ZENANLARYŇ HUKUK GORAGLYLYGY

15.08.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar.

2020-nji ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy kabul edildi. Onuň maksady jemgyýetiň ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda gender deňliginiň üpjün edilmegi we durmuşyň ähli ulgamlarynda aýallaryň hem-de erkekleriň şahsy mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegidir.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 29-njy maddasynda: «Türkmenistanda erkekleriň we aýallaryň deň hukuklary we azatlyklary, şeýle hem olary durmuşа geçirmek üçin deň mümkinçilikleri bardyr» diýlip kesgitlenilýär.«Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda agzalan konstitusion ýörelge anyk kanunçylyk kadalary hem-de olary amala aşyrmagyň guramaçylyk usullary bilen üpjün edilýär.

 «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 21-nji maddasynda döwletimiziň aýallara we erkeklere işe giren mahalynda, kärini, edýän işini, iş ýerini erkin saýlamagynda, telekeçilik işini amala aşyrmagynda, hünär taýdan taýýarlygynda we gaýtadan taýýarlygynda, zähmet işini ata-ene borçlary bilen utgaşdyranda deň mümkinçilikleri, howpsuz zähmet şertlerini, işsizlikden goralmagy kepillendirýändigi beýan edilýär. Zenan telekeçiligi olaryň ykdysady hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek we 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek çygrynda gitdigiçe möhüm ýol hökmünde ykrar edilýär. Raýatlaryň kanun taýdan goraglylygyny, olaryň öz hukuklaryny doly derejede amala aşyrmagyny üpjün etmekde Türkmenistanda hereket edýän kanunçylygyň ähmiýeti örän uludyr. Türkmenistanda gender deňligine gönükdirilen işjeň milli syýasaty alyp barýan, her bir türkmen ojagynyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Bibihajar Orazowa, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.