologiýanyň yglan edilen pursadyndan başlap, topologiýa bolan awtorlyk hukugynyň goragynyň aşakdakylardan ybarat nyşanyny peýdalanyp biler:
1) halkanyň ýa-da inedördüliň, tegelek ýa-da inedördül ýaýyň içindäki, ýa-da ýokarky sag burçunda ýyldyzjygyň şekili bilen belgilenen (Т*) «Т» harpy;
2) hukuk eýesiniň atlandyrylyşyny (adyny).
2. Türkmenistanyň çäginde mälim bolan ýa-da mälim bolmadyk, ýöne haýsydyr bir obýektiw görnüşde onuň çäginde ýerleşýän topologiýa bolan awtorlyk hukugy Türkmenistanyň çäginde hereket edýär. Ol, raýatlygyna garamazdan, awtoryň, onuň mirasdarlarynyň ýa-da awtoryň beýleki hukuk oruntutarlarynyň hukugy diýlip ykrar edilýär.
Topologiýalary daşary ýurt döwletiniň çäginde haýsydyr bir obýektiw görnüşde halka mälim bolan ýa-da ýerleşýän Türkmenistanyň raýatlarynyň ýa-da olaryň hukuk oruntutarlarynyň hem awtorlyk hukuklary ykrar edilýär.
3. Daşary ýurt döwletleriniň raýatlarynyň haýsydyr bir obýektiw görnüşde daşary ýurt döwletiniň çäginde mälim bolan ýa-da ýerleşýän topologiýa bolan awtorlyk hukugy Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ykrar edilýär.
10-njy madda. Topologiýa bolan aýratyn hukugyň hereket ediş möhleti
1. Topologiýa bolan aýratyn hukuk on ýylyň dowamynda hereket edýär.
2. Topologiýa bolan aýratyn hukugyň hereket ediş möhleti bu topologiýanyň ýa-da bu topologiýa özüne girizilen integral mikroshemanyň, ýa-da şeýle integral mikroshemany özüne girizýän önümiň Türkmenistanda ýa-da islendik daşary ýurt döwletinde raýat dolanyşygyna girizilmeginiň has irki resmileşdirilip görkezilen senesi hökmünde düşünilýän topologiýanyň ilkinji peýdalanylan gününden ýa-da topologiýanyň Türkmenpatentde bellige alnan gününden, bu görkezilen wakalaryň haýsysynyň öň bolup geçendigi bilen baglylykda hasaplanylýar.
3. Aýratyn hukugyň hereket ediş möhleti tamamlanandan soň, topologiýa jemgyýetçiligiň gazananlarynyň hataryna geçýär, ýagny hiç bir razyçylyksyz ýa-da rugsatsyz we onuň peýdalanylmagy üçin hak tölenmezden, islendik şahs tarapyndan erkin peýdalanylyp bilner.
11-nji madda. Topologiýanyň awtorynyň şahsy hukuklary
Topologiýanyň awtoryna, onuň emläk hukuklaryna garamazdan, şu aşakdaky şahsy hukuklar degişlidir:
1) awtorlyk hukugy, ýagny topologiýanyň awtory diýlip hasap edilmek hukugy;
2) adynyň görkezilmegine bolan hukugy, ýagny topologiýada awtoryň adyny şertli (lakam) ýa-da anonim ýagdaýda görkezmek görnüşini kesgitlemek hukugy;
3) eldegrilmesizlik (bitewüliginde galdyrmak) hukugy, ýagny topologiýanyň özüni, şeýle hem onuň adyny islendik ýoýulmalardan ýa-da awtoryň at-abraýyna we mertebesine zyýan ýetirip biljek beýleki kast etmelerden goramaga bolan hukuk.
12-nji madda. Topologiýa bolan emläk hukuklary
1. Topologiýanyň awtoryna ýa-da beýleki hukuk eýelerine bu topologiýany öz garaýyşlary boýunça, hususan-da, degişli rugsatnama bolmazdan bu topologiýanyň beýleki şahslar tarapyndan peýdalanylmagyny gadagan etmäge bolan hukugy goşmak bilen, şeýle topologiýaly integral mikroshemalary taýýarlamak we ýaýratmak arkaly peýdalanmaga bolan aýratyn hukuk degişlidir. Şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar muňa degişli däldir.
Topologiýanyň birnäçe awtorlaryna we beýleki hukuk eýelerine degişli hukuklardan peýdalanmagyň tertibi olaryň arasyndaky şertnama bilen kesgitlenilýär.
2. Awtoryň ýa-da beýleki hukuk eýesiniň rugsady bolmazdan şu aşakdaky hereketleriň amala aşyrylmagy topologiýany peýdalanmaga bolan aýratyn hukugyň bozulmagy diýlip ykrar edilýär:
1) topologiýanyň tutuşlygyna ýa-da onuň böleginiň ony integral mikroshema goşmak arkaly ýa-da başgaça görnüşde nusgasynyň alynmagy. Onuň diňe özboluşly bolup durmaýan böleginiň nusgasynyň alynmagy muňa degişli däldir;
2) topologiýanyň ýa-da şu topologiýaly integral mikroshemanyň ulanylmagy, getirilmegi, satmak üçin teklip edilmegi, satylmagy we raýat dolanyşygyna başgaça girizilmegi.
13-nji madda. Topologiýa bolan emläk hukuklarynyň berilmegi
1. Topologiýa bolan emläk hukuklary başga bir fiziki ýa-da ýuridik şahslara emläk hukuklaryny bermek hakynda şertnama boýunça dolulygyna ýa-da bölekleýin berlip bilner.
Topologiýa bolan emläk hukuklaryny bermek hakynda şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylýar we şu aşakdaky maglumatlary özünde saklamalydyr:
1) topologiýany peýdalanmagyň möçberini we usullaryny;
2) topologiýanyň peýdalanylandygy üçin hak tölemegiň tertibini we möçberini;
3) topologiýa bolan emläk hukuklaryny bermek hakynda şertnamanyň hereket ediş möhletini.
2. Topologiýa bolan emläk hukuklary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde miras boýunça geçýär.
14-nji madda. Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi tertibinde we buýrujy bilen baglaşylan şertnama boýunça döredilen topologiýa bolan emläk hukuklary
1. Gulluk borçlarynyň ýerine ýetirilmegi tertibinde ýa-da iş berijiniň tabşyrygy boýunça döredilen topologiýa bolan emläk hukuklary, eger onuň bilen awtoryň arasynda baglaşylan şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, iş berijä degişlidir. Topologiýanyň peýdalanylandygy üçin hak tölemegiň tertibi we möçberi awtor bilen iş berijiniň arasynda baglaşylan şertnama arkaly bellenilýär.
2. Iş beriji bolup durmaýan buýrujy bilen baglaşylan şertnama boýunça awtor tarapyndan döredilen topologiýa bolan emläk hukuklary, eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, buýruja degişlidir.
15-nji madda. Topologiýanyň bellige alynmagyna bolan hukuk
1. Topologiýa bolan ähli emläk hukuklarynyň hukuk eýesi gönüden-göni ýa-da özüniň wekiliniň üsti bilen awtorlyk hukugynyň hereket ediş möhletiniň dowamynda öz islegi boýunça topologiýany döwlet belligine aldyrmak üçin haýyşnamany Türkmenpatende bermek arkaly topologiýany bellige aldyryp biler.
2. Bellige aldyrmak üçin haýyşnama bir topologiýa degişli bolmalydyr.
Bellige aldyrmak üçin haýyşnamany resmileşdirmegiň düzgünleri Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Bellige aldyrmak üçin haýyşnama gelip gowşandan soň, Türkmenpatent zerur resminamalaryň barlygyny we olaryň talaplara laýyklygyny barlaýar, topologiýanyň bilermenler seljermesini geçirýär. Barlag oňyn netije beren ýagdaýynda, Türkmenpatent topologiýa baradaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizýär, haýyşnama berene topologiýanyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamany berýär we bellige alnan topologiýa baradaky maglumatlary Býulletende çap edýär.
4. Haýyşnamaçy topologiýa baradaky maglumatlar Býulletende çap edilýänçä Türkmenpatendiň sargyt etmegi ýa-da özüniň başlangyjy boýunça bellige almak üçin haýyşnamanyň materiallarynyň üstüni ýetirmäge, takyklamaga we düzetmäge haklydyr. Topologiýany döwlet belligine almagyň tertibi, topologiýanyň döwlet belligine alnandygy hakynda şahadatnamanyň görnüşi, şeýle hem Býulletende çap edilýän maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.
5. Bellige alnan topologiýa bolan emläk hukuklarynyň başga birine doly berilmegi hakyndaky şertnama Türkmenpatentde döwlet belligine alynmaga degişlidir.
Topologiýa bolan emläk hukuklarynyň berilmegi hakyndaky şertnama taraplaryň ylalaşygy boýunça Türkmenpatentde bellige alnyp bilner.
6. Döwlet sanawyna girizilen maglumatlar nädogrudygy subut edilýänçä, ygtybarly diýlip ykrar edilýär. Görkezilen maglumatlaryň ygtybarlylygy üçin jogapkärçiligi haýyşnamaçy çekýär.
7. Topologiýalaryň, bellige alnan topologiýa bolan emläk hukuklarynyň başga birine doly berilmegi hakyndaky şertnamalaryň, topologiýa bolan emläk hukuklarynyň berilmegi hakyndaky şertnamalaryň döwlet belligine alynmagy bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy we olaryň bellige alnandygy baradaky maglumatlaryň çap edilmegi üçin bellige alyş ýygymlary alynýar. Bellige alyş ýygymlarynyň möçberleri, olary tölemegiň ýa-da gaýtaryp bermegiň möhletleri, şeýle hem olary tölemekden boşatmagyň ýa-da olaryň möçberini azaltmagyň esaslary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
IV BAP. TOPOLOGIÝA BOLAN HUKUKLARYŇ GORAGY
16-njy madda. Awtorlyk hukugynyň bozulmagy. Topologiýalaryň kontrofakt nusgalary
1. Hukuk eýeleriniň aýratyn hukuklary babatda şu Kanunyň talaplaryny berjaý etmeýän, şol sanda topologiýalaryň hukuk eýeleriniň razyçylygy bolmazdan topologiýanyň taýýarlanylan nusgalarynyň Türkmenistana getirilmegini amala aşyrýan fiziki we ýuridik şahslar awtorlyk hukugyny bozanlar diýlip ykrar edilýär.
2. Topologiýanyň nusgalary, eger olaryň taýýarlanylmagy ýa-da peýdalanylmagy awtorlyk hukugynyň bozulmagyna eltýän bolsa, kontrofakt nusgalar diýlip ykrar edilýär. Topologiýalaryň ol topologiýalar hiç wagt kanun arkaly goralmadyk ýa-da goralmagy bes edilen ýurtlardan Türkmenistana getirilen nusgalary hem kontrafakt nusgalardyr.
3. Topologiýalaryň olaryň awtorlarynyň we beýleki hukuk eýeleriniň hukuklarynyň bozulmagy bilen taýýarlanylan, meňzedilip gaýtadan döredilen, satylan, getirilen ýa-da başga hili peýdalanylan ýa-da peýdalanylmaga niýetlenilen nusgalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde gozgamasyz edilip bilner.
17-nji madda. Topologiýanyň awtorynyň hukuklarynyň goragy
1. Topologiýanyň awtory we beýleki hukuk eýeleri şulary talap etmäge haklydyrlar:
1) hukuklarynyň ykrar edilmegini;
2) hukugyň bozulmagyndan öň bar bolan ýagdaýyň dikeldilmegini we hukugy bozýan ýa-da onuň bozulmagyna howp salýan hereketleriň bes edilmegini;
3) ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny. Onuň möçberine hukugy bozan tarapyndan bikanun alnan girdejiler goşulýar.
2. Hukuk eýeleri topologiýa bolan hukuklarynyň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutup bilerler. Awtorlyk hukugyny bozan tarapyndan bikanun alnan girdejileriň mukdary kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
18-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Topologiýalaryň hukuk goragy çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
19-njу madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
20-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) 1994-nji ýylyň 23-nji sentýabryndaky «Algoritmleriň, elektron hasaplaýjy maşynlar (EHM) üçin programmalaryň, maglumat bazalarynyň we integral mikroshemalaryň topologiýasynyň hukuk taýdan goralyşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 3, 20-nji madda);
2) 2013-nji ýylyň 22-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 2, 44-nji madda) üçünji bölegini;
3) 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda) birinji böleginiň 6-njy bendini.
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2023-nji ýylyň 3-nji iýuny.
№ 22-VII.