K A N U N Y
Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamak we
güýje girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 37-nji madda)
(Türkmenistanyň 26.08.2017 ý. № 604-V, 20.10.2018 ý. № 83-VI we 22.08.2020 ý.
№ 269-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1-nji madda. Türkmenistanyň Býujet kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda.Türkmenistanyň Býujet kodeksini, şu Kanunda bellenilen düzgünleriň hasaba alynmagy bilen, 2015-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda.Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünlerine esaslanýan býujet işiniň amala aşyrylmagyna tapgyrlaýyn geçilmegi bellemeli.
4-nji madda.Türkmenistanyň 2016-2022-nji ýyllar üçin Döwlet býujetleriniň işlenip düzülmegini, olaryň seredilmegini, tassyklanylmagyny we ýerine ýetirilmegini “Býujet sistemasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrmaly.
5-nji madda. 2016-2022-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetleriniň düzüminde Türkmenistanyň synag ministrlikleriniň işlenip düzülmegi, seredilmegi, tassyklanylmagy we ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda amala aşyrylmaly býujetleri göz öňünde tutulmaly.
6-njy madda. Türkmenistanyň 2023-2025-nji ýyllar (meýilnama döwri) üçin Döwlet býujetiniň işlenip düzülmegini, seredilmegini, tassyklanylmagyny we ýerine ýetirilmegini Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyklykda amala aşyrmaly.
7-nji madda. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1996-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky “Býujet sistemasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., №1-2, 2-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň XVII bölümini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň resmi taýdan çap edilen gününden başlap bir ýylyň dowamynda:
1) Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň düzgünleriniň amala aşyrylmagy boýunça çäreleri kesgitlemeli;
2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Býujet kodeksine laýyk getirmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2014-nji ýylyň 1-nji marty.
№ 37-V.
TÜRKMENISTANYŇ
BÝUJET KODEKSI
Türkmenistanyň Býujet kodeksi Türkmenistanyň býujet ulgamynyň guralyşynyň we hereket edişiniň umumy ýörelgelerini belleýär, Türkmenistanda býujet işiniň we býujetara gatnaşyklarynyň esaslaryny kesgitleýär.
I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Şu Kodeksde ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kodeksde şu esasy düşünjeler ulanylýar:
1) býujet – döwlet wezipelerini we işlerini maliýe taýdan üpjün etmek üçin niýetlenen pul serişdeleriniň emele getirilmeginiň we harajat edilmeginiň görnüşi;
2) býujet amallary – girdejileri geçirmek, çykdajylary maliýeleşdirmek boýunça amallar hem-de býujeti ýerine ýetirmegiň barşynda amala aşyrylýan beýleki amallar;
3) býujet çykdajylary – býujetiň döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň wezipeleriniň we işleriniň maliýe taýdan üpjün edilmegine gönükdirilýän pul serişdeleri;
4) býujet edarasy – Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralary, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan dolandyryş, durmuş-medeni, ylmy-tehniki ýa-da täjirçilik häsiýeti bolmadyk başga wezipeleriň amala aşyrylmagy üçin döredilen, işi degişli býujetden borçnamalar we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalary esasynda maliýeleşdirilýän edara;
5) býujetiň girdejileri – Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň ygtyýaryna muzdsuz we yzyna gaýtarylmasyz esasda gelip gowuşýan, döwletiň aktiwleriniň arassa gymmatynyň artmagyna getirýän pul serişdeleri;
6) býujet işi – döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, şeýle hem býujet işine beýleki gatnaşyjylaryň býujet ulgamynyň ähli derejesinde býujetleriň taslamalarynyň düzülmegi we olara seredilmegi, olaryň tassyklanylmagy, ýerine ýetirilmegi we döwlet maliýe gözegçiligi boýunça Türkmenistanyň býujet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän işi;
7) býujet maýa goýum taslamasy – bellenen döwrüň dowamynda durmuşa geçirilýän, gutarnykly häsiýeti bolan we täze desgalary döretmäge (gurmaga) ýa-da hereket edýän desgalaryň durkuny täzelemäge, desganyň çykdajy sanawyna girmedik enjamlary, maşynlary we mehanizmleri satyn almaga, şeýle hem maglumat ulgamlaryny döretmäge, ornaşdyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň jemi;
8) býujet maýa goýumlary –ykdysady bähbit almak ýa-da durmuş-ykdysady netijäni gazanmak maksady bilen, döwletiň aktiwleriniň gymmatynyň artdyrylmagyna, tebigy serişdeleriň gaýtadan dikeldilmegine gönükdirilen maliýeleşdirmek işi;
9) býujet maksatnamalaryny dolandyryjy – býujet maksatnamalarynyň meýilnamalaşdyrylmagyna, esaslandyrylmagyna, durmuşa geçirilişine we netijeleriň gazanylmagyna jogapkär döwlet edarasy;
10) býujet serişdeleri – döwlet eýeçiligine gelip gowuşmagy we harajat edilişi býujetde pul görnüşinde görkezilýän döwletiň maliýe we beýleki aktiwleri;
11) býujet serişdelerini alyjylar – býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň üstünden býujet serişdelerini alýan we olary býujet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine peýdalanýan býujet edaralary, şeýle hem fiziki we beýleki ýuridik şahslar;
12) býujetiň ýerine ýetirilişine kassalaýyn hyzmat etmek – serişdeleriň kassa arkaly býujetiň girdejilerine gelip gowuşmagy we býujet çykdajylaryny kassanyň üstünden geçirmek boýunça amallar we olary hasaba almak;
13) döwletiň aktiwleri – döwlet emlägini emele getirýän maýalaryň jemi;
14) döwlet edarasy – döwlet (merkezi) derejesinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ykdysadyýetiň degişli pudaklarynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça işi utgaşdyrmagy amala aşyrýan Türkmenistanyň ministrligi ýa-da pudaklaýyn dolandyryş edarasy, ýerli derejede - ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň tabynlygyndaky müdirlikler we bölümler;
15) girdejileri paýlamagyň ölçegi (normatiw) – girdejileri dürli derejedäki býujetleriň arasynda paýlamagyň göterimlerde bellenýän ölçegi;
16) hasabat maliýe ýyly – dowam edýän maliýe ýylynyň öň ýanyndaky ýyl;
17) netije görkezijileri – býujet maksatnamalarynyň göni we ahyrky netijeleriniň jemi, ol býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň orta möhletli meýilnamany we býujet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işini häsiýetlendirýär;
18) nobatdaky maliýe ýyly – dowam edýän maliýe ýylyndan soňky gelýän ýyl;
19) maliýe ýyly – senenama ýylynyň 1-nji ýanwaryndan başlap, 31-nji dekabrynda tamamlanýan döwür;
20) maýa goýum teklibi – býujet maýa goýum taslamasynyň býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar tarapyndan işlenip taýýarlanýan degişli çäreleriň ählisini goşmak bilen, taslamanyň maksadyny, ony amala aşyrmagyň ýollaryny görkezýän konsepsiýasy;
21) meýilnama döwri – dowam edýän maliýe ýylynyň soň ýanyndaky üç maliýe ýyly;
22) öndürilmedik aktiwler – tebigy aktiwler we jemgyýetçilik gurluşynyň önümleri. Tebigy aktiwler ýeri, ýeriň astyndaky gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýataklaryny, çäklere girýän açyk suwlardaky balyk serişdelerini (gorlaryny), şeýle hem oňa bolan eýeçilik hukugy hukuk ygtyýarlygy bilen üpjün edilen halatlarynda elektromagnit spektrini öz içine alýar. Jemgyýetçilik gurluşynyň önümleri patentleri we kärende şertnamalaryny öz içine alýar;
23) takyklanan býujet – Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mundan beýläk, şeýle-de Türkmenistanyň Hökümeti, döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň çözgütleriniň esasynda, şu Kodeksde bellenen tertipde tassyklanan býujetiň görkezijilerine girizilýän üýtgetmeler hasaba alnan býujet;
24) tassyklanan býujet - Türkmenistanyň Milli Geňeşi ýa-da döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasy tarapyndan degişli meýilnama döwri üçin tassyklanan býujet;
25) transfertler – subsidiýalar, grantlar, durmuş kömek pullary we pul we haryt (natural) görnüşde amala aşyrylýan gaýry çykdajylar:
a) subsidiýalar – önümçiligiň derejesine täsir etmek maksady bilen, şeýle hem bahalaryň we tarifleriň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly emele gelýän ýitgileriň öwezini dolmak üçin býujet serişdeleriniň hasabyna ýuridik şahslara gündelik muzdsuz berilýän tölegler;
b) grantlar – býujet edarasy tarapyndan degişli döwlet edarasyndan, daşary ýurt döwletleriniň hökümetlerinden, halkara guramalaryndan alynýan hökmany bolmadyk gündelik we düýpli transfertler, şeýle hem Türkmenistanyň býujet ulgamynyň bir derejesinden beýleki derejesine muzdsuz esasda berilýän býujetara transfertler;
ç) meýletin transfertler, grantlardan başgasy – fiziki şahslardan we halkara guramalaryndan başga döwlete dahylsyz ýuridik şahslardan peşgeşler we meýletin haýyr-sahawat görnüşinde gelip gowuşýan gündelik we düýpli transfertler;
d) durmuş kömek pullary – raýatlaryň aýry-aýry toparlaryny durmuş taýdan goramak maksady bilen berilýän döwlet kömek pullary;
e) gaýry çykdajylar – "Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda aýry-aýry döwürlerde raýatlaryň aýry-aýry toparlary üçin býujet serişdeleriniň hasabyna tölenýän pensiýa gatançlary, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy maksatnamasynyň daşyndan raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna tölenýän şahsy pensiýalar, durmuş taýdan goldaw bermek boýunça kömek pullary;
26) Türkmenistanyň býujet ulgamy – ähli derejedäki býujetleriň ykdysady gatnaşyklara we Türkmenistanyň döwlet gurluşyna esaslanýan jemi.
2. Şu Kodeksdäki beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we başga kanunçylygynda, şeýle hem şu Kodeksiň degişli maddalarynda kesgitlenen manysynda peýdalanylýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2021 ý., № 1, ___-nji madda).
2-nji madda. Türkmenistanyň býujet kanunçylygy
1. Türkmenistanyň býujet kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden, Türkmenistanyň býujet hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda döwlet häkimiýetiň ýerli edaralarynyň býujet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalary Türkmenistanyň Býujet kodeksine çapraz gelmeli däldir, olar çapraz gelen halatynda Türkmenistanyň Býujet kodeksinde bellenen kadalar ulanylýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
3-nji madda. Türkmenistanyň Býujet kodeksi bilen düzgünleşdirilýän hukuk gatnaşyklary
1. Türkmenistanyň Býujet kodeksi býujet hukuk gatnaşyklarynyň subýektleriniň arasynda:
a) Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň girdejilerini emele getirmegiň we çykdajylary amala aşyrmagyň, döwlet we ýerli nesýeleri amala aşyrmagyň, döwlet bergisine hyzmat etmegiň;
b) Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň taslamalaryny düzmegiň we olara seretmegiň, Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetlerini tassyklamagyň we ýerine ýetirmegiň, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegiň,
barşynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
2. Türkmenistanyň Býujet kodeksi býujet işine gatnaşyjylaryň hukuk derejesini, olaryňTürkmenistanyň býujet kanunçylygyny bozandygy üçin jogapkärçilige çekilmeginiň tertibini we şertlerini belleýär.
4-nji madda. Türkmenistanyň býujet kanunçylygynyň hereket edýän çygry
1. Şu Kodeksiň hereketi Türkmenistanyň çäginde ýüze çykýan býujet hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.
2. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň býujet hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän namalary degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň çäginde hereket edýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
2-nji bap. Türkmenistanyň býujet ulgamy
5-nji madda. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň ýörelgeleri
Türkmenistanyň býujet ulgamy şu ýörelgelere esaslanýar:
1) bitewülik ýörelgesi – Türkmenistanyň býujet ulgamynyň ýeke-täkligi ýeke-täk hukuk binýady bilen, ýeke-täk pul ulgamy bilen, býujet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň ýeke-täk tertibi bilen, ýeke-täk býujet toparlanmasy bilen, býujet işini amala aşyrmagyň ýeke-täk düzgünleri bilen, býujetleri ýerine ýetirmegiň, buhgalterçilik hasaba alnyşyny alyp barmagyň, hasabatlylygyň düzülmeginiň we berilmeginiň ýeke-täk tertibi bilen, Türkmenistanyň býujet kanunçylygynyň bozulandygy üçin ýeke-täk jogapkärçilik çäreleriniň ulanylmagy bilen üpjün edilýär;
2) býujetleriň girdejilerini we çykdajylaryny doly görkezmek ýörelgesi – ähli girdejileriň we çykdajylaryň degişli býujetlerde hökmany tertipde we doly möçberde görkezilmegi.
Salgytlary tölemegiň möhletini yza süýşürmek we salgytlary hem beýleki hökmany tölegleri möhletlere bölüp tölemek býujetleriň girdejileri boýunça dolulygyna hasaba alynýar, dowam edýän maliýe ýylynyň çägindäki salgytlar hem beýleki hökmany tölegler boýunça salgydy tölemegiň möhletini yza süýşürmek we möhletlere bölüp tölemek muňa degişli däldir;
3) anyklaşdyryş ýörelgesi – býujetleriň girdejileri we çykdajylary olarda Türkmenistanyň býujet toparlanmasynyň gurluş düzümine laýyklykda görkezilýär;
4) aýdyňlyk ýörelgesi – Türkmenistanyň býujet kanunçylygy babatynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şeýle hem döwletiň fiskal syýasatyna degişli maglumatlary çap etmek, döwlet syry ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda goralýan beýleki syr bolup durýan maglumatlar muňa degişli däldir;
5) netijelilik ýörelgesi – býujetleriň döwlet edaralarynyň strategik meýilnamalarynda göz öňünde tutulan netije görkezijilerini gazanmagyň zerurlygyndan ugur almak bilen, düzülmegi we ýerine ýetirilmegi;
6) peýdalylyk ýörelgesi – býujetleriň býujet serişdeleriniň çäkli möçberini peýdalanmak bilen has gowy göni netijäni üpjün etmegiň zerurlygyndan ugur almak bilen, düzülmegi we ýerine ýetirilmegi;
7) býujetleriň özbaşdaklygy ýörelgesi:
a) döwlet häkimiýet edaralarynyň, şol sanda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Türkmenistanyň býujet ulgamynyň degişli derejesinde, şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýagdaýlardan başga halatlarda, býujet işini özbaşdak amala aşyrmak, býujet serişdelerini harajat etmegiň görnüşlerini we ugurlaryny özbaşdak kesgitlemek hukugy we borjy, beýleki býujetlerden berilýän grantlaryň hasabyna maliýe üpjünçiligi amala aşyrylýan çykdajylar muňa degişli däldir;
b) degişli býujetleriň girdejileriniň we olary emele getirmek boýunça ygtyýarlyklaryň kanunçylyk taýdan berkidilmegi;
8) deňeçerlik ýörelgesi – býujetiň çykdajylarynyň möçberiniň girdejileriň möçberi bilen deňeçer gelmegi;
9) jogapkärçilik ýörelgesi – netije görkezijileriniň hem-de býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň we býujet edaralarynyň we býujet serişdelerini alýan hojalyk ýörediji subýektleriň ýolbaşçylarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýän çözgütleri kabul edendikleri üçin jogapkärçiliginiň üpjün edilmegini gazanmaga gönükdirilen zerur bolan dolandyryş we edara ediş çözgütleriniň kabul edilmegi;
10) býujet serişdeleriniň salgylaýynlyk we maksatlaýyn häsiýetlilik ýörelgesi – býujet serişdeleriniň döwlet edaralarynyň strategik meýilnamalarynda göz öňünde tutulan netije görkezijileriniň gazanylmagy üçin býujet maksatnamalaryny dolandyryjylara gönükdirilmegi we olaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda peýdalanylmagy.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
6-njy madda. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň gurluş düzümi
Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetlerine şular degişlidir:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujeti we Merkezleşdirilen býujet;
2) ýerli býujetler, olara şular degişlidir:
a) welaýatyň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň býujeti;
b) şäherdäki etrabyň býujeti;
ç) etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň býujeti.
7-nji madda. Býujetleriň hukuk görnüşi
Türkmenistanyň Döwlet býujeti Türkmenistanyň Kanuny görnüşinde tassyklanýar, ýerli býujetler döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň çözgütleri görnüşinde tassyklanýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
8-nji madda. Türkmenistanyň Döwlet býujeti
1. Türkmenistanyň Döwlet býujeti döwletiň meýilnama döwri üçin maliýe meýilnamasy bolup durýar, onda gelip gowuşmaly girdejileriň we döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işini üpjün edýän çykdajylaryň maliýeleşdirilmeli möçberleri, maýa goýum we innowasion işiň maliýeleşdirilişi kesgitlenýär.
2. Türkmenistanyň Döwlet býujeti Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň serişdelerini (olaryň arasyndaky býujetara grantlary hasaba almazdan) öz içine alýar.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileri meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Merkezleşdirilen býujetiň hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
9-njy madda. Merkezleşdirilen býujet
1. Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujeti – umumydöwlet wezipelerini hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň işini maliýe taýdan üpjün etmek üçin niýetlenen pul serişdelerini emele getirmegiň we harajat etmegiň görnüşidir.
2. Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň girdejileri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen salgytlaryň we beýleki gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna emele getirilýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
10-njy madda. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy
1. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek, ykdysadyýetiň uglewodorod bölegine baglylygyny, amatsyz daşarky ýagdaýlaryň täsirini peseltmek we geljekki nesilleriň milli maddy we tebigy baýlyga bolan hukugyny kepillendirmek üçin niýetlenýär.
2. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy maliýe aktiwlerini we başga emlägi (mundan beýläk – maliýe aktiwleri) öz içine alýar.
11-nji madda. Ýerli býujetler
1. Ýerli býujet - döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň wezipeleriniň we işleriniň maliýe taýdan üpjün edilmegi üçin niýetlenen pul serişdelerini emele getirmegiň we harajat etmegiň görnüşi.
2. Welaýatyň býujetiniň, Aşgabat şäheriniň, etrabyň, etrap hukukly şäheriň, şäherdäki etrabyň býujetleriniň girdejileri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen salgytlaryň we beýleki gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna emele getirilýär.
Welaýatyň býujetiniň girdejileri meýilnama döwri üçin welaýatyň býujeti hakynda welaýatyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň çözgüdine laýyklykda welaýatyň býujetiniň we etrabyň, etrap hukukly şäheriň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.
Aşgabat şäheriniň býujetiniň girdejileri meýilnama döwri üçin Aşgabat şäheriniň býujeti hakynda Aşgabat şäheriniň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň çözgüdine laýyklykda Aşgabat şäheriniň býujetiniň we şäherdäki etraplaryň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.
Etrabyň (etrap hukukly şäheriň) býujetiniň girdejileri meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň) býujeti hakynda etrabyň (etrap hukukly şäheriň) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň çözgüdine laýyklykda etrabyň (etrap hukukly şäheriň) býujetiniň we etraplardaky şäherleriň (şäherdäki etraplaryň), şäherçeleriň we geňeşlikleriň býujetleriniň arasynda paýlanylýar.
3. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň býujetleriniň girdejileri Geňeşiň çykdajy borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin onuň üstüne ýüklenen wezipelere we borçlara laýyklykda Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen gelip gowuşýan serişdeleriň hasabyna emele getirilýär. Etrapdaky şäheriň, şäherçäniň, geňeşligiň býujeti degişli etrabyň býujetiniň düzüminde tassyklanýar. Geňeş tarapyndan çykdajy borçnamalaryny ýerine ýetirmek üçin pul serişdelerini emele getirmegiň we harajat etmegiň başga görnüşleriniň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
12-nji madda. Maksatlaýyn döwlet gaznalary
1. Döwlet býujetiniň düzüminde maksatlaýyn döwlet gaznalary döredilip bilner, olar Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen döredilýär.
2. Maksatlaýyn döwlet gaznalary diýip maksatlaýyn girdejileriň ýa-da girdejileriň anyk görnüşlerinden maksatlaýyn geçirimleriň, gelip gowuşýan beýleki serişdeleriň hasabyna emele getirilýän döwlet gaznalarynyň serişdelerine we maksatlaýyn ýörite pul serişdelerine (mundan beýläk - maksatlaýyn döwlet gaznalary) düşünilýär.
3. Maksatlaýyn döwlet gaznalary raýatlaryň pensiýa üpjünçiligine, işsizlik ýagdaýynda durmuş goragyna, saglygyny goramaga we saglygy goraýyş hyzmatyna bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda beýleki maksatlar üçin niýetlenýär.
13-nji madda. Adatdan daşary döwlet býujeti
1. Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen halatynda şu Kodeksiň 56-njy maddasyna laýyklykda Adatdan daşary döwlet býujeti emele getirilýär.
2. Adatdan daşary döwlet býujetiniň hereket edýän döwründe meýilnama döwri üçin "Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda" Türkmenistanyň Kanunynyň we degişli döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň ýerli býujet hakynda çözgütleriniň hereketi togtadylýar.
3. Adatdan daşary döwlet býujeti adatdan daşary ýagdaý düzgüni girizilen möhletiň dowamynda hereket edýär.
4. Adatdan daşary döwlet býujetiniň hereketiniň bes edilmegi bilen, şu Kodeksde bellenen tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetini we ýerli býujetleri takyklamak geçirilýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
3-nji bap. Býujetiň gurluş düzümi
14-nji madda.Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň gurluş düzümi
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň gurluş düzümi şu bölümlerden durýar:
1) Esasy girdejiler:
a) salgytlar;
b) grantlar;
ç) maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň girdejileri;
d) beýleki esasy girdejiler.
2) Esasy çykdajylar:
a) işgärleriň zähmet haklary;
b) harytlary we hyzmatlary peýdalanmak;
ç) esasy maýany sarp etmek;
d) göterimler;
e) subsidiýalar;
ä) grantlar;
f) maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň çykdajylary;
g) durmuş kömek pullary;
h) beýleki esasy çykdajylar.
3) Amallar tapawudy (saldosy).
4) Maliýe däl aktiwler bilen amallar:
Maliýe däl aktiwleriň arassa satyn alynmagy:
4.1) maliýe däl aktiwleriň satylmagy:
a) esasy gaznalar;
b) maddy dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlyklary;
ç) gymmatlyklar;
d) öndürilmedik aktiwler;
4.2) maliýe däl aktiwleriň satyn alynmagy:
a) esasy gaznalar;
b) maddy dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlyklary;
ç) gymmatlyklar;
d) öndürilmedik aktiwler.
5) Arassa karzlaşdyrmak/nesýe (artykmaçlyk/ýetmezçilik);
6) Maliýe aktiwleri we borçnamalary bilen amallar (maliýeleşdirmek):
6.1) Maliýe aktiwleriniň arassa satyn alynmagy:
a) içerki;
b) daşarky.
6.2) Borçnamalaryň arassa kabul edilmegi:
a) içerki;
15-nji madda. Býujetleriň esasy girdejileri
1. Býujetleriň esasy girdejileri Türkmenistanyň býujet, salgyt we beýleki kanunçylygyna laýyklykda emele getirilýär.
2. Býujetleriň esasy girdejilerinde umumydöwlet ýa-da sebitleýin ähmiýeti bolan çäreleriň maksatlaýyn maliýeleşdirilmegi üçin Türkmenistanyň býujet ulgamynyň beýleki býujetlerine geçirilýän girdejiler bölekleýin merkezleşdirilip bilner.
3. Esasy girdejileriň düzüminde maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň girdejileri aýratyn hasaba alynýar. Görkezilen girdejiler maksatlaýyn bolup durýar.
4. Beýleki esasy girdejiler – salgytlar ýa-da grantlar ýaly topara bölünmeýän ähli girdeji amallary:
1) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgytlar we ýygymlar tölenenden soň emläkden alnan girdejiler;
2) Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgytlar we ýygymlar tölenenden soň býujet edaralary tarapyndan edilýän tölegli hyzmatlardan alnan girdejiler;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, raýat-hukuk, administratiw we jenaýat jogapkärçiligi çäreleriniň ulanylmagy netijesinde alnan serişdeler, şol sanda jerimeler, puşmana tölegleri,öwezini dolmalar, muzdsuz almalar;
4) Türkmenistana ýetirilen zeleliň öwezine alnan serişdeler we beýleki mejbury almalar;
5) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete transfertleriň gelip gowuşmagyny goşmak bilen, grant bolup durmaýan transfertler we meýletin transfertler;
6) döwlet paçlaryny goşmak bilen, gaýry girdejiler.
16-njy madda. Emläkden alynýan girdejiler
Emläkden alynýan girdejilere şular degişlidir:
1) döwlet eýeçiligindäki emlägiň wagtlaýyn peýdalanmaga berlendigi üçin kärende tölegi ýa-da başga bir töleg görnüşinde alynýan serişdeler;
2) karz edaralaryndaky hasaplardaky býujet serişdeleriniň galyndylary boýunça göterim görnüşinde alynýan serişdeler;
3) döwlet eýeçiligindäki emlägi ynanyp dolandyrmaga bermekden alynýan serişdeler;
4) hojalyk we paýdarlar jemgyýetleriniň esaslyk maýalaryndaky paýa düşýän peýda ýa-da Türkmenistana degişli bolan paýnamalar boýunça diwidendler görnüşindäki girdejiler;
5) salgytlar we beýleki hökmany tölegler tölenenden soň Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän möçberde döwlet kärhanalarynda galýan peýdanyň bir bölegi;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan, döwlet eýeçiligindäki emlägi peýdalanmakdan alynýan başga girdejiler.
17-nji madda. Býujetleriň esasy çykdajylary
1. Býujetleriň esasy çykdajylary şu Kodeksiň 14-nji maddasynyň 2-nji bendinde görkezilen görnüşler boýunça gaýtarylmazlyk esasynda amala aşyrylýar.
Şunda:
1) işgärleriň zähmet haklary üçin çykdajylar işgärlere olaryň zähmeti üçin pul görnüşindäki töleglerdir;
2) harytlaryň we hyzmatlaryň peýdalanylmagy döwlet wezipeleriniň, ygtyýarlyklarynyň amala aşyrylmagy we olardan gelip çykýan döwlet hyzmatlarynyň edilmegi üçin zerur bolan harytlaryň we hyzmatlaryň doly gymmatydyr;
3) esasy maýany sarp etmek hasabat döwrüniň dowamynda fiziki taýdan könelmäniň, tebigy könelmäniň we tötänden zeper ýetmegiň netijesinde esasy gaznalaryň ätiýaçlyklarynyň gymmatynyň azalmagydyr;
4) göterimler depozitleriň, paýnamalardan başga gymmatly kagyzlaryň, karzlaryň we nesýeleriň peýdalanylmagy bilen bagly çykdajylardyr;
5) pul görnüşinde alamatlandyrylan subsidiýalar görnüşindäki çykdajylar;
6) pul ýa-da haryt görnüşinde alamatlandyrylan grantlar görnüşindäki çykdajylar;
7) maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň çykdajylary şu gaznalaryň maksatlaýyn çykdajylary bolup durýar;
8) durmuş (döwlet) kömek pullary üçin çykdajylar raýatlaryň aýry-aýry toparlaryny durmuş taýdan goramak maksady bilen, olara pul görnüşinde tölenýän töleglerdir;
9) beýleki esasy çykdajylar şulary öz içine alýar:
a) eýeçilik bilen baglanyşykly, çykdajylaryň başga toparlaryna degişli edilmedik ähli çykdajy amallary, göterimler muňa degişli däldir;
b) bir döwlet dolandyryş edaralarynyň başga döwlet dolandyryş edaralaryna salýan jerimeleri we puşmana tölegleri;
ç) gaýry çykdajylara degişli edilýän gündelik we düýpli transfertler;
d) ömrüň ätiýaçlandyrylmagy bilen bagly bolmadyk ätiýaçlandyryş baýraklary we talaplary;
e) şu Kodeksiň 79-njy maddasyna laýyklykda, býujet edaralary tarapyndan tölegli hyzmatlaryň guralmagy we edilmegi bilen baglanyşykly çykdajylar.
2. Döwlet kömek pullary, subsidiýalar Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda berilýär.
18-nji madda. Amallar tapawudy (saldosy)
1. Amallar tapawudy býujetiň esasy girdejileri bilen esasy çykdajylarynyň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenýär.
2. Býujetiň esasy girdejilerinden esasy çykdajylarynyň artyk gelýän möçberi oňyn däl (otrisatel) amal tapawudy bolup durýar.
3. Býujetiň esasy çykdajylaryndan esasy girdejileriniň artyk gelýän möçberi oňyn (položitel) amal tapawudy bolup durýar.
19-njy madda. Maliýe däl aktiwleriň arassa satyn alynmagy
1. Maliýe däl aktiwleriň arassa satyn alynmagy maliýe däl aktiwleriň satyn alynmagy bilen satylmagynyň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.
2. Maliýe däl aktiwlere esasy serişdeler, maddy dolanyşyk serişdeleriniň ätiýaçlyklary, gymmatlyklar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda topara bölünýän öndürilmedik aktiwler degişlidir.
20-nji madda. Arassa karzlaşdyrmak/nesýe (artykmaçlyk/ýetmezçilik)
1. Arassa karzlaşdyrmak/nesýe maliýe aktiwleri we borçnamalary bilen amallaryň arassa netijesine (maliýeleşdirmek) hem deň bolan maliýe däl aktiwleriň arassa satyn alynmagy aýrylandan soňky amal tapawudyna deňdir.
Oňyn (položitel) alamat bilen alnan ululyk–býujetiň artykmaçlygy, oňyn däl (otrisatel) alamaty bolan ululyk býujetiň ýetmezçiligi bolup durýar.
2. Býujetiň ýetmezçiligini maliýeleşdirmek üçin çeşmeler şulardan ybarat:
1) döwletiň–içerki we daşarky nesýeleriniň serişdeleri;
2) býujet serişdeleriniň depozitlerden gaýtarylmagy, gymmatly kagyzlaryň satylmagynyň netijesinde gelip gowşan serişdeler;
3) şu Kodeksde kesgitlenilen şertleriň berjaý edilmegi bilen, býujet serişdeleriniň erkin galyndylary;
4) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan transfertler.
3. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýetmezçiligine diňe Merkezleşdirilen býujetde ýol berlip bilner.
21-nji madda. Maliýe aktiwleri we borçnamalary bilen amallar (maliýeleşdirmek)
1. Maliýe aktiwleri we borçnamalary bilen amallar amala gatnaşýan maliýe gurallarynyň görnüşleri we aktiwi ýa-da borçnamany saklaýjynyň dahyllylyk degişliligi boýunça topara bölünýär.
Maliýe gurallaryna pul we depozitler, gymmatly kagyzlar (paýnamalardan başgalary), karzlar we nesýeler, paýnamalar we maýa gatnaşmagyň başga görnüşleri, döredilen maliýe gurallary, gaýry algylar (bergiler) degişlidir.
2. Maliýe aktiwleriniň arassa satyn alynmagy – bu maliýe aktiwleriniň satyn alynmagy bilen olaryň çykyp gitmeginiň arasyndaky tapawutdyr.
Maliýe aktiwleriniň artmagyna getirýän ähli amallar maliýe aktiwleriniň satyn alynmagy bolup durýar.
Maliýe aktiwleriniň azalmagyna getirýän ähli amallar maliýe aktiwleriniň çykyp gitmegi bolup durýar.
3. Borçnamalaryň arassa kabul edilmegi – bu borçnamalaryň kabul edilmegi we üzülmeginiň arasyndaky tapawutdyr.
Borçnamalaryň artmagyna getirýän ähli amallar borçnamalary kabul etmek hasap edilýär.
Borçnamalaryň azalmagyna getirýän ähli amallar borçnamalaryň üzülmegi hasap edilýär.
4. Maliýe aktiwleriniň satyn alynmagy we olaryň çykyp gitmegi, borçnamalaryň kabul edilmegi we üzülmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4-nji bap. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdeleri we olaryň ulanylmagy
22-nji madda. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdeleri
1. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdeleri degişlilikde Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň düzüminde, olary öňünden görüp bolmaýandygy sebäpli görkezilen býujetlerde göz öňünde tutulmadyk we dowam edýän maliýe ýylynda maliýeleşdirilmegini talap edýän çykdajylary maliýeleşdirmek üçin döredilýär.
2. Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleri Merkezleşdirilen býujetde göz öňünde tutulýar we şulary öz içine alýar:
1) adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk serişdeleri (gazna);
2) gaýragoýulmasyz çykdajylar üçin ätiýaçlyk serişdeleri;
3) kazyýetleriň çözgütleri boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ätiýaçlyk serişdeleri;
4) Merkezleşdirilen býujetiň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetleriniň kassalaýyn deň gelmezliklerini ýapmak üçin ätiýaçlyk serişdeleri.
3. Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ätiýaçlyk serişdeleri degişli ýerli býujetlerde göz öňünde tutulýar we şulary öz içine alýar:
1) gaýragoýulmasyz çykdajylar üçin ätiýaçlyk serişdeleri;
2) kazyýetiň çözgütleri boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ätiýaçlyk serişdeleri;
3) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, etrapdaky şäherleriň býujetleriniň kassalaýyn deň gelmezliklerini ýapmak üçin ätiýaçlyk serişdeleri.
4. Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleriniň umumy möçberi meýilnama döwri üçin "Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda" Türkmenistanyň Kanunynda bellenilýär.
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ätiýaçlyk serişdeleriniň umumy möçberi döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň degişli býujet hakyndaky kararynda bellenilýär we transfertleri we nesýeleri hasaba almanyňda, ýerli býujete gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň iki göteriminden köp bolmaly däldir.
5. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyklaryndan serişdeleri bölüp bermek dowam edýän maliýe ýyly üçin Merkezleşdirilen býujetde ýa-da ýerli býujetlerde tassyklanan pul möçberleriniň çäklerinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň kararlarynyň esasynda amala aşyrylýar, olar maliýe ýyly tamamlanandan soň güýjüni ýitirýär.
6. Ätiýaçlyk serişdeleriniň görkezilen görnüşleriniň biriniň serişdeleri ýeterlik bolmadyk halatynda Türkmenistanyň Hökümeti ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bellenen tertipde, Türkmenistanyň Hökümetiniň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ätiýaçlyklarynyň görnüşleriniň arasynda gaýtadan paýlamak arkaly ätiýaçlyk serişdesiniň şu görnüşiniň meýilnamalaýyn görkezijilerini artdyrýar.
7. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyklaryndan serişdeleriň gaýragoýulmasyz çykdajylar we kazyýetleriň çözgütleri boýunça borçnamalary ýerine ýetirmek üçin bölünip berilmegine dowam edýän maliýe ýylynyň dekabr aýynyň 20-sinden soň ýol berilmeýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
23-nji madda. Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdelerinipeýdalanmak
1. Adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk serişdeleri tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek üçin peýdalanylýar.
Adatdan daşary ýagdaýlar üçin ätiýaçlyk serişdeleri Türkmenistan tarapyndan beýleki döwletlere grant görnüşinde ynsanperwerlik kömegini bermek üçin hem peýdalanylyp bilner.
2. Gaýragoýulmasyz çykdajylar üçin ätiýaçlyk serişdeleri dowam edýän maliýe ýyly üçin degişli býujetde göz öňünde tutulmadyk çäreleri maliýeleşdirmek üçin peýdalanylýar.
Ýerli býujetde göz öňünde tutulan gaýragoýulmasyz çykdajylar üçin ätiýaçlyk serişdeleri zerur bolan halatlarda, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlaryň netijelerini ýok etmek üçin peýdalanylyp bilner.
3. Kazyýetiň çözgütleri boýunça borçnamalaryň ýerine ýetirilmegi üçin ätiýaçlyk serişdeleri Türkmenistanyň Hökümetiniň, döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşynyň merkezi edaralarynyň we olaryň býujet serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän ýerli edaralarynyň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin peýdalanylýar.
4. Kassalaýyn deň gelmezlikleri ýapmak üçin ätiýaçlyk serişdelerinden nesýeleriň alynmagy ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan maliýe ýylynyň çäklerinde amala aşyrylyp bilner we Merkezleşdirilen ýa-da ýerli býujetleriň takyklanmagyny (gaýtadan seredilmegini) talap etmeýär.
Kassalaýyn deň gelmezlikleri ýapmak üçin nesýe almagyň şertleri we onuň üçin ýüztutmanyň görnüşi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
5. Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleriniň möçberini artdyrmak zerurlygy ýüze çykan halatynda, meýilnama döwri üçin "Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna şu Kodeksiň 82-nji maddasynda bellenilen tertipde üýtgetmeler girizilýär.
6. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ätiýaçlyk serişdelerini artdyrmak zerurlygy ýüze çykanda bu edaranyň ýüz tutmagy boýunça Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýerli býujete Merkezleşdirilen býujetden goşmaça serişdeleri bölüp bermek baradaky meselä seredýär.
7. Türkmenistanyň Hökümetiniň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ätiýaçlyklaryndan bölünip berlen serişdeleriň peýdalanylmadyk bölegi dowam edýän maliýe ýylynyň 31-nji dekabryna çenli degişli býujete gaýtarylmaga degişlidir.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
5-nji bap. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy
24-nji madda. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň wezipeleri
1. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasy süýşürintgi we durnuklaşdyryş wezipelerini ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň süýşürintgiler wezipesini ýerine ýetirýän bölegi geljek nesilleriň gaznasy bolup durýar we gaznanyň maliýe aktiwlerini toplamak we uzak möhletli geljekde olaryň girdejililigini üpjün etmek ýoly bilen emele getirilýär.
Gaznanyň durnuklaşdyryş wezipesi onuň aktiwleriniň geçginlilik derejesini saklamak üçin niýetlenendir. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň durnuklaşdyryş wezipesini amala aşyrmak üçin peýdalanylýan bölegi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete transfertiň möçberinde kesgitlenýär.
2. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini emele getirmek we peýdalanmak maliýe-ykdysady ýagdaýyň we Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlarynyň hasaba alynmagy bilen, makroykdysady we fiskal durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyna serişdeleriň gelip gowuşmagy we olaryň harajat edilmegi milli pulda hem, daşary ýurt pulunda hem amala aşyrylyp bilner.
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň amallary boýunça buhgalterçilik hasaba alnyşyny alyp barmak, maliýe hasabatlylygyny düzmek we bermek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyny dolandyrmak şu Kodeksiň 27-nji maddasyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
25-nji madda. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň emele getirilmegi
Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleri şularyň hasabyna emele getirilýär:
1) 81-nji maddanyň bäşinji bölegine laýyklykda Merkezleşdirilen býujetiň artykmaçlyk möçberiniň bir böleginiň;
2) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleriniň dolandyrylmagyndan alnan maýa goýum girdejileriniň;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik başga girdejileriň.
26-njy madda. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini peýdalanmagyň tertibi
1. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleri şular ýaly peýdalanylyp bilner:
1) gaznanyň durnuklaşdyryş böleginiň serişdeleri:
a) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýyly üçin ösüş býujet maksatnamalaryny (kiçi maksatnamalaryny) durmuşa geçirmek üçin transfert görnüşinde;
b) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi bilen kesgitlenen maksatlar üçin berilýän maksatlaýyn transfert görnüşinde;
ç) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyny dolandyrmak boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi üçin;
d) Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda başga maksatlar üçin;
2) gaznanyň süýşürintgi böleginiň serişdeleri:
Türkmenistanyň Prezidentiniň ylalaşygy boýunça uzak möhletli geljekde maýa goýum girdejilerini almak maksady bilen, girdejililigi ýokary bolan uzak möhletli maliýe gurallaryna ýerleşdirilip bilner.
2. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýyly üçin transfertiň möçberi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýär we hasabat maliýe ýylynyň ahyryndaky ýagdaýa görä onuň aktiwleriniň durnuklaşdyryş böleginiň üçden bir böleginden ýokary bolmaly däldir.
3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete transfertiň hasabat maliýe ýylynda geçirilmedik pul möçberini hasabat maliýe ýylynda Merkezleşdirilen býujetde tassyklanan býujet maksatnamalaryny maliýeleşdirmek üçin dowam edýän maliýe ýylynda peýdalanmaga rugsat etmäge haky bardyr, ýöne bu pul möçberi dowam edýän maliýe ýylynyň başyndaky ýagdaýa görä býujet serişdeleriniň galyndylaryny hasaba almak bilen, degişli býujet maksatnamalary boýunça bellige alnan tölenmedik borçnamalardan ýokary bolmaly däldir.
4. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň aktiwleriniň geljek nesilleriň gaznasyna degişli bölegi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýär.
Geljek nesilleriň gaznasyna gysga möhletli geçginlilik talaplary bildirilmeýär.
Geljek nesilleriň gaznasynyň serişdeleri töwekgelçiligiň iň pes derejesi bolan ýokary girdejili uzak möhletli maliýe gurallaryna goýlup bilner.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
27-nji madda. Durnuklaşdyryş gaznasynyň dolandyrylmagy
1. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyny dolandyrmakTürkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdeleri bilen amallar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Türkmenistanyň Merkezi bankynda açylan ýörite hasabynda görkezilýär.
3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň girdejilerini artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini milli we daşary ýurt pulunda maliýe gurallaryna, pul depozitlerine we maýa goýumlaryň beýleki görnüşlerine maýa goýum görnüşinde gönükdirýär, şunda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýän şu çäklendirmeler berjaý edilmelidir:
1) ýokary girdejili gymmatly kagyzlar we beýleki maliýe gurallary boýunça töwekgelçilikler üçin bellenen möçberi;
2) maýa goýumlaryň dowamlylygy babatynda bellenen möçberi;
3) sebitleriň maýa goýumlarynyň bellenen möçberi;
4) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň maýasynyň bir kompaniýa maýa goýum hökmünde gönükdirilýän göteriminiň bellenen möçberi;
5) maýa goýumlaryň netijeliligini we yzyna gaýtarylmagyny üpjün edýän beýleki bellenen möçberler.
4. Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň ýyllyk maliýe hasabatlylygyna içerki audit barlagy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan onuň öz bellän tertibinde amala aşyrylýar.
5. Içerki audit barlagy boýunça hasabat Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
6-njy bap. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy
28-nji madda. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy barada düşünje
Türkmenistanyň býujet toparlanmasy – esasy girdejileriň, esasy çykdajylaryň, maliýe we maliýe däl aktiwler bilen amallaryň, şeýle hem Türkmenistanyň býujet ulgamynyň hasaplar meýilnamasynyň birmeňzeş alamatlar boýunça toparlara jemlenmegi.
29-njy madda. Türkmenistanyň býujet toparlanmasynyň maksatlary we wezipeleri
1. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy býujetleri düzmek we ýerine ýetirmek, býujet hasabatlylygyny düzmek, ähli derejeleriň býujetleriniň deňeşdirip bolunmagyny üpjün etmek üçin peýdalanylýar.
2. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy we hasaplar meýilnamasy býujeti ortaça möhlete meýilnamalaşdyrmagyň, býujetleşdirmegiň maksatnamalaýyn-maksatly usulynyň we Ýeke-täk gazna hasabynyň amallaryny goldamagyň wezipelerine, şeýle hem buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň milli standartlaryna laýyk gelýär.
3. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy Türkmenistanyň býujet ulgamy üçin ýeke-täk we hökmany bolup durýar.
4. Türkmenistanyň býujet toparlanmasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
7-nji bap. Býujet maksatnamalary
30-njy madda. Býujet maksatnamasy
1. Býujet maksatnamasy –Merkezleşdirilen we (ýa-da) ýerli býujetleriň çykdajylarynyň, býujet maksatnamasynyň dolandyryjysy tarapyndan onuň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda işiň ölçenilýän netijeleriniň gazanylmagyna gönükdirilmegi.
Býujet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin çykdajylar degişli býujetde göz öňünde tutulýar.
2. Býujet maksatnamalary býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň strategik ugurlaryndan, maksatlaryndan we wezipelerinden ugur alnyp işlenip düzülýär we birmeňzeş döwlet wezipeleri, ygtyýarlyklary we döwlet hyzmatlary ýa-da býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň işiniň ugurlary boýunça toparlara bölünýär.
3. Býujet maksatnamasynda onuň durmuşa geçirilmeginiň göni we ahyrky netijeleriniň görkezijileri göz öňünde tutulýar.
Býujet maksatnamalarynyň netijeleriniň döwlet edarasynyň ortaça möhlete niýetlenen býujet meýilnamasynda kesgitlenen maksatlarynyň we wezipeleriniň gazanylmagyna gönükdirilen görkejileri döwlet edarasynyň ortaça möhletli meýilnamasynyň netije görkezijilerine laýyk gelmelidir.
4. Berlen işleri ýerine ýetirýän we hyzmatlary edýän býujet edarasynyň işine gazanylmagy doly bagly bolan göni netije býujet serişdeleriniň göz öňünde tutulan çäklerinde durmuşa geçirilýän döwlet wezipeleriniň we döwlet tarapyndan edilýän hyzmatlaryň möçberiniň mukdar häsiýetini kesgitlemelidir.
5. Ahyrky netije anyk döwlet edarasynyň ýa-da býujet edarasynyň işiniň göni netijeleriň gazanylmagy bilen şertlendirilen, ilatyň ýaşaýşynyň derejesiniň we hiliniň ýagdaýyny (ýagdaýynyň üýtgeýşini), jemgyýetçilik howpsuzlygynyň üpjün edilişini, durmuş ulgamynyň, döwlet dolandyryşynyň beýleki ulgamlarynyň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüş derejesini görkezmelidir.
6. Býujet maksatnamasy kiçi býujet maksatnamalary üçin býujet maksatnamasynyň netije görkezijileriniň hem ulanarlykly bolan şertinde, býujet serişdelerini harajat etmegiň ugurlaryny anyklaşdyrýan kiçi maksatnamalara bölünip biler.
7. Býujet maksatnamalaryny (kiçi maksatnamalary) işläp taýýarlamagyň tertibi we olaryň mazmunyna bildirilýän talaplar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
31-nji madda. Býujet maksatnamalarynyň görnüşleri
1. Döwlet dolandyryşynyň derejesine baglylykda býujet maksatnamalarynyň şu görnüşleri bolýar:
1) Merkezleşdirilen býujetiň düzüminde tassyklanýan döwlet býujet maksatnamalary;
2) ýerli býujet maksatnamalary:
a) welaýatyň, Aşgabat şäheriniň býujetiniň düzüminde tassyklanýan welaýatyň, Aşgabat şäheriniň býujet maksatnamalary;
b) etrabyň (etrap hukukly şäheriň) býujetiniň düzüminde tassyklanýan etrabyň (etrap hukukly şäheriň) býujet maksatnamalary;
ç) etrabyň býujetiniň düzüminde tassyklanýan şäherdäki etrabyň, Geňeşiň býujet maksatnamalary.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen býujet maksatnamalary şu aşakdakylara bölünýärler:
1) durmuşa geçirilmeginiň usulyna baglylykda:
a) býujet maksatnamasynyň bir dolandyryjysy tarapyndan durmuşa geçirilýän–aýratyn býujet maksatnamasyna;
b) býujet maksatnamalarynyň anyk dolandyryjysynyň, serişdeleri dowam edýän maliýe ýylynyň dowamynda býujet maksatnamalarynyň dürli dolandyryjylarynyň arasynda paýlanylmaga degişli bolan – paýlanylýan býujet maksatnamasyna;
2) gündelik býujet maksatnamalaryna we ösüş býujet maksatnamalaryna.
3. Gündelik býujet maksatnamalary boýunça şu aşakdakylara çykdajylar göz öňünde tutulýar:
1) býujet edaralarynyň öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda fiziki we ýuridik şahslara döwlet hyzmatlaryny etmek boýunça işiniň üpjün edilmegine;
2) hemişelik häsiýeti bolmadyk çäreleriň maliýeleşdirilmegine;
3) býujet ulgamynyň býujetleriniň arasynda şertli grantlaryň berilmegine;
4) raýatlaryň aýry-aýry toparlaryna döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň maliýeleşdirilmegine;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýuridik şahslara subsidiýalaryň berilmegine;
6) Türkmenistanyň Hökümetiniň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdeleriniň döredilmegine;
7) döwletiň borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine (daşarky bergiler, Türkmenistanyň halkara guramalaryna gatnaşmagy, döwlet kepillendirmeleri we beýlekiler boýunça);
8) beýleki maksatlara.
Gündelik býujet maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmeginiň möçberine gündelik we düýpli çykdajylar goşulýar.
Düýpli çykdajylara býujet edaralarynyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak, düýpli (dikeldiş) abatlaýyş işlerini geçirmek bilen bagly çykdajylar we Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna laýyklykda býujet maýa goýumlaryndan başga gaýry çykdajylar degişlidir.
4. Ösüş býujet maksatnamalaryna býujet maýa goýumlarynyň amala aşyrylmagyny, şeýle hem döwletiň ýuridik şahslaryň esaslyk maýasyna gatnaşmagyny göz öňünde tutýan maksatnamalar degişlidir.
5. Gündelik býujet maksatnamalarynyň çäklerindäki döwlet hyzmatlarynyň edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna, döwlet hyzmatlarynyň sanawyna goşulan döwlet hyzmatlarynyň standartlaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
6. Döwlet hyzmatlarynyň standartlary edilýän döwlet hyzmatlaryna bellenilýän talap bolup, döwlet hyzmatyny etmegiň düzgüniniň, mazmunynyň, görnüşleriniň we netijesiniň häsiýetnamasyny öz içine alýan talaplary belleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamasy bolup durýar.
Döwlet hyzmatlarynyň standartlary Türkmenistanyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan işlenip düzülýär we tassyklanylýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
32-nji madda. Býujet maksatnamalarynyň dolandyryjysy
Şular býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary bolup durýarlar:
1) döwlet häkimiýet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary;
2) ýokarda durýan döwlet dolandyryş edarasy bolmadyk býujet edaralary;
3) öz işini hojalyk hasaplaşygy ýörelgelerinde amala aşyrýan, býujet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin býujetden maksatlaýyn serişdeleri alýan aýry-aýry ykdysady subýektler;
4) Türkmenistanyň býujet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin býujetden maksatlaýyn serişdeleri alýan jemgyýetçilik birleşikleri.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
33-nji madda. Döwletiň býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen wezipelerine laýyklykda döwlet häkimiýet edaralary, şeýle hem şu Kodeksiň 32-nji maddasynda görkezilen beýleki edaralar döwletiň býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary bolup durýarlar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
34-nji madda. Ýerli býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary
Degişli häkimlikler, olar tarapyndan ygtyýarly edilen pudaklaýyn müdirlikler we bölümler (bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we beýlekiler), Geňeşler, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän çäklerdäki edaralary ýerli býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar bolup durýarlar.
II BÖLÜM. BÝUJETARA GATNAŞYKLAR WE OLARYŇ
DÜZGÜNLEŞDIRILMEGINIŇ GÖRNÜŞLERI
8-nji bap. Býujetara gatnaşyklar
35-nji madda. Býujetara gatnaşyklar barada umumy düzgünler
1. Býujet işinde şu aşakdakylaryň arasyndaky gatnaşyklar býujetara gatnaşyklar bolup durýar:
1) Merkezleşdirilen býujet bilen welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetleriniň;
2) Merkezleşdirilen býujet bilen Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasynyň;
3) Merkezleşdirilen býujet bilen Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň;
4) welaýatlaryň býujetleri bilen etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň) býujetleriniň;
5) şäheriň býujeti bilen şäherdäki etraplaryň býujetleriniň;
6) etrabyň býujeti bilen Geňeşleriň býujetleriniň.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça, tebigy we tehnogen häsiýetli adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, döwlet ýa-da halkara ähmiýetli çäreler geçirilende welaýatlaryň (Aşgabat şäheriniň) býujetleriniň arasynda býujetara gatnaşyklar amala aşyrylyp bilner.
3. Býujetara gatnaşyklar döwlet dolandyryşynyň derejeleriniň arasynda wezipeleriň bölünişine laýyklykda amala aşyrylýar we Türkmenistanyň býujet ulgamynyň ýörelgelerine we býujetara gatnaşyklara esaslanýar.
4. Dowam edýän maliýe ýylynyň býujetiniň ýerine ýetirilýän döwründe aşakda durýan býujetleriň esasy girdejileriniň we (ýa-da) esasy çykdajylarynyň artmagyna we (ýa-da) esasy girdejileriniň azalmagyna getirýän we şu maliýe ýylynda ýerine ýetirilmäge degişli bolan kadalaşdyryjy hukuk namalar kabul edilen ýagdaýynda aşakda durýan býujetleriň ýitgileriniň öwezi dolunýar.
5. Dowam edýän maliýe ýylynyň býujetiniň ýerine ýetirilýän döwründe döwlet dolandyryşynyň aşakda durýan döwlet edaralarynyň wezipelerini, işgär sanynyň bellenen möçberlerini (limitlerini) bermek bilen baglanyşykly ýokarda durýan býujetiň esasy çykdajylarynyň artmagyna getirýänwe şu maliýe ýylynda ýerine ýetirilmäge degişli bolan kanunçylyk namalary kabul edilen ýagdaýynda ýokarda durýan býujetleriň ýitgileriniň öwezi dolunýar.
36-njy madda. Býujetara gatnaşyklaryň ýörelgeleri
Býujetara gatnaşyklar şu ýörelgelere esaslanýar:
1) Merkezleşdirilen býujetiň welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetleri bilen, welaýatlaryň býujetleriniň etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň) býujetleri bilen, şäherleriň býujetleriniň şäherdäki etraplaryň býujetleri bilen özara gatnaşyklarynyň deňligi;
2) Türkmenistanyň býujet ulgamynyň belli bir býujetleri boýunça býujetleriň esasy girdejileriniň çäklendirilmegi we berkidilmegi;
3) Türkmenistanyň býujet ulgamynyň belli bir býujetleri boýunça býujetleriň esasy çykdajylarynyň çäklendirilmegi we berkidilmegi;
4) Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň iň pes býujet üpjünçiliginiň derejeleriniň deňleşdirilmegi.
9-njy bap. Býujetara gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegi
37-nji madda. Býujetara gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmeginiň görnüşleri
1. Merkezleşdirilen býujet bilen welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetleriniň arasyndaky, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetleri bilen etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň) býujetleriniň arasyndaky gatnaşyklar: girdejileriň paýlanylmagynyň kadalyk ölçegleri, býujetara grantlar we subsidiýalar bilen düzgünleşdirilýär.
2. Býujetara grantlar gündelik we düýpli grantlara bölünýän şertsiz (umumy häsiýetli) grantlara, şertli (maksatlaýyn) grantlara bölünýär.
3. Merkezleşdirilen býujet bilen Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň arasyndaky býujetara gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
38-nji madda. Býujetara şertsiz grantlar
1. Býujetara şertsiz grantlar (deňleşdiriji grantlar) – peýdalanmagyň kesgitlenen şertleri goýulmazdan berilýän we döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň wezipelerini ýerine ýetirmekleri bilen bagly gündelik çykdajylarynyň ödelmegi üçin gönükdirilýän grantlar.
2. Býujet dotasiýalary we býujet alynmalary deňleşdiriji grantlar bolup durýar.
3. Merkezleşdirilen býujetden welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetlerine, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetlerinden, degişlilikde, etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň), şäherdäki etraplaryň býujetlerine degişli býujetlerde tassyklanan pul möçberlerinde berilýän býujet serişdeleri býujet dotasiýalary bolup durýar.
4. Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetlerinden Merkezleşdirilen býujete, etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň), şäherdäki etraplaryň býujetlerinden degişlilikde welaýatlaryň, şäherleriň býujetine degişli býujetlerde tassyklanan pul möçberlerinde berilýän býujet serişdeleri býujet alynmalary bolup durýar.
5. Şertsiz grantlaryň pul möçberleri ýyllar boýunça bölmek bilen, meýilnama döwri üçin absolýut derejede bellenilýär.
6. Deňleşdiriji grantlar sebitleriň býujet üpjünçiliginiň derejesini deňlemäge we Türkmenistanyň býujet ulgamynda býujetiň her bir derejesine berkidilen esasy çykdajylaryň ugurlaryna laýyklykda döwlet hyzmatlarynyň standart derejesiniň berilmegi üçin mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilýär.
7. Şertsiz grantlaryň pul möçberi kesgitlenilende sebitiň salgyt mümkinçiligi, sebitdäki döwlet hyzmatlaryny sarp edijileriň sany, döwlet hyzmatlarynyň standartlary we ol ýa-da beýleki sebitiň aýratynlygyna baglylykda döwlet hyzmatlaryny etmek boýunça çykdajylara täsir edýän ýagdaýlar hasaba alynýar.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
39-njy madda. Býujetara şertsiz grantlaryň pul möçberiniň hasaplanylmagy
1. Býujetara şertsiz grantlaryň pul möçberi degişli ýerli býujetiň esasy girdejileriniň çak edilýän möçberi bilen (şertsiz grantlar aýrylanda) onuň esasy çykdajylarynyň çak edilýän möçberiniň arasyndaky tapawut hökmünde kesgitlenilýär.
2. Ýerli býujetiň esasy girdejileriniň çak edilýän möçberi onuň esasy çykdajylarynyň çak edilýän möçberinden artyk gelen ýagdaýynda ýerli býujetden ýokarda durýan býujete geçirilmeli býujet alynmalary bellenilýär.
Ýerli býujetiň esasy çykdajylarynyň çak edilýän möçberi onuň esasy girdejileriniň çak edilýän möçberinden artyk gelen ýagdaýynda ýokarda durýan býujetden ýerli býujete býujet dotasiýalary bellenilýär.
3. Býujetara şertsiz grantlaryň pul möçberini hasaplamagyň usulyýeti, olaryň geçirilmeginiň tertibi we döwürleýinligi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
40-njy madda. Býujetara şertli grantlar we olaryň berlişiniň şertleri
1. Býujetara şertli grantlar –ylalaşylan şertler we olar ýerine ýetirilmedik halatynda göz öňünde tutulan jerimeler esasynda ýokarda durýan býujetden aşakda durýan býujetlere berilýän býujet serişdeleri.
2. Býujetara şertli grantlar gündelik býujet maksatnamalaryny, ösüş býujet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, şeýle hem şertli grantlar hasaplanylanda göz öňünde tutulmaýan, 35-nji maddanyň dördünji we bäşinji böleklerine laýyklykda, öwezlik tölegleri tölemek boýunça belli bir maksatlaýyn çykdajylary amala aşyrmak üçin degişli býujetde tassyklanan pul möçberlerinde berilýär.
3. Ösüş üçin býujetara şertli grantlar ýokarda durýan býujetden aşakda durýan býujetlere döwlet we ýerli býujet maksatnamalary boýunça býujet maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin gönükdirilýär.
Durmuşa geçirilmegi üçin ýokarda durýan býujetden ösüş üçin şertli grantlar bölünip berilýän ýerli býujet maýa goýum taslamalarynyň ýerli býujetden bilelikde maliýeleşdirilmegine ýol berilýär.
4. Ýokarda durýan býujetden býujetara şertli grantlar şularyň esasynda geçirilýär:
1) aşakda durýan býujetleriň arasynda býujetara şertli grantlaryň umumy pul möçberiniň paýlanyşyny tassyklaýan kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň;
2) býujetara şertli grantlar boýunça netijeler barada ylalaşyklaryň;
3) bellenilen tertipde tassyklanan, degişli býujet maksatnamasyny tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamasynyň;
4) aşakda durýan býujetiň býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň býujetara şertli grantlar boýunça tölegleriniň esaslydygyny tassyklaýan resminamalaryň.
5. Býujetara şertli grantlar ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan degişli býujet maksatnamalarynda kesgitlenilen maksatlaýyn wezipesine laýyklykda peýdalanylýar.
6. Býujetara şertli grantlaryň maksatlaýyn wezipesine laýyklykda peýdalanylmadyk pul möçberleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilen tertipde görkezilen pul möçberlerini bölüp beren býujete yzyna gaýtarylmaga degişlidir.
7. Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdelerinden bölünip berlenden başga, Merkezleşdirilen býujetden bölünip berlen býujetara şertli grantlaryň maliýe ýylynyň dowamynda peýdalanylmadyk möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi bilen, olaryň maksatlaýyn wezipesiniň berjaý edilmegi bilen, nobatdaky maliýe ýylynda peýdalanylyp bilner.
Welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň ätiýaçlyk serişdelerinden başga, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň býujetinden bölünip berlen býujetara şertli grantlaryň maliýe ýylynyň dowamynda peýdalanylmadyk möçberleri welaýatyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň çözgüdi boýunça olaryň maksatlaýyn wezipesiniň berjaý edilmegi bilen, nobatdaky maliýe ýylynda peýdalanylyp bilner.
Maliýe hasabat ýylynda bölünip berlen býujetara şertli grantlaryň maliýe ýylynyň dowamynda peýdalanylmadyk, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýa-da welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň çözgüdi boýunça peýdalanmaga rugsat edilen möçberleri şu maliýe ýylynyň 31-nji dekabryna çenli olary bölüp beren býujete gaýtarylmaga degişlidir.
8. Býujetara şertli grantlar boýunça netijeler hakynda ylalaşygyň işlenip düzülmeginiň, olaryň geçirilmeginiň, gazanylan göni we ahyrky netijeler barada hasabatyň düzülmeginiň we berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
III BÖLÜM. BÝUJETIŇ DÜZÜLMEGI, SEREDILMEGI WE
TASSYKLANYLMAGY
10-njy bap. Býujeti düzmegiň esaslary
41-nji madda. Umumy düzgünler
1. Türkmenistanyň býujet ulgamynyň býujetleriniň düzülmegi şu Kodekse we onuň esasynda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasynyň we Türkmenistanyň Maýa goýum maksatnamasynyň esasynda amala aşyrylýar.
2. Býujeti düzmegiň barşynda şular işlenip düzülýär:
1) meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň ýerli býujet hakynda çözgüdiniň taslamasy;
2) döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalary;
3) býujet maksatnamalarynyň taslamalary.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
42-nji madda. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasynyň işlenip düzülmegi
1. Meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasy indikatiw häsiýetde bolýar we ol ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň meseleleri boýunça strategik we orta möhletli maksatnamalaýyn resminamalaryň hasaba alynmagy bilen işlenip düzülýär.
2. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasy şulary öz içine almalydyr:
1) döwlet derejesinde – Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny, ýurt boýunça meýilnama döwri üçin makroykdysady görkezijileriň we sosial ölçegleriniň bellenilmegi bilen;
2) ýerli derejede – sebitiň meýilnama döwri üçin durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny.
3. Türkmenistanyň we sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän tertipde we möhletlerde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ýerli maliýe edaralary tarapyndan döwlet häkimiýet we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gatnaşmagynda her ýylda üýtgäp durýan esasda işlenip düzülýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
43-nji madda. Býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasy
1. Býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasy Türkmenistanyň, sebitleriň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň taslamasynyň esasynda meýilnama döwri üçin işlenip düzülýär we ol şulary öz içine almalydyr:
1) döwlet derejesinde:
a) Türkmenistanyň salgyt-býujet syýasatynyň esasy ugurlaryny we Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Merkezleşdirilen býujetiniň esasy görkezijilerini;
b) döwletiň býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary boýunça çykdajylaryň çak edilýän möçberlerini;
2) ýerli derejede:
a) salgyt-býujet syýasatynyň esasy ugurlaryny we ýerli býujetiň esasy görkezijilerini;
b) ýerli býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylary boýunça çykdajylaryň çak edilýän möçberlerini.
2. Býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasy Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ýerli maliýe edaralary tarapyndan merkezi döwlet dolandyryş, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gatnaşmagynda her ýylda üýtgäp durýan esasda işlenip düzülýär we degişli döwlet edaralarynyň we býujet maksatnamalarynyň dolandyryjylarynyň dykgatyna ýetirilýär.
Býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasyny işläp düzmegiň tertibi we möhletleri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
44-nji madda. Döwlet edarasynyň orta möhletli meýilnamasynyň taslamasy
1. Döwlet edarasynyň orta möhletli meýilnamasy durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilen netijeleriň gazanylmagyna getirýän döwlet edarasynyň işiniň esasy ugurlaryny, maksatlaryny, wezipelerini, görkezijilerini kesgitleýän resminama bolup, ol meýilnama döwri üçin maliýeleşdirmegiň möçberleri bolan býujet maksatnamalaryny öz içine alýar.
2. Döwlet edarasynyň meýilnama döwri üçin orta möhletli meýilnamasynyň taslamasy Türkmenistanyň strategik we orta möhletli resminamalarynyň, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasy we býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasy esasynda üç ýyl üçin işlenip düzülýär.
3. Döwlet edarasynyň orta möhletli meýilnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek şu ýagdaýlarda geçirilýär:
1) orta möhletli meýilnamanyň görkezijileriniň üýtgemegine getirýän Türkmenistanyň kanunlary kabul edilende ýa-da Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryna üýtgetmeler girizilende;
2) täze milli we pudaklaýyn maksatnamalar kabul edilende;
3) döwlet edarasynyň wezipeleri, gurluş düzümi üýtgände;
4)netije görkezijileriniň gazanylmagyna täsir edýän býujetleriň ölçegleri üýtgände;
Döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizilende, şol sanda býujetiň takyklanylmagy bilen bagly üýtgetmeler girizilende orta möhletli meýilnamalary işläp düzmek we býujetleri takyklamak üçin şu Kodeksde bellenen talaplar berjaý edilýär.
4. Orta möhletli meýilnamany işläp düzmegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
45-nji madda. Amallar meýilnamasy
1. Döwlet edarasynyň orta möhletli meýilnamasyny durmuşa geçirmek üçin amallar meýilnamasy işlenip düzülýär.
Amallar meýilnamasy döwlet edarasynyň meýilnama döwrüniň birinji ýylynda tassyklanylan orta möhletli meýilnamanyň durmuşa geçirilmegi üçin gönükdirilen, serişdeler, jogapkär ýerine ýetirijileriň görkezilmeginde çäreleriň amala aşyrylmaly möhletleri bilen baglanyşdyrylan anyk hereketlerini özünde jemleýän resminama bolup durýar.
2. Amallar meýilnamasy her ýylda işlenip düzülýär we dowam edýän maliýe ýylynyň 10-njy ýanwaryna çenli döwlet edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
46-njymadda. Býujetiň esasy girdejileriniň meýilnamalaşdyrylmagy
Býujetiň esasy girdejileriniň meýilnamalaşdyrylmagy degişli meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň we býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasynyň esasynda, Türkmenistanyň salgyt, býujet we beýleki kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
47-nji madda. Býujetiň esasy çykdajylarynyň meýilnamalaşdyrylmagy
1. Býujetiň esasy çykdajylarynyň meýilnamalaşdyrylmagy binýatlyk çykdajylar we täze başlangyçlar üçin çykdajylar boýunça aýratynlykda amala aşyrylýar.
2. Hemişelik häsiýetdäki çykdajylar, düýpli çykdajylar, şeýle hem dowam edýän býujet maýa goýum taslamalary üçin çykdajylar binýatlyk çykdajylar bolup durýar.
Döwlet hyzmatlaryny etmek we döwletiň beýleki borçnamalary bilen baglanyşykly çykdajylar hemişelik häsiýetdäki çykdajylar bolup durýarlar.
3. Şu çykdajylar täze başlangyçlar üçin çykdajylara degişlidir:
1) durmuş-ykdysady ösüşiň býujet maksatnamalarynda strategik we orta möhletli meýilnamalara laýyklykda nobatdaky maliýe ýylyndan maliýeleşdirilmegi göz öňünde tutulýan täze ugurlarynyň durmuşa geçirilmegine çykdajylar;
2) makroykdysady we durmuş görkezijileriniň üýtgemegi bilen bagly bolmadyk we ýerine ýetirilýän býujet maksatnamalarynyň çäklerinde býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň wezipeleriniň giňelmegi we olar tarapyndan edilýän döwlet hyzmatlarynyň möçberiniň artmagy bilen baglanyşykly býujetiň goşmaça çykdajylaryny göz öňünde tutýan binýatlyk çykdajylaryň köpeldilmegine gönükdirilýän çykdajylar.
Şu bende laýyklykda býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň täze başlangyçlary üçin çykdajylaryny meýilnamalaşdyrmak goşmaça býujet serişdelerini bölüp bermegiň, şeýle hem býujet maksatnamalaryny şu dolandyryjynyň geçen meýilnama döwri üçin göz öňünde tutulan binýatlyk çykdajylarynyň serişdeleriniň gaýtadan paýlanylmagynyň hasabyna amala aşyrylýar.
4. Býujetiň çykdajylarynyň meýilnamalaşdyrylmagy üçin degişli býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar seretmek üçin şulary berýärler:
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýa-da ýerli maliýe edarasyna – döwlet edarasynyň orta möhletli meýilnamasynyň taslamasyny ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnamasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri, býujet ýüztutmalaryny we meýilnama döwri üçin orta möhletli meýilnamanyň taslamasyny ýa-da Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýa-da ýerli maliýe edarasynyň netijenamalaryny hasaba almak bilen gutarnykly işlenen, tassyklanan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri.
Orta möhletli meýilnamalary işläp düzmeýän býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýa-da ýerli maliýe edarasyna býujet ýüztutmalaryny we meýilnama döwri üçin býujet maksatnamalarynyň taslamalaryny berýärler.
Netijelere baha bermek geçirilen halatlarynda şu bentde görkezilen resminamalara baha bermegiň netijeleri goşulýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
48-nji madda. Býujet ýüztutmasy
1. Býujet ýüztutmasy nobatdaky meýilnama döwri üçin göz öňünde tutulýan çykdajylaryň möçberlerini esaslandyrmak üçin, býujet maksatnamalaryny dolandyryjy tarapyndan düzülýän resminamalaryň jeminden ybarat.
2. Býujet ýüztutmasy şulary özünde jemleýär:
1) her bir býujet maksatnamasy boýunça çykdajylaryň görnüşleri boýunça hasaplamalary;
2) donorlardan dowam edýän maliýe ýylynyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä alnan we peýdalanylan grantlar barada maglumaty;
3) býujet edaralary tarapyndan harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ýerlenilmeginden alynjak girdejileriň we olary ýerlemek üçin çykdajylaryň çaklamasyny;
4) düşündiriş ýazgysyny;
5) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýa-da ýerli maliýe edarasynyň soramagy boýunça beýleki zerur bolan maglumatlary.
3. Býujet ýüztutmasyna düşündiriş ýazgysy meýilnama döwri üçin serişdeleriň harajat ediljek esasy ugurlaryny, yglan edilen býujet maksatnamalarynyň beýanyny, binýatlyk çykdajylaryň we täze başlangyçlar üçin çykdajylaryň esaslandyrmasyny, geçen meýilnama döwrüniň býujet maksatnamalary boýunça gazanylan netije görkezijileriniň seljermesini öz içine alýar.
4. Býujet maksatnamalaryny dolandyryjy meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasynda onuň özi üçin göz öňünde tutulan görkezijilere laýyklykda we býujet serişdeleriniň möçberiniň çäklerinde býujet ýüztutmasyny berýär.
5. Býujet maksatnamalaryny dolandyryjy býujet ýüztutmasynda bar bolan maglumatlaryň we hasaplamalaryň doly we dogry bolmagyny üpjün edýär.
6. Býujet ýüztutmasyny düzmegiň we bermegiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan kesgitlenýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
49-njy madda. Döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalaryna ýa-da olaryň tassyklanan orta möhletli meýilnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplere, şeýle hem býujet maksatnamalarynyň we býujet ýüztutmalarynyň taslamalaryna seretmek
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da ýerli maliýe edaralary döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalaryna ýa-da tassyklanylan orta möhletli meýilnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplerine olaryň strategik we orta möhletli maksatnama resminamalaryna, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlaryna we býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasyna, Türkmenistanyň býujet we beýleki kanunçylygyna laýyk gelýändigi babatda seredýärler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da ýerli maliýe edaralary döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalaryna ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnamalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplerine seretmegiň netijeleri boýunça netijenama taýýarlaýarlar we olary degişli döwlet edaralaryna iberýärler.
2. Döwlet edarasy ýokarda görkezilen edaralardan alnan netijenamalary hasaba almak bilen, orta möhletli meýilnamanyň taslamasyny ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri gutarnykly işleýär, býujet ýüztutmasyny düzýär we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýa-da ýerli maliýe edarasyna berýär.
3. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ýerli maliýe edaralary:
1) býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň býujet ýüztutmalaryna olaryň Türkmenistanyň býujet we beýleki kanunçylygyna, durmuş-ykdysady ösüşiň esasy ugurlarynyň taslamasyna we býujet ölçegleriniň (parametrleriniň) çaklamasyna we döwlet hyzmatlarynyň standartlaryna;
2) orta möhletli meýilnamanyň taslamasynyň ýa-da tassyklanylan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleriň düzüminde berlen býujet maksatnamalarynyň görkezijilerine olaryň döwlet edarasynyň strategik maksatlary we wezipeleri bilen özara baglylygyna;
3) orta möhletli meýilnamalary işläp düzmeýän býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň taslamasynda berlen netije görkezijilerine olaryň býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň işiniň ugurlaryna we wezipelerine laýyk gelýändigi babatda seredýärler.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da ýerli maliýe edarasy býujet ýüztutmalaryna seretmegiň jemleri boýunça býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň çykdajylary boýunça netijenama taýýarlaýarlar.
4. Döwlet edarasy, býujet maksatnamalaryny dolandyryjy bilen Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýa-da ýerli maliýe edarasynyň arasynda býujetiň taslamasyny düzmek üçin berilýän görkezijiler babatda düşünişmezlikler boýunça netijenama, degişlilikde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrine iberilýär.
Düşünişmezlikler boýunça kabul edilen çözgütlere laýyklykda, döwlet edaralary, býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar orta möhletli meýilnamanyň taslamasyny ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri, býujet maksatnamalarynyň taslamalaryny we býujet ýüztutmalaryny gutarnykly işleýärler we degişlilikde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýa-da ýerli maliýe edarasyna berýärler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
11-nji bap. Meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet
býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň we döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň ýerli býujet hakyndaky çözgüdiniň
işlenip düzülmegi
50-nji madda. Meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň işlenip düzülmegi
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny işläp düzýär, onda şular göz öňünde tutulmalydyr:
1) esasy girdejileriň we çykdajylaryň, amallar tapawudynyň, maliýe däl aktiwler bilen amallaryň, arassa karzlaşdyrmagyň/nesýäniň (artykmaçlyk/ýetmezçilik), maliýe aktiwleri bilen amallaryň umumy pul möçberi.
Esasy girdejileriň we çykdajylaryň düzüminde maksatlaýyn döwlet gaznalarynyň girdejileri we çykdajylary her bir gazna boýunça aýratynlykda göz öňünde tutulýar;
2) býujetara grantlaryň, subsidiýalaryň we beýleki transfertleriň pul möçberleri;
3) Türkmenistanyň Durnuklaşdyryş gaznasyndan Merkezleşdirilen býujete zerur bolan transfertiň pul möçberi;
4) esasy salgytlardan ýerli býujetlere geçirmeleriň kadalyk ölçegleri;
5) Türkmenistanyň Hökümetiniň ätiýaçlyk serişdeleriniň pul möçberleri;
6) meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýyly üçin býujeti ýerine ýetirmegiň barşynda kesilmäge degişli bolmadyk býujet çykdajylarynyň goralan maddalarynyň sanawy.
Meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynda başga görkezijiler we düzgünler göz öňünde tutulyp bilner.
2. Meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetinde býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň her biri boýunça meýilnama döwrüniň ikinji we üçünji ýyllarynda täze çäreler üçin çykdajylar bir býujet maksatnamasy boýunça görkezilýär.
3. Meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň ýanyna şu resminamalar goşulýar:
1) Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlarynyň çaklamasy we Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasynyň taslamasy;
2) döwlet edaralarynyň-döwletiň býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamasy ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri;
3) orta möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaýan döwletiň býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň býujet maksatnamalarynyň taslamalary;
4) şu maliýe ýylyndaky döwlet bergisiniň ýagdaýy baradaky maglumatlar;
5) meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyna degişli düşündiriş ýazgysy.
4. Meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýyly üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň artykmaçlygynyň/ýetmezçiliginiň möçberi pul manysynda we jemi içerki önüm babatda göterimlerde tassyklanylýar.
5. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dowam edýän ýylyň 1-nji noýabryndan gijä galman meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
51-nji madda. Welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasynyň işlenip düzülmegi
1. Welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) maliýe edarasy welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasyny işläp düzýär we onda şular göz öňünde tutulmalydyr:
1) esasy girdejileriň we çykdajylaryň, amallar tapawudynyň, maliýe däl aktiwler bilen amallaryň umumy pul möçberi;
2) býujetara grantlaryň, subsidiýalaryň we beýleki transfertiň pul möçberleri;
3) esasy salgytlardan etraplaryň (etrap hukukly şäherleriň), şäherdäki etraplaryň býujetlerine geçirmeleriň kadalaýyn ölçegleri;
4) welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň ätiýaçlyk serişdeleriniň möçberi;
5) meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen, meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýyly üçin ýerli býujeti ýerine ýetirmegiň barşynda kesilmäge degişli bolmadyk býujet çykdajylarynyň goralan maddalarynyň sanawlary.
Meýilnama döwri üçin welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasynda başga görkezijiler we düzgünler göz öňünde tutulyp bilner.
2. Meýilnama döwri üçin welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasynda býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň her biri boýunça meýilnama döwrüniň ikinji we üçünji ýyllarynda täze çäreler üçin çykdajylar bir býujet maksatnamasy boýunça görkezilýär.
3. Welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasy bilen bir wagtda welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) maliýe edarasy şu resminamalary berýär:
1) döwlet edaralarynyň-ýerli býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalaryny ýa-da tassyklanan orta möhletli meýilnama üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky teklipleri;
2) orta möhletli meýilnamalary işläp taýýarlamaýan ýerli býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň býujet maksatnamalarynyň taslamalaryny;
3) meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujetiniň taslamasyna degişli düşündiriş ýazgysyny.
4. Welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) maliýe edarasy welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda kararynyň taslamasyny welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň garamagyna hödürleýär.
52-nji madda. Etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) meýilnama döwri üçin býujeti hakynda çözgüdiniň taslamasynyň işlenip düzülmegi
1. Etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň maliýe edarasy etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) meýilnama döwri üçin býujeti hakynda çözgüdiniň taslamasyny işläp düzýär we onda şular göz öňünde tutulmalydyr:
1) esasy girdejileriň we çykdajylaryň, amallar tapawudynyň umumy pul möçberi;
2) býujetara grantlaryň, subsidiýalaryň we beýleki transfertleriň pul möçberleri;
3) meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda"» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen, meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň ýerine ýetirilmeginiň barşynda kesilmäge degişli bolmadyk ýerli býujet maksatnamalarynyň çykdajylarynyň goralan maddalarynyň sanawlary.
2. Meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) býujeti hakynda kararynyň taslamasynda býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň her biri boýunça meýilnama döwrüniň ikinji we üçünji ýyllarynda täze çäreler üçin çykdajylar bir býujet maksatnamasy boýunça görkezilýär.
3. Meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) býujeti hakynda kararynyň taslamasy bilen bir wagtda etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň maliýe edarasy şu resminamalary berýär:
1) döwlet edaralarynyň - ýerli býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň orta möhletli meýilnamalarynyň taslamalaryny ýa-da orta möhletli meýilnamalara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky tekliplerini;
2) meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň býujetiniň taslamasyna degişli düşündiriş ýazgysyny.
4. Etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň maliýe edarasy meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) meýilnama döwri üçin býujeti hakynda kararynyň taslamasyny etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň garamagyna berýär.
12-nji bap. Býujetleriň tassyklanylmagy
53-nji madda. Meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň tassyklanylmagy
1. Türkmenistanyň Prezidenti meýilnama döwri üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň garamagyna we tassyklamagyna berýär.
2. Türkmenistanyň Milli Geňeşi Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň dessurlarynda göz öňünde tutulan tertipde Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hödürlenen taslamasyna seredýär we meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny kabul edýär.
3. Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan nobatdaky maliýe ýyly başlanýança meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edilmese, onda onuň kabul edilýän pursatyna çenli her aýyň dowamynda meýilnama döwrüniň birinji maliýe ýylynyň býujet maksatnamalary boýunça esasy çykdajylary maliýeleşdirmek geçen maliýe ýylynyň esasy çykdajylarynyň möçberiniň 12-den 1 bölegi derejede amala aşyrylýar.
4. Meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çap edilýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, ___-nji madda).
54-nji madda. Meýilnama döwri üçin ýerli býujetleriň tassyklanylmagy
1. Welaýatyň, Aşgabat şäheriniň ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujetiniň taslamasyny welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň garamagyna hödürleýär.
2. Etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň ýerine ýetiriji häkimiýet edarasy meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň býujetiniň taslamasyny etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň garamagyna hödürleýär.
3. Meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasyna seretmek üçin degişli döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasy şol edaranyň agzalaryndan iş toparyny döredýär.
Iş toparyna ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň wekilleri çekilip bilner.
4. Iş topary meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasy babatynda degişli hasaplamalar bilen esaslandyrylan düzedişler görnüşinde teklipleri we bellikleri işläp taýýarlaýar. Şunda iş toparynyň agzalarynyň teklipleri sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna, döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara we wezipelere laýyk gelmelidir.
5. Iş topary döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasyna meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasy babatda esaslandyrylan düzedişleri berýär.
6. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň mejlisinde meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasy we iş topary tarapyndan işlenip taýýarlanan düzedişler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda degişli edara ediş-çäk birliginiň häkiminiň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan ygtyýar berlen adamyň (adamlaryň) meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasy baradaky çykyşy, şeýle hem döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasy tarapyndan ygtyýar berlen adamyň (adamlaryň) meýilnama döwri üçin ýerli býujetiň taslamasy boýunça netijenamasy diňlenilýär.
7. Welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin welaýatyň (Aşgabat şäheriniň) býujeti hakynda karary welaýat (Aşgabat şäher) häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy tarapyndan kabul edilmelidir.
8. Meýilnama döwri üçin etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasynyň etrabyň (şäheriň) býujeti hakynda karary etrabyň (etrap hukukly şäheriň), şäherdäki etrabyň häkimiýetiniň wekilçilikli edarasy tarapyndan kabul edilmelidir.
9. Eger döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasy tarapyndan nobatdaky maliýe ýylynyň başlanýan wagtyna çenli meýilnama döwri üçin ýerli býujet hakynda karar kabul edilmese, onda onuň kabul edilýän pursatyna çenli çykdajylary maliýeleşdirmek şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda amala aşyrylýar.
10. Döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň meýilnama döwri üçin ýerli býujetler hakynda kararlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çap edilýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda).
55-nji madda. Gizlin býujet maksatnamalary
Gizlin býujet maksatnamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulýar we oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan seredilýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, ___-nji madda).
13-nji bap. Türkmenistanyň Adatdan daşary döwlet býujetini
işläp taýýarlamak we kabul etmek, onuň hereketini bes etmek
56-njy madda. Türkmenistanyň Adatdan daşary döwlet býujetini işläp taýýarlamak we kabul etmek, onuň hereketini bes etmek üçin esaslar
1. Türkmenistanyň Adatdan daşary döwlet býujetini işläp taýýarlamak we kabul etmek ýa-da onuň hereketini bes etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň degişlilikde girizilmegi ýa-da ýatyrylmagy esas bolup durýar.
2. Türkmenistanyň bir ýa-da birnäçe edara ediş-çäk birlikleriniň çäklerinde bir wagtda adatdan daşary ýagdaýyň girizilmegi diňe adatdan daşary ýagdaýyň netijeleriniň ýurduň milli bähbitlerine we ykdysady howpsuzlygyna hakyky howp döredip biljek halatynda Türkmenistanyň Adatdan daşary döwlet býujetini girizmek üçin esas bolup biler.
3. Türkmenistanyň Adatdan daşary döwlet býujeti Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Kanuny görnüşinde tassyklanylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
IV BÖLÜM. BÝUJETIŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI
14-nji bap. Býujetiň ýerine ýetirilişiniň umumy düzgünleri we
ony ýerine ýetirmegiň ýörelgeleri
57-nji madda. Býujetiň ýerine ýetirilmeginiň umumy düzgünleri
1. Býujete girdejileriň gelip gowuşmagyny üpjün etmegiň, maliýe we maliýe däl aktiwler bilen amallary, şeýle hem dowam edýän maliýe ýylynda beýleki amallary amala aşyrmagyň esasynda, döwletiň wezipelerini we borçlaryny durmuşa geçirmek üçin býujet maksatnamalarynda göz öňünde tutulan çykdajylary maliýeleşdirmek býujeti ýerine ýetirmek bolup durýar.
2. Çykdajylar boýunça býujeti ýerine ýetirmek meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýa-da döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň meýilnama döwri üçin ýerli býujet hakyndaky kararynda dowam edýän maliýe ýyly üçin tassyklanan býujet serişdeleriniň möçberleriniň çäklerinde amala aşyrylýar.
Meýilnama döwrüniň ikinji we (ýa-da) üçinji ýyllary üçin göz öňünde tutulan serişdeleriň dowam edýän maliýe ýylynda peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.
3. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmegini gurnaýarlar.
4. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de ýerli maliýe edarasy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň, şeýle hem býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň býujeti ýerine ýetirmek boýunça işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýarlar.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetini we ýerli býujetleri ýerine ýetirmegiň meselelerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, olary ýerine ýetirmek, býujet hasaba alnyşyny alyp barmak, hasabatlylygy düzmek we bermek boýunça usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, býujeti ýerine ýetirmegiň we oňa kassalaýyn hyzmat etmegiň düzgünlerini kesgitleýär.
(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 34-nji madda; 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
58-nji madda. Býujetiň ýerine ýetirilmeginiň ýörelgeleri
Býujetiň ýerine ýetirilmegi şu ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:
1) býujet serişdeleriniň maksatlaýyn peýdalanylmagy;
2) girdejileriň Türkmenistanyň Döwlet býujetine we ýerli býujetlere hem-de býujet serişdeleriniň olary alýanlaryň hasabyna doly we öz wagtynda geçirilmegi;
3) kassanyň ýeke-täkligi (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilmegi boýunça amallaryň ýeke-täk gazna hasabyndan amala aşyrylmagy);
4) berginiň emele gelmegine ýol bermezlik maksady bilen, býujetiň girdejiler we çykdajylar boýunça deňeçer ýerine ýetirilmegi.
15-nji bap. Býujetiň ýerine ýetirilmeginiň barşy
59-njy madda. Býujetiň ýerine ýetirilmeginiň guralyşy
Býujetiň ýerine ýetirilmegi amala aşyrylanda şu aşakdaky resminamalar esasy bolup durýarlar:
1) şu Kodeks;
2) meýilnama döwri üçin «Türkmenistanyň Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýa-da döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edarasynyň ýerli býujet hakyndaky karary;
3) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýa-da ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň dowam edýän maliýe ýylynda kabul edýän we býujetiň ýerine ýetirilmegine täsir edýän çözgütleri;
4) döwlet edaralarynyň orta möhletli meýilnamalary;
5) býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň býujet maksatnamalary;
6) şertli grantlar boýunça gazanylmagy göz öňünde tutulýan netijeler hakynda ylalaşyk;
7) borçnamalar boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy, degişli býujetler boýunça girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy;
8) býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalary;
9) býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalary;
10) Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň býujetiň şu Kodekse laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň tertibini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk namalary.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
60-njy madda. Borçnamalar boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy, degişli býujetler boýunça girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy
1. Merkezleşdirilen we ýerli býujetler boýunça borçnamalar babatda maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasynyň, girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasynyň düzülmegi, tassyklanylmagy we alnyp barylmagy degişlilikde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we ýerli maliýe edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Degişli býujet boýunça borçnamalar babatda maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalary boýunça maliýeleşdiriş meýilnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna laýyklykda düzülýär.
Býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň olar üçin niýetlenen býujet serişdeleriniň ýyllyk möçberleriniň çäklerindäki borçnamalary boýunça maliýeleşdiriş meýilnamalary býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň özleri we olaryň garamagyndaky býujet edaralary tarapyndan kabul edilýän borçnamalaryň her çärýek üçin möçberlerini kesgitleýär.
3. Girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy býujete girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça býujet maksatnamalaryny maliýeleşdirmegiň deňeçerlenen her çärýeklik meýilnamasyny kesgitleýän resminama bolup durýar.
Degişli býujetler boýunça girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna laýyklykda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da ýerli maliýe edarasy tarapyndan düzülýär.
Býujete girdejileriň gelip gowuşmagynyň jemleýji meýilnamasy şulary hasaba almak bilen düzülýär:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan girdejileriň gelip gowuşmaly möhletlerini;
2) býujete geçen ýyllar üçin girdejileriň gelip gowşuş depgininiň seljerilmegi;
3) döwletiň gymmatly kagyzlarynyň girdejililik depgininiň we gymmatly kagyzlar bazarynda islegiň we teklipleriň derejesiniň seljerilmegi;
4) karz şertnamalarynyň, nesýe şertnamalarynyň, grantlar barada ylalaşyklaryň şertlerini.
Tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy, özlerine niýetlenen býujet serişdeleriniň ýyllyk möçberleriniň çäklerinde býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň gönüden-göni özlerine we olaryň garamagyndaky býujet edaralaryna kabul edilen borçnamalary ýerine ýetirmegiň hasabyna tölegleri amala aşyrmak üçin zerur bolan býujet serişdeleriniň her çärýek boýunça möçberlerini kesgitleýän, býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalarynyň esasynda düzülýär.
Borçnamalar boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasynyň, girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasynyň ýyllyk möçberleri tassyklanan degişli býujetiň girdejileriniň we çykdajylarynyň möçberlerine laýyk gelmelidir.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
61-nji madda. Býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalary. Býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalary
1. Býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalary býujet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna laýyklykda düzülýär we býujet maksatnamalaryny dolandyryjylara olary tassyklamak we býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalaryny düzmek üçin berilýär.
2. Býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalary býujet maksatnamalaryny dolandyryjylar tarapyndan Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna, tassyklanylan býujet maksatnamalarynyň görkezijilerine laýyklykda düzülýär we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýa-da ýerli maliýe edarasyna berilýär.
Býujet maksatnamalaryny dolandyryjy amallar meýilnamasyny öz wagtynda durmuşa geçirmek maksady bilen, meýilnamalaýyn görkezijileriň çärýekler boýunça paýlanmagyny üpjün edýär.
3. Býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň borçnamalar boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy, girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasy, borçnamalar we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamalary, býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça meýilnamalaşdyrmagyň aýratyn meýilnamalary meýilnama döwrüniň birinji ýyly üçin düzülýär we tassyklanýar.
4. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýa-da ýerli maliýe edarasy býujet maksatnamalaryny dolandyryjylaryň teklipleri boýunça Türkmenistanyň býujet toparlanmasynyň aýry-aýry maddalary boýunça olaryň borçnamalar we tölegler boýunça we býujet maksatnamalarynyň kiçi maksatnamalary boýunça maliýeleşdiriş meýilnamalaryna býujet maksatnamalary boýunça çykdajylaryň ýyllyk we çärýeklik möçberleriniň çäklerinde üýtgetmeleri, şeýle hem býujet maksatnamalary boýunça çykdajylaryň çärýeklik möçberlerine üýtgetmeleri girizmäge haklydyr.
Býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalaryna üýtgetmeleriň girizilmegi býujet maksatnamalaryny dolandyryjy tarapyndan onuň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdiriş meýilnamalaryna girizilen üýtgetmelere laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Borçnamalar boýunça maliýeleşdirmegiň jemlenen meýilnamasyny, girdejileriň gelip gowuşmagynyň we tölegler boýunça maliýeleşdirmegiň jemleýji meýilnamasyny, býujet maksatnamalaryny dolandyryjynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň meýilnamasyny, býujet edaralarynyň borçnamalary we tölegleri boýunça maliýeleşdirmegiň aýratyn meýilnamalarynyň düzülmeginiň we alnyp barylmagynyň, şeýle hem olara üýtgetmeler girizilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
16-njy bap. Býujetiň ýerine ýetirilişine kassalaýyn hyzmat
etmek boýunça hasaplar
62-nji madda. Býujetiň ýerine ýetirilişine kassalaýyn hyzmat etmek boýunça hasaplar
Şular býujetiň ýerine ýetirilişine kassalaýyn hyzmat etmek boýunça hasaplar bolup durýar:
1) Ýeke-täk gazna hasaby;
2) daşary ýurt pulundaky hasaplar;
3) gözegçilik hasaplary;
4) býujet edaralarynyň hasaplary.
63-nji madda. Ýeke-täk gazna hasaby
1. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ýeke-täk gazna hasaby Türkmenistanyň Merkezi bankynda milli pulda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň girdejileriniň geçirilmegi, Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna tölegleriň we geçirme amallarynyň amala aşyrylmagy we olaryň hasaba alnyşynyň ýöredilmegi üçin açylýar.
2. Ýeke-täk gazna hasaby gözegçilik hasaplaryndaky serişdeleriň galyndylaryny öz içine alýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
64-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň daşary ýurt pulundaky hasaplary
Türkmenistanyň Merkezi bankynda daşary ýurt pulundaky amallary geçirmek we olary hasaba almak üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň daşary ýurt pullarynyň görnüşleri boýunça hasaplary açylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
65-nji madda. Gözegçilik hasaplary
1. Gözegçilik hasaplary Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Gazna müdirliginde Merkezleşdirilen býujetiň we her bir ýerli býujeti ýerine ýetirmek boýunça girdejileriň kabul edilmegi we tölegleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly amallaryň hasaba alynmagy üçin açylýar.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan amallar Türkmenistanyň býujet toparlanmasyna we býujet edaralarynyň kodlaryna laýyklykda hasaba alynýar.
3. Gözegçilik hasaplaryny açmagyň, alyp barmagyň we ýapmagyň tertibi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 43-nji madda).
66-njy madda. Býujet edaralarynyň hasaplary
1. Býujet edaralarynyň şu hasaplary bolup biler: