TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksini

tassyklamak we güýje girizmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 29-njy madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksini tassyklamaly.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksini 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girizmeli.

 

3-nji madda. “Türkmenistan SSR Jenaýat-prosessual kodeksini tassyklamak hakynda” Türkmenistan SSR-niň Kanuny bilen 1961-nji ýylyň 22-nji dekabrynda tassyklanan Türkmenistan SSR Jenaýat-prosessual kodeksini, şeýle hem 1961-nji ýylyň 22-nji dekabryndan 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyna çenli döwürde Türkmenistan SSR Jenaýat-prosessual kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizilen ähli kanunlary 2009-njy ýylyň 1-nji iýulyndan güýjüni ýitiren hasap etmeli.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň Adalat ministrligi Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksinden gelip çykýan  üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek boýunça teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we bellenilen tertipde Türkmenistanyň Mejlisine hödürlemeli.

Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksi güýje gireninden soň ýokarda görkezilen kanunlar we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary oňa laýyk getirilýänçä şol Kodekse garşy gelmeýän bölegi babatda ulanylýarlar.

 

          Türkmenistanyň                                              Gurbanguly

             Prezidenti                                                 Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri

2009-njy ýylyň 18-nji apreli

28-IV

 

 

TÜRKMENISTANYŇ

JENAÝAT ÝÖREDIŞ KODEKSI

 

UMUMY BÖLEK

 

Birinji bölüm

Esasy düzgünler

 

1-nji bap. Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygy

 

1-nji madda. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň tertibini kesgitleýän kanunçylyk

 

1. Türkmenistanyň çäklerinde jenaýat işi boýunça önümçiligiň tertibi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýan Türkmenistanyň Jenaýat iş ýörediş kodeksi arkaly kesgitlenilýär. Jenaýat iş ýöredişi kesgitleýän aýry-aýry kanunlar şu Kodekse goşulmaga degişlidir.

2. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň şu Kodeks bilen bellenilen tertibi ýeke-täkdir we ähli jenaýat işleri boýunça hem-de jenaýat iş ýöredişe degişli ähli gatnaşyjylar üçin hökmanydyr.

3. Jenaýat iş ýöredişiň tertibini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň halkara şertnamalary we Türkmenistan tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň umumy ýörelgeleri we kadalary jenaýat iş ýörediş hukugynyň aýrylmaz bölegidir.

 

2-nji madda. Halkara ylalaşyklary

 

Eger Türkmenistanyň halkara ylalaşyklarynda şu Kodeksde beýan edilen düzgünlerden başga düzgünler bellenen bolsa, onda halkara ylalaşyklarynyň düzgünleri ulanylýar.

 

3-nji madda. Jenaýat iş ýörediş kanunynyň wagt we giňişlik boýunça hereketi

 

1. Jenaýat işi boýunça önümçilikde degişli tertipde anyklaýyş, deslapky derňew geçirilýän ýa-da kazyýetiň işe seredýän wagtynda hereket edýän jenaýat iş ýörediş kanuny ulanylýar.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň hukuklaryny ýatyrýan ýa-da kemeldýän, olaryň ulanylmagyny goşmaça şertler bilen çäklendirýän jenaýat iş ýörediş kanunynyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur.

3. Türkmenistanyň çäklerinde jenaýat işleri boýunça önümçilik jenaýatyň edilen ýerine garamazdan şu Kodekse laýyklykda alnyp barylýar.

4. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda onuň jenaýat iş ýörediş kanuny Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň astynda hereket edýän ýa-da onuň tanadyjy belliklerini göterýän we Türkmenistanyň duralgalaryna (meýdanlaryna) ýazylan deňiz, derýa ýa-da howa ulaglarynda hem ulanylýar.

 

4-nji madda. Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletiniň jenaýat iş ýörediş hukugyny ulanmak

 

Eger Türkmenistan tarapyndan resmi tassyklanan halkara şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, Türkmenistanyň çäginde daşary ýurt döwletiniň derňew edaralaryna we kazyýetine ýa-da olaryň tabşyrmagy boýunça jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edarasyna daşary ýurt döwletiniň jenaýat iş ýörediş hukugyny ulanmaga ýol berilýär.

 

5-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar barada jenaýat iş ýörediş kanunyny ulanmak

 

1. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar barada jenaýat kazyýet önümçiligi şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda alnyp barylýar.

2. Diplomatik we beýleki ýeňilliklere hem-de ýörite goraglylyk hukugyna eýe bolan adamlar barada jenaýat kazyýet önümçiliginiň aýratynlyklary şu Kodeksiň 50-nji baby bilen kesgitlenilýär.

 

6-njy madda. Şu Kodeksde bar bolan käbir atlaryň we adalgalaryň düşündirilişi

 

Şu Kodeksde bar bolan atlaryň we adalgalaryň aşakdaky manysy bardyr:

1) alibi – jenaýat edilen wagtynda güman edilýäniň ýa-da aýyplanýanyň başga ýerde bolmagy;

2) anyklaýjy – anyklaýyş edaralary tarapyndan bellenilen wezipeli adamdyr;

3) anyklaýyş – şu Kodeksde bellenilen ygtyýarlaryň çäklerinde işiň boluş ýagdaýyny ýüze çykarmak, anyklamak, berkitmek hem-de jenaýat eden adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek boýunça anyklaýyş edaralarynyň kazyýete çenli iş ýöredişiniň görnüşidir;

4) arz ediji jenaýat kazyýet önümçiligi tertibinde özüniň (kesekiniň) hakyky ýa-da çaklanylýan hukugyny goramak üçin kazyýete ýa-da jenaýat yzarlaýyş edaralaryna ýüzlenen adamdyr;

5) aýyplaw tarapy – döwlet aýyplaýjysy, jebir çeken, raýat hak isleýjisi, olaryň kanuny wekilleri we wekilleridir;

6) aklaw tarapy – kazyýetde işi seredilýän, onuň kanuny wekili, adwokaty, raýat jogap berijisi we onuň wekili;

7) adwokat – jenaýat işleri boýunça kazyýet önümçiligine gatnaşýan ýuridik maslahathanasynyň adwokatlary, fiziki we ýuridiki şahslara hukuk kömegini berýän hususy telekeçiler, edara görnüşli tarapyň hukuk kömegini berýän işgärleri we adwokat hökmünde gatnaşmaga rugsat edilen güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň, iş kesileniň we aklananyň ýakyn garyndaşlary;

8) başlyklyk ediji jenaýat işine seredilen mahalynda ýolbaşçylyk edýän kazydyr;

9) birinji basgançakly kazyýet işi düýp manysy boýunça çözmäge hukukly kazyýetdir;

10) dahylsyzlyk adamyň jenaýaty etmäge anyklanmadyk dahyllylygy ýa-da anyklanan dahylsyzlygydyr;

11) derňew bölüminiň müdiri prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralarynyň derňew müdirlikleriniň, bölümleriniň, bölümçeleriniň, toparlarynyň ýolbaşçysydyr hem-de öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde hereket edýän onuň orunbasarlarydyr;

12) derňewe degişlilik jenaýaty derňemegiň haýsy deslapky derňew ýa-da anyklaýyş edarasynyň ygtyýarlylygyna degişlidigini kesgitleýän şu Kodeksde bellenilen alamatlaryň jemidir;

13) deslapky derňew – şu Kodeksde kesgitlenen ygtyýarlaryň çäklerinde işiň ýagdaýlarynyň jemini ýüze çykarmak, anyklamak we berkitmek hem-de jenaýat eden adamlary jenaýat jogapkärçiligine çekmek boýunça ygtyýarlandyrylan edaralaryň kazyýete çenli iş ýöredişiniň görnüşidir;

14) döwlet aýyplaýjysy kazyýetde döwletiň adyndan jenaýat işi boýunça aýyplawy goldaýan ýa-da ony goldamakdan ýüz dönderýän prokuratura edarasynyň wezipeli adamydyr;

15) gijeki wagt – sagat ýigrimi ikiden alta çenli bolan wagtdyr;

16) gözegçilik basgançakly kazyýet kanuny güýje giren hökümler, kesgitnamalar we kararlar barada getirilen şikaýatlar, teklipnamalar, netijenamalar, garşylyknamalar boýunça işlere gözegçilik tertibinde seredýän kazyýetdir;

17) gözegçilik tertibindäki garşylyknama kanun boýunça ygtyýarlandyrylan adamyň gözegçilik tertibindäki şikaýat, teklipnama ýa-da öz başlangyjy bilen kanuny güýje giren hökümi, kesgitnamany, karary sökmek ýa-da üýtgetmek hakyndaky garşylyknamasydyr;

18) gözegçilik tertibindäki netijenama kanuny güýje giren hökümiň, kesgitnamanyň, kararyň üstünden welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň  başlyklarynyň getiren netijenamasydyr;

19) gözegçilik tertibindäki şikaýat kanuny güýje giren hökümiň, kesgitnamanyň, kararyň üstünden getirilen şikaýatdyr;

20) gözegçilik tertibindäki teklipnama prokuroryň kanuny güýje giren hökümiň, kesgitnamanyň, kararyň üstünden getiren teklipnamasydyr;

21) haýyşnama – tarapyň ýa-da arz edijiniň jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara haýyş bilen ýüz tutmasydyr;

22) höküm kazyýetde işi seredilýäniň günälidigi ýa-da bigünädigi hakyndaky we ol barada jezany ulanmalydygy ýa-da ulanmaly däldigi hakyndaky mesele boýunça birinji basgançakly kazyýetiň çykarýan çözgüdidir;

23) hususy kesgitnama (karar) iş boýunça anyklanan kanun bozulmalara, jenaýat edilmegine ýol açýan hem-de degişli çäreler görülmegini talap edýän sebäplere we şertlere, şeýle-de raýatyň raýatlyk borjuny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly jenaýatyň üstüni açmakda we onuň öňüni almakda görkezen edermenligine kazynyň ýa-da kazyýetiň döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de wezipeli adamlaryň ünsüni çekýän kesgitnamasydyr (kararydyr);

24) hususy şikaýat birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik karary ýa-da kesgitnamasy baradaky şikaýatdyr;

25) hususy teklipnamabirinji basgançakly kazynyň ýa-da kazyýetiň kanuny güýje girmedik karary ýa-da kesgitnamasy barada prokuroryň teklipnamasydyr;

26) sanksiýa – anyklaýja, sülçä degişli derňew we beýleki iş ýörediş hereketlerini etmek, şeýle-de olara iş ýörediş çözgütlerini kabul etmek barasynda prokuroryň berýän rugsadydyr (razylygydyr);

27) ikinji basgançakly kazyýet birinji basgançakly kazyýetiň kanuny güýje girmedik hökümleri we kesgitnamalary hem-de kazylaryň kararlary baradaky şikaýatnamalar we teklipnamalar boýunça işlere nägilelik tertibinde seredýän kazyýetdir;

28) iş boýunça önümçilik anyk jenaýat işi boýunça ony gozgamagyň, kazyýete çenli taýýarlamagyň, kazyýetde seretmegiň we kazyýetiň hökümini, kararyny ýa-da kesgitnamasyny ýerine ýetirmegiň dowamynda amala aşyrylýan iş ýörediş hereketleriniň we çözgütleriniň jemidir;

29) iş ýörediş çözgütleri – şu Kodeksde bellenilen tertipde kazynyň, kazyýetiň, prokuroryň, sülçiniň we anyklaýjynyň kabul edýän çözgütleridir;

30) iş ýörediş hereketleri – jenaýat kazyýet önümçiliginiň dowamynda şu Kodekse laýyklykda geçirilýän hereketlerdir;

31) iş ýöredişe gatnaşyjylar – jenaýat yzarlaýşyny we aýyplawy kazyýetde goldamagy amala aşyrýan edaralar we adamlar, şeýle hem jenaýat işi boýunça önümçiligiň dowamynda özleriniň ýa-da olaryň wekilçilik edýän  hukuklaryny we bähbitlerini goraýan adamlar: anyklaýyş edarasy, anyklaýjy, sülçi, derňew bölüminiň müdiri hem-de öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde hereket edýän onuň orunbasary, prokuror (döwlet aýyplaýjysy), güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän, olaryň kanuny wekilleri, adwokaty, raýat jogap berijisi, onuň kanuny wekili we wekili, jebir çeken, raýat hak isleýjisi, olaryň kanuny wekilleri we wekilleridir;

32) işiň materiallary işiň aýrylmaz bölegi hasaplanylýan ýa-da oňa bellenilen tertipde goşulan, şeýle hem işiň ýagdaýlaryny anyklamakda ähmiýeti bolup biljek resminamalar, närseler hem-de habarlardyr;

33) jenaýat iş ýöredişe gatnaşýan beýleki adamlar kazyýet mejlisiniň kätibi, terjimeçi, şaýat, güwä, bilermen, hünärmen;

34) jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaralar we adamlar – kazyýet, kazy, şeýle hem jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçilik alnyp barlanda jenaýat yzarlaýyş edaralary we jenaýat yzarlaýşyny amala aşyrýan adamlar;

35) jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçilik – jenaýat işiniň gozgalan pursadyndan başlap, düýp manysy boýunça seretmek üçin kazyýete iberilýänçä jenaýat işi boýunça alnyp barylýan önümçilik (anyklaýyş we deslapky derňew), şeýle hem aklaw tarapyndan jenaýat işi boýunça materiallary taýýarlamakdyr;

36) jenaýat işi amala aşyrylan diýlip çaklanylýan bir ýa-da birnäçe jenaýatlar babatda jenaýat yzarlaýyş edarasy we kazyýet tarapyndan alnyp barylýan aýrybaşgalanylan önümçilikdir;

37) Häkimlikleriň ýanyndaky Jenaýat jezalaryny ýerine ýetirýän edaralaryň işinde kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçiligi güýçlendirmek hem-de jeza çäresini çekýänler we ondan boşap, gözegçilikde duranlar bilen iş geçirýän gözegçilik topary (mundan beýläk –jenaýat jezasynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýän topar )-jeza çäresini çekýänleri we  ondan boşap, gözegçilikde duranlary jemgyýet üçin peýdaly zähmete çekmek, olaryň zähmetini, ýaşaýyş –durmuşyny talaba laýyk guramak, olary düzetmek we gaýtadan terbiýelemek işlerini alyp barýan topar;

38) jenaýat kanuny Türkmenistanyň Jenaýat kodeksidir;

39) jenaýat yzarlaýşyny amala aşyrýan edaralar we adamlar – anyklaýyş, derňew edaralary, anyklaýjy, sülçi we prokuror;

40) jenaýat yzarlaýyş – hakykat ýüzünde edilen hereketlerde jenaýat kanunynda gadagan edilen etmişli hereketleriň alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny, eger bar bolsa, onda ony edendir diýip güman edilýän adamyň şol etmişleri etmekde günälidigini ýa-da günäsizdigini tassyklaýan subutnamalary toplamak maksady bilen jenaýat yzarlaýyş edaralary tarapyndan amala aşyrylýan iş ýörediş hereketleridir;

41) kanuny wekiller aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň ýa-da jebir çekeniň ata-enesi, perzentlige alyjylary, hossarlary, howandarlary, şeýle hem aýyplanýana, kazyýetde işi seredilýäne ýa-da jebir çekene hossarlyk, howandarlyk edýän edaralaryň we guramalaryň wekilleridir;

42) karar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisiniň, Prezidiumynyň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň prezidiumynyň, kazynyň kabul eden çözgüdidir; anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň anyklaýşy we deslapky derňewi geçirýän mahalynda kabul eden çözgüdidir;

43) kazy kanunda bellenilen tertipde kazyýet häkimiýetini amala aşyrýan kazyýetiň başlygy, kazyýetiň başlygynyň orunbasary, kazy, kazyýetiň oturdaşydyr;

44) kazyýet Türkmenistanyň kazyýet ulgamyna girýän we adyl kazyýetligi amala aşyrýan kazyýet häkimiýetiniň edarasydyr. Oňa Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleri  degişlidir;

45) kazyýet seljerişi birinji, ikinji we gözegçilik basgançakly kazyýetlerkazyýet mejlisidir;

46) kazyýet önümçiligi – jenaýat işleri boýunça kazyýete çenli we kazyýet önümçiligidir;

47) kesgitnama- jenaýat işi boýunça önümçilik ýöredilen mahalynda birinji basgançakly kazyýetiň hökümden başga çykaran her bir çözgüdidir; ikinji basgançakly kazyýetiň her bir çözgüdidir; kazyýetiň kanuny güýje giren hökümlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna gaýtadan seredilen mahalynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasynyň kabul eden çözgüdidir; kazyýetiň hökümi ýerine ýetiriş tertibinde çykaran her bir çözgüdidir;

48) nägilelik tertibindäki teklipnama kanuny güýje girmedik hökümi sökmek ýa-da üýtgetmek hakynda prokuroryň teklipnamasydyr;

49) nägilelik tertibindäki şikaýat kanuny güýje girmedik höküm baradaky şikaýatdyr;

50) öý dökmek – jenaýatyň yzlaryny özünde saklaýan närseleri, jenaýat ediş gurallaryny, jenaýatly ýol bilen gazanylan zatlary we gymmatlyklary, jenaýat işi üçin möhüm subut edijilik ähmiýeti bolup biljek başga zatlary, resminamalary gözläp tapmak we almak, jenaýat yzarlaýşyndan gizlenýän adamlary tutup saklamak maksady bilen şu Kodeksde bellenilen tertipde geçirilýän derňew hereketleridir;

51) prokuror Türkmenistanyň Baş prokurory we oňa tabyn prokurorlar, olaryň orunbasarlary, degişli ygtyýarlyklary bolan uly kömekçileri we kömekçileri, baş müdirlikleriň we müdirlikleriň müdirleri hem-de orunbasarlary, baş bölümleriň we bölümleriň müdirleri hem-de orunbasarlary, uly prokurorlar we prokurorlar, prokuror – kriminalistlerdir;

52) prokuroryň netijenamasy prokuroryň  täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işi täzeden başlamak hakyndaky çözgüdidir;

53) prokuroryň pikiri prokuroryň kanunda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetde aýdýan pikiridir;

54) sülçi hakykat ýüzünde bolup geçen wakada jenaýatyň alamatlarynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny, şol hereketleri etmekde güman edilýän adamyň günälidigini tassyklaýan ýa-da tassyklamaýan subutnamalary toplamak işini amala aşyrýan prokuratura, içeri işler, milli howpsuzlyk edaralarynyň wezipeli adamydyr;

55) taraplar – kazyýet seljerişinde bäsleşik we deňhukuklylyk esasynda aýyplawy we aklawy amala aşyrýan edaralar we adamlardyr;

56) teklipnama, şikaýat – anyklaýyş, deslapky derňew edaralarynyň, prokuroryň, kazynyň ýa-da kazyýetiň hereketlerine ünsi çekmek üçin iş ýöredişe gatnaşyjylaryň şu Kodeksde bellenilen tertipde berýän resminamalarydyr;

57) teswirnama geçirilen derňew we kazyýet hereketleri, onuň mazmuny we netijeleri takyk beýan edilen, şu Kodeksde bellenilen tertipde düzülen resminamadyr;

58) wekil jenaýat işi boýunça önümçilikde jebir çekeniň, raýat hak isleýjisiniň, raýat jogap berijisiniň kanuny bähbitleriniň tarapyny tutmaga hukukly adamdyr;

59) ýakyn garyndaşlar ata-ene, çagalar, perzentlige alyjylar, perzentlige alnanlar, süýtdeş doganlar we uýalar, ata-baba, ene-mama, agtyklar hem är-aýaldyr;

60) ýaşaýyş jaýy bir ýa-da birnäçe adamyň wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşamagy üçin niýetlenen jaý ýa-da bina, şol sanda: döwlete degişli jaýlar, gulluk, umumy ýaşaýyş jaýlary, hususy ýa-da kärendesine alnan jaý, öý, ýazlag öýi, olara gös-göni ýanaşyk duran eýwan, aşhana, ýerzemin, ýaşalýan binanyň üçegi (köp öýli jaýlardan başga), myhmanhana otagy, deňiz ýa-da derýa gämisiniň, otlynyň gulluk we ýaşalýan otaglarydyr.

(2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky, 2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky, 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky, 2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky, 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky, 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 42-nji madda; 2012 ý., № 4, 110-nji madda; 2016 ý., № 1, 65-nji madda; 2017 ý., № 3, 110-njy madda; 2019 ý., № 1, 8-nji madda; 2020 ý., № 3, 35-nji madda; 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

2-nji bap. Jenaýat iş ýöredişiň wezipeleri we ýörelgeleri

 

7-nji madda. Jenaýat iş ýöredişiň wezipeleri

 

1. Jenaýat iş ýöredişiň wezipeleri jenaýatlaryň üstüni tiz we doly açmakdyr, günäkärleri paş etmekdir hem-de jenaýat eden her bir adamyň adalatly jeza çäresine sezewar edilmegi, ýekeje-de bigünä adamyň jenaýat jogapkärçiligine çekilmezligi we oňa iş kesilmezligi üçin jenaýat kanunynyň dogry ulanylmagyny üpjün etmekdir.

2. Jenaýat işleri boýunça önümçiligiň şu Kodeksde bellenilen tertibi adamy esassyz günäli bilmekden we oňa iş kesmekden goramaga, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bikanun çäklendirilmeginiň öňüni almaga, şeýle hem kanunylygyň we hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyna, jenaýatlaryň öňüniň alynmagyna we olaryň ýok edilmegine, adamlary hukuk kadalaryny hormatlamak ruhunda terbiýelemäge ýardam etmelidir.

 

8-nji madda. Jenaýat iş ýöredişiň ýörelgeleri we olaryň ähmiýeti

 

1. Kodeksiň şu babynda getirilen esas goýujy häsiýete eýe bolan we her bir iş boýunça önümçiligiň dogrudygyny hem esaslydygyny kesgitleýän düzgünler jenaýat iş ýöredişiň ýörelgeleridir.

2. Jenaýat iş ýöredişiň ýörelgeleriniň ähmiýeti olaryň bozulmagy onuň häsiýetine we wajyplygyna baglylykda iş boýunça geçirilen önümçiligiň hakyky däl diýlip ykrar edilmeginden, şeýle önümçiligiň dowamynda çykarylan çözgütleriň sökülmeginden ýa-da toplanan materiallaryň subutnamalar hökmünde güýji ýok diýlip ykrar edilmeginden ybaratdyr.

 

9-njy madda. Kanunylyk

 

1. Anyklaýyş edarasy, anyklaýjy, sülçi, prokuror, kazy we kazyýet jenaýat işleri boýunça önümçilikde şu Kodeksiň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge borçludyrlar.

2. Jenaýat yzarlaýyş edaralary, kazyýet tarapyndan jenaýat işleri boýunça önümçilik ýöredilende kanunyň bozulmagy ýolberilmesizdir we ol kanunda bellenen tertipde jogapkärçilige, bikanun namalaryň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine we olaryň sökülmegine getirýär.

 

10-njy madda. Adyl kazyýetligiň diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylmagy

 

1. Türkmenistanda jenaýat işleri boýunça adyl kazyýetlik diňe kazyýet tarapyndan amala aşyrylýar. Kazyýetiň ygtyýarlarynyň kimdir biri tarapyndan bikanun eýelenmegi kanunda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.

2. Diňe kanuna laýyklykda we kazyýetiň hökümi bolmasa, hiç kim jenaýat etmekde günäkär hasap edilip, şeýle hem jenaýat jezasyna sezewar edilip bilinmez.

3. Kazyýetiň ygtyýarlylygy, onuň garamagynyň hukuk çäkleri, onuň jenaýat kazyýet önümçiligini alyp barmagynyň tertibi kanun arkaly kesgitlenilýär we ol özbaşdak üýtgedilip bilinmez. Jenaýat işlerine seretmek üçin nähilidir bir at bilen adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen beýleki düzümleriň döredilmegine ýol berilmeýär.

4. Degişliligi boýunça özüne degişli bolmadyk jenaýat kazyýet önümçiligini amala aşyran, öz ygtyýarlarynyň çäginden çykan ýa-da başga ýol bilen şu Kodeksde göz öňünde tutulan jenaýat kazyýet önümçiliginiň ýörelgelerini bozan kazyýet hökümi ýa-da başga çözgütleri bikanundyr we olar sökülmäge degişlidir.

5. Jenaýat işi boýunça kazyýetiň hökümi we beýleki çözgütleri degişli kazyýetler tarapyndan diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde barlanylyp we täzeden seredilip bilner.

 

11-nji madda. Adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kazyýet arkaly goragy

 

1. Her kimiň öz hukuklaryny we azatlyklaryny kazyýet arkaly goramaga haky bardyr.

2. Döwlet kanunda bellenilen halatlarda we tertipde jebir çekeniň adyl kazyýetlikden peýdalanmagyny, ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny üpjün edýär.

 

12-nji madda. Şahsyýetiň ynsanlyk mertebesine we abraýyna hormat goýmak

 

1. Jenaýat işi boýunça önümçilik amala aşyrylan mahaly jenaýat iş ýöredişe gatnaşýan şahsyýetiň ynsanlyk mertebesini peseldýän ýa-da abraýyny gaçyrýan çözgütler we hereketler gadagan edilýär, şu Kodeksde göz öňünde tutulmadyk maksatlar üçin adamyň gizlin saklamagy zerur hasap edýän şahsy durmuşy hakyndaky maglumatlary, şeýle hem şahsy häsiýetli maglumatlary ýygnamaga, ulanmaga we ýaýratmaga ýol berilmeýär.

2. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaralaryň bikanun hereketleri netijesinde adama ýetirilen zyýanyň öwezi kanunda bellenilen tertipde dolunmaga degişlidir.

 

13-nji madda. Şahsyýetiň eldegrilmesizligi

 

1. Her kim erkinlige we şahsy eldegrilmesizlige bolan hukuga eýedir. Şu Kodeksde bellenen esaslardan we tertipden başga ýagdaýlarda hiç kim jenaýat etmekde güman edilip,  tutulyp saklanylyp, tussag edilip ýa-da başga ýol bilen azatlykdan mahrum edilip bilinmez.

2. Her bir tutulyp saklanylana, onuň tutulyp saklanylmagynyň esaslary, şeýle hem onuň güman edilýän ýa-da aýyplanýan jenaýatynyň maddalaşdyrylyşy haýal etmän habar berilýär.

3. Kazyýet, prokuror bikanun tutulyp saklanylan, tussag edilen ýa-da lukmançylyk edarasyna bikanun ýerleşdirilen, kanunda ýa-da hökümde bellenilen möhletden köp saklanylýan adamy haýal etmän boşatmaga borçludyr.

4. Jenaýat iş ýöredişe gatnaşýanlaryň hiç biriniň garşysyna zorluk ulanmak, ýowuz çemeleşmek ýa-da mertebesini kemsidýän derejede olara el gatmak bolmaz.

5. Hiç kim adamyň janyna we saglygyna howp salýan iş ýörediş hereketlerine gatnaşmaga zor bilen çekilip bilinmez. Şahsyýetiň eldegrilmesizligini bozýan iş ýörediş hereketleri adamyň ýa-da onuň kanuny wekiliniň erkiniň garşysyna diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ulanylyp bilner.

6. Ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmek ulanylan adamy, şeýle hem jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklanylan adamy onuň janyna we saglygyna howp salmagyň aradan aýrylmagy şertlerinde saklamak amala aşyrylmalydyr.

7. Adamyň azatlykdan bikanun mahrum edilmegi, onuň jany we saglygy üçin howply şertlerde saklanylmagy, oňa ýowuz çemeleşilmegi netijesinde ýetirilen zyýan şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

 

14-nji madda. Jenaýat işleri boýunça önümçilik ýöredilende adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak

 

1. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara jenaýat iş ýöredişe gatnaşýan adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, olaryň amala aşyrylmagy üçin şertleri döretmäge, jenaýat iş ýöredişe gatnaşyjylaryň kanuny talaplarynyň kanagatlandyrylmagy üçin haýal etmän degişli çäreleri görmäge borçludyr.

2. Jenaýat işi boýunça önümçilikde adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagy netijesinde ýetirilen zyýan şu Kodeksde göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

3. Öldürmek, zorluk ulanmak, emlägini ýok etmek we zaýalamak ýa-da başga howply bikanun hereketleri ulanmak bilen jebir çekene, şaýada, jenaýat iş ýöredişe gatnaşýan beýleki adamlara, şeýle hem olaryň maşgala agzalaryna, başga ýakyn garyndaşlaryna howp abanýandygy hakynda ýeterlik esas bolan mahalynda jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bu adamlaryň janyny, saglygyny, namysyny, mertebesini we emlägini goramak boýunça kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

 

15-nji madda. Şahsy durmuşyň eldegrilmesizligi. Hat alyşmagyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, şeýle hem Internetiň üsti bilen berilýän beýleki habarlaryň syry

 

Adamlaryň hususy durmuşy, şahsy we maşgala syry kanun arkaly goralýar. Her kimiň şahsy goýumlarynyň we süýşürintgileriniň, hat alyşmagynyň, telefon gepleşikleriniň, poçta, telegraf, şeýle hem Internetiň üsti bilen berilýän beýleki habarlaryň syryny, elektron poçta we beýleki habarlarynyň syryny saklamaga haky bardyr. Jenaýat iş ýöredişiň dowamynda bu hukuklary çäklendirmäge diňe kanunda göni göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde ýol berilýär.

 

16-njy madda. Ýaşaýyş jaýynyň eldegrilmesizligi

 

1. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Jenaýat işi boýunça önümçiligiň dowamynda ýaşaýyş jaýyna eldegrilmesizlik düzgünini bozmaga hiç kimiň haky ýokdur. Kanunda göni görkezilen esaslar bolmasa, hiç kimi ýaşaýyş jaýyndan mahrum etmek bolmaz. Kanuna garşy gelýän hereketler bilen ýaşaýyş jaýyna hyýanatçylyk edilen halatynda adamyň ony goramaga haky bardyr.

2. Ýaşaýyş jaýyna girmek bilen baglanyşykly iş ýörediş hereketleri diňe şu Kodeksde göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde geçirilip bilner.

 

17-nji madda. Eýeçiligiň eldegrilmesizligi

 

1. Eýeçiligiň eldegrilmesizligi kanun tarapyndan kepillendirilýär. Kazyýetiň çözgüdi bolmasa, hiç kim öz eýeçiliginden mahrum edilip bilinmez.

2. Diňe şu Kodeksde görkezilen halatlarda we tertipde iş ýörediş hereketleriniň dowamynda adamlaryň banklardaky goýumlary we beýleki emläkleri gozgamasyz edilip, şeýle hem alnyp bilner.

 

18-nji madda. Bigünälik prezumpsiýasy

 

1. Her bir adam onuň jenaýatly etmişi etmekde günälidigi şu Kodeksde bellenen tertipde subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança bigünä hasap edilýär.

2. Günäkärdigi barada dörän aradan aýryp bolmajak şübheler aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär. Jenaýat we jenaýat iş ýörediş kanunlary ulanylan mahaly ýüze çykan şübheler hem aýyplanýanyň peýdasyna çözülmelidir.

3. Hiç kim özüniň bigünädigini subut etmäge borçly däldir. Başga subutnamalar bolmazdan, diňe günäni boýun alnyp berlen görkezme günäni tassyk edip bilmez.

4. Aýyplaw hökümi çaklamalara esaslandyrylyp bilinmez, ol anyk subutnamalaryň ýeterlik jemi bilen tassyklanan bolmalydyr.

5. Adyl kazyýetlik amala aşyrylanda bikanun usul bilen toplanan, gelip çykyşy näbelli bolan subutnamalar derňelmäge we ulanylmaga degişli däldir.

 

19-njy madda. Gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna we kesilmegine ýolberilmesizlik

 

Hiç kim şu Kodeksde görkezilenlerden başga ýagdaýlarda şol bir jenaýat üçin gaýtadan jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip we iş kesilip bilinmez.

 

20-nji madda. Adyl kazyýetligiň kanunyň we kazyýetiň öňünde raýatlaryň deňligi esasynda amala aşyrylmagy

 

1. Adyl kazyýetlik hemmeleriň kanun we kazyýetiň öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar. Jenaýat yzarlaýşyndan ýörite goraglylyk hukugyna eýe bolan adamlar baradaky jenaýat kazyýet önümçiliginiň şertleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kodeks, Türkmenistanyň kanunlary we Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly kesgitlenilýär.

2. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň dowamynda hiç kim gelip çykyşy, durmuş, emläk we wezipe ýagdaýy, milleti, ten reňki, jynsy, bilimi, dili, dine garaýşy, syýasy ygtykady, ýaşaýan ýeri ýa-da başga islendik şertler bilen baglanyşykly hiç hili kemsidilmelere sezewar edilip bilinmez.

 

21-nji madda. Kazylaryň garaşsyzlygy we olaryň diňe kanuna tabynlygy

 

Jenaýat işleri boýunça adyl kazyýetlik amala aşyrylan mahalynda kazylar we kazyýetiň oturdaşlary garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we içki ynam-ygtykadyny goldanýarlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we ol kanun boýunça jogapkärçilige eltýär.

 

22-nji madda. Adyl kazyýetligiň taraplaryň bäsleşigi we deňhukuklylygy esasynda amala aşyrylmagy

 

1. Adyl kazyýetlik taraplaryň bäsleşigi we deňhukuklylygy ýörelgesi esasynda amala aşyrylýar.

2. Jenaýat yzarlaýşy, aklaw, işiň kazyýet tarapyndan çözülişi biri-birinden aýrydyr, olar dürli edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.

3. Kazyýetde işi seredilýäne bildirilen aýyby subut etmek borjy döwlet aýyplaýjysyna ýüklenilýär.

4. Adwokat kazyýetde işi seredilýäni goramagyň kanunda göz öňünde tutulan ähli serişdelerini we usullaryny ulanmaga borçludyr.

5. Kazyýet jenaýat yzarlaýyş edarasy däldir, ol aýyplaýan ýa-da aklaýan tarapdan çykyş etmeýär we diňe hukugyň bähbitlerinden başga hiç hili bähbit arap bilmez.

6. Kazyýet dogruçyllygy we tarapgöýsüzligi saklamak bilen taraplaryň öz borçlaryny ýerine ýetirmegi we hukuklaryny amala aşyrmagy üçin zerur şertleri döredýär.

7. Jenaýat kazyýet önümçiligine gatnaşýan taraplar deňhukuklydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we şu Kodeksde olaryň öz nukdaýnazaryny goramagy üçin deň mümkinçilikler bellenendir. Kazyýet iş ýörediş çözgütlerini diňe taraplaryň her birine subutnamalary barlamaga deň esaslarda gatnaşmagy üpjün edilen subutnamalara esaslandyrýar.

8. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň dowamynda taraplar öz nukdaýnazaryny, ony goramagyň usullaryny we serişdelerini kazyýetden, beýleki edaralardan we adamlardan garaşsyz saýlap alýarlar. Kazyýet taraplaryň haýyşy boýunça zerur bolan materiallary almakda şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde olara ýardam berýär.

 

23-nji madda. Işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamak

 

1. Anyklaýjy, sülçi, prokuror we kazyýet işiň ýagdaýlaryny hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamak üçin kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge, güman edilýäni, aýyplanýany we kazyýetde işi seredilýäni paş edýän we aklaýan, şeýle hem olaryň jogapkärçiligini ýeňilleşdirýän we agyrlaşdyrýan ýagdaýlary ýüze çykarmaga borçludyrlar.

2. Anyklaýjynyň, sülçiniň we prokuroryň özleriniň subut etmek borjuny aýyplanýanyň üstüne ýüklemäge haky ýokdur.

3. Zorluk, haýbat atmak hem-de başga bikanun çäreler arkaly güman edilýänden, aýyplanýandan, kazyýetde işi seredilýänden we iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylardan görkezme almak gadagandyr.

 

24-nji madda. Özüni goramak hukugyny üpjün etmek

 

1. Güman edilýäne, aýyplanýana, kazyýetde işi seredilýäne, iş kesilene we aklanana özüni goramak hukugy üpjün edilýär. Bu hukugy olar şu Kodeksde bellenen tertipde adwokatyň, kanuny wekiliň kömegi arkaly ýa-da özleri amala aşyryp bilerler.

2. Anyklaýjy, sülçi, prokuror we kazyýet güman edilýän, aýyplanýan, kazyýetde işi seredilýän, iş kesilen we aklanan üçin oňa bildirilen aýypdan kanun boýunça bellenen serişdeler we usullar arkaly özüni goramak mümkünçiligini hem-de onuň şahsy we emläk hukuklarynyň goralmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.

 

25-nji madda. Şaýatlyk görkezmesini bermek borjundan boşatmak

 

1. Hiç bir adam özüniň we ýakyn garyndaşlarynyň garşysyna görkezme bermäge borçly däldir. Adama ruhy taýdan täsir etmek ýa-da zorluk ulanmak, şeýle hem beýleki bikanun usullar arkaly alnan subutnamalaryň hukuk güýji ýokdur.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen halatlarda agzalan adamlar görkezme bermekden ýüz dönderip bilerler we onuň üçin hiç hili jogapkärçilige çekilip bilinmez.

 

26-njy madda. Hukuk kömegini almak

 

Jenaýat iş ýöredişiň dowamynda şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda her  bir adamyň hukuk kömegini almaga haky bardyr.

 

27-nji madda. Kazyýet seljerişiniň açyklygy

 

1. Döwletiň gizlin syryny goramagyň bähbitlerine garşy gelmeýän halatlarynda ähli kazyýetlerde işleri seljermek açyk alnyp barylýar.

2. Iş ýöredişe gatnaşyjylaryň durmuşynyň pynhan taraplary hakyndaky maglumatlaryň aýan bolmagynyň öňüni almak maksady bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň jenaýatlary hakyndaky işler boýunça, zyna işi bilen baglanyşykly jenaýatlar hem-de başga işler boýunça kazyýetiň ýa-da kazynyň degişlilikde delillendirilen kesgitnamasy ýa-da karary bilen kazyýetiň ýapyk seljerişine ýol berilýär. Kazyýetiň ýapyk mejlisinde işleri diňlemek kazyýet seljerişiniň ähli kadalarynyň berjaý edilmegi bilen amala aşyrylýar.

3. Kazyýetiň hökümi we iş boýunça kabul eden çözgütleri ähli halatlarda aç-açan yglan edilýär.

 

28-nji madda. Kazyýet önümçiliginiň ýöredilýän dili

 

1. Türkmenistanda kazyýet önümçiligi döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Kazyýet önümçiliginiň ýöredilýän dilini bilmeýän iş ýöredişe gatnaşyjylar üçin ene dilinde ýa-da başga bilýän dilinde beýannama aýtmak, düşündiriş we görkezme bermek, haýyşyny bildirmek, şikaýat etmek, işiň ähli materiallary bilen tanyşmak, kazyýet seljerişinde çykyp geplemek hem-de şu Kodeksde bellenen tertipde terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmak hukugy üpjün edilýär.

3. Şu Kodeksde bellenen tertibe laýyklykda derňew we kazyýet resminamalary aýyplanýana, kazyýetde işi seredilýäne olaryň ene diline ýa-da onuň bilýän başga diline terjime edilen görnüşde gowşurylýar.

 

29-njy madda. Iş ýörediş hereketleriniň we çözgütleriniň üstünden şikaýat etmek, haýyşnama bildirmek azatlygy

 

1. Kazyýetiň we jenaýat yzarlaýyş edarasynyň hereketleriniň hem-de çözgütleriniň üstünden şu Kodeksde bellenen tertipde şikaýat edilip bilner.

2. Şikaýaty ony beren adamyň ýa-da bähbitleri goralýan adamyň zyýanyna peýdalanmaga ýol berilmeýär.

3. Her bir iş kesilen şu Kodeksde bellenen tertipde kazyýetiň höküminiň gaýtadan seredilmegi, şeýle hem rehim edilmegi hakynda ýa-da jezasynyň ýeňilleşdirilmegi hakynda haýyşnama bildirmek hukugyna eýedir.

 

3-nji bap. Jenaýat yzarlaýyş, iş kesmek we aklamak

 

30-njy madda. Jenaýat yzarlaýşyny amala aşyrmagyň umumy şertleri

 

1. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen jenaýat yzarlaýyş edarasy öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde jenaýat alamatlarynyň ýüze çykarylan her bir halatynda jenaýatly wakany anyklamak, jenaýat eden adamlary paş etmek, olary jezalandyrmak, bigünä adamy aklamak üçin kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyr.

2. Jenaýat yzarlaýyş edarasy jebir çekeniň adyl kazyýetlikden peýdalanmagyna mümkinçilik döretmäge, jenaýat netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça çäreler görmäge borçludyr.

3. Jenaýat yzarlaýyş edarasy jenaýat iş ýöredişde öz ygtyýarlaryny hiç hili edaralara, wezipeli adamlara garaşsyz ýagdaýda we şu Kodeksiň talaplaryna laýyklykda amala aşyrýar. Onuň işine gatyşmak kanunda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.

4. Jenaýat yzarlaýyş edarasynyň kanunalaýyk talaplarynyň döwlet edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli edaralar, kärhanalar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmegi hökmanydyr. Ýokarda görkezilen talaplary ýerine ýetirmezlik kanunda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

31-nji madda. Jenaýat yzarlaýşyny aradan aýyrýan ýagdaýlar

 

1. Aşakdaky ýagdaýlarda jenaýat işi gozgalyp bilinmez, gozgalan iş bolsa ýatyrylmalydyr:

1) jenaýatyň wakasy ýok bolsa;

2) etmişde jenaýatyň düzümi ýok bolsa;

3) wagt möhleti geçen bolsa;

4) günä geçme namasy edilen etmiş üçin jezanyň ulanylmagyny aradan aýyrýan bolsa;

5) jemgyýet üçin howply etmişi eden pursadynda kanun boýunça jenaýat jogapkärçiligini çekmäge mümkinçilik berýän ýaşa ýetmedik adam barada;

6) şu Kodeksiň 213-nji maddasynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda diňe jebir çekeniň şikaýaty esasynda gozgalýan işler boýunça aýyplanýan bilen jebir çeken ýaraşsa;

7) şu Kodeksiň 213-nji maddasynyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan we jebir çekeniň şikaýat etmedik ýagdaýynda hem prokurora iş gozgamaga hukuk berlen halatlaryndan başga halatlarda, eger iş diňe jebir çekeniň şikaýaty boýunça gozgalyp bilinjek bolup, jebir çekeniň şikaýaty ýok bolsa;

8) ölen adamyň bozulan hukuklaryny dikeltmek ýa-da täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça başga adamlar barada iş gozgamak üçin önümçiligi ýöretmegiň zerur bolan mahalyndaky halatlardan başga halatlarda, ölen adam barada;

9) bir adam barada şol bir aýyplaw boýunça kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi ýa-da hut şol esas boýunça işi ýatyrmak hakynda kazyýetiň kesgitnamasy ýa-da karary bar bolsa, şol adam barada;

10) bir adam barada prokuroryň, sülçiniň, anyklaýyş edarasynyň hut şol bir aýyplaw boýunça işi ýatyrmak hakynda sökülmedik karary bar bolsa, şol adam barada; ýöne jenaýat işi öz önümçiliginde duran kazyýet tarapyndan işi gozgamak zerurlygynyň ykrar edilen halatlary muňa girmeýär.

2. Eger şu maddanyň birinji böleginiň 1-3-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen ýagdaýlar kazyýet seljerişiniň barşynda ýüze çykýan bolsa, onda kazyýet işi seljermegi ahyryna çenli ýetirýär-de, 1-nji we 2-nji bentlerde göz öňünde tutulan halatlarda aklaw hökümini ýa-da 3-nji we 4-nji bentlerde göz öňünde tutulan halatlarda iş kesileni jezadan boşatmak bilen aýyplaw hökümini çykarýar.

3. Eger aýyplaw hökümi kanuny güýjüne girýänçä onda görkezilen etmişleriň jenaýatçylygy we jezalandyrylyşy täze kanun tarapyndan aradan aýrylan bolsa, jenaýat işi şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji bendi esasynda ýatyrylmaga degişlidir.

4. Şu maddanyň birinji böleginiň 3-nji we 4-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça işi ýatyrmaga aýyplanýan garşy çykýan bolsa, şol esaslarda işi ýatyrmaga ýol berilmeýär. Şunuň ýaly bolan halatynda iş boýunça önümçilik adatdaky tertipde dowam etdirilýär.

 

32-nji madda. Jenaýat jogapkärçiligine çekmek we iş kesmek üçin esaslar

 

Eger jenaýat etmekde şübhelenýän ýa-da kazyýetde işi seredilýän adamyň jenaýaty etmekde günäkärdigi anyklaýşyň, derňewiň we kazyýet mejlisiniň dowamynda subutnamalaryň jeminiň barlanylmagy esasynda gümansyz anyklanan bolsa we ruhy taýdan sagat bolan ýagdaýynda ol jenaýat jogapkärçiligine çekilip we iş kesilip bilner.

 

33-nji madda. Jenaýat işini ýatyrmagyň esaslary

 

1. Kazyýet, kazy, prokuror, şeýle-de prokuroryň rugsady bilen anyklaýjy, sülçi anyklaýşyň, deslapky derňewiň ýa-da kazyýet seljerişiň dowamynda iş boýunça jenaýat yzarlaýşyny amala aşyrmak mundan beýläk mümkin bolmajak aşakdaky ýagdaýlary ýüze çykaryp, işi ýatyrmak hakynda degişlilikde kesgitnama ýa-da karar çykarýar:

1) uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatlar boýunça kazyýetde işi seredilýän barada döwlet aýyplaýjysy şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentlerinde görkezilen esaslar boýunça, şeýle hem ýöňkelýän jenaýatly etmişi etmäge dahylsyzlygy sebäpli aýyplawdan ýüz dönderen halatynda, eger jebir çeken hem aýyplawdan ýüz dönderende, şeýle-de şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 6-njy bendinde görkezilen ýagdaýda jebir çeken bilen aýyplanýan ýaraşsa; 

2) şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 3-10-njy bentlerinde göz öňünde tutulan jenaýat yzarlaýşyny aradan aýyrýan ýagdaýlar ýüze çykanda.

2. Kazyýet, kazy, prokuror, şeýle-de prokuroryň rugsady bilen anyklaýjy, sülçi Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 70-72-nji maddalarynda görkezilen esaslar boýunça jenaýat işi ýatyrmak hakynda degişlilikde kesgitnama ýa-da karar çykarmaga haklydyrlar.

3. Jenaýatlaryň beýleki görnüşleri boýunça jenaýat işiniň ýatyrylmagyna diňe Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň Aýratyn böleginde görkezilen ýagdaýlarynda ýol berilýär.

(2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 112-nji madda).

 

34-nji madda. Aklamak üçin esaslar

 

1. Kazyýet seljerişiniň netijesinde birinji basgançakly kazyýet aklaw hökümini çykarýar. Kazyýet aklaw höküminde kazyýetde işi seredilýän oňa ýöňkelýän jenaýaty etmekde günäkär däl diýip ykrar edýär.

2. Aklaw hökümi aşakdaky ýagdaýlarda çykarylýar:

1) jenaýat wakasynyň bolmadyk halatynda;

2) kazyýetde işi seredilýäniň eden etmişinde jenaýatyň düzümi ýok bolan mahalynda;

3) kazyýetde işi seredilýäniň oňa ýöňkelýän etmişi etmäge dahylynyň bolmadyk halatynda.

 

4-nji bap. Bozulan hukuklary dikeltmek. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň bikanun hereketleriniň ýetiren zyýanynyň öwezini dolmak

 

35-nji madda. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň we kazyýetde işi seredilýäniň bigünädigini ykrar etmek bilen onuň bozulan hukuklaryny dikeltmek

 

1. Kazyýet seljerişiniň dowamynda ýöňkelýän etmişi etmäge dahyly bolmadyk kazyýetde işi seredilýän şol seljerişde kazyýetiň hökümi bilen aýanlykda we gaýragoýulmasyz bigünä diýlip yglan edilmelidir.

2. Kazyýetde işi seredilip aklanan, şeýle hem güman edilýän we aýyplanýan barada şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginiň 1-nji we 2-nji bentleri esasynda, şeýle hem ýöňkelýän jenaýatly etmişi etmäge dahylsyzlygy sebäpli jenaýat yzarlaýşyny ýatyrmak hakynda kazynyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy ýa-da jenaýat yzarlaýyş edarasynyň karary çykarylan bolsa, onda olar günäsiz diýlip hasap edilýär we ýaşaýyş jaý, emläk, zähmet hem-de başga hukuklary babatda çäklendirmelere sezewar edilip bilinmez.

3. Bigünädigi ykrar edilen adamyň bozulan hukuklaryny dikeltmek babatyndaky jedeller raýat kazyýet önümçiligi tertibinde çözülýär.

 

36-njy madda. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň bikanun hereketleri netijesinde ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bolan adamlar

 

1. Jenaýat wakasynyň ýokdugy, edilen etmişde jenaýatyň düzüminiň ýokdugy, adamyň jenaýat etmäge dahylsyzlygy sebäpli jenaýat işi ýatyrylanda anyklaýyş edarasy, sülçi, prokuror, şeýle hem aklaw hökümi çykarylanda kazy ýa-da kazyýet şol adama onuň bozulan hukuklarynyň dikeldilmeginiň tertibini düşündirmäge hem-de adama bikanun iş kesilmegi, jenaýat jogapkärçiligine bikanun çekilmegi, ätiýaçsyzlandyryş çäresi hökmünde tussag etmegiň bikanun ulanylmagy netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak üçin kanunda göz öňünde tutulan ähli çäreleri görmäge borçludyrlar.

2. Bikanun tutup saklamak, tussag etmek, ýöriteleşdirilen lukmançylyk edarasyna ýerleşdirmek, iş kesmek, lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmak netijesinde adama ýetirilen zyýan kazyýetiň kesgitnamasy esasynda döwletiň hasabyna öwezi dolunmaga degişlidir. Jenaýat yzarlaýyş edarasynyň ýokarda görkezilen bikanun hereketleri netijesinde özüne ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny jenaýat yzarlaýyş edarasynyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy esasynda talap etmäge her bir adam haklydyr.

3. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň bikanun hereketleri netijesinde ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna şu aşakdakylar haklydyr:

1) şu Kodeksiň 35-nji maddasynyň ikinji böleginde görkezilen adamlar;

2) özi barada jenaýat işi gozgalmasyz bolan, gozgalan iş hem ýatyrylmaga degişli adamlar;

3) özi barada gozgalan jenaýat işi şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýatyrylmaga degişli bolsa-da, jenaýat yzarlaýşyny aradan aýyrýan ýagdaýlar ýüze çykan pursadyndan ýatyrylman, şeýle adamlaryň jenaýat işiniň ýatyrylmagy bilen ylalaşylandygyna garamazdan jenaýat yzarlaýşy bikanun dowam etdirilen adamlar;

4) tussaglykda degişli möhletden artyk bikanun saklanylýanlar, şeýle hem jenaýat işi boýunça önümçiligiň dowamynda beýleki mejbur ediş çärelerine bikanun sezewar edilen adamlar.

4. Özüne ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaly adam ölen halatynda öwezi dolunmak hukugy bellenen tertipde onuň mirasdarlaryna geçýär, tölenmegi togtadylan pensiýasyny we hemaýat puluny almak baradaky bölegi bolsa ekleýjisini ýitirendigi sebäpli hemaýat puluny alýan adamlaryň hataryna girýän maşgala agzalaryna geçýär.

5. Eger anyklaýşyň, deslapky derňewiň we kazyýet seljerişiniň dowamynda öz-özüni meýletin nähak aýyplamagy bilen hakykaty anyklamaga päsgel berendigi we şeýlelikde şu maddanyň üçünji böleginde görkezilen netijeleriň emele gelmegine ýardam edendigi subut edilen halatynda şol adama ýetirilen zyýanyň öwezi dolunmaýar.

 

37-nji madda. Öwezi dolunmaga degişli ýetirilen zyýan

 

1. Şu Kodeksiň 36-njy maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde görkezilenler esasynda, hereketleri ýa-da çözgütleri bikanun diýlip bilnen jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara bigünädigi ykrar edilen adam barada beden, ahlak we emläk taýdan oňa ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy, onuň zähmet, pensiýa, ýaşaýyş jaý we beýleki hukuklarynyň dikeldilmegi üçin çäre görmäge borçludyr.

2. Bigünädigi ykrar edilen halatynda, ozal kazyýetiň hökümi esasynda döwlet sylaglaryndan, harby, ýörite we beýleki atlardan, gulluk, diplomatik derejelerden mahrum edilen adamlaryň atlary, derejeleri dikeldilýär, döwlet sylaglary olara gaýtarylyp berilýär.

 

38-nji madda. Ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hukugyny ykrar etmek

 

Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara bozulan hukuklary doly ýa-da bölekleýin dikeltmek hakynda çözgüt çykaran mahaly, adamyň oňa ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna bolan hukugyny ykrar etmelidir. Aklaw höküminiň göçürilen nusgasy ýa-da jenaýat işini ýatyrmak hakyndaky, bikanun kabul edilen çözgütleri sökmek ýa-da üýtgetmek hakyndaky kesgitnamanyň, kararyň göçürilen nusgasy gyzyklanýan degişli adama gowşurylýar ýa-da poçta arkaly oňa iberilýär. Şol birwagtyň özünde oňa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň tertibi düşündirilen habar iberilýär.

 

39-njy madda. Emläge ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

1. Şu Kodeksiň 36-njy maddasynyň birinji we üçünji böleklerinde görkezilenler esasynda jenaýat yzarlaýşy ýatyrylan ýa-da aklaw hökümi çykarylan adamlara zyýan ýetirilen emlägiň aşakdaky görnüşleri boýunça öwezi döwlet tarapyndan dolunmaga degişlidir:

1) mahrum bolan zähmet haky, pensiýasy, hemaýat puly we beýleki girdeji serişdeleri;

2) kazyýetiň hökümi ýa-da başga çözgüdi esasynda bikanun muzdsuz alnan ýa-da döwlet haýryna geçirilen emläk;

3) bigünä diýlip ykrar edilen adamlaryň olara berlen hukuk kömegi üçin tölän haklary;

4) kazyýetiň bikanun hökümini ýerine ýetirmek üçin töledilen jerimeler, iş ýörediş harajatlary we jenaýat yzarlaýyş edarasynyň bikanun hereketleri netijesinde şol adamlar tarapyndan tölenilen beýleki pul serişdeleri.

2. Kesgitnamanyň ýa-da kararyň tugraly möhür bilen tassyklanan nusgasy tölegi geçirmäge borçly edara bermek üçin şol adama gowşurylýar ýa-da iberilýär. Tölemegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.

 

40-njy madda. At-abraýa, mertebä esassyz we bikanun ýetirilen zyýanyň netijelerini düzetmek

 

1. Adamyň bozulan hukuklaryny dikeltmek hakyndaky çözgüdi jenaýat iş ýöredişi alyp barýan haýsy edaranyň kabul edendigine garamazdan, şol adama zyýan ýetiren edara ýetirilen zyýan üçin ondan resmi ýagdaýda ötünç soramaga borçludyr.

2. At-abraýa, mertebä esassyz we bikanun ýetirilen zyýanyň öwezini pul görnüşinde dolmak hakynda hak islegleri raýat kazyýet önümçiligi tertibinde berilýär.

3. Eger adam bikanun jenaýat yzarlaýşyna sezewar edilip, ol barada jenaýat işiniň gozgalandygy, wezipesinden wagtlaýyn çetleşdirilendigi, tutulyp saklanylandygy, tussag edilendigi, iş kesilendigi, lukmançylyk edarasyna mejbury ýerleşdirilendigi ýa-da ol barada ulanylan beýleki hereketler hakynda maglumatlar metbugatda çap edilen, radio, telewideniýe we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleri arkaly ýaýradylan bolsa, soňra ýokarda görkezilen hereketler bikanun diýlip ykrar edilen halatynda şol adamyň, eger ol ölen bolsa, onuň garyndaşlarynyň talap etmegi boýunça, bikanun hereketler bilen jenaýat iş ýöredişi alyp baran edara degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen bir aýyň dowamynda bu baradaky zerur habary ilatyň dykgatyna ýetirmäge borçludyr.

4. Bigünädigi ykrar edilen adamyň talap etmegi boýunça jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara özüniň bikanun çözgüdiniň ýatyrylýandygy hakynda onuň işleýän, okaýan we ýaşaýan ýerine on bäş gije-gündiziň dowamynda ýazmaça habar bermäge borçludyr.

 

41-nji madda. Talaplary bildirmegiň möhletleri

 

Talaplary bildirmegiň möhletleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

 

42-nji madda. Edara görnüşindäki taraplara ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak

 

Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edaranyň bikanun hereketleri netijesinde edara görnüşindäki taraplara ýetirilen zyýanyň öwezi döwlet tarapyndan doly möçberde dolunýar.

 

43-nji madda. Hak isleýiş tertibinde hukuklary dikeltmek

 

Eger adamyň bozulan hukuklaryny dikeltmek ýa-da ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky talap kanagatlandyrylmadyk bolsa ýa-da bu barada kabul edilen çözgüt bilen şol adam ylalaşmaýan bolsa, onda ol raýat kazyýet önümçiligi tertibinde kazyýete ýüz tutmaga haklydyr.

 

5-nji bap. Jenaýat işi boýunça önümçilik

 

44-nji madda. Jenaýat işlerini birleşdirmek

 

1. Birnäçe adamy bir ýa-da birnäçe jenaýaty şärikli etmekde ýa-da bir adamy birnäçe jenaýaty etmekde, şeýle hem hut şol jenaýatlary öňünden wada edilmän ýaşyrmakda we olar hakynda habar bermezlikde aýyplamak boýunça işler bir önümçilige birleşdirilip bilner.

2. Şu aşakdaky işler bir önümçilige birleşdirilip bilinmez:

1) eger aýyplanýanlaryň etmişleri biri-biri bilen baglanyşykly bolmasa;

2) eger bilelikde derňelen we seredilen halatynda işiň hakyky ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmaga päsgel berýän bolsa.

3. Işleri birleşdirmek jenaýat yzarlaýyş edarasynyň karary, kazyýetiň kesgitnamasy esasynda amala aşyrylýar. Jenaýat yzarlaýyş edarasy tarapyndan kabul edilen kararyň göçürilen nusgasy bir gije-gündiziň dowamynda prokurora iberilýär.

 

45-nji madda. Jenaýat işini bölüp aýyrmak

 

1. Kazyýet, jenaýat yzarlaýyş edarasy bir jenaýat işinden başga bir jenaýat işini aşakdaky adamlar barada aýry önümçilige bölüp aýyrmaga haklydyr:

1) şu Kodeksiň 46-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça jenaýat işi togtadylmaga degişli bolanda aýry-aýry aýyplanýanlar barada;

2) döwlet syryny goramak bilen baglanyşykly kazyýetiň ýapyk seljerişi üçin esaslar aýry-aýry aýyplanýanlara degişli bolup, beýleki aýyplanýanlara degişli däl bolsa, aýry aýyplanýanlar barada;

3) kämillik ýaşyna ýetenler bilen bilelikde jenaýat jogapkärçiligine çekilen kämillik ýaşyna ýetmedik aýyplanýan barada;

4) jenaýat jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolan anyklanmadyk aýry-aýry adamlar barada.

2. Derňewiň ýa-da tussaglykda saklamagyň möhletleri tamamlanyp barýan köp hadysaly jenaýat işi derňelende, sülçi onuň aýyplaw bölegi boýunça derňew doly, hemmetaraplaýyn geçirildi diýip hasaplap, eger onuň beýleki bölegini derňemäge we oňa seretmäge päsgelçilik döretmejek bolsa, onda işiň bir bölegini kazyýete ibermek üçin aýry önümçilige bölüp aýyrmaga haklydyr.

3. Eger jenaýat işi bilen bagly bolmadyk jenaýat alamatlaryny özünde saklaýan hereketler hakynda maglumatlar alynsa, onda şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde täze jenaýat işini gozgamak baradaky meseläni çözmek üçin toplanan resminamalary aýry önümçilige bölüp aýyrmaga ýol berilýär.

4. Eger jenaýat işlerini bölüp aýyrmak işiň hemmetaraplaýyn, doly, dogry barlanmagyna we işiň çözülmegine täsir etmejek bolsa, onda olary bölüp aýyrmaga ýol berilýär.

5. Işi bölüp aýyrmak jenaýat yzarlaýşyny alyp barýan edaranyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy esasynda amala aşyrylýar. Jenaýat yzarlaýyş edarasynyň çykaran kararynyň göçürilen nusgasy bir gije-gündiziň dowamynda prokurora iberilýär. Kararyň (kesgitnamanyň) ýanyna asyl nusgada ýa-da göçürilen nusgada bölünip aýrylan materiallaryň sanawy goşulmalydyr.

6. Bölünip aýrylan iş boýunça önümçiligiň möhleti täze jenaýat boýunça ýa-da täze adam barada işi bölüp aýyrmak hakyndaky kararyň ýa-da kesgitnamanyň çykarylan gününden hasaplanylýar.

 

46-njy madda. Jenaýat işi boýunça önümçiligi togtatmak

 

1. Jenaýat işi boýunça önümçilik anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň, kazynyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy bilen şu Kodeksiň 308-nji maddasynyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda togtadylyp bilner.

2. Jenaýat işi boýunça önümçilik onuň togtadylmagy üçin esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylýança togtadylýar. Olar aradan aýrylandan soň anyklaýjynyň, sülçiniň, derňew bölüminiň müdiriniň, prokuroryň, kazynyň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy bilen iş boýunça önümçilik dikeldilýär.

3. Jenaýat işi boýunça önümçiligiň togtadylandygy ýa-da dikeldilendigi hakynda iş ýöredişe gatnaşyjylara habar berilýär. Jenaýat yzarlaýyş edarasynyň jenaýat işini togtatmak hakyndaky kararynyň göçürilen nusgasy bir gije-gündiziň dowamynda prokurora iberilýär.

(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 35-nji madda).

 

47-nji madda. Jenaýat işini ýatyrmak

 

1. Jenaýat işini şu Kodeksiň 31-nji maddasynyň birinji böleginde we 33-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça ýatyrmak şol jenaýat işi boýunça kazyýet önümçiligini alyp barýan edaralar we wezipeli adamlar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Jenaýat işini ýatyrmak hakyndaky karar sökülen halatynda jenaýat işi boýunça önümçilik jenaýat jogapkärçiligine çekmegiň wagt möhletleriniň çäklerinde täzeden başlanýar.

3. Jenaýat işiniň ýatyrylandygy we iş boýunça önümçiligiň täzeden başlanandygy hakynda güman edilýäne, aýyplanýana, adwokata, jebir çekene we onuň wekiline, raýat hak isleýjisine, raýat jogap berijisine ýa-da olaryň wekillerine, edara görnüşindäki tarapa ýa-da  şahsy adama ýazmaça görnüşde habar berilýär. Jenaýat işini ýatyrmak we iş boýunça önümçiligi täzeden başlamak hakyndaky kararyň göçürilen nusgasy jenaýat yzarlaýyş edarasy tarapyndan bir gije-gündiziň dowamynda prokurora iberilýär.

 

48-nji madda. Jenaýat işi boýunça önümçiligi tamamlamak

 

Jenaýat işi boýunça önümçilik aşakdaky ýagdaýlarda tamamlanýar:

1) jenaýat işi boýunça önümçiligiň doly ýatyrylandygy hakyndaky kararyň güýje girmegi bilen;

2) eger ýerine ýetirilmegi üçin ýörite çäreleriň görülmegini talap etmeýän bolsa, onda iş boýunça hökümiň ýa-da beýleki jemleýji çözgüdiň güýje girmegi bilen;

3) eger ýerine ýetirilmegi üçin ýörite çäreleriň görülmegini talap edýän bolsa, onda iş boýunça hökümi ýa-da degişli jemleýji çözgüdi ýerine ýetirmek üçin tassyknama alynmagy bilen.

 

49-njy madda. Ýaşyrynlygy saklamak

 

1. Jenaýat kazyýet önümçiliginiň dowamynda döwlet syryny (döwlet, harby we gulluk syryny, anyklaýyş we deslapky derňew syryny) we beýleki syrlary (täjirçilik syryny, lukmançylyk, şahsy syrlaryny we syrlaryň başga islendik görnüşlerini) düzýän, alynýan maglumatlary goramak boýunça şu Kodeksde we beýleki kanunlarda göz öňünde tutulan çäreler görülýär.

2. Jenaýat iş ýöredişi alyp barýan edara adamlara döwlet syryny we beýleki syrlary düzýän maglumatlary habar bermegi ýa-da bermegi teklip etse, şol adamlar degişli syrlary saklamak zerurlygyna salgylanmak bilen görkezilen talaby ýerine ýetirmekden ýüz dönderip bilmezler, ýöne olar degişli iş ýörediş hereketiniň teswirnamasyna girizilmäge degişli, jenaýat işi boýunça önümçilik üçin görkezilen maglumatlary almak zerurlygyny tassyklaýan düşündirişi ondan deslapdan almaga haklydyr.

3. Iş ýöredişe gatnaşyjylara döwlet syryny saklaýan maglumatlar bilen işlemäge ygtyýar berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.

4. Döwlet syrlaryny öz içine alýan maglumatlary saklaýan subutnamalar kazyýetiň ýapyk mejlisinde barlanylýar.

5. Beýleki syrlary öz içine alýan, şeýle hem şahsy durmuşyň pynhanlyk taraplaryny aýan edýän maglumatlary saklaýan subutnamalar kazyýetiň ýapyk mejlisinde barlanyp bilner.

6. Hususy durmuşyň eldegrilmesizligini bozmagyň, şahsy ýa-da maşgala syryny aýan etmegiň netijesinde adama ýetirilen zyýan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde öwezi dolunmaga degişlidir.

7. Anyklaýşyň we deslapky derňewiň materiallary aýan edilmäge degişli däldir. Eger derňewiň bähbitlerine garşy gelmese, beýleki adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini bozmak bilen baglanyşykly bolmasa, onda olar diňe jenaýat yzarlaýyş edarasynyň rugsady bilen, mümkin diýip onuň kesgitlän möçberinde aýan edilip bilner.

8. Jenaýat yzarlaýyş edarasy işde bar bolan materiallary öz rugsady bolmazdan aýan etmäge ýolbermezlik hakynda adwokata, şaýatlara, jebir çekene, raýat hak isleýjisine, raýat jogap berijisine ýa-da olaryň wekillerine, bilermene, hünärmene, terjimeçä, güwälere we anyklaýyş hem-de derňew hereketiniň önümçiligi mahalynda gatnaşýan beýleki adamlara duýdurmaga haklydyr. Görkezilen adamlardan jogapkärçiligi duýdurmak arkaly dilhaty alynýar.

 

6-njy bap. Iş ýörediş möhletleri

 

50-nji madda. Iş ýörediş möhletlerini hasaplamak

 

1. Şu Kodeksde bellenen möhletler sagatlar, gije-gündizler, aýlar we ýyllar bilen hasaplanylýar.

2. Möhletler hasaplanylanda, möhletleriň başlanýan sagady we gije-gündizi hasaba alynmaýar. Bu düzgün tutup saklamak amala aşyrylanda möhletleri hasaplamaga degişli däldir.

3. Möhletler gije-gündizler bilen hasaplanylanda, möhlet iň soňky gije-gündizde sagat ýigrimi dörtde gutarýar.

4. Möhletler aýlar bilen hasaplanylanda, möhlet iň soňky aýyň degişli gününde gutarýar, eger şol aýyň oňa degişli güni ýok bolsa, möhlet şol aýyň iň soňky gije-gündizinde gutarýar.

5. Eger möhletiň gutarmagy iş gününden başga güne düşýän bolsa, onda tutup saklamagyň, tussaglykda saklamagyň we lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ulanmagyň möhletlerini hasaplamakdan beýleki ýagdaýlarda möhletiň iň soňky güni diýlip, şonuň yzyndan gelýän birinji iş güni hasaplanylýar.

6. Adam jenaýat etmekde güman edilip tutulyp saklananda, möhlet bu çäräniň ulanylyp başlanan pursadyndan hasaplanylýar.

7. Eger şikaýatnama ýa-da başga resminama möhlet geçmänkä aragatnaşyk edarasyna tabşyrylan bolsa, tussaglykda saklanylýan adamlar barada - eger şikaýatnama ýa-da başga resminama möhlet geçmänkä tussaghananyň ýolbaşçylygyna tabşyrylan bolsa, lukmançylyk häsiýetindäki mejbury çäreler ulanylýan adamlar barada bolsa - eger şikaýatnama ýa-da başga resminama möhlet geçmänkä degişli lukmançylyk edarasynyň ýolbaşçylygyna tabşyrylan bolsa, möhlet geçmedik diýlip hasap edilýär.

 

51-nji madda. Möhleti geçirmegiň netijeleri we ony dikeltmegiň tertibi

 

1. Möhleti geçenden soň amala aşyrylan iş ýörediş hereketleri hakyky däl diýlip hasap edilýär.

2. Esasly sebäplere görä geçirilen möhlet gyzyklanýan degişli adamyň haýyşy boýunça anyklaýjynyň, sülçiniň, prokuroryň karary ýa-da kazyýetiň kesgitnamasy bilen dikeldilmelidir. Şunda möhlet ony geçiren adam üçin dikeldilýär, eger jenaýat işini alyp barýan edaranyň degişli kararynda ýa-da kazyýetiň kesgitnamasynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol başga adamlar üçin dikeldilmeýär.

3. Bellenilen möhleti geçirmek bilen şikaýat edilen çözgüdiň ýerine ýetirilmegi gyzyklanýan degişli adamyň haýyşy boýunça geçirilen möhleti dikeltmek hakyndaky mesele çözülýänçä togtadylyp bilner.

4. Möhleti dikeltmekden ýüz döndermek barada şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde şikaýat edilip ýa-da oňa teklipnama getirilip bilner.

 

Ikinji bölüm

Jenaýat iş ýöredişe gatnaşýan edaralar we adamlar

 

7-nji bap. Kazyýet we kazyýete degişlilik

 

52-nji madda. Kazyýet

 

1. Kazyýet - kazyýet häkimiýetiniň edarasy bolup, ol jenaýat işleri boýunça adyl kazyýetligi amala aşyrýar.

2. Her bir jenaýat işi kazyýetiň diňe kanuny, garaşsyz, ygtyýarly, tarapgöýsüz düzümi tarapyndan şu Kodeksiň düzgünlerine laýyklykda seredilip bilner.

3. Türkmenistanda jenaýat işleri boýunça adyl kazyýetlik Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleri tarapyndan amala aşyrylýar.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

53-nji madda. Kazyýetiň düzümi

 

1. Jenaýat işlerine ähli kazyýetlerde kanun boýunça bellenilen kazylar we degişli tertipde saýlanan ýa-da bellenen kazyýetiň oturdaşlary tarapyndan seredilýär.

2. Birinji basgançakly kazyýetlerde jenaýat işleriň seredilmegi uly bolmadyk agyr we ortaça agyr jenaýatlar boýunça ( kämillik ýaşyna ýetmedikleriň eden jenaýatlaryndan başgasy) kazynyň ýekeliginde, galanlary bolsa kazydan we kazyýetiň iki oturdaşyndan ybarat düzümde amala aşyrylýar.

3. Adyl kazyýetlik amala aşyrylan mahalynda kazyýetiň oturdaşlary kazynyň hukuklaryndan deň derejede peýdalanýarlar. Kazyýetiň oturdaşlary kazyýet mejlisinde jenaýat işine seredilende we höküm çykarylanda ýüze çykýan ähli meseleleri çözmekde geňeşli seretmek ýörelgelerine esaslanyp, kazyýet mejlisinde başlyklyk ediji bilen deň hukuklardan peýdalanýarlar.

4. Işe nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça kazyýet çözgütlerine gaýtadan seretmek azyndan üç kazydan ybarat düzümde amala aşyrylýar.

5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Giňişleýin mejlisi işlere onuň düzüminiň azyndan üçden iki bölegi gatnaşan mahalynda seredýär.

(2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 42-nji madda).

 

54-nji madda. Kazyýetiň düzüminiň üýtgewsizligi

 

1. Her bir işe kazylaryň hut şol bir düzümi seretmelidir. Eger kazylaryň haýsydyr biriniň mejlise gatnaşmagyny dowam etmegi mümkin bolmasa, ol başga kazy bilen çalşyrylýar we şu Kodeksiň 55-nji maddasynda göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda işi seljermek başdan başlanmalydyr.

2. Başlyklyk ediji kazyýetiň düzüminden çykyp giden halatynda işi seljermek gaýra goýulýar.

 

55-nji madda. Kazyýetiň ätiýaçdaky oturdaşy

 

1. Kazyýetde seljerilmegi uzak wagty talap edýän jenaýat işi boýunça kazyýetiň kesgitnamasy bilen kazyýet mejlisine kazyýetiň ätiýaçdaky oturdaşy çagyrylyp bilner. Kazyýetiň ätiýaçdaky oturdaşy şol işiň seljerilmeginiň başyndan başlap kazyýet mejlishanasynda bolýar we kazyýetiň düzüminden kazyýetiň oturdaşy çykyp giden mahalynda onuň ornuny tutýar.

2. Eger kazyýetiň çykyp giden oturdaşynyň ýerine gelen ätiýaçdaky oturdaş özüniň gatnaşmazlygynda geçirilen kazyýet hereketleriniň täzeden gaýtalanmagyny talap etmese, onda ol şol hereketler barasynda kazyýet mejlisiniň teswirnamasynyň ýazgysy bilen tanyşdyrmak bilen işi seljermek dowam edilýär.

 

56-njy madda. Kazyýetiň ygtyýarlary

 

1. Kazyýet häkimiýetini ýörediji hökmünde kazyýetiň ygtyýarlary kanun tarapyndan kesgitlenýär.

2. Şu aşakdakylara diňe kazyýet haklydyr:

1) adamy jenaýaty etmekde günäkär diýip bilmäge we oňa jeza bellemäge;

2) adamy bigünä diýip bilmäge we ol barasynda aklaw hökümini çykarmaga;

3) adama lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleri ýa-da terbiýeçilik täsirli mejbury çäreleri ulanmaga;

4) kazyýet çözgüdini sökmäge ýa-da üýtgetmäge.

3. Eger işe seredilende jenaýatyň amala aşyrylmagyna, adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň bozulmagyna ýol açan sebäpler we şertler, şeýle hem anyklaýyş, deslapky derňew döwründe ýa-da aşaky kazyýet tarapyndan işe seredilende goýberilen kanun bozulmalar ýüze çykarylan bolsa, kazyýet hususy kesgitnama çykarýar. Hususy kesgitnamada kazyýet, zerur çäreleriň görülmegini talap edýän görkezilen ýagdaýlara we kanun bozulmalara degişli guramalaryň, wezipeli adamlaryň ýa-da dolandyryş wezipelerini ýerine ýetirýän adamlaryň ünsüni çekýär. Eger ýüze çykarylan hukuk bozulmalary kanun boýunça administratiw jogapkärçiligine eltýän bolsa, onda kazyýet jenaýat işi boýunça çykarylan çözgüt bilen birlikde Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary hakynda kanunçylygyna laýyklykda, şol hukuk bozulmalary üçin günäkär bolan, ýöne şol bir iş boýunça aýyplaw hökümi çykarylanlardan başga şahsy adama ýa-da edara görnüşindäki tarapyň ýolbaşçylaryna administratiw temmisini bermäge ýa-da şol temmini ulanmak barada degişli edaralaryň öňünde mesele goýmaga haklydyr.

4. Kazyýet zerur hasap eden mahalynda başga halatlarda-da hususy kesgitnama çykarmaga, şeýle hem şu Kodeksde göz öňünde tutulan halatlarda administratiw temmisini bermäge haklydyr.

(2017-nji ýylyň 26-njy awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 110-njy madda).

 

57-nji madda. Kazy

 

1. Kazy öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde, bellenilen tertipde bir özi ýa-da kazyýet oturdaşlary bilen bilelikde işe seredýär, kazyýet mejlisini taýýarlamakda ýa-da onuň höküminiň we beýleki çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmekde görkezme beriji hereketleri amala aşyrýar we şunda kazyýetiň ygtyýarlaryndan peýdalanýar.

2. Kazyýet kollegiýasynyň düzüminde işe seredýän kazy seredilýän iş bilen baglylykda ýüze çykýan meseleler çözülende başlyklyk ediji we beýleki kazylar bilen deň hukuklardan peýdalanýar.

(2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý.,3, 42-nji madda).

 

58-nji madda. Iş boýunça başlyklyk ediji

 

1. Jenaýat işine kazyýet kollegiýasynyň düzüminde seredilende kazyýetiň başlygy, kazyýet kollegiýasynyň başlygy ýa-da kanunda göz öňünde tutulan tertipde ygtyýarlandyrylan kazylaryň biri başlyklyk edýär. Işe iki oturdaş bilen bilelikde seredýän kazy başlyklyk ediji hasaplanylýar. Kazynyň ýekelikde seredýän işleri boýunça ol başlyklyk ediji hasaplanýar.

2. Başlyklyk ediji kazyýet mejlisiniň gidişine ýolbaşçylyk edýär, jenaýat işiniň adalatly seredilmegini we şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki talaplaryň berjaý edilmegini üpjün edýär.

3. Kazyýet mejlisinde başlyklyk edijiniň buýruklary iş ýöredişe gatnaşyjylaryň we kazyýet mejlishanasyndaky beýleki adamlaryň ählisi üçin hökmanydyr.

(2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý.,3, 42-nji madda).

 

59-njy madda. Kazyýet mejlisiniň kätibi

 

1. Kazyýet mejlisiniň kätibi kazyýet mejlisiniň we serenjam mejlisiniň teswirnamasyny ýöredýär hem-de teswirnamada ýazylanlaryň hemmesiniň kazyýet seljerişi wagtynda bolup geçýän ýagdaýlara takyk laýyk gelmegine jogapkärdir.

2. Kazyýet mejlisiniň kätibi şu Kodeksiň 103-nji maddasynda görkezilen esaslar boýunça we tertipde ynanmazlyk bildirilmäge degişlidir. Emma kätip hökmünde onuň ozal hem şol işe gatnaşmagy ynanmazlyk bildirmek üçin esas bolup bilmez.

3. Kazyýet mejlisiniň kätibine ynanmazlyk bildirilen mahalynda kazyýet onuň düşündirişini we iş ýöredişe beýleki gatnaşyjylaryň pikirini diňleýär, şondan soň ynanmazlyk bildirmek hakyndaky mesele kazyýet tarapyndan maslahat otagynda çözülýär. Kazyýet mejlisiniň kätibine bildirilen ynanmazlyk kanagatlandyrylan halatynda kazyýet mejlisi täzeden başlanmaga degişlidir.

 

60-njy madda. Işleriň etrap, etrap hukukly şäher kazyýetinde seredilmäge degişliligi

 

1. Etrap, etrap hukukly şäher kazyýeti birinji basgançakly kazyýet hökmünde hereket edýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň seretmegine degişli işlerden başga jenaýat işleriniň hemmesi etrap, etrap hukukly şäher kazyýetinde seredilmäge degişlidir.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

61-nji madda. Işleriň welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetinde seredilmäge degişliligi

 

1. Welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýeti birinji, ikinji we gözegçilik basgançakly kazyýet hökmünde hereket edýärler.

2. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 101-nji maddasynyň ikinji böleginde, 124-nji, 128-nji we 129-njy maddalarynda, 132-nji maddasynyň üçünji böleginde, 133-nji maddasynyň dördünji böleginde, 165-nji, 174-nji, 179–195-nji maddalarynda, 203-nji maddasynyň üçünji böleginde, 208-211-nji maddalarynda, 231-nji, 234-nji, 274-nji maddalarynda, 276-njy maddasynyň üçünji we dördünji böleklerinde, 293-nji, 294-nji, 301-nji, 306-308-nji maddalarynda, 327-nji maddasynyň üçünji böleginde, 329-njy maddasynyň dördünji böleginde, 363-nji maddasynyň ikinji, üçünji we dördünji böleklerinde, 367-nji, 371-nji maddalarynda, 391-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan jenaýat işleri, şeýle hem döwlet wezipeli adamlary we kazyýetiň oturdaşlary tarapyndan edilen jenaýatlar baradaky jenaýat işleri welaýat, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň birinji basgançakly kazyýet hökmünde seretmegine degişlidir.

(2011-nji ýylyň 4-nji awgustyndaky, 2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky, 2022-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky we 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunlarynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 3, 56-njy madda; 2014 ý., № 1, 41-nji madda; Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 4, 112-nji madda; Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

62-nji madda. Işleriň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde seredilmäge degişliligi

 

1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti birinji, ikinji we gözegçilik basgançakly kazyýet hökmünde hereket edýär.

2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň seretmegine onuň hut öz başlangyjy boýunça önümçiligine kabul eden aýratyn çylşyrymly ýa-da jemgyýetçilik taýdan aýratyn ähmiýetli jenaýat işleri, şeýle hem kazylar tarapyndan edilen jenaýatlar hakyndaky, şonuň ýaly-da kanunda görkezilen beýleki işler degişlidir.

(2014-nji ýylyň 1-nji martyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 1, 41-nji madda).

 

63-nji madda. Aşaky kazyýetde seredilmäge degişli jenaýat işini ýokarky kazyýetiň öz önümçiligine almak hukugy

 

Ýokarky kazyýet aşaky kazyýetiň seretmegine degişli her bir jenaýat işini birinji basgançakly kazyýet hökmünde öz önümçiligine almaga haklydyr.

 

64-nji madda. Jenaýat işiniň çäkler boýunça seredilmäge degişliligi

 

1. Jenaýat haýsy kazyýetiň iş çäginde edilen bolsa, şol kazyýetiň seretmegine degişlidir. Eger jenaýatyň edilen ýerini kesgitlemek mümkin bolmasa, iş boýunça anyklaýyş ýa-da deslapky derňew haýsy kazyýetiň iş çäginde tamamlanylan bolsa, iş şol kazyýetde seredilmäge degişlidir.

2. Arasy üzülmeýän we dowam edýän jenaýatlar wagtynda, haýsy kazyýetiň iş çäginde jenaýat gutaran ýa-da öňi alnan bolsa, iş şol kazyýetde seredilmäge degişlidir.

 

65-nji madda. Adybir kazyýetleriň seretmegine degişli işler birleşdirilende işiň kazyýetde seredilmäge degişliligi

 

Haýsydyr bir esaslara görä birwagtyň özünde adybir kazyýetleriň birnäçesiniň seretmegine degişli bolan işe anyklaýyş ýa-da deslapky derňew haýsy kazyýetiň iş çäginde tamamlanylan bolsa, iş şol kazyýetde seredilmäge degişlidir.

 

66-njy madda. Ady başga kazyýetleriň seretmegine degişli işler birleşdirilende işiň kazyýetde seredilmäge degişliligi

 

Bir adam ýa-da adamlaryň topary birnäçe jenaýatlary etmekde aýyplanyp, bular hakyndaky işler ady başga kazyýetleriň seretmegine degişli bolan mahalynda, ähli jenaýatlar hakyndaky işe şol kazyýetleriň ýokarkysy tarapyndan seredilýär.

 

67-nji madda. Işi degişli kazyýetinden alyp başga kazyýete bermek

 

1. Aýry-aýry halatlarda jenaýat işine has doly, çalt we dogry seretmek maksady bilen ol özüniň degişli bolan kazyýetinden başga kazyýete, ýagny jenaýatyň ýüze çykarylan ýa-da onuň netijeleriniň emele gelen, şeýle hem aýyplanýanyň ýa-da şaýatlaryň köpüsiniň bolýan ýerindäki kazyýete berlip bilner. Işiň şol esaslar boýunça başga kazyýete berilmegine diňe kazyýet mejlisinde oňa seretmäge başlanmazyndan öň ýol berilýär.

2. Işi başga kazyýete bermek meselesi ýokarky kazyýetiň başlygy tarapyndan, işi bir welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň, etrap, etrap hukukly şäher kazyýetinden beýleki welaýatyň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäheriň, etrap, etrap hukukly şäher kazyýetine bermek meselesi bolsa Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan çözülýär.

(2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda – Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, ___-nji madda).

 

68-nji madda. Jenaýat işini degişli kazyýetine bermek

 

1. Kazyýet gowşan jenaýat işiniň şol kazyýetiň seretmegine degişli däldigini serenjam mejlisinde anyklandan soň, ony degişliligi boýunça iberýär.

2. Kazyýet öz önümçiligindäki işiň edil özi ýaly başga kazyýetiň seretmegine degişlidigini anyklan mahalynda, eger ol öz kazyýet mejlisinde şol işe seretmäge girişen bolsa, diňe şonda ony özüniň önümçiliginde galdyrmaga haklydyr. Ýöne, eger iş ýokarky kazyýetde seredilmäge degişli bolsa, onda ol iş ähli halatlarda öz degişliligi boýunça iberilmelidir.

3. Ýokarky kazyýetiň mejlisinde seredilip başlanan işiň aşaky kazyýete berilmegine ýol berilmeýär.

 

69-njy madda. Işiň haýsy kazyýete degişliligi hakyndaky jedellere ýolberilmesizligi

 

1. Işiň haýsy kazyýete degişliligi hakynda kazyýetleriň arasynda jedellere ýol berilmeýär. Şeýle jedeller ýüze çykan halatynda işiň haýsy kazyýete degişliligi baradaky mesele ýokarky kazyýet tarapyndan çözülýär. Onuň çözgüdi gutarnyklydyr we şikaýat edilmäge degişli däldir.

2. Şu Kodeksiň 67-nji we 68-nji maddalarynda bellenen tertipde bir kazyýetden başga kazyýete iberilen her bir iş onuň iberilen kazyýeti tarapyndan önümçilige gürrüňsiz kabul edilmelidir.

 

70-nji madda. Kazyýetleriň işine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň gözegçiligi

 

Türkmenistanyň çäklerinde hereket edýän ähli kazyýetleriň işine kazyýet gözegçiligini şu Kodeksde bellenen tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýar.

 

8-nji bap. Jenaýat yzarlaýyş wezipesini amala aşyrýan

edaralar we wezipeli adamlar

 

71-nji madda. Prokuror

 

Prokuror öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde jenaýat işleriniň kanuna laýyk gozgalmagyny üpjün edýär hem-de dessin-agtaryş, anyklaýyş we deslapky derňew edaralary tarapyndan iş ýörediş hereketleri geçirilen mahalynda kanunlaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýan wezipeli adamdyr.

(2012-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 4, 110-njy madda).

 

72-nji madda. Jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçilikde prokuror gözegçiligi

 

1. Jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçilikde kanunlaryň takyk hem birmeňzeş ýerine ýetirilmegine gözegçiligi Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.

2. Prokuror jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçiligiň dowamynda kanunyň kim tarapyndan bozulýandygyna garamazdan, kanunyň her hili bozulmalaryny ýok etmek üçin kanunda göz öňünde tutulan çäreleri öz wagtynda görmäge borçludyr.

3. Jenaýat işi boýunça kazyýete çenli önümçilikde prokuror öz ygtyýarlaryny hiç hili edaralara hem-de wezipeli adamlara garaşsyzlykda, diňe kanuna tabyn bolmak bilen amala aşyrýar.

4. Prokuroryň kanunalaýyk çykaran çözgütlerini ýerine ýetirmek ähli edaralar, kärhanalar, guramalar, wezipeli adamlar, raýatlar üçin hökmanydyr.

 

73-nji madda. Sülçi

 

Sülçi jenaýat işleri boýunça deslapky derňewi öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde geçirmäge we şu Kodeksde göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlary amala aşyrmaga ygtyýarlandyrylan wezipeli adamdyr.

 

74-nji madda. Sülçiniň ygtyýarlary

 

1. Sülçi degişli dolandyryş çäklerindе jenaýat işini gozgamaga, ol boýunça deslapky derňewi geçirmäge we şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde ähli derňew hereketlerini ýerine ýetirmäge haklydyr.

2. Prokuror sanksiýasyny almak kanunda göz öňünde tutulan halatlardan başga wagtda sülçi deslapky derňew geçirilende, derňewiň ugry hakynda we derňew hereketlerini geçirmek hakynda hemme çözgütleri özbaşdak kabul edýär we olaryň kanunalaýyk hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegine doly jogapkärçilik çekýär.

3. Aýyplanýan hökmünde jenaýat jogapkärçiligine çekmek hakyndaky, edilen jenaýatly etmişi maddalaşdyrmak we ýüklenýän aýybyň möçberi hakyndaky, aýyplanýanyň işi boýunça kazyýet seljerişini bellemek üçin işi kazyýete ibermek ýa-da işi şu Kodeksde bellenen tertipde ýatyrmak hakyndaky prokuroryň görkezmeleri bilen sülçi razylaşmadyk halatynda, ol öz närazylyklaryny ýazmaça beýan edip, işi ýokarky prokurora bermäge haklydyr. Şunuň ýaly bolanda ýokarky prokuror aşaky prokuroryň görkezmelerini ýatyrýar ýa-da şol iş boýunça derňew geçirmegi başga sülçä tabşyrýar.

4. Deslapky derňew geçirmek hökman bolan işler boýunça sülçi, anyklaýyş edaralarynyň şu Kodeksiň 235-nji maddasynda göz öňünde tutulan hereketleri ýerine ýetirmegine garaşmazdan, deslapky derňewi geçirmäge islendik pursatda girişmäge haklydyr.

5. Sülçi jenaýat etmekde güman edilýäni şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde we esaslarda tutup saklamaga hem-de ondan sorag etmäge haklydyr.

6. Sülçi özüniň derňeýän işleri boýunça gözleg hem-de derňew hereketlerini geçirmek hakynda anyklaýyş edaralaryna tabşyryk we görkezme bermäge hem-de aýry-aýry derňew hereketlerini geçirmegi anyklaýyş edaralaryndan talap etmäge haklydyr. Sülçiniň şeýle tabşyryklary we görkezmeleri anyklaýyş edaralary üçin hökmanydyr.

7. Sülçiniň öz önümçiligindäki derňeýän jenaýat işi boýunça kanuna laýyklykda çykaran kararlaryny ähli edaralaryň, kärhanalaryň, guramalaryň, wezipeli adamlaryň we raýatlaryň ýerine ýetirmegi hökmanydyr.

 

75-nji madda. Derňew bölüminiň müdiriniň ygtyýarlary

 

1. Derňew bölüminiň müdiri derňewi geçirmegi sülçä tabşyrýar, jenaýatlaryň üstüni açmak we öňüni almak boýunça derňew hereketlerini sülçüleriň öz wagtynda geçirmegine gözegçilik edýär, jenaýat işleri boýunça deslapky derňewiň has doly, hemmetaraplaýyn we dogry geçirilmegi üçin çäreler görýär.

2. Derňew bölüminiň müdiri jenaýat işlerini barlamaga, deslapky derňew geçirmek hakynda, aýyplanýan hökmünde jenaýat jogapkärçiligine çekmek, edilen jenaýatly etmişi maddalaşdyrmak we ýüklenýän aýybyň möçberi hakynda, işi ibermek hakynda, şu Kodeksde göz öňünde tutulan tertipde işi ýatyrmak hakynda, aýry-aýry derňew hereketlerini geçirmek hakynda sülçä görkezmeler bermäge, işi bir sülçüden alyp başga sülçä bermäge, işi derňemegi birnäçe sülçä tabşyrmaga, şeýle hem deslapky derňew geçirilende oňa gatnaşmaga we sülçiniň ygtyýarlyklaryndan peýdalanyp, hut özi deslapky derňew geçirmäge haklydyr.

3. Jenaýat işi boýunça derňew bölüminiň müdiriniň görkezmeleri sülçä ýazmaça görnüşde berilýär we olar hökman ýerine ýetirilmelidir.

4. Şu Kodeksiň 74-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan halatlardan başga halatlarda, alnan görkezmeler barada prokurora şikaýat edilmegi şol görkezmeleriň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

5. Prokuroryň şu Kodeksde bellenen düzgünlere laýyklykda jenaýat işleri boýunça beren görkezmeleri derňew bölüminiň müdiri üçin hökmanydyr. Şol görkezmeler barada ýokarky prokurora şikaýat edilmegi olaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.

(2020-nji ýylyň 22-nji awgustyndaky Türkmenistanyň Kanunynyň redaksiýasynda - Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 35-nji madda).

 

76-njy madda. Anyklaýyş edaralary

 

Anyklaýyş edaralary şu aşakdakylardyr:

1) içeri işler edaralary – kanun arkaly özleriniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen işler boýunça;

2) harby bölümleriň, birikmeleriň serkerdeleri we harby edaralaryň ýolbaşçylary - özlerine tabyn harby gullukçylaryň eden ähli jenaýatlary hem-de harby borçlularyň ýygnanyşyklar geçýän wagtlarynda eden ähli jenaýatlary hakyndaky işler boýunça, harby edaralarda we harby bölümlerde işleýän harby gullukçy däl adamlaryň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekleri bilen baglylykda eden ýa-da harby bölümleriň, birikmeleriň we edaralaryň ýerleşýän ýerinde eden jenaýatlary hakyndaky işler boýunça

3) milli howpsuzlyk edaralary - kanun arkaly özleriniň ygtyýarlygyna degişli edilen işler boýunça