TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Ozon gatlagyny goramak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 2009 ý., № 3, 54-nji madda)
(Türkmenistanyň 24.10.2015 ý. № 296-V we 03.06.2017 ý. № 578-V Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun ozon gatlagyny goramagyň, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatda döwlet dolandyryşynyň we gözegçiliginiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ozon gatlagynyň dargamagy bilen dörän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen, ozon gatlagynyň goralmagyna we onuň dargamagynyň öňüniň alynmagyna, dikeldilmegine gönükdirilendir.
I bap. Umumy düzgünler
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
ozon gatlagy – atmosfera ozonynyň günüň biologik taýdan howply ultramelewşe şöhlesini özüne siňdirýän, stratosferada ýerleşen gatlagy;
ozon gatlagyny goramak – ozon gatlagynyň dargamagynyň öňüni almak we ony dikeltmek boýunça döwlet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan ozon gatlagynyň dargamagy bilen döreýän amatsyz netijelerden adamyň saglygyny we daşky gurşawy goramak maksady bilen amala aşyrylýan çäreleriň ulgamy;
ozon dargadyjy madda – ozon gatlagyny goramak hakynda 1985-nji ýylyň 22-nji martyndaky Wena konwensiýasynyň (mundan beýläk – Wena konwensiýasy) 1-nji goşundysynda we ozon gatlagyny dargadyjy maddalar boýunça 1987-nji ýylyň 16-njy sentýabryndaky Monreal teswirnamasynyň (mundan beýläk – Monreal teswirnamasy) A, B, C, E goşundylaryndaky maddalaryň sanawynda görkezilen, özbaşdak ýa-da garyndyda bolan islendik himiki madda;
ozon howpsuz madda – ozon gatlagyna ýaramaz täsiri azaldýan, ýok edýän ýa-da onuň öňüni alýan islendik himiki madda;
ozon howpsuz tehnologiýalar – peýdalanylmagy ozon dargadyjy maddalaryň zyňyndylaryny azaltmaga ýa-da düýbünden ýok etmäge mümkinçilik berýän tehnologiýalar;
resirkulýasiýa – ozon dargadyjy maddalaryň gaýtadan peýdalanmak maksady bilen işlenilmegi;
ozon dargadyjy maddalar bilen iş alnyp barylmagy – ozon dargadyjy maddalaryň peýdalanylmagy bilen baglanyşykly öndürmek, satyn almak (satmak), daşamak, saklamak, import etmek, eksport etmek, galyndysyny gaýtadan işläp peýdalanmak (zyýansyzlandyrmak), resirkulýasiýa we işiň beýleki görnüşleri;
ozon dargadyjy maddalary sarp etmek – Türkmenistanda öndürilen we beýleki döwletlerden import edilen ozon dargadyjy maddalaryň umumy mukdary, beýleki döwletlere eksport edilen ozon dargadyjy maddalar muňa degişli däldir;
ozon gatlagynyň monitoringi – ozon gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik ediş ulgamy, şeýle hem onuň üýtgemelerine baha hem-de çaklama berilmegi;
ozon dargadyjy maddalaryň galan mukdary - Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda sarp edilmegi gadagan edilenden soň Türkmenistanda bar bolan ozon dargadyjy maddalaryň umumy mukdary.
2-nji madda. Ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanundakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
II bap. Döwlet edaralarynyň ozon gatlagyny goramak
babatdaky ygtyýarlylygy
3-nji madda. Ozon gatlagyny goramak babatdaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi
1. Şu aşakdakylar ozon gatlagyny goramak babatdaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň esasy wezipeleri we ugurlary bolup durýar:
1) Wena konwensiýasynyň, Monreal teswirnamasynyň we Türkmenistanyň ozon gatlagyny goramak hakyndaky beýleki halkara şertnamalarynyň hem-de ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmeginiň hukuk, ykdysady, guramaçylyk we tehniki taýdan üpjün edilmegi;
2) ozon dargadyjy maddalaryň, we ozon dargadyjy maddalary saklaýan we önümleriň sanawlarynyň Monreal teswirnamasynyň taraplary tarapyndan kabul edilýän we Türkmenistan tarapyndan tassyklanan üýtgetmelere laýyklykda takyklanylmagy;
3) ozon dargadyjy maddalar we olary saklaýan önümler bilen iş alyp barmaga bolan çäklendirmeleriň we gadaganlyklaryň girizilmegi;
4) Türkmenistanda ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmagyň tertibiniň bellenilmegi;
5) ozon dargadyjy maddalaryň we (ýa-da) düzüminde ozon dargadyjy maddalary bolan önümleriň eksporty, importy we öndürilişi bilen baglanyşykly işiň ygtyýarlylandyrylmagy;
6) ozon gatlagyny goramak boýunça çäreleriň maliýeleşdirilmeginiň we maddy-tehniki üpjünçiliginiň guralmagy;
7) ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň döwlet edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilişine gözegçiligiň üpjün edilmegi;
8) ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulandygy üçin jogapkärçilik çäreleriniň ulanylmagy;
9) maglumatlary alyşmak, ozon gatlagyny goramaga gönükdirilen, ylalaşylan çäreleri işläp düzmek we durmuşa geçirmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygynyň amala aşyrylmagy;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak babatdaky maglumatyň erkin elýeterliliginiň üpjün edilmegi.
2. Ozon gatlagyny goramak babatdaky işiň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň şu Kanunda kesgitlenen çäklerinde amala aşyrýarlar.
4-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ozon gatlagyny goramak babatda ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) ozon gatlagyny goramak boýunça döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;
2) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ozon dargadyjy maddalaryň mukdarynyň we sarp edilişiniň kemeldilmeginiň (bes edilmeginiň) möhletlerini kesgitleýär;
3) işi ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri eksport, import etmek we öndürmek bilen baglanyşykly, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslary hem-de hususy telekeçileri ygtyýarlylandyrmagyň tertibini kesgitleýär;
4) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ozon dargadyjy maddalaryň sarp edilmegine çäklendirmeleri belleýär;
5) ozon dargadyjy maddalaryň we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleriň eksportyna, importyna we öndürilmegine ygtyýarnama üçin tölegiň möçberini belleýär;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ozon gatlagyny goramak babatda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
5-nji madda. Tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarlylygy
Tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
1) ozon gatlagyny goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny we ýerine ýetirilmegini guraýar hem-de utgaşdyrýar;
11) degişli döwlet edaralary bilen ylalaşyp, Türkmenistanda ulanylmagy çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ozon dargadyjy maddalaryň Sanawyny düzýär we tassyklaýar;
2) ygtyýarnama bolan mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulanlardan başga ýagdaýlarda ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri eksport we import etmek üçin bir gezeklik rugsatlary berýär;
3) ozon gatlagynyň goralyşyna, şol sanda ozon dargadyjy maddalaryň sarp edilişine döwlet gözegçiligini, şeýle hem ozon dargadyjy maddalary resirkulýasiýa etmek we galyndysyny gaýtadan işläp peýdalanmak maksady bilen öz wagtynda ýygnamak we olaryň galan mukdaryny saklamak boýunça çäreleriň işlenip düzülişine we ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
4) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslara hem-de hususy telekeçilere Türkmenistanyň ozon gatlagyny goramak hakynda kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny ýok etmek boýunça ýerine ýetirilmegi hökmany bolan teklipnamalary berýär;
5) eger aýry-aýry önümçilikleriň, sehleriň we beýleki obýektleriň ulanylmagy Türkmenistanyň ozon gatlagyny goramak hakynda kanunçylygyny bozmak bilen amala aşyrylýan bolsa, onda olaryň ulanylmagyny çäklendirmek ýa-da duruzmak hakynda kararlar kabul edýär;
6) eger aýry-aýry önümçilikleriň, sehleriň we beýleki obýektleriň işi we ulanylmagy ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ençeme gezek ýa-da gödek bozulmalary bilen amala aşyrylýan bolsa, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslaryň hem-de telekeçileriň işiniň bes edilmegi hakynda degişli döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna tekliplerini we (ýa-da) kazyýete talaplaryny iberýär;
7) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan ozon dargadyjy maddalaryň sarp edilişiniň hasabyny ýöretmegiň we ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak boýunça hasabatlylygy amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýär;
8) ozon dargadyjy maddalar dolanyşykdan gutarnykly çykarylýança olaryň Türkmenistanda galan mukdarynyň hasabyny ýöredýär;
9) ozon gatlagyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ozon gatlagyny goramak babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
6-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ozon gatlagyny goramak babatda ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ozon gatlagyny goramak babatda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) ozon gatlagyny goramak boýunça ýerli maksatnamalaryň we çäreleriň işlenip düzülmegini guraýarlar, olary tassyklaýarlar we ýerine ýetirilmegi boýunça işi utgaşdyrýarlar;
2) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan telekeçi ýuridik şahslar we hususy telekeçiler tarapyndan ozon gatlagyny goramak boýunça, şol sanda resirkulýasiýa we galyndysyny gaýtadan işläp peýdalanmak maksady bilen ozon dargadyjy maddalary öz wagtynda ýygnamak we olary saklamak boýunça çäreleriň işlenip düzülişine we ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ozon gatlagyny goramak babatda gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
III bap. Ozon gatlagyny goramak boýunça işiň esasy ugurlary
7-nji madda. Ozon gatlagyny goramak boýunça çäreler
Ozon gatlagyny goramak boýunça çäreler şu aşakdakylary göz öňünde tutýar:
1) ozon gatlagyny goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we çäreleriniň işlenip düzülmegini we durmuşa geçirilmegini;
2) ozon gatlagyny goramak boýunça döwlet maksatnamalarynyň we çäreleriniň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, ozon gatlagyny goramak baradaky halkara gaznalarynyň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry çeşmeleriň hasabyna maliýeleşdirilmegini;
3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ozon howpsuz maddalary we tehnologiýalary peýdalanmaga geçmegi amala aşyrýan telekeçi ýuridik şahslara we telekeçilere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda karzlaşdyrmagyň ýeňillikli düzgüniniň berilmegini;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän, ozon gatlagyny goramaga gönükdirilen beýleki çäreleri.
8-nji madda. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barýan wagtlaryndaky borçlary
1. Eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslar we hususy telekeçiler ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barýan wagtlarynda şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak boýunça kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;
2) resirkulýasiýa ýa-da peýdaly ulanmak maksady bilen ozon dargadyjy maddalary öz wagtynda ýygnamak we olary saklamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamaga we ýerine ýetirmäge;
3) döwlet edaralarynyň ygtyýarly wezipeli adamlarynyň talap etmegi boýunça gözegçiligi amala aşyrmagy üçin bar bolan ozon dargadyjy maddalary we ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümi, şeýle hem ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak boýunça resminamalary görkezmäge;
4) ozon dargadyjy maddalary sarp etmegiň bellenen möçberlerinden geçmezlige;
5) ozon dargadyjy maddalaryň sarp edilişiniň hasabyny ýöretmäge hem-de şu Kanunyň 11-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda olar bilen iş alyp barmak boýunça hasabaty amala aşyrmaga.
2. Ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümi öndürýän, eksport we (ýa-da) import edýän, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslar we hususy telekeçiler şu aşakdakylara borçludyrlar:
- önümiň ýüzüne "Ozon üçin zyýanly" diýen ýazgyny ýazmaga we içinde ozon dargadyjy maddalar ýa-da ozon dargadyjy maddalary saklaýan önüm saklanýan ýa-da daşalýan gabyny şoňa meňzeş ýazgy bilen düşnükli belgilemäge;
- olaryň howpsuz saklanylmagyny we daşalmagyny üpjün etmäge;
- harydyň ýanyndaky resminamalarda, önümde saklanýan ozon dargadyjy maddalary hem goşmak bilen, ozon dargadyjy maddalaryň adyny we mukdaryny görkezmäge.
9-njy madda. Ozon dargadyjy maddalaryň we ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleriň eksport we import edilmegi
1. Ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmak bilen baglanyşykly iş Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarlylandyrylmaga degişlidir.
2. Ozon dargadyjy maddalaryň we ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleriň eksport we import edilmegine eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň diňe ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri eksport we import etmäge ygtyýarly edilen döwlet edaralary tarapyndan berilýän ygtyýarnamalary we bir gezeklik rugsatlary bolan mahalynda ýol berilýär, şu maddanyň bäşinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
3. Ozon dargadyjy maddalaryň we olary saklaýan önümleriň eksporty we importy tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde berilýän bir gezeklik rugsadyň we ygtyýarlylandyryjy edara tarapyndan berilýän ygtyýarnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
4. Monreal teswirnamasynyň taraplary bolup durmaýan döwletlere we şeýle döwletlerden ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri eksport we import etmek üçin ygtyýarnamalaryň we degişlilikde bir gezeklik rugsatlaryň berilmegine ýol berilmeýär.
5. Türkmenistanda sarp etmek üçin çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ozon dargadyjy maddalaryň Sanawyna goşulan ozon dargadyjy maddalary ýa-da ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri eksport we import etmek üçin ygtyýarnamalaryň we bir gezeklik rugsatlaryň berilmegi, eger şeýle önüm raýatlaryň getirýän şahsy emlägi bolsa we onuň mukdary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ölçeglerden ýokary geçmese, talap edilmeýär.
6. Monreal teswirnamasynyň A, B we E goşundylaryna (ozon dargadyjy maddalaryň karantin maksatly hem-de önümleri we harytlary daşamakdan öň gaýtadan işlemek üçin ulanylýanlaryndan başgalary) girizilen ozon dargadyjy maddalaryň eksporty we importy, şeýle hem olaryň Monreal teswirnamasynyň Taraplary bolup durmaýan ýurtlardan we ýurtlara Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegi gadagan edilýär.
Monreal teswirnamasynyň A, B we С goşundylaryna girizilen maddalar ulanylan önümleriň we enjamlaryň eksporty we importy gadagan edilýär.
7. Ozon dargadyjy maddalaryň eksportyna ýa-da importyna bir gezeklik rugsady almagyň tertibi tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
10-njy madda. Ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmagyň düzgüni
1. Ozon dargadyjy maddalar bilen iş alnyp barlanda şu aşakdakylar gadagandyr:
1) Tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan berilýän ygtyýarnama we degişli bir gezeklik rugsat bolmazdan ozon dargadyjy maddalaryň we ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleriň eksporty we importy;
2) Türkmenistanda sarp etmek üçin çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ozon dargadyjy maddalaryň Sanawyna goşulan ozon dargadyjy maddalar bilen bikanun iş alnyp barylmagy;
3) ozon dargadyjy maddalaryň atmosfera zyňylmagy;
4) Türkmenistanda sarp etmek üçin çäklendirilen ýa-da gadagan edilen ozon dargadyjy maddalaryň Sanawyna goşulan ozon dargadyjy maddalar bilen iş salşylmagy göz öňünde tutulýan tehnologiýalar, enjamlar, maddalar we materiallar peýdalanylýan obýektleriň taslamasynyň düzülmegi, durkunyň täzelenmegi, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, giňeldilmegi, täze gurluşygy.
2. Ozon dargadyjy maddalaryň we enjamlaryň muzdsuz alynmagyna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen halatlarda we tertipde ýol berilýär.
11-nji madda. Ozon dargadyjy maddalaryň sarp edilişiniň hasaba alnyşy we maglumat berlişi
1. Ozon dargadyjy maddalar bilen iş alyp barmaklygy amala aşyrýan eýeçiliginiň görnüşine garamazdan telekeçi ýuridik şahslar we hususy telekeçiler ozon dargadyjy maddalary sarp etmegiň hasabyny ýöredýärler we tebigaty goramak babatda döwlet dolandyryşynyň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde olar bilen iş alyp barmak boýunça hasabatlylygy amala aşyrýarlar.
2. Gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýüz tutmasy boýunça ozon dargadyjy maddalaryň we olary özünde saklaýan önümleriň eksporty, importy barada, ol maddalary (önümleri) eksport hem-de import edijileriň maglumatlaryny hem goşmak bilen jemlenen maglumatlary berýär.
Tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy ozon dargadyjy maddalary öz düzüminde saklaýan önümi hem goşmak bilen, eksport we import edilen ozon dargadyjy maddalaryň görnüşleri we mukdary hakyndaky maglumatlary jemleýär, Monreal teswirnamasynyň Ozon sekretariatyna we Köptaraply gaznasyna her ýylky hasabaty taýýarlaýar hem-de berýär.
12-nji madda. Ozon gatlagynyň monitoringi
1. Gidrometeorologiýa boýunça ygtyýarly döwlet edarasy ylmy-barlag institutlaryny we jemgyýetçilik birleşiklerini çekmek bilen, Türkmenistanyň çäginiň üstündäki ozon gatlagynyň ýagdaýyna gözegçilik edýär hem-de onuň üýtgemelerine baha we çaklama bermekligi amala aşyrýar.
2. Monitoringiň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybarat:
1) Türkmenistanyň çäginiň üstündäki ozon gatlagynyň ýagdaýyny we günüň ýer üstüne ultramelewşe şöhle saçyş derejesini ölçemek, oňa baha we çaklama bermek;
2) ozon gatlagynyň ýagdaýy hakyndaky maglumatlaryň bankyny döretmek we döwlet edaralaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine we gaýry gyzyklanýan taraplara maglumat bermek;
3) beýleki döwletleriň ygtyýarly edaralary we halkara guramalary bilen ozon gatlagynyň ýagdaýy hakynda maglumat alyşmak;
4) ozon gatlagynyň monitoringi babatda hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak.
13-nji madda. Ozon gatlagynyň goralyşyna gözegçilik etmek
1. Ozon gatlagynyň goralyşyna döwlet gözegçiligi tebigaty goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we beýleki ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
2. Ozon gatlagyny goramak babatda pudak edarasynyň gözegçiligi tabynlygyndaky kärhanalar we edaralar tarapyndan ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, ozon gatlagyny goramak boýunça maksatnamalaryň we çäreleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen ýokarda durýan edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Ozon gatlagyny goramak babatda önümçilik gözegçiligi ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Jemgyýetçilik başlangyjy boýunça ozon gatlagyny goramak babatda jemgyýetçilik gözegçiligi amala aşyrylyp bilner.
IV. bap. Jemleýji düzgünler
14-nji madda. Jedelleriň çözlüşi
Ozon gatlagynyň goralmagynyň meseleleri bilen baglanyşykly jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
15-nji madda. Ozon gatlagynyň goralmagy babatdaky hukuk bozulmalarynyň görnüşleri we jogapkärçiligi
1. Şu aşakdakylary etmekde, ýagny:
1) Türkmenistanda sarp etmek üçin gadagan edilen ozon dargadyjy maddalary öndürmekde;
2) ozon dargadyjy maddalary we (ýa-da) ozon dargadyjy maddalary saklaýan önümleri Türkmenistanyň çägine bikanun getirmekde we (ýa-da) onuň çäginden daşyna çykarmakda;
3) ozon dargadyjy maddalaryň atmosfera zyňylmagynda, muňa aerozol önüminiň, ýangyn söndüriş serişdeleriniň we düzüminde sarp etmek üçin gadagan edilmedik ozon dargadyjy maddalary saklaýan gaýry önümleriň wezipesi boýunça ulanylmagy arkaly şeýle maddalaryň atmosfera zyňylmagy degişli däldir;
4) ozon dargadyjy maddalaryň öz wagtynda ýygnalmagy we olaryň resirkulýasiýasy ýa-da galyndysyny gaýtadan işläp peýdalanmak maksady bilen saklanmagy boýunça çäreleriň görülmezliginde;
5) ozon gatlagynyň hapalanmagyna getiren ýa-da getirip biljek ozon dargadyjy maddalary daşamagyň, saklamagyň we ulanmagyň kadalaryny bozmakda;
6) atmosferanyň howasynyň we ozon gatlagynyň goralyşyna gözegçilik edýän edaralaryň teklipnamalaryny ýerine ýetirmezlikde, günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
2. Türkmenistanyň kanunçylygynda ozon gatlagyny goramak babatdaky hukuk bozulmalarynyň beýleki görnüşleri üçin hem jogapkärçilik göz öňünde tutulyp bilner.
16-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen pursadyndan güýje girýär.
2. Türkmenistanyň şu Kanuna çapraz gelýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, onuň güýje giren gününden başlap bir aýdan gijä galman Kanuna laýyk getirilmäge degişlidir.
3. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary şu Kanuna laýyk getirilýänçäler, olar şu Kanuna ters gelmeýändigine görä ulanylýar.
4. Şu Kanunyň herekete girizilmegi öň berlen ygtyýarnamalaryň ýatyrylmagyna we möhletleriniň üýtgemegine getirmeýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2009-njy ýylyň 15-nji awgusty.
№ 53-IV