SAG­LYK­DA ÝA­ŞA­SAŇ, ÖM­RÜŇ GÖ­ZEL­DIR

26.08.2023

Paýhasly ata-babalarymyz durmuşda iň gymmatly baýlygyň saglykdygyny ýaňzydýan «Saglygym bar — baýlygym bar», «Saglygym — baş baýlygym», «Saglyk — beglik» ýaly pähimleri miras galdyryp, bize — öz nesillerine sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşamaklygy ündäpdirler. Halkymyz ir döwürlerden bäri temmäki, nas, neşe, şerap ýaly zyýanly pişelerden gaça durup, oňa ýykgyn edenleri-de berk ýazgarypdyr. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemek, adamyň saglygyna zyýan ýetirýän çilimkeşlige garşy göreşmek, temmäki önümlerini ulanýan raýatlaryň saglygyny bejerip, olaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak maksady bilen, ýurdumyzda ýaramaz endiklere garşy berk göreş alnyp barylýar we bu ugurda kanunçylyk kämilleşdirilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu Kanun ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýär.

Hemişe halkynyň aladasyny edýän Belent Serkerdebaşymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Sähragül Aşyrowa, welaýat prokuraturasynyň kazyýet kararlarynyň kanunylygyna gözegçilik bölüminiň uly prokurory, ýustisiýanyň geňeşçisi.