ÝAŞ NESLIŇ JEMGYÝETDÄKI ORNY

29.08.2023

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli, giň gözýetimli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli amatlyklar, möhüm şertler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döredijilikli zähmet çekmegine, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etmegine uly mümkinçilikleri döredýär.

Häzirki wagtda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, onuň binýadynda tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy», şeýle hem bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy esasynda edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri hem «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda geçirildi.

Ýaşlaryň jemgyýetçilik ýerlerinde tertip-düzgün kadalaryny doly we dogry berjaý etmeklerini gazanmak, olara öz hukuklaryny, borçlaryny düşündirmek, ýurdumyzyň kanunçylygynda, şeýle-de Konstitusiýada kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeklerini ündemek çäräniň esasy maksady boldy. Onuň dowamynda hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri şol maksatdan ugur alyp, giňişleýin çykyş etdiler. Buýsançly çykyşlarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagy, halkymyzyň bagtyýarlygyna gönükdirilen beýik tutumlarynyň hemişe üstünüliklere beslenmegi tüýs ýürekden arzuw edildi.

 

Ýunus Er­kinow, Türkmenbaşy şäheriniň prokurorynyň kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.