TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Döwlet seýsmologik seljermesi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary¸ 2002 ý.¸ № 2¸ 21-nji madda)
(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV we 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu kanun döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we howply tebigy geologik we tebigy-tehnogen hadysalaryň Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýşyna we saglygyna, töwerekdäki tebigy gurşawa ýetirip biljek ýaramaz täsirleriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
I bap. Umumy düzgünler
1 madda. Döwlet seýsmologik seljermesi
Döwlet seýsmologik seljermesi Türkmenistanyň çäklerinde alnyp barylýan binagärlik, şäher gurluşygy we gurluşyk işleriniň seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşine berilýän bahanyň hökmany görnüşidir.
2 madda. Döwlet seýsmologik seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunyçylygy
1. Döwlet seýsmologik seljermesi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu kanundan hem-de seýsmologiýa, seýsmiki durnukly gurluşyk ulgamyndaky beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda, eger şu kanundakydan başgaça düzgünler göz öňüne tutulan bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
3 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň maksatlary
Döwlet seýsmologik seljermesiniň esasy maksatlary şu aşakdakylardan ybaratdyr, ýagny:
Türkmenistanyň seýsmiki howply guşaklyklarynda ýaşaýan ilatyň durmuşa ukyplylyk şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmekden;
Türkmenistanyň öndüriji güýçleri ýerleşdirilende we ösdürilende, durmuş, ykdysady we ekologik babatlarda bolup biljek ýaramaz netijeleriň seljerilmegini hem goşmak bilen, seýsmiki howpuň derejesini kesgitlemekden we hasaba almakdan;
howply tebigy geologik we tebigy-tehnogen hadysalarynyň ýetirip biljek täsirini peseltmekden.
4 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň ýörelgeleri
Döwlet seýsmologik seljermesi şu aşakdaky ýörelgelere daýanýar, ýagny:
Türkmenistanyň ilatynyň durmuşa ukyplylyk şertleriniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň ileri tutulmagyna;
bahanyň hakykylygyna we ylmy taýdan esaslandyrylmagyna;
döwlet bilermenleriniň we bilermenler toparlarynyň garaşsyzlygyna;
seýsmologik seljermesiniň usulyýetiniň halkara ölçegleri we kadalary bilen deňeşdirilmegine;
aýanlyga.
5 madda. Seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalary
1. Seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalary döwlet gurluşyk kadalaryny we düzgünlerini, howpsuzlygy üpjün edýän başga hökmany talaplary hem-de ilatyň durmuşa ukyplylyk üçin beýleki zerur şertlerini özünde jemleýär.
2. Döwletiň gurluşyk kadalary we düzgünleri bilen Türkmenistanda seýsmiki howpsuzlygyň ölçegleri bellenilýär.
II bap. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrýan edara
6 madda. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrýan edara
1. Döwlet seýsmologik seljermesini Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ygtyýarly edilen edarasy amala aşyrýar (mundan beýläk döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara diýilýär).
Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara döwlet dolandyryş edarasy hasaplanýar, ol döwlet seýsmologik seljermesine ýolbaşçylygy, ony guramagy we geçirmegi üpjün edýär, gözegçiligi, ylmy barlaglary, seýsmiki ýagdaýlaryň hasabyny we çaklamalaryny, Türkmenistanyň çäklerindäki seýsmiki howply guşaklyklary sebitlere bölmegi we olara baha bermegi amala aşyrýar.
2. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ýolbaşçysy şol birwagtyň özünde seýsmologik seljermesi boýunça baş döwlet bilermeni bolup durýar.
7 madda. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ygtyýary
1. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ygtyýarlyklaryna şular degişlidir, ýagny:
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatda döwlet syýasatyny ýöretmek;
döwlet seýsmologik seljermesini guramak we geçirmek;
seýsmiki hadysalaryň gözegçiligi, seýsmiki howpa baha bermek we ýer titremesini çaklamak üçin maglumatlaryň habar beriş goruny döretmek;
seýsmiki işjeňligiň ülňülerini işläp taýýarlamak, Türkmenistanyň çäklerindäki seýsmiki howply guşaklyklary seýsmiki taýdan sebitleşdirmegiň we toplumlaşdyrmagyň kartalaryny düzmek;
döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalaryň seýsmiki durnuklylygyna we berkligine baha bermegiň usulyýetini işläp taýýarlamak we kämilleşdirmek;
döwlet seýsmologik seljermesi geçirilende bellenilen tertipde degişli bilermenlik netijenamalaryny we maslahatlaryny taýýarlamak we bermek;
gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýerleşýän ýerleri ulanylanda tehnogen taýdan seýsmiki howpy çaklamagyň usullaryny işläp taýýarlamak;
suw howdanlaryny doldurmagyň düzgünleriniň tehnogen taýdan seýsmiki howpunyň bahasy we ony çaklamak;
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatynda ylmy-barlag işlerini geçirmek;
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatynda ylmy-tehniki gazanylan oňyn tejribäni ornaşdyrmak;
ýer titremelerini çaklamak we olaryň getirip biljek netijelerine baha bermek, zerur bolan öňüni alyş çärelerini amala aşyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak;
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatynda degişli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny işläp taýýarlamak;
seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik;
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatynda halkara hyzmatdaşlygy;
şu kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan göz öňüne tutulan başga wezipeler.
2. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ýanynda ylmy-barlag işleriniň geçirilişini utgaşdyrmak üçin maslahat beriji edara hökmünde ylmy-usulyýet geňeşi döredilýär.
3. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermenleriniň, şeýle hem döredilýän bilermenler toparlarynyň işi üçin jogapkärçilik çekýär.
III bap. Döwlet seýsmologik seljermesiniň desgalary
8 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň desgalary
1. Döwlet seýsmologik seljermesiniň desgalary şulardyr, ýagny:
şäher gurluşyk işleriniň meýilnamasynyň, çäkleri hem-de ilatly mekanlary guramagyň we ösdürmegiň, öndüriji güýçleri ýerleşdirmegiň taslamalary;
döwlet seýsmologik seljermesine degişli bolmadyk desgalardan başga, senagat, ilat we oba hojalygy üçin niýetlenilen jaýlaryň we desgalaryň gurluşygy, durkunyň täzelenmegi we (ýa-da) tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy bellenilen taslamalary, şeýle hem medeni we taryhy gymmatlygy bolan desgalaryň taslamalary. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli bolmadyk desgalaryň sanawy döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan kesgitlenilýär;
senagat, ilat we oba hojalygy üçin niýetlenen, şeýle hem medeni we taryhy gymmatlygy bolan jaýlaryň we desgalaryň, durkunyň täzelenmegi we (ýa-da) tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagy boýunça geçirilýän gurluşyk işleri, muňa jaýlaryň we desgalaryň gurluşyna we seýsmiki howpsuzlygynyň beýleki häsiýetlerine galtaşmaýan gurluşyk işleri girmeýär.
demir ýollarynyň, şosseleriň, elektrik geçiriji hatarlaryň we 220 kilowolt we şondan hem ýokary güýji bolan kömekçi beketleriň, deňiz we derýa duralgalarynyň hem-de uçarhanalaryň, beýleki ýörite desgalaryň gurluşygy;
ulanylýan jaýlaryň we desgalaryň ýerleşýän ýerleriniň inžener-geologik şertleri üýtgän halatynda olaryň esaslary we gurluşlary.
2. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalara Türkmenistanyň çäklerinde gurulýan suw howdanlarynyň, bentleriň, gum düşekleriň, nebit-gaz saklanylýan gaplaryň we gaýtalanýan betbagtçylyklaryň (silleriň, ýangynlaryň, partlamalaryň, zäherleýji jisimleriň köp böleginiň syzylyp çykmagynyň we beýleki betbagtçylyklaryň) kuwwatly çeşmeleri hasaplanýan beýleki desgalaryň gurluşygy hem degişli edilýär.
Şeýle desgalaryň sanawy döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Hereket edýän nebit we gaz çykarylyp alynýan ýerler geologik häsiýetnamasyna, tassyklanylan ätiýaçlyklaryna we olaryň işlenilip taýýarlanylyş çaltlygyna baglylykda döwlet seýsmologik seljermesine degişli bolup durýar. Şeýle ýerleriň sanawy nebit-gaz çykaryjy konsernler (kärhanalar), uglewodorod serişdeleri baradaky Ygtyýarly edara tarapyndan döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edara bilen bilelikde kesgitlenýär we ol Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
9 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň desgalaryna bildirilýän talaplar
1. Şäher gurluşyk işleriniň meýilnamalarynyň, çäkleri hem-de ilatly mekanlary guramagyň we ösdürmegiň, öndüriji güýçleri ýerleşdirmegiň, jaýlaryň we desgalaryň gurluşygynyň, durkuny täzelemegiň we (ýa-da) tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň taslamalarynyň döwlet seýsmologik seljermesi olar tassyklanylmazyndan öň geçirilýär.
2. Türkmenistanyň çäkleriniň seýsmiki howply guşaklyklarynda ýerleşýän jaýlaryň we desgalaryň seýsmiki durnuklylygy we berkligi çägiň seýsmiki işjeňliginiň bellenilen ülňülerine we seýsmiki howpsuzlygyň ölçegleriniň talaplaryna laýyk gelmelidir.
3. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli bolan desgalarda buýrujy (maýa goýujy) tarapyndan guralýan we maliýeleşdirilýän zerur bolan inženerçilik - geologik, inženerçilik - geofiziki we seýsmologik barlaglar hem-de gözlegler geçirilmelidir.
10 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň maliýeleşdirilmegi
1. Döwlet seýsmologik seljermesiniň maliýeleşdirilmegi buýrujynyň (maýa goýujynyň) serişdeleriniň hasabyna geçirilýär.
2. Desganyň döwlet seýsmologik seljermesini geçirmäge çykarylýan harajatlar desganyň seljermesiniň çykdajylarynyň smetasyna goşulýar.
IV bap. Döwlet seýsmologik seljermesini guramak we geçirmek
11 madda. Döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň tertibi
1. Döwlet seýsmologik seljermesi şu aşakdakylar tarapyndan geçirilip bilner:
döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň döwlet bilermenleri tarapyndan;
şol edara tarapyndan döredilýän bilermenler toparlary tarapyndan, şol sanda düzümden daşary bilermenleri çekmek bilen.
2. Döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara buýrujy (maýa goýujy) tarapyndan şu aşakdakylar berilýär, ýagny:
bellenilen görnüşdäki arza;
seljerme desgasynyň seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşi hakynda düşündirişli ýazgy;
döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga edilen ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen sanaw boýunça başga resminamalar.
3. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara on günden gijä goýman şulary amala aşyrýar, ýagny:
talap edilýän resminamalaryň berlişiniň tükelligini barlaýar;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmäge bilermenler edarasyndan daşary bilermenleriň gatnaşmagynyň zerurlygyny kesgitleýär;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň möhletlerini belleýär we onuň gymmatyny kesgitleýär;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin şertnamanyň taslamasyny işläp taýýarlaýar we ol barada buýrujy (maýa goýujy) bilen deslapdan ylalaşýar. Şertnamany düzmegiň talaplary döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan bellenilýär;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek hakyndaky şertnamanyň taslamasyny buýruja (maýa goýuja) iberýär.
Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalar boýunça resminamalar doly bolmadyk möçberde ýa-da bellenilen talaba laýyk gelmeýän görnüşde berlen halatynda döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edara bu hakda buýruja (maýa goýuja) habar berýär we olaryň gaýtadan tabşyrylmaly möhletini belleýär.
4. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalar boýunça döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek hakyndaky şertnama buýrujy (maýa goýujy) tarapyndan şertnamanyň taslamasy alnan pursatyndan başlap 20 günüň dowamynda bolmalysy ýaly ýagdaýda resmileşdirilmelidir we döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara berilmelidir.
Buýrujy (maýa goýujy) şol möhletde döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek hakyndaky şertnamada göz öňüne tutulan deslapky tölegi geçirmäge borçludyr.
5. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň aýry-aýry halatlarda düzgünnamaly we jismi şahslaryň başlangyjy boýunça döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin zerur bolan işleriň görnüşleriniň sanawyndaky işleriň belli bir görnüşlerini geçirmäge şertnama baglaşmaga haky bardyr. Şertnamany resmileşdirmegiň, işlere töleginiň we olary geçirmegiň möhletleri taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesgitlenilýär.
6. Eger buýrujy jismi şahs bolsa, onda döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek baradaky şertnama kepilnamalaýyn tassyklanylmaga degişlidir.
12 madda. Döwlet seýsmologik seljermesiniň gymmaty
1. Döwlet seýsmologik seljermesiniň gymmaty zerur bolan işleriň görnüşlerini we olara bellenilen nyrh görkezijileri desgada seljermäni geçirmegiň häsiýeti we çylşyrymlylyk derejesi göz öňüne tutulyp kesgitlenilýär we şertnamada şertleşilýär.
2. Desganyň döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin zerur işleriň görnüşleriniň sanawy döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan bellenilýär.
Işleriň şu görnüşlerine nyrh görkezijileri Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylýar.
13 madda. Döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň möhletleri
1. Döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň möhleti seljerilýän desganyň häsiýetine we görnüşine baglylykda şertnama bilen bellenilýär.
2. Döwlet seýsmologik seljermesi geçirilýän wagtynda ony geçirmegiň gymmaty we möhletleri şertnama boýunça buýrujy (maýa goýujy) bilen ylalaşyk boýunça takyklanylyp bilner. Bu hakdaky ylalaşyk esasy şertnama goşundy bolup durýan goşmaça şertnama bilen resmileşdirilýär.
14 madda. Bilermenlik netijenamasy
1. Desgalaryň döwlet seýsmologik seljermesiniň netijeleri boýunça bilermenlik netijenamasy düzülýär, onda şular bolmalydyr:
seljerme desgasynyň gysgaça häsiýetnamasy;
seljerme desgasynyň seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalarynyň talaplaryna laýyk gelşine berlen baha;
seljerme desgasy boýunça degişli maslahatlar.
2. Döwlet seýsmologik seljermesiniň bilermenlik netijenamasyna seýsmologik seljerme boýunça döwlet bilermeni tarapyndan gol çekilýär, ol bilermenler topary tarapyndan geçirilen halatynda bolsa, onda oňa şu toparyň agzalary tarapyndan gol çekilýär we ol döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
3. Bilermenlik netijenamasy seljerme desgasy boýunça işleriň bütin ýerine ýetiriş döwründe hakykydyr, eger taslamany durmuşa geçirmek boýunça işler netijenamanyň berlen gününden başlap, iki ýylyň dowamynda başlanmadyk bolsa, onda ol öz güýjüni ýitirýär.
4. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli, emma şu kanun tarapyndan bellenilen tertipde seýsmologik seljermesinden geçmedik şäher gurluşygy meýilnamasynyň, çäkleri we ilatly mekanlary guramagyň we ösdürmegiň, öndüriji güýçleri ýerleşdirmegiň, döwlet seýsmologik seljermesine degişli jaýlaryň we desgalaryň gurluşygynyň, durkuny täzelemegiň we (ýa-da) olary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmagyň taslamalary gutarylmadyk diýlip hasap edilýär we ol durmuşa geçirilmäge degişli däldir.
5. Döwlet seýsmologik seljermesiniň bilermenlik netijenamasyndaky maslahatlary Türkmenistanyň çäklerindäki düzgünnamaly we jismi şahslaryň ählisi üçin ýerine ýetirilmegi hökmanydyr.
15 madda. Bilermenlik netijenamasynyň hakyky däldigi
1. Döwlet seýsmologik seljermesiniň bilermenlik netijenamasy şunuň ýaly ýagdaýlarda hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner, ýagny:
şu kanunyň talaplary bozulan halatynda;
döwlet bilermeni (bilermenler topary) tarapyndan döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň düzgünleriniň bozulandygy ýüze çykarylan halatynda.
2. Bilermenlik netijenamasy döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan, şeýle hem eminligiň çözgüdi boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilýär.
3. Bilermenlik netijenamasy döwlet bilermeniniň ýa-da bilermenler toparynyň günäsi boýunça hakyky däl diýlip ykrar edilen halatynda, ony geçirmek boýunça çykdajylaryň öwezi döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan dolunýar.
16 madda. Gaýtadan döwlet seýsmologik seljermesi
1. Desgalaryň gaýtadan döwlet seýsmologik seljermesi şeýle halatlarda geçirilip bilner, ýagny:
billermenlik netijenamasynyň şu kanunyň 14-nji maddasynyň 3-nji böleginde bellenilen hereket möhleti geçende;
bilermenlik netijenamasy hakyky däl diýlip ykrar edilende;
seýsmiki howpsuzlygyň ykrar edilen ölçegleri üýtgände;
desgany ulanmagyň şertleri üýtgände;
düzgünnamaly we jismi şahslaryň teklibi boýunça.
2. Desgalaryň gaýtadan döwlet seýsmologik seljermesi şu kanunyň düzgünleri esasynda geçirilýär.
17 madda. Döwlet seýsmologik gözegçiligi
1. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara jaýlaryň we desgalaryň gurluşygynda, durky täzelenilende we (ýa-da) olar tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylanda, şeýle hem ulanylanda seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleriň düzgünnamaly we jismi şahslar tarapyndan durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar.
2. Düzgünnamaly we jismi şahslaryň döwlet kadalarynda göz öňünde tutulan talaplary (şertleri, çäklendirmeleri) ýa-da hökmany talaplary bozmalara ýa-da olardan gyşarmalara (olara laýyk gelmezlige) ýol beren ýagdaýlary ýüze çykarylan halatda döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edara şol kemçilikleri aradan aýyrmak barada görkezmeler berip biler.
Görkezmeler ýerine ýetirilmedik mahalynda döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň olaryň gurluşyk, jaýlaryň we desgalaryň durkuny täzelemek we (ýa-da) olary tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrmak ugrunda alyp barýan işlerini 10 güne çenli möhlet bilen togtatmak hakynda çözgüt kabul etmäge, şeýle hem degişli döwlet häkimiýeti we dolandyryş edarasyna Türkmenistanyň çäklerinde şeýle işleri bes etmek hakynda teklip girizmäge haklydyr.
V bap. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeni, onuň hukuklary we borçlary. Bilermenler topary. Olaryň işiniň kepillikleri
18 madda. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeni
1. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeni döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin zerur bolan ýörite bilimli we tejribeli şahsdyr. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermenligine görkezilýän adama bildirilýän talaplar döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan bellenilýär.
2. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeni, eger döwlet seýsmologik seljermesine degişli desganyň buýrujysynyň (maýa goýujysynyň) ýa-da desgany işläp taýýarlaýjynyň wekili bilen garyndaşlyk gatnaşyklarynda durýan bolsa, ýa-da seljermäniň netijelerinde onuň şahsy bähbidi bar bolsa, onda onuň şol desganyň döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga haky ýokdyr.
19 madda. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniň hukuklary
Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniň şulara hukugy bardyr, ýagny:
döwlet seýsmologik seljermesine ýa-da seýsmologik gözegçiligine degişli desgalara baryp görmäge;
öz ygtyýaryna dahylly zerur resminamalary we maglumatlary soramaga we almaga, seljerme desgasy boýunça goşmaça materiallaryň berilmegini talap etmäge;
desgada döwlet seýsmologik seljermesi geçirilende ýüze çykýan meseleler boýunça düşünişmek üçin buýrujynyň (maýa goýujynyň) resmi wekillerini çagyrmaga;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň usullaryny kesgitlemäge;
bilermenlik netijenamasyny düzmäge, oňa gol çekmäge we ony tassyklamaga bermäge;
döwlet seýsmologik seljermesiniň guralyş işini, ony amala aşyrmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, onuň tertibini we ýörelgelerini guramak boýunça teklipleri girizmäge;
bilermenler toparynyň düzüminde öz aýratyn pikirini aýtmaga we ony bilermenlik netijenamasynyň ýanyna goşmaga;
döwlet seýsmologik gözegçiligi amala aşyrylýan wagtynda görkezmeleri taýýarlamaga;
seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalaryny we düzgünlerini bozmakda günäkär adamlary jogapkärçilige çekmek hakynda teklipleri girizmäge;
Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilen beýleki ygtyýarlyklardan peýdalanmaga.
20 madda. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniň borçlary
Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeni şulara borçludyr, ýagny:
seýsmologiýa we seýsmiki durnukly gurluşyk babatynda kanunçylygyň talaplaryny berjaý etmäge;
döwlet seýsmologik seljermesiniň doly, dogry we oňat hilli geçirilmegini üpjün etmäge;
döwlet seýsmologik seljermesini seýsmiki howpsuzlyk boýunça döwlet kadalary we düzgünleri esasynda geçirmäge;
döwlet seýsmologik seljermesini geçirmegiň bellenilen möhletlerini we tertibini berjaý etmäge;
seljermäniň netijesi boýunça esaslandyrylan bilermenlik netijenamasyny taýýarlamaga;
seljerme desgasy boýunça alynýan resminamalaryň saklanylmagyny üpjün etmäge;
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde öz geçiren seljermesiniň netijeleri üçin jogapkärçilik çekmäge;
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
21 madda. Düzümden daşary bilermen
1. Düzümden daşary bilermen döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparynyň düzümine gatnaşmaga çekilen jismi şahsdyr. Düzümden daşary bilermeniň döwlet seýsmologik seljermesi geçirilende seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniňki bilen deň derejede hukuklary we borçlary bolýar.
2. Düzümden daşary bilermen döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edara tarapyndan bellenilen tertipde hünär synagyndan geçirilmelidir.
3. Düzümden daşary bilermen döwlet seýsmologik seljermesine degişli desganyň buýrujysy (maýa goýujysy) ýa-da işläp taýýarlaýjy bilen zähmet ýa-da başga şertnamalar esasynda gatnaşyklarda durýan bolsa, onda onuň şu desganyň döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermen toparynyň düzümine girmäge haky ýokdur.
22 madda. Döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler topary
1. Döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň anyk bir desgada döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek üçin döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparyny döretmäge haky bardyr.
2. Döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparynyň düzümi we onuň başlygy döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar.
3. Döwlet seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparynyň işiniň netijesi bilermenlik netijenamasy hasaplanýar.
23 madda. Seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparynyň, döwlet bilermeniniň işiniň kepillikleri
1. Seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler topary we döwlet bilermeni döwlet seýsmologik seljermesi geçirilende öz işlerinde garaşsyzdyrlar.
2. Seýsmologik seljermesi boýunça bilermenler toparynyň we döwlet bilermeniniň seljerme geçirmek bilen baglanyşykly işine döwlet edaralarynyň we olaryň wezipeli adamlarynyň gatyşmagyna ýol berilmeýär, muňa olar tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulan halatlary girmeýär.
3. Seýsmologik seljermesi boýunça döwlet bilermeniniň hukuklary, şol sanda onuň bilermenler toparynyň düzüminde bölýän wagtynda hukuklary bozulanda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen tertipde goralmaga degişlidir.
VI bap. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalary
buýrujylaryň (maýa goýujylaryň) hukuklary we borçlary
24 madda. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalary buýrujylaryň (maýa goýujylaryň) hukuklary
1. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalary buýrujylaryň (maýa goýujylaryň) şulara hukugy bardyr, ýagny:
döwlet seýsmologik seljermesiniň desgasyna degişli zerur bolan maglumatlary soramaga we almaga;
zerur bolan maslahatlary almaga;
döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalar ýa-da aýry-aýry çözgütler we gutarnykly işläp taýýarlamalar boýunça ýazmaça we dilden düşündirişler bermäge;
döwlet seýsmologik seljermesiniň bilermenlik netijenamasynda görkezilen netijeler we maslahatlar bilen tanyşmaga;
goşmaça seljermäni geçirmegiň zerurdygy hakynda arz etmäge;
bilermeniň hereketleri we bilermenlik netijenamasynda beýan edilen netijeler babatda närazylyk bildirip arz etmäge.
2. Buýrujylar (maýa goýujylar) döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek hakyndaky şertnamada göz öňüne tutulan beýleki hukuklara hem eýe bolup bilerler.
25 madda. Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalary buýrujylaryň (maýa goýujylaryň) borçlary
1.Döwlet seýsmologik seljermesine degişli desgalaryň buýrujylary (maýa goýujylary) şulara borçludyrlar, ýagny:
bildirilýän talaplara laýyk gelýän döwlet seýsmologik seljermesine toplumlaýyn, hemme taraplaýyn esaslandyrylan materiallary bermäge;
döwlet seýsmologik seljermesini amala aşyrmaga ygtyýarly edilen edaranyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
zerur bolan mahalynda döwlet bilermenlerine, derňew toparlaryna goşmaça materiallary, maglumatlary, hasaplamalary we başga resminamalary bermäge;
bilermenlik netijenamasynyň maslahatlaryny ýerine ýetirmäge.
2. Buýrujylar (maýa goýujylar) döwlet seýsmologik seljermesini geçirmek baradaky şertnamada göz öňüne tutulan başga borçlary hem çekip bilerler.
VII bap. Jemleýji düzgünler
26 madda. Döwlet seýsmologik seljermesi hakyndaky kanunçylygyň bozulmagy sebäpli jogapkärçilik
Döwlet seýsmologik seljermesi hakyndaky kanunçylygyň bozulmagynda günäkär adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
27 madda. Seýsmologik seljermesi babatda halkara hyzmatdaşlygy
Seýsmologik seljermesi we seýsmiki durnukly gurluşyk babatda halkara hyzmatdaşlygy seýsmologik seljermesi geçirilende maglumatlary we öňde baryjy tehnologialary özara alyşmak, ilatyň seýsmiki howpsuzlygyny üpjün etmek we töwerekdäki tebigy gurşawy saklap galmak maksady bilen amala aşyrylýar.
28 madda. Üýtgeýän ýagdaýlar
Şu kanunyň güýje giren senesine çenli bellenilen tertipde ulanmaga kabul edilmedik gurluşyk, durky täzellenilýän, tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylýan desgalar döwlet seýsmologik seljermesiniň oňyn netijenamasy bolmasa, ulanmaga kabul edilmäge degişli däldir.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
2002-nji ýylyň 5-nji iýuly
№ 124-II