TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda
(rejelenen görnüşi)
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 4, 139-njy madda)
(Türkmenistanyň 20.03.2017 ý. № 525-V, 09.06.2018 ý. № 37-VI,
20.10.2018 ý. № 80-VI we 14.03.2020 ý. № 234-VI Kanunlary esasynda girizilen
üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Türkmenistanyň prokuraturasy
1. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýär.
2. Prokuror kazyýetlerde işleriň seljerilişine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşyp, raýatlaryň hukuklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýär.
2-nji madda. Şu Kanunda bar bolan käbir adalgalaryň düşündirilişi
1. «Prokuror» diýlip Türkmenistanyň Baş prokuroryna, welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokurorlaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlara, olaryň orunbasarlaryna, uly kömekçilerine we kömekçilerine, baş müdirlikleriň we müdirlikleriň, baş bölümleriň we bölümleriň müdirlerine, olaryň orunbasarlaryna, uly prokurorlaryna we prokurorlaryna aýdylýar.
2. «Prokuratura işgäri» diýlip prokuratura edaralarynda belli bir wezipäni eýeläp, prokuratura edaralarynyň öňündäki wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan döwlet gullukçysyna düşünilýär.
3-nji madda. Prokuraturanyň işiniň maksatlary we ugurlary
1. Prokuraturanyň Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine, şeýle-de Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplaryna laýyklykda kabul edilen beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmeginiň maksady kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün etmekden we kanunylygy pugtalandyrmakdan ybarat bolup:
1) raýatlaryň durmuş-ykdysady, syýasy we gaýry hukuklaryny we azatlyklaryny;
2) döwlet häkimiýet edaralaryň, Ýaragly Güýçleriň, beýleki goşunlaryň we harby edaralaryň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hukuklaryny;
3) önümçilik-hojalyk we täjirçilik işine gatnaşyjylaryň hukuklaryny goramakdyr.
2. Prokuratura edaralary:
1) Türkmenistanyň raýatlarynyň, daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişine gözegçiligi;
2) şu maddanyň 1-nji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilenler tarapyndan kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine umumy gözegçiligi;
3) dessin-agtaryş, anyklaýyş we derňew edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi;
4) kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda jenaýaty derňemegi, jenaýat edenleri jenaýat jogapkärçiligine çekmegi;
5) korrupsiýa garşy hereket etmek hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi;
6) kanunlarda göz öňünde tutulan halatlarda kazyýetlerde işleriň seljerilişine gatnaşmagy, raýatlaryň hukuklarynyň, kanun arkaly goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmegi, kazyýetiň kanuna ters gelýän hökümlerine, çözgütlerine, kararlaryna we kesgitnamalaryna teklipnama ýa-da garşylyknama getirmegi;
7) tutulyp saklananlaryň, tussag edilenleriň saklanylýan we azatlykdan mahrum ediş jezalarynyň ýerine ýetirilýän ýerlerinde, kazyýetiň bellän beýleki jezalarynyň, mejbur ediş häsiýetli çäreleriň ýerine ýetirilýän edaralarynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine gözegçiligi;
8) hukuk goraýjy edaralaryň jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça alyp barýan işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň prokuraturasy öz ygtyýarlyklarynyň çygryna girýän ugurlar boýunça kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna gatnaşýar.
4-nji madda. Halkara hyzmatdaşlygy
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde daşary ýurt döwletleriniň degişli edaralary, şonuň ýaly-da halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözmäge gatnaşýar.
5-nji madda. Prokuraturanyň işiniň hukuk esaslary
1. Prokuratura edaralarynyň işiniň guralyşy we tertibi hem-de prokurorlaryň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we prokuratura edaralarynyň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk wezipeleri ýerine ýetirmek prokuraturanyň üstüne ýüklenilip bilinmez.
6-njy madda. Prokuraturanyň guralyşynyň we işiniň ýörelgeleri
1. Prokuratura edaralarynyň kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmek işi kanunylyga esaslanýar.
2. Türkmenistanyň prokuraturasy aşakda durýan prokurorlaryň ýokarda durýan prokurorlara we Türkmenistanyň Baş prokuroryna tabynlyk ýörelgesine esaslanýan prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyny (mundan beýläk – prokuratura edaralary) düzýär.
3. Türkmenistanyň prokuratura edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) öz ygtyýarlyklaryny döwlet häkimiýet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, wezipeli adamlara we jemgyýetçilik birleşiklerine garaşsyz, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna pugta laýyklykda amala aşyrýarlar;
2) kim tarapyndan kanunyň bozulandygyna garamazdan, kanun bozulmalaryny aradan aýyrmak, bozulan hukuklary dikeltmek hem-de bu düzgün bozulmalaryna ýol beren adamlary kanunda bellenen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýärler;
3) kanunylygy we hukuk tertibini pugtalandyrmak işinde hukuk goraýjy we beýleki degişli edaralar bilen bilelikde hereket edýärler;
4) ýörite kanun arkaly goralýan syrlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän ýagdaýlarda aýan hereket edýärler;
5) ýurtda kanunylygyň we hukuk tertibiniň ýagdaýy, olary pugtalandyrmak boýunça prokuratura edaralarynyň işi hakynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat, Türkmenistanyň Mejlisine we Ministrler Kabinetine maglumat berýärler.
7-nji madda. Prokuraturanyň işi we şahsyýetiň hukuklary
1. Prokuratura işgärleri öz işini amala aşyranlarynda raýatlaryň haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişliligine ýa-da haýsydyr bir partiýa degişli däldigine garamazdan, adamyň we raýatyň kanun öňündäki döwlet tarapyndan kepillendirilen hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny üpjün edýärler. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan esaslarda we tertipde ýol berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda raýatyň şahsy durmuşyna degişli we onuň namysyny, mertebesini kemsidýän ýa-da onuň hukuklaryna we kanuny bähbitlerine zyýan ýetirip biljek maglumatlaryň aýan edilmegine ýol berilmeýär.
2. Prokuratura işgärleri jenaýat işleri boýunça tutulyp saklanan we ätiýaçsyzlandyryş çäresi ulanylan adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde özlerini goramaga bolan kanuny hukuklaryny amala aşyrmaga mümkinçilik döredýärler.
3. Özi babatda barlag ýa-da derňew geçirilen adamlar barlagyň ýa-da derňewiň netijesi bilen tanyşmaga, hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäklendirilmeginiň sebäplerini bilmäge we maglumat almaga hukuklydyrlar.
4. Prokuratura işgäriniň hereketleri bilen özüniň hukuklary, azatlyklary we kanuny bähbitleri kemsidilen hasap edýän adam bu barada ýokarda durýan prokurora şikaýat etmäge hukuklydyr.
8-nji madda. Prokuratura işgärleriniň garaşsyzlygynyň kepillikleri
1. Prokuratura işgärleri öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda garaşsyzdyrlar we eldegrilmesizlik hukugyndan peýdalanýarlar.
2. Prokuratura işgärlerini bikanun çözgüt kabul etmäge mejbur etmek ýa-da olaryň kanuny işine päsgel bermek maksady bilen döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň wezipeli adamlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem raýatlaryň haýsydyr bir görnüşde olara täsir etmegi gadagandyr we kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
3. Prokuratura edaralarynyň geçirýän barlaglarynyň we deslapky derňewiniň barşynda alnan maglumatlary ol hereketleriň tamamlanmagyna çenli prokuroryň ýa-da sülçiniň rugsady bolmasa, hiç kimiň aýan etmäge haky ýokdur.
9-njy madda. Prokuroryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmegiň hökmanylygy
1. Prokuroryň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we kanunlarynda göz öňünde tutulan ygtyýarlyklaryndan gelip çykýan talaplaryny ýerine ýetirmek döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli kärhanalar, edaralar, guramalar, wezipeli adamlar we raýatlar üçin hökmanydyr we bellenilen möhletde berjaý edilmäge degişlidir.
2. Statistik we beýleki maglumatlar, resminamalar ýa-da olaryň nusgalary, kepilnamalar we prokuroryň öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagy üçin zerur bolan beýleki maglumatlar prokuroryň talap etmegi boýunça oňa tölegsiz berilýär.
3. Wezipeli adamlar we raýatlar prokuroryň çagyrmagy boýunça barmaga hem-de geçirilýän prokuror barlagy bilen baglanyşykly meseleler boýunça düşündiriş bermäge borçludyrlar.
4. Esasly sebäpler bolmazdan, prokuroryň kanuny talaplarynyň wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan ýerine ýetirilmezligi, şeýle hem onuň çagyrmagy boýunça barmakdan boýun gaçyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär. Bellenilen tertibe laýyklykda çagyrylan adam esassyz sebäplere görä prokuratura gelmekden ýüz dönderen halatynda, prokuroryň karary esasynda mejbury ýagdaýda getirilip bilner.
10-njy madda. Prokuratura edaralarynda arzalara we şikaýatlara seretmek
1. Prokuratura edaralary raýatlaryň, ýuridik şahslaryň kanunlaryň bozulandygy hakynda maglumatlary bar bolan arzalaryna, şikaýatlaryna we beýleki ýüztutmalaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde seredýärler we çözýärler. Şikaýatlary hereketlerine ýa-da çözgütlerine şikaýat edilýän edara ýa-da wezipeli adama seretmek üçin ibermek gadagandyr.
2. Raýatlardan we ýuridik şahslardan prokuratura edaralaryna gelip gowuşýan ýüztutmalara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde seredilýär.
3. Prokuror raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar, döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalarda, edaralarda we guramalarda arzalara we şikaýatlara seretmegiň tertibini düzgünleşdirýän kanunçylygyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.
4. Ýüze çykarylan kanun bozulmalaryň her biri boýunça prokuror raýatlaryň we ýuridik şahslaryň bozulan hukuklaryny we kanuny bähbitlerini dikeltmek, düzgün bozujylary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri görýär.
5. Arzalara, şikaýatlara we beýleki ýüztutmalara berilýän jogaplar delillendirilen bolmalydyr hem-de olarda kabul edilen çözgütlere şikaýat etmegiň tertibi düşündirilmelidir.
11-nji madda. Prokuroryň hereketlerine we namalaryna şikaýat etmek
1. Prokuror gözegçiliginiň hereketlerine we namalaryna şikaýatlar, eger kanunda başga möhlet bellenilmedik bolsa, onda prokuroryň şikaýat edilýän hereketiniň amala aşyrylan ýa-da namasynyň yglan edilen pursadyndan başlap on günüň dowamynda ýokardaky prokurora getirilip bilner. Şikaýat etmek olaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaýar.
2. Prokuror öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen, raýatlar we ýuridik şahslar barada amala aşyrylýan hereketleri ýa-da prokuror gözegçiliginiň çykarylan namalaryny, olara şikaýat etmegiň tertibini we möhletlerini düşündirmäge borçludyr.
3. Ýokardaky prokuror aşakdaky prokuroryň hereketlerine we namalaryna bolan şikaýatlara bir aý möhletde seredýär we netijeleri hakynda arz edijä hem-de hereketlerine şikaýat edilen prokurora ýazmaça jogap berýär.
4. Prokuror gözegçiliginiň şikaýat edilen namasy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmedik halatynda ol ýokardaky prokuror tarapyndan yzyna alnyp, ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner.
12-nji madda. Prokuroryň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatnaşmagy
1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ministrler Kabinetiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maslahatlaryna gatnaşmaga hukuklydyr.
2. Welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokurorlary ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maslahatlaryna, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar bolsa öz gözegçilik edýän çäklerinde geçirilýän maslahatlara gatnaşmaga hukuklydyr.
3. Prokuror, onuň orunbasary, şeýle hem olaryň tabşyrmagy boýunça beýleki prokurorlar öz girizen teklipnamalarynyň we garşylyknamalarynyň döwlet dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, eýeçiligiň görnüşine garamazdan kärhanalar, edaralar, guramalar, şeýle-de jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan seredilişine gatnaşmaga hukuklydyr.
13-nji madda. Prokuroryň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyny kämilleşdirmek işine gatnaşmagy
Prokuror gözegçiligi amala aşyrylýan döwründe Türkmenistanyň hereket edýän kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek zerurlygy ýüze çykan halatynda, Baş prokuror kanun çykaryjylyk başlangyjyna hukugy bolan wezipeli adamlara we edaralara Türkmenistanyň kanunlaryny üýtgetmek, goşmaça girizmek, ýatyrmak ýa-da täzeden kabul etmek hakyndaky teklipleri girizmäge hukuklydyr.
II bölüm. PROKURATURA EDARALARYNYŇ
ULGAMY WE GURALYŞY
14-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ulgamy
1. Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär.
2. Prokuratura edaralarynyň ulgamy şulardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň Baş prokuraturasy;
2) welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalary;
3) etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň prokuraturalary;
4) harby prokuraturalar;
5) ýöriteleşdirilen prokuraturalar.
3. Prokuraturanyň ýerlerdäki edaralaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklibi boýunça bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
15-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokuroryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
1. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar.
2. Türkmenistanyň Baş prokurory ygtyýarlyk möhleti tamamlananda, prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda, saglyk ýagdaýy boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiliginiň bolmazlygy bilen baglanyşykly, başga işe geçmegi sebäpli ýa-da öz islegi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner.
16-njy madda. Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak
1. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarlary, welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary, olaryň orunbasarlary, şeýle hem etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar. Olary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata mälim edilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen döwlet wezipeli işgärleri eýeleýän wezipesinden boşatmaga şu aşakdaky esaslar boýunça ýol berilýär:
1) ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli;
2) prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş eden halatynda;
3) gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik halatynda;
4) hünär synagynyň netijeleri boýunça;
5) saglyk ýagdaýy sebäpli;
6) başga işe geçmegi sebäpli;
7) öz islegi boýunça;
8) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi bilen;
9) Türkmenistanyň zähmet kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça.
17-nji madda. Prokurorlaryň ygtyýarlyklarynyň möhletleri
Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň orunbasarlary, welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary we olaryň orunbasarlary, etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň prokurorlary, harby we ýöriteleşdirilen prokurorlar bäş ýyl möhlete bellenilýär we öz wezipesini yzly-yzyna iki möhletden köp eýeläp bilmeýär.
18-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy
1. Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär, onuň orunbasarlary, uly kömekçileri we kömekçileri bolýar. Orunbasarlaryň arasynda wezipe borçlaryny bölmek Baş prokuror tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Prokuraturanyň guralyşynyň we işiniň esasy meselelerine Baş prokuraturanyň kollegiýasy tarapyndan seredilýär. Kollegiýa maslahat beriji edara hasaplanylýar.
3. Baş prokuraturanyň düzümini baş müdirlikler, müdirlikler we bölümler düzýär. Baş müdirlikleriň, müdirlikleriň, bölümleriň müdirleri Baş prokuroryň uly kömekçileridir, olaryň orunbasarlary we müdirlikleriň bölümleriniň müdirleri bolsa Baş prokuroryň kömekçileridir.
4. Türkmenistanyň Baş prokurorynyň gözegçiligiň käbir ugurlary we aýratyn tabşyryklar boýunça uly kömekçileri we kömekçileri bolup, olaryň hukuk derejesi degişlilikde baş müdirlikleriň we müdirlikleriň müdirleriniň we olaryň orunbasarlarynyň, bölüm müdirleriniň hukuk derejesine laýyk gelýär.
5. Baş prokuraturada prokuratura edaralarynyň kanunçylygy kämilleşdirmek işi bilen baglanyşykly meselelere seretmek üçin Ylmy-usulyýet Geňeşi hereket edýär. Ylmy-usulyýet Geňeş hakyndaky Düzgünnama we onuň düzümi Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan tassyklanylýar.
19-njy madda. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalary
1. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokurorlary degişli prokuraturalara ýolbaşçylyk edýärler we olarda orunbasarlaryň, prokurorlaryň uly kömekçileriniň we kömekçileriniň wezipeleri bellenilýär.
2. Welaýatlaryň we welaýat hukukly şäherleriň prokuraturalarynda kollegiýa döredilýär, olar maslahat beriji edaralar bolup durýarlar.