BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGY

05.04.2021

Adam saglygyny ähli zatdan ilerde goýýan Gahryman Arkadagymyz döwlet ähmiýetli, il-ýurt bähbitli adyl syýasaty durmuşa geçirýär. MilliLiderimiziň raýatlaryň saglygyny goramak, olaryň durmuş üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak ugrunda alyp barýan beýik başlangyçlary ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen beýik taglymatyň durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr. «Il saglygy — ýurt baýlygy» hasaplanylýan döwletimizde raýatlaryň sagdyn ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär we bu şertler kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Şu ýylyň 13-nji martynda kabul edilen «Ýokanç keselleriň öňüni almak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem aýdanlarymyzy tassyklaýar. Ýokanç keselleriň öňüni almagyň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýän bu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup, onda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenendir. 7 bapdan we 31 maddadan ybarat bolan bu Kanunda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini üpjün etmek, ilatyň ýokanç kesellerden goralmagy ugrunda möhüm çäreleri durmuşa geçirmek we bu ugurda döwlet maksatnamalarynyň işlenilip düzülmegini düzgünleşdirmek, öňüni alyş sanjymlarynyň raýatlar üçin elýeterliligini gazanmak, gaýraüzülmeler ýüze çykan halatynda, raýatlary durmuş taýdan goldamak, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegini ýola goýmak ýaly möhüm kadalar ýerleşdirilendir.

Kanunda ýokanç keselleriň öňüniň alynmagynyň we ýaýramagynyň çäklendirilmegine we ýok edilmegine gönükdirilen döwlet sanitariýa-epidemiologiýa düzgünleriniň we kadalarynyň berjaý edilmegi öňüni alyş, epidemiýa garşy, durmuş we bilim çäreleriniň toplumlaýyn geçirilmegi, ýokanç keselli syrkawlara tölegsiz saglygy goraýyş kömeginiň berilmegi, ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlamagyň döwlet bilim standartlaryna goşulmagyny üpjün etmek barada talaplar görkezilendir.

 Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda döwlet syýasaty ýokanç keselleriň öňüniň alynmagyna, ýaýramagynyň çäklendirilmegine we ýok edilmegine gönükdirilendir. Täze Kanunda ýokanç keselleriň öňüni almak çygryndaky işiň guramaçylyk esaslary, epidemiýa görkezijileri boýunça öňüni alyş sanjymlarynyň geçirilmegi bilen baglanyşykly gatnaşyklar hem düzgünleşdirilen. Öňüni alyş sanjymlarynyň raýatlaryň lukmançylyk gözden geçirilmesi geçirilenden soň, olarda saglygy goraýyş taýdan garşy görkezmeleriň bolmadyk halatynda geçirilmegi, kämillik ýaşyna ýeten adamlara öňüni alyş sanjymlaryndan ýüz dönderilmeginiň netijeleri we sanjymdan soň bolup biljek gaýraüzülmeler hakynda dogry maglumatlaryň berlenden soň, olaryň razylygy bilen geçirilmelidigi bellenilýär. 15 ýaşa ýetmedik ýa-da Kanunda bellenilen tertipde kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlara öňüni alyş sanjymlary olaryň dogry maglumat berlen ata-enesiniň, hossarlarynyň razylygy bilen geçirilmelidigi barada düşündiriş çäreleriniň lukmançylyk edaralarynyň işgärlerinden hökmany berjaý edilmelidigi bolsa kanuny talap edilýän şertlerdir.

Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleriň guralyşyny we geçirilişini ýola goýmak döwlet edaralarynyň, şeýle hem raýatlaryň öz üstüne ýüklenilýär. Öňüni alyş we epidemiýa garşy çäreleri, hususan-da, Türkmenistanyň çäginiň sanitariýa taýdan goralmagy boýunça, ýokanç keselli syrkawlar we ýokanç keselleri döredijini göterijiler babatda çäklendiriş çäreleri, önümçilik gözegçiligi kadalarda beýan edilýär. Şol sanda iýmit önümleri we azyk çig maly we başga önümler öndürilende, saklananda, daşalanda we ýerleşdirilende, şeýle hem raýatlaryň lukmançylyk gözden geçirilmelerini we barlaglaryny, öňüni alyş sanjymlaryny, gigiýena terbiýesini we okuwyny hem-de beýleki sanitariýa-gigiýena we sanitariýa epidemiýa garşy çäreleri guramak we geçirmek düzgünleşdirilýär. Bu işler kanunda bellenen ygtyýarlyklaryň çäklerinde ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň edaralarynyň, saglygy goraýşyň beýleki edaralarynyň, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, şeýle hem raýatlaryň üstüne ýüklenilýär.

Şeýlelikde, gaýraüzülmeler ýüze çykan halatynda, raýatlaryň durmuş taýdan goldanylmagyny, sanjymdan soňky gaýraüzülmeler bilen baglanyşykly öwez pullarynyň, wagtlaýyn zähmete ukypsyzlyk boýunça döwlet kömek pullarynyň tölenilmeginiň üpjün edilmegi ýaly raýatlaryň hukuklarynyň goraglylygy Kanunyň kadalarynda göz öňünde tutulýar.

Döwletimiz tarapyndan saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygy yzygiderli üpjün edilýär. Bu barada Kanunyň 29-njy maddasynda: «Döwlet ýokanç keselleriň öňüni almak çygrynda saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär. Ýokanç keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek boýunça döwlet saglygy goraýyş edaralarynda bolup biljek biologik faktorlar bilen galtaşykda işleýän saglygy goraýyş, ylmy we ylmy-pedagogik edaralaryň işgärlerine ýeňillikler iş wagtynyň dowamlylygyna garamazdan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar» diýlip kesgitlenendir. Bu bolsa adamlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak we bejermek ugrunda göreşýän, saglygy saklaýyş ulgamynda zähmet çekýän hünärmenlere berilýän döwlet derejesindäki goldawdyr.

Ýokanç kesellerden goranmagyň döwlet derejesinde gaýragoýulmasyz işleriň hatarynda goýulmagy we bu babatda kanunçylyk namalarynyň kesgitlenilmegi hormatly
Prezidentimiziň adam hakynda edýän tagallalarynyň subutnamasydyr, «Döwlet adam üçindir» atly şygarymyzyň dabaralanmagydyr.

 

 Maýsa KURBANOWA, Mary welaýatynyň prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly
kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetirijisi, 2-nji derejeli ýurist.