TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň Maşgala kodeksini tassyklamak we güýje girizmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 9-njy madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksini tassyklamaly.
2-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksini 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýje girizmeli.
3-nji madda. 1969-njy ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistan SSR-niň Nika we maşgala hakyndaky kodeksini (Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary, 1969-njy ýyl, № 24, 141-nji madda), oňa üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli soňraky kanunlary ýa-da olaryň degişli bölümlerini 2012-nji ýylyň 1-nji aprelinden güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
4-nji madda. Türkmenistanyň Maşgala kodeksiniň hereketi, ol güýje girenden soň ýüze çykan hukuk gatnaşyklaryna degişli edilýär.
Eger maşgala hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Maşgala kodeksi güýje girizilmezinden öň ýüze çykan bolsa, onuň kadalary ol güýje girizilenden soň ýüze çykan hukuklar we borçlar babatda ulanylýar.
Türkmenistanyň Maşgala kodeksi güýje girizilenden soň, maşgala hukuk gatnaşyklaryny kadalaşdyrmakda gapma-garşylyklar ýüze çykan ýa-da maşgala hukuk gatnaşyklarynyň gatnaşyjylarynyň hukuk ýagdaýy ýaramazlaşan halatlarynda şu Kodeksiň düzgünleri ulanylýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň kanunlary we kadalaşdyryjy hukuk namalary mundan beýläk Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyk getirilýänçä, şu Kodekse garşy gelmeýändigine görä hereket edýärler.
6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti üç aý möhletde Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny Türkmenistanyň Maşgala kodeksine laýyk getirmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2012-nji ýylyň 10-njy ýanwary.
№ 258-IV.
TÜRKMENISTANYŇ
MAŞGALA KODEKSI
I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji bap. Esasy düzgünler
1-nji madda. Esasy düşünjeler
1. Şu Kodeksiň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) maşgala - adamlaryň nikadan, garyndaşlygyndan, ogullyga ýa-da gyzlyga almagyndan (mundan beýläk - perzentlige almak) ýa-da çagalaryň maşgala kabul edilmeginiň başga görnüşinden gelip çykýan şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bilen baglanyşykly topary;
2) nika - är-aýalyň öz aralaryndaky hukuklaryny we borçlaryny döredýän, erkek bilen aýalyň kanunda bellenilen tertipde maşgala gurmak üçin baglaşan meýletin deň hukukly birleşigi;
3) är-aýal - öz aralarynda nikada durýan adamlar (äri we aýaly);
4) öňki är-aýal - öz aralarynda nikasyny bozan adamlar;
5) ynsaply är (aýal) - hakykatda maşgala gurmak niýeti bilen kanunda bellenilen tertipde nika baglaşan adam;
6) galp nika - erkek bilen aýalyň kanunda bellenilen tertipde hakykatda maşgala gurmazlyk niýeti bilen baglaşan nikasy;
7) çaga - on sekiz ýaşyna (kämillik ýaşyna) ýetmedik adam;
8) ata-ene - çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda onuň ata-enesi hökmünde bellige alnan adamlar (kakasy we ejesi);
9) perzentlige alan - çagany terbiýelemäge (perzentlige) alan kämillik ýaşyna ýeten adam ýa-da är-aýal (olaryň biri);
10) öweý kaka - çagalaryň ejesiniň soňky nika baglaşan adamsy;
11) öweý eje - çagalaryň kakasynyň soňky nika baglaşan aýaly;
12) öweý ogul - är-aýalyň biriniň beýlekisi babatda, onuň üçin ganybir bolmadyk ogly;
13) öweý gyz - är-aýalyň biriniň beýlekisi babatda, onuň üçin ganybir bolmadyk gyzy;
14) garyndaşlar - öz aralarynda ganybir garyndaşlygy bilen baglanyşykly we biri-beýlekisinden ýa-da umumy ata-babadan gelip çykýan adamlar. Garry ata (garry ene), garry baba (garry mama), ata we ene, baba we mama, kaka (eje), ogul (gyz), agtyklar, çowluklar, doganlar, daýylar (daýzalar), ýegenler we beýlekiler garyndaşlar bolup durýarlar;
15) ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlar - ata-babalaryna barýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa zürýatdan ata-baba garalanda: agtyk, ogul, kaka, ata;
16) ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlyk - ata-babalaryndan gaýdýan ugur boýunça garyndaşlygy bilen özara baglanyşykly adamlar, ýagny haçan-da oňa ata-babadan zürýada garalanda: ata, kaka, ogul, agtyk;
17) ýakyn garyndaşlar - ata-eneler (şol sanda perzentlige alanlar), är-aýal, çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar), ata we ene, baba we mama, agtyklar, süýtdeş we doly süýtdeş däl doganlar;
18) süýtdeş doganlar - bir ata-eneden bolan doganlar;
19) doly süýtdeş däl doganlar - bir kakadan we aýry ejeden ýa-da bir ejeden we aýry kakadan bolan doganlar;
20) kanuny wekiller - kanun esasynda ähli edaralarda, şol sanda kazyýet edaralarynda kämillik ukyby ýoklaryň, kämillik ukyplary çäklendirilenleriň ýa-da kämillik ukyby bolanlaryň, ýöne fiziki ýagdaýyna görä (garrylygy, syrkawlygy boýunça we ş.m.) öz hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmaga we öz borçlaryny ýerine ýetirmäge ukypsyz bolanlaryň şahsy emläk däl we emläk hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça çykyş edýän adamlar (ata-eneler, perzentlige alanlar, hossarlar (howandarlar), şeýle hem bu şahsyň howandarlykda durýan edaralarynyň we guramalarynyň wekilleri);
21) maşgalanyň zähmete ukypsyz agzalary we eklençde durýan adamlar - çagalar (şol sanda perzentlige alnanlar, öweý ogullar (öweý gyzlar), bilim almagyň gündizki görnüşi boýunça ýigrimi üç ýaşyna çenli okaýanlar; on sekiz ýaşyna ýetmedik ýa-da bu ýaşdan uly, on sekiz ýaşyna ýetmänkä maýyp bolan, doganlar, agtyklar, şunda erkek (aýal) doganlar, agtyklar - eger olaryň zähmete ukyply ata-eneleri bolmasa, öweý ogullar (gyzlar) - eger olar ata-enelerinden aliment almaýan bolsalar; pensiýa ýaşyna ýeten kaka we eje, şol sanda perzentlige alanlar, är we aýal, ata we ene, baba we mama: erkekler - 62 ýaşda, aýallar - 57 ýaşda, ýa-da maýyplygy bolan adamlar bolup durýan we pensiýa ýa-da döwlet kömek puluny almaýanlar; ata-enäniň biri ýa-da är (aýal) ýa-da ata we ene, baba we mama, ýaşyna we zähmete ukyplylygyna garamazdan doganlar, eger ol ölen ekleýjiniň sekiz ýaşyna ýetmedik çagalaryna, doganlaryna, agtyklaryna seretmek bilen meşgullanýan we işlemeýän bolsa;
22) hakyky terbiýeçiler - kämillik ýaşyna ýetmedik çagalary hemişelik terbiýelemek we ekläp-saklamak üçin alan we olary hakyky terbiýelän adamlar;
23) RÝNÝ edaralary – Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň müdirliginiň (mundan beýläk – RÝNÝ müdirligi) welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň, etrapdaky şäherleriň RÝNÝ bölümlerini (mundan beýläk – RÝNÝ bölümleri), Geňeşleri öz içine alýan raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysynyň (RÝNÝ) döwlet edaralary, şeýle hem raýat ýagdaýynyň namalaryny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly edilen Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary ýa-da konsullyk edaralary;;
24) raýat ýagdaýynyň namalary - raýatlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagyna, üýtgemegine ýa-da bes edilmegine täsir edýän, şeýle hem olaryň hukuk ýagdaýyny häsiýetlendirýän, döwlet belligine alynmaga degişli bolan raýat ýagdaýynyň ýazgylarynyň namalarynda görkezilýän raýatlaryň hereketleri ýa-da wakalar we faktlar;
25) hossarlyk we howandarlyk edaralary - welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň bölümleri, olaryň bolmadyk ilatly ýerlerinde bolsa - ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary;
26) ýaşaýan ýeri - fiziki şahsyň hemişelik ýa-da köplenç ýaşaýan ýeri;
27) bolýan ýeri - fiziki şahsyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeri;
28) girdejiler - zähmet haky we girdejileriň kanunda gadagan edilmedik usul bilen alnan başga görnüşleri;
29) aliment - maşgala agzalarynyň biriniň kanunda bellenilen halatlarda beýlekilerini ekläp-saklamak üçin tölemäge borçly bolan serişdeleri;
30) ýanýoldaşsyz ene (ata) - ýalňyzlykda çagany terbiýeleýän eje (kaka) ýa-da onuň ornuny tutýan adam (atanyň (enäniň) bolmadyk halatynda);
31) maşgala agzalary - maşgala gatnaşyklaryna esaslanan hukuklary we borçlary bolan adamlar (äri we aýaly, olaryň çagalary we ata-enesi, şeýle hem olar bilen bile ýaşaýan beýleki maşgala agzalary);
32) şahadatnama - raýat ýagdaýynyň namalary bellige alnanda RÝNÝ edaralary tarapyndan berilýän bellenilen görnüşdäki resminama.
2. Şu Kodeksdäki ähli beýleki düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda kesgitlenilen manylarda ulanylýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky, 2022-nji ýylyň 24-nji iýulyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 3, 74-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
2-nji madda. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy
1. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kodeksden hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kodeksde bellenilen kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady we wezipeleri
1. Maşgalany, eneligi, atalygy we çagalygy goramagyň döwlet kepillikleriniň bellenilmegi, maşgalanyň ykdysady taýdan özbaşdaklygynyň we onuň ähli agzalarynyň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagy üçin şertleriň döredilmegi Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň maksady bolup durýar.
2. Şular Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň wezipeleri bolup durýar:
1) maşgalanyň erkek bilen aýalyň birek-birege bolan söýgüsi esasynda meýletin gurulmagy;
2) maşgalada ahlak ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy;
3) maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklarynyň deňliginiň üpjün edilmegi;
4) maşgalanyň ähli agzalarynyň maşgalanyň öňündäki jogapkärçiliginiň ýokarlandyrylmagy;
5) eneligiň, atalygyň we çagalygyň goralmagy;
6) maşgalada çaganyň sagdyn ösmegi we kemala gelmegi üçin amatly şertleriň üpjün edilmegi;
7) maşgalanyň işlerine başga biriniň gatyşmagyna ýol berilmezligi;
8) maşgalanyň islendik agzasy babatda islendik görnüşdäki zorluk edilmegine ýol berilmezligi;
9) maşgalada ata-enäniň zähmet işini maşgala borçlary bilen utgaşdyrmagy üçin amatly şertleriň döredilmegi.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
4-nji madda. Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklar
Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy nika baglaşylmagynyň şertlerini we tertibini belleýär, är-aýalyň, ata-eneleriň we çagalaryň, perzentlige alanlaryň we perzentlige alnanlaryň, maşgalanyň beýleki agzalarynyň arasyndaky şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklary, perzentlige almak, hossarlyk (howandarlyk) bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda we çäklerde - beýleki garyndaşlar bilen başga adamlaryň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary maşgala ýerleşdirmegiň görnüşlerini we tertibini, nikany bozmagyň, ony hakyky däl diýip ykrar etmegiň şertlerini we tertibini, raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibini kesgitleýär.
5-nji madda. Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň maşgala gatnaşyklary babatda ulanylmagy
Maşgala agzalarynyň arasyndaky Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda düzgünleşdirilmedik şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklarynda, eger ol maşgala gatnaşyklarynyň düýp manysyna garşy gelmeýän bolsa, Türkmenistanyň raýat kanunçylygy ulanylýar.
6-njy madda. Türkmenistanyň maşgala we raýat kanunçylygynyň meňzeşligi boýunça maşgala gatnaşyklary babatda ulanylmagy
1. Eger maşgala agzalarynyň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň maşgala kanunçylygy ýa-da taraplaryň ylalaşygy bilen düzgünleşdirilmedik bolsa we görkezilen gatnaşyklary göni düzgünleşdirýän raýat hukugynyň kadalary bolmadyk mahalynda, eger munuň özi olaryň düýp mazmunyna garşy gelmeýän bolsa, maşgala we (ýa-da) raýat hukugynyň meňzeş gatnaşyklaryny (kanunyň meňzeşligi) düzgünleşdirýän kadalary ulanylýar.
2. Şeýle kadalar bolmadyk mahalynda maşgala agzalarynyň hukuklary we borçlary maşgala ýa-da raýat hukugynyň (hukugyň meňzeşligi) umumy başlangyçlaryndan we ýörelgelerinden ugur alnyp kesgitlenilýär.
2-nji bap. Maşgala hukuklarynyň amala aşyrylmagy we olaryň goralmagy
7-nji madda. Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi
1. Türkmenistanda maşgala gatnaşyklarynyň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi döwlet tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda diňe RÝNÝ edarasy tarapyndan bellige alnan nika ykrar edilýär.
3. Dini däp-dessur boýunça nikalaşmagyň hem beýleki dini däp-dessurlar ýaly hukuk taýdan ähmiýeti ýokdur. Bu kada nikanyň Türkmenistanda RÝNÝ edaralary döredilmezinden öň dini däp-dessurlara we olaryň tassyklamagynda alnan dogluş, nikanyň baglaşylandygy we bozulandygy, şeýle hem ölüm hakyndaky resminamalara degişli däldir.
4. Türkmenistanda köp aýallylyga ýol berilmeýär. Köp aýallylyk diýlip, iki ýa-da birnäçe aýal bilen bir wagtda bile ýaşap, umumy hojalygyň bilelikde ýöredilmegine düşünilýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
8-nji madda. Maşgala hukuklarynyň amala aşyrylmagy we maşgala borçlarynyň ýerine ýetirilmegi
1. Eger şu Kodeksde başgaça bellenilmedik bolsa, raýatlar maşgala gatnaşyklaryndan (maşgala hukuklaryndan), şol sanda bu hukuklaryň goralmagyndan gelip çykýan özlerine degişli hukuklara öz garamagyna görä ygtyýarlyk edýärler.
2. Maşgala agzasynyň öz hukuklaryny amala aşyrmagy we onuň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi maşgalanyň beýleki agzalarynyň we başga raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozmaly däldir.
9-njy madda. Maşgala hukuklarynyň goralmagy
1. Maşgala hukuklary kanun bilen goralýar, bu hukuklaryň wezipesine gapma-garşy amala aşyrylan halatlary muňa degişli däldir.
2. Maşgala hukuklarynyň goralmagy Türkmenistanyň raýat kazyýet önümçiligine laýyklykda kazyýet tarapyndan, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa - döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şol sanda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
(2018-nji ýylyň 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 3-4, 109-njy madda).
3-nji bap. Hak isleginiň wagt möhleti we möhletleriň hasaplanylmagy
10-njy madda. Hak isleginiň wagt möhleti
Bozulan hukuklaryň goralmagy üçin möhletiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlardan başga ýagdaýlarda maşgala gatnaşyklaryndan gelip çykýan talaplara hak isleginiň wagt möhleti degişli däldir. Şu halatlarda hak isleginiň wagt möhleti kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda ulanylýar.
11-nji madda. Hak isleginiň wagt möhletiniň geçip başlamagy
1. Hak isleginiň wagt möhletiniň geçip başlamagy talabyň ýüze çykan pursatyndan başlanýar.
2. Eger talaba laýyklykda haýsydyr bir hereketlerden saklanmak zerurlygy ýüze çykýan bolsa, onda hak isleginiň wagt möhletiniň geçip başlamagy görkezilen hereketiň amala aşyrylan pursatyndan başlaýar.
12-nji madda. Hak isleginiň wagt möhletini ulanmagyň tertibi
Hak isleginiň wagt möhletini belleýän kadalar ulanylanda kazyýet Türkmenistanyň raýat kanunçylygyndan ugur alýar.
13-nji madda. Möhletleriň hasaplanylmagy
Şu Kodeksde bellenilen möhletleriň hasaplanylmagy Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
II BÖLÜM. NIKA BAGLAŞMAGYŇ WE BOZMAGYŇ ŞERTLERI WE TERTIBI. NIKA BAGLAŞMAGYŇ WE BOZMAGYŇ DÖWLET TARAPYNDAN BELLIGE ALYNMAGY. NIKANYŇ BES EDILMEGI. NIKANYŇ HAKYKY DÄLDIGI
4-nji bap. Nika baglaşmagyň şertleri we tertibi. Nika baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy
14-nji madda. Erkegiň we aýalyň nika baglaşmaga bolan hukugy
1. Nika ýaşyna ýeten erkegiň we aýalyň milletine ýa-da dine bolan garaýşyna garamazdan nika baglaşmaga we maşgala gurmaga deň hukugy bardyr. Är-aýal maşgala gatnaşyklarynda deň hukuklydyr.
2. Erkek we aýal nika baglaşylýan wagtynda, nikada durýan wagtynda we onuň bozulýan wagtynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
15-nji madda. Nikanyň baglaşylmagy
1. Nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
2. Nika ýaşy on sekiz ýaş diýlip bellenilýär.
3. Aýratyn halatlarda esasly sebäpler bolan mahalynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça nika ýaşy bir ýyldan köp bolmadyk wagta peseldilip bilner.
Şu ýagdaýda, şeýle adam nika baglaşylan gününden başlap doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolýar. Şunda onuň kämillik ukyby nika bozulan halatynda hem doly möçberde saklanyp galýar.
16-njy madda. Nika baglaşmagyň şertleri
1. Nika, nika ýaşyna ýetenlerinde nika baglaşmak isleýän adamlaryň diňe erkin we özara razylygy boýunça baglaşylyp bilner.
2. Nika şu Kodeksiň 20-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolan mahalynda baglaşylyp bilinmez.
17-nji madda. Nika baglaşmagyň tertibi
1. Nika ýaşyna ýeten we nika baglaşmak isleýän adamlar olaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralaryna arza bermäge haklydyrlar.
2. Arzada olar özleriniň umumy familiýasy hökmünde är-aýalyň haýsysynyň familiýasyny saýlamak isleýändiklerini ýa-da her biriniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saklamak isleýändigini, olaryň her biriniň ozal nikada durandygyny we şol nikadan çagalarynyň bolandygyny, bilelikdäki çagalarynyň bardygyny görkezmelidirler. Arzanyň ýanyna pasport (ýa-da onuň ornuny tutýan resminama) goşulýar.
3. Nika baglaşmak isleýän adamlar nika baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almaga ygtyýarly adamlar tarapyndan şu Kodeksiň 20-nji maddasynda görkezilen nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar, şeýle hem 32-nji maddasynda görkezilen nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň esaslary barada arzada gol çekdirilip tanyşdyrylmalydyr.
4. Nikanyň baglaşylmagy nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda, olaryň RÝNÝ edaralaryna arza beren gününden başlap bir aý geçenden soň geçirilýär.
5. Esasly sebäpler (göwrelilik, çaganyň dogulmagy, umumy çagalarynyň bolmagy, iş ýa-da okuw bilen baglanyşykly başga ýere gidilmegi, çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylmagy, nikanyň baglaşylmagynyň toý gününde resmileşdirilmeginiň islenilmegi we beýleki ýagdaýlar) bolan mahalynda, nika baglaşýanlaryň islegine görä, nika baglaşylmagynyň bellige alynýan ýerindäki RÝNÝ edaralary şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan möhletiň geçmezinden öň hem (nika baglaşmak isleýän adamlaryň saýlan gününde), şol sanda arzanyň berlen gününde nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almaga borçludyr.
6. Şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ýüze çykan mahalynda, nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça, RÝNÝ edaralary nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin bellenilen möhleti uzaltmaga borçludyrlar, ýöne ol nikanyň baglaşylmagyny bellige almak üçin bellenilen günden başlap alty aýdan köp bolmaly däldir. Şunda nika baglaşmak üçin gaýtadan arza bermek we döwlet pajyny tölemek talap edilmeýär. Nika baglaşylmagyny bellige almak üçin bellenilen günden başlap alty aý geçenden soň nika baglaşmak barada ýüz tutulan ýagdaýynda, nika baglaşmak isleýän adamlar RÝNÝ edaralaryna täze arza bermäge borçludyrlar, şunda gaýtadan döwlet pajyny tölemek talap edilmeýär.
7. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň haýyşy boýunça esasly sebäpler bolan mahalynda nika baglaşylmagyny bellige almak RÝNÝ edaralarynyň bolýan ýerinden başga ýerde geçirilip bilner.
(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
18-nji madda. RÝNÝ edaralarynyň nika baglaşmak isleýän adamlary olaryň hukuklary we borçlary, şeýle hem nika baglaşylmagyny bellige almagyň şertleri we tertibi bilen tanyşdyrmak borjy
Nika baglaşmak isleýän adamlardan arzalary kabul eden RÝNÝ edaralary olary nika baglaşylmagyny bellige almagyň şertleri we tertibi bilen tanyşdyrmaga, bu adamlaryň özleriniň saglyk ýagdaýy we maşgala ýagdaýy hakynda habarlydyklaryna göz ýetirmäge, şeýle hem olara geljekki är-aýal we ata-ene hökmündäki hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge hem-de nika baglaşmaga ýol bermeýän ýagdaýlaryň gizlenilendigi üçin jogapkärçilik barada duýdurmaga borçludyrlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
19-njy madda. Nika baglaşmagyň bellige alynýan gününiň bellenilmegi. Nika baglaşylmagynyň bellige alynmagy
1. Nika baglaşylmagynyň bellige alynýan güni şu Kodeksiň 17-nji maddasynda bellenilen tertibe laýyklykda nika baglaşmak isleýän adamlar bilen ylalaşmak boýunça bellenilýär.
2. Nika baglaşylmagynyň bellige alynmagy üçin bellenilen günde RÝNÝ edarasy dabaraly ýagdaýda nika baglaşylmagyny bellige alýar. RÝNÝ edarasy nika baglaşýan adamlaryň razylygy bilen, nikanyň dabaraly ýagdaýda baglaşylmagyny üpjün edýär.
3. Nika baglaşylmagyny bellige almak nika baglaşmak isleýän adamlaryň gatnaşmagynda geçirilýär.
4. Nika baglaşylmagyny bellige almak nika baglaşmak isleýän adamlaryň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da olaryň ata-eneleriniň ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edaralary tarapyndan raýat ýagdaýynyň namalarynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin bellenilen tertipde geçirilýär.
5. Nika baglaşylmagy bellige alnandan soň är-aýala nika baglaşylandygy hakynda şahadatnama berilýär.
6. Nika baglaşylmagynyň bellige alnandygy hakynda nika baglaşan adamlaryň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) bellikler üçin niýetlenilen sahypasynda äriniň (aýalynyň) familiýasyny, adyny, atasynyň adyny we doglan ýylyny, nika baglaşylmagynyň bellige alnan ýerini we wagtyny, nika baglaşylmagy bellige alnandan soň äriniň (aýalynyň) alan familiýasyny görkezmek bilen bellik edilýär (ýazgy geçirilýär).
(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 129-njy madda).
20-nji madda. Nika baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar
Şu aşakdakylaryň arasynda nika baglaşylmagyna ýol berilmeýär:
1) arza beriljek mahalynda olaryň iň bolmanda biri eýýäm başga bir bellige alnan nikada durýan adamlaryň arasynda;
2) göni ata-babalaryna barýan ýa-da ata-babalaryndan gaýdýan ugurlar boýunça garyndaşlaryň, süýtdeş ýa-da doly süýtdeş däl doganlaryň, şeýle hem perzentlige alanlar bilen perzentlige alnanlaryň arasynda;
3) psihiki bozulmagyň (ruhy keseliň ýa-da kemakyllygyň) netijesinde olaryň iň bolmanda biri kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň arasynda.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
21-nji madda. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň lukmançylyk taýdan barlanylmagy
1. Nika baglaşmak isleýän adamlar özara razylygy boýunça mugt lukmançylyk barlagyndan geçip, şeýle hem lukmançylyk-genetiki meseleler we maşgalany meýilleşdirmegiň meseleleri boýunça döwlet saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynda maslahat alyp bilerler.
Görkezilen hyzmatlary etmegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Nika baglaşmak isleýän adamlaryň barlagynyň netijeleri lukmançylyk syry bolup durýar we diňe olara habar berilýär.
3. Eger nika baglaşylan mahalynda bir adam özünde deri-weneriki keseliň ýa-da adamyň immunoýetmezçilik wirusy bilen döreýän keseliň (AIW ýokaşmasynyň) ýa-da Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan maşgala gatnaşyklary üçin howply diýlip ykrar edilen başga keseliň bardygyny beýleki adamdan gizlän bolsa, bu adam nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda talap bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
5-nji bap. Nikany bozmagyň tertibi. Nikanyň bozulmagynyň
döwlet tarapyndan bellige alynmagy. Nikanyň bes edilmegi
22-nji madda. Nikanyň bozulmagy üçin esaslar. Nikanyň bes edilmegi
1. Nika är-aýalyň (olaryň biriniň) arzasy boýunça, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça bozulýar.
2. Nika şu halatlarda bes edilýär:
1) är-aýalyň biri ölende ýa-da kazyýet tarapyndan är-aýalyň biri ölen diýlip yglan edilende;
2) nikanyň bozulmagy bellige alnanda;
3) nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda).
23-nji madda. Nikanyň bozulmagyna ýol berilmezligi
1. Nika şu ýagdaýlarda aýalyň razylygy bolmazdan bozulyp bilinmez:
1) onuň göwreliligi döwründe;
2) är-aýalyň bir ýaşyna ýetmedik çagasy bolanda.
2. Şeýle-de, eger är-aýalyň biri hossar bolsa, nika kämillik ukyby ýok adamyň hossarynyň arzasy boýunça bozulyp bilinmez.
24-nji madda. Nikany bozmagyň tertibi we täze nika baglaşmaga hukuk
1. Nikanyň bozulmagy RÝNÝ edarasy tarapyndan, şu Kodeksiň 26-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, kazyýet tarapyndan geçirilýär.
2. Nikasyny bozan adamlar, diňe RÝNÝ edaralarynda nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany alanlaryndan soň, täze nika baglaşmaga haklydyrlar.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
25-nji madda. Nikanyň RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulmagy. Nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy we onuň resmileşdirilmegi
1. Är-aýalyň özara razylygy boýunça nikanyň bozulmagy, olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolmadyk we är-aýalyň bilelikde edinen emlägini (mundan beýläk - bilelikdäki emläk) bölmek hakynda, zähmete ukypsyz mätäç bolan ärini (aýalyny) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemek hakynda jedel bolmadyk mahalynda, är-aýalyň bilelikdäki arzasynyň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan arza berlen gününden iki aý geçenden soň geçirilýär.
2. Eger şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan bilelikdäki arzany bermek üçin är-aýalyň biriniň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, äriniň (aýalynyň) nikany bozmak hakynda erk-islegi aýratyn arza bilen resmileşdirilip bilner. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
Eger bilelikdäki arzany bermäge mümkinçiligi bolmadyk äri (aýaly) nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny bellige almak üçin bellenilen möhletde RÝNÝ edarasyna gelip bilmeýän halatynda, ol bu barada, özi bolmazdan nikanyň bozulmagyna garşy däldigi we nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany almagy başga adama ynanýandygy barada arzany iberip biler. Şu halatda bellenilen möhletde RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
3. Är-aýalyň biriniň, nikanyň är-aýalyň özara razylygy boýunça bozulmagy we onuň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin bellenilen möhletde gelmedik we ondan nikasynyň bozulmagyna razy däldigi barada arza gelip gowuşmadyk halatynda, nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy är-aýalyň biriniň gatnaşmagynda hem geçirilip bilner.
Eger nikanyň bozulmagy är-aýalyň özara razylygy boýunça we nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy är-aýalyň biriniň gatnaşmagynda geçirilen bolsa, nika bozulanda we nikanyň bozulmagy bellige alnanda gatnaşmadyk äri (aýaly) nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany alyp biler. Eger äriniň (aýalynyň) hut özüniň gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda äri (aýaly) nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamany bermek barada arzasyny iberip biler. Şu halatda RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
4. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy, är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we kämillik ýaşyna ýeten zähmete ukypsyz umumy çagalarynyň bolmagyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär, eger är-aýalyň beýlekisi:
1) kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen bolsa;
2) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa;
3) jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa.
Nika şu bölekde göz öňünde tutulan esaslar boýunça bozulan halatynda är-aýalyň beýlekisi nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çözgüdiniň nusgasy ýa-da är-aýalyň beýlekisine azyndan üç ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilendigi barada kazyýetiň höküminiň göçürilen nusgasy arza goşulýar.
5. Är-aýalyň biriniň arzasy boýunça nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, eger är-aýalyň beýlekisi jenaýat edendigi üçin azyndan üç ýyl möhlete azatlykdan mahrum etmeklige iş kesilen bolsa, nikany bozmak hakynda arza berlen günden iki aý geçenden soň, eger kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden ýa-da kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa, bir aý geçenden soň arza beren äriniň (aýalynyň) gatnaşmagynda geçirilýär.
6. Nikany bozmak hakynda arzany kabul eden RÝNÝ edarasy üç iş gününiň dowamynda jeza çekýän ärine (aýalyna) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossaryna ýa-da nam-nyşansyz giden äriniň (aýalynyň) emlägini dolandyrýana, olar bolmadyk halatynda bolsa hossarlyk we howandarlyk edarasyna gelip gowşan arza, nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige almak üçin bellenilen sene hakynda habar berýär.
7. Nikany bozmak we nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige almak är-aýalyň (olardan biriniň) ýaşaýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
8. Nikanyň bozulmagy we nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen nikanyň bozulmagynyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy, arza RÝNÝ edarasyna berlen gününden başlap, iki aý geçenden soň geçirilýär.
Esasly sebäpler bolan mahalynda, şeýle hem şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatynda möhlet üç aýa çenli uzaldylýar.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
26-njy madda. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy. Nikanyň bozulmagynyň bellige alynmagy
1. Nikany bozmak hakynda işe kazyýet tarapyndan Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen hak islegi önümçiligi tertibinde garalýar.
2. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy şu ýagdaýlar bolan mahalynda geçirilýär:
1) är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bolan halatynda, şeýle hem nikanyň bozulmagyna är-aýalyň biriniň razylygy bolmasa, şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň birinji böleginde we 25-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
2) bilelikdäki emläk hakynda jedel bolanda;
3) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamyň nikasynyň bozulmagy hakynda onuň hossarynyň arzasy bar bolsa, şu Kodeksiň 23-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
4) jenaýat edenligi üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesileniň özüniň nikasynyň bozulmagy hakynda arzasy bar bolsa.
3. Nikanyň kazyýet tarapyndan bozulmagy haçanda är-aýalyň biriniň garşylygynyň ýoklugyna garamazdan, RÝNÝ edarasy tarapyndan nikanyň bozulmagyndan ýüz dönderilen halatynda hem (är-aýalyň özara razylygy boýunça bilelikdäki nika bozmak barada arzany bermek üçin gelmek islemeýän bolsa we ş.m.) geçirilýär.
4. Nika şu halatlarda bozulýar:
1) eger kazyýet tarapyndan mundan beýläk är-aýalyň bile ýaşamagynyň we maşgalanyň saklanyp galmagynyň mümkin däldigi anyklanylsa;
2) eger är-aýaly ýaraşdyrmak üçin çäreler netije bermese we är-aýal (olaryň biri) nikanyň bozulmagyny talap etse;
3) är-aýalyň biriniň bolmadyk mahalynda (gelmese, ýaşaýan ýeri belli bolmasa we ş. m.).
5. Kazyýetiň çözgüdi esasynda nikanyň bozulmagynyň, nikanyň bozulandygy hakynda şahadatnamanyň berilmegi bilen döwlet tarapyndan bellige alynmagy är-aýalyň (olardan biriniň) arzasy boýunça ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň arzasy boýunça är-aýalyň (olardan biriniň) ýaşaýan ýerindäki ýa-da kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan geçirilýär.
6. Är-aýal (olaryň biri) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossary beýleki adamlary nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige aldyrmak hakynda arzany bermäge ýazmaça görnüşde ygtyýarly edip biler. Şu halatda äriniň (aýalynyň) ýa-da kämillik ukyby ýok äriniň (aýalynyň) hossarynyň golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
7. Nikanyň bozulmagynyň bellige alnandygy hakynda nikasy bozulan adamlaryň pasportynyň (ýa-da onuň ornuny tutýan resminamanyň) bellikler üçin niýetlenilen sahypasynda nikanyň bozulmagynyň bellige alnan ýerini we wagtyny hem-de nikanyň bozulmagy bellige alnandan soň äriniň (aýalynyň) alan familiýasyny görkezmek bilen bellik edilýär (ýazgy geçirilýär).
(2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
27-nji madda. Nikanyň bozulmagy hakynda işe garalanda kazyýetiň borçlary
1. Nikanyň bozulmagy hakynda işe garalanda kazyýet şu aşakdakylara borçludyr:
1) är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäreler görmäge, zerur halatlarda är-aýaly ýaraşdyrmak üçin alty aýa çenli möhlet belläp, işe garamagyny gaýra goýmaga;
2) kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň är-aýalyň haýsysy bilen ýaşajakdygyny, kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary ýa-da zähmete ukypsyz äri (aýaly) ekläp-saklamak üçin serişdeleri tölemegiň tertibini we möçberini, emläk hakynda jedeliň bardygyny är-aýaldan anyklamaga. Şunda kazyýet çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almalydyr;
3) är-aýalyň (olardan biriniň) haýyşy boýunça kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň nika bozulandan soň ata-enesiniň haýsysy bilen ýaşajakdygyny, ata-enesiniň haýsysyndan we näçe möçberde alimentiň tutup alynmagyny anyklamaga, emlägi bölmegi geçirmäge;
4) eklenip-saklanylmaga hukugy bolan äriniň (aýalynyň) haýyşy boýunça bu eklenip-saklanylmak üçin serişdäniň möçberini kesgitlemäge.
2. Är-aýalyň ikisiniň nikanyň bozulmagyna razylygy bolanda we olaryň arasynda jedel bolmadyk halatynda nikany bozmak üçin üç aýa çenli möhlet bellenilýär.
3. Eger emlägiň bölünmegi üçünji taraplaryň bähbitlerine galtaşýan bolsa, onda kazyýet emlägi bölmek hakynda talaby aýratyn önümçilige almaga borçludyr.
28-nji madda. Nika bozulanda onuň bes edilýän wagty
Nika, şu Kodeksiň 34-nji maddasynda görkezilenden başga ýagdaýda, onuň bozulmagy RÝNÝ edaralarynda döwlet tarapyndan bellige alnan gününden bes edilýär.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda).
29-njy madda. Kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen ýa-da nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen äri (aýaly) gelen halatynda nikanyň dikeldilmegi
1. Kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen äri (aýaly) gelen halatynda we ony ölen diýip yglan etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi ýatyrylan mahalynda, eger aýaly (äri) täze nika baglaşmadyk bolsa, nika dikeldilen diýlip hasap edilýär.
2. Kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen äri (aýaly) gelen halatynda we ony nam-nyşansyz giden diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi ýatyrylan hem-de onuň bilen baglaşylan nika RÝNÝ edarasy tarapyndan bozulan mahalynda, eger aýaly (äri) täze nika baglaşmadyk bolsa, nika är-aýalyň bilelikdäki arzasy boýunça RÝNÝ edarasy tarapyndan dikeldilip bilner. Bu ýagdaýda nikanyň bozulmagy hakynda nama ýazgysy ýatyrylýar.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda).
30-njy madda. Nika bozulanda äriniň (aýalynyň) familiýasyny saýlamaga bolan hukugy
Nika bozulanda äriniň (aýalynyň) özüniň nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlamaga ýa-da nika baglaşylanda saýlan familiýasyny saklamaga haklydyr. Nika baglaşmagyndan öňki familiýasyny saýlan halatynda, ol bu hakda nikanyň bozulmagy bellige alnanda hökman mälim etmelidir, bu barada degişli ýazgy edilýär.
31-nji madda. Nikanyň bozulmagynyň bellige alnandygy hakynda habar bermek
Nikanyň bozulmagyny döwlet tarapyndan bellige almagy geçiren RÝNÝ edarasy bu hakda nikanyň baglaşylmagyny döwlet tarapyndan bellige almagy geçiren RÝNÝ edarasyna habar bermäge borçludyr.
6-njy bap. Nikanyň hakyky däldigi
32-nji madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň esaslary
1. Nika şu halatlarda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner:
1) nika baglaşmak üçin şu Kodeksiň 15-nji, 16-njy we 20-nji maddalarynda bellenilen şertleriň bozulmagy;
2) nika mejbur etmek ýa-da aldaw boýunça baglaşylanda, şeýle hem galp nikada;
3) şu Kodeksiň 21-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň bolmagy.
2. Eger nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda işe garalan pursatyna çenli nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar aradan aýrylan bolsa, ol bu ýagdaýlaryň aradan aýrylan pursatyndan başlap hakyky diýlip ykrar edilip bilner.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
33-nji madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň tertibi
1. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek kazyýet tertibinde geçirilýär.
2. Är-aýal (olardan biri) ýa-da şu nikany baglaşmak bilen hukuklary bozulan adamlar, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edaralary ýa-da prokuror nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini talap etmäge haklydyrlar.
3. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýetiň çykaran çözgüdi kanuny güýje giren gününden başlap, kazyýet üç iş gününiň dowamynda bu çözgüdiň göçürmesini nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki RÝNÝ edarasyna ibermäge borçludyr.
Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi onuň baglaşylan gününden hasap edilýär.
34-nji madda. Nikanyň hakyky däldiginiň prezumpsiýasy
Eger är-aýal nika baglaşanlarynda özleriniň nikasynyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar barada bilmedik bolsalar, ol kazyýetde şeýle ýagdaýlaryň anyklanan pursatyndan başlap bes edilýär, ýöne ony baglaşan adamlar bu nikanyň bes edilmegine çenli maşgala hukuklaryny we borçlaryny hakyky nikadaky ýaly amala aşyrýarlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
35-nji madda. Nika ýaşyna ýetmedik adam bilen baglaşylan nikany hakyky däl diýip ykrar etmek
1. Nika ýaşyna ýetmedik adam bilen baglaşylan nika, eger muny nika ýaşyna ýetmedik nika baglaşan äriniň (aýalynyň) bähbitleri talap edýän bolsa, kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
2. Şu esas boýunça nikany hakyky däl diýip ykrar etmek barada talap etmäge nika ýaşyna ýetmedik äriniň (aýalynyň), onuň ata-enesiniň ýa-da howandarynyň, prokuroryň, şeýle hem hossarlyk we howandarlyk edarasynyň hukugy bardyr.
3. Eger är (aýal) işe garalýan pursatynda nika ýaşyna ýeten bolsa, onda nika diňe onuň talap etmegi boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
36-njy madda. Mejbury ýa-da aldaw boýunça baglaşylan nikany hakyky däl diýip ykrar etmek
1. Eger nika mejbury ýa-da aldaw boýunça baglaşylan bolsa, onda ol äriniň (aýalynyň) ýa-da prokuroryň talaby boýunça kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
2. Mejbury ýa-da aldaw boýunça nika baglaşylmagynyň fakty kazyýet tarapyndan anyklanylmalydyr.
37-nji madda. Galp nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi
1. Galp nika kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
2. Eger nika baglaşan adamlar kazyýet tarapyndan işe garalmagyna çenli maşgalany hakykatda döreden bolsalar, nika galp diýlip ykrar edilip bilinmez.
3. Prokuror galp nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi hakynda hak islegini bildirmäge haklydyr.
38-nji madda. Nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlaryň ýüze çykmagy sebäpli nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi
1. Şu Kodeksiň 20-nji maddasynda göz öňünde tutulan şertleriň bozulmagy bilen bellige alnan nika kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
2. Eger kazyýetde nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky işe garalýan pursatyna çenli nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar aradan aýrylan bolsa, onda bu ýagdaýlaryň aradan aýrylan pursatyndan başlap kazyýet nikany hakyky diýip ykrar edip biler.
3. Bu ýagdaýlar boýunça nikany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda hak islegini bildirmäge är-aýal we hukuklary bozulan adamlar, hossarlyk we howandarlyk edaralary, şeýle hem prokuror haklydyrlar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
39-njy madda. Nikany hakyky däl diýip ykrar etmegiň netijeleri
1. Hakyky däl diýlip ykrar edilen nika är-aýalyň şu Kodeksde bellenilen hukuklaryny we borçlaryny döretmeýär, şu maddanyň dördünji we bäşinji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
2. Nika hakyky däl diýlip ykrar edilende nikanyň baglaşylmagyna ýol bermeýän ýagdaýlar hakynda bilmedik we bilmegi mümkin bolmadyk ynsaply äriň (aýalyň) şu Kodeksiň 60-njy, 61-nji maddalaryna laýyklykda är-aýalyň beýlekisi tarapyndan eklenilip-saklanylmaga, nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine çenli bilelikdäki emläk bölünende bolsa - şu Kodeksiň 56-58-nji maddalaryna laýyklykda özüne berilmäge degişli paýa hukugy bardyr.
3. Nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen adamlaryň emläk gatnaşyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen tertipde düzgünleşdirilýär.
4. Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi, şeýle nikanyň netijesinde doglan çagalaryň hukuklaryna täsir etmeýär.
5. Ynsaply äri (aýaly) nika hakyky däl diýlip ykrar edilende nikanyň baglaşylmagy döwlet tarapyndan bellige alnanda özüniň saýlan familiýasyny saklap galmaga haklydyr.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
40-njy madda. Ynsaply ärine (aýalyna) ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy
Nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmeginiň netijesinde emläk zyýany (zeleli) ýetirilen ynsaply äri (aýaly) onuň öweziniň dolunmagyny kazyýet tertibinde talap etmäge haklydyr.
41-nji madda. Är-aýal ölenden soň nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine ýol berilmezligi
Är-aýalyň ikisi ölenden soň nikanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi talap edilip bilinmez.
42-nji madda. Baglaşylan nika hakyky däl bolan mahalynda täze nikanyň baglaşylmagy
Nikasy hakyky däl diýlip ykrar edilen adamlar, baglaşylan nikasynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine getiren esaslar aýrylanda, umumy tertipde täzeden nika baglaşyp bilerler.
7-nji bap. Nika şertnamasy
43-nji madda. Nika şertnamasy
1. Nika şertnamasy nika baglaşmak isleýän adamlar ýa-da är-aýaltarapyndan meýletin baglaşylýan, nikada we (ýa-da) ol bozulanhalatynda olaryň emläk hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän ylalaşyk bolup durýar.
2. Nika şertnamasynyň birkysmy görnüşi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
44-nji madda. Nika şertnamasyny baglaşmak
1. Nika şertnamasy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we notarial tertibinde tassyklanylmaga degişlidir.
2. Nika şertnamasy nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli ýa-da nikada durulýan döwrüň içinde islendik wagtda baglaşylyp bilner.
Nikany baglaşmagyň döwlet tarapyndan bellige alynmagyna çenli baglaşylan nika şertnamasy nikanyň baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan gününden başlap güýje girýär.
3. Bellenilen görnüşde baglaşylmadyk nika şertnamasy hakyky däl diýlip ykrar edilýär.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
45-nji madda. Nika şertnamasynyň mazmuny
1. Är-aýal nika şertnamasynyň esasynda är-aýalyň umumy bilelikdäki eýeçiliginiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen düzgünini üýtgetmäge, nikaly döwründe edinilen bilelikdäki emläk ýa-da onuň aýry-aýry görnüşleri, ýa-da är-aýalyň her biriniň emlägi üçin bilelikdäki paýly ýa-da aýratyn eýeçilik düzgünini bellemäge haklydyrlar.
Nika şertnamasy är-aýalyň bar bolan emlägi babatda hem, olaryň geljekde edinjek emlägi babatda hem baglaşylyp bilner.
2. Är-aýal nika şertnamasynda özara ekläp-saklamak boýunça hukuklaryny we borçlaryny; birek-biregiň girdejilerine gatnaşmagynyň usullaryny; olaryň her biriniň maşgala çykdajylaryny çekmeginiň tertibini kesgitlemäge; nika bozulan halatynda är-aýalyň her birine berilmeli emlägi kesgitlemäge, şeýle hem är-aýalyň emläk gatnaşyklaryna degişli Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän islendik beýleki teklipleri goşmaga haklydyrlar.
3. Nika şertnamasynda göz öňünde tutulan hukuklar we borçlar kesgitlenen möhletler bilen çäklendirilip bilner ýa-da aýry-aýry şertleriň gelip ýetmegine ýa-da gelip ýetmezligine bagly edilip bilner.
4. Nika şertnamasy är-aýalyň hukuk ukyplylygyny ýa-da kämillik ukybyny, öz hukuklaryny goramak üçin kazyýete ýüz tutmaga bolan hukugyny çäklendirip, är-aýalyň arasynda şahsy emläk däl we emläk gatnaşyklaryny, är-aýalyň çagalar babatda şahsy hukuklarynyň we borçlarynyň düzgünleşdirilmegine bolan hukugyny çäklendirýän, zähmete ukypsyz mätäç bolan äriň (aýalyň) ekläp-saklanylmaga bolan hukugyny çäklendirýän düzgünleri göz öňünde tutup we är-aýalyň birini has amatsyz ýagdaýda goýýan ýa-da Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynyň umumy başlangyçlaryna we düýp manysyna garşy gelýän beýleki şertleri özünde saklap bilmez.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
46-njy madda. Nika şertnamasynyň üýtgedilmegi we ýatyrylmagy
1. Nika şertnamasy är-aýalyň ylalaşmagy boýunça islendik wagt üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner. Nika şertnamasyny üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda ylalaşyk edil nika şertnamasy ýaly görnüşde we tertipde amala aşyrylýar.
Nika şertnamasyny ýerine ýetirmekden ýa-da üýtgetmekden bir taraplaýyn ýüz dönderilmegine ýol berilmeýär.
2. Är-aýalyň biriniň talap etmegi boýunça nika şertnamasy şu Kodeksde we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen esaslar boýunça we tertipde kazyýetiň çözgüdi esasynda üýtgedilip ýa-da ýatyrylyp bilner.
3. Nika şertnamasynyň hereketi şu Kodeksiň 28-nji maddasyna laýyklykda nikanyň bozulan pursatyndan bes edilýär.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
47-nji madda. Nika şertnamasyny hakyky däl diýip ykrar etmek
1. Nika şertnamasy, geleşikleriň hakyky däldigi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça, kazyýet tarapyndan doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
2. Nika şertnamasy, är-aýalyň (olardan biriniň) hak islegi boýunça şu Kodeksiň 45-nji maddasynyň dördünji böleginiň talaplary bozulanda, eger nika şertnamasynyň şertleri ärini ýa-da aýalyny has amatsyz ýagdaýda goýsa, şeýle hem şu Kodeksiň 48-nji maddasynda göz öňünde tutulan talaplar bozulan halatynda kreditorlaryň hak islegi boýunça kazyýet tarapyndan doly ýa-da bölekleýin hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
48-nji madda. Nika şertnamasy baglaşylanda, üýtgedilende ýa-da ýatyrylanda kreditorlaryň hukuklarynyň kepillikleri
Är-aýalyň her biri nika şertnamasyny baglaşmak, üýtgetmek ýa-da ýatyrmak hakynda öz kreditorlaryna habar bermäge borçludyr. Bu borçlar ýerine ýetirilmedik mahalynda bergidar äri (aýaly) öz borçnamalary boýunça nika şertnamasynyň mazmunyna garamazdan jogap berýär.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda).
III BÖLÜM. ÄR-AÝALYŇ HUKUKLARY WE BORÇLARY
8-nji bap. Är-aýalyň şahsy hukuklary we borçlary
49-njy madda. Är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagy
Är-aýalyň hukuklary we borçlary RÝNÝ edarasynda nika baglaşylmagynyň döwlet tarapyndan bellige alnan pursatyndan ýüze çykýar.
50-nji madda. Är-aýalyň deň hukuklylygy
1. Är-aýalyň maşgala gatnaşyklarynda deň şahsy emläk däl we emläk hukuklary we borçlary bardyr.
2. Eneligiň, atalygyň, çagalary terbiýelemegiň, olaryň biliminiň meseleleri we maşgala durmuşynyň beýleki meseleleri är-aýalyň hukuklarynyň we borçlarynyň deňlik ýörelgesinden ugur alnyp är-aýal tarapyndan bilelikde çözülýär.
3. Är-aýal maşgalada öz gatnaşyklaryny özara hormat goýmak we özara kömek bermek esasynda gurmaga, maşgalanyň abadançylygyna we pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge, öz çagalarynyň maddy hal-ýagdaýy we ösüşi barada alada etmäge borçludyrlar.
4. Är-aýalyň her biri işi, käri we ýaşaýan ýerini saýlamakda erkindirler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
51-nji madda. Nikanyň baglaşylmagy döwlet tarapyndan bellige alnanda är-aýalyň familiýa saýlamaga bolan hukugy
Är-aýal nika baglaşanlarynda öz islegine görä umumy familiýa hökmünde olardan biriniň familiýasyny saýlaýarlar ýa-da är-aýalyň her biri nika baglaşylmagyndan öňki öz familiýasyny saklap galýar.
9-njy bap. Är-aýalyň emläk hukuklary we borçlary
52-nji madda. Är-aýalyň bilelikdäki umumy eýeçiligi
1. Är-aýal tarapyndan nikaly döwründe edinilen emlägi (pul we gymmatly kagyzlary hem goşmak bilen, gozgalmaýan we gozgalýan zatlary) är-aýalyň haýsysyna satyn alnandygyna ýa-da pul serişdeleriniň är-aýalyň haýsysyna ýa-da haýsysy tarapyndan harç edilendigine garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.
2. Är-aýalyň bilelikdäki emlägine, şeýle-de şu Kodeksiň 1-nji maddasynyň birinji böleginiň 28-nji bendinde görkezilen olaryň her biriniň girdejileri, alan pensiýalary, döwlet kömek pullary, şeýle hem ýörite niýetlenen maksady bolmadyk gaýry pul möçberleri (maddy kömek pul möçberleri, zähmete ukyplylygyny ýitirmegi bilen baglanyşykly ýa-da saglygyna başga şikes ýetirilmegi netijesinde zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyna tölenen pul möçberleri we başgalar) degişlidir.
53-nji madda. Bilelikdäki emläge eýelik etmek, peýdalanmak we erk etmek
1. Är-aýalyň bilelikdäki emläge eýelik etmäge, peýdalanmaga we erk etmäge deň hukuklary bardyr.
2. Haçan-da olaryň biri öý hojalygyny ýöretmek, çagalara seretmek bilen meşgullanan halatynda ýa-da başga esasly sebäpler boýunça özbaşdak girdejisi bolmadyk mahalynda hem bilelikdäki emläge är-aýalyň deň hukuklary bardyr.
3. Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikler amala aşyrylanda, ol är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bilen hereket edýär diýlip hasaplanylýar.
Är-aýalyň biri tarapyndan är-aýalyň umumy gozgalýan emlägine ygtyýarlyk etmek boýunça amala aşyrylan geleşik, är-aýalyň beýlekisiniň razylygy bolmandygy sebäpli, diňe razylygy alynmadyk äriniň (aýalynyň) talap etmegi boýunça we diňe geleşigiň beýleki tarapy bu geleşigi amala aşyrmaga är-aýalyň beýlekisiniň razylygynyň ýokdugyny bilen ýa-da görnetin bilmeli bolandygy subut edilen halatlarynda kazyýet tarapyndan hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.
4. Är-aýalyň biri tarapyndan gozgalmaýan emläge ygtyýarlyk etmek boýunça geleşikleri we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde notarial tertibinde tassyklanylmagyny we (ýa-da) bellige alynmagyny talap edýän geleşikleri amala aşyrmak üçin är-aýalyň beýlekisiniň razylygynyň alynmagy zerurdyr.
Razylygyny bermäge mümkinçiligi bolmadyk äriniň (aýalynyň) arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
Görkezilen geleşigi amala aşyrmak üçin razylygy alynmadyk äri (aýaly) şeýle geleşigiň amala aşyrylandygy hakynda özüniň bilen ýa-da bilmeli bolan gününden başlap bir ýylyň içinde kazyýet tarapyndan geleşigiň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini talap etmäge haklydyr.
5. Aýry-aýry halatlarda kazyýet, eger är-aýalyň beýlekisi peýdaly zähmetden ýüz dönderen bolsa ýa-da bilelikdäki emlägi maşgalanyň bähbitlerine zyýan (zelel) ýetirip harçlan bolsa, kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň kanuny bähbitlerini ýa-da är-aýalyň biriniň bähbitlerini nazara alyp, ýagny, är-aýalyň paýynyň deňliginden ugur alman, är-aýalyň biriniň paýyny artdyryp biler.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
54-nji madda. Är-aýalyň her biriniň eýeçiligi
1. Nika baglaşylmazdan öň är-aýala degişli bolan emläk, şonuň ýaly-da olaryň nikaly döwründe sowgat görnüşinde ýa-da miras almak tertibinde alan emlägi olaryň her biriniň öz eýeçiligi bolup durýar.
2. Är-aýalyň nikaly döwründe umumy serişdeleriniň hasabyna edinen şahsy peýdalanýan zatlary (geýim, aýakgap we ş.m.), olardan peýdalanan äriniň (aýalynyň) eýeçiligi diýlip ykrar edilýär, gymmat bahaly we beýleki zynat zatlar muňa degişli däldir.
55-nji madda. Är-aýalyň her biriniň emlägini olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi diýip ykrar etmek
Eger kazyýet, är-aýalyň nikaly döwründe şol emläge aýrylmaz goýum goýup onuň gymmatyny ep-esli artdyrandygyny (düýpli abatlamak, doly gurmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak we ş. m.) anyklan bolsa, är-aýalyň her haýsynyň emlägi olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi diýlip ykrar edilip bilner.
56-njy madda. Är-aýalyň bilelikdäki emläginiň bölünmegi
1. Är-aýalyň bilelikdäki emläginiň bölünmegi är-aýalyň (olaryň biriniň) talap etmegi boýunça nikaly döwründe hem, ol bozulandan soň hem geçirilip bilner.
2. Är-aýalyň bilelikdäki emlägi olaryň özara ylalaşygy boýunça bölünip bilner. Är-aýalyň islegi boýunça bilelikdäki emlägini bölmek hakynda ylalaşyk notarial tertibinde tassyklanylyp bilner.
3. Jedel bolan halatynda är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek, şeýle hem är-aýalyň bu emläkdäki paýlaryny kesgitlemek, kazyýet tertibinde geçirilýär.
4. Är-aýalyň talap etmegi boýunça bilelikdäki emläk bölünende kazyýet emlägiň är-aýalyň haýsysyna berilmäge degişlidigini kesgitleýär. Eger är-aýalyň birine bahasy oňa tölenilmäge degişli paýdan ýokary geçýän emläk berlen halatynda är-aýalyň beýlekisine degişli pul ýa-da başga öwez tölegi berlip bilner.
5. Kazyýet, maşgala gatnaşyklary bes edilende, nikada duran är-aýalyň aýry ýaşan döwründe olaryň her biriniň edinen emlägi olaryň her biriniň özüniň eýeçiligi diýlip ykrar edip biler.
6. Nikaly döwründe är-aýalyň bilelikdäki emlägi bölünen halatynda, onuň bölünmedik bölegi, şeýle hem mundan beýläk nikaly döwründe är-aýalyň edinen emlägi olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar.
7. Nikasy bozulan är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek hakynda talaplaryna hak islegiň üç ýyllyk wagt möhleti ulanylýar.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
57-nji madda. Är-aýalyň käri üçin zerur bolan emlägiň bölünmegi
Är-aýalyň bilelikdäki emlägi bölünende nikaly döwründe är-aýalyň umumy serişdelerine alnan, käri üçin zerur bolan zatlar (saz gurallary, lukmançylyk esbaplary, stanoklar we ş.m.) olaryň bilelikdäki emläginde oňa beriljek paýynyň hasabyna onuň käri üçin zerur bolan ärine (aýalyna) berilýär.
58-nji madda. Bilelikdäki umumy eýeçilik bölünende kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň kanuny bähbitleriniň nazara alynmagy
1. Kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin alnan zatlar (geýim, aýakgap, mekdep we sport esbaplary, saz gurallary, çagalar kitaphanasy, şahsy şaý-sep önümleri we ş.m.) bölünmäge degişli däldir we onuň öwezi dolunmazdan çagalary bilen ýaşaýan är-aýalyň birine berilýär.
2. Olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalarynyň adyna bilelikdäki emlägiň hasabyna är-aýal ýa-da olaryň biri tarapyndan geçirilen goýumlar bu çagalara degişli diýlip hasap edilýär we är-aýalyň bilelikdäki emlägi bölünende nazara alynmaýar.
59-njy madda. Är-aýalyň biriniň bergilerini ýapmagyň tertibi
1. Är-aýalyň bergileri olaryň arasyndaky bilelikdäki emläkde olara degişli paýa laýyklykda bölünýär.
2. Är-aýalyň biriniň bergilerini ýapmak maksady bilen, serişde onuň şahsy emläginden ýa-da bilelikdäki emläkden, ol bölünen halatynda oňa düşjek paýdan tutulyp alnyp bilner.
3. Kazyýet borç boýunça alnanlaryň ählisiniň onuň öz maşgalasynyň bähbitlerine peýdalanandygyny anyklasa, şol halatda är-aýalyň biriniň bergileri sebäpli serişde olaryň bilelikdäki emläginden tutulyp alnyp bilner.
4. Emlägiň jenaýat edilmeginiň netijesinde edinilen serişdelere alnandygy diňe kazyýetiň hökümi bilen anyklanylan halatynda, är-aýalyň biri tarapyndan edilen jenaýat bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin är-aýalyň bilelikdäki emläginden tutulyp alynmagyna ýol berilýär.
10-njy bap. Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) biri-birini ekläp-saklamak borjy we ol borjundan boşadylmagy
60-njy madda. Är-aýalyň biri-birini ekläp-saklamak borjy
1. Är-aýal biri-birini özara ekläp-saklamakda deň borçludyrlar.
2. Är-aýalyň biri beýlekisini ekläp-saklamakdan ýüz dönderen ýa-da biri-birini ekläp-saklamak şertini göz öňünde tutýan nika şertnamasy bolmadyk halatynda, eklenip-saklanylmaga mätäç bolan zähmete ukypsyz äriniň (aýalynyň), göwrelilik döwründe bolsa we umumy çagasy üç ýaşyna ýetýänçä aýalyň, şeýle hem çagalygyndan maýyplygy bolan çaga we on sekiz ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan, umumy çaga seredýän öňki äriniň (aýalynyň) eklenç berilmegini kazyýet tertibinde talap etmäge haky bardyr.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., №1, 50-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda; № 3-4, 109-njy madda).
61-nji madda. Nika bozulandan soň öňki är-aýalyň biri-birini ekläp-saklamaga bolan hukugy
1. Nika bozulandan soň öňki är-aýalyň biri-birini ekläp-saklamaga bolan hukugy şu halatlarda ýüze çykýar, eger:
1) öňki äriniň (aýalynyň) zähmete ukypsyzlygy nikada durýan döwründe ýa-da nikanyň bozulan gününden başlap bir ýylyň dowamynda ýüze çykan bolsa;
2) är-aýal uzak wagtlap nikada duran bolsalar we nika bozulandan soň bäş ýylyň dowamynda öňki äri (aýaly) pensiýa ýaşyna ýeten bolsa;
3) nika bozulmagyndan öň göwreli bolan öňki aýaly özleriniň umumy çagasynyň doglan pursatyndan başlap üç ýaşyna çenli terbiýeleýän bolsa;
4) öňki äri (aýaly) çagalygyndan maýyplygy bolan çaga we on sekiz ýaşyna ýetmedik maýyplygy bolan umumy çagasyna seredýän bolsa.
2. Eklenç almagyň möçberi we ony bermegiň tertibi öňki är-aýalyň arasyndaky ylalaşyk bilen kesgitlenilip bilner.
3. Öňki är-aýalyň arasynda nikasy bozulandan soň biri-birini ekläp-saklamak baradaky jedeller kazyýet tertibinde çözülýär.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 1-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda; № 3-4, 109-njy madda).
62-nji madda. Öňki ärini (aýalyny) ekläp-saklamak borjundan öňki äriniň (aýalynyň) boşadylmagy
Eger är-aýal uzak wagt bolmadyk nikada duran bolsa ýa-da öňki äri (aýaly) bilelikde ýaşan döwründe özüni ýaramaz alyp baran bolsa ýa-da onuň zähmete ukypsyzlygy spirtli içgileri hyýanatçylykly ulanmagyň, neşe serişdelerini ýa-da psihotrop maddalary bikanun ulanmagyň ýa-da onuň bilkastlaýyn jenaýat etmeginiň netijesinde ýüze çykan bolsa, kazyýet öňki ärini (aýalyny) ekläp-saklamak borjundan boşadyp ýa-da onuň maddy we maşgala ýagdaýyny nazara alyp, bu borjuny kesgitli möhlet bilen çäklendirip biler.
63-nji madda. Eklenç almagyň möçberini kesgitlemek
1. Eklenç almagyň möçberi är-aýalyň (öňki är-aýalyň) ylalaşygy boýunça, ylalaşyk bolmadyk halatynda bolsa - olaryň maddy we maşgala ýagdaýyny nazara almak bilen kazyýet tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Är-aýalyň (öňki är-aýalyň) biriniň maddy we maşgala ýagdaýy üýtgän halatynda olaryň her biri eklenç almagyň möçberini üýtgetmek hakynda kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga haklydyr.
64-nji madda. Eklenip-saklanylmaga bolan hukugyň bes edilmegi
1. Eger şu Kodeksiň 60-njy maddasyna laýyklykda eklenç almak üçin esas bolup durýan şertler aradan aýrylsa ýa-da eklenç alýan öňki äri (aýaly) täze nika baglaşsa, är-aýalyň biriniň beýlekisinden eklenip-saklanylmaga bolan hukugy bes edilýär.
2. Eger eklenç almak kazyýetiň karary boýunça tutulyp alnan bolsa, onda ony tölemäge borçly äri (aýaly) özüni mundan beýläk eklenç tölemekden boşatmak hakynda kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga haklydyr.
IV BÖLÜM. ATA-ENELERIŇ, ÇAGALARYŇ WE BEÝLEKI GARYNDAŞLARYŇ ÖZARA GATNAŞYKLARY
11-nji bap. Çaganyň gelip çykyşyny anyklamak. Dogluşy döwlet tarapyndan bellige almak
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
65-nji madda. Ata-enäniň we çaganyň özara hukuklarynyň we borçlarynyň ýüze çykmagy
Ata-enäniň we çaganyň özara hukuklary we borçlary çaganyň gelip çykyşynyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde tassyklanan wagtynda ýüze çykýar.
66-njy madda. Dogluşy döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi
1. Çaganyň dogluşynyň fakty RÝNÝ edarasynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
2. Dogluşy döwlet tarapyndan bellige almak «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde geçirilýär.
3. Dogluşy döwlet tarapyndan bellige almak üçin berlen resminamalarda nätakyklyk, düşnüksizlik ýa-da ýalňyşlyk ýüze çykarylan mahalynda, olary beren edaralar olara degişli üýtgetmeleri, goşmaçalary we (ýa-da) düzedişleri girizmäge borçludyrlar.
Eger çaganyň ejesi öň öz familiýasyny we (ýa-da), adyny, atasynyň adyny üýtgedip, pasportyny (onuň ornuny tutýan resminamasyny) çalyşmadyk bolsa, çaganyň dogluşynyň faktyny tassyklaýan resminamada, degişli resminamalaryň esasynda, onuň üýtgeden familiýasy we (ýa-da), ady, atasynyň ady ýazylýar.
4. Çaganyň dogluşy hakynda resminamanyň, çaganyň goýlup gidilendigi hakynda ykrarnamanyň görnüşleri, şeýle hem tapylan (taşlanylan) çaganyň ýaşyny we jynsyny tassyklaýan saglygy goraýyş edarasy tarapyndan berlen resminamanyň görnüşi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
Çaganyň tapylandygy hakynda resminamanyň içeri işler edaralary tarapyndan berilýän görnüşi – Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi tarapyndan, hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan berilýäni bolsa, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylýar.
5. Çaganyň doglan ýeri diýlip, onuň hakykatda doglan ýeri hasaplanylýar. Tapylan (taşlanylan), goýlup gidilen çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnanda, dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň doglan ýeri diýlip onuň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýeri görkezilýär.
(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2015-nji ýylyň 24-nji oktýabryndaky, 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 50-nji madda; 2015 ý., № 4, 129-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
67-nji madda. Dogluş hakynda nama ýazgysy
Dogluş döwlet tarapyndan bellige alnanda çaganyň familiýasy, ady we atasynyň ady, onuň ata-enesi hakynda maglumatlar şu Kodeksiň 68-70-nji, 73-nji, 82-nji maddalaryna laýyklykda dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär.
(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).
68-nji madda. Çaganyň gelip çykyşyny anyklamak
1. Çaganyň ejesinden gelip çykyşy lukmançylyk edarasynda çaganyň eneden doglandygyny tassyklaýan resminamalaryň esasynda, çaga lukmançylyk edarasyndan başga ýerde doglan halatynda bolsa - çaganyň dogluşynyň lukmançylyk resminamalarynyň, şaýatlyk görkezmeleriniň ýa-da beýleki kanuny subutnamalaryň esasynda RÝNÝ edarasy tarapyndan anyklanylýar.
2. Çaganyň gelip çykyşy «Raýat ýagdaýynyň namalary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde anyklanylýar.
Üçünji bölegi - Türkmenistanyň 13.03.2021 ý. № 344-VI Kanuny esasynda aýyrylan.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 19-njy madda).
69-njy madda. Çaga babatda atalygy anyklamagyň tertibi we ony bellige almak
1. Çaga babatda atalygy anyklamak ata-enäniň RÝNÝ edarasyna berýän bilelikdäki arzasy esasynda, ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa - çaganyň kakasynyň arzasy boýunça geçirilýär.
2. Çaganyň ejesi bilen nikada durmaýan adamyň çaga babatda atalygy anyklamak, bu adamyň we çaganyň ejesiniň RÝNÝ edarasyna bilelikdäki arzasy esasynda, ejesi ölende, ejesiniň kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilende, ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende, ejesiniň bolýan ýa-da onuň ýaşaýan ýerini anyklamak mümkin bolmadyk halatlarynda bolsa - çaganyň atalygynyň anyklanylmagyny isleýän adamyň arzasy esasynda, eger çaga on sekiz ýaşa ýetmedik bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen, şeýle razylyk bolmadyk mahalynda bolsa - kazyýetiň çözgüdi esasynda geçirilýär.
Eger çaganyň atalygyny anyklamak isleýän adamyň RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda ol atalygy anyklamak hakynda arzany iberip biler. Şu halatda ol adamyň arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
3. Çaganyň atalygyny anyklamak hakynda bilelikdäki arzanyň berilmegi çaga doglandan soň mümkin däl ýa-da kynçylykly diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar bolan mahalynda, dünýä injek çaganyň atalygyny anyklamak isleýän biri-biri bilen nikada durmaýan adamlar şeýle arzany RÝNÝ edarasyna enäniň göwreli wagtynda bermäge haklydyrlar.
4. On sekiz ýaşyna ýeten adamyň atalygynyň anyklanylmagyna diňe onuň razylygy bilen, eger ol kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen bolsa - onuň hossarynyň ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasynyň razylygy bilen ýol berilýär.
5. Atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak ata-enesiniň biriniň ýaşaýan ýerindäki ýa-da çaganyň dogluşy döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki ýa-da atalygy anyklamak hakynda ýa-da atalygy bolanlygynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasynda geçirilýär.
6. Çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) ýaşaýan ýeri boýunça ýazga almak ýa-da bolýan ýeri boýunça bellige almak halatynyň ýokdugy çaganyň atalygynyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almakdan ýüz döndermek üçin esas bolup hyzmat edip bilmez. Şu halatda çaganyň atalygynyň anyklanylandygyny bellige almak çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki ýa-da atalygy anyklamak hakynda ýa-da atalygy bolanlygynyň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň çykarylan ýerindäki RÝNÝ edarasynda geçirilýär.
7. Atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdiniň esasynda atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak, çaganyň ejesiniň (kakasynyň) ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň), ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten adamyň özüniň arzasy boýunça geçirilýär.
Eger ol adamyň şeýle arzany bermek üçin RÝNÝ edarasyna gelmäge mümkinçiligi bolmasa, onda ol atalygyň anyklanylandygyny döwlet tarapyndan bellige almak hakynda arzany iberip biler. Şu halatda şol adamyň arzadaky golunyň hakykydygyna notarial tertibinde güwä geçilen bolmalydyr.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky we 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda; 2021 ý., № 1, 19-njy madda).
70-nji madda. Çaganyň ata-enesi hakynda maglumatlary çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizmegiň tertibi
1. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna onuň ata-enesi hakynda maglumatlar nika baglaşylandygy hakynda şahadatnamanyň esasynda girizilýär.
2. Eger ata-enesi biri-biri bilen nikada durmaýan bolsalar, çaganyň ejesi hakynda maglumatlar ejesiniň arzasy boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär, çaganyň kakasy hakynda maglumatlar bolsa - çaganyň kakasynyň we ejesiniň bilelikdäki arzasy boýunça, ýa-da şu Kodeksiň 69-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, çaganyň kakasynyň arzasy boýunça girizilýär ýa-da kakasy barada maglumatlar kazyýetiň çözgüdi esasynda ýazylýar.
3. Çaga nikada durmaýan ejeden doglan halatynda, ata-enesiniň bilelikdäki arzasy bolmadyk mahalynda ýa-da atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdi bolmadyk mahalynda, çaganyň kakasynyň familiýasy ejesiniň familiýasy boýunça çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilýär, çaganyň kakasynyň ady we atasynyň ady - ejesiniň görkezmesi boýunça, milleti we raýatlygy - ejesiniň milleti we raýatlygy boýunça girizilýär. Girizilen maglumatlar atalygy anyklamak hakynda meseläni çözmek üçin päsgelçilik bolup bilmez. Eger ejesi çaganyň kakasy hakynda maglumatlary görkezmekden ýüz dönderse, onda "çaganyň kakasy" diýen setirde kese çyzyk goýulýar.
4. Eger çaganyň atalygynyň anyklanylmagy kazyýet tertibinde geçirilen bolsa, onda atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgyda we çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň atasy hakynda maglumatlar atalygy anyklamak ýa-da atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak hakynda kazyýetiň çözgüdinde görkezilen maglumatlar esasynda ýazylýar.
5. Çaganyň dogluşyny bellige alan RÝNÝ edarasy çaganyň ata-enesiniň pasportynda çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynyň esasynda çaga hakynda maglumatlary ýazýar.
Çaganyň dogluşy bellige alnan mahalynda çaganyň ata-enesiniň pasportynda çaga hakynda maglumatlar ýazylmadyk bolsa, şeýle hem ata-enesiniň pasportlary täzelenen halatynda, çaga hakynda maglumatlar, çaganyň dogluş hakynda şahadatnamasynyň esasynda, çaganyň dogluşyny bellige alan RÝNÝ edarasy ýa-da çaganyň ata-enesiniň (olaryň biriniň) bolýan ýerindäki RÝNÝ edarasy tarapyndan ýazylýar.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda).
71-nji madda. Atalygyň kazyýet tertibinde anyklanylmagy
1. Biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan çaga doglan halatynda we olaryň bilelikdäki arzasy ýa-da çaganyň kakasynyň arzasy bolmadyk mahalynda atalyk ata-enäniň biriniň ýa-da çaganyň hossarynyň (howandarynyň) arzasy boýunça ýa-da çaga eklenjinde durýan adamyň arzasy boýunça ýa-da on sekiz ýaşyna ýeten çaganyň özüniň arzasy boýunça kazyýet tertibinde anyklanylýar.
2. Çaganyň atalygy anyklanylanda, kazyýet çaga dogulmazyndan öň çaganyň ejesiniň we jogap berijiniň bile ýaşandygyny we umumy hojalygy ýöredendigini ýa-da çagany bilelikde terbiýeländigini, ýa-da ekläp-saklandygyny, ýa-da jogap beriji tarapyndan atalygyň ykrar edilmegini anyk tassyklaýan başga kanuny subutnamalary, şeýle hem çaganyň anyk belli bir adamdan gelip çykyşyny tassyklaýan subutnamalary nazara alýar.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 143-nji madda).
72-nji madda. Atalygyň ykrar edilendiginiň faktyny takyklamak
Özüni çaganyň kakasy diýip ykrar eden, ýöne çaganyň ejesi bilen nikada durmadyk adam ölen halatynda, atalygyň ykrar edilendiginiň fakty Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde takyklanylyp bilner.
73-nji madda. Atalygyň anyklanylandygy hakynda şahadatnamanyň we çaganyň dogluşy hakynda şahadatnamanyň berilmegi
Atalygyň anyklanylandygy döwlet tarapyndan bellige alnanda RÝNÝ edaralary atalygyň anyklanylandygy hakynda nama ýazgysyny düzýärler we çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna degişli üýtgetmeleri girizýärler, atalygyň anyklanylandygy hakynda şahadatnamany we çaganyň dogluşy hakynda täze şahadatnamany berýärler.
74-nji madda. Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak
1. Çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysy, çaganyň onda görkezilen ata-enesinden (olaryň birinden) gelip çykandygynyň subutnamasy bolup durýar.
2. Atalyk (enelik) barada jedel gozgamak, ýagny çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen, çaganyň ata-enesi (olaryň biri) hakynda maglumatlar barada jedel gozgamak, kazyýet tertibinde geçirilýär.
3. Çaganyň kakasy (ejesi) hökmünde ýazylan adam ýa-da çaganyň hakyky kakasy (ejesi) bolup durýan adam, on sekiz ýaşyna ýeten mahalynda çaganyň özi, ejesi (kakasy) ölen halatynda ýa-da ol ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende çaganyň hossary (howandary), kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen atanyň (enäniň) howandary, çaga eklenjinde durýan adamyň, çaganyň ejesiniň äri (öňki äri) geçirilen ýazgy barada kazyýet tertibinde jedel gozgamaga haklydyrlar.
4. Öz arzasy ýa-da bilelikdäki arza boýunça çaganyň kakasy (ejesi) diýlip ýazylan adam, eger arzanyň berlen pursatynda özüniň hakykatda bu çaganyň kakasy (ejesi) bolup durmaýandygy oňa mälim bolan bolsa, atalyk (enelik) barada jedel gozgamaga hakly däldir.
5. Donoryň kömegi bilen öz aýalyny emeli tohumlandyrmaga razylyk beren är ondan doglan çaganyň kakasy diýlip ýazylýar we geçirilen ýazgy barada kazyýet tertibinde jedel gozgamaga hakly däldir.
75-nji madda. Biri-biri bilen nikada durmaýan ata-eneden doglan çaganyň hukuklary we borçlary
Şu Kodeksiň 69-73-nji maddalarynda göz öňünde tutulan tertipde atalygy anyklanylanda, biri-biri bilen nikada durmaýan ata-eneden doglan çaga hem ata-enesi we olaryň garyndaşlary babatda, biri-biri bilen nikada durýan adamlardan doglan çaganyňky ýaly hukuklara we borçlara eýedir.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 19-njy madda).
76-njy madda. Familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgeden adamyň çagasynyň dogluş hakynda nama ýazgysyna üýtgetmeler girizmek
1. On sekiz ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesi tarapyndan familiýasy, ady we atasynyň ady üýtgedilende çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda onuň ata-enesi hakynda maglumatlar üýtgedilýär.
2. On sekiz ýaşyna ýeten adamyň dogluş hakynda nama ýazgysynda ata-enesi hakynda maglumatlar onuň arzasy boýunça raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgylaryna üýtgetmeler, goşmaçalar we (ýa-da) düzedişler girizmek üçin şu Kodeksde bellenilen tertipde üýtgedilýär.
3. Ata-enesiniň ikisiniň familiýasy we on sekiz ýaşyna ýetmedik çaganyň kakasynyň ady üýtgedilende çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysynda çaganyň familiýasy we atasynyň ady üýtgedilýär.
4. On sekiz ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesinden biri familiýasyny üýtgedende, bu çaganyň familiýasy - ata-enesiniň ylalaşygy boýunça, şeýle ylalaşyk bolmadyk mahalynda bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň görkezmesi boýunça üýtgedilip bilner.
5. Ata-enesiniň familiýasynyň we (ýa-da) kakasynyň adynyň üýtgedilmegi bilen baglanyşykly on sekiz ýaşyna ýeten adamyň familiýasyny we (ýa-da) atasynyň adyny üýtgetmek şu Kodeksde bellenilen familiýanyň, adyň, atasynyň adynyň üýtgedilendiginiň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň tertibine laýyklykda geçirilýär.
6. On sekiz ýaşyna ýetmedik çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilen üýtgetmeleriň esasynda täze dogluş hakynda şahadatnama berilýär.
12-nji bap. Çaganyň hukuklary
77-nji madda. Çaganyň hukuklarynyň deňligi
1. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ähli çagalaryň, olaryň özleriniň we ata-eneleriniň milletine, teniniň reňkine, jynsyna, diline, dine garaýşyna, gelip çykyşyna, emläk ýa-da beýleki ýagdaýyna, bilimine we ýaşaýan ýerine, olaryň dogluş ýagdaýlaryna, saglyk ýagdaýyna we beýleki ýagdaýlara garamazdan, deň hukuklary bardyr.
2. Çaganyň özüne berlen ähli hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga hukugy bardyr. Hukuklaryň we azatlyklaryň durmuşa geçirilmegi çaganyň ömri, saglygy, terbiýesi we sagdyn ösmegi üçin zyýanly netijelere getirmeli däldir.
3. Çaganyň hukugynyň deňligi Türkmenistanyň kanunlary, şu Kodeks we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalary bilen kepillendirilýär.
78-nji madda. Çaganyň maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge bolan hukugy
1. Çaganyň maşgalada öz ata-enesi bilen bilelikde ýaşamaga hukugy bardyr.
Çaga Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda onuň isleginiň tersine ata-enesinden aýralyga sezewar edilip bilinmez.
2. Çaganyň, eger munuň özi onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, maşgalada ýaşamaga we terbiýelenmäge, öz ata-enesini bilmäge, olar tarapyndan alada edilmäge, olar bilen bilelikde ýaşamaga, öz ata-enesi tarapyndan terbiýelenmäge, asudalykda we hemmetaraplaýyn ösmäge, özüniň ynsan mertebesine hormat goýulmagyna hukugy bardyr.
3. On dört ýaşyna ýetmedik çaganyň ýa-da hossarlykda (howandarlykda) durýan adamyň ýaşaýan ýeri diýip, onuň ata-enesiniň, perzentlige alanlaryň, hossaryň (howandaryň) ýaşaýan ýeri ykrar edilýär.
4. Ata-enesi (olaryň biri) bilen bilelikde ýaşamaýan çaganyň, olar (olaryň biri) bilen şahsy gatnaşyklary saklamaga, eger munuň özi çaga, perzentlige almagyň syryna zyýan (zelel) ýetirmese, olar hakynda maglumat almaga hukugy bardyr.
Döwlet we onuň degişli edaralary maşgalanyň birleşmegine ýardam edýärler.
5. Ata-enesi ölen, ata-enesi ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enesi syrkawlan, olar uzak wagtlap bolmadyk, ata-enelik hukuklaryndan çäklendirilen ýa-da eger-de başga esasly sebäplere görä çaga ata-enesiniň howandarlygyndan galan halatlarynda, çaganyň maşgalada terbiýelenmäge bolan hukugy şu Kodeksiň 16-njy babynda bellenilen tertipde hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan üpjün edilýär.
(2017-nji ýylyň 4-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 4, 143-nji madda).
79-njy madda. Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen gatnaşyk saklamaga we Türkmenistandan gitmäge bolan hukugy
1. Çaganyň (şol sanda perzentlige alnanyň) ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşynda ýaşaýanlar bilen hem, gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Ata-enesiniň nikasyny bozmagy, onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi ýa-da ata-enesiniň aýry ýaşamagy çaganyň hukugyna täsir etmeýär.
2. Çaganyň, ata-enesi aýry ýaşaýan halatynda, şol sanda dürli döwletlerde ýaşaýan ata-enesiniň her biri bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.
3. Çaga Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen gatnaşmak üçin onuň kanuny wekiliniň notarial tertibinde tassyklanan ynanç haty boýunça kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda Türkmenistandan olaryň ýanyna gitmäge haklydyr. Kanuny wekili bolmadyk mahalynda çaganyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.
Çaganyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.
4. On dört ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çaga, ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary bilen bilelikde ýaşamak maksady bilen, olaryň ýanyna hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gitmäge, diňe çaganyň özüniň ýazmaça görnüşde mälim eden we notarial tertibinde güwä geçilen razylygy bolan mahalynda haklydyr.
5. Çaganyň ata-enesi tarapyndan nika bozulan we olar tarapyndan täze nika baglaşylan halatynda, eger munuň özi çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, çaganyň Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýaşaýan öweý kakasy (öweý ejesi) bilen bilelikde ýaşamaga, eger çaganyň öweý kakasy (öweý ejesi) bilen hemişelik ýaşamaga Türkmenistandan başga döwlete gitmek üçin çaganyň ejesiniň (kakasynyň) öňki äriniň (aýalynyň) ýazmaça görnüşde mälim eden we notarial tertibinde güwä geçilen razylygy bar bolsa, hukugy bardyr.
6. Çylşyrymly durmuş ýagdaýynda bolýan çaganyň (tutup saklamak, tussag etmek, tussag astyna almak, bejeriş edarasynda bolmak we ş.m.) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz ata-enesi (olardan biri) we garyndaşlary bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.
7. Çagalaryň ata-enesi (olardan biri) we ýakyn garyndaşlary, şol sanda Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýanlar bilen gatnaşyk saklamagyň, şeýle hem hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan çaganyň başga döwlete gitmeginiň meseleleri boýunça düşünişmezlikler kazyýet tertibinde çözülýär.
8. Çaga sport ýaryşlaryna, medeni-köpçülik, aýdym-saz we beýleki çärelere gatnaşmak üçin, şeýle hem syrkawlan halatynda we beýleki ýagdaýlarda kanuny wekiliniň ýa-da başga adamyň ýanynda bolmagynda, onuň kanuny wekilleriniň notarial tertibinde tassyklanan ynanç haty boýunça Türkmenistandan gitmäge haklydyr.
Kanuny wekili bolmadyk mahalynda, çaganyň gitmegine hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan rugsat berlip bilner.
Çaganyň gitmegine rugsat bermekden ýüz dönderilmegi kazyýete şikaýat edilip bilner.
(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky we 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 118-nji madda; 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
80-nji madda. Çaganyň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga bolan hukugy
1. Çaganyň öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga hukugy bardyr. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan, şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda bolsa - hossarlyk we howandarlyk edarasy, prokuror we kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan hyýanatçylyklardan goralmaga hukugy bardyr.
Çaganyň hukuklary we kanuny bähbitleri bozulan mahalynda, şol sanda çagany terbiýelemek, bilim bermek boýunça ata-enesi (olaryň biri) ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar tarapyndan borçlar ýerine ýetirilmedik ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmedik mahalynda ýa-da ata-enelik, hossarlyk (howandarlyk) hukuklaryny hyýanatçylykly peýdalananlarynda çaga öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin hossarlyk we howandarlyk edarasyna we beýleki döwlet edaralaryna özbaşdak ýüz tutmaga haklydyr.
3. Çaganyň ömrüne we saglygyna howp salynmagy, onuň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň bozulmalary hakynda özlerine mälim bolan wezipeli adamlar we beýleki raýatlar bu hakda haýal etmän prokurora, şeýle hem çaganyň hakyky ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge borçludyrlar. Şeýle maglumatlar alnanda prokuror, hossarlyk we howandarlyk edarasy haýal etmän çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.
81-nji madda. Çaganyň öz pikirini mälim etmäge bolan hukugy
1. Çaga maşgalada özüniň iň gowy bähbitlerine täsir edýän islendik mesele çözülende öz pikirini mälim etmäge, şeýle hem islendik kazyýet we administratiw seljerişiň barşynda diňlenilmäge haklydyr.
2. On ýaşyna ýeten çaganyň pikiriniň nazara alynmagy, onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelýän ýagdaýlardan başga halatlarda, hökmandyr.
3. Şu Kodeksiň 83-nji, 97-nji, 114-nji, 116-njy, 127-nji maddalarynda göz öňünde tutulan halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da kazyýet ol ýa-da başga çözgüdi, diňe on ýaşyna ýeten çaganyň razylygy bilen kabul edip biler.
82-nji madda. Çaganyň indiwiduallyga we onuň saklanylmagyna bolan hukugy
1. Çaganyň doglan pursatyndan başlap raýatlygyny, milletini, adyny, atasynyň adyny, familiýasyny we maşgala gatnaşyklaryny goşmak bilen, öz indiwiduallygyny saklamaga hukugy bardyr.
2. Çaganyň ady ata-enesiniň razylygy bilen dakylýar.
3. Çaga atasynyň ady kakasynyň ady boýunça dakylýar, şu Kodeksiň 70-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatda bolsa - çaganyň kakasy diýlip ýazylan adamyň ady boýunça dakylýar.
4. Eger çaganyň kakasy bilen nikada durmaýan ejesiniň islegi boýunça çaganyň kakasy hakynda maglumatlar çaganyň dogluş hakynda nama ýazgysyna girizilmeýän bolsa, onda atasynyň ady oňa ejesiniň görkezmesi boýunça dakylyp bilner.
5. Çaganyň familiýasy ata-enesiniň familiýasy bilen kesgitlenilýär.
6. Eger ata-ene umumy familiýany göterýän bolsa, çaga ata-enesiniň familiýasy dakylýar. Ata-enesiniň familiýasy dürli bolanda, şeýle hem ata-enesiniň (olardan biriniň) familiýasy üýtgände, çaga ata-enesiniň razylygy bilen kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasy dakylýar.
Ata-enesiniň islegi boýunça çaga kakasynyň ýa-da atasynyň, ýa-da babasynyň ady boýunça familiýa berlip bilner.
7. Çaganyň ady we (ýa-da) familiýasy babatda ata-enesiniň arasynda ylalaşyk bolmadyk mahalynda ýüze çykan düşünişmezlikler hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan çözülýär.
8. Çaganyň milleti onuň ata-enesiniň milleti bilen kesgitlenilýär. Eger ata-enesiniň milleti dürli bolsa, çaga pasport berlende, milleti onuň islegi boýunça kakasynyň ýa-da ejesiniň milletine görä kesgitlenilýär.
83-nji madda. Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmäge bolan hukugy
1. Çaganyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmäge hukugy bardyr.
2. Çaga on sekiz ýaşyna ýetýänçä ata-enesiniň bilelikdäki arzasy boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasy çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, çaganyň adynyň üýtgedilmegine, şeýle hem oňa berlen familiýany ata-enesiniň umumy familiýasy, kakasynyň ýa-da ejesiniň familiýasy ýa-da çaganyň kakasynyň, atasynyň we babasynyň ady boýunça familiýasynyň üýtgedilmegine rugsat bermäge haklydyr.
Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmek barada arza degişli hossarlyk we howandarlyk edarasyna berilýär. Çaganyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny üýtgetmek barada häkimiň karary esasynda degişli RÝNÝ edarasy çaganyň raýat ýagdaýynyň nama ýazgysyna degişli üýtgetmeleri girizýär we täze şahadatnama berýär.
3. On ýaşyna ýeten çaganyň familiýasyny, adyny we atasynyň adyny üýtgetmek diňe onuň razylygy bilen geçirilip bilner.
4. Çaga on sekiz ýaşyna ýetmegi bilen, ol şu Kodeksiň 190-njy maddasynda bellenilen tertipde familiýasyny, adyny we atasynyň adyny özbaşdak üýtgetmäge haklydyr.
5. Şu maddanyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde görkezilen adamlaryň, eger olara öň atasynyň ady "ogly", "gyzy" diýen sözler goşulyp ýa-da bular goşulman, ilkibaşda çaganyň öz ady, soňra bolsa atasynyň ady ýazylyp ýa-da ýazylman, ýa-da familiýasy ýazylman dakylan bolsa, şu Kodeksiň 82-nji maddasynyň üçünji-ýedinji böleklerinde bellenilen tertipde, olaryň atasynyň adynyň üýtgedilmegine we atasynyň ady ýa-da familiýa berilmegine hukuklary bardyr.
6. Ata-enesiniň (olaryň biriniň) familiýasynyň üýtgedilmegi, olaryň on sekiz ýaşyna ýeten çagasynyň familiýasynyň üýtgedilmegine getirmeýär.
7. Nikanyň bes edilmegi ýa-da onuň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi çaganyň familiýasynyň üýtgedilmegine getirmeýär.
8. Eger ata-enesi aýry ýaşaýan bolsa we çaga bilen bile ýaşaýan ata (ene) öz familiýasyny oňa bermek islese, hossarlyk we howandarlyk edarasy bu meseläni çaganyň iň gowy bähbitlerini we atanyň (enäniň) beýlekisiniň pikirini nazara almak bilen çözýär. Atanyň (enäniň) beýlekisiniň ýaşaýan ýerini ýa-da bolýan ýerini anyklamak mümkin bolmasa, ol hossarlyk we howandarlyk edarasyna gelmekden ýüz dönderse, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilse, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilse, şeýle hem atanyň (enäniň) beýlekisi çagany terbiýelemäge we ekläp-saklamaga gatnaşmakdan esassyz sebäplere görä ýüz dönderen halatynda, atanyň (enäniň) beýlekisiniň pikirini nazara almak hökman däldir.
9. Eger çaga biri-biri bilen nikada durmaýan adamlardan doglan we atalygy şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde anyklanylan bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, şeýle haýyş bilen ýüz tutulan pursatynda ejesiniň göterýän familiýasyna görä, onuň familiýasyny üýtgetmäge rugsat bermäge haklydyr.
(2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 19-njy madda).
84-nji madda. Çaganyň emläk hukuklary
1. Çaganyň öz ata-enesinden (olaryň birinden) we maşgalanyň beýleki agzalaryndan, şu Kodeksiň VI bölüminde bellenilen tertipde we möçberlerde eklenç almaga hukugy bardyr.
2. Çagany ekläp-saklamaga degişli alimentler ata-enesiniň biriniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň ygtyýaryna gelip gowuşýar we çagany eklemek, terbiýelemek we bilim bermek üçin harçlanylmalydyr.
Kazyýet kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalary ekläp-saklamak üçin alimentleri tölemäge borçly bolan atanyň (enäniň) talap etmegi boýunça tölenmäge degişli alimentleriň pul möçberiniň elli göteriminden köp bolmadyk bölegini, eger munuň özi çagalaryň kadaly eklenip-saklanylmagyna we terbiýelenmegine täsir etmese, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten çagalaryň adyna karz edarasynda açylýan hasabyna geçirmek hakynda karar çykarmaga haklydyr.
3. Çaganyň öz alan girdejilerine, özüniň peşgeş ýa-da miras almak tertibinde alan emlägine, şeýle hem çaganyň serişdesine alnan islendik başga emläge eýeçilik hukugy bardyr.
Çaganyň eýeçilik hukugy esasynda özüne degişli bolan emlägine ygtyýarlyk etmäge bolan hukugy Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
Çaganyň emlägini dolandyrmak boýunça ygtyýarlyklar ata-enesi tarapyndan amala aşyrylanda olara çaganyň emlägine ygtyýarlyk etmek babatda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen kadalar degişlidir.
4. Çaganyň ata-enesiniň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur, ata-enesiniň hem çaganyň emlägine eýeçilik hukugy ýokdur. Bile ýaşaýan ata-ene we çagalar özara razylyk boýunça biri-biriniň emlägine eýelik edip we ondan peýdalanyp bilerler.
5. Ata-enäniň we çagalaryň umumy eýeçilik hukugy ýüze çykan halatynda, olaryň bu eýeçilige eýelik we ygtyýarlyk etmäge, ondan peýdalanmaga bolan hukuklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
85-nji madda. Çaganyň göwnejaý terbiýelenmäge bolan hukuklaryny goramak
1. Çagany maşgalada terbiýelemek çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini göwnejaý ýagdaýda üpjün etmekde ileri tutulýan görnüş diýlip ykrar edilýär we diňe Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça bes edilip bilner.
2. Çaganyň mertebesiniň kemsidilmegine, gorkuzylmagyna, beden temmisiniň berilmegine, onuň ruhy ýa-da beden saglygyna zyýan (zelel) ýetirýän beýleki agyrynyň ýetirilmegine ýol berilmeli däldir.
3. Döwlet ata-enesiniň howandarlygyndan galan çaganyň terbiýelenmeginiň maşgala görnüşini - perzentlige alynmagyny, hossar ýa-da howandar bellenilmegini üpjün edýär ýa-da doly döwlet üpjünçiliginde ony degişli çagalar edarasyna, durmuş hyzmaty edarasyna ýa-da beýleki edara kabul edýär.
4. Döwlet çaganyň ata-enesi (olardan biri) ýa-da ol hakda terbiýe we alada üçin jogapkärçilik çekýän beýleki adamlar tarapyndan onuň bilen ýaramaz çemeleşmegiň islendik görnüşlerinden goragy üpjün edýär, hossarlygyň (howandarlygyň) talaba laýyk şertleri üçin degişli gözegçilik barlagyny amala aşyrýar.
13-nji bap. Ata-enäniň hukuklary we borçlary
86-njy madda. Ata-enäniň hukuklarynyň we borçlarynyň deňligi
1. Ata-enäniň öz çagalary babatda deň hukuklary we borçlary bardyr.
2. Ata-enäniň arasyndaky nika bozulan halatynda hem öz çagalary babatda deň hukuklary we borçlary bardyr.
3. Şu bapda göz öňünde tutulan ata-enelik hukuklary çagalar doly kämillik ukybyna eýe bolan halatynda bes edilýär.
87-nji madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-enäniň hukuklary
1. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-enäniň çaga bilen bilelikde ýaşamaga we onuň terbiýesine gatnaşmaga hukugy bardyr.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-ene öz çagasy babatda ata-enelik hukuklaryny özbaşdak amala aşyrmaga haklydyr.
3. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-ene on sekiz ýaşyna ýetýänçäler, çaga onuň kämillik ýaşyna ýetmedik ata-enesi bilen bilelikde çagany terbiýelemek üçin hossar bellenilip bilner, şu Kodeksiň 15-nji maddasynyň üçünji bölegine laýyklykda doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolunan halatlary muňa degişli däldir. Çaganyň hossary bilen kämillik ýaşyna ýetmedik ata-enäniň arasynda ýüze çykýan düşünişmezlikler hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan çözülýär.
4. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-enäniň umumy esaslarda öz atalygyny (eneligini) ykrar etmäge ýa-da jedel gozgamaga, şeýle hem öz çagalary babatda atalygynyň anyklanylmagyny talap etmäge Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde hukugy bardyr.
88-nji madda. Ata-enäniň çaga babatda hukuklary we borçlary
1. Çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak olaryň ata-enesiniň üstüne ýüklenilýär.
2. Ata-ene çaganyň kanuny wekilleri bolmak bilen, üçünji taraplar bilen gatnaşyklarda, şol sanda derňewde we kazyýetde onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goraýarlar.
3. Eger hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan ata-enesi bilen çaganyň bähbitleriniň arasynda düşünişmezlikleriň bardygy anyklanylsa, ata-ene çaganyň bähbitlerine wekilçilik etmäge hakly däldir. Ata-enesi bilen çaganyň arasynda düşünişmezlikler bolan halatynda hossarlyk we howandarlyk edarasy onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak üçin wekil bellemäge borçludyr.
4. Ata-enäniň öz çagasyny terbiýelemäge, onuň indiwiduallygyny, ýaşyny we jynsyny nazara almak bilen oňa hossarlyk etmäge, onuň saglygy, beden, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, ony kanunlara, taryhy we milli dep-dessurlara sarpa goýmaklyga uýgunlaşdyrmaga hukugy bardyr we borçludyrlar. Ata-enäniň çagany terbiýelemekde ähli başga adamlardan artykmaç hukugy bardyr.
Ata-ene çaganyň ýaşyny we hukuk ukyplylygyny nazara almak bilen, çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmäge we goramaga gönükdirilen özbaşdak hereketleri amala aşyrmagynda oňa ýardam edýär.
5. Ata-ene çagalarynyň umumy orta bilim almagyny üpjün etmäge borçludyr. Olaryň öz çagalarynyň pikirini nazara almak bilen, bilim edarasyny we olary okatmagyň görnüşini saýlamaga hukugy bardyr.
6. Ata-eneler çaganyň terbiýesi we ösüşi üçin jogapkärçilik çekýärler.
89-njy madda. Ata-enelik hukuklaryny amala aşyrmak
1. Ata-enelik hukuklary çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy amala aşyrylyp bilinmez. Çaganyň iň gowy bähbitlerini üpjün etmek onuň ata-enesiniň aladasynyň esasy bolup durýar.
2. Ata-ene ata-enelik hukuklaryny amala aşyranda çaganyň beden we psihiki saglygyna, onuň ahlak taýdan ösüşine zyýan (zelel) ýetirmeli däldir. Çagany terbiýelemegiň usullarynda ynsan mertebesini peseldýän äsgermezçilikli, ýowuz, gödek çemeleşmegi, çagany kemsitmekligi ýa-da ezmekligi aradan aýyrmalydyr.
Çaganyň iň gowy bähbitlerine zyýan (zelel) ýetirýän ata-ene Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.
3. Çagany terbiýelemäge we bilim bermäge degişli ähli meseleler ata-ene tarapyndan olaryň özara ylalaşygy boýunça çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen çözülýär. Ata-ene (olaryň biri) öz arasynda düşünişmezlik bolan mahalynda, olaryň çözülmegi üçin hossarlyk we howandarlyk edarasyna ýa-da kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
4. Ata-ene aýry ýaşan mahalynda çaganyň ýaşaýan ýeri ata-enesiniň ylalaşygy bilen kesgitlenilýär. Ylalaşyk bolmadyk mahalynda ata-enäniň arasyndaky jedel çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen kazyýet tarapyndan çözülýär. Şunda kazyýet çaganyň ata-enesiniň her birine, doganlaryna ysnyşyklylygyny, ata-enesiniň her biriniň we çaganyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary, çaganyň terbiýesi we ösmegi üçin zerur şertleri döretmek mümkinçiligini (käri, ata-enäniň işiniň düzgünini, ata-enäniň maddy we maşgala ýagdaýyny we başgalary) nazara alýar.
90-njy madda. Aýratyn ýaşaýan atanyň (enäniň) çagany terbiýelemäge gatnaşmagy
1. Çagadan aýry ýaşaýan ata (ene) ony terbiýelemäge, çaganyň bilim almagyna gatnaşmaga hukugy bardyr we borçludyr hem-de onuň bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr. Çaga ýanynda ýaşaýan atasy (enesi), atanyň (enäniň) beýlekisine çaga bilen gatnaşyk saklamaga we onuň terbiýelenmegine gatnaşmaga päsgel bermäge hakly däldir.
2. Eger ata-ene çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) çaganyň terbiýesine gatnaşmagy barada ylalaşyga gelip bilmese, onda bu tertip ata-enäniň gatnaşmagynda we çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Eger şeýle gatnaşmak çaganyň beden we psihiki saglygyna, ahlak taýdan ösmegine zyýan ýetirýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy çagadan aýry ýaşaýan atany (enäni) onuň bilen gatnaşyk saklamak hukugyndan anyk möhlete çäklendirip biler.
4. Haçan-da ata (ene) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň kararyny ýerine ýetirmeýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edarasy, şeýle hem atanyň (enäniň) her biri kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
5. Kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilmedik mahalynda günäkär ata (enä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreler ulanylýar.
6. Günäkär ata (ene) tarapyndan kazyýetiň çözgüdi bilkastdan ýerine ýetirilmedik mahalynda, aýratyn ýaşaýan ata (ene), çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara alyp, çaganyň özüne berilmegi hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
7. Çagadan aýry ýaşaýan atanyň (enäniň) durmuş hyzmaty edaralaryndan we beýleki edaralardan öz çagasy hakynda maglumat almaga hukugy bardyr. Diňe ata (ene) tarapyndan çaganyň ömri we saglygy üçin howp abanan mahalynda maglumat bermekden ýüz dönderilip bilner. Maglumat bermekden ýüz dönderilmegi barada kazyýete şikaýat edilip bilner.
(2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 46-njy madda).
91-nji madda. Atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, doganlarynyň, şeýle hem beýleki garyndaşlarynyň çaga bilen gatnaşyk saklamaga bolan hukugy
1. Atasynyň we enesiniň, babasynyň we mamasynyň, doganlarynyň, şeýle hem beýleki garyndaşlarynyň çaga bilen gatnaşyk saklamaga hukugy bardyr.
2. Ata-ene (olaryň biri) çaganyň garyndaşlaryna onuň bilen gatnaşyk saklamaga mümkinçilik bermekden ýüz öwren halatynda, hossarlyk we howandarlyk edarasy ata-enäni (olaryň birini) şeýle gatnaşygy saklamaga päsgel bermezlige borçly edip biler.
3. Eger ata-ene (olaryň biri) hossarlyk we howandarlyk edarasynyň çözgüdine tabyn bolmasalar, çaganyň garyndaşlary ýa-da hossarlyk we howandarlyk edarasy çaga bilen gatnaşyk saklamaga berilýän päsgelçilikleri aýyrmak hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr. Kazyýet jedeli çaganyň iň gowy bähbitlerini we pikirini nazara almak bilen çözýär.
4. Kazyýetiň çözgüdi ýerine ýetirilmedik halatynda günäkär ata (enä) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreler ulanylýar.
92-nji madda. Ata-enelik hukuklarynyň goralmagy
1. Ata-eneler çagany, muňa kanuny esaslar ýa-da kazyýetiň çözgüdi bolmazdan, ony ýanynda saklaýan islendik adamdan çaganyň gaýtarylyp berilmegini talap etmäge haklydyrlar. Jedel ýüze çykan halatynda ata-eneler öz hukuklarynyň goralmagy üçin kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar.
Kazyýet bu talaplara garanda çaganyň pikirini nazara almak bilen, eger çaganyň ata-enesine berilmegi çaga zyýan (zelel) ýetirer diýen netijä gelse, ata-enesiniň hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz döndermäge haklydyr.
2. Eger kazyýet ata-enesiniň, çagany saklaýan adamyň, onuň göwnejaý terbiýelenmegini we ösüşini üpjün etmäge ýagdaýynyň ýokdugyny anyklasa, onda çaga hossarlyk we howandarlyk edarasyna berilýär.
93-nji madda. Ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek üçin esaslar
Ata-ene (olaryň biri) şu ýagdaýlarda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilip bilner, ýagny olar:
1) esasly sebäp bolmazdan, çaganyň dogluşy bolup geçen saglygy goraýyş edarasyndan ýa-da beýleki edaradan öz çagasyny almakdan ýüz dönderseler;
2) ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirmekden ýüz dönderseler ýa-da öz ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalansalar;
3) çaga ýowuz çemeleşseler, oňa fiziki we (ýa-da) psihiki zorluk ulansalar;
4) özleriniň ahlaksyz hereketleri bilen çaga zyýanly täsir etseler;
5) arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da toksikomaniýadan ejir çekýän bolsalar;
6) öz çagasynyň ýa-da äriniň (aýalynyň) ömrüne we saglygyna garşy bilkastlaýyn jenaýat etseler.
94-nji madda. Ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda işe garamagyň tertibi
1. Ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek kazyýet tertibinde geçirilýär.
2. Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky topar, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri baradaky gulluk, hossarlyk we howandarlyk edarasy ýa-da çaganyň hukuklaryny goramak borjy ýüklenen edara, şeýle hem prokuror ata-enäniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyrlar. Şeýle hem ata-eneleriň biri ýa-da olaryň ornuny tutýan adam atanyň (enäniň) beýlekisini ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.
3. Ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda işe garalanda, hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagy hökmandyr.
4. Ata-enäni (olardan birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda işe garanda, kazyýet şonuň bilen bir wagtda şol çözgüdi çykaranda, çagany ekläp-saklamak üçin aliment tutup almak baradaky meseläni çözýär.
5. Eger kazyýet ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda işe garanda, ata-enäniň (olaryň biriniň) hereketlerinde jenaýat alamatlaryny ýüze çykarsa, ol bu hakda prokurora habar berýär ýa-da jenaýat işini gozgaýar.
6. Kazyýet ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girenden soň, üç iş gününiň içinde bu çözgütden göçürmäni çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki RÝNÝ edarasyna, ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen adamyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna, durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna ibermäge borçludyr.
(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 166-njу madda).
95-nji madda. Ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmegiň netijeleri
1. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ata-ene (olaryň biri) özleriniň ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen çaga bilen garyndaşlyk faktyna esaslanan ähli hukuklaryny, şol sanda şu Kodeksiň 152-nji maddasyna laýyklykda eklenip-saklanylmaga bolan hukugyny, şeýle hem çagalary bolan raýatlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýeňilliklere we döwlet kömek pullaryna bolan hukugyny ýitirýärler.
2. Ata-enäniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmegi, olary öz çagasyny ekläp-saklamak borçlaryndan boşatmaýar.
3. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ata-enäniň (olaryň biriniň) mundan beýläk çaga bilen bile ýaşamagy hakynda mesele kazyýet tertibinde çözülýär.
4. Ata-enesi (olaryň biri) ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen çaga ýaşaýyş jaýyna bolan eýeçilik hukugyny we (ýa-da) ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak hukugyny saklap galýar, şeýle hem ata-ene (olaryň biri) bilen garyndaşlyk faktyna ýa-da garyndaşlygyna esaslanan emläk hukuklaryny, şol sanda miras almaga bolan hukugyny saklap galýar.
5. Ata-enäniň ikisi hem (olaryň biri) ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilende ýa-da çagany atanyň (enäniň) beýlekisine bermek mümkinçiligi bolmadyk halatynda çaga hossarlyk we howandarlyk edarasyna berilýär.
6. Çaganyň ata-enesi (olaryň biri) ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen halatynda onuň perzentlige alynmagyna kazyýet tarapyndan ata-enesini (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda çözgüt çykarylan gününden başlap bir ýyl geçenden soň ýol berilýär.
96-njy madda. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ata-enäniň çaga bilen duşuşmagy
Ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen ata-enäniň haýyşy boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasy, hossary (howandary) ýa-da çaganyň bolýan edarasynyň administrasiýasy, eger çaganyň ata-enesi bilen duşuşmagy oňa zyýanly täsir etmese, şeýle hem çaga perzentlige alynmadyk bolsa, olara çaga bilen duşuşmaga rugsat berip bilerler.
97-nji madda. Ata-enäniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegi
1. Ata-ene (olaryň biri), eger özlerini alyp baryşlaryny, durmuşa we çaganyň terbiýesine bolan garaýyşlaryny üýtgeden bolsalar, olaryň ata-enelik hukuklary dikeldilip bilner.
2. Ata-enäniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklaryny dikeltmek ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen atanyň (enäniň) ýa-da prokuroryň hak islegi boýunça kazyýet tertibinde geçirilýär. Ata-enelik hukuklaryny dikeltmek hakynda işe hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda garalýar.
3. Ata-enäniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegi hakynda hak islegi bilen bir wagtda çagany ata-enesine (olaryň birine) gaýtaryp bermek hakynda talaba garalyp bilner.
4. Kazyýet çaganyň pikirini nazara almak bilen, eger ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegi çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy gelýän bolsa, ata-enelik hukuklaryny dikeltmek hakynda ata-enäniň (olaryň biriniň) hak islegini kanagatlandyrmakdan ýüz döndermäge haklydyr.
On ýaşyna ýeten çaga babatda ata-enesiniň (olaryň biriniň) ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegi diňe ol çaganyň razylygy bilen geçirilip bilner.
5. Eger çaga perzentlige alnan bolsa we perzentlige almak şu Kodeksiň 123-nji, 128-nji maddalaryna laýyklykda hakyky däl diýlip ykrar edilmedik ýa-da ýatyrylmadyk bolsa, ata-enelik hukuklarynyň dikeldilmegine ýol berilmeýär.
(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 166-njу madda).
98-nji madda. Ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegi
1. Kazyýet çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmezden (ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek), çagany ata-enesinden (olaryň birinden) almak hakynda çözgüt çykaryp biler.
2. Eger çaganyň ata-enesi (olaryň biri) bilen bile bolmagy ata-enä (olaryň birine) bagly bolmadyk ýagdaýlar (psihiki bozulma ýa-da başga dowamly kesel, agyr ýagdaýlaryň bolmagy we ş.m.) sebäpli çaga üçin howply bolsa, ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilýär.
Eger çagany ata-enesi (olaryň biri) bilen goýmak, olaryň özüni alyp barşy sebäpli, çaga üçin howply bolýan bolsa, ýöne ata-enesini (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek üçin ýeterlik esas bolmadyk halatynda hem ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilýär. Eger ata-ene (olaryň biri) özüni alyp barşyny üýtgetmese, hossarlyk we howandarlyk edarasy ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda kazyýet tarapyndan çözgüt çykarylandan alty aý geçenden soň, ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda kazyýete hak islegini bildirmäge borçludyr.
Hossarlyk we howandarlyk edarasy çaganyň iň gowy bähbitlerini nazara almak bilen, bu möhlet geçmezinden öň ata-enäni (olaryň birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda hak islegini bildirmäge haklydyr.
3. Ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda hak islegi çaganyň ýakyn garyndaşlary, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen çaganyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak boýunça borç ýüklenen edaralar we guramalar tarapyndan şu Kodeksiň 80-nji maddasyna laýyklykda, şeýle hem prokuror tarapyndan bildirilip bilner.
4. Ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda işe hossarlyk we howandarlyk edarasynyň wekiliniň gatnaşmagynda garalýar.
5. Ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda işe garalanda, kazyýet çagany ekläp-saklamak üçin ata-enesinden (olaryň birinden) aliment almak hakynda meseläni çözýär.
6. Çaganyň ömrüne ýa-da saglygyna howp abanýan aýratyn halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasy ata-eneden (olaryň birinden) ýa-da çagany terbiýeleýän beýleki adamlardan çagany gaýra goýmazdan almak hakynda çözgüt kabul etmäge haklydyr.
Şu halatlarda hossarlyk we howandarlyk edarasy haýal etmän prokurora habar bermäge we şeýle çözgüt çykarylandan soň, ýedi senenama gününden gijä galman ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek ýa-da ata-enesini (olardan birini) ata-enelik hukuklaryndan mahrum etmek hakynda hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga borçludyr.
7. Kazyýet ata-enelik hukuklaryny çäklendirmek hakynda kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje giren gününden soň üç iş gününiň dowamynda kazyýetiň çözgüdinden göçürmäni çaganyň dogluşynyň döwlet tarapyndan bellige alnan ýerindäki RÝNÝ edarasyna, ata-enelik hukuklary çäklendirilen adamyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna, durmuş taýdan üpjünçilik edarasyna ibermäge borçludyr.
(2016-njy ýylyň 23-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 4, 166-njу madda).