TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamak

we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 33-nji madda)

 

1-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny tassyklamaly.

 

2-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny 2004-nji ýylyň 1- nji noýabryndan başlap güýje girizmeli.

 

3-nji madda. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1990-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda kabul eden, Türkmenistan SSR-niň Ýer hakyndaky kodeksini we «Türkmenistan SSR-niň Ýer  hakyndaky kodeksini güýje girizmek hakyndaky» kararyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1990-njy ýyl, № 19-20, 201-nji, 202-nji maddalar);

Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň 1991-nji ýylyň 30-njy maýynda kabul eden, «Türkmenistan SSR-niň Ýer  hakyndaky kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistan SSR-niň Kanunyny (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1991-nji ýyl, № 9-10,  106-njy madda);

Türkmenistanyň Mejlisiniň 1995-nji ýylyň 24-nji noýabrynda tassyklan, «Daşary ýurt döwletleriniň ýeri karendesine almagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1995-nji ýyl, № 3, 43-nji madda);

Türkmenistanyň Mejlisiniň 1996-njy ýylyň 20-nji dekabrynda tassyklan, «Harytlyk oba hojalyk önümçiligini alyp barmak üçin ýeri graždanlaryň eýeçiligine bermek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996-njy ýyl, № 4, 63-nji madda).

 

4-nji madda. «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynyň täsiri ol güýje gireninden soň ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryna degişlidir.

«Ýer  hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanuny güýje girmänkä ýüze çykan hukuk gatnaşyklary babatda onuň düzgünleri 2004-nji ýylyň 1-nji noýabryndan soň ýüze çykan hukuklar we borçlar barada ulanylýar.

 

5-nji madda. Mundan beýläk kadalaşdyryjy hukuk namalary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirilýänçä olar «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna ters gelmeýän derejede ulanylýar.

«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyklykda diňe kanunlar arkaly düzgünleşdirilip bilinjek meseleler babatdaky kadalaşdyryjy hukuk namalary degişli kanunlar kabul edilýänçä we güýje girizilýänçä hereket edýär.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti özüniň we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul etmäge hukuk berlen beýleki döwlet edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyna laýyk getirmeli.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanundan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek hakyndaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly hem-de Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemeli.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary «Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Halk maslahatynyň

Başlygy                                                             Saparmyrat Türkmenbaşy

 

 

Aşgabat şäheri.

2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry

243-II