JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY — BAGTYÝAR GELJEGIŇ KEPILI

05.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegine, ýaşlarymyzyň sagdyn, berk bedenli, ruhy we ahlak taýdan arassa adamlar bolup ýetişmeklerine uly ähmiýet berilýär.

Esasy Kanunynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýen kadalary ýerleşdiren döwletimiz üçin ynsan, onuň saglygy, ömri we goraglylygy ilkinji nobatda goýulýar. Hut şu nukdaýnazardan, Gahryman Arkadagymyz ýurdumyza baştutanlyk eden ilkinji günlerinden ýaramaz endikleriň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň garşysyna barlyşyksyz göreş alyp bardy we bu nogsanlykdan jemgyýetimizi halas etdi.

Jemgyýetiň genofonduny halas etmek, müňlerçe hukuk bozulmalaryň we jenaýatlaryň öňüni almak diýmek. Şu ýagdaýlary nazarda tutanyňda, ýaramaz endikleriň garşysyna durlup, ýetilen sepgitleriň döwletimiz we jemgyýetimiz üçin belli bahasy ýokdur.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň 7-nji iýunda geçiren Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde temmäki önümleriniň, şol sanda suw çiliminiň we elektron çilimleriň ýurdumyza bikanun getirilmegine hem-de ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça harby we hukuk goraýjy edaralaryň bilelikde ýerine ýetiren işleri barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş nokatlarynda guralan çäreleriň netijeleri, döwletimiziň çägine bikanun ýollar bilen getirilen we ele salnan önümler baradaky maglumatlar beýan edildi. Ýurdumyzda ýaşlar üçin okamaga, işlemäge, döretmäge, sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Iň gowy şertler döredilen okuw mekdepleri, sport toplumlary, dünýägaraýşyny dogry tarapa giňeltmäge internet ulgamy ýaşlaryň hyzmatynda.

Şu amatly mümkinçilikleri ýerlikli ulanman, gaýta, döredilýän şertleri özüniň we tutuş jemgyýetiň garşysyna peýdalanýan, nebsiniň öňüne düşüp, bikanun ýollar bilen temmäki önümlerini ýurdumyzyň çägine getirip, döwletiň kanunynyň talaplaryny gödek bozup, öz halkynyň, ýaşaýan jemgyýetiniň, ýetişip gelýän garagöz çagalaryň bähbitlerine zyýan ýetirmek ynsapsyzlykdyr, nadanlykdyr. Jenaýat edýän raýatlary, şol nogsanlyklara baş goşup, saglygyna zyýan ýetireni bilen çäklenmän, internet ulgamy arkaly deň-duşlaryna ýaramaz görelde görkezýän ýaşlary synlanyňda, asuda, parahat durmuşyň gadyryny bilmegi, jemgyýetiň ahlagyna we saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän nogsanlyklaryň garşysyna barlyşyksyz göreşiň we bu nogsanlyklaryň geljekde halkyň, ýurduň bähbitlerine ýetirip biljek zyýanyny watandaşlarymyza ýene-de bir gezek ýetirmeli bolýar.

Habar berlişi ýaly, hukuk bozulmalaryny eden raýatlara milli kanunçylyga laýyklykda degişli çäreler görüldi. Şeýle nogsanlyklara baş goşanlar diňe bir kanun tarapyndan däl, eýsem, jemgyýet tarapyndan hem ýazgarylýar. Milli ýörelgelere pugta eýerýän ýurdumyzda kabul edilýän her bir kanun milliligimizden gözbaş alýar.

Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 276-njy maddasynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň ýörite düzgünleri bellenilen harytlaryň ýa-da başga närseleriň Türkmenistanyň gümrük serhedinden uly möçberde geçirilmegi, harytlaryň gümrük gözegçiliginden rugsatsyz ýa-da ondan gizläp geçirilmegi, resminamalaryň ýa-da serişdeleriň gümrük barabarlygynyň aldaw bilen peýdalanmak arkaly ýa-da harytlary deklarasiýa etmän, ýa-da olary nädogry deklarasiýa etmek bilen baglanyşykda kontrabanda edilmegi üçin jenaýat jogapkärçiligi bellenen.

Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksiniň 79-njy maddasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan temmäki önümlerini çekmegiň gadagan edilmegi baradaky talaplaryň bozulmagy üçin administratiw jogapkärçiligi göz öňünde tutulan.

Şeýle-de ýurdumyzda raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitleýän, temmäki önümleri Türkmenistana getirilen, ýerlenilen hem-de ulanylan mahalynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär.

2022-nji ýylyň 25-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Meýilnamanyň degişli bendinde maglumatlaryň audiowizual serişdelerinde we beýleki sanly kommunikasion ulgamlarda (şol sanda, internet we ykjam telefonlar) temmäkiniň ulanylmagynyň görkezilmegini gadagan etmek meselesini öwrenmek göz öňünde tutulan.

Maksatnamada bellenilişi ýaly, Türkmenistan özüniň temmäkini ulanyşdan aýyrmaga taýýardygyny yglan etdi hem-de diňe bir oňa garşy göreş çärelerini amala aşyrmagy däl-de, eýsem, 2025-nji ýylda temmäkiden azat ýurt derejesine ýetmegi esasy maksady hökmünde kesgitledi.

Ýurdumyzda hereket edýän «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda internet torunda amala aşyrylýan jemgyýetçilik howply etmişleriň öňüni almak, şeýle hem şu görnüşli hukuk bozulmalaryny amala aşyrýan adamlary netijeli ýüze çykarmak we temmi bermek üçin kadalaşdyryjy şertleri döretmek kanunyň esasy wezipeleriniň hatarynda görkezilýär.

Döwletimiziň Esasy Kanunynda Türkmenistanda kanunyň hökmürowanlygy bellenilendir. Kanuny talaplary berjaý etmek her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr. Jemgyýetiň sagdynlygyna, ahlagyna we genofonduna zyýan ýetirip biljek nogsanlyklaryň garşysyna barlyşyksyz göreşmek bolsa, ynsanlyk borjumyzdyr.

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz mejlisde temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmagyň zerurlygyny belledi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işe öz goşandyny goşmaga çalyşýandygyny, temmäkä garşy göreşmekde netijeli hereketler ýaýbaňlandyrylyp, alnyp barylýan döwlet syýasaty esasynda bu işiň has-da giň gerime eýe bolýandygyny, bu babatda türkmen jemgyýetinde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleri görmegiň möhümligini nygtady. Hormatly Prezidentimiz temmäki önümleriniň bikanun söwdasynyň doly aradan aýrylmagyna gönükdirilen we bu önümleriň ýurdumyzyň çägine getirilmegine berk gözegçiligi, öňüni alyş-hukuk çärelerini göz öňünde tutýan işi güýçlendirmek zerurlygyny nygtap, bu serişdeleriň bikanun ýaýradylmagynyň, ulanylmagynyň, ýurdumyzyň çägine getirilmeginiň öňüni almak boýunça ugurdaş harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde zerur işleri dowam etdirmek barada tabşyryk berdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan türkmen jemgyýetinde sagdyn durmuş ýörelgesiniň berkarar edilmegi ýaly il-ýurt bähbitli işleriň Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy bilen dowamatdowam bolýandygynyň subutnamasydyr. Ata Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini dowamat-dowama besleýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri hemişe rowaç bolsun!

Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.