ADAM HUKUKLARYNYŇ KONSTITUSION BINÝADY

23.08.2023

Demokratik, dünýewi we hukuk döwletimiziň Esasy Kanunynda adamyň we raýatyň hukuklary hem-de azatlyklary halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda kepillendirilýär. Munuň özi adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň eldegrilmesizligini tassyklaýar.

Ýurdumyzyň Esasy Kanunynda: «Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir» diýlip kesgitlenilýär. Bu kadalar adam, jemgyýet, döwlet sazlaşygyny emele getirýär. Bu kadalardan gözbaş alýan kanunçylyk namalary adamyň jemgyýetdäki ornuny we abraýyny pugtalandyrýar, şahsyýetiň hormatlanmagyny üpjün edýär. Şeýle ynsanperwer kadalar ýaş nesillerde hukuk medeniýetini kemala getirýär.

Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryň birnäçesine ilkinjileriň hatarynda goşulmagy we olary ykrar etmegi, şol bir wagtda hem bu resminamalarda jemlenen umumadamzat bähbitli kadalaryň milli kanunçylygymyza ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara giňişligindäki abraýyny has-da artdyrýar. Adam hukuklary babatda halkara hukuk resminamalarynyň hatarynda 1948-nji ýylyň 10-njy dekabrynda kabul edilen Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasy esas goýujy resminama hasaplanýar. Bu Jarnama adamyň mizemez hukuklarynyň bitewüligini emele getirip, halkara hem-de milli kanunlaryň gözbaşy bolup çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiz halkymyz hakynda yzygiderli alada edip, halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar. Şunda ýurdumyz adam hukuklaryny we azatlyklaryny doly derejede durmuşa geçirmek üçin zerur bolan syýasy, ykdysady, hukuk şertlerini döredýär. Raýat we adam barada dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen halkara hukugynyň ähli kadalaryny ýerine ýetirýär we hormatlaýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda tassyklan «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» hem bu babatdaky anyk mysallaryň nobatdakysydyr. Bellenilişi ýaly, bu Strategiýa ýaşlar parlamentarizmini ösdürmek, ýaşlary Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çekmek, olaryň halkara meýletinçilik taslamalaryna we maksatnamalara gatnaşmagyny höweslendirmek, ýaşlar telekeçiligi ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek, Türkmenistanyň taryhyny, medeniýetini, häzirki zaman gazananlaryny dünýä derejesinde wagyz etmek boýunça bäsleşikleri guramak ýaly hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny öz içine alýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda kanunçylygyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy, demokratiýanyň dabaralanmagy, beýik zamanamyza mynasyp ýaşlaryň kemala gelmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, parasatly tagallalary hemişe rowaç bolsun!

Ysmaýyl Muhammedow, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş derňew müdirliginiň prokurory, 2-nji derejeli ýurist.