TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak
we güýje girizmek hakynda
1-nji madda. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly.
2-nji madda. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlap güýje girizmeli.
3-nji madda. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
«Goşulan baha üçin salgyt hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993-nji ýyl, № 9-10, 91-nji madda);
«Peýdadan alynýan salgyt hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993-nji ýyl, № 9-10, 92-nji madda);
«Gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallara salynýan salgyt hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1993-nji ýyl, № 11-12, 109-njy madda).
4-nji madda. Güýjüni ýitiren namalaryň şu Kanunyň 3-nji maddasy bilen bellenilen sanawyna girmedik Kanunlar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna ters gelmeýän böleginde hereket edýär.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň güýje girmeginden öň Türkmenistanyň Prezidentiniň çykaran, aýry-aýry edara görnüşindäki taraplara we şahsy adamlara salgyt ýeňilliklerini bermek meselesi boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalary öz güýjüni saklaýar.
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň güýje girmeginden öň erkin telekeçiligiň ykdysady zolagynda işini amala aşyrýan edara görnüşindäki taraplara we şahsy adamlara berlen ýeňillikler, olaryň möhleti gutarýança öz güýjüni saklaýar.
5-nji madda. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny ol güýje girenden soň ýüze çykýan salgyt hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti özüniň we kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmäge hukuk berlen beýleki döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirmeli.
7-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyndan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek boýunça teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemeli.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň
Başlygy Saparmyrat Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri.
2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry.
№ 245-II.
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda
(Türkmenistanyň 01.03.2014 ý. № 49-V, 15.10.2016 ý. № 461-V we 30.11.2019 ý.
№ 212-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1-nji madda. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda teklipleri kabul etmeli we ony goşunda laýyklykda beýan etmeli.
2-nji madda. «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeleri we goşmaçalary 2005-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-nden güýje girizmeli, muňa:
«Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyň 46-njy we 212–nji maddalaryna girizilen üýtgetmeler girmeýär, onuň güýji 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan soňky döwre degişlidir;
"Salgytlar hakynda" Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 24-nji maddasynyň ikinji bölegi, 27-nji maddasynyň ikinji, üçünji we bäşinji bölekleri girmeýär, olar 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Saparmyrat
Başlygy Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2005-nji ýylyň 25-nji oktýabry
№ HM-80
TÜRKMENISTANYŇ BITEWI KANUNY
SALGYTLAR HAKYNDA
I-nji bölek
I bölüm. Umumy düzgünler
1-nji bap. Esasy düzgünler
1-nji madda. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň esasy başlangyçlary
1. Şu Bitewi kanun Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlaryň ulgamyny, salgyt salmagyň umumy ýörelgelerini, salgytlary tölemek boýunça borçlaryň ýüze çykmagynyň (üýtgemegini, bes edilmegini) esaslaryny we ýerine ýetirmegiň tertibini, salgyt töleýjileriň, salgyt edaralarynyň hukuklaryny we borçlaryny, salgyt gözegçiliginiň görnüşlerini we usullaryny, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçiligi, salgyt edaralarynyň çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden şikaýat etmek hukugyny belleýär.
2. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy salgyt salmagyň ähliumumylygyny we deňligini ykrar etmäge esaslanýar.
3. Şu bitewi Kanunda bellenen salgytlar babatynda salgyt töleýji diýlip ykrar edilýän her bir tarap olary tölemäge borçludyr.
4. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň täze salgytlary belleýän, salgyt möçberlerini ýokarlandyrýan ýa-da başga bir görnüşde salgyt töleýjiniň, salgyt ýumuşçysynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan salgyt hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi güýçlendirýän namalarynyň gaýdymlaýyn güýji ýokdur.
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň salgytlary ýatyrýan, salgyt möçberlerini azaldýan ýa-da başga bir görnüşde salgyt töleýjiniň, salgyt ýumuşçysynyň ýagdaýyny gowulaşdyrýan, salgyt hukuk bozulmalary üçin jogapkärçiligi ýeňilleşdirýän namalarynyň, eger-de bu şu namalarda göni göz öňünde tutulan bolsa, gaýdymlaýyn güýji bardyr.
5. Salgyt salmak salgyt borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýagdaýlaryň ýüze çykan senesinde hereket edýän Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň namalarynyň esasynda geçirilýär.
Salgyt kanunçylygynyň bozulandygy baradaky meselelere seretmek Türkmenistanyň hukuk düzgüniniň bozulanlygy ýüze çykarylan wagtynda hereket edýän kanunçylygynyň esasynda alnyp barylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
2-nji madda. Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk
1. Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we ol şu Bitewi kanundan hem-de Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
Salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalar şu Bitewi kanunyň esasynda kabul edilýär we onuň düzgünlerine çapraz gelip bilmez. Şeýle çapraz gelmeler bar bolan halatynda şu Bitewi kanunyň düzgünleri ulanylýar.
2. Şu Bitewi kanunyň düzgünleri Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplara salgyt salmak babatynda şu Kanunda kesgitlenen aýratynlyklar göz öňünde tutulyp ulanylýar.
3. Eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda bu Bitewi kanun gümrük töleglerini almakda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmeýär.
4. Şu Bitewi kanunda başga bir ýagdaý bellenmedik bolsa, Türkmenistanyň beýleki kanunlarynda salgyt salmak babatynda düzgünler bolmaly däldir.
5. Eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýat we salgyt kanunçylyklarynyň düzgünlerinde kesgitlenýän salgyt hukuk gatnaşyklaryndaky islendik düşünjeler Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda oňa berilýän mana eýe bolmalydyr.
6. Şu bitewi Kanunyň düzgünleri bilen kesgitlenmeýän salgyt hukuk gatnaşyklaryndaky islendik düşünjeler, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda oňa berilýän mana eýe bolup biler.
7. Salgyt hukuk gatnaşyklarynda zerur bolan resminamalaryň dolanyşygy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde elektron resminama görnüşinde amala aşyrylyp bilner.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda).
3-nji madda. Türkmenistanyň salgyt kanunçylyk namalarynyň güýji
1. Şu Bitewi kanunda bellenenlerden başga täze salgytlary bellemek, şeýle hem hereket edýän salgytlary üýtgetmek ýa-da ýatyrmak diňe «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bilen amala aşyrylýar.
2. Şu Bitewi kanuna üýtgetmeler girizýän, täze salgytlary belleýän ýa-da hereket edýän salgytlary üýtgedýän Türkmenistanyň kanunlary resmi taýdan çap edilen gününden başlap bir aýyň geçmegi bilen, ýöne degişli salgyt boýunça nobatdaky hasabat döwri tamamlanandan soň gelýän aýyň 1-inden ir bolmadyk möhletde güýje girýär.
3. Şu Bitewi kanuna salgyt töleýjileriň ýagdaýlaryny gowulandyrýan, şeýle hem hereket edýän salgytlary ýatyrmak baradaky düzgünleri belleýän Türkmenistanyň kanunlary, eger-de bu olarda göni göz öňünde tutulan bolsa, çap edilen pursadyndan güýje girip biler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
4-nji madda. Möhletleri hasaplamagyň kadalary
Şu Bitewi kanunda ýa-da Türkmenistanyň salgyt hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän başga bir kadalaşdyryjy hukuk namasynda görkezilen möhletler babatynda Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
5-nji madda. Salgyt ýyly
Salgyt ýyly ýanwar aýynyň 1-inden başlanýar we dekabr aýynyň 31-inde tamamlanýar hem-de maliýe ýyly bilen gabat gelýär.
6-njy madda. Halkara ylalaşyklary
Eger Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda şu Bitewi kanunda beýan edilen düzgünlerden başga düzgünler bellenen bolsa, onda halkara ylalaşyklarynyň düzgünleri ulanylýar.
2-nji bap. Türkmenistanda salgytlar
7-nji madda. Salgyt we onuň alamatlary
1. Salgyt – döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsyz tölegdir.
Salgyt aşakdaky alamatlaryň bolmagy bilen kesgitlenýär:
salgyt töleýjileriň topary;
salgyt salynýan binýat;
salgyt özeni;
salgyt möçberi (möçberleri);
salgydy hasaplamagyň we tölemegiň möhletleri we tertibi.
Salgyt bellenende hasabat (salgyt) döwri kesgitlenip, şeýle hem salgyt ýeňillikleri, salgyt töleýjiniň olary ulanmagy üçin esaslar göz öňünde tutulyp bilner.
2. Şu Bitewi kanunda bellenen salgytlar Türkmenistanyň ähli çäginde hereket edýärler.
3. Paçlar we ýygymlar salgytlaryň aýratyn görnüşi hökmünde ykrar edilýär we olarda salgydyň käbir alamatlary bolman biler.
Şu Bitewi kanunyň kadalary, eger-de onda başga düzgünler göz öňünde tutulmadyk bolsa, döwlet paçlaryny, gümrük töleglerini we ýygymlaryny bellemek, girizmek, hasaplamak we tölemek boýunça şu Bitewi kanunda bellenilmedik gatnaşyklar babatynda, şeýle hem olaryň tölenilişine gözegçilik amala aşyrylanda, olaryň tölenilişine gözegçilik amala aşyrýan edaralaryň namalaryna, olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerine (hereket etmezliklerine) şikaýat edilende we günäkär adamlar jogapkärçilige çekilende ýüze çykýan gatnaşyklar babatynda ulanylmaýar.
4. Ylalaşyklara ýa-da raýat-hukuk häsiýetli gatnaşyklara laýyklykda tölenýän tölegler, goýumlar we beýleki tölegler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jerimeler hem-de gaýry çäreler görnüşindäki tölegler salgyt diýlip ykrar edilmeýär.
5. Türkmenistanyň Döwlet býujetine gelip gowuşýan salgytlar "Býujet ulgamy hakyndaky" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, merkezi býujet bilen ýerli býujetleriň arasynda paýlanýar. Şu Bitewi kanun arkaly bellenilýän ýygymlar doly ýerli býujetlere geçirilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
8-nji madda. Salgytlar boýunça berilýän ýeňillikler
1. Salgytlar boýunça ýeňillikler şu Bitewi kanunda bellenilýär. Hususy häsiýete eýe bolan ýeňillikleri bermek gadagan edilýär.
2. Salgyt töleýji hukuk esaslary ýüze çykan pursadyndan we olaryň güýjüniň bütin döwrüniň içinde salgyt boýunça ýeňilliklerden peýdalanmaga hukuklydyr.
Salgyt töleýjiniň salgyt boýunça ýeňillikleri ulanmazlyga, şeýle hem degişli salgyt ýa-da gümrük edaralaryna ýazmaça arza beren ýagdaýynda, olary ulanmakdan ýüz öwürmäge hukugy bardyr. Şu ýagdaýda salgyt töleýjiniň salgytlar boýunça ulanmadyk ýokarda görkezilen ýeňillikleri geçen salgyt döwürlerinden geljekki salgyt döwürlerine geçirilmäge, soňra geljekki tölegleriň hasabyna hasaplaşyga alynmaga ýa-da býujetden öwezi dolunmaga degişli däldir.
Salgyt töleýji degişli salgyt ýa-da gümrük edaralaryna ýazmaça arza berende salgytlar boýunça ýeňilliklerden täzeden peýdalanmaga haky bardyr, emma bu onuň ýeňilliklerden peýdalanmakdan boýun gaçyran ýylyndan soňky senenama ýylyndan ir bolmaly däldir.
3. Eger şu Bitewi kanunda gaýry ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgytlar boýunça berlen ýeňillikler Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda kesgitlenen beýleki borçlary ýerine ýetirmezlige getirmeli däldir.
4. Şertnamalara, eger ol şu Bitewi kanunda göni göz öňünde tutulandan başga ýagdaýlarda, aşakdakylary öz içine alýan düzgünleri goşmaklyga ýol berilmeýär:
salgyt töleýji tarapyndan salgydy hasaplamak baradaky borçlary we tölemek boýunça çykdajylary çekmek başga bir tarapyň üstüne ýüklemek;
ýerlenilýän harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň bahasyny salgydyň möçberine artdyrmak;
salgyt töleýjä onuň töleýän salgydy boýunça çykdajylarynyň öwezini dolmak (kompensasiýa) borçlary harytlary (işleri, hyzmatlary) alyjy tarapyň üstüne ýüklemek.
(2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
9-njy madda. Salgytlaryň hasaplanýan we tölenýän pul birligi
1. Eger-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda salgytlar Türkmenistanyň milli pulunda hasaplanýar we tölenýär.
Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan, şol sanda salgyt ýumuşçylarynyň üsti bilen salgytlary tölemek daşary ýurt (erkin ýörgünli) pulunda amala aşyrylyp bilner.
2. Salgyt salmak maksady bilen, daşary ýurt pulunda geçirilýän islendik amallar, amallaryň geçirilýän gününde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän resmi hümmeti boýunça, resmi hümmeti bellenmedik daşary ýurt pullary bolsa, eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, ABŞ-nyň dollary babatynda kross – hümmet boýunça Türkmenistanyň milli puluna hasaplanýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
II bölüm. Salgyt hukuk gatnaşyklary we olara gatnaşyjylar
1-nji bap. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar
10-njy madda. Salgyt hukuk gatnaşyklarynyň mazmuny
Salgyt hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny berjaý etmegiň barşynda salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylaryň arasynda ýüze çykýan hukuklaryň we (ýa-da) borçlaryň jemini öz içine alýar.
11-nji madda. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar
Salgyt töleýji, salgyt töleýjiniň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmagyna wekilçilik edýän beýleki taraplar, şeýle hem şu Bitewi kanunynyň 13-nji maddasynda görkezilen ygtyýarly edaralar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyjylar bolup durýarlar.
12-nji madda. Salgyt töleýji we onuň salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşmaga wekilçilik edýän beýleki taraplar
1. Şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykanda kesgitli salgyt tölemek borçlary üstüne ýüklenen şahsy we (ýa-da) edara görnüşli taraplar salgyt töleýjiler diýlip ykrar edilýär.
Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlar öz işini Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrýan, şerekete gatnaşyjylaryň biriniň üstüne ýüklenip bilner. Salgyt töleýjiler – şerekete gatnaşyjylar salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmekde paýlary boýunça jogapkärçilik çekýärler. “Şereket” adalgasy Türkmenistanyň Raýat kodeksinde kesgitlenen manysynda ulanylýar.
2. Bir tarap, bir ýa-da birnäçe salgydy töleýji diýlip ykrar edilip bilner.
3. Salgyt töleýji salgyt ýumuşçysynyň, kanuny ýa-da ygtyýar berlen wekiliň üsti bilen salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşyp biler.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
13-nji madda. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralar
1. Şu aşakdakylar salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan edaralar bolup durýarlar:
Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň edaralary (mundan beýläk – gümrük gullugy);
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň edaralary (mundan beýläk – maliýe, salgyt edaralary);
salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralar.
2. Şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen edaralar salgyt hukuk gatnaşyklarynda özleriniň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hereket edýärler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
2-nji bap. Salgyt töleýjiler
1-nji paragraf. Salgyt töleýji şahsy taraplar
14-nji madda. Şahsy taraplar – Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary
1. Türkmenistanyň raýatlary, daşary döwletleriň raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar şahsy taraplar diýlip ykrar edilýärler.
2. Salgyt töleýji diýlip ykrar edilýän şahsy taraplar Türkmenistanyň dahyllylary bolup hem, bolman hem bilerler.
3. Şahsy tarap salgyt ýylynda Türkmenistanyň çäginde jemi 183 we ondan hem köp senenama güni bolan halatynda, ol Türkmenistanyň dahyllysy hasap edilýär. Şunda, diňe Türkmenistanyň çäginden üstaşyr gitmek üçin bolan ýagdaýyndan beýleki halatlarda, Türkmenistanyň çäginde bolan gününiň dowamlylygyna garamazdan, islendik gün şahsy tarapyň Türkmenistanda bolan güni diýlip hasap edilýär.
Daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýa-da konsullyk edaralarynyň işgärleri hökmünde Türkmenistanyň çäginde bolýan döwründe daşary ýurt döwletleriniň raýatlary, şeýle hem olaryň maşgala agzalary Türkmenistanyň dahyllylary diýlip ykrar edilmeýär.
4. Şu maddanyň 3-nji bölümine laýyklykda, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan şahsy taraplar Türkmenistanyň dahylsyzlary diýlip ykrar edilýär.
5. Türkmenistanyň dahyllysynyň ýa-da dahylsyzynyň derejesi her salgyt döwri babatynda kesgitlenýär.
Daşary ýurt döwletiniň dahyllysy hökmünde, şol sanda oňa Türkmenistanyň iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda halkara şertnamalarynyň (ylalaşyklarynyň) degişli düzgünlerini ulanmak üçin daşary ýurtly şahsy tarapyň derejesini bellemek:
salgyt edarasy tarapyndan – salgyt töleýji hökmünde ol hasapda goýlan mahaly we şu maksatlar üçin berilýän resminamalar esasynda;
salgyt ýumuşçysy tarapyndan – şu Bitewi kanunyň 198-nji maddasy bilen bellenilen resminamalary beren halatlarynda we şol resminamalaryň esasynda geçirilýär.
Daşary ýurt döwlet edaralarynyň şahsy tarapyň salgyt dahyllylygy, onuň tölän salgytlary we ş.m. hakyndaky resminamalary konsullyk edaralarynda legalizasiýa etmek talap edilmeýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
15-nji madda. Hususy telekeçi – şahsy tarap
1. Şahsy tarap Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde hususy telekeçi diýlip ykrar edilýär.
Taraplaryň görkezilen toparlaryna daşary döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan hususy telekeçiler hem degişlidir.
2. Şahsy tarapyň bellige almagyň, ygtyýarnama ýa-da şuňa meňzeş resminama almagyň bellenen tertibini bozup, telekeçilik işini ýerine ýetirmegi, salgyt salmak maksady bilen, bu şahsy tarapy hususy telekeçi hökmünde salgyt töleýji däl diýip ykrar etmäge esas bolup bilmez.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
16-njy madda. Şahsy tarapyň ýaşaýan ýeri
Salgyt salmak maksady bilen şahsy tarapyň ýaşaýan ýeri Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
2-nji paragraf. Salgyt töleýji edara görnüşli taraplar
17-nji madda. Edara görnüşli taraplar – Türkmenistanyň dahyllylary we dahylsyzlary
1. Salgyt salmak maksady üçin edara görnüşli tarap aşakdaky ýagdaýlarda Türkmenistanyň dahyllysy hasaplanýar:
eger-de ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen (esaslandyrylan) bolsa;
ýa-da onuň baş ýolbaşçy edarasy (ýolbaşçylary, direksiýasy, müdirýeti ýa-da şulara meňzeş edaralary) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bolsa.
2. Şu maddanyň 1-nji bölegine laýyklykda Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar Türkmenistanyň dahylsyzlary diýlip ykrar edilýär.
Daşary ýurt döwletiniň dahyllysy hökmünde, şol sanda oňa Türkmenistanyň iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda halkara şertnamalarynyň (ylalaşyklarynyň) degişli düzgünlerini ulanmak üçin daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň derejesini bellemek:
salgyt edarasy tarapyndan – salgyt töleýji hökmünde ol hasapda goýlan mahaly we şu maksatlar üçin berilýän resminamalar esasynda;
salgyt ýumuşçysy tarapyndan – şu Bitewi kanunyň 181-nji maddasy bilen bellenilen resminamalary beren halatlarynda we şol resminamalaryň esasynda geçirilýär.
Şeýle-de, daşary ýurtly edara görnüşli tarap, degişli ýyl üçin daşary döwletiň salgyt dahyllysydygy baradaky resmi tassyknamanyň asyl nusgasyny – salgyt edarasyna we göçürme nusgasyny – salgyt ýumuşçylaryna, «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 181-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy tölemekden boşadylýan ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerinden peýdalanylýan her ýylyň 1-nji martyndan gijä galman bermeli. Şular ýaly salgyt dahyllylygy baradaky resmi tassyknama berilmedik ýagdaýynda, salgyt ýumuşçysy daşary ýurtly edara görnüşli tarap babatynda bu bitewi Kanunyň 181-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy tölemekden boşatmaklygy ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaklygy, ulanmagy bes etmeli we bu daşary ýurtly edara görnüşli tarap babatynda degişli tertipde bitewi Kanunyň 180-nji maddasynyň düzgünleri ulanylmaly, bu barada bolsa degişli salgyt edarasy salgyt ýumuşçylaryny bäş gün möhletde ýazmaça habarly etmeli. Şular ýaly daşary ýurtly edara görnüşli tarap babatynda bu bitewi Kanunyň 181-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy tölemekden boşatmaklygy ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaklygy täzeden ulanmaklyk, onuň degişli ýyl üçin daşary döwletiň salgyt dahyllysydygy baradaky resmi tassyknamany – salgyt edarasyna we göçürme nusgasyny – salgyt ýumuşçylaryna beren gününiň ertesinden başlap amala aşyrylýar.
Eger-de daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň salgyt dahyllylygy üýtgeýän bolsa (ol başga ýurduň dahyllysy bolanda), onda ol başga daşary döwletiň salgyt dahyllysydygy baradaky resmi tassyknamanyň asyl nusgasyny, onuň üýtgän senesinden soň ýigrimi günden gijä galman salgyt edarasyna bermelidir. Şu ýagdaýda, şular ýaly tarapyň öňki salgyt dahyllylygy babatynda şu bitewi Kanunyň 181-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda, edara görnüşli tarapyň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgydy tölemekden boşatmaklyk ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaklyk bes edilýär we bu daşary ýurtly edara görnüşli tarap babatynda degişli tertipde bitewi Kanunyň 180-nji maddasynyň düzgünleri ulanylmaly, bu barada bolsa degişli salgyt edarasy daşary ýurtly edara görnüşli tarapy we salgyt ýumuşçylaryny bäş gün möhletde ýazmaça habarly etmeli.
Daşary ýurt döwlet edaralarynyň edara görnüşli tarapyň salgyt dahyllylygy, onuň tölän salgytlary we ş.m. hakyndaky resminamalary konsullyk edaralarynda legalizasiýa etmek talap edilmeýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
18-nji madda. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasy
1. Şu maddanyň 2-nji böleginde başga ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, ygtyýarly tarapyň (şahsy ýa-da edara görnüşli tarapyň) üstünden amala aşyrylýan işi hem goşmak bilen, edara görnüşli tarapyň telekeçilik işini doly ýa-da bölekleýin amala aşyrýan hemişelik iş ýeri Türkmenistanyň çäklerinde Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasy diýlip ykrar edilýär.
Hemişelik wekilhana, hususan-da, şular degişlidir:
a) şeýle işleriň dolandyrylýan ýeri, şahamçasy, býurosy, edarasy, gullugy, kärhanasy, ussahanasy, sehi, dükany ýa-da şuňa meňzeş ýerleri;
b) şunuň ýaly işi amala aşyrmagyň möhletlerine garamazdan, tebigy baýlyklary gözlemek, işläp taýýarlamak we (ýa-da) gazyp almak bilen bagly islendik ýer. Görkezilenler, hususan-da, şahtany, magdan känini, nebit we (ýa-da) gaz guýusyny, karýeri, ýerüsti ýa-da deňiz wyşkalaryny we (ýa-da) guýularyny, şeýle hem görkezilen desgalarda enjamlary oturtmak, gurnamak, ýygnamak, sazlamak, işe girizmek, abatlamak we (ýa-da) olara hyzmat etmek bilen baglanyşykly işler amala aşyrylýan islendik ýeri özünde jemleýär. Munuň özi olaryň görnüşlerine garamazdan, deňiz buraw platformalaryna hem degişlidir;
ç) gurluşyk meýdançalary, gurnalýan we ýygnalýan binalar, şeýle hem işleriň amala aşyrylmaly möhletlerine garamazdan, şu binalar bilen bagly gözegçilik işlerini ýerine ýetirmek;
d) Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän we harytlary ýerlemek (ibermek) üçin ulanylýan ammar.
Şu bölegiň «b» we «ç» bentlerinde görkezilen halatlarda hemişelik wekilhana şu aşakdaky seneleriň has irkisinden başlap döredilen hasap edilýär:
tebigy baýlyklary agtarmagy, işläp taýýarlamagy we (ýa-da) gazyp almagy amala aşyrmak üçin rugsatnamalar (ygtyýarnamalar) berlen seneden ýa-da şeýle işleriň (hyzmatlaryň) amala aşyrylmagynyň başlanan senesinden başlap;
meýdançany potratça bermek hakyndaky nama (işleri ýerine ýetirmek üçin kömekçi potratçynyň işgärlerini işe goýbermek hakyndaky nama) gol çekilen seneden ýa-da hakykatda işleriň başlanan senesinden başlap.
Buýrujy tarapyndan desganyň ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan işleriň toplumynyň tabşyryş-kabul ediş ykrarnamasyna gol çekilen sene gurluşyk meýdançasynyň bolmagynyň tamamlanmagydyr. Gurluşyk meýdançasy şu senede bolmagyny bes edýär diýlip hasap edilýär, ýagny:
desganyň (işleriň toplumynyň) tabşyryş-kabul ediş ykrarnamasyna gol çekilmezden öň, buýrujy tarapyndan şol desga ulanylyp başlananda;
ýa-da
işler hakykatdan hem desganyň (işleriň toplumynyň) tabşyryş-kabul ediş ykrarnamasyna gol çekilenden soň ýa-da şol desga buýrujy tarapyndan ulanylyp başlanandan soň gutaranda (degişli şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen göz öňünde tutulan, kepillendirilen hyzmat etmekligiň çäklerinde geçirilýän işlerden başga).
Eger işler gurluşyk meýdançasynda wagtlaýyn duruzylan bolsa, onda ol bolmagyny bes etmeýär, gurluşyk desgasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça, şeýle hem ýeňip geçip bolmaýan güýjüň täsiri netijesinde konserwasiýa edilen halatlary muňa girmeýär. Gurluşyk meýdançasynda arakesmeden soň işleriň dowam etdirilmegi ýa-da dikeldilmegi dowam edýän ýa-da dikeldilýän işleri alyp barmagyň möhletine, şeýle hem arakesmäniň wagtyna birleşdirilmegine getirýär. Şol bir gurluşyk meýdançasynda täze desgany gurmak ýa-da gurnamak, ýa bolmasa öň tamamlanan desgany giňeltmek bilen baglanyşykly işleriň dowam etdirilmegi ýa-da dikeldilmegi şunuň ýaly dowam etdirilýän ýa-da dikeldilýän we işleriň aralygyndaky arakesmäniň möhletiniň gurluşyk meýdançasynyň bolmagynyň umumy möhletine goşulmagyna getirýär.
Eger ýokarda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň dahyllysy bolmadyk edara görnüşli taraplaryň hemişelik iş ýeriniň üsti bilen amala aşyrýan telekeçilik işi haçan-da şol işi amala aşyrmagyň möhleti baglaşylan ylalaşyklaryň (şertnamalaryň) sanyna garamazdan islendik on iki aýlyk döwrüň dowamynda jemi alnanda 45 senenama günden geçýän bolsa, hemişelik wekilhananyň emele gelmegine getirer.
2. Türkmenistanyň çäginde diňe aşakdaky maksatlar üçin ulanylýan ýerler Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasy diýlip ykrar edilmeýär:
a) şu edara görnüşli tarapa degişli harytlary ýa-da önümleri saklamak, görkezmek üçin ýerler;
b) şu edara görnüşli tarapa degişli harytlary ýa-da önümleri başga bir tarapyň gaýtadan işlemegi üçin saklanýan ýeri;
ç) harytlaryň soňra olary alyp gitmek üçin satyn alynýan, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşary gaýry taraplara ýerlemek üçin şertnamalar boýunça satyn alynýan ýeri; şu edara görnüşindäki tarap üçin maglumatlaryň toplanýan ýeri;
d) şu edara görnüşli tarapyň adyndan diňe şertnamalara gol çekişmek maksatlary üçin hemişelik saklanýan ýer;
e) şu edara görnüşli tarapyň bähbitleri üçin taýýarlyk ýa-da ýardam häsiýetli islendik beýleki işi amala aşyrmak üçin ýer.
Ýokarda görkezilen ýagdaýlarda, Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşindäki tarap tarapyndan şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen ýerlemekden daşarky amallardan girdejileriň alynmagy we şu maddanyň birinji böleginde görkezilen alamatlaryň bolmazlygynda, Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşindäki tarapyň Türkmenistanyň çägindäki hemişelik wekilhanasynyň döremegine getirmeýär.
3. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň Türkmenistanyň çäklerinde araçynyň (tabşyryk, komissiýa ýa-da konsignasiýa şertnamasynyň ýa-da beýleki şoňa meňzeş şertnamanyň esasynda hereket edýän, dellalyň ýa-da beýleki garaşsyz ýumuşçynyň) üsti bilen, eger şol taraplar özleriniň adaty işleriniň çäklerinde hereket edýän ýagdaýynda, alyp barýan işi şu tarapyň hemişelik wekilhanasyny döretmeýär.
4. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarap tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde, şu maddanyň 1-nji bölegine laýyklykda hemişelik wekilhana diýlip ykrar edilmeýän edara görnüşli tarapa işgärleriň berilmegi, eger bu işgärler iberilen edara görnüşli tarapyna tabyn bolsalar we onuň adyndan hereket edýän bolsalar, hemişelik wekilhananyň döredilmegine getirýän ýagdaý hökmünde seredilip bilinmez.
5. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarap Türkmenistanda gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan, özüne degişli harytlary Türkmenistanyň gümrük çäklerinde ýa-da gümrük gözegçiligi astynda iberilmegini amala aşyrýan halatynda, bu tarapa hemişelik wekilhanasy bar tarap hökmünde seredilýär.
6. Eger Türkmenistanyň dahyllysy Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň ygtyýarly wekili bolmasa, Türkmenistanyň dahyllysy bolan edara görnüşli tarapyň Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapy bilen özara baglylygy Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasynyň döredilmegine getirmeýär .
7. Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli tarapyň Türkmenistanyň çäklerinde bir ýa-da birnäçe hemişelik wekilhanasy bolup biler. Hemişelik wekilhana onuň döredilen, degişli wekilçilik ygtyýarlyklary berlen ýa-da telekeçilik işini amala aşyryp başlan gününden hemişelik wekilhana diýlip ykrar edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2012 ý., № 3, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda).
3-nji bap. Salgyt töleýjiniň adyndan salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan taraplar
19-njy madda. Salgyt ýumuşçysy
1. Şu Bitewi kanuna laýyklykda salgydy hasaplamak, tutup almak we ony salgyt töleýjiniň ýerine Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek boýunça borçlar ýüklenýän taraplar salgyt ýumuşçysy diýlip ykrar edilýär.
2. Salgyt ýumuşçysy aşakdakylara borçludyr:
degişli salgydy dogry hasaplamaga, ony salgyt töleýjiden tutup almaga we öz wagtynda Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmäge;
salgyt töleýjilere tölenen pul serişdeleriniň we olar bilen geçirilen beýleki hasaplaşyklaryň, her bir salgyt töleýji boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine hasaplanan, tutulyp alnan we geçirilen salgytlaryň hasabyny ýöretmäge;
salgyt töleýjiden salgyt tutulmadyk ýagdaýlary we salgyt töleýjiniň bergisiniň möçberi barada salgyt edarasyna bir aýyň dowamynda ýazmaça habar bermäge;
salgydyň hasaplanylyşynyň, tutulyp alnyşynyň we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilişiniň dogrulygyna gözegçilik etmek üçin zerur bolan resminamalary salgyt edarasyna bermäge;
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
3. Eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgyt ýumuşçylary hukuk we borçlar babatynda salgyt töleýjilere deňleşdirilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
20-nji madda. Kanuny wekil
1. Salgyt töleýji şahsy tarapyň kanuny wekili diýlip, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň adyndan iş alyp barmaga ygtyýar berlen tarap ykrar edilýär.
2. Edara görnüşli tarapyň esaslandyryjy resminamalarynyň ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynyň esasynda onuň bähbidine wekilçilik edýän tarap salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) kanuny wekili diýlip ykrar edilýär.
Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) – edara görnüşli tarapyň kanuny wekiliniň salgyt hukuk gatnaşyklaryndaky hereketi (hereketsizligi) bu edara görnüşli tarapyň hereketi (hereketsizligi) hökmünde ykrar edilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
21-nji madda. Ygtyýarly wekil
1. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan, salgyt edarasy, salgyt hukuk gatnaşyklaryna beýleki gatnaşyjylar bilen gatnaşyklarda onuň bähbitlerini aramaga hukuk berlen tarap salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) ygtyýarly wekili diýlip ykrar edilýär.
Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) ygtyýarly wekili öz ygtyýarlyklaryny tabşyryk ylalaşygy ýa-da ynanç haty esasynda we özüne berlen hukuklarynyň çäklerinde ýerine ýetirýär.
2. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň wezipeli işgärleri, kazylar, sülçüler, anyklaýjylar we prokurorlar salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) ygtyýarly wekili bolup bilmezler.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
4-nji bap. Salgyt töleýjiniň hukuklary we borçlary
22-nji madda. Salgyt töleýjiniň hukuklary
1. Salgyt töleýjiniň şu hukuklary bardyr:
a) salgyt edarasyndan we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralardan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça düşündiriş almaga;
b) salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralarda öz bähbitlerine hut özi ýa-da özüniň kanuny ýa-da ygtyýarly wekilleriniň üsti bilen wekilçilik etmäge;
ç) degişli esaslary bolanda, salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaga ýa-da olary peýdalanmakdan ýüz öwürmäge;
d) salgytlar boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň öňündäki borçlarynyň ýerine ýetirilişi barada salgyt edarasyndan maglumat almaga;
e) şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlary we beýleki tölegleri tölemek boýunça möhleti yza süýşürmeklige ýa-da möhletlere bölmeklige ygtyýar almaga;
ä) özünde geçirilen salgyt barlaglarynyň we ýerinde seretmekligiň netijeleri boýunça ykrarhatlary bilen tanyşmaga we olar boýunça düşündiriş bermäge;
f) salgytlary hasaplamak we tölemek boýunça salgyt edarasyna we olaryň wezipeli adamlaryna düşündiriş bermäge;
g) salgyt edarasyny ýazmaça habarly edip, beýleki taraplaryň salgyt boýunça bergileriniň hasabyna salgyt tölemäge;
h) salgytlaryň artyk tölenen (töletdirilen) möçberleriniň öz wagtynda başga salgytlar boýunça tölegleriň hasabyna hasaplaşyga alynmagyna ýa-da yzyna gaýtarylmagyna;
i) salgytlar hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň wezipeli adamlaryndan, olaryň salgyt töleýji babatynda hereketlerinde (hereketsizliklerinde) Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegini talap etmäge;
j) salgyt edaralarynyň we (ýa-da) gümrük gullugynyň salgyt tölemek babatyndaky talaplaryndan, şeýle hem beýleki çözgütlerinden, salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden we hereketsizliklerinden bellenen tertipde şikaýat etmäge;
ž) salgyt syryny berjaý etmegi talap etmäge;
k) salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralaryň, bu edaralaryň wezipeli adamlarynyň bikanun çözgütleri, hereketleri we hereketsizlikleri netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagy bellenen tertipde talap etmäge;
l) salgyt salynýan binýatlary hasaba almakda, salgydy hasaplamakda we tölemekde goýberilen ýalňyşlyklary özbaşdak düzetmäge;
m) şu Bitewi kanunda we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalarynda bellenen beýleki hukuklary.
2. Türkmenistanyň gümrük serhetleriniň üstünden harytlaryň geçýändigi bilen baglanyşykly, salgyt töleýän salgyt töleýjileriň hukuklary Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen hem kesgitlenýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., №4, 147-nji madda).
23-nji madda. Salgyt töleýjiniň borçlary
1.Salgyt töleýji aşakdakylara borçludyr:
a) şu Bitewi kanunda bellenen salgytlary tölemäge;
b) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda şeýle borç göz öňünde tutulan bolsa, şu Bitewi kanunda bellenen tertipde salgyt edarasynda hasapda durmaga;
ç) şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgytlary hasaplamak we tölemek üçin zerur bolan öz girdejileriniň, aýyrmalarynyň (harajatlarynyň, çykdajylarynyň) we salgyt salynýan binýatlarynyň hasabyny bellenen tertipde ýöretmäge;
d) eger Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgyt töleýji bolup durýan salgytlary boýunça hasapda durýan salgyt edarasyna bellenen tertipde salgyt beýannamalaryny we maliýe hasabatyny tabşyrmaga;
e) salgyt barlaglary geçirilende we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki ýagdaýlarda salgytlary hasaplamak we tölemek üçin resminamalary (maglumatlary) salgyt edarasyna hem-de olaryň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna bermäge;
ä) salgyt edarasynyň Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny düzetmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirmäge;
f) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, buhgalterlik we salgyt hasaby ýöredilýän resminamalaryň goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge;
g) salgyt ýeňillikleriniň ulanylýandygy ýa-da salgyt tölemekden boşadylandygy barada mälim etmäge we hasaba alnan ýeri boýunça salgyt edarasyna (bellenilen halatlarda bolsa salgyt ýumuşçysyna) şunuň ýaly ýeňilliklere we boşatmalara bolan hukugy tassyklaýan resminamalary bermäge;
h) şu Bitewi kanunda we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalarynda göz öňünde tutulan gaýry borçlary berjaý etmäge.
2. Salgyt töleýjiler – edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler şu maddanyň 1-nji bölüminde göz öňünde tutulan borçlaryndan başga-da salgyt hasabyna goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna aşakdakylary ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar:
a) Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky bank edaralarynda hasaplaşyk we gaýry hasaplaryň açylandygy ýa-da ýapylandygy, şol sanda Türkmenistanyň dahylsyzlary üçin – Türkmenistanda peýda (girdeji) almaga gönükdirilen diňe telekeçilik we gaýry işi amala aşyrmak üçin peýdalanylýan hasaplar barada şeýle hasaplaryň açylan (ýapylan) gününden soň üç gün möhletde habar bermäge;
b) beýleki edara görnüşli taraplara (ýa-da şereketlere) paýçy hökmünde gatnaşygy barada – paýçy bolup gatnaşyp başlan gününden on günden gijä galman habar bermäge. Türkmenistanyň dahylsyzlary bolan edara görnüşli taraplar, eger bu Türkmenistanyň salgyt kanunçylygy tarapyndan düzgünleşdirilýän gatnaşyklar bilen baglanyşykly bolsa, şeýle gatnaşyklar barada habar bermäge borçludyrlar;
ç) Türkmenistanyň çäklerinde döredilen, Türkmenistanyň dahyllylary üçin bolsa onuň çäklerinden daşarda döredilen aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň ählisi barada - olar döredilen, üýtgedilip guralan we ýatyrylan gününden on günden gijä galman habar bermäge;
d) öz işini bes edýändigi, ýatyrýandygy ýa-da üýtgedip guraýandygy, gurbunyň ýokdugy (batandygy) barada – şeýle çözgüt kabul edilen gününden on günden gijä galman habar bermäge;
e) hususy telekeçiniň ýerleşýän ýeriniň, iş dolandyrýan ýeriniň we (ýa-da) ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi barada – şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden ýa-da ýaşaýan ýeriniň çalşan gününden on günden gijä galman habar bermäge.
3. Türkmenistanyň gümrük serhedinden harytlaryny geçirýändigi bilen baglanyşykly salgyt töleýän salgyt töleýjileriň borçlary Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy bilen hem kesgitlenýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
24-nji madda. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak
1. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmaklyga şahsy taraplar-hususy telekeçiler we Türkmenistanda öz şahamçalaryny we wekilhanalaryny bellige aldyran daşary ýurtly edara görnüşli taraplary goşmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan edara görnüşli taraplar degişlidir.
2. Zähmet ylalaşygy ýa-da raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyk boýunça işleýän şahsy taraplar şu Bitewi kanuna laýyklykda salgyt ýumuşçysy bolup durýan iş berijiniň üsti bilen salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
3. Şu maddanyň 1-nji we 2-nji bölümleriniň täsirine düşmeýän şahsy tarap, eger Bitewi kanunda başga ýagdaý görkezilmedik bolsa, salgyt tölemek üçin Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolan halatynda, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
4. Şu maddanyň 1-nji bölüminiň täsirine düşmeýän Türkmenistanyň çägindäki işi hemişelik wekilhananyň döredilmegine getirýän daşary ýurtly edara görnüşli tarap salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
Daşary ýurtly edara görnüşli tarap hem, şu Bitewi kanunyň 108-nji maddasynyň ikinji böleginde we 144-nji maddasynyň ikinji böleginde bellenilen ýagdaýlarda, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde hemişelik iş ýeriniň barlygynda şu Bitewi kanunyň 18-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda onuň hemişelik wekilhanany döretmäge getirýändigine ýa-da getirmeýändigine garamazdan salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
5. Şu maddanyň 1–4-nji bölüminde görkezilen taraplar, edara görnüşli tarapyň (aýrybaşgalanan düzüm birliginiň) ýerleşýän ýeri, şahsy tarapyň ýaşaýan ýeri ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde alyp barýan iş ýeri, olara degişli emläkleriň ýerleşýän ýeri boýunça salgyt edaralarynda salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişli tarapda hasaba goýulýan ýeri kesgitlemek bilen kynçylyklar ýüze çykan halatynda onuň beren maglumatlarynyň esasynda karar salgyt edarasy tarapyndan kabul edilýär.
6. Şereket degişlilikde ýerleşýän ýeri, iş alyp barýan ýeri ýa-da şerekete gatnaşyjylaryň biriniň Türkmenistanyň çäklerinde ýaşaýan ýeri boýunça salgyt edarasynda hasaba goýulmaga degişlidir. Şunda şeýle gatnaşyjyny saýlap almak hukugy şerekete gatnaşyjylara degişlidir.
7. Ýuridik şahsyň emele gelmegindäki telekeçilik işi bilen meşgullanýan ýuridik şahsy we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary-hususy telekeçileri döwlet tarapyndan bellige almak olaryň salgyt hasabyna goýulmaly ýeri boýunça salgyt edaralary tarapyndan amala aşyrylýar. Bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
(2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 78-nji madda).
25-nji madda. Hasaba goýmagyň tertibi we möhletleri
1. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmaklyk şahsy tarapyň – hususy telekeçiniň ýa-da edara görnüşli tarapyň (aýrybaşgalanan düzüm birliginiň) döwlet belligine alnan gününden soň on günüň dowamynda salgyt edarasyna berlen arzanyň esasynda, beýleki taraplar üçin bolsa, salgyt tölemek borçlaryna getirýän ýagdaýlaryň ýüze çykan gününden başlap amala aşyrylýar.
Şereket üçin on günlük möhlet bilelikde iş alyp barmak barada ylalaşyk baglaşylan gününden başlap hasaplanýar.
Zähmet ylalaşyklary (şertnamalary) ýa-da raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyklar esasynda işleýän taraplar, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmaga degişlidir.
2. Şahsy tarap salgyt töleýji hökmünde hasaba goýmak barada arza bilen bir wagtda öz şahsyýetine güwä geçýän we ýaşaýan ýeri boýunça bellige alnandygyny tassyklaýan resminamalary berýär, hususy telekeçi bolup durýan tarap bolsa hususy telekeçi hökmünde döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamany goşmaça berýär.
3. Edara görnüşli tarap salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmagy baradaky arza bilen bir wagtda döwlet belligine alnandygy baradaky şahadatnamanyň, esaslandyryjy resminamalarynyň nusgalaryny, Türkmenistanyň çäklerinde şahamçalar ýa-da wekilhanalar açylanda bolsa – olaryň döwlet belligine alnandygy baradaky bellenilen tertipde tassyklanan şahadatnamalarynyň nusgalaryny, şeýle hem statistik hasaba alyş kartoçkasynyň göçürilen nusgasyny tabşyrýar.
Degişli halatlarda edara görnüşli tarap haýsy hem bolsa bir tarapa wekilçilik wezipesiniň berlendigine şaýatlyk edýän resminamanyň bellenen tertipde tassyklanan nusgasyny tabşyrýar.
4. Şereket salgyt töleýji hökmünde hasaba goýulmagy hakyndaky arza bilen birlikde bilelikdäki iş baradaky ylalaşygyň göçürilen nusgasyny tabşyrýar.
5. Salgyt edarasy, görkezilen taraplar ähli zerur resminamalary tabşyran gününden başlap üç günüň dowamynda salgyt töleýjini hasaba goýmaga we degişli şahadatnama bermäge borçludyr.
6. Salgyt hasabyna goýulmagy baradaky arza bilen birlikde berlen bellige alyş maglumatlar, esaslandyryjy we gaýry resminamalar üýtgedilen ýagdaýynda salgyt hasabynda duran tarap olaryň üýtgedilen gününden başlap on günüň dowamynda bu barada salgyt edarasyna habar bermäge borçludyr.
7. Edara görnüşli tarap hemişelik wekilhananyň üsti bilen iş alyp barmagy bes etmek barada çözgüt kabul eden ýagdaýynda, şeýle tarap çözgüdiň kabul edilen gününden başlap on günden gijä galman bu barada hasapda duran ýeri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyr.
8. Salgyt töleýji hökmünde hasapda goýlan salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) hususy salgyt belgisi berilýär.
Salgyt edarasy salgyt töleýjä iberýän ähli habarnamalarynda we habarlarynda onuň hususy salgyt belgisini görkezýär.
Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) beýannamada, arzada, hasaplaşyk-töleg we gaýry resminamalarda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry ýagdaýlarda özüniň hususy salgyt belgisini görkezýär.
Salgyt töleýjä hususy salgyt belgisini bermegiň, belgini ulanmagyň, şeýle hem üýtgetmegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
9. Salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlanda ulanylýan resminamalaryň görnüşleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
26-njy madda. Döwlet salgyt sanawy
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti tarapyndan aşakdakylardan ybarat Döwlet salgyt sanawy ýöredilýär:
şahsy taraplaryň sanawy;
edara görnüşli taraplaryň sanawy.
2. Döwlet salgyt sanawyna wagtlaýyn salgyt belgisi bolan salgyt töleýjileriň maglumatlary hem girizilýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
27-nji madda. Salgyt edarasyna maglumatlary bermek boýunça döwlet edaralarynyň borçlary
1. Edara görnüşli taraplary (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birliklerini) döwlet belligine alýan edaralar bellige alnan (gaýtadan bellige alnan) ýa-da ýatyrylan (üýtgedilip gurlan) edara görnüşli taraplaryň (olaryň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) bellige alnan (gaýtadan bellige alnan) ýa-da ýatyrylan (üýtgedilip gurlan) gününden başlap on günden gijä galman öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna habar bermäge borçludyrlar.
2. Howandarlyk we hossarlyk, terbiýeçilik, bejeriş edaralary, ilaty durmuş taýdan goramak edaralary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda howandarlygy, hossarlygy ýa-da hossarlyk edilýäniň emlägini dolandyrmagy belleýän we amala aşyrýan şunuň ýaly beýleki edaralar, şahsy taraplara, şol sanda kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen şahsy taraplara hossarlygyň bellenilendigi barada, kämillik ukyby ýok, beýleki kämillik ýaşyna ýetmedik şahsy taraplara, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen şahsy taraplara, penakärlik görnüşinde howandarlyk bellenilen kämillik ukyply şahsy taraplara, kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen şahsy taraplara hossarlyk edilendigi we olaryň emläklerini dolandyrmagyň ýola goýlandygy barada, şeýle hem görkezilen howandarlyk, hossarlyk ýa-da emlägi dolandyrmak bilen baglanyşykly soňky üýtgemeler barada şeýle çözgüt kabul edilen gününden başlap bäş günden gijä galman öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
3. Şahsy taraplary ýaşaýan ýeri boýunça ýazga goýmaklygy, şol sanda daşary döwletleriň raýatlaryny we raýatlygy bolmadyk adamlary bellige almaklygy, şahsy taraplaryň doglandygyny we merhum bolandygyny bellige almaklygy amala aşyrýan edaralar, şahsy taraplaryň ýaşaýan ýerleri boýunça ýazga goýlandygy we bellige alnandygy barada ýa-da merhum bolandygynyň bellige alnandygy barada, ýazga goýlan we bellige alnan aýyndan soňky aýyň 5-inden gijä galman öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
4. Şahadatnama, ygtyýarnama ýa-da ygtyýar beriji we bellige alyş häsiýetli resminamalary bermäge ygtyýarly edaralar şahadatnama, ygtyýarnama ýa-da ygtyýar beriji we bellige alyş häsiýetli beýleki resminama berlen (yzyna alnan ýa-da bes edilen) salgyt töleýjiler barada olaryň berlen (yzyna alnan ýa-da bes edilen) gününden başlap on günüň dowamynda öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna maglumat bermäge borçludyrlar.
5. Notarial hereketlerini amala aşyrmaga ygtyýarly edaralar (guramalar) miras alma hukugyň notarial taýdan tassyklanandygy hakynda öz ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edaralaryna, eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, notarial taýdan tassyklanan gününden başlap bäş günden gijä galman habar bermäge borçludyrlar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
28-nji madda. Bank edaralarynyň salgyt edarasyna maglumat bermek bilen baglanyşykly borçlary
Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän bank edaralary şahsy tarap bolup durýan hususy telekeçilere, edara görnüşli taraplara (onuň aýrybaşgalanan düzüm birliklerine) şeýle hem şereketlere hasap açandyklary ýa-da ýapandyklary barada (bank hasaby şertnamasynyň esasynda açylýan, pul serişdeleri olara geçirilýän we olardan harçlanylyp bilinýän) şeýle hasabyň açylan ýa-da ýapylan gününiň ertesi gününden gijä galman bank edaralarynyň ýerleşýän ýerleri boýunça salgyt edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
Salgyt edarasynyň talap etmegi boýunça üç gün möhletde beýleki şahsy taraplaryň hasaplary barada hem maglumat berilmelidir.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Merkezi banky bilen bilelikde hasaplaryň aýry-aýry görnüşleriniň açylmagy ýa-da ýapylmagy we aýry-aýry taraplar baradaky maglumatlary bermegiň aýratyn tertibini belläp bilerler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
IV bölüm. Salgydy hasaplamak we tölemek
1-nji bap. Salgyt salmak maksady bilen hasaba almak we hasabatlylyk
29-njy madda. Salgyt salynýan binýatlary hasaba almak
1. Salgyt salynýan binýatlary hasaba almak salgyt salmak maksady bilen salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan alnyp barylýar.
Salgyt salynýan binýatlary hasaba almak we olara baha bermek buhgalterlik hasaplarynyň we (ýa-da) salgyt salmaga degişli ýa-da salgyt salmak bilen baglanyşykly binýatlar hakyndaky resminamalar arkaly tassyklanan maglumatlara esaslanýar.
Salgyt salmagyň aýry - aýry binýatlaryny hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenip bilner.
2. Salgyt salynýan binýatlary hasaba almak salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan özbaşdak alnyp barylýar, özleriniň kanuny we ygtyýarly wekilleri tarapyndan şeýle hasabyň ýöredilýän nam-nyşansyz giden we kämillik ukyby bolmadyk adamlary muňa degişli däldir.
3. Salgyt salynýan binýatlary hasaba almagy alyp barmak salgyt töleýjiniň işi bilen baglanyşykly ähli amallary we onuň maliýe ýagdaýy barada doly we dogry düşünjäniň bolmagyny üpjün etmelidir. Görkezilen amallar olaryň başlanyşyny, barşyny we tamamlanyşyny öwrenip bolar ýaly beýan edilmelidir.
4. Salgyt töleýji tarapyndan salgyt salynýan binýatlaryň hasaba alnyşyny özbaşdak ýöretmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, ol haryt-maddy ätiýaçlygyna degişli edilen meňzeş harytlary hasaba almak üçin aşakdaky usullaryň birini ulanmaga haklydyr:
а) ilkinji nobatda birinji satyn alnan ýa-da öndürilen harydyň gymmaty hasapdan öçürilýän baha bermek usuly;
b) ilkinji nobatda soňky satyn alnan ýa-da öndürilen harydyň gymmaty hasapdan öçürilýän baha bermek usuly;
ç) ortaça ölçelen gymmat boýunça baha bermek usuly.
Haryt-maddy ätiýaçlary hasaba almak üçin saýlanyp alnan usul salgyt ýylynyň dowamynda üýtgedilip bilinmez.
5. Salgyt salynýan binýatlary hasaba almagy ýöretmek bilen baglanyşykly, şu bitewi Kanunda kesgitlenmedik, haryt-maddy ätiýaçlyklar (gymmatlyklar) düşünjesi we beýleki adalgalar we aňlatmalar buhgalterlik hasaba alyş maksatlary üçin kesgitlenen manyda kabul edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
30-njy madda. Salgyt beýannamasy
1. Salgyt beýannamasy salgyt töleýji tarapyndan berilýän we salgydy hasaplamak we (ýa-da) tölemek üçin zerur bolan salgyt hasabatynyň bir görnüşi bolup durýar. Salgyt beýannamasynyň görnüşi, ony bermegiň we doldurmagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanýar we tassyklanýar.
Eger şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgyt beýannamasy her bir salgyt töleýji tarapyndan tölenmäge degişli her bir salgyt boýunça berilýär.
Salgyt beýannamasy salgyt töleýjiniň hasapda duran ýeri boýunça salgyt edarasyna berilýär we oňa salgyt töleýji tarapyndan, degişli ýagdaýlarda bolsa, onuň kanuny ýa-da ygtyýarly wekili tarapyndan gol çekilmelidir.
2. Salgyt beýannamasy salgyt töleýjiniň hut özi tarapyndan, şeýle hem poçta ýollamalary görnüşinde berlip bilner. Salgyt edarasynyň salgyt beýannamasyny kabul etmezlige haky ýokdur we salgyt töleýjiniň haýyşy boýunça salgyt beýannamasynyň göçürilen nusgasynda onuň kabul edilen we gowşurylan senesini bellik etmäge borçludyr. Salgyt beýannamasy poçta bilen iberilende, iberilen ýerindäki poçtanyň basan möhürçesinde görkezilen sene onuň gowşurylan senesi hasap edilýär. Salgyt edarasy bilen ylalaşylyp, salgyt beýannamasy elektron resminama görnüşinde ýa-da başga bir göterijide berlip bilner.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
31-nji madda. Salgyt edarasynda salgyt beýannamasyny doldurmak
Eger salgyt töleýjiniň salgyt beýannamasyny özbaşdak doldurmaga, salgydyň möçberini hasaplamaga ýa-da bu borjy üçünji bir adama tabşyrmaga ýagdaýynyň ýokdugy sebäpli, salgyt töleýjiden onuň ýazmaça görnüşini alyp bolmajak halatynda, salgyt beýannamasy salgyt edarasynyň işgäri tarapyndan salgyt töleýjiniň aýdanlarynyň esasynda doldurylyp bilner.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
32-nji madda. Salgyt beýannamasyna üýtgetmeler girizmek
Salgyt töleýji tarapyndan tabşyrylan salgyt beýannamasynda maglumatlaryň görkezilmändigi ýa-da doly görkezilmändigi, şonuň ýaly hem ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatynda, salgyt töleýji salgyt beýannamasyna zerur goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmäge we salgyt edarasyna gowşurmaga borçludyr.
Goşmaçalar we üýtgetmeler girizilen, salgydyň tölenmeli möhleti tamamlanmazdan öň salgyt edarasyna gowşurylan salgyt beýannamasy bellenen möhletde gowşurylan hasap edilýär.
Salgydy tölemeli möhlet geçenden soň, ýöne salgyt töleýji resminamalaýyn salgyt barlagynyň bellenilendigi hakynda habarly edilen pursadyna çenli salgyt edarasyna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen bilelikde, salgyt beýannamasy ýa-da öň tabşyrylmadyk salgyt beýannamasy berlen mahaly salgyt töleýji şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan jogapkärçilikden boşadylýar. Görkezilenler, şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynyň ikinji böleginiň düzgünlerine laýyklykda ýol berlen ýalňyşlyklar (ýoýulmalar) ýüze çykarylan we (ýa-da) geçen salgyt (hasabat) döwürlerinde hasaba alynmadyk geleşikler ýüze çykarylan mahaly salgyt töleýji tarapyndan salgyt özenine düzedişleriň girizilen halatlaryna degişlidir. Şunda puşmana tölegi umumy bellenilen tertipde hasaplanylýar.
Haçan-da goşmaçalar we üýtgetmeler girizilen salgyt beýannamasy, resminamalaýyn salgyt barlagynyň netijesinde möçberi artdyrylan (azaldylan) salgyt boýunça berilse we bu barada öň degişli çözgüt çykarylan bolsa, şeýle beýannama şu Bitewi kanunyň 85–87-nji maddalary bilen bellenilen tertipde şikaýat bilen bilelikde berilýär. Şeýle beýannama boýunça salgydyň möçberini bellemek diňe şikaýata garalandan we salgyt barlagy geçirilenden soň geçirilýär.
Şu maddanyň düzgünleri olar tarapyndan bellenen salgyt hasabaty berlende, salgyt ýumuşçylary babatynda hem ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
33-nji madda. Salgyt beýannamasyny gowşurmagyň möhletini uzaltmak
Eger salgyt töleýji salgyt beýannamasynyň gowşurylmaly möhleti tamamlanýança ony gowşurmagyň möhletini uzaltmak barada ýüz tutan bolsa we şu Bitewi kanunyň 39-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenýän, salgydyň garaşylýan möçberini doly tölände, salgyt edarasy bilen ylalaşylyp, salgyt beýannamasynyň tabşyrylmaly möhleti otuz güne çenli uzaldylyp bilner.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
2-nji bap. Salgydy hasaplamak we salgyt habarnamasyny bermek
1-nji paragraf. Salgydyň möçberini hasaplamak we bellemek
34-nji madda. Salgydyň möçberini hasaplamagyň we kesgitlemegiň umumy düzgünleri
1. Salgydyň möçberini hasaplamak salgyt töleýji tarapyndan özbaşdak ýerine ýetirilýär. Şu Bitewi kanunda salgydy hasaplamagy salgyt ýumuşçysynyň, salgyt edarasynyň we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralaryň üstüne ýüklenýän ýagdaýlar hem göz öňünde tutulýar.
Salgydyň her bir görnüşi boýunça salgydyň möçberini hasaplamak şu Bitewi kanunda ýa-da Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalarynda bellenen tertipde geçirilýär.
2. Salgydyň möçberi salgyt edarasy tarapyndan geçirilen kameral barlaglaryň netijeleri boýunça bellenýär.
Salgyt ýumuşçylary, salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralar tarapyndan salgydyň möçberi hasaplananda hasaplanan salgydyň möçberi bellenen diýlip ykrar edilýär.
3. Salgydyň möçberini bellemek üçin aşakdakylar esas bolup biler:
salgyt töleýjiniň salgyt beýannamasynda görkezilen maglumatlar;
salgyt salynýan binýatlary hasaba alyş maglumatlary;
auditiň, salgyt barlaglarynyň maglumatlary;
salgyt salmak üçin ähmiýeti bolan beýleki maglumatlar.
Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp, salgyt hasaplamak üçin alnan maglumatlar salgydy bellemek üçin esas bolup bilmez.
4. Eger salgyt edarasy kameral barlagyň netijeleri boýunça habarnama gowşurmak üçin bellenilen möhletlerde salgydyň hasaplanan möçberine üýtgetme girizmegiň zerurdygy hakynda salgyt töleýjini habarly etmedik bolsa, salgyt töleýjiniň salgyt beýannamasynda görkezilen salgydyň möçberi bellenen diýlip ykrar edilýär.
5. Eger ýüze çykarylan, salgyt salmak üçin ähmiýeti bolan hakyky ýagdaýlardan we amala aşyrylýan amallaryň düýp manysyndan ugur alanyňda, geleşigiň hukuk görnüşiniň (görnüşiniň we mazmunynyň) ýa-da geleşigiň yzygiderliliginiň salgydy tölemekden gaça durmaga getirýänligi mälim bolsa, salgyt edarasy salgydyň hakyky möçberini hasaplaýar we belleýär.
Salgyt edarasy salgyt töleýjiniň salgyt tölemekden boýun gaçyrmak pikiriniň bardygyna şaýatlyk edýän ýeterlik subutnamalar bolan halatynda, salgydy möhletinden öň hasaplamaga we bellemäge, şeýle hem salgydy haýal etmän tölemegi talap etmäge hem haklydyr.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
35-nji madda. Salgyt özeni
1. Salgyt özeni her bir salgyt salynýan binýat boýunça degişli hasabat (salgyt) döwri üçin kesgitlenýär we onuň gymmatyny, fiziki ýa-da başga bir häsiýetlerini özünde jemläp biler. Salgyt salynýan binýat we salgyt özenini kesgitlemegiň tertibi salgydyň her bir görnüşi boýunça şu Bitewi kanun arkaly bellenilýär.
2. Salgyt özeni aşakdaky ýagdaýlarda düzedilmäge degişlidir:
geleşik geçirmegiň ýagdaýlary üýtgände;
geleşik doly ýa-da bölekleýin ýatyrylanda;
bahalaryň we nyrhlaryň üýtgemegi netijesinde geleşigiň pul möçberi üýtgände;
geleşik hakyky däl hasap edilende;
geçen salgyt (hasabat) döwürlerinde hasaba alynmadyk geleşikler ýüze çykarylanda;
geçen salgyt (hasabat) döwürlerinde ýol berlen ýalňyşlyklar (ýoýulmalar) ýüze çykarylanda;
zerur bolan beýleki halatlarda.
Görkezilen halatlarda şeýle ýagdaýlar ýüze çykarylan salgyt (hasabat) döwrüniň salgyt özeni düzediş girizilmäge degişlidir, ýol berlen ýalňyşlyklaryň (ýoýulmalaryň) tapylmagy we (ýa-da) geçen salgyt (hasabat) döwürlerinde hasaba alynmadyk geleşikleriň ýüze çykarylmagy muňa girmeýär. Ýol berlen ýalňyşlyklar (ýoýulmalar) tapylan we (ýa-da) geçen salgyt (hasabat) döwürlerinde hasaba alynmadyk geleşikler ýüze çykarylan halatynda, ýüze çykarylan ýagdaýlar hasaba alynmazdan kesgitlenilen (hasaplanylan) salgyt (hasabat) döwrüniň salgyt özeni düzediş girizilmäge degişlidir. Şunda salgytlaryň aýry-aýry görnüşleri üçin şu Bitewi kanunyň II Bölegi bilen bellenilen aýratynlyklar nazara alynýar.
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde geleşikler hakyky däl diýlip ykrar edilende, salgyt özeni geleşigiň beýleki tarapyna gaýtarylyp berilýän serişdeleriň möçberinde azaldylýar.
Resminamalaýyn salgyt barlaglarynyň netijesinde bikanun alnan girdejiniň (jemi girdeji ýa-da peýda) pul möçberi ýüze çykarylan we Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda maliýe jerimeleri görnüşinde alnan halatlarynda, olar olardan hasaplanan we tölenen salgydyň möçberine azaldylýar. Şunuň ýaly girdejä barlag geçirilmezinden öň salgyt salynmadyk bolsa, ondan salgytlary hasaplamak geçirilmeýär.
Diňe degişli resminamalar arkaly tassyklanan esaslar bolan halatynda salgyt özenine düzediş girizilýär.
3. Haçan-da öň salgyt özeni Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli pul serişdeleriniň möçberine azaldylan ýa-da bu serişdeleriň geçirilmäge degişli möçberi salgytdan boşadylýan ýa-da goşulan baha üçin salgydyň nol möçberleri ulanylýan harytlara (işlere, hyzmatlara) degişli bolan halatlarynda, manatda üstüniň dolunmagy alnan mahaly salgyt özenine düzediş girizmeklik amala aşyrylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
36-njy madda. Salgyt salmak maksatlary üçin harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň bahasyny kesgitlemek
1. Salgyt salmagyň maksatlary üçin geleşigiň taraplarynyň harytlara, işlere, hyzmatlara ulanan bahasy kabul edilýär. Munuň şeýle däldigi subut edilýänçä, bu baha bazar bahasy bolup durýar diýlip çak edilýär.
Hakyky bazar bahalary barada resmi maglumatyň bar bolan ýagdaýynda, geleşigiň amala aşyrylan ýeri boýunça bahalar ulanylýar.
2. Salgyt edarasy salgyt salmak maksady üçin aşakdaky ýagdaýlarda geleşigiň taraplarynyň ulanan bahalaryna baha bermäge haklydyr:
bir-birine garaşly taraplaryň arasynda geleşikler geçirilende;
harytlary, işleri, hyzmatlary çalyşmak boýunça işler geçirilende;
daşary söwda geleşiklerinde;
eger salgydyň hasaplanylyşynyň dolulygyna gözegçilik amala aşyrylanda, geleşigiň taraplarynyň ulanan bahalary harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar bahalaryndan ep-esli tapawutlanýar diýip pikir etmäge ýeterlik esas bar bolanda.
Salgyt salmak maksady üçin biri-birine garaşly taraplar diýlip, özara gatnaşyklary olaryň iş şertlerine ýa-da ykdysady netijelerine täsir edip biljek şahsy we (ýa-da) edara görnüşli taraplar ykrar edilýär.
3. Deňeşdirme şertlerinde meňzeş, olar bolmasa-da kybapdaş harytlara (işlere, hyzmatlara) bolan isleg bilen hödüriň özara arabaglanyşygynda emele gelen baha hakyky bazar bahasy diýlip ykrar edilýär.
Deňeşdirme şertleri diýlip, eger olaryň arasyndaky tapawut harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyna düýpli täsir etmeýän ýa-da düzedişleriň üsti bilen göz öňünde tutup bolýan şertler ykrar edilýär. Garaşsyz hyzmatdaşlaryň ýa-da biri-birine garaşly taraplaryň arasynda, eger olaryň özara garaşlylygy geleşigiň netijelerine täsir etmeýän bolsa, wagty boýunça golaý geçirilen geleşikler, şeýle hem iberilýän harytlaryň sany (möçberi), borçlaryň ýerine ýetirilen möhleti, tölegiň şertleri we geleşiklerde adatça ulanylýan beýleki şertler göz öňünde tutulmalydyr.
Bazaryň hakyky bahasyny kesgitlemek üçin aşakdakylar ulanylyp bilner:
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar lomaý bahasynyň döwlet hasabaty edaralaryndan alnan, şunuň ýaly bahalaryň arasynda 15 göterim çäklerinde emele gelen göterime görä azaldylan, harytlaryň, (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar bölek satuw bahasy baradaky maglumatlaryň esasynda kesgitlenýän usuly;
harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar bahasynyň alyjynyň olary soňra ýerleýän bahasynyň esasynda kesgitlenýän usuly. Şunda alyjynyň ýerleýän bahasy alyjynyň şeýle harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek üçin eden harajatlarynyň degişli bölegine, şeýle hem alyjynyň şu ugurda alýan peýdasynyň möçberlerinde azaldylýar;
satyjynyň şeýle görnüşindäki harytlara (işlere, hyzmatlara) çykaran harajatlarynyň we işiň şu ulgamynda adaty alynýan peýdanyň esasynda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar bahasyny kesgitlemek usuly. Görkezilen usul birinji iki usuly ulanmak mümkin bolmadyk ýagdaýlarda ulanylýar.
Şu usullardan peýdalanmak bilen kesgitlenen hakyky bazar bahasy degişli hasaplamalar bilen tassyklanmalydyr. Harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar bahasy baradaky maglumatlar döwlet hasabaty edaralaryndan we beýleki resmi maglumat çeşmelerinden hem alnyp bilner.
Salgyt edarasynyň harytlar (işler, hyzmatlar) üçin bahalar we tarifler hakyndaky bar bolan maglumatlary talap etmäge haky bardyr, soralýan tarap bolsa şol maglumatlary ýa-da netijenamany bermäge borçludyr.
Salgyt salmak maksady üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän bahalar (nyrhlar) boýunça harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende görkezilen bahalar (nyrhlar) ulanylýar.
4. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hakyky bazar nyrhlary kesgitlenende aşakdaky ýagdaýlar bilen baglanyşykly indirimler göz öňünde tutulmalydyr:
sarp edijilik isleginiň möwsümleýin we beýleki ýagdaýlar sebäpli üýtgemegi;
hiliniň we gaýry sarp edijilik häsiýetleriniň ýitgileri;
ýaramlylyk ýa-da ýerlemek möhletiniň tamamlanýan senesiniň golaýlamagy;
özüne meňzeşi ýok täze harytlaryň bazara getirilmegi, şeýle hem harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) täze bazarlara getirilmegi;
alyjylary tanyşdyrmak maksady bilen bazara getirilen harytlaryň synag görnüşleriniň we nusgalarynyň ýerlenmegi.
5. Şu maddanyň 2-nji bölüminde göz öňünde tutulan geleşik taraplarynyň ulanan bahalary bazaryň hakyky bahasyndan 20 göterimden köp pes bolan ýagdaýynda (ep-esli tapawutlylyk), salgyt edarasy degişli harytlara (işlere, hyzmatlara) bazaryň hakyky nyrhlaryndan ugur alyp, salgydy hasaplamak we bellemek barada esaslandyrylan çözgüt kabul etmäge haklydyr.
Şu Bitewi kanunyň 154-nji maddasynyň sekizinji bölegi bilen bellenilen halatlarda satyn alynýan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalarynyň 20 göterimden köp ýokarlandyrylmagy hem hakyky bazar bahalaryndan ep-esli tapawutlylyk bolup durýar.
6. Özlerine mahsus birmeňzeş alamatlary, hususan-da – fiziki häsiýetnamasy, hili, bazardaky abraýy, çykarylan ýurdy, öndürijisi bir bolan harytlar meňzeş harytlar diýlip ykrar edilýär.
Meňzeş bolmazdan deňdeş häsiýetleri bolan we şol bir wezipäni ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän meňzeş böleklerden ybarat bolan we täjirçilik taýdan özara çalşylyp bolýan harytlar kybapdaş harytlar diýlip ykrar edilýär. Harytlaryň kybapdaşlygy kesgitlenilende, hususan-da olaryň hili, harytlyk nyşany, bazardaky abraýy, öndürilen ýurdy göz öňünde tutulýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 59-njy madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
37-nji madda. Salgydyň möçberi
Salgydyň möçberi salgyt özeniniň birliginden göterim we (ýa-da) kesgitlenen ululyk görnüşinde alynýan salgydyň möçberini aňladýar.
38-nji madda. Salgyt döwri
1. Salgyt özeniniň we tölemäge degişli salgydyň möçberiniň hasaplanýan wagt aralygy salgyt döwri diýlip hasap edilýär. Salgyt döwri şu Bitewi kanun tarapyndan salgytlaryň aýry-aýry görnüşleri babatynda bellenýär.
Salgyt döwri bir ýa-da birnäçe hasabat döwründen ybarat bolup biler.
2. Ýanwar aýynyň 1-inden sentýabr aýynyň 30-yny öz içine alýan aralykdaky döwürde döredilen edara görnüşli tarap üçin, salgyt döwri salgyt ýylyna deň bolan salgytlar babatyndaky ilkinji salgyt döwri, onuň döredilen gününden başlap şol ýylyň ahyryna çenli wagt aralygy bolup durýar.
Oktýabr aýynyň 1-inden dekabr aýynyň 31-ini öz içine alýan aralykda döredilen edara görnüşli tarap üçin, şeýle salgytlar üçin ilkinji salgyt döwri onuň döredilen gününden başlap, döredilen ýylyndan soňky senenama ýylynyň ahyryna çenli wagt aralygy bolup durýar.
3. Edara görnüşli tarap döredilende ýa-da ýatyrylanda salgyt döwri senenama aýy ýa-da çärýegi hökmünde bellenenler üçin salgytlar babatynda birinji (soňky) salgyt döwri salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýerindäki salgyt edarasy bilen ylalaşylyp kesgitlenilýär.
4. Şu maddanyň 2-nji we 3-nji bölekleri aşakdakylara ulanylýar:
Türkmenistanyň dahylsyzy bolan edara görnüşli taraplaryň şahamçalary, wekilhanalary ýa-da hemişelik wekilhanalary babatynda;
hususy telekeçiler bolan şahsy taraplar babatynda;
salgyt töleýjiler bolup duran şerekete girýän taraplar babatynda;
edara görnüşli taraplar goşulan ýa-da bölünen ýagdaýlarynda.
5. Eger salgyt salmagyň binýady bolup durýan emläk senenama ýylynyň dowamynda satyn alnan, satylan (aýrybaşgalanan ýa-da ýok edilen) bolsa, şu emläk babatynda salgyt boýunça salgyt döwri şol senenama ýylynda şol emlägiň salgyt töleýjiniň eýeçiliginde hakyky bolan döwrüniň wagty bilen kesgitlenýär.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
39-njy madda. Salgyt edarasy tarapyndan salgydyň çak edilýän möçberini kesgitlemegiň usullary
1. Salgyt töleýji tarapyndan şu Bitewi kanunda bellenen möhletde salgyt beýannamasynyň berilmedik ýagdaýynda, salgydyň çak edilýän möçberi salgyt edarasy tarapyndan öňki hasabat döwri üçin salgydyň bellenen möçberinden ugur alnyp kesgitlenýär.
2. Eger geçirilýän salgyt barlaglarynyň barşynda salgyt salynýan binýatlaryň hasaba alynmandygy ýa-da salgyt töleýji tarapyndan şeýle maglumatlaryň berilmeýändigi ýüze çykarylsa, onda salgyt edarasy özünde bar bolan maglumatlaryň esasynda, degişli ýagdaýlarda harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) kesilen bahasyny, emlägiň kesilen bahasyny, zähmet hakynyň ortaça derejesini, 25 göterim möçberinde düşewüntliligi (haryt dolanyşygynyň 8 göterimi – söwda işleri üçin) ulanyp, salgydyň çak edilýän möçberini hasaplamaga we bellemäge haklydyr.
Düşewüntlilik şu halatda, söwda işinden başga ýagdaýlarda, Bitewi kanunyň 133-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýär.
Salgydyň çak edilýän möçberi beýleki salgyt töleýjileriň alyp barýan şonuň ýaly işleriniň ykdysady görkezijilerini deňeşdirmek esasynda hem hasaplanyp we bellenilip bilner.
Baha bermegiň ýokarda görkezilen usullary dürli netijeleri beren halatynda, salgydyň çak edilýän möçberiniň iň ýokary ululygy kabul edilýär.
3. Salgyt töleýji tarapyndan soňundan salgyt beýannamasynyň, zerur bolan ýagdaýynda bolsa, salgyt salynýan binýatlary hasaba almagyň maglumatlarynyň berlen halatynda salgyt edarasy şu maddanyň 1-nji we 2-nji bölümine laýyklykda bellenen salgydyň möçberine düzediş girizýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
40-njy madda. Hak isleginiň wagt möhletleri
1. Salgyt edarasy salgydyň bellenen möçberine salgydyň bellenen degişli salgyt döwri tamamlanandan soň bäş ýylyň dowamynda düzediş girizmäge haklydyr.
2. Salgydyň bellenen ýa-da goşmaça hasaplanan möçberini almaklyk, salgydy tölemek hakyndaky talabyň ýüze çykan pursadyndan başlap bäş ýylyň dowamynda amala aşyrylyp bilner.
2-nji paragraf. Salgyt habarnamasynyň görkezilmegi
41-nji madda. Salgyt habarnamasy
1. Salgyt habarnamasy salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň) salgyt töleýjä bildirýän ýazmaça talaby bolup durýar.
Salgyt habarnamasy salgyt töleýjä aşakdaky ýagdaýlarda iberilýär:
a) salgyt edarasy (gümrük gullugy) tarapyndan şu Bitewi kanuna laýyklykda salgyt hasaplananda;
b) eger kameral barlagyň netijeleri boýunça salgyt edarasy tarapyndan salgyt töleýjiniň özbaşdak hasaplan salgydynyň möçberinden tapawutlanýan salgydyň möçberi ýüze çykarylanda;
ç) resminamalar esasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde salgyt edarasy (gümrük gullugy) salgydyň bellenen möçberini üýtgetmek barada çözgüt kabul edende;
1. d) salgydy tölemegiň möhleti üýtgedilende;
e) salgyt töleýjiniň salgyt tölemek boýunça ýerine ýetirilmedik borçlary bolanda;
ä) salgyt salmak bilen bagly beýleki ýagdaýlarda.
2. Salgyt habarnamasy şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen degişli ýagdaýlar ýüze çykandan soň bäş günden gijä galman salgyt töleýjä iberilmelidir ýa-da gowşurylmalydyr.
Salgyt habarnamasy edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysyna (onuň kanuny ýa-da ygtyýarly wekiline) ýa-da şahsy tarapa (onuň kanuny ýa-da ygtyýarly wekiline) gol çekdirilip elin ýa-da onuň alnandygyny we senesini tassyklaýan başga bir görnüşde gowşurylmalydyr. Görkezilen taraplar salgyt habarnamasyny almakdan ýüz öwren halatlarynda, şol habarnama tabşyryk haty bilen poçta arkaly iberilýär. Salgyt habarnamasy tabşyryk haty bilen iberilenden alty gün geçenden soň alnan hasap edilýär.
3. Eger salgyt habarnamasy iberilenden ýa-da salgyt töleýjä gowşurylandan soň, salgyt edarasyna (gümrük gullugyna) salgyt habarnamasynda görkezilen salgydyň möçberiniň üýtgedilmegine getirýän ýagdaýlar ýa-da subutnamalar aýan bolanda, salgyt habarnamasy üýtgedilmäge degişlidir.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
42-nji madda. Salgyt habarnamasynyň görnüşi
1. Salgyt habarnamasynyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýar.
2. Salgyt habarnamasyna salgyt edarasynyň ygtyýarly wezipeli adamy tarapyndan gol çekilmelidir we salgyt edarasynyň möhüri bilen tassyklanmalydyr.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
3-nji bap. Salgydy tölemek
1-nji paragraf. Salgydy tölemek borjy we ony ýerine ýetirmek
43-nji madda. Salgydy tölemek boýunça borçlaryň döremegi we bes edilmegi
1. Salgyt töleýjide salgyt tölemek boýunça borçlar Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda salgydyň tölenmegi göz öňünde tutulýan ýagdaýlar ýüze çykan pursadyndan döreýär.
2. Salgyt tölemek boýunça borçlar aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:
tölenmeli salgyt tölenende;
salgyt töleýji merhum bolanda ýa-da Türkmenistanyň Raýat kodeksi tarapyndan bellenen tertipde onuň merhum bolandygy ykrar edilende;
kazyýetiň çözgüdi boýunça;
salgyt töleýjiniň gurpsuzdygy (batandygy) sebäpli edara görnüşli tarap ýatyrylanda;
şu Bitewi kanun tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlaryň bes edilmegi bilen baglanyşdyrylýan gaýry ýagdaýlar peýda bolanda.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
44-nji madda. Salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň nobatlylygy
Salgyt töleýjiniň bank edarasyndaky hasabynda özüniň ähli borçnamalaryny ýerine ýetirmäge pul serişdeleriniň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda, onuň salgytlary, maliýe jerimelerini we puşmana pullaryny tölemek, şu aşakdaky borçnamalardan başga hemme borçnamalardan öňürti ýerine ýetirilýär:
ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak, alimentleri tölemek boýunça tölegler;
zähmet ylalaşygy (şertnamasy) esasynda, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly raýat-hukuk häsiýetli beýleki ylalaşyklar boýunça işleýän şahslara işden çykylanda berilýän hemaýat puluny we zähmet hakyny tölemek, şeýle hem işgärlere awtorlyk ylalaşygy boýunça tölegleri we öwezini doluş pullaryny tölemek;
döwlet pensiýalaryny we kömek pullaryny tölemek, hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy, pensiýa we saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy baradaky ylalaşyklar boýunça geçirmeler;
salgyt töleýjileriň girewe goýlan emlägini ýerlemekden alnan pul serişdeleriniň hasabyna, karzdarlaryň girew bilen üpjün edilen talaplarynyň öwezini dolmak.
Aýratyn halatlarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşmak boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan baglaşylan karz ylalaşyklaryna laýyklykda daşary ýurtlaryň maliýe guramalaryndan alnan karzlar boýunça berginiň (hasaplanan göterimleri hasaba almak bilen) möçberini tölemek boýunça borçnamalar, şeýle hem hasaplaşyklary geçirmegiň ýörite tertibine laýyklykda beýleki tölegler salgytlary, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek boýunça borçnamalardan öňürti ýerine ýetirilip bilner.
(2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 23-nji noýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 71-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
45-nji madda. Salgydy tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň möhletleri
1. Salgydy tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň möhletleri şu Bitewi kanun we salgyt kanunçylygynyň beýleki namalary tarapyndan salgydyň her bir görnüşi babatynda bellenýär.
2. Öň bellenen salgyt üýtgedilende goşmaça hasaplanan salgydyň möçberi salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan salgyt habarnamasy alnan gününden soň bäş günüň dowamynda tölenýär.
3. Salgyt tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmeli möhleti şu Bitewi Kanunyň 54-56-njy maddalarynda bellenen ýagdaýlarda üýtgedilip bilner.
46-njy madda. Salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmek
1. Salgyt tölemek boýunça borçlaryny şu Bitewi kanuna ýa-da salgyt kanunçylygynyň beýleki namalaryna laýyklykda bu borçlary ýerine ýetirmek başga borçly adama ýüklenen ýagdaýlardan beýleki halatlarda, gönüden - göni salgyt töleýjiniň özi ýerine ýetirýär.
Tebigy we ugurdaş gazy, nebiti we nebit önümlerini çykarmak (öndürmek) we (ýa-da) ýerlemek bilen baglanyşykly amallary şeýle hem demir ýol gatnawlaryny amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran edara görnüşli taraplar üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan salgytlary hasaplamagyň, tölemegiň we salgyt beýannamalaryny bermegiň aýratyn tertibi bellenilip bilner.
2. Salgyt nagt pul serişdeleri bilen, şol sanda pul ibermek tertibinde we (ýa-da) tölemegiň nagt däl görnüşinde tölenip bilner.
3. Nagt pul serişdesi bilen tölenende salgydyň bellenen pul möçberiniň ýa-da onuň bir böleginiň tölenen güni diýlip şol pul serişdeleriniň banka geçirilen güni hasap edilýär.
4. Nagt däl pul serişdeleri bilen tölenende salgydyň bellenen pul möçberiniň we onuň bir böleginiň tölenen güni diýlip şol pul serişdelerini bankyň salgyt töleýjiniň hasabyndan öçüren güni hasap edilýär.
5. Salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt tutulyp alnanda salgydyň bellenen pul möçberini salgyt töleýjiniň tölän güni diýlip salgydyň tutulyp alnan güni hasap edilýär.
6. Salgydyň bellenen möçberiniň ýa-da onuň bir böleginiň tölenen güni diýlip, salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň) ýa-da kazyýetiň artyk tölenen ýa-da artyk töletdirilen salgydy hasaplaşyga almak baradaky çözgüdi çykaran güni hasap edilýär.
7. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgyt töletdirilende ýa-da salgyt üçünji tarapa töletdirilende salgydyň bellenen pul möçberiniň ýa-da onuň bir böleginiň tölenen güni diýlip pul serişdeleriniň Türkmenistanyň Döwlet býujetine gowşan güni hasap edilýär.
8. Salgyt töleýjilere tölenen pul serişdelerinden tutulyp alynmadyk we (ýa-da) Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilmedik salgydy tölemek, salgyt ýumuşçysy tarapyndan onuň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar, soňra bu möçberler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde salgyt töleýjilerden tutulyp alynýar.
Tutulyp alynmadyk salgyt salgyt töleýjilerden aşakdaky ýagdaýlarda tutulyp ýa-da talap edilip bilner:
salgydyň tutulyp alynmandygy ýüze çykarylan aýyndan öňki üç aýyň içinde şahsy taraplara geçirilen töleglerden;
salgydyň tutulyp alynmandygy ýüze çykarylan ýylyndan öňki bäş ýylda edara görnüşli taraplara geçirilen töleglerden.
9. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmezligi ýa-da doly ýerine ýetirmezligi salgyt edarasy (gümrük gullugy) tarapyndan salgyt we degişli maliýe jerimelerini tölemek barada talap bildirmäge, şeýle hem şu Bitewi kanunyň 58-70-nji maddalaryna laýyklykda, salgyt tölemek borçlaryny ýerine ýetirmegi üpjün edýän çäreleri görmäge esas bolup biler.
10. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
47-nji madda. Salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň) çözgüdinden şikaýat edilende salgydy tölemek
1. Salgyt edarasy (gümrük gullugy) tarapyndan bellenilen salgydyň möçberi babatynda şikaýat edilende, onuň jedelleşilmeýän pul möçberini tölemek boýunça borçlar salgyt töleýji tarapyndan ýerine ýetirilmelidir. Salgydyň jedelleşilýän pul möçberi arza salgyt edarasynda we kazyýetde seredilýän döwrüniň dowamynda tölenmeýär, emma bu onuň bellenen gününden (ýa-da onuň düzedilen gününden) başlap alty aýdan köp bolmaly däldir. Bellenen salgydyň ählisiniň ýa-da onuň bir böleginiň tölenmezligi salgyt töleýjini şol salgydy wagtynda tölemändigi üçin puşmana tölegini tölemekden boşatmaýar.
Salgydy tölemek boýunça borçlar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda şeýle borçlary ýerine ýetirmegi üpjün edýän çäreler salgyt edarasy (gümrük gullugy) tarapyndan salgydyň möçberiniň jedelleşilmeýän möçberi babatynda ulanylýar.
Şunda salgyt edarasynyň salgyt töleýjiden salgydyň jedelleşilýän pul möçberi babatynda emlägi (pul serişdelerini) girewine goýmagy ýa-da kepil geçmekligi talap etmäge hukugy bardyr. Salgyt töleýji tarapyndan görkezilen talaplaryň ýerine ýetirilmegi mümkin bolmadyk halatynda, onuň salgydy tölemek boýunça borjy jedelleşilýän möçber babatynda ýerine ýetirilmelidir.
2. Salgydyň jedelleşilýän pul möçberini doly ýa-da bölekleýin ýatyrmak barada çözgüt kabul edilende, salgyt töleýjiniň ýatyrylan salgydy tölemändigi üçin tölän puşmana tölegini yzyna almaga hukugy bardyr. Alnan puşmana tölegini yzyna gaýtarmak şu Bitewi kanunyň 49-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
3. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar, şeýle hem salgyt ýumuşçylaryna degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
48-nji madda. Salgyt töleýjiniň tabşyryklaryny we salgyt edarasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek boýunça bank edaralarynyň borçlary
1. Bank edarasy salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bank edarasyndaky islendik hasaplarynda pul serişdesiniň bardygyna, ýokdugyna garamazdan salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt geçirmek baradaky töleg tabşyrygyny kabul etmäge borçludyr.
Salgyt edarasynyň salgytlaryň pul möçberlerini geçirmek baradaky töleg talapnamasy salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hasaplarynda pul serişdesiniň bardygyna, ýokdugyna garamazdan bank edarasy tarapyndan kabul edilýär.
Salgytlaryň pul möçberini geçirmek boýunça töleg talapnamasy şu Bitewi kanunyň 44-nji we 46-njy maddalarynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp, bank edarasy tarapyndan ýerine ýetirilýär.
Salgyt geçirmek üçin töleg tabşyrygyny (töleg talapnamasy) doly möçberde ýerine ýetirmek üçin, salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hasaplarynda pul serişdeleri bar bolanda, bank edarasy tarapyndan töleg tabşyrygy (töleg talapnamasy) alnan gününden soňky iş gününden gijä galman ýerine ýetirilýär.
Bank edarasy tarapyndan salgydy geçirmek üçin töleg talapnamasy (tabşyrygy) alnan gününde salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hasaplarynda pul serişdeleri ýetmezçilik eden halatynda ýa-da ýok bolanda, töleg talapnamasy (tabşyrygy) şol hasaplara pul serişdeleriniň gelip gowşuşyna görä, puluň gelip gowşan gününden soňky günden gijä galman ýerine ýetirilýär.
Şu bölümiň düzgünleri salgydyň tölenmedik möçberi salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bergidarlary bolup durýan üçünji tarapа töletdirilende-de ulanylýar.
2. Bank edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetine alynýan salgytlary geçirmek boýunça amallar hiç bir töleg almazdan geçirilýär.
3. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
49-njy madda. Artyk tölenen salgydy hasaplaşyga almak we yzyna gaýtarmak
1. Eger tölenen salgydyň pul möçberi kesgitlenen möçberden artyk bolanda, salgyt töleýji hökmünde hasaba goýlan ýeri boýunça salgyt edarasy, degişli ýagdaýlarda bolsa gümrük gullugy:
a) salgyt töleýjini ýazmaça habarly etmek bilen, beýleki islendik salgyt, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergini üzmegiň hasabyna artyk tölenen salgydy hasaplaşyga alýar. Hasaplaşyga almak bergiler bar bolanda (ýa-da bergi dörände artyk tölenen salgyt bar bolanda) artyk tölenen salgydyň dörän gününiň ertesi gününden gijä galman geçirilýär;
b) beýleki salgytlar, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergiler bolmadyk ýagdaýynda, salgyt töleýjiniň ýazmaça arza beren pursadyndan başlap on gün möhletde tölenen salgydyň artygyny salgyt töleýjä gaýtaryp bermek barada maliýe edarasyna netijenama berýärler.
2. Salgyt edarasy (gümrük gullugy) salgydyň artyk tölenen möçberleriniň hasaplaşyga alnandygy barada salgyt töleýjä şeýle hasaplaşyga almaklygyň geçirilen gününden soňky günden gija galman habar bermäge borçludyr.
3. Artyk tölenen salgydyň möçberini yzyna gaýtarmak salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň) netijenamasynyň esasynda degişli maliýe edarasy tarapyndan şeýle netijenama alnan gününden başlap ýigrimi günüň dowamynda geçirilýär.
4. Salgydyň artyk tölenen ýa-da tutulyp alnan pul möçberi öz wagtynda gaýtarylmasa, her bir duşdan geçirilen gün üçin görkezilen pul möçberiniň 0,03 göterimini hasaplap ýazmak bilen geçirilýär.
5. Salgyt töleýjiniň salgydyň tölenen (tutulyp alnan) gününden bäş ýylyň dowamynda artyk tölenen salgydyň hasaplaşyga alynmagyny we (ýa-da) yzyna gaýtarylmagyny talap etmäge hukugy bardyr. Salgyt edarasynyň kabul eden çözgütlerinden şikaýat edilen halatynda, görkezilen möhlet şikaýata garalýan döwre görä togtadylýar.
6. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar, şeýle hem salgyt ýumuşçylaryna degişlidir.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
50-nji madda. Salgyt töleýji – edara görnüşli tarap ýatyrylanda salgyt tölemek
1. Salgyt töleýji – edara görnüşli tarap ýatyrylanda salgyt tölemek borçlary onuň pul serişdesiniň, şol sanda oňa degişli emlägi ýerlemekden alnan serişdeleriň hasabyna ýatyryjy topar tarapyndan ýerine ýetirilýär.
2. Eger ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň pul serişdeleri, şol sanda onuň emlägi ýerlenenden soň hem onuň pul serişdeleri salgytlary tölemek üçin ýeterlik bolmasa, eger kanuna ýa-da esaslandyryjy resminamalara laýyklykda onuň borçnamalary boýunça esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) jogapkärçilik çekýän bolsalar, galan bergileri şolar tarapyndan üzülmelidir.
3. Esaslandyryjylar (gatnaşyjylar) tarapyndan ýatyrylýan edara görnüşli tarap babatynda borçnamalary ýerine ýetirilenden soň galýan bergiler üzüljegine umyt bolmadyk bergi hasap edilýär we şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasynda bellenen tertipde hasapdan öçürilýär.
4. Ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň salgytlary tölemek boýunça borçlary ýatyrmak işi başlanandan soň iki aýdan gijä galman ýerine ýetirilýär. Salgyt edarasynyň ýeterlik esas bolanda, görkezilen möhleti uzaltmaga, emma bir aýdan köp bolmadyk möhlete uzaltmaga hukugy bardyr.
5. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar, şeýle hem salgyt ýumuşçylaryna degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
51-nji madda. Salgyt töleýji – edara görnüşli tarap üýtgedilip guralanda salgyt tölemek
1. Üýtgedilip guralmaga degişli salgyt töleýjiden-edara görnüşli tarapdan alynmaly salgytlary tölemek onuň hukuk mirasdüşeriniň (hukuk mirasdüşerleriniň) üstüne ýüklenýär. Şunda, şunuň ýaly edara görnüşli tarapyň ýerine salgydy tölemek borçlary, onuň (olaryň) üýtgedip gurmaklyk tamamlanýança, üýtgedilip guralan edara görnüşli tarap tarapyndan salgydy tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da degişli görnüşde ýerine ýetirilmändigi barada habarly bolandygyna ýa-da bolmandygyna garamazdan, hukuk mirasdüşerde (hukuk mirasdüşerlerde) döreýär.
Birnäçe hukuk mirasdüşerleri bolan halatynda, salgyt tölemek boýunça borçlary şeýle edara görnüşli tarap üçin her bir mirasdüşeriň paýy bölüniş balansyna ýa-da bölüniş baradaky başga bir nama laýyklykda kesgitlenýär.
Edara görnüşli tarapyň üýtgedilip guralmagy şu edara görnüşli tarapyň hukuk mirasdüşeriniň (hukuk mirasdüşerleriniň) salgyt tölemek boýunça borçlarynyň ýerine ýetirilmeli möhletini üýtgetmeýär.
2. Edara görnüşli tarapyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilende (hususylaşdyrmakdan başga halatlarda) onuň salgytlary tölemek boýunça hukuk mirasdüşeri diýlip şeýle üýtgedip guramak geçirilende döreýän edara görnüşli tarap ykrar edilýär.
3. Birnäçe edara görnüşli taraplar goşulanda olaryň salgytlary tölemek boýunça mirasdüşeri diýlip şeýle goşulma geçirilende döreýän edara görnüşli tarap ykrar edilýär.
4. Edara görnüşli tarapyň biriniň beýleki bir edara görnüşli tarapa goşulan halatynda, olaryň salgyt tölemek boýunça hukuk mirasdüşeri diýlip olaryň birikdirilen edara görnüşli tarapy ykrar edilýär.
5. Edara görnüşli tarap bölünende salgytlary tölemek boýunça hukuk mirasdüşeri diýlip şeýle bölünme geçirilende döreýän edara görnüşli taraplar ykrar edilýär.
6. Edara görnüşli tarapyň birinden bir ýa-da birnäçe edara görnüşli tarap bölünip aýrylanda şeýle edara görnüşli taraplar üçin salgytlary tölemek boýunça hukuk mirasdüşerligi döremeýär. Şeýle hem, düzüminden bölünip aýrylmak bolup geçen edara görnüşli tarapa berlen ýeňillikler olara degişli edilmeýär.
Şeýle üýtgedip guramagyň salgyt tölemek borçlaryny ýerine ýetirmekden boýun gaçyrmaga gönükdirilendigi barada ýeterlik esaslar bolanda, salgyt edarasy bölünip aýrylan edara görnüşli tarapdan üýtgedilip guralan edaranyň salgytlaryny tölemegini talap etmäge haklydyr.
7. Şu madda maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri babatynda hem ulanylýar, şeýle hem salgyt ýumuşçylaryna degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
52-nji madda. Şahsy tarap merhum bolanda salgyt boýunça bergileri tölemek
1. Şahsy tarap merhum bolan ýagdaýynda onuň salgyt boýunça bergileri emläginiň mirasdary bolan hukuk mirasdüşeriniň (mirasdüşerleriniň) üstüne ýüklenýär. Tölenmedik salgydyň pul möçberi hukuk mirasdüşeri (hukuk mirasdüşerleri tarapyndan miras paýlaryna görä) tarapyndan, Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, miras kabul edilen gününden başlap alty aýdan gijä galman tölenmäge degişlidir.
Şunda hukuk mirasdüşerinde (hukuk mirasdüşerlerinde) merhum bolan şahsy tarapyň tölemedik jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek boýunça borçlary döremeýär. Bu bergi üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilýär we şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasynda bellenilen tertipde hasapdan öçürilmäge degişlidir.
2. Merhum bolan şahsy tarapyň ýaşan we onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça salgyt edarasy onuň merhum bolandygy barada habar alandan soň bäş günüň içinde merhum bolan şahsy tarapyň salgyt boýunça bergisiniň bardygy barada onuň mirasy barada iş açan notarial edarasyna habar bermäge borçludyr. Miras barada iş açan notarial edarasy görkezilen maglumaty, mirasdaryň (mirasdarlaryň) dykgatyna ýetirmelidir we miras kabul edilen ýagdaýynda, merhum bolan şahsy tarapyň salgydynyň tölenmän galan pul möçberini onuň ýerine tölemek borçlaryny oňa (olara) habar bermelidir.
3. Mirasdar (mirasdarlar) bolmadyk ýagdaýynda ýa-da mirasdar (mirasdarlar) mirasy kabul etmekden boýun gaçyran halatynda, şahsy tarap merhum bolan ýagdaýynda salgydyň tölenmedik pul möçberi üzüljegine umyt bolmadyk bergi diýlip ykrar edilýär hem-de şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasynda bellenen tertipde hasapdan öçürilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., №1-2, 22-nji madda).
53-nji madda. Nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby bolmadyk şahsy tarapyň ýerine salgyt tölemek
1. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen şahsy tarapyň ýerine, onuň şeýledigi ykrar edilen günündäki ýagdaýa görä, salgytlary, şeýle hem maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek borçlaryny, şol emlägiň hasabyna, nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen tarapyň emlägine eýeçilik etmäge ygtyýarly tarap ýerine ýetirýär. Salgydyň tölenmedik pul möçberi, şeýle hem görkezilen maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri, nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen tarapyň emlägine eýeçilik etmäge ygtyýarly tarapyň bellenen gününden başlap üç aýdan gijä galman tölenmelidir.
Degişli salgyt edarasy şahsy tarapyň nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen gününden başlap bäş gün möhletde onuň emlägini dolandyrmaga ygtyýar berlen tarapa şol tarapyň salgyt boýunça bergileriniň, tölenmedik maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň bardygy hakynda habar bermäge borçludyr.
2. Şahsy tarap nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen pursadyndan onuň emlägine eýeçilik etmäge ygtyýarly tarapyň bellenen gününe çenli hasaplanan maliýe jerimeler we puşmana tölegleri şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasynda bellenen tertipde hasapdan öçürilýär.
3. Bellenen tertipde nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen şahsy tarapyň salgyt boýunça bergilerini, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini üzmäge şol şahsy tarapyň emläginiň ýetmedik (bolmadyk) halatynda, onuň salgyt borçlarynyň, tölenmeli maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň görkezilen emlägiň bahasyndan artyk bölegi üzüljegine umyt bolmadyk bergi hasap edilýär we şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasynda bellenen tertipde hasapdan öçürilýär.
Şahsy tarapy nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen çözgüdi ýatyrmak barada çözgüt bellenilen tertipde kabul edilende, eger hak isleginiň wagt möhleti geçmedik bolsa, şeýle çözgüt kabul edilen gününden başlap salgytlar, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça öň hasapdan öçürilen bergiler gaýtadan dikeldilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
2-nji paragraf. Salgytlary, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň, hasapdan öçürmegiň möhletlerini üýtgetmek
54-nji madda. Salgytlary, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň möhletlerini üýtgetmek
1. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň bellenen möhletiniň has giç möhlete geçirilmegi olaryň tölenmeli möhletleriniň üýtgedilmegi diýlip hasap edilýär.
Salgydy, Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň möhletlerini üýtgetmek salgydyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölemäge degişli pul möçberleriniň ählisini ýa-da olaryň bir bölegini tölemegiň möhletlerini yza süýşürmek ýa-da tölegleri möhletlere bölüp üzmek görnüşinde, berginiň pul möçberini degişlilikde, birwagtda ýa-da tapgyrlara bölüp tölemek bilen amala aşyrylýar.
Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemegiň möhletini üýtgetmek hakyndaky çözgütler:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan – bir ýyla çenli möhleti yza süýşürmek ýa-da böleklere bölüp tölemek görnüşinde;
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy we onuň ýerlerdäki edaralary tarapyndan harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhetlerinden geçirilmegi bilen baglanyşykly tölenmäge degişli salgytlar babatynda – 30 günden köp bolmadyk wagta möhleti yza süýşürmek görnüşinde kabul edilýär.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti salgytlary, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek boýunça möhletleri yza süýşürmek ýa-da olary böleklere bölüp tölemek barada has uzak döwürleri göz öňünde tutýan çözgütleri kabul etmäge haklydyr.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 17-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
55-nji madda. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek boýunça möhleti yza süýşürmegiň ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemegiň tertibi
1. Salgyt töleýjä salgydyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenmeli möhletini yza süýşürmäge ýa-da tölegleri möhletlere bölüp tölemäge şu aşakdakylar esas bolup biler:
a) tebigy hadysalaryň, tehnologik betbagtçylyklaryň ýa-da gaýry ýeňip geçip bolmajak güýçleriň netijesinde bu tarapa zyýan ýetirilmegi;
b) bu tarapy Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirmegiň bökdelmegi;
ç) bu tarapa batmak howpy abananda, önümçilik işi togtadylanda ýa-da bozulanda, onuň salgyt tölegini bir wagtlaýyn töleýän halatynda;
d) şahsy tarapyň emläk ýagdaýy bir wagtlaýyn salgydy tölemäge mümkinçilik bermese;
e) harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhetlerinden geçirilmegi bilen baglanyşykly tölenmäge degişli salgytlar babatynda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar bolanda.
2. Aşakdaky ýagdaýlarda salgyt töleýjiniň salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemeli möhleti yza süýşürilip ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi berlip bilinmez:
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulmagy bilen baglanyşykly jenaýat alamatlary boýunça onuň garşysyna jenaýat işi gozgalanda;
ol pul serişdesini ýa-da salgyt salynmaga degişli gaýry emlägini gizlemek üçin şol üýtgetmelerden peýdalanmakçy ýa-da bu tarapyň hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden çykyp gitmekçi bolýanlygy barada pikir etmäge ýeterlik esaslar bolanda.
3. Şu Bitewi kanunyň 56-njy maddasynyň 4-nji bölüminde görkezilen ýagdaýlardan beýleki halatlarda tölenmeli möhleti yza süýşürilen ýa-da onuň möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi beren salgydyň pul möçberine möhletiň yza süýşürilmeginiň ýa-da böleklere bölüp tölemek mümkinçiliginiň güýjünde döwründe puşmana tölegi hasaplanyp ýazylmaýar.
4. Salgyt töleýjiniň salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermek baradaky esaslar görkezilen we zerur resminamalar goşulan arzasy şeýle çözgüt kabul etmäge ygtyýarly edara berilýär.
5. Şu maddanyň 1-nji bölüminiň “b”, ”ç”, ”d” we “e” bölümçelerinde görkezilen esaslar boýunça salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermek, şu Bitewi kanunda başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, salgyt töleýjiniň emlägi girewine goýmak ýa-da tölemäge ukyply tarapyň kepil geçmegi bilen berlip bilner. Şunda tölegleriň möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek baradaky arzanyň ýanyna girew goýuljak emläkler ýa-da kepil geçilýändigi baradaky resminamalar goşulmalydyr.
6. Salgydy, maliýe jerimesini we puşmana töleglerini tölemek möhletlerini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek ýa-da ondan boýun gaçyrmak baradaky çözgüt salgyt töleýjiniň arzasy alnan gününden başlap bäş günüň dowamynda ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär. Şu maddanyň 1-nji bölüminiň “a” bölümçesinde görkezilen esaslar boýunça ygtyýarly edaranyň salgyt töleýjä ýetirilen zyýanyň möçberinden artyk bolmadyk pul möçberde oňa salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermekden boýun gaçyrmaga haky ýokdur.
7. Möhleti yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek hakyndaky çözgütde tölenmeli möhleti yza süýşürilen ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi berlen salgydyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň görnüşleri we olaryň pul möçberi, olary tölemegiň möhleti we tertibi, şeýle hem degişli ýagdaýlarda, girew goýlan emläk ýa-da kepil geçmek baradaky maglumatlar beýan edilmelidir.
8. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermezlik baradaky çözgütde onuň sebäpleri we esaslary beýan edilmelidir.
9. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermek ýa-da bermezlik hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan ministrligiň Salgyt müdiriýetine we salgyt töleýjä, Salgyt müdiriýeti tarapyndan salgyt töleýjiniň hasapda durýan ýeri boýunça salgyt edarasyna şeýle çözgüt kabul edilen gününden başlap üç günüň dowamynda iberilýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
56-njy madda. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiliginiň bes edilmegi
1. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bes etmek degişli çözgüdiň hereket edýän möhletiniň tamamlanmagy ýa-da şu maddada göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, şeýle möhletiň tamamlanmagyna çenli möhletinden öň bes edilip bilner.
2. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligi salgyt töleýji tarapyndan ähli bergiler bellenen möhlet tamamlanýança üzülen ýagdaýynda möhletinden öň bes edilýär.
3. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermek baradaky çözgüt salgyt töleýjide şu Bitewi kanunyň 55-nji maddasynyň 2-nji bölüminde görkezilen ýagdaýlar ýüze çykarylanda ýatyrylmaga degişlidir.
4. Salgyt töleýji tarapyndan salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmegiň ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bermegiň şertleri bozulanda, degişli ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen, onuň güýji möhletinden öň bes edilmäge degişlidir.
Şeýle ýagdaýlarda salgyt töleýji degişli çözgüdi alan gününden soň bäş günüň dowamynda, çözgüdiň kabul edilen gününe çenli salgydyň maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenmedik pul möçberini tölemäge borçludyr.
5. Salgydy, maliýe jerimelerini we puşmana töleglerini tölemek möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölüp tölemek mümkinçiligini bes etmek hakyndaky çözgüt ygtyýarly edara tarapyndan salgyt töleýjä, onuň salgyt hasabyna goýlan ýeri boýunça salgyt edarasyna şeýle çözgüdiň kabul edilen gününden başlap üç günüň dowamynda ýazmaça görnüşde ýetirilmelidir.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
57-nji madda. Salgytlar, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri hasapdan öçürmek
1. Eger salgyt, maliýe jerimeleri we puşmana tölegler boýunça bergiler üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilse, ol Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň çözgüdi boýunça hasapdan öçürilýär.
Salgytlar, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergiler şu aşakdaky ýagdaýlarda üzüljegine umyt bolmadyk diýlip hasap edilýär:
salgydy töletmek boýunça şu Bitewi kanunyň 40-njy maddasynda bellenen hak isleginiň wagt möhletiniň tamamlanmagy;
maliýe jerimeleriniň ulanylan wagtyndan bäri bäş ýylyň geçmegi;
puşmana tölegi ulanylan salgydyň bellenen ýa-da salgydyň möçberi goşmaça hasaplanyp ýazylan salgyt döwri tamamlanandan soň bäş ýylyň geçmegi.
Şu Bitewi kanunyň 50-nji, 52-nji we 53-nji maddalarynda bellenen we kazyýet tarapyndan çözgüt kabul edilen halatlarynda hem bergiler üzüljegine umyt bolmadyk diýlip hasap edilýär.
2. Berginiň üzüljegine umyt bolmadyk diýlip ykrar edilmegi barlag ykrarhaty (hak islegiň wagt möhletleri tamamlanan halatyndan başga ýagdaýlarda), degişli ýagdaýlarda bolsa, kazyýetiň çözgüdi bilen tassyklanmalydyr.
Salgyt töleýjileri we salgyt ýumuşçylaryny barlamak salgyt edarasy tarapyndan geçirilýär. Şahsy taraplary barlamak güwäleriň ikisiniň gatnaşmagynda geçirilýär.
Barlagy geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýar.
3. Hususylaşdyrylýan kärhananyň salgyt, maliýe jerimeler we puşmana tölegler boýunça bergileri, hususylaşdyrmak baradaky degişli çözgüt alnandan soň, salgyt edarasy tarapyndan hasapdan öçürilýär.
4. Salgyt, maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergiler, aýry-aýry halatlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça hasapdan öçürilip bilner.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
3–nji paragraf. Salgydy tölemek boýunça borçlaryň ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek çäreleri
58-nji madda. Salgydy tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek
1. Salgydy tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegi aşakdaky çäreler bilen üpjün edilýär:
bank edarasyna aksepsiz töleg talapnamasyny bermek;
emlägi girew goýmak;
kepil geçmek;
bank edarasyndaky hasaplar boýunça amallary togtatmak;
salgyt tölemegiň hasabyna üçünji tarapdan salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) degişli pul möçberini tutup almak;
soňra şol emlägiň hasabyna töletdirmek bilen, emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek;
puşmana tölegini salmak.
2. Görkezilen çäreler (puşmana töleglerinden başga) salnan maliýe jerimelerini we hasaplanyp ýazylan puşmana töleglerini tölemegi üpjün etmekde hem ulanylyp bilner.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
59-njy madda. Bank edarasyna aksepsiz töleg talapnamasyny bermek
1. Bank edarasyna aksepsiz töleg talapnamasyny bermek arkaly salgydy tutup almak, salgydyň tölenmeli pul möçberiniň bellenen möhletinde salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan tölenmedik ýagdaýynda salgyt edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Töleg talapnamasy salgyt tölemek boýunça borçlary ýerine ýetirmegiň bellenen möhleti tamamlanandan soň, salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hasaplary açylan bank edarasyna berilýär.
2. Töleg talapnamasy salgyt edarasy tarapyndan salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) karz pul we býujet hasaplaryndan başga, milli we (ýa-da) daşary ýurt pulundaky islendik hasabyna berlip bilner.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
60-njy madda. Emlägi girew goýmak
1. Emlägi girew goýmak salgyt borçlaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek çäresi hökmünde şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ulanylýar.
Harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhetlerinden geçirilmegi bilen baglanyşykly tölenmäge degişli salgytlar babatynda, olary tölemegi üpjün etmegiň çäresi hökmünde emlägi girew goýmak, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen ulanylýar.
2. Emlägi girew goýmak girew goýujy bilen degişlilikde girew saklaýjy bolup çykyş edýän salgyt edarasynyň ýa-da gümrük gullugynyň arasyndaky ylalaşyk bilen resmileşdirilýär. Salgyt töleýjiniň özi hem, üçünji tarap hem girew goýujy bolup biler.
3. Emlägi girew goýmagyň hasabyna salgyt tölemek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek emlägi girew goýmak bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
4. Girew goýlan zat bilen baglanyşykly haýsy hem bolsa bir geleşigi geçirmek, şol sanda girew goýujy tarapyndan bergini ýapmak maksady bilen geleşikleri geçirmek hem diňe girew saklaýjy bilen ylalaşylyp amala aşyrylyp bilner.
61-nji madda. Kepil geçmeklik
1. Kepil geçmeklik şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük serhetlerinden geçirilmegi bilen baglanyşykly salgydy tölemegi üpjün etmek babatynda bolsa, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen peýdalanylyp bilner.
Kepil geçmeklik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt edarasy ýa-da gümrük gullugy bilen kepil geçijiniň arasyndaky ylalaşyk bilen resmileşdirilýär.
2. Salgyt töleýjiniň salgyt tölemek boýunça borjuny ýerine ýetirmedik ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, onda kepil geçilendigi üçin, salgydyň tölenmeli degişli pul möçberini bellenen wagtda tölemek borjy salgyt töleýjiniň ýerine kepil geçiji tarapyndan ýerine ýetirilýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
62-nji madda. Bank edarasyndaky hasaplar boýunça amallary togtatmak
1. Bank edarasyndaky hasaplar boýunça amallary togtatmak salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bank edarasyndaky hasaplarynda duran ýa-da şol hasaplara gelip gowuşýan pul serişdelerinden peýdalanmak hukugyny, şeýle hem şol ýa-da beýleki bank edarasynda täze hasap açmak hukugyny çäklendirýän çäre bolup durýar.
Görkezilen çäklendirme Türkmenistanyň Döwlet býujetine salgytlaryň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň tölenmegine, şu Bitewi kanunyň 44-nji maddasynda görkezilen borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine degişli däldir.
2. Bank edarasyndaky hasaplar boýunça işleri togtatmak baradaky çözgüt, salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan şu aşakdaky ýagdaýlarda kabul edilýär:
salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan maliýe hasabatynyň we (ýa-da) salgyt beýannamalarynyň salgyt edarasyna berilmeli möhleti tamamlanandan başlap on günüň dowamynda olaryň berilmedik ýagdaýynda, şeýle hem olary bermekden boýun gaçyrylan halatynda;
salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan resminamalar esasynda barlag geçirmekde salgyt edarasynyň işgärlerine garşylyk görkezilende, şeýle hem resminamalar esasynda barlag geçirmek üçin zerur bolan resminamalaryň berilmedik halatynda.
Bank edarasyndaky hasaplar boýunça işleri togtatmak baradaky çözgüt, kabul edilen çözgüt hakynda salgyt töleýjini (salgyt ýumuşçysyny) habarly etmek bilen bir wagtda iberilýär.
3. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bank edarasyndaky hasaplary boýunça işleri geçirmegi togtatmak salgyt edarasynyň çözgüdi alnan pursadyndan bank edarasy tarapyndan gürrüňsiz ýerine ýetirilmäge degişlidir we şol çözgüt ýatyrylýança ýa-da çözgütde görkezilen talaplar doly möçberde ýerine ýetirilýänçä onuň güýji bardyr.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
63-nji madda. Salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) degişli pul möçberini salgyt tölemegiň hasabyna üçünji tarapdan tutup almak
1. Salgyt edarasynyň salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bergidary, edara görnüşli taraplar ýa-da hususy telekeçiler bolup durýan üçünji taraplara salgydyň tölenmedik pul möçberini töletdirmäge hukugy bardyr.
2. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bergidary bolan üçünji tarapa salgydyň tölenmedik pul möçberini töletdirilende salgyt edarasy olara salgyt habarnamasyny iberýär.
Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bergidary bolan üçünji tarap görkezilen resminamalary alan gününiň ertesi günden gijä galman, bank edarasyna salgyt habarnamasynda görkezilen pul möçberiniň çäklerinde, bu salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) degişli pul möçberini Türkmenistanyň döwlet býujetine geçirmek barada töleg tabşyrygyny bermelidir.
Üçünji tarap salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) bergisiniň ýokdugy barada bäş günüň dowamynda salgyt edarasyna esaslandyrylan ýazmaça tassyknama getiren ýagdaýynda onuň töleg geçirmezlige hukugy bardyr.
3. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) bergidary bolan üçünji tarapyň şu maddanyň 2-nji bölüminiň talaplaryny ýerine ýetirmedik halatynda, salgyt edarasy şu Bitewi kanunyň 59-njy maddasyna laýyklykda, üçünji tarapyň hasap açan bank edarasyna şu bergidaryň salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) bergisinden geçmeýän möçberde aksepsiz töleg talapnamasyny berýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
64-nji madda. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgyt töletdirmek
1. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgyt töletdirmek olar tarapyndan salgyt tölemek boýunça borjy bellenen möhletde ýerine ýetirilmedik halatynda, şol sanda salgyt edarasynyň şu Bitewi kanunyň 59-njy, 62-nji, 63-nji maddalarynda göz öňünde tutulan çäreler ulanandan soň pul serişdeleri ýetmedik halatynda geçirilýär.
2. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgyt töletdirmek üçin salgyt edarasy:
şol döwürde onuň emläginiň kimde saklanýandygyna garamazdan, salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emlägine ygtyýar etmek we ulanmak hukugyny gadagan edýän karar kabul edýär;
salgydyň tölenmedik pul möçberini töletdirmek üçin niýetlenen emlägiň sanaw ýazgysyny geçirýär;
salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) - şahsy tarapyň emläginiň hasabyna salgydy töletdirmek hakynda kazyýete talap arzasyny resmileşdirýär.
Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) - edara görnüşli tarapyň emläginiň hasabyna salgydyň jedelleşilmeýän möçberini töletdirmek salgyt edarasy tarapyndan kazyýete talap arzasyny resmileşdirmezden, şu Bitewi kanunyň 69-njy maddasyna laýyklykda ony elden almak we ýerlemäge bermek arkaly amala aşyrylýar. Emlägiň alynmagy we ýerlemek üçin berilmegi ykrarhat bilen resmileşdirilýär we salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek hakyndaky karar çykarylandan soň 15 günden gijä galynman amala aşyrylýar.
3. Býujet guramalarynyň emläginiň hasabyna, şeýle hem girewde duran emlägiň hasabyna salgyt töletdirilmeýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
65-nji madda. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek
1. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgydy töletdirmek üçin salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň), şol wagtda emlägiň kimde saklanýandygyna garamazdan, salgyt töleýjiniň emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmäge hukugy bardyr.
2. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek salgyt edarasynyň karary bilen resmileşdirilýär.
Salgyt edarasynyň salgyt töleýjiniň emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek baradaky karary salgyt tölemek üçin bellenen günden başlap bir aýyň dowamynda çykarylýar we ol aşakdakylary öz içine almalydyr:
wezipeli adamynyň ady, atasynyň ady, familiýasy we karar çykaran salgyt edarasynyň ady;
kararyň kabul edilen senesi we belgisi;
emlägiň hasabyna salgydy töletdirmek çäresi görlen salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) ady we salgysy;
şu Bitewi kanunyň 59-njy maddasynda bellenen tertipde töletdirilen pul möçberini hasaba almak bilen, salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna tölemäge degişli salgydyň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň pul möçberi;
emlägiň sanaw ýazgysyny geçirmek hakynda çözgüt;
kararyň güýje girýän senesi.
Karara salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan gol çekilýär we möhür bilen tassyklanýar.
3. Emläge ygtyýar etmegi gadagan etmek şu yzygiderlilikde geçirilýär:
a) nagt pul serişdeleri;
b) önümçilik däl maksatly emläk;
ç) taýýar önümler (harytlar), şeýle hem önümçilige göni gatnaşmaýan we (ýa-da) önümçilik üçin niýetlenilmedik beýleki maddy gymmatlyklar;
d) önümçilige göni gatnaşdyrmak üçin niýetlenen çig mal we materiallar, şeýle hem stanoklar, enjamlar, jaýlar, desgalar we beýleki esasy serişdeler;
e) emläge eýeçilik hukugy geçmezden, şertnama boýunça eýeçilik etmek, ulanmak ýa-da ygtyýar etmek üçin beýleki taraplara berlen emläk;
ä) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda töletdirmek çäresini görüp bolmaýan emläklerden başga emläkler.
Ylalaşyk boýunça lizinge berlen emlägi, şol ylalaşygyň möhleti tamamlanýança, ygtyýar etmek gadagan edilmeýär.
4. Salgyt edarasy kazyýete talap arzasyny berýänçä salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan salgyt tölemek boýunça borçlar ýerine ýetirilende, salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan edýän karary kabul eden salgyt edarasynyň wezipeli adamy tarapyndan ýatyrylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
66-njy madda. Emlägiň sanaw ýazgysy
1. Salgyt edarasy salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emlägine ygtyýar etmek hukugyny gadagan etmek hakynda karar çykarylandan soň haýal etmän salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) töletdirilmeli emlägiň ýazgysyny etmäge girişmäge borçludyr.
2. Emlägiň sanaw ýazgysy salgydy tölemek, zerur ýagdaýlarda bolsa emlägi saklamak we ýerlemek bilen baglanyşykly çykdajylary ýapmak üçin gerek bolan mukdardaky emlägiň ýazgysy geçirilýär. Emlägiň sanaw ýazgysy salgyt edarasynyň ygtyýarly işgäri tarapyndan geçirilýär.
3. Salgyt edarasynyň işgäri salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň sanaw ýazgysyny geçirmezden öň, salgyt edarasynyň emläge ygtyýar etmäge salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hukugyny gadagan edýän kararynyň bir nusgasyny we özüniň ygtyýarlygyny tassyklaýan resminamany (görkezmäni) salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) ýa-da onuň wekiline gowşurmaga borçludyr.
4. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň sanaw ýazgysy olaryň gatnaşmagynda, salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) edara görnüşli tarap bolanda bolsa, salgyt beýannamasyny dogry düzmäge jogapkär, şeýle hem maddy jogapkär adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.
Salgyt töleýjiniň salgyt töletdirilýän emläginiň sanaw ýazgysy ykrarhaty bilen resmileşdirilýär.
Salgyt töleýjide salgyt töletdirilip bilinjek emläk bolmadyk halatynda hem ykararhaty düzülýär.
5. Emlägiň sanaw ýazgysy geçirilýärkä salgydyň hasabyna alynýan emlägiň deslapky nyrhy kesilýär. Nyrh kesmek, emlägiň könelmegi nazarda tutulyp, hakyky bazar bahasy boýunça geçirilýär.
Sanaw ýazgysy geçirilýän emläge nyrh kesmek üçin salgyt edarasynyň bilermenleri (hünärmenleri) çekmäge hukugy bardyr.
6. Emlägiň sanaw ýazgysy geçirilýärkä salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) salgyt edarasynyň işgärine, birinji nobatda haýsy emläge töleg salynmalydygyny aýtmaga hukuklydyr. Salgyt edarasynyň işgäri, eger ol aýdylan salgydyň tölenmedik pul möçberini töletdirmäge päsgelçilik döretmeýän bolsa, ony kanagatlandyrmaga borçludyr.
7. Salgyt edarasynyň işgäri sanaw ýazgysy geçirilen emlägi möhürläp biler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
67-nji madda. Emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi baradaky ykrarhatynyň mazmuny
Salgydyň hasabyna alynýan emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi baradaky ykrarhatynda aşakdakylar görkezilýär:
ykrarhatynyň ýazylan wagty we ýeri;
salgyt edarasynyň işgäriniň, şeýle hem ykrarhaty taýýarlananda gatnaşanlaryň atlary we familiýalary;
salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň), salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) bolup durýan edara görnüşli tarapyň salgyt beýannamasynyň dogry ýazylyşyna jogap berýän, şeýle hem maddy jogapkär işgärleriniň atlary we familiýalary;
her bir ýazgy edilýän zadyň ady, tapawutly alamatlary (agramy, ölçegi, könelme derejesi we beýlekileri), salgydyň hasabyna alynýan her bir zadyň kesilen bahasy we ähli emlägiň gymmaty;
möhürlemek geçirilýän bolsa, möhürlenen zatlaryň sanawy;
eger emlägi saklamak salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) özüne ýüklenmeýän bolsa, başga bir tarapa saklamaga bermek üçin alynýan emlägiň sanaw ýazgysy;
emlägi saklamaga berlen tarap we onuň salgysy;
salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) habardar edilendigi we onuň beýleki adamlara emlägi saklamak boýunça borçlarynyň we jogapkärçilikleriniň düşündirilendigi barada ýazgy;
emlägiň sanaw ýazgysy geçirilende gatnaşan salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) we beýleki taraplaryň bellikleri we arzalary.
Salgydyň hasabyna alynýan emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi hakyndaky ykrarhaty zerur bolan nusgada ýazylýar we salgyt edarasynyň işgäri, salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) we emlägiň sanaw ýazgysy geçirilende gatnaşan adamlar tarapyndan gol çekilýär. Ykrarhatynyň nusgalyklary gyzyklanýan taraplaryň ählisine iberilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
68-nji madda. Sanaw ýazgysy geçirilen emlägi saklamak
1. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt tölegi alynýan sanaw ýazgysy geçirilen emlägi salgyt edarasynyň wezipeli adamy salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) ýa-da beýleki bir tarapa gol çekdirip, emlägi saklamaga berýär. Olara salgydyň hasabyna alynýan emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi hakyndaky ykrarhatynyň nusgasy berilýär.
Salgydyň hasabyna alynýan salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) degişli bolan nagt pul serişdeleri, şol sanda daşary ýurt pullary, gymmatly kagyzlar, gymmat bahaly metallaryň guýmasy, çägeli çökündileri, tebigy tokgasy, olaryň ýarym taýýarlananlary hem-de önümçilik we tejribe maksatly önümleri, almazlar, şeýle hem altyndan, kümüşden we platinadan we platina toparyna degişli metallardan, gymmat bahaly daşlardan, dürden taýýarlanan zergärçilik we beýleki durmuşda ulanylýan önümler hem-de olaryň galyndylary bank edarasyna saklamaga berilýär.
2. Salgyt edarasynyň rugsady bolmasa ýazylan emlägi saklaýjy tarap şeýle emläk babatynda hiç bir iş geçirip bilmez.
3. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) özünden başga, saklamak üçin emläk berlen tarapa, emlägi saklamak üçin çykaran hakyky çykdajylarynyň we şeýle tarapyň girdejileriniň üstüni ýapmak üçin oňa hak tölenýär. Şu pul möçberiniň öwezi salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emlägini satmakdan alnan serişdeleriň hasabyna dolunýar.
4. Saklamaga berlen emlägiň ýitirilendigi, ýetmeýändigi ýa-da zyýan ýetirilenligi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda emläk saklaýjy jogapkärçilik çekýär.
5. Eýeçiliginde salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt tölegi töletdirilýän emlägi bolan tarap salgyt edarasynyň ygtyýarly işgäriniň talap etmegi boýunça emlägi salgyt edarasyna bermäge borçludyr. Görkezilen talap ýerine ýetirilende (ýerine ýetirilen pursadyndan) şeýle tarap saklamaga berlen emlägiň bahalarynyň möçberinde salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) öňündäki ähli borçlaryndan boşadylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
69-njy madda. Emlägiň hasabyna salgyt töletdirmek barada kazyýete talap arzasyny bermek we emlägi ýerlemegiň tertibi
1. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgyt tölegini almak baradaky talap arzasy salgyt edarasy tarapyndan kazyýete berilýär. Talap arzany bermegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.
2. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgydy töletdirmek baradaky talap arzasy salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan edýän karar kabul edilenden soň alty aýyň dowamynda degişli kazyýete berlip bilner.
3. Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläginiň hasabyna salgydy töletdirmek baradaky talap arzanyň ýanyna, salgyt edarasynyň salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) emläge ygtyýar etmek hukugyny gadagan edýän karary, hasabyna salgyt töletdirilýän emlägiň sanaw ýazgysynyň geçirilendigi baradaky ykrarhaty we talap arzasyna seretmek üçin talap edilýän beýleki resminamalar goşulýar.
4. Emlägi ýerlemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň ýa-da bölek satuw subýektleriniň üstünden, salgyt edaralary tarapyndan emlägi ýerlemek üçin tabşyrmagyň şertleri, kabul edip almagyň we ýerlemegiň şertleri we bu emläk üçin Türkmenistanyň Döwlet býujeti bilen hasaplaşyklaryň tertibi kesgitlenen ylalaşyklaryň esasynda amala aşyrylýar. Emlägiň aýry-aýry görnüşlerini ýerlemek üçin beýleki döwlet edaralary hem çekilip bilner.
Soňundan ýerlemek üçin emlägi bermek salgyt edaralary tarapyndan, şu Bitewi kanunda bellenilen halatlarda bolsa – kazyýetiň wekiliniň hökmany suratda gatnaşmagynda, kazyýetiň çözgüdiniň alnan pursadyndan soň 5 günüň dowamynda amala aşyrylýar. Emläk kabul edilip alnan pursadyndan onuň bitewiligi we saklanyşy üçin jogapkärçiligi emlägi kabul edip alan tarap çekýär.
Emlägi ýerlemek birža ýygymlaryny almazdan geçirilýär.
5. Zerur bolan halatlarynda, oňa bolan islegi göz öňünde tutmak bilen, emläge gaýtadan baha kesmäge rugsat edilýär. Emläge gaýtadan baha kesmek boýunça toparyň düzümine bu emläge ilkibaşda baha kesmäge gatnaşan edaralaryň wekilleri goşulýar. Emläge gaýtadan baha kesmegiň geçirilendigi hakynda ykrar haty düzülýär, onuň bir nusgasy salgyt edarasyna berilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
70-nji madda. Puşmana tölegleri
1. Puşmana tölegleri salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) salgydy tölemek üçin bellenen möhleti bozan ýagdaýynda salynýar.
Salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt tölemek borçlary bank edarasynyň günäsi bilen öz wagtynda ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda puşmana tölegi bank edarasyna salynýar. Şu ýagdaýda puşmana tölegleri salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) babatynda ulanylmaýar.
Şu aşakdakylar babatda salgyt öz wagtynda tölenmedik halatynda puşmana tölegleri ulanylmaýar:
salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edara salgydy ýalňyş hasaplanda, salgyt töleýji tarapyndan;
býujetden maliýeleşdirmegiň çykdajy sanawlarynda göz öňünde tutulan, şahsy taraplaryň girdejilerinden alynýan salgytlar babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygynyň serişdeleriniň we daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary, beýleki taraplar tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwer, maliýe we tehniki kömegiň we kreditleriň (karzlaryň) taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň çäklerinde alynýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýan töleglerden alynýan salgytlar babatynda salgyt ýumuşçylary – býujet guramalary tarapyndan.
2. Puşmana töleginiň tölenen gününi goşmak bilen we şu Bitewi kanunyň 40-njy maddasynda bellenilen, salgydy almak boýunça hak isleginiň wagt möhleti tamamlanýança, töleg möhletiniň geçirilen her bir senenama güni üçin, salgydyň bellenen möhletde tölenmedik pul möçberiniň 0,03 göterimi möçberinde salynýar. Şeýle hem puşmana tölegini salmak, şu Bitewi kanunyň 50-nji, 52-nji we 53-nji maddalarynda bellenilen we kazyýet tarapyndan degişli çözgüt çykarylan ýagdaýlarda, berginiň umytsyz diýip hasap edilen möhletleri bilen hem çäklendirilýär.
Salgyt nagt däl görnüşde tölenende, bank edarasy tarapyndan salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) töleg tabşyrygyny ýa-da salgyt edarasynyň töleg talapnamasyny ýerine ýetirmek üçin bellenen möhlet geçirilen möhlete goşulmaýar.
Goşmaça hasaplanan salgyt möçberiniň wagtynda tölenmändigi üçin puşmana tölegleri şu Bitewi kanunda we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalarynda salgydyň her bir görnüşi üçin ulanarlykly bellenen möhletlerden başlap, salgydyň tölenmedik ähli döwrüne hasaplanýar.
Salgyt töleýji tarapyndan goşmaçalar we üýtgetmeler girizilen salgyt beýannamasy ýa-da öň tabşyrylmadyk salgyt beýannamasy tabşyrylanda, hasaplanyp ýazylan pusmana tölegler, şol sanda deslapky tölegler görnüşindäki goşmaça hasaplanyp ýazylan (azaldylan) salgytlaryň möçberi babatda, gaýtadan hasaplanýar.
Şu Bitewi kanunyň 180-nji maddasynyň altynjy bölegi bilen bellenilen ýagdaýlarda, puşmana tölegi salgydy töleg çeşmesinden tutup almazlyk üçin esas bolup durýan resminamalar degişli salgyt edarasy tarapyndan tassyklanylan senesine çenli töleg möhletiniň geçirilen her bir senenama güni üçin hasaplanylýar.
3. Salgyt edarasy geçen aý üçin hasaplanan puşmana töleginiň möçberi barada indiki aýyň 5-ine çenli möhletde salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) salgyt habarnamasyny her aýda iberýär.
Puşmana tölegi salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan oňa salgyt habarnamasy gowşurylandan soň on günüň dowamynda tölenýär.
Puşmana tölegi salgyt tölenenden soň tölenýär.
4. Salgydyň bellenen möçberine düzediş girizilmegi öň hasaplanan puşmana töleginiň möçberiniň üýtgemegine getirer.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2011 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
V bölüm. Türkmenistanyň salgyt edaralary
71-nji madda. Türkmenistanyň salgyt edaralary
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti we onuň welaýatlardaky, şäherlerdäki we etraplardaky düzüm birlikleri Türkmenistanyň salgyt edaralary bolup durýarlar.
Salgyt edaralary öz üstlerine ýüklenen wezipeleri ýerine ýetirýärler, şu Bitewi kanuna we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde hereket edýärler.
Salgyt edaralary öz işlerini beýleki döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşykda alyp barýarlar.
2. Salgyt edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda öz üstlerine ýüklenen beýleki wezipeleri hem ýerine ýetirip bilerler.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň umumy serişdeleriniň hasabyna salgyt edarasynyň işgärleriniň zähmet haklarynyň diňe 50 göterimi maliýeleşdirilýär.
Salgyt edarasynyň işgärleriniň zähmet hakynyň 50 göterim möçberindäki galan bölegi ulanylan we tölenen (töletdirilen) jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň möçberiniň 50 göteriminiň hasabyna maliýeleşdirilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; № 4, 147-nji madda).
72-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine tabyndyr we özi hakyndaky Düzgünnamanyň esasynda hereket edýär.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetiniň esasy wezipeleri aşakdakylardan ybaratdyr:
salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) doly we wagtynda hasaba alynmagyny üpjün etmek, Türkmenistanyň döwlet býujetine salgytlaryň dogry hasaplanylyşyna, salgytlaryň doly we wagtynda tölenilişine gözegçilik geçirmek;
salgyt kanunçylygynyň ýerine ýetirilişi boýunça maglumatlary ýygnamak we olary seljermek, ony kämilleşdirmek boýunça teklipleri taýýarlamak;
öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen meseleler boýunça usulyýet we gollanma görkezmelerini çykarmak;
salgyt edaralarynyň ygtyýarlyklaryna degişli meseleler boýunça şahsy we edara görnüşli taraplaryň arzalaryna we ýüz tutmalaryna bellenilen tertipde garamak;
beýleki döwletler bilen salgyt salmak meseleleri boýunça ylalaşyklaryň taslamalaryny taýýarlamaga gatnaşmak;
beýleki döwletleriň salgyt edaralary bilen özara iş alyp barmak.
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýeti özüniň welaýatlardaky, şäherlerdäki, etraplardaky düzüm birlikleriniň işlerini guraýar we olara ýolbaşçylyk edýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
73-nji madda. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň derejeleri
Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna aşakdaky şahsy derejeler berlip bilner:
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň baş geňeşçisi;
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň I, II we III derejeli baş geňeşçisi;
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň uly geňeşçisi;
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň I, II we III derejeli uly geňeşçisi;
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň geňeşçisi;
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň I, II we III derejeli geňeşçisi.
Türkmenistanyň salgyt edarasynyň baş geňeşçisi we Türkmenistanyň salgyt edarasynyň I derejeli baş geňeşçisi diýen atlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýär.
Salgyt edaralarynyň gullukçylarynyň işgärleriniň şahsy atlary we at üçin wezipe aýlyk zähmet haklaryna goşmaça tölegler bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
74-nji madda. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hukuklary
1. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň aşakdakylara hukuklary bardyr:
salgyt töleýjilerden (salgyt ýumuşçylaryndan) we bank edaralaryny goşmak bilen, beýleki taraplardan salgydy hasaplamak we tölemek üçin esas bolup hyzmat edýän, bellenen tertipde tassyklanan görnüşler boýunça resminamalary we beýleki maglumatlary, şeýle hem salgytlaryň, maliýe jerimeleriniň we puşmana tölegleriniň hasaplanyşynyň dogrulygy we öz wagtynda tölenendigi barada düşündirişleri, olary tassyklaýan resminamalary talap etmäge we almaga;
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda bellenen tertipde salgyt barlaglaryny geçirmäge;
zerur bolan halatlarda salgyt töleýjiniň emlägini tükellemegi guramagy amala aşyrmak;
hünärmenleri we bilermenleri çekmek we olardan salgyt edarasynyň ygtyýarlygyna girmeýän, emma salgyt salmak bilen baglanyşykly meseleler boýunça netijenama almak;
beýleki döwlet edaralary bilen bilelikde barlaglara gatnaşmaga;
şu Bitewi kanuna we Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna laýyklykda, resminamalaýyn salgyt barlaglary geçirilende şahsy we edara görnüşli taraplaryň girdeji (peýda) almaga gönükdirilen telekeçilik we beýleki işleri geçirmek üçin peýdalanylýan önümçilik, ammar, söwda we beýleki jaýlaryny, şeýle hem şu işler bilen baglanyşykly emlägi gözden geçirmäge;
elektron gözegçilik-kassa abzallarynyň we bank töleg kartlary arkaly nagt däl tölegleri kabul edýän abzallaryň ulanylmagynyň düzgünleriniň berjaý edilişine gözegçilik etmäge;
öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt düzgünleriniň bozulmalary hakyndaky işler boýunça teswirnama düzmäge;
salgyt töleýji tarapyndan resminamalar (maglumatlar) berilmedik ýagdaýynda, bar bolan maglumatlaryň esasynda tölenmäge degişli salgydyň möçberini özbaşdak anyklamaga we kesgitlemäge;
salgyt töleýjileri (salgyt ýumuşçylaryny), şeýle hem salgyt töleýjilere (salgyt ýumuşçylaryna) degişli resminamalary we (ýa-da) maglumatlary bolan beýleki adamlary salgyt edaralaryna çagyrmaga;
şu Bitewi kanunyň we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalary tarapyndan bellenen beýleki hukuklar.
2. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hukuklary degişli salgyt edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýan wezipe gollanmalarynda berkidilýär.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
75-nji madda. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň borçlary
1. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlary we gullukçylary aşakdakylara borçludyr:
şu Bitewi kanuna, Türkmenistanyň kanunçylygynyň beýleki namalaryna berk talaba laýyklykda hereket etmäge;
salgyt syrlaryny we salgyt töleýjiler (salgyt ýumuşçylary) baradaky maglumatlary saklamagyň düzgünlerini berjaý etmäge;
öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçilik etmäge, salgyt töleýjilerden (salgyt ýumuşçylaryndan) ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmegi we görkezilen talaplary ýerine ýetirmegi talap etmäge;
öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde salgyt töleýjileri (salgyt ýumuşçylaryny) olaryň ýüz tutmalary boýunça, hereket edýän salgytlar, olary tölemegiň tertipleri we möhletleri, salgyt töleýjileriň hukuklary we borçlary, şeýle hem Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň degişli namalary hakynda salgyt töleýjileri (salgyt ýumuşçylaryny) habardar etmäge;
salgyt töleýjileriň (salgyt ýumuşçylarynyň) we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gaýry gatnaşyjylaryň abraýyny hem-de mertebesini hormatlamaga.
Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň şu Bitewi kanunda we Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň beýleki namalarynda bellenen beýleki borçlary hem bardyr.
2. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň borçlary degişli salgyt edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýan wezipe gollanmalarynda berkidilýär.
3. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň şu maddada görkezilen borçlaryndan başga-da «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda borçlary bardyr.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
76-njy madda. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň işindäki çäklendirmeler
1. Türkmenistanyň salgyt edarasynyň wezipeli adamynyň we gullukçysynyň işinde «Döwlet gullugy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we «Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen, döwlet gullugyny geçmegi bilen baglanyşykly çäklendirmeler bardyr.
2. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) babatynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek gadagan edilýär:
a) eger salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) – şahsy tarap ýa-da edara görnüşli tarapyň ýolbaşçysy ýa-da baş hasapçysy salgyt edarasynyň wezipeli adamynyň we gullukçysynyň ýakyn garyndaşy bolsa;
b) oňa olar ýa-da olaryň ýakyn garyndaşlary göni ýa-da gytaklaýyn maliýe taýdan garaşly bolsa.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
77-nji madda. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hukuk goraglylygy
1. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlary we gullukçylary döwlet häkimiýetiniň wekilleri bolup durýarlar we döwletiň goragy astynda bolýarlar. Olaryň kanuny talaplarynyň salgyt töleýjiler (salgyt ýumuşçylary) we olaryň kanuny wekilleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmandyr.
2. Salgyt edaralarynyň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmeklerine päsgelçilik döretmek, gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly olaryň abraýyny we mertebesini peseltmek, haýbat atmak, garşylyk görkezmek, olaryň jany, saglygy babatynda zorluk ulanmak we emlägine hyýanat etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
78-nji madda. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) baradaky maglumatlaryň gizlinligi
1. Salgyt edarasy tarapyndan salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) barada alnan islendik maglumatlaryň aşakdakylardan başgasy salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) baradaky syr bolup durýar:
salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) özbaşdak ýa-da onuň razyçylygy bilen aýan edilen maglumatlar;
Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralaryna, kazyýetlerine we jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça ygtyýarly edara berilýän maglumatlar;
salgyt töleýjiniň salgyt belgisi baradaky maglumat;
Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulmagy we şol bozulmalar üçin jogapkärçilik çäreleri baradaky maglumatlar;
Türkmenistanyň halkara ylalaşyklaryna laýyklykda, beýleki döwletleriň salgyt ýa-da hukuk goraýjy edaralaryna berilýän maglumatlar.
2. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan edaralar we olaryň wezipeli adamlary hem-de gullukçylary, şol sanda ozal bu işde işlänler, daşyndan çekilen hünärmenler we bilermenler salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) baradaky maglumatlaryň, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlaryndan başgasynyň gizlinligini saklamaga borçludyrlar.
3. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) baradaky gizlin maglumatlar bolan resminamalaryň ýitirilmegi ýa-da şeýle maglumatlary aýan etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
(2009-njy ýylyň 2-nji iýulyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 49-njy madda).
79-njy madda. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan salgyt edaralarynyň we beýleki edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň jogapkärçilikleri
1. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan salgyt edaralary, beýleki edaralar, şeýle hem olaryň wezipeli adamlary we gullukçylary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan salgyt edaralarynyň we beýleki edaralaryň wezipeli adamlary we gullukçylary özleriniň bikanun hereketleri ýa-da hereketsizlikleri üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçiligi çekýärler.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
VI bölüm. Salgyt barlaglary
80-nji madda. Salgyt barlaglarynyň görnüşleri
1. Salgyt edarasy kameral (deslapky) we resminamalaýyn salgyt barlaglaryny geçirýär. Salgyt barlagy salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) barlag geçirilýän ýyldan öňki bäş salgyt ýylyndan köp bolmadyk wagtdaky işini öz içine alyp biler. Haçan-da bu döwrüň salgyt özeni öňki döwürlerde amala aşyrylan amallary ýa-da şolar boýunça girdejileri (aýyrmalary, ýitgileri) hasaba almak bilen hasaplanylsa, görkezilen çäklendirme ulanylman bilner.
2. Kameral (deslapky) we resminamalaýyn salgyt barlaglary geçirilende salgyt edarasynda salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) beýleki taraplar bilen baglanyşykly işleri barada maglumat almak zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, salgyt edarasy bu taraplardan barlanýan salgyt töleýjiniň ýa-da salgyt ýumuşçysynyň işine degişli resminamalary talap edip biler (garşylyklaýyn barlag).
3. Salgyt edarasynyň işine gözegçilik tertibinde gaýtadan resminamalaýyn salgyt barlagy ýokarda durýan salgyt edarasy tarapyndan şu edaranyň çözgüdiniň esasynda geçirilýär.
4. Salgyt edarasy salgyt gözden geçirmelerini we reýd salgyt barlaglaryny geçirýär.
5. "Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli edilen taraplarda resminamalaýyn salgyt barlagy, şu Kanunyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen geçirilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 15-nji oktýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
81-nji madda. Kameral salgyt barlagy
1. Kameral salgyt barlagy salgyt edarasynyň ýerleşýän ýerinde salgyt beýannamalarynyň, maliýe hasabatlarynyň we salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan berlen, salgydy hasaplamak we tölemek üçin esas bolup hyzmat edýän beýleki resminamalaryň, şeýle hem salgyt edarasynda bar bolan beýleki resminamalaryň we maglumatlaryň esasynda geçirilýär.
2. Kameral barlag salgyt edarasynyň ýolbaşçysynyň haýsydyr bir ýörite çözgüdi bolmazdan, öz gulluk borçlaryna laýyklykda, salgyt edarasynyň ygtyýarly işgärleri tarapyndan, salgyt töleýji tarapyndan salgyt beýannamalarynyň we salgydy hasaplamak we tölemek üçin esas bolup hyzmat edýän beýleki resminamalaryň berlen gününden başlap otuz günüň dowamynda geçirilýär.
3. Eger kameral barlagda resminamalaryň doldurylyşynda ýalňyşlyklar ýa-da berlen maglumatlarda çapraz gelmeler ýüze çykarylsa, onda olara düzediş girizmegi talap etmek bilen, salgyt töleýjä bu barada habar berilýär.
Eger kameral barlagda salgytlaryň tölenmäge degişli pul möçberiniň azalmagyna getirýän ýalňyşlyklar ýüze çykarylan halatynda, onda salgyt edarasynyň kameral salgyt barlagyny geçirýän işgäri salgyt barlagynyň ykrarhatyny düzýär. Ykrarhatyna salgyt edarasynyň kameral salgyt barlagyny geçirýän işgäri tarapyndan gol çekilýär we salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçysynyň orunbasary) tarapyndan tassyklanýar. Kameral salgyt barlagynyň ykrarhatyny düzmegiň görnüşi we talaplary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
Salgydyň möçberiniň azaldylandygynyň kameral salgyt barlagynyň netijesinde ýüze çykarylmagy maliýe jerimeleriň salynmagyna getirmeýär.
4. Kameral salgyt barlagynyň netijesinde salgydyň pul möçberiniň salgydyň salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan hasaplanan pul möçberine laýyk gelmeýändigi ýüze çykarylan halatynda, salgyt edarasy bellenilen salgydyň pul möçberi barada oňa salgyt habarnamasyny iberýär.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky - Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
82-nji madda. Resminamalaýyn salgyt barlagy
1. Resminamalaýyn salgyt barlagy salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçynyň orunbasary) tarapyndan gol çekilýän görkezmäniň esasynda geçirilýär. Resminamalaýyn salgyt barlagyny geçirmek baradaky görkezmäniň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýar.
Salgyt töleýjä görkezmäniň asyl nusgasy görkezilýär. Salgyt töleýjiniň görkezme bilen tanyşmakdan boýun gaçyrmagy resminamalaýyn salgyt barlagyny ýatyrmak üçin esas bolup durmaýar.
2. Salgyt töleýji zerur bolan halatlarda resminamalaýyn salgyt barlagy geçiriljekdigi barada ol başlanmazyndan azyndan bäş iş gün öňünden gijä galman habarly edilýär.
Salgydy tölemekden boýun gaçyrylýandygyny görkezýän ýeterlik esaslar bolan ýagdaýynda, resminamalaýyn salgyt barlagy öňünden habar berilmezden hem geçirilip bilner.
3. Resminamalaýyn salgyt barlagy geçirilýän barlagyň başyna çenli tamamlanan salgyt döwürleri üçin geçirilýär. Zerur bolan ýagdaýlarda, resminamalaýyn salgyt barlagy barlag geçirilmäge başlanan pursadyna çenli tamamlanan hasabat döwürleri üçin geçirilip bilner. Iki ýagdaýda-da barlagyň geçirilip başlanmaly wagty şol döwürler üçin hasabaty tabşyrmak üçin bellenen möhletinden soň bellenmelidir.
Resminamalaýyn salgyt barlagynyň geçirilýän döwründe salgyt töleýji tarapyndan barlanýan döwrüň maliýe hasabatyna, salgyt beýannamalaryna we gaýry resminamalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilmegine ýol berilmeýär.
Resminamalaýyn salgyt barlagy iki aýdan köp dowam etmeli däldir. Aýratyn halatlarda, ýokarda durýan salgyt edarasy onuň dowamlylygyny ony tamamlamak üçin zerur bolan, emma bir ýyldan köp bolmadyk möhlete çenli uzaldyp biler.
Barlag geçiren aşakda durýan salgyt edarasynyň işine gözegçilik etmek tertibinde ýokarda durýan salgyt edarasy tarapyndan geçirilýän resminamalaýyn salgyt barlagy edara görnüşli tarap üýtgedilip guralan ýa-da ýatyrylan ýagdaýlarynda, şeýle hem beýleki zerur ýagdaýlarda öňki barlagyň haçan geçirilen wagtyna garamazdan geçirilip bilner.
4. Eger resminamalaýyn salgyt barlagynyň barşynda döwlet salgyt edasynyň işgäri tarapyndan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulandygyna şaýatlyk edip biljek ýagdaýlar ýüze çykarylan halatynda, salgyt töleýjiden şunuň ýaly kanun bozulmalaryna subutnama hökmünde hyzmat edýän resminamalaryň bellenen tertipde tassyklanan nusgasy berilmegi talap edilip bilner ýa-da olar alynmaga degişlidir.
Salgyt töleýji salgyt edarasynyň işgäriniň talap etmegi boýunça, üç gün möhletde şunuň ýaly resminamalaryň nusgasyny bermäge borçludyr.
Resminamalary almak salgyt edarasynyň resminamalaýyn salgyt barlagyny geçirýän işgäriniň kararynyň esasynda geçirilýär. Resminamalary almak baradaky kararyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýar.
Resminamalary almak barlanýan salgyt töleýjiniň - edara görnüşli tarapyň kanuny wekiliniň gatnaşmagynda, salgyt töleýji – şahsy tarap barlanan halatynda bolsa, şol tarapyň özüniň ýa-da onuň wekiliniň gatnaşmagynda geçirilýär. Resminamalary almagy geçirmek barada, resminamalary takyk görkezmek bilen teswirnama düzülýär, onuň nusgasy resminamalary alnan tarapa gowşurylýar. Şunda salgyt töleýjä alnan resminamalaryň nusgasy galdyrylýar.
Öň alnan resminamalary yzyna gaýtarmak salgyt töleýjiniň salgyt edarasyna we kazyýete beren şikaýatlaryna garalandan ýa-da olar alnan pursadyndan bir ýyl geçenden soň geçirilýär. Zerur bolan halatlarda görkezilen möhlet Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdirýetiniň çözgüdi bilen uzaldylyp bilner.
5. Resminamalaýyn salgyt barlagynyň netijeleri boýunça salgyt edarasynyň işgärleri tarapyndan salgyt barlagynyň ykrarhaty düzülmelidir. Ykrarhaty barlagyň tamamlanmaly gününden gijä galman düzülýär.
6. Salgyt barlagynyň ykrarhatynda barlagyň barşynda ýüze çykarylan salgyt hukuk bozulmalarynyň resminamalaýyn tassyklanan ýagdaýlary ýa-da şeýle ýagdaýlaryň ýokdugy, şeýle hem ýüze çykarylan düzgün bozulmalary düzetmek boýunça barlagçylaryň netijeleri we teklipleri hem-de şu Bitewi kanunyň salgyt hukuk bozulmalarynyň şu görnüşi üçin jogapkärçiligi göz öňünde tutýan maddalaryna salgylanmalar görkezilmelidir.
Ykrarhatynyň düzülişine bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
Salgyt barlagynyň ykrarhaty bilen barlanýan salgyt töleýji edara görnüşli tarap bolanda onuň kanuny wekili, şahsy tarap bolanda salgyt töleýjiniň özi ýa-da wekili tanyşdyrylmalydyr. Ykrarhaty bilen tanyşmak möhleti üç iş gününden köp bolmaly däldir. Salgyt barlagynyň ykrarhatyna gol çekmekden ýüz öwrülende onuň ýüzünde degişli ýazgy edilýär.
61. Eger salgyt barlagynyň ykrarhaty resmileşdirilenden soň, salgyt edarasyna hukuk goraýjy we gözegçiligi amala aşyrýan beýleki edaralardan, şeýle hem beýleki döwletleriň salgyt edaralaryndan barlanylan döwürde salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) salgyt kanunçylygynyň bozulmagyna ýol berendigini tassyklaýan, salgyt barlagynyň ykrarhatynda görkezilmedik goşmaça maglumatlar gelip gowuşsa, diňe şu halatda gelip gowşan maglumatlaryň esasynda goşmaça barlag bellenilýär.
7. Şu madda resminamalaýyn salgyt barlagy geçirilýän salgyt ýumuşçylary we beýleki taraplar babatynda hem ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
83-nji madda. Resminamalaýyn salgyt barlagynyň netijeleri boýunça çözgüt
1. Resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatyna we oňa goşulan barlag resminamalaryna salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçynyň orunbasary) seredýär.
Salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçynyň orunbasary) tarapyndan barlag resminamalaryna seredilmeli wagty 5 günden geçmeli däldir.
Salgyt töleýji tarapyndan nägilelik bildirilen halatynda resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatyna barlanýan salgyt töleýjiniň – edara görnüşli tarapyň kanuny wekiliniň, barlanýan salgyt töleýji şahsy tarap bolanda, şol tarapyň ýa-da onuň wekilleriniň gatnaşmagynda seredilýär.
Salgyt töleýji ýa-da onuň wekili gelmedik halatynda, resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatyna we salgyt töleýjiniň bildiren nägileligine olaryň bolmadyk ýagdaýynda seredilýär.
2. Resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatynyň netijesi boýunça salgyt edarsynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçynyň orunbasary) aşakdaky ýaly çözgütleri çykarýar:
şu Bitewi kanunyň 88-94-nji maddalaryna laýyklykda, salgyt hukuk bozmalary üçin salgyt töleýjini jogapkärçilige çekmek barada;
salgyt gözegçiligi boýunça goşmaça çäreleri geçirmek barada.
3. Kabul edilen çözgüt Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan görnüş boýunça iki nusgalykda düzülýän karar bilen resmileşdirilýär. Karar salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçysynyň orunbasary) tarapyndan onuň tassyklanan pursadyndan güýje girýär.
Kararyň bir nusgalygy çözgüt çykarylandan soň üç günden gijä galman salgyt töleýjä ýa-da onuň wekiline gol çekdirilip ýa-da salgyt töleýjä gowşurylan senesini tassyklaýan başga ýollar bilen berilýär.
Kararyň beýleki nusgalygy salgyt edarasynda salgyt töleýjiniň barlag resminamalary bilen bilelikde saklanýar.
4. Eger resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatyna seredilende jenaýat alamatlarynyň barlygyna şaýatlyk edýän salgyt hukuk bozmalarynyň mysallary ýüze çykarylan halatynda, resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhaty we barlagyň resminamalary, olara salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (ýolbaşçysy orunbasary) tarapyndan seredilenden soň on günden gijä galman hukuk goraýjy edaralara geçirilýär.
5. Resminamalaýyn salgyt barlagynyň ykrarhatynda salgyt kanun bozulmalary baradaky iş boýunça hakyky maglumatlar, maddy, ýazmaça we beýleki subutnamalardaky maglumatlar, barlagyň beýleki maglumatlary, şeýle hem şunuň ýaly düzgün bozmalar üçin jogapkärçilige çekilýän adamlar hakyndaky maglumatlar görkezilen işe seredilmezden we ol barada çözgüt kabul edilmezinden öň aýan edilip bilinmez.
Salgyt hukuk bozulmalaryny derňemek we öňüni almak maksady bilen özara kömek we maglumat alyşmak hakyndaky halkara şertnamalaryna (ylalaşyklaryna) laýyklykda berilýän maglumatlar muňa girmeýär.
Bellenen tertibiň bozulmagy salgyt syryny aýan etmeklige barabar hasaplanýar.
6. Şu maddada görkezilen tertip, salgyt hukuk bozmalary üçin şu Bitewi Kanunyň 88-94-nji maddalaryna laýyklykda jogapkärçilik çäreleri ulanylyp bilinjek salgyt ýumuşçylary we salgyt hukuk bozmalaryna ýol beren beýleki taraplar babatynda ulanylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
84-nji madda. Salgyt gözden geçirmeleri we reýd salgyt barlaglary
1. Salgyt borçlarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek üçin salgyt edarasy salgyt gözden geçirmelerini we reýd salgyt barlaglaryny geçirmäge haklydyr.
Salgyt gözden geçirmeleri aşakdaky maksatlar üçin geçirilýär:
girdejiler we salgyt salynýan beýleki binýatlar barada maglumat toplamak;
salgyt borçnamalary boýunça bergileriň döremeginiň sebäplerini öwrenmek;
salgyt ýeňilliklerinden peýdalanýan salgyt töleýjileriň salgyt borçnamalaryny ýerine ýetirişlerini seljermek;
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgyt we buhgalterçilik hasaba alnyşynyň görnüşleriniň we tertipleriniň ulanylyşyny gözden geçirmek.
Reýd salgyt barlaglary aşakdaky maksatlar üçin geçirilýär:
salgyt edarasynda hasaba durmazdan, telekeçilik işi bilen meşgullanýan taraplary we salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenilen işleriň görnüşleri üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň tölenendigine şaýatlyk edýän tassyknamanyň möhletiniň tamamlanandygyna garamazdan, telekeçilik işini dowam etdirýän taraplary, şeýle hem tassyknamada görkezilen işleriň görnüşlerinden başga, girdeji salgydynyň bellenen ululygy ýokary bolan işler bilen meşgullanýan taraplary ýüze çykarmak;
elektron gözegçilik-kassa abzallaryny ulanmagyň kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik etmek.
Reýd salgyt barlaglaryny geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanýar we tassyklanýar.
2. Salgyt gözden geçirmeleri we reýd salgyt barlaglary salgyt edarasynyň ýolbaşçysy (onuň orunbasary) tarapyndan çykarylan görkezmesiniň esasynda geçirilýär, onda gözden geçirmeleriň we reýd salgyt barlaglarynyň maksatlary we möhletleri görkezilýär.
3. Salgyt edarasy tarapyndan geçirilýän salgyt gözden geçirmeleriniň netijeleri kepilnama bilen, reýd salgyt barlaglarynyň netijeleri bolsa ykrar haty bilen resmileşdirilýär.
(2016-njy ýylyň 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 144-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda).
VII bölüm. Salgyt edarasynyň çözgütlerinden, olaryň wezipeli adamlarynyň we gullukçylarynyň hereketlerinden şikaýat etmek
85-nji madda. Şikaýat etmek hukugy
Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) salgyt edarasynyň çözgüdinden, şeýle hem salgyt edarasynyň wezipeli adamynyň we gullukçysynyň özi babatyndaky hereketinden şikaýat etmäge haklydyr.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
86-njy madda. Şikaýatlary bermegiň we olara seretmegiň tertibi
1. Salgyt töleýji tarapyndan salgyt edarasynyň çözgüdine we onuň wezipeli adamlarynyň hereketlerine edilýän şikaýat ýokarda durýan salgyt edarasyna ýa-da kazyýete berilýär.
Salgyt edarasynyň gullukçylarynyň hereketlerinden edilýän şikaýat şu edaranyň ýolbaşçysyna berilýär.
Şikaýat boýunça çykarylan karara onuň alnan gününden başlap bir aý möhletde ýokarda durýan salgyt edarasyna şikaýat edilip bilner. Esasly sebäbe görä görkezilen möhlet berjaý edilmedik ýagdaýynda, şikaýat eden tarapyň ýüz tutmasy boýunça bu möhlet ýokarda durýan salgyt edarasy tarapyndan uzaldylyp bilner.
Ýüz tutmagyň we şikaýata kazyýetde garamagyň möhletleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.
2. Şikaýat ýazmaça görnüşde berilýär we onda salgyt töleýjiniň ady, familiýasy we salgysy, salgyt belgisi, şikaýatyň ýazylan senesi we salgyt edarasynyň ýa-da onuň wezipeli adamynyň we gullukçysynyň şikaýat edilýän çözgütleri we hereketleri, şeýle hem şikaýatyň esaslandyrmalary beýan edilmelidir.
3. Salgyt edarasynyň çözgüdinden, onuň wezipeli adamynyň ýa-da gullukçysynyň hereketlerinden şikaýat edilmegi şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda, çözgüdiň ýa-da hereketleriň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.
4. Şikaýata garaýan salgyt edarasynyň ýolbaşçysynyň (onuň orunbasarynyň), şikaýat edilýän çözgüt ýa-da hereket Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýär diýlen netijä gelmäge ýeterlik esaslar bolan ýagdaýynda, şikaýat edilýän çözgüdi ýa-da hereketi şikaýata seredilýän döwürde doly ýa-da bölekleýin togtatmaga hukugy bardyr.
Şikaýata seretmegiň netijeleri boýunça salgydyň öň hasaplanan pul möçberleri we ulanylan maliýe jerimeleri, şeýle hem puşman tölegleri üýtgedilmäge degişli bolsa, onda şu bitewi Kanunyň 83-nji maddasynyň ikinji bölümine laýyklykda, barlagyň ykrarhaty boýunça kabul edilen karar ýatyrylmaga degişlidir we täze karar çykarylýar.
5. Salgyt edarasy şikaýat berlenden soň bir aýdan gijä galman oňa seredýär we çözgüt kabul edýär. Kabul edilen çözgüt barada şikaýat eden salgyt töleýjä ýazmaça habar berilýär.
6. Salgyt edarasynyň çözgüdinden, onuň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden şikaýat edilmegi hak isleginiň wagt möhletini şikaýat edilýän döwrüň dowamynda togtadýar.
7. Şu maddanyň güýji salgyt ýumuşçysyna-da, şeýle hem salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralara, şol edaralaryň wezipeli adamlaryna we gullukçylaryna degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
87-nji madda. Kazyýete şikaýat etmek
Salgyt edarasynyň çözgütlerinden we olaryň wezipeli adamlarynyň hereketlerinden kazyýete şikaýat etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
Şikaýata seretmegiň netijeleri boýunça kazyýet tarapyndan salgydyň öň hasaplanan pul möçberleriniň we ulanylan maliýe jerimeleriniň, şeýle hem puşman tölegleriniň üýtgedilmäge degişlidigi hakynda çözgüt çykarylsa, onda şu Bitewi kanunyň 83-nji maddasynyň ikinji bölümine laýyklykda barlagyň ykrarhaty boýunça kabul edilen karar ýatyrylmaga degişlidir we täze karar çykarylýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
VIII bölüm. Salgyt hukuk bozmalary üçin maliýe jerimeleri
88-nji madda. Salgyt hukuk bozmalary üçin maliýe jerimeleriniň ulanylyşy
1. Salgyt hukuk bozmalary şu Bitewi kanunda bellenen jogapkärçilik göz öňünde tutulan, salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýanlaryň hukuga garşy, günäli hereketi bolup durýar.
2. Salgyt hukuk bozmalary şu Bitewi kanunyň 89-94-nji maddalarynda bellenen maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär. Maliýe jerimeleri salgyt edarasy tarapyndan ulanylýar.
3. Salnan maliýe jerimeleri kararyň gowşurylan pursadyndan başlap bäş günüň dowamynda tölenýär.
Salnan maliýe jerimelerini tölemek salgyt tölenenden soň geçirilýär.
4. Salgyt hukuk bozulmalaryna ýol beren şahsy tarapa on alty ýaşdan başlap maliýe jerimeleri ulanylyp bilner.
5. Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edaralar tarapyndan, olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bikanun hereketleriniň (hereket etmezlikleriniň), ýazmaça görkezmeleriniň, çözgütleriniň we düşündirişleriniň netijesinde ýol berlen salgyt hukuk bozmalary maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirmeýär.
Salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan ygtyýarly edara tarapyndan salgyt ýalňyş hasaplananda, salgyt töleýji tarapyndan salgydyň tölenmedik halatlarynda maliýe jerimeleri ulanylmaýar.
Salgyt ýumuşçylary – býujetdäki guramalar şular babatynda salgydy tölemedik halatlarynda maliýe jerimeleri ulanylmaýar:
býujetden maliýeleşdirmegiň çykdajy sanawlarynda göz öňünde tutulan şahsy adamlaryň girdejilerine salgytlar babatynda;
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, Türkmenistanyň Hökümetiniň daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygynyň serişdeleriniň we daşary ýurt döwletleri, halkara guramalary, beýleki taraplar tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwer, maliýe we tehniki kömegiň we kreditleriň (karzlaryň) taslamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň çäklerinde alynýan serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýan töleglerden alynýan edara görnüşli taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgytlar babatynda.
6. Salgyt kanunçylygynyň bozulandygy üçin salgyt edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan maliýe jerimelerini ulanmak babatda çözgüt çykarylan ýylyndan öňki bäş salgyt ýylyndan köp bolmadyk döwür aralygynda amala aşyrylan düzgün bozulmalar üçin maliýe jerimesi salnyp bilner.
7. Salgyt edarasy (gümrük gullugy) tarapyndan bellenen salgydyň pul möçberi şikaýat edilende, salnan maliýe jerimesini tölemek borjy salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan maliýe jerimeleriniň jedelleşilmeýän pul möçberi babatynda ýerine ýetirilmelidir. Maliýe jerimeleriniň jedelleşilýän pul möçberi babatynda şikaýata salgyt edarasynda we kazyýetde seredilýän döwründe tölenmeýär, emma bu möhlet jerimäniň salnan gününden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir.
Şunda salgyt edarasynyň (gümrük gullugynyň) salgyt töleýjiden maliýe jerimesiniň jedelleşilýän möçberi babatynda emlägi (pul serişdelerini) girewe goýmagy ýa-da kepil geçmegi talap etmäge hukugy bardyr. Salgyt töleýjiniň görkezilen talaplary ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, ol maliýe jerimesini tölemek boýunça borjuny jedelleşilýän pul möçberi boýunça hem ýerine ýetirmelidir.
8. Salgydyň bellenen möçberine düzediş girizilmegi salgydyň şol pul möçberi babatynda öň salnan maliýe jerimeleriniň möçberiniň üýtgemegine getirýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
89-njy madda. Salgydyň möçberiniň kemeldilendigi üçin maliýe jerimeleri
1. Salgyt töleýjiniň salgyt salynýan özeni azaltmagynyň we salgydy hasaplamak boýunça beýleki bikanun hereketleriniň netijesinde hasaplanan salgydyň pul möçberiniň azaldylmagy, –
salgyt töleýjä salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmedik kemeldilen pul möçberiniň 40 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
Maliýe jerimeleri ulanylýan salgydyň kemeldilen pul möçberi salgydy tölemek üçin bellenen seneden başlap, şeýle düzgün bozmanyň ýüze çykarylan gününe çenli salgydyň şol görnüşi boýunça artyk tölenen pul möçberini hasaba almak bilen kesgitlenýär.
Salgytlaryň beýleki görnüşleri boýunça artyk geçirilen pul möçberleri bar bolanda, olar hem salgydyň maliýe jerimeleri ulanylýan kemeldilen pul möçberini azaltmagyň hasabyna kabul edilip bilner.
Hasaplanylan salgydyň möçberiniň kemeldilmegi diýip, salgyt beýannamasyny bermek üçin bellenilen gün hasaplanylýar.
2. Salgyt töleýjiniň bikanun hereketleriniň netijesinde salgydyň býujetden öwezi dolunmaga degişli pul möçberleri babatynda şu maddanyň 1-nji bölüminde bellenen maliýe jerimeleri ulanylýar.
3. Şu maddanyň maksatlarynda salgyt töleýji tarapyndan salgyt beýannamasyny ony bermek üçin şu bitewi Kanunda bellenen möhletinden 90 günden ýokary bolan möhletde berilmezligi hem salgydyň pul möçberleriniň azaldylmagy hasap edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
90-njy madda. Salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgydy tutup almak we geçirmek boýunça borçlaryň ýerine ýetirilmändigi üçin maliýe jerimeleri
Salgyt ýumuşçysynyň salgyt töleýjiden tutulup alynmaly salgytlaryň möçberini Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek boýunça şu Bitewi kanun bilen üstüne ýüklenilen borçlaryny ýerine ýetirmezligi,
salgyt ýumuşçysyna tutup almaga we geçirmäge degişli pul möçberiniň 40 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
91-nji madda. Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan emläge ygtyýar etmek hukugynyň gadagan edilmeginiň bozulandygy üçin maliýe jerimeleri
Salgyt töleýji (salgyt ýumuşçysy) tarapyndan salgyt töletdirilmeli emläge ygtyýar etmek hukugynyň gadagan edilmeginiň bozulmagy,
salgyt töleýjä (salgyt ýumuşçysyna) şol emlägiň hakyky bazar bahasynyň 50 göterimi möçberinde maliýe jerimesiniň salynmagyna getirýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda).
92-nji madda. Bank edarasynda hasap açylandygyny barada habar bermek borçlaryň ýerine ýetirilmändigi üçin maliýe jerimeleri
Bank edarasy tarapyndan şahsy taraplara – hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara (onuň aýrybaşgalanan düzüm birliklerine) hasap açylandygy barada salgyt edarasyna habar bermek borçlarynyň ýerine ýetirilmändigi,
bank edarasyna şol hasaplara düşen ähli pul serişdeleriniň 10 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
93-nji madda. Bank edarasy tarapyndan salgyt edarasynyň salgyt töleýjiniň hasaplary boýunça amallary togtatmak baradaky çözgüdiniň ýerine ýetirilmändigi üçin maliýe jerimeleri
Şahsy we edara görnüşli taraplaryň (onuň aýrybaşgalanan düzüm birlikleriniň) hasaplary boýunça amallary togtatmak baradaky salgyt edarasynyň çözgüdini bozmak bilen, bank edarasy tarapyndan olaryň hasaplary boýunça çykdajy amallarynyň geçirilmegi,
bank edarasyna şol hasaplardan hasapdan öçürilen ähli pul serişdeleriniň 10 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
94-nji madda. Salgyt töleýjiniň serişdelerini geçirmek tertibiniň bozulandygy üçin maliýe jerimeleri
Önümleri (harytlary, işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan pul serişdeleri bank edarasy tarapyndan salgyt töleýjiniň (salgyt ýumuşçysynyň) hasaplaşyk hasabyna geçirilmezden, onuň karz, depozit ýa-da başga bir hasaplaryna, şeýle hem başga salgyt töleýjileriň hasaplaryna geçirilmegi,-
bank edarasyna geçirilen serişdeleriň pul möçberiniň 10 göterimi möçberinde maliýe jerimeleriniň salynmagyna getirýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 71-nji madda).
II bölek
1 bap. Goşulan baha üçin salgyt
95-nji madda. Goşulan baha üçin salgydy töleýjiler
1. Edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar - hususy telekeçiler, şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar.
2. Şu aşakdakylar goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durmaýarlar:
Türkmenistanyň Merkezi banky;
Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakyndaky” Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplar. Şunuň ýaly taraplar nebit işlerine degişli bolmadyk salgyt salynýan amallary geçiren halatlarynda olara şu maddanyň 1-nji bölüminiň güýji degişli bolýar;
hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar;
hususy telekeçiler, ýönekeýleşdirilen salgyt salmak ulgamy degişli bolan iş boýunça.
(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda).
96-njy madda. Salgyt salynýan binýat
1. Salgyt töleýjiler tarapyndan şu Bitewi kanunyň 98-nji we 99-njy maddalaryna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinde geçirilýän salgyt salynýan amallar goşulan baha üçin salgyt salynýan binýat bolup durýar.
2. Şu aşakdaky amallar salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilýär:
harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, şeýle hem emläk hukuklaryny bermek;
öz hajatlary üçin gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek.
Görkezilenler diňe satyn alynýan ýa-da öndürilýän enjamy gurnamak we (ýa-da) oturtmak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegini şeýle hem ony abatlamagy öz içine almaýar;
harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň alynmagy, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar;
degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulmaýan halatynda (şol sanda ulanyş tutumlarynyň üstünden hem), özüniň sarp etmegi üçin harytlary peýdalanmak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek.
3. Şu aşakdakylar salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilmeýär:
a) amallaryň numizmatika maksady ýok bolsa, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň tabşyrygy boýunça edara görnüşli tarapyň taýýarlan puluny ýerlemegi bilen baglanyşykly bolmadyk, puly saklamak, inkassasiýa etmek boýunça hyzmat bolup durmaýan halatlarynda, kanuny töleg serişdesi bolup durýan daşary ýurt pullarynyň, pullaryň, banknotlaryň dolanyşygy;
b) gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy (kärhana paýly gatnaşmak hukugyny aýrybaşgalamak), olar boýunça dellalçylyk we araçyllyk hyzmatlary muňa girmeýär; kredit (ssuda) bermek we şolar boýunça göterimleri almak;
ç) aşakdakylary muzdsuz bermek:
edara görnüşli tarap üýtgedilip guralanda onuň hukuk mirasdüşerine (hukuk mirasdüşerlerine) şol edara görnüşli tarapyň esasy serişdelerini, maddy däl aktiwlerini we (ýa-da) beýleki emläklerini;
döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalary (ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş öýleri, zawodlar, fabrikler we şulara kybapdaş beýleki desgalar);
haýyr-yhsan guramalary tarapyndan harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);
ynsanperwerlik ýa (ýa-da) haýyr-yhsan kömegi hökmünde harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);
d) emläk aýrybaşgalananda:
döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýa-da ýeriň, medeni gymmatlyklaryň bolmalysy ýaly peýdalanylmaýandygy sebäpli, döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça alynmaga degişli ýer böleginde ýerleşen emläkler;
miras alynýan emläge bolan eýeçilik hukugy döwletiň haýryna mejbury alnanda, döwletiň haýryna geçirilende ýa-da başga birine berlende, şeýle hem eýesiz galan emläk ýa-da hazynalar döwlet tarapyndan kabul edilende;
e) daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary ýa şahsy taraplar tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwer, maliýe we tehniki kömeginiň we kreditleriň (karzlaryň) maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň çäklerinde harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek. Görkezilenler şu taraplara degişlidir:
daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň ýa-da şahsy taraplaryň harytlary (işleri, hyzmatlary) şunuň ýaly ýerlemegi amala aşyrmaga ygtyýarly eden taraplaryna;
şeýle kömegi we kreditleri (karzlary) alyjylar hökmünde bellenilen taraplara;
tölegi görkezilen serişdeleriň hasabyna geçirilýän, ýokarda görkezilen ygtyýarly edilen taraplar bilen we şeýle kömegi hem-de kreditleri (karzlary) alýanlar bilen şertnama boýunça iberijiler (işleri ýerine ýetirijiler, hyzmatlary edijiler) bolan taraplara;
ä) telekeçi däl edara görnüşli taraplar tarapyndan, peýda almak maksady bolmazdan harytlaryň ýerlenmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi;
f) eger görkezilen işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarynda, işiň belli bir ugrunda olaryň üstüne ýüklenilen aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işleri ýerine ýetirmegi (hyzmatlary etmegi). Görkezilenler hususan-da döwlet ýangyna garşy göreş gullugynyň hyzmatlaryny, gümrük hyzmatlaryny, harytlary (işleri, hyzmatlary) güwälendirmek boýunça hyzmatlary, beýleki şular ýaly işleri we hyzmatlary özünde jemleýär;
g) harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek baradaky ylalaşykdan gelip çykýan talaplara hukugy ilki başdan bermek ýa-da görkezilen talaplaryň kanun esasynda başga tarapa geçmegi;
h) emlägiň gaýry edara görnüşli taraplaryň we şereketleriň esaslyk maýalaryna gatançlar hökmünde berilmegi;
i) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan baglaşylan daşary söwda şertnamalary esasynda satyn alnan harytlaryň peýda almak maksady bolmazdan, öz tabynlygyndaky edaralaryna we kärhanalaryna ýerlenilmegi. («Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 96-njy maddasynyň üçünji bölegine girizilýän goşmaça şu Kanunyň güýje girmegine çenli döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan baglaşylan daşary söwda şertnamalary esasynda satyn alnan harytlaryň peýda almak maksady bolmazdan, olaryň öz tabynlygyndaky edaralaryna we kärhanalaryna ýerlenilmegi boýunça geçiren amallary babatynda hem ulanylýar. Türkmenistanyň 08.11.2014 ý. № 148-V Kanunу esasynda);
j) ýük wagonlary, konteýnerleri bilelikde ulanmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky halkara ylalaşyklaryň çäklerinde işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi.
4. Şu Bitewi kanunyň maksatlary üçin ýerlenýän ýa-da ýerlenmäge niýetlenen emläk haryt diýlip ykrar edilýär. Elektrik we ýylylyk energiýasyna, gaza, suwa haryt hökmünde seredilýär.
(2007-nji ýylyň 30-njy martyndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 24-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda, 2014 ý., № 4, 145-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 95-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda).
97-nji madda. Harytlaryň ýerlenendigini, işleriň ýerine ýetirilendigini we hyzmatlaryň edilendigini kesgitlemek
1. Harytlary ýerlemek diýlip, satyn almagyň-satmagyň (ibermegiň), çalyşmagyň, peşgeş bermegiň (muzdsuz bermek) ýa-da eýeçilik hukugyny bermegiň (geçmegi) başga bir görnüşiniň netijesinde, eýeçilik hukugynyň bir tarapdan beýleki tarapa berilmegine (geçirilmegine) düşünilýär. Görkezilenler eýeçilik hukugy geçirilen, öň alnan harydy gaýtarmak baradaky amallara hem degişlidir.
2. Işleri ýerine ýetirmek diýlip, netijeleri maddy görnüşe eýe bolan we şahsy hem-de edara görnüşli taraplaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin ýerlenip biljek işlere düşünilýär.
3. Hyzmat etmek diýlip, netijeleri amala aşyrylmagynyň barşynda ýerlenýän we sarp edilýän işlere düşünilýär. Lizing, maddy däl aktiwleri ýerlemek (bermek) boýunça hyzmatlar, emläk kärendesi ýa-da ony ylalaşyk esasynda ulanmak (konsessiýa) hem hyzmat diýlip ykrar edilýär.
4. Öz işgärleri üçin harytlary bermek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek, harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek diýlip ykrar edilýär.
5. Eger şu Bitewi kanunda başga düzgünler bellenilmedik bolsa, emläk hukuklary berlende goşulan baha üçin salgydy hasaplamak maksady bilen, harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek üçin bellenilen düzgünler ulanylýar.
6. Esasy amallar (salgyt salynýan ýa-da salgyt salynmaýan) babatynda kömekçi häsiýeti eýe bolan harytlary ýerlemäge, işleri ýerine ýetirmäge, hyzmat etmäge şonuň ýaly amalyň bir bölegi hökmünde seredilýär.
Işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) boýunça şertnamalarda göz öňünde tutulan, şeýle işler (hyzmatlar) ýerine ýetirilen mahaly ulanylýan enjamlaryň, çig malyň, serişdeleriň we gaýry emlägiň iberilmegi kömekçi häsiýete eýedir.
Daşary söwda şertnamalarynda göz öňünde tutulan ibermeklik ýa-da şu Bitewi kanunyň 99-njy maddasyna laýyklykda ýerlenilýän ýeri Türkmenistanyň çäkleri bolup durýan, harytlaryň satyn alynmagy-satylmagy, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi kömekçi häsiýete eýe däldir.
7. Tebigy ýitgileriň ölçeginden artyk haryt ýetmezçiligi, şu harytlaryň ogurlanandygy ýa-da zaýalanandygy resmi taýdan tassyklanmadyk ýagdaýynda, harytlary ýerlemek diýlip ykrar edilýär. Görkezilenler, olaryň utilizasiýa edilendigini resmi taýdan tassyklaýan tassyknama bolmadyk ýagdaýynda, ulanyş möhleti geçen harytlara hem degişli we olara haryt ýetmezçiligindäki salgyt salmak düzgünleri ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda).
98-nji madda. Harytlaryň ýerlenýän ýeri
Harytlaryň ýerlenýän ýeri diýlip aşakdakylar ykrar edilýär:
harytlar ýüklenip ugradylmaýan we ulag bilen ugradylmaýan bolsa, olaryň alyjylara berilýän pursadynda ýerleşýän ýeri;
iberiji, alyjy ýa-da başga bir tarap tarapyndan ýüklenip ugradylýan ýa-da ulag bilen ugradylýan bolsa, olaryň ýüklenip ugradylyp ýa-da ulag bilen ugradylyp başlanan pursadynda harytlaryň ýerleşýän ýeri;
harytlar tehniki, tehnologik ýa-da başga bir sebäplere görä, alyjylara sökülen ýa-da ýygnalmadyk görnüşden başga hili ýetirilip bilinmedik ýagdaýynda, gurnamak, oturtmak ýa-da olary ýygnamak iberiji tarapyndan ýa-da onuň adyndan ýerine ýetirilýän bolsa, harytlaryň gurnalýan, oturdylýan ýa-da ýygnalýan ýerleri.
(2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda).
99-njy madda. Işleriň ýerine ýetirilýän, hyzmatlaryň edilýän ýeri
1. Şu maddanyň 2-nji we 3-nji bölümlerinde görkezilenlerden beýleki işleriň ýerine ýetirilýän, hyzmatlaryň edilýän ýeri diýlip, edara görnüşli tarapyň döredilen, onuň şahamçasynyň ýa-da wekilhanasynyň (hemişelik wekilhanasynyň) ýerleşýän ýeri, hususy telekeçiler üçin bolsa – hemişelik ýaşaýan ýa-da işleriň ýerine ýetirilýän, hyzmatlaryň edilýän hemişelik iş ýeri ykrar edilýär.
Hemişelik iş ýeri diýlip, hususy telekeçiniň öz işini doly ýa-da bölekleýin alyp barýan, Türkmenistanyň çäklerindäki hemişelik ýere düşünilýär we şu Bitewi kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, edara görnüşli tarapyň hemişelik wekilhanasyny kesgitlemek boýunça düzgünnamalara degişlilikde kesgitlenilýär.
2. Işiň ýerine ýetirilýän, hyzmatyň edilýän ýeri diýlip:
a) gozgalmaýan emläk bilen baglanyşykly işler, hyzmatlar üçin – şu emlägiň ýerleşýän ýeri. Görkezilenler hususan-da gurluşyk, gurnama, gurluşyk-gurnama, abatlaýyş, dikeldiş işlerini, kärende boýunça hyzmatlary özünde jemleýär;
b) gozgalýan emläk bilen baglanyşykly işler, hyzmatlar (ony kärendä bermek muňa girmeýär) - hakykatda şeýle işleriň geçirilýän, hyzmatlaryň amala aşyrylýan ýeri. Görkezilenler hususan-da, düşürmegi, ýüklemegi, gurnamagy, ýygnamagy, gaýtadan işlemegi, işläp geçmegi, abatlamagy we tehniki taýdan hyzmat etmegi özünde jemleýär;
ç) medeniýet, sungat, bilim, bedenterbiýe we sport babatlarynda edilýän hyzmat üçin – şeýle hyzmatlaryň hakyky edilýän ýeri ykrar edilýär.
3. Aşakdaky hyzmatlaryň edilýän ýeri diýlip, hyzmat edilýän edara görnüşli tarapyň döredilen ýeri ýa-da onuň şahamçasynyň, wekilhanasynyň ýerleşýän ýeri ýa-da hususy telekeçiniň hemişelik ýaşaýan ýa-da onuň hemişelik iş ýeriniň ýerleşýän ýeri ykrar edilýär:
a) patentleri, ygtyýarnamalary, söwda nyşanlaryny, awtorlyk hukuklaryny ýa-da gaýry şular ýaly hukuklary bermek, geçirmek boýunça;
b) mahabatlandyrma boýunça;
ç) maslahat, hukuk, buhgalterlik, auditorçylyk, inžiniring babatda, şeýle hem maglumatlary dolandyrmak, işlemek we maglumatlary bermek, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek boýunça hyzmatlar. Inženerçilik hyzmatlaryna hususan-da inženerçilik-maslahat beriş hyzmatlary, taslamadan öňki we taslama hyzmatlary (tehniki-ykdysady esaslandyrmalary taýýarlamak, taslama-konstruktorçylyk işleri we şuňa meňzeş hyzmatlar) degişlidir;
d) demir sandyklary (seýfleri) kärendä bermek boýunça hyzmatlardan başga, gaýtadan ätiýaçlandyrmany goşmak bilen, maliýe, bank, ätiýaçlandyrma hyzmatlary;
e) işgärleri bermek boýunça;
ä) başga bir tarapyň adyndan we onuň hasabyna hereket edýän ýumuşçy tarapyndan edilýän hyzmatlar, olar şu bölekde görkezilen hyzmatlary üpjün edýän bolsa;
f) işiniň esasy görnüşi ulag hyzmatyny etmek bolup durýan edara görnüşli taraplaryň demir ýol ulaglaryndan başga, gozgalýan maddy emläkleri kärendä bermek boýunça hyzmatlary;
g) elektron hasaplaýyş maşynlary üçin programmalary we maglumat binýatlaryny (programma serişdelerini we hasaplaýyş enjamlarynyň maglumat önümlerini) işläp düzmek boýunça, olaryň adaptasiýasy we modifikasiýasy boýunça edilýän hyzmatlar (ýerine ýetirilýän işler);
h) enjamlaryň (şol sanda deňiz we howa gämileriniň, şeýle hem gaýry ulag serişdeleriniň), harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) sertifikasiýasy boýunça, olary synag barlagy boýunça hyzmatlar, şeýle hem synag işlerini ýerine ýetirmek;
i) aragatnaşyk hyzmatlary, şol sanda öýjükli hereket edýän aragatnaşyk ulgamyny ulanmak bilen, aragatnaşyk ýaýlymlarynyň kärendesi boýunça hyzmatlar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
100-nji madda. Salgyt özeni
1. Kesgitlenen döwlet bahalaryny (nyrhlaryny) ulanmak bilen amala aşyrylýanlardan başga, salgyt salynýan amallar geçirilende, harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyndan (nyrhyndan) ugur alnyp kesgitlenýän, salgyt töleýjiniň islendik beýleki tarapdan alýan ýa-da almaga hukugy bolan, goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini öz içine almaýan baha salgyt özeni bolup durýar.
Kesgitlenen döwlet bahalaryny (nyrhlaryny) ulanmak bilen salgyt salynýan amallar geçirilende harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyndan (nyrhyndan) ugur alnyp kesgitlenýän, salgyt töleýjiniň islendik beýleki tarapdan alýan ýa-da almaga hukugy bolan, goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini öz içine alýan baha salgyt özeni bolup durýar.
Şunda goşmaça töleg tölenmeli harytlaryň bahasyna goşmaça tölegleriň pul möçberi goşulýar.
2. Harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň hasabyna günäkär tarapdan alnan pul möçberi, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalaryň pul möçberi salgyt özenine goşulýar.
Şu bölümiň düzgünleri şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasyna laýyklykda, diňe salgyt binýady diýlip ykrar edilen we şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasyna laýyklykda salgytdan boşadylmaýan harytlar babatynda ulanylýar.
3. Harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), daşary ýurt pulundaky bahalary, şeýle hem salgyt özenine goşulýan daşary ýurt pulundaky serişdeler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň salgyt salynýan amallaryň geçirilen senesindäki resmi hümmeti boýunça manatda hasaplanýar, salgydy salgyt ýumuşçysy tarapyndan tutulyp alynýan, şu Bitewi kanunyň 108-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen tölegler babatynda bolsa - Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tölegiň senesindäki resmi hümmeti boýunça hasaplanýar.
4. Degişli salgyt döwründäki salgyt özeni, degişli salgyt döwründe geçirilen salgyt salynýan amallaryň ählisi (şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen pul möçberini hasaba almak bilen) boýunça, salgyt özeniniň we şol salgyt döwründe şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallar boýunça salgyt özeniniň pul möçberini aýyrmak bilen, şu Bitewi kanunyň şu maddasyna we 101-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýän jemi hökmünde kesgitlenýär.
Şu Bitewi kanunyň 103-nji maddasyna laýyklykda, dürli salgyt möçberleriniň ulanylýan halatlarynda, salgyt özeni dürli möçberler boýunça salgyt salynýan amallaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda kesgitlenýär.
5. Emläk hukuklary geçirilende salgyt özeni şu madda bilen bellenilen tertipde we şu Bitewi kanunyň 101-nji maddasy bilen bellenilen aýratynlyklary hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
101-nji madda. Salgyt salynýan aýry-aýry amallar üçin salgyt özenini kesgitlemek
1. Salgyt özenini kesgitlemek maksady üçin, şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň düzgünleri göz öňünde tutulyp, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalary kabul edilýär.
2. Harytlar muzdsuz berlende (işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende) salgyt özeni harytlar (işler, hyzmatlar) adaty, hak almak bilen ýerlenende salgyt töleýji tarapyndan ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
Öň ulanyşda bolan esasy serişdeler muzdsuz berlende, salgyt özeni balans gymmaty hökmünde kesgitlenýär.
3. Geleşigiň taraplary tarapyndan çalşylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalary kesgitlenmedik halatlarynda, salgyt özeni harytlar (işler, hyzmatlar) adaty ýerlenende salgyt töleýji tarapyndan ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
Deň bolmadyk çalşykda çalşylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyna islendik möçberdäki goşmaça tölegler salgyt salynýan dolanyşyga goşulýar.
4. Özüniň sarp etmegi üçin harytlar peýdalanylanda, işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende, degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulmaýan bolsa, salgyt özeni harytlar (işler, hyzmatlar) adaty, hak almak bilen ýerlenende salgyt töleýji tarapyndan ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
5. Özüniň sarp etmegi üçin gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilende salgyt özeni salgyt töleýjiniň olary ýerine ýetirmek üçin eden hakyky çykdajylaryndan ugur alnyp hasaplanan, ýerine ýetirilen işleriň bahasy hökmünde kesgitlenýär.
6. Araçyllyk hyzmatlary, tabşyryk we komissiýa ylalaşygy boýunça hyzmatlar ýerlenende salgyt özeni şu hyzmatlar üçin hak, ýygymlar we (ýa-da) beýleki tölegler görnüşinde alnan pul serişdeleriniň jemine deň möçberde kesgitlenýär.
Döwletiň kesgitlän bahalaryny (tariflerini) ulanmak bilen geçirilýän amallardan başga, salgyt salynýan amallar geçirilende (daşary ýurtlara ýerlemek muňa girmeýär), döwlet eýeçiligi görnüşdäki kärhanalar we alyjylar birleşmeleri kärhanalary üçin, olar tarapyndan lomaý we bölek söwda amala aşyrylanda (şol sanda üpjünçilik-ýerleýiş we taýýarlaýyş işleri we şunuň ýaly aýry-aýry işler, şeýle hem söwda amallary amala aşyrylanda hem), goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini öz içine almaýan söwda nyrh goşundysy salgyt özeni bolup durýar.
Şol taraplar salgyt salynýan amallary döwlet tarapyndan kesgitlenen bahalary (tarifleri) ulanyp amala aşyranda, goşulan baha üçin salgydy öz içine alýan söwda goşundysy salgyt özeni bolup durýar.
7. Berilýän çig maldan (materialdan) harytlary taýýarlamak boýunça hyzmatlar ýerlenende, salgyt özeni olary işlemegiň (gaýtadan işlemegiň) bahasy hökmünde kesgitlenýär.
Buýrujy tarapyndan başga tarapa işläp bejermek ýa-da gaýtadan işlemek we şol çig maldan belli bir möçberde ýarym taýýar ýa-da taýýar önümleri almak üçin berilýän (buýrujy tarapyndan bahasy tölenýän) harytlar berilýän çig mal (material) bolup durýar. Çig maly we materiallary işlemek we gaýtadan işlemek boýunça ylalaşyklar (tolling amallary) boýunça edilen hyzmatlar üçin töleg hökmünde buýrujy, şunuň ýaly hyzmatlaryň bahasynyň ekwiwalenti bolup durýan, şu çig maldan we materiallardan alnan ýarym taýýar ýa-da taýýar önümleriň bir bölegini berip biler.
Bu agzalanlar, buýrujy tarapyndan oňa degişli bolan we potratçydan alynmadyk materiallar berlende şol materiallardan potrat işleriniň ýerine ýetirilmegine hem degişli.
8. Bahalary ýa-da nyrhlary peýdalanylýan materiallaryň we (ýa-da) ätiýaçlyk şaýlaryň bahalaryny goşmak bilen bellenýän işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende, salgyt özeni şol işleriň ýa-da hyzmatlaryň goşulan baha üçin salgydyň goşulmadyk bahasy hökmünde kesgitlenýär. Şunda peýdalanylan materiallaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň bahasy, olar satyn alnanda tölenen goşulan baha üçin salgydy we işleri ýerine ýetirýän, hyzmatlary edýän tarap tarapyndan bellenýän söwda goşundysyny (goşulan baha üçin salgytsyz) hasaba almazdan, olaryň satyn alnanda tölenen bahasy boýunça goşulýar.
Bahalary ýa-da nyrhlary peýdalanylýan materiallaryň we (ýa-da) ätiýaçlyk şaýlaryň bahalaryny goşmak bilen bellenýän işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende, şu materiallaryň ýa-da ätiýaçlyk şaýlarynyň bahalary işleri we hyzmatlary satyn alyjy tarapyndan aýratyn tölenýän şertlerinde, salgyt özeni ýerine ýetirilen we tölegi tölenen işleriň we hyzmatlaryň bahasy we işleri we hyzmatlary satyn alyja ýerlenen materiallaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň bahasy hökmünde, olara goşulan baha üçin salgydy goşmazdan, kesgitlenýär.
9. Salgyt özenine harytlary alyjy tarapyndan yzyna gaýtarylyp berilmeli gaplaryň bahalary goşulmaýar.
10. Girew bilen baglanyşykly amallar geçirilende salgyt özeni şu Bitewi kanunyň 100-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenen tertipde kesgitlenýär.
11. Ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň (Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň şahamçasynyň ýa-da wekilhanasynyň) ýa-da işini bes eden hususy telekeçiniň harytlary we beýleki emläkleri satylanda salgyt özeni salgyt töleýji tarapyndan şu harytlar we emläkler ýerlenende ulanylan hakyky bahalaryň esasynda, emma, şu aşakdakylardan pes bolmadyk derejede kesgitlenýär:
harytlar boýunça – satyn alnan bahasyndan;
esasy serişdeler we maddy däl aktiwleri boýunça – balans gymmatyndan.
12. Ýeňillikli bahalar (nyrhlar, kesilen baha) bellenen harytlar ýerlenende, işler ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende, salgyt özeni şeýle ýeňillikler göz öňünde tutulyp kesgitlenýär. Görkezilenler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilata mugt goýberilýän harytlara, hyzmatlara hem degişlidir.
Býujet guramalaryna we döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem şu edaralaryň çözgütleri boýunça ýerlenýän harytlar, ýerine ýetirilýän işler we edilýän hyzmatlar boýunça, şol sanda bular muzdsuz amala aşyrylanda hem salgyt özeni ýerlenýän hakyky bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär. Görkezilenler döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalarynyň muzdsuz berilmegine degişli däldir.
13. Tebigy ýitginiň ölçeglerinden artyk haryt ýetmezçiligi halatynda, olaryň ogurlanandygy ýa-da zaýalanandygy resmi taýdan tassyk edilmedik ýagdaýynda, salgyt özeni şu maddanyň 2-nji bölüminde bellenen tertipde kesgitlenýär.
14. Hasabat döwründe salgyt özeni şol döwürde Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli pul serişdeleriniň möçberinde azaldylmaga degişlidir.
15. Salgyt salmaga degişli, harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek baradaky ylalaşykdan gelip çykýan talaplar berlende ýa-da görkezilen talaplar kanun esasynda beýleki tarapa geçirilende, görkezilen harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek amallary boýunça salgyt özeni şu Bitewi kanunyň 100-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kesgitlenýär. Talaplar täze karzdarlara ýerlenende salgyt özeni talaplar soňundan ýerlenende ýa-da degişli borçlar bes edilende onuň alan girdejisiniň möçberiniň görkezilen talaby satyn almak üçin çykdajylaryň möçberinden artyk bolan möçberi hökmünde kesgitlenýär.
(2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 15-nji oktýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 48-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda).
102-nji madda. Salgyt özenine düzediş girizmek
Salgyt özenine şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda bellenen ýagdaýlarda düzediş girizilmäge degişlidir.
103-nji madda. Goşulan baha üçin salgydyň möçberi
Goşulan baha üçin salgydyň möçberi:
şu Bitewi kanunyň 105-nji maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallar babatynda 0 (nol) göterim derejesinde;
beýleki salgyt salynýan amallar babatynda 15 göterim derejesinde bellenýär.
Döwletiň kesgitlän bahalary boýunça harytlar ýerlenende, işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende degişli möçberiň şu salgyt möçberine göterim gatnaşygy hökmünde kesgitlenýän, 100-e artdyrylan möçber ulanylýar. Hasaplama usuly bilen kesgitlenen möçber, haçanda salgyt edarasy tarapyndan salgyt şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenen we öz içine goşulan baha üçin salgydy alýan, hakyky bazar bahadan ugur alnyp hasaplanylan ýagdaýlarynda hem ulanylýar.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
104-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
1. Goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt we hasabat döwürleri edara görnüşli taraplar we oňa edara görnüşli taraplaryň bolmanda biri girýän şereketlere girýän taraplar üçin senenama aýyna deň bellenýär.
2. Goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt döwri hususy telekeçiler we oňa edara görnüşli tarap girmeýän şereketlere girýän taraplar üçin senenama ýylyna deň, hasabat döwri bolsa, ýanwar aýynyň 1-inden iýun aýynyň 30-yna çenli we iýul aýynyň 1-inden dekabr aýynyň 31-ine çenli bellenýär.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
105-nji madda. Nol möçber ulanylýan salgyt salynýan amallar
Salgyt salynýan aşakdaky amallar babatynda 0 (nol) göterim derejedäki salgyt möçberi ulanylýar:
tebigy (ugurdaş) gazy, nebiti we olary gaýtadan işlemekden alnan önümleri goşmazdan, özüniň öndüren, şeýle hem satyn alnan harytlar daşary ýurtlara ýerlenende. Şunda salgyt salmak maksady bilen daşary ýurtlara çykarylýan harytlar diýlip, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilendiginiň bellenen tertipdäki tassyklanmasy bolan halatynda, Türkmenistanyň daşyna çykarylýan harytlara düşünilýär;
Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan taraplardan çig nebit we gaz kondensaty satyn alnyp, olaryň gaýtadan işlenilmeginden alnan önümleriň eksport edilmegi. Goşulan baha üçin salgydyň bu möçberini ulanmagyň hökmany şerti, bu – eksport etmekligiň gönüden-göni şular ýaly gaýtadan işlemekligi amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar tarapyndan amala aşyrylmagy. Şunda salgyt salmak maksady bilen, harytlary eksport etmek diýlip, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilendiginiň bellenen tertipdäki tassyklanmasy bolan halatynda, harytlaryň Türkmenistanyň daşyna çykarylmagyna düşünilýär; (2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň kanuny esasynda 105-nji maddanyň ikinji tesiminden soň tesim goşulan, ol 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan herekete girizilýär hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.);
halkara derejesinde ýolagçylary gatnatmak we şahsy we edara görnüşli taraplaryň ýüklerini daşamak boýunça hyzmatlar edilende. Eger-de şular ýaly gatnatmaklyk amala aşyrylanda ulag serişdesi Türkmenistanyň çäklerinden çykýan bolsa-da, ugradylýan we barmaly ýer Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän bolsa, şunda ulag serişdeleri bilen gatnatmak hyzmatlary halkara gatnatmasy bolup durmaýar;
harytlaryň (önümleriň) gönüden-göni eksport edilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara, dokma önümleri olary öndürijiler tarapyndan ýerlenende. Şunda eksport edilýän harytlar (önümler) diýlip şol harytlaryň (önümleriň) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilendiginiň bellenilen tertipdäki tassyknamasy bolan halatynda Türkmenistanyň daşyna çykarylýan harytlara (önümlere) düşünilýär; (2014-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda kabul edilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bilen 2014-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereketi çäklendirilen «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň 105-nji maddasynyň dördünji tesiminiň hereketini 2015-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan täzeden herekete girizmeli – Türkmenistanyň 18.08.2015 ý. № 277-V kanuny esasynda);
daşary ýurtlara iberilýän harytlary ulagly daşamak, ýüklemek, düşürmek, birinden beýlekä ýüklemek boýunça hyzmatlar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinden daşary ýurt ýüklerini üstaşyr geçirmek boýunça hyzmatlar;
halkara ýüklerini daşamak we ýolagçylary gatnatmak üçin ulanylýan daşary ýurt deňiz hem-de howa gämilerini ýangyçdan doldurmak bilen hem-de olara hyzmat etmek (aeronawigasiýa we uçuş-gonuş hyzmatlaryny goşmak bilen) baglanyşykly hyzmatlar, şeýle hem şular ýaly ýükleri daşamakda, ýolagçylary gatnatmakda ekipažyň we ýolagçylaryň sarp etmegi üçin göz öňünde tutulan harytlary ýerlemek;
paçsyz söwda edýän dükanda gümrük düzgüninde ýerleşdirilen harytlary ýerlemek;
daşary ýurt diplomatik we olara deňleşdirilen wekilhanalaryň, halkara guramalaryň resmi taýdan ulanmaklary üçin ýerlenýän harytlar, ýerine ýetirilýän işler, edilýän hyzmatlar;
Türkmenistanyň Hökümetiniň daşary ýurt pulundaky ätiýaçlyk gaznasynyň hasabyndan tölegi tölenýän harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek;
“Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplara olaryň nebit işlerini ýerine ýetirmek maksatlary üçin harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek. Eger şeýle harytlar (işler, hyzmatlar) diňe nebit işlerini ýerine ýetirmekden başga iş üçin niýetlenilen bolsa; soňra şeýle harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) haýsy iş üçin peýdalanyljakdygyny öňünden kesgitläp bolmasa; şeýle harytlar (işler, hyzmatlar) nebit işlerini ýerine ýetirmek üçin hem, beýleki işler üçin hem niýetlenilen hem-de peýdalanyljak bolsa we olary bölmek mümkin bolmasa, görkezilenler ulanylmaýar. Bu barada şeýle taraplar wagtynda, ýagny olara salgyt hasap-faktura berilýänçä (ýazylyp berilýänçä) öz iberijisiniň ýa-da başga kontragentiniň dykgatyna ýetirmäge borçludyr;
özüniň öndürilen oba hojalyk önümlerini ýerlemek.
Şunda, şu madda bilen bellenilen işler ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende, 0 (nol) göterim derejedäki möçberi diňe potratçylar babatynda ulanylyp, kömekçi potratçylar hem-de şeýle işleriň (hyzmatlaryň) ýerine ýetirilmegi üçin potratçylar tarapyndan peýdalanylýan harytlaryň (çig malyň, materiallaryň) iberilmegini amala aşyrýan taraplar babatynda ulanylmaýar («Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler we hyzmatlar muňa degişli däldir).
(2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 28-nji ýanwaryndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýalarynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 48-nji madda; 2012 ý., № 3, 68-nji madda; 2014 ý., № 1, 24-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda).
106-njy madda. Salgyt salynýan amallar boýunça ýeňillikler
1. Aşakdaky salgyt salynýan amallar geçirilende goşulan baha üçin salgyt tölenilmeýär:
umumy ulanylýan şäher ýolagçylar ulagynyň hyzmatlary (taksiden, sol sanda bir ugur boýunça gatnaýan taksilerden başgasy), şeýle hem şäher etegindäki gatnawlarda derýa, demir ýol ýa-da awtomobil ulaglarynda ýolagçylary gatnatmak boýunça hyzmatlar;
olar üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň we olara degişli bölekleriň bahalaryny goşmak bilen, harytlaryň ulanylmaly möhleti kepillendirilen döwründe goşmaça hiç hili töleg alynmazdan ýerine ýetirilýän abatlamak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça hyzmatlar we işler;
derman serişdelerini, medikamentleri, zyýansyzlandyryjy serişdeleri, saglygy goraýyş maksatly önümleri, saglygy goraýyş enjamlaryny, protez-ortopediýa önümlerini we maýyplar üçin ýörite ulag serişdelerini ýerlemek;
weterinar we sanitariýa-epidemiologiýa hyzmatlary;
saglygy goraýyş hyzmatlary, ýasama diş oturtmak (bejeriş häsiýetli däl kosmetologiýa hyzmatlary goşulan baha üçin salgytdan boşadylmaýar);
näsaglara, maýyplara we garrylara seretmek boýunça hyzmatlar, maýyplaryň saglygyny dikeltmek boýunça hyzmatlar;
bilim ulgamyndaky hyzmatlar;
sirk hyzmatlary;
jaýlaýyş dessurlary we olar bilen baglanyşykly beýleki hyzmatlar, şeýle hem guburüsti ýadygärlikleri taýýarlamak boýunça hyzmatlar, jaýlanylan ýerleriň durkuny täzelemek boýunça işler;
däp-dessurlaryň geçirilmegini goşmak bilen, dini guramalaryň hyzmatlary, şeýle hem dini däplere degişli we dini maksatly zatlary ýerlemek;
körler we kerler jemgyýetiniň we maýyplaryň beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň okuw-önümçilik kärhanalarynyň öndüren harytlaryny ýerlemek;
maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary tarapyndan öndürilen (edilen) harytlary (hyzmatlary) ýerlemek;
düzediş edaralarynyň we olaryň önümçilik kärhanalarynyň özleriniň öndüren harytlaryny ýerlemek;
ätiýaçlandyryş guramalary tarapyndan edilýän ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş hyzmatlary;
oba hojalyk kärhanalarynyň özleri tarapyndan öndürilýän ýag önümlerinden başga, oba hojalyk önümleriniň gaýtadan işlenilmegi bilen alnan önümleri ýerlemek;
pagtany gaýtadan işlemekden alnan önümleri ýerlemek (pagta süýümi, pagta çigidi, gysga süýüm, pagta sütügi, pagta übtügi, galyndylar);
tohumlary; pile we ýüpek gurçuklarynyň tohumlaryny hem-de olary ösdürip ýetişdirmekdäki hyzmatlary; mineral dökünleri; gerbisidleri, awuly himikatlary we ösümlikleri goraýyş maksatly beýleki serişdeleri; oba hojalyk önüm öndürijileriniň ekin meýdanlaryna hojalykiçi suwaryş akabalary arkaly suw bermek we hojalykiçi şor suw akabalary arkaly şor suwlary akdyrmak boýunça edilýän hyzmatlary; şeýle hem oba hojalyk önümini öndürmek we ýygnamak üçin mehanizirlenen hyzmatlary ýerlemek;
azyk harytlaryna (iýmit önümlerine) degişli harytlary (goşmaça töleg tölenilmäge degişlilerinden başga) we iýmit önümleri öndürilende, taýýarlanylanda we gaýtadan işlenilende ulanylýan şular ýaly harytlary; garyşyk iýmleri ýerlemek;
jemgyýetçilik iýmiti önümlerini ýerlemek;
saryja goýnunyň ýazky gyrkymynyň ýüňüni we ondan egrilen ýüplügi ýerlemek, şeýle hem bu ýüňi ýuwmak (arassalamagy we sortlamagy goşmak bilen) boýunça we bu ýüňden ýüplük öndürmek (reňklemegi goşmak bilen) boýunça hyzmatlar;
el halylaryny we elde dokalan haly önümlerini ýerlemek;
döwlet kärhanalarynyň özleriniň öndüren akkumulýator önümlerini ýerlemek; (Girizilen goşmaça resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 21.11.2015 ý. № 312-V kanuny esasynda);
ýerleri hususy eýeçilige bermek boýunça ýer gurluşyk işleri;
däneli ekinleri saklamak; däne üweýän senagat önümlerini, krahmally önümleri öndürmek; çörek we täze süýji önümlerini öndürmek; kakadylan çörek we köke, köp saklanýan süýji-köke önümlerini öndürmek; unaş önümlerini öndürmek; çaga iýmitini we berhizlik azyk önümlerini öndürmek; melhemçilik önümçiligi; adamyň saglygyny goramak boýunça iş; weterinariýa işi üçin niýetlenen desgalary galdyrmak boýunça gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek;
ýadygärlikler toplumynyň gurluşyk-gurnama işlerini we onuň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek;
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda gurulýan demir ýollarynyň, halkara derejeli ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurluşyk-gurnama işleri we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek;
amala aşyrylmagy daşary ýurt maýa goýujylaryna dolulygyna degişli bolan serişdeleriň (karz serişdeleri muňa degişli däldir) hasabyna tölenilýän desgalary gurmak boýunça gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek;
ilata edilýän ýaşaýyş-jaý jemagat we ulanyş hyzmatlary (jaý tölegini goşmak bilen), şeýle hem köçeleriň, seýilgähleriň, skwerleriň we ş.m. daşky yşyklandyrylmasy boýunça hyzmatlar;
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna ýerine ýetirilýän ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işleri;
bir birligini satyn almak (döretmek) üçin çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 0,4 möçberinden geçmeýän, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) mahabatlandyrma maksady bilen berilmegi;
lotoreýalary, humarly oýunlary we pully oýunlary (humarly oýun işi) geçirmek;
diňe erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleriň maksatlary üçin şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan taraplara harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek;
milli syýahatçylyk zolaklarynda ýa-da olaryň çäklerinden daşarda diňe milli syýahatçylyk zolaklarynyň iş maksatlary üçin syýahatçylary kabul etmek boýunça täze obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işler we hyzmatlar, şeýle hem harytlaryň iberilmegi.
Ýeňillik:
a) görkezilen işleri hojalyk usuly bilen amala aşyrýan;
b) görkezilen işler potrat usuly bilen ýerine ýetirilen mahalynda potratçy bolan;
ç) işleriň aýry-aýry görnüşlerini ýerine ýetirýän, hyzmatlary edýän hem-de "a" we "b" bentlerde görkezilen taraplar tarapyndan şeýle işleriň ýerine ýetirilmegi üçin peýdalanylýan harytlaryň (çig malyň, materiallaryň, görkezilen obýektlerde oturdylýan enjamyň) iberilmegini amala aşyrýan taraplara berilýär;
milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylaryň ýerleşdirilmegini, jemgyýetçilik iýmitini, hususy durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň edilmegini, güýmenje oýunlarynyň (humarly oýun täjirçiliginden başga) we başga hyzmatlaryň guralmagyny hem goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlar, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylyk industriýasynyň obýektleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlar. Görkezilen ýeňillikler bellenen tertipde milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan taraplara, olar milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinden daşarda şeýle hyzmatlary edenlerinde hem berilýär;
milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalary tarapyndan harytlaryň ýerlenilmegi;
şahsy adamlaryň buýurmasy boýunça ýaşaýyş jaýlaryny gurmak boýunça işleri ýerine ýetirmek we taýýar jaýlary we öýleri şahsy adamlara, şol sanda hususylaşdyrmak tertibinde ýerlemek;
emlägi lizinge beriji taraplaryň amala aşyrýan lizing amallary;
Türkmenistanyň daşary ýurt döwleti bilen baglaşylan halkara şertnamasy ýa-da ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň çäginde döredilen Söwda öýi tarapyndan şol ylalaşylan döwletde öndürilen harytlary ýerlemek. Şunda bu ýeňillik ylalaşylan döwletde açylan Türkmenistanyň Söwda öýüne şular ýaly ýeňillik berlen halatynda ulanylyp bilner.
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda amala aşyrylýan, peýdaly baýlyklaryň, şol sanda himiki elementleriň we birleşmeleriň hem-de ýerasty (ýerüsti) suwlaryň çykarylmagy, gazylyp alynmagy, taýýarlanmagy, daşalmagy sebäpli hapalanan ýerleri (suwlary) arassalamak işleri;
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda amala aşyrylýan, peýdaly baýlyklaryň, şol sanda himiki elementleriň we birleşmeleriň hem-de ýerasty (ýerüsti) suwlaryň çykarylmagy, gazylyp alynmagy, taýýarlanmagy, daşalmagy sebäpli hapalanan ýerleri (suwlary) arassalamak işleriniň ýerine ýetirilmegi netijesinde alnan önümleriň bu işleriň buýrujysy bolan taraplar tarapyndan ýerlenilmegi, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler muňa degişli däldir;
daşary ýurt potratçysy bilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek hakynda baglaşylan şertnama laýyklykda şol daşary ýurt potratçysy tarapyndan harytlaryň ýerlenilmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi. (Girizilen goşmaça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda baglaşylan şertnamalara hem degişlidir we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 40-VI kanuny esasynda);
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary etmek.
Şu bölek bilen bellenilen ýeňillikler, salgyt möçberi şu Bitewi kanunyň 105-nji maddasyna laýyklykda bellenilen harytlar (işler, hyzmatlar) babatynda ulanylmaýar.
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda harytlary (önümleri) serhet ýakalaryndaky söwda menzilleriniň üsti bilen we (ýa-da) gönüden-göni eksport etmeklige ygtyýarly edilen edaralara, önüm öndürijiler tarapyndan dokma önümlerini ýerlemek. Şunda harytlary (önümleri) eksport etmeklik diýlip, şol harytlaryň (önümleriň) Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilendiginiň bellenen tertipdäki tassyknamasy bolan halatynda, Türkmenistanyň daşyna çykarylýan harytlara düşünilýär.
Şu bölekde görkezilen gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini we bu işler bilen baglanyşykly (olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işleri we hyzmatlary goşmak bilen) işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek üçin potratçy tarapyndan kömekçi potratçylar çekilende, şu bölekde bellenilen ýeňillikler diňe potratçylar babatynda ulanylýar («Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler we hyzmatlar muňa degişli däldir).
2. Goşulan baha üçin salgyt ýerlenmegi (salgyt salynýan amallaryň geçirilmegi) şu aşakdaky taraplar tarapyndan amala aşyrylýan harytlar (goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlardan başgasy), işler we hyzmatlar üçin tölenmeýär:
maýa goýum pensiýa gaznalary;
işgärleriniň umumy sanynyň azyndan 70 göterimi maýyplygy bolan adamlar bolan we azyndan 20 sany maýyplygy bolan adam işleýän, esaslyk maýasy dolulygyna maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerine degişli bolan maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary;
bilim edaralary;
erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleri amala aşyranlarynda, şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan taraplar.
3. Diplomatik we olara deňleşdirilen wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň diplomatik ýa-da edara ediş-tehniki işgärleriniň, olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalaryny hem goşmak bilen, şahsy peýdalanmaklary üçin niýetlenen harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek we hyzmat etmek, goşulan baha üçin salgydy goşmak bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýän tertipde görkezilen çykdajylary tassyklaýan haryt (kassa) çekleri bolan mahalynda, salgydyň pul möçberi maliýe edaralary tarapyndan gaýtarylyp berilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-nji maýyndaky, 25-nji sentýabryndaky, 2012-nji ýylyň 31-nji martyndaky, 4-nji awgustyndaky, 2013-nji ýylyň 4-nji maýyndaky, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 8-nji noýabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 12-nji sentýabryndaky, 23-nji noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky, 9-njy oktýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky, 30-njy noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2012 ý., № 1, 48-nji madda; № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 2, 26-njy madda; 2014 ý., № 3, 112-nji madda; № 4, 149-njy madda; 2015 ý. № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda; № 3, 118-nji madda; № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 1, 77-nji madda; № 4, 135-nji madda; 2018 ý., № 2, 42-nji madda; 2019 ý., № 2-3, 34-nji madda; № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
107-nji madda. Goşulan baha üçin salgydyň satyn alyjylaryň (buýrujylaryň, sarp edijileriň) tölemegi talap edilýän pul möçberi
1. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek boýunça salgyt salynýan amallar geçirilende satyjy (potratçy) hökmünde çykyş edýän salgyt töleýji satyn alyja (buýruja, sarp edijä) goşulan baha üçin salgydyň tölenmäge degişli pul möçberini tölemek talabyny bildirmäge, satyn alyjy (buýrujy, sarp ediji) ony harydyň (işleriň, hyzmatlaryň) tölegi bilen bir wagtda tölemäge borçludyr.
Satyn alyjy (buýrujy, sarp ediji) tarapyndan goşulan baha üçin salgyt satyn alyjynyň (buýrujynyň, sarp edijiniň) salgyt ýumuşçysy hökmünde şu Bitewi kanunyň 108-nji maddasynyň 2-nji bölümine laýyklykda salgyt tutup galýan halatlarynda tölenmeýär.
2. Harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende satyn alyja (buýruja, sarp edijä) tölemek üçin berilýän goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi, şu bitewi Kanunyň 100-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda (döwlet kärhanalary we alyjylar birleşmeleri kärhanalary üçin, olar tarapyndan lomaý we bölek söwda amala aşyrylanda (şol sanda üpjünçilik-ýerleýiş we taýýarlaýyş işleri amala aşyrylanda hem), şu Kanunyň 101-nji maddasynyň 6-njy böleginiň düzgünlerini hasaba alyp) kesgitlenýän salgyt özeniniň şu bitewi Kanunyň 103-nji maddasynda bellenen degişli salgyt möçberine köpeldilen jemi hökmünde kesgitlenýär.
3. Goşulan baha üçin salgydyň degişli pul möçberi hasaplaşyk resminamalarynda aýratyn setirde görkezilýär.
Bölek satuw bahalary ýa-da nyrhlary boýunça ilata harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende satyjylar tarapyndan berilýän haryt ýarlyklarynda we bahanamalarynda salgydyň degişli pul möçberi aýratyn görkezilmeýär.
4. Salgyt salynýan amallary geçirýän salgyt töleýji harytlary, işleri we hyzmatlary alyja bellenen nusgalykdaky salgyt hasap-fakturasyny ýazyp bermäge borçludyr. Salgyt hasap-fakturasy iki nusgalykda ýazylýar, olaryň birinjisi satyn alyja (buýruja, sarp edijä) berilýär, ikinjisi ony ýazyp beren tarapda galýar.
Salgyt hasap-fakturasy, şu maddada başga bir ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, harydyň ýüklenip ugradylan, işleriň ýerine ýetirilen we hyzmatlaryň edilen senesinden bäş günden gijä galman berilýär. Elektrik energiýasyny, suwy, gazy, aragatnaşyk hyzmatlaryny, jemagat hyzmatlaryny ýerlemegi amala aşyrýan salgyt töleýjileriň harydyň ýüklenip ugradylan (işleriň ýerine ýetirilen, hyzmatlaryň edilen) aýyndan soňky aýyň bäşinden gijä galman salgyt hasap-fakturasyny ýazyp bermäge haky bardyr.
Salgyt hasap-fakturasynyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanýar. Görkezilenler, şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda salgyt salynýan amallar bolup durmaýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ýerlenilmegine hem degişlidir.
5. Goşulan baha üçin salgydy tölemekden boşadylýan salgyt salynýan amallar geçirilende, salgyt hasap-fakturasy goşulan baha üçin salgyt görkezilmezden ýazylyp berilýär we onda degişli ýazgy edilýär ýa-da "Goşulan baha üçin salgytsyz" diýlen dörtburç möhürçe goýulýar.
6. Söwda we hyzmatlar ulgamyndaky işleri amala aşyrýan taraplar tarapyndan berlen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) satyn alnandygy baradaky çekler (talonlar) salgyt hasap-fakturasy bolup hyzmat edýär we harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) umumy bahasyny we goşulan baha üçin salgydyň oňa goşulan pul möçberini görkezmelidir. Käbir maglumatlaryň bolmadyk halatynda olar çeke (talona) goşulýan, bellenen tertipde doldurylan hasapda görkezilmelidir.
Bölek söwda döwlet kärhanalaryndan we alyjylar birleşmeleri kärhanalaryndan harytlar satyn alnanda, satyn alyjynyň salgyt hasap-fakturasyny ýazyp bermegi talap etmäge haky bardyr, onda lomaý we bölek söwda kärhanalary (şol sanda üpjünçilik-ýerleýiş we taýýarlaýyş kärhanalary) tarapyndan harytlar satyn alnanda we söwda nyrh goşundysyndan goşulan baha üçin salgydyň möçberi aýratynlykda görkezilmelidir.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenen halatlarda, salgyt hasap-faktura hökmünde bellenen görnüşdäki we salgyt hasap-faktura bildirilýän talaplara laýyk gelýän beýleki resminamalar hem hyzmat edip biler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
108-nji madda. Goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli pul möçberini hasaplamak
1. Goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli pul möçberini hasaplamak şunuň ýaly amala aşyrylýar:
salgyt salynýan amallar geçirilende, şu maddanyň 2-nji böleginiň birinji tesiminde we 3-nji bölekde görkezilen halatlardan başga ýagdaýlarda, salgyt töleýji tarapyndan özbaşdak;
şu maddanyň 2-nji bölüminiň birinji bendinde görkezilen halatlarda salgyt ýumuşçysy tarapyndan;
şu maddanyň 3-nji bölüminde görkezilen halatlarda salgyt edarasy tarapyndan.
2. Daşary ýurtly edara görnüşli tarap ýa-da daşary ýurtly şahsy tarap - hususy telekeçi Türkmenistanyň çäklerinde salgyt salynýan amallary geçirýän we salgyt hasabynda durmaýan bolsa, goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi satyn alynýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyny töleýän salgyt ýumuşçysy tarapyndan hasaplanýar we tölenýär. Görkezilenler harytlar tabşyryk (komissiýa) ylalaşygy boýunça ýerlenen halatynda hem ulanylýar, şunda tutup galmak ynanylan tarap (komissioner) tarapyndan ynanan tarapa (komitente), bu daşary ýurtly edara görnüşli tarapa ýa-da şahsy tarapa-hususy telekeçä - tölemäge degişli pul möçberinden geçirilýär. Şunda goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi şonuň ýaly daşary ýurtly edara görnüşli tarapa ýa-da şahsy tarapa - hususy telekeçä tölemäge degişli serişdelerden, her gezek tölenende tutulyp alynýar. Talabyň islendik görnüşdäki bes edilmegi tölegiň tölenendigini ykrar edýär. Daşary ýurtly edara görnüşli ýa-da şahsy tarap tarapyndan onuň Türkmenistanda salgyt babatda hasapda goýlandygyna şaýatlyk edýän resminama berlende, özüniň satyn alýan harytlarynyň (işleriniň, hyzmatlarynyň) bahasyny töleýän tarap tarapyndan salgyt tutulyp alynmaýar.
Şunuň ýaly ýagdaýda Türkmenistanda salgyt hasabynda duran, satyn alynýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyny töleýän, Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran edara görnüşli tarap, şahsy tarap-hususy telekeçi, şeýle hem işini Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşen şahamçasynyň ýa-da wekilhanasynyň ýa-da hemişelik wekilhanasynyň üstünden amala aşyrýan, satyn alýan harytlarynyň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasyny töleýän (şol sanda daşary ýurtda hem) daşary ýurtly edara görnüşli tarap salgyt ýumuşçysy diýlip ykrar edilýär.
Eger salgyt ýumuşçysy tarapyndan goşulan baha üçin salgydy hasaplamak we tutup almak mümkin bolmadyk halatlarynda ýa-da hiç bir tarap salgyt ýumuşçysy hökmünde ykrar edilip bilinmese, bu daşary ýurtly edara görnüşli tarap (ýa-da daşary ýurtly şahsy tarap – hususy telekeçi) degişli salgyt edarasynda hasaba durmalydyr we salgydy tölemek boýunça borçlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir.
3. Salgyt salynýan amallar boýunça goşulan baha üçin salgydyň hususy telekeçi ýa-da düzümine edara görnüşli taraplaryň girmeýän şereketi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli pul möçberi salgyt edarasy tarapyndan, berlen salgyt beýannamalarynda olar tarapyndan görkezilen maglumatlaryň esasynda hasaplanýar.
4. Salgyt salynýan amallar boýunça goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli pul möçberi salgyt döwründe geçirilen ähli salgyt salynýan amallar boýunça salgydyň, şu Bitewi kanunyň 110-njy maddasyna laýyklykda şol döwürde hasaplaşyga alynmaga degişli möçberine azaldylan pul möçberi hökmünde kesgitlenýär.
Birmeňzeş salgyt möçberleri boýunça salgyt salynýan amallar boýunça salgydyň pul möçberi şu Bitewi kanunyň 100-nji maddasynyň 4-nji bölümine we 101-nji maddasyna laýyklykda hasaplanýan, şonuň ýaly salgyt salynýan amallar boýunça salgyt özeniniň, şu Bitewi kanunyň 103-nji maddasynda bellenen degişli salgyt möçberiniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
Salgyt salynýan amallary degişli salgyt döwrüne degişli etmek şu Bitewi kanunyň 109-njy maddasyna laýyklykda, onuň geçirilen pursadyna baglylykda geçirilýär.
5. Goşulan baha üçin salgydyň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli we şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen daşary ýurtly edara görnüşli taraplardan we hususy telekeçilerden tutulyp alynýan pul möçberi Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen her bir salgyt salynýan amallar boýunça, şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasynda bellenen ýeňillikleri hasaba almak bilen, şu Bitewi kanunyň 100-nji we 101-nji maddalaryna laýyklykda kesgitlenýän salgyt özeniniň, şu Bitewi kanunyň 103-nji maddasyna laýyklykda bellenen degişli salgyt möçberiniň jemi hökmünde hasaplanýar.
6. Eger-de goşulan baha üçin salgydyň haýsydyr bir salgyt döwründe hasaplaşyga alynmaga degişli möçberi, şu madda laýyklykda şol döwür üçin hasaplanan goşulan baha üçin salgydyň möçberinden artyk bolsa, onda şunuň ýaly artyk möçber, şu bitewi Kanunyň 49-njy maddasyna laýyklykda, yzyna gaýtarylmaga ýa-da töleýjileriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemeli beýleki tölegleriň möçberiniň hasabyna hasaplaşyga alynmaga degişlidir.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
109-njy madda. Salgyt salynýan amallaryň geçirildi diýlip hasap edilýän döwri
1. Şu maddada başga ýagdaý bellenilmedik bolsa, harytlaryň ýüklenip ugradylan (berlen), işleriň ýerine ýetirilen we buýruja tabşyrylan (şol sanda tapgyrlaýyn tabşyrylanda) we hyzmatlaryň tamamlanan hasabat (salgyt) döwründe salgyt salynýan amallar geçirildi hasap edilýär.
Salgyt töleýji geleşikden we ylalaşykdan gelip çykýan ähli borçlary ýerine ýetirende we degişli pul möçberi gürrüňsiz tölenmäge (öwezi dolunmaga) degişli bolsa, bu hukugyň kanagatlandyrylmagy soňa süýşürilen ýa-da tölegler bölekleýin amala aşyrylan halatynda hem harytlary ýükläp ugratmaklyk (bermeklik) geçirildi, işler ýerine ýetirildi, hyzmatlar bolsa edildi hasap edilýär.
Işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek barada uzak möhletli şertnamalar boýunça salgyt salynýan amallar her bir hasabat döwrüniň soňky gününde hakyky ýerine ýetirilen möçberlere laýyklykda, her bir hasabat (salgyt) döwründe geçirildi hasap edilýär.
Şu maddanyň maksatlary üçin uzak möhletleýin şertnamalar diýlip üç aýyň içinde tamamlanmaýan islendik şertnamalara düşünilýär. Harytlary ýerlemek üçin şertnamalar boýunça görkezilenler, bir birligini taýýarlamagyň önümçilik tapgyry üç aýyň çäklerinde tamamlanmadyk harytlar boýunça ulanylýar.
2. Şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasynyň 7-nji bölümine laýyklykda harytlary ýerlemek diýlip ykrar edilýän, tebigy ýitginiň ölçeglerinden artyk haryt ýetmezçiligi ýüze çykarylan halatynda, salgyt salynýan amal onuň ýüze çykarylan hasabat (salgyt) döwründe geçirildi hasap edilýär.
3. Öz hajatlary üçin gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek boýunça salgyt salynýan amallar, olaryň tamamlanan ýa-da binalaryň ulanylmaga başlanan hasabat (salgyt) döwründe geçirildi hasap edilýär.
4. Harytlaryň ogurlanmagy we zaýalanmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň öwezi günäkär taraplar tarapyndan dolunanda, ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar alnanda salgyt salynýan amallar şol öwezini dolmalaryň alnan hasabat (salgyt) döwründe geçirildi diýlip hasap edilýär.
5. Özüniň sarp etmegi üçin harytlar (işler, hyzmatlar) peýdalanylanda salgyt salynýan amallar harytlaryň peýdalanmaga (sarp etmäge) berlen, işleriň ýa-da hyzmatlaryň tamamlanan hasabat (salgyt) döwründe geçirildi hasap edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2011-nji ýylyň 4-nji fewralyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2011 ý., № 1, 5-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
110-njy madda. Hasaplaşyga alynýan salgydyň möçberini hasaplap çykarmak
1. Şu maddada başga ýagdaýlar göz öňünde tutulmadyk bolsa, degişli salgyt döwründe salgyt töleýji tarapyndan harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijilere tölenen salgydyň pul möçberi, hasaplaşyga alynýan goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi bolup durýar. Şunda goşulan baha üçin salgydy hasaplaşyga almaklyk, hatda olar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulmaýan bolsa-da, şu Bitewi kanunyň 96-njy we 97-nji maddalarynda görkezilen salgyt salynýan amallaryň geçirilmegi üçin niýetlenen, satyn alnan harytlar (esasy serişdeleri, tamamlanmadyk gurluşyklary we maddy däl aktiwleri goşmak bilen), işler we hyzmatlar boýunça geçirilýär.
Öz hajatlary üçin gurluşyk-gurnama işleri ýerine ýetirilende, şunuň ýaly işleriň geçirilen binalary soňundan ýerlenende salgyt töleýji tarapyndan hasaplanan goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi hasaplaşyga alynmaga degişlidir.
Elektrik energiýasy ýerlenende we daşalanda goşulan baha üçin salgydyň hasaplaşyga alynýan möçberi bolup, degişli salgyt döwründe harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijiler tarapyndan salgyt töleýjilere berlen salgyt möçberi bolup durýar.
2. Harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijilere tölenen, goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini hasaplaşyga almak üçin, şu Bitewi kanunyň 107-nji maddasynda bellenen tertipde ýazylyp berilýän salgyt hasap-fakturasy we iberijiler (potratçylar) bilen tölegiň (hasaplaşyklaryň) geçirilendigini tassyklaýan resminamalar esas bolup durýar.
Elektrik energiýasy ýerlenende we daşalanda, harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijiler tarapyndan salgyt töleýjilere berlen, goşulan baha üçin salgydyň möçberini hasaplaşyga almak üçin, şu Bitewi kanunyň 107-nji maddasynda bellenen tertipde ýazylyp berilýän salgyt hasap-fakturasy esas bolup durýar.
Goşulan baha üçin salgydyň 0 (nol) möçberi ulanylanda, şeýle hem beýleki zerur ýagdaýlarda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan goşulan baha üçin salgydy hasaplaşyga almak hukugyny tassyklamak üçin goşmaça talaplar bellenýär.
Salgyt ýumuşçysy tarapyndan goşulan baha üçin salgyt tutulyp alynýan işler we hyzmatlar şu Bitewi kanunyň 108-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen taraplar tarapyndan ýerine ýetirilende (hyzmatlar edilende), goşulan baha üçin salgydy hasaplaşyga almak üçin, şu Bitewi kanunyň 107-nji maddasynda bellenen tertipde ýazylyp berilýän salgyt hasap-fakturasy, şeýle hasaplaşyga almak üçin esas hökmünde talap edilmeýär.
3. Esasy serişdeler, tamamlanmadyk gurluşyk binalary we maddy däl aktiwler boýunça goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi olaryň satyn alnan (özüniň öndüren) pursadyndan başlap aşakdakylar ýaly hasaplaşyga alynýar:
olaryň satyn alnan nyrhy (goşulan baha üçin salgytsyz) 10 müň manatdan geçmeýän bolsa, birwagtlaýyn;
olaryň satyn alnan nyrhy (goşulan baha üçin salgytsyz) 10 müň manatdan geçýän bolsa, soňky iki ýylyň dowamynda deň böleklere bölmek bilen, her aýda;
düýpli gurluşyk binalary (jaýlar, desgalar, ýollar, esasy geçiriji enjamlar), deňiz we howa gämileri, demir ýol ulaglary boýunça 7 ýylyň dowamynda deň böleklere bölmek bilen, her aýda.
Býujet serişdeleriniň hasabyna satyn alnan esasy serişdeler tamamlanmadyk gurluşyk binalary we maddy däl aktiwler boýunça goşulan baha üçin salgydyň möçberi hasaplaşyga alynmaga degişli däldir.
4. Salgyt töleýji salgyt salynýan amallary, şol sanda şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasynda görkezilen, goşulan baha üçin salgytdan boşadylan amallary hem, geçiren halatynda, şu maddada başga ýagdaý görkezilmedik bolsa, hasaplaşyga alynýan salgydyň pul möçberi, diňe salgytdan boşadylmadyk salgyt salynýan amallar boýunça kesgitlenýär.
Goşulan baha üçin salgydyň hasaplaşyga alynmaly we şeýle hasaplaşyga alynmaga rugsat edilmeýän salgydyň pul möçberleriniň hasaba alnyşyny aýry-aýrylykda alyp barmak mümkin bolmasa, hasaplaşyga alynýan salgydyň pul möçberi hasabat (salgyt) döwründe satyn alnan harytlar (işler, hyzmatlar) üçin iberijilere tölenen, goşulan baha üçin salgydyň bir bölegi hökmünde, salgyt özeniniň goşulan baha üçin salgyt salmak binýady hökmünde ykrar edilýän, şeýle hem ykrar edilmeýän ähli amallaryň umumy möçberine barabarlykda kesgitlenýär. Elektrik energiýasy ýerlenende we daşalanda salgydyň hasap edilýän möçberi harytlary (işleri, hyzmatlary) iberijiler tarapyndan salgyt töleýjilere berlen, goşulan baha üçin salgytdan ugur alnyp hasaplanýar. Goşulan baha üçin salgydyň hasaplaşyga alynýan pul möçberini has takyk kesgitlemek üçin, dekabr aýynda düzedişleri görkezmek bilen, tutuş ýyl üçin şunuň ýaly hasaplamalaryň düzülmegine ýol berilýär.
Esasy serişdeler, tamamlanmadyk gurluşyk desgalary we maddy däl aktiwler boýunça goşulan baha üçin salgydy hasaplaşyga almak şonuň ýaly tertipde we şu maddanyň 3-nji bölüminiň düzgünlerini hasaba almak bilen geçirilýär.
5. Görkezilen harytlar (işler, hyzmatlar) aşakdaky işleri amala aşyrmak üçin peýdalanylan halatynda, satyn alynýan harytlar, işler we hyzmatlar boýunça goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi hasaplaşyga alynmaga degişli däldir:
şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasynda görkezilen, goşulan baha üçin salgytdan boşadylan, salgyt salynýan amallar;
şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasyna laýyklykda, salgyt salmak binýady bolup durmaýan amallar.
Döwlet eýeçiligi görnüşdäki kärhanalarda we alyjylar birleşmeleriniň kärhanalarynda, olar tarapyndan lomaý we bölek söwda amala aşyrylanda (şol sanda üpjünçilik-ýerleýiş we taýýarlaýyş işi we şunuň ýaly aýry-aýry işler, şeýle hem söwda amallary amala aşyrylanda) soňundan ýerlemek üçin niýetlenen harytlar boýunça iberijilere tölenen goşulan baha üçin salgydyň möçberi hasaplaşyga alynmaga degişli däldir.
Şunda goşulan baha üçin salgydyň görkezilen pul möçberleri degişlilikde edara görnüşli taraplaryň peýdasyna (girdejisine) salgydy hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara (şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy hasaplananda hususy telekeçileriň aýyrmalaryna) şeýle harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň gymmaty bilen bilelikde goşulýar ýa-da salgytlar tölenenden soň salgyt töleýjiniň ygtyýarynda galýan peýdanyň (girdejiniň) hasabyna ýa-da maliýeleşdirmegiň degişli çeşmeleriniň hasabyna üsti dolunýar.
6. Öň ulanyşda bolan esasy serişdeler ýerlenende, olar satyn alnanda tölenen goşulan baha üçin salgyt şu maddanyň 3-nji bölümine laýyklykda, satylan pursadynda hasaplaşyga alynmadyk ýa-da ulanyş tutumlarynyň üsti bilen hasapdan öçürilmedik bolsa, goşulan baha üçin salgydyň pul möçberiniň çäklerinde hasaplaşyga alynýar.
7. Goşulan baha üçin salgydy hasaplamak, tutup almak we tölemek salgyt ýumuşçysynyň üstüne ýüklenen halatlarynda, şu madda laýyklykda goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini hasaplaşyga almak ýa-da yzyna gaýtarmak, salgyt töleýjä tölenýän töleglerden tutulyp alnan salgyt salgyt ýumuşçysy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenenden soň amala aşyrylýar.
Hasaplaşyga almak ýa-da yzyna gaýtarmak salgyt töleýjiniň salgydy tutup alan salgyt ýumuşçysynyň hasaba duran ýerindäki salgyt edarasyna beren arzasynyň esasynda, şu Bitewi kanunyň 49-njy maddasynda bellenen tertipde amala aşyrylýar. Arza bilen bilelikde şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen resminamalar hem berilýär.
8. Hasaplaşyga almak üçin kabul edilýän salgydyň pul möçberine düzediş girizmek şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda bellenen ýagdaýlarda we tertipde amala aşyrylýar. Görkezilenler, «Uglewedorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda işleri amala aşyrýan taraplar tarapyndan olar nebit işlerini ýa-da gaýry işleri ýerine ýetirmek üçin hasabat döwründe peýdalanylan harytlary (işleri, hyzmatlary) satyn alan mahaly goşulan baha üçin salgydyň tölenilen halatlaryna hem degişlidir.
9. Şu maddanyň düzgünleri üýtgedilip gurulýan edara görnüşli tarap bolup durýan salgyt töleýji tarapyndan tölenen goşulan baha üçin salgyt babatynda hem ulanylýar we bu salgyt onuň hukuk mirasdüşeri tarapyndan hasaplaşyga alynýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2012 ý., № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2015 ý., № 3, 111-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
111-nji madda. Salgyt beýannamasyny bermek we goşulan baha üçin salgydy tölemek
1. Şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilenlerden başga salgyt töleýjiler her bir hasabat döwri üçin goşulan baha üçin salgyt boýunça beýannama bermäge borçludyrlar.
Goşulan baha üçin salgyt boýunça beýannamasy geçen hasabat döwri üçin, hasabat döwründen soňky aýyň 20-sinden gijä galman berilýär.
2. Goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt beýannamasy goşulan baha üçin salgydy tutup almak we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemek salgyt ýumuşçysy tarapyndan amala aşyrylýan halatlarynda daşary ýurtly edara görnüşli taraplar we daşary ýurtly şahsy taraplar – hususy telekeçiler tarapyndan berilmeýär.
Türkmenistanyň dahyllysy däl taraplara tölegleri töleýän taraplar tölegleriň tölenilen aýyndan soňky aýyň 20-sine çenli möhletde salgyt babatda hasapda goýlan ýerindäki salgyt edarasyna tölegler tölenilen şeýle taraplar hakyndaky, goşulan baha üçin salgydyň hasaplanylan, tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen möçberleri baradaky, şeýle hem salgyt tutulyp alynmadyk taraplar hakyndaky hasabaty bermäge borçludyr. Hasabatyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
3. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen taraplar (şu maddanyň bäşinji böleginde görkezilen taraplardan başga) berlen salgyt beýannamasyna laýyklykda hasaplanan goşulan baha üçin salgydy, hasabat döwründen soňky aýyň 25-inden gijä galman Türkmenistanyň Döwlet býujetine töleýärler.
4. Salgyt ýumuşçysy hökmünde çykyş edýän taraplar goşulan baha üçin salgydyň tutulyp alnan pul möçberlerini Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemegi şu Bitewi kanunyň 108-nji maddasynyň 2-nji bölegine laýyklykda salgydy tutup almak üçin bellenilen möhletde amala aşyrýarlar. Tölegler daşary ýurtlarda geçirilende salgydyň tutulyp alnan pul möçberlerini tölemeklik salgydy tutup almak üçin bellenilen günden soňky on bäş günüň dowamynda amala aşyrylýar.
Haçan-da töleg, salgyt salynýan amal geçirilen salgyt döwrüniň ahyrky senesinden soň geçirilen ýagdaýynda, salgydy tölemek salgyt ýumuşçysynyň serişdeleriniň hasabyna, soňundan salgyt töleýjä tölenilmeli serişdelerden tutup almak bilen, amala aşyrylýar. Şu ýagdaýda salgydy hasaplamak salgyt salynýan amalyň geçirilen, uzak möhletli şertnamalar boýunça bolsa – salgyt salynýan amalyň geçirilen, salgyt döwrüniň ahyrky senesindäki ýagdaýa görä amala aşyrylýar. Salgydy tölemek (şol sanda tölegler daşary ýurtlarda geçirilende hem) şeýle salgyt döwri tamamlanandan soň 15 günden gijä galman geçirilýär.
5. Hususy telekeçiler we şerekete girýän taraplar, eger-de oňa edara görnüşli tarap girmeýän bolsa, goşulan baha üçin salgydy Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemegi 1-nji ýanwardan 30-njy iýuna çenli aralykdaky hasabat döwri üçin – şol ýylyň 1-nji sentýabryndan gijä galman we 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli aralykdaky hasabat döwri üçin – indiki ýylyň 1-nji martyndan gijä galman amala aşyrýarlar.
Salgydy tölemeklik, 1-nji ýanwardan 30-njy iýuna çenli aralykdaky hasabat döwri üçin – şol ýylyň 1-nji awgustyndan gijä galman we 1-nji iýuldan 31-nji dekabra çenli hasabat döwri üçin – indiki ýylyň 1-nji fewralyndan gijä galman salgyt edarasy tarapyndan iberilýän salgyt habarnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.
6. Salgyt töleýjileriň aýry-aýry toparlary üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdirligi tarapyndan salgyt beýannamasyny bermek üçin başga bir möhletler we goşulan baha üçin salgydy tölemek üçin başga bir möhletler bellenip bilner, emma ol şu maddanyň 1-nji, 3-nji, 4-nji we 5-nji bölümlerinde bellenen möhletlerden otuz günden giç bolmaly däldir.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 2, 45-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
112-nji madda. Bilelikdäki işler amala aşyrylanda goşulan baha üçin salgydy hasaplamagyň we tölemegiň aýratynlyklary
1. Bilelikdäki işleri amala aşyrýan salgyt töleýjiler (şereketler) tarapyndan goşulan baha üçin salgydy hasaplamak borjy, öz işini Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrýan şerekete gatnaşyjylaryň biriniň üstüne ýüklenýär.
Şunuň ýaly çözgüdiň kabul edilendigi barada şerekete girýän salgyt töleýjiler şu Bitewi kanunyň 23-nji maddasynyň 2-nji bölüminde bellenen möhletlerde özleriniň salgyt hasabynda durýan salgyt edaralaryna hat üsti bilen habar bermelidirler.
2. Şereketiň işi boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli goşulan baha üçin salgyt hasaplananda, bilelikdäki işi amala aşyrmak maksady bilen, ylalaşyga gatnaşyjylaryň islendigi tarapyndan çig mal, materiallar, işler, hyzmatlar we beýlekiler boýunça tölenen goşulan baha üçin salgyt hasaplaşyga almak üçin kabul edilýär. Şerekete gatnaşyjylaryň ählisiniň geçiren çykdajylary baradaky maglumat (ilkinji buhgalterçilik hasabynyň resminamalarynyň nusgasy ýa-da asyl nusgasy) şunuň ýaly hasaplaşyga almaklyk üçin esas bolup durýar.
Goşulan baha üçin salgydy hasaplaşyga almaga kabul edilýän pul möçberi şeýle halatlarda salgyt töleýjileriň şereketiň düzümindäki işe degişli bolmadyk işleri babatynda Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli goşulan baha üçin salgyt kesgitlenende gaýtadan hasaplaşyga almak üçin kabul edilmeli däldir.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetine goşulan baha üçin salgydy tölemek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmek şerekete gatnaşyjylaryň biri tarapyndan salgydyň ähli möçberi boýunça ýa-da olaryň her biri tarapyndan salgydyň umumy möçberinden degişli paýy boýunça amala aşyrylyp bilner.
Iki ýagdaýda hem, goşulan baha üçin salgydy hasaplamak üstüne ýüklenen şerekete gatnaşyjy, tutuş bilelikdäki iş boýunça goşulan baha üçin salgyt beýannamasyny salgyt hasabyna duran ýerindäki salgyt edarasyna bellenen möhletlerde bermäge borçludyr.
Beýannama aşakdakylary görkezmek bilen maglumatlar goşulmalydyr:
olaryň ýerleşýän ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini görkezmek bilen, şerekete gatnaşyjylaryň ählisini, olaryň hususy salgyt belgilerini görkezmek bilen;
salgydyň şerekete gatnaşyjylaryň biri tarapyndan tölenjekdigi ýa-da her biriniň öz paýyny tölejekdigi baradaky çözgüdiň nusgasy.
Salgyt edarasy beýannama berlenden soňky bäş günüň dowamynda beýleki şerekete gatnaşyjylaryň salgyt hasabynda durýan ýerlerindäki salgyt edaralaryna:
goşulan baha üçin salgydyň gatnaşyjylaryň biri tarapyndan tölenýändigi habar bermek üçin, ýa-da şerekete beýleki gatnaşyjylar tarapyndan goşulan baha üçin salgydyň özlerine degişli paýlarynyň doly we öz wagtynda tölenilişine gözegçilik çärelerini bellemek üçin degişli görkezmeleri ibermelidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
113-nji madda. Ýörite düzgünler
1. Goşulan baha üçin salgydy tölemekden boşadylýan ýa-da ýeňillikler göz öňünde tutulýan ýa-da salgydyň nol möçberiniň ulanylýan halatlarynda salgyt töleýji salgydyň pul möçberini salgyt hasap-fakturasyna ýa-da başga bir resminama ýalňyşyp goşan bolsa, görkezilen pul möçberi bellenen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge, öz wagtynda tölenmedik bolsa puşmana tölegini tölemek bilen geçirilmäge degişlidir. Şunda satyn alyja (buýruja) tölenen salgydy hasaplaşyga almaga rugsat berilýär, eger bu şu Bitewi kanunyň 110-njy maddasynda göz öňünde tutulan bolsa.
Şu Bitewi kanunyň 89-njy maddasynda bellenen maliýe çäreleri şu ýagdaýda ulanylmaýar.
Görkezilenler şeýle halatlara hem degişlidir: haçan-da harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerleýän tarap salgyt töleýji hökmünde ykrar edilmeýän bolsa; şeýle amal salgyt salynýan amal bolmasa; salgyt özeni nädogry kesgitlenilen (ýokarlandyrylan) bolsa we başgalarda.
Şu bölegiň düzgünleri, haçan-da satyn alyjy özüne berlen salgyt hasap-fakturasynyň ýa-da salgyt möçberi ýalňyşlyk bilen goşulan beýleki resminamanyň üýtgedilmegini talap etmedik halatynda hem ulanylýar.
2. Salgyt töleýjiniň goşulan baha üçin salgydyň pul möçberini ýalňyşlyk bilen, harytlary, (işleri, hyzmatlary) satyn alyja (buýruja) berilýän salgyt hasap-fakturasyna goşmadyk we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemedik halatlarynda, salgyt edarasynyň salgydyň görkezilen pul möçberini şol satyn alyjydan (buýrujydan) almaga haky bardyr.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
2-nji Bap. Goşmaça töleg
114-nji madda. Goşmaça tölegi töleýjiler
1.Şu Bitewi kanunyň 116-njy maddasynda görkezilen salgyt amallaryny geçiren, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük çäklerine goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary getiren halatlarynda edara görnüşli we şahsy taraplar goşmaça tölegi töleýjiler bolup durýarlar.
Buýrujy tarapyndan iberilýän çig maldan (materiallardan) Türkmenistanyň çäklerinde öndürilýän goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar üçin haryt öndüriji goşmaça tölegi töleýji bolup durýar.
2. Şular goşmaça tölegi töleýjiler bolup durmaýarlar:
Býujet guramalary;
«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplar. Şu taraplar tarapyndan nebit işlerine degişli däl salgyt salynýan amallar geçirilende, olar tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çäklerine nebit işleri üçin niýetlenilmedik goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar getirilende, olara şu maddanyň 1-nji böleginiň güýji degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
115-nji madda. Goşmaça tölege degişli harytlar
Geljekde olaryň haýsy maksat bilen ulanyljakdygyna garamazdan, şu Bitewi kanunyň 119-njy maddasyna laýyklykda goşmaça tölegiň möçberi bellenen harytlar ýa-da önümler goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar diýlip ykrar edilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
116-njy madda. Goşmaça töleg salynýan binýat
1. Salgyt salynýan amallar we Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar goşmaça töleg salynýan binýat bolup durýar.
2. Şu maddanyň 3-nji bölüminiň düzgünlerini hasaba almak bilen, şu aşakdakylar salgyt salynýan amallar bolup durýar:
özüniň öndüren goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerlemek;
goşmaça töleg salynýan harytlary öndürmekden başga, özüniň sarp etmegi üçin öndürilen goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary peýdalanmak;
goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň alynmagy, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar;
buýrujynyň çig malyndan (materialyndan) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) boýunça hyzmatlary etmek.
3. Eger-de goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar Türkmenistanyň çäklerinde öndürilen ýa-da olary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) boýunça hyzmatlar onuň çäklerinde edilen bolsa, şu maddanyň 2-nji bölüminde sanalyp geçilen amallar salgyt salynýan binýat diýlip ykrar edilýärler.
4. Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary ýerlemegi kesgitlemek üçin şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasy ulanylýar.
5. Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar mejbury almagyň, elden almagyň netijesinde aýrybaşgalamak boýunça amallar, şeýle hem şunuň ýaly harytlaryň Türkmenistanyň çäklerine getirilmegi goşmaça töleg salmak binýady bolup durmaýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
117-nji madda. Salgyt özeni
1. Salgyt salynýan amallar geçirilende salgyt töleýjiniň islendik tarapdan alýan ýa-da almaga hukugy bolan harydynyň goşmaça tölegi öz içine alýan bahasyndan (goşulan baha üçin salgydy goşmazdan) ugur alnyp kesgitlenýän baha salgyt özeni bolup durýar.
Salgyt salynýan amallar geçirilende goşmaça töleg tölenmäge degişli, öndürilen harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda ýetirilen zyýanyň öweziniň günäkär taraplardan alnan pul möçberleri, şeýle hem şunuň ýaly harytlar üçin ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar hem salgyt özenine goşulýar.
2. Buýrujy tarapyndan berilýän çig maldan (materiallardan) öndürilýän, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ýerlenende (berlende), salgyt özeni haryt öndürijiniň goşmaça töleg tölenmäge degişli öndürilen harytlar berlen pursadynda özüniň öndüren şonuň ýaly harytlaryna goşmaça tölegi hasaba alyp ulanýan iň ýokary satuw bahalaryndan ugur alnyp, olaryň ýok wagtynda bolsa, şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda ulanylýan, şonuň ýaly harytlaryň hakyky bazar bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
3. Goşmaça töleg tölenmäge degişli öndürilen harytlar muzdsuz berlende salgyt özeni, salgyt töleýji tarapyndan şeýle harytlaryň adaty, hak almak bilen ýerlenende ulanýan bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
4. Geleşigiň taraplary tarapyndan goşmaça töleg tölenmäge degişli çalşylýan harytlaryň bahasy kesgitlenmedik halatynda, salgyt özeni salgyt töleýji tarapyndan şunuň ýaly goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ýerlenende ulanylýan adaty bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
Çalşyk deň derejede bolmadyk ýagdaýynda çalşylýan, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň bahasyna goşmaça bahanyň islendik möçberi salgyt salynýan dolanyşyga goşulýar.
5. Goşmaça töleg tölenmäge degişli öndürilen harytlar özüniň sarp etmegi üçin peýdalanylanda, olar boýunça degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulýan halatynda hem, salgyt özeni şolar ýaly harytlaryň, salgyt töleýji tarapyndan adaty, hak almak bilen ýerlenende ulanylýan bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
6. Tebigy ýitgileriň ölçeglerinden artyk harytlaryň ýetmezçiligi bolan halatynda, bu harytlaryň ogurlanandygyny ýa-da zaýalanandygyny tassyklaýan resminamalar bolmadyk ýagdaýynda, salgyt özeni şu maddanyň 3-nji bölüminde bellenen tertipde kesgitlenýär.
7. Ýeňillikli baha bellenen goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary ýerlemek boýunça salgyt binýady şunuň ýaly ýeňillikleri hasaba almak bilen bellenýär. Görkezilenler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilata mugt berilýän harytlara we edilýän hyzmatlara hem degişlidir.
8. Alyjy tarapyndan goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň yzyna gaýtarylmaga degişli gaplaryň bahasy salgyt özenine goşulmaýar.
9. Türkmenistanyň gümrük çägine haryt getirilende harydyň tölenmäge degişli gümrük paçlaryny we ýygymlaryny hasaba almak bilen we goşmaça tölegiň pul möçberini öz içine almaýan bahasy salgyt özeni bolup durýar.
10. Daşary ýurt pulundaky – salgyt salynýan amallaryň bahasy, salgyt özenini artdyrýan pul serişdeleriniň möçberi, harytlaryň gümrük bahasy Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça aşakdakylara degişlilikde manatda hasaplanýar:
salgyt salynýan amallaryň geçirilen senesindäki hümmet boýunça;
Türkmenistanyň gümrük çägine goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar getirilende goşmaça tölegiň tölenen senesindäki hümmet boýunça.
11. Salgyt salynýan amallar geçirilende we Türkmenistanyň gümrük çägine harytlar getirilende salgyt özeni goşmaça töleg tölenmäge degişli aýry-aýry harytlar üçin hakyky özlügi (natural) görnüşinde hem kesgitlenip biler.
12. Şu madda laýyklykda hasaplanýan salgyt özeni Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli pul serişdeleriniň möçberine görä azaldylýar.
(2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 45-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
118-nji madda. Salgyt salynýan amallar üçin salgyt özenine düzediş girizmek
Salgyt salynýan amallar geçirilende we Türkmenistanyň gümrük çägine harytlar getirilende salgyt özeni şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda bellenen ýagdaýlarda düzediş girizilmäge degişlidir.
119-njy madda. Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň
sanawy we goşmaça tölegiň möçberi
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň sanawy we goşmaça tölegiň möçberleri:
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň atlary |
Goşmaça tölegleriň möçberleri |
Öndürilýän harytlar boýunça |
|
Piwo |
Bahasynyň 30%-i
|
Tebigy üzüm çakyry, güýçli spirtli içgiler, likýorlar we düzüminde alkogol bolan gaýry alkogolly içgiler (üzüm löderesinden başga), şeýle hem düzüminde alkogol bolan çakyr serişdeleri: 20 göterim we şoňa çenli 20-den 30 göterime çenli we 30 göterim 30 göterimden ýokary |
Bahasynyň 39%-i Bahasynyň 61%-i Bahasynyň 77%-i |
Benzin |
Bahasynyň 40%-i |
Dizel ýangyjy |
Bahasynyň 40%-i |
Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar boýunça |
|
Piwo |
Gümrük bahasynyň 92%-i, emma 1 litri üçin azyndan 9 manat |
Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler: 20 göterim we şoňa çenli
20 göterimden ýokary |
Gümrük bahasynyň 168%-i, emma 1 litri üçin azyndan 39 manat Gümrük bahasynyň 168%-i, emma 1 litri üçin azyndan 61 manat |
Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan getirilýänlerinden beýlekileri) |
1 litri üçin ABŞ-nyň 8 dollary |
Temmäki önümleri |
Gümrük bahasynyň 116%-i, emma 1 gutusy üçin azyndan ABŞ-nyň 5 dollary |
Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary |
1 kg üçin ABŞ-nyň 24,4 dollary |
Ýeňil awtoulaglar (tiz kömek awtoulaglaryndan we maýyplar üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýörite ulaglardan başga) |
Hereketlendirijiniň iş göwrüminiň 1 kub sm-i üçin ABŞ-nyň 0,3 dollary |
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň sanawy daşary ykdysady işiň haryt sanawynyň kodlaryna laýyklykda toparlara bölünýär.
(2006-njy ýyyň 17-nji awgustyndaky, 2010-njy ýylyň 10-nji maýyndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 1-nji dekabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky we 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2006 ý., № 3, 12-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 95-nji madda, 107-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 152-nji madda; 2022 ý., № 3, 78-nji madda; № 4, 115-nji madda).
120-nji madda. Goşmaça töleg nyşanlary
Türkmenistanda öndürilýän, şeýle hem Türkmenistana getirilýän, goşmaça töleg tölenmäge degişli aýry-aýry harytlar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde goşmaça töleg nyşanlary bilen nyşanlanmaga degişlidir.
121-nji madda. Salgyt we hasabat döwri
Salgyt salynýan amallar geçirilende goşmaça tölegler üçin salgyt we hasabat döwürleri senenama aýyna deň bellenýär.
122-nji madda. Goşmaça tölegler boýunça ýeňillikler
1. Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän, goşmaça tölegler tölenmäge degişli harytlara goşmaça töleg şu ýagdaýlarda salynmaýar:
a) Türkmenistana ynsanperwer kömek hökmünde, şeýle hem hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, daşary ýurtlar tarapyndan muzdsuz berilýän tehniki kömegiň çäklerinde getirilýän harytlar;
b) daşary ýurt diplomatik we olara deňleşdirilen wekilhanalaryň, halkara guramalarynyň resmi taýdan peýdalanmaklary üçin ýa-da bile ýaşaýan maşgala agzalaryny goşmak bilen, şu wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň diplomatik ýa-da edara ediş-tehniki işgärleriň şahsy peýdalanmaklary üçin niýetlenen harytlar.
ç) şahsy tarapyň özüniň sarp etmegi üçin 1 litr alkogolly içgiler we piwo, 2 gap çilim;
d) diňe daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrmaklyk üçin peýdalanylmaga niýetlenip getirilýän ýeňil awtoulaglar.
Salgyt töleýjiniň Türkmenistanyň aýry-aýry kanunçylyk namalaryna laýyklykda salgyt ýeňillikleriniň bar bolan ýa-da salgytdan boşadylan halatynda, eger bu şonuň ýaly namalarda göni görkezilmedik bolsa, görkezilenler goşmaça tölegleriň alynmagyna degişli däldir.
2. Eýeçilik hukugy esasynda daşary ýurtly edara görnüşli taraplara degişli bolan, berilýän çig maldan (çig nebitden) benzini we dizel ýangyjyny öndürmek (taýýarlamak) boýunça hyzmatlar, şu önümleri soňundan Türkmenistanyň çäklerinden çykarmak şerti bilen, goşmaça töleg tölemekden boşadylýar.
Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan taraplardan çig nebit we gaz kondensaty satyn alnyp, olaryň gaýtadan işlenilmeginden alnan önümleriň eksport edilmegi goşmaça töleg tölemekden boşadylýar. Şular ýaly boşatmany ulanmagyň hökmany şerti, bu – eksport etmekligiň gönüden-göni şular ýaly gaýtadan işlemekligi amala aşyrýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar tarapyndan amala aşyrylmagy. (2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda kabul edilen Türkmenistanyň kanuny esasynda 122-nji maddanyň ikinji bölegine goşulan tesimi, 2021-nji ýylyň 1-nji iýunyndan herekete girizilýär hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär.)
3. Ynsanperwerlik we (ýa-da) haýyr-yhsan kömegi hökmünde hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralarynyň çözgütleriniň esasynda goşmaça töleg tölenýän harytlary bermek boýunça amallar goşmaça tölegleri tölemekden boşadylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2015-nji ýylyň 16-njy aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 48-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 107-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda; 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
123-nji madda. Türkmenistanyň gümrük serhediniň üsti bilen goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar geçirilende salgyt salmagyň aýratynlyklary
1. Saýlanyp alnan gümrük düzgünine baglylykda, Türkmenistanyň gümrük çäklerine goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar getirilende, goşmaça töleg salmak şu tertipde geçirilýär:
a) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar erkin dolanyşyk üçin çykarylýan gümrük düzgüninde ýerleşdirilende goşmaça töleg doly möçberde tölenýär;
b) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar reimport, tranzit, gümrük ammary, paçsyz söwda dükany, gümrük gözegçiligi astynda gaýtadan işlemek, gümrük çäklerinde gaýtadan işlemek, erkin gümrük zolagy, erkin ammar, ýok etmek, döwletiň peýdasyna harytdan ýüz öwürmek gümrük düzgüninde ýerleşdirilende goşmaça töleg tölenmeýär;
ç) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar reeksport gümrük düzgüninde ýerleşdirilende goşmaça töleg erkin dolanyşyk üçin çykarmak düzgünine laýyklykda tölenýär we şunuň ýaly harytlar Türkmenistanyň çäklerinden çykarylanda yzyna gaýtarylmaga degişlidir;
d) harytlar wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde ýerleşdirilende (daşary ýurtly şahsy taraplara degişli bolan, ýaşaýan ýerinden hasapdan çykarylmadyk şahsy ulag serişdelerinden başga), goşmaça töleg erkin dolanyşyk üçin çykarmak düzgünine laýyklykda tölenýär. Goşmaça töleg tölenmäge degişli wagtlaýyn getirilen harytlar Türkmenistanyň çäklerinden çykarylanda, olaryň getirilen wagtyndan bäri Türkmenistanyň çäklerinde bolan wagtlary bir ýyldan geçmedik şertlerinde, öň tölenen goşmaça tölegiň pul möçberi yzyna gaýtarylmaga degişlidir;
e) öň wagtlaýyn çykarmak gümrük düzgüninde ýerleşdirilen goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar getirilende, olaryň Türkmenistanyň çäkleriniň daşynda wagtlaýyn bolan möhletiniň, olaryň çykarylan wagtyndan soň bir ýyldan köp bolmadyk şertinde, goşmaça töleg alynmaýar;
ä) Türkmenistanyň gümrük çäklerinden daşarda gaýtadan işlemek gümrük düzgüninde ýerleşdirilen harytlaryň gaýtadan işlenen önümleri getirilende goşmaça töleg erkin dolanyşyk üçin çykarmak düzgünine laýyklykda tölenýär.
2. Gümrük düzgüni üýtgände goşmaça tölegi tölemek borjy täze gümrük düzgünine laýyklykda kesgitlenýär.
Salgyt töleýji tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde saýlanyp alnan gümrük düzgüniniň berjaý edilmedik halatynda, ondan erkin dolanyşyk üçin goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary çykarmak gümrük düzgünine laýyklykda goşmaça töleg, şeýle hem harydyň getirilen wagtyndan goşmaça tölegiň tölenen gününe çenli aralykdaky döwür üçin hasaplanyp ýazylýan puşmana tölegi alynýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
124-nji madda. Goşmaça tölegleri hasaplamak
1. Goşmaça tölegiň pul möçberi şeýle hasaplanýar:
salgyt salynýan amallar geçirilende – salgyt töleýji tarapyndan özbaşdak;
Türkmenistanyň gümrük çäklerine harytlar getirilende – gümrük edaralary tarapyndan.
2. Salgyt salynýan amallar geçirilende Türkmenistanyň döwlet býujetine tölenmäge degişli goşmaça tölegiň pul möçberi şu Bitewi kanunyň 126-njy maddasyna laýyklykda, şol salgyt döwründe hasaplaşyga almaga kabul edilýän goşmaça tölegiň pul möçberine azaldylan, degişli salgyt döwründe ähli salgyt salynýan amallar boýunça goşmaça tölegiň pul möçberi hökmünde hasaplanýar.
Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň her bir görnüşi boýunça, salgyt salynýan amallar boýunça goşmaça tölegiň pul möçberi şu Bitewi kanunyň 117-nji we 122-nji maddalaryna laýyklykda hasaplanýan, şu Bitewi kanunyň 119-njy maddasynda bellenen salgyt möçberine köpeldilen salgyt salynýan amallar boýunça salgyt özeniniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
Salgyt salynýan amallary degişli salgyt döwrüne degişli etmek, olaryň amala aşyrylan pursadyna baglylykda, şu Bitewi kanunyň 125-nji maddasynyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
3. Türkmenistanyň gümrük çäklerine harytlar getirilende, goşmaça tölegiň pul möçberi goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň her bir görnüşi boýunça, şu Bitewi kanunyň 117-nji we 122-nji maddalaryna laýyklykda hasaplanýan şeýle harytlar boýunça salgyt özenini, şu Bitewi kanunyň 119-njy maddasynda bellenen degişli salgyt möçberine köpeltmek arkaly kesgitlenýär.
4. Eger-de goşmaça tölegiň haýsydyr bir salgyt döwründe hasaplaşyga alynmaga degişli möçberi, şu madda laýyklykda şol döwür üçin hasaplanan goşmaça tölegiň möçberinden artyk bolsa, onda şunuň ýaly artyk möçber, şu bitewi Kanunyň 49-njy maddasyna laýyklykda, yzyna gaýtarylmaga ýa-da töleýjileriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemeli beýleki tölegleriň möçberiniň hasabyna hasaplaşyga alynmaga degişlidir.
5. Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Kanunyna laýyklykda potratçy ýa-da kömekçi potratçy bolup durýan edara görnüşli taraplar Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilen, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary nebit işlerini amala aşyrmak üçin peýdalanmaýan halatlarynda goşmaça töleg bellenen tertipde tölenýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
125-nji madda. Salgyt salynýan amallaryň geçirilen döwri
Salgyt salmak amallary geçirilýän hasabat (salgyt) döwri şu Bitewi kanunyň 109-njy maddasyna laýyklykda, goşulan baha üçin salgydyň kesgitlenilişi ýaly kesgitlenýär.
126-njy madda. Goşmaça tölegi hasaplaşyga almak
1. Goşmaça töleg töleýjileriň goşmaça töleg tölenmäge degişli ýerlenen harytlaryň goşmaça töleg nyşanynyň bahasynyň möçberinde goşmaça tölegi hasaplaşyga almaga hukuklary bardyr.
2. Çig mallar (materiallar) görnüşinde satyn alynýan goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar peýdalanylanda, şeýle hem şunuň ýaly harytlar beýleki goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary öndürmek üçin buýrujy tarapyndan (bermek esasynda) berlen halatynda, salgyt töleýji çig mal (materiallar) görnüşinde goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar satyn alnanda ýa-da getirilende tölenen goşmaça tölegi hasaplaşyga almaga hukugy bardyr. Şunda goşmaça tölegi görkezilen maksat üçin şu hasabat (salgyt) döwründe peýdalanylan çig mal (materiallar) babatynda hasaplaşyga almaga rugsat berilýär.
3. Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary iberijilere tölenen goşmaça tölegi hasaplaşyga almak üçin şu Bitewi kanunyň 127-nji maddasynda bellenen tertipde ýazylyp berilýän salgyt hasap-fakturasy we iberijiler bilen tölegiň (hasaplaşygyň) geçirilendigini tassyklaýan resminamalar esas bolup durýar.
Goşmaça töleg tölenmäge degişli getirilen harytlar gümrük taýdan resmileşdirilende tölenýän goşmaça tölegi hasaplaşyga almak üçin, aşakdaky resminamalar esas bolup durýar:
goşmaça tölegi tölemek boýunça serişdeleriň hakyky geçirilendigini tassyklaýan töleg resminamalary we bankyň göçürmesi;
ýük gümrük beýannamasy ýa-da onuň erkin dolanyşyga çykarmak gümrük düzgüninde harytlaryň çykarylmagyny amala aşyran gümrük edarasynyň belligi bolan nusgasy.
4. Çig mal (materiallar) görnüşinde satyn alynýan, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar goşmaça töleg tölenmäge degişli däl harytlary öndürmek ýa-da başga bir maksatlar üçin peýdalanylanda, olar boýunça goşmaça tölegiň pul möçberi şonuň ýaly çig malyň (materialyň) bahasy bilen bilelikde peýdadan (girdejiden) alynýan salgydy hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulýar, ýa-da salgytlar tölenenden soň salgyt töleýjiniň ygtyýarynda galýan peýdasynyň hasabyna, ýa-da maliýeleşdirmegiň degişli çeşmeleriniň hasabyna degişli edilýär.
5. Şu maddanyň düzgünleri üýtgedilip gurulýan edara görnüşli tarap bolup durýan salgyt töleýji tarapyndan tölenen, onuň hukuk mirasdüşeri tarapyndan hasaplaşyga alynýan goşmaça tölegler babatynda hem ulanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
127-nji madda. Satyjy tarapyndan alyja bildirilýän goşmaça tölegiň möçberi
1. Özüniň öndürýän, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerleýän ýa-da buýrujynyň çig malyndan (materialyndan) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) boýunça hyzmatlary edýän, şeýle hem özüniň getiren goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerleýän salgyt töleýji satyn alyja we berlen çig malyň (materiallaryň) eýesine goşmaça tölegiň degişli pul möçberini tölemek talabyny bildirmäge borçludyr. Şunda goşmaça tölegiň pul möçberi hasaplaşyk resminamalarynda aýratyn setirde görkezilýär.
Ilata bölek satuw bahalary ýa-da nyrhlar boýunça goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ýerlenende satyjylar tarapyndan berilýän harytlaryň ýarlyklarynda we bahanamalarda goşmaça tölegiň degişli pul möçberi aýratyn görkezilmeýär.
2. Özüniň öndürýän, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerleýän ýa-da buýrujynyň çig malyndan (materialyndan) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) boýunça hyzmatlary edýän, şeýle hem özüniň getiren goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerleýän salgyt töleýji harytlary alyjylara bellenen görnüşdäki salgyt hasap-fakturasyny ýazyp bermäge borçludyr. Salgyt hasap-fakturasy 2 nusgalykda ýazylýar, olaryň birinjisi satyn alyja (buýruja) berilýär, ikinjisi ony ýazan tarapda galýar.
Salgyt hasap-fakturasy goşmaça töleg tölenmäge degişli harydyň ýüklenip ugradylan ýa-da buýrujynyň çig malyndan (materialyndan) goşmaça töleg tölemäge degişli harydy öndürmek (ýasamak, guýmak) boýunça hyzmatlaryň edilen senesinden bäş günden gijä galman berilýär.
Salgyt hasap-fakturasynyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
128-nji madda. Salgyt beýannamasyny bermek we goşmaça tölegi tölemek
1. Salgyt töleýji amala aşyrýan salgyt salynýan amallary babatynda goşmaça töleg boýunça beýannamany her bir hasabat döwri üçin bermäge borçludyr.
2. Geçen hasabat döwri üçin goşmaça töleg boýunça beýannama hasabat döwründen soňky aýyň 20-sinden gijä galman berilýär.
3. Salgyt salynýan amallar geçirilende goşmaça tölegi tölemek salgyt töleýjiler tarapyndan hasabat döwründen soňky aýyň 25-inden gijä galman geçirilýär.
Goşmaça tölegi tölemek şu Bitewi kanunyň 124-nji maddasynyň 5-nji bölüminde bellenen ýagdaýlarda görkezilen möhletde we ýagdaýlarda geçirilýär.
4. Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar boýunça goşmaça tölegi tölemek gümrük taýdan resmileşdirilen pursadynda ýa-da ondan öň geçirilýär.
5. Bilelikdäki işler (şereket) amala aşyrylanda goşmaça tölegi hasaplamak, beýannama bermek we olary Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemek şu Bitewi kanunyň 112-nji maddasynda bellenen aýratynlyklary hasaba almak bilen, goşulan baha üçin salgydyň tölenilişi ýaly geçirilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
3-nji bap. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt
129-njy madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy töleýjiler
1. Türkmenistanyň çäginde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary (ýerasty suwlar muňa degişli däldir), şol sanda himiki elementleri we birleşmeleri (mundan beýläk ‒ peýdaly baýlyklar) gazyp çykarmagy amala aşyrýan edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar - hususy telekeçiler ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar.
2. "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan edara görnüşli we şahsy taraplar ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy töleýjiler hasap edilmeýärler.
Şu taraplar tarapyndan "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda geçirilýän nebit işlerine degişli bolmadyk iş amala aşyrylan halatynda, olara şu maddanyň 1-nji bölüminiň güýji degişlidir.
(2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 2, 71-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
130-njy madda. Salgyt salynýan binýatlar
1. Salgyt töleýji tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrylýan salgyt salynýan amallar salgyt salynýan binýatlar diýlip ykrar edilýär.
Salgyt salynýan amallaryň geçirilen ýeri diýlip peýdaly baýlyklaryň gazylyp alynýan ýeri hasap edilýär.
2. Salgyt salynýan amallar diýlip:
salgyt töleýji tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly baýlygyň ýerlenmegi;
salgyt töleýji tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary özüniň sarp etmegi üçin peýdalanylmagy, şol sanda gaýtadan işlenmegi;
günäkär taraplar tarapyndan berlen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar ogurlananda ýa-da zaýalananda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmalaryň, şeýle hem ätiýaçlandyrma öwezini dolmalaryň alynmagy ykrar edilýär.
3. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň ýerlemek düşünjesini kesgitlemek üçin şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasy ulanylýar.
4. Mejbury almagyň, elden almagyň netijesinde gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň kesekiniň haýryna alynmagy ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt salmak binýady bolup durmaýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda;2020 ý., № 4, 84-nji madda).
131-nji madda. Salgyt özeni
1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy hasaplamak üçin salgyt özeni şu aşakdakylar bolup durýar:
uglewodorod serişdeleri (çig nebit, tebigy we ugurdaş gaz) boýunça – öz içine goşulan baha üçin salgydy almaýan, salgyt töleýjiniň islendik beýleki tarapdan alýan ýa-da almaga hukugy bolan uglewodorod serişdeleriniň bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýän baha;
beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar boýunça - olaryň ýerleşdirilmeginden alnan peýda.
Salgyt salynýan amallar geçirilende gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar ogurlananda ýa-da zaýalananda ýetirilen zyýanyň günäkär taraplar tarapyndan öweziniň dolunmagynyň, şeýle hem ätiýaçlandyrma öwezini dolmalaryň pul möçberleri hem salgyt özenine goşulýar.
2. Muzdsuz berlende gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň salgyt özeni salgyt töleýjiniň olary adaty, hak almak bilen ýerleýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
3. Geleşikleriň taraplary tarapyndan çalşylýan gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň bahasy kesgitlenmedik halatynda salgyt özeni salgyt töleýjiniň olary adaty, hak almak bilen ýerleýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
Deň derejede bolmadyk çalşykda çalşylýan harytlaryň bahasynyň üstüne goşulýan islendik pul möçberi salgyt özenine goşulýar.
4. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar özüniň sarp etmegi üçin peýdalanylanda, olar boýunça degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulýan halatynda hem, salgyt özeni salgyt töleýji tarapyndan şunuň ýaly harytlar adaty, hak almak bilen, ýerlenendäki bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär, olar bolmadyk ýagdaýynda bolsa, şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda ulanylýan, şonuň ýaly harytlaryň hakyky bazar bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
5. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň tebigy ýitgilerden artyk ýetmezçiligi ýüze çykarylanda, bu harytlaryň ogurlanandygyny ýa-da zaýalanandygyny tassyklaýan resminamalaryň bolmadyk ýagdaýynda, salgyt özeni şu maddanyň 2-nji bölüminde bellenen tertipde kesgitlenýär.
6. Ýeňillikli baha bellenen gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary ýerlemek boýunça salgyt özeni, şeýle ýeňillikler hasaba alnyp kesgitlenýär. Görkezilenler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilata mugt berilýän harytlara we edilýän hyzmatlara hem degişlidir.
7. Peýdaly baýlyklaryň birnäçe görnüşi gazylyp alnan halatynda salgyt özeni olaryň her bir görnüşi boýunça kesgitlenýär.
8. Gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň daşary ýurt pulundaky bahasy olaryň ýerlenen pursadynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hümmeti boýunça manatda hasaplanýar.
9. Degişli salgyt döwründe gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň her bir görnüşi boýunça salgyt özeni, degişli salgyt döwründe geçirilen ähli salgyt salynýan amallaryň salgyt özenleriniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
10. Şu madda laýyklykda hasaplanýan salgyt özeni Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli pul serişdeleriniň möçberine laýyk azaldylýar.
(2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
132-nji madda. Salgyt salynýan amallar üçin salgyt özenine düzediş girizmek
Salgyt salynýan amallar geçirilende salgyt özeni şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda bellenen ýagdaýlarda düzediş girizmäge degişlidir.
133-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberleri
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberleri aşakdaky ölçeglerde bellenýär:
a) uglewodorod serişdeleri bilen baglanyşykly salgyt salynýan amallar boýunça:
tebigy we ugurdaş gaz üçin - 22%;
çig nebit üçin – 10%;
b) düşewüntliligiň derejesine baglylykda beýleki gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar bilen baglanyşykly salgyt salynýan amallar boýunça:
Düşewüntlilik göterimlerde |
Salgydyň möçberleri göterimlerde |
15 we şoňa çenli |
0 |
15-den ýokary,17-ä çenli we 17 |
30 |
17-den ýokary 19-a çenli we 19 |
32 |
19-dan ýokary 21-e çenli we 21 |
35 |
21-den ýokary 23-e çenli we 23 |
40 |
23-den ýokary 25-ä çenli we 25 |
45 |
25-den ýokary |
50 |
Salgyt salynýan amallar boýunça (uglewodorod serişdeleri bilen amallardan başga) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň bellenen möçberleri ýataklaryň tejribe-senagat taýdan ulanylýan döwründe, emma 3 ýyl möhletden köp bolmaly däl, 50% aşakladylýar.
Şu ýagdaýda düşewüntlilik önümi ýerlemekden alnan peýdanyň, ony öndürmek üçin çykarylan, şu bitewi Kanunyň 154-nji maddasynyň ikinji böleginiň «d» bölüminde bellenen aýyrmalaryň jemi hökmünde kesgitlenýän we şonuň ýaly önüme degişli bolan harajatlara göterim gatnaşygy hökmünde hasaplanylýar.
Önümi ýerlemekden alnan peýda önümi ýerlemekden alnan, şu Bitewi kanunyň 149-njy we 150-nji maddalaryna laýyklykda hasaplanýan, şu Bitewi kanunyň 154-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň "a" we "d" bölümçelerinde bellenen aýyrmalaryň möçberine azaldylan we şunuň ýaly önüme degişli bolan jemi girdeji hökmünde kesgitlenýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
134-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyda salgyt we hasabat döwürleri senenama çärýege deň laýyklykda bellenilýärler.
135-nji madda. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy hasaplamak
1. Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberi gazylyp alynýan peýdaly baýlyklaryň her bir görnüşi boýunça salgyt töleýji tarapyndan özbaşdak hasaplanýar.
2. Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberi, salgyt döwründe geçirilen salgyt salynýan amallaryň ählisi boýunça salgydyň jemi hökmünde hasaplanýar.
Hasabat (salgyt) döwründe geçirilen salgyt salynýan amallar boýunça salgydyň möçberi, şular ýaly salgyt salynýan amallar boýunça şu Bitewi kanunyň 131-nji maddasyna laýyklykda hasaplanýan salgyt özeniniň, şu Bitewi kanunyň 133-nji maddasynda bellenen degişli salgyt möçberine (möçberlerine) köpeldilen jemi hökmünde kesgitlenýär.
Salgyt salynýan amaly degişli salgyt döwrüne degişli etmek, onuň geçirilen pursadyna baglylykda, şu Bitewi kanunyň 136-njy maddasyna laýyklykda geçirilýär.
Şu Bitewi kanunyň 137-nji maddasynyň 3-nji bölüminde bellenen ýagdaýlarda, býujete tölenmäge degişli ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň pul möçberi, hasaplanan we salgydyň deslapky tölegini Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemäge degişli möçberine azaldylýar.
3. Eger-de ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň haýsydyr bir salgyt döwründe hasaplaşyga alynmaga degişli möçberi, şu madda laýyklykda şol döwür üçin hasaplanan salgydyň möçberinden artyk bolsa, onda şunuň ýaly artyk möçber, şu Bitewi kanunyň 49-njy maddasyna laýyklykda, yzyna gaýtarylmaga ýa-da töleýjileriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemeli beýleki tölegleriň möçberiniň hasabyna hasaplaşyga alynmaga degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
136-njy madda. Salgyt salynýan amallaryň geçirilen döwri
Salgyt salynýan amallar, şu Bitewi kanunyň 109-njy maddasyna laýyklykda, goşulan baha üçin salgyt ýaly geçirildi hasap edilýär.
137-nji madda. Salgyt beýannamasyny bermek we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy tölemek
1. Salgyt töleýji her bir hasabat döwründe ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt boýunça salgyt beýannamasyny bermäge borçludyr.
Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt boýunça beýannama geçen hasabat döwri üçin hasabat döwründen soňky aýyň 20-nden gijä galman berilýär.
2. Şu maddanyň 4-nji bölüminde görkezilenlerden başga salgyt töleýjiler tarapyndan ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy tölemek hasabat döwründen soňky aýyň 25-nden gijä galman geçirilýär.
3. Salgyt töleýjiler hasabat döwrüniň dowamynda uglewodorod serişdeleri bilen salgyt salynýan amallary geçirenlerinde deslapky töleg görnüşinde ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt töleýärler.
Deslapky töleg görnüşinde tölenmäge degişli ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberi geçen salgyt döwri üçin hasaplanan, ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberiniň üçden bir bölegini düzýär.
Salgyt töleýjiler tarapyndan deslapky töleg görnüşinde ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt her aýyň 25-nde tölenýär.
4. Salgyt töleýjileriň aýry-aýry toparlary üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan beýannama bermegiň we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy tölemegiň başga möhletleri hem bellenip bilner, emma ol şu maddanyň 1-nji we 2-nji bölümlerinde bellenen möhletlerden otuz günden giç bolmaly däldir.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
4-nji bap. Emläk üçin salgyt
138-nji madda. Emläk üçin salgydy töleýjiler
1. Eýeçilik hukugy esasynda emlägi bar bolan edara görnüşli taraplar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde şu Bitewi kanunyň 139-njy maddasyna laýyklykda, salgyt salynýan binýat bolup duran emläk balansyna berlen döwlet eýeçiligindäki edara görnüşli taraplar, şu maddada başga bir ýagdaý göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläk üçin salgydy töleýjiler bolup durýar.
2. Emläk lizinge ýa-da konsessiýa berlende degişlilikde lizinge alyjy ýa-da konsessioner emläk üçin salgydy töleýji diýlip ykrar edilýär.
Emläk kärendä (kireýine) berlende kärendä (kireýine) beriji (döwlet eýeçiligindäki edara görnüşli tarapdan başga) emläk üçin salgydy töleýji diýlip ykrar edilýär. Döwlet ýa-da ýerli emläk kärendä berlende balansda saklaýjy salgyt töleýji bolup durýar.
Salgyt salynýan binýat birnäçe tarapyň umumy paýçylyk eýeçiliginde bolan halatynda, şol taraplaryň her biri salgyt töleýji diýlip ykrar edilýär.
Umumy eýeçilikde durýan salgyt salynýan binýatlar boýunça, olaryň arasyndaky ylalaşyk boýunça, şu salgyt salynýan binýatlaryň hususyýetçileriniň biri salgyt töleýji bolup biler.
Bellenilen tertipde işe girizilmedik ýa-da esasy serişdeler hökmünde hasaba kabul edilmedik gurluşyk desgasy ulanylan mahaly, şu salgyt salynýan binýat babatda salgydy tölemek boýunça borç buýrujynyň üstüne ýüklenilýär.
Bellenilen tertipde işe girizilmedik ýa-da esasy serişdeler hökmünde hasaba kabul edilmedik gurluşyk desgasy, döwlet häkimiýet edaralarynyň çözgüdi boýunça bu desga soňra buýrujy tarapyndan balansyna geçirilmeklige degişli tarap tarapyndan ulanan mahaly, şu salgyt salynýan binýat babatda salgydy tölemek boýunça borç şular ýaly tarapyň üstüne ýüklenilýär.
3. Aşakdaky edara görnüşli taraplar emläk üçin salgydy töleýjiler bolup durmaýarlar:
Türkmenistanyň “Uglewodorod serişdeleri hakynda” kanunyna laýyklykda potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan edara görnüşli taraplar. Şu taraplar tarapyndan nebit işleri üçin ulanylýan emläk babatynda şol işlere degişli bolmadyk salgyt salynýan amallar geçirilen halatynda olara şu maddanyň 1-nji bölüminiň güýji degişlidir;
býujet guramalary;
Türkmenistanyň Milli gymmatlyklar muzeýi;
Türkmenistanyň Merkezi banky;
hususy eýeçilikdäki edara görnüşindäki taraplar;
döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary.
(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2011 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda).
139-njy madda. Salgyt salynýan binýat
1. Şu maddanyň 3-nji bölüminde görkezilen emläklerden başga emläkler salgyt salynýan binýatlar bolup durýar:
a) Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar üçin, önümçilik maksatly esasy serişdeler, şeýle hem önümçilik işinde peýdalanylýan maddy dolanyşyk serişdeleri;
b) Türkmenistanyň çäklerindäki şahamçasynyň, wekilhanasynyň ýa-da hemişelik wekilhanasynyň üsti bilen iş alyp barýan daşary ýurtly edara görnüşli taraplar - Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýanlar üçin - Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän we şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň emläginiň bir bölegi bolup durýan, şu maddanyň 1-nji bölüminiň “a” bölümçesinde görkezilen emläk;
ç) Türkmenistanyň çäklerindäki işi şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrylmaýan Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan daşary ýurtly edara görnüşli taraplar üçin - önümçilik maksatly we Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän gozgalmaýan emläk.
2. Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan, edara görnüşli taraplar üçin Türkmenistanyň çäklerinde, şeýle hem onuň daşynda ýerleşýän emläk salgyt salynýan binýat bolup durýar.
3. Aşakdakylar salgyt salynýan binýatlar bolup durmaýar:
ýer; desgalary döretmek bilen baglanyşygy bolmadyk, ýerleri gowulandyrmak boýunça düýpli maýa goýumlarynyň hasabyna geçirilýän harajatlar;
döwlet ätiýaçlygy emlägi, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen goralyp saklanýan (konserwasiýa) emläk.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2011 ý., № 3, 59-njy madda).
140-njy madda. Emläk üçin salgydyň salgyt özeni
1. Aşakdakylar emläk üçin salgydyň salgyt özeni bolup durýar:
esasy serişdeler boýunça - olaryň balans gymmaty hökmünde kesgitlenýän ortaça ýyllyk bahasy;
maddy dolanyşyk serişdeleri boýunça - olaryň ortaça ýyllyk bahasy.
Maddy dolanyşyk serişdeleriniň bahasy buhgalter hasabynyň maglumatlary we salgyt salynýan binýatlar baradaky gaýry resminamalar arkaly tassyklanan maglumatlaryň esasynda kesgitlenýär. Maddy dolanyşyk serişdeleriniň bahasy bellenen halatlarda şu Bitewi kanunyň 29-njy maddasynda görkezilen usullaryň esasynda kesgitlenýär.
Ulanyş taýdan könelişip möwriti öten ýa-da özüniň başdaky hilini bölekleýin ýitiren harytlaryň we beýleki maddy gymmatlyklaryň gymmaty olary ýerläp bolaýjak bahadan ugur alnyp kesgitlenýär.
Emläge gaýtadan nyrh kesilende, salgyt özenini hasaplamak maksady bilen, emlägiň bahasy gaýtadan kesilen nyrhy hasaba almak bilen kesgitlenýär. Salgyt özenini kesgitlemek maksady bilen, esasy serişdeleriň we maddy dolanyşyk serişdeleriniň bahasy olar satyn alnan mahaly tölenilen goşulan baha üçin salgydy hasaba almazdan kesgitlenilýär.
2. Salgyt özeni şu Bitewi kanunyň 143-nji maddasynda görkezilen emläkden başga, şu Bitewi kanunyň 139-njy maddasynyň 1-nji bölüminde görkezilen salgyt salynýan binýadyň her biri boýunça aýratynlykda, her bir degişli hasabat döwri üçin görkezilen salgyt salynýan binýatlaryň ortaça bahasy hökmünde kesgitlenýär.
Birinji çärýek, birinji ýarym ýyl, dokuz aý we salgyt ýyly üçin salgyt özeni degişlilikde hasabat döwrüniň her aýynyň birine we hasabat döwründen soňky aýyň birine salgyt salynýan binýatlaryň bahalaryny (balans gymmatyny) goşmak bilen alynýan jeminiň degişlilikde dörtden biri, ýediden biri, ondan biri we on üçden biri hökmünde kesgitlenýär.
Şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda görkezilen halatlarda salgyt özeni düzedilmäge degişlidir.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda).
141-nji madda. Salgyt möçberleri
Emläk üçin salgydyň möçberi salgyt döwrüniň salgyt özeniniň 1 göterimi möçberinde bellenýär.
Emläk üçin salgydyň hasaplaşyk möçberi degişli hasabat döwri üçin aşakdaky möçberlerde kesgitlenýär:
birinji çärýek üçin salgyt özeniniň 0, 25 göterimi;
birinji ýarym ýyl üçin salgyt özeniniň 0,5 göterimi;
9 aý üçin salgyt özeniniň 0,75 göterimi;
bir ýyl üçin salgyt özeniniň 1 göterimi.
142-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
Emläk üçin salgydyň salgyt döwri salgyt ýyly, emma hasabat döwri bolup birinji çärýek, birinji ýarym ýyl, dokuz aý we salgyt ýyly durýar.
143-nji madda. Ýeňillikler
1. Şu aşakdakylar emläk üçin salgytdan boşadylýarlar:
maýa goýum pensiýa gaznalary;
maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary;
jemgyýetçilik birleşikleri;
dini guramalar;
bilim edaralary;
saglygy goraýyş edaralary we kärhanalary;
oba hojalyk kärhanalary;
kinoteatrlar we kinokonsert merkezleri;
diňe erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleriň maksatlary üçin ulanylýan emläk babatynda şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan edara görnüşli taraplar, olaryň işiniň birinji on ýylynda.
2. Şu aşakdakylara emläk üçin salgyt salynmaýar:
gaz geçirijiler (esasy gaz geçirijilerden başga), demir ýollaryň esasy ugurlary, demir ýollaryň giriş ýollary, umumy ulanylýan awtomobil ýollary, aragatnaşyk we elektrik geçiriji ulgamlar, suw-suwlulandyryş we suw geçiriji desgalar, köprüler we olary ulanmak üçin niýetlenen inženerçilik we beýleki desgalar;
tokaý we oba hojalyk önümlerini öndürmek we saklamak üçin peýdalanylýan emläk, şeýle hem olaryň öz öndüren önümleri;
ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynda ulanylýan emläk;
diňe ylym, bilim, maýyplary dikeltmek, daşky gurşawy goramak, ýangyn howpsuzlygy we raýat goranyşy babatynda ulanylýan emläkler;
ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň garamagyndaky toý dabaralarynyň geçirilmegi üçin niýetlenilen bagt köşkleriniň emlägi;
umumy ulanylýan şäher ýolagçylar awtoulagy (taksiden başga);
sport toplumlary, stadionlar we beýleki sport binalary we desgalary, şeýle hem olarda peýdalanylýan sport enjamlary we inwentarlary;
asma ýollar, şeýle hem olary ulanmak üçin niýetlenilen beýleki enjamlar;
çagalar lagerleriniň we dynç alyş öýleriniň, çagalar sagaldyş we göwün açyş merkezleriniň emläkleri, şeýle hem çagalaryň dynç almaklaryny, çagalaryň göwnüni açyş işlerini guramak üçin ulanylýan emläk, attraksionlary, oýun oýnalýan abzallary we ş. m. goşmak bilen;
milli syýahatçylyk zolaklarynda syýahatçylary kabul etmek boýunça täze obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy ýa-da gutarylmadyk obýektleriň gurluşygynyň tamamlanylmagy bilen baglanyşykly gurluşyk we gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan emläk;
milli syýahatçylyk zolaklarynda syýahatçylary kabul etmek boýunça obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň emlägi. Görkezilen ýeňillikler milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinden daşarda ýerleşýän emläk babatda bellenen tertipde milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan taraplara-da berilýär;
milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalarynyň emlägi;
düzediş edaralarynyň we olaryň önümçilik kärhanalarynyň emlägi;
döwlet kärhanalarynyň akkumulýator önümlerini öndürmek üçin peýdalanýan emlägi. (Girizilen goşmaça resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 21.11.2015 ý. № 312-V kanuny esasynda);
diňe daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrmak babatda ulanylýan emläkler.
(2007-nji ýylyň 23-nji fewralyndaky, 2007-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky, 2014-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2015-nji ýylyň 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 20-nji we 24-nji maddalar; № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 1, 24-nji madda, 2014 ý., № 3, 112-nji madda; № 4, 145-nji madda; 2015 ý., № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
144-nji madda. Salgydyň pul möçberini kesgitlemek
1. Emläk üçin salgydyň pul möçberi salgyt töleýjiler tarapyndan özbaşdak hasaplanýar.
Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli emläk üçin salgydyň pul möçberi degişli hasabat döwrüniň salgyt özeniniň salgydyň degişli hasaplaşyk möçberine köpeldilen jemi hökmünde, geçen hasabat döwründe hasaplanyp çykarylan emläk üçin salgydyň pul möçberini aýyrmak bilen kesgitlenýär.
2. Türkmenistanyň çäklerinde şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üsti bilen iş alyp barmaýan we Türkmenistanyň çäklerinde gozgalmaýan emlägi bolan Türkmenistanyň dahylsyzy bolan daşary ýurtly edara görnüşli tarap degişli salgyt edarasynda salgyt hasabyna durmaga we gozgalmaýan emläk üçin salgyt tölemek borjuny ýerine ýetirmäge borçludyr.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
145-nji madda. Salgyt beýannamasy we emläk üçin salgydy tölemegiň möhletleri
1. Emläk üçin salgyt boýunça salgyt beýannamasy salgyt töleýjiler tarapyndan her bir hasabat döwri tamamlanandan soň salgyt hasabynda durýan ýerindäki salgyt edarasyna hasabat döwründen soňky aýyň 20-nden gijä galman berilmelidir.
2. Salgyt töleýjiler tarapyndan emläk üçin salgydy tölemek hasabat döwründen soňky aýyň 25-nden gijä galman geçirilýär.
3. Salgyt töleýjileriň aýry-aýry toparlary üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan beýannamany bermegiň we emläk üçin salgydy tölemegiň başga möhletleri bellenip bilner, emma ol şu maddanyň 1-nji we 2-nji bölümlerinde görkezilen möhletlerden otuz günden giç bolmaly däldir.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
146-njy madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän emläk üçin salgydy hasaplaşyga almak
1. Emläk üçin salgydyň beýleki döwletleriň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinden daşynda tölenen pul möçberi, emläk üçin salgyt Türkmenistanyň çäklerinde tölenende edara görnüşli tarap bolup durýan Türkmenistanyň dahyllylary tarapyndan hasaplaşyga alynýar.
Şunda hasaplaşyga alynýan salgydyň pul möçberi şu Bitewi kanuna laýyklykda hasaplanyp çykarylan salgydyň möçberinden köp bolup bilmez.
Daşary ýurtlaryň salgyt ýa-da beýleki ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berlen, Türkmenistanyň çäklerinden daşarda salgydyň tölenendigine şaýatlyk edýän resminamalar hasaplaşyga almak üçin esas bolup durýar.
Görkezilenler iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky şertnama (ylalaşyga) laýyklykda we bellenilen amal kadalary berjaý edilende, salgyt töleýjä gaýtarylyp bilinmejek emläk üçin salgydyň möçberine degişlidir.
2. Şu Bitewi kanunyň 139-njy maddasynyň 3-nji bölümine laýyklykda salgyt salmak binýady bolup durmaýan, şeýle hem şu Bitewi kanunyň 143-nji maddasyna laýyklykda ýeňillik berlen emläk boýunça daşary ýurtlaryň salgyt kanunçylygyna laýyklykda hasaplanan we tölenen salgyt hasaplaşyga alynmaga degişli däldir.
3. Emläk üçin salgydy tölemekden boşatmak ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerini almak üçin Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan salgyt töleýji arzany, şeýle hem degişli salgyt döwründe (ýa-da onuň bir böleginde) hereket edýän, iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen şertnama (ylalaşyk) baglaşan döwletiň dahyllysy bolup durýandygy barada resmi tassyknamany Türkmenistanyň salgyt edarasyna bermelidir.
Tassyknama we arza emläk üçin salgyt tölenmezden öň hem, salgyt töleýjiniň salgytdan boşamaga we ýeňillik almaga dalaş edýän salgyt döwri tamamlanandan soňky üç ýylyň dowamynda hem berlip bilner.
Arzanyň görnüşi we ony tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär. Bellenilen görnüş boýunça düzülmedik arza, ony tabşyrmagyň tertibiniň bozulmagy salgyt edarasyna şeýle arza seretmekden boýun gaçyrmaga esas bolup durýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
5-nji bap. Edara görnüşli tarapyň peýdasyndan
(girdejisinden) alynýan salgyt
147-nji madda. Peýdadan (girdejiden) alynýan salgydy töleýjiler
1. Şu aşakdakylar peýdadan (girdejiden) alynýan salgydy töleýjiler bolup durýarlar:
Türkmenistanyň dahyllylary - edara görnüşli taraplar;
Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhanalarynyň üsti bilen iş alyp barýan ýa-da Türkmenistanyň çäklerindäki çeşmelerden girdeji alýan Türkmenistanyň dahylsyzlary - edara görnüşli taraplar.
2. Şu aşakdakylar peýdadan (girdejiden) alynýan salgydy töleýjiler bolup durmaýarlar:
Türkmenistanyň Merkezi banky;
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti.
(2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky we 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 48-nji madda; № 4, 68-nji madda).
148-nji madda. Salgyt salynýan binýat
1. Hasabat (salgyt) döwründe salgyt töleýjiniň alan peýdasy, şeýle hem girdejileriniň aýry-aýry görnüşleri salgyt salynýan binýat bolup durýar.
Edara görnüşli taraplaryň peýdasy salgyt töleýjiniň şu Bitewi kanunda göz öňünde tutulan we şeýle girdejä degişli bolan, aýrylmaly pul möçberine azaldylan ähli girdejisiniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
2. Türkmenistanyň dahyllylaryna Türkmenistanyň çäklerinde we onuň daşynda alnan peýda (girdeji) boýunça salgyt salynýar.
Türkmenistanyň dahylsyzlaryna Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhanalaryň üsti bilen alnyp barylýan işlerden we (ýa-da) Türkmenistanyň çäklerindäki çeşmelerden alnan peýda (girdeji) boýunça salgyt salynýar.
1-nji paragraf. Türkmenistanyň dahyllylaryna salgyt salmak
149-njy madda. Jemi girdeji
1. Salgyt töleýjiniň jemi girdejisine ýerlenen önümlerden, ýerine ýetirilen işlerden, edilen hyzmatlardan alnan girdejiler, şeýle hem ýerlenmekden daşarky amallardan alynýan girdejiler goşulýar.
2. Şu maddada başgaça bellenmedik bolsa, ýerlemekden daşarky girdejilere aşakdakylar degişlidir:
a) islendik görnüşdäki bergi borçnamalary boýunça göterimler;
b) beýleki edara görnüşli taraplara we şereketlere paýçy bolup gatnaşmakdan alnan düşewüntler we beýleki serişdeler;
ç) ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş ylalaşyklar boýunça ätiýaçlyk öwezini doluş puly;
d) ylalaşyk borçnamalarynyň bozulandygy üçin jerimeler we beýleki çäreler görnüşinde alnan serişdeler, şeýle hem ýitginiň we zyýanyň öweziniň dolunmagyndan alnan pullar;
e) öň hasapdan öçürilen bergileri üzmek üçin gelip gowşan pullar;
ä) Türkmenistanyň Raýat kodeksinde kesgitlenen, awtorlyk hukugyndan peýdalanylandygy ýa-da şu hukugy peýdalanmaga berlendigi üçin hak, şahadatnama, söwda nyşany, haryt nyşany ýa-da hyzmat nyşany, çyzgy ýa-da model, görnüş, gizlin formula we (ýa-da) iş nyşany ýa-da senagata, täjirçilik ýa-da ylmy tejribä degişli maglumatlar üçin hak;
f) ätiýaçlygyň hasabyna gümanly algylaryň hasabyna öň hasapdan öçürilen bergidarlardan alnan serişdeler;
g) hak isleg möhletiniň geçmegi bilen baglylykda ýa-da gaýry esaslar boýunça hasapdan öçürilen bergileriň möçberi, şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasyna laýyklykda salgytlar (puşmana tölegler, jerimeler) boýunça umytsyz bergileriň hasapdan öçürilen möçberleri muňa girmeýär;
h) daşary ýurt pulundaky amallar boýunça, şeýle hem pul gymmatlyklarynyň we talapnamalaryň bahasy artdyrylanda ýa-da daşary ýurt pulundaky borçlar arzanladylanda oňyn hümmet tapawutlary; eger-de daşary ýurt pulunyň taraplaryň ylalaşmagy bilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), emläk hukuklarynyň ýerlenen (girdeji edilen) senesinde bellenilen hümmeti boýunça hasaplanan borçnamalaryň we talaplaryň emele gelen möçberi, manatda hakyky gelip düşen (tölenen) möçbere laýyk gelmäninde salgyt töleýjide döreýän oňyn tapawut;
i) hasabat ýylynda ýüze çykarylan geçen ýyllaryň girdejileri;
j) şu Bitewi kanuna laýyklykda hasapdan aýyrma düzüminde göz öňünde tutulan, salgyt döwrüniň ahyryna çenli peýdalanylmadyk ätiýaçlyk we gaznalaryň serişdeleri;
ž) ulanmakdan aýrylýan esasy serişdeler sökülende we böleklere bölünende alnan materiallaryň we beýleki emläkleriň bahasy;
k) haýyr-yhsan maksatly alnan, bellenen maksada laýyk peýdalanylmadyk serişdeleriň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy;
l) tükellemegiň netijesinde ýüze çykarylan haryt-maddy gymmatlyklaryň artygynyň bahasy;
m) şu maddanyň üçünji bölüminde görkezilenlerden başga, emläk hukugyny hem goşmak bilen, muzdsuz alnan emläk (işler, hyzmatlar). Girdejä goşmak üçin şunuň ýaly emläge (işlere, hyzmatlara) baha kesmek şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň düzgünlerini hasaba almak bilen, hakyky bazar bahalaryndan ugur alnyp amala aşyrylýar;
n) beýleki ýerlemekden daşary girdejiler.
3. Şu aşakdakylar jemi girdejä goşulmaýar:
gatnaşyjylaryň (paýdarlaryň, paýçylaryň, agzalaryň) esaslyk maýa gatançlary, paýnamalary (paýlary) ýerleşdirmegiň bahasyndan olaryň nominal bahasyndan (ilkibaşky möçberinden) artyk gelmegi görnüşindäki girdejini hem goşmak bilen;
gatnaşyjylaryň düzüminden çykanda ýa-da ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň emlägi oňa gatnaşyjylaryň arasynda paýlananda, gatnaşyjy (paýdar, paýçy) tarapyndan edara görnüşli tarapyň esaslyk maýasyna ilkibaşky gatanjynyň çäklerinde alnan serişdeler;
şereketden çykylanda ýa-da ýatyrylýan şereketiň emläginiň oňa gatnaşyjylaryň arasynda paýlananda, bilelikde işlemek (şereket) barada ylalaşyga gatnaşyjy tarapyndan ilkibaşky gatanjynyň çäklerinde alnan serişdeler;
gymmatly kagyzlaryň bahasy üýtgände alnan oňyn tapawut;
Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda esasy gorlara (serişdelere) gaýtadan nyrh kesmegiň netijesindäki oňyn tapawut; (149-njy maddanyň üçünji bölegine girizilen goşmaçalar 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryndan başlanýan döwür üçin ulanylýar - Kanun 02.03.2013 ý. № 378-IV);
döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi bilen býujet guramalarynyň alýan emlägi;
býujet serişdeleriniň, döwlet gaznalarynyň serişdeleriniň, mugt pullaryň (grantlaryň) we beýleki çeşmeleriň hasabyna, maksatlaýyn maliýeleşdirmegiň çäklerinde salgyt töleýji tarapyndan alnan serişdeler we beýleki emläk;
komissioner tarapyndan komissiýa ylalaşygy boýunça, şeýle hem baglaşylan ylalaşygyň şertlerine laýyklykda şunuň ýaly harajatlar komissioneriň çykdajylarynyň düzümine goşulmaga degişli bolmasa, komitent üçin komissioner tarapyndan geçirilen çykdajylaryň öwezini dolmagyň hasabyna alnan emläk. Görkezilenler tabşyryk ylalaşygyna ýa-da şoňa meňzeş beýleki ylalaşyklara hem degişlidir;
edara görnüşli taraplaryň pensiýa üpjünçiligi hakyndaky kanunçylyga laýyklykda alan we şahsy pensiýa hasaplaryna gönükdirilen maýa goýum girdejileri;
karzlar görnüşinde alnan serişdeler we beýleki emläk, şeýle hem olary üzmegiň hasabyna alnan serişdeler we beýleki emläk;
şu Bitewi kanunyň 49-njy maddasynyň 4-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda alnan göterimler;
täjirçilik däl guramalary saklamak we olaryň tertipnamalaýyn işlerini alyp barmak üçin maksatly gelip gowşan serişdeler, şol sanda agzalyk we haýyr-yhsan gatançlary, pul peşgeşleri, miras alynýan emläk;
borçnamalary üpjün etmek hökmünde girew ýa-da tölegiň ujundan geçirme görnüşinde alnan emläk;
döwlet eýeçiligi görnüşindäki edara görnüşli tarap döredilende oňa berilýän serişdeler we beýleki emläk;
eger görkezilen işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarynda, işiň belli bir ugrunda olaryň üstüne ýüklenilen aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralar tarapyndan işleri ýerine ýetirmekden (hyzmatlary etmekden) alnan serişdeler;
edara görnüşli tarap üýtgedilip gurnalanda, şol edara görnüşli tarapyň hukuk oruntutary (oruntutarlary) tarapyndan alnan emläk;
býujet guramalary we telekeçi däl edara görnüşli taraplar tarapyndan şeýle hem döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan peşgeş bermek barada ylalaşyk boýunça ýa-da mugt alnan emläk (işler, hyzmatlar);
Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütlerine laýyklykda, şeýle hem pudaklaryň içinde mugt berlende ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň çözgütlerine laýyklykda, edara görnüşli taraplar tarapyndan alnan emläk;
daşary döwletler ýa-da halkara guramalary tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsarperwerlik, maliýe we tehniki kömek taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde alynýan emläk (işler,hyzmatlar).
Bir birligini satyn almak (döretmek) üçin çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 0,4 möçberinden geçmeýän, mahabatlandyrma maksady bilen berilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy jemi girdejä goşulmaýar.
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda amala aşyrylýan, peýdaly baýlyklaryň, şol sanda himiki elementleriň we birleşmeleriň hem-de ýerasty (ýerüsti) suwlaryň çykarylmagy, gazylyp alynmagy, taýýarlanmagy, daşalmagy sebäpli hapalanan ýerleri (suwlary) arassalamak işleri ýerine ýetirilende, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler muňa degişli däldir, şu aşakdakylar jemi girdejä goşulmaýar:
bu işleriň netijesinde emele gelen önümleriň bahasy, bu önümleriň işleriň ýerine ýetirijisi tarapyndan soňra ýerlenmegi muňa degişli däldir;
bu işleriň bahasy, eger-de olar muzdsuz ýerine ýetirilende.
4. Şol bir girdejiler şu maddanyň 2-nji bölüminiň birnäçe bentlerinde göz öňünde tutulan bolsa, onda salgyt salynýan girdeji hasaplananda görkezilen girdejiler diňe bir gezek hasaba alynýar.
5. Salgydyň dürli möçberleri boýunça salgyt salynýan girdeji alýan ýa-da şu Bitewi kanunyň 170-nji maddasyna laýyklykda salgytdan boşadylýan salgyt töleýjiler şeýle girdejileriň hasabyny aýratynlykda ýöretmäge borçludyrlar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
150-nji madda. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alynýan jemi girdejini kesgitlemegiň aýratynlyklary
1. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alynýan jemi girdejini kesgitlemek maksady bilen, şu Bitewi kanunyň 97 maddasy ulanylýar.
Şunda aşakdakylaryň muzdsuz berilmegine ýerlemek hökmünde seredilmeýär:
edara görnüşli tarap üytgedilip gurlanda onuň hukuk mirasdüşerine (mirasdüşerlerine) berilýän emlägi;
döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalary (ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş öýleri, zawodlar, fabrikler we şulara kybapdaş beýleki desgalar);
ynsanperwerlik we (ýa-da) haýyr-yhsan kömegi hökmünde hökümetara ylalaşyklaryna laýyklykda, şeýle hem döwlet häkimiýet edaralarynyň çözgütleriniň esasynda harytlaryň berilmegi (işleriň muzdsuz ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň edilmegi).
Şu emläkleri döwlet haýryna almak (kesekä bermek) hem harytlary ýerlemek bolup durmaýar:
döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýa-da ýeriň, medeni gymmatlyklaryň degerli derejede ulanylmandygy üçin alynmaly ýer mellegindäki ýerleşýän emläk;
miras galan emlägi mejbury almak, elinden almak ýa-da eýeçilik hukugyny bermek netijesinde, şeýle hem eýesiz galan emlägiň ýa-da gymmatlyklaryň döwlet tarapyndan alynmagy.
Emlägiň gaýry edara görnüşli taraplaryň we şereketleriň esaslyk maýalaryna gatançlar hökmünde berilmegi harytlary ýerlemek bolup durmaýar.
2. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejini kesgitlemek maksady bilen, harydyň, işleriň, hyzmatlaryň bahasy şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasyna laýyklykda kabul edilýär.
3. Harytlar (işler, hyzmatlar) muzdsuz berlende girdeji salgyt töleýji tarapyndan şeýle harytlar (işler, hyzmatlar) adaty, hak almak bilen ýerlenende ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
Öň ulanyşda bolan esasy serişdeler we maddy däl aktiwleri muzdsuz berlende, girdeji olaryň balans gymmaty hökmünde kesgitlenýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
4. Geleşigiň taraplary tarapyndan çalşylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalary kesgitlenmedik halatynda, girdeji şolar ýaly harytlar (işler, hyzmatlar) salgyt töleýji tarapyndan adaty, hak almak bilen ýerlenende ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
Deň däl derejede çalşylanda jemi girdejä çalşylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalaryna goşmaça tölegleriň islendik möçberi goşulýar.
5. Öz işgärleri üçin harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende girdeji şolar ýaly harytlar (işler, hyzmatlar) salgyt töleýji tarapyndan adaty, hak almak bilen ýerlenende ulanylýan bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
6. Ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň (daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň şahamçasynyň, wekilhanasynyň) girdejisi şu harytlar ýerlenende salgyt töleýji tarapyndan ulanylan hakyky bahalaryň esasynda, emma:
esasy serişdeler we maddy däl aktiwler boýunça – balans gymmatyndan;
beýleki harytlar boýunça - satyn alnan bahalaryndan pes bolmadyk derejede kesgitlenýär.
7. Ýeňillikli bahalar (tarif, kesilen nyrh) bellenen harytlar (işler, hyzmatlar) ýerlenende girdeji şeýle ýeňillikleri hasaba almak bilen kesgitlenýär. Görkezilenler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilata mugt goýberilýän harytlara (işlere, hyzmatlara) hem degişlidir.
Býujet guramalaryna we döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, şeýle hem şu edaralaryň çözgütleri boýunça ýerlenýän harytlar, ýerine ýetirilýän işler we edilýän hyzmatlar boýunça, şol sanda bular muzdsuz amala aşyrylanda hem girdejiler, ýerlenýän hakyky bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär. Görkezilenler döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň muzdsuz berilmegine degişli däldir.
(2007-nji ýylyň 30-nji martyndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 15-nji oktýabryndaky we 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 24-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda).
151-nji madda. Bankyň jemi girdejisini kesgitlemegiň aýratynlyklary
1. Bankyň jemi girdejisi bank amallaryndan gelen girdejileriň we şu Bitewi kanunyň 149-njy we 150-nji maddalarynda göz öňünde tutulan girdejileriň jemi hökmünde kesgitlenýär.
2. Bank amallaryndan alynýan girdejilere, hususan-da şu girdejiler girýär:
bank tarapyndan çekilen pul serişdeleriniň hasabyna öz adyndan we öz hasabyna ýerleşdirmekden, karz bermekden gelen göterimler;
müşderilere, şol sanda korrespondent banklara hasaplary açmakdan we olary alyp barmakdan we olaryň tabşyryklary boýunça hasaplaşyklary amala aşyrmakdan gelen girdejiler;
pul serişdelerini, wekselleri, töleg we hasaplaşyk resminamalaryny inkassasiýa etmekden we müşderilere kassa hyzmatyny etmekden gelen girdejiler;
nagt we nagt däl görnüşlerinde daşary ýurt puly we daşary ýurt pul gymmatlyklary bilen edilýän amallardan gelen girdejiler;
gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar boýunça amallary geçirmekden alnan girdejiler;
pul görnüşinde ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýan bank kepillendirmelerini, borçnamalaryny, awallaryny we üçünji tarap üçin kepil geçmek boýunça amallardan alnan girdejiler;
pul görnüşinde borçnamalaryň ýerine ýetirilmegine talap hukugyny satyn almakdan gelen girdejiler;
depozitar hyzmat etmegi goşmak bilen, müşderiler bilen ylalaşyk boýunça pul serişdelerini we beýleki emläkleri ynamdar dolandyrmadan gelen girdejiler;
resminamalary we gymmatlyklary saklamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan jaýlary we seýfleri kärendä bermekden gelen girdejiler;
aragatnaşyk hyzmatlarynyň öwezini dolmagyň hasabyna müşderilerden alnan serişde görnüşindäki girdejiler;
bankyň zyýanyna öň hasapdan öçürilenden ýa -da olar döretmek üçin öň salgyt özeni azaldylan ätiýaçlygyň, geçirmeleriň hasabyna hasapdan öçürilen, yzyna gaýtarylýan karzlar boýunça bank tarapyndan alnan pul möçberi görnüşinde gelen girdejiler;
forfeýting, faktoring amallarynyň geçirilmeginden gelen girdejiler;
gymmat bahaly metallara we gymmat bahaly daşlara gaýtadan nyrh kesilende oňyn görnüşindäki aratapawut;
beýleki bank amallaryndan we hyzmatlardan gelen girdejiler.
152-nji madda. Ätiýaçlandyryş işlerini amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň jemi girdejisini kesgitlemegiň aýratynlyklary
1. Ätiýaçlandyryş işlerini amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň jemi girdejileri, ätiýaçlandyryş işinden alnan girdejileriň we şu Bitewi kanunyň 149-njy we 150-nji maddalarynda göz öňünde tutulan girdejileriň jemi hökmünde kesgitlenýär.
2. Ätiýaçlandyryş işinden alnan girdejilere, hususan-da, şu girdejiler girýär:
ätiýaçlandyryş, bilelikdäki ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş ylalaşyklary boýunça ätiýaçlandyryş baýragy (gatanjy). Şunda bilelikdäki ätiýaçlandyryş ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş baýragy (gatançlary) ätiýaçlandyryjynyň (bilelikde ätiýaçlandyrýanyň) diňe ätiýaçlandyryş baýragynyň paýy möçberinde onuň girdejisiniň düzümine goşulýar;
ätiýaçlandyryş gorunda ätiýaçlandyrylýanlaryň paýynyň üýtgemegi göz öňünde tutulyp, geçen hasabat döwürlerinde döredilen ätiýaçlyk gorlarynyň azalan (yzyna gaýtarylan) pul möçberi;
gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça berilýän baýraklar we tantemler;
bilelikdäki ätiýaçlandyryş ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryjynyň baýragy;
gaýtadan ätiýaçlandyrmaga berlen töwekgellik boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň paýynyň öweziniň gaýtadan ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan dolunan pul möçberleri;
ätiýaçlandyryjy dellalyň ýumuşçynyň, sýurweýeriniň we heläkçilikler boýunça wekiliň hyzmatlary üçin haklar;
gaýtadan ätiýaçlandyrmaga kabul edilen töwekgelçilik boýunça baýraklaryň hasaplanyp ýazylan göterimi;
Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýetirilen zyýan üçin jogapkär tarapa, ätiýaçlandyryş ylalaşygy boýunça, ätiýaçlandyryjynyň talap hukugyny ýerlemek tertibinde alynýan pul möçberleri;
ätiýaçlandyryş ylalaşygynyň şertleriniň ýerine ýetirilmändigi üçin jerimeleriň pul möçberi;
gaýtadan ätiýaçlandyryş ylalaşygy möhletinden öň ýatyrylan halatynda, ätiýaçlandyrma ylalaşyklary boýunça ätiýaçlandyryş baýraklarynyň (gatançlarynyň) yzyna gaýtarylan pul möçberi;
ätiýaçlandyryş işleri amala aşyrylanda alynýan beýleki girdejiler.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
153-nji madda. Özara garaşly edara görnüşli taraplaryň girdejisini hasaba almagyň aýratynlygy
Özara garaşly edara görnüşli taraplaryň özara gatnaşyklarynda şunuň ýaly geleşiklerdäki adaty şertlerden tapawutlanýan şertler emele gelýän ýa-da bellenýän bolsa, olaryň biri tarapyndan alnyp boljak, ýöne şeýle şertler sebäpli alynmadyk islendik girdeji şu babyň düzgünlerine laýyklykda, onuň salgyt salynýan girdejisine goşulýar.
154-nji madda. Salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin kabul edilýän aýyrmalar
1. Salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin hasaba alynýan aýyrmalara şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen girdejiler, şeýle hem telekeçilik we peýda (girdeji) almak üçin gönükdirilen beýleki iş bilen baglanyşykly çykdajylar we ýitgiler goşulýar.
2. Salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin göz öňünde tutulýan aýyrmalar hökmünde şular kabul edilýär:
a) harytlar ýerlenende, işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende goşulan baha üçin salgydyň hasaplanan pul möçberi, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň ýerlenýän bahasyna olary öndürijiler tarapyndan goşulýan goşmaça tölegiň pul möçberi, şeýle hem goşulan baha üçin salgydyň harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň möçberindäki, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalaryndaky pul möçberi;
b) Türkmenistandaky töleg çeşmelerinde öň salgyt salnan, edara görnüşli taraplara paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan düşewüntler we beýleki girdejiler;
ç) oýun işlerinden (humarly oýunlar we pully oýunlar bilen baglanyşykly iş) girdejiler;
d) harytlary (işleri, hyzmatlary) öndürmek we ýerlemek bilen baglanyşykly çykdajylar (harajatlar), aşakdakylary goşmak bilen:
maddy çykdajylar;
zähmete hak tölemek üçin çykdajylar;
şu Bitewi kanunyň 156-njy maddasynyň birinji böleginde görkezilen tölegleriň pul möçberinden hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary; (154-nji maddanyň ikinji böleginiň "d" bendiniň dördünji tesimine girizilen üýtgetmeler 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýan döwür üçin ulanylýar - Kanun 02.03.2013 ý. № 378-IV);
ulanyş tutumlaryň hasaplanyp ýazylan möçberi;
beýleki çykdajylar we ýitgiler;
e) ýerlemekden daşary çykdajylar (ýitgiler);
ä) emläk üçin salgyt, ýerasty baýlyklary peýdalanmak üçin salgyt we şu Bitewi kanunda bellenen ýygymlar, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymdan başga).
Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli serişdeler jemi girdejiden aýrylýar.
3. Banklaryň we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň çykdajylary şu Bitewi kanunyň 164-nji we 165-nji maddalarynda bellenen aýratynlyklary hasaba almak bilen kesgitlenýär.
4. Şol bir harajatlar birnäçe çykdajy maddalarynda göz öňünde tutulan bolsa, onda salgyt salynýan girdeji hasaplananda görkezilen harajatlar diňe bir gezek aýrylýar.
5. Salgydyň dürli möçberleri boýunça salgyt salynýan girdejilere degişli ýa-da şu Bitewi kanunyň 170-nji maddasyna laýyklykda salgytdan boşadylýan girdejilere degişli çykdajylar (harajatlar) aýratynlykda hasaba alynýar. Çykdajylary aýratyn hasaba almak mümkin bolmadyk halatynda, olar salgyt töleýjiniň ähli girdejileri jemi möçberindäki degişli girdejisiniň paýyna barabarlykda paýlanylýar.
6. Şu maddada görkezilen aýyrmalar diňe olar resminamalar esasynda tassyklanan halatynda kabul edilýär.
7. Şu aşakdakylar aýyrmalara goşulmaýar:
şu Bitewi kanunyň 150-nji maddasynyň 1-nji bölümine laýyklykda ýerlemek bolup durmaýan amallara degişli çykdajylar (harajatlar);
telekeçilik we peýda (girdeji) almak üçin gönükdirilen beýleki iş bilen baglanyşykly bolmadyk çykdajylar (harajatlar);
esasy serişdeleri satyn almak, olary oturtmak (gurnamak) boýunça çykdajylar (harajatlar) we düýpli häsiýetdäki (şu Bitewi kanunda aýyrmalar – bergi borçnamlary boýunça göterimler, tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin çykdajylar we başgalar hökmünde kabul edilýär diýlip göni görkezilen, düýpli häsiýetdäki harajatlardan başga) beýleki çykdajylar, şeýle hem maddy däl aktiwler;
berilýän ýa-da yzyna gaýtarylýan ssudalar we beýleki karzlar;
düşewüntleri ýa-da başga şuňa meňzeş, şol sanda bilelikdäki işe gatnaşyjylara tölenýän serişdeler;
salgyt töleýjiniň başga edara görnüşli tarapyň ýa-da şereketiň esaslyk maýasyna goýumlary;
salgyt töleýji tarapyndan döredilen gaznalaryň we ätiýaçlyklaryň hasabyna öwezi dolunýan çykdajylar (harajatlar);
şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň 3-nji bölüminde görkezilen, ýörite maksatly serişdeleriň we maksatly gelip gowuşmalaryň hasabyna amala aşyrylýan çykdajylar (harajatlar);
komissiýa ylalaşygy boýunça, şeýle hem komissioner tarapyndan komitentiň eden çykdajylarynyň öwezini dolmagyň hasabyna, eger şeýle harajatlar baglaşylan ylalaşygyň şertlerine laýyklykda komissioneriň çykdajylarynyň düzümine girmeýän bolsa, komissioner tarapyndan berlen emlägiň bahasy. Görkezilenler tabşyryk ylalaşyklaryna we şoňa meňzeş ylalaşyklara hem degişlidir;
muzdsuz berlen emlägiň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy, şeýle hem şunuň ýaly bermek bilen baglanyşykly çykdajylar;
muzdsuz alnan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy;
kömekçi hojalygy, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygynyň, durmuş medeni ulgamyň binalaryny, okuw merkezlerini saklamak bilen baglanyşykly ýitgiler;
salgyt töleýji tarapyndan maksatly maliýeleşdirmegiň çäklerinde şeýle hem grandlar görnüşinde berlen pul serişdeleri we beýleki emlägiň bahasy;
gatnaşyjylaryň düzüminden çykanlarynda gatnaşyjylara (paýdarlara, paýçylara) ýa-da ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň emlägi oňa gatnaşyjylaryň arasynda paýlanylanda berilýän pul serişdeleri ýa-da gaýry emlägiň bahasy;
bilelikdäki iş hakyndaky şertnama (şerekete) gatnaşyjylar şeýle şereketden çykanlarynda ýa-da ýatyrylýan şereketiň emlägi oňa gatnaşyjylaryň arasynda paýlanylanda olara berilýän pul serişdeleri ýa-da gaýry emlägiň bahasy;
esaslyk maýa köpelen halatynda, paýdarlaryň arasynda paýlanýan, salgyt töleýji - emitent tarapyndan berilýän paýnamalaryň bahasy;
girew hökmünde we tölegiň ujundan geçirmek hökmünde berlen emlägiň bahasy;
işgärleriň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen çykdajylaryň ölçeglerinden artyk çykdajylarynyň öwezini dolmak;
gymmatly kagyzlaryň bahasy üýtgände alnan oňaýsyz tapawut;
oýun işinden girdejiler almak bilen baglanyşykly çykdajylar harajatlar;
Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda esasy gorlara (serişdelere) gaýtadan nyrh kesmegiň netijesindäki oňaýsyz tapawut. (154-nji maddanyň ýedinji böleginiň üstüne ýetirilen tesim 2012-nji ýylyň 31-nji dekabryndan başlanýan döwür üçin ulanylýar – Kanun 02.03.2013 ý. № 378-IV);
Türkmenistanyň kanunçylygyna we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna laýyklykda esasy gorlara (serişdelere) gaýtadan nyrh kesmegiň netijesindäki oňyn tapawuda degişli ulanyş tutumlary.
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda amala aşyrylýan, peýdaly baýlyklaryň, şol sanda himiki elementleriň we birleşmeleriň hem-de ýerasty (ýerüsti) suwlaryň çykarylmagy, gazylyp alynmagy, taýýarlanmagy, daşalmagy sebäpli hapalanan ýerleri (suwlary) arassalamak işleriniň ýerine ýetirilmegi netijesinde alnan önümlere degişli çykdajylar bu işleriň buýrujysy bolan taraplar tarapyndan aýyrmalara goşulmaýar, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler muňa degişli däldir.
8. Satyn alnan bahalary ýokarlandyrylan halatynda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) hasapdan aýyrmalara göni degişli bahasyna ýa-da ulanyş tutumlary arkaly, şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň düzgünleri ulanylyp bilner.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda).
155-nji madda. Maddy çykdajylar
1. Maddy çykdajylara salgyt töleýjiniň şu aşakdakylar üçin edýän harajatlary degişlidir:
soňra ýerlemek üçin niýetlenen harytlary satyn almak;
önüm öndürmekde, işleri ýerine ýetirmekde, hyzmatlary etmekde peýdalanylýan çig maly we materiallary satyn almak;
öndürilen ýa-da ýerlenilýän harytlary gaplamak we başga hili taýýarlamak üçin, şeýle hem başga önümçilik we hojalyk hajatlary üçin peýdalanylýan materiallary satyn almak;
gurallary, enjamlary, esbaplary, abzallary, ýörite geýimi we beýleki ulanyş tutumlary tutulmaýan emlägi satyn almak;
gurnamaga degişli toplaýjy önümleri satyn almak;
goşmaça işlenmäge degişli ýarymtaýýar önümleri satyn almak;
tehnologik maksatlar, energiýany işläp çykarmak, jaýlary ýylatmak üçin harçlanylýan ýangyjy, suwy we energiýany satyn almak, şeýle hem energiýany özgertmek we geçirmek üçin çykdajylar;
keseki edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilýän önümçilik häsiýetli işleri we hyzmatlary satyn almak. Önümçilik häsiýetli işlere we hyzmatlara önümi taýýarlamak, çig maly we materiallary işläp taýýarlamak boýunça aýry-aýry amallary ýerine ýetirmek, sarp edilýän çig malyň we materiallaryň hilini kesgitlemek üçin synaglary geçirmek, bellenilen tehnologiýa degişli işleriň berjaý edilişine gözegçilik etmek, esasy önümçilik serişdelerini abatlamak we başgalar degişlidir. Keseki guramalaryň ulag hyzmatlary hem önümçilik häsiýetli hyzmatlara degişlidir;
tebigaty goramak maksatly esasy serişdeleri we gaýry emlägi saklamak we peýdalanmak, hapalaýjy jisimleriň tebigy gurşawa ýol berilýän taşlandylar (zyňyndylar) üçin tölegler we ýerleriň rekultiwasiýasy üçin çykdajylary goşmak bilen beýleki şunuň ýaly çykdajylar;
peýda (girdeji) almaga gönükdirilen telekeçilik işi we başga işler bilen baglanyşykly beýleki maddy çykdajylar.
2. Maddy harajatlara goşulýan haryt-maddy gymmatlyklaryň bahasy olaryň satyn alnyş nyrhlaryndan, şol sanda araçy guramalara tölenilýän komissiýa haklaryny, birža ýygymlaryny, gümrük paçlaryny, Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça ýygymlary we goşmaça tölegleri, daşamak üçin çykdajylary we haryt-maddy gymmatlyklary satyn almak bilen baglanyşykly beýleki harajatlary goşmak bilen, ugur alnyp kesgitlenilýär. Haryt-maddy gymmatlyklarynyň bahasyna şu Bitewi kanunyň 110-njy we 126-njy maddalaryna laýyklykda hasaplaşyga alynmaga degişli goşulan baha üçin salgydyň we goşmaça tölegleriň möçberleri goşulmaýar.
Maddy çykdajylaryň bahasyndan yzyna gaýtarylýan galyndylaryň bahasy aýrylýar.
3. Eger iberijiden haryt maddy gymmatlyklary bilen bile kabul edilen yzyna gaýtarylýan gabyň bahasy şu gymmatlyklaryň bahasyna goşulan bolsa, olary satyn almak üçin çykdajylaryň umumy möçberinden onuň mümkin bolan peýdalanmak we ýerlemek bahasy boýunça yzyna gaýtarylýan gabyň bahasy aýrylýar. Haryt maddy gymmatlyklar bilen iberijiden alnan, yzyna gaýtarylmaýan gabyň bahasy olary almak üçin çykdajylaryň pul möçberine goşulýar.
4. Maddy çykdajylara goşulýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy görkezilen harytlar (işler, hyzmatlar) şu Bitewi kanunyň 106-njy maddasynda görkezilen goşulan baha üçin salgytdan boşadylan, salgyt salynýan amallary, şeýle hem şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasyna laýyklykda goşulan baha üçin salgyt salmagyň binýady bolup durmaýan amallary amala aşyrmak üçin peýdalanylan halatynda, satyn alnan harytlar (işler, hyzmatlar) boýunça tölenýän goşulan baha üçin salgyt bilen bilelikde aýrylmalara goşulýar. Görkezilenler şu Bitewi kanunyň 95-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda goşulan baha üçin salgydy töleýjiler bolup durmaýan taraplaryň satyn alýan harytlary (işleri, hyzmatlary) babatda hem ulanylýar.
Maddy çykdajylara goşulýan harytlaryň bahasyna Türkmenistanda öndürilýän ýa-da Türkmenistanyň çäklerine getirilýän goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar boýunça tölenen, şu Bitewi kanunyň 126-njy maddasyna laýyklykda goşmaça töleg tölenmäge degişli bolmadyk harytlary öndürmek üçin çig maly (materiallar) görnüşinde ýa-da beýleki maksatlar üçin peýdalanylanda goşmaça tölegler hem goşulýar.
5. Salgyt salmak maksady bilen, şu aşakdakylar hem maddy harajatlara degişlidir:
şu Bitewi kanunda başgaça bellenmedik bolsa, ýerleri rekultiwasiýa etmek we beýleki tebigaty goraýyş çäreleri üçin çykdajylar;
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde tassyklanan, tebigy ýitginiň ölçegleriniň çäklerinde haryt maddy gymmatlyklaryň ýetmezçiliginden we (ýa-da) zaýalanmagyndan çekilen zyýan;
öndürilende we (ýa-da) daşalanda tehnologik ýitgiler;
gazylyp alynýan peýdaly baýlyklar alnanda taýýarlyk işleri üçin çykdajylar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2020 ý., № 4, 84-nji madda).
156-njy madda. Zähmete hak tölemek üçin çykdajylar
1. Pul we hakyky özlügi (natural) görnüşinde zähmete hak tölemek üçin çykdajylara şular degişlidir:
kärhanada kabul edilen zähmete hak tölemek ulgamyna we görnüşlerine laýyklykda bellenilen bahalardan, tarif möçberlerinden we wezipe aýlyk haklaryndan ugur alnyp hasaplanylan, hakyky ýerine ýetirilen iş üçin iş haky;
önümçilik netijeleri üçin baýraklar, tarif möçberlerine we wezipe aýlyk haklaryna goşmaça haklar;
gijesine işlenendigi, köp çalşykly işde işlenendigi, hünärleriň utgaşdyrylandygy, hyzmat ediş zolagynyň giňelendigi üçin, zähmetiň agyr, zyýanly, aýratyn zyýanly şertlerinde işlenendigi üçin, iş wagtyndan artyk iş we dynç we baýramçylyk günlerinde iş üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, berilýän öwez puly häsiýetdäki tölegler;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärlere mugt berilýän jemagat hyzmatlary, iýmit, önümler, ýaşaýyş jaý boýunça çykdajylar ýa-da olar boýunça pul öweziniň möçberleri;
işgärleri naharlamak üçin çykdajylar, şunuň ýaly çykdajylar zähmet şertnamasynda we (ýa-da) köpçülikleýin şertnamada (ylalaşykda) göz öňünde tutulan ýagdaýlarynda, şol sanda şunuň ýaly naharlamak başga adamlar tarapyndan guralan halatlarynda hem;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda işgärlere berilýän, olaryň şahsy peýdalanmagynda hemişelik galýan mugt berilýän zatlaryň (görnüşli lybasy, egin-başlary goşmak bilen) bahasy (olaryň aşaklandyrylan baha boýunça satylmagy bilen baglanyşykly ýeňillikleriň pul möçberi);
işgärleriň döwlet we (ýa-da) jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga halatlarda saklanyp galýan, olara hasaplanyp ýazylan iş hakynyň pul möçberi;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda nobatdaky (her ýylky) we goşmaça rugsatlary (peýdalanylmadyk rugsatlar üçin öwezini dolmalar), ýetginjekleriň ýeňillikli sagatlary, çagany naharlamak üçin eneleriň işdäki arakesmeleri, şeýle hem saglygy goraýyş gözegçiliklerini geçmek, döwlet we jemgyýetçilik borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly wagt üçin tölenýän hak;
edara görnüşli tarapy (şahamçany, wekilhanany) üýtgedip guramak ýa-da ýatyrmak bilen, işgärleriň sanyny ýa-da işgär düzümini kemeltmek bilen baglanyşykly işden boşadylýan işgäre töleg tölemek;
işden çykylanda berilýän hemaýat pullaryny tölemek;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda köp ýyllap işländigi üçin birwagtlaýyn tölenýän hak;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, işgärleriň okuw wagtynda (hünär taýdan taýýarlyk, gaýtadan taýýarlamak we ş.m.), saklanyp galýan iş haky;
mejbury işsiz gezen wagty üçin ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda pes hak tölenýän işiň ýerine ýetirilen wagty üçin iş haky;
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen, zähmete ukyplylygyň wagtlaýyn ýitirilen mahalynda hakyky iş hakynyň derejesine çenli goşmaça töleg;
hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça iş berijileriň tölegleri (gatançlary), şeýle hem ätiýaçlandyryş guramalary bilen işgärleriň peýdasyna baglaşylan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça iş berijileriň tölegleri (gatançlary);
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, işler wahta usuly bilen ýerine ýetirilende goşmaça tölegleriň pul möçberi;
barlag geçirilýän, gan tabşyrylýan we her gezek gan tabşyrylandan soň berilýän dynç günlerinde donor-işgärlere iş hakyny tölemek üçin çykdajylar;
raýat hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işgärleriň ýerine ýetiren işleri (hyzmatlary) üçin, edara görnüşli tarapyň işgär düzüminde durmaýan işgärleriň iş haky, muňa hususy telekeçiler bolup durýan adamlara tölenýän tölegler degişli däldir. Şunda iş hakynyň pul möçberine işleri (hyzmatlary) ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly maddy harajatlaryň bahasy goşulmaýar;
geljekde işgärleriň zähmet rugsatlaryny tölemek üçin ätiýaçlyga we (ýa-da) köp ýyl işländigi üçin her ýyl tölenýän haky tölemek üçin ätiýaçlyga serişde geçirmeler görnüşindäki çykdajylar;
zähmet ylalaşygynda (şertnamasynda) we (ýa-da) toparlaýyn ylalaşykda, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan, işgäriň peýdasyna edilen çykdajylaryň beýleki görnüşleri.
2. Aýyrmalar hökmünde kabul edilýän, zähmete hak tölemek üçin çykdajylarda şu aşakdakylar göz öňünde tutulmaýar:
maddy kömek;
umumy peýdalanylýan ulag, ýörite ugurlar, edara ulagy bilen iş ýerine gitmek tölegi;
edara görnüşli tarapyň işgärlerine berilýän ýa-da edara görnüşli tarapyň jemgyýetçilik iýmiti üçin kömekçi hojalyklar tarapyndan goýberilýän önüm (işler, hyzmatlar) boýunça baha tapawutlary;
bejeriş ýa-da dynç alyş, gezelençler ýa-da syýahatlar üçin ýollamanamalaryň, sport seksiýalaryndaky, gurnaklaryndaky ýa-da klublaryndaky okuwlar, medeni tomaşa ýa-da bedenterbiýe (sport) çärelerine barmak üçin, kadalaşdyryjy tehniki we önümçilik maksatlary üçin peýdalanylýan edebiýat üçin ýazylmaga degişli bolmadyk ýazylyşyk üçin tölegiň we işgärleriň şahsy sarp etmegi üçin harytlaryň töleginiň çykdajylary, şeýle hem işgärleriň peýdasyna edilen beýleki şunuň ýaly çykdajylar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
157-nji madda. Ulanyş tutumlary
1. Salgyt töleýji tarapyndan girdeji almak üçin peýdalanylýan esasy serişdeler we maddy däl aktiwler boýunça ulanyş tutumlary salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin kabul edilýän aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
Ulanyş tutumlaryny hasaplamak üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu maddada bellenen tertip we ölçegler ulanylýar.
2. Düýpli häsiýetli harajatlar salgyt töleýjiniň çykdajylaryna (aýyrmalaryna) ulanyş tutumlarynyň üsti bilen goşulýar.
Ulanyş tutumlary geçirilýän emlägiň bahasyna şu Bitewi kanunda aýyrmalar hökmünde kabul edilýär diýlip göni görkezilen düýpli häsiýetdäki harajatlar goşulmaýar.
3. Buýrujy tarapyndan bellenilen tertipde işe girizilmedik ýa-da esasy serişdeler hökmünde hasaba kabul edilmedik gurluşyk desgasy ulanylan mahaly, ulanyş tutumlary hasaba kabul edilen esasy serişdeler ýaly aýyrmalar hökmünde goşulýar. Görkezilenler şunuň ýaly beýleki halatlarda hem ulanylýar.
4. Kärendesine (kireýine) berlen emläk boýunça ulanyş tutumlary kärendä (kireýine) beriji tarapyndan amala aşyrylýar.
Lizinge berlen emläk boýunça ulanyş tutumlaryny lizinge alyjy töleýär.
5. Ulanyş tutumlary geçirilýän esasy serişdeleriň (aktiwleriň) düzüminden şular çykarylýar:
muzdsuz alnan esasy serişdeler we maddy däl aktiwler;
medeni miras we muzeý gymmatlyklary;
kitaphana gaznasy;
ulanyş tutumlary doly alnanlar;
ulanyşa girizilmedik esasy serişdeler;
peýdalanmak maksadyna garamazdan, telekeçilik däl edara görnüşli taraplaryň, býujetdäki guramalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň aktiwleri.
6. Maddy däl aktiwler boýunça geçirilýän ulanyş tutumlary diňe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen şertler berjaý edilende we olaryň hakykatda girdeji almak üçin peýdalanylandygy tassyklananda aýyrmalar hökmünde hasaba alynýar.
7. Esasy serişdelere hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň anyk möçberleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylan, esasy serişdeleriň toparlara bölünen görnüşlerine hasaplanýan ulanyş tutumlarynyň aňryçäk möçberleriniň çäginde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda).
158-nji madda. Harytlary (işleri, hyzmatlary) öndürmek we ýerlemek bilen baglanyşykly beýleki çykdajylar we ýitgiler
Harytlary (işleri, hyzmatlary) öndürmek we ýerlemek bilen baglanyşykly beýleki çykdajylar we ýitgiler şu aşakdakylary öz içine alýar:
ýer üçin töleg;
oýlap tapyşlar we rasionalizatorçylyk teklipler üçin tölenýän hak;
islendik görnüşdäki bergi borçnamalary boýunça göterimler görnüşindäki çykdajylar;
wagtlaýyn işe ukypsyzlyk boýunça hemaýat pullar we Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen we iş berijiniň hasabyna işgärlere tölenilýän beýleki durmuş hemaýat pullary;
täze iş ýerine geçende işgärlere berilýän hemaýat puly;
şu Bitewi kanunyň 166-njy maddasyny göz öňünde tutmak bilen, kärende tölegi we lizing tölegleri;
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan ölçegleriň çäklerinde deňiz, derýa we howa gämileriniň ekipažlarynyň azyk rasiony üçin çykdajylar;
keseki edara görnüşli taraplar tarapyndan işgärler bermek boýunça hyzmatlar üçin çykdajylar;
hyzmatdaşlygy ýola goýmak we saklamak maksady bilen, beýleki edara görnüşli taraplaryň gepleşiklere gatnaşýan wekillerini resmi taýdan kabul etmek we hyzmat etmek bilen baglanyşykly wekilçilik çykdajylary, emma ol jemi girdejiniň 1 göteriminden ýokary bolmaly däldir;
aragatnaşyk hyzmatlarynyň tölegi;
auditorlyk, hukuk, maslahat beriş, maglumat we beýleki dolandyryş hyzmatlary üçin çykdajylar;
keseki edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan ýerine ýetirilen işler (hyzmatlary etmek) üçin komission ýygymlaryň we beýleki şunuň ýaly çykdajylaryň pul möçberleri;
hat ýazuw harytlary üçin çykdajylar;
öndürilen (satyn alnan) we (ýa-da) ýerlenilýän harytlary (işleri, hyzmatlary), sergilere we ýarmarkalara gatnaşmagy goşmak bilen salgyt töleýjiniň işini, haryt nyşanyny we hyzmat nyşanyny mahabatlandyrmak üçin çykdajylar;
öz işgärlerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak üçin çykdajylar;
işgärleriň guramaçylykly toplanmagy üçin harajatlar;
gorag we howpsuzlyk üçin, zähmetiň kadaly şertlerini üpjün etmek üçin çykdajylar (emlägi goramak boýunça hyzmatlar, ýangyna garşy çäreler, zähmetiň howpsuzlygy we gönüden göni edara görnüşli tarapyň çäklerinde ýerleşýän saglygy goraýyş otagyny we esbaplaryny saklamak bilen baglanyşykly beýleki şunuň ýaly çykdajylar);
tebigy ýitginiň ölçegleriniň çäklerinde gelip gowşan maddy serişdeleriň ýetmezçiligi sebäpli ýitgiler;
zaýa önüm çykarylmakdan çekilen ýitgiler;
içerki önümçilik sebäpleri boýunça boş durmalardan çekilen ýitgiler;
emlägi ätiýaçlandyrmak we şu Bitewi kanunyň 154-nji maddasynyň 1-nji bölüminde we 156-njy maddasynyň 1-nji bölüminde görkezilen çykdajylardan başga, ätiýaçlandyryşyň beýleki görnüşleri boýunça çykdajylar;
abatlaýyş goruna, ykdysadyýetiň möwsümleýin pudaklaryndaky taýýarlyk işleri boýunça önümçilik harajatlarynyň ätiýaçlygyna, şeýle hem, kireýine berlen zatlary abatlamak boýunça geljekki harajatlaryň ätiýaçlygyna geçirmeler;
täze önümçilikleri, sehleri we enjamlary taýýarlamak we özleşdirmek üçin çykdajylar;
tehnologiýany kämilleşdirmek, önümçiligi guramak we dolandyrmak bilen baglanyşykly düýpli bolmadyk häsiýetdäki çykdajylar;
kepillendirilen abatlama işleri we hyzmatlar üçin harajatlar;
işleri wahtalaýyn usul bilen amala aşyrýan kärhanalaryň wahta we wagtlaýyn şäherçeleri saklamak üçin çykdajylary, ýaşaýyş jaý-jemagat we durmuş binalaryny goşmak bilen;
ylmy barlag we tejribe konstruktorçylyk işleri üçin çykdajylar;
tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin çykdajylar;
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen ölçegleriň çäklerinde işsapar çykdajylary. Görkezilen çykdajylar işgäriň işsapar ýerine we hemişelik iş ýerine baryp-gelmegi, ýaşaýyş jaýynyň kireýi, gije-gündizlik çykdajylary (tölegleri), ygtyýarnamalary, pasportlary, çakylyklary we beýleki şunuň ýaly resminamalary resmileşdirmek, konsullyk, aeroport ýygymlary, girmek hukugy üçin ýygymlar we beýleki şunuň ýaly tölegleri we ýygymlar üçin çykdajylary öz içine alýar;
çagyrylýan işgärler üçin ýaşaýyş jaýyny kireýine almak boýunça çykdajylar;
önümçilikde şikes alynmagy zerarly zähmete ukyplylygyň ýitirilmegi bilen baglanyşykly, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölenýän hemaýat pullary;
port we aerodrom ýygymlarynyň pul möçberleri, losmanyň hyzmatlary üçin çykdajylar we beýleki şunuň ýaly çykdajylar;
deňiz frahty, girmek we üstaşyr geçmek üçin ýygymlar we beýleki şunuň ýaly tölegler;
işiň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmak hukugy üçin ýygymlar we tölegler (edara görnüşli taraplaryň bellige alnandygy üçin töleg, ygtyýarlandyryş we beýleki tölegler);
önümiň (harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň) güwänamasy boýunça çykdajylar;
bank hyzmatlary boýunça tölegler;
harytlary (işleri, hyzmatlary) öndürmek we ýerlemek bilen baglanyşykly, ýöne ýokarda görkezilen harajatlara degişli bolmadyk beýleki harajatlar.
Harytlary öndürmek we ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlar etmek bilen baglanyşykly gaýry çykdajylara we ýitgilere şu Bitewi kanunyň 110-njy maddasynyň dördünji bölümine laýyklykda hasaplaşyga alynmaýan, esasy serişdeler, tamamlanmadyk gurluşyk desgalary we maddy däl aktiwler boýunça goşulan baha üçin salgydyň möçberi hem goşulýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
159-njy madda. Ýerlemekden daşary çykdajylar (ýitgiler)
Ýerlemekden daşary çykdajylaryň (ýitgileriň) düzümine öndürmek we (ýa-da) ýerlemek bilen göni baglanyşykly bolmadyk işi amala aşyrmak üçin harajatlar goşulýar. Şeýle çykdajylara şu aşakdakylar degişlidir:
kärende (lizing) şertnamasy boýunça berlen emlägi saklamak üçin çykdajylar (bu emlägiň ulanyş tutumlaryny goşmak bilen), bu iş olar üçin esasy iş bolmadyk edara görnüşli taraplar üçin;
gymmatly kagyzlaryň satylan bahasy bilen we satyn alnan bahasynyň arasyndaky oňaýsyz tapawut;
öz gymmatly kagyzlarynyň çykarylmagyny guramak üçin we satyn alnan gymmatly kagyzlara hyzmat etmek üçin çykdajylar;
daşary ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky gymmatlyklar we talaplar arzanladylanda ýa-da daşary ýurt pulundaky borçnamalaryň bahasy ýokarlandyrylanda ýüze çykýan oňaýsyz hümmet tapawudy; eger-de daşary ýurt pulunyň taraplaryň ylalaşmagy bilen harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), emläk hukuklarynyň ýerlenen (girdeji edilen) senesinde bellenilen hümmeti boýunça hasaplanan borçnamalaryň we talaplaryň emele gelen möçberi, manatda hakyky gelip düşen (tölenen) möçbere laýyk gelmände salgyt töleýjide döreýän oňaýsyz tapawut;
şübheli bergiler boýunça ätiýaçlygy döretmek üçin geçirmeler;
hasaplanyp ýazylmadyk ulanyş tutumlaryň pul möçberini goşmak bilen, ulanmakdan çykarylan esasy serişdeleri ýok etmek üçin çykdajylar, şeýle hem tamamlanmadyk gurluşygyň desgalaryny we gurnamak işleri tamamlanmadyk beýleki emläkleri sökmek, ýerasty baýlyklary goramak we beýleki şunuň ýaly işler üçin çykdajylar;
önümçilik kuwwatlyklaryny we binalaryny konserwasiýa we raskonserwasiýa etmek bilen baglanyşykly çykdajylar, şol sanda konserwirlenen önümçilik kuwwatlyklaryny we binalary saklamak üçin harajatlar;
işlere kazyýetde garamak bilen baglanyşykly çykdajylar;
önümçilik tabşyryklaryny ýatyrmak üçin harajatlar, şeýle hem önüm bermedik önümçilik üçin harajatlar;
gap bilen baglanyşykly amallar boýunça çekilen zyýan;
Türkmenistanyň Döwlet býujetine ýa-da başga döwletiň býujetine tölenilýänden başga jerimeler, puşmana tölegleri, jerime pullary we maliýe çäreleriniň beýleki görnüşleri, şeýle hem ýetirilen zyýanlaryň öwezini dolmak boýunça çykdajylar;
iberilen haryt maddy gymmatlyklara, işlere, hyzmatlara degişli goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi, şeýle ibermeklik boýunça karz bergi (karzdarlaryň öňündäki borçnama) şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň ikinji böleginiň "g" bendine laýyklykda hasabat döwründe hasapdan öçürilen bolsa;
paýdarlaryň her ýylky ýygnagyny geçirmek üçin çykdajylar;
hak isleýiş möhletiniň geçendigi bilen baglanyşykly ýa-da başga bir esaslar boýunça hasapdan öçürilen algynyň pul möçberi;
öň hasapdan öçürilen bergileri üzmek üçin tölenen pul möçberleri;
şol ýylyň hasabat (salgyt) döwründe ýüze çykarylan öňki salgyt döwürleriniň çykdajylary (zyýanlary);
içerki önümçilik sebäpleri boýunça boş durmalardan çekilen ýitgiler, şeýle hem daşarky sebäpler boýunça boş durmalardan günäkärler tarapyndan öwezi dolunmaýan ýitgiler;
tebigy betbagtçylyklaryň ýa-da adatdan daşary ýagdaýlaryň netijeleriniň öňüni almak ýa-da ýok etmek bilen baglanyşykly harajatlary goşmak bilen, tebigy betbagtçylyklardan, ýangynlardan, heläkçiliklerden we beýleki adatdan daşary ýagdaýlardan çekilýän ýitgiler. Şol sebäpler boýunça esasy serişdeleriň çykmagyndan ýeten ýitgiler şu Bitewi kanunyň 160-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenýär;
haryt maddy gymmatlyklaryň tebigy ýitginiň ölçeglerinden artyk ýetmezçilikleri we (ýa-da) zaýalanmaklary sebäpli ýitgiler, şeýle hem günäkär adamlar bolmadyk (ýüze çykarylmadyk) halatlarynda ogurlyk sebäpli ýitgiler;
talap etmek hukugyny bermek geleşigi boýunça ýitgiler;
Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet emlägi kärendä berlende Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýän kärende göteriminiň bir böleginiň balansda saklaýjy tarapyndan geçirilýän pul möçberi;
şereketiň işiniň netijeleri boýunça şerekete gatnaşyjy tarapyndan çekilýän zyýanlar;
harytlary (işleri, hyzmatlary) öndürmek we (ýa-da) ýerlemek bilen göni baglanyşykly bolmadyk beýleki çykdajylar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
160-njy madda. Esasy serişdeler we maddy däl aktiwler ýerlenende kabul edilen aýyrmalar
1. Esasy serişdeler we maddy däl aktiwler (olaryň muzdsuz berilmegini goşmak bilen) ýerlenende, jemi girdejiden bu emlägiň ilkibaşky bahasy bilen, olaryň peýdalanylan döwründe hasaplanan ulanyş tutumlarynyň pul möçberiniň arasyndaky tapawut aýrylmaga degişlidir.
2. Şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen tertip, şeýle hem çykyp giden esasy serişdeler we olaryň ogurlanmagy ýa-da zaýalanmagy bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň günäkär taraplardan öwezi dolunan, şeýle ätiýaçlandyryş öwezini dolmalary alnan maddy däl aktiwleri babatynda hem ulanylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 15-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda).
161-nji madda. Esasy serişdeleri abatlamak üçin çykdajylar
1. Esasy serişdeleri abatlamak üçin çykdajylar ätiýaçlyk şaýlarynyň we abatlamak üçin peýdalanylýan sarp edilýän materiallarynyň bahasyny, abatlamagy amala aşyrýan işgärleriň iş haky çykdajylaryny we görkezilen abatlamagy öz güýçleri bilen alyp barmak bilen baglanyşykly beýleki çykdajylary, şeýle hem keseki güýçler tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň tölegi üçin harajatlary öz içine alýar.
2. Kärendeçi bilen kärendesine berijiniň arasyndaky şertnamada (ylalaşykda) kärendesine beriji tarapyndan görkezilen çykdajylaryň öwezini dolmak göz öňünde tutulmadyk bolsa, kärendeçiniň kärendedäki esasy serişdeleri abatlamak üçin çykdajylary babatda hem şu maddanyň düzgünleri ulanylýar.
3. Esasy serişdeleri geljekde abatlamak üçin ätiýaçlyklary döretmäge salgyt töleýjiniň haky bardyr.
Esasy serişdeleri abatlamak üçin geljekki çykdajylar salgyt döwrüniň içinde ätiýaçlyga serişde geçirmeler degişli hasabat (salgyt) döwrüniň soňky gününde deň paýlar bilen hasapdan öçürilýär.
Salgyt töleýji esasy serişdeleri abatlamak üçin geljekki çykdajylaryň ätiýaçlygyny döreden halatynda, abatlamagy geçirmek üçin hakyky amala aşyrylan harajatlaryň pul möçberi görkezilen ätiýaçlyk serişdeleriniň hasabyna hasapdan öçürilýär.
Esasy serişdeleri abatlamak üçin hakyky amala aşyrylan harajatlaryň möçberi salgyt döwründe esasy serişdeleri abatlamak üçin geljekki çykdajylaryň döredilen ätiýaçlygynyň möçberinden ýokary bolan halatynda, salgyt salmak maksatlary üçin harajatlaryň galyndysy salgyt döwrüniň tamamlanan senesinde salgyt töleýjiniň beýleki çykdajylaryň düzümine goşulýar.
Eger-de salgyt döwrüniň soňuna esasy serişdeleri abatlamak üçin geljekki çykdajylaryň ätiýaçlygynda galan serişdeleriň möçberi esasy serişdeleri abatlamak üçin şu salgyt döwründe hakyky amala aşyrylan harajatlaryň möçberinden artýan bolsa, onda salgyt salmak maksatlary üçin, şu salgyt döwrüniň soňky senesindäki şeýle artyk möçberleri salgyt töleýjiniň girdejileriniň düzümine goşulýar.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
162-nji madda. Tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin çykdajylar
1. Salgyt töleýjiniň ýerasty baýlyklary geologik taýdan öwrenmek, gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary gözlemek, taýýarlyk häsiýetdäki işleri geçirmek üçin çykdajylary tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin çykdajylar diýlip ykrar edilýär.
Şeýle-de görkezilen çykdaýjylara tebigy ýa-da ugurdaş gazy hem-de nebiti çykarmaklygy amala aşyrýan salgyt töleýjileriň beýleki taraplar tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri bilen bellenilen möçberlerde we tertipde ýerine ýetirilýän geologiýa-gözleg işleri üçin geçirimleri hem goşulýar. (162-nji maddanyň birinji bölegine goşulan tesimi 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan başlanýan döwre ulanylýar - Kanun 18.04.2009 ý. № 40-IV).
2. Maliýeleşdirmegiň çeşmesi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri we (ýa-da) döwletiň pudaklaýyn gaznalarynyň serişdeleri bolmadyk halatynda, tebigy serişdeleri (şol sanda oňyn netije bermedikleri hem) özleşdirmek üçin çykdajylar beýleki çykdajylaryň düzümine goşulmaga degişlidir.
Tebigy serişdeleri özleşdirmek üçin çykdajylar şeýle işleriň amala aşyrylan salgyt (hasabat) döwrüne degişlidir.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
163-nji madda. Ylmy-barlag, taslama, tejribe- konstruktorçylyk işleri üçin çykdajylar
Jemi girdejiden ylmy-barlag, taslama işläp taýýarlamalary we tejribe- konstruktorçylyk işleri (şol sanda oňyn netije bermedikleri hem) üçin çykdajylar aýrylmaga degişlidir, esasy serişdeleri satyn almak, olary oturtmak we düýpli häsiýetdäki beýleki harajatlar muňa degişli däldir.
164-nji madda. Bank hyzmatlaryny etmek boýunça çykdajylar
Şu Bitewi kanunyň 154-163-nji maddalarynda (peýdany kesgitlemek üçin ulanylýan aýyrmalar) görkezilenden başga, banklar tarapyndan hyzmat etmek boýunça çykdajylara şu aşakdakylar hem goşulýar:
1) şular boýunça hasaplanyp ýazylan göterimler:
a) bank goýumy (depozit) ylalaşyklary boýunça we hasaplarda duran pul serişdelerinden peýdalanylandygy üçin;
b) öz bergi borçnamalary (obligasiýalary, depozit ýa-da süýşürintgiler güwänamalary, wekseller ýa-da başga borçnamalar) boýunça, şol sanda diskont görnüşinde;
ç) bankara karzlary, bank bilen onuň şahamçalarynyň arasynda şeýle hem bir bankyň şahamçalarynyň arasynda gaýtadan paýlanylan karz serişdeleri boýunça;
d) Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenen tertipde bäsleşik esasda satyn alnanlary goşmak bilen satyn alnan gaýtadan maliýeleşdirme karzlary boýunça;
e) bellenen tertipde tölenmeli möhleti gaýra goýlan (möhleti uzaldylan) bankara karzlary, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça möhleti gaýra goýlan karzlar boýunça;
2) müşderilere hasaplaşyk-kassa hyzmaty, olara hasaplar açmak, hasaplaşyk-kassa hyzmaty üçin beýleki banklara töleg boýunça çykdajylary we beýleki şunuň ýaly çykdajylary goşmak bilen, hyzmatlar we korrespondent gatnaşyklary üçin tölenen komission ýygymlar;
3) daşary ýurt pulunyň satyn alnandygy (satylandygy) üçin komission ýygymlary (tölegi) goşmak bilen daşary ýurt puly amallaryny geçirmek boýunça çykdajylar we daşary ýurt pulundaky töwekgelçilikden goramak we dolandyrmak boýunça çykdajylar;
4) gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar bilen amallary geçirmek boýunça çykdajylar;
5) salgyt döwri babatda geçen ýyllar üçin hasaplaşyklar boýunça tölenen ýa-da yzyna gaýtarylan göterimler ýa-da komission ýygymlar;
6) tölemek boýunça çykdajylar:
a) esasy serişdeleriň kärendesi, bank işini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan esasy serişdeleriniň aýry-aýry böleklerini goşmak bilen, şol sanda düşen serişdäni inkassasiýa etmek üçin awtomobil ulagynyň we bank resminamalaryny we gymmatlyklaryny, şeýle hem brokerlik orunlaryny goşmak bilen maddy däl emläkleri daşamak üçin ýörite awtomobil ulagynyň ulanylmagy;
b) faksimil we hemra aragatnaşygyny goşmak bilen bank amallary we müşderilere hyzmat etmek boýunça aragatnaşyk hyzmatlary;
ç) hasaplaşyk-kassa we hasaplaýjy merkezleriň hyzmatlary;
7) forfeýting, faktoring amallaryny we şahsy we edara görnüşli taraplar bilen şertnama boýunça pul serişdelerini we gaýry emlägi ynamdar dolandyrmak boýunça çykdajylar;
8) pensiýalary we kömek pullaryny geçirmek boýunça çykdajylar;
9) aşakdakylar boýunça çykdajylar:
a) blanklary, bank habaryny magnit we beýleki geçirijilerini, şeýle hem berk hasabatlylyk blanklaryny, çek, kwitansiýa, goýum we beýleki kitapçalaryny, banknotlar we şaýlyklar üçin gaplaýyş materiallaryny taýýarlamak, satyn almak we (ýa-da) ibermek;
b) töleg-hasaplaşyk serişdelerini taýýarlamak we ornaşdyrmak (plastik kartoçkalary, ýol çekleri we beýleki töleg-hasaplaşyk serişdeleri);
10) banknotlary, şaýlyklary, çekleri we beýleki hasaplaşyk-töleg resminamalarynyň inkassasiýasy üçin çykdajylar, şeýle hem banka ýa-da onuň müşderilerine degişli gymmatlyklary gaplamak (nagt pullaryň toplamagy goşmak bilen), daşamak, ibermek we (ýa-da) eltip bermek boýunça çykdajylar;
11) gymmatlyklary daşamak we saklamak üçin inkassator bukjalaryny we haltalaryny abatlamak we (ýa-da) düzetmek boýunça, şeýle hem olary satyn almak ýa-da ulanyp bolmajaklaryny çalyşmak boýunça çykdajylar;
12) şahsy taraplaryň depozitlerini kepillendiriş gaznasyny döretmek boýunça çykdajylar;
13) bank töleg karty arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň amala aşyrylandygy üçin bank töleg kartynyň saklaýjysynyň hasabyna geçirilýän pul serişdeleri görnüşindäki çykdajylar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda).
165-nji madda. Ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny etmek boýunça çykdajylar
Şu Bitewi kanunyň 154-163-nji maddalarynda (peýdany kesgitlemek üçin ulanylýan aýyrmalar) görkezilenlerden başga, edara görnüşli taraplaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlary etmek boýunça harajatlaryna goşulýan çykdajylara şu aşakdakylar hem goşulýar:
gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen, şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary;
ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini dolmalaryň tölegleri;
gaýtadan ätiýaçlandyryşa kabul edilen şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň paýlarynyň öwezini dolmak;
komission hak we gaýtadan ätiýaçlandyryş amallary boýunça tölenen tantemler;
ätiýaçlandyryş ätiýaçlyklaryny ýerleşdirmek bilen baglanyşykly harajatlar;
ätiýaçlandyryş işi bilen baglanyşykly özlerine edilen hyzmatlar üçin ätiýaçlandyryş brokerlerine, ýumuşçylaryna, sýurweýerlerine we awariýa komissarlaryna we beýleki edara görnüşli taraplara hem-de şahsy taraplara tölenen komission haklar;
ätiýaçlandyryş işini üpjün etmek üçin zerur bolan ätiýaçlandyryş şahadatnamalaryny-polislerini, berk hasabatlylyk blanklaryny, kwitansiýalary we beýleki resminamalary taýýarlamak, çykarmak, kabul etmek, saklamak, ibermek we ornaşdyrmak bilen baglanyşykly çykdajylar;
ätiýaçlandyryş gatançlarynyň 15 göterimine çenli çäklerde ätiýaçlandyryş halatlarynyň öňüni almak boýunça çäreleri maliýeleşdirmek üçin harajatlar;
ätiýaçlandyryş, gaýtadan ätiýaçlandyryş, bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş ätiýaçlyklaryna serişde geçirmeler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
166-njy madda. Lizingde peýdany kesgitlemegiň aýratynlyklary
1. Emläk lizinge berlende lizinge berijiniň jemi girdejisine, lizing tölegleriniň lizinge berlen emlägiň satyn alnan bahasyndan ýa-da olary gurmak, öndürmek üçin harajatlardan artyk gelýän bölegi goşulýar.
Lizinge berijiniň aýyrmalaryna 154-158-nji maddalarda görkezilen, lizinge berlen emlägiň satyn alnan bahasyndan ýa-da olary gurmak, öndürmek üçin harajatlardan başga çykdajylar girýär.
2. Lizinge alyjynyň jemi girdejisinden lizing tölegleriniň lizinge berlen emlägiň satyn alnan bahasyndan ýa-da olary gurmak, öndürmek üçin harajatlardan artyk gelýän bölegi aýrylýar.
Şunda lizinge alyjynyň jemi girdejisinden lizinge alnan esasy serişdeler (emläk) boýunça ulanyş tutumlary aýrylýar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
167-nji madda. Salgyt töleýjiniň işinden gelýän zyýanlar
Salgyt töleýjiniň işinden gelýän zyýan diýlip şu Bitewi kanunyň 154-166-njy maddalarynda bellenen aýyrmalaryň şu Bitewi kanunyň 149-153-nji, 166-njy maddalaryna laýyklykda hasaplanan jemi girdejilerden artyk gelýän möçberine düşünilýär.
Ýitgiler soňky salgyt (hasabat) döwürlerine, ýöne üç ýyldan köp bolmadyk wagta geçirilýär we ol soňky döwrüň jemi girdejisinden tutulyp alynmaga degişlidir.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
168-nji madda. Girdejileri hasabat (salgyt) döwrüne degişli etmegiň tertibi
1. Harytlary ýerlemekden, işleri ýerine ýetirmekden, hyzmatlar etmekden girdejiler tölegiň pul serişdeleri ýa-da gaýry emläk (işler, hyzmatlar) görnüşinde hakyky gelip gowşuşyna garamazdan, harytlaryň ýüklenip ugradylan (iberilen), işleriň ýerine ýetirilen, hyzmatlaryň edilen hasabat (salgyt) döwründe alnan diýlip hasap edilýär.
Banklaryň öz adyndan we öz hasabyna bank tarapyndan çekilen pul serişdelerini ýerleşdirmekden, karz we nesýe bermekden göterim görnüşinde alan girdejileri olaryň tölenen ýa-da salgyt töleýjiniň öňündäki berginiň başga bir usul bilen üzülen hasabat (salgyt) döwründe hasaba alynýar.
Ätiýaçlandyryş, bilelikde ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş baýraklary (gatançlary) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan hasabat (salgyt) döwrüniň girdejisiniň düzümine goşulýar, ylalaşyklar boýunça tölegleriň bölekleýin amala aşyrylýan ýagdaýy muňa degişli däldir. Şeýle ýagdaýda baýraklar (gatançlar) olaryň gelip gowşuşyna görä ýa-da salgyt töleýjiniň öňündäki bergi başga usul bilen üzülende girdejä goşulýar.
Şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasynyň ýedinji bölegine laýyklykda harytlaryň ýerlenilmegi diýlip ykrar edilýän tebigy ýitginiň ölçeginden artyk haryt ýetmezçiligi ýüze çykarylanda girdejiler ol ýüze çykarylan hasabat (salgyt) döwründe hasaba alynýar.
2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda harytlar ýüklenip ugradyldy (iberildi), işler ýerine ýetirildi, hyzmatlar edildi diýlip hasap edilýär:
a) salgyt töleýji geleşikden ýa-da ylalaşykdan gelip çykýan ähli borçnamalary ýerine ýetiren halatynda we degişli pul möçberi salgyt töleýjä gürrüňsiz tölenmäge (öwezini dolmaga) degişli bolsa, hatda bu hukugy kanagatlandyrmak pursady gaýra goýlan ýa-da tölegler bölekleýin amala aşyrylýan bolsa-da;
b) salgyt töleýji tarapyndan hyzmat edilende şertnamadan gelip çykýan hyzmatlary etmegiň tamamlanan pursadyndan (şol sanda tapgyrlaýyn).
3. Uzak möhletleýin şertnamalar boýunça girdejiler her bir salgyt (hasabat) döwri boýunça olaryň hakyky ýerine ýetirilen möçberlerine laýyklykda görkezilýär. Üç aýyň dowamynda tamamlanmadyk islendik şertnama uzak möhletli şertnamalar diýlip düşünilýär. Harytlary ýerlemek üçin şertnamalar boýunça görkezilenler, bir birligini taýýarlamagyň önümçilik tapgyry, üç aýyň çäklerinde tamamlanmadyk harytlar boýunça ulanylýar.
4. Salgyt töleýji - komitent tarapyndan komissiýa ylalaşygy we şunuň ýaly beýleki ylalaşyklar boýunça harytlar ýerlenende komitente degişli emlägiň sarp edijä ýüklenip ugradylan (berlen), komissioneriň ýerlemek baradaky habarnamasynda we (ýa-da) komissioneriň hasabatynda görkezilen sene ýerlemekden girdeji alnan sene hasap edilýär.
5. Ýerlemekden daşary girdejiler üçin girdejiniň alnan güni diýlip aşakdaky günler hasap edilýär:
Salgyt töleýji tarapyndan tölegiň alnan, şeýle hem salgyt töleýjä berginiň başga usul bilen - şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň «a»-«f» bölümçelerinde görkezilen girdejiler boýunça üzülen güni. Bu pul möçberleri tölegi salgyt töleýjiniň ýa-da onuň görkezmesi boýunça üçünji tarapyň alandygyna garamazdan jemi girdejä goşulýar.
Şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň "g" bölümçesinde görkezilen girdejiler boýunça talap etmek hukugynyň tamamlanan güni;
Şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň "h" bölümçesinde görkezilen girdejiler boýunça daşary ýurt puly bilen hasaplaşyk geçirilen güni ýa-da daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgän güni;
Şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasynyň 2-nji bölüminiň "i" - "m" bölümçelerinde görkezilen girdejiler boýunça girdejiniň emele gelmegine getiren ýagdaýyň bolup geçen hasabat (salgyt) döwrüniň soňky güni.
6. Daşary ýurt pulundaky girdejiler, salgyt salmak maksady üçin degişli girdejiniň alnan senesinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň bellän hümmetine laýyklykda manatda hasaplanýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
169-njy madda. Aýyrmalary hasabat (salgyt) döwrüne degişli etmek
1. Şu maddada başgaça bellenmedik bolsa, pul serişdeleriniň we (ýa-da) tölegiň beýleki görnüşleriniň haçan tölenendigine garamazdan, aýyrmalara olaryň degişli bolan hasabat (salgyt) döwründe rugsat berilýär.
Uzak möhletli şertnamalar boýunça, möwsümleýin häsiýetli işlerde we beýleki bellenen halatlarda aýyrmalar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýän tertipde girdejileri we çykdajylary deňeçer we barabar emele getirmek ýörelgesinden ugur alyp, çykdajylaryň degişli bolan hasabat (salgyt) döwründe kabul edilýär.
2. Salgytlaryň pul möçberi, şeýle hem hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary, olaryň hasaplanyp ýazylan hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär. (169-njy maddanyň ikinji bölegine girizilen üýtgetmeler 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýan döwür üçin ulanylýar – Türkmenistanyň 02.03.2013 ý. № 378-IV kanuny esasynda).
3. Türkmenistandaky töleg çeşmelerinde öň salgyt salnan, beýleki edara görnüşli taraplara paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan düşewüntler we girdejiler, olaryň alnan hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
4. Oýun işinden alnan girdejiler olaryň alnan hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
5. Maddy çykdajylar aýyrmalar hökmünde:
soňundan ýerlemek üçin satyn alnan harytlaryň satyn alyjylara (söwda işi) ýüklenip ugradylan (berlen);
haryt maddy gymmatlyklaryň önümçilige berlen;
salgyt töleýji tarapyndan kabul etmek-bermek ykrar hatyna ýa-da işleriň ýerine ýetirilendigini, hyzmatlaryň edilendigini tassyklaýan başga bir resminama gol çekilen hasabat (salgyt) döwri kabul edilýär.
Daş-töweregi hapalaýan jisimleriň ýol berilýän möçberdäki zyňyndylar (galyndylar) üçin tölegler, olaryň amala aşyrylan salgyt (hasabat) döwrüne degişlidir.
6. Zähmete hak tölemek üçin çykdajylar hasaplap ýazmalaryň geçirilen hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde ykrar edilýär.
7. Ulanyş tutumlary olaryň hasaplanyp ýazylan salgyt (hasabat) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
8. Beýleki çykdajylar we ýitgiler, şeýle hem ýerlemekden daşary çykdajylar we ýitgiler şu aşakdakylaryň geçirilen hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalara goşulýar:
şol döwür belli bolsa, hasaplanyp ýazylan (degişli bolan) döwründe;
olaryň hasaplanyp ýazylan döwrüni kesgitlemek mümkin bolmadyk halatynda, töleg boýunça borçnamalaryň ýüze çykan döwründe. Töleg boýunça borçnamalar harytlaryň alnan, işleri ýerine ýetirmegiň we hyzmat etmegiň tamamlanan (şol sanda tapgyrlaýyn) we hasaplaşyk geçirmek üçin esas bolup durýan resminamalaryň berlen pursadynda ýüze çykýar.
Ýetmezçilik, zaýa önüm çykarmak, boş durmalar, tebigy betbagtçylyklar, ýangyn, heläkçilikler bilen baglynyşykly çekilen zyýanlar, şeýle hem gaplar bilen amallar boýunça ýitgiler aýyrmalara olaryň ýüze çykan döwründe goşulýar.
Esasy serişdeleri abatlamak üçin çykdajylar şu Bitewi kanunyň 161-nji maddasynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, abatlaýyş işleriniň geçirilen salgyt (hasabat) döwrüne degişli edilýär.
Gymmatly kagyzlaryň satylan we satyn alnan bahasynyň arasyndaky oňaýsyz tapawut onuň ýüze çykan hasabat (salgyt) döwrüne degişli edilýär.
Daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýitgiler daşary ýurt pulunyň hümmetiniň üýtgemeginiň bolup geçen hasabat (salgyt) döwrüne degişli edilýär.
Karzdaryň hasapdan öçürilen haryt maddy gymmatlyklary, işleri, hyzmatlary boýunça goşulan baha üçin salgydyň pul möçberi olaryň hasapdan öçürilen hasabat (salgyt) döwrüne degişli edilýär.
Hasapdan öçürilen algynyň pul möçberi olaryň hasapdan öçürilen hasabat (salgyt) döwrüne degişli edilýär.
Öň hasapdan öçürilen bergileri üzmek üçin tölenen pul möçberleri olaryň tölenen hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalara goşulýar.
Şu hasabat (salgyt) döwründe ýüze çykarylan, geçen salgyt döwürleriniň çykdajylary (ýitgileri) şu hasabat (salgyt) döwürleriniň aýyrmalaryna goşulýar.
Şereketiň işiniň netijesinde şerekete gatnaşyjynyň çekýän zyýany, olaryň gatnaşyjylaryň arasynda paýlanan hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
9. Türkmenistanyň Hökümetiniň Daşary ýurt pulundaky ätiýaçlygyna geçirilmäge degişli serişdeler olaryň geçirilmäge degişli hasabat (salgyt) döwründe aýyrmalar hökmünde kabul edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2012 ý., № 3, 68-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2021 ý., № 2-3, 51-nji madda).
170-nji madda. Peýdadan alynýan salgyt boýunça ýeňillikler
1. Peýdadan alynýan salgytdan şu aşakdakylar boşadylýar:
maýa goýum pensiýa gaznalary;
maýyplaryň saglygyny dikeltmegi amala aşyrýan guramalar;
bilim edaralary;
işgärleriniň umumy sanynyň azyndan 70 göterimi maýyplygy bolan adamlar bolan we azyndan 20 sany maýyplygy bolan adam işleýän, esaslyk maýasy dolulygyna maýyplaryň jemgyýetçilik birleşiklerine degişli bolan maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary;
dini guramalar;
oba hojalyk kärhanalary;
sirk hyzmatlaryny edýän, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar ýa-da Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar;
halkara, hökümetara, döwletara guramalar, muňa olaryň telekeçilik (täjirçilik) işinden alýan girdejileri girmeýär;
erkin ykdysady zolaklary döretmek hakynda kararlarda we bellenilen tertipde baglaşylan şertnamalarda göz öňünde tutulan işleri amala aşyranlarynda, şular ýaly zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan edara görnüşli taraplar, olaryň işiniň birinji on ýylynda.
Şu salgytdan boşatma goşmaça töleg tölenilmäge degişli harytlary ýerlemekden alnan peýda, şeýle hem girdejileriň şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde görkezilen aýry-aýry görnüşlerine degişli däldir.
Şu bölekde görkezilen taraplar, eger-de olar hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar bolup (öz işini "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan taraplardan başga), kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli bolsalar, onda olar şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň dördünji böleginde bellenilen möçber boýunça girdeji salgydyny tölemekden boşadylýarlar.
2. Salgyt salynýan peýda şu möçberlere kemeldilýär:
bilim babatyndaky işden alnan peýdanyň möçberine;
oba hojalyk önümlerini öndürýän edara görnüşli tarapyň şol önümleri ýerlemekden alýan peýdasynyň möçberine, ýöne ol önümler senagat taýdan gaýtadan işlenen bolmaly däldir;
milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylaryň ýerleşdirilmegini, jemgyýetçilik iýmitini, hususy durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň edilmegini, güýmenje oýunlarynyň (humarly oýun täjirçiliginden başga) we başga hyzmatlaryň guralmagyny hem goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlary etmekden, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylyk industriýasynyň obýektleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmeginden alnan peýdadan. Görkezilen ýeňillikler bellenen tertipde milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan şahslara milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginden daşarda şeýle hyzmatlar edilen mahalynda hem berilýär;
milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan we milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän söwda kärhanalary tarapyndan harytlaryň ýerlenilmeginden alnan peýdanyň möçberine;
milli syýahatçylyk zolaklarynda ýa-da olaryň çäklerinden daşarda diňe syýahatçylyk zolaklarynyň iş maksatlary üçin syýahatçylary kabul etmek boýunça täze obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmeginden (hyzmatlaryň edilmeginden) alnan peýdadan;
maýa goýum taslamasynyň bellige alnan pursatyndan başlap, birinji üç ýylyň dowamynda edara görnüşindäki taraplaryň öz öndüren öý guş we bedene etini (olaryň iýmitlik we iýmitlik däl subönümleri) we olary gaýtadan işlemekligiň netijesinde alnan önümleri ýerlemekden alýan peýdasynyň möçberine;
protez-ortopediýa önümlerini we maýyplar üçin ýörite ulag serişdelerini öndürmekden alnan peýdanyň möçberine;
düzediş edaralarynyň we olaryň önümçilik kärhanalarynyň özleriniň öndüren harytlaryny ýerlemekden alnan peýdasynyň möçberine;
döwlet kärhanalarynyň özleriniň öndüren akkumulýator önümlerini ýerlemekden alnan peýdasynyň möçberine. (Girizilen goşmaça resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 21.11.2015 ý. № 312-V kanuny esasynda).
Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleri esasynda amala aşyrylýan, peýdaly baýlyklaryň, şol sanda himiki elementleriň we birleşmeleriň hem-de ýerasty (ýerüsti) suwlaryň çykarylmagy, gazylyp alynmagy, taýýarlanmagy, daşalmagy sebäpli hapalanan ýerleri (suwlary) arassalamak işleriniň ýerine ýetirilmegi netijesinde alnan önümleriň bu işleriň buýrujysy bolan taraplar tarapyndan ýerlenilmeginden alnan peýdanyň möçberine, «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýan işler muňa degişli däldir;
maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalarynyň, hyzmatlary etmekden we özleriniň öndüren harytlaryny ýerlemekden alan peýdasynyň möçberine.
3. Salgyt töleýjiler peýdadan alynýan salgydy tölemekden boşadylan peýdany hasaba almagy aýratyn alyp barmalydyrlar. Şunuň ýaly peýdany hasaplap ýazmak üçin aýyrmalaryň aýry-aýry böleklerini kesgitlemek mümkin bolmadyk halatynda, olar ýeňillikleriň hasaplamak üçin kabul edilýän, harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejiniň harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan jemi girdejiniň umumy möçberine gatnaşygyny ulanmak bilen kesgitlenip bilner.
(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky, 10-njy maýyndaky, 25-nji sentýabryndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 12-nji sentýabryndaky,23-nji noýabryndaky, 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda, № 3, 64-nji madda; 2015 ý., № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 165-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 48-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda).
171-nji madda. Salgyt özeni
1. Peýdadan alynýan salgyt üçin salgyt özeni salgyt (hasabat) döwründe alnan, şu Bitewi kanunyň 170-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýeňillikleriň möçberine azaldylan salgyt salynmaga degişli peýda bolup durýar.
Peýdadan alynýan salgyt üçin salgyt özeni her bir hasabat döwrüniň jemleri boýunça, salgyt döwrüniň başyndan artýan jemler bilen kesgitlenilýär.
Salgyt töleýji salgyt (hasabat) döwründe zyýan çeken bolsa, onda şu salgyt (hasabat) döwründe salgyt özeni nola deň diýlip ykrar edilýär.
2. Şereketiň işine gatnaşmakdan alnan girdeji boýunça salgyt özeni şu aýratynlyklary hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
Salgyt salynýan peýdany kesgitlemek üçin şereketiň girdejilerini we çykdajylaryny hasaba almagy alyp barmak, Türkmenistanyň dahyllysy bolup durýan şerekete gatnaşyjynyň biriniň üstüne ýüklenip bilner. Şeýle hasaby ýöretmeklik, şereketiň düzüminde amala aşyrylmaýan işden aýratynlykda alnyp barylýar.
Salgyt salynýan girdejini kesgitlemek üçin hasaba alynýan, aýyrmalaryň düzüminde salgyt özeni kesgitlenende, şereket ylalaşygynda peýdany (ýitgileri) paýlamak göz öňünde tutulýan bolsa onda şerekete gatnaşyjynyň bilelikdäki işiň maksatlary üçin çykaran çykdajylary hasaba alynmaýar.
3. Girdejileriň dürli möçberler boýunça salgyt salynýan aýry-aýry görnüşleri boýunça salgyt özeni aýratynlykda hasaba alynýar we şu madda laýyklykda kesgitlenilýär.
Hakyky özlügi (natural) görnüşinde alynýan girdejiler şu Bitewi kanunyň 36-njy we 150-nji maddalaryna laýyklykda geleşigiň bahasyndan ugur alyp hasaba alynýar.
4. Düşewüntler we beýleki ýuridik tarapa paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan beýleki serişdeler görnüşindäki girdejiler boýunça, çeşmesi Türkmenistan bolup duran şunuň ýaly serişdeleriň hasaplanyp ýazylan pul möçberi, olary aýyrmalaryň möçberine azaltmazdan, salgyt özeni bolup durýar. Görkezilen girdejilere milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylaryň ýerleşdirilmegini, jemgyýetçilik iýmitini, hususy durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň edilmegini, güýmenje oýunlarynyň (humarly oýun täjirçiliginden başga) we başga hyzmatlaryň guralmagyny hem goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlary etmekden, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylyk industriýasynyň obýektleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler paýlanan mahalynda paýçy bolup gatnaşmakdan alnan düşewüntler we beýleki serişdeler goşulmaýar.
5. Oýun işinden alynýan girdejiler boýunça girdeji salgydy, şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasyna laýyklykda, şu iş üçin peýdalanylýan jaýlaryň meýdanyna ýa-da oturylýan orunlarynyň sanyna, oýun awtomatlarynyň (oýun stollarynyň) sanyna baglylykda hasaplanýan kesgitli ululyk görnüşde bellenilýär.
6. Hususy eýeçilikdäki "Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli edara görnüşli taraplar (öz işini "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan taraplardan başga) üçin salgyt özeni, şu Bitewi kanunyň 149-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenýän umumy girdejiniň jeminden aýyrmalaryň möçberini azaltmazdan hasaplanylýar (şu Bitewi kanunyň 154-nji maddasynyň ikinji böleginiň "b", "ç" we "e" bölümlerinde bellenilen aýyrmalardan başga).
Şu görkezilen girdejilere şular goşulmaýar:
oba hojalyk önümlerini öndürmek bilen meşgullanýan edara görnüşli taraplaryň senagat taýdan gaýtadan işlenmegi geçen önümlerden başga, şeýle önümleri ýerlemekden alan girdejileri;
maýa goýum taslamasynyň bellige alnan pursatyndan başlap, birinji üç ýylyň dowamynda edara görnüşindäki taraplaryň öz öndüren öý guş we bedene etini (olaryň iýmitlik we iýmitlik däl subönümlerini) we olary gaýtadan işlemekligiň netijesinde alnan önümleri ýerlemekden alýan girdejileri;
protez-ortopediýa önümlerini we maýyplar üçin ýörite ulag serişdelerini öndürmekden alnan girdejiler.
7. Şu Bitewi kanunyň 35-nji maddasynda bellenilen halatlarda salgyt özenine düzediş girizilmäge degişlidir.
(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky, 10-njy maýyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda; № 2, 34-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
172-nji madda. Salgyt möçberleri
1. Peýdadan alynýan salgydyň möçberi şu derejede bellenýär:
8 göterim – edara görnüşli taraplar - Türkmenistanyň dahyllylary (olaryň esaslandyryş maýasyndaky 50 göterimden geçýän paýy döwlete degişli bolan edara görnüşli taraplardan, karz edaralaryndan we döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalaryndan başga, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary hem-de işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan taraplardan başga – bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde) üçin;
50 göterim ‒ karz edaralary (döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk karz edaralary muňa degişli däldir) we döwlet eýeçiligindäki ätiýaçlandyryş guramalary üçin, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlaryny (hemra arkaly aragatnaşyk hyzmatlary muňa degişli däldir), standartlaşdyrmak, metrologiýa, sertifikatlaşdyrmak çygryndaky hyzmatlary amala aşyrýan taraplar üçin – bu işden alynýan peýda we oňa degişli ýerlemekden daşarky amallar böleginde;
20 göterim - beýleki edara görnüşli taraplar üçin.
Ýaşlar kärhanalary üçin, salgydyň bellenen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda ‒ 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.
2. Düşewüntler we beýleki edara görnüşli taraplara paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan beýleki serişdeler görnüşindäki girdejiler üçin salgydyň möçberi 15 göterim ölçegde bellenýär.
3. Humarly oýun işinden alynýan girdejiler boýunça şu möçberler bellenýär:
her bir oýun awtomaty üçin - günde 30 manat;
her bir oýun stoly üçin - günde 370 manat;
her bir oturylýan ýer üçin - günde 7 manat ýa-da
bu iş üçin peýdalanylýan jaýyň her bir inedördül metri üçin-günde 3 manat ýa-da tölegleri kabul edýän her bir kassa üçin - günde 38 manat.
Humarly oýun işiniň bir görnüşi amala aşyrylanda dürli salgyt möçberleri ulanylyp bilinýän halatynda, salgydyň has ýokary pul möçberine getirýän salgyt möçberi ulanylýar.
4. Şu Bitewi kanunyň 171-nji maddasynyň altynjy böleginde görkezilen taraplaryň girdejileri üçin girdeji salgydyň möçberi 2 göterim möçberde bellenilýär. Şunda ýaşlar kärhanalary üçin, salgydyň bellenen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda ‒ 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky, 2022-nji ýylyň 5-nji dekabryndaky, 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2015 ý., № 2, 71-nji madda; 2020 ý., № 3, 45-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 152-nji madda; 2022 ý., № 4, 118-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
173-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
Peýdadan (girdejiden) alynýan salgyt üçin salgyt döwri salgyt ýylyna deň bellenýär, emma hasabat döwri üçin birinji çärýek, birinji ýarym ýyl, dokuz aý we salgyt ýyly bellenilýär.
Oýun işinden alynýan girdeji salgydynyň salgyt we hasabat döwürleri senenama aýyna deň bellenilýär.
174-nji madda. Salgydyň pul möçberini kesgitlemek
1. Salgyt töleýji tarapyndan peýdadan alynýan salgyt, şeýle hem oýun işinden alynýan girdeji boýunça salgyt özbaşdak hasaplanýar.
Düşewünt we beýleki edara görnüşli taraplara paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan beýleki serişdeler görnüşindäki girdeji boýunça salgyt salgyt ýumuşçysy tarapyndan her bir tölegde hasaplanýar we tutulyp alynýar. Islendik görnüşde talaplaryň bes edilmegi töleg diýlip ykrar edilýär.
Şu girdejiler babatynda salgyt ýumuşçysy diýlip şunuň ýaly girdejileri tölemek borjy peýda bolýan, Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran edara görnüşli tarap ykrar edilýär.
2. Peýdadan alynýan salgydyň möçberi, şu bitewi Kanunyň 171-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda kesgitlenýän salgyt özeniniň, şu bitewi Kanunyň 172-nji maddasynyň 1-nji böleginde bellenilen salgyt möçberine köpeldilen jemi hökmünde birinji çärýek, birinji ýarym ýyl, dokuz aý we salgyt ýyly üçin kesgitlenýär.
Aralykdaky maliýe hasabatlylygyny berýän subýektler, hasabat döwrüniň dowamynda salgydy hakujy görnüşinde şu aşakdaky tertipde töleýärler:
çärýegiň birinji aýy üçin - ondan öňki hasabat döwrüniň iň soňky aýy üçin hasaplanan deslapky tölegleriň möçberinde;
çärýegiň ikinji we üçünji aýlary üçin - geçen hasabat döwri üçin hasaplanylan salgydyň, şol ýylyň ondan öňki hasabat döwründäki salgydyň möçberine azaldylan hakyky möçberiniň 1/3 bölegine deň bolan möçberde we şu bitewi Kanunyň 39-njy maddasyny hasaba almak bilen.
Aralykdaky ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygyny berýän subýektler hasabat döwrüniň dowamynda salgydy hakujy görnüşinde şu aşakdaky tertipde töleýärler:
alty aýyň birinji aýy üçin - ondan öňki hasabat döwrüniň iň soňky aýy üçin hasaplanylan hakujy tölegleriniň möçberinde;
alty aýyň ikinji we galan aýlary üçin - geçen hasabat döwür üçin hasaplanylan salgydyň, şol ýylyň ondan öňki hasabat döwründäki salgydyň möçberine azaldylan hakyky möçberiniň 1/6 bölegine deň bolan möçberde we şu bitewi Kanunyň 39-njy maddasyny hasaba almak bilen.
Geçen hasabat döwrüniň soňky aýy üçin hasaplanylan hakujy tölegleriniň möçberinde hasabat döwrüniň hakujy tölegleri hem şeýle ýagdaýlarda, ýagny olaryň tölenilmeli möhletiniň pursatyna çenli geçen hasabat döwri üçin salgyt beýannamasynyň tabşyrylmaly möhleti dolmadyk bolsa ýa-da şeýle salgyt beýannamasy salgyt töleýji tarapyndan düzülmedik we salgyt edarasyna berilmedik bolsa, tölenilýär.
Eger ýokarda görkezilen tertipde hasaplanylan hakujy tölegleriň çak edilýän (göz öňünde tutulýan) salgyt binýadyndan ugur alnyp kesgitlenilen edara görnüşli tarapyň peýdasyndan alynýan salgydyň möçberinden ep-esli tapawudy bar bolsa, onda Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli hakujy tölegleri salgyt edarasy tarapyndan çak edilýän görkezijilerden ugur almak bilen bellenilip bilner.
Şunuň ýaly ýagdaýda salgyt töleýji nobatdaky çärýegiň (ýarym ýyllyk) başlanmagyna çenli döwürde salgyt hasabyna goýlan ýerindäki salgyt edarasyna öňde duran çärýek (ýarym ýyllyk) üçin çak edilýän salgyt özeni baradaky maglumatlary berýär.
Aralykdaky maliýe hasabatlylygyny berýän subýektler üçin birinji çärýekde Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli edara görnüşli tarapyň peýdasyndan alynýan salgydyň möçberi, şol döwürde hasaplanyp ýazylan hakujy tölegleri, ýarym ýyl, dokuz aý we salgyt ýyly üçin bolsa - soňky çärýegiň hakujy töleglerini we şol ýylyň şu çärýegiň öňündäki hasabat döwri üçin hasaplanyp ýazylan (bellenilen) salgydy hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
Aralykdaky ýönekeýleşdirilen maliýe hasabatlylygyny berýän subýektler üçin birinji ýarym ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenilmäge degişli edara görnüşli tarapyň peýdasyndan alynýan salgydyň möçberi şol döwürde hasaplanyp ýazylan hakujy tölegleriniň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär, salgyt ýyly üçin bolsa - ikinji ýarym ýylyň hakujy töleglerini we şol ýylyň birinji ýarym ýyly üçin hasaplanyp ýazylan (bellenilen) salgydy hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
3. Düşewünt görnüşindäki we beýleki edara görnüşli taraplarda paýçy bolup gatnaşmakdan alynýan beýleki serişdeler görnüşindäki girdejiler üçin salgyt möçberi, salgyt ýumuşçysy tarapyndan, şu Bitewi kanunyň 171-nji maddasynyň 4-nji bölümine laýyklykda kesgitlenilýän salgyt özeniniň şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň 2-nji bölüminde bellenen salgyt möçberine köpeldilen jemi hökmünde hasaplanýar.
4. Humarly oýun işinden alynýan girdeji salgydynyň pul möçberi, şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň 3-nji böleginde bellenen salgyt möçberiniň, oňa laýyk görkezijiniň hakyky ululygyna we hasabat döwründe işlenilen günleriň sanyna köpeldilen jemi hökmünde her aýda hasaplanýar.
Şu görnüşdäki girdejilerden salgyt hasaplananda salgyt ýeňilliklerine ýa-da salgytdan boşatmalara üns berilmeýär.
5. Şu Bitewi kanunyň 171-nji maddasynyň altynjy böleginde görkezilen taraplar üçin girdeji salgydynyň jemi şu Bitewi kanunyň 171-nji maddasynyň altynjy bölegine laýyklykda kesgitlenilýän salgyt özeniniň, şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň dördünji böleginde bellenilen salgydyň möçberine köpeldilen jemi hökmünde hasaplanýar.
(2010-njy ýylyň 10-nji maýyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 2015-nji ýylyň 23-nji maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 2, 45-nji madda; 2015 ý., № 2, 71-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
175-nji madda. Peýdadan (girdeji) alynýan salgydy tölemegiň möhletleri
1. Şu Bitewi kanunyň 174-nji maddasynyň 2-nji bölüminde bellenen tertipde hasaplanýan peýdadan alynýan salgyt, aşakdaky ýaly tölenýär:
deslapky töleg görnüşinde - salgyt ýylynyň her aýynyň 25-nde;
birinji çärýegiň, birinji ýarym ýylyň, dokuz aýyň we salgyt ýylynyň jemi boýunça - görkezilen döwürlerde peýdadan alynýan salgyt üçin salgyt beýannamasynyň berilmeli gününden soňky bäş gün möhletde.
2. Şu Bitewi kanunyň 174-nji maddasynyň 4-nji bölüminde bellenilen tertipde hasaplanýan girdeji salgydy hasabat döwründe soňky aýyň 25-inden gijä galman tölenýär.
3. Şu Bitewi kanunyň 174-nji maddasynyň 5-nji bölüminde bellenen tertipde hasaplanýan girdeji salgydy birinji çärýegiň, birinji ýarym ýylyň, dokuz aýyň we salgyt ýylynyň jemleri boýunça - şu görkezilen döwürler üçin peýda salgydynyň salgyt beýannamasyny tabşyrmak üçin bellenen günden başlap, bäş gün möhletde tölenýär.
«Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda kiçi we orta telekeçiligiň subýektlerine degişli hususy eýeçilikdäki edara görnüşli taraplar tarapyndan şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň dördünji bölegine laýyklykda 2 göterim möçberinde bellenilen girdeji salgydynyň möçberi olaryň hasaplaşyk hasaplaryna gelip gowşan serişdelerden olar tarapyndan öňünden töleg hökmünde Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
Şunda Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen salgydyň möçberi hasaplaşyga alynýar.
4. Salgyt ýumuşçylary hökmünde çykyş edýän taraplar, girdeji salgydynyň tutulyp alnan pul möçberlerini Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemekligi, şu Bitewi kanunyň 180-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda salgydy tutmak üçin bellenen möhletde amala aşyrýarlar. Daşary ýurtlarda geçirilýän töleglerde, salgydyň tutulyp alnan pul möçberlerini tölemek salgydy tutmak üçin bellenen günden başlap 15 günlük möhletde amala aşyrylýar.
(2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2011-nji ýylyň 21-nji maýyndaky, 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2011 ý., № 2, 45-nji madda; № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
176-njy madda. Salgyt beýannamasyny bermek
1. Peýdadan (girdejiden) alynýan salgyt üçin salgyt beýannamasy maliýe hasabatyny tabşyrmak üçin göz öňünde tutulan möhletlerde berilýär.
Oýun işinden alynýan girdejiler üçin salgyt babatynda salgyt beýannamasy hasabat döwründen soňky aýyň 20-ne çenli möhletde, salgyt hasabyna duran ýerindäki salgyt edarasyna berilýär.
2. Salgyt ýumuşçylary girdeji tölenen aýdan soňky aýyň 20-sine çenli möhletde, özüniň salgyt hasabyna duran ýeri boýunça salgyt edarasyna, paýçy bolup gatnaşmakdan düşewünt we beýleki serişdeler görnüşinde alynýan girdejileri töleýän edara görnüşli taraplar barada, hasaplanan, tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen girdeji salgydynyň pul möçberleri barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýän görnüş boýunça maglumatlary bermäge borçludyrlar.
Býujet edaralary tarapyndan salgyt salynýan binýat bolmadyk hasabat (salgyt) döwürleri üçin salgyt beýannamasy berilmeýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
177-nji madda. Aýry-aýry edara görnüşli taraplar tarapyndan salgydy hasaplamagyň we tölemegiň aýratynlyklary
Öz işini Türkmenistanyň "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan edara görnüşli taraplaryň peýda üçin salgydyny hasaplamak şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär. Şunuň ýaly taraplar üçin hasabat we salgyt döwri salgyt ýyly bolup durýar. Olar üçin salgyt beýannamasyny bermek we salgyt tölemek möhletleri ylalaşygyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrylýar.
"Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan taraplar tarapyndan salgyt ýumuşçysynyň borçlarynyň ýerine ýetirilmegi şu Bitewi kanunda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
Öz işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda amala aşyrýan daşary ýurtly edara görnüşindäki taraplar, edara görnüşindäki taraplaryň peýdasyndan (girdejisinden) alynýan salgyt boýunça berilýän beýannamada salgyt özenini daşary ýurt pulunda görkezýärler. Salgydy hasaplamak üçin, salgyt özeni Türkmenistanyň Merkezi bankynyň hasabat döwrüniň soňky senesindäki resmi hümmeti boýunça manatda hasaplanylýar. Hasaplanan salgyt özeninden salgyt hem manatda hasaplanýar.
Salgyt töleýjiler tarapyndan peýdadan (girdejiden) alynýan salgydy, şol sanda salgyt ýumuşçylarynyň üsti bilen, tölemek daşary ýurt (erkin ýörgünli) pulunda amala aşyrylyp bilner. Bu ýagdaýda salgydyň daşary ýurt pulundaky tölenmäge degişli möçberi, salgydyň manatda hasaplanylan möçberinden ugur alnyp, ol Türkmenistanyň Merkezi bankynyň tölegiň senesinde hereket eden resmi hümmeti boýunça gaýtadan daşary ýurt pulunda hasaplamak arkaly kesgitlenýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
178-nji madda. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda tölenen peýdadan (girdeji) alynýan salgydy hasaplaşyga almak
Türkmenistanyň çäklerinden daşarda, beýleki döwletleriň salgyt kanunçylygyna laýyklykda, Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran edara görnüşli tarapyň tölän, peýdadan (girdeji) alynýan salgydyň pul möçberi Türkmenistanda peýdadan (girdeji) alynýan salgyt tölenende hasaplaşyga alynýar. Görkezilenler iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky şertnama (ylalaşyga) laýyklykda we bellenilen amal kadalary berjaý edilende, salgyt töleýjä gaýtarylyp bilinmejek peýdadan (girdejiden) alynýan salgydyň möçberine degişlidir.
Salgydyň hasaplaşyga alynýan möçberi şu Bitewi kanuna laýyklykda Türkmenistanyň çäklerinden daşarda alnan peýda (girdeji) babatynda hasaplanan peýdadan (girdeji) alynýan salgydyň möçberinden artyk bolup bilmez.
Hasaplaşyga almak üçin daşary ýurt döwletleriniň salgyt ýa-da beýleki ygtyýarly edarasynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda salgydyň hakykatdan hem tölenendigini tassyklaýan resminamalary esas bolup durýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
2-nji paragraf. Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplara salgyt salmak
179-njy madda. Türkmenistanyň çäklerinde işlerini hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplara salgyt salmagyň aýratynlyklary
1. Türkmenistanyň çäklerinde işlerini hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar şu Bitewi kanunyň 149-177-nji maddalarynda bellenen tertipde peýdadan (girdeji) alynýan salgydy hasaplaýarlar, salgyt beýannamasyny berýärler we salgyt töleýärler.
2. Türkmenistanyň çäklerinde işlerini hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli tarapyň salgyt salynýan peýdasy (girdejisi) kesgitlenilende şu aýratynlyklar göz öňünde tutulýar:
jemi girdejä girdejiniň diňe Türkmenistanyň çäklerindäki iş bilen baglanyşykly alnan we şunuň ýaly hemişelik wekilhana degişli edilip bilinjek bölegi goşulýar;
emlägi, esasan, Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän emläkden ybarat bolan we hemişelik wekilhana degişli bolan edara görnüşli tarapyň - Türkmenistanyň dahylsyzynyň paýnamalaryny (kärhana paýly gatnaşmak hukugyny) ýerlemekden alnan girdejileri jemi girdejä goşulýar;
hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrylmadyk daşary ykdysady amallar boýunça, şol sanda göni daşary söwda haryt ibermeklik boýunça alnan girdeji jemi girdejä goşulmaýar;
Türkmenistanda amala aşyrylýan iş bilen baglanyşykly çekilen çykdajylar, bu çykdajylaryň Türkmenistanda ýa-da onuň çäklerinden daşynda çekilendigine garamazdan, jemi girdejiden aýrylýar. Eger iki gezek salgyt salynmagy aradan aýyrmak hakyndaky Türkmenistanyň halkara şertnamalary (ylalaşyklary) bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky baş ýolbaşçy edarasynyň çeken dolandyryş we umumy edara ediş çykdajylary şeýle çykdajylara degişli edilip bilinmez;
şunuň ýaly hemişelik wekilhana degişli bolan peýda, şonuň ýaly şertlerde şoňa meňzeş iş bilen meşgullanýan başga bir garaşsyz edara görnüşli tarapyň alyp biljek peýdasyna laýyk gelmelidir.
3. Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşli tarapyň öz işini Türkmenistanda, şeýle hem onuň çäklerinden daşarda amala aşyrýan we şunda girdejileri we (ýa-da) çykdajylary, şeýle hem onuň hemişelik wekilhananyň üstünden amala aşyrylýan işden alynýan peýdany kesgitlemäge mümkinçilik berýän, aýry-aýry bölekleriniň aýratyn hasaba alynmagyny alyp barmaýan halatynda, peýdanyň möçberi salgyt töleýjiniň, onuň salgyt töleýji hökmünde hasaba duran ýerindäki salgyt edarasy bilen ylalaşan hasaplamalarynyň esasynda kesgitlenip bilner.
4. Eger Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşli tarap - salgyt töleýji şu Bitewi kanunyň 180-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen girdejileri alýan bolsa, onda diňe salgyt töleýji hökmünde hasapda goýlan ýeri boýunça salgyt edarasy tarapyndan şeýle tassyklama berlen pursadynda hyzmatlary etmekligiň (işleri ýerine ýetirmekligiň) Türkmenistanyň çäklerinde bolan hemişelik wekilhananyň döremegine getirýändigi we Türkmenistanyň çäklerindäki iş bilen baglanyşykly alynýan we tölenilýän girdejiniň şeýle hemişelik wekilhana degişli bolýandygy baradaky ýazmaça tassyklama berlende, şeýle girdejini töleýän tarap tarapyndan salgyt tutulyp alynmaýar.
5. Eger Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşli tarapyň Türkmenistanyň çäklerindäki işi birnäçe hemişelik wekilhanalaryň döredilmegine getirse, salgyt özeni we salgydyň möçberi olaryň her biri boýunça hasaplanylýar. Görkezilenler bir bitewi tehnologik ulgamyň çäklerinde amala aşyrylýan şeýle işe degişli däldir.
6. Şu Bitewi kanunyň 180-nji maddasyna laýyklykda girdejilerden salgyt tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen bolsa we şol girdejiler Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhananyň üsti bilen işi amala aşyrýan daşary ýurtly edara görnüşindäki tarapyň jemi girdejisiniň möçberine goşulanda, tölenilmäge degişli salgydyň möçberi tutulyp alnan salgydyň möçberine azaldylýar.
7. Salgyt özeni kesgitlenilende, hemişelik wekilhananyň işgärleriniň zähmetine hak tölemek üçin baş ýolbaşçy edara tarapyndan zähmet şertnamasyna laýyklykda edilen we şu Bitewi kanunyň 156-njy maddasynyň düzgünlerine laýyklykda kesgitlenilýän çykdajylary Türkmenistanda işini hemişelik wekilhananyň üsti bilen amala aşyrýan daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň hasaba almaga haky bardyr.
Şeýle hem, onuň şeýle çykdajylaryň dolandyryş we umumy edara ediş çykdajylarynyň düzüminde hasaba alynmaly däldigi baradaky şert bilen, hemişelik wekilhanada işlemek üçin gysga möhletli we uzak möhletli iş saparlarynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek üçin baş ýolbaşçy edara tarapyndan iberilýän işgärlere zähmete hak tölemek üçin we iş saparlary üçin çykdajylary hasaba almaga haky bardyr.
Şunda iş sapar çykdajylary şular ýaly kabul edilýär:
Türkmenistanyň iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky şertnamasy (ylalaşygy) bolan daşary ýurt döwletleriniň dahyllylary - edara görnüşli taraplar boýunça hakykatdaky möçberlerde;
beýleki halatlarda - Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ölçegleriň çäklerinde.
8. Daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň daşary ýurtlardaky şahamçalarynyň we wekilhanalarynyň hiç bir çykdajylary, onuň Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhananyň üsti bilen amala aşyrýan işine degişli salgyt salynýan peýda kesgitlenilende, aýyrmalar hökmünde hasaba alnyp bilinmez. Şular ýaly daşary ýurtlardaky şahamçalaryň we wekilhanalaryň peýdasy kesgitlenilende harajatlar hökmünde hasaba alynmaýan we Türkmenistanda alnyp barylýan iş bilen göni baglanyşykly çykdajylar kadadan çykma bolup durýar, munuň üçin degişli resminamalaýyn tassyklama (mysal üçin, auditorçylyk netijenamasy) bolmalydyr we olar boýunça aýratyn hasabyň ýöredilen şertinde.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2012-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2012 ý., № 3-4, 68-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
180-nji madda. Türkmenistandaky çeşmelerden girdeji alýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplara salgyt salmagyň aýratynlyklary
1. Türkmenistanyň çäklerinde hemişelik wekilhananyň döredilmegine getirmeýän işi amala aşyrmakdan Türkmenistandaky çeşmeden girdeji alnanda we Türkmenistandaky çeşmelerden başga girdejiler alnanda, girdeji salgydy salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt töleýjiniň jemi girdejisinden aýyrmalary geçirmezden tutulyp alynýar, muňa goşulan baha üçin salgyt girmeýär (salgyt özeni). Şunda girdeji salgydynyň möçberi şunuň ýaly edara görnüşli tarapa tölenmäge degişli serişdelerden, her gezekki töleglerde, şol sanda şunuň ýaly tölegler Türkmenistanyň daşynda geçirilýän hem bolsa, tutulyp alynýar. Islendik görnüşde talaplaryň bes edilmegi töleg diýlip ykrar edilýär.
Şu girdejiler babatynda salgyt ýumuşçylary diýlip, şunuň ýaly girdejileri tölemek borçlary ýüze çykýan edara görnüşli taraplar ykrar edilýär:
Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar;
işini Türkmenistanyň çäklerindäki hemişelik wekilhananyň, şahamçanyň ýa-da wekilhananyň üstünden amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar;
hususy telekeçiler.
Eger salgyt ýumuşçysy tarapyndan girdeji salgydyny hasaplamak we tutup almak mümkin bolmadyk halatlarynda ýa-da hiç bir tarap salgyt ýumuşçysy hökmünde ykrar edilip bilinmese, bu daşary ýurtly edara görnüşli tarap degişli salgyt edarasynda hasaba durmalydyr we salgydy tölemek boýunça borçlary özbaşdak ýerine ýetirmelidir. Bu Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň ýerlenmegine, şeýle hem geleşigiň taraplary Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan we satyn almagyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän hemişelik wekilhananyň, şahamçanyň ýa-da wekilhananyň üstünden amala aşyrylmaýan halatynda Türkmenistanyň dahyllysy bolup duran edara görnüşli taraplaryň paýnamalaryna we beýleki gymmatly kagyzlaryna hem degişlidir.
Türkmenistanyň "Uglewodorod serişdeleri hakynda" kanunyna laýyklykda potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan taraplar salgyt ýumuşçylary hökmündäki borçlaryny şu Bitewi kanunda bellenen tertipde ýerine ýetirýärler.
Salgyt salmak maksady bilen, daşary ýurt pulunda görkezilen girdejiler Türkmenistanyň Merkezi bankynyň girdejiniň tölenen senesinde bellenilen resmi hümmeti boýunça manatda gaýtadan hasaplanýar.
2. Türkmenistandaky çeşmelerden alynýan, peýda (girdeji) salgydyny salmaga degişli çeşmeler şu aşakdakylar bolup durýarlar:
a) düşewüntler we Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplara paýçy bolup gatnaşmakdan alnan beýleki serişdeler;
b) Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler, şeýle hem Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan tölenilýän, islendik görnüşdäki bergi borçnamalary boýunça göterimler, eger bergi borjy Türkmenistanyň çägindäki şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üstünden geçirilýän iş bilen baglanyşykly ýüze çykan bolsa;
ç) töwekgelçiligi ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan, şeýle hem, ätiýaçlandyryş tölegleri Türkmenistanyň çägindäki şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üstünden geçirilýän iş bilen baglanyşykly tölenilýän bolsa, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan tölenilýän ätiýaçlandyryş tölegleri;
d) Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler ýa-da Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan tölenilýän, Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda kesgitlenilen awtorlyk hukuklarynyň peýdalanylandygy we peýdalanmak hukugynyň berlendigi üçin hak, şeýle hem şahadatnama, söwda nyşany, haryt nyşany ýa-da hyzmat nyşany, çyzgy ýa-da model, görnüş, gizlin formula we (ýa-da) iş ýa-da senagat, täjirçilik ýa-da ylmy tejribe babatdaky maglumat üçin hak, eger şunuň ýaly hukuklar Türkmenistanyň çägindäki şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üstünden geçirilýän iş bilen baglanyşykly peýdalanylýan bolsa;
e) Türkmenistanyň çäklerindäki gozgalmaýan emlägiň we Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli tarap we hususy telekeçi tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň çäginde bellige alnan (döredilen) şahamçasy, wekilhanasy we hemişelik wekilhanasy bar bolan Türkmenistanyň dahylsyzy - edara görnüşli tarap tarapyndan şeýle şahamçanyň, wekilhananyň we hemişelik wekilhananyň maksatlaryna ulanmak üçin kärendä (kireýine) alynýan gozgalýan emlägiň kärendä (kireýine) berilmegi üçin tölegler;
ä) Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler ýa-da Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar tarapyndan tölenilýän, Türkmenistanyň çäginde işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi üçin girdejiler, eger şunuň ýaly işler we hyzmatlar Türkmenistanyň çägindäki şahamça, wekilhana ýa-da hemişelik wekilhana üçin peýdalanylýan bolsa. Işleriň ýerine ýetirilýän we hyzmatlaryň edilýän ýeri şu Bitewi kanunyň 99-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenilýär;
f) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägi, şeýle hem Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplaryň paýnamalaryny we gaýry gymmatly kagyzlaryny ýa-da olara paýly gatnaşmak hukugyny ýerlemekden alnan girdejiler. Şunda salgyt salynýan girdeji gozgalmaýan emläk üçin - şu Bitewi kanunyň 160-njy maddasyna laýyklykda, paýnamalar we gaýry gymmatly kagyzlar ýa-da paýly gatnaşmak hukugy üçin - satuw bahanyň we olary satyn almak we ýerlemek boýunça çykdajylaryň aratapawudy hökmünde kesgitlenilýär. Salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt salynýan girdejini kesgitlemek mümkin bolmadyk halatynda, ol salgydy jemi girdejiniň doly möçberinden tutup alýar. Salgydy gaýtadan hasaplamak, salgyt töleýji tarapyndan degişli resminamalar salgyt edarasyna berlen halatynda geçirilýär;
g) Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan we dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan tölenilýän şertnama borçnamalarynyň bozulandygy üçin jerimeler we puşmana tölegi;
h) halkara ýolagçy gatnatmakdan we ýük daşamakdan alynýan girdejiler. Deňiz, derýa ýa-da howa gämileri, awtoulag serişdeleri ýa-da demir ýol ulaglary bilen ýükleri daşamak, ýolagçylary gatnatmak Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän ýerler (nokatlar) arasynda geçirilýän halatlaryndan başga halatlarda, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler üçin ýa-da Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar üçin, eger bu gatnatmalar, daşamalar Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhanalaryň maksatlary üçin amala aşyrylýan bolsa;
i) hemişelik wekilhananyň üstünden geçirilýän iş bilen bagly bolmadyk, Türkmenistandaky çeşmelerden alynýan beýleki şonuň ýaly girdejiler.
Hemişelik wekilhananyň üstünden geçirilýän iş bilen baglanyşykly bolmadyk, Türkmenistanyň çeşmelerinden alynýan gaýry girdejilere, hususan-da şu girdejiler degişli bolup biler:
gatnaşyjylaryň iň bolmanda biri Türkmenistanyň dahyllysy bolan, Türkmenistanyň çäginde bilelikdäki işi amala aşyrmagyň netijesinde şereketiň girdejileriniň bir bölegini daşary ýurt edara görnüşli tarapyň haýryna paýlamagyň netijesinde alynýan girdejiler;
komissiýanyň şertnamalarynyň şertlerinde Türkmenistanyň çäginden daşardan getirilýän harytlaryň Türkmenistanyň çäklerinde ýerlenilmeginden alynýan girdejiler (daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň bellän ýerleýiş bahasy bilen salgyt ýumuşçysynyň ýerlemek üçin iberilen harytlary satan has ýokary bahasynyň arasyndaky tapawut görnüşinde şol edara görnüşli tarapa tölenilýän girdeji). Şunda şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasynyň we 154-nji maddasynyň sekizinji böleginiň düzgünleri degişli ýagdaýda hasaba alynýar;
diňe şeýle girdejilere iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky şertnamalara (ylalaşyklara) laýyklykda diwidendler hökmünde garalmaýan bolsa, Türkmenistanyň dahyllylary bolan beýleki edara görnüşli taraplaryň ýa-da Türkmenistanyň dahyllysy bolmadyk edara görnüşli taraplaryň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän şahamçalarynyň, wekilhanalaryň we hemişelik wekilhanalaryň peýdasynyň ýa-da emläginiň daşary ýurtly edara görnüşli tarapyň peýdasyna paýlanylmagy netijesinde, şol sanda olar ýatyrylanda alynýan girdejiler;
Türkmenistanyň dahyllylary - edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň çäginde bellige alnan (döredilen) şahamçasy, wekilhanasy we hemişelik wekilhanasy bar bolan we hyzmatlar şeýle şahamçanyň, wekilhananyň we hemişelik wekilhananyň maksatlary üçin edilýän bolsa, Türkmenistanyň dahylsyzy - edara görnüşli tarap tarapyndan talaplary bermekden, araçyllykdan, tabşyryk şertnamalary, eýeçiligi ynanyp dolandyrmak şertnamalary boýunça tölenilýän girdejiler. Talaplary bermekden alynýan girdeji, talap berlende ýa-da degişli borçnamalar bes edilende alnan girdejiniň möçberiniň görkezilen talaby satyn almak üçin çykdajylaryň möçberinden artýan möçberi hökmünde kesgitlenilýär.
Şunda bu maddanyň şu böleginde görkezilen girdejileriň gönüden-göni salgyt töleýjä ýa-da tabşyryk şertnamasyna ýa-da gaýry şunuň ýaly şertnama laýyklykda ynanylan adamyň (beýleki adamyň) üsti bilen tölenilmeginiň ähmiýeti ýokdur.
Şu bölegiň "a" – "i" bentlerine laýyklykda Türkmenistanda peýda (girdejä) salgyt salynmaga degişli çeşmelerden gelýän girdejilere, şular goşulmaýar:
milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylaryň ýerleşdirilmegini, jemgyýetçilik iýmitini, hususy durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň edilmegini, güýmenje oýunlarynyň (humarly oýun täjirçiliginden başga) we başga hyzmatlaryň guralmagyny hem goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlary etmekden, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylyk industriýasynyň obýektleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler;
milli syýahatçylyk zolaklarynda ýa-da olaryň çäklerinden daşarda diňe syýahatçylyk zolaklarynyň iş maksatlary üçin syýahatçylary kabul etmek boýunça täze obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly, işleriň ýerine ýetirilmeginden (hyzmatlaryň edilmeginden) alnan girdejiler;
Türkmenistanyň edara görnüşli taraplary-dahyllylary tarapyndan milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde syýahatçylaryň ýerleşdirilmegini, jemgyýetçilik iýmitini, hususy durmuş we bejeriş-sagaldyş hyzmatlarynyň edilmegini, güýmenje oýunlarynyň (humarly oýun täjirçiliginden başga) we başga hyzmatlaryň guralmagyny hem goşmak bilen syýahatçylary kabul etmek boýunça hyzmatlary etmekden, şeýle hem milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde syýahatçylyk industriýasynyň obýektleriniň dolandyrylmagy we ulanylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler paýlanan mahalynda olara paýçy bolup gatnaşmakdan alnan düşewüntler we beýleki serişdeler;
milli syýahatçylyk zolaklarynda ýa-da olaryň çäklerinden daşarda diňe syýahatçylyk zolaklarynyň iş maksatlary üçin syýahatçylary kabul etmek boýunça täze obýektleriň we olaryň infrastrukturasynyň gurulmagy bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmeginiň, hyzmatlaryň edilmeginiň, şeýle hem harytlaryň iberilmeginiň maksatlary üçin alnan karzlar (zaýomlar) boýunça göterimler;
diňe milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäginde peýdalanylmagy bilen baglanyşykly tölenilýän, Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda kesgitlenilen awtorlyk hukuklarynyň, şeýle hem şahadatnamanyň, söwda belgisiniň, haryt nyşanynyň ýa-da hyzmat ediş nyşanynyň, çyzgynyň ýa-da modeliň, shemanyň, gizlin formulanyň we (ýa-da) prosesiň peýdalanylany ýa-da peýdalanmak hukugynyň berleni üçin, ýa-da senagat, täjirçilik ýa-da ylmy-tejribe babatdaky maglumatlar üçin tölenilýän haklar;
milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan we gozgalýan emlägiň kärendesi (hakyna tutulany) üçin tölegler;
milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägiň satylmagyndan alynýan girdejiler;
Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplaryň (şol sanda daşary ýurtly şahsy taraplaryň) sirk hyzmatlaryny etmekden alýan girdejileri;
ýük wagonlary, konteýnerleri bilelikde ulanmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky halkara ylalaşyklaryň gatnaşyjylary bolan döwletleriň demir ýol guramalary tarapyndan alynýan girdejiler;
ýük wagonlary, konteýnerleri bilelikde ulanmak we hyzmatlary ýerine ýetirmek baradaky halkara ylalaşyklary boýunça şertnama borçnamalarynyň bozulandygy üçin jerimeler we puşmana tölegi;
daşary ýurt potratçysy bilen «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyny geçirmek hakynda baglaşylan şertnama laýyklykda şol daşary ýurt potratçysy tarapyndan harytlaryň ýerlenilmeginden, işleriň ýerine ýetirilmeginden we hyzmatlaryň edilmeginden alnan girdejiler. (Girizilen goşmaça Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli kararyna laýyklykda baglaşylan şertnamalara hem degişlidir we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 09.06.2018 ý. № 40-VI kanuny esasynda).
Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli we şahsy taraplaryň emlägiň lizinge berilmeginden (emlägiň «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan taraplara lizinge berilmegi muňa degişli däldir) alýan girdejileri ‒ lizing şertnamasynyň hereket edýän möhletine.
3. Şu maddanyň 2-nji bölüminde görkezilen girdeji salgydyny hasaplamak salgyt ýumuşçylary tarapyndan 15 göterim möçber boýunça geçirilýär, muňa deňiz we howa gämilerini kärendä bermekden alnan girdejiler girmeýär.
Deňiz we howa gämilerini kärendä işgärsiz bermekden alnan girdejiler üçin salgydyň möçberi 6 göterime deňdir.
4. Haçan-da töleg, şu Bitewi kanunyň 168-nji maddasyna laýyklykda girdeji alnan diýlip hasap edilen aýynyň ahyrky senesinden soň geçirilen ýagdaýynda, salgydy tölemek salgyt ýumuşçysynyň serişdeleriniň hasabyna, soňundan salgyt töleýjä tölenilmeli serişdelerden tutup almak bilen amala aşyrylýar. Şu ýagdaýda salgydy hasaplamak girdejiniň alnan, uzak möhletli şertnamalar boýunça bolsa - işleriň ýerine ýetirilen, hyzmatlaryň edilen aýynyň ahyrky senesindäki ýagdaýa görä amala aşyrylýar. Şeýle ýagdaýda salgydy tölemek (şol sanda tölegler daşary ýurtlarda geçirilende hem) şeýle aý tamamlanandan soň 15 günden gijä galman geçirilýär.
5. Türkmenistanyň dahylsyzy bolup durýan edara görnüşli tarapa girdejileri töleýän tarap, girdeji tölenilen aýdan soňky gelýän aýyň 20-sine çenli möhletde salgyt hasabynda duran ýerindäki salgyt edarasyna girdejiler tölenilen edara görnüşli taraplar hakyndaky, girdeji üçin salgydyň hasaplanylan, tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen möçberleri baradaky, şeýle hem salgyt tutulyp alynmadyk taraplar hakyndaky maglumatlary bermäge borçludyr. Maglumatlaryň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.
6. Türkmenistanyň dahylsyzy bolup durýan edara görnüşli taraplara girdeji töleýän salgyt ýumuşçylarynda salgydy tölemeli möhlet geçenden soň, salgyt ýumuşçylary resminamalaýyn salgyt barlagynyň bellenilendigi hakynda habarly edilen pursadyna çenli töleg çeşmesinden salgydy saklamazlyk üçin esaslar (şu Bitewi kanunyň 179-njy maddasynyň dördünji böleginde we 181-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen resminamalar) emele gelende, olar tarapyndan öňki döwürlerde tölenen serişdelerden (töleglerden) salgydy tutup almak geçirilmeýär. Şunda salgyt ýumuşçylarynyň salgydyň möçberini tutup almak we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezligi, olaryň şu Bitewi kanunyň 90-njy maddasynda bellenilen jogapkärçilige çekilmegine, şeýle hem salgydy tölemek üçin bellenilen möhleti bozmaklygy şu Bitewi kanunyň 70-nji maddasyna laýyklykda puşmana töleginiň salynmagyna getirýär, muňa döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň salgyt ýumuşçylary bolup çykyş edýän halatlary degişli däldir.
Türkmenistanyň dahylsyzy bolup durýan edara görnüşli tarapa girdejileri töleýän salgyt ýumuşçylarynda resminamalaýyn salgyt barlagy geçirilen bolsa we onuň netijesinde şu Bitewi kanunyň 179-njy maddasynyň dördünji bölegindäki we 181-nji maddasynyň ikinji bölegindäki talaplaryň ýerine ýetirilmändigi üçin şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen girdejiler boýunça salgyt goşmaça hasaplanandan soň salgyt ýumuşçylarynda salgydy töleg çeşmesinden tutup almazlyk üçin esaslar dörän ýagdaýynda, salgyt ýumuşçylary salgydy töleg çeşmesinden tutup almazlyk üçin esas bolup durýan resminamalary berenlerinden soň, şu Bitewi kanunyň 83-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, barlagyň ykrarhaty boýunça kabul edilen karar ýatyrylmaga degişli bolup durýar. Şu ýagdaýda täze karar çykarylýar we oňa laýyklykda salgyt ýumuşçylaryny salgydyň goşmaça hasaplanan möçberini tölemekden boşatmak baradaky çözgüt kabul edilýär. Şunda salgyt ýumuşçylarynyň salgydyň möçberini tutup almak we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmezligi, olaryň şu Bitewi kanunyň 90-njy maddasynda bellenilen jogapkärçilige çekilmegine, şeýle hem salgydy tölemek üçin bellenilen möhleti bozmaklygy şu Bitewi kanunyň 70-nji maddasyna laýyklykda puşmana töleginiň salynmagyna getirýär, muňa döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň salgyt ýumuşçylary bolup çykyş edýän halatlary degişli däldir.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 12-nji martyndaky, 10-njy maýyndaky, 25-nji sentýabryndaky, 2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 4-nji awgustyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky, 4-nji noýabryndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 20-nji oktýabryndaky we 2019-njy ýylyň 8-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 1, 19-njy madda, № 2, 34-nji madda; № 3, 64-nji madda; 2011 ý., № 1, 24-nji madda; № 3, 59-njy madda; 2013 ý., № 2, 26 -njy madda; 2014 ý., № 1, 49-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda; № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda; № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 2, 42-nji madda; № 3-4, 95-nji madda; 2019 ý., № 2-3, 34-nji madda).
181-nji madda. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak
1. Salgyt edaralary Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşindäki taraplaryň talap etmekleri boýunça, olaryň peýdadan (girdeji) alynýan salgydy Türkmenistanda töländiklerini tassyklaýan resminamany bermäge borçludyrlar. Şu resiminamanyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysayýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.
2. Salgydy tölemekden boşatmak ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerini almak üçin, salgyt töleýji arzany, şeýle hem degişli salgyt döwrüniň dowamynda (ýa-da onuň bir böleginde) hereket edýän iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen şertnama (ylalaşyk) baglaşan döwletiniň dahyllysy bolup durýandygy barada resmi tassyknamany Türkmenistanyň salgyt edarasyna bermelidir.
Tassyknama we arza salgyt ýa-da salgyt tölegi boýunça deslapky töleg tölenmezden öň hem, salgyt töleýjiniň salgydy tölemekden boşadylmaga ýa-da ýeňillik almaga dalaş edýän salgyt döwri tamamlanandan soňky üç ýylyň dowamynda hem berlip bilner.
Arzanyň görnüşi we ony tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär. Bellenilen görnüş boýunça düzülmedik arza, ony tabşyrmagyň tertibiniň bozulmagy salgyt edarasyna şeýle arza seretmekden boýun gaçyrmaga esas bolup durýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
6-njy bap. Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy
182-nji madda. Salgyt töleýjiler
Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydyny töleýjiler (mundan beýläk - salgyt töleýjiler) diýlip, şu Bitewi kanunyň 183-nji maddasynda görkezilen girdejileri alýan şahsy adamlar ykrar edilýär.
183-nji madda. Salgyt salynýan binýat
Salgyt töleýji tarapyndan alnan şu aşakdaky girdejiler salgyt salynýan binýat diýlip ykrar edilýär:
1) olaryň çeşmelerine bagly bolmazdan – Türkmenistanyň dahyllylary bolup durýan şahsy adamlar üçin;
2) Türkmenistandaky çeşmelerden – Türkmenistanyň dahyllylary bolmadyk şahsy adamlar üçin.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
184-nji madda. Salgyt töleýjiniň Türkmenistandaky çeşmelerden gelýän girdejileri
1. Şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydy salynýan, Türkmenistandaky çeşmelerden gelýän girdejilere şular degişlidir:
a) Türkmenistanyň dahyllysy bolup durýan edara görnüşli tarapdan, Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan edara görnüşli tarapdan onuň Türkmenistanyň çäklerinde ýerleşýän şahamçasynyň, wekilhanasynyň ýa-da hemişelik wekilhanasynyň üstünden, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan şahsy tarapdan - hususy telekeçiden alnan girdejiler:
zähmet ylalaşygy (şertnamasy) we raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyklar boýunça ýerine ýetirilen işler üçin alnan hak, şeýle hem direktorlaryň galamhaklary we edara görnüşli tarapyň direktorlar geňeşiniň agzasy hökmünde alynýan beýleki şoňa meňzeş haklar;
edara görnüşindäki taraplara we şereketlere paýly gatnaşmakdan alynýan düşewüntler we beýleki serişdeler;
islendik görnüşdäki bergi borçnamalary boýunça göterimler;
Türkmenistanyň Raýat kodeksinde kesgitlenen, awtorlyk hukugyny peýdalanmakdan we hukugy peýdalanmaga bermekden, şeýle hem şahadatnamalary, söwda nyşany, haryt nyşany ýa-da hyzmat nyşany, çyzgy ýa-da model, shema, gizlin formula we (ýa-da) prosessi ýa-da senagat, täjirçilik ýa-da ylmy tejribä degişli maglumatlary bermekden alnan hak;
ätiýaçlandyryş ýagdaýy dörändäki ätiýaçlandyryş tölegleri;
pensiýalar, hemaýat pullary, talyp haklary we şuňa meňzeş tölegler;
Türkmenistanyň çäklerindäki emlägi kärendesine bermekden we olary beýleki bir görnüşde ulanmakdan alnan girdejiler;
teatr, kino, radio, telewideniýe artisti ýa-da sazanda ýaly sungat işgäri tarapyndan, şeýle hem türgen tarapyndan onuň Türkmenistanyň çäklerindäki şahsy işinden gazanylan girdejiler, hatda bu girdejiler başga birine hasaplanyp ýazylan hem bolsa;
pul we hakyky özlügi (natural) görnüşindäki utuşlar;
beýleki girdejiler, şu Bitewi kanunyň 187-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde görkezilenler muňa girmeýär;
b) Türkmenistanyň çägindäki hemişelik iş ýeriniň üstünden telekeçilik işini we hünär hyzmatlaryny amala aşyrmak bilen baglanyşykly girdejiler. Hemişelik iş ýeri diýlip, hususy telekeçiniň öz işini doly ýa-da bölekleýin amala aşyrýan hemişelik ýerine düşünilýär. Hemişelik iş ýeri kesgitlenende şu Bitewi kanunyň 18-nji maddasynyň düzgünleri ulanylyp bilner. Hünärmenlik hyzmaty garaşsyz ylmy, edebi, artistlik, bilim ýa-da mugallymçylyk işlerini, şeýle hem lukmanlaryň (tebipleriň), hukukçylaryň, patent ynamdarlarynyň, inženerleriň, binagärleriň, auditorlaryň we hasapçylaryň garaşsyz işlerini öz içine alýar.
2. Türkmenistandaky çeşmelerden alynýan, şahsy adamlardan alynýan girdeji salgytlary salynýan girdejilere şahsy adamynyň, Türkmenistandaky hemişelik iş ýeriniň üstünden amala aşyrylmaýan, diňe şahsy adamyň adyndan we onuň bähbidi üçin amala aşyrylýan daşary söwda amallaryndan (haryt çalşygyny hem goşmak bilen) alýan girdejileri degişli däldir.
Türkmenistandaky çeşmelerden gelýän girdejilere Türkmenistanyň dahyllylary bolup duran edara görnüşli taraplaryň Türkmenistanyň çäklerinden daşardaky şahamçasynyň , wekilhanasynyň ýa-da hemişelik wekilhanasynyň üstünden geçirilen tölegler degişli däldir.
3. Şu Bitewi kanunyň 179-njy maddasynyň ýedinji böleginde görkezilen hemişelik wekilhananyň zähmete hak tölemek üçin çykdajylary görnüşindäki girdejiler hem Türkmenistanyň dahyllysy bolup durmaýan şahsy taraplar üçin Türkmenistanyň çeşmelerinden alynýan girdejiler bolup durýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
185-nji madda. Salgyt özeni
1. Salgyt özeni kesgitlenende salgyt töleýjiniň hasabat (salgyt) döwründäki pul we hakyky özlügi (natural) görnüşinde, şol sanda haryt (iş, hyzmat), şeýle hem maddy peýda ýa-da durmuş eşretleri görnüşinde alan ähli girdejileri göz öňünde tutulýar.
Şulara maddy peýda we durmuş eşretleri diýlip düşünilýär:
ýeňillikli bahalar (tarifler) boýunça, salgyt töleýji babatda özara garaşly bolýan taraplar bilen geleşikler boýunça harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), beýleki emlägiň satyn alynmagy;
azaldylan göterim möçberi boýunça karz almaklyk, şeýle möçberiň Türkmenistanda ulanylýan kanunçylyk bilen degişli halatlar üçin bellenilmegi muňa girmeýär;
işgäriň - salgyt töleýjiniň iş berijiniň öňündäki bergisiniň ýa-da borçnamasynyň möçberleriniň iş berijiniň çözgüdi boýunça hasapdan öçürilmegi;
işgärlerine - salgyt töleýjilere meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça ätiýaçlyk baýraklaryny tölemek üçin iş berijiniň çykdajylary;
işgäriň - salgyt töleýjiniň öz işi bilen baglanyşykly bolmadyk harajatlarynyň öwezini dolmak üçin iş berijiniň çykdajylary.
Salgyt özenine şu Bitewi kanunyň 187-nji maddasynda görkezilen girdejiler goşulmaýar.
2. Salgyt özeni, salgydyň dürli möçberleri bellenen girdejileriň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda hasaba alynýar.
3. Eger-de şu madda bilen başgaça bellenmedik bolsa, şu Bitewi kanunyň 192-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenen salgyt möçberleri göz öňünde tutulan girdejiler üçin salgyt özeni, şu girdejileriň, şu Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda göz öňünde tutulan salgyt aýyrmalarynyň pul möçberine azaldylan puldaky aňlatmasy hökmünde kesgitlenýär.
Salgyt (hasabat) döwründe şu Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda göz öňünde tutulan salgyt aýyrmalarynyň pul möçberi salgyt salynmaga degişli girdejileriň pul möçberinden köp bolsa, şu hasabat (salgyt) döwründäki salgyt özeni nola deň hasaplanýar.
4. Ätiýaçlandyryş ýagdaýy gelendäki ätiýaçlandyryş tölegleri boýunça salgyt özeni meýletin ätiýaçlandyryş ylalaşyklary boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň şahsy adamlaryň ätiýaçlyk gatançlary görnüşindäki töleglerinden köp bolan pul möçberi bolup durýar. Şunda ätiýaçlandyryş tölegleri boýunça salgyt özeni aýratyn, şeýle hem şu Bitewi kanunyň 187-nji maddasyna laýyklykda hasaba alynýar.
5. Salgyt töleýji - hususy telekeçi tarapyndan şerekete gatnaşmakdan alnan girdejiler boýunça salgyt özeni şu aýratynlyklary hasaba almak bilen kesgitlenýär:
salgyt salynýan girdejileri kesgitlemek üçin hasaba alynýan aýyrmalaryň düzüminde salgyt özeni kesgitlenende, şerekete gatnaşyjy tarapyndan bilelikdäki işiň maksatlary üçin çekilen çykdajylar göz öňünde tutulmaýar, şereket ylalaşygynda oňa degişli pul möçberine azaldylan girdejileri paýlaşmak göz öňünde tutulan bolsa;
şerekete gatnaşyjylary Türkmenistanyň dahyllysy, şeýle hem dahylsyzy bolup durýan bolsa, şunuň ýaly şereketiň girdejilerini we çykdajylaryny salgyt salmak maksady üçin hasaba almagy alyp barmak, ylalaşyga laýyklykda şereketiň işini alyp barmagyň kimiň üstüne ýüklenendigine garamazdan, Türkmenistanyň dahyllysy bolup durýan şerekete gatnaşyjynyň üstüne ýüklenýär. Şular ýaly tarap hasabat (salgyt) döwrüniň netijeleri boýunça artýan jem bilen umumy girdejini ýa-da şerekete gatnaşýanlaryň her biriniň şular ýaly işden alýan salgyt salynmaga degişli girdejilerini kesgitlemäge borçludyr.
6. Oýun işinden alynýan girdejiler boýunça girdeji salgydy kesgitlenen ululyk görnüşinde bellenýär we şu Bitewi kanunyň 172-nji we 174-nji maddalaryna laýyklykda hasaplanýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
186-njy madda. Salgyt özenini kesgitlemegiň aýratynlyklary
1. Salgyt töleýjiniň salgyt özenini kesgitlemek üçin kabul edilýän girdejisi, şu maddada başga ýagdaý bellenmedik bolsa, harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy hökmünde hasaplanýar:
a) salgyt töleýji tarapyndan edara görnüşli taraplardan we hususy telekeçilerden hakyky özlügi (natural) görnüşinde, ýagny harytlar (işler, hyzmatlar) we beýleki emläkler görnüşinde girdeji alnanda;
b) salgyt töleýji tarapyndan telekeçilik işini ýa-da girdeji almaga gönükdirilen başga bir işi amala aşyrmagyň çäklerinde harytlar (işler, hyzmatlar), beýleki emläkler ýerlenende.
Görkezilen girdejiler şu Bitewi kanunyň 36-njy maddasyna laýyklykda, geleşigiň bahalaryndan ugur alnyp hasaba alynýar.
2. Haryt düşünjesi şu Bitewi kanunyň 96-njy maddasynyň 4-nji bölümine laýyklykda kesgitlenýär.
Harydy ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmat etmek düşünjelerini kesgitlemek üçin şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasy ulanylýar.
Emlägi kesekä bermek (döwletiň haýryna almak) harydy ýerlemek bolup durmaýar:
döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça döwletiň hajatlary üçin ýa-da ýerden, medeni gymmatlyklardan bolmalysy ýaly peýdalanylmaýandygy üçin alynmaga degişli ýerdäki emläk;
mejbury almak, elinden almak ýa-da miras alynýan emläge eýeçilik hukugyny bermek, şeýle hem döwlet tarapyndan eýesiz galan emlägi ýa-da gymmatlyklary kabul etmek netijesinde;
şahsy tarapyň emlägini onuň mirasdüşerine (mirasdüşerlerine) bermek netijesinde.
3. Muzdsuz harytlar berlende, işler ýerine ýetirilende, hyzmat edilende girdeji salgyt töleýjiniň harydy (işi, hyzmaty) adaty, hak almak bilen ýerländäki bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
Öň ulanyşda bolan esasy serişdeler we maddy däl aktiwleri muzdsuz berlende, girdeji olaryň balans gymmaty hökmünde kesgitlenýän bahasyndan ugur alnyp kesgitlenýär.
Bir birligini satyn almak (döretmek) üçin çykdajylary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 0,4 möçberinden geçmeýän, mahabatlandyrma maksady bilen berilýän harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahasy jemi girdejä goşulmaýar.
4. Geleşik taraplary tarapyndan çalşylýan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) bahalary kesgitlenmedik halatynda, girdeji salgyt töleýji tarapyndan şol harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) adaty ýerlenýän bahalaryndan ugur alnyp kesgitlenýär.
Deň bolmadyk çalşykda jemi girdejä çalşylýan harytlaryň, işleriň, hyzmatlaryň bahalaryna islendik goşmaça bahanyň pul möçberleri goşulýar.
5. Işini bes edýän hususy telekeçiniň harytlary ýerlenende girdeji salgyt töleýji tarapyndan ulanylan, şu harytlaryň ýerlenen hakyky bahasy esasynda kesgitlenýär, emma aşakdakylardan pes bolmaly däldir:
esasy serişdeler we maddy däl aktiwler boýunça – balans gymmatyndan;
beýleki harytlar boýunça - satyn alnan bahalardan.
Býujetdäki guramalar telekeçilik däl edara görnüşindäki taraplar hem-de döwlet häkimiýet, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin ýerlenýän harytlar, ýerine ýetirilýän işler we edilýän hyzmatlar boýunça girdejiler hakyky ýerlenýän bahalardan ugur alnyp kesgitlenýär.
6. Salgyt töleýjiniň salgyt özenini kesgitlemek üçin hasaba alynýan daşary ýurt pulundaky girdejileri, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň girdejiniň alnan senesindäki resmi hümmeti boýunça manatda hasaplanýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 15-nji oktýabryndaky, 2017-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; № 4, 144-nji madda; 2017 ý., № 2, 77-nji madda).
187-nji madda. Salgyt özenine goşulmaýan girdejiler
1. Şahsy adamlaryň girdejileriniň şu görnüşleri salgyt özenine goşulmaýar:
a) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýän hemaýat puly, muňa işe wagtlaýyn ukypsyzlygy sebäpli hemaýat puly girmeýär;
b) Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň pensiýa kanunçylygynda bellenilen tertipde bellenen pensiýalar, şeýle hem döwletiňki däl pensiýa ätiýaçlandyrmasy şertlerinde alynýan pensiýalar, şahsy pensiýa toplanmalaryna hasaplanyp ýazylýan göterimler, geçirilen ätiýaçlandyryş pensiýa gatançlarynyň pul möçberleriniň, bellenen iň az möçberden ugur alnyp hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň pul möçberlerinden artyk gelýän pul serişdeleriniň alnan möçberleri;
ç) hökmany ätiýaçlandyryş boýunça, ömri meýletin ätiýaçlandyryş babatyndaky ylalaşyklar, meýletin emläk ätiýaçlandyryş we ätiýaçlandyryş ýagdaýynyň gelendigi bilen bagly jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş babatyndaky ylalaşyklar boýunça ömre we saglyga ýetirilen zyýanyň, ätiýaçlandyryjylaryň we ätiýaçlandyrylanlaryň saglygy goraýyş çykdajylarynyň öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri. Galan halatlarda meýletin ätiýaçlandyrma ylalaşyklary boýunça ätiýaçlandyryş tölegleriniň, şahsy adamlar tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary görnüşinde tölän möçberinden artyk gelýän möçberi salgyt salynmaga degişlidir;
d) şahsy taraplardan miras we peşgeş almak tertibinde pul we hakyky özlügi (natural) görnüşinde alynýan girdejiler, muňa ylmy, edebi, sungat eserleriniň awtorlarynyň, şeýle hem açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň we senagat nusgalarynyň mirasdarlaryna (hukuk mirasdüşerlerine) tölenilýän hak girmeýär;
e) salgyt döwründe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň on essesinden ýokary bolmadyk, edara görnüşli taraplardan alynýan sowgatlaryň bahasy. Görkezilen mukdardan artýan möçber umumy bellenilen tertipde girdejä goşulýar;
ä) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alynýan, aşakdakylar bilen baglanyşykly öwezini doluş tölegleri:
adamyň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak;
zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek, işsapar çykdajylarynyň öwezini dolmak, ýörite geýimleri, meýdan haklaryny bermek we ş.m.;
başga ýere işe geçirilmek;
mugt ýaşaýyş jaýlaryny bermek we jemagat hyzmatlaryny etmek;
hakyky özlügi (natural) görnüşinde berilmäge degişli pul üpjünçiliginiň tölegi we onuň ýerine tölenilýän pul möçberleri;
işgärleriň işden çykmagy. Görkezilen töleglere Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan, işgäre ol işden boşan mahaly tölenilýän tölegleriň ähli görnüşleri goşulýar;
beýleki çykdajylaryň öwezini dolmak.
Görkezilenler peýdalanylmadyk zähmet rugsady üçin öwezini doluş töleglerine degişli däldir;
f) ýokary okuw mekdeplerinde, ýörite orta hünärmentçilik mekdeplerinde okaýan talyplara, dini okuw mekdepleriniň diňleýjilerine şol okuw jaýlary tarapyndan bellenilýän, Türkmenistanyň Prezidenti, öz tertipnama laýyk işleriniň çäklerinde jemgyýetçilik birleşikleri we gaznalar, daşary ýurt döwletleri, halkara we döwletara (hökümetara) guramalary tarapyndan döredilýän we tölenilýän talyp haklary;
g) aliment görnüşinde gelýän serişdeler;
h) şikes almagy ýa-da saglygyna başga hili zeper etmegi sebäpli zähmete ukyplylygyny ýitirmegi netijesinde, şeýle hem ekleýjisini ýitirmegi bilen baglanyşykly tölenilýän birwagtlaýyn hemaýat pullary;
i) gan tabşyrýandygy (donor kömegi) üçin tölenilýän hak;
j) telekeçilik işi netijesinde emläkleri ýerlemekden we paýnamalary, obligasiýalary, beýleki gymmatly kagyzlary, kärhana paýly gatnaşmak hukugyny aýrybaşgalamakdan gelen serişdelerden başga, eýeçilik hukugy boýunça raýatlara (şahsy adamlara) degişli emläkleriň ýerlenilmeginden alnan serişdeler;
ž) edara görnüşli taraplaryň raýatlara edýän maddy kömekleriniň pul möçberi:
onuň möçberine garamazdan, tebigy betbagtçylyk ýa-da beýleki adatdan daşary ýagdaýlar bilen baglanyşykly alynýan serişdeler;
başga ýagdaýlarda - salgyt döwrüniň dowamynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň on essesinden ýokary bolmadyk möçberde;
k) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarda, milli howpsuzlyk edaralarynda we harby birikmelerde çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylaryň alýan pul üpjünçiliginiň möçberleri, pul sylaglary we beýleki tölegler;
l) aşakdakylary ýerlemekden alynýan girdejiler:
mellek ýerlerinde we şahsy kömekçi hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümleri (şol sanda gülçülik we bal arysyny saklamak) hakyky özlügi (natural) we olaryň gaýtadan işlenen görnüşinde. Şunda mellek ýerleriniň we şahsy kömekçi hojalyklarynyň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň görkezilmegi hökmandyr;
hakyky özlügi (natural) we gaýtadan işlenen görnüşde ýabany ösýän miweleri, hozlary we beýleki miweleri, kömelekleri, tohumlary, derman ösümliklerini, aw önümlerini, ösdürip ýetişdirilýän we tutulýan balyklary ýerlemek;
m) mallary, tut ýüpek gurçuklaryny we ş.m. ösdürip ýetişdirmek we baga bakmak boýunça hyzmatlary etmekden gelen girdejiler;
n) şu aşakdakylar:
oba hojalygynda kärendeçiler tarapyndan içki hojalyk kärende şertnamalary esasyndaky işlerden alnan girdejiler, şeýle hem içki hojalyk kärende şertnamalary boýunça alnan oba hojalyk önümini we onuň gaýtadan işlenen önümini ýerlemekden alnan girdejiler;
oba hojalyk kärhanalarynda hakyna tutma işgärler tarapyndan alnan girdejiler, dolandyryş edaralarynyň işgärleri (ýolbaşçylar, hünärmenler, gullukçylar) muňa girmeýär;
hususy eýeçilikdäki oba hojalyk önümlerini öndürijiler tarapyndan, olaryň öndüren oba hojalyk önümini we onuň gaýtadan işlenen önümini ýerlemekden alnan girdejileri;
ň) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alynýan, hususylaşdyrylýan emlägiň bahasy;
o) raýatlaryň bank goýumlary, depozit güwänamalary boýunça göterimler, şeýle hem şu Kodeksiň 164-nji maddasynyň 13-nji bendine laýyklykda gelip gowuşan pul serişdeleri;
ö) şahsy ýa-da toparlaýyn ýaryşlarda türgenleriň ýaryşyň resmi gurnaýjylaryndan alýan baýraklarynyň bahasy;
p) bäsleşiklerde we ýaryşlarda alnan baýraklaryň, şeýle hem salgyt döwründe Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň üç essesinden ýokary bolmadyk islendik utuşlaryň bahasy;
r) Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgütleri boýunça berilýän pul we zat baýraklary, sowgatlary we sylaglary;
s) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň daşary ýurda iberilen işgärleriniň zähmetine tölenilýän haklaryň möçberi we olaryň daşary ýurt pulunda alýan beýleki pul möçberleri;
ş) edara görnüşli taraplaryň öz işgärlerine ýa-da olaryň deregine, çagalar we ýetginjekler üçin çagalar hem-de beýleki sagaldyş edaralaryna ýollamanamalarynyň bahasynyň, doly ýa-da bölekleýin öwezini dolmak tertibinde tölenilen pul möçberleri, şeýle hem öz işgärleriniň gündizine ýa-da ýatymlaýyn alýan saglygy goraýyş hyzmatlarynyň bahasy; Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň serişdeleriniň hasabyna doly ýa-da bölekleýin tölenilýän maddy kömek, ýollamanamalaryň we sowgatlaryň bahasy;
t) Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda maşgala agzalary we (ýa-da) golaý garyndaşlary diýlip ykrar edilýän raýatlaryň emläk we emläk däl gatnaşyklary bilen baglanyşykly amallardan girdejileri, görkezilen raýatlaryň raýat-hukuk häsiýetli şertnamalary ýa-da zähmet şertnamalaryny (ylalaşyklary) baglaşmagy netijesinde alan girdejileri muňa degişli däldir;
u) Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn çözgütlerine laýyklykda, raýatlaryň ýeňillikli bahalardan ýa-da olaryň bahasy tölenilmezden emläkleri (harytlary, işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alan maddy girdejisi;
ü) grantlar görnüşinde alnan serişdeler;
w) sirk hyzmatlaryny amala aşyrýan şahslaryň zähmet haky (şol sanda daşary ýurt raýatlarynyň alýan girdejileri).
2. Şu aşakdakylara girdeji hökmünde seredilmeýär:
karz serişdeleriň islendik möçberleri;
salgyt töleýjiniň eýeçiligindäki we ygtyýaryndaky nagt we nagt däl daşary ýurt pulunyň hümmetiniň oňyn tapawudy (hususy telekeçileriň kassasynda we bank hasaplarynda duran we telekeçilik işini amala aşyrmak üçin ulanýan daşary ýurt pulundan başgasy);
gatnaşyjy (paýdar, paýçy) gatnaşyjylaryň düzüminden çykanda, onuň edara görnüşli tarapyň esaslyk maýasyna ilkibaşky gatanjynyň çäklerinde ýa-da ýatyrylýan edara görnüşli tarapyň emlägi gatnaşyjylaryň arasynda paýlananda alan serişdeleri;
gymmat bahaly kagyzlaryň gymmaty üýtgän ýagdaýynda emele gelen oňyn tapawut;
şu Bitewi kanunyň 49-njy maddasynyň 4-nji bölüminiň talaplaryna laýyklykda alnan göterimler;
borçnamalary üpjün etmek üçin girew ýa-da ujundan geçirme hökmünde alynýan emläkler.
3. Şu aşakdakylara telekeçilik işinden alnan girdeji hökmünde seredilmeýär:
şereketden çykanda ýa-da ýapylýan şereketiň emläkleri onuň gatnaşyjylarynyň arasynda paýlananda, bilelikde işlemek barada şertnamanyň (şereketiň) gatnaşyjysynyň ilkibaşdaky gatanjynyň çäginde alan serişdesi;
komissiýa şertnamasy boýunça komissioner tarapyndan alnan, şeýle hem komissioneriň komitentiň ýerine eden harajatlarynyň öwezini dolmak üçin baglaşylan şertnamanyň şertlerine laýyklykda, bu harajatlar komissioneriň çykdajylaryna goşulmaga degişli däl ýagdaýynda, alan emlägi. Bu tabşyryk şertnamalaryna ýa-da şuňa meňzeş beýleki şertnamalara hem degişlidir.
31. Erkin ykdysady zolaklaryň (syýahatçylyk-rekreasion kysymly erkin ykdysady zolaklardan başga) gatnaşyjylary bolan ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň-hususy telekeçileriň girdejileri, olaryň işiniň birinji on ýylynda salgyt salynmaga degişli däldir.
4. Daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryndan, konsullyk edaralaryndan we halkara, döwletara (hökümetara) guramalaryndan, daşary ýurt raýatlarynyň, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň alýan girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir.
Şunuň ýaly wekilçilikleriň (edaralaryň we guramalaryň) işgärleriniň öý hyzmatkärleri, eger olar Türkmenistanyň raýatlary däl bolsalar ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşamaýan bolsalar, olaryň öý hyzmatkärleri hökmünde alýan iş haklary salgyt salmakdan boşadylýar.
5. Şu aşakdakylaryň girdejileri salgyt salynmaga degişli däldir:
Türkmenistanyň Gahrymanlary;
Türkmenistanyň "Ruhnama" ordeni bilen sylaglanan adamlar;
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda weteranlar derejesine degişli edilen adamlar; (187-nji maddasynyň bäşinji böleginiň dördünji tesimine girizilen üýtgetmeler 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlanýan döwür üçin ulanylýar – Türkmenistanyň 02.03.2013 ý. № 378-IV kanuny esasynda);
söweş hereketleri netijesinde maýyp bolanlar;
çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplary;
18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagany (şol sanda perzentlige alnan we öweý maýyplygy bolan çagany) terbiýeläp saklaýan ene-atalar ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar (şunda hususy telekeçiler we hünär hyzmatlaryny amala aşyrýan taraplar üçin – salgyt özeniniň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 600 essesi möçberindäki böleginde);
radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar.
Bilim edaralaryny tamamlan we işe kabul edilen ýaş hünärmenler üçin hasaplanan salgydyň möçberi, olaryň alýan ähli girdejileri boýunça işe başlan aýyndan başlap ilkinji 12 aýyň dowamynda – 50 göterim, ondan soňky 24 aýyň dowamynda 25 göterim azaldylýar.
Türkmenistanyň "Edermenlik" medaly bilen sylaglanan adamlar üçin hasaplanan salgydyň möçberi, olaryň alýan ähli girdejileri boýunça 50 göterim azaldylýar.
Özleri babatda şeýle boşatmak (ýeňillikler) ulanylýan adamlaryň hukuklarynyň tassyklanylmagy bellenilen tertipde olar tarapyndan berlen resminamalar (olaryň nusgalary) esasynda geçirilýär.
6. Daşary ýurduň döwlet gullugynda duran raýatyň hakyna tutma işden alan girdejisi, oňa şol döwletde salgyt salynmaga degişli bolsa, salgyt salynmaga degişli däldir.
(2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabryndaky, 2011-nji ýylyň 26-njy martyndaky, 2013-nji ýylyň 2-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky , 2017-nji ýylyň 9-njy oktýabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky, 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki, 24-nji iýulyndaky we 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 48-nji madda, 2010 ý., № 2, 45-nji madda; 2011 ý., № 1, 24-nji madda; 2013 ý., № 1, 7-nji madda; 2016 ý., № 2, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda; № 3, 78-nji madda; № 4, 115-nji madda).
188-nji madda. Jemi girdejiden aýyrmalar
1. Şu Bitewi kanunyň 185-nji maddasynyň 3-nji bölümine laýyklykda salgyt binýadynyň möçberi kesgitlenende salgyt töleýjiniň salgyt döwrüniň her aýynda aşakdaky salgyt aýyrmalaryna hukugy bardyr:
a) islendik şahsy tarap – Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň bir essesi möçberinde;
b) adatdan daşary hadysalaryň (heläkçilikler, betbagtçylyklar we beýleki tebigy hadysalar) netijesinde, şeýle hem bu hadysalaryň öňüni almaklyga gatnaşmagyň netijesinde maýyp bolan şahsy tarap - Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 4 essesi möçberinde;
ç) şu Bitewi kanunyň 187-nji maddasynyň 5-nji bölüminde we şu maddanyň 1-nji bölüminiň "b" bölümçesinde görkezilmedik maýyplar - Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 2 essesi möçberinde;
d) garamagynda eklenip bilmeýän adamlary saklaýan şahsy tarap - Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň 1 essesi möçberinde, her bir eklenip bilmeýän adam üçin. Görkezilen salgyt aýyrmasy ýanýoldaşlara ýa-da maşgalanyň eklenip bilmeýänleri saklaýan başga bir agzasyna hem degişlidir.
Salgyt töleýji üçin eklençdäki adam diýip, onuň doly eklenjinde bolan ýa-da ondan hemaýat alýan, bu kömek onuň ýaşaýşynyň hemişelik we esasy çeşmesi bolup durýan maşgala agzasy ykrar edilýär.
Eklençdäki adama, hususan-da, şular degişli edilýär:
salgyt töleýjiniň olary saklamak üçin aliment töleýän ýa-da aliment alýan şahsy taraplary;
döwletiň olary saklamak üçin raýatlara hemaýat puly tölenýän çagalar;
çaga doguranlygy bilen baglanyşykly, hak alman zähmet rugsadynda bolýan aýallar;
çaga seretmek boýunça döwletiň hemaýat puluny alýan şahsy tarap, eger olarda başga özbaşdak girdeji çeşmesi bolmadyk ýagdaýynda.
Eklençdäki adama aşakdakylar degişli edilmeýär:
talyp hakyny we pensiýa alýan adamlar, şeýle hem döwletiň eklenjinde bolýan beýleki adamlar;
çaga doguranlygy bilen baglanyşykly, hak alyp zähmet rugsadynda bolýan aýallar.
Eklençdäki adamyň ony saklaýan salgyt töleýji bilen bile ýaşaýandygyna ýa-da ýaşamaýandygyna garamazdan, salgyt aýyrmalary berilýär;
e) Türkmenistany goran mahaly, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunda, beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerinde ýa-da harby gullukda, içeri işler we milli howpsuzlyk edaralarynda gulluk döwründe ýaralanana, seňselän ýa-da maýyp bolup aradan çykan ýa-da söweş hereketleri bilen baglanyşykly keselläp aradan çykan harby gullukçylaryň ene-atasy we adamsy (aýaly) üçin - Türkmenistanyň kanunçylygy bilen salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň üç essesi möçberinde.
Salgyt töleýji şu bölümin "b"-"ýe" bölümçelerinde görkezilenler babatynda birnäçe esas boýunça jemi girdejisinden salgyt aýyrmasyna hukugy bolan ýagdaýynda, iň köp möçberde emele gelýän diňe bir esas boýunça salgyt aýyrmasy ulanylýar.
2. Salgyt töleýjileriň meýletin pensiýa we (ýa-da) saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasy boýunça geçirmeleriň möçberinde salgyt aýyrmasyna hukugy bardyr.
3. Salgyt töleýjiler şu maddada göz öňünde tutulan salgyt aýyrmalaryny, bu aýyrmalaryň esasy iş ýeri boýunça iş beriji tarapyndan geçirilýän halatyndan başga ýagdaýlarda, özbaşdak amala aşyrýarlar we salgyt beýannamalarynda görkezýärler.
4. Şu maddanyň 1-nji bölüminde bellenen salgyt aýyrmalary tassyklanan tertipde berlen, bu salgyt aýyrmasyna hukuk berýän tassyklaýjy resminamalaryň (olaryň nusgalarynyň) esasynda amala aşyrylýar.
5. Salgyt döwrüniň dowamynda salgyt töleýjä salgyt aýyrmasy berilmedik ýa-da şu maddada göz öňünde tutulan möçberden az berlen bolsa, onda salgyt döwrüniň tamamlanmagy bilen salgyt töleýjiniň salgyt beýannamasyna goşulan arzasynyň we şeýle salgyt aýyrmasyna hukuk berýän tassyklaýjy resminamalar esasynda, salgyt edarasy şu maddada göz öňünde tutulan möçberde salgyt aýyrmasyny bermek bilen salgyt binýadyny gaýtadan hasaplamagy geçirýär.
Haçan-da salgyt töleýji tarapyndan aýyrmalara hukugy tassyklaýan resminamalaryň (olaryň göçürme nusgalarynyň) berilmändiginiň ýa-da wagtynda berilmändiginiň netijesinde, şeýle aýyrmalar salgyt ýumuşçysy tarapyndan berilmedik ýa-da az möçberde berlen bolsa, salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt özeni gaýtadan hasaplanylýar. Gaýtadan hasaplamak şu Bitewi kanunyň 195-nji maddasynyň sekizinji bölegi bilen bellenilen möhletlerde geçirilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 47-nji madda).
189-njy madda. Telekeçilik işi, hünär hyzmatlary bilen baglanyşykly salgyt we beýleki aýyrmalar
1. Şu Bitewi kanunyň 185-nji maddasynyň 3-nji bölümine laýyklykda salgyt binýady hasaplananda, salgyt töleýjileriň aşakdaky toparlary görkezilen salgyt aýyrmalaryna hukugy bardyr:
a) hususy telekeçiler – girdeji almak bilen baglanyşykly, olar tarapyndan hakyky harçlanan we resminamalar bilen delillendirilen çykdajylaryň möçberinde.
Görkezilen çykdajylar şu Bitewi kanunyň 154-169-njy maddalaryna laýyklykda edara görnüşli taraplar üçin bellenen tertipde, eger bu maddalarda başga tertip bellenmedik bolsa, aýrylmaga kabul edilýär. Şunuň ýaly tertip ýerlenmekden daşarky çykdajylar (ýitgiler) babatynda hem ulanylýar;
b) raýat-hukuk häsiýetli (şol sanda hünär hyzmatlary) şertnamalary boýunça ýerine ýetirilen işlerden (edilen hyzmatlardan) girdeji alýan salgyt töleýjiler - şu işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) bilen gönüden-göni baglanyşykly, olar tarapyndan hakyky harçlanan we resminamalar bilen delillendirilen çykdajylaryň möçberinde;
ç) awtorlyk hakyny ýa-da ylym, edebiýat we sungat eserlerini döredendigi, ýerine ýetirendigi ýa-da başga bir görnüşde ulanandygy üçin, açyşlar, oýlap tapyşlar we senagat nusgalary üçin hak alýan salgyt töleýjiler - şu işleri ýerine ýetirmek (hyzmatlary etmek) bilen gönüden-göni baglanyşykly, olar tarapyndan hakyky harçlanan we resminamalar bilen delillendirilen çykdajylaryň möçberinde;
d) gymmatly kagyzlar bilen geçirilýän amallardan we kärhana paýly gatnaşmak hukugyny aýrybaşgalamakdan girdejileri alýan salgyt töleýjiler - gymmatly kagyzlary we kärhana paýly gatnaşmak hukugyny satyn almak we satmak bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan, hakykatda harçlanylan we resminamalar bilen delillendirilen çykdajylaryň möçberinde.
Bu çykdajylary resminamalar bilen delillendirmek mümkin bolmadyk ýagdaýynda, salgyt aýyrmalary aşakdaky möçberlerde kabul edilýär:
Harajatlaryň ölçegi
(girdejä göterim gatnaşygynda)
Edebi eserleri döretmek, şol sanda teatr, kino, estrada we sirk üçin 20
Çeper-grafiki eserleri, çap üçin suratçylyk işleri, binagärlik
we dizaýn eserlerini döretmek 30
Heýkeltaraşlyk eserlerini, ýadygärlik-bezeg suratlaryny,
monumental-bezeg, bezeg-amaly sungatyny, gurluşly suratlary,
dürli tehnikalarda ýerine ýetirilen teatr we kino sungatyny
we şekillendirişi döretmek 40
Auidiowizual eserlerini (wideo-, tele- we kinofilmleri)
döretmek 30
Saz eserlerini döretmek:
Saz-sahna (opera, balet, sazly komediýa ) eserleri, simfoniýa , hor,
kamera-saz eserleri, üflenip çalynýan orkestr üçin eserleri, kino,
tele we wideofilmler hem-de teatr sahnalary üçin özboluşly sazlar; 40
beýleki saz eserleri, şol sanda çap etmeklige taýýarlanan saz
eserlerini döretmek 25
Edebiýat we sungat eserlerini ýerine ýetirmek 20
Ylmy işleri we işläp taýýarlamalary döretmek 20
Açyşlar, oýlap tapyşlar we senagat nusgalyklaryny döretmek
(ilkinji 2 ýylda ulanylmagy üçin alnan girdejä) 30
2. Şu maddanyň 1-nji bölüminiň "b" we "ç" bölümçelerinde görkezilen, salgyt töleýjileriň salgyt salynmaga degişli girdejisini kesgitlemek üçin göz öňünde tutulýan salgyt aýyrmalary hökmünde şu Bitewi kanunyň 155-nji maddasynda görkezilen, goşulan baha üçin salgydy hasaba almak bilen işleri ýerine ýetirmek we hyzmatlary etmek bilen baglanyşykly maddy çykdajylar hasaba alynýar.
3. Salgyt binýady hasaplananda resminamalar bilen delillendirilen çykdajylar şol birwagtda bellenen ölçegiň çägindäki çykdajylar bilen göz öňünde tutulyp bilinmez.
4. Şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen salgyt töleýjilere salgyt aýyrmalary şu Bitewi kanunyň 197-nji maddasyna laýyklykda berilýän salgyt beýannamasy esasynda berilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
190-njy madda. Girdejiniň hakyky alnan senesi
1. Girdejiniň hakyky alnan senesi şeýle hasaplanýar:
nagt pul serişdeleriniň alnan, salgyt töleýjiniň bankdaky hasabyna puluň geçirilen ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji tarapa pul serişdeleriniň geçirilen güni;
tölegiň hakyky özlügi (natural) görnüşinde alnan, şol sanda haryt (iş, hyzmat) görnüşinde alnan güni;
borçnamanyň tamamlanan, şol sanda özara talaplary hasaplaşyga almak arkaly tamamlanan güni;
maddy peýdanyň we durmuş eşretleriniň alnan güni (harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), beýleki emlägiň satyn alnan, göterimleriň tölenen, borçnamanyň we ş.m. tamamlanan güni).
2. Telekeçilik işini amala aşyrmakdan girdejileriň hakyky alnan senesi şu Bitewi kanunyň 168-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
191-nji madda. Salgyt we hasabat döwri
Salgyt döwri diýlip, salgyt ýyly ykrar edilýär.
Hasabat döwri girdejileriň aýry-aýry görnüşleri boýunça, salgyt ýylynyň dowamynda beýannama bermek talap edilen halatynda, birinji ýarym ýyl we salgyt ýyly hökmünde bellenýär.
192-nji madda. Salgyt möçberi
1. Şu Bitewi kanunda başgaça bellenilmedik bolsa, salgyt möçberi 10 göterim derejede bellenýär. Şunda işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda ‒ 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.
2. Şahsy taraplaryň humarly oýun işinden alýan girdejileri şu Bitewi kanunyň 172-nji maddasynyň 3-nji bölümine laýyklykda bellenen möçberler boýunça salgyt salynmaga degişlidir.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
193-nji madda. Salgydy hasaplamagyň tertibi
1. Şu Bitewi kanunyň 185-nji maddasynyň 3-nji bölüminde bellenen salgyt özeni babatyndaky salgydyň möçberi, şu salgyt özeniniň möçberini Bitewi kanunyň 192-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenen salgyt möçberine köpeltmek arkaly hasaplanýar.
Şu Bitewi kanunyň 185-nji maddasynyň 6-njy bölüminde bellenilen salgyt özeni babatyndaky salgydyň möçberi, şu Bitewi kanunyň 174-nji maddasynyň 4-nji bölümine laýyklykda hasaplanýar.
2. Salgydyň umumy möçberi şu maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda hasaplanyp çykarylan salgydyň möçberiniň goşulmasy netijesinde alnan möçberdir.
3. Salgydyň umumy möçberi, salgyt töleýjileriň alnan seneleri degişli hasabat (salgyt) döwrüne degişli edilen ähli girdejileri babatynda hasabat (salgyt) döwrüniň jemleri boýunça hasaplanyp çykarylýar.
4. Salgydyň möçberi manatda kesgitlenilýär. Salgydyň 50 teňňeden az möçberi hasaplanmaýar, 50 teňňe we ondan hem ýokary bolsa doly manada çenli köpeldilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
194-nji madda. Salgyt töleýjileriň aýry-aýry toparlary tarapyndan salgydyň hasaplanylyşy we tölenilişi
Öz işini «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda potratçylar ýa-da olaryň kömekçi potratçylary hökmünde amala aşyrýan taraplarda hakyna işleýän şahsy adamlaryň alýan girdejisinden salgydy hasaplamak we tölemek şu Kanunyň düzgünlerine laýyklykda geçirilýär.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
195-nji madda. Salgyt ýumuşçylary tarapyndan salgydyň hasaplanyp çykarylmagy we tölenilmegi
1. Şu maddanyň 2-nji bölümine laýyklykda salgyt ýumuşçylary diýlip ykrar edilen taraplar, şu taraplardan ýa-da olar bilen bolan gatnaşyklar netijesinde girdeji alan salgyt töleýji şu maddada göz öňünde tutulan aýratynlyklary hasaba almak bilen şu Bitewi kanunyň 193-nji maddasyna laýyklykda hasaplanyp çykarylan salgydyň möçberini hasaplap çykarmaga, salgyt töleýjiden tutup almaga we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemäge borçludyr.
2. Salgyt ýumuşçysy diýlip şu Bitewi kanunyň 184-nji maddasynyň 1-nji bölüminde görkezilen tölegleri göni töleýän taraplar ykrar edilýär:
Türkmenistanyň dahyllylary - edara görnüşli taraplar;
Türkmenistanyň çäklerinde öz işini hemişelik wekilhanasynyň, şahamçasynyň ýa-da wekilhanasynyň üstünden amala aşyrýan, Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan edara görnüşli taraplar;
hususy telekeçiler.
Aklawjylaryň girdejileriniň salgydy aklawjylaryň geňeşligi (olaryň edarasy) tarapyndan hasaplanyp çykarylýar, tutup alynýar we tölenýär.
Şu madda laýyklykda salgydy hasaplap çykarmak we tölemek salgyt töleýjiniň salgyt ýumuşçysy tarapyndan tölenýän ähli girdejilerinden geçirilýär, muňa hususy telekeçilere tölenýän girdejiler girmeýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli salgydyň pul möçberini hasaplamak, salgyt ýumuşçylary tarapyndan, salgyt döwründen başlap, her bir aýyň jemi boýunça ösýän jemler bilen, şol girdejilere degişli şu Bitewi kanunyň 192-nji maddasynyň 1-nji bölüminde bellenen salgyt möçberleri ulanylýan, şu salgyt döwrüniň geçen aýlarynda tutulan salgydyň pul möçberlerini hasaplaşyga almak bilen, şu döwürde salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt töleýjä hasaplanyp ýazylan ähli girdejiler babatynda geçirilýär.
Şunda salgyt ýumuşçysy tarapyndan girdejiniň möçberi şu Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda göz öňünde tutulan aýyrmalaryň möçberine azaldylmazdan salgydyň möçberi hasaplanyp çykarylýar. Görkezilenler esasy iş ýerinde zähmet ylalaşygy boýunça ýerine ýetiren, şu Bitewi kanunyň 188-nji maddasynda göz öňünde tutulan aýyrmalar berilýän işi üçin tölenilýän haka degişli däldir. Bu aýyrmalar salgyt ýumuşçysy tarapyndan salgyt töleýjiniň işiniň birinji doly bolmadyk aýy üçin haklaryň tölenmegine degişli ulanylmaýar.
4. Salgyt töleýjiden hasaplanyp çykarylan salgydyň möçberiniň tutulyp galmak salgyt ýumuşçysy tarapyndan, salgyt töleýjä ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji tarapa tölenmäge degişli pul serişdeleriniň hasabyna her gezek töleg tölenende geçirilýär.
5. Salgyt ýumuşçylary hasaplanyp çykarylan we tutulyp alnan pul möçberlerini ol nagt pul serişdeleriniň bankdan hakyky alnan gününden gijä galman, girdeji üçin tölemäge geçirmäge borçludyrlar, şeýle hem salgyt ýumuşçylarynyň bankdaky hasabyndan salgyt töleýjiniň hasabyna şol gün girdeji üçin geçirilmelidir ýa-da salgyt töleýjiniň ýa-da onuň tabşyrygy boýunça üçünji tarapyň hasabyna geçirilmelidir.
Salgyt ýumuşçylary beýleki halatlarda hasaplanyp çykarylan we tutulyp alnan salgydyň möçberlerini salgyt töleýjiniň girdejini hakyky alan gününden soňky günden gijä galman geçirýärler, bu salgyt töleýji girdejini hakyky özlügi (natural) görnüşinde alanda geçirilýär.
6. Salgyt ýumuşçynyň salgyt töleýjiden hasaplap çykarylan we tutulyp alnan, salgydyň jemi möçberi salgyt ýumuşçysynyň hasaba duran ýerindäki salgyt edarasynda tölenýär.
Edara görnüşli taraplaryň aýrybaşgalanan bölümleriniň öz ýerleşýän ýeri boýunça Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemäge degişli salgydyň möçberi şu bölümleriň işgärlerine hasaplanyp çykarylan we tölenilýän, salgyt salynmaga degişli bolan girdejiniň möçberinden ugur alnyp kesgitlenilýär.
7. Salgyt ýumuşçylary salgyt töleýjilere olaryň arzalaryna görä, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň tassyklan görnüşi boýunça olaryň alan girdejileri we tutulyp alnan salgydyň möçberleri barada güwänamalary berýärler.
8. Salgyt töleýjiniň girdejisinden artykmaç tutulyp alnan salgydyň möçberi şol sanda şu Bitewi kanunyň 188-nji maddasynyň bäşinji böleginde görkezilen halatlarda salgyt töleýjiniň degişli arzasynyň berlen gününden otuz günden gijä galman salgyt ýumuşçysy tarapyndan yzyna gaýtarylmalydyr.
Şeýle adamlardan tutulyp alynmadyk ýa-da salgyt ýumuşçylary tarapyndan doly tutulyp alynmadyk salgydyň möçberi şol adamlardan salgyt boýunça bergisini doly üzýänçä, şu Bitewi kanunyň 46-njy maddasynda göz öňünde tutulan tertipde, töletdirilýär.
9. Salgyt ýumuşçylary geçen salgyt ýylyndan soňky ýylyň ýanwar aýynyň 20-ne çenli hasapda duran ýeri boýunça salgyt edaralaryna salgyt töleýjilere tölenýän girdejileriň möçberleri we olardan salgydyň tutulyp alnan pul möçberleri barada Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan görnüş boýunça maglumat berýärler.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndak, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2019 ý., № 4, 94-nji madda).
196-njy madda. Salgyt töleýjiler tarapyndan salgydyň hasaplanylyşy we tölenilişi
1. Salgydy hasaplap çykarmagy we tölemegi aşakdaky salgyt töleýjiler özbaşdak alyp barýarlar:
a) emlägi kireýine ýa-da kärendä bermek şertnamasy boýunça girdejileri goşmak bilen, raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar esasynda, salgyt ýumuşçylary bolmadyk gaýry şahsy taraplardan hak alýanlar;
b) Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän çeşmelerden girdeji alýan Türkmenistanyň dahyllylary;
ç) raýat-hukuk ylalaşyklary boýunça girdeji alýan hususy telekeçiler we şahsy taraplar (şol sanda hünär hyzmatlaryndan), şu girdejiler alnanda salgyt ýumuşçylary tarapyndan salgyt tutulmaly däldir;
d) salgyt ýumuşçylary tarapyndan salgyt tutulmadyk girdejiler alýanlar.
2. Şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen salgyt töleýjiler Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli salgydyň pul möçberini şu Bitewi kanunyň 193-nji maddasynda bellenen tertipde hasaplaýarlar.
Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli salgydyň umumy pul möçberi salgyt töleýji tarapyndan, salgyt töleýjä girdeji tölenende salgyt ýumuşçysy tarapyndan tutulan salgydyň pul möçberini hasaba almak bilen hasaplanýar.
3. Salgyt beýannamasynyň esasynda hasaplanan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenmäge degişli salgydyň umumy möçberi hasabat döwründen soňky ikinji aýyň 10-ndan gijä galman, daşary ýurt raýatlary tarapyndan bolsa, geçen salgyt ýylyndan soňky ýylyň aprel aýynyň 15-nden gijä galman tölenýär.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
197-nji madda. Salgyt beýannamasy
1. Şu Bitewi kanunyň 196-njy maddasynyň 1-nji bölüminde görkezilen salgyt töleýjiler tarapyndan (daşary ýurt raýatlaryndan başga) salgyt beýannamasy hasabat döwründen soňky aýyň 25-nden gijä galman salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabyna goýlan ýerindäki salgyt edarasyna berilýär. Daşary ýurt raýatlary salgyt beýannamasyny geçen salgyt ýylyndan soňky ýylyň aprel aýynyň 1-nden gijä galman berýärler.
Salgyt beýannamasyny bermek borjy ýüklenmedik şahsy taraplar salgyt döwrüniň tamamlanmagy bilen tutuş salgyt döwri üçin salgydyň pul möçberlerini gaýtadan hasaplamak üçin, girdeji salgydy baradaky beýannamany öz ýaşaýan ýerindäki salgyt edarasyna bermäge haky bardyr.
2. Salgyt ýylynyň dowamynda daşary ýurtly şahsy tarap, şu bitewi kanunyň 196-njy maddasyna laýyklykda ondan alynýan girdejilere salgyt salynmaga degişli işini togtadan we Türkmenistanyň çäklerinden daşary çykyp giden mahalynda, Türkmenistanyň çäginde bolan wagtynda häzirki hasabat (salgyt) döwründe hakykatdan hem alan girdejileri baradaky salgyt beýannamasy Türkmenistanyň çäginden daşary çykyp gitmeginden bir aýdan gijä galman berilmelidir.
Salgyt beýannamasy boýunça goşmaça hasaplanyp çykarylan salgydyň tölenilmegi şu bölümde beýannamany bermegiň tertibinde, şeýle beýannamanyň berlen pursadyndan on bäş günden gijä galman berjaý edilýär.
3. Salgyt töleýjiler salgyt beýannamalarynda hasabat (salgyt) döwründe özleriniň alan ähli girdejilerini, olaryň çeşmelerini, salgyt aýyrmalary, salgyt ýumuşçylary tarapyndan tutulan salgydyň möçberlerini, salgydyň hasabat (salgyt) döwrüniň dowamynda hakyky tölenen möçberini, hasabat (salgyt) döwrüniň netijeleri boýunça tölenmäge (goşmaça tölenmäge) ýa-da yzyna gaýtarylmaga degişli salgydyň möçberlerini görkezýärler.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
198-nji madda. Iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak
1. Beýleki döwletleriň salgyt kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň dahyllysy bolan tarapyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda tölän girdeji salgydynyň möçberi, girdeji salgydy Türkmenistanda tölenilende hasaplaşyga alynýar.
Hasaplaşyga alynýan salgydyň möçberi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda alnan girdeji boýunça şu Bitewi kanuna laýyklykda hasaplanyp çykarylan girdeji salgydynyň möçberinden köp bolmaly däldir.
Hasaplaşyga almak üçin degişli daşary ýurt döwletleriniň salgyt ýa-da gaýry ygtyýarly edarasynyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda salgydyň tölenendigini tassyklaýan resminamalary esas bolýar.
Görkezilenler iki gezek salgyt salmaklygy aradan aýyrmak baradaky şertnama (ylalaşyga) laýyklykda we bellenilen amal kadalary berjaý edilende, salgyt töleýjä gaýtarylyp bilinmejek şahsy adamlardan alynýan girdeji salgydyň möçberine degişlidir.
2. Salgyt tölemekden boşatmak ýa-da beýleki salgyt ýeňilliklerini bermek üçin Türkmenistanyň dahylsyzy bolan salgyt töleýji arza şeýle hem Türkmenistan bilen degişli salgyt döwründe (ýa-da onuň bir böleginde) hereket edýän, iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak barada şertnama (ylalaşyk) baglaşylan ýurduň dahyllysydygy barada resmi tassyknamany Türkmenistanyň salgyt edarasyna bermelidir.
Tassyknama we arza salgydyň tölenilmegine çenli, şeýle-de salgyt töleýjiniň salgyt döwrüniň jemleri boýunça salgydy tölemekden boşatmaklyga ýa-da ýeňilliklere dalaş edýän şol döwür tamamlanandan soňky üç ýylyň dowamynda hem berlip bilner.
Arzanyň görnüşi we ony tabşyrmagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär. Bellenilen görnüş boýunça düzülmedik arza, ony tabşyrmagyň tertibiniň bozulmagy salgyt edarasyna şeýle arza seretmekden boýun gaçyrmaga esas bolup durýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
199-njy madda. Türkmenistanda tölenilen girdeji salgydynyň möçberi hakynda tassyknama
Salgyt edarasy Türkmenistanyň dahyllylary bolup durmaýan salgyt töleýjileriň haýyş hatlary boýunça özleriniň Türkmenistanda girdeji salgydyny hakykatdan hem töländiklerini tassyklaýan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenen görnüşdäki resminamany bermäge borçludyr.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
200-nji madda. Hususy telekeçileriň girdejilerine salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy
1. Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän işleriň sanawy boýunça telekeçilik işiniň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmakdan girdeji alýan hususy telekeçilere degişlidir.
2. Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy girdeji salgydynyň bellenen ululygyny, şeýle-de telekeçilik işlerinden alnan umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyny (umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy), şu Bitewi kanunyň 188-nji we 189-njy maddalarynda bellenen aýyrmalaryň möçberini azaltmazdan, göz öňünde tutýar. Şunda 187-nji maddanyň bäşinji böleginde bellenen ýeňillikler ulanylmaýar.
3. Girdeji salgydynyň bellenen ululygy telekeçilik işleriniň her bir görnüşi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
Telekeçilik işleriniň birnäçe görnüşleri amala aşyrylanda girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň iň ulusy tölenilýär.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygy salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka tölenilýär. Bu döwür üç aýdan az bolmaly däldir.
Salgyt töleýjiniň amala aşyrýan işini wagtlaýynça duruzmagy – şu döwür üçin girdeji salgydynyň bellenen ululygyny tölemek boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň aradan aýrylmagyna, girdeji salgydynyň bellenen ululygy tölenilen döwürde bolsa, onuň möçberiniň üýtgemegine getirmeýär.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň hasaplanan möçberi şu ýagdaýlarda üýtgedilip bilner:
salgyt töleýji tarapyndan görkezilen döwürde işiň girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň has ýokary derejesi bellenen görnüşi amala aşyrylanda;
salgyt töleýji tarapyndan hususy telekeçi hökmündäki iş bes edilende.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygy salgyt töleýji aradan çykan halatynda onuň hukuk oruntutaryna gaýtarylyp berlip ýa-da salgytlar, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri üzmegiň hasabyna hasaplaşyga alnyp bilner. Görkezilenler artyk tölenilen umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyna hem degişlidir.
Girdeji salgydynyň bellenen ululygyny gaýtadan hasaplamak degişlilikde, işiň täze görnüşini amala aşyrmak başlanmazdan ýa-da işiň bes edilmezinden öň, salgyt töleýjiniň salgyt edarasyna berilýän arzasynyň esasynda geçirilýär.
Salgyt töleýjiniň hasaba duran ýerindäki salgyt edarasy salgyt töleýjä Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenen nusga boýunça girdeji salgydynyň bellenen ululygyny töländigine şaýatlyk edýän resminamany (tassyknama) berýär (uzaldýar). Tassyknama salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka berilýär (uzaldylýar).
Tassyknama salgyt töleýjiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüniň başlanmagyna çenli on günden giç bolmadyk möhletde salgyt babatda hasapda goýlan ýerindäki salgyt edarasyna onuň berýän arzasy esasynda berilýär (uzaldylýar).
Bu möhleti bozmak bilen tassyknamanyň güýjüni uzaltmak (täzesini bermek) üçin salgyt töleýji salgyt edarasyna ýüz tutan halatynda, bar bolan (ýa-da öň berlen) tassyknamada görkezilen döwrüň tamamlanýan möhletinden soňky seneden başlap tassyknamanyň güýji uzaldylmalydyr (täzesi berilmelidir). Şunda girdeji salgydynyň bellenen ululygynyň wagtynda tölenilmezligi şu Bitewi kanunyň 70-nji maddasyna laýyklykda puşmana töleginiň ulanylmagyna getirýär.
4. Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen telekeçilik işleriniň görnüşleri boýunça harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alynýan girdejini, şeýle-de şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerinde bellenen ýerlemekden daşarky amallardan alnan aýry-aýry girdejileri we çykdajylary (ýitgileri) öz içine alýan umumy girdejiniň jeminden hasaplanýar.
Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejini kesgitlemek maksady üçin, şu Bitewi kanunyň 186-njy maddasynyň we 187-nji maddanyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar.
Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydyny hasaplamak üçin şu bölege we şu maddanyň bäşinji we altynjy böleklerine laýyklykda kesgitlenýän umumy girdeji salgyt özeni bolup durýar.
5. Hasaba alynýan ýerlemekden daşarky girdejilere şular degişlidir:
ätiýaçlandyryş ýa-da gaýtadan baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlyk öwezini dolmalar;
jerime we beýleki çäreler görnüşinde ylalaşyk borçlarynyň bozulandygy üçin alnan serişdeler, şeýle-de ýitgileriň ýa-da zyýanyň öwezini dolmakdan alnan möçberler;
ozal hasapdan öçürilen bergileri üzmek üçin gelip gowşan möçberler;
talap möhletiniň geçendigi üçin ýa-da başga esaslar boýunça hasapdan öçürilen bergileriň pul möçberleri, şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasyna laýyklykda salgytlar (jerimeler we puşmana tölegler) boýunça tölenjegine umyt bolmadyk möçberlerden başgasy;
daşary ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy gymmatladylanda ýa-da daşary ýurt pulunda görkezilen borçlar arzanlandylanda oňyn aratapawut;
hasabat ýylynda ýüze çykarylan geçen ýyllaryň girdejileri:
ulanmakdan çykarylýan esasy serişdeler ýok edilen halatynda ýa-da sökülende alnan materialyň ýa-da beýleki emläkleriň bahasy;
tükelleýiş netijesinde ýüze çykarylan haryt-maddy gymmatlyklaryň artygynyň bahasy;
gaýry ýerlemekden daşarky girdejiler.
6. Hasaba alynýan ýerlemekden daşarky çykdajylara (ýitgilere) şular degişlidir:
daşary ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy arzanladylanda ýa-da daşary ýurt pulunda görkezilen borçlar gymmatladylanda oňaýsyz hümmet tapawudy;
kazyýetde işlere seredilendigi üçin çykdajylar;
jerimeler, puşmana tölegleri we maliýe jerimeleriniň beýleki görnüşleri, Türkmenistanyň Döwlet býujetine ýa-da başga döwletiň býujetine tölenýänden, şeýle-de ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça çykdajylardan başgasy;
talap möhletiniň geçendigi üçin ýa-da başga esaslar boýunça hasapdan öçürilen algylaryň jemi;
ozal hasapdan öçürilen bergileri üzülişmäge tölenen pul möçberleri;
hasabat ýylynda ýüze çykarylan geçen ýyllaryň çykdajylary (ýitgileri);
tebigy betbagtçylykdan, ýangyndan, heläkçiliklerden we beýleki adatdan daşary hadysalardan çekilen ýitgiler, heläkçiliklerden we beýleki adatdan daşary hadysalardan çekilen ýitgileri aradan aýyrmak ýa-da düzetmek üçin çykdajylary hem goşmak bilen.
7. Umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydynyň möçberi umumy girdejiniň 2 göterimi möçberinde bellenilýär. Şunda işgärleriniň azyndan 75 göterimi 35 ýaşa çenli bolan, ýaşlar telekeçiligine degişli edilen ýaşlar üçin salgydyň bellenilen möçberi işiniň birinji salgyt ýylynda ‒ 50 göterim, ikinji we üçünji salgyt ýyllarynda 25 göterim azaldylýar.
8. Hasabat (salgyt) döwri şu Bitewi kanunyň 191-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýär.
9. Hasabat (salgyt) döwri üçin umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy şu maddanyň dördünji bölegine laýyklykda hasaplanýan salgyt özenini şu maddanyň ýedinji böleginde kesgitlenen salgyt möçberine köpeltmek arkaly kesgitlenýär.
10. Salgyt beýannamasy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen salgyt töleýjiler tarapyndan, hasabat döwründen soňky ikinji aýyň 15-nden gijä galman salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabyna duran ýerindäki salgyt edarasyna berilýär.
Salgyt beýannamasy esasynda hasaplanan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemäge degişli umumy girdejiden tölenilýän girdeji salgydy geçen hasabat döwründen soň gelýän ikinji aýyň 25-nden gijä galman tölenmelidir.
Şu maddanyň ýedinji bölegine laýyklykda 2 göterim möçberinde bellenilen girdeji salgydynyň möçberi salgyt töleýjileriň hasaplaşyk hasaplaryna gelip gowşan serişdelerden olar tarapyndan öňünden töleg hökmünde Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.
Şunda Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen salgydyň möçberi hasaplaşyga alynýar.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 136-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
7-nji bap. Ýerli ýygymlar
1-nji paragraf. Mahabatlandyrma üçin ýygym
201-nji madda. Mahabatlandyrma üçin ýygymy töleýjiler
1. Täjirçilik häsiýeti bolan mahabatlandyrmany ýaýradýan şahsy we edara görnüşli taraplar mahabatlandyrma üçin ýygymy töleýjiler bolup durýarlar.
2. Öz işini "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan edara görnüşli taraplar mahabatlandyrma üçin ýygymy töleýjiler bolup durmaýarlar.
202-nji madda. Mahabatlandyrma üçin ýygym salynýan binýat we şu ýygymy hasaplamagyň özeni
1. Töleýji tarapyndan özbaşdak ýa-da köpçülikleyin habar beriş serişdeleriniň we mahabatlandyrma gulluklarynyň üstünden ýaýradylýan täjirçilik häsiýeti bolan mahabatlandyrma ýygym salynýan binýat bolup durýar.
Şu aşakdakylara mahabatlandyrma üçin ýygymy salmagyň binýady hökmünde seredilmeýär:
a) şahsy we edara görnüşli taraplaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylýan, telekeçilik (täjirçilik) işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolmadyk bildirişleri habarnamalary ýa-da habarlary;
b) jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine gönükdirilen mahabatlandyrma;
ç) jaýa girilýän ýerdäki, jaýyň içindäki ýa-da witrinalardaky mahabatlandyrma ýazgylary;
d) maýyplar guramalarynyň dikeldiş ýa-da durmuşy çäreleriniň mahabatlandyrmasy;
e) haýyr-sahawat çäreleriniň mahabatlandyrmasy.
2. Mahabatlandyrma maglumatlaryny taýýarlamak we ýaýratmak bilen gönüden-göni baglanyşykly harajatlaryň jemi mahabatlandyrma üçin ýygymy hasaplamagyň özeni bolup durýar.
Mahabatlandyrma üçin harajatlara şular degişlidir:
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üstünden mahabatlandyrma çärelerini (şol sanda metbugatda bildirişleri bermek, radio we telewideniýe boýunça bermek) geçirmek we telekommunikasiýa ulgamlary üçin çykdajylar;
mahabatlandyrma stendlerini we mahabatlandyrma şitlerini taýýarlamagy hem goşmak bilen yşykly we beýleki daşky mahabatlandyrma üçin çykdajylar;
sergilere, ýarmarkalara, ekspozisiýalara gatnaşmak, witrinalary, satuw sergilerini, nusgalyk otaglary, görkezilýän zallary bezemek, salgyt töleýji tarapyndan ýerine ýetirilýän işler we edilýän hyzmatlar we (ýa-da) salgyt töleýjiniň özi barada maglumat berýän mahabatlandyrma kitapçalaryny we kataloglary taýýarlamak görkezilýän wagtynda özüniň başky hilini doly ýa-da kem-käsleýin ýitiren harytlaryň bahasyny arzanlatmak üçin çykdajylar;
köpçülikleýin mahabatlandyrma çäreleri geçirilýän wagtynda ýaryşlaryň ýeňijilerine gowşurylýan baýraklary satyn almak (taýýarlamak) üçin çykdajylar, şeýle hem mahabatlandyrmanyň beýleki görnüşleri üçin çykdajylar.
Töleýjiler mahabatlandyrma maglumatlaryny taýýarlamak we ýaýratmak bilen gönüden-göni baglanyşykly çykdajylaryň aýratyn hasabyny alyp barmalydyrlar.
3. Degişli salgyt (hasabat) döwri üçin ýygym özeni şol salgyt (hasabat) döwründe harçlanan we salgyt salynýan peýdany kesgitlemek maksady bilen şu Bitewi kanunyň 154-nji maddasynyň ikinji böleginiň «d» bölümine laýyklykda aýyrmalara degişli edilen mahabatlandyrma üçin harajatlaryň jemi hökmünde kesgitlenýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 52-nji madda, № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
203-nji madda. Mahabatlandyrma üçin ýygymyň möçberleri
Mahabatlandyrma üçin ýygymyň möçberi aşakdaky derejelerde bellenýär:
Aşgabat we Arkadag şäherleri üçin - mahabatlandyrma üçin harajatlaryň bahasynyň 5 göterimi;
welaýat merkezleri bolup durýan şäherler üçin - mahabatlandyrma üçin harajatlaryň 4 göterimi;
beýleki ilatly ýerler üçin - mahabatlandyrma üçin harajatlaryň bahasynyň 3 göterimi.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
204-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
Mahabatlandyrma üçin ýygymyň salgyt we hasabat döwürleri senenama çärýegine deň bellenilýär.».
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
205-nji madda. Mahabatlandyrma üçin ýygymy hasaplamak
1. Mahabatlandyrma üçin ýygymy hasaplamak töleýjiler tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
2. Mahabatlandyrma üçin ýygymyň býujete tölenmeli pul möçberi şu Bitewi kanunyň 202-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýän özeniň şu Bitewi kanunyň 203-nji maddasynda bellenen ýygym möçberiniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
206-njy madda. Salgyt beýannamasyny bermek we mahabatlandyrma üçin ýygymy tölemek
1. Ýygymy töleýjiniň her biri her bir hasabat döwri üçin mahabatlandyrma ýygymy boýunça beýannamany bermäge borçludyr.
Geçen hasabat döwri üçin mahabatlandyrma ýygymy boýunça beýannama hasabat döwründen soňky aýyň 20-nden gijä galman berilýär.
2. Mahabatlandyrma üçin ýygymyň tölegi salgyt töleýji tarapyndan hasabat döwründen soňky aýyň 25-nden gijä galman geçirilýär.
2-nji paragraf. Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym
207-nji madda. Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy töleýjiler
1. Şu aşakdakylar şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy töleýjiler bolup durýarlar:
а) Türkmenistanyň dahyllylary bolan edara görnüşli taraplar, şeýle hem Türkmenistanyň çäklerinde öz işini şahamçanyň, wekilhananyň ýa-da hemişelik wekilhananyň üsti bilen amala aşyrýan daşary ýurtly edara görnüşli taraplar, hususy telekeçiler bilen baglaşylan, zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly, zähmet ylalaşygy (şertnama) we raýat-hukuk häsiýetli şertnamalar boýunça işleýän Türkmenistanyň dahyllylary bolan şahsy taraplar. Görkezilen edara görnüşli taraplar we hususy telekeçiler salgyt ýumuşçylary diýlip ykrar edilýär;
b) edara görnüşli taraplar, hususy telekeçiler bilen zähmet gatnaşyklary bilen bagly bolmadyk we raýat-hukuk häsiýetli ylalaşyklar boýunça işleri ýerine ýetirmekden (hyzmatlary etmekden) (şol sanda hünär hyzmatlaryny etmekden) girdeji alýan, ylmy, edebiýat we sungat eserlerini döredendigi, ýerine ýetirendigi ýa-da başga hili peýdalanandygy üçin awtorlyk hakyny ýa-da hak alýan açyşlaryň, oýlap tapyşlaryň we senagat nusgalarynyň awtorlaryna berilýän haky alýan, ylmy, döredijilik işi amala aşyrmakdan, beýleki zähmet borçlaryny ýerine ýetirmekden hak alýan Türkmenistanyň dahyllylary bolan şahsy taraplar, şeýle hem özbaşdak oba hojalyk önümlerini öndürmekligi amala aşyrýan adamlar. Taraplaryň görkezilen toparyna daşary ýurtlarda ýa-da daşary ýurtlardan gelip hakyna tutma işden girdeji alýan şahsy taraplar hem degişlidir;
ç) şahsy taraplar - hususy telekeçiler;
d) edara görnüşli taraplar, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde öz işini hemişelik wekilhanasynyň üstünden amala aşyrýan daşary ýurtly edara görnüşli taraplar.
2. Şu aşakdakylar şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy töleýjiler bolup durmaýarlar:
öz işlerini Türkmenistanyň "Uglewodorod serişdeleri hakynda" Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan edara görnüşli taraplar;
Türkmenistanyň Merkezi banky;
Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti.
maýa goýum pensiýa gaznalary;
maýyplary dikeltmegi amala aşyrýan guramalar;
bilim edaralary;
akkumulýator önümlerini öndürýän döwlet kärhanalary;». (Girizilen goşmaça resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär we 2018-nji ýylyň 31-nji dekabryna (goşmak bilen) çenli hereket edýär – Türkmenistanyň 21.11.2015 ý. № 312-V kanuny esasynda)
düzediş edaralary we olaryň önümçilik kärhanalary;
maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalary;
dini guramalar;
halkara, hökümetara, döwletara guramalar;
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar – diňe bu işden alynýan girdejiler böleginde.
(2007-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky, 1-nji oktýabryndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 21-nji noýabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 48-nji madda; № 4, 68-nji madda; 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2015 ý., № 3, 111-nji madda; № 4, 146-njy madda; 2016 ý., № 1, 52-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
208-nji madda. Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymyň möçberleri
Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym şu aşakdakylar babatynda bellenýär:
hususy telekeçiler bolup durýan şahsy taraplar üçin goşulan baha üçin salgydyň hasaplanyp ýazylan möçberine azaldylan, harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan jemi girdejiniň 0,3 göterimi, emma aýda 5 manatdan az bolmaly däl. Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan jemi girdeji şu Bitewi kanunyň 149-njy we 150-nji maddalaryna laýyklykda kesgitlenýär;
beýleki şahsy taraplar üçin - aýda 5 manat;
oba hojalyk kärhanalary üçin - şu Bitewi kanunyň II böleginiň 5-nji babyna laýyklykda peýdadan alynýan salgydy hasaplamak üçin kabul edilen peýdanyň şu Bitewi kanunyň 170-nji maddasynda bellenilen ýeňillikleri hasaba almazdan pul möçberiniň 0,5 göterimi;
edara görnüşindäki beýleki taraplar üçin - şu Bitewi kanunyň II böleginiň 5-nji babyna laýyklykda peýdadan alynýan salgydy hasaplamak üçin kabul edilen peýdanyň şu Bitewi kanunyň 170-nji maddasynda bellenilen ýeňillikleri hasaba almazdan pul möçberiniň 1,5 göterimi;
Şu maddanyň maksatlary üçin peýda kesgitlenende humarly oýun işinden alynýan girdejiler hem hasaba alynýar.
Salgyt we hasabat döwri diýlip salgyt ýyly ykrar edilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki, 2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky, 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2010 ý., № 2, 34-nji madda, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 107-nji madda).
209-njy madda. Salgyt beýannamasyny bermek we şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy tölemek
1. Şu Bitewi kanunyň 207-nji maddasynyň birinji böleginiň «ç» we «d» bölümlerinde görkezilen töleýjiler şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy özbaşdak hasaplaýarlar. Ýygymy tölemek töleýjiler (hususy telekeçiler muňa girmeýär) tarapyndan şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym boýunça hasabat döwri üçin beýannamany bermek boýunça bellenilen günden başlap bäş gün möhletde geçirilýär. Hususy telekeçiler üçin ýygymy tölemek geçen hasabat döwründen soň gelýän ikinji aýyň 25-inden giç bolmadyk möhletde geçirilýär.
Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym boýunça salgyt beýannamasy görkezilen taraplar tarapyndan bir ýyl boýunça maliýe hasabatyny tabşyrmak üçin göz öňünde tutulan möhletlerde, hususy telekeçiler üçin bolsa – Tükmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýän görnüş boýunça hasabat döwründen soňky gelýän ikinji aýyň 15-inden gijä galman berilýär.
2. Şu Bitewi kanunyň 207-nji maddasynyň 1-nji bölüminiň «a» bölümçesinde görkezilen şahsy taraplardan şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy hasaplamak, tutup almak we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemek salgyt ýumuşçylarynyň üstüne ýüklenýär, olar ony hasaplaýarlar, tutup alýarlar we şahsy taraplardan alynýan girdeji salgydyny tölemek üçin bellenen möhletlerde töleýärler.
Salgyt ýumuşçylary şahsy tarap esasy iş ýerinden geçen aý üçin ýygymyň tölenendigi barada tassyknama berende ýygymy tutup galmaýarlar.
Salgyt ýumuşçylary geçen salgyt ýylyndan soňky ýylyň ýanwar aýynyň 20-ne çenli özüniň salgyt hasabyna duran ýerindäki salgyt edarasyna hasaplanan, tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen, şäherleri, şäherçeleri we oba ýerlerini abadanlaşdyrmak ýygymyň möçberi baradaky maglumatlary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýän görnüş boýunça berýärler.
3. Şu Bitewi kanunyň 207-nji maddasynyň 1-nji bölüminiň «b» bölümçesinde görkezilen şahsy taraplar şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy özbaşdak hasaplaýarlar we şahsy taraplardan alynýan girdeji salgydyny tölemek üçin bellenen möhletlerde ýerli býujete töleýärler.
Görkezilen şahsy taraplar, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymyň salgyt döwründe salgyt ýumuşçylary tarapyndan tutulyp alnan we Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölenen aýlary üçin bu ýygymy tölemeýärler. Bu barada şahsy taraplar salgyt hasabynda duran ýerleri boýunça salgyt edarasyna ýazmaça habar bermeli we beýannamany bermek üçin bellenilen möhletde salgyt ýumuşçylarynyň bu baradaky tassyknamasyny bermeli. Şular ýaly tassyknamanyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.
(2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki we 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
3-nji paragraf. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym
210-njy madda. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler
1. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler diýlip, tölegli awtoduralga hökmünde peýdalanylýan ýer bölekleri berlen şahsy taraplar - hususy telekeçiler we edara görnüşli taraplar ykrar edilýär. Munda şunuň ýaly taraplar ýygymy töleýjiler bolup durýarlar we awtoduralga hökmünde peýdalanylýan ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça salgyt hasabyna durmaga borçludyrlar.
2. Daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýan awtoduralgalar babatynda awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler bolup durmaýarlar.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
211-nji madda. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym salynýan binýat we ýygymy hasaplamagyň özeni
1. Töleýjä bölünip berlen we tölegli awtoduralga üçin niýetlenen ýer bölegi ýygym salmak binýady bolup durýar.
Ýer bölegi awtoduralga hökmünde doly ýa-da bölekleýin peýdalanylyp ugran pursadyndan başlap, ýygym salynýan binýat bolup durýar.
Şu aşakdakylara ýygym salynýan binýat hökmünde garalmaýar:
milli syýahatçylyk zolaklarynyň subýektleri statusyny alan şahsy taraplara-hususy telekeçilere we edara görnüşli taraplara berlen, milli syýahatçylyk zolaklarynyň çäklerinde ýerleşýän tölegli awtoduralga hökmünde peýdalanylýan ýer bölekleri.
2. Şu maddanyň 1-nji bölüminde görkezilen ýer böleginiň umumy meýdany ýygymy hasaplamagyň özeni bolup durýar.
Birnäçe gaty bolan awtoduralgalar üçin her gatyň meýdany kabul edilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky we 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda; 2017 ý., № 3, 111-nji madda).
212-nji madda. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberi
Ýygymyň möçberi awtoduralganyň meýdanynyň bir inedördül metri üçin:
Aşgabat we Arkadag şäherleri üçin - 1,5 manat derejede;
welaýat merkezleri bolup durýan şäherler we Türkmenbaşy, Abadan şäherleri üçin - 1,2 manat derejede;
beýleki ilatly ýerler üçin - 0,9 manat derejede bellenýär.
(2010-njy ýylyň 10-njy maýyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda- Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 34-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
213-nji madda. Salgyt we hasabat döwürleri
Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym üçin salgyt we hasabat döwürleri senenama çärýegine deň bellenilýär.
(2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 118-nji madda).
214-nji madda. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamak
1. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamak töleýjiler tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
2. Ýygymyň pul möçberi şu Bitewi kanunyň 211-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýän özeni şu Bitewi kanunyň 212-nji maddasynda bellenen ýygym möçberine köpeltmek arkaly kesgitlenýär.
Ýygymy hasaplamak üçin salgyt (hasabat) döwründe töleýjiniň awtoduralgany näçe wagtlap ulanmak boýunça öz işini amala aşyran möhletine garalmaýar.
(2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 41-nji madda).
215-nji madda. Salgyt beýannamasyny bermek we awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy tölemegiň möhleti
1. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym üçin beýannama töleýjiler tarapyndan awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýji hökmünde hasaba duran ýeri boýunça salgyt edarasyna her bir hasabat döwri tamamlanandan soň, hasabat döwründen soňky aýyň 20-nden gijä galman berilýär.
2. Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymyň tölegi töleýjiler tarapyndan hasabat döwründen soňky aýyň 25-nden gijä galman geçirilýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda –Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda).
4-nji paragraf. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygym
216-njy madda. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymy töleýjiler
1. Türkmenistanyň çäklerinde awtomobilleri ýerlemegi amala aşyrýan edara görnüşli we şahsy taraplar awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymy töleýjiler bolup durýarlar.
2. Şu aşakdakylar awtomobilleri ýerlemekden alynýan ýygymy töleýjiler bolup durmaýarlar:
öz işlerini Türkmenistanyň "Uglewodorod serişdeleri hakyndaky" Kanunyna laýyklykda amala aşyrýan edara görnüşli taraplar;
Türkmenistanyň Merkezi banky.
(2007-nji ýylyň 1-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda –Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 135-nji madda).
217-nji madda. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygym salynýan binýat we ýygymy hasaplamagyň özeni
1. Awtomobilleriň (awtobuslaryň, pnewmatiki usulda ýöreýän ýük
we ýeňil awtomobilleriň) ýerlenilmegi ýygym binýady bolup durýar.
2. Awtomobilleri ýerlemek düşünjesi kesgitlenende şu Bitewi kanunyň 97-nji maddasy ulanylýar.
3. Ýygym salynýan binýada aşakdakylar goşulmaýar:
Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, mirasdüşerler diýlip ykrar edilýän adamlara awtomobilleriň berilmegi;
edara görnüşli taraplar gaýtadan guralanda mirasdüşere (mirasdüşerlere) awtomobilleriň berilmegi;
döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça awtomobilleriň berilmegi;
awtomobilleriň ene-atasyna, ýanýoldaşyna, doganlaryna, aýal doganlaryna, ogullaryna, gyzlaryna, agtyklaryna, şeýle hem ýanýoldaşynyň ene-atasyna, doganlaryna, aýal doganlaryna we çagalaryna sowgat berilmegi;
awtomobilleriň býujetdäki edaralar tarapyndan ýerlenilmegi;
awtomobilleriň binýadynda gurnalan ýörite tehnikany - awtokranlary, göçme laboratoriýalary, tiz kömek maşynlaryny we ş.m. ýerlemek;
daşary döwletler ýa-da halkara guramalary tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwerlik, maliýe we tehniki kömeginiň we kreditleriň (karzlaryň) taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde alynýan awtomobilleriň ýerlenilmegi;
döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan awtomobilleriň girdeji almak maksatsyz ýerlenilmegi;
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar tarapyndan diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylan awtomobilleriň ýerlenilmegi.
4. Aýry-aýry ýygym möçberi bellenen, ýerlenýän awtomobilleriň sany awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymy hasaplamagyň özeni bolup durýar.
(2007-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky, 2008-nji ýylyň 17-nji martyndaky, 2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 74-nji madda; 2017 ý., № 4, 147-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
218-nji madda. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň möçberi
Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:
ýeňil awtomobiller üçin:
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli – 10 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli – 20 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary – 40 essesi;
öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar – 10 essesi;
awtobuslar üçin:
10-15 orunlyk – 10 essesi;
16-25 orunlyk – 20 essesi;
25 orunlykdan ýokary – 30 essesi;
ýük awtomobilleri üçin:
ýük göterijiligi 5 tonna çenli – 10 essesi;
ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli – 20 essesi;
ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary - 40 essesi.
(2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 115-nji madda).
219-njy madda. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymy hasaplamak we tölemek
1. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymy hasaplamak töleýjiler
tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
2. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň pul möçberi şu Bitewi kanunyň 217-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýän özeniň şu Bitewi kanunyň 218-nji maddasynda bellenen ýygym möçberiniň jemi hökmünde kesgitlenýär.
3. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygym awtomobilleri ýerlemek boýunça geleşik resmileşdirilýän pursadyna çenli tölenýär.
4. Awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň tölenendigi baradaky
resminama, awtomobilleriň ýerlenilmegi üçin ýygymyň dogry hasaplanandygyna we doly tölenendigine gözegçilik etmek borjy üstüne ýüklenen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýa ýol gözegçiligi müdirligine awtomobiller hasapdan çykarylanda ýa-da bellige alnanda hökmany suratda berilýär.
(2007-nji ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda –Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 4, 74-nji madda).
5-nji paragraf. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym
220-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler
Türkmenistanyň çäginde awtoulag serişdeleri bolan edara görnüşli taraplar we şahsy taraplar awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler bolup durýarlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
221-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym salynýan binýat
1. Şu Bitewi kanunyň 220-nji maddasynda görkezilen taraplaryň awtoulag serişdeleri (motoulaglar, awtobuslar, ýeňil awtomobiller we ýük awtomobilleri) ýygym salynýan binýat bolup durýar.
Eýeleri iş saparlarynda bolandygy, harby gullugyny geçýändigi bilen baglylykda we başga sebäpler boýunça ulanylmaýan ulag serişdeleri hem ýygym salynýan binýat bolup durýar.
2. Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy tarapyndan dürli sebäplere görä tehniki gözegçilikden geçirilmedik awtoulag serişdeleri, awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym salynýan binýat bolup durmaýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
222-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamagyň özeni
Şu Bitewi kanunyň 223-nji maddasyna laýyklykda aýry-aýry möçberler bellenen, töleýjileriň eýeçiliginde bolan awtoulag serişdeleriniň sany awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamagyň özeni bolup durýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
223-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberleri
Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:
motoulaglar üçin – 2 essesi;
ýeňil awtomobiller üçin:
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetre çenli – 4 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 2000 kub santimetrden ýokary we 3500 kub santimetre çenli – 6 essesi;
hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3500 kub santimetrden ýokary – 10 essesi;
öndürilen ýyly we hereketlendirijisiniň iş göwrümi hasaba alynmanda 10 ýyl dolanlar – 4 essesi;
awtobuslar üçin:
10-15 orunlyk – 4 essesi;
16-25 orunlyk – 6 essesi;
25 orunlykdan ýokary – 10 essesi;
ýük awtomobilleri üçin:
ýük göterijiligi 5 tonna çenli – 10 essesi;
ýük göterijiligi 5 tonnadan ýokary we 10 tonna çenli – 20 essesi;
ýük göterijiligi 10 tonnadan ýokary – 30 essesi.
(2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 115-nji madda).
224-nji madda. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym boýunça ýeňillikler
Şular awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy tölemekden boşadylýarlar:
Türkmenistanyň Gahrymanlary;
Türkmenistanyň «Ruhnama» ordeni bilen sylaglanan adamlar;
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyklykda weteranlar derejesine degişli edilen adamlar;
söweş hereketleri netijesinde maýyp bolanlar;
çagalykdan maýyplar, I we II topar maýyplar;
radiasiýa betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken adamlar;
Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan adamlar;
maýyplaryň jemgyýetçilik birleşikleri we olaryň okuw-önümçilik kärhanalary;
maýyplary dikeltmegi amala aşyrýan guramalar;
dini guramalar;
«Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, potratçy we kömekçi potratçy bolup durýan edara görnüşli taraplar. Nebit işlerine degişli bolmadyk amallar geçirilen halatynda şular ýaly amallar üçin ulanylýan awtoulag serişdeleri babatynda bu taraplar awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy tölemekden boşadylmaýarlar;
býujet guramalar.
daşary ýurt döwletleriniň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryna we konsullyk edaralaryna wiza üçin ýüz tutmalary kabul etmek boýunça araçy hyzmatlaryny we olaryň çäklerindäki goşmaça hyzmatlary amala aşyrýan taraplar – diňe bu hyzmatlary amala aşyrmak üçin ulanylýan awtoulag serişdeleri babatynda.
Özleri babatda şeýle boşatmak (ýeňillikler) ulanylýan taraplaryň hukuklarynyň tassyklanylmagy bellenilen tertipde olar tarapyndan berlen resminamalar (olaryň nusgalary) esasynda geçirilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 22-nji madda).
225-nji madda. Salgyt döwri
Salgyt döwri diýlip salgyt ýyly ykrar edilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
226-njy madda. Ýygymy hasaplamak we tölemek
1. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymy hasaplamak töleýjiler tarapyndan özbaşdak amala aşyrylýar.
2. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň pul möçberi, şu Bitewi kanunyň 222-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýän özeniň şu Bitewi kanunyň 223-nji maddasynda bellenen ýygymyň degişli möçberine köpeldilmeginiň jemi hökmünde kesgitlenýär.
3. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygym her bir salgyt ýyly üçin şu maddanyň ikinji bölegine laýyklykda kesgitlenýän möçberde awtoulag serişdelerine tehniki gözegçilik geçirilmegi resmileşdirilýän pursadyna çenli tölenýär.
Awtoulag serişdelerine tehniki gözegçilik iki ýylda bir gezek geçirilýän ýagdaýynda, awtoulag serişdesiniň eýesi tarapyndan ýygym her salgyt ýyly üçin tölenilýär. Tehniki gözegçilik geçirmek üçin töleg tölenende, ýygymyň geçen salgyt ýyly üçin tölenendigi baradaky degişli resminama hem görkezilýär.
4. Awtoulag serişdesiniň salgyt ýylynyň dowamynda eýeçilikden aýrylmagy bilen baglylykda, öň tölenen ýygymyň pul möçberi yzyna gaýtarylmaga degişli däldir.
Awtoulag serişdesi salgyt ýylynyň dowamynda edinilen ýagdaýynda, şol ýyl üçin ýygym umumy bellenilen tertipde tölenilýär.
5. Awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň dogry hasaplanandygyna we doly tölenendigine gözegçilik etmek tehniki gözegçilik geçirmek üçin tölegleri kabul edýän degişli bank edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
Tehniki gözegçilik geçirmek üçin töleg tölenende awtoulag serişdeleriniň eýelerinden alynýan ýygymyň tölenendigi baradaky resminama degişli bank edarasyna görkezilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 48-nji madda).
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy,
Türkmenistanyň Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy