ADMINISTRATIW ÖNÜMÇILIK

17.08.2023

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen milli kanunçylyk ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär.

Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň hukuk ösüşleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 8-nji maddasynda: «Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalaryň we düzgünleriň göni hereketi bardyr» diýip beýan edilen ýörelgeleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini dabaralandyrýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan esas alýan «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenen kadalar bolsa Arkadagly eýýamymyzda döwletimiziň raýatlarynyň sapaly ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin iň kämil şertleri döredýändigini görkezýär.

Bellenilişi ýaly, bu Kanun administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär.

Kanun 10 bapdan we 62 maddadan ybaratdyr. Kanunyň 1-nji maddasynda şu Kanunda ulanylýan administratiw edara, administratiw nama, administratiw önümçilik ýaly esasy  düşünjelere sada we düşnükli düşündirişler berlipdir.

Şeýle-de, «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 4-nji maddasynda bu önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleriniň: kanunylyk, kanunyň öňünde deňlik, administratiw önümçiligiň dessinligi we elýeterliligi, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda hyzmatdaşlyk, barabarlyk, ynamy goramak we inkwizision ýörelgelerden, ýagny işiň ähli ýagdaýlaryny dogry barlamak ýaly ýörelgelere daýanýandygy kesgitlenen.

«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 20-nji maddasynda administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň möhletlerinde onuň ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydygy, administratiw edara bir aýdan köp bolmadyk möhletde administratiw namany kabul etmek hakynda ýa-da ony kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýändigi bellenilýär. Şeýle hem, Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry möhlet bellenilmedik bolsa, administratiw önümçilige ähmiýetli bolan ýagdaýlary anyklamak üçin köp möhlet talap edilýän halatynda, bu möhletiň administratiw edara tarapyndan gyzyklanýan şahsa möhletiň uzaldylandygy barada habar bermek bilen, kyrk bäş güne çenli uzaldylyp bilinýändigi kesgitlenen.

Kanunyň 43-nji maddasynda raýatlara şikaýat etmegiň tertibi düşündirilen bolsa, 45-nji maddasynda şikaýatlaryň ýazmaça görnüşde düzülýändigi we berlen şikaýatlarda raýatyň, wezipeli we adamyň ýazmaça ýüztutmasynda iberilýän edaranyň ady, wezipeli adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady ýa-da wezipesi, şeýle hem ýüztutmany iberen raýatyň familiýasy, ady, atasynyň ady, jogap ýa-da ýüztutmany başga salga ugratmak baradaky poçta salgysy, meseläniň düýp mazmunynyň beýany, görkezilen raýatyň şahsy golunyň we senesiniň bolmalydygy kadalaşdyrylypdyr.

«Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, prokuratura edaralarynyň ýurdumyzda kanunlaryň takyk hem-de birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmeginiň maksady kanunyň ähli zatdan ýokary tutulmagyny üpjün etmekden, kanunylygy pugtalandyrmakdan we raýatlaryň hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Raýatlara dil üsti bilen, poçta, telegraf boýunça ýazmaça, şeýle-de Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň bp.gov.tm resmi web saýtynyň «elektron ýüztutma» penjiresine elektron görnüşinde ýüz tutmak arkaly hukuk maslahatyny almaga mümkinçilik döredilendir. «Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolsa bagtyýar we eşretli geljegiň kepili bolup dabaralanýar.

Sähragül AŞYROWA, Balkan welaýatynyň prokuraturasynyň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.