TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 94-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini tassyklamaly.

2-nji madda. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksini 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

3-nji madda. Şulary 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

1) 1963-nji ýylyň 29-njy dekabrynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksini tassyklamak hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1963 ý., № 36, 33-nji sah.);

2) 1963-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksi, VI bölüm, 1-nji goşundy, şeýle hem 2-nji goşundy - ýitirilen ispolnitel işi dikeltmek baradaky böleginde muňa degişli däldir (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň  Wedomostlary, 1963ý., № 36, 33-nji sah.);

3) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» 1966-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1167 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1966 ý., № 20, 4-nji sah.);

4) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksiniň 405-nji maddasyna üýtgetmeler girizmek hakynda» 1966-njy ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1024 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1966 ý., № 10, 3-nji sah.);

5) «Türkmenistan SSR-niň Nika, maşgala, hossarlyk hakyndaky we graždan ýagdaýynyň aktlary hakyndaky kanunlar kodeksine hem-de Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1968-nji ýylyň 16-njy iýulynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 446 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1968 ý., № 14, 2-nji sah.);

6) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» 1971-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1430 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1971 ý., № 11, 81-nji madda);

7) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksiniň 118-nji maddasyna goşmaça girizmek hakynda» 1972-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 395 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1972 ý., № 16, 57-nji madda);

8) «Türkmenistan SSR-niň Graždan kodeksine we Graždan prosessual kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» 1974-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 939 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1974 ý., № 9, 55-nji madda);

9) «Döwlet notariaty hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanunynyň güýje girizilmegi mynasybetli, Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçykaryjylyk aktlarynyň üstüni ýetirmek, olary üýtgetmek we güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» 1975-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1244 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň  Wedomostlary, 1975 ý., № 4, 11-nji madda);

10) «Türkmenistan SSR-niň Graždan we Graždan prosessual kodekslerine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1977-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 679 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1977 ý., № 18, 105-nji madda); 

11) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1981-nji ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 488 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981 ý., №17, 64-nji madda);

12) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» 1981-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 599 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981 ý., № 29, 111-nji madda);

13) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» 1981-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 645 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1981 ý., № 33, 133-nji madda);

14) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» 1982-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 748 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1982 ý., № 2, 2-nji madda);

15) «Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1983-nji ýylyň 25-nji awgustynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1330 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1983 ý., № 24, 64-nji madda); 

16) «Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1984-nji ýylyň 23-nji iýulynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1641 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1984 ý., № 21, 93-nji madda );

17) «Türkmenistan SSR-niň Jenaýat-prosessual we Graždan prosessual kodekslerine üýtgetmeler hem-de goşmaçalar girizmek hakynda» 1985-nji ýylyň 19-njy fewralyndaTürkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1880 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň  Wedomostlary, 1985 ý., № 5, 13-nji madda);

18) «Kemala gelmedik çagalar üçin aliment töledip almagyň tertibini kem-käsleýin üýtgetmek hakynda» 1985-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 44 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1985 ý., № 10, 71-nji madda);

19) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine goşmaçalar girizmek hakynda» 1985-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 265 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1985 ý., № 34, 172-nji madda);

20) «Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1986-njy ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 485 belgili Ukazynyň 4-nji bölegi (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň  Wedomostlary, 1986 ý., № 20, 111-nji madda); 

21) «Kemala gelmedik çagalar üçin aliment töledip almagyň tertibini kem-käsleýin üýtgetmek hakynda» 1987-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 793 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 12, 55-nji madda);

22) «Döwlet kärhanasy (birleşigi) hakyndaky SSSR-niň Kanuny mynasybetli Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1987-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1036 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 36, 176-njy madda);

23) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda» 1987-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1037 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1987 ý., № 36, 177-nji madda);

24) «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 1988-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1123 belgili Ukazy (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1988 ý., № 8, 41-nji madda);

25) «Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» 1988-nji ýylyň 27-nji iýulynda Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň çykaran 1212 belgili Ukazynyň 3-nji bölegi (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň  Wedomostlary, 1988 ý., № 14, 79-njy madda); 

26) 1990-njy ýylyň 25-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990 ý., № 10, 120-nji madda);

27) 1991-nji ýylyň 29-njy maýynda kabul edilen «Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1991 ý., № 9-10, 101-nji madda);

28) 1991-nji ýylyň 29-njy maýynda kabul edilen «1990-njy ýylyň 24-nji maýyndaTürkmenistan SSR-niň «Dil hakyndaky» Kanunynyň kabul edilmegi mynasybetli Türkmenistan SSR-niň käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistan SSR-niň Kanuny (Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 9-10, 102-nji madda);

29) 1992-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda kabul edilen «Käbir kanunçylyk aktlaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý, № 9, 87-nji madda);

30) 1994-nji ýylyň 13-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň Graždan prosessual kodeksine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1994 ý., № 1-2, 6-njy madda);

31) 1998-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1998 ý., № 3, 56-njy madda);

32) 2000-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň Raýat prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 1, 2-nji madda);

33) 2007-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1 bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 4-nji madda);

34) 2007-nji ýylyň 12-nji iýunynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölegi (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 2, 47-nji madda);

4-nji madda. Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň güýje giren gününden şulary bellemeli:

1) 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli gelip gowşan we birinji, nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetler tarapyndan seredilmedik işler şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine  laýyklykda seredilmäge degişlidir;

2) 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan soň birinji basgançakly kazyýete gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;

3) 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyndan soň nägilelik basgançakly kazyýetlerine gelip gowşan nägilelik şikaýatlar we teklipnamalar, şeýle hem gözegçilik tertibinde gelip gowşan şikaýatlar we teklipnamalar şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyklykda seredilmäge degişlidir;

4) kanuny güýje girmeli möhleti 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyna ýa-da şondan soňky möhlete gabat gelýän, 2016-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli çykarylan, ýöne şikaýat edilmedik birinji basgançakly kazyýetiň çözgütlerine şu Kanun bilen güýje girizilen Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 345-nji maddasy bilen bellenilen möhletde nägilelik basgançagyna şikaýat edilip ýa-da olara teklipnamalar getirilip bilner;

5) gözegçilik tertibinde şikaýatlary we teklipnamalary bermegiň möhletleri şu Kanun bilen güýje girizilen pursadyndan Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 386-njy maddasyna laýyklykda hasaplanylýar.

5-nji madda. Şu Kanunyň resmi taýdan çap edilen gününden 1963-nji ýylyň 29-njy dekabryndaky Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Graždan prosessual kodeksiniň VI bölümini, 1-nji goşundysyny, şeýle hem 2-nji goşundysyny - ýitirilen ispolnitel işi dikeltmek baradaky bölegindegüýjüni ýitiren diýip hasap etmeli(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1963ý., № 36, 33-nji sah.);

6-njy madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalaryTürkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.

 

 

Türkmenistanyň                                                          Gurbanguly

     Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2015-nji ýylyň 18-nji awgusty.

№ 260-V.

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ

KODEKSI

 

I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ

KANUNÇYLYGY

 

1-nji madda. Raýat kazyýet önümçiligi hakynda kanunçylyk

 

1. Türkmenistanyň kazyýetlerinde raýat işleri boýunça önümçiligiň tertibi Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks we olara laýyklykda kabul edilýän Türkmenistanyň beýleki kanunlary bilen kesgitlenilýär.

2. Raýat kazyýet önümçiligi hakynda kanunçylyk raýat, maşgala, zähmet, ýaşaýyş jaý, ýer we beýleki hukuk gatnaşyklardan gelip çykýan jedeller boýunça işlere, administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere we aýratyn önümçiligiň işlerine seretmegiň tertibini belleýär. Administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler we aýratyn önümçiligiň işleri şu Kodeksiň 24-36-njy baplarynda göz öňünde tutulan alynmalar we goşmaçalar bilen kazyýet önümçiliginiň umumy düzgünleri boýunça seredilýär. 

 

2-nji madda. Raýat kazyýet önümçiliginde artykmaç güýje eýe bolan hukuk kadalaryny ulanmak

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmenistanyň bütin çäginde ýokary ýuridik güýje eýedir we gönüden-göni hereket edýär. Şu Kodeksiň we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalarynyň arasynda çaprazlyk bolan mahalynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär.

2. Şu Kodeksiň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kadalarynyň arasynda çaprazlyk bolan mahalynda şu Kodeksiň düzgünleri hereket edýär.

3. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde göz öňünde tutulanlardan başga düzgünler bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň düzgünleri ulanylýar.

 

3-nji madda. Raýat iş ýörediş kanunçylygynyň wagta görä hereketi

 

1. Raýat kazyýet önümçiligi işe seredilýän, aýry-aýry iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylýan wagtynda hereket edýän raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylara täze borçlary ýükleýän, hukuklaryny ýatyrýan ýa-da kemeldýän, olaryň ulanylmagyny goşmaça şertler bilen çäklendirýän raýat iş ýörediş kanunçylygynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.

3. Subutnamalaryň ýolbererliligi olaryň alnan pursadynda hereket eden kanuna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

4-nji madda. Şu Kodeksde bar bolan käbir atlary we adalgalary düşündirmek

 

Şu Kodeksde bar bolan atlar we adalgalar aşakdaky mana eýedirler:

1) kazyýet – Türkmenistanyň kazyýet ulgamyna girýän we adyl kazyýetliligi amala aşyrýan kazyýet häkimiýetiniň edarasy. Oňa Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri degişlidir;

2) birinji basgançakly kazyýet – ilkibaşdan raýat işlerine seredýän kazyýet;

3) nägilelik basgançakly kazyýet – birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik çözgütlerine we kesgitnamalaryna şikaýatlar ýa-da teklipnamalar boýunça  işlere nägilelik tertibinde seredýän kazyýet;

4) gözegçilik basgançakly kazyýet – kazyýetiň kanuny güýje giren çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna şikaýatlar ýa-da teklipnamalar boýunça işlere gözegçilik tertibinde seredýän kazyýet;

5) kazy – kanunda bellenen tertipde kazyýet häkimiýetini amala aşyrýan kazyýetiň başlygy, kazyýetiň başlygynyň orunbasary, kazy;

6) prokuror – Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar, olaryň orunbasarlary, uly kömekçiler we kömekçiler, baş müdirlikleriň we müdirlikleriň müdirleri, esasy bölümleriň we bölümleriň müdirleri, olaryň orunbasarlary, uly prokurorlar we öz ygtyýarlygynyň çäklerinde hereket edýän prokurorlar;

7) kazyýet seljerişi – birinji, nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetiň kazyýet mejlisi;

8) başlyklyk ediji – raýat işine seredilende başlyklyk edýän kazy;

9) kanuny wekiller – ata-eneler, perzentlige alyjylar, hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň, ýa-da üçünji şahsyň hossarlary, howandarlary we kanun bilen bu hukuk berlen beýleki adamlar, şeýle hem howandarlygynda hak isleýji ýa-da jogap beriji, üçünji şahs durýan edaralar we guramalar;

10) ýakyn garyndaşlar – ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we süýtdeş däl doganlar;

11) wekil – raýat işi boýunça önümçilikde hak isleýjiniň, jogap berijiniň we üçünji şahsyň kanuny bähbitlerine wekilçilik etmäge hukukly adam;

12) raýat işleri – hak isleýiş işleri (raýat, maşgala, zähmet, ýaşaýyş jaý, ýer we beýleki gatnaşyklardan gelip çykýan jedeller boýunça), administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler, aýratyn önümçiligiň işleri we kanunda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki işler;

13) iş boýunça önümçilik – anyk raýat işi boýunça ony gozgamagyň, kazyýete çenli taýýarlamagyň, kazyýetde seretmegiň dowamynda amala aşyrylýan iş ýörediş hereketleriniň we kararlaryň jemi;

14) iş ýörediş hereketleri –raýat kazyýet önümçiliginiň barşynda şu Kodekse laýyklykda geçirilýän hereketler;

15) kazyýet karary – ähli basgançakdaky kazyýetleriň çözgüdi, kesgitnamasy, karary;

16) çözgüt – işe düýp manysy boýunça sereden birinji basgançakly kazyýetiň kazyýet karary;

17) kesgitnama – şu maddanyň 16-njy we 18-nji bentlerinde görkezilen kararlardan başga ähli basgançakdaky kazyýetleriň islendik kazyýet karary;

18) karar – welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy, Giňişleýin mejlisi tarapyndan kabul edilen kazyýet karary;

19) teswirnama – raýat işi boýunça önümçiligiň fakty, onuň mazmuny we kazyýet hereketleriniň netijeleriniň hakyky ýagdaýy açyp görkezilen we takyk beýan edilen, şu Kodeksde bellenilen tertipde düzülen resminama;

20) nägilelik şikaýaty – kanuny güýje girmedik çözgüdi sökmek ýa-da üýtgetmek barada şikaýat;

21) nägilelik teklipnamasy – kanuny güýje girmedik çözgüdi sökmek ýa-da üýtgetmek barada prokuroryň teklipnamasy;

22) hususy şikaýat – birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna şikaýat;

23) hususy teklipnama – birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna prokuroryň teklipnamasy;

24) gözegçilik tertibindäki şikaýat – kanuny güýje giren kazyýet kararyna getirilen şikaýat;

25) gözegçilik tertibindäki teklipnama – kanuny güýje giren kazyýet kararyna getirilen prokuroryň teklipnamasy;

26) özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýaty – bir tarap tarapyndan nägilelik şikaýaty berlen mahalynda şikaýat etmek üçin möhlet gutarandan soň, garşydaş tarapdan getirilen şikaýat.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

2-nji bap. RAÝAT KAZYÝET ÖNÜMÇILIGINIŇ

WEZIPELERI WE ÝÖRELGELERI

 

5-nji madda. Raýat kazyýet önümçiliginiň wezipeleri

 

Raýat kazyýet önümçiliginiň wezipeleri eýeçiligi gorap saklamak, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen raýatlaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän durmuş-ykdysady, syýasy, şahsy hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de fiziki we ýuridik şahslaryň kanun arkaly goralýan bähbitlerini goramak maksady bilen raýat işlerine dogry we öz wagtynda seretmek we çözmek bolup durýar.

 

6-njy madda. Raýat kazyýet önümçiliginiň ýörelgeleri

 

Raýat kazyýet önümçiliginiň ýörelgeleri esas goýujy häsiýeti bolan we her bir iş boýunça önümçiligiň dogrulygyny we esaslylygyny kesgitleýän Kodeksiň şu babynda getirilen düzgünler bolup durýarlar.

 

7-nji madda. Kanunylyk

 

1. Kazyýet raýat kazyýet önümçiligi tertibinde işleri çözende Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, şu Kodeksiň we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny takyk berjaý etmäge borçludyr.

2. Işler çözülende kazyýet tarapyndan kanunyň bozulmagy ýol berilmesizdir we ol taraplaryň ýa-da taraplaryň biriniň arzalary boýunça bikanun kazyýet kararlarynyň sökülmegine eltýär.

3. Jedelli hukuk gatnaşygyny düzgünleşdirýän hukuk kadalary bolmadyk mahalynda kazyýet meňzeş gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny ulanýar, şeýle kadalar bolmadyk mahalynda bolsa, kanunçylygyň umumy başlangyçlaryndan we manysyndan ugur alyp jedeli çözýär.

4. Eger kadalaşdyryjy hukuk namalary ýa-da jedeliň taraplarynyň ylalaşygy bilen degişli meseleleriň kazyýet tarapyndan çözülmegi göz öňünde tutulýan bolsa, kazyýet adalatlylyk we paýhaslylyk ölçeglerinden ugur alyp, şol meseleleri çözmäge borçludyr.

 

8-nji madda. Adyl kazyýetliligiň diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylmagy

 

1. Türkmenistanda raýat işleri boýunça adyl kazyýetlilik diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Kimdir biriniň kazyýetiň ygtyýarlyklaryny bikanun özüne geçirmegi kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.

2. Kazyýetiň ygtyýarlylygy, onuň hukuk tabynlygynyň çäkleri, ol tarapyndan raýat kazyýet önümçiligini amala aşyrmagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär we özbaşdak üýtgedilip bilinmez. Raýat işlerine seretmek üçin nähilidir bir at bilen adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry düzümleriň döredilmegine ýol berilmeýär.

3. Degişliligi boýunça özüne degişli bolmadyk iş boýunça raýat kazyýet önümçiligini amala aşyran, öz ygtyýarlyklaryny ýokarlandyran ýa-da şu Kodeksde göz öňünde tutulan raýat kazyýet önümçiliginiň ýörelgelerini gaýry görnüşde bozan kazyýetiň kazyýet kararlary bikanundyr we taraplaryň ýa-da taraplaryň biriniň arzasy boýunça sökülmäge degişlidir.

4. Raýat işi boýunça kazyýet kararlary diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde degişli kazyýetler tarapyndan barlanyp we täzeden seredilip bilner.

 

9-njy madda. Şahsyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we Kanuny bähbitleriniň kazyýet goragy

 

1. Her bir adam bozulan ýa-da jedelleşilýän konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň ýa-da kanun bilen goralýan bähbitleriniň goragy üçin şu Kodeksde bellenilen tertipde kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary kanunda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanun bilen goralýan bähbitleriniň goragy hakynda arza bilen kazyýete ýüz tutmak hukugyna eýedirler.

2. Prokuror raýatlaryň hukuklaryny (kämillik ukyby bolmadyklaryň, kämillik ukyby çäklendirilenleriň ýa-da kämillik ukyby bolanlaryň, ýöne fiziki ýagdaýyna görä (garrylygy, keselliligi boýunça we ş.m.) öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmaga we öz borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyzlaryň), jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerini goramak üçin öz üstüne ýüklenen borçlary amala aşyrmak maksady bilen hak islegi (arza) bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

3. Hiç kime öz razylygy bolmazdan, onuň üçin kanunda göz öňünde tutulan kazyýete degişliligi üýtgedilip bilinmez. Taraplaryň razylygy bolmazdan ýokarda durýan kazyýetiň aşakda durýan kazyýetiň önümçiliginden işi almaga we ony öz önümçiligine kabul etmäge haky ýokdur.

4. Kazyýete ýüz tutmak hukugyndan ýüz dönderilmegi hakyky däldir.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

10-njy madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi. Hat alyşmalaryň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf we beýleki habarlaryň syry

 

Raýatlaryň şahsy durmuşy, şahsy we maşgala syry kanun arkaly goralýar. Her kimiň şahsy goýumlarynyň we süýşürintgileriniň, hat alyşmalarynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, internet arkaly berilýän elektron we beýleki habarlaryň syryna hukugy bardyr. Raýat kazyýet önümçiliginiň barşynda bu hukuklaryň çäklendirilmegine diňe göni kanunda bellenen halatlarda we tertipde ýol berilýär.

 

11-nji madda. Hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňündäki deňligi

 

1. Raýat işleri boýunça adyl kazyýetlilik kanunyň we kazyýetiň öňünde deňlik başlangyçlarynda amala aşyrylýar.

2. Raýat kazyýet önümçiliginiň barşynda aşakdakylaryň hiç birine:

raýata ileri tutulma berlip bilinmez we olaryň hiç biri milleti, teniniň reňki, jynsy, gelip çykyşy, emläk we wezipe ýagdaýy, ýaşaýan ýeri, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, haýsy partiýa degişlidigi ýa-da hiç partiýa degişli däldigi boýunça kemsidilmä sezewar edilip bilinmez;

ýuridik şahslara ileri tutulma berlip bilinmez we olaryň hiç biri öz ýerleşýän ýeriniň, guramaçylyk-hukuk görnüşiniň, tabynlygynyň, eýeçiliginiň görnüşleriniň sebäpleri we beýleki ýagdaýlar boýunça kemsidilmä sezewar edilip bilinmez.

3. Raýat-hukuk jogapkärçiliginden immunitete eýe bolan adamlar babatda raýat kazyýet önümçiliginiň şertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks, Türkmenistanyň kanunlary we halkara şertnamalary bilen kesgitlenilýär.

 

12-nji madda. Kazylaryň garaşsyzlygy

 

1. Kazylar garaşsyzdyrlar we raýat işleri boýunça adyl kazyýetliligi amala aşyranlarynda diňe kanuna tabyndyrlar we içki ynam-ygtykadyndan gollanýarlar.

2. Kazylar raýat işlerini özlerine kesekiniň täsirini aradan aýyrýan şertlerde çözýärler. Adyl kazyýetliligi amala aşyrmak boýunça kazyýetiň işine haýsydyr bir gatyşylmagy ýol berilmesizdir we kanun boýunça jogapkärçilige eltýär. Anyk işler boýunça kazylar hiç kime hasabat bermeli däldirler.

 

13-nji madda. Kazyýet önümçiliginiň dili

 

1. Raýat işleri boýunça kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň üsti bilen işiň materiallary bilen tanyşmak, kazyýet hereketlerine gatnaşmak hukugy, şeýle hem kazyýetde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär.

3. Kanunda bellenen tertibe laýyklykda kazyýet resminamalary işe gatnaşýan adamlara, olaryň ene diline ýa-da olaryň bilýän başga diline terjimesinde gowşurylýar.

 

14-nji madda. Dispozitiwlik (ygtyýar edijilik)

 

1. Kazyýet, eger özüne öz hukuklaryny, azatlyklaryny ýa-da kanun bilen goralýan bähbitlerini goramak maksady bilen taraplaryň biri ýüz tutan mahalynda, raýat işine seretmäge girişýär.

2. Taraplar hak islegini, arzany ýa-da şikaýaty berip, şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda iş ýöredişe başlaýarlar. Olar jedeliň närsesini kesgitleýärler we şikaýat etmek hakyndaky meseläni çözýärler.

3. Taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak bilen kazyýet seljerişini tamamlap bilerler; eger kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olar hak isleýiş talaplaryny ykrar edip ýa-da olardan ýüz dönderip bilerler.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

15-nji madda. Taraplaryň bäsleşikliligi we deňhukuklylygy

 

1. Raýat kazyýet önümçiligi taraplaryň bäsleşikliliginiň we deňhukuklylygynyň esasynda amala aşyrylýar. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.

2. Taraplar raýat kazyýet önümçiliginiň barşynda öz nukdaýnazaryny, ony goramagyň usullaryny we serişdelerini özbaşdak we kazyýetden, beýleki edaralardan we adamlardan garaşsyz saýlap alýarlar. Kazyýet işiň hakyky ýagdaýlaryny anyklamak maksady bilen öz başlangyjy boýunça subutnamalary ýygnamakdan doly boşadylandyr, ýöne taraplaryň delillendirilen haýyşnamasy boýunça şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde zerur materiallary almakda olara ýardam edýär.

3. Kazyýet çözgüdi diňe taraplaryň her birine subutnamalary barlamaga gatnaşmagy deň esaslarda üpjün edilen subutnamalara esaslandyrýar.

4. Işe seredýän kazyýet dogruçyllygy we tarapgöýsüzligi saklamak bilen, işiň ýagdaýlaryny doly we dogry barlamaga taraplaryň hukuklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri döredýär, işe gatnaşýan adamlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmagyň ýa-da amala aşyrmazlygyň netijeleri hakynda duýdurýar we şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda olara öz hukuklaryny amala aşyrmakda ýardam edýär.

5. Kazyýet taraplara deň we hormatly garaýşy görkezýär.   

 

16-njy madda. Kazyýetde raýat işini gozgamak

 

1. Kazyýet raýat işini gozgaýar:

1) öz hukugynyň ýa-da kanun bilen goralýan bähbidiniň goralmagy üçin ýüz tutýan şahsyň arzasy boýunça;

2) şu Kodeksiň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde görkezilen halatlarda - prokuroryň arzasy boýunça;

3) haçan-da kanun boýunça beýleki adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutup bilýän halatlarynda - ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň arzasy boýunça.

2. Buýruk önümçiliginiň işleri boýunça arzalar berilýär, hak isleýiş önümçiliginiň işleri boýunça - hak isleýiş arzalary, administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler boýunça we aýratyn önümçiliginiň işleri boýunça – şikaýatlar we arzalar berilýär.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

17-nji madda. Içki ynam-ygtykady boýunça subutnamalara baha bermek

 

1. Kazy işde bar bolan subutnamalaryň olaryň jeminde tarapgöýsüzlik, hemmetaraplaýyn we doly seredilmegine esaslanan öz içki ynam-ygtykady boýunça subutnamalara baha berýär, şunda kanundan we wyždanyndan gollanýar.

2. Hiç hili subutnamalar kazyýet üçin öňünden bellenen güýje eýe däldirler. Berlen subutnamalaryň haýsysynyň ileri tutulmalydygyny kazyýet çözýär.

 

18-nji madda. Kazyýetiň işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmagy

 

Iş boýunça hakykaty anyklamak üçin zerur bolan subutnamalary bermek borjy taraplaryň, üçünji taraplaryň we işe gatnaşýan beýleki şahslaryň üstüne düşýär. Işe dogry seredilmegi we çözülmegi üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlaryň hemmetaraplaýyn, doly, dogry aýdyňlaşdyrylmagy üçin şeýle subutnamalary almak olara mümkin bolmasa, olaryň haýyşnamasy boýunça görkezilen şahslara subutnamalary talap edip almaga kazyýet ýardam edýär.

 

19-njy madda. Ýuridik kömegini almak

 

1. Raýat kazyýet önümçiliginiň barşynda her kimiň şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda ýuridik kömegi almaga hukugy bardyr.

2. Ýuridik kömegini almagyň tertibi şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.

 

20-nji madda. Kazyýet seljerişiniň aýanlygy

 

1. Ähli kazyýetlerde işleriň seljerilişi açykdyr, haçan-da kazyýet mejlisi ýapyk diýip yglan edip biljek halatlary muňa degişli däldir, eger:

1) döwlet howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibi ýa-da ahlaklylyk üçin howp babatda howatyrlanmalar bolsa;

2) açyk ara alnyp maslahatlaşmagy goralýan bähbitleri bozýan täjirçilik, önümçilik syry, salgyt syry, oýlap tapyşyň syry ýa-da başga syr ara alnyp maslahatlaşyljak bolsa;

3) kanun bilen goralýan şahsy syr ara alnyp maslahatlaşylsa;

4) açyk ara alnyp maslahatlaşmagy goralýan bähbitleri bozýan işe gatnaşýan adamlaryň we şaýatlaryň şahsy durmuşynyň ýagdaýlary ara alnyp maslahatlaşyljak bolsa.

2. Ýapyk kazyýet mejlisinde işe seretmek baradaky mesele, eger işe gatnaşýan adamlaryň biri bu barada haýyş edýän bolsa we kazyýet bu haýyşnamany esasly hasap edýän bolsa, onda bu mesele ýapyk mejlisde ara alnyp maslahatlaşylýar. Işi ýapyk kazyýet mejlisinde seljermek hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar.

3. Iş ýapyk kazyýet mejlisinde seljerilende işe gatnaşýan adamlar we olaryň wekilleri, zerur halatlarda bolsa şaýatlar, bilermenler, hünärmenler we terjimeçiler hem gatnaşýarlar.

4. Kazyýet seljerişiniň barşynda audio-wideoýazgynyň edilmegine, kino-fotosurata düşürilmegine, göni tele-radiogepleşikleriň alnyp barylmagyna işe gatnaşýan adamlaryň pikirini nazara almak bilen kazyýetiň rugsady boýunça ýol berilýär. Bu hereketler kazyýet mejlisiniň kadaly barşyna päsgel bermeli däldir we wagta görä kazyýet tarapyndan çäklendirilip bilner.

5. Ýapyk kazyýet mejlisinde işi diňlemek raýat kazyýet önümçiliginiň ähli kadalaryny berjaý etmek bilen alnyp barylýar. Ýapyk kazyýet mejlisiniň dowamynda audio-wideo ýazgynyň edilmegine we sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylmagyna ýol berilmeýär. Ähli halatlarda kazyýet kararlary aç-açan yglan edilýär.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

21-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň, kesgitnamasynyň we kararynyň hökmanylygy

 

1. Kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi, kesgitnamasy we karary taraplar üçin hökmanydyr.

2. Çözgüdiň, kesgitnamanyň we kararyň hökmanylygy işe gatnaşmadyk gyzyklanýan adamlary hukuklarynyň we kanun bilen goralýan bähbitleriniň goragy üçin, kazyýet tarapyndan seredilmedik we çözülmedik jedel boýunça, kazyýete ýüz tutmak mümkinçiliginden mahrum etmeýär.

 

22-nji madda. Iş ýörediş hereketlerine we çözgütlere şikaýat etmek erkinligi

 

1. Kazyýetiň hereketlerine we çözgütlerine şu Kodeksde bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

2. Işe gatnaşýan adamlar şu Kodeksde bellenilen tertipde ýokarda durýan kazyýet tarapyndan çözgütleriň täzeden seredilmegine bolan hukuga eýedirler.

 

3-nji bap. KAZYÝETIŇ DÜZÜMI. YNANMAZLYK BILDIRMEK

 

23-nji madda. Kazyýetiň düzümi

 

1. Raýat işlerine seredilýär:

1) birinji basgançakly kazyýetde - kazy tarapyndan ýekelikde;

2) nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetde - kazylaryň düzüminde - başlyklyk ediji we azyndan iki kazy tarapyndan;

2. Birinji basgançakly kazyýetde kazy işleri ýa-da iş ýöredişiň beýleki meselelerini çözende kazyýetiň adyndan hereket edýär.

 

24-nji madda. Kazyýet tarapyndan meseleleri çözmegiň tertibi

 

1. Birinji basgançakly kazyýetde işe seredilende ýüze çykýan ähli meseleler kazy tarapyndan ýekelikde çözülýär.

2. Nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seredilende, iş seljerilende ýüze çykýan ähli meseleler kazylar tarapyndan sesleriň köplügi bilen çözülýär. Her bir mesele çözülende kazylaryň hiç biriniň-de ses bermekden saklanmaga haky ýokdur.

Başlyklyk ediji teklipleri girizýär, öz pikir ýöretmelerini aýdýar we iň soňky bolup ses berýär.

3. Kazyýet seljerişinden daşary ýüze çykýan meseleleri kazy ýekelikde çözýär. Kazy (başlyklyk ediji) kazyýet seljerişini ýöretmek we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda tertibi saklamak boýunça buýruklary hem ýekelikde berýär.

 

25-nji madda. Kaza, prokurora we iş ýöredişiň beýleki gatnaşyjylaryna ynanmazlyk bildirilmegi

 

Eger olaryň özi işiň ahyrky netijesine göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsalar ýa-da olaryň tarapgöýsüzligine esasly şübheler döredýän beýleki ýagdaýlar bar bolsa, kazy, prokuror, kazyýet mejlisiniň kätibi, bilermen, hünärmen we terjimeçi işiň seredilmegine gatnaşyp bilmezler we ynanmazlyk bildirilmäge degişlidirler.

 

26-njy madda. Kaza ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar

 

Kazy işiň seredilmegine gatnaşyp bilmez:

1) eger ol bu iş boýunça kazyýetiň düzümine girýän beýleki kazylar bilen garyndaşlykda durýan bolsa;

2) eger onuň tarapgöýsüzligine ýa-da dogruçyllygyna şübhelenmäge ýeterlik esaslar bolsa;

3) eger ol taraplaryň, beýleki işe gatnaşýan adamlaryň garyndaşy bolup durýan bolsa;

4) eger ol bu işe şaýat, bilermen, hünärmen, terjimeçi, wekil, prokuror, kazyýet mejlisiniň kätibi hökmünde gatnaşan bolsa;

5) eger onuň özi, onuň garyndaşlary işiň ahyrky netijesine göni ýa-da gytaklaýyn gyzyklanýan bolsalar.

 

27-nji madda. Işe seretmäge kazynyň gaýtadan gatnaşmagynyň ýol berilmesizligi

 

1. Birinji basgançakly kazyýetde raýat işine sereden kazy nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde bu işiň seredilmegine gatnaşyp, şeýle hem birinji basgançakly kazyýetde iş düýp manysy boýunça çözüp, onuň çykaran çözgütleri we kesgitnamalary sökülen mahalynda birinji basgançakly kazyýetde işe täzeden seredip bilmez.

2. Nägilelik basgançakly kazyýetde işe seretmäge gatnaşan kazy birinji basgançakly kazyýetde bu işe seredip ýa-da kazyýet gözegçiligi tertibinde bu işe seretmäge gatnaşyp, şeýle hem onuň gatnaşmagy bilen çykarylan kesgitnama sökülenden soň, nägilelik basgançakly kazyýetde şol işe täzeden seretmäge gatnaşyp bilmez.

3. Kazyýet gözegçiligi tertibinde işe seretmäge gatnaşan kazy birinji basgançakly kazyýetde bu işe seredip, şeýle hem nägilelik basgançakly kazyýetde şol işe seretmäge gatnaşyp bilmez.

4. Prezidiumda işe seretmäge gatnaşan welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň agzasy, birinji basgançakly kazyýetde bu işe seredip, şeýle hem nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde bu işi seretmäge gatnaşyp bilmez.

5. Birinji basgançakly kazyýetde raýat işine sereden ýa-da nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seretmäge gatnaşan welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň agzasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň düzüminde bu işe seretmäge gatnaşyp bilmez.

6. Birinji basgançakly kazyýetde raýat işine sereden ýa-da nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seretmäge gatnaşan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde bu işe seretmäge gatnaşyp biler.

7. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysynyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň düzüminde işe seretmäge gatnaşmagy bu işe birinji, nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde täzeden seretmek hukugyndan ony mahrum etmeýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

28-nji madda. Prokurora, bilermene, hünärmene, terjimeçä we kazyýet mejlisiniň kätibine ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar

 

1. Şu Kodeksiň 26-njy maddasynda görkezilen ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar prokurora, bilermene, hünärmene, terjimeçä we kazyýet mejlisiniň kätibine hem degişlidir.

2. Bilermen, hünärmen, mundan başga-da, işe seredilende gatnaşyp bilmez:

1) eger ol taraplardan ýa-da işe gatnaşýan beýleki adamlardan ýa-da wekillerden gulluk taýdan ýa-da başga bir garaşlylykda bolan bolsa ýa-da bolup durýan bolsa;

2) eger ol bu raýat işiniň gozgalmagyna esas bolup hyzmat eden materiallaryň barlagyny geçiren bolsa.

3. Prokuroryň, bilermeniň, hünärmeniň, terjimeçiniň we kazyýet mejlisiniň kätibiniň degişlilikde prokuror, bilermen, hünärmen, terjimeçi, kazyýet mejlisiniň kätibi hökmünde bu işiň öňki seredilmegine gatnaşmagy olara ynanmazlyk bildirmek üçin esas bolup bilmeýär.

4. Bilermen hökmünde adamyň işe öňki gatnaşmagy özüne iş boýunça bilermen seljermesiniň tabşyrylmagyny aradan aýyrýan ýagdaý bolup durmaýar, haçan-da ol özüniň gatnaşmagynda bilermen seljermesi geçirilenden soň onuň gaýtadan bellenilen halatlary muňa degişli däldir.

 

29-njy madda. Ynanmazlyk bildirmek (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek) hakynda arzalar

 

1. Şu Kodeksiň 26–28-nji maddalarynda görkezilen ýagdaýlar bar bolanda kazy, prokuror, bilermen, hünärmen, terjimeçi we kazyýet mejlisiniň kätibi öz-özüne ynanmazlyk bildirmegi mälim etmäge borçludyrlar. Edil şeýle esaslar boýunça ynanmazlyk bildirmek işe gatnaşýan adamlar tarapyndan mälim edilip bilner.

2. Ynanmazlyk bildirmek (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek) esaslandyrylan bolmalydyr we düýp manysy boýunça işiň seredilip başlanmagyna çenli mälim edilmelidir. Ynanmazlyk bildirmegiň (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmegiň) işe seredilip başlanandan soň mälim edilmegine, diňe haçan-da ynanmazlyk bildirmek (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek) üçin esas ynanmazlyk bildirmegi (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmegi) mälim edýän adama mälim bolan halatlarda ýol berilýär.

3. Eger görkezilen ýagdaýlar işe seredilip başlanandan soň kazyýete mälim bolsa, onda kazyýet ynanmazlyk bildirmek hakyndaky meseläni çözmek maksady bilen olar hakda kazyýet mejlisinde habar bermäge borçludyr.

 

30-njy madda. Mälim edilen ynanmazlyk bildirmegi (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmegi) çözmegiň tertibi

 

1. Ynanmazlyk bildirmek mälim edilen mahalynda kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň pikirini diňlemelidir, şeýle hem, eger ynanmazlyk bildirmek mälim edilýän düşündiriş bermek islese, ynanmazlyk bildirilýän adamy diňlemelidir.

2. Kaza ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele ynanmazlyk bildirilýäniň bolmazlygynda galan kazylar tarapyndan çözülýär. Ynanmazlyk bildirmegiň tarapyna ýa-da ynanmazlyk bildirmegiň garşysyna berlen sesler deň sanda bolanda, kazy ynanmazlyk bildirilen diýlip hasap edilýär.

3. Birnäçe kaza ýa-da kazyýetiň bütin düzümine mälim edilen ynanmazlyk bildirmek şol kazyýetiň başlygy ýa-da ýokarda durýan kazyýetiň kazysy tarapyndan seredilýär.

4. Işe ýekelikde seredýän kaza mälim edilen ynanmazlyk bildirmek (öz-özüne ynanmazlyk bildirmek) şol kazyýetiň başlygy ýa-da şol kazyýetiň başga kazysy tarapyndan seredilýär, olar bolmadyk mahalynda bolsa, ýokarda durýan kazyýetiň kazysy tarapyndan seredilýär.

5. Prokurora, bilermene, hünärmene, terjimeçä we kazyýet mejlisiniň kätibine ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele işe seredýän kazyýet tarapyndan çözülýär.

6. Ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan maslahat otagynda çözülýär, şu maddanyň üçünji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

7. Ynanmazlyk bildirmegiň kanagatlandyrylandygy ýa-da kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilendigi hakyndaky kesgitnama şikaýat edilmäge we teklipnama getirilmäge degişli däldir. Kesgitnama bilen razy bolmazlyk hakyndaky deliller nägilelik tertibindäki şikaýatlara ýa-da gözegçilik tertibinde kazyýet kararyna gaýtadan seretmek hakyndaky haýyşnamalara goşulyp bilner.

 

31-nji madda. Ynanmazlyk bildirmek (öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek) hakynda arzalary kanagatlandyrmagyň netijeleri

 

1. Birinji basgançakly kazyýetde işe seredýän kaza ynanmazlyk bildirilen (öz-özüne ynanmazlyk bildirilen) mahalynda işe şol kazyýetde başga kazy tarapyndan seredilýär, ýa-da eger iş önümçiliginde bolan kazyýetde kazyny çalyşmak mümkin bolmasa, ýokarda durýan kazyýetiň üsti bilen başga birinji basgançakly kazyýetiň seredilmegine berilýär.

2. Nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seredilende kaza ýa-da kazyýetiň bütin düzümine ynanmazlyk bildirilen (öz-özüne ynanmazlyk bildirilen) mahalynda işe şol kazyýetde, ýöne kazylaryň başga düzüminde seredilýär.

 

4-nji bap. IŞLERIŇ KAZYÝETLERE DEGIŞLILIGI WE

KAZYÝETE DEGIŞLILIK

 

32-nji madda. Raýat işleriniň kazyýetlere degişliligi

 

1. Kazyýetler raýat kazyýet önümçiligi tertibinde bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary, azatlyklary we kanun tarapyndan goralýan bähbitleri goramak hakyndaky işlere seredýärler.

2. Kazyýetlere şu aşakdaky işler degişlidir:

1) eger taraplaryň bolmanda biri jedelde raýat bolup durýan bolsa, raýat, maşgala, zähmet, ýaşaýyş jaý, ýer we beýleki hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça işler;

2) şu Kodeksiň 272-nji maddasynda sanalyp geçilen administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler;

3) şu Kodeksiň 295-nji we 301-nji maddalarynda sanalyp geçilen aýratyn önümçiligiň işleri;

4) kanun bilen kazyýetleriň ygtyýaryna degişli edilen beýleki işler.

3. Kazyýetler daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň gatnaşýan işlerine hem seredýärler.

4. Işleriň kazyýetlere degişliligi işi önümçilige kabul edýän kazy ýa-da ol önümçiliginde bolan kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

33-nji madda. Jedelleri bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermek

 

Türkmenistanyň kanuny ýa-da halkara şertnamalary bilen göz öňünde tutulan halatlarda raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykan jedel taraplaryň ylalaşygy boýunça bitaraplar kazyýetiniň çözmegine berlip bilner.

 

34-nji madda. Öz arasynda baglanyşykly birnäçe talaplaryň kazyýetlere degişliligi

 

1. Biri kazyýete, beýlekileri bolsa arbitraž kazyýetine degişli bolan öz arasynda baglanyşykly birnäçe talaplary öz içine alýan arza bilen kazyýete ýüz tutulanda, eger talaplary bölmek mümkin bolmasa, iş kazyýetde seredilmäge degişlidir.

2. Eger talaplary bölmek mümkin bolsa, kazy kazyýetlere degişli talaplary kabul etmek hakynda we arbitraž kazyýetine degişli talaplary kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.

 

35-nji madda. Etrap kazyýetine we etrap hukukly şäher kazyýetine degişli raýat işleri

 

Kazyýetlere degişli raýat işlerine birinji basgançakly kazyýet hökmünde etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan seredilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

36-njy madda. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerine degişli raýat işleri

 

Welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, muňa taraplaryň razylygy bar bolanda, welaýatyň, şäheriň çäginde ýerleşýän etrap kazyýetinden we etrap hukukly şäher kazyýetinden islendik raýat işini almaga we ony birinji basgançakly kazyýet hökmünde öz önümçiligine kabul etmäge haklydyr.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

37-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine degişli raýat işleri

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kararlaryna we (ýa-da) hereketlerine (hereketsizligine) şikaýat etmek hakynda raýat işlerine birinji basgançakly kazyýet hökmünde seredýär, aşakda durýan saýlaw toparlarynyň ýa-da degişli sala salşyk toparlarynyň çözgütlerini güýjünde galdyrýan çözgütleri muňa degişli däldir.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, muňa taraplaryň razylygy bar bolanda, aşakda durýan kazyýetlerden islendik raýat işini almaga we ony birinji basgançakly kazyýet hökmünde öz önümçiligine kabul etmäge haklydyr.

 

38-nji madda. Jogap berijiniň ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri boýunça hak islegini bildirmek

 

1. Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, hak islegi jogap berijiniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete bildirilýär.

2. Ýuridik şahsa hak islegi ýuridik şahsyň edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça ýa-da onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.

3. Nika gatnaşyklaryndan gelip çykýan hak islegleri är-aýalyň bilelikde ýaşaýan ýeri boýunça bildirilip bilner. Eger hak islegi gozgalanda şeýle bilelikde ýaşaýan ýeri bolmasa, onda iş diňe jogap berijiniň ýaşaýan ýeriniň çägindäki kazyýete degişlidir ýa-da eger ol ýurtda bolmasa - hak isleýjiniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete degişlidir.

 

39-njy madda. Hak isleýjiniň saýlamagy boýunça kazyýete degişlilik

 

1. Ýaşaýan ýeri näbelli bolan jogap berijä hak islegi onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça ýa-da iň soňky belli bolan onuň ýaşaýan ýeri boýunça bildirilip bilner.

2. Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bolmadyk jogap berijä hak islegi onuň emläginiň ýerleşýän ýeri boýunça ýa-da onuň Türkmenistanda belli bolan iň soňky ýaşaýan ýeri boýunça bildirilip bilner.

3. Ýuridik şahsyň şahamçasynyň işinden gelip çykýan hak islegi şahamçanyň ýerleşýän ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

4. Alimentleri tutup almak hakynda we atalygy anyklamak hakynda hak islegleri hak isleýji tarapyndan onuň ýaşaýan ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

5. Şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi ýa-da ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakyndaky hak islegleri hak isleýji tarapyndan özüniň ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da zeleliň ýetirilen ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

6. Raýatyň ýa-da ýuridik şahsyň emlägine ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakynda hak islegleri zyýanyň ýetirilen ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

7. Gämileriň çakyşmagy bilen ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak hakynda, deňizde kömek berilmegi we halas edilmegi üçin hak-heşdegi tutup almak hakyndaky hak islegleri jogap berijiniň gämisiniň ýa-da gäminiň ýazylan portunyň ýerleşýän ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

8. Ýerine ýetirilýän ýeri görkezilen şertnamalardan gelip çykýan hak islegleri şertnamanyň ýerine ýetirilýän ýeri boýunça hem bildirilip bilner.

9. Nam-nyşansyz giden, däliligi ýa-da akyly kemligi zerarly kämillik ukyby ýok diýlip bellenilen tertipde ykrar edilen adamlar bilen, şeýle hem jenaýat edenligi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmäge iş kesilen adamlar bilen nikany bozmak hakyndaky hak islegleri hak isleýjiniň ýaşaýan ýeri boýunça bildirilip bilner.

10. Hak isleýjiniň ýanynda haçan-da kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan ýa-da saglyk ýagdaýyna görä jogap berijiniň ýaşaýan ýerine gitmegi onuň üçin kynçylykly bolan mahalynda hem nikany bozmak hakyndaky hak islegleri hak isleýjiniň ýaşaýan ýeri boýunça bildirilip bilner.

11. Bikanun iş kesilmegi, jenaýat jogapkärçiligine bikanun çekilmegi, ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag astyna almagyň bikanun ulanylmagy, şeýle hem administratiw taýdan tussag etmek görnüşindäki administratiw temminiň bikanun berilmegi zerarly raýata ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly zähmet, pensiýa we ýaşaýyş jaý baradaky hukuklaryny dikeltmek, emlägini ýa-da onuň bahasyny gaýtaryp almak hakyndaky hak islegleri hak isleýjiniň ýaşaýan ýeri boýunça hem berlip bilner.

12. Şu madda laýyklykda birnäçe kazyýetleriň arasyndan işiň kazyýete degişliligini saýlap almak hak isleýjiniň özüne degişlidir.

 

40-njy madda. Aýratyn kazyýete degişlilik

 

1. Jaýa, şol sanda ýaşalýan we ýaşalmaýan jaýlara, gurluşlara, desgalara, ýer bilen ymykly baglanyşykly beýleki obýektlere (gozgalmaýan emläk) bolan hukuk hakyndaky, şeýle hem emlägi gozgamasyz etmekden boşatmak hakyndaky, ýer böleginden peýdalanmagyň tertibini bellemek hakyndaky hak islegleri emlägiň ýa-da ýer böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete degişlidir.

2. Mirasyň mirasdarlar tarapyndan kabul edilmegine çenli bildirilýän miras berijiniň karz berijileriniň hak islegleri miras berlen emlägiň ýa-da onuň esasy böleginiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete degişlidir.

3. Ýükleri, ýolagçylary ýa-da goşy daşamak şertnamalaryndan gelip çykýan ýük daşaýjylara bolan hak islegleri bellenilen tertipde talabyň bildirilen ulag guramasynyň müdirliginiň ýerleşýän ýeri boýunça bildirilýär.

 

41-nji madda. Şertnamalaýyn kazyýete degişlilik

 

1. Taraplar öz arasyndaky ylalaşyk boýunça bu iş üçin çäk kazyýete degişliligini üýtgedip biler. Ylalaşyk ýazmaça görnüşde düzülmelidir.

2. Şu Kodeksiň 40-njy maddasy bilen bellenilen kazyýete degişlilik taraplaryň ylalaşygy bilen üýtgedilip bilinmez.

3. Eger jogap beriji kazyýet mejlisine gatnaşýan bolsa we ol tarapyndan kazyýete degişlilik babatynda närazylyk bolmasa, ygtyýarsyz kazyýet ygtyýarly kazyýet bolýar. 

 

42-nji madda. Öz arasynda baglanyşykly birnäçe işleriň kazyýete degişliligi

 

1. Dürli ýerlerde ýaşaýan ýa-da bolýan birnäçe jogap berijilere hak islegi hak isleýjiniň saýlamagy boýunça jogap berijilerden biriniň ýaşaýan ýeri boýunça ýa-da bolýan ýeri boýunça bildirilýär.

2. Özbaşdak talaby bildirýän üçünji tarapyň hak islegi ýa-da garşylyklaýyn hak islegi özüniň haýsy kazyýete degişliligine garamazdan, ilkibaşdaky hak isleginiň seredilýän ýeri boýunça kazyýete bildirilýär.

3. Jenaýat işinden ýa-da administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlerden gelip çykýan raýat hak islegi, eger ol jenaýat işiniň ýa-da administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işleriň önümçiliginde bildirilmedik ýa-da çözülmedik bolsa, şu Kodeks bilen bellenilen kazyýete degişliligi hakyndaky kadalar boýunça raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seretmek üçin bildirilýär.

 

43-nji madda. Kazyýet tarapyndan öz önümçiligine kabul edilen işiň başga kazyýete berilmegi

 

1. Kazyýete degişliligi hakyndaky düzgünleri berjaý etmek bilen kazyýet tarapyndan öz önümçiligine kabul edilen iş, ol soňra başga kazyýete degişli bolan hem bolsa, şol kazyýet tarapyndan düýp manysy boýunça çözülmelidir.

2. Kazyýet işi başga kazyýetiň seretmegine berýär:

1) eger bu iş başga kazyýetde, hususan-da subutnamalaryň aglabasynyň ýerleşýän ýerinde has çalt, doly we hemmetaraplaýyn serediler diýip ykrar edýän bolsa;

2) ýaşaýan ýeri öň näbelli bolan jogap beriji işi onuň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete bermek hakynda haýyşnama bildirse;

3) eger bir ýa-da birnäçe kaza ynanmazlyk bildirilenden soň olaryň çalşyrylmagy bu kazyýetde mümkin bolmasa;

4) eger bu kazyýetde işe seredilende onuň kazyýete degişlilik düzgünleri bozulyp, önümçilige kabul edilendigi ýüze çykarylan bolsa.

3. Kazy ýa-da kazyýet gelip gowşan raýat işiniň bu kazyýete degişli däldigini anyklap, öz kesgitnamasy bilen ony kazyýete degişliligi boýunça iberýär. Eger kazyýetleriň birnäçesi ygtyýarly bolsalar, onda iş hak isleýji tarapyndan saýlanan kazyýete berilýär.

4. Işi başga kazyýetiň seretmegine bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

5. Işi bir kazyýetden başga kazyýete bermek kazyýetiň kesgitnamasynyň esasynda, bu kesgitnama şikaýat etmegiň we teklipnama getirmegiň möhleti geçenden, hususy şikaýat berlen ýa-da hususy teklipnama getirilen mahalynda bolsa - ýokarda durýan kazyýet tarapyndan şikaýat ýa-da teklipnama kanagatlandyrylman galdyrylandan soň geçirilýär.

 

431-nji madda. Administratiw kazyýet önümçiliginiň kadalary boýunça işe seretmäge geçmek

 

1. Biri raýat kazyýet önümçiligi, beýlekileri bolsa administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan öz arasynda baglanyşykly birnäçe talaplary öz içine alýan arza bilen kazyýete ýüz tutulanda, eger talaplary bölmek mümkin bolmasa, onda iş raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişlidir.

2. Biri raýat kazyýet önümçiligi, beýlekileri bolsa administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan birnäçe talaplary öz içine alýan arza bilen kazyýete ýüz tutulanda, eger talaplary bölmek mümkin bolsa, kazy raýat kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli talaplary (hak isleýiş arzasyny) kabul etmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Eger kazyýete administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan beýleki bildirilen talaplar şol kazyýetde seredilmäge degişli bolsa, onda kazy tarapyndan tassyklanylan hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulan degişli resminamalaryň nusgalary esasynda, Türkmenistanyň administratiw kazyýet önümçiligi hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda, kazy hak isleýiş arzasyny kazyýetiň önümçiligine kabul etmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Eger kazyýete administratiw kazyýet önümçiligi tertibinde seredilmäge degişli bolan beýleki bildirilen talaplar, şol kazyýetde seredilmäge degişli bolmasa, onda kazy şu Kodeksiň 153-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendine we ikinji bölegine laýyklykda hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.

Kodekse 431 maddasy 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda.

 

44-nji madda. Kazyýete degişliligi hakynda jedelleriň ýol berilmesizligi

 

Şu Kodeksiň 43-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde bir kazyýetden başga kazyýete iberilen iş, onuň iberilen kazyýeti tarapyndan seredilmäge kabul edilmelidir. Türkmenistanyň kazyýetleriniň arasynda kazyýete degişlilik hakyndaky jedellere ýol berilmeýär.

 

441-nji madda. Işleriň nägilelik basgançakly kazyýete degişliligini üýtgetmek

 

Şu kodeksiň 27-nji maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykan halatynda, işleriň nägilelik basgançakly kazyýete degişliligini üýtgetmäge, eger muňa taraplaryň ýa-da olaryň biriniň razylygy bar bolsa, onda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygynyň orunbasary haklydyr.

Kodekse 441 maddasy 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 28-nji madda.

 

5-nji bap. SUBUTNAMALAR

 

45-nji madda. Subutnamalar

 

1. Islendik hakyky maglumatlar raýat işi boýunça subutnamalar bolup durýarlar, olaryň esasynda kanun bilen kesgitlenen tertipde kazyýet taraplaryň talaplaryny we närazylyklaryny esaslandyrýan ýagdaýlaryň barlygyny ýa-da ýoklugyny hem-de işi dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan beýleki ýagdaýlary anyklaýar.

2. Bu maglumatlar taraplaryň we üçünji taraplaryň düşündirişlerinden, şaýatlaryň görkezmelerinden, ýazmaça we maddy subutnamalardan, audio we wideo ýazgylardan, bilermenleriň netijenamalaryndan alnyp bilner.

Taraplaryň we üçünji taraplaryň düşündirişleri, şaýatlaryň görkezmeleri, bilermeniň we hünärmeniň maslahaty (düşündirişleri) şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnyp bilner.

3. Kanuny bozmak bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur we kazyýetiň çözgüdiniň esasyna goýlup bilinmez.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

46-njy madda. Subut etmek güzaby

 

1. Her bir tarap subut etmek güzabyny çekýär we özi üçin amatly hukuk kadalaryny ulanmagyň şertleriniň barlygyny kesgitleýär.

Haýsydyr bir hukuk kadasyndan gelip çykýan hukuk netijelere dalaş edýän tarap özüne bu hukugy berýän faktlary, garşydaş tarap bolsa - hukuklaryň döremegine päsgel berýän we bu hukukdan mahrum edýän faktlary esaslandyrmalydyr.  

2. Eger ähli subutnamalar barlanylandan soň, ýuridik ähmiýeti bolan fakty tassyklamagyň dogrulygy näbelli bolup galýan bolsa, onda munuň özi subut etmek güzabyny çekýän tarapyň zyýanyna gidýär.

 

47-nji madda. Subutnamalaryň berilmegi

 

1. Subutnamalar taraplar we işe gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan berilýär.

2. Işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar ulanylmaga degişli maddy we iş ýörediş hukugynyň kadalaryny göz öňünde tutmak bilen taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň talaplarynyň we närazylyklarynyň esasynda kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Kazyýet taraplara we işe gatnaşýan beýleki adamlara işiň dogry çözülmegi üçin zerur bolan goşmaça subutnamalary bermegi teklip etmäge haklydyr.

4. Haçan-da, taraplar we işe gatnaşýan beýleki adamlar üçin subutnamalary bermek kyn bolan ýagdaýynda, kazyýet olaryň haýyşnamasy boýunça subutnamalary talap etmekde olara ýardam berýär.

5. Subutnamalary talap etmek hakyndaky haýyşnamada subutnama görkezilmelidir, şeýle hem iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen anyklanylyp ýa-da ýalana çykarylyp bilinjekdigi, subutnamalary özbaşdak almaga päsgel berýän sebäpler we onuň ýerleşýän ýeri görkezilmelidir.

6. Zerur bolanda kazyýet haýyşnama bildiren adama subutnamalary almak üçin talap haty berýär. Kazyýet tarapyndan talap edilýän subutnama özünde bolan adam ony gös-göni kazyýete iberýär ýa-da kazyýete bermek üçin degişli talap haty bolan adamyň eline berýär.

7. Kazyýet tarapyndan subutnama talap edilýän, ony asla ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen möhletde bermäge mümkinçiligi bolmadyk wezipeli ýa-da beýleki adamlar bu hakda sebäplerini görkezmek bilen kazyýete ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar.

 

48-nji madda. Subutnamalaryň degişliligi

 

Kazyýet berilýän subutnamalardan diňe iş üçin ähmiýeti bolanlaryny kabul edýär.

 

49-njy madda. Subutnamalaryň ýol bererliligi

 

Kanun boýunça subut etmegiň belli bir serişdeleri bilen tassyklanylmaly işiň ýagdaýlary subut etmegiň hiç bir başga serişdeleri bilen tassyklanylyp bilinmez.

 

50-nji madda. Subutnamalary talap etmeýän faktlar

 

1. Kazyýet tarapyndan hemmelere belli diýlip ykrar edilen ýagdaýlaryň we garşydaş tarapyň jedelleşmedik ýa-da ykrar eden faktlarynyň subut edilmeginiň zerurlygy ýokdur.

2. Bir raýat işi boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bilen anyklanylan faktlar, şol bir adamlaryň gatnaşýan beýleki raýat işleri seljerilende täzeden subut edilmeýär.

3. Jenaýat işi boýunça kanuny güýje giren kazyýetiň hökümi ýa-da administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky iş boýunça kanuny güýje giren kazyýetiň karary, özi barada kazyýetiň hökümi ýa-da karary çykarylan adamynyň hereketleriniň raýat-hukuk netijeleri hakyndaky işe seredýän kazyýet üçin, diňe bu hereketleriň bolanlygy we olaryň bu adam tarapyndan edilenligi baradaky meseleler boýunça hökmanydyr.

4. Kanunyň anyklanan diýip çaklaýan faktlary iş seljerilende subut edilmeýär, ýöne şeýle çaklama umumy tertipde ýalana çykarylyp bilner.

 

51-nji madda. Taraplaryň we üçünji taraplaryň düşündirişleri

 

1. Taraplaryň we üçünji taraplaryň iş üçin ähmiýeti bolan, özlerine mälim bolan ýagdaýlar hakynda düşündirişleri iş boýunça toplanylan beýleki subutnamalar bilen bir hatarda barlanylmaga we baha berilmäge degişlidir.

2. Görkezilen adamlaryň düşündirişleri dilden ýa-da ýazmaça bolup biler.

3. Beýleki tarapyň öz talaplaryny ýa-da närazylyklaryny esaslandyrýan faktlaryny tarapyň ykrar etmegi, ony bu faktlary soňra subut etmek zerurlygyndan boşadýar.

4. Tarapyň fakty ykrar etmegi kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär. Ýazmaça arzada beýan edilen ykrar etmek işiň materiallaryna goşulýar.

5. Eger kazyýetde ykrar etmekligiň işiň hakyky ýagdaýlaryny ýaşyrmak maksady bilen ýa-da aldawyň, güýç ulanmagyň, gorkuzmagyň ýa-da bulaşyklyga salmagyň täsiri astynda edilenligi barada çak etmäge esas bolsa, kazyýet ykrar etmäni kabul etmeýär. Şeýle ýagdaýda bu ýagdaýlar umumy esaslarda subut edilmäge degişlidir.

 

52-nji madda. Kazyýet tabşyryklary

 

1. Işe seredýän kazyýet, başga şäherde ýa-da etrapda subutnamalary toplamak zerurlygy hakynda işe gatnaşýan adamyň haýyşnamasy kanagatlandyrylan ýagdaýynda, belli bir iş ýörediş hereketlerini geçirmegi degişli kazyýete tabşyrýar.

2. Işe seredýän kazyýet, Türkmenistanyň hukuk kömegini bermek hakynda şertnamasy bolan başga döwletde subutnamalary toplamak zerurlygy hakynda işe gatnaşýan adamyň haýyşnamasy kanagatlandyrylan ýagdaýynda, bu şertnamanyň düzgünlerine laýyklykda kazyýet tabşyrygyny iberýär.

3. Kazyýet tabşyrygy hakyndaky kesgitnamada seredilýän işiň düýp manysy gysgaça beýan edilýär; taraplar, olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da olaryň bolýan ýeri hakynda maglumatlar, aýdyňlaşdyrylmaga degişli ýagdaýlar; tabşyrygy ýerine ýetirýän kazyýetiň ýygnamaly bolan subutnamalary görkezilýär. Bu kesgitnama özüne iberilen kazyýet üçin hökmanydyr we onuň alnan pursadyndan on güne çenli möhletde ýerine ýetirilmelidir.

4. Kazyýet tabşyrygynyň ýerine ýetirilýän wagtynda iş boýunça önümçilik togtadylyp bilner.

 

53-nji madda. Kazyýet tabşyrygyny ýerine ýetirmegiň tertibi

 

1. Kazyýet tabşyrygyny ýerine ýetirmek şu Kodeksde bellenilen düzgünler boýunça kazyýet mejlisinde geçirilýär. Işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi tabşyrygy ýerine ýetirmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

2. Teswirnamalar we tabşyryk ýerine ýetirilende ähli ýygnalan materiallar haýal etmän işe seredýän kazyýete iberilýär.

3. Tabşyrygy ýerine ýetirýän kazyýete düşündirişler ýa-da görkezmeler beren işe gatnaşýan adamlar ýa-da şaýatlar, eger olar işe seredýän kazyýete gelseler, umumy tertipde düşündirişler ýa-da görkezmeler berýärler.

 

54-nji madda. Subutnamalary üpjün etmek

 

1. Özleri üçin zerur bolan subutnamalaryň berilmegi soňra mümkin bolmajakdygyna ýa-da kynçylykly boljakdygyna çak etmäge esaslary bolan şahslar, kazyýetde işiň gozgalmagyna çenli we iş gozgalandan soň bu subutnamalary üpjün etmek hakynda kazyýetiň öňünde haýyş edip bilerler.

2. Subutnamalary üpjün etmek şaýatlardan sorag etmek, bilermen seljermesini geçirmek, ýerinde gözden geçirmek we beýleki usullar arkaly geçirilýär.

 

55-nji madda. Subutnamalary üpjün etmek hakynda arza

 

1. Subutnamalary üpjün etmek hakyndaky arzada aşakdakylar görkezilmelidir:

1) üpjün edilýän subutnamalaryň zerur bolan işi;

2) taraplar we olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da olaryň bolýan ýeri hakynda maglumatlar;

3) üpjün edilmegi zerur bolan subutnamalar;

4) tassyklamak üçin bu subutnamalaryň zerur bolan ýagdaýlary;

5) subutnamalary üpjün etmek hakyndaky haýyş bilen ýüz tutmaga arza berijide isleg bildiren sebäpler.

2. Arza işe seredýän kazyýete berilýär. Eger hukuk jedeli heniz kazyýetiň önümçiliginde bolmasa, onda arza berijiniň habar bermegine görä, arza esasy jedel boýunça çözgüt kabul etmeli kazyýete berilmelidir.

3. Subutnamalary üpjün etmek hakyndaky arza seretmegiň netijeleri boýunça kazyýet kesgitnama çykarýar.

4. Arzany kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnama hususy şikaýat berlip ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

 

56-njy madda. Subutnamalary üpjün etmegiň tertibi

 

1. Subutnamalary üpjün etmek şu Kodeksde bellenen düzgünler boýunça kazyýet ýa-da kazy tarapyndan geçirilýär.

2. Arza beriji we işe gatnaşýan beýleki adamlar mejlisiň wagty we ýeri hakynda habarly edilýär, ýöne olaryň gelmezligi subutnamalary üpjün etmek hakyndaky arza seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Teswirnamalar we subutnamalary üpjün etmek tertibinde toplanylan ähli materiallar bu hakda işe gatnaşýan adamlara habar bermek bilen işe seredýän kazyýete iberilýär.

 

57-nji madda. Subutnamalara baha bermek

 

1. Her bir subutnama degişlilik, ýol bererlilik, dogrulyk nukdaýnazaryndan, ähli toplanylan subutnamalara bolsa, olaryň jeminde raýat işini çözmek üçin ýeterlilik nukdaýnazaryndan baha berilmäge degişlidir.

2. Kazy öz içki ynam-ygtykaty boýunça şu Kodeksiň 17-nji maddasyna laýyklykda subutnamalara baha berýär.

3. Eger işe degişli ýol bererlik we dogry subutnamalar, subut edilmäge degişli ýa-da tarapyň ýalana çykarmadyk ýagdaýlarynyň ählisi we her biri hakynda hakykaty jedelsiz belleýän subutnamalar toplanylan bolsa, subutnamalaryň jemi raýat işini çözmek üçin ýeterlik diýlip ykrar edilýär.

4. Eger tarap kazyýet tarapyndan talap edilýän subutnamany özünde saklasa we ony kazyýetiň ýüz tutmasy boýunça bermese, ondaky bar bolan maglumatlar bu tarapyň bähbitleriniň garşysyna gönükdirilen diýlip çak edilýär we şol tarap ony ykrar eden diýlip hasap edilýär.

 

58-nji madda. Faktyň dogrulygyny (artykmaç ähtimallygyny) tassyklamak

 

1. Eger kanun bilen haýsydyr bir faktyň dogrulygyny tassyklamagyň berilmegi göz öňünde tutulýan bolsa, eger faktyň barlygy artykmaç ähtimal bolup durýar diýlip beýan edilse, onda ýeterlik subutnama berlen diýlip hasap edilýär.

2. Hakyky tassyklamanyň dogrulygynyň tassyklanylmagyny bermeli şahs, subut etmegiň ähli serişdelerini peýdalanyp biler; ol arzalary we şaýatlaryň düşündirişlerini hem berip biler.

3. Kazyýet seljerişiniň barşynda dessine barlanylyp bilinmejek subutnamalaryň barlygyna salgylanmak ýol bererli däldir.

 

59-njy madda. Şaýatlyk görkezmeleri

 

1. Iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda haýsydyr bir maglumatlardan habarly bolmagy mümkin bolan islendik adam şaýat bolup biler. Eger adam öz habarlylygynyň çeşmesini görkezip bilmese, onuň görkezmeleri subutnama diýlip ykrar edilmeýär.

2. Şaýat diňe bu işde anyklanylmaga degişli faktlar hakynda sorag edilip bilner. Eger şaýadyň görkezmeleri başga adamlaryň habaryna esaslanan bolsa, bu adamlar hem sorag edilmelidir.

3. Şu aşakdakylar şaýat hökmünde sorag edilmäge degişli däldir:

1) özüniň fiziki ýa-da psihiki ýetmezçilikleri sebäpli faktlara dogry düşünmäge we olar barada dogry görkezmeleri bermäge ukypsyz bolan adamlar;

2) özüniň kiçi ýaşlydygy sebäpli faktlara dogry düşünmäge we olar barada dogry görkezmeleri bermäge ukypsyz bolan adamlar, çagalary terbiýelemek hakyndaky jedeller boýunça işler muňa degişli däldir;

3) raýat işi boýunça wekiller ýa-da jenaýat işi, administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky iş boýunça aklawjylar - wekiliň ýa-da aklawjynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özlerine belli bolan ýagdaýlar hakynda;

4) kazy - çözgüt ýa-da höküm çykarylanda işiň ýagdaýlary ara alnyp maslahatlaşylanda maslahat otagynda ýüze çykan meseleler hakynda;

5) bitaraplar kazysy ýa-da arbitr - bitaraplar kazysynyň ýa-da arbitriň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly özüne belli bolan ýagdaýlar hakynda;

6) ruhanylar - toba ediş däbinde özlerine ynanan adamlardan özlerine belli bolan ýagdaýlar hakynda;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki adamlar.

4. Adam kazyýetde öz-özüne we ýakyn garyndaşlaryna garşy şaýatlyk görkezmelerini bermekden ýüz döndermäge haklydyr.

 

60-njy madda. Şaýady çagyrmak hakyndaky arzanyň mazmuny

 

Şaýady çagyrmak hakynda haýyş edýän adam şaýadyň iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlary tassyklap biljekdigini görkezmäge we kazyýete onuň adyny, atasynyň adyny, familiýasyny we ýaşaýan ýerini ýa-da işleýän ýerini habar bermäge borçludyr.

 

61-nji madda. Şaýadyň borçlary

 

1. Şaýat hökmünde çagyrylan adam bellenilen wagtda kazyýete barmaga we dogry görkezmeleri bermäge borçludyr.

2. Kanunda göz öňünde tutulmadyk esaslar boýunça görkezmeleri bermekden ýüz dönderendigi üçin ýa-da görnetin ýalan görkezmeleri berendigi üçin şaýat Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde göz öňünde tutulan, kazyýete gelmekden boýun gaçyrandygy üçin bolsa - Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýär.

3. Şaýat, eger ol keselliligi, garrylygy, maýyplygy we beýleki esasly sebäplere görä kazyýetiň çakylygy boýunça gelmäge ýagdaýy bolmasa, ol özüniň bolýan ýerinde kazyýet tarapyndan sorag edilip bilner.

4. Şaýadyň kazyýete çagyrylmagy bilen baglanyşykly çykdajylaryň öweziniň dolunmagyna we wagtyň ýitirilmegi bilen baglanyşykly öwez puluny almaga hukugy bardyr. Çykdajylaryň we öwezini dolmalaryň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

 

62-nji madda. Ýazmaça subutnamalar

 

1. Işe seretmek we çözmek üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakyndaky maglumatlary saklaýan, san, grafiki ýazgy görnüşinde ýerine ýetirilen, şol sanda faksimil, elektron ýa-da beýleki aragatnaşyk arkaly ýa-da resminamanyň dogrulygyny anyklamaga mümkinçilik berýän başga usul bilen alnan namalar, şertnamalar, kepilnamalar, işewür hat-habarlary we beýleki resminamalar we materiallar ýazmaça subutnamalar bolup durýarlar.

2. Ýazmaça subutnamany berýän ýa-da ony talap etmek hakynda haýyş edýän adam iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen bellenilip bilinjekdigini görkezmäge borçludyr.

 

63-nji madda. Ýazmaça subutnamalary talap etmegiň we bermegiň tertibi

 

1. Ýazmaça subutnamalar taraplar we işe gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan berlip bilner, şeýle hem olaryň haýyşy boýunça kazyýet tarapyndan talap edilip bilner.

2. Işe gatnaşýan ýa-da gatnaşmaýan adamlardan haýsydyr bir ýazmaça subutnamany talap etmek hakynda kazyýetiň öňünde haýyş edýän adam bu subutnamany görkezmelidir we olaryň özbaşdak alynmagyna päsgel berýän sebäpleri we subutnamanyň bu adamda bar diýip özüniň hasap edýän esaslaryny görkezmelidir.

3. Resminamalar, eger guramalar, wezipeli adamlar tarapyndan olarda beýan edilen ýa-da tassyklanan maglumatlar raýat işi üçin ähmiýeti bar bolsa, subutnamalar diýlip ykrar edilýär.

4. Raýatlardan ýa-da ýuridik şahslardan kazyýet tarapyndan talap edilýän ýazmaça subutnamalar gös-göni kazyýete iberilýär.

5. Kazyýet ýazmaça subutnamany talap etmek hakynda haýyş edýän adama soňra kazyýete bermek üçin ony almaga ýüz tutmany hem berip biler.

6. Ýazmaça subutnamalar asyl nusgada ýa-da degişli ýagdaýda tassyklanan nusga görnüşinde berilýär.

7. Daşary ýurt döwletinde alnan resminama, eger onuň hakykylygy ýalana çykarylmasa, kazyýetde ýazmaça subutnama diýlip ykrar edilýär.

 

64-nji madda. Ýazmaça subutnamalary bermek borjy

 

1. Talap edilýän ýazmaça subutnamany bermäge ýa-da ony kazyýet tarapyndan bellenilen möhletde bermäge mümkinçiligi bolmadyk adamlar sebäplerini görkezmek bilen bu hakda kazyýete habar bermäge borçludyrlar.

2. Ýazmaça subutnamalar, düzgün boýunça asyl nusgada berilýär. Eger resminamanyň nusgasy berilse, kazyýet zerur bolan ýagdaýynda asyl nusganyň berilmegini talap etmäge haklydyr.

3. Eger garşydaş tarap ýazmaça subutnamanyň berilmegi hakynda görkezmäni ýerine ýetirmeýän bolsa ýa-da eger kazyýet resminamanyň ýerleşýän ýerini anyklamak üçin onuň ýeterlik çäreler görmändigine bolan ynama gelse, onda subut ediji tarap tarapyndan berlen nusga dogry hökmünde seredilip bilner. Eger nusga berilmese, onda ýazmaça subutnamanyň bardygy we mazmuny hakynda subut ediji tarapyň tassyklamasy subut edilen diýlip ykrar edilip bilner.

 

65-nji madda. Ýazmaça subutnamalaryň olaryň saklanýan ýerinde gözden geçirilişi we barlagy

 

Kazyýete ýazmaça subutnamalary bermek kyn bolanda kazyýet degişli ýagdaýda güwä geçilen nusgalaryň we göçürmeleriň berilmegini talap edip ýa-da ýazmaça subutnamalaryň olaryň saklanýan ýerinde gözden geçirilişini we barlagyny geçirip biler.

 

66-njy madda. Asyl nusgadaky ýazmaça subutnamalaryň gaýtarylmagy

 

1. Asyl nusgadaky ýazmaça subutnamalar, şeýle hem işde bar bolan şahsy hatlar olary beren adamlaryň haýyşy boýunça kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girenden soň olara gaýtarylyp bilner. Şunda işde kazy tarapyndan güwä geçilen ýazmaça subutnamanyň nusgasy galdyrylýar.

2. Çözgüdiň kanuny güýje girmegine çenli ýazmaça subutnamalar, eger muny kazyýet mümkin diýip pikire gelse, olary beren adamlara gaýtarylyp bilner.

 

67-nji madda. Maddy subutnamalar

 

1. Özleriniň hilleri, häsiýetleri ýa-da özüniň barlygy bilen iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklamagyň serişdesi bolup hyzmat edip biljek närseler maddy subutnamalar bolup durýarlar.

2. Maddy subutnamany berýän ýa-da ony talap etmek hakynda haýyş edýän adam iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň bu subutnama bilen anyklanylyp bilinjekdigini görkezmäge borçludyr.

 

68-nji madda. Maddy subutnamalary talap etmegiň we bermegiň tertibi

 

Maddy subutnamalary talap etmek we bermek şu Kodeksiň 47-nji maddasynda beýan edilen düzgünler boýunça geçirilýär.

 

69-njy madda. Maddy subutnamalary bermek borjy

 

Talap edilýän zady kazyýete bermäge ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen möhletde ony bermäge mümkinçiligi bolmadyk işe gatnaşmaýan wezipeli ýa-da beýleki adamlar bu hakda sebäplerini görkezmek bilen kazyýete ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyrlar.

 

70-nji madda. Maddy subutnamalary saklamak we gözden geçirmek

 

1. Maddy subutnamalar işde saklanylýar ýa-da kazyýetiň maddy subutnamalary saklaýan jaýyna aýratyn ýazgy boýunça tabşyrylýar.

2. Kazyýete getirilip bilinmejek zatlar olaryň ýerleşýän ýerinde saklanylýar; olar jikme-jik ýazylyp görkezilmelidir, zerur mahalynda bolsa surata düşürilmelidir we möhürlenilmelidir. Maddy subutnamalary gözden geçirmegiň teswirnamasy işe çatylýar.

3. Kazyýet we saklaýjy zatlaryň üýtgewsiz ýagdaýda saklanylmagy üçin çäreler görýär.

4. Maddy subutnamalar kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegine çenli saklanylýar.

5. Maddy subutnamalary saklamak boýunça çykdajylar şu Kodeksiň 92-nji maddasyna laýyklykda taraplaryň arasynda paýlanylyp bilner.

 

71-nji madda. Çalt zaýalanýan maddy subutnamalary gözden geçirmek

 

1. Çalt zaýalanýan maddy subutnamalar kazyýet tarapyndan haýal etmän gözden geçirilýär we barlanylýar, şondan soň olary gözden geçirmek üçin beren adama gaýtarylýar.

2. Şeýle maddy subutnamalary gözden geçirmegiň we barlamagyň ýeri we wagty hakynda işe gatnaşýan adamlara, eger olar maddy subutnamalaryň ýerleşýän ýerine, olary gözden geçirmegiň pursadyna çenli gelip bilýän bolsalar, habar berilýär. Habar berlen işe gatnaşýan adamlaryň gelmezligi maddy subutnamalaryň gözden geçirilmegine we barlanylmagyna päsgel bermeýär. Gözden geçirmegiň we barlamagyň maglumatlary teswirnama girizilýär.

3. Çalt zaýalanýan maddy subutnamalary gözden geçirmek we onuň netijelerini bellemek şu Kodeksiň 70-nji maddasynyň ikinji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

 

72-nji madda. Maddy subutnamalary gaýtarmak

 

1. Maddy subutnamalary kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girenden soň olaryň alnan adamlaryna gaýtarylýar ýa-da kazyýetiň bu zatlara hukugyny ykrar eden adamlaryna berilýär.

2. Aýratyn halatlarda maddy subutnamalary olar kazyýet tarapyndan gözden geçirilenden we barlanylandan soň, işiň tamamlanmagyna çenli olaryň alnan adamlaryna, eger bu barada olar haýyşnama bildiren bolsalar we şeýle haýyşnamanyň kanagatlandyrylmagy işiň seredilmegi üçin zyýan ýetirmezden mümkin bolsa, gaýtarylyp bilner.

 

73-nji madda. Kazyýet tarapyndan bilermenleriň bellenilmegi

 

1. Işe seredilende ýüze çykýan ylym, sungat, tehnika ýa-da senetçilik babatda ýörite akyl ýetirmeleri talap edýän meseleleri düşündirmek üçin kazyýet bilermeni belleýär. Zerurlyk bolan mahalynda bilermenleriň birnäçesi bellenilip bilner.

2. Bilermenler bellenilende kazyýet taraplaryň, olaryň wekilleriniň we işe gatnaşýan beýleki adamlaryň pikirini nazara alýar.

3. Eger taraplar bilermen hökmünde anyk adam hakynda ylalaşsalar, onda kazyýet bu ylalaşygy kabul edýär.

4. Işe gatnaşýan her bir adam bilermen tarapyndan düşündirilmeli meseleleri kazyýete bermäge haklydyr. Bilermeniň netijenamasyny talap edýän meseleleriň gutarnykly topary kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär. Işe gatnaşýan adamlar tarapyndan hödürlenilen meseleleriň kabul edilmezligini kazyýet delillendirmäge borçludyr.

5. Bilermenleri bellemek hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar. Bilermenleri bellemek hakyndaky kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

74-nji madda. Bilermen seljermesini geçirmegiň tertibi

 

1. Bilermen seljermesi degişli edaranyň bilermenleri ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen beýleki hünärmenler tarapyndan geçirilýär. Netijenama bermek üçin zerur bilimleri bolan islendik adam hem bilermen hökmünde çagyrylyp bilner.

2. Bilermen öz adyndan netijenama berýär we öz beren netijenamasy üçin şahsy jogapkärçilik çekýär.

3. Iş boýunça birnäçe bilermenler bellenilende olar netijenamanyň berilmegine çenli özara maslahatlaşýarlar. Eger bilermenler umumy netijä gelseler, umumy netijenama bilermenleriň ählisi tarapyndan gol çekilýär.

4. Bilermenleriň arasynda düşünişmezlikler bolanda her bir bilermen öz netijenamasyny aýratyn düzýär.

 

75-nji madda. Bilermeniň borçlary we jogapkärçiligi

 

1. Bilermen edilip bellenilen adam kazyýetiň çakylygy boýunça gelmäge we öz öňünde goýlan meseleler boýunça dogry netijenama bermäge borçludyr.

2. Bilermen edilip bellenilen adam, eger ol bilermen seljermesiniň talap edilýän görnüşini geçirmek üçin resmi taýdan bellenilen bolsa ýa-da eger ol zähmet işiniň häsiýeti boýunça resmi taýdan ylym, sungat bilen meşgullanýan bolsa ýa-da bilermen seljermesini geçirmek üçin zerur bilimi bolan hünäri bolsa, ýa-da eger ol bu işi amala aşyrmaga resmi taýdan bellenilen ýa-da ygtyýarly edilen bolsa, bilermen seljermesini geçirmäge borçludyr.

3. Bilermen tabşyrygyň onuň hünär işine degişlidigini we onuň goşmaça bilermenleri çekmezden ýerine ýetirilip bilinjekdigini haýal etmän barlamalydyr. Eger tabşyryk onuň hünär iş çygryna degişli bolmasa, onda bilermen bu hakda haýal etmän kazyýete habar bermäge borçludyr.

4. Bilermeniň tabşyrygyň ýerine ýetirilmegini başga adama geçirmäge haky ýokdur.

5. Görnetin ýalan netijenamanyň berilmegi üçin bilermen Türkmenistanyň Jenaýat kodeksinde bellenilen jogapkärçiligi çekýär.

 

76-njy madda. Bilermeniň hukuklary

 

1. Bilermeniň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) özüne barlamak üçin goşmaça materiallaryň we resminamalaryň berilmegi hakynda kazyýete haýyş etmek;

2) kazyýet mejlisinde işe gatnaşýan adamlara we şaýatlara soraglary bermek;

3) zerur mahalynda bilermen seljermesiniň närsesine degişli işiň materiallary bilen tanyşmak;

4) bilermen seljermesini geçirmäge beýleki bilermenleriň çekilmegi hakynda haýyşnama bildirmek.

2. Bilermen, eger özüne berlen materiallar netijenama bermek üçin ýeterlik bolmasa ýa-da goýlan mesele onuň ýörite bilimleriniň çäklerinden daşyna çykýan bolsa, netijenamany bermekden ýüz dönderip biler.

3. Görkezmeler bermekden ýüz döndermäge şaýada mümkinçilik berýän esaslar bilermene bilermen seljermesini geçirmekden ýüz döndermek hukugyny berýär. Kazyýet şonuň ýaly-da başga sebäpler boýunça bilermen seljermesini geçirmekden bilermeni boşadyp biler.

 

77-nji madda. Bilermeniň netijenamasy

 

1. Bilermen öz netijenamasyny ýazmaça görnüşde berýär.

2. Bilermeniň netijenamasynda kazyýet tarapyndan goýlan soraglara öz netijeleriniň we esaslandyrylan jogaplaryň netijesinde edilen, geçirilen barlaglaryň jikme-jik beýany bolmalydyr. Eger bilermen bilermen seljermesini geçirende olar babatda özüne meseleleriň goýulmadyk iş boýunça ähmiýeti bolan ýagdaýlary anyklan bolsa, ol bu ýagdaýlar hakynda netijelerini öz netijenamasyna girizmäge haklydyr.

 

78-nji madda. Bilermeniň netijenamasyna kazyýetiň baha bermegi

 

Bilermeniň netijenamasy kazyýet üçin öňünden bellenilen subut ediji güýji ýokdur we şu Kodeksiň 57-nji maddasynda bellenilen düzgünler boýunça kazyýet tarapyndan baha berilýär. Kazyýetiň netijenama bilen razylaşmazlygy iş boýunça çözgütde ýa-da kesgitnamada delillendirilmelidir.

 

6-njy bap. KAZYÝET ÇYKDAJYLARY

 

79-njy madda. Kazyýet çykdajylary

 

Kazyýet çykdajylary döwlet pajyndan we işe seretmek bilen baglanyşykly harajatlardan ybaratdyr.

 

80-nji madda. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak

 

1. Şular döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylýar:

1) hak isleýjiler – iş hakyny tutup almak hakynda hak islegleri boýunça we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan beýleki talaplar boýunça;

2) hak isleýjiler – awtorlyk hukugyndan, şeýle hem açyş, oýlap tapyş, rasionalizatorçylyk teklip we senagat nusgalary baradaky hukukdan gelip çykýan hak islegleri boýunça;

3) hak isleýjiler – alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak islegleri boýunça;

4) hak isleýjiler – şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi, şeýle hem ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakyndaky hak islegleri boýunça;

5) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy – maýa goýuma gönükdirilen serişdeleri bilen bagly emele gelen bergilerini töletdirmek hakynda, Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary – ätiýaçlandyrýanyň pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça bergilerini emläginiň hasabyna töletdirip almak hakynda hem-de pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň artyk tölenen möçberlerini tutup almak hakynda hak islegleri boýunça;

6) hak isleýjiler – jenaýat ýa-da administratiw hukuk bozulmasy sebäpli ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmak hakynda hak islegleri boýunça;

7) taraplar – nikany bozmak hakyndaky işler boýunça nägilelik şikaýatlaryndan;

8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda beýleki adamlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak üçin kazyýete arzalar bilen ýüz tutan prokuratura edaralary, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary;

9) maliýe edaralary – aýratyn önümçiligiň işleri boýunça kazyýete arzalaryň berilmegi üçin;

10) raýatlar, ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary, beýleki edaralar we wezipeli adamlar – administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler boýunça;

11) taraplar – bikanun iş kesilmegi, jenaýat jogapkärçiligine bikanun çekilmegi, ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag astyna almagyň bikanun ulanylmagy, şeýle hem administratiw taýdan tussag etmek görnüşindäki administratiw temminiň bikanun berilmegi zerarly raýata ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak bilen baglanyşykly jedeller boýunça;

12) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki adamlar.

2. Kazyýet ýa-da kazy raýatyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp ony döwletiň girdejisine kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmaga haklydyr.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 73-nji madda).

 

81-nji madda. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak hakynda arza

 

1. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak hakynda arza bu işiň degişli kazyýetine ýazmaça görnüşde berilýär.

2. Kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak hakyndaky arza raýat özüniň maddy we maşgala ýagdaýyna şaýatlyk edýän resminamalary goşmaga borçludyr.

 

82-nji madda. Kazyýet çykdajylaryny tölemegiň möhletini yza süýşürmek ýa-da möhletlere bölmek we olaryň möçberlerini azaltmak

 

Kazyýet ýa-da kazy taraplaryň emläk ýagdaýyndan ugur alyp döwletiň girdejisine tutulyp alynýan kazyýet çykdajylarynyň töleginiň taraplaryň birine ýa-da ikisine möhletini yza süýşürip ýa-da möhletlere bölüp ýa-da bu çykdajylaryň möçberini azaldyp biler.

 

83-nji madda. Kazyýet çykdajylaryndan boşatmak hakynda kesgitnamany ýatyrmak

 

Kazyýet ýa-da kazy, kazyýet çykdajylaryndan boşatmak hakynda öz kesgitnamasyny, eger bu kesgitnamanyň esasyna goýlan ýagdaýlaryň hakykata laýyk gelmeýändigine göz ýetirse, ýatyrmaga borçludyr. Şeýle ýagdaýlarda degişli tarap iş boýunça ähli çykdajylary şu Kodeksde bellenilen tertipde töleýär.

 

84-nji madda. Döwlet pajynyň möçberi

 

1. Ilkibaşdaky ýa-da garşylyklaýyn her bir hak isleýiş arzasy, şertnamadan öňki jedeller boýunça arza, eýýäm başlanan iş ýöredişde jedeliň närsesi hakynda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji tarapyň arzasy, aýratyn önümçiligiň işleri boýunça arza (şikaýat) üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberlerde döwlet pajy tölenilýär.

2. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak hakynda arza üçin hak isleýiş arzasy berlende tölenilmäge degişli möçberiň 50 göterimi möçberinde döwlet pajy tölenilýär.

3. Kazyýetleriň çözgütlerine nägilelik şikaýatlary, hak isleýiş arzasy (aýratyn önümçiligiň işleri boýunça arzalar) berlende tölenilmäge degişli möçberiň, emläk jedelleri boýunça bolsa Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jedelleşilýän pul möçberinden hasaplanan möçberiň 50 göterimi möçberinde döwlet pajy tölenilýär.

4. Kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýatlar üçin döwlet pajy tölenilmeýär.

5. Fiziki we ýuridik şahslar alimentleri tutup almak hakyndaky işler boýunça özlerine resminamalaryň berilmegi üçin döwlet pajyny tölemekden boşadylýarlar.

6. Taraplaryň we işe gatnaşýan beýleki adamlaryň haýyşy boýunça kazyýet tarapyndan berilýän kazyýet kararlarynyň nusgalarynyň (öwezlikleriniň), şeýle hem işlerden beýleki resminamalaryň nusgalarynyň (öwezlikleriniň) gaýtadan berilmegi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möçberde döwlet pajy tölenilýär.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

85-nji madda. Hak islegiň bahasy

 

1. Hak islegiň bahasy aşakdakylar bilen kesgitlenilýär:

1) pul serişdelerini tutup almak hakyndaky hak isleglerinde - tutulyp alynýan pul möçberi bilen;

2) emlägi talap etmek hakyndaky hak isleglerinde - talap edilýän emlägiň gymmaty bilen;

3) alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakynda hak isleglerinde - bir ýyl üçin tölegleriň jemi bilen;

4) möhletli tölegler hakyndaky hak isleglerinde – ähli tölegleriň jemi bilen, ýöne ol üç ýyldan köp bolmaly däldir;

5) möhletsiz ýa-da ömürlik tölegler hakyndaky hak isleglerinde - üç ýyl üçin tölegleriň jemi bilen;

6) tölegleri azaltmak ýa-da artdyrmak hakyndaky hak isleglerinde - tölegleriň azaldylýan ýa-da artdyrylýan pul möçberi bilen, ýöne ol bir ýyldan köp bolmaly däldir;

7) tölegleri bes etmek hakyndaky hak isleglerinde - galan tölegleriň jemi bilen, ýöne ol bir ýyldan köp bolmaly däldir;

8) emläk kireý (kärende) şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmak hakyndaky hak isleglerinde – şertnamanyň hereketiniň galan möhletiniň dowamynda emläkden peýdalanylandygy üçin tölegleriň jemi bilen, ýöne ol üç ýyldan köp bolmaly däldir, şertnamalary hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky hak isleglerde bolsa - emlägiň gymmatyndan ugur alyp;

9) raýatlara degişli gurluşlar üçin eýeçilik hukugy hakyndaky hak isleglerinde – gurluşyň gymmaty bilen, ýöne onuň tükelleýiş baha kesmesinden pes bolmaly däldir, ýa-da ol bolmasa ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça baha kesmeden pes bolmaly däldir, kärhanalara, edaralara, guramalara we olaryň birleşiklerine, jemgyýetçilik guramalaryna degişli gurluşlar üçin bolsa - olaryň balans baha kesmesinden pes bolmaly däldir;

10) birnäçe özbaşdak talaplardan durýan hak isleglerinde - ähli talaplaryň umumy pul möçberi bilen.

2. Hak islegiň bahasy hak isleýji tarapyndan görkezilýär. Görkezilen baha talap edilýän emlägiň hakyky gymmatyna göz-görtele laýyk gelmedik ýagdaýynda hak islegiň bahasy hak isleýiş arzasy kabul edilende kazy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

86-njy madda. Döwlet pajyny goşmaça tölemek

 

1. Hak islegiň bahasyny kesgitlemek onuň bildirilen pursadynda kyn bolanda, döwlet pajynyň möçberi öňünden kazy tarapyndan bellenilip, iş çözülende hak isleginiň kazyýet tarapyndan kesgitlenen bahasyna laýyklykda soňra döwlet pajy goşmaça töledilýär.

2. Işe seredilýän wagtda hak isleýiş talaplarynyň möçberi artdyrylanda döwlet pajynyň ýetmeýän pul möçberi hak isleýji tarapyndan hak islegiň artdyrylan bahasyna laýyklykda goşmaça tölenilýär.

 

87-nji madda. Döwlet pajynyň gaýtarylmagy

 

1. Tölenilen döwlet pajy şu ýagdaýlarda bölekleýin ýa-da dolulygyna gaýtarylmaga degişlidir:

1) döwlet pajynyň Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça talap edilýändäkiden uly möçberde geçirilmegi;

2) arzany kabul etmekden ýüz dönderilmegi;

3) şu Kodeksiň 154-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleýiş arzasynyň hak isleýjä gaýtarylmagy;

4) şu Kodeksiň 259-njy maddasynyň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça iş boýunça önümçiligiň bes edilmegi;

5) şu Kodeksiň 261-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça arzanyň seredilmän galdyrylmagy;

6) özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýatyndan, nägilelik şikaýatyndan ýüz dönderilende.

2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan ýagdaýynda döwlet pajy artykmaç geçirilen pul möçberine gaýtarylýar.

3. Şu Kodeksiň 96-njy maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda tölenilen döwlet pajynyň ýarysy gaýtarylmaga degişlidir.

4. Döwlet pajy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki halatlarda hem gaýtarylmaga degişlidir.

5. Döwlet pajynyň gaýtarylmagy, eger gaýtarmak hakyndaky arza pul möçberiniň Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilen gününden başlap, bir ýyl möhlet geçýänçä kazyýete berlen ýagdaýynda geçirilýär.

 

88-nji madda. Işlere seretmek bilen baglanyşykly harajatlar

 

Işe seretmek bilen baglanyşykly harajatlara şular degişlidir:

1) şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri;

2) ýerinde gözden geçirmek bilen baglanyşykly çykdajylar;

3) jogap berijini gözlemek boýunça çykdajylar;

4) kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly çykdajylar;

5) kazyýet tarapyndan zerur diýlip ykrar edilen beýleki çykdajylar.

 

89-njy madda. Şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri

 

1. Şaýat, bilermen, hünärmen we terjimeçi hökmünde kazyýete çagyrylýan adamlarda olaryň kazyýete barmagy bilen baglanyşykly sarp eden ähli wagty üçin esasy iş ýeri boýunça ortaça iş haky saklanylýar. Işçiler we gullukçylar bolup durmaýan şaýatlar olaryň işden ýa-da adaty işlerden goýulandygy üçin hak alýarlar.

2. Şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere olaryň kazyýete barmagy bilen baglanyşykly gitmek we jaýy kireýine almak boýunça çykdajylarynyň öwezi dolunýar we gündelik harjy tölenilýär.

3. Bilermenler we hünärmenler kazyýetiň tabşyrmagy boýunça olar tarapyndan ýerine ýetirilen iş üçin, eger bu iş olaryň gulluk borçlarynyň toparyna girmeýän bolsa, hak alýarlar.

4. Bilermenlere we hünärmenlere hakyň möçberi taraplaryň, bilermenleriň we hünärmenleriň pikirlerini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.

5. Tölenilmäge degişli pul möçberlerini tölemegiň tertibi we möçberleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

90-njy madda. Şaýatlara, bilermenlere we hünärmenlere tölenilmäge degişli pul möçberleriniň taraplardan tutulyp alynmagy

 

1. Şaýatlara, bilermenlere we hünärmenlere tölenilmäge degişli ýa-da ýerinde gözden geçirmek boýunça çykdajylary tölemek üçin zerur bolan pul möçberleri degişli haýyşy bildiren tarap tarapyndan öňünden tölenilýär. Eger görkezilen haýyş taraplaryň ikisi tarapyndan bildirilen bolsa ýa-da şaýatlary, bilermenleri, hünärmenleri çagyrmak, ýerinde gözden geçirmek kazyýetiň başlangyjy boýunça geçirilýän bolsa, onda talap edilýän pul möçberleri taraplar tarapyndan deň tölenilýär.

2. Şu maddada görkezilen pul möçberleri kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylan tarap tarapyndan tölenilmeýär.

 

91-nji madda. Şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleriniň tölenilmegi

 

Şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere we terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberleri olaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi boýunça kazyýet tarapyndan tölenilýär. Şaýatlara, bilermenlere we hünärmenlere bu pul möçberleri olaryň taraplardan tutulyp alnyşyna garamazdan tölenilýär. Terjimeçilere tölenilmäge degişli pul möçberlerini tölemek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna geçirilýär.

 

92-nji madda. Taraplaryň arasynda kazyýet çykdajylaryny paýlamak

 

1. Iş boýunça çekilen ähli kazyýet çykdajylary çözgüt haýsy tarapyň peýdasyna çykarylan bolsa, bu tarapyň kazyýet çykdajylaryny döwletiň girdejisine tölemekden boşadylandygyna garamazdan, kazyýet beýleki tarapdan bu çykdajylary şol tarapa tölemeli edýär. Eger hak islegi bölekleýin kanagatlandyrylan bolsa, onda şu maddada görkezilen pul möçberleri hak isleýiş talaplarynyň kazyýet tarapyndan kanagatlandyrylan möçberine barabarlykda hak isleýjä berilýär, jogap berijä bolsa hak isleýiş talaplarynyň hak isleýji barada kanagatlandyrylmadyk bölegine barabarlykda berilýär.

2. Şu maddada beýan edilen kadalar nägilelik şikaýatlary berlende taraplar tarapyndan çekilen döwlet pajyna hem degişlidir.

3. Eger ýokary basgançakly kazyýet işi täzeden seretmäge bermän, çykarylan çözgüdi üýtgetse ýa-da täze çözgüt çykarsa, ol degişlilikde kazyýet çykdajylarynyň paýlanylmagyny üýtgedýär.

 

93-nji madda. Raýatlara ýuridik kömegiň tölegsiz berilmegi

 

1. Kazy ýa-da kazyýet işi kazyýet seljerişine taýýarlananda ýa-da işlere seredende raýatyň emläk ýagdaýyndan ugur alyp, ony ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan doly ýa-da bölekleýin boşatmaga we olary döwletiň hasabyna degişli etmäge haklydyr.

2. Adwokat tarapyndan berlen ýuridik kömek üçin tölegi tölemek we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmak adwokatlar kollegiýalary tarapyndan raýatlara berilýän ýuridik kömek üçin tölegi düzgünleşdirýän ölçeglere laýyklykda kesgitlenilýär.

3. Raýat özüniň maddy we maşgala ýagdaýyna şaýatlyk edýän resminamalary ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan boşatmak hakyndaky arza goşmaga borçludyr.

4. Haýyşnama seretmegiň netijeleri boýunça kazy ýa-da kazyýet ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan raýaty doly ýa-da bölekleýin boşatmak hakynda ýa-da haýyşnamany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda esaslandyrylan kesgitnama çykarýar.

5. Ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden we wekilçilik bilen baglanyşykly çykdajylaryň öwezini dolmakdan raýaty doly ýa-da bölekleýin boşatmak hakynda kazyýetiň ýa-da kazynyň kesgitnamasyny ýerine ýetirmek üçin kazyýetiň ýerleşýän ýerindäki ýuridik maslahathana ýa-da maliýe edarasyna şol bir wagtda haýal etmän iberilýär.

 

94-nji madda. Adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça çykdajylaryň öwezini dolmak

 

1. Çözgüt özüniň peýdasyna çykarylan tarapa, onuň ýazmaça haýyşnamasy boýunça kazyýet adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça tarapyň hakyky çeken harajatlarynyň möçberinde, onuň çeken çykdajylaryny beýleki tarapdan şol tarapa tölemeli edýär. Pul talaplary boýunça bu çykdajylar hak isleginiň kanagatlandyrylan böleginiň bäş göteriminden ýokary geçmeli däldir.

2. Eger adwokatyň kömegi bellenilen tertibe laýyklykda tarapa tölegsiz berlen bolsa, kazyýet ýuridik maslahathananyň haýryna ýa-da döwletiň girdejisine görkezilen pul möçberini, eger tarapy ýuridik kömek üçin tölegi tölemekden boşatmak hakyndaky karar şu Kodeksiň 93-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kabul edilen bolsa, beýleki tarapdan tutup alýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda).

 

95-nji madda. Iş ýöredişiň şärikli gatnaşyjylarynyň arasynda kazyýet çykdajylaryny paýlamak

 

1. Iş ýöredişiň şärikli gatnaşyjylary, eger olaryň talaplarynyň bahasynda tapawut bilen başgaça şertlendirilmese, iş boýunça kazyýet çykdajylaryny deň paýlarda çekýärler.

2. Eger raýdaş jogapkärçilik jedelli maddy hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan bolsa, kazyýet şärikli jogap berijilerden iş boýunça şeýle çykdajylary raýdaş tutup alýar.

3. Iş ýöredişe şärikli gatnaşyjynyň talap etmegi boýunça, diňe onuň bähbitlerine geçirilen iş ýörediş hereketleri bilen baglanyşykly çekilen çykdajylaryň öwezi beýleki iş ýöredişe şärikli gatnaşyjylar tarapyndan dolunmaýar.

 

96-njy madda. Döwlet pajyny tölemek boýunça ýeňillikler

 

1. Eger kazyýet iş ýöredişi aşakdakylar bilen tamamlansa, döwlet pajy ýarpysyna azalýar:

1) hak isleg bildirilenden soň jogap beriji tarapyndan hak isleýiş talaplarynyň meýletin kanagatlandyrylmagy bilen baglanyşykly hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi bilen;

2) barlyşyk ylalaşygy bilen;

3) hak islegini ykrar etmäge esaslanan kazyýetiň çözgüdi bilen.

2. Eger şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda tamamlamak diňe jedeliň närsesiniň bölegine degişli bolsa, onda döwlet pajyny azaltmak diňe bu bölege degişlidir.

 

97-nji madda. Hak isleginden ýüz dönderilende we barlyşyk ylalaşygynda kazyýet çykdajylaryny we beýleki çykdajylary paýlamak

 

1. Hak isleýji hak isleginden ýüz dönderende onuň özüniň çeken kazyýet çykdajylary jogap beriji tarapyndan öwezi dolunmaýar. Ýöne hak islegi bildirilenden soň, jogap beriji tarapyndan hak isleýiş talaplarynyň meýletin kanagatlandyrylmagy bilen baglanyşykly hak isleginden ýüz döndermek hak isleýjiniň iş boýunça çeken kazyýet çykdajylarynyň we adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça çykdajylarynyň hak isleýjiniň talap etmegi boýunça tutulyp alynmagyna päsgel bermeýär.

2. Eger taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşanlarynda kazyýet çykdajylaryny we adwokatyň kömegi üçin tölegi tölemek boýunça çykdajylary paýlamagyň tertibini göz öňünde tutmadyk bolsalar, kazyýet bu meseläni taraplaryň biriniň arzasy boýunça adalatly garaýyş boýunça çözýär.

 

98-nji madda - 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilenTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda.

 

99-njy madda. Kazyýet çykdajylarynyň döwlete öweziniň dolunmagy

 

1. Hak isleýjiniň tölemekden boşadylan döwlet pajy hak isleýiş talaplarynyň kanagatlandyrylan bölegine barabarlykda döwletiň girdejisine jogap berijiden tutulyp alynýar. Hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilende işe seretmek bilen baglanyşykly kazyýet tarapyndan çekilen harajatlar hak isleýjiden döwletiň girdejisine tutulyp alynýar.

2. Eger hak islegi bölekleýin kanagatlandyrylan bolsa, jogap beriji bolsa kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylan bolsa, işe seretmek bilen baglanyşykly kazyýet tarapyndan çekilen harajatlar hak isleýiş talaplarynyň kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen bölegine barabarlykda kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşadylmadyk hak isleýjiden döwletiň girdejisine tutulyp alynýar.

3. Özüniň tölemeli töleglerini tölemekden boýun gaçyrýan adama gözleg yglan edilen mahalynda, kazyýet işe seredende bu adamdan döwletiň girdejisine gözlemek önümçiligi boýunça çykdajylary tutup alýar.

 

100-nji madda. Kazyýet çykdajylary bilen baglanyşykly meseleler boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna şikaýat etmek

 

Kazyýet çykdajylary bilen baglanyşykly meseleler boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

7-nji bap. ÜPJÜNÇILIGI BERMEK

 

101-nji madda. Üpjünçiligi bermek

 

Eger tarap şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda üpjünçiligi bermeli bolsa, eger taraplar başga ylalaşygy kabul etmeseler, onda üpjünçilik puly ýa-da kanunyň düzgünlerine laýyklykda üpjünçiligi bermek üçin ýaramly, şonuň ýaly gymmatly kagyzlary girewine goýmak arkaly amala aşyrylýar.

 

102-nji madda. Üpjünçiligi gaýtarmak

 

Eger üpjünçiligi bermek üçin esaslar aradan aýrylan bolsa, onda peýdasyna üpjünçiligiň berlen tarapy üpjünçiligiň gaýtarylmagy üçin razylyk bermelidir. Eger degişli talaba garamazdan razylyk berilmese, ol işe seredýän kazyýetiň kesgitnamasy bilen çalşyrylýar.

 

8-nji bap. IŞ ÝÖREDIŞ MÖHLETLERI

 

103-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini hasaplamak

 

1. Iş ýörediş hereketleri kanunda bellenilen möhletlerde amala aşyrylýar. Eger iş ýörediş möhletleri kanun tarapyndan bellenilmedik mahalynda, olar kazyýet tarapyndan bellenilýär.

2. Iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmak üçin möhletler hökmany bolmaly wakany görkezmek arkaly takyk senenama senesi bilen ýa-da wagtyň döwrüni görkezmek bilen kesgitlenilýär. Soňky ýagdaýda hereket bütin döwrüň dowamynda amala aşyrylyp bilner.

3. Ýyllar, aýlar ýa-da günler bilen hasaplanylýan iş ýörediş möhletiniň geçmegi onuň başlanmagyny kesgitleýän senenama senesinden ýa-da waka bolandan soňky günden başlanýar.

 

104-nji madda. Iş ýörediş möhletleriniň gutarmagy

 

1. Ýyllar bilen hasaplanylýan möhlet möhletiň soňky ýylynyň degişli aýynda we gününde gutarýar.

2. Aýlar bilen hasaplanylýan möhlet möhletiň degişli aýynda we soňky aýynyň degişli gününde gutarýar. Eger aýlar bilen hasaplanylýan möhletiň ahyry degişli güni bolmadyk aýa gabat gelse, onda möhlet bu aýyň soňky gününde gutarýar.

3. Haçan-da, möhletiň soňky güni işlenilmeýän güne gabat gelse, möhletiň gutarýan güni diýlip şondan soň gelýän ilkinji iş güni hasap edilýär.

4. Amala aşyrylmagy üçin möhlet bellenilen iş ýörediş hereketi möhletiň soňky gününde sagat ýigrimi dörde çenli ýerine ýetirilip bilner. Eger şikaýat, resminamalar ýa-da pul möçberleri möhletiň soňky gününde sagat ýigrimi dörde çenli poçta ýa-da telegrafa tabşyrylan bolsa, onda möhlet geçirilen diýlip hasap edilmeýär.

5. Eger iş ýörediş hereketi kazyýetde ýa-da başga guramada amala aşyrylmaly bolsa, möhlet şu kazyýetde ýa-da bu guramada bellenilen düzgünler boýunça iş gününiň tamamlanýan ýa-da degişli amalyň bes edilýän sagadynda gutarýar.

 

105-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini geçirmegiň netijeleri

 

1. Kanun ýa-da kazyýet tarapyndan bellenen möhletiň gutarmagy bilen iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga bolan hukuk ýitirilýär.

2. Eger geçirilen möhletleri uzaltmak ýa-da dikeltmek hakynda arzalar berilmese, iş ýörediş möhletleriniň gutarmagy bilen berlen şikaýatlar we resminamalar kazyýet tarapyndan seredilmeýär we olar beren adama gaýtarylýar.

 

106-njy madda. Iş ýörediş möhletlerini togtatmak

 

1. Ähli geçmedik iş ýörediş möhletleriniň geçmegi iş boýunça önümçiligi togtatmak bilen togtadylýar. Möhletleri togtatmak önümçiligi togtatmak üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlaryň ýüze çykan wagtyndan başlanýar.

2. Iş ýörediş möhletleriniň geçmegi önümçiligiň dikeldilen gününden başlap dowam edýär.

 

107-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini uzaltmak

 

Kazyýet tarapyndan bellenilen iş ýörediş möhletleri kazyýet tarapyndan uzaldylyp bilner.

 

108-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini dikeltmek

 

1. Kazyýet tarapyndan esasly diýlip ykrar edilen sebäpler boýunça kanun bilen bellenilen möhleti geçiren adamlara geçirilen iş ýörediş möhleti dikeldilip bilner.

2. Geçirilen iş ýörediş möhletini dikeltmek hakyndaky arza iş ýörediş hereketiniň amala aşyrylmaly we kazyýet mejlisinde seredilmeli bolan kazyýete berilýär. Işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi kazyýetiň öňünde goýlan meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Geçirilen iş ýörediş möhletini dikeltmek hakynda arzany bermek bilen bir wagtda özi babatda möhleti geçirilen iş ýörediş hereketi amala aşyrylmalydyr (şikaýat, resminamalar we ş.m-ler berilmelidir).

4. Geçirilen iş ýörediş möhleti dikeltmek hakynda ýa-da geçirilen iş ýörediş möhleti dikeltmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

 

9-njy bap. KAZYÝET HABARLARY WE ÇAKYLYKLARY

 

109-njy madda. Kazyýet habarlary we çakylyklary

 

1. Işe gatnaşýan adamlar, şeýle hem şaýatlar, bilermenler, hünärmenler we terjimeçiler gowşurylandygy hakynda habar berilmeli kazyýet çakylygy, gowşurylandygy hakynda habar berilmeli buýurmaly hat, telefonogramma ýa-da telegramma bilen, şeýle hem habaryň ýa-da çakylygyň we onuň gowuşmaly eýesine gowşurylmagynyň belligini üpjün edýän aragatnaşygyň beýleki serişdelerini peýdalanmak bilen habarly edilýärler ýa-da kazyýete çagyrylýarlar.

2. Kazyýet çakylygy kazyýet habarlarynyň we çakylyklarynyň görnüşlerinden biridir. Işe gatnaşýan adamlara kazyýet mejlisiniň ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylýan wagty we ýeri hakynda kazyýet çakylyklary bilen habar berilýär. Habar bilen bilelikde kazyýet çakylygy ýa-da buýurmaly hat görnüşinde işe gatnaşýan adama iş ýörediş resminamalarynyň nusgalary iberilýär.

Kazyýet çakylyklary bilen şaýatlaryň, bilermenleriň, hünärmenleriň we terjimeçileriň kazyýete çakylygy hem amala aşyrylýar.

On alty ýaşyna ýetmedik adamy şaýat hökmünde çagyrmak onuň ata-ýeneleriniň ýa-da beýleki kanuny wekilleriniň üsti bilen geçirilýär. Başga tertibe diňe işiň ýagdaýlary bilen çagyrylan halatynda ýol berilýär.

3. Işe gatnaşýan adamlara kazyýet habarlary we çakylyklary görkezilen adamlaryň işe taýýarlanmagy we öz wagtynda kazyýete barmagy üçin ýeterlik möhleti bolar ýaly hasap bilen gowşurylmalydyr.

4. Işe gatnaşýan adama iberilýän kazyýet habary işe gatnaşýan adam ýa-da onuň wekili tarapyndan görkezilen salgy boýunça iberilýär. Eger görkezilen salgyda adam hakykatdan-da ýaşamaýan bolsa, habar onuň iş ýerine iberilip bilner.

5. Gurama iberilýän kazyýet habary onuň ýerleşýän ýeri boýunça iberilýär.

Gurama iberilýän kazyýet habary, eger olar esaslandyryjy resminamalarda görkezilen bolsa, onuň wekilliginiň ýa-da şahamçasynyň ýerleşýän ýeri boýunça iberilip bilner.

6. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başga tertip bellenilmedik bolsa, şu maddada göz öňünde tutulan kazyýet habarlarynyň we çakylyklarynyň görnüşleri daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslar babatda hem ulanylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

110-njy madda. Kazyýet çakylyklarynyň we beýleki kazyýet habarlarynyň mazmuny

 

1. Kazyýet çakylygynda we beýleki kazyýet habarlarynda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) gowuşmaly eýesiniň takyk ady;

2) kazyýetiň ady we takyk salgysy;

3) barmaly ýeri we wagty;

4) çakylygyň geçirilýän işiniň ady;

5) gowuşmaly eýesiniň kim hökmünde çagyrylýandygy;

6) işe gatnaşýan adamlara iş boýunça özlerinde bar bolan subutnamalaryň ählisiniň berilmeginiň teklibi;

7) gowuşmaly eýesiniň ýoklugy bilen baglanyşykly ilkinji mümkinçiligi bolanda çakylygy we habary gowuşmaly eýesine gowşurmagynyň ony kabul eden adamyň borjudygyna bolan görkezme;

8) gelmezligiň netijeleri bilen bagly görkezme (şu Kodeksiň 61-nji, 192-194-nji, 222-224-nji maddalary).

2. Işe gatnaşýan adamlara iberilýän kazyýet çakylyklarynda ýa-da beýleki kazyýet habarlarynda iş boýunça olara özlerinde bar bolan ähli subutnamalary bermek teklip edilýär, şeýle hem subutnamalary bermezligiň we habar berilýän ýa-da çagyrylýan adamlaryň kazyýete gelmezliginiň netijeleri görkezilýär, gelmezligiň sebäplerini kazyýete habar bermek borjy düşündirilýär.

3. Kazyýet jogap berijä iberilýän kazyýet çakylygy ýa-da beýleki kazyýet habary bilen bir wagtda hak isleýiş arzasynyň nusgasyny, hak isleýjä iberilýän kazyýet çakylygy ýa-da beýleki kazyýet habary bilen bolsa, eger düşündirişler kazyýete gelip gowşan bolsa, jogap berijiniň ýazmaça görnüşdäki düşündirişleriniň nusgasyny iberýär.

 

111-nji madda. Çakylyklary we beýleki kazyýet habarlaryny eltmek

 

1. Çakylyk poçta ýa-da kazynyň olary eltmegi tabşyran adamy tarapyndan eltilýär. Gowuşmaly eýesine çakylygyň gowşurylan wagty gowşurylýan çakylykda ýa-da kazyýete gaýtarylmaga degişli onuň dil hatynda bellenilýär.

2. Kazy işe gatnaşýan adamyň razylygy bilen beýleki habar berilýän ýa-da iş boýunça çagyrylýan adama gowşurmak üçin onuň eline çakylygy bermäge haklydyr. Kazyýet çakylygyny ýa-da beýleki kazyýet habaryny eltmegi kazyýetiň tabşyran adamy gowuşmaly eýesiniň ony alandygyna gol çekdirmek bilen kazyýet çakylygynyň dil hatyny ýa-da beýleki kazyýet habarynyň nusgasyny kazyýete gaýtarmaga borçludyr.

 

112-nji madda. Çakylygy gowşurmak

 

1. Çakylyk onuň iberilýän adamynyň özüne kazyýete gaýtarylmaga degişli çakylygyň dil hatynda gol çekdirilip gowşurylýar. Ýuridik şahsa iberilýän çakylyk degişli wezipeli adama gowşurylýar, ol çakylygyň dil hatynda öz wezipesini, familiýasyny we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplaryny görkezmek bilen ony alandygy hakynda gol çekýär.

2. Eger çakylygy elten adam kazyýete çagyrylýan adamy onuň ýaşaýan ýa-da işleýän ýerinde tapmasa, onda çakylyk onuň bilen bile ýaşaýan maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň haýsydyr birine gowşurylýar, olar bolmadyk mahalynda bolsa ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasyna, geňeşligiň arçynyna ýa-da iş ýeriniň ýolbaşçylygyna gowşurylýar. Görkezilen halatlarda çakylygy kabul eden adam çakylygyň dil hatynda öz familiýasyny, adyny we atasynyň adyny, şeýle hem gowuşmaly eýesine gatnaşygyny ýa-da eýeleýän wezipesini görkezmäge borçludyr. Çakylygy kabul eden adam ilkinji mümkinçiligi bolanda, haýal etmän çakylygy gowuşmaly eýesine gowşurmaga borçludyr.

3. Gowuşmaly eýesi wagtlaýyn bolmadyk mahalynda çakylygy eltýän adam gowuşmaly eýesiniň nirä gidendigini we onuň gaýdyp gelmegine haçan garaşylýandygyny çakylygyň dil hatynda belleýär. Bu maglumatlar degişli ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy, geňeşligiň arçyny ýa-da gowuşmaly eýesiniň işleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçylygy tarapyndan, olarda bu maglumatlar bolmadyk mahalynda bolsa, onuň bilen bile ýaşaýan maşgalanyň kämillik ýaşyna ýeten agzalarynyň haýsydyr biri tarapyndan tassyklanylmalydyr we güwä geçilmelidir.

 

113-nji madda. Çakylygy kabul etmekden ýüz döndermegiň netijeleri

 

1. Gowuşmaly eýesi çakylygy kabul etmekden ýüz dönderende ony eltýän adam kazyýete gaýtarylmaly çakylygyň dil hatynda degişli belligi edýär. Çakylygy kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky bellik degişli ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy, geňeşligiň arçyny ýa-da gowuşmaly eýesiniň işleýän ýuridik şahsyň ýolbaşçylygy tarapyndan ýa-da raýatlaryň azyndan ikisiniň gollary bilen tassyklanylýar.

2. Kanuny esaslar bolmazdan çakylygy kabul etmekden ýüz dönderilen mahalynda çakylyk gowşurylmaly ýerinde goýulýar. Şonuň bilen birlikde gowşurmaklyk amala aşyrylan diýlip hasap edilýär.

 

114-nji madda. Iş boýunça önümçiligiň döwründe salgyny üýtgetmek

 

Işe gatnaşýan adamlar we olaryň wekilleri iş boýunça önümçiligiň döwründe öz salgysynyň üýtgändigi hakynda kazyýete habar bermäge borçludyrlar. Şeýle habaryň bolmadyk mahalynda, çakylyk ýa-da beýleki kazyýet habary kazyýete soňky mälim bolan salgy boýunça iberilýär we gowuşmaly eýesi bu salgyda mundan beýläk ýaşamaýan ýa-da bolmaýan hem bolsa eltilen diýlip hasap edilýär.

 

115-nji madda. Jogap berijiniň bolýan ýeri näbelli bolanda kazyýetiň hereketleri

 

1. Jogap berijiniň hakyky bolýan ýeri näbelli bolanda, çakylyk ýa-da beýleki kazyýet habary jogap berijiniň soňky belli bolan ýaşaýan ýeri boýunça ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy ýa-da geňeşligiň arçyny tarapyndan onuň alnandygyny tassyklaýan bellik bilen kazyýete gelip gowşanda kazyýet işe seretmäge girişýär.

2. Alimentleri tutup almak hakynda we saglyga şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi, şeýle hem ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakynda we döwletiň bähbitlerine bildirilen talaplar boýunça jogap berijiniň bolýan ýeri näbelli bolanda, kazy içeri işler edaralarynyň üsti bilen jogap berijini gözlemegi yglan etmäge borçludyr. Kazyýet tarapyndan jogap berijiniň gözlenilmegini yglan etmek işe seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

Gözleýiş çäreleriniň barşynda jogap berijiniň bolýan ýeri anyklanylanda oňa kazyýete çagyrmak hakynda kazyýet çakylygy gowşurylýar.

3. Jogap berijini gözlemek boýunça çykdajylary tutup almak şu Kodeksiň 12-nji babynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak arkaly içeri işler edarasynyň arzasy boýunça geçirilýär.

 

II BÖLÜM. IŞE GATNAŞÝAN ADAMLAR, OLARYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

10-njy bap. IŞE GATNAŞÝAN ADAMLAR, OLARYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

116-njy madda. Işe gatnaşýan adamlar

 

Şu aşakdakylar işe gatnaşýanlardyr:

1) taraplar, üçünji taraplar, şu Kodeksiň 16-njy maddasynyň birinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça beýleki adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanun bilen goralýan bähbitleriniň goragy üçin kazyýete ýüz tutan prokuror, ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary;

2) aýratyn önümçilik tertibinde kazyýet tarapyndan seredilýän işler boýunça we administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler boýunça arza berijiler we beýleki gyzyklanýan şahslar.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

117-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň hukuklary we borçlary

 

Işe gatnaşýan adamlaryň şulara hukuklary bardyr: işiň materiallary bilen tanyşmak, olardan göçürmeleri etmek we nusgalaryny almak; ynanmazlyk bildirmegi mälim etmek; subutnamalary bermek we olaryň barlanylmagyna gatnaşmak; işe gatnaşýan beýleki adamlara, şaýatlara, bilermenlere we hünärmenlere soraglary bermek; haýyşnamalary, şol sanda goşmaça subutnamalary talap etmek hakynda haýyşnamalary bildirmek; kazyýete dilden we ýazmaça düşündirişler bermek; kazyýet seljerişiniň barşynda ýüze çykýan ähli meseleler boýunça öz delillerini bermek; işe gatnaşýan beýleki adamlaryň haýyşnamalarynyň, delilleriniň garşysyna närazylyk bildirmek; kazyýet çykyp geplemelerine gatnaşmak; kazyýet mejlisiniň teswirnamasy bilen tanyşmak we oňa ýazmaça bellikler bermek; kazyýetiň çözgütlerine we kesgitnamalaryna şikaýat etmek; çözgütleriň, kesgitnamalaryň, kararlaryň we beýleki resminamalaryň nusgalaryny almak, şeýle hem şu Kodeks bilen özlerine berlen beýleki iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanmak. Olar özlerine degişli ähli iş ýörediş hukuklaryndan päk ýürekli peýdalanmaga borçludyrlar.

 

118-nji madda. Raýat iş ýörediş hukuk ukyby

 

Hukuk ukyby bolan iş ýörediş hukuk ukybyna eýelik edýär.

 

119-njy madda. Raýat iş ýörediş kämillik ukyby

 

1. Kämillik ukyply adam iş ýörediş kämillik ukybyna eýedir.

2. Iş ýörediş kämillik ukyby bolmadyk tarapyň adyndan kanuny wekil hereket edýär.

3. Zähmet hukuk gatnaşyklaryndan we alnan iş hakyna ygtyýar etmek bilen baglanyşykly bolan geleşiklerden gelip çykýan işler boýunça kämillik ýaşyna ýetmedikleriň öz hukuklaryny, azatlyklaryny we kanun bilen goralýan bähbitlerini kazyýetde hut özleriniň goramaga hukugy bardyr. Ýöne kazyýet şeýle işlere kämillik ýaşyna ýetmedikleriň kanuny wekillerini gatnaşmaga çekmäge haklydyr.

 

120-nji madda. Taraplar

 

1. Raýat iş ýöredişinde hak isleýji we jogap beriji taraplar bolup durýarlar. Hak islegini bildiren fiziki we ýuridik şahslar hak isleýjiler bolup durýarlar. Hak isleýiş talaby bildirilen fiziki we ýuridik şahslar jogap berijiler bolup durýarlar.

2. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda ýuridik şahslar bolup durmaýan guramalar hem taraplar bolup biler.

3. Beýleki adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanun bilen goralýan bähbitleriniň goragy üçin kazyýete ýüz tutmaga kanun boýunça hukugy bolan adamlaryň arzasy boýunça bähbitlerine iş başlanan adama başlanýan iş ýörediş hakynda kazyýet tarapyndan habar berilýär we ol oňa hak isleýji hökmünde gatnaşýar.

4. Taraplar deň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we deň iş ýörediş borçlaryny çekýärler.

 

121-nji madda. Hak isleginiň esasyny ýa-da närsesini  üýtgetmek, hak isleginden ýüz döndermek, hak islegini ykrar etmek, barlyşyk ylalaşygy

 

1. Hak isleýji hak isleginiň esasyny ýa-da närsesini üýtgetmäge, hak isleýiş talaplarynyň möçberini artdyrmaga ýa-da azaltmaga haklydyr.

2. Hak isleýji jogap berijiniň razylygy bolmazdan kazyýet mejlisine çenli hak isleginden ýüz döndermäge haklydyr. Hak isleýjiniň hak isleginden soňraky ýüz döndermegi diňe jogap berijiniň razylygy bilen ýol bererlidir. Jogap beriji hak islegini ykrar etmäge haklydyr. Taraplar işi barlyşyk ylalaşygy bilen tamamlap bilerler.

 

122-nji madda. Işe birnäçe hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň gatnaşmagy

 

1. Hak islegi kazyýete birnäçe hak isleýjiler tarapyndan ýa-da birnäçe jogap berijilere bilelikde bildirilip bilner (iş ýöredişe şärikli gatnaşmak).

2. Iş ýöredişe şärikli gatnaşmaga ýol berilýär, eger:

1) birnäçe hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň umumy hukuklary ýa-da borçlary jedeliň närsesi bolsa;

2) birnäçe hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň hukuklarynyň we borçlarynyň bir esasy bar bolsa;

3) jedeliň närsesi birmeňzeş hukuklar we borçlar bolsa.

3. Hak isleýjileriň ýa-da jogap berijileriň her biri beýleki tarap babatda iş ýöredişde özbaşdak çykyş edýär. Şärikli gatnaşyjylar işiň ýöredilmegini bir ýa-da birnäçe şärikli gatnaşyjylara tabşyryp bilerler.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

123-nji madda. Degişli däl jogap berijini çalşyrmak

 

1. Birinji basgançakly kazyýetde işe taýýarlyk görlende we onuň seljerilýän wagtynda, eger hak isleginiň hak islegi boýunça jogap berilmeli şahsa bildirilmänligi anyklanylan mahalynda, hak isleýjiniň haýyşnamasy boýunça, işi bes etmezden degişli däl jogap berijiniň  degişli jogap beriji bilen çalşyrylmagyna ýol berilýär. Degişli däl jogap beriji çalşyrylandan soň işe taýýarlyk görmek we seretmek başdan başlap geçirilýär.

2. Eger hak isleýji degişli däl jogap berijiniň başga şahs bilen çalşyrylmagyna razy bolmasa, kazyýet işe bildirilen hak isleg boýunça seredýär.

 

124-nji madda. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji taraplar

 

1. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirýän üçünji taraplar hak islegini taraplaryň birine ýa-da ikisine bildirmek arkaly birinji basgançakly kazyýet tarapyndan kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli işe girişip bilerler. Olar hak isleýjiniň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar we onuň ähli borçlaryny çekýärler.

2. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplaryny bildiren üçünji tarap işe girişende işe seretmek başdan başlap geçirilýär.

 

125-nji madda. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplar

 

1. Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplar iş boýunça kazyýet kararynyň birinji basgançakly kazyýet tarapyndan kabul edilmegine çenli, eger ol taraplardan biri babatda olaryň hukuklaryna ýa-da borçlaryna täsir edip biljek bolsa, hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň tarapynda işe girişip biler. Olar işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamasy boýunça hem işe gatnaşmaga çekilip bilner.

Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplar taraplaryň iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we iş ýörediş borçlaryny çekýärler, hak isleginiň esaslaryny ýa-da närsesini üýtgetmäge, hak isleýiş talaplarynyň möçberini artdyrmaga ýa-da azaltmaga, hak isleginden ýüz döndermäge, hak islegini ykrar etmäge ýa-da barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga, şeýle hem garşylyklaýyn hak islegini bildirmäge bolan hukuklar muňa degişli däldir. Eger olar onuň öz iş ýörediş hereketlerine garşy gelmese, onuň iş ýörediş hereketleri esasy tarap üçin hukuk taýdan hakyky bolup durýarlar.

Jedeliň närsesi babatda özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji taraplaryň işe girişmegi hakynda kazyýetiň kesgitnamasy çykarylýar.

2. Özbaşdak hak isleýiş talaplary bolmadyk üçünji taraplar hukuk jedelini onuň girişen pursadynda durýan ýagdaýynda kabul etmelidirler.

 

126-njy madda. Iş ýöredişe gatnaşmak üçin habar bermek we çagyrmak

 

1. Hukuk jedeliniň soňy onuň üçin amatsyz bolan tarap kepilligi üpjün etmäge ýa-da zyýanyň öwezini dolmaga ýa-da üçünji tarapyň nägileligini üpjün etmäge üçünji tarap babatda dalaş edip biljek diýip hasap edýän bolsa, iş boýunça gutarnykly kararyň kabul edilmegine çenli üçünji tarap hökmünde ony goldamak üçin iş ýöredişe onuň girmegini habar berip we çagyryp biler.

2. Üçünji tarapa habar bermek üçin tarap kazyýete ýazmaça arza berýär. Arzada habar bermegiň esaslary we hukuk jedeliniň hakyky ýagdaýy görkezilýär. Üçünji tarapa we hukuk jedeliniň beýleki tarapyna arzanyň nusgasy kazyýet tarapyndan gowşurylýar.

 

127-nji madda. Habar bermegiň netijesi

 

1. Üçünji tarap özüne habar beren tarapdan çykyş etmäge haklydyr we onuň taraplara bolan gatnaşygy özbaşdak hak isleýiş talaplary bolmadyk üçünji tarapyň gatnaşmak ýörelgeleri bilen kesgitlenilýär.

2. Eger üçünji tarap goşulmakdan ýüz dönderse ýa-da bu babatda pikirini aýtmasa, onda hukuk jedeline seretmek onuň pikirini hasaba almazdan dowam etdirilýär. Hukuk jedelinde üçünji tarapa habar bermegiň netijeleri haçan-da iş ýöredişi utulan tarap soňraky iş ýöredişde üçünji tarap babatda zyýanyň öwezini dolmak talabyny bildirende ýüze çykýar.

3. Birinji iş ýörediş boýunça anyklanylan faktlar soňraky iş ýöredişde subut edilmeýär. Üçünji tarapyň birinji iş ýöredişde kazyýetiň hukuk jedelini nädogry çözendigi ýa-da subutnamalaryň ýeterlik esaslandyrylmandygy hakynda närazylygy nazara alynmaýar, şu Kodeksiň 51-nji maddasynyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

 

128-nji madda. Iş ýörediş hukuk oruntutarlyk

 

1. Jedelli ýa-da kazyýet tarapyndan bellenilen hukuk gatnaşygyndan taraplaryň biri çykan halatlarynda (raýatyň ölmegi, ýuridik şahsyň üýtgedilip guralmagy) kazyýet bu tarapyň onuň hukuk oruntutary bilen çalşyrylmagyna ýol berýär. Hukuk oruntutarlyk iş ýöredişiň islendik tapgyrynda mümkindir.

2. Hukuk oruntutaryna onuň girişmegine çenli iş ýöredişde amala aşyrylan ähli hereketler, hukuk oruntutarynyň çalşan şahsy üçin olaryň nähili hökmany bolandaky çäkde hökmanydyr.

3. Aýrybaşgalamak ýa-da başga birine bermek iş ýöredişe täsir etmeýär. Hak isleg berlenden soň talaplar üçünji tarapa berlende, hukuk oruntutarynyň garşydaş tarapyň razylygy bolmazdan, öňkiniň ýerine esasy tarap hökmünde iş ýöredişi dowam etdirmek ýa-da özbaşdak hak isleýiş talaplary bilen üçünji tarap hökmünde işe girişmek hukugy ýokdur. Ýöne hukuk oruntutary özbaşdak hak isleýiş talaplaryny bildirmeýän üçünji tarap hökmünde iş ýöredişe girişip biler.

4. Hukuk oruntutaryny çalşyrmak hakynda ýa-da çalşyrmakdan ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

129-njy madda. Prokuroryň iş ýöredişe gatnaşmagy

 

1. Hak islegini (arzany) beren prokuror barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak hukugyndan başga hak isleýjiniň ähli iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýar we ähli iş ýörediş borçlaryny çekýär. Başga adamyň kanuny bähbitleriniň goragyna berlen hak isleginden (arzadan) prokuror ýüz dönderen mahalynda, eger bu adam ýa-da onuň kanuny wekili hak isleginden ýüz döndermek hakynda mälim etmese, işe düýp manysy boýunça seretmek dowam etdirilýär. Şu ýagdaýda kazyýet çykdajylary umumy esaslarda tölenilýär. Hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen mahalynda kazyýet iş boýunça önümçiligi bes edýär.

2. Eger hak isleýji prokuror tarapyndan bildirilen talaby goldamaýan bolsa, onda kazyýet hak islegini (arzany) seretmän galdyrýar.

3. Şu Kodeksiň 25-nji, 32–34-nji baplarynda göz öňünde tutulan işler boýunça prokuroryň iş ýöredişe gatnaşmaga we kazyýet çykyp geplemelerinden soň arzanyň (şikaýatyň) kanuna laýyklygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

130-njy madda. Beýleki adamlaryň hukuklaryny goraýan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň iş ýöredişe gatnaşmagy

 

1. Kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary beýleki adamlaryň haýyşy boýunça olaryň hukuklarynyň we kanun tarapyndan goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin arza bilen kazyýete ýüz tutup bilerler. Kämillik ukyby bolmadyk ýa-da kämillik ýaşyna ýetmedik adamyň kanuny bähbitlerini goramakdaky arzasy şu halatlarda gyzyklanýan adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň haýyşyna garamazdan berlip bilner. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň beýleki adamyň bähbitleriniň goralmagy üçin beren arzasyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasynyň ýüz döndermegi, bu adamy düýp manysy boýunça işe seredilmegini talap etmek hukugyndan mahrum etmeýär. Şu ýagdaýda kazyýet çykdajylary umumy esaslarda tölenilýär.

2. Eger bähbitlerine iş gozgalan adam bildirilen talaby goldamaýan bolsa, kazyýet hak islegini (arzany) seretmän galdyrýar.

3. Arza beren ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralary barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga bolan hukugyndan başga hak isleýjiniň ähli iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we ähli iş ýörediş borçlaryny çekýärler. Başga adamyň kanuny bähbitlerini goramaga berlen arzadan ýerine ýetiriji häkimiýetiň edarasy ýüz dönderen mahalynda, eger bu adam ýa-da onuň kanuny wekili hak isleginden ýüz döndermek hakynda mälim etmese, işe düýp manysy boýunça seretmek dowam etdirilýär. Şu ýagdaýda kazyýet çykdajylary umumy esaslarda tölenilýär. Hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen mahalynda kazyýet iş boýunça önümçiligi bes edýär.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

11-nji bap. KAZYÝETDE WEKILÇILIK

 

131-nji madda. Işleri wekilleriň üsti bilen alyp barmak

 

1. Raýatlar kazyýetde öz işlerini özi ýa-da wekilleriniň üsti bilen alyp baryp bilerler. Raýatyň işe özüniň gatnaşmagy onuň bu iş boýunça wekilini edinmek hukugyndan mahrum etmeýär.

2. Ýuridik şahslaryň işlerini kazyýetde degişli ygtyýarlyklar berlen olaryň wekilleri alyp barýarlar. Ýuridik şahsyň edarasy hökmünde çykyş edýän ýuridik şahslaryň ýolbaşçylary kazyýete özleriniň gulluk ýagdaýyny ýa-da ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminamalary berýärler.

3. Ýatyrylýan guramanyň adyndan kazyýetde ýatyryş toparynyň ygtyýarly wekili çykyş edýär.

 

132-nji  madda. Kazyýetde wekiller bolup biljek adamlar

 

1. Kazyýetde işleri alyp barmaga degişli ýagdaýda resmileşdirilen ygtyýarlyklary bolan, kämillik ukyby bolan adamlar wekiller bolup bilerler, şu Kodeksiň 135-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen adamlar muňa girmeýär.

2. Şu Kodeksiň 136-njy maddasynda görkezilen adamlar kanunyň güýjünde wekilleriň ygtyýarlyklaryna eýedirler.

 

133-nji madda. Wekiliň ygtyýarlyklaryny resmileşdirmek

 

1. Wekiliň ygtyýarlyklary kanuna laýyklykda berlen we resmileşdirilen ýazmaça ynanç hatynda görkezilmelidir.

2. Raýatlara berilýän ynanç hatlary notarial tertipde tassyklanylýar. Raýatlara berilýän ynanç hatlary şeýle hem aşakdakylar tarapyndan tassyklanylyp bilner:

1) ynanyjynyň işleýän ýa-da okaýan guramasy;

2) onuň ýaşaýan çägindäki ýaşaýyş jaý-ulanyş guramasy;

3) raýatyň bejerişde bolýan ýatymlaýyn bejeriş edarasynyň ýolbaşçylygy;

4) eger ynanç haty harby gullukçylara berilýän bolsa, degişli harby bölüm.

3. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde bolýan adamlaryň ynanç hatlary degişli edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.

4. Ýuridik şahsyň adyndan ynanç haty degişli ýuridik şahsyň ýolbaşçysy ýa-da beýleki ygtyýarly adam tarapyndan berilýär.

5. Kanuny wekiller kazyýete özleriniň hukuk ýagdaýyny tassyklaýan resminamalary berýärler.

6. Adwokatyň ygtyýarlyklary order bilen tassyklanylýar.

7. Ygtyýarnama esasynda hukuk kömegini berýän şahslaryň ygtyýarlyklary hukuk kömegini bermek hakyndaky şertnama we ygtyýarnamanyň nusgasy bilen tassyklanylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

134-nji madda. Wekiliň ygtyýarlyklary

 

Wekil wekilçilik edilýäniň adyndan ähli iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmaga haklydyr. Ýöne hak isleg arzasyna gol çekmek, ony kazyýete bermek, jedeli bitaraplar kazyýetiniň garamagyna bermek, garşylyklaýyn hak islegini bildirmek, hak isleýiş talaplaryndan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek, olaryň möçberini azaltmak, hak islegini ykrar etmek, hak isleginiň närsesini we esaslaryny üýtgetmek, barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak, başga adama ygtyýarlyklary bermek (gaýtadan ynanmak), kazyýet kararyna şikaýat etmek üçin wekiliň hukuklary wekilçilik edilýän adam tarapyndan berlen ynanç hatynda ýörite kesgitlenmelidir.

 

135-nji madda. Kazyýetde wekiller bolup bilmejek adamlar

 

1. Şular kazyýetde wekiller bolup bilmezler:

1) kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar;

2) kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar;

3) kazyýetiň hökümi boýunça adwokatlyk işi bilen meşgullanmak hukugyndan mahrum edilen adamlar, hökümde görkezilen möhletiň dowamynda;

4) kazylar, sülçüler, prokurorlar we Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, döwlet häkimiýetiniň ýerli wekilçilikli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň agzalary, ýöne olaryň degişli guramalaryň ygtyýarly wekilleri ýa-da kanuny wekilleri hökmünde iş ýöredişe gatnaşýan halatlary muňa degişli däldir;

5) eger bu iş boýunça bähbitleri wekilçilik edilýäniň bähbitlerine ters gelýän adamlara ýuridik kömegini berýän ýa-da öň beren adam ýa-da kazy, prokuror, sülçi, anyklaýyş geçiren adam, bilermen, hünärmen, terjimeçi, şaýat ýa-da güwä hökmünde gatnaşan adam, şeýle hem işiň seredilmegine gatnaşýan wezipeli adam bilen garyndaşlyk gatnaşyklarynda durýan adam.

2. Görkezilen ýagdaýlar bolan mahalynda wekile işe gatnaşýan adamlar tarapyndan ynanmazlyk bildirilip bilner.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda).

 

136-njy madda. Kanuny wekiller

 

1. Kämillik ukyby bolmadyk raýatlaryň, doly kämillik ukyby bolmadyk ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanun bilen goralýan bähbitlerini kazyýetde olaryň ata-eneleri, perzentlige alanlar, hossarlar, howandarlar ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bu hukugyň berlen beýleki adamlary goraýarlar.

2. Bellenilen tertipde nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen raýatyň gatnaşmaly işi boýunça onuň wekili hökmünde nam-nyşansyz giden adamyň emlägini goramak we dolandyrmak üçin bellenilen hossar çykyş edýär.

3. Ölen ýa-da bellenilen tertipde ölen diýlip yglan edilen adamyň mirasdarynyň gatnaşmaly işi boýunça, eger miras heniz hiç kim tarapyndan kabul edilmedik bolsa, mirasdaryň wekili hökmünde miraslyk emlägi goramak we dolandyrmak üçin bellenilen hossar ýa-da saklaýjy çykyş edýär.

4. Kanuny wekiller wekilçilik edilýänleriň adyndan ähli iş ýörediş hereketlerini amala aşyrýarlar, olary amala aşyrmak hukugy kanunda göz öňünde tutulan çäklendirmeler bilen wekilçilik edilýänlere degişlidir.

5. Kanuny wekiller kazyýetde işiň alnyp barylmagyny wekil hökmünde özleri tarapyndan saýlanan başga adama tabşyryp bilerler.

 

III BÖLÜM. BIRINJI BASGANÇAKLY KAZYÝETDE ÖNÜMÇILIK

 

I KIÇI BÖLÜM. BUÝRUK ÖNÜMÇILIGI

 

12-nji bap. BUÝRUK ÖNÜMÇILIGI

 

137-nji madda. Buýruk önümçiligi düşünjesi

 

1. Kazyýet mejlisini geçirmezden we taraplary çagyrmazdan jedelsiz talaplar boýunça bergidardan pul möçberini tutup almak ýa-da gozgalýan emlägi talap etmek hakyndaky arza boýunça önümçilik buýruk önümçiligi bolup durýar.

2. Buýruk önümçiligi kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarmak bilen tamamlanýar.

3. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama şol bir wagtda ýerine ýetiriji resminama bolup durýar we kazyýet çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

 

138-nji madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarylýan talaplar

 

Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarylýar, eger:

1) talap notarial taýdan tassyklanan geleşige esaslanan bolsa;

2) talap ýönekeý ýazmaça görnüşde amala aşyrylan geleşige esaslanan bolsa we jogap beriji tarapyndan ykrar edilen bolsa;

3) talap notarius tarapyndan amala aşyrylan tölegsizlikde, akseptsizlikde we sene goýulmadyk akseptde wekseliň garşylyknamasyna esaslanan bolsa;

4) atalygy (eneligi) anyklamak ýa-da üçünji taraplary çekmek zerurlygy bilen baglanyşykly bolmadyk, kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin alimentleri tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa;

5) hasaplanyp ýazylan, ýöne işgäre tölenilmedik iş hakyny we beýleki tölegleri tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa;

6) içeri işler edarasy tarapyndan jogap berijini ýa-da bergidary gözlemek boýunça çykdajylary tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa;

7) jemagat hyzmatlary (suwdan, gazdan we elektrik energiýasyndan peýdalanylmagy we ş.m.) üçin bergini tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa;

8) aragatnaşyk hyzmatlary üçin bergini tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa;

9) lukmançylyk edarasynyň haýryna bejerişe sarp edilen serişdeleri tutup almak hakynda talap bildirilen bolsa.

(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 109-njy madda).

 

139-njy madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak barada arzanyň berilmegi

 

Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak barada arza şu Kodeksde bellenilen kazyýete degişliligiň umumy kadalary boýunça kazyýete berilýär.

 

140-njy madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak baradaky arzanyň görnüşi we  mazmuny

 

1. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak baradaky arza ýazmaça görnüşde berilýär.

2. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak baradaky arzada şular görkezilmelidir:

1) arzanyň berilýän kazyýetiniň ady;

2) algydaryň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri, ýuridik şahsyň maglumatlary;

3) bergidaryň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri, ýuridik şahsyň maglumatlary;

4) algydaryň talaby we onuň esaslanan ýagdaýlary;

5) algydaryň talabynyň esaslydygyny tassyklaýan resminamalar;

6) goşulýan resminamalaryň sanawy.

Gozgalýan emläk talap edilen mahalynda arzada bu emlägiň gymmaty görkezilmelidir.

3. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak baradaky arza algydar ýa-da onuň degişli ygtyýarlyklary bolan wekili tarapyndan gol çekilýär. Wekil tarapyndan berlen arza onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan resminama goşulmalydyr.

 

141-nji madda. Döwlet pajy

 

1. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarmak baradaky arza üçin şu Kodeksiň 84-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda döwlet pajy tölenilýär.

2. Arzany kabul etmekden ýüz dönderilende algydar tarapyndan tölenilen döwlet pajy gaýtarylýar.

3. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama sökülende algydar tarapyndan tölenilen döwlet pajy gaýtarylmaýar.

4. Hak isleýiş önümçiliginiň tertibinde algydar tarapyndan bergidara hak isleg bildirilende tölenilen döwlet pajy tölenilmäge degişli pajyň hasabyna goşulýar.

 

142-nji madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak barada arzany kabul etmekden ýüz döndermek we gaýtarmak üçin esaslar

 

1. Kazy kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmak baradaky arzany şu Kodeksiň 153-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça kabul etmekden ýüz dönderýär ýa-da gaýtarýar. Mundan başga-da, kazy arzany şu aşakdaky halatlarda gaýtarýar, eger:

1) bildirilen talap şu Kodeksiň 138-nji maddasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa;

2) bergidaryň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri näbelli bolsa ýa-da Türkmenistanyň çäklerinden daşarda bolsa;

3) bildirilen talaby tassyklaýan resminamalar berilmedik bolsa;

4) berlen resminamalaryň esasynda çözülmegi mümkin bolmadyk hukuk hakynda jedeliň barlygy görünýän bolsa;

5) bildirilen talap üçin döwlet pajy tölenilmedik bolsa.

2. Arzanyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap üç gün möhletde kazy arzany kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.

3. Arzany kabul etmekden ýüz döndermek şol talap boýunça arza berijiniň hak isleýiş önümçiliginiň tertibinde hak islegini bildirmek mümkinçiligine päsgel bermeýär.

 

143-nji madda. Arzadaky kemçilikleri düzetmek

 

1. Kazy kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarmak barada arzany kabul etmäge we eger arza şu Kodeksiň 140-njy maddasynyň talaplaryna laýyk gelmeýän bolsa ýa-da döwlet pajy tölenilmedik bolsa, kemçilikleri düzetmek ýa-da döwlet pajyny tölemek üçin algydara üç günden köp bolmadyk möhleti bellemäge haklydyr.

2. Eger algydar kazynyň görkezmelerine laýyklykda onuň bellän möhletinde kemçilikleri düzetse, döwlet pajyny tölese, arza ilkibaşdaky onuň kazyýete berlen gününde berlen diýlip hasap edilýär. Şeýle bolmadyk mahalynda kazy şu Kodeksiň 142-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda arzany kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kesgitnama çykarýar.

 

144-nji madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamany çykarmagyň tertibi we möhleti

 

1. Bildirilen talabyň düýp manysy boýunça kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama kazyýete arzanyň berlen gününden başlap üç günüň dowamynda kazy tarapyndan ýekelikde çykarylýar.

2. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama kazyýet mejlisini geçirmezden we taraplary çagyrmazdan çykarylýar.

 

145-nji madda. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamanyň mazmuny

 

1. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamada şular bolmalydyr:

1) önümçiligiň belgisi we kesgitnamanyň çykarylan senesi;

2) kazyýetiň ady, kesgitnama çykaran kazynyň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;

3) algydaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri;

4) bergidaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri;

5) jogap berijiniň diňlenilmändigi sebäpli, arza beriji tarapyndan bildirilen talabyň esaslydygyny kazyýetiň gutarnykly barlamandygy hakynda görkezme;

6) talabyň kanagatlandyrylmagy üçin esas bolan kanun;

7) tutulyp alynmaga degişli pul möçberleriniň möçberini ýa-da onuň gymmatyny görkezmek bilen talap edilmäge degişli gozgalýan emlägiň alamatlary;

8) eger puşmana puluny tutup almak kanun ýa-da şertnama bilen göz öňünde tutulan bolsa, puşmana pulunyň möçberi;

9) algydaryň haýryna ýa-da döwletiň girdejisine bergidardan tutulyp alynmaga degişli döwlet pajynyň möçberini;

10) kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama şikaýat etmegiň möhleti we tertibi.

2. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar üçin alimentleri tutup almak hakyndaky kesgitnamada, şu maddanyň birinji böleginiň 1-5-nji we 8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan maglumatlardan başga-da bergidaryň doglan senesi we ýeri, onuň iş ýeri, saklamak üçin alimentler berilmeli her bir çaganyň ady we doglan senesi, bergidardan her aýda tutulyp alynýan tölegleriň möçberi we olary tutup almagyň möhleti görkezilýär.

3. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama ýörite blankda düzülýär, oňa kazy tarapyndan gol çekilýär. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama kazyýetiň önümçiliginde galýar. Bergidar üçin kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy taýýarlanylýar.

 

146-njy madda. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnamanyň çykarylmagy barada bergidara habar bermek

 

1. Kazyýet buýrugy hakynda kesgitnama çykarylandan soň, kazy gowşurylandygy hakynda habar bermek bilen bergidara haýal etmän onuň nusgasyny iberýär.

2. Bergidar kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamanyň nusgasynyň alnan gününden başlap on gün möhletde aragatnaşygyň islendik serişdelerini peýdalanmak bilen bildirilen talabyň garşysyna närazylyklaryny kazyýete ibermäge haklydyr.

 

147-nji madda. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany sökmek

 

1. Eger bergidardan bildirilen talabyň garşysyna bellenilen möhletde närazylyk gelip gowuşsa, kazy kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany sökýär, bu hakda kesgitnama çykarýar. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany sökmek hakyndaky kesgitnamada kazy algydar tarapyndan bildirilen talabyň hak isleýiş önümçiliginiň tertibinde bildirilip bilinjekdigini düşündirýär. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany sökmek hakyndaky kesgitnamanyň nusgalary ol çykarylandan soň üç günden giç bolmadyk möhletde taraplara iberilýär.

2. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany sökmek baradaky kazyýet karary şikaýat edilmäge we teklipnama getirilmäge degişli däldir.

 

148-nji madda. Kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany algydara bermek

 

1. Eger bellenilen möhletde bergidardan kazyýete närazylyk gelip gowuşmasa, kazy ony ýerine ýetirmäge bermek üçin kazyýetiň tugraly möhri bilen tassyklanan kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamany algydara berýär.

2. Algydaryň haýyşy boýunça kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnama gös-göni kazyýet tarapyndan ýerine ýetirmek üçin iberilip bilner.

3. Bergidardan döwlet pajyny döwletiň girdejisine tutup almak üçin kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamanyň kazyýetiň möhri bilen tassyklanan nusgasy gös-göni kazyýet tarapyndan ýerine ýetirmek üçin iberilýär.

4. Algydara berlen kazyýet buýrugy hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy kazyýetiň önümçiliginde galýar.

 

II KIÇI BÖLÜM. HAK ISLEÝIŞ ÖNÜMÇILIGI

 

13-nji bap. HAK ISLEGINI BILDIRMEK

 

149-njy madda. Hak isleýiş arzasynyň görnüşi we mazmuny

 

1. Hak isleýiş arzasy kazyýete ýazmaça görnüşde berilýär.

2. Hak isleýiş arzasynda şular görkezilmelidir:

1) arzanyň berilýän kazyýetiniň ady;

2) hak isleýjiniň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da, eger hak isleýji ýuridik şahs bolsa - onuň ýerleşýän ýeri, şeýle hem eger arza wekil tarapyndan berilýän bolsa, wekiliň ady we onuň salgysy;

3) jogap berijiniň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da, eger jogap beriji ýuridik şahs bolsa - onuň ýerleşýän ýeri;

4) närsäniň kesgitlenilen görkezmesi, bildirilen talabyň esaslary we belli bir haýyşnama;

5) hak isleýjiniň öz talaplaryny esaslandyrýan ýagdaýlary we hak isleýji tarapyndan beýan edilen ýagdaýlary tassyklaýan subutnamalar;

6) eger hak islegi baha berilmäge degişli bolsa, hak islegiň bahasy;

7) arza goşulýan resminamalaryň sanawy.

3. Arzada hak isleýjiniň, onuň wekiliniň, jogap berijiniň telefonlarynyň, fakslarynyň belgileri, elektron poçtasynyň salgylary, işe seretmek we çözmek üçin ähmiýeti bolan beýleki maglumatlar görkezilip bilner, şeýle hem hak isleýjiniň haýyşnamalary beýan edilip bilner.

4. Prokuror tarapyndan jemgyýetçilik ýa-da döwlet bähbitlerinde bildirilýän arzada olaryň bähbitleriniň anyk nämeden ybaratdygynyň esasy, haýsy hukugyň bozulandygy, şeýle hem kanuna ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namasyna salgylanma bolmalydyr. Raýatyň bähbitlerine prokuror ýüz tutan mahalynda hak isleýiş arzasynda raýatyň özi tarapyndan hak islegini bildirmek mümkinçiliginiň bolmazlygynyň sebäpleriniň esasy bolmalydyr; arza raýatyň kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmagyna bolan razylygyny tassyklaýan resminama goşulmalydyr, kämillik ukyby bolmadyk adamyň bähbitlerine arzanyň berlen halatlary muňa degişli däldir.

5. Hak isleýiş arzasyna hak isleýji ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär. Wekil tarapyndan gol çekilen hak isleýiş arzasyna wekiliň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty ýa-da beýleki resminama goşulmalydyr.

 

150-nji madda. Hak isleýiş arzasyna goşulýan resminamalar

 

Hak isleýiş arzasyna şular goşulýar:

1) jogap berijileriň we üçünji taraplaryň sanyna laýyklykda hak isleýiş arzasynyň nusgalary;

2) döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama;

3) hak isleýjiniň wekiliniň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty ýa-da başga resminama;

4) hak isleýjiniň öz talaplaryny esaslandyrýan ýagdaýlaryny tassyklaýan resminamalar, jogap berijiler we üçünji taraplar üçin, eger olarda nusgalar bolmasa, bu resminamalaryň nusgalary;

5) kazyýet çykdajylaryny tölemegiň möhletini yza süýşürmek, tölegini möhletlere bölmek, kazyýet çykdajylaryny tölemekden boşatmak ýa-da olaryň möçberini azaltmak hakynda, hak islegini üpjün etmek, subutnamalary we beýlekileri talap etmek hakynda, eger olar hak isleýiş arzasynda beýan edilmedik bolsa, hak isleýjiniň haýyşnamalary.

 

151-nji madda. Hak isleýiş arzasyny kabul etmek

 

1. Kazy kazyýete hak isleýiş arzasynyň gelip gowşan gününden başlap üç günüň dowamynda ony kazyýetiň önümçiligine kabul etmek hakyndaky meselä seretmäge borçludyr. Arzanyň kazyýetiň önümçiligine kabul edilendigi hakynda kazy kesgitnama çykarýar, onuň esasynda birinji basgançakly kazyýetde raýat işi gozgalýar.

2. Hak isleýiş arzasyny kazyýetiň önümçiligine kabul etmek hakyndaky kesgitnama esaslandyrmany talap etmeýär. Ol taraplara gowşurylmaýar we şikaýat edilmäge degişli däldir.

 

152-nji madda. Hak isleýiş arzasyny gowşurmak we işiň kazyýet önümçiliginde bolmagy

 

1. Hak isleýiş arzasy kazyýetiň önümçiligine kabul edilenden soň jogap berijä hak isleýiş arzasynyň nusgasy gowşurylýar.

2. Hak isleýiş arzasyny gowşurmak işiň kazyýet önümçiliginde bolmagy üçin esas bolup durýar.

3. Kazyýet tarapyndan seredilýän wagtda berlen hak isleýiş talabynyň kazyýet önümçiliginde bolmagy talabyň bildirilen pursadyndan ýa-da şu Kodeksiň 149-njy maddasynyň talaplaryna laýyk gelýän ýazmaça arzanyň gowşurylan pursadyndan başlanýar.

4. Işiň kazyýet önümçiliginde bolmagy taraplary jedeliň närsesi bolup durýan zady aýrybaşgalamak ýa-da eger muňa özi hak islegini üpjün etmek arkaly ýol berilse, bildirilen talaby başga birine bermek hukuklaryny aradan aýyrmaýar.

 

153-nji madda. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek

 

1. Kazy şu aşakdaky ýagdaýda hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz dönderýär, eger:

1) hak isleýiş arzasy kazyýetlerde seredilmäge degişli bolmasa;

2) kazyýete ýüz tutan, gyzyklanýan şahs tarapyndan işi ilki kazyýetsiz çözmek barada işleriň bu topary üçin kanun tarapyndan bellenilen tertip berjaý edilmedik bolsa;

3) şol bir taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse ýa-da şol bir esaslar boýunça çykarylan kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi ýa-da hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegini kabul etmek we taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy bar bolsa;

4) şol bir taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça kazyýetiň önümçiliginde iş bolsa;

5) taraplaryň arasynda bu jedeli bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermek hakynda şertnama baglaşylan bolsa;

6) iş bu kazyýete degişli bolmasa;

7) hak isleýiş arzasy kämillik ukyby bolmadyk adam tarapyndan berlen bolsa;

8) gyzyklanýan adamyň adyndan hak isleýiş arzasy işi alyp barmaga ygtyýarlyklary bolmadyk adam tarapyndan berlen bolsa.

2. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kazy delillendirilen kesgitnama çykarýar, ol hak isleýiş arzasynyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap üç günüň içinde hak isleýiş arzasy we oňa goşulan ähli resminamalar bilen bilelikde arza berijä gowşurylmalydyr ýa-da iberilmelidir.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji, 6-njy, 7-nji we 8-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça hak isleýiş arzasyny kabul etmekden kazynyň ýüz döndermegi, eger ýol berlen bozulma düzedilse, şol bir iş boýunça hak isleýiş arzasy bilen kazyýete ikinji gezek ýüz tutulmagyna päsgel bermeýär.

4. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakyndaky kesgitnamada kazy, eger iş kazyýete degişli bolmasa, hak isleýjiniň haýsy edara ýüz tutmalydygyny ýa-da işi gozgamaga päsgel berýän ýagdaýlaryň nähili düzedilmelidigini görkezmäge borçludyr.

5. Hak isleýiş arzasyny kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kazynyň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda hususy teklipnama getirilip bilner.

 

154-nji madda. Hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak

 

1. Kazy hak isleýiş arzasynyň şu Kodeksiň 149-njy we 150-nji maddalarynda beýan edilen talaplary berjaý etmezden berlendigini anyklap, hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak hakynda kesgitnama çykarýar, bu hakda hak isleýjä habar berýär we kemçilikleri düzetmek üçin oňa möhlet berýär.

2. Eger hak isleýji kazynyň görkezmelerine laýyklykda we bellenilen möhletde şu Kodeksiň 149-njy we 150-nji maddalarynda sanalyp geçilen ähli talaplary ýerine ýetirse, hak isleýiş arzasy onuň kazyýete ilkibaşdaky gününde berlen diýlip hasap edilýär. Şeýle bolmadyk mahalynda hak isleýiş arzasy berilmedik diýlip hasap edilýär we hak isleýjä gaýtarylýar.

3. Eger hak isleýji we jogap beriji ýol berlen bozulmany düzetseler, hak isleýiş arzasynyň gaýtarylmagy hak isleýjiniň şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça hak islegi bilen şol bir jogap berijä kazyýete gaýtadan ýüz tutmagyna päsgel bermeýär.

4. Hak isleýiş arzasyny hereketsiz galdyrmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda hususy teklipnama getirilip bilner.

 

155-nji madda. Garşylyklaýyn hak islegini bildirmek

 

1. Jogap beriji hak isleýiş arzasynyň nusgasynyň özüne gowşurylan pursadyndan ilkibaşdaky hak islegi bilen bilelikde seretmek üçin garşylyklaýyn hak islegini hak isleýjä bildirmäge haklydyr.

2. Garşylyklaýyn hak islegini bildirmek hak islegi hakynda umumy kadalar boýunça geçirilýär.

3. Deslapky kazyýet mejlisi gutarandan soň garşylyklaýyn hak islegini bildirmäge diňe eger hak isleýjiniň razy bolan ýa-da kazyýet ony maksada laýyk diýip hasap eden mahalynda ýol berilýär.

4. Eger kazyýet hak islegi boýunça ygtyýarly bolsa, onda onuň ygtyýarlylygy garşylyklaýyn hak islegine hem degişlidir. Eger hak islegi diňe başga kazyýete degişli bolsa, onda bu kada ulanylmaýar.

 

156-njy madda. Garşylyklaýyn hak islegini kabul etmegiň şertleri

 

Kazy garşylyklaýyn hak islegini kabul edýär, eger:

1) garşylyklaýyn talap ilkibaşdaky talaby hasap etmek üçin gönükdirilen bolsa;

2) garşylyklaýyn hak islegini kanagatlandyrmak ilkibaşdaky hak isleginiň doly ýa-da bölekleýin kanagatlandyrylmagyny aradan aýyrýan bolsa;

3) garşylyklaýyn we ilkibaşdaky hak islegleriniň arasynda özara baglanyşyk bolsa we olaryň bilelikde seredilmegi jedelleriň has çalt we dogry seredilmegine getirýän bolsa.

 

14-nji bap. HAK ISLEGINI ÜPJÜN ETMEK

 

157-nji madda. Hak islegini üpjün etmek üçin esaslar

 

Kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça hak islegini üpjün etmek üçin çäreler görüp biler. Hak islegini üpjün etmäge, eger hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleriň görülmezligi kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini kynlaşdyryp biljek ýa-da muňa mümkinçilik bermejek bolsa, işe seretmegiň islendik tapgyrynda ýol berilýär.

 

158-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakynda arza

 

1. Hak isleýji bildirilen hak islegiň talaplaryny üpjün etmek boýunça çäreleri görmek hakynda işe seredýän kazyýete arza berip biler.

2. Arza kazyýete ýazmaça görnüşde berilýär. Onda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) hak isleýiş talabynyň esaslanýan işiň ýagdaýlarynyň gysgaça beýany;

2) hak isleýiş talabynyň üpjün etmek zerurlygynyň esaslanýan sebäpleriniň görkezilmegi;

3) hak isleýjiniň hak isleýiş talabynyň üpjün edilmegi üçin zerur diýip hasap edýän çäreleriniň bellenilmegi.

3. Hak isleýji özüniň hak isleýiş talabynyň esaslandyrylýan işiň beýan edilen ýagdaýlarynyň artykmaç ähtimal bolup durýandygyny tassyklamalydyr.

 

159-njy madda. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler

 

1. Aşakdakylar hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler bolup biler:

1) jogap berijä degişli we onda ýa-da beýleki adamlarda durýan emlägi, şol sanda pul serişdelerini gozgamasyz etmek;

2) jogap berijä belli bir herketleri amala aşyrmagy gadagan etmek;

3) emlägi gozgamasyz etmekden boşatmak (ony ýazgydan aýyrmak hakynda) hak isleg bildirilen mahalynda emlägiň ýerlenilmegini togtatmak;

4) bergidar tarapyndan kazyýet tertibinde jedelleşilýän ýerine ýetiriji resminama boýunça tutup almagy togtatmak.

2. Zerur halatlarda kazyýet şu Kodeksiň 157-nji maddasynda görkezilen maksatlara jogap berýän hak islegini üpjün etmek boýunça başga çäreleri görüp biler. Kazyýet tarapyndan hak islegini üpjün etmegiň birnäçe görnüşlerine ýol berlip bilner, ýöne olaryň umumy pul möçberi hak isleginiň bahasyndan ýokary geçip bilmez.

3. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen gadaganlygyň bozulandygy üçin günäkär adamlar Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler. Mundan başga-da, hak isleýji hak islegini üpjün etmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynyň ýerine ýetirilmezligi bilen ýetirilen ýitgileri bu adamlardan tutup almaga haklydyr.

4. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler hak isleýji tarapyndan bildirilen talaba deň ölçegde bolmalydyr.

 

160-njy madda. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleriň birini hak islegini üpjün etmek boýunça beýleki çäreler bilen çalşyrmak

 

1. Işe gatnaşýan adamyň arzasy boýunça şu Kodeksiň 161-nji maddasynda bellenilen tertipde hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleriň biriniň hak islegini üpjün etmek boýunça beýleki çäreler bilen çalşyrylmagyna ýol berilýär.

2. Pul möçberini tutup almak hakynda hak islegi üpjün edilende jogap beriji hak islegini üpjün etmek boýunça kazyýet tarapyndan görlen çäreleriň ýerine hak isleýji tarapyndan talap edilýän pul möçberini kazyýetiň depozit hasabyna geçirmäge haklydyr.

 

161-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arzanyň seredilmegi

 

Hak islegini üpjün etmek hakyndaky arza jogap berijä, işe gatnaşýan beýleki adamlara habar bermezden, onuň kazyýete gelip gowşan gününde seredilýär. Karar kazyýet mejlisini geçirmezden we jogap berijä arzanyň gowşurylmagyna çenli kabul edilip bilner. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleri görmek hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar.

 

162-nji madda. Hak islegini üpjün etmek hakynda kesgitnamany ýerine ýetirmek

 

Hak islegini üpjün etmek hakynda kesgitnama kazyýet kararlaryny ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde haýal etmän ýerine ýetirilýär.

 

163-nji madda. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak

 

1. Hak islegini üpjün etmek ýagdaýlar üýtgän mahalynda taraplaryň haýyşy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça şol kazyýet tarapyndan ýatyrylyp bilner. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar.

2. Hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen mahalynda hak islegini üpjün etmegiň kazyýet tarapyndan ýol berlen çäreleri şol bir wagtda çözgüt bilen ýa-da ol çykarylandan soň hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak hakynda kesgitnama çykarmak bilen ýatyrylýar. Aýratyn halatlarda çözgüdiň kanuny güýje girmegine çenli kazyýet tarapyndan hak islegini üpjün etmegiň ýol berlen çärelerini kazyýet saklap biler.

3. Hak islegi kanagatlandyrylanda ony üpjün etmek boýunça görlen çäreler kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegine çenli öz hereketini saklaýarlar.

 

164-nji madda. Hak islegini üpjün etmegiň meseleleri boýunça kesgitnamalara şikaýat etmek

 

1. Hak islegini üpjün etmegiň meseleleri boýunça ähli kesgitnamalara hususy şikaýat berlip bilner.

2. Eger hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnama hususy şikaýaty beren adama habar bermezden çykarylan bolsa, hususy şikaýaty bermek üçin möhlet bu kesgitnamanyň oňa mälim bolan gününden hasaplanylýar.

3. Hak islegini üpjün etmek hakyndaky kesgitnama hususy şikaýaty bermek bu kesgitnamanyň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

4. Hak islegini üpjün etmegi ýatyrmak hakynda ýa-da hak islegini üpjün etmegiň bir görnüşini beýlekä çalşyrmak hakynda kesgitnama hususy şikaýaty bermek bu kesgitnamanyň ýerine ýetirilmegini togtadýar.

 

165-nji madda. Hak islegini üpjün etmek bilen jogap berijä ýetirilen ýitgileriň öwezini dolmak

 

1. Hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler görlende hak isleýji jogap beriji üçin mümkin bolan ýitgileriň üpjün edilmegini bermelidir. Kazyýet üpjünçilik çäreleriniň ýerine ýetirilmegini hak isleýji tarapyndan girewiň goýulmagyna baglylykda goýup biler.

2. Jogap beriji hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen çözgüt kanuny güýje gireninden soň, hak isleýjiniň haýyşy boýunça ýol berlen, hak islegini üpjün etmek boýunça çäreler bilen özüne ýetirilen ýitgileriň öweziniň dolunmagyny hak isleýjiden talap etmäge haklydyr.

 

15-nji bap. TAÝÝARLYK ÖNÜMÇILIGI

 

166-njy madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň wezipeleri

 

1. Arza kabul edilenden we raýat işi gozgalandan soň kazy işi onuň öz wagtynda we dogry çözülmegini üpjün etmek maksady bilen kazyýet seljerişine taýýarlamagy alyp barýar.

2. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň wezipeleri şu aşakdakylardyr:

1) işi dogry çözmek üçin ähmiýeti bolan hakyky ýagdaýlary anyklamak;

2) iş çözülende goldanylmaly kanuny kesgitlemek we taraplaryň hukuk gatnaşyklaryny anyklamak;

3) taraplar, işe gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan zerur subutnamalaryň berilmegi;

4) taraplaryň ýaraşmagy.

 

167-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň möhletleri we tertibi

 

1. Raýat işlerini kazyýet seljerişine taýýarlamak esasy kazyýet mejlisiniň bellenilmegine çenli, ýöne eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, arzanyň kabul edilen gününden ýigrimi gün möhletden gijä galman geçirilmelidir.

2. Aýratyn halatlarda alimentleri tutup almak we ekläp-saklamak hakyndaky, saglyga şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi, şeýle hem ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakyndaky we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan talaplar boýunça işlerden başga aýratyn çylşyrymly işler boýunça bu möhlet kazynyň esaslandyrylan kesgitnamasy boýunça bir aýa çenli uzaldylyp bilner.

3. Işleri kazyýet seljerişine taýýarlamak her bir raýat işi boýunça hökmany bolup durýar we taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň, olaryň wekilleriniň gatnaşmagynda kazy tarapyndan geçirilýär.

 

168-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak hakyndaky kesgitnama

 

Arza kabul edilenden soň, kazy işi kazyýet seljerişine taýýarlamak hakynda kesgitnama çykarýar we taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň amala aşyrmaly hereketlerini we işe dogry we öz wagtynda seredilmegini we çözülmegini üpjün etmek üçin bu hereketleri amala aşyrmagyň möhletlerini görkezýär. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak hakyndaky kesgitnamanyň nusgasy taraplara gowşurylýar.

 

169-njy madda. Hak isleýiş arzasynyň we oňa goşulan resminamalaryň nusgalaryny jogap berijä ibermek ýa-da gowşurmak

 

1. Kazyýet hak isleýiş arzasynyň ýa-da hak isleýjiniň talaplaryny esaslandyrýan, oňa goşulan resminamalaryň nusgalaryny jogap berijä iberýär ýa-da gowşurýar we öz bellän möhletinde hak isleýiş arzasyna seslenmäni (närazylygy) we öz seslenmesini (närazylygyny) esaslandyrýan subutnamalary bermäge ony borçly edýär.

2. Jogap beriji tarapyndan seslenmäniň (närazylygyň) we subutnamalaryň berilmezligi işde bar bolan subutnamalar boýunça işe seredilmegine päsgel bermeýär.

 

170-nji madda. Hak isleýiş arzasyna seslenme (närazylyk)

 

1. Jogap beriji hak islegi babatda seslenmäni tassyklaýan resminamalary we seslenmäniň hem-de oňa goşulýan resminamalaryň nusgalarynyň hak isleýjä we işe gatnaşýan beýleki adamlara iberilenligini tassyklaýan resminamalary goşmak bilen kazyýete hak isleýiş arzasyna seslenmäni (närazylygy) berýär.

2. Seslenme (närazylyk) kazyýete, nusgalary bolsa kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli onuň bilen tanyşmak mümkinçiligini üpjün edýän, kazyýet tarapyndan bellenilen möhletde işe gatnaşýan adamlara berilýär.

3. Hak isleýiş arzasyna ýazmaça seslenmäni (närazylygy) işe gatnaşýan beýleki adamlar hem bermäge haklydyr.

4. Seslenmede (närazylykda) şu aşakdakylar görkezilýär:

1) hak isleýjiniň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri;

2) jogap berijiniň ady, onuň ýerleşýän ýeri; eger jogap beriji raýat bolsa - onuň ýaşaýan ýeri;

3) närazylyklary esaslandyrýan subutnamalara salgylanmak bilen bildirilen talaplaryň düýp manysy boýunça närazylyklar;

4) seslenmä (närazylyga) goşulýan resminamalaryň sanawy.

Seslenmede (närazylykda) işe dogry we öz wagtynda seretmek üçin zerur bolan telefonlaryň, fakslaryň belgileri, elektron poçtanyň salgylary we beýleki maglumatlar görkezilmelidir.

5. Seslenmä (närazylyga) jogap beriji ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär. Wekil tarapyndan gol çekilen seslenmä (närazylyga) ynanç haty ýa-da onuň ygtyýarlylygyny tassyklaýan beýleki resminama goşulýar.

 

171-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak boýunça kazynyň hereketleri

 

Işiň ýagdaýlaryny nazara almak bilen işi kazyýet seljerişine taýýarlamagyň tertibinde kazy şu aşakdaky hereketleri geçirýär:

1) hak isleýiş talaplaryny birleşdirmek ýa-da bölmek hakyndaky meseläni çözýär;

2) taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny baglaşmagy boýunça çäreleri görýär we taraplara jedeliň çözülmegi üçin bitaraplar kazyýetine olaryň ýüz tutmak hukugyny we şeýle hereketleriň netijelerini olara düşündirýär;

3) şaýatlary kazyýet mejlisine çagyrmak hakyndaky meseläni çözýär;

4) işe gatnaşýan adamlaryň pikirlerini nazara almak bilen bilermen seljermesini geçirmek hakyndaky meseläni çözýär we ony geçirmek üçin bilermen seljermesini we bilermeni belleýär, şeýle hem iş ýöredişe gatnaşmak üçin hünärmeni, terjimeçini çekmek hakyndaky meseläni çözýär;

5) taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň, olaryň wekilleriniň haýyşnamasy boýunça taraplaryň ýa-da olaryň wekilleriniň özbaşdak alyp bilmeýän subutnamalaryny guramalardan ýa-da raýatlardan talap edýär;

6) soňa goýup bolmajak halatlarda işe gatnaşýan adamlara habar bermek bilen ýazmaça we maddy subutnamalary ýerinde gözden geçirýär;

7) kazyýet tabşyryklaryny iberýär;

8) hak isleýjiniň arzasy boýunça hak islegini üpjün etmek boýunça çäreleri görýär;

9) şu Kodeksiň 173-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda deslapky kazyýet mejlisini geçirmek, onuň wagty we ýeri hakyndaky meseläni çözýär;

10) beýleki zerur iş ýörediş hereketlerini amala aşyrýar.

 

172-nji madda. Birnäçe hak isleýiş talaplaryny birleşdirmek we bölmek

 

1. Hak isleýji özara baglanyşykly birnäçe talaplary bir hak isleýiş arzasyna birikdirmäge haklydyr.

2. Hak isleýiş arzany kabul edýän kazy, eger talaplara aýratyn seretmek has maksadalaýyk diýip hasap edýän bolsa, birikdirilen talaplardan birini ýa-da birnäçesini aýratyn önümçilige bölmäge haklydyr.

3. Birnäçe hak isleýjiler tarapyndan ýa-da birnäçe jogap berijilere talaplar bildirilende hak isleýiş arzasyny kabul edýän kazy, eger talaplara aýratyn seredilmegini has maksadalaýyk diýip hasap edýän bolsa, bir ýa-da birnäçe talaplary aýratyn önümçilige bölmäge haklydyr.

4. Önümçiligiň bir görnüşine degişli hak isleýiş talaplarynyň birikdirilmegine ýol berilýär.

5. Kazy şol kazyýetiň önümçiliginde şol bir taraplaryň gatnaşýan birmeňzeş işleriniň birnäçesiniň bardygyny ýa-da bir hak isleýjiniň dürli jogap berijilere hak islegleri boýunça ýa-da dürli hak isleýjileriň şol bir jogap berijä hak islegleri boýunça birnäçe işleriň bardygyny anyklap, eger şeýle birleşdirmek maksadalaýyk diýip hasap edýän bolsa, onda bilelikde seretmek üçin bu işleri bir önümçilige birleşdirmäge haklydyr.

6. Hak isleýiş talaplary birleşdirilende olara seretmek üçin gysgaldylan we umumy möhletler bellenilen bolsa, umumy möhletler ulanylýar.

7. Birnäçe hak isleýiş talaplary birikdirilende bir hak isleýiş önümçiliginde olara bilelikde seretmek üçin şu Kodeksde göz öňünde tutulan işlere seretmegiň möhleti soňky hak isleýiş arzasynyň kazyýete gelip gowşan gününden hasaplanylýar.

 

1721-nji madda. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly iş ýöredişe gatnaşmak

 

1. Kazyýetlerde sanly wideoaragatnaşygy amala aşyrmak üçin tehniki mümkinçilikler bolan halatynda, taraplaryň haýyşnamasy ýa-da kazyýetiň başlangyjy boýunça işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri, şeýle hem şaýatlar, bilermenler, hünärmenler, terjimeçiler sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşyp bilerler.

Görkezilen adamlaryň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisine gatnaşmagy diňe kazyýetiň jaýynda geçirilmelidir.

2. Kazy kazyýet mejlisini sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Kesgitnamanyň nusgasy sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilmeli kazyýet mejlisini guramak üçin degişli kazyýete haýal etmän iberilýär.

3. Sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýän kazyýet mejlisi seredilýän iş önümçiliginde bolan kazyýet tarapyndan audio-wideo tehniki serişdeleriň kömegi bilen ýazgy edilýär we bu ýazgyny göteriji işe goşulýar.

4. Şu maddanyň kadalary nägilelik we gözegçilik basgançakly kazyýetde hem ulanylyp bilner.

Kodekse 1721-nji maddasy 2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda.

 

173-nji madda. Deslapky kazyýet mejlisi

 

1. Kazyýet, eger bu maksada laýyk bolsa, deslapky kazyýet mejlisini belläp biler.

2. Deslapky kazyýet mejlisi ýol bererlidir, hususan-da:

1) eger taraplar bilen aýdyňlaşdyrylmagy talap edilýän köp sanly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak zerur bolsa;

2) eger taraplaryň giňişleýin düşündirişlerini teswirnama girizmeli diýlip çak edilýän bolsa;

3) eger işleri mundan beýläk taýýarlamak üçin taraplara giňişleýin düşündirişler berilmeli bolsa.

3. Çakylygy gowşurmak bilen deslapky kazyýet mejlisiniň aralygyndaky möhlet azyndan ýedi günden ybaratdyr. Ol üç güne çenli gysgaldylyp bilner.

4. Deslapky kazyýet mejlisi şu Kodeksiň 16-njy babynyň degişli maddalaryna laýyklykda alnyp barylýar.

Kazy esasy kazyýet mejlisini taýýarlamak üçin zerur bolan ähli çäreleri görýär.

5. Şu Kodeksiň 254-nji, 255-nji, 259-njy, 261-nji maddalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolan mahalynda iş boýunça önümçilik deslapky kazyýet mejlisinde togtadylyp ýa-da bes edilip, arza bolsa seredilmän galdyrylyp bilner.

Iş boýunça önümçiligi togtatmak, bes etmek hakynda, arzany seretmän galdyrmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy çykarylýar. Kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

6. Kanunda göz öňünde tutulan öňünden dörän şertler bolan mahalynda, eger subutnamalar talap edilmeýän bolsa, kazy işe düýp manysy boýunça seredip we gaýybana çözgüt, hak islegini ykrar etmegiň esasynda çözgüt çykaryp biler.

7. Geçirilen deslapky kazyýet mejlisi hakynda şu Kodeksiň 268-nji we 269-njy maddalaryna laýyklykda teswirnama düzülýär.

 

174-nji madda. Işi kazyýet seljerişine bellemek

 

1. Iş taýýarlanan diýip hasap edenden soň, kazy esasy kazyýet mejlisiniň geçirilýän ýerini we wagtyny belleýär hem-de işi kazyýet mejlisinde seljermäge bellemek hakynda kesgitnama çykarýar.

2. Kazyýet taraplara, işe gatnaşýan beýleki adamlara işe serediljek wagty we ýeri hakynda habar berýär, iş ýöredişiň beýleki gatnaşyjylaryny çagyrýar.

 

16-njy bap. KAZYÝET SELJERIŞI

 

175-nji madda. Raýat işlerine seretmegiň we çözmegiň möhletleri

 

1. Raýat işlerine arzanyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap iki aýdan köp bolmadyk möhletde kazyýet tarapyndan seredilýär we çözülýär.

Alimentleri tutup almak hakyndaky, saglyga şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi, şeýle hem ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakyndaky we zähmet hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan talaplar boýunça işlere birinji basgançakly kazyýet tarapyndan arzanyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap bir aýdan gijä galman seredilýär we çözülýär.

2. Raýat işleriniň aýry-aýry toparlary üçin kanun tarapyndan başga möhletler bellenilip bilner.

3. Hak islegiň esaslary ýa-da närsesi üýtgedilende, hak isleýiş talaplarynyň möçberi artdyrylanda, şu Kodeksde göz öňünde tutulan işlere seretmegiň möhleti degişli iş ýörediş hereketiniň amala aşyrylan gününden başlanýar.

 

176-njy madda. Esasy kazyýet mejlisi

 

Raýat işini seljermek esasan işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda hökmany habar bermek bilen esasy kazyýet mejlisinde bolup geçýär.

 

177-nji madda. Esasy kazyýet mejlisinde başlyklyk ediji

 

1. Esasy kazyýet mejlisinde başlyklyk edijiniň borçlaryny kazy ýerine ýetirýär. Başlyklyk ediji seredilýän işe gatnaşygy bolmadyk ähli zatlary kazyýet seljerişinden aýryp, taraplaryň hukuklaryny we borçlaryny, işiň ähli ýagdaýlarynyň hemmetaraplaýyn, doly we dogry aýdyňlaşdyrylmagyny üpjün edip, kazyýet mejlisine ýolbaşçylyk edýär.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň haýsydyr biriniň başlyklyk edijiniň hereketleri babatda närazylyklary bolan mahalynda bu närazylyklar kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär. Başlyklyk ediji özüniň hereketleri babatda düşündirişler berýär.

3. Başlyklyk ediji kazyýet mejlisinde degişli tertibi üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görýär. Başlyklyk edijiniň buýruklary ähli iş ýöredişe gatnaşyjylar üçin, şeýle hem kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturan raýatlar üçin hökmanydyr.

 

178-nji madda. Kazyýet seljerişiniň gös-gönüligi we dildenligi

 

1. Birinji basgançakly kazyýet işe seredende iş boýunça subutnamalary gös-göni barlamaga: işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini, şaýatlaryň görkezmelerini, bilermenleriň netijenamasyny diňlemäge, ýazmaça subutnamalar bilen tanyşmaga, maddy subutnamalaryny gözden geçirmäge borçludyr.

2. Işi seljermek dilden geçirilýär. Işe seredilýän wagtynda kazy çalşyrylan mahalynda işi seljermek başdan başlap geçirilmelidir.

 

179-njy madda. Düşündirişleri bermek we kazyýet seljerişiniň öňe gitmegine ýardam etmek boýunça kazyýetiň borjy

 

1. Kazyýet taraplar bilen hakyky we hukuk tarapdan işiň ýagdaýyna we jedeliň ýagdaýlaryna seretmelidir. Ol gatnaşyjylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň kemsidilmezligini üpjün edýär. Kazyýet hukuk jedelini çözmek üçin ähmiýeti bolan möhüm faktlaryň ählisi babatda taraplaryň doly aýtmaklary, jedelleşilýän tassyklamalar boýunça subutnamalar getirmekleri, zerur bolan mahalynda goşmaça subutnamalary bermekleri we maksada laýyk haýyşnamalary bermekleri üçin ýardam etmelidir.

2. Kazyýet iş ýörediş tekliplerine degişli şübhelere üns bermelidir. Eger taraplaryň biriniň hukuk nukdaýnazaryndan möhüm garaýşyny elden giderendigi bilinse, kazyýet tarapa bu garaýyşy görkezmelidir we oňa aýtmaga mümkinçilik bermelidir.

 

180-nji madda. Taraplaryň özüniň gatnaşmagy

 

1. Eger munuň özi işiň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin maksadalaýyk diýlip hasap edilýän bolsa, kazyýet taraplaryň özüniň gatnaşmagy hakynda buýruk berýär. Eger tarapdan uzak aralygyň sebäpleri ýa-da başga esasly sebäp boýunça iş ýöredişe özüniň gatnaşmagyny talap etmäge mümkinçilik bolmasa, onda kazyýet öz buýrugyndan saklanýar.

2. Kazyýete özüniň barmagy hakynda buýruk bolan mahalynda, tarap hatda eger ol wekilini bellän hem bolsa kazyýete barmalydyr.

 

181-nji madda. Taraplaryň düşündirişler bermek we dogrusyny aýtmak borjy

 

Taraplar öz arzalaryny doly ýa-da dogruçyl tassyklamakda zerur bolan hakyky ýagdaýlary görkezmäge borçludyrlar. Olar garşydaş tarap tarapyndan tassyklanylýan faktlar babatda doly we dogruçyl düşündirişler bermelidirler.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

182-nji madda. Esasy kazyýet mejlisinde tertip

 

1. Kazy kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyna girende mejlisler otagynda oturanlaryň ählisi ör turýarlar. Kazyýetiň çözgüdiniň yglan edilmegini, şeýle hem çözgüdi kabul etmezden işi tamamlanýan kazyýetiň kesgitnamasynyň yglan edilmegini mejlisler otagynda oturanlaryň ählisi ör turup diňleýärler.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylar kaza ör turup ýüzlenýärler, öz görkezmelerini we düşündirişlerini berýärler. Bu düzgünden çykma diňe başlyklyk edijiniň rugsady bilen ýol berlip bilner.

3. Kazyýet seljerişi kazyýet mejlisinde degişli tertibi we iş ýöredişe gatnaşyjylaryň howpsuzlygyny üpjün edýän şertlerde geçýär.

4. Kazyýet mejlisinde degişli tertibe mejlisler otagynda oturan adamlaryň we kazyýet tarapyndan rugsat edilen surata düşürilmegi we wideoýazgynyň edilmegini, radio alyp eşitdirilmegi we telewideniýe boýunça görkezilmegi amala aşyrýan adamlaryň hereketleri päsgel bermeli däldir. Bu hereketler kazy tarapyndan mejlisler otagynda görkezilen ýerlerde we işe gatnaşýan adamlaryň pikirini nazara almak bilen amala aşyrylmalydyr, şeýle hem kazyýet tarapyndan wagtda çäklendirilip bilner.

5. Iş ýöredişe gatnaşyjylar we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturan ähli raýatlar kazyýet mejlisinde bellenilen tertibi berjaý etmäge borçludyrlar.

 

183-nji madda. Kazyýet mejlisinde tertibi bozujylar babatda ulanylýan çäreler

 

1. Iş seljerilýän wagtynda tertibi bozýan adama başlyklyk ediji kazyýetiň adyndan duýduryş berýär.

2. Tertip gaýtadan bozulanda işe gatnaşýan adamlar, wekiller, şaýatlar, bilermenler, hünärmenler, terjimeçiler kazyýetiň kesgitnamasy boýunça, iş seljerilende mejlisler otagynda oturan raýatlar bolsa – başlyklyk edijiniň buýrugy boýunça kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarylyp bilner.

3. Hak isleýjiniň, jogap berijiniň ýa-da olaryň wekilleriniň, şaýadyň we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturan beýleki raýatlaryň başlyklyk edijiniň buýrugyna boýun egmezlik görnüşinde kazyýete hormat goýmazlygy ýa-da kazyýet mejlisiniň dowamynda tertibiň bozulmagy, şonuň ýaly-da kazyýeti ýa-da kazyýetde bellenilen düzgünleri göz-görtele äsgermezlik edýändigine şaýatlyk edýän hereketleriň edilmegi üçin kazyýet günäkärleri Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçilige çekmäge haklydyr.

4. Taraplar ýa-da üçünji taraplar tarapyndan kazyýet mejlisinde tertip bozulan mahalynda kazyýet işe seljermegi gaýra goýýar ýa-da düzgün bozujylary kazyýet seljerişiniň bütin wagty ýa-da onuň bir bölegi üçin kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarýar. Soňky ýagdaýda başlyklyk ediji kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyna täzeden goýberilen adamy onuň bolmazlygynda amala aşyrylan iş ýörediş hereketleri bilen tanyşdyrýar.

 

184-nji madda. Kazyýet seljerişiniň çäkleri

 

Kazyýet diňe bildirilen hak isleýiş talabyň çäklerinde işe seredýär. Degişli ýagdaýlarda kazy hak isleýjä onuň goşmaça talaplary bildirmek hukugyny düşündirmäge borçludyr.

 

185-nji madda. Esasy kazyýet mejlisini açmak

 

Işi seljermek üçin bellenilen wagtda başlyklyk ediji esasy kazyýet mejlisini açýar we haýsy raýat işiniň seredilmäge degişlidigini yglan edýär.

 

186-njy madda. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň gelendigini barlamak

 

1. Kazyýet mejlisiniň kätibi bu iş boýunça çagyrylan adamlardan kimleriň gelendigini, gelmedik adamlara habar berlendigini we olaryň gelmezliginiň sebäpleri hakyndaky haýsy maglumatlaryň bardygyny kazyýete habar berýär.

2. Başlyklyk ediji gelen iş ýöredişe gatnaşyjylaryň şahsyýetini anyklaýar, wezipeli adamlaryň, olaryň wekilleriniň ygtyýarlyklaryny barlaýar.

 

187-nji madda. Terjimeçä onuň borçlaryny düşündirmek

 

1. Başlyklyk ediji kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dilini bilmeýän adamlaryň düşündirişlerini, görkezmelerini, arzalaryny  terjime etmek, bu adamlara bolsa - işe gatnaşýan adamlaryň, şaýatlaryň düşündirişleriniň, görkezmeleriniň, arzalarynyň, haýyşnamalarynyň we yglan edilýän resminamalaryň, audio ýazgylaryň, bilermenleriň netijenamalarynyň, hünärmenleriň maslahat bermeleriniň (düşündirişleriniň), şeýle hem başlyklyk edijiniň buýruklarynyň, kazyýetiň kesgitnamasynyň ýa-da çözgüdiniň mazmunyny terjime etmek borjuny terjimeçä düşündirýär.

2. Başlyklyk ediji görnetin nädogry terjime üçin jenaýat jogapkärçiligi hakynda terjimeçä duýdurýar we bu baradaky onuň dil haty kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna çatylýar.

 

188-nji madda. Şaýatlary kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarmak

 

Gelen şaýatlar olaryň sorag edilip başlanmagyna çenli kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarylýarlar. Başlyklyk ediji kazyýet tarapyndan sorag edilen şaýatlaryň sorag edilmedik şaýatlar bilen gepleşmezligi üçin çäreler görýär.

 

189-njy madda. Kazyýetiň düzümini yglan etmek we öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek we ynanmazlyk bildirmek hukuklaryny düşündirmek

 

1. Başlyklyk ediji kazyýetiň düzümini yglan edýär, kazyýet mejlisiniň kätibi, bilermen, hünärmen, terjimeçi hökmünde kimiň gatnaşýandygyny habar berýär we işe gatnaşýan adamlara olaryň öz-özüňe ynanmazlyk bildirmegi we ynanmazlyk bildirmegi mälim etmek hukugyny düşündirýär.

2. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek we ynanmazlyk bildirmek üçin esaslary, olary çözmegiň tertibi we şeýle arzalary kanagatlandyrmagyň netijeleri şu Kodeksiň 26–31-nji maddalary bilen kesgitlenilýär.

 

190-njy madda. Işe gatnaşýan adamlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek

 

Başlyklyk ediji işe gatnaşýan adamlara olaryň iş ýörediş hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, şeýle hem taraplara olaryň barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak ýa-da jedeli çözmek üçin bitaraplar kazyýetine ýüz tutmak hukugyny we şeýle hereketleriň netijelerini düşündirýär.

 

191-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň kazyýet tarapyndan çözülmegi

 

Işe gatnaşýan adamlaryň işi seljermek bilen baglanyşykly meseleler boýunça haýyşnamalary, beýleki işe gatnaşýan adamlaryň pikirleri diňlenilenden soň kazyýetiň kesgitnamalarynyň esasynda çözülýär.

 

192-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň kazyýet mejlisine gelmezliginiň netijeleri

 

1. Işe gatnaşýan adamlar gelmezliginiň sebäpleri hakynda kazyýete habar bermäge we bu sebäpleriň esaslydygynyň subutnamalaryny bermäge borçludyrlar.

2. Olara habar berlendigi hakynda maglumatlar bolmadyk işe gatnaşýan adamlaryň haýsydyr biriniň kazyýet mejlisine gelmedik mahalynda, kazyýet işi seljermegi gaýra goýýar.

Eger işe gatnaşýan adamlara kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berlen mahalynda, olaryň gelmezlikleriniň sebäpleri esasly diýlip hasap edilen mahalynda, kazyýet işi seljermegi gaýra goýýar.

3. Kazyýet işe gatnaşýan we kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berlen adamlaryň haýsydyr biri gelmedik mahalynda, eger olar tarapyndan gelmezligiň sebäpleri hakynda maglumatlar berilmedik bolsa ýa-da kazyýet olaryň gelmezlikleriniň sebäplerini esassyz diýip hasap edýän bolsa, işe seretmäge haklydyr.

4. Kazyýet, kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berlen jogap berijiniň bolmazlygynda, eger ol gelmezliginiň esasly sebäpleri hakynda kazyýete habar bermedik bolsa we işe özüniň bolmazlygynda seredilmegini haýyş etmedik bolsa, işe seretmäge haklydyr.

5. Öz garaýyşlaryny ýazmaça görnüşde beýan eden taraplar özleriniň bolmazlygynda işe seretmek we kazyýetiň çözgüdiniň nusgalaryny özlerine ibermek hakynda kazyýete haýyş etmäge haklydyrlar. Eger munuň özi işiň ýagdaýlary boýunça zerur bolsa, kazyýet kazyýet mejlisine taraplaryň gatnaşmagyny hökmany diýip hasap edip biler.

6. Kazyýet esasly sebäp boýunça taraplaryň wekiliniň gelmändigi sebäpli, olaryň haýyşnamasy boýunça işi seljermegi gaýra goýup biler.

 

193-nji madda. Şaýatlaryň, bilermenleriň, hünärmenleriň we terjimeçileriň kazyýet mejlisine gelmezliginiň netijeleri

 

1. Kazyýet şaýatlaryň, bilermenleriň, hünärmenleriň, terjimeçileriň bolmazlygynda işe seretmegiň mümkinçilikleri hakynda  işe gatnaşýan adamlaryň pikirini diňleýär, kazyýet seljerişini dowam etdirmek hakynda ýa-da ony gaýra goýmak hakynda kesgitnama çykarýar.

2. Eger çagyrylan şaýat kazyýet tarapyndan esassyz diýlip hasap edilen sebäpler boýunça kazyýet mejlisine gelmedik bolsa, ol Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksinde göz öňünde tutulan jogapkärçilige çekilýär.

 

194-nji madda. Işi seljermegi gaýra goýmak

 

1. Işi seljermegiň gaýra goýulmagyna şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda, şeýle hem eger iş ýöredişe gatnaşyjylardan haýsydyr biriniň gelmezliginiň, garşylyklaýyn hak isleginiň bildirilmeginiň, goşmaça subutnamalary bermek ýa-da talap etmek, işe beýleki adamlaryň gatnaşmagy, beýleki iş ýörediş hereketleriniň amala aşyrylmagy zerur bolmagynyň, tehniki serişdeleri, şol sanda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly kazyýet mejlisi geçirilende tehniki näsazlyklaryň ýüze çykmagynyň netijesinde, kazyýet bu kazyýet mejlisinde işe seretmek mümkin däl diýip hasap edýän mahalynda hem işiň seljerilmeginiň gaýra goýulmagyna ýol berilýär.

2. Işi seljermek gaýra goýlanda iş ýöredişe gatnaşyjylary çagyrmak ýa-da subutnamalar talap etmek üçin zerur bolan wagty nazara almak bilen täze kazyýet mejlisiniň senesi bellenilýär, bu hakda gelen adamlara gol çekdirilip habar berilýär. Gelmedik adamlara we iş ýöredişe gatnaşmak üçin täzeden çekilýän adamlara kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berilýär.

3. Işi seljermek ol gaýra goýlandan soň başdan başlanýar.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

195-nji madda. Işi seljermek gaýra goýlanda şaýatdan sorag etmek

 

Eger kazyýet mejlisine taraplar gatnaşýan bolsa, işiň seljerilişi gaýra goýlan mahalynda kazyýet gelen şaýatlary sorag etmäge haklydyr. Täze kazyýet mejlisine bu şaýatlaryň ikinji gezek çagyrylmagyna diňe zerur halatlarda ýol berilýär.

 

196-njy madda. Bilermene we hünärmene olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek

 

Başlyklyk ediji bilermene we hünärmene olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär, şeýle hem görnetin ýalan netijenamanyň berilmegi üçin bilermene jenaýat jogapkärçiligi hakynda duýdurýar, bu barada ondan dil haty alynýar, ol dil haty kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna goşulýar.

 

197-nji madda. Işe düýp manysy boýunça seredilip başlanylmagy

 

Işe düýp manysy boýunça seretmek başlyklyk edijiniň beýany bilen başlanýar. Soňra başlyklyk ediji şu Kodeksiň 179-njy maddasyna laýyklykda taraplar bilen hakyky we hukuk tarapdan işiň we jedeliň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşýar.

 

198-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişleri

 

1. Taraplar bilen hakyky we hukuk tarapdan işiň we jedeliň ýagdaýy ara alyp maslahatlaşylandan soň, kazyýet hak isleýjiniň we ol tarapdan gatnaşýan üçünji tarapyň, jogap berijiniň we ol tarapdan gatnaşýan üçünji tarapyň, şeýle hem işe gatnaşýan beýleki adamlaryň düşündirişlerini diňleýär. Beýleki adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutan prokuror, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň ygtyýarly adamlary ilkinji bolup düşündirişler berýärler. Işe gatnaşýan adamlar biri-birine soraglar bermäge haklydyrlar.

2. Işe gatnaşýan adamlaryň ýazmaça düşündirişleri, şeýle hem şu Kodeksiň 52-nji we 54-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet tarapyndan alnan düşündirişler başlyklyk ediji tarapyndan yglan edilýär.

3. Işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini diňläp, kazyýet hak isleýjiniň öz talaplaryny goldaýandygyny-goldamaýandygyny, hak isleýjiniň talaplaryny jogap berijiniň ykrar edýändigini-etmeýändigini we taraplaryň işi barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak bilen tamamlamagy ýa-da işi bitaraplar kazyýetiniň seretmegine bermek isleýändiklerini-islemeýändiklerini aýdyňlaşdyrýar.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

199-njy madda. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi, jogap beriji tarapyndan hak islegiň ykrar edilmegi we taraplaryň barlyşyk ylalaşygy

 

1. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermek hakyndaky arzasy, jogap beriji tarapyndan hak islegiň ykrar edilmegi ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygynyň şertleri, eger olar dilden mälim edilen bolsa, kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär we degişlilikde hak isleýji, jogap beriji ýa-da taraplar tarapyndan gol çekilýär. Eger hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi, jogap berijiniň hak islegini ykrar etmegi ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygy kazyýete berlen ýazmaça arzalarda beýan edilen bolsa, bu arzalar işe goşulýar, bu barada kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda görkezilýär.

2. Kazyýet hak isleýjä, jogap berijä ýa-da taraplara hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermeginiň, jogap berijiniň hak islegini ykrar etmeginiň ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygynyň tassyklanylmagynyň netijelerini düşündirýär.

3. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegini kabul etmek ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygynyň tassyklanylmagy hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar, kesgitnamada şol bir wagtda iş boýunça önümçiligi bes edýär. Kesgitnamada taraplaryň barlyşyk ylalaşygynyň kazyýet tarapyndan tassyklanylýan şertleri görkezilmelidir.

4. Eger kazyýet seljerişinde tarap özüne bildirilen hak isleýiş talabyny doly ýa-da bölekleýin ykrar edýän bolsa, onda kazyýet onuň ykrar etmegine laýyklykda çözgüt çykarýar.

5. Kazyýet tarapyndan hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi, jogap beriji tarapyndan hak islegiň ykrar edilmegi kabul edilmedik ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygy tassyklanylmadyk mahalynda kazyýet bu hakda kesgitnama çykarýar we işe düýp manysy boýunça seretmegini dowam etdirýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

200-nji madda. Subutnamalary barlamagyň tertibini bellemek

 

Kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň pikirlerini nazara almak bilen subutnamalary barlamagyň tertibini belleýär.

 

201-nji madda. Şaýatlardan sorag etmek

 

1. Her bir şaýat aýratynlykda sorag edilýär. Şaýat sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilip bilner. Şaýadyň sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly sorag edilmegi, işe düýp manysy boýunça seredýän kazyýet tarapyndan şu Kodeksde bellenilen umumy düzgünler boýunça we Kodeksiň 1721-nji maddasynda göz öňünde tutulan aýratynlyklary nazara almak bilen geçirilýär.

2. Sorag edilmedik şaýatlar işiň seljerilýän wagtynda kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda bolup bilmezler. Sorag edilen şaýat, eger kazyýet oňa gitmäge rugsat bermese, işi seljermegiň gutarmagyna çenli mejlisler otagynda galýar.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

202-nji madda. Görkezmeler bermekden boýun gaçyrylmagy ýa-da görnetin ýalan görkezmeleriň berilmegi üçin jogapkärçilik hakynda şaýada duýdurmak

 

1. Şaýat sorag edilmeginden ozal başlyklyk ediji şaýadyň şahsyýetini anyklaýar, oňa şaýadyň hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär hem-de görkezmeler bermekden boýun gaçyrylmagy üçin ýa-da görnetin ýalan görkezmeleriň berilmegi üçin jenaýat jogapkärçiligi hakynda duýdurýar, bu barada ondan dil haty alynýar, ol dil haty kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna goşulýar.

2. On alty ýaşyna ýetmedik şaýatlara başlyklyk ediji iş boýunça özüne ähli mälim bolanlary dogry aýtmak borjuny düşündirýär, ýöne olar görkezmeler bermekden boýun gaçyrylmagy üçin ýa-da görnetin ýalan görkezmeleriň berilmegi üçin jogapkärçilik hakynda duýdurylmaýar.

 

203-nji madda. Şaýady sorag etmegiň tertibi

 

1. Başlyklyk ediji şaýadyň işe gatnaşýan adamlara bolan gatnaşygyny anyklaýar we şaýada iş boýunça hut özüne mälim bolan ähli zatlary kazyýete habar bermegi teklip edýär.

2. Şundan soň şaýada soraglar berlip bilner. Ilkinji bolup arzasy boýunça şaýadyň çagyrylan adamy we onuň wekili, soňra bolsa işe gatnaşýan beýleki adamlar we wekiller, şeýle hem kazyýetiň rugsady bilen bilermen seljermesiniň närsesine degişli meseleler boýunça bilermen soraglar berýär.

3. Zerur mahalynda kazyýet şaýady şol ýa-da indiki kazyýet mejlisinde gaýtadan sorag edip biler, şeýle hem olaryň görkezmelerindäki çaprazlyklary aýdyňlaşdyrmak üçin şaýatlary gaýtadan sorag edip biler.

4. Başlyklyk ediji tarapyndan işe degişli bolmadyk soraglar aradan aýrylýar. Ugrukdyryjy soraglara ýol berilmeýär. Kazylar şaýada onuň sorag edilýän islendik pursadynda soraglar bermäge haklydyrlar.

 

204-nji madda. Şaýadyň ýazmaça bellikleri we resminamalary peýdalanmagy

 

1. Şaýat görkezmeler berende, haçan-da onuň görkezmeleri haýsydyr bir san ýa-da ýatda saklamak kyn bolan beýleki maglumatlar bilen baglanyşykly bolan halatlarynda, ýazmaça belliklerden peýdalanyp biler. Bu bellikler kazyýete we işe gatnaşýan adamlara görkezilýär hem-de kazyýetiň kesgitnamasy boýunça işe goşulyp bilner.

2. Şaýada özünde bar bolan, öz beren görkezmesine degişli resminamalary okamaga rugsat berilýär, bu resminamalar kazyýete we işe gatnaşýan adamlara görkezilýär we kazyýetiň kesgitnamasy boýunça işe goşulyp bilner.

 

205-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik şaýady sorag etmek

 

1. On dört ýaşa çenli ýaşdaky şaýatlar sorag edilende, kazyýetiň garamagy boýunça bolsa we on dörtden on alty ýaşyna çenli ýaşdaky şaýatlar sorag edilende mugallym çagyrylýar. Zerur mahalynda olaryň ata-eneleri, perzentlige alanlar, hossarlar ýa-da howandarlar hem çagyrylýar. Görkezilen adamlar başlyklyk edijiniň rugsady bilen şaýada soraglar berip, şeýle hem şaýadyň şahsyýeti we onuň beren görkezmeleriniň mazmuny babatda öz pikirini aýdyp bilerler.

2. Aýratyn ýagdaýlarda, haçan-da munuň özi hakykaty anyklamak üçin zerur bolanda, kämillik ýaşyna ýetmedik şaýat sorag edilýän wagtynda kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan kazyýetiň kesgitnamasy boýunça işe gatnaşýan ol ýa-da beýleki adam çykarylyp bilner. Bu adam mejlisler otagyna gaýdyp gelenden soň, oňa kämillik ýaşyna ýetmedik şaýadyň görkezmesi habar berilmelidir we şaýada soraglar bermek mümkinçiligi berilmelidir.

3. On alty ýaşyna ýetmedik şaýat özünden sorag etmek gutarandan soň, kazyýet mejlisiniň mejlisler otagyndan çykarylýar, haçan-da kazyýet bu şaýadyň mejlisler otagynda bolmagyny zerur diýip hasap edýän halatlary muňa degişli däldir.

 

206-njy madda. Şaýatlaryň görkezmelerini yglan etmek

 

Şaýatlaryň şu Kodeksiň 52-nji, 54-nji maddalarynda, 61-nji maddasynyň üçünji böleginde we 195-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde ýygnalan görkezmeleri kazyýet mejlisinde yglan edilýär, şondan soň işe gatnaşýan adamlar olar boýunça düşündirişler bermäge haklydyr.

 

207-nji madda. Ýazmaça subutnamalary barlamak

 

Ýazmaça subutnamalar we olary gözden geçirmegiň şu Kodeksiň 52-nji, 54-nji maddalarynda we 171-nji maddasynyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan tertipde düzülen teswirnamalary kazyýet mejlisinde yglan edilýär we işe gatnaşýan adamlara, wekillere, zerur halatlarda bolsa bilermenlere, hünärmenlere we şaýatlara hem görkezilýär. Şundan soň işe gatnaşýan adamlar öz düşündirişlerini berip bilerler.

 

208-nji madda. Raýatlaryň şahsy hatlaryny we telegraf habarlaryny yglan etmek

 

Hat alyşmalaryň we telegraf habarlaryň syryny goramak maksady bilen raýatlaryň şahsy hatlary we şahsy telegraf habarlary diňe bu hatlary alşan we telegraf habarlaryň aralarynda bolup geçen adamlarynyň razylygy bilen açyk kazyýet mejlisinde yglan edilip bilner. Bu adamlaryň razylygy bolmazdan olaryň hatlary we telegraf habarlary ýapyk kazyýet mejlisinde yglan edilýär we barlanylýar.

 

209-njy madda. Resminamanyň galplygy hakynda arza

 

1. Işde bar bolan resminamanyň galp bolup durýandygy hakynda aýdylanda, bu resminamany beren adam ony subutnamalaryň hataryndan aýyrmagy we beýleki subutnamalaryň esasynda işi çözmegi kazyýetden haýyş edip biler.

2. Resminamanyň galplygy hakynda arzany barlamak üçin kazyýet bilermen seljermesini belläp ýa-da beýleki subutnamalary talap edip biler.

3. Eger kazyýet resminamanyň galplygy hakynda netijä gelse, ol ony subutnamalaryň hataryndan aýyrýar.

4. Eger galp diýlip ykrar edilen subutnamany beren adamyň hereketlerinde jenaýat alamatlary bar bolsa, kazy jenaýat işini gozgamak hakyndaky meseläni çözmek üçin materiallary degişli anyklaýyş ýa-da deslapky derňew edarasyna, bu hakda prokurora habar bermek bilen iberýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

210-njy madda. Maddy subutnamalary barlamak

 

1. Maddy subutnamalar kazyýet tarapyndan seredilýär we işe gatnaşýan adamlara, wekillere, zerur halatlarda bolsa bilermenlere, hünärmenlere we şaýatlara hem görkezilýär. Özlerine maddy subutnamalar görkezilen adamlar gözden geçirmek bilen baglanyşykly ol ýa-da beýleki ýagdaýlara kazyýetiň ünsüni çekip bilerler. Bu arzalar kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär.

2. Maddy subutnamalary gözden geçirmegiň şu Kodeksiň 54-nji, 56-njy maddalarynda we 171-nji maddasynyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan tertipde düzülen teswirnamalary kazyýet mejlisinde yglan edilýär, şundan soň işe gatnaşýan adamlar düşündirişler berip bilerler.

 

211-nji madda. Ýerinde gözden geçirmek

 

1. Kazyýete getirilip görkezilip bilinmejek maddy subutnamalar we ýazmaça subutnamalar olaryň ýerleşýän ýerinde gözden geçirilýär we barlanylýar. Ýerinde gözden geçirişi geçirmek hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar.

2. Gözden geçirmegiň wagty we ýeri hakynda işe gatnaşýan adamlara we olaryň wekillerine habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi gözden geçirişe päsgel bermeýär. Zerur halatlarda bilermenler, hünärmenler we şaýatlar hem çagyrylýar.

3. Gözden geçirmegiň netijeleri kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär. Gözden geçirişde düzülen ýa-da barlanan meýilnamalar, shemalar, çyzgylar, hasaplamalar, resminamalaryň nusgalary, şeýle hem wideo ýazgylar, gözden geçiriş wagtynda edilen ýazmaça we maddy subutnamalaryň foto suratlary hem teswirnama goşulyp bilner.

 

212-nji madda. Audio ýa-da wideo ýazgylary diňlemek, görkezmek we ony barlamak

 

1. Şahsy häsiýetli maglumatlary özünde saklaýan audio ýa-da wideo ýazgylar diňlenilende, görkezilende, şeýle hem ol barlanan mahalynda şu Kodeksiň 208-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler ulanylýar.

2. Audio ýa-da wideo ýazgynyň diňlenilmegi, görkezilmegi mejlisler otagynda ýa-da subutnamalaryň çeşmelerini diňledýän, görkezýän alamatlaryny we diňlemegiň, görkezmegiň wagtyny kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda görkezmek bilen bu maksatlar üçin başga ýörite enjamlaşdyrylan jaýda amala aşyrylýar. Şundan soň kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini diňleýär. Audio ýa-da wideo ýazgynyň diňlenilmegi, görkezilmegi zerur bolanda doly ýa-da haýsydyr bir bölegi gaýtalanyp diňlenilip, görkezilip bilner.

3. Audio ýa-da wideo ýazgysynda bar bolan maglumatlary aýdyňlaşdyrmak maksady bilen, kazyýet tarapyndan hünärmen çekilip bilner. Zerur halatlarda kazyýet bilermen seljermesini belläp biler.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

213-nji madda. Bilermenleri sorag etmek

 

1. Bilermeniň netijenamasy kazyýet mejlisinde yglan edilýär. Netijenamany düşündirmek we üstüni ýetirmek maksady bilen bilermene soraglar berlip bilner.

2. Arzasy boýunça bilermen bellenilen adam we onuň wekili, soňra bolsa işe gatnaşýan beýleki adamlar we olaryň wekilleri ilkinji bolup soraglary berýärler. Kazyýet tarapyndan bellenen seljermäni geçirmek tabşyrylan bilermene ilkinji bolup hak isleýji we onuň wekili soraglary berýär. Kazylar bilermene onuň sorag edilýän islendik pursadynda soraglar bermäge haklydyrlar. Kazyýet bilermeni sorag etmekligi şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly geçirip biler.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

214-nji madda. Goşmaça we gaýtadan bilermen seljermesi

 

1. Bilermeniň netijenamasy ýeterlik düşnükli ýa-da doly bolmadyk mahalynda, kazyýet goşmaça bilermen seljermesini belläp biler.

2. Esassyzlygy sebäpli bilermeniň netijenamasy bilen ylalaşylmadyk mahalynda, şeýle hem birnäçe bilermenleriň netijenamalarynyň arasynda çaprazlyklar bolanda, kazyýet onuň geçirilmegini başga bilermene ýa-da beýleki bilermenlere tabşyryp, gaýtadan bilermen seljermesini belläp biler.

3. Goşmaça ýa-da gaýtadan bilermen seljermesini geçirmek şu Kodeksiň 73-78-nji maddalarynda bellenen düzgünler boýunça amala aşyrylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

215-nji madda. Hünärmeniň maslahaty (düşündirişleri)

 

1. Ýörite barlaglaryň geçirilmegini talap etmeýän halatlarda hünärmen kazyýete dilden ýa-da ýazmaça görnüşde maslahat (düşündirişler) berýär.

Hünärmeniň ýazmaça görnüşde beren maslahaty kazyýet mejlisiniň (degişli iş ýörediş hereketiniň) teswirnamasyna goşundy görnüşinde bellenilýär we kazyýet mejlisinde yglan edilýär. Dilden maslahat gös-göni kazyýet mejlisiniň (iş ýörediş hereketiniň) teswirnamasyna girizilýär.

2. Maslahaty düşündirmek we onuň üstüni ýetirmek maksady bilen hünärmene soraglar berlip bilner. Arzasy boýunça hünärmen çagyrylan adam we onuň wekili, soňra bolsa işe gatnaşýan beýleki adamlar we olaryň wekilleri ilkinji bolup soraglary berýär. Kazyýet tarapyndan çagyrylan hünärmene ilkinji bolup soraglary hak isleýji we onuň wekili berýär. Kazyýet hünärmene islendik pursatda soraglar bermäge haklydyr. Hünärmeniň maslahaty (düşündirişleri) şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly alnyp bilner.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

216-njy madda. Işe düýp manysy boýunça seretmegi tamamlamak

 

Ähli subutnamalar barlanylandan soň, başlyklyk ediji işe gatnaşýan adamlardan we olaryň wekillerinden olaryň işiň materiallarynyň üstüni haýsydyr bir zat bilen ýetirmek isleýändiklerini-islemeýändiklerini anyklaýar. Şeýle arzalar bolmadyk mahalynda başlyklyk ediji işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanan diýip yglan edýär we kazyýet kazyýet çykyp geplemelerine geçýär.

 

217-nji madda. Kazyýet çykyp geplemeleri

 

1. Kazyýet çykyp geplemeleri işe gatnaşýan adamlaryň we olaryň wekilleriniň sözleýän sözlerinden ybaratdyr.

2. Ilki bilen hak isleýji we onuň wekili, soňra bolsa jogap beriji we onuň wekili çykyş edýärler. Eýýäm başlanan iş ýöredişde jedeliň närsesi barada özbaşdak talaplary bildiren üçünji tarap we onuň wekili taraplardan soň çykyş edýärler. Jedeliň närsesi barada özbaşdak talaplary bildirmeýän üçünji tarap we onuň wekili üçünji tarapyň kimiň tarapynda işe gatnaşýan bolsa, hut şol hak isleýjiden we jogap berijiden soň çykyş edýärler.

3. Beýleki adamlaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutan prokuror, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň ygtyýarly adamlary kazyýet çykyp geplemelerinde ilkinji bolup çykyş edýärler.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

218-nji madda. Replikalar

 

Ähli işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri söz sözlänlerinden soň, olar aýdylan zatlar bilen baglanyşykly replikalar bilen çykyş edip bilerler. Soňky replika hukugy hemişe jogap berijä, onuň wekiline degişlidir.

 

219-njy madda. Işe düýp manysy boýunça seretmegi dikeltmek

 

1. Kazyýet çykyp geplemelerine gatnaşyjylaryň öz çykyşlarynda kazyýet tarapyndan anyklanylmadyk ýagdaýlara, şeýle hem kazyýet mejlisinde barlanylmadyk subutnamalara salgylanmaga haky ýokdur.

2. Eger kazyýet çykyp geplemeler wagtynda iş üçin ähmiýeti bolan täze ýagdaýlaryň anyklanylmagyny ýa-da täze subutnamalaryň barlanylmagyny zerur diýip hasap edýän bolsa, ol işe düýp manysy boýunça seretmegi dikeltmek hakynda kesgitnama çykarýar. Işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanandan soň, kazyýet çykyp geplemeleri umumy tertipde bolup geçýär.

 

220-nji madda. Kazyýetiň çözgüt çykarmak üçin gitmegi

 

Kazyýet çykyp geplemelerinden soň kazyýet çözgüt çykarmak üçin maslahat otagyna gidýär, bu hakda başlyklyk ediji kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda oturanlara yglan edýär.

 

221-nji madda. Kazyýet çözgüdini yglan etmek

 

1. Çözgüt çykarylandan we gol çekilenden soň kazyýet mejlisler otagyna gaýdyp gelýär, bu ýerde başlyklyk ediji kazyýetiň çözgüdini yglan edýär. Soňra başlyklyk ediji kazyýetiň çözgüdiniň mazmunyny, oňa şikaýat etmegiň tertibini we möhletini düşündirýär.

2. Şundan soň başlyklyk ediji işe gatnaşýan adamlaryň, olaryň wekilleriniň kazyýetiň çözgüdi bilen haçan tanşyp biljekdiklerini we onuň nusgalaryny alyp biljekdiklerini düşündirmäge borçludyr.

3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan hereketler amala aşyrylandan soň, başlyklyk ediji kazyýet mejlisini ýapyk diýip yglan edýär.

 

17-nji bap. TARAPLARYŇ GELMEZLIGI (GAÝYBANA KAZYÝET KARARY)

 

222-nji madda. Hak isleýjiniň gelmezligi

 

Eger hak isleýji esasly sebäpler bolmazdan deslapky we (ýa-da) esasy kazyýet mejlisine gelmese, onda gaýybana kazyýet karary (kesgitnamasy) bilen hak islegi seredilmän galdyrylýar.

 

223-nji madda. Jogap berijiniň gelmezligi

 

1. Eger jogap beriji esasly sebäpler bolmazdan esasy kazyýet mejlisine gelmese, onda hak isleýjiniň işiň hakyky ýagdaýlary hakyndaky delilleri ykrar edilen diýlip hasap edilýär.

2. Eger hak isleýjiniň delilleri hak isleýiş talabyny ödeýän bolsa, onda hak isleýjiniň arzasy boýunça hak islegi gaýybana kazyýet karary (çözgüdi) bilen kanagatlandyrylýar. Şeýle bolmadyk mahalynda hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilýär.

 

224-nji madda. Taraplaryň gelmezligi

 

Esasly sebäpler bolmazdan hak isleýji we jogap beriji kazyýet mejlisine gelmedik mahalynda gaýybana kazyýet karary (kesgitnamasy) bilen hak islegi seredilmän galdyrylýar.

 

225-nji madda. Kazyýet mejlisinde bolanlaryň kazyýet mejlisine gatnaşmazlygy

 

Kazyýet mejlisine gelen, ýöne iş boýunça arz etmedik tarap, gelmedik hasap edilýär.

 

226-njy madda. Gaýybana kazyýet kararynyň ýol berilmesizligi

 

1. Gaýybana kazyýet kararynyň çykarylmagy ýol berilmesizdir:

1) eger gelmedik tarap degişli tertipde, hususan-da öz wagtynda çagyrylmadyk bolsa;

2) eger gelmedik tarap ýeterlik esasly sebäp boýunça gelmedik bolsa ýa-da eger gelmezligiň sebäbi tebigy ýagdaýlar ýa-da beýleki öňüni alyp bolmajak halatlaryň bolanlygy aýdyň bolsa;

3) eger gelmedik tarapa hukuk taýdan ähmiýetli hakyky tassyknamalar öz wagtynda habar berilmedik bolsa.

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda işe seretmek şu Kodeksiň 194-nji maddasyna laýyklykda başga wagta geçirilýär.

 

227-nji madda. Gaýybana kazyýet kararyna şikaýat

 

1. Özi barada gaýybana kazyýet karary çykarylan tarap gaýybana kazyýet kararyna şikaýat berip biler.

2. Şikaýat gaýybana kazyýet kararyny çykaran kazyýete ýazmaça görnüşde berilýär.

3. Şikaýatda şular bolmalydyr:

1) jedelleşilýän kararyň takyk ady;

2) şikaýaty beren tarapyň haýyşy.

4. Şikaýat on günüň dowamynda berlip bilner. Şikaýaty bermegiň möhleti tarapa kazyýet kararynyň gowşurylan pursadyndan, ýöne onuň çykarylan gününden başlap üç aýdan gijä galman başlanýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

228-nji madda. Şikaýaty barlamak

 

1. Kazyýet öz başlangyjy boýunça şikaýatyň ýol bererliligini, ýagny onuň kanunyň talaplarynyň berjaý edilip berlendigini barlamaga borçludyr. Eger ýol bererliligiň haýsydyr bir deslapky şerti bolmasa, onda şikaýat kabul edilmeýär.

2. Bu meseläniň çözgüdi kesgitnama çykarmak arkaly kazyýet mejlisini geçirmezden kabul edilip bilner. Gaýybana kazyýet kararyna şikaýaty kabul etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna nägilelik tertibinde hususy şikaýat berlip bilner.

 

229-njy madda. Şikaýatyň ýol bererliliginiň netijeleri

 

1. Eger şikaýat ýol bererli bolsa we kazyýet şikaýaty esasly diýip hasap edýän bolsa, ol şikaýaty kanagatlandyrmak we işe düýp manysy boýunça seretmegi dikeltmek hakynda kesgitnama çykarýar.

Kazyýet şikaýat boýunça we işiň düýp manysy boýunça kazyýet seljerişini geçirmegiň ýerini we wagtyny belleýär we bu hakda taraplara habar berilmelidir.

2. Kazyýet gaýybana kazyýet kararynyň haýal etmän ýerine ýetirilmegini wagtlaýyn togtadyp we eýýäm kabul edilen ýerine ýetiriş çärelerini ýatyryp biler. Kazyýet ýerine ýetirmegiň togtadylmagyny we ýerine ýetiriş çäreleriniň ýatyrylmagyny, şeýle hem ýerine ýetirmegiň dikeldilmegini girewiň geçirilmegine baglylykda goýup biler. Kazyýet karary kazyýetiň mejlisini geçirmezden kabul edilip bilner.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

230-njy madda. Meseläniň täze çözgüdi

 

1. Eger kazyýetiň täze mejlisiniň netijesinde kabul edilmeli kazyýet karary (çözgüdi) gaýybana kazyýet karary (çözgüdi) bilen gabat gelse, onda ol täze kazyýet karary (çözgüdi) bilen güýjünde goýulýar. Şeýle bolmadyk mahalynda gaýybana kazyýet karary (çözgüdi) täze kazyýet kararynda (çözgüdinde) sökülýär.

2. Gelmezligiň netijesinde ýüze çykan çykdajylar, hatda eger ol şikaýatyň netijesinde doly ýa-da bölekleýin kazyýet iş ýöredişini utan hem bolsa, gelmedik tarapyň üstüne ýüklenilýär.

 

231-nji madda. Ikinji gaýybana kazyýet karary

 

1. Şikaýaty beren, ýöne bellenilen kazyýet mejlisine gelmedik ýa-da jedeliň esasy närsesi boýunça arz etmeýän tarap, onuň şikaýaty ret edilýän gaýybana kazyýet kararyna nägilelik basgançakly kazyýete hususy şikaýaty bermäge hukugy ýokdur.

2. Ikinji gaýybana kazyýet kararyna şikaýat etmek diňe şu Kodeksiň 344-nji maddasynda göz öňünde tutulan deslapky şertler bolan mahalynda ýol bererlidir.

 

18-nji bap. KAZYÝETIŇ ÇÖZGÜDI

 

232-nji madda. Kazyýetiň çözgüdini çykarmak

 

1. Işiň düýp manysy boýunça çözülýän birinji basgançakly kazyýetiň karary Türkmenistanyň adyndan kabul edilýär we çözgüt görnüşinde çykarylýar.

2. Kazyýetiň çözgüdi maslahat otagynda çykarylýar. Beýleki adamlaryň  maslahat otagynda bolmagyna ýol berilmeýär.

 

233-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň kanunylygy we esaslylygy

 

1. Kazyýetiň çözgüdi kanuny we esasly bolmalydyr.

2. Kazyýet çözgüdi diňe kazyýet mejlisinde barlanylan subutnamalara esaslandyrýar.

 

234-nji madda. Kazyýetiň çözgüdi çykarylanda çözülýän meseleler

 

1. Çözgüt çykarylanda kazyýet subutnamalara baha berýär, iş üçin ähmiýeti bolan haýsy ýagdaýlaryň anyklanandygyny we haýsylarynyň anyklanylmandygyny, bu iş boýunça haýsy kanunyň ulanylmalydygyny we hak isleginiň kanagatlandyrylmaga-kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilmäge degişlidigini kesgitleýär.

2. Kazyýet hak isleýji tarapyndan bildirilen talaplaryň çäklerinde işi çözýär. Ýöne hak isleýjiniň razylygy bilen kazyýet, eger bu onuň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanun bilen goralýan bähbitleriniň goralmagy üçin zerur diýip hasap edýän bolsa, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda onuň bildiren talaplarynyň çäklerinden daşyna çykyp biler.

3. Kazyýet iş üçin ähmiýeti bolan täze ýagdaýlaryň anyklanylmagyny ýa-da täze subutnamalaryň barlanylmagyny zerur diýip hasap edip, işe düýp manysy boýunça seretmegi dikeltmek hakynda kesgitnama çykarýar. Işe düýp manysy boýunça seretmek tamamlanandan soň, kazyýet çykyp geplemeleri täzeden diňleýär.

 

235-nji madda. Kazyýetiň esaslandyrylan çözgüdini düzmek

 

Kazyýetiň çözgüdi iş seljerilenden soň haýal etmän kabul edilýär. Kazyýetiň esaslandyrylan çözgüdini düzmek işiň seljerilmeginiň tamamlanan gününden başlap üç günden köp bolmadyk möhlete gaýra goýlup bilner, ýöne çözgüdiň karara geliş bölegini kazyýet işiň seljerişiniň tamamlanan kazyýet mejlisinde yglan etmelidir. Kazyýetiň çözgüdiniň yglan edilen karara gelinýän bölegine kazy tarapyndan gol çekilmelidir we işe goşulmalydyr.

 

236-njy madda. Kazyýetiň çözgüdini beýan etmek

 

1. Kazyýetiň çözgüdi kazy tarapyndan ýazmaça görnüşde beýan edilýär.

2. Kazyýetiň çözgüdine kazy tarapyndan gol çekilýär. Kazyýetiň çözgüdine girizilen düzedişler kazynyň goly bilen tassyklanylmalydyr.

 

237-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň mazmuny

 

1. Çözgüt giriş, beýan ediş, delillendiriş we karara geliş böleklerinden ybaratdyr.

2. Çözgüdiň giriş böleginde çözgüdiň çykarylan wagty we ýeri, çözgüdi çykaran kazyýetiň ady, kazy, kazyýet mejlisiniň kätibi, taraplar, işe gatnaşýan beýleki adamlar we olaryň wekilleri, şeýle hem jedeliň närsesi ýa-da bildirilen talap görkezilýär.

3. Çözgüdiň beýan ediş böleginde hak isleýjiniň talabyna, jogap berijiniň närazylygyna we işe gatnaşýan beýleki adamlaryň düşündirişlerine bolan görkezme bolmalydyr.

4. Çözgüdiň delillendiriş böleginde şular görkezilmelidir:

1) işiň kazyýet tarapyndan anyklanylan ýagdaýlary;

2) işiň ýagdaýlary hakynda kazyýetiň netijeleri esaslandyrylan subutnamalar;

3) kazyýetiň ol ýa-da beýleki subutnamalary ret edýän delilleri;

4) kazyýetiň gollanan kanunlary.

Jogap beriji tarapyndan hak islegi ykrar edilen mahalynda, kazyýetiň çözgüdiniň delillendiriş böleginde diňe hak islegiň ykrar edilmegi we onuň kazyýet tarapyndan kabul edilmegi görkezilip bilner.

Hak isleg wagtynyň möhletini we kazyýete ýüz tutmak möhletini geçirmegiň sebäpleriniň esassyzlygyny ykrar etmek bilen baglanyşykly hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz dönderilen mahalynda kazyýetiň çözgüdiniň delillendiriş böleginde diňe bu ýagdaýlaryň kazyýet tarapyndan anyklanylmagy görkezilýär.

5. Gaýybana çözgüt çykarylanda beýan ediş we delillendiriş bölekleriniň zerurlygy ýokdur. Çözgüt gaýybana hökmünde bellenilýär.

6. Çözgüdiň karara geliş böleginde hak islegini kanagatlandyrmak hakynda ýa-da hak islegini kanagatlandyrmakdan doly ýa-da bölekleýin ýüz döndermek hakynda kazyýetiň netijesi, kazyýet çykdajylaryny paýlamaga görkezme, çözgüde şikaýat etmegiň möhletine we tertibine bolan görkezme bolmalydyr.

Nikany bozmak hakyndaky işler boýunça çözgüdiň karara geliş böleginde nikanyň bozulmagy hasaba alnanda är-aýalyň biri ýa-da ikisi tarapyndan tölenilmäge degişli pul möçberi kesgitlenilmelidir.

 

238-nji madda. Kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek, kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek

 

Haçan-da kazyýet çözgüdi ýerine ýetirmegiň belli bir tertibini we möhletini belleýän bolsa ýa-da haçan-da çözgüt haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli bolsa ýa-da haçan-da kazyýet çözgüdiň haýal etmän ýerine ýetirilmegine ýol berýän bolsa, şeýle hem haçan-da kazyýet onuň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin çäreler görýän bolsa, bu hakda çözgüdiň karara geliş böleginde görkezilýär.

 

239-njy madda. Pul möçberlerini tutup almak hakynda kazyýetiň çözgüdi

 

Kazyýet pul möçberlerini tutup almak hakynda çözgüt çykaryp, çözgüdiň karara geliş böleginde tutulyp alynýan pul möçberini we puluň görnüşini sanlar hem-de söz bilen görkezýär.

 

240-njy madda. Emlägi ýa-da onuň gymmatyny bermek hakynda kazyýetiň çözgüdi

 

Emläk bolşy ýaly görnüşde alynmaly edilende kazyýet emlägiň gymmatyny çözgütde görkezýär, eger çözgüt ýerine ýetirilende alynmaly edilen emläk hakykat ýüzünde bolmasa, ol jogap berijiden tutulyp alynmalydyr.

 

241-nji madda. Jogap berijini belli bir hereketleri amala aşyrmaga borçly edýän kazyýetiň çözgüdi

 

1. Emlägi ýa-da pul serişdelerini bermek bilen baglanyşykly bolmadyk belli bir hereketleri amala aşyrmaga jogap berijini borçly edýän çözgüt çykarylanda, kazyýet şol çözgüdinde, eger jogap beriji bellenilen möhletiň içinde çözgüdi ýerine ýetirmese, onda hak isleýjiniň jogap berijiden zerur çykdajylary soňra tutup almak bilen onuň hasabyna bu hereketleri geçirmäge haklydygyny görkezip biler.

2. Eger görkezilen hereketler diňe jogap beriji tarapyndan amala aşyrylyp bilinýän bolsa, kazyýet çözgüdiň ýerine ýetirilmeli möhletini şol çözgütde belleýär.

 

242-nji madda. Birnäçe hak isleýjileriň peýdasyna ýa-da birnäçe jogap berijileriň garşysyna kazyýetiň çözgüdi

 

1. Birnäçe hak isleýjileriň peýdasyna çözgüt çykaranda kazyýet onuň nähili paýda olaryň her birine degişlidigini görkezýär ýa-da tutup almak hukugynyň raýdaş bolup durýandygyny görkezýär.

2. Birnäçe jogap berijileriň garşysyna çözgüt çykaranda kazyýet jogap berijileriň her biriniň haýsy paýda çözgüdi ýerine ýetirmelidigini görkezýär ýa-da olaryň jogapkärçiliginiň raýdaş bolup durýandygyny görkezýär.

 

243-nji madda. Kazyýetiň çözgüdinde ýalňyşlary we göz-görtele arifmetiki ýalňyşlyklary düzetmek

 

1. Iş boýunça çözgüt yglan edilenden soň çözgüt çykaran kazyýetiň özüniň ony sökmäge ýa-da üýtgetmäge haky ýokdur.

2. Kazyýet öz başlangyjy boýunça ýa-da işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça çözgütde goýberilen ýalňyşlary ýa-da göz-görtele arifmetiki ýalňyşlyklary düzedip biler. Düzedişler girizmek hakyndaky mesele kazyýet mejlisinde çözülýär. Işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi düzedişleri girizmek hakyndaky meselä seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Çözgüde düzedişler girizmegiň meseleleri boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner ýa-da hususy teklipnama getirilip bilner.

 

244-nji madda. Kazyýetiň goşmaça çözgüdi

 

1. Iş boýunça çözgüt çykaran kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça şu aşakdaky halatlarda goşmaça çözgüt çykaryp biler:

1) eger işe gatnaşýan adamlar tarapyndan subutnamalar berlen we düşündirişler berlen hak isleýiş talaplaryndan haýsy-da bolsa biri boýunça çözgüt çykarylmadyk bolsa;

2) eger kazyýet hukuk hakyndaky meseläni çözüp, alnyp berlen pul möçberiniň, berilmäge degişli emlägiň möçberini ýa-da jogap berijiniň amala aşyrmaga borçly bolan hereketini görkezmedik bolsa;

3) eger kazyýet tarapyndan kazyýet çykdajylary hakyndaky mesele çözülmedik bolsa.

2. Goşmaça çözgüt çykarmak hakyndaky mesele çözgüdiň çykarylan gününden başlap on günüň dowamynda gozgalyp bilner. Goşmaça çözgüt çykarmak hakyndaky meselä seretmek barada kazyýet işe gatnaşýan adamlara habar berýär.

3. Kazyýetiň goşmaça çözgüt çykarmakdan ýüz döndermek hakyndaky kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

245-nji madda. Kazyýetiň çözgüdini düşündirmek

 

1. Çözgüt aýdyň bolmadyk mahalynda işe sereden kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça çözgüdiň mazmunyny üýtgetmezden ony düşündirmäge haklydyr. Eger çözgüt heniz ýerine ýetirilmedik bolsa we çözgüdiň mejbury ýerine ýetirilip bilinjek möhleti gutarmadyk bolsa, onuň düşündirilmegine ýol berilýär.

2. Çözgüdi düşündirmek hakyndaky mesele kazyýet mejlisinde çözülýär. Işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda, ýöne olaryň gelmezligi çözgüdi düşündirmek hakyndaky meselä seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Çözgüdi düşündirmek hakyndaky mesele boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

246-njy madda. Çözgüdi ýerine ýetirmegiň möhletini yza süýşürmek we möhletlere bölmek, kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmek

 

1. Işe sereden kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça taraplaryň emläk ýagdaýyndan ýa-da beýleki ýagdaýlardan ugur alyp çözgüdi ýerine ýetirmegiň möhletini yza süýşürmäge we möhletlere bölmäge, şeýle hem ony ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmäge haklydyr.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen arzalara kazyýet mejlisinde seredilýär. Işe gatnaşýan adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi kazyýetiň öňünde goýlan meselä seretmek we çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Çözgüdi ýerine ýetirmegiň möhletini yza süýşürmek we möhletlere bölmek hakynda, şeýle hem ony ýerine ýetirmegiň usulyny we tertibini üýtgetmek hakynda mesele boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

247-nji madda. Berlen pul möçberleriniň indeksasiýasy

 

1. Algydaryň ýa-da bergidaryň arzasy boýunça işe sereden kazyýet kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilýän gününde kazyýet tarapyndan tutulyp alnan pul möçberleriniň indeksasiýasyny geçirip biler.

2. Arza kazyýet mejlisinde seredilýär. Işe gatnaşýan adamlara kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi berlen pul möçberleriniň indeksasiýasy hakyndaky meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Berlen pul möçberleriniň indeksasiýasy hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

248-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýje girmegi

 

1. Kazyýetiň çözgüdi, eger oňa şikaýat edilmese ýa-da teklipnama getirilmese, nägilelik şikaýat we nägilelik teklipnamasyny getirilmek üçin möhlet gutarandan soň kanuny güýje girýär. Nägilelik şikaýat ýa-da nägilelik teklipnamasy berlen mahalynda çözgüt, eger ol sökülmese, ýokarda durýan kazyýet tarapyndan işe seredilenden soň kanuny güýje girýär, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň birinji basgançakly kazyýet hökmünde çykaran çözgüdi we kesgitnamasy, eger ol Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan işe seredilende sökülmese, kanuny güýje girýär.

2. Kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje gireninden soň taraplar we işe gatnaşan beýleki adamlar, şeýle hem olaryň hukuk oruntutarlary kazyýete şol bir hak isleýiş talaplaryny, şol bir esasda täzeden bildirip, şeýle hem kazyýet tarapyndan anyklanylan faktlary we hukuk gatnaşyklaryny başga iş ýöredişde jedelleşip bilmezler.

3. Eger jogap berijiden döwürleýin tölegler alnyp berlen çözgüt kanun güýje gireninden soň, tölegleriň möçberiniň kesgitlenmegine ýa-da olaryň dowamlylygyna täsir edýän ýagdaýlar üýtgeýän bolsa, her bir tarap täze hak islegini bildirmek arkaly tölegleriň möçberiniň we möhletleriniň üýtgedilmegini talap etmäge haklydyr.

 

249-njy madda. Kazyýetiň çözgüdini ýerine ýetirmek

 

1. Kazyýetiň çözgüdi, haçan-da ol haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli bolan halatlardan başga halatlarda, kanuny güýje gireninden soň ýerine ýetirilýär.

2. Raýat işleri boýunça kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýerine ýetirilýär.

 

250-nji madda. Kazyýetiň haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişli çözgütleri

 

Şu aşakdaky kazyýetiň çözgütleri haýal etmän ýerine ýetirilmäge degişilidir:

1) alimentleri tutup almak hakynda;

2) işgäre iş hakyny tölemek hakynda, ýöne bir aýyňkydan köp bolmaly däldir;

3) işe dikeltmek hakynda;

4) şikes ýetirilmegi ýa-da saglygyna başga zeper ýetirilmegi, şeýle hem ekleýjisiniň ýitirilmegi sebäpli ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakynda, ýöne bir aýyňkydan köp bolmaly däldir.

 

251-nji madda. Kazyýetiň çözgüdi haýal etmän ýerine ýetirmäge ýol bermek hukugy

 

1. Eger aýratyn ýagdaýlaryň netijesinde çözgüdi ýerine ýetirmegiň bökdelmegi algydar üçin ep-ýesli zyýan getirip biljek bolsa ýa-da çözgüdi ýerine ýetirmek mümkin bolmasa, kazyýet hak isleýjiniň haýyşy boýunça çözgüdiň doly ýa-da bir böleginiň haýal etmän ýerine ýetirilmegine ýol berip biler. Çözgüdiň haýal etmän ýerine ýetirilmegine ýol berlende, kazyýet hak isleýjiden kazyýetiň çözgüdiniň sökülen halaty üçin ony ýerine ýetirmegi yzyna öwürmegi üpjün etmegi talap edip biler. Kazyýetiň çözgüdini haýal etmän ýerine ýetirmek hakyndaky mesele kazyýetiň çözgüdini kabul etmek bilen bir wagtda seredilip bilner.

2. Eger kazyýetiň çözgüdiniň haýal etmän ýerine ýetirilmegine ýol bermek hakyndaky mesele çözgüt çykarylanda çözülmedik bolsa, onda ol kazyýet mejlisinde çözülýär. Işe gatnaşýan adamlara kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi kazyýetiň çözgüdini haýal etmän ýerine ýetirmek hakyndaky meseläniň çözülmegine päsgelçilik bolup durmaýar.

3. Kazyýetiň çözgüdini haýal etmän ýerine ýetirmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner. Kazyýetiň çözgüdini haýal etmän ýerine ýetirmek hakyndaky kesgitnama hususy şikaýatyň berilmegi bu kesgitnamanyň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

 

252-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek

 

Kazyýet haýal etmän ýerine ýetirmäge girişilmedik çözgüdiň ýerine ýetirilmegini şu Kodeksiň 14-nji babynda bellenilen kadalar boýunça üpjün edip biler.

 

2521-nji madda. Kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini yzyna öwürmek

 

1. Ýerinе ýеtirilеn kazyýet karary sökülen wе işе täzеdеn seredilenden soň hak islеgini doly ýa-da bölekleýin kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarylan mahalynda, ýa-da iş ýörеtmеgi bеs etmеk ýa-da hak islеgini seretmän galdyrmak hakynda kеsgitnama çykarylan mahalynda, sökülen çözgüt boýunça hak islеýjiniň pеýdasyna tölеdilip alnan ähli zatlar jogap berijä gaýtarylyp bеrilmеlidir (çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk).

2. Emlägi bolşy ýaly görnüşdе gaýtaryp bеrmеk mümkin bolmadyk mahalynda, kazyýet kararynda bu emlägiň gymmatyny pul bilеn tölеmеk göz öňündе tutulyp bilnеr.

3. Iş boýunça täze çözgüt çykaran kazyýet, eger bu iş boýunça öňki çykarylan çözgüt doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilen bolsa, çözgüdiň ýerine ýetirilendigi hakynda subutnamalar berlen mahalynda, täze çözgütde jogap berijiniň çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arzasyna seredýär we çözýär.

4. Eger kazyýet işe täzeden sereden mahalynda, sökülen çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky meseläni çözmedik bolsa, onda jogap beriji çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arza bilen birinji basgançakly kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

5. Kazyýet çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky arza, arzanyň kazyýete gelip gowşan gününden başlap, on günüň dowamynda seredýär. Arza kazyýet mejlisinde seredilýär, taraplara mejlisiň geçirilýän wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi kazyýetiň öňünde goýlan meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

6. Çözgüdiň ýеrinе ýеtirilmеgini yzyna öwürmеk hakyndaky birinji basgançakly kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip ýa-da şu Kodeksiň 9-njy maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda hususy teklipnama getirilip bilner.

Kodekse 2521-nji maddasy 2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda.

 

253-nji madda. Işe gatnaşýan adamlara kazyýetiň çözgütleriniň nusgalaryny gowşurmak

 

Taraplara we beýleki işe gatnaşýan adamlara kazyýetiň çözgüdiniň nusgalary kazyýet çözgüdiniň gutarnykly görnüşde kabul edilen gününden başlap üç günden giç bolmadyk möhletde gowşurylýar.

 

19-njy bap. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI TOGTATMAK

 

254-nji madda. Kazyýetiň iş boýunça önümçiligi togtatmak borjy

 

Kazyýet şu aşakdaky halatda iş boýunça önümçiligi togtatmaga borçludyr:

1) eger jedelli hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlyga ýol berýän bolsa, raýat ölende ýa-da işde tarap bolup durýan ýuridik şahs üýtgedilip guralanda;

2) tarapyň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamda kanuny wekil  bolmasa;

3) jogap beriji söweş hereketlerine gatnaşýan, adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlaryň şertlerinde, şeýle hem ýaragly çaknyşyklar şertlerinde wezipeleri ýerine ýetirýän bolsa ýa-da söweş hereketlerine gatnaşýan, adatdan daşary ýa-da harby ýagdaýlaryň şertlerinde, şeýle hem ýaragly çaknyşyklar şertlerinde wezipeleri ýerine ýetirýän hak isleýjiniň haýyşy bolsa;

4) raýat, jenaýat ýa-da administratiw tertipde seredilýän başga işiň çözülmegine çenli bu işe seretmek mümkin bolmasa.

 

255-nji madda. Kazyýetiň iş boýunça önümçiligi togtatmak hukugy

 

Kazyýet işe gatnaşýan adamlaryň haýyşy boýunça ýa-da öz başlangyjy boýunça şu aşakdaky ýagdaýlarda iş boýunça önümçiligi togtadyp biler:

1) hak isleýjiniň ýa-da jogap berijiniň Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlaryň we harby edaralaryň düzüminde çagyryş boýunça harby gullukda bolmagy;

2) tarapyň işe seretmek möhletinden ýokary geçýän gulluk iş saparynda bolmagy;

3) tarapyň bejeriş edarasynda bolmagy ýa-da onda bejeriş edarasynyň resminamasy bilen tassyklanan kazyýete barmagyna päsgel berýän keseliň bolmagy;

4) jogap berijiniň gözlenilmegi;

5) kazyýet tarapyndan bilermen seljermesiniň bellenilmegi;

6) şu Kodeksiň 52-nji maddasyna laýyklykda kazyýet tarapyndan kazyýet tabşyrygynyň iberilmegi.

 

256-njy madda. Iş boýunça önümçiligi togtatmagyň möhletleri

 

Iş boýunça önümçilik şu aşakdaky ýagdaýlarda togtadylýar:

1) şu Kodeksiň 254-nji maddasynyň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda, - giden şahsyň hukuk oruntutarynyň kesgitlenmegine ýa-da kämillik ukyby bolmadyk adama wekiliň bellenilmegine çenli;

2) şu Kodeksiň 254-nji maddasynyň 3-nji bendinde we 255-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda, - iş boýunça önümçiligiň togtadylmagyna getiren ýagdaýlaryň aradan aýrylmagyna çenli;

3) şu Kodeksiň 254-nji maddasynyň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda, - kazyýetiň çözgüdiniň, höküminiň, kesgitnamasynyň, kararynyň kanuny güýje girmegine çenli.

 

257-nji madda. Iş boýunça önümçiligi togtatmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna şikaýat etmek

 

Iş boýunça önümçiligi togtatmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

258-nji madda. Iş boýunça önümçiligi dikeltmek

 

Iş boýunça önümçilik onuň togtadylmagyna getiren ýagdaýlar aradan aýrylandan soň, işe gatnaşýan adamlaryň arzasynyň esasynda ýa-da kazyýetiň başlangyjy boýunça dikeldilýär. Önümçilik dikeldilende kazyýet umumy esaslarda işe gatnaşýan adamlary çagyrýar.

 

20-nji bap. IŞ BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIGI BES ETMEK

 

259-njy madda. Iş boýunça önümçiligi bes etmegiň esaslary

 

Kazyýet iş boýunça önümçiligi bes edýär:

1) eger iş kazyýetlerde seredilmäge degişli bolmasa;

2) eger şol bir taraplaryň arasynda jedel boýunça çykarylan şol bir närse hakynda ýa-da şol bir esaslar boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi ýa-da hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegini kabul etmek hakynda ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygyny tassyklamak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy bolsa;

3) eger hak isleýji hak isleginden ýüz dönderen bolsa we ýüz döndermek kazyýet tarapyndan kabul edilen bolsa;

4) eger taraplar barlyşyk ylalaşygyny baglaşsalar we ol kazyýet tarapyndan tassyklanylan bolsa;

5) eger taraplaryň arasynda bu jedeli bitaraplar kazyýetiniň çözmegine bermek hakynda şertnama baglaşylan bolsa;

6) eger iş boýunça taraplardan biri bolup durýan raýat ölenden soň jedelli hukuk gatnaşygy hukuk oruntutarlyga ýol bermeýän bolsa;

7) iş boýunça tarap bolup çykyş edýän gurama onuň işiniň bes edilmegi bilen ýatyrylan bolsa.

 

260-njy madda. Iş boýunça önümçiligi bes etmegiň tertibi we netijeleri

 

1. Iş boýunça önümçilik kazyýetiň kesgitnamasy bilen bes edilýär.

2. Eger iş boýunça önümçilik işiň kazyýetlere degişliliginiň bolmazlygynyň netijesinde bes edilse, kazyýet arza berijiniň haýsy edara ýüz tutmalydygyny görkezmäge borçludyr.

3. Iş boýunça önümçilik bes edilen mahalynda şol bir taraplaryň arasynda jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça ikinji gezek kazyýete ýüz tutmaga ýol berilmeýär.

 

21-nji bap. ARZANYŇ SEREDILMÄN GALDYRYLMAGY

 

261-nji madda. Arzanyň seredilmän galdyrylmagynyň esaslary

 

Kazyýet arzany seretmän galdyrýar:

1) eger kazyýete ýüz tutan gyzyklanýan adam tarapyndan işi ilki kazyýetsiz çözmek barada işleriň bu topary üçin bellenilen tertip berjaý edilmedik bolsa we bu tertibi ulanmak mümkinçiligi ýitirilmedik bolsa;

2) eger arza kämillik ukyby bolmadyk adam tarapyndan berlen bolsa;

3) arza oňa gol çekmäge ýa-da hak islegini bildirmäge ygtyýarlygy bolmadyk adam tarapyndan gol çekilen bolsa ýa-da berlen bolsa;

4) eger bu ýa-da başga kazyýetiň önümçiliginde şol taraplaryň arasyndaky jedel boýunça, şol bir närse hakynda we şol bir esaslar boýunça iş bar bolsa;

5) eger hak isleýiş arzasynyň gaýtarylmagy hakynda arza berlen bolsa, jogap beriji bolsa işiň düýp manysy boýunça seljerilmegini talap etmeýän bolsa;

6) eger hak isleýji esasly sebäpler bolmazdan kazyýete gelmedik bolsa;

7) eger taraplar esasly sebäpler bolmazdan kazyýete gelmedik bolsalar.

 

262-nji madda. Arzanyň seredilmän galdyrylmagynyň tertibi we netijeleri

 

1. Arza seredilmän galdyrylan halatlarynda iş boýunça önümçilik kazyýetiň kesgitnamasy bilen tamamlanýar. Bu kesgitnamada kazyýet işe seretmäge päsgel berýän, şu Kodeksiň 261-nji maddasynda sanalyp geçilen ýagdaýlary nähili düzetmelidigini görkezmäge borçludyr.

2. Arzanyň seredilmän galdyrylmagy üçin esas bolup hyzmat eden şertler düzedilenden soňra, gyzyklanýan şahs umumy tertipde arza bilen kazyýete täzeden ýüz tutmaga haklydyr.

 

22-nji bap. KAZYÝETIŇ KESGITNAMASY

 

263-nji madda. Kesgitnamalary çykarmak

 

1. Işiň düýp manysy boýunça çözülmeýän birinji basgançakly kazyýetiň kararlary kesgitnamalar görnüşinde çykarylýar.

2. Kesgitnamalar şu Kodeksiň 24-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet tarapyndan maslahat otagynda çykarylýar.

3. Çylşyrymly bolmadyk meseleler çözülende kazyýet maslahat otagyna gitmezden maslahatdan soň ýerinde kesgitnama çykaryp biler. Şeýle kesgitnama kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna girizilýär. Kesgitnamalar olar çykarylandan soň haýal etmän yglan edilýär.

 

264-nji madda. Kesgitnamanyň mazmuny

 

1. Kesgitnamada şular görkezilmelidir:

1) kesgitnamanyň çykarylan wagty we ýeri;

2) kesgitnamany çykaran kazyýetiň ady, kazynyň (kollegial seredilen mahalynda kazyýetiň düzümi) we kazyýet mejlisiniň kätibiniň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;

3) işe gatnaşýan adamlar we jedeliň närsesi;

4) kesgitnama çykarylan mesele;

5) kazyýetiň öz netijelerini çykarmagyna getiren deliller we kazyýetiň gollanan kanunlaryna bolan salgylanma;

6) kazyýetiň karary;

7) kesgitnama şikaýat etmegiň tertibi we möhleti.

2. Maslahat otagyna gitmezden kazyýet tarapyndan çykarylýan kesgitnamada şu maddanyň 4-nji, 5-nji we 6-njy bentlerinde sanalyp geçilen maglumatlar bolmalydyr.

 

265-nji madda. Kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgalaryny işe gatnaşýan adamlara gowşurmak

 

Işe gatnaşýan adamlara, iş boýunça önümçiligi togtatmak ýa-da bes etmek hakynda ýa-da arzany seretmän galdyrmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgalary kazyýetiň kesgitnamany çykaran gününden üç günden gijä galman gowşurylýar.

 

266-njy madda. Habary guramalara we prokurora ibermek

 

1. Kanunylygyň bozulan halatlary ýüze çykarylanda kazyýet kanunylygyň ýol berlen bozulmalary hakyndaky habary degişli guramalara ýa-da degişli wezipeli adamlara ibermäge haklydyr.

2. Eger işe seredilende kazyýet taraplaryň, iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylaryň, wezipeli ýa-da başga adamyň hereketlerinde jenaýat alamatlaryny ýüze çykarsa, kazyýet bu hakda prokurora habar berýär.

 

23-nji bap. TESWIRNAMALAR

 

267-nji madda. Teswirnamany ýöretmegiň hökmanylygy

 

Birinji basgançakly kazyýetiň her bir kazyýet mejlisi hakynda, şeýle hem mejlisden daşary amala aşyrylan her bir aýry-aýry iş ýörediş hereketi hakynda teswirnama düzülýär.

 

268-nji madda. Teswirnamanyň mazmuny

 

1. Kazyýet mejlisiniň ýa-da mejlisden daşary amala aşyrylan aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň teswirnamasynda işi seljermegiň ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketini amala aşyrmagyň ähli möhüm pursatlary görkezilmelidir.

2. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasynda şular görkezilýär:

1) kazyýet mejlisiniň başlanan senesi we ýeri, şeýle hem wagty;

2) işe seredýän kazyýetiň ady, kazyýetiň düzümi we kazyýet mejlisiniň kätibi;

3) işiň ady;

4) işe gatnaşýan adamlaryň, olaryň wekilleriniň, şaýatlaryň, bilermenleriň, hünärmenleriň, terjimeçileriň gelendigi hakynda maglumatlar;

41) taraplaryň, üçünji taraplaryň şahsyýeti, wezipeli adamlaryň we işe gatnaşýan adamlaryň wekilleriniň ygtyýarlyklary;

5) işe gatnaşýan adamlara, olaryň wekillerine, şaýatlara, bilermenlere, hünärmenlere, terjimeçilere olaryň iş ýörediş hukuklarynyň we borçlarynyň düşündirilendigi hakynda maglumatlar;

6) başlyklyk edijiniň buýruklary we kazyýet mejlisiniň mejlisler otagynda kazyýet tarapyndan çykarylan kesgitnamalar;

7) işe gatnaşýan adamlaryň, olaryň wekilleriniň arzalary, haýyşnamalary we düşündirişleri;

8) şaýatlaryň görkezmeleri, bilermenler tarapyndan öz netijenamalarynyň düşündirişleri, hünärmenleriň maslahatlary (düşündirişleri);

9) ýazmaça subutnamalary yglan etmek hakynda maglumatlar, maddy subutnamalary gözden geçirmegiň, audio ýazgylary diňlemegiň, wideo ýazgylara seretmegiň maglumatlary;

10) ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň wekilleriniň netijenamalarynyň mazmuny;

11) kazyýet çykyp geplemeleriniň mazmuny;

12) kazyýetiň çözgüdiniň we kazyýetiň kesgitnamalarynyň yglan edilendigi we mazmunynyň düşündirilendigi, olara şikaýat etmegiň tertibiniň we möhletiniň düşündirilendigi hakynda maglumatlar;

13) işe gatnaşýan adamlara teswirnama bilen tanyşmaga bolan olaryň hukuklarynyň düşündirilendigi we oňa bellikleri bermek hakynda maglumatlar;

131) audio-wideo ýazgynyň edilendigi we sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylandygy hakynda maglumatlar;

14) bu iş boýunça kazyýet mejlisiniň tamamlanan senesi we wagty;

15) teswirnamanyň düzülen senesi.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky, 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

269-njy madda. Teswirnamalary düzmek

 

1. Teswirnamalar kazyýet mejlisinde ýa-da aýry-aýry iş ýörediş hereketleri mejlisden daşary amala aşyrylanda kazyýet mejlisiniň kätibi tarapyndan düzülýär. Teswirnama ýazmaça görnüşde düzülýär. Teswirnamany düzmegiň dolulygyny üpjün etmek üçin kazyýet stenografirlemegi, audio-wideo ýazgy serişdelerini we beýleki tehniki serişdeleri peýdalanyp biler.

Teswirnamada kazyýet mejlisiniň kätibi tarapyndan audio-wideo ýazgy serişdeleriniň we kazyýet mejlisiniň barşyny bellemek üçin beýleki tehniki serişdeleriň, şol sanda sanly wideoaragatnaşyk ulgamynyň peýdalanylandygy görkezilýär. Audio-wideo ýazgyny göteriji kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna goşulýar.

2. Işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri özleriniň iş üçin möhüm diýip hasap edýän ýagdaýlary hakyndaky maglumatlary teswirnama girizmek hakynda haýyş etmäge haklydyrlar.

3. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasy kazyýet mejlisi tamamlanandan soň düzülmelidir we bäş günden gijä galman gol çekilmelidir, aýry-aýry iş ýörediş hereketiniň teswirnamasy - onuň amala aşyrylan gününden soň gelýän günden gijä galman düzülmelidir we gol çekilmelidir.

4. Kazyýet mejlisiniň teswirnamasyna başlyklyk ediji we kazyýet mejlisiniň kätibi tarapyndan gol çekilýär. Teswirnama girizilen ähli üýtgetmeler, goşmaçalar, düzedişler teswirnamada aýdylyp geçilmelidir hem-de başlyklyk edijiniň we kazyýet mejlisiniň kätibiniň gollary bilen tassyklanylmalydyr.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

270-nji madda. Teswirnama bellikler

 

Işe gatnaşýan adamlar we olaryň wekilleri teswirnama bilen tanyşmaga haklydyrlar we oňa gol çekilen gününden üç günüň dowamynda onda ýol berlen nädogrulyklary we kemligi görkezmek bilen teswirnama ýazmaça bellikler berip bilerler.

 

271-nji madda. Teswirnama berlen belliklere seretmek

 

1. Teswirnama berlen belliklere oňa gol çeken kazy - kazyýet mejlisinde başlyklyk ediji tarapyndan seredilýär, ol bellikler bilen razy bolan mahalynda olaryň dogrulygyny tassyklaýar.

2. Başlyklyk ediji berlen bellikler bilen razy bolmadyk mahalynda olara işe gatnaşýan adamlara habar bermek bilen kazyýet mejlisinde seredilýär, olaryň gelmezligi teswirnama berlen bellikleriň seredilmegine päsgel bermeýär. Belliklere seretmegiň netijesinde başlyklyk ediji olaryň dogrulygyny tassyklamak hakynda ýa-da olary doly ýa-da bölekleýin kabul etmezlik hakynda kesgitnama çykarýar. Islendik halatda-da bellikler işe goşulýar.

3. Teswirnama berlen bellikler olaryň berlen gününden bäş günüň dowamynda seredilmelidir.

4. Haçan-da iş boýunça başlyklyk ediji haýsydyr bir obýektiw sebäpler boýunça teswirnama berlen belliklere seredip bilmese, olar işiň materiallaryna goşulýar.

 

III KIÇI BÖLÜM. ADMINISTRATIW-HUKUK GATNAŞYKLARYNDAN GELIP ÇYKÝAN IŞLER BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIK

 

24-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

272-nji madda. Kazyýet tarapyndan seredilýän, administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler

 

Kazyýet şu aşakdaky işlere seredýär:

1) Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny we sala salşyga gatnaşmak hukuklaryny goramak hakyndaky şikaýatlary boýunça;

2-nji bendi Türkmenistanyň 18.12.2021 ý. № 437-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen;

3) raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegine we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmekden RÝNÝ (raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň) edaralarynyň ýüz döndermegine şikaýatlar boýunça;

4) notarial hereketlere ýa-da olaryň amala aşyrylmagyndan ýüz dönderilmegine şikaýatlar boýunça;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan beýleki işler.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

273-nji madda. Administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere seretmegiň tertibi

 

1. Şu Kodeksiň 272-nji maddasynda sanalyp geçilen işler şu Kodeksiň 24-28-nji baplarynda göz öňünde tutulan alynmalar we goşmaçalar bilen kazyýet önümçiliginiň umumy düzgünleri boýunça kazyýet tarapyndan seredilýär.

2. Administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere seredilende we çözülende şu Kodeksiň 17-nji babynda bellenilen gaýybana önümçiligiň kadalary ulanylmaýar.

 

274-nji madda. Kazyýete ýüz tutmagyň tertibi

 

1. Administratiw-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere seretmäge kazyýet şikaýatyň esasynda girişýär.

Ikinji bölegi Türkmenistanyň 18.12.2021 ý. № 437-VI Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilen.

3. Eger şu Kodeksiň 272-nji maddasynyň 3-nji we 4-nji bentlerine laýyklykda kazyýete şikaýat berlende hukuk hakynda jedeliň bardygy anyklanylsa, kazy şikaýaty seretmän galdyrýar we arza berijä şu Kodeksiň 149-njy we 150-nji maddalarynyň talaplaryny berjaý etmek bilen hak isleýiş arzasyny resmileşdirmegiň zerurdygyny düşündirýär.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

275-nji madda. Kazyýet tarapyndan işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak ýörelgesi

 

1. Kazyýet berlen materiallar we düşündirişler bilen çäklenmän, şunda gyzyklanýan şahslary çekip, öz başlangyjy boýunça işleriň hakyky ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we dogry aýdyňlaşdyrmak üçin kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr. Kazyýet işe gatnaşyjylaryň delillerine we olaryň subutnamalary barlamak hakyndaky haýyşnamalaryna bagly däldir.

2. Kazy ähli formal ýalňyşlyklaryň düzedilmegine, aýdyň bolmadyk arzanyň düşündirilmegine, zerur haýyşnamalaryň resmileşdirilmegine, doly bolmadyk hakyky maglumatlaryň üstüniň ýetirilmegine, şeýle hem işiň ýagdaýlaryny anyklamak we baha bermek üçin zerur bolan ähli düşündirişleriň berilmegine ýardam etmelidir.

 

276-njy madda - 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilenTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda.

 

25-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ RAÝATLARYNYŇ

SAÝLAW HUKUKLARYNY WE SALA SALŞYGA GATNAŞMAGA BOLAN HUKUKLARYNY GORAMAK HAKYNDAKY IŞLER

BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIK

 

277-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny we sala salşyga gatnaşmaga bolan hukuklaryny goramak hakyndaky şikaýaty bermek

 

1. Döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň, beýleki edaralaryň, olaryň wezipeli adamlarynyň, saýlaw toparynyň, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topardan başga saýlaw işine, sala salşyk toparyna beýleki gatnaşyjylaryň, şeýle hem dalaşgärleriň, olaryň ynanylan adamlarynyň, teklipçi toparlaryň kararlary we (ýa-da) hereketleri (hereketsizligi) bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklary we sala salşyga gatnaşmaga bolan hukugy bozulýar diýip hasap edýän saýlawçylar, dalaşgärler, olaryň ynanylan adamlary, synçylar, teklipçi toparlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem saýlaw toparlary şu Kodeksiň 35-nji maddasy bilen bellenilen kazyýete degişlilik boýunça kazyýete şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyrlar.

Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti diňe şeýle halatda, eger bu adam şikaýat bilen ýokarda durýan saýlaw toparyna ýüz tutan bolsa we eger bu şikaýat kanagatlandyrylmadyk bolsa, şikaýaty öz seretmegine kabul edýär.

Ýokarda durýan saýlaw toparyna deslapdan şikaýaty bermezden, kazyýete şikaýat berlen halatlarynda, kazy şikaýaty karar kabul etmek üçin degişli topara iberýär, bu hakda arza berijä habar berýär.

2. Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň, onuň wezipeli adamlarynyň kararlary we (ýa-da) hereketleri (hereketsizligi) bilen Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklary ýa-da sala salşyga gatnaşmaga bolan hukugy bozulýar diýip hasap edýän şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlar, şu Kodeksiň 37-nji maddasy bilen bellenilen kazyýete degişlilik boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine şikaýat bilen ýüz tutmaga haklydyrlar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

278-nji madda. Kazyýete ýüz tutmagyň we şikaýata seretmegiň möhletleri

 

1. Dalaşgäri ýa-da sala salşygyň teklipçi toparyny bellige almak hakynda, bellige almakdan ýüz döndermek hakynda saýlaw toparynyň, sala salşyk toparynyň kararyna şikaýat saýlaw topary, sala salşyk topary tarapyndan degişli kararyň kabul edilen gününden üç günüň dowamynda berlip bilner.

Ses bermegiň netijelerine degişli şikaýat ses bermegiň jemleri boýunça şikaýatyň degişli ýokarda durýan saýlaw topary tarapyndan seredilenden soň üç günüň dowamynda berlip bilner.

2. Saýlawlara, sala salşyklara taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlar kazyýet tarapyndan şikaýatyň gelip gowşan pursadyndan üç gün möhletde seredilmäge degişlidir, saýlawlaryň, sala salşygyň öň ýanyndaky günde ýa-da saýlawlaryň, sala salşygyň gününde bolsa haýal etmän seredilmäge degişlidir.

Eger-de saýlawlara, sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda gelip gowşan şikaýatlarda görkezilen maglumatlar goşmaça barlaglary talap edýän bolsa, olara bäş gün möhletden gijä goýman seredilýär.

3. Şikaýat kazyýet tarapyndan arza berijiniň, hereketi (hereketsizligi) şikaýat edilýän adamyň, olaryň wekilleriniň, şeýle hem saýlaw toparlarynyň wekilleriniň, teklipçi toparlaryň, döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, beýleki gyzyklanýan adamlaryň gatnaşmagynda seredilýär. Kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda degişli tertipde habar berlen görkezilen adamlaryň kazyýete gelmezligi işe seretmek we çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

4. Prokuroryň iş ýöredişe gatnaşmaga we şikaýatyň kanuna laýyklygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

5. Kazyýet şikaýata öz wagtynda seredilmegini üpjün etmek üçin öz işini guramaga (şol sanda dynç günlerinde) borçludyr.

 

279-njy madda. Şikaýat boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Şikaýata seretmegiň netijeleri boýunça kazyýet çözgüt çykarýar.

2. Eger kazyýet şikaýaty esasly diýip hasap etse, ol şikaýaty kanagatlandyrmak hakynda çözgüt çykarýar we saýlaw toparynyň kararyny ýatyrýar. Kazyýet bu saýlaw toparyny meseläniň düýp manysy boýunça täze karar kabul etmäge ýa-da ýokarda durýan saýlaw toparyny kazyýetiň çözgüdiniň esasynda meseläniň düýp manysy boýunça karar kabul etmäge borçly edýär.

3. Eger kazyýet şikaýat edilýän hereketleriň kanuna laýyklykda amala aşyrylandygyny anyklasa, ol şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarýar.

4. Kazyýetiň çözgüdi çykarylandan soň haýal etmän saýlaw toparyna iberilýär.

 

26-njy baby - 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren diýip ykrar edilenTürkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda.

 

27-nji bap. RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ NAMALARYNY

DÖWLET TARAPYNDAN BELLIGE ALMAKDAN ÝÜZ DÖNDERILMEGINE WE RAÝAT ÝAGDAÝYNYŇ NAMALARYNYŇ ÝAZGYSYNA ÜÝTGETMELERI, GOŞMAÇALARY WE (ÝA-DA) DÜZEDIŞLERI GIRIZMEKDEN RÝNÝ EDARALARYNYŇ ÝÜZ DÖNDERMEGINE ŞIKAÝATLAR

 

289-njy madda. Şikaýaty bermek

 

Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegine we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysyna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmekden RÝNÝ edaralarynyň ýüz döndermegine şikaýatlara kazyýet tarapyndan arza berijiniň ýaşaýan ýerinde seredilýär.

 

290-njy madda. Şikaýatyň mazmuny

 

1. Şikaýatda raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almakdan haýsy edara tarapyndan ýüz dönderilendigi we haýsy sebäpler boýunça döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilendigi görkezilmelidir. Şikaýata raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilendigi hakynda RÝNÝ edarasynyň netijenamasy we iş boýunça zerur bolan beýleki resminamalar goşulmalydyr.

2. Şikaýatda haýsy edara tarapyndan ýazgynyň geçirilendigi, onuň nädogrulygynyň nämeden ybaratdygy we haýsy subutnamalar bilen munuň tassyklanýandygy, haýsy sebäpler boýunça ýazga üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmekden ýüz dönderilendigi görkezilmelidir. Şikaýata degişli ýazgynyň nusgalary, onuň esasynda berlen şahadatnama, ýazga üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmekden ýüz döndermek hakynda RÝNÝ edarasynyň netijenamasy we iş boýunça beýleki zerur resminamalar goşulmalydyr.

 

291-nji madda. Şikaýat boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Şikaýata seretmegiň netijeleri boýunça kazyýet çözgüt çykarýar.

2. Raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz dönderilmegine şikaýatyň kanagatlandyrylan kazyýetiň çözgüdinde şikaýatyň esaslylygy we degişli RÝNÝ edarasynyň belli bir hereketleri ýerine ýetirmek borjy hakynda görkezilýär.

3. Raýat ýagdaýynyň namasynyň ýazgysyna üýtgetme, goşmaça we (ýa-da) düzediş girizmekden ýüz dönderilmegine şikaýatyň kanagatlandyrylan kazyýetiň çözgüdinde haýsy ýazga (haýsy RÝNÝ edarasy tarapyndan we haýsy adamlar babatda düzüldi, onuň belgisi we senesi) we (ýa-da) haýsy anyk üýtgetmeleri, goşmaçalary ýa-da düzedişleri girizmegiň zerurdygy görkezilýär.

4. Eger kazyýet şikaýat edilýän hereketleriň kanuna laýyklykda amala aşyrylandygyny anyklasa, ol şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarýar.

 

28-nji bap. NOTARIAL HEREKETLERE ÝA-DA OLARYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNDAN ÝÜZ DÖNDERILMEGINE ŞIKAÝAT

 

292-nji madda. Şikaýaty bermek

 

1. Notarial hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan we amala aşyrylan notarial hereketi ýa-da notarial hereketiň amala aşyrylmagyndan ýüz dönderilmegi nädogry diýip hasap edýän adamlar döwlet notarial edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça etrap kazyýetine we etrap hukukly şäher kazyýetine şikaýat bermäge haklydyrlar.

2. Içerki ýüzüş gämisiniň ýa-da Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda ýüzýän deňiz gämisiniň kapitany tarapyndan wesýetnamanyň nädogry tassyklanylmagyna ýa-da onuň tassyklanylmagyndan ýüz dönderilmegine şikaýatlar gäminiň bellige alnan portunyň (ýeriniň) ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýär.

3. Şikaýat bir aý möhletde kazyýete berilýär, ol möhlet amala aşyrylan notarial hereket hakynda ýa-da ony amala aşyrmakdan ýüz döndermek hakynda arza berijä mälim bolan gününden hasaplanylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

293-nji madda. Şikaýata seretmek

 

Şikaýata arza berijiniň, şikaýat edilýän notarial hereketi amala aşyran ýa-da notarial hereketi amala aşyrmakdan ýüz dönderen notariusyň ýa-da beýleki wezipeli adamyň gatnaşmagynda kazy tarapyndan seredilýär, ýöne olaryň gelmezligi işi çözmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

 

294-nji madda. Şikaýat boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Şikaýata seretmegiň netijeleri boýunça kazyýet çözgüt çykarýar.

2. Eger kazyýet şikaýaty esasly diýip ykrar etse, ol şikaýaty kanagatlandyrmak hakynda çözgüt çykarýar we amala aşyrylan notarial hereketi ýatyrýar; notariusy ýa-da beýleki wezipeli adamy belli bir hereketleri amala aşyrmaga borçly edýär; ýa-da notarial hereket amala aşyrylanda goýberilen bozulmany düzetmäge notariusy ýa-da beýleki wezipeli adamy borçly edýär.

3. Eger kazyýet şikaýat edilýän hereketleriň kanuna laýyklykda amala aşyrylandygyny anyklasa, ol şikaýaty kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarýar.

 

IV KIÇI BÖLÜM. AÝRATYN ÖNÜMÇILIK

 

I. MAŞGALA IŞLERI BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIK

 

29-njy bap. MAŞGALA IŞLERI BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIK

 

295-nji madda. Şu babyň hereketiniň çäkleri

 

Şu babyň düzgünleri aşakdakylara degişlidir:

1) är-aýal gatnaşyklaryndan gelip çykýan işler boýunça önümçilige (nikany bozmak we nikany hakyky däl diýip ykrar etmek);

2) atalygy (eneligi) jedelleşmeklige (çaganyň hukuklary hakyndaky işler);

3) maşgala gatnaşyklaryndan gelip çykýan beýleki işler boýunça önümçilige.

 

296-njy madda. Prokuroryň hak islegini bildirmek hukugy

 

1. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda hak islegi prokuror tarapyndan hem bildirilip bilner.

2. Hak islegi är-aýalyň ikisine bildirilýär.

 

297-nji madda. Är-aýalyň biriniň ölmegi

 

1. Är-aýalyň biri ölen mahalynda, şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatdan başga halatlarda, är-aýal gatnaşyklary boýunça önümçilikde durýan iş şu Kodeksiň 259-njy maddasynyň 6-njy bendine laýyklykda bes edilýär.

2. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda prokuror tarapyndan hak islegi bildirilende iş boýunça önümçilik diri galan äri (aýaly) babatda dowam etdirilýär.

 

298-nji madda. Kazyýet tarapyndan işiň ýagdaýlaryny barlamak ýörelgesi

 

1. Kazyýet öz başlangyjy boýunça subutnamalary barlap we taraplar tarapyndan getirilmedik faktlary nazara alyp biler.

2. Hak isleginden ýüz döndermegiň esasynda çözgüt, hak islegini ykrar etmegiň esasynda çözgüt we jogap beriji babatda gaýybana çözgüt ýol berilmesizdir.

3. Maşgala işi boýunça önümçilik şu Kodeksiň 300-nji maddasynda sanalyp geçilen işlerden başga beýleki hak isleýiş talaplary boýunça iş bilen birikdirilip bilinmez.

 

299-njy madda. Kazyýetiň wagtlaýyn buýrugy

 

1. Kazyýet taraplaryň biriniň haýyşnamasy boýunça ýa-da öz garamagyna görä wagtlaýyn buýruk bilen aşakdakylary düzgünleşdirip biler:

1) ata-ýenelerden biriniň çaga bilen gatnaşygyny;

2) çaganyň ene-atanyň beýlekisine berilmegini;

3) kämillik ýaşyna ýetmedik çagany ekläp-saklamak boýunça borjy;

4) ärini (aýalyny) ekläp-saklamagy;

5) är-aýalyň ýaşaýyş jaýyndan we öý durmuşynyň goşlaryndan peýdalanmagyny.

2. Kazyýetiň wagtlaýyn buýrugy kesgitnama görnüşinde çykarylýar. Kesgitnama kazyýet mejlisinde ýa-da kazyýet mejlisini geçirmezden çykarylyp bilner.

3. Kazyýetiň kesgitnamasy haýal etmän ýerine ýetirilýär.

4. Ýagdaýlar üýtgän mahalynda taraplaryň biriniň haýyşnamasy boýunça ýa-da öz garamagyna görä, kazyýet kesgitnamany ýatyryp ýa-da üýtgedip biler.

5. Kazyýetiň wagtlaýyn buýruklary çözgüdiň kanuny güýje giren pursadyndan güýjüni ýitirýärler.

6. Kazyýetiň wagtlaýyn buýruklary şikaýat edilmäge degişli däldir.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

300-nji madda. Ugurdaş işleri çözmek

 

1. Nika bozulanda ýa-da nika hakyky däl diýlip ykrar edilende kazyýet, eger taraplaryň bolmanda biri bu hakda hak isleýiş talabyny bildiren bolsa, aşakdakylar hakynda hem çözgüt kabul edýär:

1) ata-ýenelerden biriniň nikada doglan çagasy bilen gatnaşygyny düzgünleşdirmek hakynda;

2) çagany ene-atanyň beýlekisine bermek hakynda;

3) çagany ekläp-saklamak boýunça kanuny borçlar;

4) ekläp-saklamak boýunça nikalylyga esaslandyrylan kanuny borçlar;

5) bilelikde edinilen emlägi bölmek hakynda.

2. Nikany bozmak hakynda ýa-da nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda, şeýle hem ugurdaş işler hakynda kazyýet bir (birleşdirilen) çözgüt çykarýar.

3. Eger talaplary bölüp seretmek has maksada laýyk diýip hasap edýän bolsa, kazyýet ugurdaş işleri aýratyn önümçilige bölmäge haklydyr.

 

II. JEDELSIZ ÝURISDIKSIÝANYŇ IŞLERI BOÝUNÇA KAZYÝET ÖNÜMÇILIGI

 

30-njy bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

301-nji madda. Kazyýet tarapyndan seredilýän işler

 

1. Kazyýet şu aşakdaky işlere seredýär:

1) ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakynda;

2) raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda ýa-da raýaty ölen diýip yglan etmek hakynda;

3) raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakynda ýa-da raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakynda;

4) saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara raýaty mejbury ýerleşdirmek hakynda;

5) gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek hakynda;

6) görkeziji üçin ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda.

2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda, jedelsiz ýurisdiksiýanyň beýleki işleriniň hem seredilmegi kanun bilen göz öňünde tutulyp bilner.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

302-nji madda. Işlere seretmegiň tertibi

 

1. Şu Kodeksiň 301-nji maddasynda sanalyp geçilen işler şu Kodeksiň 30-36-njy baplarynda göz öňünde tutulan alynmalar we goşmaçalar bilen kazyýet önümçiliginiň umumy düzgünleri boýunça kazyýetler tarapyndan seredilýär.

2. Şu Kodeksiň 301-nji maddasynda sanalyp geçilen işlere kazyýet arza berijiniň, şeýle hem hukuklaryna we hukuk bilen goralýan bähbitlerine önümçilik bilen täsir edilýän fiziki we ýuridik şahslaryň gatnaşmagynda seredýär.

3. Eger jedelsiz ýurisdiksiýanyň işlerine seredilende kazyýetlere degişli hukuk hakynda jedel ýüze çyksa, kazyýet arzany seretmän galdyrýar we olaryň umumy esaslarda hak islegini bildirmäge haklydygyny gyzyklanýan adamlara düşündirýär.

 

31-nji bap. ÝURIDIK ÄHMIÝETI BOLAN FAKTLARY

TAKYKLAMAK

 

303-nji madda. Kazyýet tarapyndan seredilýän, ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak hakyndaky işler

 

1. Kazyýet raýatlaryň ýa-da guramalaryň şahsy ýa-da emläk hukuklarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine bagly faktlary takyklaýar.

2. Kazyýet aşakdakylary takyklamak hakyndaky işlere seredýär:

1) adamlaryň garyndaşlyk gatnaşyklaryny;

2) adamyň eklençde bolandygynyň faktyny;

3) dogluşy, nikany baglaşmagy, nikany ýatyrmagy, perzentlige almagy, atalygy anyklamagy, familiýany, ady, atasynyň adyny üýtgetmegi we ölümi bellige alnandygynyň faktyny;

4) atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny;

5) hukuk belleýän resminamalaryň (jemgyýetçilik guramasynyň agzalyk bileti, harby resminamalar, pasport we raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy edaralary tarapyndan berilýän şahadatnamalar muňa girmeýär) resminamada görkezilen adynyň, atasynyň adynyň ýa-da familiýasynyň şol adamynyň pasporty ýa-da dogluş hakyndaky şahadatnamasy boýunça ady, atasynyň ady ýa-da familiýasy bilen gabat gelmeýän adama degişliliginiň faktyny;

6) gozgalmaýan emläge eýelik edendiginiň we ondan peýdalanandygynyň faktyny;

7) betbagtçylykly halatyň faktyny;

8) adamyň belli bir wagtda we belli bir ýerde doglanlygynyň faktyny - raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralarynyň dogluş faktyny bellige almakdan ýüz dönderen ýagdaýynda;

9) adamyň belli bir wagtda we belli bir ýerde ölenliginiň faktyny -ölüm wakasyny bellige almakdan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralary ýüz dönderen ýagdaýynda;

10) mirasyň kabul edilendiginiň we mirasyň açylan ýeriniň faktyny;

11) ýuridik ähmiýeti bolan beýleki faktlary.

 

304-nji madda. Ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklamak üçin zerur şertler

 

Kazyýet diňe bu faktlary tassyklaýan degişli resminamalary bellenilen tertipde arza beriji tarapyndan almak mümkin bolmadyk mahalynda ýa-da ýitirilen resminamalary dikeltmek mümkin bolmadyk mahalynda ýuridik ähmiýeti bolan faktlary takyklaýar.

 

305-nji madda. Arzanyň berilmegi

 

Ýuridik ähmiýeti bolan fakty takyklamak hakyndaky işler boýunça arza, arza berijiniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete berilýär, gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýän gozgalmaýan emläge eýelik edendiginiň we ondan peýdalanandygynyň faktyny takyklamak hakyndaky arza muňa degişli däldir.

 

306-njy madda. Arzanyň mazmuny

 

Arzada arza berijä haýsy faktyň takyklanylmalydygynyň zerurdygy görkezilmelidir, şeýle hem onda arza beriji tarapyndan degişli resminamalary almagyň mümkin däldigini ýa-da ýitirilen resminamalary dikeltmegiň mümkin däldigini tassyklaýan subutnamalar getirilmelidir.

 

307-nji madda. Arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Kazyýetiň çözgüdinde kazyýet tarapyndan anyklanan fakt, şeýle hem kazyýetiň bu fakty anyklamagynyň esaslanandyrylan subutnamalary görkezilmelidir.

2. Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edaralarynda bellige alynmaga ýa-da beýleki edaralarda resmileşdirilmäge degişli bolan fakty anyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje gireninden soň, bu edaralar tarapyndan berilýän resminamalary çalyşmazdan, şeýle bellige almak ýa-da resmileşdirmek üçin esas bolup hyzmat edýär.

 

32-nji bap. RAÝATY NAM-NYŞANSYZ GIDEN DIÝIP YKRAR ETMEK ÝA-DA RAÝATY ÖLEN DIÝIP YGLAN ETMEK

 

308-nji madda. Arzanyň berilmegi

 

1. Raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda ýa-da raýaty ölen diýip yglan etmek hakynda iş onuň maşgala agzalarynyň, prokuroryň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň arzasy boýunça başlanyp bilner.

2. Raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda ýa-da raýaty ölen diýip yglan etmek hakynda arza, arza berijiniň ýaşaýan ýeri boýunça kazyýete berilýär.

 

309-njy madda. Arzanyň mazmuny

 

Arzada raýatyň nam-nyşansyz gidenligini tassyklaýan ýagdaýlar ýa-da nam-nyşansyz ýitene ölüm howpy salnan ýa-da ol belli bir betbagtçylykly hadysadan heläk bolan diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar beýan edilmelidir. Harby hereketler bilen baglanyşykly nam-nyşansyz ýiten harby gullukçylar ýa-da beýleki adamlar babatda arzada harby hereketleriň gutaran güni görkezilýär.

 

310-njy madda. Arza kabul edilenden soň kazynyň hereketleri

 

1. Kazy işi kazyýet seljerişine taýýarlanynda giden adam hakynda haýsy adamlaryň maglumat berip biljekdigini aýdyňlaşdyrýar, şeýle hem giden adamynyň belli bolan iň soňky ýaşaýan ýeri we işleýän ýeri boýunça degişli guramalardan şol adam hakynda bar bolan maglumatlary sorap alýar.

2. Arza kabul edilenden soň kazy şeýle raýatyň emlägine ynançly dolandyryjyny bellemegi hossarlyk we howandarlyk edarasyna teklip edip biler.

 

311-nji madda. Işe seretmek

 

1. Kazyýet işe arza berijiniň, arzada görkezilen şaýatlaryň we kazyýetiň sorag etmek zerur diýip hasap edýän adamlarynyň gatnaşmagynda seredýär we raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda ýa-da ony ölen diýip yglan etmek hakynda çözgüt çykarýar.

2. Prokuroryň iş ýöredişe gatnaşmaga we arzanyň kanuna laýyklygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

 

312-nji madda. Arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Raýaty nam-nyşansyz giden diýip ykrar eden kazyýetiň çözgüdi, onuň emlägini hemişelik dolandyrmak zerur bolanda hossarlyk we howandarlyk edarasy bilen bu emlägi ynançly dolandyrmak şertnamasyny baglaşýan adama onuň emlägini bermek üçin esas bolup durýar.

2. Raýatyň ölen diýlip yglan edilen kazyýetiň çözgüdi bu raýatyň ölenligi hakynda raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň edarasy tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň ýazgylar kitabyna ýazgyny girizmek üçin esas bolup durýar.

 

313-nji madda. Nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen ýa-da ölen diýlip yglan edilen adamyň gelmeginiň ýa-da bolýan ýeriniň tapylmagynyň netijeleri

 

Nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen ýa-da ölen diýlip yglan edilen raýat gelen ýa-da bolýan ýeri tapylan mahalynda kazyýet täze çözgüt bilen öň çykaran öz çözgüdini ýatyrýar. Täze çözgüt raýatyň emläginiň dolandyrylmagyny ýatyrmak üçin we raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet bellige alyş kitabynda onuň ölenligi hakyndaky ýazgyny ýatyrmak üçin esas bolup durýar.

 

33-nji bap. RAÝATYŇ KÄMILLIK UKYBYNY ÇÄKLENDIRMEK

ÝA-DA RAÝATY KÄMILLIK UKYBY ÝOK DIÝIP YKRAR ETMEK

 

314-nji madda. Arzanyň berilmegi

 

1. Spirtli içgileri ýa-da neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary hyýanat bilen ulanmagyň netijesinde raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky iş onuň maşgala agzalarynyň, prokuroryň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň arzasy boýunça başlanylyp bilner.

2. Psihiki bozulmanyň (dälilik keseli ýa-da akyly kemlik) netijesinde raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky iş onuň maşgala agzalarynyň, olar bolmadyk mahalynda bolsa onuň bilen bile ýaşaýandygyna ýa-da ýaşamaýandygyna garamazdan, ýakyn garyndaşlarynyň (ata-eneleriniň, çagalarynyň, doganlarynyň, uýalarynyň), prokuroryň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň, psihiatrik ýa-da psihonewrologik bejeriş edarasynyň arzasy boýunça başlanylyp bilner.

3. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky arza şol raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça, eger bu adam psihiatrik ýa-da psihonewrologik bejeriş edarasyna ýerleşdirilen bolsa, onda bejeriş edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

315-nji madda. Arzanyň mazmuny

 

1. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky arzada spirtli içgileri ýa-da neşe serişdeleri, psihotrop maddalary hyýanat bilen ulanýan adamyň öz maşgalasyny agyr maddy ýagdaýda goýýandygyna şaýatlyk edýän ýagdaýlar beýan edilmelidir.

2. Raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky arzada raýatda psihiki bozulmanyň bardygyna, onuň netijesinde adamyň öz hereketleriniň manysyna düşünip bilmeýändigine ýa-da şol hereketlere erk edip bilmeýändigine şaýatlyk edýän ýagdaýlar beýan edilmelidir.

 

316-njy madda. Raýatyň psihiki ýagdaýyny kesgitlemek üçin bilermen seljermesini bellemek

 

1. Kazy işi kazyýet seljerişine taýýarlamak tertibinde raýatyň psihiki bozulmasy hakynda ýeterlik maglumatlar bolan mahalynda onuň psihiki ýagdaýyny kesgitlemek üçin kazyýet-psihiatrik bilermen seljermesini belleýär.

2. Aýratyn ýagdaýlarda özi barada iş gozgalan adam babatda, ol bilermen seljermesini geçmekden aç-açan boýun gaçyranda, kazyýet prokuroryň we psihiatryň gatnaşmagynda kazyýet mejlisinde mejbury tertipde bilermen seljermesini geçirmek hakyndaky meseläni çözýär.

 

317-nji madda. Arzanyň seredilmegi

 

1. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky işe kazyýet raýatyň özüniň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň hökmany gatnaşmagynda seredýär. Eger kazyýet tarapyndan esassyz diýlip hasap edilen sebäpler boýunça raýat kazyýet mejlisine gelmese, ol kazyýetiň kesgitnamasy boýunça mejbury getirilmäge sezewar edilip bilner.

2. Raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky işe raýatyň özüniň gatnaşmagynda kazyýet tarapyndan seredilýär. Eger kazyýet-psihiatrik bilermen seljermesine laýyklykda raýatyň saglygyna düýpli zeper ýetmegine getirmek mümkinçiligine howatyrlanma bar bolsa ýa-da saglyk ýagdaýy oňa özüniň kazyýet mejlisine gatnaşmagyna mümkinçilik bermeýän bolsa, şahsy sorama geçirilip bilinmez. Şeýle ýagdaýda onuň nähili ýagdaýdadygyna kazynyň özi göz ýetirmelidir.

3. Raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky işe kazyýet hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň hökmany gatnaşmagynda seredýär.

4. Prokuroryň raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da  raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky işler boýunça kazyýet mejlisine gatnaşmaga we arzalaryň kanuna laýyklygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

5. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky işler boýunça kazyýet çykdajylary arza berijiden alynmaýar.

6. Kazyýet arza beren adamyň raýatyň kämillik ukybyny görnetin esassyz çäklendirmek ýa-da raýaty kämillik ukybyndan mahrum etmek maksady bilen ynsapsyz hereket edendigini anyklan bolsa, şeýle adamdan ähli kazyýet çykdajylaryny tutup alýar.

 

318-nji madda. Arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky kazyýetiň çözgüdinde Türkmenistanyň Raýat kodeksinde göz öňünde tutulan kämillik ukybyň çäklendirmeleriniň möçberi görkezilýär. Raýatyň kämillik ukyby çäklendirilen kazyýetiň çözgüdi, oňa hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan howandar bellemek üçin esas bolup durýar.

2. Raýatyň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen kazyýetiň çözgüdi, oňa hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan hossar bellemek üçin esas bolup durýar.

3. Eger kazyýet raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek üçin esaslaryň ýokdugynyň ýagdaýlaryny anyklan bolsa, ol arzany kanagatlandyrmakdan ýüz döndermek hakynda çözgüt çykarýar.

4. Hossarlyk we howandarlyk edarasy kämillik ukyby çäklendirilen ýa-da kämillik ukyby ýok raýata degişlilikde howandar ýa-da hossar bellenilendigi hakynda kazyýete on gün möhletde habar bermäge borçludyr.

 

319-njy madda. Raýaty kämillik ukyply diýip ykrar etmek

 

1. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 27-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet raýatyň özüniň, onuň howandarynyň, onuň maşgala agzalarynyň, prokuroryň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň arzasy boýunça raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmegi ýatyrmak hakynda çözgüt çykarýar. Kazyýetiň çözgüdiniň esasynda oňa bellenilen howandarlyk ýatyrylýar.

2. Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 26-njy maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda kazyýet hossaryň, onuň maşgala agzalarynyň, olar bolmadyk mahalynda bolsa – onuň bilen bile ýaşaýandygyna ýa-da ýaşamaýandygyna garamazdan, ýakyn garyndaşlarynyň (ata-eneleriniň, çagalarynyň, doganlarynyň, uýalarynyň), prokuroryň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň, psihiatrik ýa-da psihonewrologik bejeriş edarasynyň arzasy boýunça, kazyýet-psihiatrik bilermen seljermesiniň degişli netijenamasynyň esasynda sagalan adamy kämillik ukyply diýip ykrar etmek hakynda çözgüt çykarýar. Kazyýetiň çözgüdiniň esasynda oňa bellenilen hossarlyk ýatyrylýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

34-nji bap. SAKLAMAGYŇ AÝRATYN DÜZGÜNI BOLAN

EDARA RAÝATY MEJBURY ÝERLEŞDIRMEK

 

320-nji madda. Kazyýet tarapyndan seredilýän saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara raýaty mejbury ýerleşdirmek hakyndaky iş

 

1. Kazyýet tarapyndan seredilýän, saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara raýaty mejbury ýerleşdirmek hakyndaky iş, munuň özi raýata onuň erkiniň garşysyna, kanun bilen ygtyýarly edilen adamyň ýa-da edaranyň talapnamasynyň esasynda saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara mejbury ýerleşdirmegi, şol sanda administrasiýanyň rugsady bolmasa ondan gitmek hukugy bolmazdan, (mundan beýläk – mejbury ýerleşdirmek) ulanmak hakyndaky önümçilikdir.

2. Mejbury ýerleşdirmek hakyndaky önümçilige Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynyň çäklerinde seredilýän lukmançylyk häsiýetli mejbury çäräni ulanmak boýunça önümçilik degişli däldir.

 

321-nji madda. Kazyýet kararynyň zerurlygy

 

1. Mejbury ýerleşdirmegiň ýol bererliligi we dowamlylygy hakynda diňe kazynyň çözgüt kabul etmäge hukugy bardyr.

2. Kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli mejbury ýerleşdirmek geçirilen ýagdaýynda, talapnamasynyň esasynda  mejbury ýerleşdirmek geçirilen, kanun bilen ygtyýarly edilen adam (edara) mejbury ýerleşdirilen pursadyndan başlap 12 sagatdan gijä galman meseläni düýp manysy boýunça çözmek üçin arzany kazyýete bermäge borçludyr.

Hiç kim mejbury ýerleşdirilen pursadyndan başlap 48 sagatdan ýokary möhlete kazyýet karary bolmazdan tutulyp saklanylyp bilinmez.

 

322-nji madda. Çäk kazyýete degişliligi

 

1. Mejbury ýerleşdirmek hakyndaky arza şu Kodeksiň 320-nji maddasyna laýyklykda kazyýete berilýär:

1) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýerleşýän ýeri boýunça, eger arza bu edara tarapyndan berilýän bolsa;

2) saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça, eger bu edaranyň administrasiýasy arza bermäge ygtyýarly bolsa;

3) mejbury ýerleşdirmek ulanylan raýatyň ýaşaýan ýeri boýunça;

4) mejbury ýerleşdirmek ulanylan raýatyň bolýan ýeri boýunça, eger-de, ýagdaýlar boýunça hut şol ýerde ony mejbury ýerleşdirmek zerurlygy ýüze çykan bolsa.

2. Kazyýet işi mejbury ýerleşdirmek ulanylan raýatyň bolýan çägindäki beýleki kazyýetiň seretmegine berýär we onuň ýerleşdirilmegi şol ýerde geçirilmelidir.

 

323-nji madda. Arzanyň berilmegi

 

1. Mejbury ýerleşdirmek hakyndaky arza şu Kodeksiň 322-nji maddasyna laýyklykda, kanun esasynda muňa hukugy bolan şahs tarapyndan kazyýete degişliligi boýunça kazyýete berilýär.

2. Arza Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan, mejbury ýerleşdirmek üçin esaslaryň bardygy hakynda maglumatlary bolan, esaslandyrylan bolmalydyr. Arza mejbury ýerleşdirmegiň zerurdygy hakynda lukman-bilermenler toparynyň delillendirilen netijenamasy goşulýar.

 

324-nji madda. Arzanyň seredilmegi

 

1. Kazy mejbury ýerleşdirmek hakyndaky arza, onuň kabul edilen pursadyndan bäş günüň dowamynda seredýär.

2. Eger mejbury ýerleşdirmek kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli raýata ulanylan bolsa, onda kazyýet gaýragoýmazdan arzanyň gelip gowşan pursadyndan başlap deslapky mejbury ýerleşdirmegiň dowamlylygy hakynda ýa-da kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli ony ýatyrmak hakynda çözgüt kabul edýär.

3. Kazyýet kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli mejbury ýerleşdirmek hakyndaky arzanyň we deslapky mejbury ýerleşdirmegiň dowamlylygy hakyndaky ýa-da kazyýet kararynyň kabul edilmegine çenli ony ýatyrmak hakyndaky çözgüdiň nusgalaryny özi barada mejbury ýerleşdirmek ulanylýan raýata we kazyýet mejlisiniň beýleki gatnaşyjylaryna tanyşmak üçin iberýär.

4. Kazyýet mejbury ýerleşdirmek ulanylýan raýatyň hut özüni diňleýär we kazyýet mejlisiniň beýleki gatnaşyjylaryna öz pikirini aýtmak mümkinçiligini berýär.

5. Kazyýet diňlemeleri kazyýetiň jaýynda ýa-da saklamagyň aýratyn düzgüni bolan degişli edarada geçirilip bilner.

 

325-nji madda. Raýatyň kazyýet mejlisine gatnaşmagy

 

1. Mejbury ýerleşdirmek ulanylýan raýatyň onuň mejbury ýerleşdirilmegi hakyndaky iş boýunça kazyýetiň mejlisine hut özüniň gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Eger saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edaranyň wekilinden alnan maglumatlar boýunça saglyk ýagdaýyna görä raýatyň hut özi kazyýet mejlisine gatnaşyp bilmeýän bolsa, onda kazy muňa hut özi göz ýetirmäge borçludyr.

 

326-njy madda. Kazyýet mejlisine gatnaşyjylar

 

1. Kazyýet mejlisine arza beriji we özi barada mejbury ýerleşdirmek ulanylýan raýat bilen bir hatarda aşakdakylar gatnaşýarlar:

1) kanuny wekil, howandar ýa-da ol raýatyň ýany bilen gidýän adam, eger şolar ýaly bar bolsa;

2) görkezilen raýatyň haýyşy boýunça onuň hukuklaryny goramak üçin ynanylan adam;

3) äri (aýaly) we kämillik ýaşyna ýeten çagalary, eger raýat olar bilen bile ýaşaýan bolsa;

4) saklamagyň aýratyn düzgüni bolan degişli edaranyň administrasiýasynyň wekili.

2. Prokuroryň kazyýet mejlisine gatnaşmaga we mejbury ýerleşdirmek hakynda arzanyň kanuna laýyklygy babatda kazyýete netijenama bermäge hukugy bardyr.

 

327-nji madda. Mejbury ýerleşdirmek hakyndaky arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

1. Kazyýetiň çözgüdi bilen mejbury ýerleşdirmekden ýüz dönderilýär ýa-da mejbury ýerleşdirmek kanagatlandyrylýar.

2. Mejbury ýerleşdirmek hakyndaky kazyýetiň çözgüdi raýaty saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara mejbury ýerleşdirmek üçin esas bolup durýar.

3. Mejbury ýerleşdirmek alty hepdeden ýokary geçmeýän möhlete ulanylyp bilner.

4. Kazyýet kazyýetiň çözgüdinde, eger mejbury ýerleşdirmegi ulanmagyň dowam etdirilmegi üçin esaslar aradan aýrylsa, mejbury ýerleşdirmegi möhletinden öň ýatyrmak mümkinçiligini görkezmelidir, şeýle hem netijede mejbury ýerleşdirmegi mundan beýläk ulanmak üçin esaslar aradan aýryldy diýlip bilinjek ýagdaýlar barada kazyýet mejlisiniň ähli gatnaşyjylaryny kazyýete habar bermäge borçly etmelidir.

5. Çözgüde mejbury ýerleşdirmek ulanylan adam, onuň wekili, saklamagyň aýratyn düzgüni bolan degişli edaranyň administrasiýasy tarapyndan on günüň dowamynda şikaýat edilip bilner, işe gatnaşýan prokuror tarapyndan bolsa nägilelik teklipnamasy getirilip bilner.

 

328-nji madda. Mejbury ýerleşdirmegi ýatyrmak ýa-da uzaltmak

 

1. Eger kazyýete netijede mejbury ýerleşdirmegi mundan beýläk ulanmak üçin esaslary aradan aýyrýan ýagdaýlar hakynda maglumatlar mälim bolsa, kazyýet mejbury ýerleşdirmek hakynda çözgüdi ýatyrýar.

2. Kazyýet mejbury ýerleşdirmegi mundan beýläk ulanmak zerurlygy hakynda jedel ýüze çykanda ýa-da eger kazyýet işiň ýagdaýlarynyň goşmaça aýdyňlaşdyrylmagyny geçirmegi zerur diýip hasap edýän bolsa, mejbury ýerleşdirmek ulanylan raýatyň hut özüni we kazyýet mejlisiniň beýleki gatnaşyjylaryny diňleýär.

3. Eger işiň ýagdaýlaryndan netijede mejbury ýerleşdirmegi mundan beýläk ulanmak üçin esaslar aradan aýryldy we mejbury ýerleşdirmek ýatyrylmaga degişli diýip bilinse, kazyýet mejbury ýerleşdirmek ulanylan raýaty mejbury ýerleşdirmegi ýatyrmak hakynda işe seredilmegine çenli boşatmaly diýip tabşyryk berip biler.

4. Mejbury ýerleşdirmegi uzaltmak hakyndaky iş şu Kodeksiň 324-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde kazyýet tarapyndan seredilýär.

5. Mejbury ýerleşdirmegi uzaltmak hakynda çözgüdi kabul etmek üçin kazyýet mejbury ýerleşdirmegi uzaltmagyň zerurdygy hakynda garaşsyz bilermeniň esaslandyrylan netijenamasyny soramalydyr.

6. Mejbury ýerleşdirmegi uzaltmak möhletini görkezmezden bellenilip bilner.

7. Näbelli möhlete mejbury ýerleşdirilende, raýata mejbury ýerleşdirmek ulanylan pursadyndan bir ýyldan gijä galman, kazyýet şu Kodeksiň 324-nji maddasynda göz öňünde tutulan tertipde mejbury ýerleşdirmegi mundan beýläk ulanmak zerurlygyna seredýär.

 

35-nji bap. GOZGALMAÝAN EMLÄGI EÝESIZ DIÝIP YKRAR ETMEK

 

329-njy madda. Arzanyň berilmegi

 

1. Gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek we ony döwletiň eýeçiligine bermek hakyndaky arza onuň ýerleşýän ýeri boýunça emlägi dolandyrmaga ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli  edarasy tarapyndan kazyýete berilýär.

2. Eger gozgalmaýan emläk ony dolandyrmaga ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň arzasy boýunça gozgalmaýan emläge bolan hukugy bellige alýan döwlet edarasy tarapyndan hasaba alynmasa ýa-da eger arza onuň hasaba alnan gününden başlap bir ýyl geçmegine çenli berlen bolsa, kazy arzany kazyýete kabul etmekden ýüz dönderýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda).

 

330-njy madda. Arzanyň mazmuny

 

Emlägi dolandyrmaga ygtyýarly edilen ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek hakyndaky arzasynda haýsy emlägiň eýesiz diýlip ykrar edilmäge degişliligi, gozgalmaýan emlägiň kim tarapyndan we haçan hasaba goýlandygy görkezilmelidir, şeýle hem emlägiň eýesini anyklamagyň mümkin däldigini tassyklaýan subutnamalar getirilmelidir.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda).

 

331-nji madda. Arza kabul edilenden soň kazynyň hereketleri

 

Arza kabul edilenden soň kazyýet bildirişi ýerli gazetde çap etmek hakynda görkezme berýär. Bildirişde şu aşakdakylar bolmalydyr:

- gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek hakynda arza boýunça çözgüt kabul etmeli kazyýetiň ady;

- kazyýet önümçiliginiň närsesi bolup durýan emlägiň ady;

- emläk hukugyna dalaş edýän ähli şahslara bolan talaplar, kazyýete bu hukuklar barada bir aýyň dowamynda habar berilmegi.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 142-nji madda).

 

332-nji madda. Işi kazyýet seljerişine taýýarlamak

 

1. Eger şu Kodeksiň 331-nji maddasynda görkezilen möhletiň dowamynda hukuklar hakynda talaplar bildirilmese, onda kazyýet kazyýet seljerişine mundan beýläk taýýarlygy geçirýär we haýsy şahslaryň (eýeleriň, hakyky eýeleriň we beýlekileriň) emlägiň degişliligi hakyndaky maglumatlary berip biljekdigini anyklaýar, şeýle hem degişli guramalardan ol barada bar bolan maglumatlary soraýar.

2. Eger şu Kodeksiň 331-nji maddasynda görkezilen möhletiň geçmegine çenli kazyýete emläk hukuklary hakynda talap bildirilse, onda kazyýet gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek hakyndaky arzany seretmän galdyrýar we arza berijä onuň öz talabyny hak isleýiş önümçiligi tertibinde bildirip biljekdigini düşündirýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

333-nji madda. Arzanyň seredilmegi

 

Gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek we ony döwletiň eýeçiligine geçirmek hakyndaky arza kazyýet tarapyndan gyzyklanýan adamlaryň gatnaşmagynda seredilýär.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda).

 

334-nji madda. Arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

Kazyýet gozgalmaýan emlägiň eýesiniň ýokdugyny ykrar edip, gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek we ony döwletiň eýeçiligine geçirmek hakynda çözgüt çykarýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda).

 

36-njy bap. GÖRKEZIJI ÜÇIN ÝITIRILEN ÝA-DA ÝOK EDILEN RESMINAMANY GÜÝJÜNI ÝITIREN DIÝIP YKRAR ETMEK

 

335-nji madda. Görkeziji üçin ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda arzanyň berilmegi

 

1. Eger görkeziji üçin resminama ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ýitirilen ýa-da ýok edilen resminama eýelik eden adam Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda kazyýete haýyş edip biler.

2. Görkeziji üçin ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky arza resminamany beren edaranyň ýerleşýän ýeri boýunça kazyýete berilýär.

 

336-njy madda. Arzanyň mazmuny

 

Arzada ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamanyň tapawutlandyryş alamatlary, resminamany beren edaranyň ady görkezilmelidir, şeýle hem resminamanyň ýitirilen ýa-da ýok edilen ýagdaýlary beýan edilmelidir.

 

337-nji madda. Arza kabul edilenden soň kazynyň hereketleri

 

1. Kazy arza kabul edilenden soň resminamany beren edara ol boýunça tölegleri geçirmegi gadagan etmek hakynda, şeýle hem arza berijiniň hasabyna ýerli gazetde bildiriş bermek hakynda kesgitnama çykarýar.

2. Resminamany saklaýjyny çagyrmak hakyndaky bildirişde şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) resminamanyň ýitirilendigi hakynda arzanyň gelip gowşan kazyýetiniň ady;

2) arza berijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň salgysy;

3) resminamanyň ady we tapawutlandyryş alamatlary;

4) ýitirilendigi ýa-da ýok edilendigi hakynda habar berlen, ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany saklaýja bildirişiň çap edilen gününden başlap üç aý möhletiň dowamynda bu resminama bolan öz hukuklary hakynda kazyýete arza bermek teklibi.

3. Kesgitnama çykarmakdan ýüz dönderilmegine hususy şikaýat berlip bilner.

 

338-nji madda. Resminamany saklaýjynyň arzasy

 

Ýitirilendigi ýa-da ýok edilendigi hakynda habar berlen resminamany saklaýjy bildirişiň çap edilen gününden üç aý möhlet tamamlanýança kesgitnama çykaran kazyýete resminama bolan öz hukuklary hakyndaky arzany bermäge we şunuň bilen birlikde resminamanyň asyl nusgasyny getirmäge borçludyr.

 

339-njy madda. Resminamany saklaýjydan arza gelip gowşandan soň kazyýetiň hereketleri

 

1. Bildirişiň berlen gününden üç aý möhlet tamamlanýança, resminamany saklaýjydan arza gelip gowşan ýagdaýynda, kazyýet resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky arzany seretmän galdyrýar we resminamany beren edara ol boýunça dowamynda tölegleri geçirmek gadagan edilýän möhleti belleýär. Bu möhlet iki aýdan ýokary geçmeli däldir.

2. Şol bir wagtda kazyýet arza berijä bu resminamany talap etmek hakynda umumy tertipde resminamany saklaýja hak islegini bildirmek hukugyny, resminamany saklaýja bolsa - kazy tarapyndan kabul edilen gadagan ediş çäreleri bilen ýitirilen ýitgileri arza berijiden onuň tutup almaga bolan hukugyny düşündirýär.

Şu maddada görkezilen meseleler boýunça kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner.

 

340-njy madda. Ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky arzanyň seredilmegi

 

Ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky işe kazyýet, eger resminamany saklaýjydan şu Kodeksiň 338-nji maddasynda görkezilen arza gelip gowuşmadyk bolsa, bildirişiň çap edilen gününden üç aý möhletiň geçmegi bilen seredýär.

 

341-nji madda. Arza boýunça kazyýetiň çözgüdi

 

Arza berijiniň haýyşy kanagatlandyrylan ýagdaýynda kazyýet ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar edýän çözgüdi çykarýar. Bu çözgüt arza berijä goýumy ýa-da güýjüni ýitiren diýlip ykrar edileniň ýerine täze resminamany bermek üçin esas bolup durýar.

 

342-nji madda. Resminamany saklaýjynyň emlägiň esassyz edinilendigi ýa-da saklanandygy hakynda hak islegini bildirmek hukugy

 

Haýsydyr bir sebäpler boýunça bu resminama öz hukuklary hakynda öz wagtynda talap bildirmedik resminamany saklaýjy kazyýetiň resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdi kanuny güýje gireninden soň ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamanyň ýerine täze resminamany almak hukugy ykrar edilen adama emlägiň esassyz edinilendigi ýa-da saklanylandygy hakynda hak islegini bildirip biler.

 

IV BÖLÜM. NÄGILELIK BASGANÇAKLY

KAZYÝETDE ÖNÜMÇILIK

 

37-nji bap. KANUNY GÜÝJE GIRMEDIK ÇÖZGÜTLERE ŞIKAÝAT ETMEK WE TEKLIPNAMA GETIRMEK

 

343-nji madda. Kanuny güýje girmedik çözgütlere şikaýat etmek we teklipnama getirmek hukugy

 

Birinji basgançakly kazyýetde çykarylan, kanuny güýje girmedik kazyýetleriň çözgütlerine taraplar we işe gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan nägilelik şikaýaty berlip bilner, işe gatnaşýan prokuror tarapyndan bolsa nägilelik teklipnamasy getirilip bilner.

 

344-nji madda. Kanuny güýje girmedik gaýybana çözgüde şikaýat etmek

 

1. Gaýybana çözgüt onuň özi barada çykarylan tarap tarapyndan nägilelik şikaýaty bilen şikaýat edilip bilinmez.

2. Gaýtadan gelmezligiň netijesinde kabul edilen we şoňa görä-de şikaýat bermek bilen jedelleşip bolmajak gaýybana çözgüde nägilelik şikaýaty berlip bilner. Ýöne nägilelik şikaýaty diňe ikinji gaýybana çözgüdi çykarmak üçin kanuny esaslaryň ýokdugyna esaslanyp biler.

 

345-nji madda. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasyny bermek üçin möhlet

 

Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy kazyýetiň çözgüdiniň nusgasynyň işe gatnaşýan adamlara gowşurylan gününden bir aýyň dowamynda berlip bilner.

 

346-njy madda. Nägilelik şikaýatyny ýa-da nägilelik teklipnamasyny bermegiň tertibi

 

1. Nägilelik şikaýatlary we nägilelik teklipnamalaryny etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň çözgütlerine degişli welaýat kazyýetlerine, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerine, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň çözgütlerine - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, şeýle hem birinji basgançakda çykarylan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň çözgüdine - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna getirilip bilner.

2. Nägilelik şikaýatlar ýa-da nägilelik teklipnamalar çözgüdi çykaran kazyýetiň üsti bilen getirilýär. Şikaýaty ýa-da teklipnamany gös-göni nägilelik basgançaga bermek şikaýata ýa-da teklipnama seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

347-nji madda. Nägilelik şikaýatynyň ýa-da nägilelik teklipnamasynyň mazmuny

 

1. Nägilelik şikaýatynda ýa-da nägilelik teklipnamasynda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) şikaýatyň ýa-da nägilelik teklipnamasynyň berilýän kazyýetiniň ady;

2) şikaýaty ýa-da teklipnamany berýän adamyň ady;

3) şikaýat edilýän ýa-da teklipnama getirilýän çözgüde we bu çözgüdi çykaran kazyýete bolan görkezme;

4) çözgüdiň nädogrulygynyň nämeden ybaratdygyna we şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasyny berýän adamyň haýyşyna bolan görkezme;

5) şikaýata ýa-da nägilelik teklipnamasyna goşulýan ýazmaça materiallaryň sanawy.

2. Nägilelik şikaýatyny berýän adamyň ýa-da nägilelik teklipnamasyny getirýän prokuroryň birinji basgançakly kazyýete berilmedik täze subutnamalara bolan salgylanmasyna diňe şikaýatda, teklipnamada bu subutnamalary birinji basgançakly kazyýete bermegiň mümkin bolmandygy esaslandyrylan mahalynda ýol berilýär.

3. Nägilelik şikaýatyna ony berýän adam ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilýär. Nägilelik teklipnamasyna prokuror tarapyndan gol çekilýär.

4. Wekil tarapyndan berlen nägilelik şikaýatyna, eger öň işde bolmasa, ynanç haty ýa-da wekiliň ygtyýarlylygyny tassyklaýan başga resminama goşulmalydyr.

5. Nägilelik şikaýatyna, eger şikaýat berlende döwlet pajy tölenilmäge degişli bolsa, döwlet pajynyň tölenendigini tassyklaýan resminama goşulýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

348-nji madda. Nägilelik şikaýatynyň ýa-da nägilelik teklipnamasynyň nusgalary

 

1. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy kazyýete işe gatnaşýan adamlaryň sany boýunça nusgalary bilen berilýär.

2. Zerur halatlarda kazy nägilelik şikaýatyny berýän adamyny ýa-da teklipnama getirýän prokurory nägilelik şikaýatyna ýa-da teklipnama goşulan ýazmaça materiallaryň nusgalaryny işe gatnaşýan adamlaryň sany boýunça bermäge borçly edip biler.

 

349-njy madda. Işi nägilelik basgançakly kazyýete ibermek

 

Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy gelip gowşandan soň birinji basgançakly kazyýet şikaýat etmek ýa-da teklipnama getirmek üçin bellenilen möhlet geçenden soň, haýal etmän işi nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy bilen bilelikde nägilelik basgançakly kazyýete ibermäge borçludyr.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

38-nji bap. NÄGILELIK BASGANÇAKLY KAZYÝETDE

IŞLERIŇ ÖNÜMÇILIGI

 

350-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde işlere seretmegiň möhletleri

 

1. Nägilelik basgançakly kazyýet nägilelik şikaýaty ýa-da teklipnamasy boýunça gelip gowşan işe, onuň gelip gowşan gününden iki aýyň dowamynda seretmelidir.

2. Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw möwsüminiň ýa-da sala salşyga taýýarlyk görmegiň barşynda nägilelik basgançakly kazyýete seretmek üçin gelip gowşan Türkmenistanyň raýatlarynyň saýlaw hukuklaryny ýa-da sala salşyga gatnaşmak hukuklaryny goramak hakyndaky işler boýunça nägilelik şikaýatyna, teklipnama olaryň gelip gowşan gününden bäş günüň dowamynda seredilýär.

 

351-nji madda. Nägilelik şikaýatyny ýa-da nägilelik teklipnamasyny hereketsiz galdyrmak

 

1. Şu Kodeksiň 347-nji we 348-nji maddalarynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelmeýän nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy berlende, şeýle hem döwlet pajy tölenilmedik şikaýat berlende kazy kesgitnama çykarýar, onuň esasynda şikaýaty, teklipnamany hereketsiz galdyrýar we şikaýaty, teklipnamany beren adama kemçilikleri düzetmek üçin möhlet belleýär.

2. Eger nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasyny beren adam bellenilen möhletde kazyýetiň kesgitnamasynda bar bolan görkezmeleri ýerine ýetirse, şikaýat, teklipnama kazyýete ilkibaşdaky gelip gowşan gününde berlen diýlip hasap edilýär. Şeýle bolmadyk mahalynda şikaýat ýa-da teklipnama berilmedik diýlip hasap edilýär we şikaýaty ýa-da teklipnamany beren adama gaýtarylýar.

 

352-nji madda. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy bilen işi alandan soň kazyýetiň hereketleri

 

1. Kazy nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy bilen işi alandan soň aşakdakylara borçludyr:

1) şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň nusgalaryny we olara goşulan ýazmaça materiallary işe gatnaşýan adamlara ibermäge;

2) nägilelik şikaýatyna ýa-da teklipnama nägilelik basgançakly kazyýetde seretmegiň wagty we ýeri hakynda işe gatnaşýan adamlara habar bermäge.

2. Çözgüdiň kanuny güýje girmegine çenli iş hiç kim tarapyndan kazydan talap edilip bilinmez. Işe gatnaşýan adamlar we prokuror işiň materiallary we gelip gowşan şikaýatlar ýa-da teklipnama bilen kazyýetde tanyşmaga haklydyrlar.

 

353-nji madda. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy babatda närazylyklar

 

1. Işe gatnaşýan adamlar bu närazylyklary tassyklaýan resminamalary goşmak bilen nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy babatda närazylyklary ýazmaça görnüşde bermäge haklydyrlar.

2. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy babatda närazylyklar we olara goşulan resminamalar, işe gatnaşýan adamlaryň sanyna laýyk bolan olaryň nusgalary bilen berilmelidir.

 

354-nji madda. Nägilelik şikaýatyna goşulmak

 

Şärikli hak isleýjiler, şärikli jogap berijiler we nägilelik şikaýatyny beren adam ýaly şol bir tarapyň tarapynda iş ýöredişde çykyş edýän üçünji şahslar nägilelik şikaýatyna goşulyşyp bilerler. Şikaýata goşulmak hakyndaky arza üçin döwlet pajy bilen tölenilmeýär.

 

355-nji madda. Garşydaş tarap tarapyndan özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýatyny bermek

 

1. Bir tarap tarapyndan nägilelik şikaýaty berlen mahalynda garşydaş tarap, eger ol şikaýat etmek üçin bellenilen möhletde nägilelik şikaýatyny bermedik hem bolsa, kazyýet seljerişiniň dowamynda özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýatyny berip biler.

2. Özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýaty üçin şu Kodeksiň 84-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan möçberde döwlet pajy tölenilýär.

3. Özbaşdak bolmadyk nägilelik şikaýaty nägilelik şikaýatyndan ýüz dönderilen mahalynda hakyky däl bolup galýar.

 

356-njy madda. Nägilelik şikaýatyndan ýüz döndermek we nägilelik teklipnamasyny yzyna almak

 

1. Nägilelik şikaýatyny beren adam nägilelik basgançakly kazyýetde onuň degişli kazyýet kararyny kabul etmegine çenli nägilelik şikaýatyndan ýazmaça görnüşde ýüz döndermäge haklydyr.

2. Nägilelik teklipnamasyny getiren prokuror kazyýet mejlisiniň başlanmagyna çenli ony yzyna almaga haklydyr. Nägilelik teklipnamasynyň yzyna alnandygy hakynda işe gatnaşýan adamlara habar berilýär.

Prokuror tarpyndan teklipnama yzyna alnan mahalynda, eger bähbitlerine hak islegi bildirilen we şikaýat bermedik tarap nägilelik tertibinde işe seredilmegini talap edýän bolsa, ol kazyýet çykdajylaryny umumy esaslarda tölemäge borçludyr.

3. Nägilelik şikaýatyndan ýüz döndermegi, nägilelik teklipnamasyny yzyna almagy kabul etmek hakynda nägilelik basgançakly kazyýet kesgitnama çykarýar, onda eger birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdi beýleki adamlar tarapyndan şikaýat edilmedik bolsa, nägilelik önümçiligi bes edilýär.

 

357-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi we taraplaryň barlyşyk ylalaşygy

 

1. Nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasy berlenden soň, hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygy ýazmaça görnüşde nägilelik basgançakly kazyýete berilmelidir.

Hak isleginden ýüz döndermegiň kabul edilmegine ýa-da barlyşyk ylalaşygyň tassyklanylmagyna çenli kazyýet hak isleýjä ýa-da taraplara olaryň iş ýörediş hereketleriniň netijelerini düşündirýär.

2. Hak isleýjiniň hak isleginden ýüz döndermegi kabul edilende ýa-da taraplaryň barlyşyk ylalaşygy tassyklananda nägilelik basgançakly kazyýet çykarylan çözgüdi sökýär we iş boýunça önümçiligi bes edýär.

 

358-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde işe seretmegiň çäkleri

 

1. Nägilelik basgançakly kazyýet nägilelik şikaýatynda, nägilelik teklipnamasynda we şikaýat, teklipnama babatda närazylyklarda beýan edilen delillerden ugur alyp, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdiniň kanunylygyny we esaslylygyny barlaýar.

Nägilelik basgançakly kazyýet bildirilen hak islegiň çäklerinde täze faktlary anyklap we birinji basgançakly kazyýete bermek mümkin bolmadyk täze subutnamalary barlap biler.

2. Nägilelik basgançakly kazyýet şu Kodeksiň 275-nji we 298-nji maddalaryna laýyklykda kazyýet tarapyndan işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmagyň ýörelgesini ulanýar we şu Kodeksiň 24-29-njy baplarynda göz öňünde tutulan işler boýunça öz başlangyjy boýunça işiň ýagdaýlaryny barlaýar.

 

359-njy madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisiniň tertibi

 

1. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisiniň tertibi we ony üpjün edýän çäreler şu Kodeksiň 182-nji we 183-nji maddalarynyň düzgünleri boýunça kesgitlenilýär.

2. Eger prokuror tarapyndan nägilelik teklipnamasy getirilen bolsa, prokuroryň nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisine gatnaşmaga hukugy bardyr.

 

360-njy madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisi

 

Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisi birinji basgançakly kazyýetde kazyýet mejlisini geçirmek üçin bellenilen şu Kodeksiň düzgünleri boýunça we şu bapda beýan edilen düzgünleri nazara almak bilen geçirilýär.

 

361-nji madda. Işe seljermegiň başlanmagy

 

Başlyklyk ediji kazyýet mejlisini açýar we kimiň nägilelik şikaýaty ýa-da teklipnamasy boýunça we haýsy kazyýetiň çözgüdi baradaky haýsy işiň seredilmäge degişlidigini yglan edýär we işe gatnaşýan adamlardan, olaryň wekillerinden kimiň gelendigini aýdyňlaşdyrýar, gelenleriň şahsyýetini anyklaýar, wezipeli adamlaryň, olaryň wekilleriniň ygtyýarlyklaryny barlaýar.

 

362-nji madda. Kazyýetiň düzümini yglan etmek we ynanmazlyk bildirmek hukugyny düşündirmek

 

1. Başlyklyk ediji kazyýetiň düzümini yglan edýär we işe gatnaşýan adamlara olaryň ynanmazlyk bildirmegi mälim etmek hukugyny düşündirýär.

2. Öz-özüňe ynanmazlyk bildirmek we ynanmazlyk bildirmek üçin esaslar, olary çözmegiň tertibi, şeýle hem şeýle arzalary kanagatlandyrmagyň netijeleri şu Kodeksiň 25-31-nji maddalary bilen kesgitlenilýär.

 

363-nji madda. Işe gatnaşýan adamlara olaryň hukuklaryny we borçlaryny düşündirmek

 

Başlyklyk ediji işe gatnaşýan adamlara olaryň iş ýörediş hukuklaryny we borçlaryny düşündirýär.

 

364-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň kazyýet mejlisine gelmezliginiň netijeleri

 

1. Işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda degişli ýagdaýda habar berilmedik, işe gatnaşýan adamlaryň haýsydyr biri kazyýet mejlisine gelmedik mahalynda kazyýet işiň seljerilmegini gaýra goýýar.

2. Işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda degişli ýagdaýda habar berlen şu maddada görkezilen adamlaryň gelmezligi işi seljermek üçin päsgelçilik bolup durmaýar. Ýöne kazyýet şu ýagdaýlarda gelmezligiň sebäplerini esasly diýip hasap edip işi seljermegi gaýra goýmaga haklydyr.

 

365-nji madda. Işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň kazyýet tarapyndan çözülmegi

 

Işe gatnaşýan adamlaryň nägilelik basgançakly kazyýetde işi seljermek bilen baglanyşykly ähli meseleler boýunça haýyşnamalary beýleki işe gatnaşýan adamlaryň pikirleri diňlenilenden soň, kazyýet tarapyndan çözülýär. Bildirilen haýyşnamalar şu Kodeksiň 191-nji maddasynyň düzgünleri boýunça kazyýet tarapyndan çözülýär.

 

366-njy madda. Işiň beýan edilmegi

 

1. Nägilelik basgançakly kazyýetde işlere seretmek başlyklyk edijiniň ýa-da kazylardan biriniň beýany bilen başlanýar.

2. Beýan ediji işiň ýagdaýlaryny, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdiniň mazmunyny, nägilelik şikaýatynyň ýa-da nägilelik teklipnamasynyň we olar babatda gelip gowşan närazylyklaryň delillerini, kazyýete berlen täze subutnamalaryň mazmunyny beýan edýär.

Beýan ediji şonuň ýaly-da kazyýetiň çözgüdini barlamak üçin kazyýetiň seretmegi zerur bolan beýleki maglumatlary beýan edýär.

 

367-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişi

 

Başlyklyk edijiniň ýa-da kazylardan biriniň beýanyndan soň nägilelik basgançakly kazyýet kazyýet mejlisine gelen işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerini diňleýär. Ilkinji bolup nägilelik şikaýatyny beren adam ýa-da onuň wekili ýa-da, eger olar tarapyndan nägilelik teklipnamasy getirilen bolsa, prokuror çykyş edýär. Taraplaryň ikisi tarapyndan kazyýetiň çözgüdine şikaýat edilen mahalynda ilkinji bolup hak isleýji çykyş edýär.

 

368-nji madda. Subutnamalary barlamak

 

1. Işe gatnaşýan adamlaryň düşündirişlerinden soň nägilelik basgançakly kazyýet zerur mahalynda işde bar bolan subutnamalary yglan edýär, şeýle hem, eger olar tarap tarapyndan birinji basgançakly kazyýete berlip bilinmedik diýip hasap etse, täze berlen subutnamalary barlaýar. Täze subutnamalary kabul etmek hakynda kazyýet kesgitnama çykarýar.

2. Taraplar goşmaça şaýatlary çagyrmak we sorag etmek hakynda, olara birinji basgançakly kazyýet tarapyndan olary barlamakdan ýüz dönderilen beýleki subutnamalary talap etmek hakynda haýyşnamalary bildirmäge haklydyr.

3. Subutnamalary barlamak birinji basgançakly kazyýet üçin bellenilen tertipde geçirilýär.

 

369-njy madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýet çykyp geplemeleri

 

1. Eger nägilelik basgançakly kazyýet tarapyndan täze subutnamalar barlanylan bolsa, kazyýet çykyp geplemeleri şu Kodeksiň 217-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirýär. Şunda ilkinji bolup nägilelik şikaýatyny beren adam ýa-da, eger prokuror tarapyndan nägilelik teklipnamasy getirilen bolsa, kazyýet mejlisine gatnaşýan prokuror çykyş edýär.

2. Kazyýet çykyp geplemeleri gutarandan soň, kazyýet nägilelik kesgitnamasyny çykarmak üçin maslahat otagyna gidýär.

 

370-nji madda. Nägilelik kesgitnamasyny çykarmak we ony yglan etmek

 

1. Nägilelik kesgitnamasy maslahat otagynda kabul edilýär, ol ýerde iş boýunça kazyýetiň düzümine girýän kazylar bolup biler. Maslahat otagynda beýleki adamlaryň bolmagyna ýol berilmeýär.

Kazylaryň maslahaty şu Kodeksiň 24-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan tertipde bolup geçýär. Kazylar maslahat wagtynda aýdylan pikir ýöretmeleri aýan edip bilmezler.

2. Nägilelik kesgitnamasy başlyklyk ediji ýa-da kazylaryň biri tarapyndan ýazmaça görnüşde beýan edilýär.

3. Nägilelik kesgitnamasyna kazylaryň ählisi tarapyndan gol çekilýär. Nägilelik kesgitnamasyna girizilen düzedişler kazylaryň gollary bilen tassyklanylmalydyr.

4. Nägilelik kesgitnamasyny yglan etmek şu Kodeksiň 221-nji maddasynda göz öňünde tutulan düzgünler boýunça geçirilýär.

 

371-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň ygtyýarlyklary

 

Nägilelik basgançakly kazyýet işe seredip, öz kesgitnamasy bilen şulara haklydyr:

1) birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini üýtgetmän galdyrmaga, nägilelik şikaýatyny ýa-da nägilelik teklipnamasyny bolsa kanagatlandyrman galdyrmaga;

2) eger iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlar bar bolan we goşmaça berlen subutnamalaryň esasynda anyklanylsa, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini üýtgetmäge ýa-da sökmäge we işi täzeden seretmäge bermezden täze çözgüt çykarmaga;

3) eger birinji basgançakly kazyýet tarapyndan ýol berlen düzgün bozmalar şu Kodeksiň 374-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda nägilelik basgançakly kazyýet tarapyndan düzedilip bilinmeýän bolsa, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini doly ýa-da bölekleýin sökmäge we başga kazy tarapyndan birinji basgançakly kazyýete işe täzeden seretmek üçin ibermäge;

4) birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini doly ýa-da bölekleýin sökmäge we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa-da arzany seretmän galdyrmaga.

 

372-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýetiň çözgüdini sökmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar

 

1. Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýetiň çözgüdini sökmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) iş üçin ähmiýeti bolan ýagdaýlary nädogry kesgitlemek;

2) birinji basgançakly kazyýet tarapyndan iş üçin ähmiýeti bolan anyklanylan ýagdaýlaryň subut edilmezligi;

3) kazyýetiň çözgüdinde beýan edilen birinji basgançakly kazyýetiň netijeleriniň işiň ýagdaýlaryna laýyk gelmezligi;

4) maddy hukuk kadalarynyň ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy.

2. Birinji basgançakly kazyýetiň düýp manysy boýunça dogry çözgüdi diňe bir formal garaýyşlar boýunça sökülip bilinmez.

 

373-nji madda. Maddy hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy

 

Maddy hukuk kadalary bozulan ýa-da nädogry ulanylan diýlip hasap edilýär:

1) eger kazyýet ulanylmaga degişli kanuny ulanmadyk bolsa;

2) eger kazyýet ulanylmaga degişli bolmadyk kanuny ulanan bolsa;

3) eger kazyýet kanuna nädogry düşündiriş beren bolsa.

 

374-nji madda. Iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy

 

1. Iş ýörediş hukuk kadalarynyň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy, eger bu düzgün bozma işiň nädogry çözülmegine getiren bolsa ýa-da getirip biljýek bolsa, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini sökmek üçin esas bolup durýar.

2. Çözgüt şu aşakdaky ýagdaýlarda sökülmäge degişlidir:

1) eger bu işe seretmek hukugy bolmadyk kazy tarapyndan işe seredilen bolsa;

2) eger kazyýet mejlisiniň wagty we ýeri hakynda habar berilmedik işe gatnaşýan adamlaryň haýsydyr biriniň bolmazlygynda işe kazyýet tarapyndan seredilen bolsa;

3) eger işe seredilende kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dili hakyndaky düzgünler bozulan bolsa;

4) eger kazyýet işe gatnaşmaga çekilmedik adamlaryň hukuklary we borçlary hakyndaky meseläni çözen bolsa;

5) eger çözgüde kazy tarapyndan gol çekilmedik bolsa ýa-da eger çözgüde çözgütde görkezilen kazydan başga kazy tarapyndan gol çekilen bolsa;

6) eger çözgüt işe sereden kazydan başga kazy tarapyndan çykarylan bolsa;

7) eger işde kazyýet mejlisiniň teswirnamasy ýok bolsa.

 

375-nji madda. Iş boýunça önümçiligi bes etmek ýa-da arzany seretmän galdyrmak bilen birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdini sökmek

 

Şu Kodeksiň 259-njy we 261-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça kazyýetiň çözgüdi iş boýunça önümçiligi bes etmek ýa-da arzany seretmän galdyrmak bilen nägilelik tertibinde sökülmäge degişlidir.

 

376-njy madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň kesgitnamasy

 

1. Birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdiniň dogrulygy hakyndaky mesele çözülýän nägilelik basgançakly kazyýetiň karary kesgitnama görnüşinde çykarylýar.

2. Kazyýetiň kesgitnamasynda şular görkezilmelidir:

1) kesgitnamanyň çykarylan senesi we ýeri;

2) kesgitnamany çykaran kazyýetiň ady, kazyýetiň düzümi;

3) nägilelik şikaýaty ýa-da nägilelik teklipnamasyny beren adam;

4) birinji basgançakly kazyýetiň şikaýat edilýän çözgüdiniň, nägilelik şikaýatynyň, nägilelik teklipnamasynyň, berlen subutnamalaryň, nägilelik basgançakly kazyýetde işiň seredilmegine gatnaşýan adamlaryň düşündirişleriniň gysgaça mazmuny;

5) nägilelik şikaýatyna ýa-da nägilelik teklipnamasyna seretmegiň netijeleri boýunça kazyýetiň netijeleri;

6) kazyýetiň öz netijelerini çykarmagyna sebäp bolan deliller we kazyýetiň gollanan kanunlaryna salgylanma;

7) kazyýetiň karary.

3. Nägilelik şikaýaty, nägilelik teklipnamasy kanagatlandyrylman galdyrylanda, kazyýet şikaýatyň, teklipnamanyň delilleriniň kabul edilmändiginiň sebäplerini görkezmäge borçludyr.

4. Kazyýetiň çözgüdi doly ýa-da bölekleýin sökülende we iş täzeden seretmäge berlende, kazyýet işe täzeden seredilende birinji basgançakly kazyýetiň etmeli hereketlerini görkezmäge borçludyr.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

377-nji madda. Ýokarda durýan kazyýet tarapyndan birinji basgançak boýunça işleriň öz önümçiligine kabul edilmegi

 

Nägilelik basgançakly kazyýetde kazyýetiň çözgüdi gaýtadan sökülen mahalynda welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, muňa taraplaryň razylygy bolanda, birinji basgançakly kazyýet hökmünde bu işi öz önümçiligine kabul etmegiň zerurlygy hakyndaky meseläni ara alyp maslahatlaşyp bilerler.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

378-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň kesgitnamasynyň kanuny güýji

 

Nägilelik basgançakly kazyýetiň kesgitnamasy çykarylan pursadyndan kanuny güýje girýär.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

379-njy madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň görkezmeleriniň hökmanylygy

 

1. Iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmagyň zerurlygyna degişli we nägilelik basgançakly kazyýetiň kesgitnamasynda beýan edilen görkezmeler, birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdi sökülende we iş täzeden seretmek üçin berlen mahalynda, bu işe täzeden seredýän kazyýet üçin hökmanydyr.

2. Nägilelik basgançakly kazyýetiň ol ýa-da beýleki subutnamalaryň dogrulygy ýa-da nädogrulygy hakyndaky, bir subutnamalaryň beýleki subutnamalaryň öňündäki artykmaçlygy hakyndaky, şeýle hem işe täzeden seredilende kazyýetiň haýsy çözgüdi çykarylmalydygy hakyndaky meseleleri öňünden çözmäge haky ýokdur.

 

380-nji madda. Işe seredilenden soň nägilelik basgançakly kazyýete gelip gowşan nägilelik şikaýatyna ýa-da nägilelik teklipnamasyna seretmegiň tertibi

 

1. Eger bellenilen möhletde ýa-da geçirilen möhlet dikeldilenden soň berlen nägilelik şikaýaty, nägilelik teklipnamasy beýleki şikaýatlar boýunça işe seredilenden soň, nägilelik basgançakly kazyýete gelip gowşan bolsa, nägilelik basgançakly kazyýet gelip gowşan şikaýata ýa-da teklipnama umumy tertipde seredýär.

2. Eger şu maddanyň birinji böleginde görkezilen nägilelik şikaýatyna, nägilelik teklipnamasyna seretmegiň netijesinde nägilelik basgançakly kazyýet öň çykarylan nägilelik kesgitnamasynyň kanuna laýyk gelmeýändigi ýa-da esassyzlygy hakynda netijä gelse, ol ýatyrylýar we täze nägilelik kesgitnamasy çykarylýar.

 

39-njy bap. KAZYÝETIŇ KANUNY GÜÝJE GIRMEDIK KESGITNAMASYNA ŞIKAÝAT ETMEK WE TEKLIPNAMA GETIRMEK

 

381-nji madda. Kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna şikaýat etmek we teklipnama getirmek hukugy

 

1. Birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik kesgitnamasyna taraplar we işe gatnaşýan beýleki adamlar tarapyndan kazyýetiň çözgüdinden aýratynlykda şikaýat edilip bilner, işe gatnaşýan prokuror tarapyndan bolsa nägilelik basgançakly kazyýete nägilelik teklipnamasy getirilip bilner:

1) şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda;

2) haçan-da, kazyýetiň kesgitnamasy işiň mundan beýläk hereket etmek mümkinçiligine päsgel berýän halatlarynda.

2. Birinji basgançakly kazyýetleriň galan kesgitnamalaryna hususy şikaýatlar ýa-da hususy teklipnamalar berilmeýär, ýöne bu kesgitnamalara närazylyklar nägilelik şikaýatyna ýa-da nägilelik teklipnamasyna goşulyp bilner.

 

382-nji madda. Hususy şikaýatlary we hususy teklipnamalary bermegiň we olara seretmegiň möhleti, tertibi

 

1. Hususy şikaýat, hususy teklipnama kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgasynyň işe gatnaşýan adamlara gowşurylan gününden bir aýyň içinde berlip bilner.

Eger kesgitnama şikaýaty bermek hukugy bar bolan adamyň gatnaşmagynda yglan edilen bolsa, onda şikaýaty bermegiň möhleti onuň yglan edilen pursadyndan başlanýar.

2. Hususy şikaýatlary we hususy teklipnamalary bermek we olara seretmek şu Kodeksiň 37-nji we 38-nji baplarynyň degişli maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde geçirilýär.

3. Nägilelik basgançakly kazyýet taraplary diňläninden soň, kazyýet mejlisini geçirmezden kesgitnama çykarýar. Eger munuň özi işiň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin maksada laýyk diýlip hasap edilse, kazyýet mejlisi geçirilýär.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

383-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň ygtyýarlyklary

 

Nägilelik basgançakly kazyýet hususy şikaýata ýa-da hususy teklipnama seredip, şu aşakdaky hukuklary bardyr:

1) kesgitnamany üýtgetmän galdyrmaga, hususy şikaýaty ýa-da hususy teklipnamany bolsa kanagatlandyrman galdyrmaga;

2) kesgitnamany doly ýa-da bölekleýin sökmäge we meseläni düýp manysy boýunça çözmäge;

3) kesgitnamany doly ýa-da bölekleýin sökmäge we meseläni birinji basgançakly kazyýetiň seretmegine bermäge.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

384-nji madda. Nägilelik basgançakly kazyýetiň hususy şikaýat ýa-da hususy teklipnama boýunça çykaran kesgitnamasynyň kanuny güýji

 

Nägilelik basgançakly kazyýetiň hususy şikaýat boýunça ýa-da hususy teklipnama boýunça çykaran kesgitnamasy şikaýat edilmäge degişli däldir we ol çykarylandan soň haýal etmän kanuny güýje girýär.

 

V BÖLÜM. KANUNY GÜÝJE GIREN KAZYÝET KARARLARYNA (ÇÖZGÜTLERINE, KESGITNAMALARYNA WE KARARLARYNA) GAÝTADAN SERETMEK

 

40-njy bap. GÖZEGÇILIK BASGANÇAKLY KAZYÝETDE ÖNÜMÇILIK

 

385-nji madda. Gözegçilik basgançakly kazyýete ýüz tutmak hukugy

 

1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna), gözegçilik basgançakly kazyýete işe gatnaşýan adamlar tarapyndan, eger olaryň hukuklary we kanuny bähbitleri kazyýet kararlary bilen bozulan bolsa, şu bapda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

2. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna gaýtadan seretmek hakynda teklipnamalar bilen Türkmenistanyň Baş prokurory we Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlary işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ýüz tutmaga haklydyrlar.

Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kanuny güýje giren kazyýet çözgütlerine we kesgitnamalaryna gaýtadan seretmek hakynda teklipnamalar bilen welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň esasynda welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumyna ýüz tutmaga haklydyrlar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

386-njy madda. Gözegçilik basgançakly kazyýete ýüz tutmagyň möhleti

 

Gözegçilik tertibinde şikaýat ýa-da teklipnama kazyýet kararlarynyň kanuny güýje giren gününden bir ýylyň dowamynda berlip bilner.

 

387-nji madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny bermegiň tertibi

 

1. Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy gös-göni gözegçilik basgançakly kazyýete berilýär.

2. Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy berilýär:

1) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kanuny güýje giren çözgütlerine we kesgitnamalaryna, eger olar nägilelik basgançakly ýa-da gözegçilik basgançakly kazyýetde seredilmedik bolsalar - welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumyna;

2) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň çözgütlerine we kesgitnamalaryna, eger olar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde nägilelik we gözegçilik tertibinde seretmegiň närsesi bolmadyk bolsalar, şeýle hem welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň nägilelik kesgitnamalaryna we welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumlarynyň kararlaryna - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasyna;

3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň çözgütlerine we kesgitnamalaryna - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna;

4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň we Giňişleýin mejlisiniň kararlaryna - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisine.

(2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky, 2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 28-nji madda; 2020 ý., № 4, 80-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

388-nji madda. Gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň teklipnamasynyň mazmuny

 

1. Gözegçilik şikaýatynda ýa-da prokuroryň teklipnamasynda şu aşakdakylar bolmalydyr:

1) şikaýat ýa-da teklipnama berilýän kazyýetiň ady;

2) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren adamyň ady, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da ýerleşýän ýeri we işde iş ýörediş ýagdaýy;

3) işe gatnaşýan beýleki adamlaryň familiýasy, ady, atasynyň ady, olaryň ýaşaýan ýeri ýa-da bolýan ýeri;

4) birinji ýa-da nägilelik basgançak boýunça işe sereden kazyýetlere görkezme we olar tarapyndan kabul edilen çözgütleriň mazmuny;

5) şikaýat edilýän kazyýet kararlaryna görkezme;

6) kazyýetler tarapyndan ýol berlen kanunyň düýpli bozulmagynyň nämeden durýandygyna görkezme;

7) şikaýaty ýa-da teklipnamany berýän adamyň haýyşy.

2. Gözegçilik şikaýatyna ony berýän adam ýa-da onuň wekili tarapyndan gol çekilmelidir. Wekil tarapyndan berlen şikaýata ynanç haty ýa-da onuň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan başga resminama goşulýar. Teklipnama prokuror tarapyndan gol çekilmelidir.

3. Gözegçilik şikaýatyna iş boýunça kabul edilen kazyýet  kararlarynyň degişli kazyýet tarapyndan tassyklanan nusgalary goşulýar.

4. Gözegçilik şikaýaty işe gatnaşýan adamlaryň sanyna laýyk bolan onuň nusgalary bilen bilelikde kazyýete berilýär.

5. Prokuroryň teklipnamasy işe gatnaşýan adamlaryň sanyna laýyk bolan onuň nusgalary bilen bilelikde kazyýete iberilýär.

 

389-njy madda. Işleri talap etmek

 

1. Raýat işi welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylary we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylary, şeýle hem welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň prokurorlary, Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary tarapyndan gözegçilik tertibinde barlamak üçin degişli kazyýetden talap edilip bilner.

2. Işleri talap etmek üçin esaslar şu Kodeksiň 385-nji maddasynyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň gözegçilik şikaýaty, şeýle hem işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň esasynda agzalan maddanyň ikinji böleginde görkezilen prokurorlaryň başlangyjy bolup durýar.

3. Prokuror tarapyndan teklipnama getirmek üçin esaslar bolmadyk mahalynda, bu hakda teklipnama getirmekden ýüz döndermegiň delillerini görkezmek bilen, barlamak üçin haýyşnamasy boýunça iş talap edilen adama habar berilýär, iş bolsa onuň talap edilen kazyýetine gaýtarylýar.

(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 142-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

390-njy madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny alandan soň gözegçilik basgançakly kazyýetiň hereketleri

 

Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysynyň seretmegine berilýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

391-nji madda. Gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny düýp manysy boýunça seretmezden gaýtarmak

 

Gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy olaryň gözegçilik basgançakly kazyýete gelip gowşan gününden on günüň dowamynda düýp manysy boýunça seretmezden kazy tarapyndan şu aşakdaky halatda gaýtarylýar, eger:

1) şikaýat ýa-da teklipnama şu Kodeksiň 388-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplara laýyk gelmeýän bolsa;

2) şikaýat ýa-da teklipnama gözegçilik basgançakly kazyýete ýüz tutmak hukugy bolmadyk adam tarapyndan berlen bolsa;

3) kazyýet kararyna gözegçilik tertibinde şikaýat etmegiň möhleti geçirilen bolsa we şikaýatda ony dikeltmek hakynda haýyşnama ýok bolsa ýa-da onuň dikeldilmeginden ýüz dönderilende;

4) düýp manysy boýunça seretmek üçin şikaýatyň ýa-da teklipnamanyň kabul edilmegine çenli olary gaýtarmak ýa-da yzyna almak hakynda haýyş gelip gowşan bolsa.

 

392-nji madda. Gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna seretmek

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýetde gözegçilik şikaýaty ýa-da prokuroryň teklipnamasy bir aýyň dowamynda seredilýär.

2. Gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna seretmegiň netijeleri boýunça kazy aşakdakylar hakynda kesgitnama çykarýar:

1) eger kazyýet kararynyň kanunylygyna şübheler bar bolsa, işi talap etmek;

2) eger şikaýatda ýa-da teklipnamada beýan edilen deliller kanuna laýyklykda kazyýet kararyny ýatyrmak mümkinçiligine getirip bilmejek bolsa, işi talap etmekden ýüz döndermek.

3. Işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda deliller beýan edilýär. Işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasy gözegçilik şikaýatyny beren adama ýa-da teklipnama getiren prokurora iberilýär. Işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) kesgitnamany çykaran kazynyň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;

2) kesgitnamanyň çykarylan wagty we ýeri;

3) kesgitnama çykarylan iş;

4) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren adamyň ady;

5) işi talap etmek ýa-da işi talap etmekden ýüz döndermek üçin esas.

4. Iş talap edilen mahalynda kazy şikaýatda ýa-da teklipnamada bu hakda haýyş bar bolan mahalynda, gözegçilik basgançakly kazyýetde önümçiligiň tamamlanmagyna çenli kazyýetiň çözgüdiniň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr.

5. Işi talap etmekden ýüz dönderilen mahalynda şikaýat ýa-da prokuroryň teklipnamasy, şeýle hem şikaýat edilýän kazyýet kararlarynyň nusgalary gözegçilik basgançakly kazyýetde galýar.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda).

 

393-nji madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetde talap edilen işlere seretmek

 

1. Talap edilen işe işiň gelip gowşan gününden bir aýyň dowamynda kazy tarapyndan seredilýär. Bu möhlet kazyýetiň başlygy ýa-da onuň orunbasary tarapyndan iki aýa çenli uzaldylyp bilner.

2. Gözegçilik basgançakly kazyýetde talap edilen işe seretmegiň netijeleri boýunça kazy kesgitnama çykarýar:

1) gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda;

2) gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda.

21. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda deliller beýan edilýär. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasy gözegçilik şikaýatyny beren adama ýa-da teklipnama getiren prokurora iberilýär. Gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek hakynda ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynda şu aşakdakylar görkezilmelidir:

1) kesgitnamany çykaran kazynyň familiýasy we adynyň hem-de atasynyň adynyň baş harplary;

2) kesgitnamanyň çykarylan wagty we ýeri;

3) kesgitnama çykarylan iş;

4) şikaýaty ýa-da teklipnamany beren adamyň ady;

5) gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermekden ýüz döndermek ýa-da gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna gözegçilik basgançakly kazyýetde düýp manysy boýunça seretmäge işi bermek üçin esas.

3. Gözegçilik basgançakly kazyýetde seretmek üçin berlen iş, işi gözegçilik basgançakly kazyýetde seretmek üçin bermek hakynda kesgitnamanyň çykarylan gününden, welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumynda - bir aýyň dowamynda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda - iki aýyň dowamynda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde - üç aýyň dowamynda seredilýär.

(2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 146-njy madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

394-nji madda. Işiň gözegçilik basgançakly kazyýetde seredilmegi üçin berlendigi hakynda işe gatnaşýan adamlara habar bermek

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýet işe gözegçilik basgançakly kazyýetde seretmek üçin bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasynyň nusgasyny we gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň teklipnamasynyň nusgalaryny işe gatnaşýan adamlara iberýär. Kazyýet işe seretmegiň wagtyny işe gatnaşýan adamlaryň kazyýet mejlisine gelmäge mümkinçiliginiň bolmagyny nazara almak bilen belleýär.

2. Işe gatnaşýan adamlara işe seretmegiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär. Olar arza babatda öz nukdaýnazaryny ýazmaça beýan edip bilerler. Işe gatnaşýan adamlaryň gelmezligi işe seretmäge päsgel bermeýär.

 

395-nji madda. Şikaýatdan ýüz döndermek we teklipnamany yzyna almak

 

1. Gözegçilik tertibinde şikaýaty beren adam onuň düýp manysy boýunça seredilmäge kabul edilmegine çenli gözegçilik basgançakly kazyýetde ondan ýazmaça görnüşde ýüz döndermäge haklydyr.

2. Gözegçilik tertibinde teklipnama getiren prokuror düýp manysy boýunça seretmek üçin teklipnamanyň kabul edilmegine çenli ony yzyna almaga haklydyr. Teklipnamanyň yzyna alnandygy hakynda işe gatnaşýan adamlara habar berilýär. Işe seretmegiň barşynda teklipnama yzyna alnyp ýa-da üýtgedilip bilinmez.

 

396-njy madda. Işe seretmegiň çäkleri

 

1. Gözegçilik tertibinde işe seredilende kazyýet şikaýatda ýa-da teklipnamada getirilen delilleriň çäklerinde işde bar bolan materiallar boýunça kazyýet kararlarynyň kanunylygyny we esaslylygyny barlaýar.

2. Şu Kodeksiň 24-29-njy baplarynda göz öňünde tutulan işler boýunça gözegçilik basgançakly kazyýet kazyýet kararlarynyň kanunylygyny we esaslylygyny doly möçberde barlaýar.

 

397-nji madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seretmegiň tertibi

 

1. Gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seredilende şu maddada görkezilen alynmalar we goşmaçalar bilen şu Kodeksiň 359-njy maddasynyň birinji böleginde we 361-363-nji, 365-nji we 366-njy maddalarynda beýan edilen düzgünler ulanylýar.

2. Gözegçilik tertibinde welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumynda seredilýän iş kazyýetiň başlygy ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça prezidiumyň agzasy tarapyndan beýan edilýär.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda gözegçilik tertibinde seredilýän iş kollegiýanyň kazylarynyň biri tarapyndan beýan edilýär.

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde gözegçilik tertibinde seredilýän iş kazyýetiň başlygy, onuň orunbasary ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça Prezidiumyň ýa-da Giňişleýin mejlisiň agzasy ýa-da işe seredilende öň gatnaşmadyk bu kazyýetiň başga kazysy tarapyndan beýan edilýär.

3. Gözegçilik şikaýatyny beren işe gatnaşýan adamlar, olaryň wekilleri, beýleki adamlar, eger olaryň hukuklary we kanuny bähbitleri gös-göni şikaýat edilýän kazyýet karary bilen täsir edilýän bolsa, kazyýet mejlisine gatnaşýarlar.

Eger prokuror tarapyndan teklipnama getirilen bolsa, kazyýet mejlisine aşakdakylar gatnaşýar:

welaýatyň ýa-da welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň prokurory - welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumynda;

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň tabşyrmagy boýunça prokuror - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynda;

Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da onuň orunbasary - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynda;

Türkmenistanyň Baş prokurory - Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisinde.

4. Beýan ediji işiň ýagdaýlaryny, iş boýunça kabul edilen kazyýet kararlarynyň mazmunyny, gözegçilik şikaýatynyň ýa-da prokuroryň teklipnamasynyň delillerini we gözegçilik basgançakly kazyýetde gözegçilik şikaýatyna ýa-da prokuroryň teklipnamasyna düýp manysy boýunça seretmek üçin işi bermek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyny beýan edýär. Beýan edijä soraglar berlip bilner.

5. Şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen adamlar, eger olar kazyýet mejlisine gelseler, iş boýunça düşündirişler bermäge haklydyrlar. Ilkinji bolup gözegçilik şikaýatyny beren adam ýa-da teklipnamany getiren prokuror düşündiriş berýär.

6. Gözegçilik basgançakly kazyýetde işe seretmegiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy kesgitnama çykarýar, welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň Prezidiumy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy ýa-da Giňişleýin mejlisi bolsa karar çykarýar.

7. Gözegçilik tertibinde işe seredilende ähli meseleler sesleriň köplügi bilen çözülýär. Kazyýet kollegiýasynda, Prezidiumda ýa-da Giňişleýin mejlisde ses berlende kazylaryň düzüminden hiç kimiň ses bermekden saklanmaga haky ýokdur.

8. Kesgitnamanyň ýa-da kararyň nusgasy gözegçilik basgançakly kazyýet tarapyndan işe gatnaşýan adamlara iberilýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

398-nji madda. Gözegçilik basgançakly kazyýetiň ygtyýarlyklary

 

1. Kazyýet işe gözegçilik tertibinde seredip, şu aşakdakylara haklydyr:

1) kazyýet kararyny (çözgüdi, kesgitnamany we karary) üýtgetmän galdyrmaga, işe gözegçilik tertibinde gaýtadan seretmek hakyndaky gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny kanagatlandyrman galdyrmaga;

2) kazyýet kararyny (çözgüdini, kesgitnamasyny we kararyny) doly ýa-da bölekleýin sökmäge we işi täzeden seretmek üçin ibermäge;

3) kazyýet kararyny (çözgüdini, kesgitnamasyny we kararyny) doly ýa-da bölekleýin bölekleýin sökmäge we iş boýunça önümçiligi bes etmäge ýa-da arzany seretmän galdyrmaga;

4) iş boýunça kabul edilen kazyýet kararlarynyň birini güýjünde goýmaga;

5) kazyýet kararyny (çözgüdini, kesgitnamasyny we kararyny) sökmäge ýa-da üýtgetmäge we eger maddy hukugyň kadalary ulanylanda we düşündirilende ýalňyşlyga ýol berlen bolsa, täzeden seretmek üçin işi bermän, täze kazyýet kararyny kabul etmäge;

6) gözegçilik şikaýatyny ýa-da prokuroryň teklipnamasyny şu Kodeksiň 391-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar bar bolan mahalynda düýp manysy boýunça seretmän galdyrmaga.

2. Kanuny düşündirmek hakynda ýokarda durýan kazyýetiň görkezmeleri işe täzeden seredýän kazyýet üçin hökmany bolup durýar.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

399-njy madda. Gözegçilik tertibinde kazyýet kararlaryny sökmek ýa-da üýtgetmek üçin esaslar

 

1. Gözegçilik tertibinde kazyýet kararlaryny sökmek ýa-da üýtgetmek üçin olaryň esassyzlygy ýa-da maddy ýa-da iş ýörediş hukuk kadalarynyň düýpli bozulmalary esaslar bolup durýar.

2. Kazyýetiň çözgüdi, kesgitnamasy ýa-da karary şu Kodeksiň 259-njy we 261-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça iş boýunça önümçiligi bes etmek ýa-da arzany seretmän galdyrmak bilen gözegçilik tertibinde sökülmäge degişlidir.

 

400-nji madda. Gözegçilik tertibinde işe seredýän kazyýetiň görkezmeleriniň hökmanylygy

 

1. Gözegçilik tertibinde işe seredýän kazyýetiň kesgitnamasynda ýa-da kararynda beýan edilen görkezmeleri bu işe täzeden seredýän kazyýet üçin hökmanydyr.

2. Gözegçilik tertibinde işe seredýän kazyýetiň çözgüdinde anyklanylmadyk ýa-da ret edilen ýagdaýlaryny anyklamaga ýa-da subut edilen diýip hasap etmäge, ol ýa-da beýleki subutnamalaryň dogrulygy ýa-da nädogrulygy hakyndaky, subutnamalaryň biriniň beýlekileriň öňünde artykmaçlygy hakyndaky, şeýle hem maddy hukugyň haýsy kadasynyň ulanylmalydygy we haýsy çözgüdiň işe täzeden seredilende çykarylmalydygy hakyndaky meseleleri öňünden çözmäge haky ýokdur.

3. Kazyýet gözegçilik tertibinde işe seredende nägilelik tertibindäki kesgitnamany söküp işe gaýtadan seredilende nägilelik basgançagy tarapyndan çykarylyp bilinjek netijeleri öňünden çözmäge hem haky ýokdur.

 

401-nji madda. Kazyýetiň kesgitnamasy we karary

 

1. Gözegçilik tertibinde işe sereden kazyýetleriň kesgitnamalarynyň we kararlarynyň mazmuny we netijeleri şu Kodeksiň 376-njy we 378-nji maddalarynda beýan edilen düzgünler bilen kesgitlenilýär.

2. Kazyýet kollegiýasynyň kesgitnamasyna işe sereden kazylaryň ählisi tarapyndan gol çekilýär, Prezidiumyň kararyna - Prezidiumyň mejlisinde başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň kararyna - başlyklyk ediji we Giňişleýin mejlisiň kätibi tarapyndan gol çekilýär.

3. Kazyýetiň kesgitnamasy we karary şikaýat ýa-da teklipnama bilen bilelikde işe goşulýar.

 

402-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň teswirnamasy

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň mejlisinde teswirnama ýöredilýär.

2. Mejlisiň teswirnamasynda mejlisiň senesi, mejlise gatnaşyjylar, gün tertibi, mejlise gatnaşan adamlaryň çykyşlarynyň gysgaça mazmuny, şeýle hem iş boýunça kabul edilen çözgüde bolan görkezme görkezilýär.

3. Teswirnama giňişleýin mejlisiň başlygy we kätibi tarapyndan gol çekilýär.

 

41-nji bap. TÄZE ÝÜZE ÇYKAN ÝAGDAÝLAR BOÝUNÇA KAZYÝET KARARLARYNA (ÇÖZGÜTLERINE, KESGITNAMALARYNA WE KARARLARYNA) GAÝTADAN SERETMEK

 

403-nji madda. Gaýtadan seretmegiň esaslary

 

1. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seredilip bilner.

2. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) gaýtadan seretmek üçin şu aşakdakylar esas bolup durýarlar:

1) iş üçin möhüm bolan arza berijä mälim bolmadyk we mälim bolup bilmejek ýagdaýlar;

2) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanylan, bikanun ýa-da esassyz çözgüdiň çykarylmagyna getiren şaýadyň görnetin ýalan görkezmeleri, bilermeniň görnetin ýalan netijenamasy, görnetin nädogry terjime, resminamalaryň ýa-da maddy subutnamalaryň galplygy;

3) kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen takyklanylan taraplaryň, işe gatnaşýan beýleki adamlaryň ýa-da olaryň wekilleriniň jenaýatçylykly hereketleri ýa-da bu işe seredilende kazylaryň eden jenaýatçylykly etmişleri;

4) bu kazyýet kararynyň (çözgüdiniň, kesgitnamasynyň we kararynyň) çykarylmagyna esas bolup hyzmat eden kazyýetiň çözgüdiniň, höküminiň, kesgitnamasynyň, kararynyň ýa-da döwlet ýa-da beýleki edaranyň kararynyň ýatyrylmagy.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

404-nji madda. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) gaýtadan seredýän kazyýetler

 

1. Kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna (çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna) bu çözgüdi çykaran kazyýet tarapyndan täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça gaýtadan seredilýär.

2. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça nägilelik ýa-da gözegçilik basgançakly kesgitnamalara we kararlara gaýtadan seretmek, olar bilen birinji basgançakly kazyýetiň çözgüdi üýtgedilen ýa-da täze çözgüt çykarylan bolsa, çözgüdi üýtgeden ýa-da täze çözgüt çykaran kazyýet tarapyndan geçirilýär.

 

405-nji madda. Önümçiligi gozgamak

 

1. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakynda önümçilik işe gatnaşýan adamlaryň arzasy boýunça, şeýle hem işe gatnaşýan adamlaryň haýyşnamalarynyň esasynda prokuroryň teklipnamasy boýunça kazyýet kararyny (çözgüdini, kesgitnamasyny ýa-da kararyny) çykaran kazyýetde gozgalýar.

2. Arza ýa-da teklipnama gaýtadan seretmek üçin esas bolup hyzmat eden ýagdaýlaryň anyklanan gününden üç aýyň dowamynda berlip bilner.

3. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakyndaky arzada ýa-da teklipnamada täze ýüze çykan ýagdaýlaryň bardygyny tassyklaýan subutnamalar görkezilmelidir.

 

406-njy madda. Arzany bermek üçin möhleti hasaplamak

 

Arzany bermek üçin möhlet aşakdaky ýaly hasaplanylýar:

1) şu Kodeksiň 403-nji maddasynyň ikinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda - iş üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň açylan gününden;

2) şu Kodeksiň 403-nji maddasynyň ikinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan halatlarda - jenaýat işi boýunça hökümiň kanuny güýje giren gününden;

3) şu Kodeksiň 403-nji maddasynyň ikinji böleginiň 4-nji bendinde göz öňünde tutulan halatlarda öz mazmuny boýunça gaýtadan seredilýän kazyýet kararynyň (çözgüdiniň, kesgitnamasynyň ýa-da kararynyň) esaslanan hökümine, çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna garşy kazyýetiň höküminiň, çözgüdiniň, kesgitnamasynyň, kararynyň kanuny güýje giren gününden ýa-da döwlet ýa-da başga edara tarapyndan kararyň çykarylan gününden.

(2020-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 80-nji madda).

 

407-nji madda. Arzanyň seredilmegi

 

Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakynda arza kazyýet mejlisinde seredilýär. Arza beriji we işe gatnaşýan beýleki adamlara mejlisiň wagty we ýeri hakynda habar berilýär, ýöne olaryň gelmezligi arza seretmek üçin päsgelçilik bolup durmaýar. Görkezilen adamlaryň kazyýet mejlisine gatnaşmagy şu Kodeksiň 1721-nji maddasyna laýyklykda sanly wideoaragatnaşyk ulgamyny peýdalanmak arkaly geçirilip bilner.

(2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 27-nji madda).

 

408-nji madda. Kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasy

 

1. Kazyýet täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakyndaky arza seredip, arzany kanagatlandyrýar we çözgüdi, kesgitnamany ýa-da karary sökýär ýa-da gaýtadan seretmekden ýüz dönderýär.

2. Kazyýet karary (çözgüdi, kesgitnamasy ýa-da karary) sökülenden soň işe şu Kodeksde bellenilen umumy kadalar boýunça seredilýär.

3. Täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararyna (çözgüdine, kesgitnamasyna ýa-da kararyna) gaýtadan seretmek hakynda kazyýetiň kesgitnamasyna hususy şikaýat berlip bilner ýa-da işe gatnaşýan ýa-da täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet kararlaryna gaýtadan seretmek hakynda teklipnama getiren prokuror tarapyndan teklipnama getirilip bilner.

 

VI BÖLÜM. DAŞARY ÝURT ŞAHSLARYŇ GATNAŞMAGYNDA IŞLER BOÝUNÇA ÖNÜMÇILIK

 

42-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER

 

409-njy madda. Daşary ýurt şahslaryň iş ýörediş hukuklary we borçlary

 

1. Daşary ýurt raýatlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň, daşary ýurt guramalaryň, halkara guramalaryň (mundan beýläk - daşary ýurt şahslary) öz bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin Türkmenistanyň kazyýetlerine ýüz tutmaga hukugy bardyr.

2. Daşary ýurt şahslary Türkmenistanyň raýatlary we guramalary bilen bir hatarda iş ýörediş hukuklaryndan peýdalanýarlar we iş ýörediş borçlaryny ýerine ýetirýärler.

3. Daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagynda işler boýunça önümçilik şu Kodekse we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

4. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kazyýetlerinde Türkmenistanyň raýatlarynyň we guramalarynyň iş ýörediş hukuklarynyň ýörite çäklendirmelerine ýol berýän döwletleriň daşary ýurt şahslary babatda jogap çäklendirmeleri bellenilip bilner.

 

410-njy madda. Daşary ýurt raýatlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat iş ýörediş hukuk ukyby we kämillik ukyby

 

1. Daşary ýurt raýatlaryň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň raýat iş ýörediş hukuk ukyby we kämillik ukyby olaryň şahsy kanuny bilen kesgitlenilýär.

2. Daşary ýurt raýatyň şahsy kanuny raýatyň raýatlygy bolan ýurdunyň hukugydyr. Eger raýatyň Türkmenistanyň raýatlygy bilen bir hatarda daşary ýurt raýatlygy bar bolsa, onuň şahsy kanuny Türkmenistanyň kanuny hasap edilýär. Şeýle adamyň daşary ýurt döwletiň raýatlygyna degişliligi Türkmenistanyň kazyýetleri tarapyndan ykrar edilmeýär.

3. Raýatlygy bolmadyk adamyň şahsy kanuny bu adamyň ýaşaýan ýeri bolan ýurdunyň hukugy, şunuň ýaly ýok bolsa - onuň adaty bolýan ýeriniň döwletiniň kanuny hasap edilýär.

4. Şahsy kanunyň esasynda iş ýörediş kämillik ukyby bolmadyk adam Türkmenistanyň çäginde, eger ol Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda iş ýörediş kämillik ukybyna eýe bolýan bolsa, iş ýörediş kämillik ukyply diýlip ykrar edilip bilner.

 

411-nji madda. Daşary ýurt guramasynyň we halkara guramasynyň iş ýörediş hukuk ukyby

 

1. Daşary ýurt guramasynyň şahsy kanuny guramanyň esaslandyrylan ýurdunyň hukugy hasap edilýär. Daşary ýurt guramasynyň şahsy kanunynyň esasynda onuň iş ýörediş hukuk ukyby kesgitlenilýär.

2. Şahsy kanuna laýyklykda iş ýörediş hukuk ukybyna eýe bolmaýan daşary ýurt guramasy Türkmenistanyň çäginde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hukuk ukyply diýlip ykrar edilip bilner.

3. Halkara guramasynyň iş ýörediş hukuk ukyby onuň döredilmegine esas bolan şol halkara şertnamasy, onuň esaslandyryjy resminamalary ýa-da Türkmenistanyň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşygy esasynda bellenilýär.

 

43-nji bap. DAŞARY ÝURT ŞAHSLARYŇ GATNAŞMAGYNDA IŞLERIŇ KAZYÝETE DEGIŞLILIGI

 

412-nji madda. Kazyýete degişlilik düzgünleriň ulanylmagy

 

1. Türkmenistanyň kazyýetlerine daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagyndaky işleriň kazyýete degişliligi, eger şu babyň düzgünleri bilen başgaça bellenilmedik bolsa, şu Kodeksiň 4-nji babynyň düzgünleri boýunça kesgitlenilýär.

2. Türkmenistanyň kazyýetleri daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagyndaky işlere, eger jogap beriji-raýatyň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa ýa-da jogap beriji-gurama Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bolsa, seredýärler.

3. Türkmenistanyň kazyýetleri şu ýagdaýda daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagyndaky işlere seretmäge hem haklydyrlar, eger:

1) daşary ýurt şahsyň dolandyryş edarasy, şahamçasy ýa-da wekilligi Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän bolsa;

2) jogap berijiniň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän emlägi bar bolsa;

3) alimentleri tutup almak hakynda we atalygy anyklamak hakynda iş boýunça hak isleýjiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa;

4) şikes, saglygyna başga hili zeper ýa-da ekleýjiniň ölmegi bilen ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakyndaky iş boýunça, zelel Türkmenistanyň çäginde ýetirilen bolsa ýa-da hak isleýjiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa;

5) emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakynda iş boýunça, zyýanyň öwezini dolmak hakynda talaby bildirmek üçin esas bolup hyzmat eden hereket ýa-da başga ýagdaý Türkmenistanyň çäginde bolan bolsa;

6) hak islegi şertnamadan gelip çykýan bolsa, onuň doly ýa-da bölekleýin ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň çäginde bolmaly bolsa ýa-da bolan bolsa;

7) hak islegi Türkmenistanyň çäginde bolan esassyz baýlaşmakdan gelip çykýan bolsa;

8) nikany bozmak hakyndaky iş boýunça hak isleýjiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa ýa-da är-aýalyň bolmanda biri Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa;

9) at-abraýy, mertebäni we iş abraýy goramak hakyndaky iş boýunça hak isleýjiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa.

4. Türkmenistanyň kazyýetleri, eger Türkmenistanyň kanunçylygy bilen olaryň ygtyýaryna degişli edilen bolsa, başga işlere hem seredýärler.

 

413-nji madda. Daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagynda işleriň aýratyn kazyýete degişliligi

 

1. Aýratyn kazyýete degişlilige şular degişlidir:

1) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan emläge bolan hukuk hakyndaky işler;

2) daşamak şertnamasyndan gelip çykýan jedeller boýunça işler, eger daşaýjylar Türkmenistanyň çäginde bolsalar;

3) Türkmenistanyň raýatlarynyň daşary ýurt raýatlary ýa-da raýatlygy bolmadyk adamlar bilen nikasyny bozmak hakynda işler, eger är-aýalyň ikisiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa;

4) şu Kodeksiň 272-nji maddasynda sanalyp geçilen işler.

2. Kazyýetler şu ýagdaýlarda aýratyn önümçiligiň işlerine seredýärler, eger:

1) ýuridik ähmiýeti bolan fakty takyklamak hakyndaky iş boýunça arza berijiniň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa ýa-da takyklanylmagy zerur fakt Türkmenistanyň çäginde bolan bolsa ýa-da bolsa;

2) raýatyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakynda ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakynda, saklamagyň aýratyn düzgüni bolan edara raýaty mejbury ýerleşdirmek hakynda arza özi barada berilýän raýat Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa ýa-da onuň Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bar bolsa;

3) nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda ýa-da ölen diýip yglan etmek hakynda arza özi barada berilýän adam Türkmenistanyň raýaty bolup durýan bolsa ýa-da soňky belli bolan ýaşaýan ýeri Türkmenistanda bolan bolsa we şunuň bilen birlikde bu meseläniň çözülmeginden Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bolan raýatlaryň, Türkmenistanda ýerleşýän ýeri bolan guramalaryň hukuklarynyň we borçlarynyň bellenilmegi bagly bolup durýan bolsa;

4) Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gozgalmaýan emlägi eýesiz diýip ykrar etmek we ony döwlet eýeçiligine geçirmek hakynda arza berlen bolsa;

5) Türkmenistanda ýaşaýan ýeri bolan raýat tarapyndan ýa-da raýata berlen ýa-da Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän gurama tarapyndan ýa-da gurama berlen görkeziji üçin ýitirilen ýa-da ýok edilen resminamany güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda arza berlen bolsa.

 

414-nji madda. Daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagynda işleriň şertnamalaýyn kazyýete degişliligi

 

1. Daşary ýurt şahsyň gatnaşmagynda iş boýunça taraplar onuň kazyýet tarapyndan öz önümçiligine kabul edilmegine çenli işiň kazyýete degişliligini üýtgetmek hakynda ylalaşmaga haklydyrlar.

2. Şu Kodeksiň 38-nji, 40-njy we 413-nji maddalarynda bellenilen daşary ýurt şahslaryň gatnaşmagynda işleriň kazyýete degişliligi taraplaryň ylalaşmagy boýunça üýtgedilip bilinmez.

 

415-nji madda. Işiň seredilýän ýeriniň üýtgewsizligi

 

Kazyýete degişlilik düzgünlerini berjaý etmek bilen Türkmenistanyň kazyýeti tarapyndan önümçilige kabul edilen iş, eger hatda taraplaryň raýatlygynyň, ýaşaýan ýeriniň ýa-da ýerleşýän ýeriniň üýtgemegi ýa-da beýleki ýagdaýlar bilen baglanyşykly ol daşary ýurt döwletiniň kazyýetine degişli bolan hem bolsa, düýp manysy boýunça ol tarapyndan çözülýär.

 

416-njy madda. Daşary ýurt döwletiniň kazyýeti tarapyndan işlere seretmegiň iş ýörediş netijeleri

 

1. Eger kazyýetiň çözgütleriniň özara ykrar edilmegini we ýerine ýetirilmegini göz öňünde tutýan Türkmenistanyň halkara şertnamasy bolan daşary ýurt döwletiniň kazyýeti tarapyndan kabul edilen şol bir taraplaryň arasynda, şol bir närse barada we şol bir esaslar boýunça jedel boýunça kazyýetiň çözgüdi bar bolsa, Türkmenistanyň kazyýetleri hak isleýiş arzasyny önümçilige kabul etmekden ýüz dönderýärler we iş boýunça önümçiligi bes edýärler.

2. Eger çözgüdi Türkmenistanyň çäginde ykrar edilmäge ýa-da ýerine ýetirilmäge degişli bolan daşary