Geodeziýa we kartografiýa işi hakynda

 


TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Geodeziýa we kartografiýa işi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2001 ý. № 2, 17- nji madda)

 

(Türkmenistanyň 18.04.2009 ý. № 32-IV we 09.06.2018 ý. № 41-VI Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)

 

Şu kanun Türkmenistanda geodeziýa we kartografiýa babatynda işiň hukuk esaslaryny kesgitleýär hem-de döwletiň, düzgünnamaly we jismi şahslaryň geodeziýa we kartografiýa önümine bolan isleglerini kanagatlandyrmak üçin şertleriň döredilmegine gönükdirilendir.

 

1 madda. Geodeziýa we kartografiýa işi

 

Geodeziýa we kartografiýa işi, munuň özi geodeziýa we kartografiýa işlerini geçirmek, geodeziýa we kartografiýa önümini öndürmek bilen baglanyşykly önümçilik, tehniki, ylmy işdir .

 

2 madda. Geodeziýa we kartografiýa hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

 

Geodeziýa we kartografiýa hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy şu kanundan hem-de geodeziýa we kartografiýa işini amala aşyrýan meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

Eger Türkmenistanyň halkara sertnamalarynda şu kanundaka garanda başga düzgünler göz öňüne tutulan bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.

 

3 madda. Şu kanunyň hereket çygry

 

Şu kanun öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda geodeziýa we kartografiýa işini düzgünleşdiriji döwlet dolandyryş edaralaryna, geodeziýa we kartografiýa işlerini buýrujylar ýa-da ýerine ýetirijiler ýa geodeziýa we kartograflýa materiallaryny we (ýa-da) maglumatlaryny saklaýjylar bolan düzgünnamaly we jismi şahslara, şol sanda daşary ýurtlulara, şeýle hem geodeziýa we kartografiýa önümini ýerleşdirijilere degişlidir.

 

4 madda. Geodeziýa we kartografiýa işiniň desgalary

 

Geodeziýa we kartografiýa işiniň desgalary şulardyr:

Türkmenistanyň çäginde, Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen kesgitlenýän gaýry çäklerde ýerleriň we suwlaryň üsti, şeýle hem şolardaky geografik desgalar; tebigy we emeli asman jisimlerini goşmak bilen älem giňişligi.

 

5 madda. Koordinatlaryň, belentlikleriň,grawimetrik ölçegleriň döwlet ulgamy, topografik kartalaryň we meýilnamalaryň ölçegleýin hatary

 

Türkmenistanyň çäginde koordinatlaryň, belentlikleriň we grawimetrik ölçegleriň bir bütewi döwlet ulgamy bellenilýär.

Topografik kartalaryň we meýilnamalaryň ölçegleýin hatary olaryň bellenen maksadyna görä ulanylýar.

Koordinatlaryň, belentlikleriň, grawimetrik ölçegleriň bir bitewi döwlet ulgamyny girizmegiň we ulanmagyň tertibi hem-de topografík kartalaryň we meýilnamalaryň ölçegleýin hataryny bellemek Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

 

6 madda. Geodeziýa we kartografiýa işleri

 

Geodeziýa we kartografiýa işlerine şular degişlidir, ýagny:

ýeriň biçüwini we daşky grawitasion meýdanyny kesgitlemek;

topografik kartalary we meýilnamalary grafika, sanlaýyn, şekilleýin surat we özge görnüşlerde döretmek, täzelemek, neşir etmek we nusgalyklamak;

geodeziýa, niwelirleýin we grawimetrik ulgamlaryny döretmek, ösdürmek we iş ýagdaýynda saklamak;

Ýeriň aralykdan barlanylmagy;

geodeziýa we älem ölçegleriniň binýady esasynda geodinamiki barlaglar;

Türkmenistanyň Döwlet kartografíýa-geodeziýa gaznasyny döretmek;

geografik habarlar ulgamlaryny döretmek we şolary ýöretmek;

umumy geografíýa, syýasy-dolandyryş, ylmy-maglumathanaly we beýleki tematiki kartalary hem-de atlaslary, okuw kartografiýa gollanmalaryny işläp taýýarlamak, düzmek we neşir etmek;

geodeziýa we kartografiýa işlerini metrologik taýdan üpjün etmek;

ulanylýan geografíýa atlaryny nusgalaşdyrmak, hasaba almak we tertipleşdirmek;

geodeziýa we kaitografiýa tehnikasyny öndürmek;

aerokosmos arkaly surata düşürilen materiallary işlemek we şol görkezilen materiallar esasynda önüm taýýarlamak;

geodeziýa we kartografiýa babatynda ylmy-barlag we tejribe-konstruktorçylyk işlerini ýerine ýetirmek.

Geodeziýa we kartografiýa işlerine şonuň ýaly-da inženerçilik-geodeziýa, geologiýa, geofiziki, gidrografiki, gidrometeorologiýa, melioratiw, agrotokaýmelioratiw, tokaý tehniki gözlegleri, şeýle hem ulgamlaýyn we özge desgalaryň ugurlarynyň ýollaryny geodeziýa we kartografíýa taýdan üpjün etmek degişlidir.

Geodeziýa we kartografiýa işlerini şolary ýerine ýetirmäge degişli ygtyýarnamalary bolan düzgünnamaly we jismi şahslar ýerine ýetirip bilerler.

Umumy döwlet ähmiýetli geodeziýa we kartografíýa işleri, şeýle hem Türkmenistanyň goranyş we howpsuzlyk maksatlary üçin amala aşyrylýan işler geodeziýa we kartografiýa işine döwlet düzgünleşdirişini amala aşyrmaga ygtyýarly edara, şeýle hem Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň karary boýunça beýleki adamlar tarapyndan ýerine ýetirilýär.

 

7 madda. Geodeziýa we kartografiýa önümine döwlet eýeçiligi

 

Türkmenistanyň çäginde geodeziýa we kartografiýa işleri geçirilende alnan geodeziýa we kartografíýa önümi, şol sanda topografik, geodeziýa, gidrografiki, aerokosmos we grawimetrik materiallar we maglumatlar, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet kartografíýa-geodeziýa gaznasynyň materiallary we maglumatlary döwletiň eýeçiligi hasaplanylýar.

 

8 madda. Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşy

 

Türkmenistanda geodeziýa we kartografiýa işi döwletiň ygtyýarynda durýar.

Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşy şoňa ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.

Geodeziýa we kartografiýa işlerine döwlet dolandyryşyny amala aşyrýan edaranyň ygtyýarlygyna şular girýär, ýagny:

Türkmenistanyň çäginde koordinatlaryň, belentlikleriň we grawimetrik ölçegleriň bir bitewi döwlet ulgamyny döretmek we işlemegini üpjün etmek;

Türkmenistanyň çäginde geodeziýa we kartografíýa işlerini ýerine ýetirmek;

geodeziýa we kartografíýa işlerini geçirmek boýunça tehniki talaplary, kadalary we düzgünleri bellemek, şeýle hem olary amala aşyrmagyň tertibini bellemek;

döwlet geografíýa habar ulgamyny döretmek we ony ýöretmek;

geodeziýa we kartografiýa önümine döwletiň, düzgünnamaly we jismi şahslaryň isleglerini kanagatlandyrmak;

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň geçýän ugurlaryny kegitlemegi, onuň ýerinde bellenilmegini we barlagyny geodeziýa, kartografiýa, topografíki we gidrografi taýdan üpjün etmek;

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasyny döretmek we ýöretmek;

şäher, ýer we beýleki kadastrlary geodeziýa we kartografiýa taýdan üpjün etmek;

geodeziýa we kartografíýa babatynda bir bitewi döwlet syýasatyny geçirmek maksady bilen geodeziýa we kartografiýa işleriniň ýerine ýetirilişini utgaşdyrmak;

geodeziýa we kartografiýa işlerini amala aşyrmaga niýetlenen enjamlaryň tehniki gurluşlaryň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden geçirilişine bolan barlag;

şu edara hakynda Düzgünnamada kesgitlenen beýleki ygtyýarlyklar.

 

9 madda. Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet gözegçiligi we barlagy

 

Türkmenistanda geodeziýa we kartografiýa işine döwlet gözegçiligi we barlagy geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan üpjün edilýär. Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edaranyň ýolbaşçysy we onuň birinji orunbasary şol bir wagtyň özünde geodeziýa gözegçiligi boýunça Baş döwlet barlagçylary hasaplanylýar.

Döwlet geodeziýa gözegçiligi hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edaranyň wezipeli adamlarynyň, şol bir wagtyň özünde geodeziýa gözegçiligi boýunça döwlet barlagçylary hasaplanýan adamlaryň sanawy we olaryň ygtyýarlyklary Döwlet geodeziýa gözegçiligi hakynda Düzgünnama bilen bellenilýär.

 

10 madda. Geodeziýa we kartografiýa işini maliýeleşdirmek

 

Umumydöwlet ahmiýeti bolan geodeziýa we kartografiýa işleri Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň we Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň geodeziýa we kartografiýa işlerine bolan zerurlyklary şolaryň hususy serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

11 madda. Geodeziýa we kartografiýa işiniň metrologik taýdan üpjünçiligi

 

Geodeziýa we kartografiýa işiniň metrologik taýdan üpjünçiligi nusgalaşdyrmak metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

12 madda. Geodeziýa we kartografiýa işine ygtyýarnama bermek

 

Türkmenistanda geodeziýa we kartografiýa işi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ygtyýarlylandyrmaga degişlidir.

Geodeziýa we kartografiýa işine ygtyýarnama bermek geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan gecirilýär.

Şu işler ygtyýarnamalaşdyrmaga degişli däldir, ýagny:

gurluşyk-gurnaýyş işiniň düzüminde geodeziýa işleri;

bilim edaralarynyň okuw türgenleşik meýdançalarynda geçirilýän geodeziýa we kartografiýa işleri;

inženerçilik ulgamlarynyň, jaýlaryň we desgalaryň giňişlikdäki üýtgeýişleriniň ölçeglerinde geodeziýa işleri.

 

13 madda. Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasy

 

Geodeziýa we kartografiýa işleri geçirilmegi netijesinde alnan geodeziýa, kartografiýa, topografik, gidrografíki, aerokosmos, grawimetrik materiallar we maglumatlar, şol sanda san görnüşinde alnan netijeler Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasyny düzýärler. Türkmenistanyň Döwlet kartografíýa-geodeziýa gaznasy geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edaranyň ygtyýarynda bolýar.

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasy hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň zat saklanylýan jaýlarynda hemişelik saklanylmaga degişli geodeziýa we kartografiýa önüminiň, materiallaryň we maglumatlaryň, asyl nusgalaryň ýa-da olaryň deregine nusgalyklaryň, haýsy edara degişlidigine garamazdan habaryň döredilmeli ýeriniň, ony berkitmegiň tehnikasynyň we usulynyň sanawy Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw edarasy bilen ylalaşmak arkaly geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanylýar.

Türkmenistanyň Döwlet kartografíýa-geodeziýa gaznasynyň materiallary we maglumatlary düzgünnamaly şahslaryň hususylaşdyrylýan emläginiň düzümine goýulmaga degişli däldir.

Türkmenistanyň Döwlet kartografíýa-geodeziýa gaznasynyň Türkmenistanyň Milli arhiw gaznasynyň düzümine girizilen materiallary we maglumatlary «Milli arhiw gaznasy hakynda» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda saklanylýar.

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň döwlet syry bolup durýan maglumatlardan ybarat materiallaryna we maglumatlaryna elýeterlilik Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň alnan materiallarynyň we maglumatlarynyň üçünji taraplara berilmegine hem-de nusgalygynyň göçürilmegine geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edaranyň ygtyýary bolmasa, ýol berilmeýär.

Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň materiallaryny we maglumatlaryny peýdalanmak tölegli bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň materiallarynyň we maglumatlarynyň peýdalanylandygy üçin bolan töleg Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan bellenilýär.

Býujet ulgamynyň maliýeleşdirilmeginde durýan kärhanalar, edaralar we guramalar Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasynyň maglumatlaryny ýazmaça haýyş esasynda muzdsuz peýdalanýarlar.

 

14 madda. Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasyna geodeziýa we kartografiýa materiallaryny hem-de maglumatlary bermegiň hökmanylygy

 

Eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan düzgünnamaly şahslar, Türkmenitanyň çäginde geodeziýa we kartografiýa işini amala aşyrýan jismi şahslar özleriniň döreden geodeziýa we kartografiýa materiallarynyň hem-de maglumatlarynyň bir nusgasyny Türkmenistanyň Döwlet kartografiýa-geodeziýa gaznasyna muzdsuz tabşyrmaga borçludyrlar.

Kanun tarapyndan goralýan döwlet ýa-da gaýry syra degişli edilen geodeziýa we kartografiýa materiallaryny hem-de maglumatlaryny bermek Türkmenistanyň kanunlary tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

 

15 madda. Geodeziýa we kartografiýa önümine awtorlyk hukugy

 

Geodeziýa we kartografiýa önümine, şoňa geodeziýa we kartografiýa işi netijesinde alnan topografik, geodeziýa, gidrografíki, aerokosmos we grawimetrik materiallary we maglumatlary goşmak bilen birlikde awtorlyk hukugy Türkmenistanyň kanunlary bilen düzgünleşdirilýär.

 

16 madda. Döwlet geodeziýa ulgamlarynyň bentleriniň goragy

 

Döwlet geodeziýa ulgamlarynyň bentleri (astronomiki-geodeziýa, geodeziýa, niwelir we grawimetriki), şol sanda yşyklandyryjy älemlerde, gami gatnawyny belliklerinde we beýleki inženerçilik konstruksiýalarynda ýerleşen bentler döwletiň eýeçiligine degişli bolup durýar hem-de döwletiň goragy astynda durýar. Geodeziýa ulgamlarynyň bentlerini goramak hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanylýar.

Geodeziýa ulgamlarynyň bentlerini ýerleşdirmek üçin mellekleri bölüp berme Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

Döwlet geodeziýa ulgamlarynyň geodeziýa bentleriniň merkezleriniň daşarky belliklerini ýykyp aýyrmak ýa-da täzeden düýbüni tutmak işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara tarapyndan ýa-da onuň rugsat bermegi bilen gecirilýär.

Çäklerinde döwlet geodeziýa ulgamlarynyň bentleri ýerleşen döwlet tarapyndan ýerpeýdalanyjylar, hususy eýeçilik ýa-da kärende hukuklaryndaky mellekleriň eýeleri şol ýerleriň abat saklanylmagyny üpjün etmäge we şolar zaýalanan ýa-da ýok edilen halatynda bu barada geodeziýa we kartografiya işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara habar bermäge, şeýle hem geodeziýa we kartografiýa işleri gecirilende döwlet geodeziýa ulgamlarynyň bentlerine golaý gelmäge (ýakyn barmaga) mümkinçilik bermäge borçludyrlar.

 

17 madda. Geodeziýa we kartografiýa işi hakynda kanunçylygyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

 

Şu kanunyň we geodeziýa hem kartografiýa babatynda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň bozulmagynda günäkär wezipeli adamlar we raýatlar Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

Geodeziýa we kartografiýa işiniň amala aşyrylmagy netijesinde düzgünnamaly ýa-da jismi şahslara ýetirilen zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde doldurylmaga degişlidir.

 

18 madda. Geodeziýa we kartografiýa babatynda halkara hyzmatdaşlygy

 

Geodeziýa we kartografiýa işine döwlet dolandyryşyny amala aşyrmaga ygtyýarly edara geodeziýa we kartografiýa babatynda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýar, Türkmenistanyň bähbitleriniň halkara hukuk goragyny üpjün edýär.

 

Türkmenistanyň                                  Saparmyrat

Prezidenti                                             Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri

2001 ýylyň 7-nji iýuly

№ 75-II