TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda
kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3-4, 91-nji madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksini 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girizmeli.
3-nji madda. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi güýje giren gününden şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
2007-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2007 ý., № 1, 23-nji madda);
2008-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2008 ý., № 4, 66-njy madda);
2009-njy ýylyň 6-njy martynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 1, 24-nji madda);
2010-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 1, 4-nji madda);
2010-njy ýylyň 22-nji aprelinde kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 2, 27-nji madda);
2010-njy ýylyň 26-njy noýabrynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 4, 75-nji madda);
2011-nji ýylyň 26-njy martynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 1, 25-nji madda);
2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 44-nji madda);
2011-nji ýylyň 14-nji dekabrynda kabul edilen "Durmuş üpjünçiligi hakynda" Türkmenistanyň Bitewi kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda" Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 4, 91-nji madda).
4-nji madda. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksiniň hereketi, ol güýje girizilenden soň ilaty durmuş taýdan goramak babatynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişli edilýär.
Eger ilaty durmuş taýdan goramak babatynda gatnaşyklar Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi güýje girizilmezinden öň ýüze çykan bolsa, onuň kadalary ol güýje girizilenden soň ýüze çykan hukuklar we borçlar babatda ulanylýar.
Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi güýje girizilenden soň, ilaty durmuş taýdan goramak babatyndaky hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda gapma-garşylyklar ýüze çykýan ýa-da ilaty durmuş taýdan goramak babatynda hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylarynyň hukuk ýagdaýy ýaramazlaşýan halatlarynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyk getirilýänçä oňa garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine laýyk getirmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 19-njy oktýabry.
№ 340-IV.
TÜRKMENISTANYŇ ILATY DURMUŞ TAÝDAN
GORAMAK HAKYNDA KODEKSI
Şu Kodeks Türkmenistanyň ilatyny durmuş taýdan goramagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady, esaslaryny kesgitleýär, raýatlaryň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy esasynda pensiýa üpjünçiliginiň, raýatlaryň aýratyn toparlarynyň döwlet kömek pullary bilen üpjünçiliginiň döwlet kepilliklerini belleýär, şeýle hem weteranlaryň we maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagynyň çärelerini kesgitleýär.
I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) başlangyç şertli pensiýa maýasy – hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň ulgamynda ätiýaçlandyrylan şahslaryň şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmegine çenli olaryň işlän döwri üçin hasaplanylýan maýasy;
2) döwlet kömek puly – döwletiň ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň bir bölegi bolup, raýatlaryň kömek puluna hukugy ýüze çykanda olara pul görnüşinde berilýän kömek;
3) maýyplygy bolan adam – dürli päsgelçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolanda onuň beýlekiler bilen deň derejede jemgyýetiň durmuşyna doly we netijeli gatnaşmagyna päsgel berip biljek durnukly beden, psihiki, akyl taýdan ýa-da duýgurlyk bozulmalary bolan adam;
4) pensiýa – ilaty durmuş taýdan goramagyň bir bölegi bolup, döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy ulgamynda ätiýaçlandyrylan şahslara, ätiýaçlandyrylan halat ýüze çykanda tölenilýän pul görnüşindäki töleg;
5) şertli-toplaýyş pensiýa usuly – pensiýa ätiýaçlandyrmasynyňhökmany görnüşlerine we ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa gatançlarynyň we başlangyç pensiýa maýasynyň şahsylaşdyrylan hasabynyň ýöredilmegine esaslanýan döwlet pensiýa üpjünçilik ulgamy;
6) toplaýyş pensiýa usuly – meýletin pensiýa ätiýaçlandyrmasyna we ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa gatançlarynyň we pensiýa maýasynyň şahsylaşdyrylan hasabynyň ýöredilmegine esaslanýan döwlet pensiýa üpjünçilik ulgamy;
7) ýetim çagalar – ata-enesiniň ikisi-de ýa-da ýanýoldaşsyz enesi (atasy) ölen çagalar;
8) ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar – ata-enesi ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, olaryň ata-enelik hukuklary çäklendirilende, ata-enesi nam-nyşansyz giden, kämillik ukyby ýok (çäklendirilen) diýlip ykrar edilende, olar ölen diýlip yglan edilende, öz çagalaryny terbiýelemekden ýa-da olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan, şol sanda öz çagalaryny degişli çagalar edaralaryndan, durmuş hyzmaty edaralaryndan ýa-da beýleki edaralardan almakdan ýüz dönderenlerinde we beýleki ýagdaýlarda ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar;
9) doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlar ‒ gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýan, döwlet tarapyndan mugt iýmit, egin-eşik, aýakgap, ýazuw we okuw esbaplary bilen üpjün edilýän, saglygy goraýyş hyzmatlaryndan mugt peýdalanýan adamlar.
2. Şu Kodeksdäki başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda, şeýle hem şu Kodeksiň degişli maddalarynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 1-nji dekabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda; 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
2-nji madda. Ilaty durmuş taýdan goramak
Türkmenistanda ilaty durmuş taýdan goramak zähmete ukypsyz adamlara, maýyplygy bolan adamlara, çagaly maşgalalarа we beýleki adamlarа pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi hem-de durmuş ýeňillikleriniň berilmegi görnüşinde maddy üpjünçilik we durmuş hyzmatlarynyň edilmegi boýunça döwlet ulgamyndan ybarat.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
3-nji madda. Ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasaty
Ilaty durmuş taýdan goramak babatda döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilendir:
1) ilatyň durmuş taýdan goralmagy babatda bir bitewi syýasatyň üpjün edilmegine;
2) raýatlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen, durmuş taýdan goralmaga bolan hukugynyň durmuşa geçirilmegine;
3) ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň dolandyrylyşynyň we onuň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine;
4) ykdysady taýdan işjeň ilatyň pensiýa ätiýaçlandyrmasyna ýokary derejede gurşalyp alynmagyna;
5) ilaty durmuş taýdan goramak ulgamynyň maliýe durnuklylygynyň üpjün edilmegine;
6) raýatlaryň pensiýa üpjünçilik derejesiniň ýokarlandyrylmagyna;
7) aýratyn döwürlerde, raýatlaryň aýry-aýry toparlary üçin maliýeleşdirmegiň Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna pensiýa gatançlarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegine.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
4-nji madda. Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar hem-de şu Kodeksden we Türkmenistanyň ilatyň durmuş taýdan goralmagynyň meselelerini düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
5-nji madda. Kodeksiň hereket edýän çygry
1. Şu Kodeksiň hereketi, onda bellenilen tertipde we şertlerde Türkmenistanyň raýatlarynyň pensiýa üpjünçiligine we durmuş taýdan goralmaga bolan hukugynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklara degişlidir.
2. Eger-de, Türkmenistanyň halkara şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň raýatlary bilen deň derejede, şu Kodeksde bellenilen tertipde we şertlerde pensiýa üpjünçiligine we durmuş taýdan goralmaga bolan hukukdan peýdalanýarlar.
6-njy madda. Binýatlyk ululyklar
Pensiýalaryň iň pes möçberlerini hasaplamak, şeýle hem döwlet kömek pullarynyň möçberlerini hasaplamak üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen binýatlyk ululyklar bellenilýär.
7-nji madda. Pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi
1. Pensiýalar we döwlet kömek pullary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edaralary tarapyndan şu Kodekse laýyklykda bellenilýär, muňa şahsy pensiýa, şeýle hem wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly degişli däldir. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny bellemegiň we olaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamagyň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanýar.
2. Şahsy pensiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ýörite topar tarapyndan bellenilýär.
3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly, görkezilen döwlet kömek pullaryny alyjylaryň esasy iş ýeri boýunça iş berijiler tarapyndan şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde bellenilýär.
(2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
8-nji madda. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemegiň umumy düzgünleri
1. Pensiýalary, pensiýalara goşulýan goşmaça tölegleri, döwlet kömek pullaryny we olara goşmaça tölegleri, şeýle hem birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek Türkmenistanyň Merkezi banky bilen ylalaşmak boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde banklaryň üsti bilen tölenilýär, muňa şu Kodeksiň 47-nji, 82-nji, 83-nji we 92-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tölegler degişli däldir.
2. Pensiýalar, döwlet kömek pullary bellenilen gününden dowam edýän aý üçin, her aýda tölenilýär.
3. Pensiýa, döwlet kömek puly, ony alýan adamyň arzasy boýunça onuň bankda açylýan hasabyna geçirilip bilner. Şeýle ýagdaýda pensiýalary ýa-da döwlet kömek pullaryny alýanlar her alty aýdan bir gezek Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasynda bellenilmäge borçludyrlar.
4. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy banklar bilen baglaşylan şertnama esasynda, Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň tölegleriniň amala aşyrylandygy üçin bank hyzmatlaryna hak töleýär.
5. Banklar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna geçirýän, döwlet kömek pullarynyň, birwagtlaýyn pul sylaglarynyň we birwagtlaýyn pul kömeginiň töleglerini geçirmek bilen baglanyşykly hyzmatlary muzdsuz amala aşyrýarlar.
6. Pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we birwagtlaýyn pul sylaglarynyň tölegi raýatlaryň hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça geçirilýär ýa-da olaryň ýazmaça ýüztutmasy boýunça köplenç ýaşaýan ýeri boýunça hem geçirilip bilner.
7. Pensiýalar, döwlet kömek pullary we birwagtlaýyn pul sylaglary olary alýanlaryň özlerine tölenilýär.
8. Işleýän pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny alýan adamyň pensiýasy ýa-da döwlet kömek puly doly möçberde tölenilýär.
81. Işleýän pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny alýan adamlara döwlet sylaglary üçin olaryň pensiýalaryna ýa-da döwlet kömek pullaryna goşmaça tölegler hasaplanyp goşulmaýar.
9. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan doly döwlet üpjünçiliginde saklanylýan ýetim çagalaryň we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýasy olaryň bankda açylýan hasabyna geçirilýär. Ýetim çagalaryň we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň bank hasabyndaky pul serişdelerine bank bilen baglaşylýan goýum (depozit) şertnamasynda bellenilen möçberde, ýöne Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan bellenilen gaýtadan maliýeleşdiriş derejesinden pes bolmadyk derejede göterim hasaplanylýar.
Ýetim çagalaryň we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalaryň bank hasabynda saklanylýan pensiýasy kämillik ýaşyna ýetenlerinde olaryň ýüz tutmalary esasynda tölenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 98-nji madda).
II BÖLÜM. DÖWLET PENSIÝA ÜPJÜNÇILIGI
1-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER
9-njy madda. Döwlet pensiýa üpjünçiligi
1. Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiligi döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmalary arkaly durmuşa geçirilýär.
2. Türkmenistanda raýatlaryň döwlet pensiýa üpjünçiligine bolan hukugy çäklendirilip bilinmez.
10-njy madda. Pensiýa usullary
1. Türkmenistanda döwlet pensiýa üpjünçiliginiň esasyny şertli-toplaýyş pensiýa usuly we toplaýyş pensiýa usuly düzýär.
2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly ätiýaçlandyrýanlaryň-pensiýa gatançlaryny töleýjileriň “Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda” Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda töleýän hökmany pensiýa gatançlaryna we hökmany hünär pensiýa gatançlaryna esaslanýar.
3. Toplaýyş pensiýa usuly raýatlaryň meýletin pensiýa ätiýaçlandyrma şertnamasyna laýyklykda töleýän pensiýa gatançlaryna esaslanýar.
11-nji madda. Pensiýa üpjünçiliginiň döwlet kepillikleri
1. Pensiýa üpjünçiligi boýunça döwlet şu aşakdakylary kepillendirýär:
1) arkalaşyk hem-de şertli-toplaýyş pensiýa usullary boýunça bellenilen, tölenilýän pensiýalaryň möçberleriniň indeksirlenilmegini;
2) dürli pensiýa usullary boýunça bellenilen pensiýalaryň möçberleriniň deňeçer bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2014-nji ýyldan başlap şertli-toplaýyş pensiýa usulyna doly geçilýänçä, tölenilýän pensiýalaryň möçberleriniň her ýylda 1,01 sazlaşdyryjy koeffisiýente indeksirlenilmegini, muňa binýatlyk ululykdan ugur alnyp hasaplanylýan pensiýalar degişli däldir;
3) raýatlaryň şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilmezinden öňki iş döwürleri üçin başlangyç şertli pensiýa maýasynyň hasaplanylmagyny, şertli pensiýa maýasynyň indeksirlenilmegini;
4) toplaýyş pensiýa usuly boýunça, raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň saklanylmagyny, şu Kodeksde göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda toplaýyş pensiýasynyň bellenilmegini we tölenilmegini;
5) raýatlaryň pensiýa toplamalarynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, beýleki şahsa berilmegine ýol berilmezligini;
6) aýratyn döwürlerde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşi boýunça ätiýaçlandyrylmagyny.
2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde göz öňünde tutulan indeksirlemek şol bir wagtyň özünde geçirilýär.
3. Türkmenistana daşary ýurtlardan hemişelik ýaşamak üçin göçüp gelen we Türkmenistandan göçüp giden raýatlaryň pensiýa üpjünçiligi Türkmenistanyň raýatlaryň pensiýa üpjünçiligini düzgünleşdirýän halkara şertnamalaryndaky şertlere laýyklykda kepillendirilýär.
(2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
2-nji bap. TÜRKMENISTANYŇ PENSIÝA ULGAMYNYŇ DOLANDYRYLMAGY
12-nji madda. Türkmenistanyň Pensiýa ulgamynyň dolandyrylmagy
Türkmenistanda pensiýa ulgamynyň dolandyrylmagyny Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň ýanyndaky Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy (mundan beýläk - Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrýar.
13-nji madda. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujeti
1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujeti Türkmenistanyň Kanuny görnüşinde tassyklanylýar.
2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň düzümi, ony düzmegiň, oňa garamagyň, ony tassyklamagyň we ýerine ýetirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.
3-nji bap. PENSIÝA MAÝASY
14-nji madda. Şertli pensiýa maýasy
1. Şertli pensiýa maýasy - ätiýaçlandyrylan şahslaryň başlangyç şertli pensiýa maýasynyň we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça pensiýa gatançlarynyň möçberlerinden we olaryň indeksirlenilmeginden hasaplanylyp ýazylan şertli maýa girdejilerinden durýan şertli maýasy.
2. Ätiýçlandyrylan şahslaryň şertli pensiýa maýasy miras boýunça geçýän emläk bolup durmaýar.
15-nji madda. Toplaýyş pensiýa maýasy
1. Toplaýyş pensiýa maýasy - toplaýyş pensiýa usuly boýunça ätiýaçladyrylan şahslaryň meýletin pensiýa gatançlarynyň we olary maýa goýuma gönükdirmekden alnan girdejiniň umumy jemi.
2. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasy miras boýunça geçýän emläk bolup durýar.
3. Aradan çykan ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdüşeri bolmadyk ýagdaýynda, onuň ulanylman galan pensiýa toplamalarynyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hasabyna geçirilýär.
16-njy madda. Başlangyç şertli pensiýa maýasynyň hasaplanylmagy
1. Başlangyç şertli pensiýa maýasy şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilmezinden öňki iş (gulluk) döwürleri üçin hasaplanylan pensiýanyň möçberini, Türkmenistan boýunça erkek adamlaryň we aýal maşgalalaryň pensiýa ýaşy dolandan soň garaşylýan ömrüniň (aý ölçeginde) jeminiň ortaça dowamlylygyna (mundan beýläk - garaşylýan ömrüň dowamlylygy) köpeltmek arkaly hasaplanylýar.
2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilmezinden öňki iş (gulluk) döwürleri üçin pensiýanyň möçberi şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilen senesine çenli hereket eden Türkmenistanyň durmuş üpjünçiligi hakynda kanunçylygyna laýyklykda hasaplanylýar.
3. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň, harby edaralarynyň harby gullukçylarynyň (mundan beýläk - harby gullukçylar), içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserlerler düzüminiň işgärleriniň, Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçar operatorlarynyň we uçarbeletleriniň, şeýle hem zähmetiň aýratyn (aýratyn zyýanly we (ýa-da) aýratyn agyr) şertleri bolan işlerde (mundan beýläk - zähmetiň aýratyn şertleri) işlänleriň başlangyç şertli pensiýa maýasyny hasaplamak üçin, şertli-toplaýyş pensiýa usulynyň girizilen senesine çenli olaryň pensiýasyny hasaplamak olaryň hakyky ýyllyk senenama gulluk (iş) döwürlerini hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
4. Garaşylýan ömrüň dowamlylygy Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan hasaplanylýar we Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen tassyklanylýar.
17-nji madda. Şertli pensiýa maýasynyň indeksirlenilmegi
1. Raýatlaryň 2013-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä hasaplanylan başlangyç şertli pensiýa maýasy tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň şu senä ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.
2. 2014-nji ýyldan başlap, her ýylda ätiýaçlandyrylan şahslaryň ýylyň başyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberi Türkmenistan boýunça ortaça zähmet hakynyň şol ýylda ýokarlanan koeffisiýentine indeksirlenilýär, şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen ýagdaý muňa degişli däldir.
3. Tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň ýokarlandyrylan koeffisiýenti, Türkmenistan boýunça zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentinden ýokary bolan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrylan şahslaryň şertli pensiýa maýasy tölenilýän pensiýalaryň möçberiniň ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.
18-nji madda. Wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilmegi
1. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleri we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalaryny maýa goýuma gönükdirmäge haklydyr.
2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň maýa goýuma gönükdirilmeginden alnan girdejiler Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň serişdeleri bolup durýar.
3. Toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilmeginden alnan girdejiler raýatlaryň toplaýyş pensiýa toplamalarynyň möçberine proporsionallykda paýlanylýar we olaryň atly pensiýa hasaplaryna geçirilýär.
4. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeler we toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýa toplamalary girew hökmünde ýa-da borçnamalaryň başga bir görnüşde üpjün edilmegi üçin ulanylyp bilinmez.
5. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriniň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen tassyklanylýar.
19-njy madda. Wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilişine gözegçilik
Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça wagtlaýyn ulanylmaýan serişdeleriň we pensiýa toplamalarynyň maýa goýuma gönükdirilişine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
20-nji madda. Toplaýyş pensiýa maýasynyň gizlinligi
1. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň atly pensiýa hasaplaryndaky toplaýyş pensiýa maýasy barada maglumatlar gizlindir.
2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy we onuň ýerli edaralary, ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasy barada maglumatlaryň gizlinligini kepillendirýärler.
3. Toplaýyş pensiýa maýasy barada maglumatlar ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da onuň kanuny wekili üçin gizlin däldir.
4. Ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasy, olaryň atly pensiýa hasabyndaky serişdeleriniň hereketi barada maglumatlar ýazmaça ýüz tutmasy boýunça şu aşakdakylara berlip bilner:
1) öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda gözegçilik we gözegçilik barlag wezipelerini amala aşyrýan döwlet edaralaryna;
2) kazyýetlere - olaryň önümçiligindäki işler boýunça;
3) anyklaýyş-derňew edaralaryna - olaryň önümçiliginde duran jenaýat işleri boýunça;
4) salgyt edaralaryna – salgyt salmak meseleleri boýunça;
5) döwlet notarial edaralaryna, diplomatik wekilhanalara ýa-da konsullyk edaralaryna – mirasdüşerlik we hukuk oruntutarlyk işleri boýunça;
6) mirasdüşerlerine – ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýda.
5. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň işgärleriniň gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly özlerine belli bolan gizlin maglumaty we başga gulluk maglumaty Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda aýan etmäge, şeýle hem olary şahsy bähbitleri üçin ulanmaga haky ýokdur.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 147-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
4-nji bap. PENSIÝALARYŇ GÖRNÜŞLERI. PENSIÝA BOLAN HUKUK
21-nji madda. Pensiýalaryň görnüşleri
1. Türkmenistanda pensiýalaryň şu aşakdaky görnüşleri bellenilýär:
1) ýaşy boýunça pensiýa;
2) gulluk ýyllary boýunça pensiýa;
3) hünär pensiýasy;
4) maýyplyk boýunça pensiýa;
5) ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa;
6) toplaýyş pensiýasy.
2. Türkmenistanyň raýatlaryna şu maddanyň birinji böleginiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen pensiýalaryň haýsy hem bolsa bir görnüşiniň bellenilmegi bilen bir hatarda, olara Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin goşmaça şahsy pensiýa bellenilip bilner.
3. Raýatlaryň şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda we şertlerde pensiýa hukugy bardyr.
22-nji madda. Pensiýalary maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Şu Kodeksiň 21-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde görkezilen pensiýalar Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasy, hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasy boýunça gatançlaryň hasabyna döredilen we beýleki çeşmelerden gelen serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Şahsy pensiýalar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
3. Toplaýyş pensiýasy toplaýyş pensiýa maýasynyň hasabyna maliýeleşdirilýär.
4. Pensiýa alýanlara 62 ýaşynyň dolmagy bilen baglanyşykly birwagtlaýyn pul sylagynyň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olara tölenilýän beýleki birwagtlaýyn pul sylaglarynyň çeşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenilýär.
23-nji madda. Ýaşy boýunça pensiýa bolan hukuk
Ýaşy boýunça pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:
1) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
2) üç çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk, 56 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
3) dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 18 ýyldan az bolmadyk, 55 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
4).bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 15 ýyldan az bolmadyk, 54 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
41) sekiz we şondan köp çagany dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 10 ýyldan az bolmadyk, 52 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
5) radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijesinde ejir çeken (aýrybaşgalanan zolakdaky iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan):
a) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 25 ýyldan az bolmadyk 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy 20 ýyldan az bolmadyk 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
6) gipofizar nanizmi (boý ösmezlik-liliput) keseli bilen kesellän ýa-da göýdük (karlik) bolan hökmany pensiýa ätiýaçlandymasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk 45 ýaşy dolan erkek adamlaryň, 40 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
24-nji madda. Gulluk ýyllary boýunça pensiýa bolan hukuk
Gulluk ýyllary üçin pensiýa şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:
1) harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminden bolan:
a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 52 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
2) harby gullukçy, içeri işler edaralarynyň orta, uly we ýokary serkerdeler düzüminden bolan, näsaglygy, wezipe birliginiň kemeldilmegi ýa-da saglygynyň çäkli ýagdaýy boýunça gullukdan boşadylan:
a) iş döwri 25 ýyl we onuň azyndan 20 ýyly gulluk döwri bolan, şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan şertde, 50 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) iş döwri 20 ýyl we onuň azyndan 15 ýyly gulluk döwri bolan, şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 45 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
3) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgäri, paraşýutçysy bolan:
a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan 50 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 48 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň;
4) döwlet we raýat awiasiýasynyň uçarbeledi, uçar operatory bolan:
a) gulluk döwri 25 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 55 ýaşy dolan erkek adamlaryň;
b) gulluk döwri 20 ýyldan az bolmadyk we şol döwürde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan, 50 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda).
25-nji madda. Hünär pensiýasyna bolan hukuk
1. Hünär pensiýasyna şu aşakdaky adamlaryň hukugy bardyr:
1) zähmet şertleriniň zyýanlylygynyň we (ýa-da) agyrlygynyň derejesine baglylykda ýaşy boýunça pensiýa üçin şu Kodeksde bellenilen pensiýa çykmaly ýaşynyň 6-dan 10 ýyla çenli kemeldilmegi bilen, doly iş gününiň dowamynda zähmetiň aýratyn şertlerinde işlän adamlaryň, şol sanda:
a) iş döwri 25 ýyldan az bolmadyk, şol sanda görkezilen işlerde azyndan 10 ýyl işlän we şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan erkek adamlaryň;
b) iş döwri 20 ýyldan az bolmadyk, şol sanda görkezilen işlerde azyndan 7 ýyl 6 aý işlän we şol döwürlerde degişlilikde hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna hem-de hökmany hünär pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bolan aýal maşgalalaryň.
2. Iş ýerleriniň zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlere degişli edilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, iş ýerleriniň hünär synagynyň netijesinde geçirilýär.
3. Zähmetiň aýratyn şertleri bolan işleriň, işçi hünärleriniň we gullukçylaryň wezipeleriniň (şol sanda geçen döwürdäkileriniň) sanawy şu işlerde işlän şahslaryň pensiýa çykýan ýaşynyň kemeldilýän ýyllary görkezilip, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen tassyklanylýar.
26-njy madda. Maýyplyk boýunça pensiýa bolan hukuk
1. Bellenilen tertipde maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen, hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşygy bäş ýyldan az bolmadyk raýatlaryň maýyplyk boýunça pensiýa hukugy bardyr.
2. Adamy maýyplygy bolan adam diýip ykrar etmek, maýyplygyň görnüşini we toparyny bellemek, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen tassyklanylan tertibe laýyklykda Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topar (mundan beýläk-HMAT) tarapyndan geçirilýär. Maýyplyk I, II, III toparlara bölünýär.
3. Maýyplyk boýunça pensiýa hukugy bolan maýyplygy bolan adamlar şu aşakdaky toparlara bölünýär:
1) çagalykdan maýyplygy bolan adamlar;
2) umumy kesellemäniň (şol sanda iş bilen bagly bolmadyk şikesler), zähmet şikesiniň, hünär keseliniň netijesinde maýyplygy bolan adamlar;
3) harby gullugyň maýyplygy bolan adamlary:
a) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri:
döwletiň bähbitlerini goramakda ýa-da harby gullugyň beýleki borçlary (gulluk borçlary) ýerine ýetirilende düşen ýaranyň, seňselemegiň ýa-da şikes almagyň netijesinde;
söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly keseliň netijesinde;
radiasiýa heläkçiliginiň we betbagtçylygynyň netijelerini ýok etmek bilen baglanyşykly işlerde kesellemegiň netijesinde.
b) şu aşakdakylaryň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri:
harby gulluk borçlaryny (gulluk borçlaryny) ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly bolmadyk betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes alnanda;
söweşde, şol sanda beýleki döwletleriň çäklerindäki söweşde bolmak bilen baglanyşykly bolmadyk keseliň netijesinde.
4. Zähmet şikesini almagyň netijesinde maýyplyk, kanuna garşy hereketleriň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly maýyplykdan başga, aşakdaky ýagdaýlarda ýüze çykan hasap edilýär:
1) zähmet borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda iş sapary döwründe, şeýle hem kärhananyň bähbitlerini goramaga gönükdirilen hereketler amala aşyrylanda;
2) işe barýarka ýa-da işden gaýdyp gelýärkä;
3) bellenilen arakesmeleri, işden öň we işden soň iş ýerini tertipleşdirmek üçin zerur bolan wagty goşmak bilen, kärhananyň çäginde ýa-da iş wagtynda başga bir iş ýerinde;
4) şol ýerde bolmagy içerki zähmet tertibiniň kadalaryna garşy gelmeýän bolsa, bellenilen arakesmeleri goşmak bilen, iş wagtynda kärhananyň çäklerinden daşarda;
5) raýatlyk borjuny ýerine ýetirende.
5. Ýerine ýetirilýän işiň aýratyn häsiýeti sebäpli ýüze çykan kesel bilen gös-göni baglanyşykly maýyplyk, hünär keseli netijesinde maýyplyk hasap edilýär.
Ikinji tesimi Türkmenistanyň 24.07.2022 ý. № 504-VI Kanuny esasynda aýyrylan.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, ___-nji madda).
27-nji madda. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bolan hukuk
1. Öz eklenjinde eklençdäkileri saklamagy üpjün edýän adam ekleýji bolup durýar.
2. Ekleýjiniň ýaşaýan wagtynda onuň doly saklamagynda bolan ýa-da ýaşamagy üçin ondan yzygiderli we esasy çeşme bolup duran kömegi alan maşgala agzasy, eklençdäki diýlip hasap edilýär.
3. Şu Kodeksiň maksatlary üçin eklençdäkiler şu aşakdakylar hasap edilýär:
1) 18 ýaşy dolmadyk çagalary (şol sanda perzentlige alnan we öweý çagalary), doganlary, uýalary we agtyklary ýa-da şu ýaşdan ýokary, eger olar 18 ýaşa çenli maýyp bolan bolsalar, şunda doganlar, uýalar we agtyklar – olaryň zähmete ukyply ata-enesi bolmadyk ýagdaýynda;
11) 18 ýaşy dolan, umumybilim edaralarynda okaýan çagalary (şol sanda perzentlige alnan we öweý çagalary);
2) ýokary, orta we başlangyç hünär bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki görnüşinde okaýan hem-de umumybilim edaralarynda okaýan, şu bölegiň 1-nji bendinde görkezilen 24 ýaşy dolmadyk adamlar;
3) kakasy, ejesi (şol sanda perzentlige alanlar), äri, aýaly – eger olar şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen ýaşa ýeten, ýa-da maýyplygy bolan adamlar bolup durýan bolsalar we pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaýan bolsalar;
4) şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň 1-nji bendinde görkezilen ýaşa ýeten we ýaşamak üçin başga serişde çeşmesi ýok bolan atasy we enesi, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olary saklamaga borçly adamlar bolmadyk ýagdaýynda;
5) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy, eger ol pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaýan bolsa.
4. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, ekleýjiniň döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça ätiýaçlandyrylandygyna ýa-da ätiýaçlandyrylmandygyna garamazdan şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen adamlaryň hukugy bardyr.
5. Eger-de ekleýji Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen bolsa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bolan hukuk ol nam-nyşansyz giden halatynda hem ýüze çykýar.
6. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa hukugy bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar, bu hukugy olar perzentlige alnan halatlarynda hem saklap galýarlar, muňa ozal ata enelik hukuklaryndan mahrum edilen olaryň ata-eneleri tarapyndan çagalary perzentlige alnan halatlary girmeýär.
7. Ekleýjisini ýitiren maşgalada perzentlige ýa-da hossarlyga alnan ýetim (ata-enesiniň howandarlygyndan galan) çagalar bolsa, onda şu maşgalanyň beýleki eklenjindäkiler bilen garyndaşlyk gatnaşygyna garamazdan olar öň bellenilen ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bolan hukugyny saklaýarlar.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2014 ý., № 4, 152-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
28-nji madda. Toplaýyş pensiýa bolan hukuk
Toplaýyş pensiýasyna, pensiýa ýaşyna ýeten we toplaýyş pensiýa maýasy bolan adamlaryň hukugy bardyr.
5-nji bap. IŞ DÖWRI, GULLUK DÖWRI WE OLARYŇ HASAPLANYLMAGY
29-njy madda. Iş döwri we onuň hasaplanylmagy
1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin iş döwri diýlip, işiň häsiýetine garamazdan, bellenilen tertipde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine pensiýa gatançlary tölenilen şertinde, Türkmenistanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslarda, Türkmenistanda hasaba alnan daşary ýurt döwletleriniň ýuridik şahslarynyň wekilhanalarynda we şahamçalarynda, Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynda, konsullyk edaralarynda, halkara guramalarynyň wekilhanalarynda, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçilerde, hakyna tutma zähmeti ýa-da öý işgärleriniň zähmetini ulanýan iş berijiler-fiziki şahslarda, oba hojalyk önümlerini öndürýän kärendeçilerde zähmet şertnamasy esasynda işlenilen döwre düşünilýär.
Iş döwrüne özbaşdak iş bilen meşgullanýan fiziki şahslaryň we hünärmenlik hyzmatlaryny edýän fiziki şahslaryň işi amala aşyran döwri, şol döwürde bellenilen tertipde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine pensiýa gatançlary tölenilen şertinde goşulýar.
«Döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda raýatlaryň aýry-aýry toparlarynyň iş döwrüne şu aşakdaky döwürler hem goşulýar:
1) çagyryş boýunça harby gullugy geçilýän, şeýle hem ýokary harby okuw mekdeplerinde okalýan döwür;
2) işlemeýän adamlaryň I topar maýyplygy bolan adama ýa-da 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çaga seredýän 6 ýyldan köp bolmadyk döwri;
3) Türkmenistanyň daşary ýurtdaky diplomatik wekilhanasynyň, konsullyk edarasynyň, Türkmenistanyň halkara guramasynyň ýanyndaky wekilhanasynyň işgäriniň we oňa deňleşdirilen adamyň aýalynyň (adamsynyň), onuň bilen ýaşan, işsiz bolan 4 ýyldan köp bolmadyk döwri;
4) şahsyň çaga seretmek boýunça rugsatda bolan 6 ýyldan köp bolmadyk döwri.
2. Iş (gulluk) döwrüni we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça pensiýa gatançlarynyň tölenilen döwürlerini hasaplamak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertibe laýyklykda amala aşyrylýar.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
30-njy madda. Gulluk ýyllary
Şu Kodeksiň maksatlary üçin gulluk ýyllaryna:
1) harby gullukçylaryň harby gulluk we içeri işler edaralarynyň gullukçylarynyň gulluk döwürlerine;
2) Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş we uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçar operatorlarynyň we uçarbeletleriniň uçuş sagatlary boýunça bellenilen ýyllyk ölçegiň ýerine ýetirilmegine,
bellenilen tertipde döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine pensiýa gatançlary tölenilen şertinde, düşünilýär.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
31-nji madda. Harby we içeri işler edaralarynda gulluk ýyllaryny hasaplamak
1. Şular harby we içeri işler edaralarynda gulluk ýyllary hasap edilýär:
1) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarda we harby edaralarynda harby gulluk döwründe hereket eden kanunçylyga laýyklykda döredilen beýleki düzümlerde harby gulluk etmegi (şol sanda çagyryş boýunça);
2) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň wezipelerinde gulluk etmegi;
3) Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrliginiň edaralarynda gulluk etmegi;
4) döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynda hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň wezipelerinde gulluk etmegi;
5) harby gulluga çagyrylan we uçuş düzüminiň ätiýaçdaky ofiserlerini taýýarlaýan okuwda okan adamlaryň tejribe uçuş taýýarlygynda bolan döwri;
6) harby ýygnanyşyklarda bolan döwri;
7) içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminden bolup, harby gullukda, içeri işler edaralarynda gullukda galdyrmak bilen, Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynda işlenilen döwür;
8) harby gullukçylaryň, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleriniň Türkmenistanyň döwlet häkimiýet edaralarynyň ulgamynda saýlawly wezipelerde işlän döwürleri, eger olar saýlawly wezipede ygtyýarlyklary tamamlanandan soň harby gulluga, içeri işler edaralarynda gulluga gaýdyp gelen bolsalar;
9) harby gullukçynyň, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgäriniň, bikanun gullukdan çykarylandygy sebäpli soňundan gulluga dikeldilende, harby gullugyň, içeri işler edaralaryndaky gullugyň arasynyň üzülen döwri;
10) ýokary harby okuw mekdeplerinde, şol sanda ugradyş haty boýunça daşary ýurtlarda okalan döwür.
2. Harby taýýarlyk okuwlary we bölümleri bolan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan wagtynda ätiýaçlykdan harby gulluga çagyrylan adamlaryň (ätiýaçlykda bolmadyk aýallara) harby gulluk möhletine olaryň şol okuw mekdeplerinde okan wagtlary bir okuw ýyly alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar.
3. Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan wagtynda işe ýollamak tertibinde içeri işler edaralaryna gulluga ugradylan adamlara içeri işler edaralarynda gulluk eden möhletlerine, olaryň şol mekdeplerde okan döwrüniň her bir ýyly, alty aý hasabyndan bäş ýyla çenli çäklerde goşulýar.
4. Döwlet feldýeger aragatnaşygy edarasynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärlerine gulluk möhletini hasaplamagyň diňe içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleriniň gulluk möhletini hasaplamagyň tertibi degişlidir.
5. Gulluk ýyllary boýunça pensiýa hukugy bolan raýatlaryň harby gulluk we içeri işler edaralarynda ýyllaryny hasaplamak, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň berýän maglumatlary esasynda amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
32-nji madda. Uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylaryň, uçar operatorlarynyň we uçarbeletleriň gulluk ýyllaryny hasaplamak
1. Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylarynyň, uçar operatorlarynyň we uçarbeletleriniň gulluk ýyllary şu aşakdakylara hasaplanylýar:
1) howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň agzalaryna;
2) uçuş-gözükdiriji we uçuş-inspektor düzümine;
3) Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugynyň, «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň serkerdeler–uçuş düzüminiň işgärlerine, eger-de olaryň uçuş şahadatnamasy bolup, howa gämileriniň we beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan bolsalar;
4) müdirlikleriň, kärhanalaryň, guramalaryň we olaryň gurluş düzüm birlikleriniň uçuş gullugy (işi) boýunça uçuş şahadatnamasy bolan we howa gämileriniň ýa-da beýleki uçuş enjamlarynyň ekipažlarynyň düzüminde uçuşlara gatnaşýan inspektorlaryna we beýleki hünärmenlerine;
5) Türkmenistanyň döwlet we raýat awiasiýasynyň paraşýutçylaryna.
2. Uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärlerine, uçarbeletlere we uçar operatorlaryna gulluk ýyllary uçuş sagatlarynyň bir senenama ýylyndaky şu aşakdaky ölçegleri boýunça hasaplanylýar:
1) döwlet awiasiýasynda uçuşlar ýerine ýetirilende:
a) söweşjeň reaktiw awiasiýada – 25 sagat;
b) turbowintli awiasiýada we söweşjeň dikuçarlarda – 30 sagat;
ç) awiasiýanyň galan ähli görnüşlerinde (şol sanda sport awiasiýasynda) – 110 sagat, çylşyrymly we ýokary dolandyryş (pilotaž) görnüşleri ýerine ýetirilende – 60 sagat;
2) raýat awiasiýasynda uçuşlar ýerine ýetirilende:
a) ulag awiasiýasynda – 250 sagat;
b) ýörite ulanylýan awiasiýada – 150 sagat;
ç) howa gämileriniň ýany bilen gidýän toparyň düzüminde (lidirowşikler) – 150 sagat;
d) ýokary we orta hünär mekdeplerinde uçuş düzüminiň işgärlerini taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak boýunça – 150 sagat.
3. Senenama ýylynda şu maddanyň ikinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen bir ýa-da birnäçe uçuş görnüşlerini ýerine ýetirýän adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk ýyly uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda gulluk eden döwürleriniň dowamlylygyndan ugur alnyp hasaplanylýar.
4. Uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda gulluk ýyllarynyň dowamlylygy senenama ýylynyň dowamynda uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça hakyky uçulan sagatlary uçuşlaryň şol görnüşi üçin bellenilen ölçeglere bölmek ýoly bilen senenama ýyllarynda we aýlarynda hasaplanylýar.
5. Bir senenama ýyly üçin gulluk ýyllary uçuşlaryň her bir görnüşi boýunça aýratynlykda gulluk döwürlerini jemlemek bilen hasaplanylýar.
6. Uçuşlaryň ähli görnüşleri boýunça hasaplanylýan gulluk ýylynyň dowamlylygy senenama ýylynyň dowamynda ondan az bolsa ýa-da bir senenama ýylynda uçan sagatlary uçuşlaryň bir görnüşi üçin bellenilen ölçege deň ýa-da ondan az bolsa, bir senenama ýylynda gulluk döwri doly senenama ýylyna deň diýlip hasaplanylýar.
7. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk ýyllary, her senenama ýyly boýunça kesgitlenýän, uçuş işiniň ähli döwründäki gulluk eden ýyllaryny jemlemek bilen hasaplanylýar.
8. Paraşýutçylaryň gulluk ýyllary bir senenama ýylynda howa gämilerinden paraşýut bilen böküşleri ýa-da ýörite iniş (galyş) enjamlarynda aşak inmeleri (galmalary) ýerine ýetirmegiň şu aşakdaky ölçeglerinden ugur alnyp hasaplanylýar:
a) reaktiw we turbawintli awiasiýasynda – 20 böküş, iniş (galyş);
b) awiasiýanyň galan görnüşlerinde – 60 böküş, iniş (galyş).
9. Bir senenama ýylynyň dowamynda howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetiren adamlar üçin bir senenama ýylynda gulluk eden ýyly şonuň ýaly böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürlerinden ugur alnyp hasaplanylýar.
10. Howa gämileriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerinde paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ýerine ýetirilen döwürleri senenama ýyllarynda we aýlarynda, senenama ýylynyň dowamynda howa gämisiniň her bir görnüşinde aýratynlykda hakyky ýerine ýetirilen böküşleri (inişleri, galyşlary) howa gämileriniň şol görnüşleri üçin bellenilen ölçeglere bölmek bilen hasaplanylýar.
11. Bir senenama ýyly üçin gulluk ýyly howa gämisiniň her bir görnüşinde senenama ýylynyň dowamynda ýerine ýetirilen böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwürlerini jemlemek bilen kesgitlenilýär.
12. Senenama ýylynda howa gämileriniň diňe bir görnüşinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň sany howa gämisiniň şol görnüşi üçin bellenilen ölçege deň ýa-da ondan az bolanda, bir senenama ýyly üçin gulluk eden ýyly bir senenama ýylyna deň diýip hasaplanylýar.
13. Bir senenama ýylynda howa gämileriniň dürli görnüşlerinden böküşleri (inişleri, galyşlary) ýerine ýetirýän adamlar üçin, olaryň bir senenama ýylynda hasaplanan gulluk ýyly ondan az bolsa, bir senenama ýylynda gulluk eden ýylyna, bir senenama ýylyna deň bolan döwür goşulýar.
14. Pensiýany hasaplamak üçin kabul edilýän gulluk eden ýyly her senenama ýyly üçin kesgitlenilýär, paraşýutdan böküşleriň (inişleriň, galyşlaryň) ähli döwri üçin gulluk edilen ýyllary jemlemek bilen hasaplanylýar.
15. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen adamlaryň harby bölümleriň, ştablaryň we edaralaryň düzüminde söweş hereketlerine gatnaşan döwürleri, şeýle hem söweşjeň hereketler döwründe alan ýaralarynyň, seňselemäniň, şikesleriň ýa-da keselleriň netijesinde bejeriş edaralarynda arasyny üzmezden keselini bejerden wagty – bir aýy üç aý diýlip hasap etmek şertlerinde hasaplanylýar.
16. Uçuş, uçuş-synag düzüminiň işgärleriniň, paraşýutçylaryň, uçar operatorlaryň we uçarbeletleriň gulluk eden ýyllary, uçuş sagatlarynyň ölçegleriniň ýerine ýetirilişi boýunça hasaplanylýar.
17. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen raýatlara gulluk ýyllary boýunça pensiýa hukugyny kesgitlemek üçin olaryň gulluk ýyllaryny hasaplamak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan uçulan sagatlar hakyndaky maglumatlar esasynda geçirilýär, bu maglumatlar:
1) döwlet awiasiýasy boýunça – Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy, Türkmenistanyň Prezidentiniň howpsuzlyk gullugy tarapyndan;
2) raýat awiasiýasy boýunça – «Türkmenhowaýollary» Döwlet milli gullugynyň kärhanalary we guramalary tarapyndan berilýär.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda).
6-njy bap. PENSIÝA BELLENILMEGI ÜÇIN ÝÜZ TUTMAK. PENSIÝANYŇ HASAPLANYLMAGY WE BELLENILMEGI
33-nji madda. Pensiýa bellenilmegi üçin ýüz tutmak
1. Raýatlar pensiýa bellenilmegi üçin hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna arza bilen ýüz tutýarlar.
2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin arzanyň ýanyna şu aşakdaky resminamalar goşulýar:
1) ýaşy boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin:
a) pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy we olary sekiz ýaşyna çenli terbiýeländigine şaýatlyk edýän resminamalar (ýaşy boýunça pensiýa ir çykmaga hukugy bolan aýal maşgalalar üçin);
ç) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
d) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
2) hünär pensiýasynyň bellenilmegi üçin:
a) pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
ç) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
3) gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin:
a) pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
ç) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
4) maýyplyk boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin:
a) pasportyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) HMAT-yň güwänamasyndan göçürme;
ç) maşgala agzalary barada güwänama;
d) 18 ýaşy dolmadyk maşgala agzalarynyň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy;
e) aýratyn döwürlerini tassyklaýan resminamalar;
ä) zähmet depderçesiniň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
5) ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň bellenilmegi üçin:
a) pensiýasy resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
b) ekleýjisiniň aradan çykandygyny ýa-da onuň nam-nyşansyz gidendigini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
ç) çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamalarynyň nusgasy;
d) ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa bellenilýäniň bilim edarasynda okaýandygyny (terbiýelenýändigini) tassyklaýan güwänama - pensiýa tölenilýän döwründe her ýylda;
e) maşgala agzalarynyň şahsyýetini we merhum ekleýji bilen garyndaşlyk gatnaşyklaryny tassyklaýan resminamalar, bellenilen halatlarda - kazyýetiň çözgüdi;
ä) maşgala agzalary barada güwänama - bilim edaralarynda okaýan (terbiýelenýän) şahslardan başgalara;
f) kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen eklençdäkilere hossar ýa-da howandar bellenilmegi hakynda ygtyýarlyk berlen edaranyň kararynyň nusgasy (hossara ýa-da howandara pensiýa resmileşdirilen halatynda);
g) ekleýjisiniň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşandygy baradaky resminama.
3. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adamlara pensiýa bellemek üçin zerur resminamalar, degişli düzediş edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň onuň ýerleşýän ýerindäki ýa-da jezasyny çekýän adamyň hemişelik ýaşaýan ýerindäki edarasyna berilýär.
4. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen resminamalar berlen gününden, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy on senenama gününiň dowamynda pensiýa bellemek baradaky arza seretmäge borçludyr.
5. Pensiýa bellemek barada arza bilen ýüz tutan adamyň atly pensiýa hasabyndaky maglumatlaryň takyklanmak zerurlygy ýüze çykan ýagdaýynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy ondan, şeýle hem kärhanalardan, edaralardan, guramalardan ýa-da arhiwlerden goşmaça resminamalar we maglumatlar talap etmäge haklydyr.
6. Кärhanalar, edaralar, guramalar we arhiwler soralýan resminamalary we maglumatlary ýüz tutulan gününden on senenama gününiň dowamynda bermäge borçludyrlar.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
34-nji madda. Ýaşy boýunça pensiýanyň möçberiniň hasaplanylmagy
Şertli-toplaýyş pensiýa usulynda ýaşy boýunça pensiýanyň möçberi, raýatlara pensiýa bellenilýän senesinde olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
35-nji madda. Gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň möçberiniň hasaplanylmagy
Şertli-toplaýyş pensiýa usulynda gulluk ýyllary boýunça pensiýanyň möçberi, raýatlara pensiýa bellenilýän senesinde olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
36-njy madda. Hünär pensiýasynyň möçberiniň hasaplanylmagy
Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça zähmetiň aýratyn şertleri bolan işlerde işlän raýatlara hünär pensiýasynyň möçberi, olaryň pensiýa bellenilýän senesinde atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
37-nji madda. Maýyplyk boýunça pensiýanyň möçberiniň hasaplanylmagy
1. Şu Kodeksiň 26-njy maddasynyň üçünji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen I, II we III topar maýyplygy bolan adamlara maýyplyk boýunça pensiýanyň möçberi olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasynyň möçberini garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
Görkezilen maýyplygy bolan adamlara maýyplyk boýunça bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň:
1) I topar maýyplygy bolan adamlara – 155 göteriminden;
2) II topar maýyplygy bolan adamlara – 135 göteriminden;
3) III topar maýyplygy bolan adamlara – 115 göteriminden,
az bolmaly däldir.
2. Çagalykdan maýyplygy bolan adamlara maýyplyk boýunça pensiýanyň möçberi, olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasyny, garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
I, II we III topar çagalykdan maýyplygy bolan adamlara maýy plyk boýunça bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 190 göteriminden az bolmaly däldir.
3. Harby gullugyň maýyplygy bolan adamlaryna maýyplyk boýunça pensiýanyň möçberi, olaryň atly pensiýa hasabyndaky şertli pensiýa maýasyny garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
Harby gullugyň maýyplygy bolan adamlaryna bellenilýän maýyplyk boýunça pensiýanyň iň pes möçberi, muňa beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp maýyp bolanlara bellenilýän pensiýa degişli däldir, pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň:
1) I topar maýyplygy bolan adamlara – 155 göteriminden;
2) II topar maýyplygy bolan adamlara – 135 göteriminden;
3) III topar maýyplygy bolan adamlara – 115 göteriminden,
az bolmaly däldir.
Beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyp maýyp bolanlara-harby gullugyň maýyplygy bolan adamlaryna bellenilýän pensiýanyň iň pes möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň:
1) I topar maýyplygy bolan adamlara – 220 göteriminden;
2) II topar maýyplygy bolan adamlara – 205 göteriminden;
3) III topar maýyplygy bolan adamlara – 190 göteriminden,
az bolmaly däldir.
4. Öz eklenjinde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan I we II topar maýyplygy bolan adamlarynyň pensiýasyna, olaryň her bir çagasy üçin pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.
5. Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar we ýeke ýaşaýan görüşi boýunça II topar maýyplygy bolan adamlaryň pensiýasyna, olara seretmek boýunça pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
38-nji madda. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberiniň hasaplanylmagy
1. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa eklençdäkileriň sanyndan we pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululykdan ugur alnyp hasaplanylýar we şu aşakdakylara deňdir:
1) eklençdäki bir adama – 65 göterime;
2) eklençdäki iki adama – 125 göterime;
3) eklençdäki üç adama – 145 göterime;
4) eklençdäki dört adama – 170 göterime;
5) eklençdäki bäş adama – 185 göterime;
6) eklençdäki alty we şondan köp adama – 200 göterime.
2. Ýetim (ata-enesiniň howandarlygyndan galan) çagalara ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylara deňdir:
1) bir çaga – 145 göterime;
2) iki çaga – 230 göterime;
3) üç çaga - 285 göterime;
4) dört çaga - 335 göterime;
5) bäş we şondan köp çaga - 380 göterime.
3. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň eklenjinde bolan ýanýoldaşyna ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýanyň möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen bellenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
39-njy madda. Toplaýyş pensiýasynyň möçberiniň hasaplanylmagy
Toplaýyş pensiýasynyň möçberi, atly pensiýa hasapdaky toplaýyş pensiýa maýasyny garaşylýan ömrüň dowamlylygyna bölmek arkaly hasaplanylýar.
40-njy madda. Pensiýanyň bellenilmegi
1. Ýaşy boýunça pensiýa, gulluk ýyllary boýunça pensiýa, hünär pensiýasy, toplaýyş pensiýasy Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan raýatlaryň pensiýa bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan gününden, ýöne oňa hukugy ýüze çykandan soň bellenilýär, muňa şu bölegiň ikinji tesiminde görkezilen ýagdaýlar degişli däldir.
Raýatlar öz erkine bagly bolmadyk ýagdaýlaryň (tebigy betbagtçylyk, epidemiýa, pandemiýa we beýleki adatdan daşary ýagdaýlar) ýüze çykmagy sebäpli şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen degişli pensiýanyň bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen oňa hukugy ýüze çykandan soň ýüz tutan halatynda, olara degişli pensiýa oňa hukugy ýüze çykan gününden bellenilýär. (Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky № 427-VI Kanuny esasynda 40-njy maddanyň birinji böleginde görkezilen kada 2020-nji ýylyň 1-nji martyndan soň ýüze çykan gatnaşyklara degişli edilýär.).
2. Maýyplyk boýunça pensiýa, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan raýatlaryň pensiýa bellenilmegi barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan gününe garamazdan, maýyplyk bellenilen gününden bellenilýär.
3. Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan pensiýanyň bellenilmegi barada ýazmaça arzanyň bellige alnan gününe garamazdan, oňa hukuk ýüze çykan gününden bellenilýär.
Eger aradan çykan ekleýjiniň maşgalasynda ekleýjisini ýitirendigi boýunça ýa-da maýyplyk boýunça öň pensiýa (döwlet kömek puly) bellenilen we ol tölenilýän kämillik ýaşyna ýetmedik maşgala agzasy ýa-da ýetim (ata-enesiniň howandarlygyndan galan) çaga bar bolsa, oňa bellenilen pensiýanyň (döwlet kömek pulunyň) tölegi dowam etdirilýär, maşgala agzalarynyň hataryndan beýleki eklençdäkilerine bolsa ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa aýratynlykda bellenilýär.
Ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa hukugy bolan maşgala agzalarynyň biri, özüne düşýän paýynyň bölünip berilmegini talap eden ýagdaýynda, pensiýa maşgalanyň her bir agzasyna deň paýlarda bellenilýär. Pensiýa paýynyň tölegi, onuň özüne düşýän рensiýa paýynyň bölünip berilmegi baradaky arzasyny beren aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden amala aşyrylýar.
4. Şahsy pensiýa Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky ýörite toparyň çözgüdi bilen bellenilýär.
Şahsy pensiýalary bellemegiň tertibi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen tassyklanylýar.
5. Eger pensiýa bellemek barada ýazmaça arza bilen ýüz tutan raýatyň pensiýa hukugy bolmadyk ýagdaýynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy pensiýa bellemekden ýüz dönderilmeginiň sebäplerini görkezmek bilen, ýüz tutulan gününden bäş iş gününiň dowamynda oňa bu barada ýazmaça habar bermäge borçludyr.
6. Türkmenistana hemişelik ýaşamak üçin göçüp gelen raýatlara pensiýany, şu Kodeksde göz öňünde tutulan şertlerde we tertipde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň rugsady bilen onuň ýerli edarasy belleýär.
7. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adamlara pensiýalar zerur bolan resminamalary goşmak bilen olaryň pensiýa bellemek baradaky ýazmaça arzasy degişli düzediş edarasy tarapyndan özüniň ýerleşýän ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna berlen halatynda bellenilýär.
8. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary pensiýalary hasaplamak we bellemek bilen baglanyşykly meseleler boýunça raýatlara degişli düşündirişleri bermäge borçludyrlar.
Raýat özüne hasaplanylan pensiýanyň möçberi bilen tanyşmaga haklydyr.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
41-nji madda. Pensiýanyň iň pes we iň ýokary möçberi
1. Şu Kodekse laýyklykda bellenilýän pensiýalaryň iň pes möçberi şu aşakdaky möçberlerde bellenilýär, muňa maýyplyk boýunça pensiýa we ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa degişli däldir:
1) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 100 göteriminde – döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine:
a) erkek adamlaryň – 25 ýyldan az bolmadyk;
b) aýal maşgalalaryň – 20 ýyldan az bolmadyk, şu bendiň “ç”, “d” we “e” kiçi bentlerinde görkezilen halatlar muňa degişli däldir;
ç) dört çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalaryň – 18 ýyldan az bolmadyk;
d) bäş, alty, ýedi çagany dogran ýa-da çagalygyndan maýyplygy bolan çagasy bar bolan (maýyplygy bolan çaga diýip ykrar edilen wagtyna garamazdan) we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalaryň - 15 ýyldan az bolmadyk;
e) sekiz we şondan köp çaga dogran we olary sekiz ýaşa çenli terbiýeläp ýetişdiren aýal maşgalalaryň - 10 ýyldan az bolmadyk döwürde gatnaşygy bolan şertinde;
2) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 85 göteriminde – döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine gatnaşygynyň degişlilikde erkek adamlar we aýal maşgalalar üçin şu bölegiň 1-nji bendinde bellenilen döwrüniň azyndan ýarysy bolan şertinde;
3) pensiýanyň iň pes möçberini kesgitlemek üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 70 göteriminde – döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşlerine gatnaşygynyň şu bölegiň 1-nji bendinde degişlilikde erkek adamlar we aýal maşgalalar üçin bellenilen döwrüniň ýarysyndan az bolan, ýöne bäş ýyldan az bolmadyk şertinde.
2. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň we onuň ýanýoldaşynyň, şeýle hem tylda zähmet çekenleriň pensiýalarynyň iň pes möçberi, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen bellenilýär.
3. Şu Kodekse laýyklykda bellenilýän pensiýalaryň möçberi iň ýokary möçberler bilen çäklendirilmeýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
42-nji madda. Pensiýalaryň möçberleriniň gaýtadan hasaplanylmagy, olaryň indeksirlenilmegi
1. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça tölenilýän pensiýalaryň möçberlerini gaýtadan hasaplamak şu ýagdaýlarda geçirilýär:
1) şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň 2-41-nji bentlerinde görkezilen aýal maşgalalar ýaşy boýunça pensiýa çykylýan ýaşa ýetenlerinde – şol ýaşa ýeten gününden;
2) başlangyç pensiýa maýasy hasaplananda kabul edilen zähmet haky we (ýa-da) iş (gulluk) döwri barada maglumatlaryň nätakyklygy (galplygy, görnetin ýalandygy) ýüze çykarylanda, - pensiýa bellenilen gününden;
3) tölenilýän pensiýalaryň möçberine täsir edýän, başlangyç pensiýa maýasyny hasaplamak üçin raýatlar (ýa-da iş berijiler) tarapyndan iş (gulluk) döwri, zähmet haky barada goşmaça maglumatlar berlen halatynda, - goşmaça maglumatlaryň berlen aýyň yz ýanyndaky aýynyň birinden;
4) pensiýa bolan hukugy kesgitleýän resminamalardaky maglumatlaryň nätakyklygy (galplygy, görnetin ýalandygy) ýüze çykarylanda, - pensiýa bellenilen gününden;
5) pensiýa gatançlaryny hasaplamakda, tölemekde ýa-da hasaba almakda, pensiýa maýasyny indeksirlemekde nätakyklyk ýüze çykarylanda, - pensiýa bellenilen gününden;
6) maýyplygyň görnüşi, topary, eklençdäkileriň sany üýtgän halatynda, - şeýle halat ýüze çykan aýynyň yz ýanyndan gelýän aýyň birinden;
7) maýyplyk boýunça pensiýa bellenilen adamlar pensiýa ýaşyna ýetenlerinde, - ýüz tutulan aýyň yz ýanyndaky aýyň birinden.
2. Şertli-toplaýyş pensiýa usuly girizilmezinden öň bellenen we tölenilýän pensiýanyň möçberine täsir edýän iş (gulluk) döwri, zähmet haky barada goşmaça maglumatlar berlen halatynda – pensiýanyň möçberi goşmaça maglumatlaryň berlen aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden gaýtadan hasaplanylýar.
3. Tölenilýän pensiýalaryň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda indeksirlenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
7-nji bap. PENSIÝALARYŇ, PENSIÝA TOPLAMALARYNYŇ WE BIRWAGTLAÝYN PUL SYLAGLARYNYŇ TÖLENILMEGI
43-nji madda. Pensiýalaryň tölenilişi we olary tölemegiň bes edilmegi
1. Pensiýalaryň tölenilmegi şu Kodeksiň 8-nji maddasynda bellenilen umumy düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Pensiýalaryň tölenilmegi şu aşakdaky ýagdaýlarda bes edilýär:
1) pensiýa alýan adam hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden göçüp gidende – göçüp giden aýynyň yz ýanyndan gelýän aýyň 1-den;
2) pensiýa alýan adama pensiýanyň beýleki bir görnüşi bellenilende – pensiýanyň şeýle görnüşi bellenilen gününden;
3) HMAT-yň maýyplygy ykrar etmek hakynda netijenamasynyň möhletiniň gutarmagy, – netijenamanyň möhletiniň gutaran aýynyň yz ýanyndan gelýän aýyň birinden;
4) pensiýa alýan adam aradan çykanda - aradan çykan aýynyň yz ýanyndan gelýän aýyň 1-nden.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda).
44-nji madda. Öý-internatlarynda ýaşaýan adamlara pensiýa tölenilmegi
Gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda (pansionatlarda) ýaşaýan pensiýa alýanlara pensiýalary şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:
1) şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça bellenilen pensiýanyň 20 göterimi möçberinde, ýöne degişli pensiýanyň bellenilen iň pes möçberiniň 40 göteriminden az bolmadyk möçberde;
2) toplaýyş pensiýa usuly boýunça bellenilen pensiýasy doly möçberde.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
45-nji madda. Ýatymlaýyn bejergide bolýan adamlara pensiýa tölenilmegi
1. Mejbury bejerişde bolýan we psihiatrik edarasynda bejergi alýan adamlardan başga, ýatymlaýyn bejergide bolýan adamlara pensiýalary tölemek, bejergide bolýan ýerine eltip bermek bilen doly möçberde amala aşyrylýar.
2. Mejbury bejerişde bolýan adamlara pensiýa haýsydyr bir möhlet we möçber bilen çäklendirilmezden bejergiden soň tölenilýär.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
46-njy madda. Psihiatrik edarasynda ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara pensiýanyň tölenilmegi
1. Psihiatrik edarasynda 60 güne çenli möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara şol döwür üçin pensiýa olar bejergiden çykandan soň tölenilýär.
Psihiatrik edarasynda 60 günden köp möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara pensiýa şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:
1) bellenen pensiýanyň, oňa goşulýan goşmaça tölegleri (muňa döwlet sylaglary üçin goşmaça tölegler degişli däldir) hasaba almak bilen 20 göterimi möçberinde, ýöne degişli pensiýanyň bellenen iň pes möçberiniň 40 göteriminden az bolmadyk möçberde;
2) toplaýyş pensiýa usuly boýunça bellenen pensiýasy ‒ doly möçberde.
2. Psihiatrik edarasynyň ýolbaşçylygy pensiýa alýan adam bejergi almaga gelende we bejergiden çykanda bäş günüň dowamynda bu barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasyna habar bermäge borçludyr.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
47-nji madda. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adamlara pensiýa tölenilmegi
1. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adamabellenilen pensiýanyň tölenilmegi, düzediş edarasynyň soramagy boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň onuň ýerleşýän ýerindäki edarasy tarapyndan bu adamyň düzediş edarasyndaky atly hasabyna ýa-da raýatyň islegi boýunça onuň hemişelik ýaşaýan ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasy tarapyndan bankda açylan atly hasabynageçirmek arkaly amala aşyrylýar.
2. Düzediş edarasy, azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we pensiýa alýan adamy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hasaba alandygy we hasapdan çykarandygy baradabäş senenama gününiň dowamynda bu barada Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli edarasyna habar berýar.
48-nji madda. Wagtynda talap edilmedik ýa-da tölenilmedik pensiýalaryň tölenilmegi
Pensiýa alýanlaryň geçen döwür üçinöz wagtynda talap etmedik, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy ýa-da banklar tarapyndan tölenilmedik pensiýalary haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirilmezden tölenilýär.
Adam HMAT tarapyndan maýyplygy bolan adamlar diýlip gaýtadan ykrar edilen halatynda, maýyňlyk boýunça pensiýanyň tölegi onuň şu Kodeksiň 43-nji maddasynyň ikinji böleginiň 3-nji bendine laýyklykda bes edilen gününden, ýöne gaýtadan ykrar edilen gününden iki aýdan köp bolmadyk döwür üçin dikeldilýär. Şeýle ýagdaýda eger gaýtadan ykrar edilen maýyplygy bolan adamlar, maýyplygyň beýleki toparyna geçirilen bolsa, görkezilen döwür üçin maýyplyk boýunça pensiýa öňki maýyplygyň topary boýunça tölenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
49-njy madda. Pensiýa alýan aradan çykanda pensiýa tölenilmegi
Pensiýa alýan aradan çykan halatynda, onuň aradan çykan aýyny hem goşmak bilen, alynmadyk pensiýasynyň möçberi haýsydyr bir möhlet ýa-da möçber bilen çäklendirilmezden, maşgalasynyň kämillik ýaşyndaky agzalarynyň ylalaşmagy boýunça olaryň birine tölenilýär.
50-nji madda. Pensiýa toplamalarynyň tölenilmegi
1. Toplaýyş pensiýa usuly boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa toplamalary, olar şu Kodeks bilen bellenilen degişli pensiýa ýaşyna ýetenlerinde, her aýda pensiýa görnüşinde ýa-da olaryň islegi boýunça birwagtlaýyn doly möçberde tölenilýär, şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen halatlar muňa degişli däldir.
2. Ätiýaçlandyrylan şahslara pensiýa toplamalary şu aşakdaky ýagdaýlarda olaryň pensiýa ýaşyndan öň doly möçberde bir wagtda tölenilip bilner:
1) olar bellenen tertipde I, II ýa-da III topardaky maýyplygy bolan adamlar diýlip ykrar edilende;
2) sanawy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan kesgitlenýän keselleri wagtynda ýüze çykarmak, gaýra üzülmeleriň, keseliň agyrlaşmagynyň öňüni almak üçin maddy serişdeler talap edilýän bejergi alynmagy zerur bolanda;
3) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden çykyp gidenlerinde;
4) Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň çözgüdine laýyklykda – aýratyn halatlarda.
3. Toplama pensiýa usuly boýunça ätiýaçlandyrylan şahslaryň pensiýa toplamalary, olaryň islegi boýunça şertli-toplaýyş pensiýa usuly boýunça şertli pensiýa maýasyna geçirilip bilner.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
51-nji madda. Birwagtlaýyn pul sylagynyň we birwagtlaýyn pul kömeginiň tölenilmegi
1. 62 ýaşy dolan işlemeýän pensiýa alýanlara birwagtlaýyn pul sylagy pul sylagynyň tölenilýän günündäki pensiýasynyň bir aýlyk möçberinde tölenilýär.
2. Raýatlara birwagtlaýyn pul sylagy, olaryň 62 ýaşy dolan gününe Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda hasaba alnandygyna ýa-da alynmandygyna garamazdan, tölenilýär.
3. Birwagtlaýyn pul sylagy Türkmenistanyň Prezidentiniň namasynda bellenilen tertipde tölenilýär.
4. Ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin Türkmenistanyň döwlet býujetiniň hasabyna birwagtlaýyn pul kömegi tölenilýär, muňa doly döwlet üpjünçiliginde bolýan ýetim çagalar we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalar degişli däldir.
Birwagtlaýyn pul kömegi her ýylda okuw ýylynyň başlanmagyna bir aý galanda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde şu şertlerde we möçberlerde tölenilýär:
1) umumy bilim berýän orta mekdeplerinde okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara - Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň möçberinde;
2) başlangyç, orta we ýokary hünär okuw edaralarynda okaýan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara - Türkmenistan boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen iň pes zähmet hakynyň iki essesi möçberinde.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
8-nji bap. PENSIÝADAN TUTUP GALMAK. JEDELLERIŇ ÇÖZÜLIŞI
52-nji madda. Pensiýadan tutup galmak
1. Pensiýadan tutup galmak pensiýa alýanyň ýazmaça razylygy boýunça, kazyýetiň çözgütleriniň, kesgitlemeleriniň, kararlarynyň we hökümleriniň (emläkden tutup almak babatynda), döwlet notarial edaralarynyň ýerine ýetiriş ýazgylarynyň we ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýetiň çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde geçirilýän, beýleki çözgütleriň esasynda geçirilýär.
2. Pensiýadan tutup galmak, pensiýa alýana tölenilmäge degişli möçberden geçirilýär.
3. Pensiýadan bir aýda tutup galmalaryň ähli görnüşleriniň umumy möçberi, şertli-toplaýyş pensiýa usuly we toplaýyş pensiýa usuly boýunça bir aýda tölenilýän pensiýanyň jeminiň möçberiniň 50 göteriminden köp bolmaly däldir.
4. Pensiýa alýan aradan çykan halatynda, pensiýadan tutup galmaga degişli berginiň üzülmedik bölegi, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde töletdirilýär.
5. Hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden göçüp gidýän pensiýa alýanyň bergisi, oňa tölenilmäge degişli pensiýanyň möçberinden we pensiýa toplamalarynyň möçberinden tutulýar. Eger bergini tölemek üçin pensiýanyň we pensiýa toplamalaryň möçberi ýetmese, bergi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde töletdirilýär.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
53-nji madda. Pensiýanyň artyk tölenilen möçberiniň tutulyp galynmagy
1. Pensiýa alýan tarapyndan görnetin ýalňyş maglumatlaryň berilmegi netijesinde, artyk tölenen pensiýanyň möçberini tutup galmak, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan özüniň kabul eden kararyna laýyklykda tölenilýän pensiýanyň möçberinden geçirilýär.
2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň, iş berijileriň ýa-da banklaryň wezipeli adamlarynyň günäsi bilen artyk tölenilen pensiýanyň pul möçberiniň öwezi, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.
3. Artyk tölenilen pensiýalaryň tutulyp alnan pul möçberi, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetine geçirilýär.
54-nji madda. Pensiýa meseleleri boýunça jedelleriň çözülişi
1. Pensiýa bolan hukugyň amala aşyrylmagyna, onuň möçberiniň hasaplanylmagyna, pensiýanyň bellenilmegine we tölenilmegine degişli meseleler boýunça jedellere ilki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan seredilýär.
Pensiýa alýan ýerli edaranyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk halatynda, jedele Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy seredýär.
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň çözgütleri kazyýete şikaýat edilip bilner.
2. Şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýda artyk tölenilen pensiýanyň pul möçberini tutup galmak meseleleri boýunça jedellere Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan, pensiýa alýan ylalaşmadyk halatynda bolsa, şeýle hem şu Kodeksiň 53-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda - kazyýet tarapyndan seredilýär.
III BÖLÜM. DÖWLET KÖMEK PULLARY. DÖWLET GOLDAWY
9-njy bap. DÖWLET KÖMEK PULLARYNYŇ GÖRNÜŞLERI
55-nji madda. Döwlet kömek pullarynyň görnüşleri
1. Türkmenistanda:
1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly;
2) göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly;
3) çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly;
4) çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly;
5) maýyplyk boýunça döwlet kömek puly;
6) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puly;
7) döwlet durmuş kömek puly,
bellenilýär.
2. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen döwlet kömek pullarynyň başga görnüşleri hem girizilip bilner.
56-njy madda. Döwlet kömek pullaryna döwlet kepillikleri
Döwlet şu Kodeksde göz öňünde tutulan döwlet kömek pullaryna hukugy bolan raýatlara, döwlet kömek pullaryny bellemegi hem-de tölemegi kepillendirýär.
57-nji madda. Döwlet kömek pullaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary:
1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalarda, guramalarda we edaralarda – olaryň hususy serişdeleriniň hasabyna;
2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän guramalarda we edaralarda ‒ zähmet haky gorunyň tygşytlanan serişdeleriniň hasabyna, olaryň ýeterlik bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň Döwlet býujetinde bölünip berlen serişdeleriň çäginde maliýeleşdirilýär.
2. Çaga doglanda berilýän, çaga seretmek boýunça, maýyplyk boýunça, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän, şeýle hem döwlet durmuş kömek puly Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
3. Döwlet kömek puluny alýanlara 62 ýaşynyň dolmagy bilen baglanyşykly birwagtlaýyn pul sylagyny, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki birwagtlaýyn pul sylaglaryny tölemegiň çeşmesi Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen kesgitlenilýär.
(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 113-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
10-njy bap. DÖWLET KÖMEK PULUNA HUKUK
58-nji madda. Umumy düzgünler
1. Raýatlaryň şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda we şertlerde döwlet kömek puluna hukugy bardyr.
2. Şu Kodeksiň 55-nji maddasynyň birinji böleginiň 5-7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan döwlet kömek pullaryna we şol bir wagtda, 21-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan pensiýalara hukugy bolan raýatlara, olaryň saýlamagy boýunça pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň bir görnüşi bellenilýär. Muňa ekleýjisini ýitiren on sekiz ýaşa çenli maýyplyk boýunça döwlet kömek puluny almaga hukugy bolan çagalar degişli däldir.
3. Raýatlar tarapyndan pensiýanyň, döwlet kömek pulunyň başga bir görnüşine ýa-da pensiýadan döwlet kömek puluna, ýa-da döwlet kömek pulundan pensiýa geçilmegi barada ýüz tutulan halatynda, pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň täze görnüşi olaryň ýüz tutan aýynyň yz ýanyndan gelýän aýyň birinden bellenilýär.
(2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky we 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 3, 113-nji madda;2016 ý., № 2, 100-nji madda).
59-njy madda. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna hukuk
1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna, işleýän döwründe umumy kesellemäniň, zähmet şikesiniň, hünär keseli bilen näsaglamagyň netijesinde zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren we saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk hatyny getiren adamlaryň hukugy bardyr.
2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwri Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan bellenilýär we zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanylýar.
3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüne şu aşakdakylar degişlidir:
1) maşgalanyň näsag agzasyna gatnawly bejergisi döwründe seretmek boýunça - 7 senenama gününden köp bolmadyk döwür;
2) 14 ýaşy dolmadyk näsag çaga gatnawly bejergisi döwründe seretmek boýunça - 14 senenama gününden köp bolmadyk döwür;
3) ýatymlaýyn bejergi alýan, 7 ýaşyna çenli näsag çaga seretmek, şeýle hem çylşyrymly operasiýadan, şikesden ýa-da ýanmakdan soňky döwürde agyr keselden ejir çekýän 14 ýaşy dolmadyk çaga seretmek boýunça -122 senenama gününden köp bolmadyk döwür;
4) hünär keseli ýa-da inçekesel, ýa-da bedende ýokanç keselleri döredijileriň bardygy bilen baglanyşykly başga işe geçirilende - iki aýdan köp bolmadyk döwür;
5) ýokanç keselleriň dörän ýerlerindäki işden çetleşdirilenlere - karantin düzgününiň döwri.
4. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygyň hakyky dowamlylygy bejeriji lukman tarapyndan kesgitlenilýär we zähmete ukypsyzlyk haty bilen tassyklanýar.
5. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk zähmete ukypsyzlyk haty bilen resmileşdirilmeýär, eger-de ol:
1) kanuna garşy hereketler edilende;
2) öz saglygyna ýa-da özüniň eklenjindäki adamyň saglygyna bilkastlaýyn zeper ýetirilende;
3) serhoş, neşe çeken ýa-da kelläni sämediji ýagdaýlarda ýüze çykan bolsa.
60-njy madda. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna hukuk
Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna aýal maşgalalaryň şu Kodeksiň 61-nji maddasynda görkezilen halatlarda hukugy bardyr. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna hukuk gazanmak üçin saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk haty esas bolup durýar.
61-nji madda. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat
1. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat şu aşakdaky aýal maşgalalara göwreliliginiň 32 hepdesinden berilýär:
1) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýän;
2) harby gullugy, içeri işler edaralarynda gullugy geçýän;
3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly işden çykarylan - işden çykarylan pursatyndan üç aýyň dowamynda.
2. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat 112 senenama gününden az bolmadyk dowamlylykda berilýär we her biri 56 senenama güni bolan, çaga dogulmazyndan öňki we doglanyndan soňky rugsatlardan ybarat. Çaga möhletinden öň doglanda çaga dogulmazyndan öňki rugsadyň bellenilen dowamlylygy üýtgemeýär.
3. Çaganyň dogulmagy agyr bolup geçen halatynda çaga doglanyndan soňky rugsat 16 senenama gününe, iki we ondan köp çaga doglanda bolsa, 40 senenama gününe uzaldylýar.
4. Çagany (çagalary) perzentlige alan adama göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat, çaganyň perzentlige alnan gününden başlap, onuň doglan gününden soň 56 senenama gününi öz içine alýan döwür üçin berilýär.
5. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat aýal maşgalalara şu aşakdaky şertlerde hem berilýär:
1) çaga möhletinden öň doglanda ýa-da göwreliligiň 154 güni tamamlanandan soň çaga düşen ýagdaýynda - çaga doglanyndan soňky rugsat;
2) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň işi wagtlaýyn togtadylanda – umumy esaslarda;
3) wagtlaýyn ýok işgäriň ýerine işlenilen döwürde göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat ýüze çykanda, - wagtlaýyn diýlip bellenilen döwür tamamlanýança ýa-da ýerine işlenilýän işgäriň işe çykan gününe çenli;
4) zähmet rugsady döwründe göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat ýüze çykanda – umumy esaslarda.
62-nji madda. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunahukuk
1. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna doglan çaganyň enesiniň (atasynyň) ýa-da hossarynyň hukugy bardyr.
2. Perzentlige alnan çaganyň enesine ýa-da atasyna çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly tölenilmedik bolsa doglan gününden dört aýlygyna çenli çagany perzentlige alan ata-enäniň hem çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluna hukugy bardyr.
63-nji madda. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluna hukuk
1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluna jemgyýete peýdaly iş bilen meşgullanýandygyna ýa-da meşgullanmaýandygyna garamazdan, şu aşakdakylaryň hukugy bardyr:
1) çaga üç ýaşyny doldurýança oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan enesiniň, atasynyň ýa-da hossarynyň;
2) çaga üç ýaşyny doldurýança oňa hakykatdan seretmegi amala aşyrýan beýleki garyndaşlarynyň, eger enesi we (ýa-da) atasy aradan çykan, ölen diýlip yglan edilen, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enelik hukuklary çäklendirilen, nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen, kämillik ukyby ýok (çäklendirilen) diýlip ykrar edilen bolsa, saglyk ýagdaýy boýunça hut özleriniň çagany terbiýelemäge we ekläp saklamaga mümkinçilikleri bolmasa, azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki jezany ýerine ýetirýän edarada jezasyny çekýän bolsa, çagany terbiýelemekden ýa-da onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrýan ýa-da öz çagasyny terbiýe berilýän, bejergi alynýan we beýleki şonuň ýaly edaralardan almakdan ýüz dönderen halatlarynda.
2. Çaga seretmek birwagtda birnäçe adam tarapyndan amala aşyrylýan halatynda, çaga seretmek boýunça döwlet kömek puluny almaga hukuk olaryň birine berilýär.
64-nji madda. Döwlet durmuş kömek puluna hukuk
Döwlet durmuş kömek puluna pensiýa hukugy bolmadyk, 62 ýaşy dolan erkek adamlaryň we 57 ýaşy dolan aýal maşgalalaryň hukugy bardyr.
65-nji madda. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluna hukuk
Maýyplyk boýunça döwlet kömek puluna şu aşakdaky adamlaryň hukugy bardyr:
1) 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalaryň;
2) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşyk döwri bäş ýyldan az bolan çagalykdan maýyplygy bolan adamlaryň;
3) hökmany pensiýa ätiýaçlandyrmasyna gatnaşyk döwri bäş ýyldan az bolan maýyplygy bolan adamlaryň.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
66-njy madda. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puluna hukuk
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puluna, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyp, uruşda wepat bolanlaryň ýa-da nam-nyşansyz gidenleriň, uruşdan gaýdyp gelip soň aradan çykanlaryň ýanýoldaşlarynyň hukugy bardyr.
11-nji bap. DÖWLET KÖMEK PULUNYŇ BELLENILMEGI ÜÇIN ÝÜZ TUTULMAGY. DÖWLET KÖMEK PULUNYŇ BELLENILMEGI
67-nji madda. Umumy düzgünler
1. Döwlet kömek pullarynyň bellenilmegi üçin, muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullary degişli däldir, olara hukugy bolan adamlar hemişelik ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna ýüz tutýarlar.
2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin, olara hukugy bolan adamlar esasy iş ýeri boýunça iş berijä ýüz tutýarlar.
3. Şu bölegiň üçünji tesiminde göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda döwlet kömek puly, oňa hukuk ýüze çykan gününden döwlet kömek puluny alýanyň adyna şu bölegiň ikinji tesiminde görkezilen düzgüniň hasaba alynmagy bilen bellenilýär.
Döwlet durmuş kömek puluna hukugy bolan adam döwlet kömek pulunyň şu görnüşiniň bellenilmegi üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli edarasyna şeýle hukuk ýüze çykan gününden soň ýüz tutan halatynda, döwlet kömek puly ýüz tutulan gününden bellenilýär.
Eger döwlet kömek puluny alýan kämillik ýaşyna ýetmedik bolsa ýa-da onuň kämillik ukyby bolmasa, kömek puly onuň ata-enesiniň biriniň ýa-da hossarynyň, ýa-da howandarynyň adyna bellenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda).
68-nji madda. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin resminamalar
1. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin pasportyň (onuň ornuny tutýan resminamanyň), çagalaryň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy berilýär.
2. Çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasy çaga doglanda berilýän döwlet kömek puluny almak üçin esas bolup durýar.
3. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän aýal maşgala çaga dogran ýagdaýynda degişli düzediş edarasy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalary özüniň ýerleşýän ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna berýär.
69-njy madda. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin resminamalar
1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arza;
2) çaga seredýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
3) çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
4) maşgala agzalary barada güwänama;
5) ygtyýarlyk berlin edaranyň çagany perzentlige bermek baradaky çözgüdiniň nusgasy (çaga perzentlige alnanda);
6) ygtyýarlyk berlen edaranyň çaga hossar bellenilmegi baradaky çözgüdiniň nusgasy (çaga hossar bellenilende).
2. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän aýal maşgala çaga dogranda degişli düzediş edarasy şu maddanyň birinji böleginde görkezilen resminamalary özüniň ýerleşýän ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna berýär.
70-nji madda. Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin resminamalar
Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arza;
2) döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
3) HMAT-yň güwänamasyndan göçürme, muňa 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalar degişli däldir;
4) 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalar üçin saglygy barada netijenama;
5) maşgala agzalary barada güwänama, muňa 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalar degişli däldir;
6) çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň nusgasy.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
71-nji madda. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin resminamalar
Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna döwlet kömek puluny bellemek üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arza;
2) döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy;
3) ýanýoldaşynyň Beýik Watançylyk urşunyň gatnaşyjysy bolandygy barada harby wekilligiň kepilnamasy;
4) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşynyň uruşda wepat bolandygyny ýa-da nam-nyşansyz gidendigini, ýa-da ondan gaýdyp gelenden soň aradan çykandygyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
5) döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň, Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjy bilen nika hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
6) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň ýanýoldaşy ýogalandan soň, başga nika baglaşmandygy barada RÝNÝ-niň edarasynyň güwänamasy.
72-nji madda. Döwlet durmuş kömek pulunyň bellenilmegi üçin resminamalar
Döwlet durmuş kömek pulunyň bellenilmegi üçin şu aşakdaky resminamalar berilýär:
1) döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin arza;
2) döwlet kömek puly resmileşdirilýän adamyň pasportynyň (ornuny tutýan resminamanyň) nusgasy.
12-nji bap. DÖWLET KÖMEK PULUNYŇ MÖÇBERINIŇ
HASAPLANYLMAGY
73-nji madda. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy
1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük zähmet hakynyň wagtlaýyn zähmete ukypsyz bolunan senenama günlere köpeldilmeginden alnan ululykdan hasaplanylýar we şu aşakdakylara deňdir:
1) 60 göterim - iş döwrüniň dowamlylygy bäş ýyla çenli bolanda;
2) 80 göterim - iş döwrüniň dowamlylygy bäş ýyldan sekiz ýyla çenli bolanda;
3) 100 göterim - iş döwrüniň dowamlylygy sekiz ýyl we ondan köp bolanda.
2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, iş döwrüniň dowamlylygyna garamazdan, şu maddanyň birinji bölegine laýyklykda hasaplanylan ululygyň 100 göterim möçberinde şu aşakdakylara tölenilýär:
1) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy zähmet şikesi ýa-da hünär keseli sebäpli ýüze çykan adama;
2) 18 ýaşy dolmadyk adama;
3) 21 ýaşy dolmadyk ýetim (ata-enesiniň howandarlygyndan galan) adama;
4) bellenilen tertipde maýyplygy bolan adam diýlip ykrar edilen adama;
5) 18 ýaşyna çenli maýyplygy bolan çagany terbiýeleýän ýa-da öz eklenjinde 18 ýaşy dolmadyk üç ýa-da şondan köp çagalary bolan enä;
6) wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy donorlyk wezipelerini ýerine ýetiren mahaly ýüze çykan adama;
7) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranyna;
8) kesellemegine ionlaşdyryjy we rentgen şöhlelenmesi sebäp bolan adama.
3. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwründen öňki iki senenama aýynyň ortaça aýlyk we ortaça bir günlük zähmet hakynyň hem-de wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk döwrüniň senenama günlerdäki dowamlylygy esasynda geçirilýär.
4. Ortaça aýlyk zähmet haky zähmete ukyplylygyň ýitirilen aýynyň öň ýanyndaky iki senenama aý üçin hasaplanylan hakyky zähmet hakyndan ugur alnyp hasaplanylýar.
Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi we senenama aýynyň zähmet haky bilelikde alnanda iki wezipe aýlyk hakyndan ýa-da iki tarif möçberinden ýokary bolmaly däldir.
5. Ortaça bir günlük zähmet haky Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertibe laýyklykda hasaplanylan ortaça bir aýlyk zähmet hakyny 29,7-ä bölmek arkaly hasaplanylýar.
6. Wahtalaýyn we işiň beýleki aýratyn düzgünlerinde işleýän şahslar üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
7. Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda zähmet hakynyň möçberi ýokarlandyrylanda wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberini hasaplamak üçin kabul edilýän zähmet haky, zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.
8. Işe täze kabul edilen ýa-da işleýän döwrüniň arasyny kesen adamlar üçin wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly, zähmete ukypsyzlyk haty berlen pursadyndaky onuň wezipe aýlyk hakyndan ýa-da tarif möçberinden ugur alnyp hasaplanylýar.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
74-nji madda. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy we bellenilmegi
1. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsada çykylmazyndan öňki on iki senenama aýynyň ortaça aýlyk we ortaça bir günlük zähmet hakyndan ugur alnyp hasaplanylýar.
Ortaça aýlyk we ortaça bir günlük zähmet hakyny hasaplamak Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
2. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça bellenilýän döwlet kömek pulunyň möçberi ortaça bir günlük zähmet hakyny göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyň senenama günleriniň sanyna köpeltmek arkaly hasaplanylýar.
3. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyna çykýan pursatynda iş (gulluk) döwri on iki senenama aýyndan az bolan aýal maşgalalara ortaça aýlyk zähmet haky hakyky işlenilen senenama aýlary üçin hasaplanylýar.
4. Çaga seretmek boýunça rugsatda bolýan aýal maşgala göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsat berlende, döwlet kömek puly göwrelilik we çaga dogurmak boýunça rugsadyna çykan aýynda wezipe sanawyndaky degişli wezipe boýunça bellenilen wezipe aýlyk hakyndan ýa-da tarif möçberinden hasaplanylýar.
5. Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda zähmet haky ýokarlandyrylanda göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy üçin kabul edilýän zähmet haky, zähmet hakynyň ýokarlandyrylan koeffisiýentine indeksirlenilýär.
75-nji madda. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy we bellenilmegi
Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululykdan göterim möçberinde bellenilýär we şu aşakdakylara deňdir:
1) birinji we ikinji çaga doglanda - 130 göterime;
2) üçünji çaga doglanda - 250 göterime;
3) dördünji çaga doglanda - 500 göterime;
4) bäşinji çaga doglanda - 600 göterime;
5) altynjy çaga doglanda - 800 göterime;
6) ýedinji çaga doglanda - 1000 göterime;
7) sekizinji we şondan soňky çagalar doglanda - 1200 göterime.
(2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
76-njy madda. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy we bellenilmegi
Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi, her bir çaga üçin, onuň üç ýaşy dolýança, döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 75 göterimi möçberinde bellenilýär.
Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly onuň bellenilmegi baradaky arza bilen ýüz tutulan gününe garamazdan, çaganyň doglan gününden bellenilýär.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 138-nji madda).
77-nji madda. Мaýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberiniň hasaplanylmagy we bellenilmegi
1. Maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululykdan göterim möçberinde bellenilýär we şu aşakdakylara deňdir:
1) 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalara – 160 göterimine;
2) I, II we III topar çagalykdan maýyplygy bolan adamlara – 200 göterimine;
3) iş döwri (ätiýaçlandyrma döwri) bolmadyk maýyplygy bolan adamlara:
a) I topara – 160 göterimine;
b) II topara – 140 göterimine;
ç) III topara – 120 göterimine.
2. Öz eklenjinde kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary bolan, I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň bellenilen döwlet kömek puluna, olaryň her bir çagasy üçin döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.
3. Saglygy barada netijenamasy boýunça keseki kömegine mätäç bolan I topar maýyplygy bolan adamlaryň we ýeke ýaşaýan, görüşi boýunça II topar maýyplygy bolan adamlaryň döwlet kömek puluna, olara seretmek boýunça döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göterimi möçberinde goşmaça töleg bellenilýär.
4. Maýyplyk boýunça döwlet kömek puly onuň bellenilmegi barada ýüz tutulan gününe garamazdan, maýyplygyň kesgitlenilen gününden bellenilýär.
5. Şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan goşmaça tölegler, olara hukugy bolan adamlara birwagtda bellenilýär.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
78-nji madda. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanyň ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek pulunyň hasaplanylmagy
1. Uruşda wepat bolan ýa-da nam-nyşansyz giden Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň eklenjinde bolan ýanýoldaşyna döwlet kömek pulunyň möçberi döwlet kömek pullaryny hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 290 göterimi möçberinde bellenilýär.
2. Uruşdan gaýdyp gelenden soň aradan çykan Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň eklenjinde bolan ýanýoldaşyna bellenilýän döwlet kömek puly döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 210 göterimi möçberinde bellenilýär.
79-njy madda. Döwlet durmuş kömek pulunyň möçberi
Döwlet durmuş kömek puly döwlet kömek pullarynyň hasaplanymagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 70 göterimi möçberinde bellenilýär.
80-nji madda. Döwlet kömek pulunyň möçberiniň gaýtadan hasaplanylmagy we indeksirlenilmegi
1. Döwlet kömek pulunyň möçberiniň gaýtadan hasaplanylmagy, senenama ýylynyň dowamynda ony bellemekde kabul edilen şertler üýtgände, muňa döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň üýtgemegi degişli däldir, maýyplygyň topary, görnüşi, eklençdäkileriň sany üýtgände, tölenilýän döwlet kömek pulunyň möçberine täsir edýän maglumatlaryň nätakyklygy ýüze çykarylanda, şeýle hem onuň möçberi hasaplanylanda nätakyklyklar goýberilendigi ýüze çykarylanda geçirilýär.
Bellenilen döwlet kömek pulunyň gaýtadan hasaplanylmagy ýokarda görkezilen ýagdaýlaryň dörän aýyndan soňky gelýän aýyň birinji gününden geçirilýär.
2. Şu Kodeksiň 55-nji maddasynyň birinji böleginiň 4-7-nji bentlerinde göz öňünde tutulan tölenilýän döwlet kömek pullarynyň möçberleri Türkmenistanyň Prezidentiniň namasyna laýyklykda indeksirlenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda).
13-nji bap. DÖWLET KÖMEK PULLARYNYŇ TÖLENILMEGI
81-nji madda. Döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi, olaryň töleginiň bes edilmegi
1. Döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi şu Kodeksiň 8-nji maddasynda bellenilen umumy düzgünlere laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Şu Kodeksde göz öňünde tutulan döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi şu aşakdaky ýagdaýlar ýüze çykan aýynyň yz ýanyndaky aýyň 1-inden bes edilýär:
1) döwlet kömek puluny alýan adam hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna gidende;
2) maýyplygy bolan çaga 18 ýaşyna ýetende we oňa çagalykdan maýyplyk boýunça döwlet kömek puly bellenilende;
3) döwlet kömek puluny alýan adama pensiýa bellenilende;
4) çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly bellenilen çaganyň üç ýaşy dolanda ýa-da ol aradan çykanda;
5) HMAT tarapyndan bellenilen maýyplygyň möhleti gutaranda;
6) döwlet kömek puluny alýan adam aradan çykanda.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
82-nji madda. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly raýatlaryň esasy iş (gulluk) ýerinden tölenilýär.
2. Daşary ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralary tarapyndan berlen zähmete ukypsyzlyk hatynyň esasynda döwlet kömek puly, görkezilen zähmete ukypsyzlyk haty Türkmenistanyň saglygy goraýyş edarasy tarapyndan tassyklanylanda (çalşylanda) tölenilýär.
3. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we işleýän adama wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek, iş ýerinden döwlet kömek pulunyň möçberini onuň düzediş edarasyndaky atly hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
83-nji madda. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly aýal maşgalalara çaga dogulmazyndan öňki we çaga doglanyndan soňky döwür üçin birwagtda, olaryň esasy iş (gulluk) ýeri boýunça tölenilýär.
2. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän we işleýän aýal maşgala göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluny tölemek, iş ýerinden döwlet kömek pulunyň möçberini onuň düzediş edarasyndaky atly hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
84-nji madda. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek puly ata-enesiniň, perzentlige alýanlaryň birine ýa-da hossaryna birwagtlaýyn tölenilýär.
2. Şol bir wagtda iki ýa-da şondan köp çaga doglanda, döwlet kömek puly şu Kodeksiň 75-nji maddasynda bellenilen möçberlerde her bir çaga üçin tölenilýär.
85-nji madda. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly çaganyň doglan gününden başlap üç ýaşyna çenli tölenilýär.
2. Şu Kodeksiň 63-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji bendinde görkezilen adamlara çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly çaganyň doglan gününden başlap tölenilýär, ýöne enesiniň we (ýa-da) atasynyň aradan çykan gününden ýa-da degişli çözgüdiň (kazyýetiň güýje giren çözgüdiniň, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çözgüdiniň, saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasynyň) çykarylan gününden çaganyň üç ýaşyna çenli tölenilýär.
3. Çaga seretmek boýunça döwlet kömek puly ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň birine ýa-da hossaryna her aýda tölenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda).
86-njy madda. Öz wagtynda talap edilmedik ýa-da tölenilmedik döwlet kömek pullarynyň tölenilmegi
Döwlet kömek pullaryny alýanlar tarapyndan öz wagtynda talap edilmedik ýa-da Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynyň günäsi bilen tölenilmedik geçen döwür üçin kömek pullary, haýsydyr bir möhlet we möçber bilen çäklendirilmezden tölenilýär.
Adam HMAT tarapyndan maýyplygy bolan adamlar diýlip gaýtadan ykrar edilen halatynda, maýyplyk boýunça döwlet kömek pulunyň tölegi onuň şu Kodeksiň 81-nji maddasynyň ikinji böleginiň 5-nji bendine laýyklykda bes edilen gününden, ýöne gaýtadan ykrar edilen gününden iki aýdan köp bolmadyk döwür üçin dikeldilýär. Şeýle ýagdaýda eger gaýtadan ykrar edilen maýyplygy bolan adamlar, maýyplygyň beýleki toparyna geçirilen bolsa, görkezilen döwür üçin maýyplyk boýunça döwlet kömek puly öňki maýyplygyň topary boýunça tölenilýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
87-nji madda. Kömek puluny alýan aradan çykanda döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
Döwlet kömek puluny alýan adam aradan çykanda, aradan çykan aýyny hem goşmak bilen, onuň almadyk döwlet kömek pulunyň möçberi haýsydyr bir möhlet we möçber bilen çäklendirilmezden, maşgalanyň kämillik ýaşyndaky agzalarynyň ylalaşmagy esasynda olaryň birine tölenilýär.
88-nji madda. Döwlet kömek puluny alýanlara birwagtlaýyn pul sylagynyň tölenilmegi
1. Işlemeýän 62 ýaşy dolan döwlet kömek puluny alýanlara birwagtlaýyn pul sylagy, olaryň pul sylagy gowşurylýan günündäki ýagdaýa görä alýan döwlet kömek pulunyň möçberinde tölenilýär.
2. Birwagtlaýyn pul sylagy adamyň 62 ýaşy dolan gününe döwlet kömek puluny alýan hökmünde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasynda hasaba alnandygyna ýa-da alynmandygyna garamazdan, tölenilýär.
3. Birwagtlaýyn pul sylagy Türkmenistanyň Prezidentiniň namasynda kesgitlenen tertipde tölenilýär.
89-njy madda. Öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde hemişelik ýaşaýanlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
Gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlarynda, mekdep-internatlarynda, çagalar öýlerinde we beýleki edaralarda hemişelik ýaşaýan doly döwlet üpjünçiliginde bolýan adamlara, döwlet kömek pulunyň tölenilmegi bellenýän puluň 20 göterimi möçberinde geçirilýär, ýöne döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenilen binýatlyk ululygyň 20 göteriminden az bolmaly däldir.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
90-njy madda. Ýatymlaýyn bejergi alýan adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Ýatymlaýyn bejergi alýan adamlara, döwlet kömek pulunyň tölenilmegi her aýda doly möçberde, bejeriş geçirilýän ýere eltip bermek arkaly tölenilýär, muňa mejbury bejergi alýanlar we psihiatrik edarasynda bejergi alýanlar degişli däldir.
2. Mejbury bejerişde bolýan adamlara döwlet kömek puly bejergiden çykanlaryndan soň, haýsydyr bir möhlet we möçber bilen çäklendirilmezden tölenilýär.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
91-nji madda. Psihiatrik edarasynda ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Psihiatrik edarasynda 60 güne çenli möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara şol döwür üçin döwlet kömek puly olar bejergiden çykandan soň tölenilýär.
Psihiatrik edarasynda 60 günden köp möhlet bilen ýatymlaýyn şertlerde bejergi alýan adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi bellenýän puluň, oňa goşulýan goşmaça tölegleri (muňa döwlet sylaglary üçin goşmaça tölegler degişli däldir) hasaba almak bilen 20 göterimi möçberinde geçirilýär, ýöne döwlet kömek pullarynyň hasaplanylmagy üçin bellenen binýatlyk ululygyň 20 göteriminden az bolmaly däldir.
2. Psihiatrik edarasynyň ýolbaşçylygy döwlet kömek puluny alýan adam bejergi almaga gelende we bejergiden çykanda bu barada bäş günüň dowamynda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň degişli ýerli edarasyna habar bermäge borçludyr.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
92-nji madda. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde jezasyny çekýän adamlara döwlet kömek pulunyň tölenilmegi
1. Azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän adama döwlet kömek puluny tölemek, düzediş edarasynyň talapnamasy boýunça onuň ýerleşýän ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasy tarapyndan döwlet kömek puluny bu adamyň düzediş edarasyndaky atly hasabyna ýa-da raýatyň islegi boýunça onuň hemişelik ýaşaýan ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasy tarapyndan bankda açylan atly hasabyna geçirmek arkaly amala aşyrylýar, muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça, göwrelilik we çaga dograndygy boýunça berilýän döwlet kömek pullary degişli däldir.
2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny we göwrelilik we çaga dograndygy boýunça döwlet kömek puluny tölemek şu Kodeksiň degişlilikde 82-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Düzediş edarasy, azatlykdan mahrum ediş ýerinde jezasyny çekýän döwlet kömek puluny alýan adamy hasaba alan we hasapdan çykaran gününden soň bäş senenama gününiň dowamynda bu barada düzediş edarasynyň ýerleşýän ýerindäki Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň edarasyna habar berýär.
14-nji bap. DÖWLET KÖMEK PULUNDAN TUTUP GALMAK. JEDELLERI ÇÖZMEK
93-nji madda. Döwlet kömek pulundan tutup galmak
1. Döwlet kömek pulundan tutup galmak ony alýanyň ýazmaça razylygy boýunça, kazyýetiň çözgütleriniň, kesgitlemeleriniň, kararlarynyň we hökümleriniň (emläkden tutup almak babatynda), döwlet notarial edaralarynyň ýerine ýetiriş ýazgylarynyň we ýerine ýetirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýetiň çözgütlerini ýerine ýetirmek üçin bellenilen tertipde geçirilýän, beýleki çözgütleriň esasynda geçirilýär.
2. Çaga doglanda berilýän döwlet kömek pulundan, çaga seretmek boýunça döwlet kömek pulundan tutup galmak geçirilmeýär.
3. Bir aýda tutup galmalaryň ähli görnüşleriniň umumy möçberi, bir aýda tölenilýän döwlet kömek pulunyň möçberiniň 50 göteriminden köp bolmaly däldir.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
94-nji madda. Döwlet kömek pulunyň artyk tölenen möçberini tutup galmak
1. Döwlet kömek puluny alýan tarapyndan görnetin ýalňyş maglumatlaryň berilmegi netijesinde, artyk tölenen kömek pulunyň möçberini tutup galmak Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edarasy tarapyndan tölenilýän döwlet kömek pulunyň möçberinden ýa-da öz çözgüdi esasynda iş beriji tarapyndan - onuň zähmet hakynyň möçberinden geçirilýär.
2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralarynyň, iş berijiniň ýa-da banklaryň günäsi bilen artyk tölenilen döwlet kömek pulunyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde dolunýar.
3. Artyk tölenilen döwlet kömek pulunyň tutulan möçberleri, maliýeleşdirmegiň çeşmelerine baglylykda degişlilikde Türkmenistanyň Döwlet býujetine, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna, iş berijiniň hasabyna geçirilýär.
95-nji madda. Döwlet kömek pullarynyň meseleleri boýunça jedelleriň çözülişi
1. Döwlet kömek puluna bolan hukugy durmuşa geçirmek, onuň möçberini hasaplamak, ony bellemek we tölemek meseleleri boýunça jedellere, ilkinji nobatda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralary tarapyndan seredilýär, muňa wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puly hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puly degişli däldir.
Ýerli edaralaryň çözgüdi bilen döwlet kömek puluny alýan ylalaşmadyk halatynda jedele Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan seredilýär.
Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň çözgütlerine kazyýete şikaýat edilip bilner.
2. Wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluna hem-de göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek puluna bolan hukugy durmuşa geçirmek, onuň möçberini hasaplamak, ony bellemek we tölemek meseleleri boýunça jedellere iş beriji we (ýa-da) kazyýet tarapyndan seredilýär.
3. Şu Kodeksiň 94-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda artyk tölenilen döwlet kömek pullarynyň möçberlerini tutup galmak meseleleri boýunça jedellere degişilikde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy ýa-da iş beriji tarapyndan, döwlet kömek puly alýan ylalaşmadyk halatynda bolsa, şeýle hem şu Kodeksiň 94-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatynda - kazyýet tarapyndan seredilýär.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
IV bölüm. DURMUŞ HYZMATLARY
15-nji bap. UMUMY DÜZGÜNLER
96-njy madda. Durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri
1. Durmuş hyzmatlary, özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly, keseki kömegine mätäç adamlara sosial-durmuş, sosial-saglygy goraýyş, sosial-hukuk hem-de durmuş hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerini etmek, şeýle hem olary durmuş taýdan uýgunlaşdyrmak we dikeltmek boýunça işlerden ybaratdyr.
2. Durmuş hyzmatlary öýde ýa-da durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara edilýän durmuş hyzmatlarynyň jemini öz içine alýar.
3. Durmuş hyzmatlary durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara döwlet we döwlete degişli däl durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan amala aşyrylyp bilner. Durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç hökmünde ykrar edilen adamlara Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hakynda birkysmy düzgünnama Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
97-nji madda. Durmuş hyzmatlary çygryndaky ýörelgeler
Durmuş hyzmatlary şu ýörelgelerden ugur alnyp edilýär:
1) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklarynyň berjaý edilmegi;
2) durmuş hyzmatlarynyň edilmegine mätäç diýlip ykrar edilen adamlara durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga deň mümkinçilikleriň we olaryň elýeterli bolmagynyň üpjün edilmegi;
3) durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şahsy zerurlyklary göz öňünde tutulyp, durmuş hyzmatlarynyň edilmegi.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
98-nji madda. Adamlaryň durmuş hyzmatlary çygryndaky hukuklarynyň kepillendirilmegi
Döwlet, özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly, keseki kömegine mätäç adamlaryň aýratyn toparlaryna durmuş hyzmatlaryny peýdalanmak mümkinçiligini kepillendirýär.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
99-njy madda. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň aýratynlyklary
Durmuş hyzmatlarynyň görnüşleri we olary etmegiň tertibi, durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary we durmuş hyzmatlaryny etmegiň beýleki aýratynlyklary durmuş hyzmatlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
100-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň dolandyrylmagy
1. Durmuş hyzmatlary şäherlerde, şäherçelerde we köp ilatly obalarda adamlaryň aýratyn toparlaryna döwlet we döwlete degişli däl durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar hem-de (ýa-da) hususy telekeçiler tarapyndan edilýär.
2. Durmuş hyzmatlaryny edýän garamagyndaky edaralary dolandyrmak öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli merkezi edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijilere usuly kömegi bermek Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
101-nji madda. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň ulgamyny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Durmuş hyzmatlaryny etmegiň ulgamyny maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetiniň, ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda durmuş hyzmatynda bolan hem-de mirasdüşeri bolmadyk aradan çykan ýeke ýaşan adamlaryň pul serişdeleri, şol sanda bank hasaplaryndaky serişdeler we beýleki emlägi, şeýle hem bu emlägi ýerlemekden alnan serişdeler durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar tarapyndan maksada laýyk ulanylýar.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
102-nji madda. Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işine gözegçilik
Durmuş taýdan hyzmat edýän edaralaryň işine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
16-njy bap. DURMUŞ HYZMATLARYNY PEÝDALANMAGA BOLAN HUKUK
103-nji madda. Adamlaryň durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga bolan hukugy
Özüne hyzmat etmek we (ýa-da) hereket etmek ukybynyň çäklidigi sebäpli, özleriniň esasy şahsy zerurlyklaryny özbaşdak kanagatlandyrmaga mümkinçiliklerini bölekleýin ýa-da doly ýitirendikleri bilen baglanyşykly keseki kömegine mätäç adamlaryň aýratyn toparlarynyň durmuş hyzmatlary çygrynda amala aşyrylýan durmuş hyzmatlaryny peýdalanmaga hukuklary bardyr.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
104-nji madda. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň hukuklary
1. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylaryň şulara hukuklary bardyr:
1) durmuş hyzmatlary bilen üpjün edijiniň işgärleri tarapyndan özlerine hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna;
2) öz hukuklary, borçlary, durmuş hyzmatlaryny etmegiň görnüşleri, hyzmat etmegiň şertleri, şol sanda olaryň töleginiň şertleri barada maglumat almaga;
3) durmuş hyzmatlaryndan ýüz öwürmäge;
4) durmuş hyzmatlary edilende durmuş işgärine mälim bolan şahsy häsiýetli maglumatlaryň ýaşyrynlygynyň saklanylmagyna;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
2. Durmuş hyzmatlaryny peýdalanyjylar durmuş taýdan hyzmat edýän edaralarda bolmagyň şertleri, olara edilýän hyzmatlaryň görnüşleri bilen öňünden tanyşdyrylmalydyrlar.
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
105-nji madda. Durmuş hyzmatlarynyň edilmegi
1. Durmuş hyzmatlary durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň durmuş hyzmatlarynyň edilmegi baradaky ýazmaça arzasy esasynda amala aşyrylýar.
Durmuş hyzmatlarynyň aýry-aýry görnüşlerinden ýüz öwrülmegi durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy bolup biljek adamyň ýazmaça arzasy bilen resmileşdirilýär.
2. Bakteriýa göteriji ýa-da wirus saklaýjy bolup durýan adamlara ýa-da özlerinde arakhorluk, neşekeşlik, psihoaktiw maddalary bilen baglanyşykly keselleri, karantinli ýokanç keselleri, inçekeseliň aktiw görnüşleri, psihiki taýdan näsaglygy, deri keselleri we ýöriteleşdirilen saglygy goraýyş edaralarynda bejerilmegi talap edilýän beýleki keselleri bar bolan adamlar, saglygy goraýyş edarasynyň netijenamasy esasynda durmuş hyzmatlarynyň edilmegine kabul edilmeýär.
3. Durmuş hyzmatlarynyň peýdalanyjysy tarapyndan bellenilen kadalar we düzgünler bozulan halatynda durmuş hyzmatlarynyň edilmegi bes edilip bilner.».
(2022-nji ýylyň 17-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 1-2, 24-nji madda).
V bölüm. WETERANLARYŇ HUKUK ÝAGDAÝY
17-nji bap.WETERANLARYŇ HUKUK ÝAGDAÝY
106-njy madda. Weteranlaryň toparlary
Watany goramakda bitiren hyzmatlary, birkemsiz harby gullugy we uzak möhletiň dowamynda çeken ak ýürekli zähmeti üçin weteranlaryň şu toparlary bellenilýär:
1) Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary;
2) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary;
3) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar;
4) harby gullugyň weteranlary;
5) içeri işler edaralarynyň weteranlary;
6) zähmet weteranlary.
107-nji madda. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary
1. Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) Beýik Watançylyk urşunа gatnaşyjylar:
a) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümlerde, ştablarda, edaralarda harby gullugy geçen ýa-da olarda wagtlaýyn bolan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler (harby bölümlerde terbiýelenenleri we ýaşajyk esgerleri hem goşmak bilen);
b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda şäherlerde gulluk eden we olary goramaga gatnaşmagy, hereket edýän goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna bellenilen ýeňillikli şertlerde pensiýalar bellemek üçin gulluk eden diýlip hasap edilýän harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, döwlet howpsuzlygy, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserlerler düzümine degişli adamlar;
ç) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren ýa-da şol döwürde şäherlerde ýerleşen, olaryň goralmagyna gatnaşylmagy, hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylaryna ýeňillikli şertlerde pensiýalar bellemek üçin artykmaçlyk hasaby bilen gulluk eden diýlip hasap edilýän harby bölümlerde, ştablarda we edaralarda ştatdaky wezipelerde bolan, goşunyň we flotuň, içeri işler, döwlet howpsuzlygy goşunlarynyň we edaralarynyň goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar;
d) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Gyzyl Goşunyň hatarlarynda bolan adamlaryň ýagdaýyna getirilen we hereket eden söweş meýdanlarynyň tyl serhetleriniň ýa-da hereket eden flotlaryň operatiw zolaklarynyň çäklerinde goşunyň we flotuň bähbitleri üçin wezipeleri ýerine ýetiren kärhanalaryň, harby desgalaryň, halk komissarlyklarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleri;
e) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň harby bölümlerinde, duşmanyň tylynda ýa-da beýleki döwletleriň çäklerinde aňtawyň, garşylyklaýyn aňtawyň işgärleri, ýörite tabşyryklary ýerine ýetiren beýleki adamlar;
ä) 1944-nji ýylyň 1-nji ýanwary–1945-nji ýylyň 9-njy maýy döwründe öňki SSSR-iň çäklerinde söweş tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, goşun gullugynda durman, şolaryň hatarynda işlän adamlar, atyjy batalýonlaryň, halky goraýjy wzwodlaryň we otrýadlaryň esgerleri hem-de serkerdeler düzümi;
f) Beýlk Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşuna medeni hyzmat ugrunyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň iş saparyna iberilen işgärleri;
g) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda duşmana garşy meýletin toparlaryň, gizlinlikdäki toparlaryň, beýleki birikmeleriň hatarynda bolup, Germaniýa faşizminiň we onuň ýardamçylarynyň garşysyna söweş hereketlerine gatnaşan adamlar;
h) Beýik Watançylyk urşy döwründe söweş hereketleriniň netijesinde Germaniýa we onuň ýardamçylaryna ýesir düşen we soň bozulan hukugy dikeldilen öňki harby gullukçylaryň hataryndan bolan adamlar;
2) 1941-nji ýylyň 22-nji iýuny–1945-nji ýylyň 3-nji sentýabry döwründe hereket eden goşunyň düzümine girmedik harby bölümlerde, edaralarda, harby-okuw jaýlarynda harby gullugy geçen we «1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal ýa-da «Ýaponiýadan üstün çykylyp gazanylan ýeňiş üçin» diýen medal bilen sylaglanan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler;
3) 1941-nji ýylyň 8-nji sentýabry–1944-nji ýylyň 27-nji ýanwary aralygyndaky gabaw döwründe Leningrad şäheriniň kärhanalarynda, guramalarynda we edaralarynda işlän hem-de «Leningrady gorandygy üçin» diýen medal bilen sylaglanan adamlar we «Gabawdaky Leningradyň ýaşaýjysy» diýen nyşan bilen sylaglanan adamlar;
4) hereket eden söweş meýdanynda tyl serhetleriniň çäklerindäki, demir ýol we awtomobil ýollarynyň söweş meýdançalaryndaky howa hüjüminden goranyş obýektlerinde, goraghana desgalarynyň, deňiz binýatlarynyň, howa gämileriniň duralgalarynyň we beýleki desgalarynyň gurluşygynda işlän adamlar;
5) ok-därileri we söweş tehnikasyny ýygnamak, çäkleri we desgalary partlaýjylardan zyýansyzlandyrmak işine goşun ýolbaşçylygy we döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary tarapyndan çekilen adamlar;
6) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda ýurduň howpsuzlygynyň bähbitleri üçin Eýrana girizilen goşunlaryň düzüminde tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegine gatnaşan adamlar.
2. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda hereket eden goşunyň düzümine giren harby bölümleriň, ştablaryň we edaralaryň sanawy hem-de hereket eden goşunyň harby bölümleriniň harby gullukçylary üçin bellenilen ýeňillikli şertlerde pensiýa bellemek üçin artykmaçlyk hasaby bilen gulluk eden diýlip hasap edilýän, goralmagyna gatnaşylan şäherleriň sanawy we urşuň bolan döwürleri Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan kesgitlenilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda).
108-nji madda. Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlary
Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň weteranlaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlary:
a) Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan bellenilen döwürlerde söweş hereketleriniň bolup geçen sebitlerinde ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylary, döwlet howpsuzlygy we içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserlerler düzüminiň işgärleri;
b) beýleki döwletlerde hereket eden harby birliklere hyzmat eden we şol döwletlerde söweş hereketleriniň alnyp barlan döwründe ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan işgärler;
ç) 1945-nji ýylyň 10-njy maýy – 1951-nji ýylyň 31-nji dekabry döwründe öňki SSSR-iň çäklerinde söweşjeň tabşyryklary ýerine ýetirenlerinde ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar, döwlet howpsuzlygy we içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri, atyjy batalýonlaryň, halk goragçysy wzwodlarynyň we otrýadlarynyň esgerleri we ýolbaşçy düzümi;
2) beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketlerine gatnaşyjylar:
a) öňki SSSR-iň döwlet häkimiýeti edaralary tarapyndan beýleki döwletlere iberilen we şol döwletlerde gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilen harby gullukçylar, harby ýygnanyşyklara çagyrylan harby borçlular, döwlet howpsuzlygy we içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri, görkezilen edaralaryň işgärleri, öňki SSSR-iň Goranmak ministrliginiň işgärleri;
b) 1945-nji ýylyň 10-njy maýy –1951-nji ýylyň 31-nji dekabry döwründe öňki SSSR-iň çäklerinde söweşjeň tabşyryklary ýerine ýetirenlerinde söweş hereketlerine gatnaşan harby gullukçylar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, döwlet howpsuzlygy we içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri, atyjy batalýonlaryň, halk goragçysy wzwodlarynyň we otrýadlarynyň esgerleri we ýolbaşçylar düzümi;
ç) söweş hereketleri alnyp barlan döwründe Owganystana ýük daşamak üçin iberilen awtomobil batalýonlarynyň harby gullukçylary;
d) söweş hereketleri alnyp barlan döwürlerinde öňki SSSR-iň çäklerinden Owganystana söweşjeň tabşyrykly uçuşlary amala aşyran uçujylyk düzüminiň harby gullukçylary;
3) beýleki döwletleriň çäklerinde öňki SSSR-iň harby güýçleriniň düzüm birliklerine hyzmat eden, ýaralanan, seňselän ýa-da şikes alan ýa-da söweş hereketlerini üpjün etmäge gatnaşandygy üçin öňki SSSR-iň ordenleri we medallary bilen sylaglanan adamlar (söweş hereketleri alnyp barlan döwürde Owganystana uçuşlary ýerine ýetiren raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen);
4) 1979-njy ýylyň dekabry–1989-njy ýylyň dekabry döwründe Owganystana, şeýle hem söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere işe iberilen, bellenilen möhletlerini işlän ýa-da esasly sebäplere görä möhletinden öň yzyna iberilen işgärler (raýat awiasiýasynyň howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen).
109-njy madda. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlar
Beýik Watançylyk urşy döwründe tylda zähmet çeken weteranlara Türkmenistanyň 1931-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli doglan raýatlary degişlidir.
110-njy madda. Harby gullugyň weteranlary
Harby gullugyň weteranlaryna öňki SSSR-iň Ýaragly Güýçleriniň, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, öňki SSSR-iň Döwlet howpsuzlyk komitetiniň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, öňki SSSR-iň serhet goşunlarynyň, içerki goşunlaryň, demir ýol goşunlarynyň, hökümet aragatnaşygy goşunlarynyň, raýat goranyşy goşunlarynyň, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) harby gulluk göz öňünde tutulan ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň (öňki SSSR-iň) ordenleri ýa-da medallary bilen sylaglanan ýa-da hormatly atlara mynasyp bolan ýa-da pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanan we azyndan 25 ýyl gulluk döwri bolan erkek adamlar we azyndan 20 ýyl gulluk döwri bolan aýal maşgalalar, şol sanda ätiýaçlyga goýberilenler, şeýle hem harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly ýaralanmagyň, seňselemegiň, şikes almagyň ýa-da kesellemegiň netijesinde maýyp bolan harby gullukçylar degişlidir.
111-nji madda. Içeri işler edaralarynyň weteranlary
Içeri işler edaralarynyň weteranlaryna öňki SSSR-iň ýa-da Türkmenistanyň ordenleri ýa-da medallary bilen sylaglanan, ýa-da hormatly atlara mynasyp bolan, ýa-da pudaklaryň tapawutlandyryş nyşanlary bilen sylaglanan, içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleri degişlidir: erkek adamlaryň azyndan 25 ýyl we aýal maşgalalaryň 20 ýyl gulluk döwri bolanda.
112-nji madda. Zähmet weteranlary
Zähmet weteranlaryna öňki SSSR-iň ýa-da Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanan, şol sanda hormatly atlara mynasyp bolan we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda erkek adamlaryň azyndan 25 ýyl, aýal maşgalalaryň azyndan 20 ýyl iş döwri bolanlary degişlidir.
113-nji madda. Weteranlaryň şahadatnamalary
1. Weteranlara bellenilen nusgadaky şahadatnamalar:
1) Beýik Watançylyk urşunyň, beýleki döwletleriň çäklerindäki uruş hereketleriniň, harby gullugyň weteranlaryna – Türkmenistanyň Goranmak ministrligi tarapyndan;
2) içeri işler edaralarynyň weteranlaryna – Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan;
3) zähmet weteranlaryna we Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara – weteranlaryň ýaşaýan ýerlerindäki häkimlikler tarapyndan berilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendinde göz öňünde tutulan weteranlar üçin şahadatnamalaryň asyl nusgalary Türkmenistanyň Goranmak ministrligi, 2-nji bendinde göz öňünde tutulan weteranlar üçin - Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we 3-nji bendinde göz öňünde tutulan weteranlar üçin - Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşyp tassyklanylýar.
VI BÖLÜM. WETERANLARYŇ, MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ, ÝETIM ÇAGALARYŇ WE ATA-ENESINIŇ HOWANDARLYGYNDAN GALAN ÇAGALARYŇ DURMUŞ TAÝDAN GORALMAGY
18-nji bap. WETERANLARYŇ, ÝETIM ÇAGALARYŇ WE ATA-ENESINIŇ HOWANDARLYGYNDAN GALAN ÇAGALARYŇ DURMUŞ TAÝDAN GORALMAGY
114-nji madda. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri
1. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylary we beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryny durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;
2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjün edilmek;
3) döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda nobatsyz mugt hyzmat etmek we nobatsyz hassahana ýerleşdirmek;
4) Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi utgaşdyryjy toparynyň çözgüdi esasynda ýylda bir gezek mugt şypahana bejergisi;
5) söweş hereketleriniň işleýän maýyplygy bolan adamlaryna wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny iş döwrüne garamazdan, şu Kodeksiň 73-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda hasaplanylan ululygyň 100 göterimi möçberinde tölemek;
6) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ilkinji nobatda düýpli abatlamak;
7) hususy ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin, gurluşyk materiallaryny öndürmek babatda ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde ýerli gurluşyk materiallaryny ilkinji nobatda almak;
8) ýaşaýan jaýlaryny nobatsyz abatlamak;
9) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny nobatsyz bermek;
10) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;
11) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny tölegsiz almak;
12) ýaşaýyş jaýyny gurmak, hususy ýaşaýyş jaýyny satyn almak (gurmak), olary düýpli abatlamak, olara gaz geçirmek, suw geçiriji we lagym ulgamlaryna birikdirmek, şeýle hem bagçylyk öýlerini satyn almak (gurmak), bagçylyk meýdanlaryny abadanlaşdyrmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenýän tertipde we möçberlerde göterimsiz karz almak;
13) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, şol sanda bilelikde ýaşan, dul galan ýanýoldaşy tarapyndan hem, mugt peýdalanmak;
14) öý telefonyny nobatsyz mugt geçirmek. Söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlary öý telefony üçin her aýdaky abonent töleglerinden boşadylýarlar;
15) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (114-nji maddanyň birinji böleginiň 15-nji bendine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
16) merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akdyrmakdan mugt peýdalanmak;
17) olaryň islegine görä, demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda ýylda bir gezek mugt gidip-gelmek hukugy berilýär;
18) güýz-gyş möwsüminde gidip-gelmegiň sanyny çäklendirilmezden demir ýol we howa ulaglarynda ýol nyrhynyň 50 göterimi möçberinde ýeňillik berilýär. Ýolda I topar maýyplygy bolan adamyň ýanynda bolýan adama 50 göterim möçberinde ýeňillik berilýär;
19) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
20) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol we suw ulagynda mugt gidip-gelmek;
21) ulaglaryň ähli görnüşlerine biletleri nobatsyz satyn almak;
22) gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan hyzmat edýän merkezlerine nobatsyz kabul etmek hukugy, şeýle hem öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek.
2. Gidip-gelmek üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen ýeňillikler Türkmenistanyň çäginde hereket edýär. Öňki SSSR-iň düzümine giren beýleki döwletleriň çäkleri boýunça ýeňillikli gidip-gelmegiň şertleri we tertibi degişli döwletara ylalaşyklar bilen düzgünleşdirilýär.
3. Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylar üçin ýeňillikler şu Kodeksiň 107-nji maddasynyň birinji böleginiň 2-6-njy bentlerinde görkezilen adamlar, şeýle hem ikinji jahan urşy döwründe Germaniýa faşizmi wе onuň ýaranlary tarapyndan döredilen konslagerlerde, gettolarda, beýleki mejbur ediş ýerlerinde ýesirlikde bolan kämillik ýaşyna ýetmedik we Beýik Watançylyk urşy döwründäki söweş hereketleri ýa-da olaryň netijeleri bilen baglanyşykly seňselenmek, ýaralanmak, şikes almak netijesinde çagalykdan maýyplygy bolan adamlar bolanlarа-da degişli bolup durýar.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 1-nji dekabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
115-nji madda. Beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri
1. Şu Kodeksiň 108-nji maddasynyň 2-nji bendinde görkezilen beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;
2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjün etmek;
3) her ýylky esasy rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak we zähmet hakyny tölemezden ýylda 30 senenama güne çenli goşmaça rugsat almak;
4) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny ilkinji nobatda abatlamak;
5) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny ilkinji nobatda bermek;
6) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;
7) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;
8) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny, şol sanda bilelikde ýaşaýan, maşgala agzalary tarapyndan hem, mugt peýdalanmak;
9) öý telefonyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;
10) öý telefonyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi, şeýle hem öý telefony üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillik bermek;
11) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (115-nji maddanyň birinji böleginiň 11-nji bendine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
12) merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akdyrmakdan mugt peýdalanmak;
13) ýaralananlara, seňselänläre ýa-da şikes alanlara demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda iki ýylda bir gezek mugt ýa-da olaryň islegine görä, görkezilen ulaglarda ýylda bir gezek 50 göterim ýeňillik bilen gidip-gelmek;
14) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
15) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek;
16) ulaglaryň ähli görnüşlerine biletleri nobatsyz satyn almak.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen gidip-gelmek üçin ýeňillikler Türkmenistanyň çäginde hereket edýär. Öňki SSSR-iň düzümine giren beýleki döwletleriň çäkleri boýunça ýeňillikli gidip-gelmegiň şertleri we tertibi degişli döwletara ylalaşyklar bilen düzgünleşdirilýär.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
116-njy madda. Beýleki döwletleriň çäklerindäki harby birliklere hyzmat eden adamlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri
Beýleki döwletleriň çäklerindäki harby birliklere hyzmat eden, ýaralanan, seňselän ýa-da şikes alan ýa-da söweş hereketlerini üpjün etmäge gatnaşandygy üçin ordenler we medallar bilen sylaglanan adamlara (söweş hereketleriniň alnyp barlan döwründe Owganystana uçuşlary ýerine ýetiren howa gämileriniň uçujylyk ekipažlarynyň agzalaryny hem goşmak bilen), durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) her ýylky esasy rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak we zähmet hakyny tölemezden ýylda 30 senenama gününe çenli goşmaça rugsat almak;
2) olaryň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan başga ýaşaýyş jaýy berilmezden çykarylmagyna ýol bermezlik;
3) öý telefonyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
117-nji madda. Söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere iberilen işgärleri durmuş taýdan goramagyň çäreleri
1979-njy ýylyň dekabryndan 1989-njy ýylyň dekabry aralygynda Owganystana, şeýle hem söweş hereketleri alnyp barlan beýleki döwletlere iberilen, bellenilen möhletde işlän ýa-da esasly sebäpler boýunça möhletinden öň yzyna gaýdan işgärlere durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) her ýylky esasy rugsadyny özleri üçin amatly wagtda peýdalanmak;
2) öý telefonyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
118-nji madda. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary durmuş taýdan goramagyň çäreleri
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak;
2) ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjün etmek;
3) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da fermerçilik hojalygyny guramak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenilýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;
4) öý telefonyny geçirmekde artykmaç hukukdan peýdalanmak;
5) şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
6) şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan demir ýol ulagynda we awtobuslarda 50 göterim ýeňillikli gidip-gelmek;
7) gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan hyzmat edýän merkezlerine nobatsyz kabul edilmek, şeýle hem öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
119-njy madda. Harby gullugyň we içeri işler edaralarynyň weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri
Harby gullugyň we içeri işler edaralarynyň weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri Türkmenistanyň ýörite kanunçylyk namalarynda bellenilýär.
120-nji madda. Wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň maşgala agzalaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri
1. Wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlarynyň we oňa gatnaşyjylaryň (mundan beýläk-wepat bolanlar, (aradan çykanlar)) maşgala agzalary üçin bellenilen ýeňillikler wepat bolanyň (aradan çykanyň) zähmete ukypsyz, onuň eklenjinde bolan we şu Kodekse laýyklykda ekleýjisini ýitirendigi boýunça pensiýa alýan (almaga hukugy bolan) maşgala agzalaryna berilýär.
Ýokarda görkezilen maşgala agzalaryna şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) wepat bolanyň (aradan çykanyň) maşgala agzalaryna döwlet pajyny tölemezden miras almak hukugy hakyndaky şahadatnamany bermek;
2) wepat bolanyň (aradan çykanyň) ata-enesi, ýanýoldaşy üçin döwletiň dermanhana edaralaryndan, şol sanda ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň ýazyp beren dermannamasy boýunça, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen ölçegleriň we tertibiň çäklerinde dermanlary mugt almak;
3) olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny abatlamak;
4) başga ýaşaýyş jaýy berilmezden wepat bolanlaryň (aradan çykanlaryň) maşgalalarynyň ýaşaýan gulluk ýaşaýyş jaýlaryndan çykarylmagyna ýol bermezlik;
5) ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäçlere döwletiň ýaşaýyş jaý gorundaky jaýlardan ýaşaýyş meýdanyny nobatsyz bermek;
6) hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak, kömekçi ýa-da daýhan hojalygyny guramak üçin, hereket edýän kanunçylykda kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt almak;
7) eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak;
8) suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (120-nji maddanyň birinji böleginiň 8-nji bendine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
9) merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akytmakdan mugt peýdalanmak;
10) wepat bolanyň (aradan çykanyň) ata-enesiniň, ýanýoldaşynyň şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
11) ata-enesi, ýanýoldaşy üçin şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda mugt gidip-gelmek;
12) wepat bolanyň (aradan çykanyň), ýanýoldaşyny, gartaşan adamlar we maýyplygy bolan adamlar üçin öý-internatlaryna, durmuş taýdan hyzmat edýän merkezlere, şol sanda öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümler tarapyndan hyzmat etmek üçin nobatsyz kabul etmek.
2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýeňillikler eklenjinde bolandygyna we pensiýanyň, döwlet kömek pulunyň islendik görnüşini, şeýle hem zähmet hakyny alýandygyna garamazdan şu aşakdakylara berilýär:
1) wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjynyň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketlerine gatnaşyjynyň gaýtadan nika baglaşmadyk ýanýoldaşyna;
2) wepat bolan (aradan çykan) beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamynyň we oňa gatnaşyjynyň ýeke ýaşaýan ata-enesine;
3) wepat bolan (aradan çykan) beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketlerine gatnaşyjynyň gaýtadan nika baglaşmadyk ýeke ýaşaýan ýanýoldaşyna.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýeňillikler şu aşakdakylaryň maşgala agzalaryna degişlidir:
1) harby gulluk borjuny (gulluk borçlaryny) ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan harby gullukçylaryň, döwlet howpsuzlyk edaralarynyň we içeri işler edaralarynyň hatarçy, seržant we ofiserler düzüminiň işgärleriniň;
2) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda, şeýle hem beýleki döwletleriň çäklerinde söweş hereketleriniň bolan sebitlerinde kanunda bellenilen tertipde nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen, harby gullukçynyň harby bölümiň sanawyndan çykarylan döwründen, ýesirlikde bolan harby gullukçylaryň;
3) Beýik Watançylyk urşynda ýerli howa çozuşyndan goranyşyň bina we heläkçilikden hem-de öz-özüni goraýyş toparlarynyň şahsy düzüminiň hataryndan wepat bolan adamlaryň;
4) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Leningrad şäheriniň keselhanalarynda we hassahanalarynda işläp, wepat bolan adamlaryň.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky, 1-nji dekabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
121-nji madda. Zähmet weteranlaryny durmuş taýdan goramagyň çäreleri
Zähmet weteranlaryna «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda bellenilen ýeňillikler berilýär.
1211-nji madda. Ýetim çagalary we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramagyň çäreleri
1. Ýetim çagalary we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramak boýunça çäreler hökmünde şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:
1) ýazuw we okuw esbaplaryny almak üçin her ýyllyk birwagtlaýyn pul kömegini, şeýle hem maddy kömegi bermek;
2) ýokarlandyrylan möçberlerdäki talyp haklaryny tölemek;
3) okaýan döwründe şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gidip-gelmek;
4) ýaşaýan ýerine we yzyna okaýan yerine ýylda bir gezek demir ýol, suw ulagynda we şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda mugt gidip-gelmek;
5) döwletiň ambulatoriýa-saglyk öýleri edaralarynda we hassahanalarda nobatsyz mugt hyzmat etmek we bejermek;
6) Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek.
Ýetim çagalary we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary durmuş taýdan goramak babatda şu bölegiň 1-nji, 2-nji we 5-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreler Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna, 3-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çäreler degişli kärhanalaryň öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Türkmenistanyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan ýetim çagalara we ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalara şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulandakydan başga-da Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna goşmaça ýeňillikler berlip bilner.
3. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan hukuklar we ýeňillikler ýokary, orta hünär bilim edaralarynda bilim almagyň gündizki görnüşinde okaýan, 24 ýaşy dolmadyk şu maddada görkezilen şahslara hem degişlidir.
Kodekse 1211-nji maddasy 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda goşulan - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda).
19-njy bap. WETERANLARY DURMUŞ TAÝDAN GORAMAK BOÝUNÇA ÇÄRELERI MALIÝELEŞDIRMEGIŇ ÇEŞMELERI. WETERANLARYŇ JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERI
122-nji madda. Weteranlary durmuş taýdan goramak boýunça çäreleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Şu Kodeksde weteranlara berilýän hukuklaryň we ýeňillikleriň durmuşa geçirilmegi üçin çykdajylar:
1) degişli kärhanalaryň öz serişdeleriniň hasabyna:
a) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara we beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryna:
işleýän Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara we beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryna wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek puluny tölemek;
öý telefonyny mugt geçirmek we оndan mugt peýdalanmak;
suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «a» kiçi bendiniň dördünji tesimine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akytmakdan mugt peýdalanmak;
umumy peýdalanylýan demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda mugt gidip-gelmek, görkezilen ulaglarda 50 göterim ýeňillikli peýdalanmak;
b) beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweş hereketlerine gatnaşanlara:
öý telefonyny geçirmek üçin tölegiň 50 göterimi we öý telefony üçin her aýdaky abonent tölegleriniň 50 göterimi möçberinde ýeňillikler bermek;
suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «b» kiçi bendiniň üçünji tesimine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akytmakdan mugt peýdalanmak;
ýaralananlara, seňselänlere ýa-da şikes alanlara demir ýol, howa, suw we şäherara awtomobil ulaglarynda iki ýylda bir gezek mugt ýa-da olaryň islegine görä, görkezilen ulaglarda ýylda bir gezek 50 göterim ýeňillik bilen gidip-gelmek;
ç) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:
şäher ýolagçylar ulaglarynyň ähli görnüşlerinde (ýeňil taksiden başga) we ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gatnamak;
şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol ulagynda 50 göterim ýeňillikli gatnamak;
d) wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlarynyň we olara gatnaşyjylaryň maşgala agzalaryna:
suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan mugt peýdalanmak; (122-nji maddanyň birinji böleginiň 1-nji bendiniň «d» kiçi bendiniň ikinji tesimine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär);
merkezleşdirilen ýyladyş ulgamyndan, durmuş we beýleki galyndylary çykarmak hyzmatlaryndan, hapa suwlary akabalara akytmakdan mugt peýdalanmak;
ýaşaýan ýerine garamazdan, etrabyň çäklerindäki oba ýerlerinde umumy peýdalanylýan awtomobil ulaglarynda (ýeňil taksiden başga) mugt gatnamak;
şäherýaka ugurlar boýunça gatnaýan awtobuslarda we demir ýol we suw ulagynda mugt gatnamak;
2) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna:
a) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara we beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryna, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketlerine gatnaşyjylara:
dermanlary mugt almak;
diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopedik önümler bilen mugt üpjünçilik;
b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:
dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak;
diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezler we protez-ortopediki önümler bilen mugt üpjünçilik;
ç) wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlarynyň we olara gatnaşyjylaryň maşgala agzalaryna:
dermanlaryň gymmatyndan 50 göterim ýeňillikli almak;
3) ýerli býujetleriň serişdeleriniň hasabyna:
a) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylara we beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlaryna, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketlerine gatnaşyjylara:
olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak;
ýaşaýan jaýlaryny abatlamak;
hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;
eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak;
b) Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlara:
hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;
ç) wepat bolan (aradan çykan) Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketleriniň maýyplygy bolan adamlarynyň we olara gatnaşyjylaryň, beýleki döwletleriň çäklerindäki söweş hereketlerine gatnaşyjylaryň maşgala agzalaryna:
olara degişli hususy ýaşaýyş jaýlaryny düýpli abatlamak;
ýaşaýan jaýlaryny abatlamak;
hususy ýaşaýyş jaýlaryny, garažlary gurmak, bag-bakja hojalygyny alyp barmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýän möçberlerde ýer parçalaryny mugt peýdalanmak;
eýeleýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdanyny mugt peýdalanmak.
2. Weteranlary durmuş taýdan goramak boýunça goşmaça çäreleri maliýeleşdirmek, bellenilen tertipde ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmelerden amala aşyrylyp bilner.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 20-nji oktýabryndaky, 1-nji dekabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 98-nji madda, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
123-nji madda. Weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleri weteranlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam berýärler.
3. Weteranlary durmuş taýdan goramak, weteranlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işiniň meseleleri boýunça çözgütler döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan kabul edilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda).
20-nji bap. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ DURMUŞ TAÝDAN
GORALMAGY
124-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuk ýagdaýynyň esaslary
1. Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlar Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, şu Kodeksde we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda berkidilen durmuş-ykdysady, syýasy, şahsy hukuklara we azatlyklara doly eýedirler.
2. Maýyplygy bolan adamlary kemsitmek gadagan edilýär we kanun tarapyndan yzarlanýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
125-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy
1. Maýyplygy bolan adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, döwlet tarapyndan üpjün edilýär.
2. Raýatyň, ygtyýarlyk berlen döwlet edarasynyň onuň maýyplygy bolan adamlar ýa-da maýyplygy bolan adam däl diýlip ykrar edilmegi baradaky çözgüdine Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýän tertipde şikaýat bildirmäge haky bardyr.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
126-njy madda. Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşy
Maýyplygy bolan adamlaryň durmuş taýdan goralmagyny üpjün etmek babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
21-nji bap. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ JEMGYÝETÇILIK BIRLEŞIKLERI
127-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleri
1. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleri maýyplygy bolan adamlary durmuş taýdan goramak, durmuş-zähmet we saglyk babatda dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmak maksady bilen döredilýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işine ýardam berýärler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
128-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň işi
1. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleri öz işini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýarlar.
2. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleri we olaryň kärhanalary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
3. Maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşiklerini döretmek, üýtgedip gurmak, ýatyrmak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
22-nji bap. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ SAGLYGYNYŇ DIKELDILMEGI
129-njy madda. Maýyplygy bolan adamlaryň saglygynyň dikeldilmegi
1. Maýyplygy bolan adamlaryň saglygynyň dikeldilmegi adam bedeniniň bozulan ýa-da ýitirilen wezipelerini, öz-özüne hyzmat etmek, hünär işiniň dürli görnüşlerine bolan ukyplarynyň dikeldilmegine gönükdirilen, saglygy goraýyş, hünär we durmuş çäreleriniň toplumyndan ybarat.
2. Maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny dikeltmek dikeldiş merkezlerinde, dikeldiş bejergini berýän bölümlerde, ýörite okuw-terbiýeçilik, ýöriteleşdirilen şypahana edaralarynda, maýyplygy bolan adamlara durmuş hyzmatyny etmek boýunça edaralarda amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
130-njy madda. Maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasy
1. Maýyplygy bolan adamlary lukmançylyk, hünär we durmuş taýdan dikeltmek saglygy goraýyş edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýan özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
2. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar we edaralar maýyplygy bolan adamlaryň saglygynyň özbaşdak dikeldiş maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegine ýardam edýärler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 3-4, 109-njy madda).
23-nji bap. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARYŇ IŞE ÝERLEŞDIRILMEGI, OLARA BILIM BERILMEGI WE HÜNÄR TAÝÝARLYGY
131-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet çekmäge hukugy
1. Maýyplygy bolan adamlaryň zähmetiň adaty şertleri bolan kärhanalarda, guramalarda we edaralarda, maýyplygy bolan adamlaryň zähmetini ulanýan kärhanalarda, sehlerde we bölümlerde işlemäge, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik telekeçilik işi bilen meşgullanmaga hukugy bardyr.
2. Maýyplygy bolan adamlary sebäpli zähmet şertnamasyny baglaşmakdan ýa-da gulluk boýunça ýokary wezipä çekmekden boýun gaçyrylmagyna, edaranyň başlangyjy boýunça işden çykarylmagyna, maýyplygy bolan adamyň razyçylygy bolmazdan, onuň başga işe geçirilmegine ýol berilmeýär, saglygy seljeriş toparynyň netijenamasy boýunça onuň saglyk ýagdaýy hünär borçlaryny ýerine ýetirmäge päsgelçilik berýän ýa-da beýleki adamlaryň saglygyna we zähmetiniň howpsuzlygyna howp salýan halatlary muňa degişli däldir.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
132-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň zähmet şertleri
1. Kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işleýän maýyplygy bolan adamlara özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda zähmetiň zerur bolan şertleri döredilýär.
2. Zähmet şertleri, iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň düzgüni, her ýylky esasy we goşmaça zähmet rugsatlarynyň dowamlylygy Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda bellenilýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
133-nji madda. Maýyplygy bolan adamlary iş bilen üpjün etmek
1. Kärhanalardaky, guramalardaky we edaralardaky zähmet şertlerini göz öňünde tutmak bilen, maýyplygy bolan adamlar üçin iş ýerleriniň paýy bellenilýär.
2. Maýyplygy bolan adamlara iş ýerleriniň paýyny bellemegiň we ol iş ýerlerine işe ýerleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary telekeçilik we özbaşdak iş bilen meşgullanýan maýyplygy bolan adamlara işi guramakda ýardam berýärler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
134-nji madda. Maýyplygy bolan adamlara bilim bermek we olary hünäre taýýarlamak
1. Döwlet maýyplygy bolan adamlaryň bilim almaklary we hünär taýýarlyklary üçin zerur şertleri kepillendirýär.
2. Bilim we saglygy goraýyş edaralary maýyplygy bolan çagalara mekdebe çenli we mekdepden daşary terbiýe berilmegini, maýyplygy bolan adamlaryň umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge, şeýle hem özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda maýyplygy bolan adamlaryň hünär taýýarlygyna ýardam etmäge borçludyrlar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
135-nji madda. Maýyplygy bolan çagalaryň mekdebe çenli terbiýesi
1. Bilim we saglygy goraýyş edaralary mekdebe çenli ýaşly maýyplygy bolan çagalary terbiýelemek üçin şertleri döretmäge we maýyplygy bolan çagalaryň umumy görnüşli mekdebe çenli edaralarda özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda olara zerur saglygy dikeldiş kömegini bermäge borçludyrlar.
2. Umumy görnüşli mekdebe çenli edaralarda bolmaga saglyk ýagdaýlary mümkinçilik bermeýän maýyplygy bolan çagalar üçin ýöriteleşdirilen mekdebe çenli edaralar döredilýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
136-njy madda. Maýyplygy bolan adamlar üçin umumy orta bilim, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimi
1. Maýyplygy bolan adamlara umumy orta bilim, başlangyç, orta we ýokary hünär bilimi bermek umumy görnüşdäki okuw mekdeplerinde, zerur halatynda bolsa - Türkmenistanyň «Bilim hakynda» Kanunynda göz öňünde tutulan tertipde ýöriteleşdirilen okuw mekdeplerinde amala aşyrylýar.
2. HMAT-yň netijenamasy boýunça başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okamagy rugsat edilen I we II topar maýyplygy bolan adamlar okuwa bäsleşiksiz kabul edilýärler.
3. III topar maýyplygy bolan adamlaryň deň şertlerde başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerine girmekde artykmaç hukuklary bar.
4. Maýyplygy bolan adamlar başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdeplerinde okaýan döwründe olara döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde tölenilýär.
5. Okuw mekdebini tamamlanyndan soň, maýyplygy bolan adamlar zähmet şertlerini we özbaşdak dikeldiş maksatnamasyny göz öňünde tutmak bilen, hünäri boýunça işe ugradylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
137-nji madda. Maýyplygy bolan çagalaryň mekdepden daşary okuwy we terbiýesi
Bilim we beýleki döwlet edaralary maýyplygy bolan çagalara mekdepden daşary okuwyň we terbiýäniň elýeterli bolmagyny üpjün edýärler.
(2018-nji ýylyň 20-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 98-nji madda).
138-nji madda. Maýyplygy bolan çagalaryň ýatymlaýyn şertlerde bejergi geçirilýän saglygy goraýyş edaralarynda terbiýelenilmegi we okadylmagy
Bilim edaralary ýatymlaýyn şertlerde bejergi geçirilýän saglygy goraýyş, bejeriş-keseliň öňüni alyş ýa-da saglygy dikeldiş edaralarynda bejergi alýan maýyplygy bolan çagalar üçin okuw sapaklaryny guraýarlar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
139-njy madda. Üm, el hereketleri bilen düşünişilmegi
Gatnaşyk serişdesi hökmünde üm, el hereketleri arkaly şahsyýetleriň arasynda düşünişilmek döwlet tarapyndan ykrar edilýär.
24-nji bap. DURMUŞ AMATLYKLARYNYŇ MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLAR ÜÇIN ELÝETERLILIGI
140-njy madda. Maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna we durmuş desgalaryna baryp bilmegi üçin şertleriň döredilmegi
Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiginiň görnüşine garamazdan kärhanalar, guramalar we edaralar, maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaýlaryna, jemgyýetçilik we önümçilik binalaryna, desgalara baryp bilmekleri, jemgyýetçilik ulaglaryndan we aragatnaşyk we maglumat serişdelerinden peýdalanmaklary üçin şertler döretmäge borçludyrlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
141-nji madda. Durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň taslamalaşdyrylmagy we gurulmagy
Ilatly ýerleriň gurulmagy, meýilnamalaşdyrylmagy we taslamalaşdyrylmagy, ýaşaýyş sebitleriniň emele getirilmegi, taslama çözgütleriniň işlenip düzülmegi, jaýlaryň, desgalaryň, durmuş infrastrukturasynyň obýektleriniň, aragatnaşyk we maglumat serişdeleriniň gurulmagy we täzeden gurulmagy maýyplygy bolan adamlar üçin ulanylmagynyň elýeterli bolmagy göz öňünde tutulyp ýerine ýetirilýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
142-nji madda. Ýaşaýyş jaýlaryny maýyplygy bolan adamlaryň baryp we peýdalanyp bilmekleri üçin ýaramly etmek
1. Maýyplygy bolan adamlara ýa-da maýyplygy bolan adam bar bolan maşgalalara berilýän we olaryň eýeleýän ýaşaýyş jaýlary ýörite serişdeler, abzallar we telefon aragatnaşygy bilen enjamlaşdyrylýar.
Görkezilen ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, garamaklarynda ýaşaýyş jaý gory bolan kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýan hususy ýaşaýyş jaýlary, maýyplygy bolan adamlaryň bolmagyna günäkär kärhanalar, guramalar we edaralar tarapyndan, başga ýagdaýlarda bolsa - maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň gatnaşmagynda degişli döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Görkezilen çäreleri maliýeleşdirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
143-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň medeni tomaşa we bedenterbiýe-sagaldyş we sport desgalaryna baryp bilmeginiň üpjün edilmegi
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary maýyplygy bolan adamlaryň medeni tomaşa edaralaryndan, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak üçin sport desgalaryndan erkin peýdalanmaklary üçin zerur şertleri, şeýle hem ýörite sport esbaplarynyň berilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
2. I we II topardaky maýyplygy bolan adamlar we 18 ýaşa çenli maýyplygy bolan çagalar sanalan hyzmatlardan mugt, III topardaky maýyplygy bolan adamlar bolsa görkezilen hyzmatlaryň bahasyndan 50 göterim tölemek bilen peýdalanýarlar.
(2016-njy ýylyň 18-nji iýunyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 2, 100-nji madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda).
144-nji madda - 2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanuny esasynda güýjüni ýitiren – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda.
145-nji madda. Kärhanalaryň, guramalaryň we edaralaryň maýyplygy bolan adamlar üçin durmuş-medeni obýektleriň we sport desgalarynyň gurulmagyny, saklanylmagyny we enjamlaşdyrylmagyny maliýeleşdirmäge gatnaşmagy
Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, kärhanalar, guramalar we edaralar maýyplygy bolan adamlar üçin durmuş-medeni binalaryň we sport desgalarynyň gurulmagyna, saklanylmagyna we enjamlaryň alynmagyna maliýe serişdeleri gönükdirmäge haklydyrlar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
146-njy madda. Maýyplygy bolan adamlar üçin tehniki serişdeleri öndürýän kärhanalara we guramalara berilýän ýeňillikler
Maýyplygy bolan adamlar üçin protez we beýleki protez-ortopedik önümleri we maýyplygy bolan adamlar üçin ýörite ulag serişdelerini öndürýän kärhanalara we edaralara, maýyplygy bolan adamlaryň saglygyny dikeldýän, şeýle hem maýyplygy bolan adamlara seretmek we olaryň saglygyny dikeltmek boýunça hyzmatlary edýän guramalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeňillikler berilýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
25-nji bap. MAÝYPLYGY BOLAN ADAMLARA DURMUŞ KÖMEGI
147-nji madda. Durmuş kömeginiň görnüşleri
1. Maýyplygy bolan adamlara durmuş kömegi pul tölegleri we şu Kodeksde göz öňünde tutulan ýeňillikleriň berilmegi, dermanlar, maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we beýleki protez-ortopedik önümler, ýörite harply çap önümleri, ses güýçlendiriji we duýduryş gurallary bilen üpjün etmek görnüşinde, şeýle hem saglygy goraýyş, durmuş we hünär taýdan dikeltmek boýunça hyzmatlary we durmuş hyzmatyny etmek arkaly berilýär.
2. Derman we lukmançylyk üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň Ministrlеr Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde degişlilikde mugt ýa-da ýeňillikli şertlerde amala aşyrylýar:
1) maýyplygy bolan çagalar, çagalykdan maýyplygy bolan adamlar, I we II topar maýyplygy bolan adamlar (maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli däldir) - maýyplygy bolan adamlar üçin arabalar, protezler we başga protez-ortopediki önümler bilen;
2) III topar maýyplygy bolan adamlar (maýyplygy kanuna garşy hereketleri netijesinde ýüze çykan adamlar muňa degişli däldir) - protezler we başga protez-ortopedik önümler bilen.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
148-nji madda. Maýyplygy bolan adamlaryň ýaşaýyş jaý gatnaşyklary babatynda hukuklary
1. Maýyplygy bolan adamlara özbaşdak saglygy dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda, binanyň görnüşini, köp gatlylygyny, abadanlaşdyryş derejesini we ýaşamak üçin beýleki zerur şertlerini göz öňünde tutmak bilen ýaşaýyş jaýyny saýlap almak hukugy berilýär.
2. I we II topar maýyplygy bolan adamlaryň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga), maýyp bolan eneleriň, şeýle hem maýyp bolan çagalary terbiýeleýän maşgalalaryň ölçeglere we saglygy dikeltmegiň özbaşdak maksatnamasyna laýyklykda, ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmaga hukugy bardyr.
3. I topar maýyplygy bolan adamlaryň (maýyplygy kanuna garşy hereketler netijesinde ýüze çykan adamlardan başga), olar bilen bile ýaşaýan maşgala agzalarynyň suwdan, gazdan, elektrik energiýasyndan we ýaşaýyş jaý-jemagat hyzmatlaryndan degişli edaralaryň öz serişdeleriniň hasabyna mugt peýdalanmaga hukuklary bardyr. (148-nji maddanyň üçünji bölegine girizilen üýtgetmeler 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistanyň 20.10.2018 ý. № 87-VI kanuny esasynda herekete girizilýär).
4. Öý-internatlaryna ýa-da beýleki durmuş kömegi edaralaryna ýerleşdirilen maýyplygy bolan adamlaryň öz ýaşaýyş jaýlaryny 12 aýyň dowamynda saklap galmaga hukuklary bardyr. Mundan uzak möhletlerde, boşan ýaşaýyş jaýy ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga mätäçlik çekýän beýleki maýyplygy bolan adamlara berilýär.
5. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maýyplygy bolan adamlaryň jemgyýetçilik birleşikleriniň serişdeleriniň hasabyna ýaşaýyş jaý meýdanynyň gurlan bölegini almaga hukugy ýokdur.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 20-nji oktýabryndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 3-4, 98-nji madda, 109-njy madda).
149-njy madda. Ilkinji nobatda durmuş hyzmatyny etmek hukugy
Maýyplygy bolan adamlaryň aragatnaşyk, durmuş hyzmaty, ulag hyzmaty, söwda, ýaşaýyş jaý-jemagat, saglygy goraýyş kärhanalary, guramalary we edaralary tarapyndan ilkinji nobatda hyzmat edilmäge, şeýle hem ýolagçy ulaglarynyň ähli görnüşleriniň kärhanalarynda biletleri ilkinji nobatda satyn almaga hukuklary bardyr.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
150-nji madda. Maýyplygy bolan adamlara ulag serişdelerini saklamak üçin şert döredilmegi
1. Maýyplygy bolan adamlara öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda, awtomobillerini hem goşmak bilen,olaryň ýörite hereket ediş serişdelerini saklamagy üçin şertler döredilýär.
2. Maýyplygy bolan adamlar ulag serişdelerini saklamak üçin peýdalanylýan jaýlar we ýer bölekleri üçin kärende tölegini tölemekden boşadylýarlar.
3. Maýyplygy bolan adamlara öz ýaşaýan ýerleriniň golaýynda ulag serişdelerini we olaryň ýörite hereket ediş serişdelerini saklamagy üçin şertleri döretmek ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 1-nji dekabryndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 45-nji madda; № 3-4, 109-njy madda; 2021 ý., № 1, 18-nji madda).
151-nji madda. Maýyplygy bolan adamlara öýünde hyzmat etmek. Maýyplygy bolan adamlara ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralar
Raýatlara durmuş taýdan hyzmat edýän edaralar keseki kömegine we hyzmatyna mätäç ýeke ýaşaýan, gartaşan adamlara we maýyplygy bolan adamlara olaryň öýünde durmuş hyzmatlarynywe bejeriş edaralarynyň üsti bilen saglygyny goraýyş kömegini edýärler. Döwlet öýde durmuş hyzmatyny edýän bölümleriň ulgamyny ösdürmäge ýardam edýär.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky we 2019-njy ýylyň 30-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; 2019 ý., № 4, 95-nji madda).
152-nji madda. Öý-internatlarynda we ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän beýleki edaralarda bolýan maýyplygy bolan adamlaryň hukugy
1. Maýyplygy bolan adamlaryň öý-internatlarynda ýa-da ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän beýleki edaralarda bolmaklarynyň şertleri maýyplygy bolan adamlaryň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmegine mümkinçilikleri üpjün etmelidir we olara şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam bermelidir.
2. Ýetim ýa-da ata-enesiniň howandarlygyndan galan, ýatymlaýyn şertlerde durmuş kömegini edýän edaralarda bolýan maýyp bolan çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinden soň, eger özbaşdak dikeldiş maksatnamasyna laýyklykda özlerine hyzmat edip, özbaşdak ýaşap biljek bolsalar, olaryň ýaşaýyş jaýyny we ony abadanlaşdyrmak üçin maddy kömegi nobatsyz almaga hukugy bardyr.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
VII BÖLÜM. HASABA ALYŞ WE HASABATLYLYK. DURMUŞ TÖLEGLERINIŇ ÇYKDAJYLARYNY MALIÝELEŞDIRMEK. ILATY DURMUŞ TAÝDAN GORAMAK BABATDA KANUNÇYLYGYŇ BOZULANDYGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
153-nji madda. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini alýanlaryň hasaba alnyşy
1. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini alýanlaryň sanyny hasaba almak Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy tarapyndan bellenilen tertipde ýöredilýär.
2. Pensiýalary we döwlet kömek pullaryny alýanlaryň sany baradaky döwlet statistik hasabatlar Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylan görnüşler boýunça düzülýär.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2018 ý., № 2, 45-nji madda).
154-nji madda. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny, birwagtlaýyn pul kömegini tölemek boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi we olaryň hasabaty
1. Pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek boýunça çykdajylaryň maliýeleşdirilmegi şu Kodeksde göz öňünde tutulan çeşmeleriň hasabyna Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirilýär.
2. Türkmenistanyň Pensiýa gaznasy pensiýalary we döwlet kömek pullaryny (wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryndan başga), birwagtlaýyn pul sylaglaryny we birwagtlaýyn pul kömegini tölemek boýunça çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýär we bellenilen tertipde Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine hasabat berýär.
3. Iş berijiler wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk, göwrelilik we çaga dogurmak boýunça döwlet kömek pullaryny tölemek boýunça çykdajylaryň hasaba alnyşyny ýöredýärler we bellenilen tertipde Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýerli edaralaryna hasabat berýärler.
4. Pensiýalary we döwlet kömek puluny tölemek boýunça çykdajylar baradaky hasabatyň görnüşleri we olary bermegiň möhletleri Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan tassyklanylýar.
(2013-nji ýylyň 29-njy awgustyndaky, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 3, 59-njy madda; 2015 ý., № 3, 113-nji madda;, 2018 ý., № 2, 45-nji madda, № 3-4, 109-njy madda).
155-nji madda. Şu Kodeksiň kadalarynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kodeksiň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.