08.04.2021
Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda sanly ykdysadyýete geçmek bilen bagly hereket edýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna seljerme geçirmek hem-de degişli üýtgetmeleri girizmek, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça her ýylda ýerine ýetirilmeli işleriň içki meýilnamasyny taýýarlamak we tassyklamak ilkinji wezipeleriň hatarynda görkezilen. Häzirki wagtda hereket edýän “Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda”, “Aragatnaşyk hakynda”, “Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Döwlet ylmy-tehniki syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary ýurdumyzy ýeke-täk sanly ulgama birikdirmeklige gönükdirilen, berkarar döwletimiziň döwrebap ösüşini gazanmak ugrunda amala aşyrylýan işleriň hukuk esaslary bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Döwlet Baştutanymyzyň “Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakynda” Kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, guramaçylyk hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle hem ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işini amala aşyrýan fiziki şahslar-hususy telekeçiler elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döretmek, işe girizmek we olaryň yzygiderli işjeň täzelenip durulmagyny üpjün etmek ugrunda işleri durmuşa geçirýärler.
Milli Liderimiziň “Ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda
hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elekrton maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda” Kararynda agzalan edaralaryň awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döredip we onuň bir bitewi tehniki talapnamalara laýyklykda işlemegini üpjün etmelidikleri, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny 2022-nji ýylyň dekabr aýyna çenli işe girizmelidikleri görkezilen. Bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirlmegi ýurdumyzda sanly üpjünçilik ulgamyny ösdürmekde möhüm ädim bolar.
Häzirkizaman jemgyýetinde maglumatyň ähmiýeti barha artýar. Sanly giňişlikde uly göwrümli maglumatlarynyň gorunyň döredilmegi bilen olary dolandyrmak, gorap saklamak, bir ýerden başga ýere geçirmek, barlamak täze bir wezipe bolup durýar. Şol wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin ýokary derejeli hünärmenleriň zerurdygy öz-özünden düşnüklidir. Bilşimiz ýaly, öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek, täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça ýurdumyzda “Sanly çözgüt-2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu bäsleşgiň geçen ýylky tapgyrynyň hem uly üstünliklere beslenip, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan, ýurdumyzyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilmegi ugrunda edilýän tagallalara mynasyp goşant goşjak ýaşlary ýüze çykarandygyny bellemek möhüm. Şonuň bilen birlikde häzirki döwürde maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary hem-de maglumat howpsuzlygy we kiberhowpsuzlygy boýunça hünärmenleriň hünär derejelerini yzygiderli ýokarlandyrmaklyga uly ähmiýet berilýär. Welaýatlarda we Aşgabat şäherinde maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça taýýarlaýan ýöriteleşdirilen mekdepleriň işini ýola goýmak, ýurduň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugry boýunça kafedralary, fakultetleri we hünärleri açmak, maglumat tehnologiýalary boýunça işleýän hünärmenler üçin aýratyn aýlyk zähmet haklarynyň çyzgysyny taýýarlamak meýilleşdirilýär.
Maksatnamalarda agzalan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi bilen ykdysadyýetiň pudaklarynyň ösüşini tizleşdirmek we ilata edilýän hyzmatlary ýeňilleşdirmek maksady bilen, saglygy goraýyş hyzmatlary, bilim hyzmatlary, syýahatçylyk hyzmatlary, häkimlikleriň hyzmatlary, döwlet statistikasynyň hyzmatlary, jemagat hojalygy hyzmatlary, bank hyzmatlary, ätiýaçlandyryş hyzmatlary, aragatnaşyk hyzmatlary, ilaty durmuş taýdan goramak hyzmatlary, söwda hyzmatlary, ulag hyzmatlary we beýleki edaralaryň hyzmatlary sanly ulgam arkaly ýerine ýetiriler.
Häzirki döwürde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tabşyryklaryndan ugur alnyp ýurdumyzyň prokuratura edaralarynda hem sanly ulgama geçmek bilen baglanyşykly işler giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen welaýatlaryň prokuratura edaralarynyň işgärleriniň arasynda onlaýyn görnüşinde okuw we terbiýeçilik häsiýetli maslahatlar yzygiderli geçirilip, hünär synaglaryny almak, hünär bäsleşikleri geçirmek ýola goýuldy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň türkmen, rus we iňlis dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän “bp.gov.tm” resmi web saýty işe girizildi. Bu web saýtda prokuratura edaralary bilen baglanyşykly ähli täzelikler ýerleşdirilen. Merkezi we ýerlerdäki prokuratura edaralarynyň salgylary we telefon belgileri baradaky maglumatlaryň islendik raýat üçin elýeterliligi üpjün edilen. Şeýle-de, dünýäniň islendik künjeginden iberilen elektron ýüztutmalary kabul etmek mümkinçilikleri döredilip, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaklyga gönükdirilen ýüztutmalary öz wagtynda kabul etmek we jogap bermek, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleriň ýokary derejede ýerine ýetirilmegi üçin ähli şertler döredilen. Her bir raýatyň web saýt arkaly özlerini gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutup, kanunalaýyk jogaplary almagy, ýurdumyzda hereket edýän adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň dabaralanmagyna gönükdirilen kodeksler, kanunlar bilen tanyşyp, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmagy şeýle-de prokuratura edaralarynyň işgärleriniň metbugatda çap edilýän kanunçylygy düşündirmek baradaky makalalaryny okamagy üçin giň mümkinçilikler döredilen.
Ösüşlere beslenýän döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän her bir başlangyjy mähriban halkymyzy abadan, bagtyýar durmuşda ýaşatmaklyga, berkarar döwletimizi mundan beýläk-de, gülledip ösdürmeklige gönükdirilendir. Milli Liderimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň bir bitewi sanly ulgama birikdirilmegi netijesinde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly Ösüş Maksatlarynyň Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrylmagy üçin giň mümkinçilikler dörär, döwlet dolandyrylyşynyň netijeliligi ýokarlanar, ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we innowasiýa häsiýete geçirmegiň esaslary goýlar, ilata edilýän hyzmatlaryň çeýelik, wagt we hil babatyndaky görkezijileri ýokarlanar. Bir söz bilen aýdylanda ýurdumyzda kabul edilýän maksatnamalary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek, halkymyzyň ýaşaýyş, durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy ugrunda giň mümkinçilikler dörär.
Hormatly Belent Serkerdebaşymyz prokuratura edaralarynyň işgärleriniň öňünde belent hem-de jogapkärli wezipeleri goýýar. Şol wezipeleriň talabalaýyk berjaý edilmegi ugrunda mundan beýläk-de gijämizi gündiz edip zähmet çekeris. Milli Liderimiziň adalatyň dabaralýan hukuk döwletinde raýat jemgyýetini berkarar etmeklige gönükdirilen ynsanperwer işleriniň durmuşa geçirilmegi ugrunda tagallalarymyzy gaýgyrmarys.
Harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy, enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, işgärleriniň ýaşaýyş we durmuş şertlerini gowulandyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowamat dowam bolsun!
Nurjemal Baýramowa, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň Baş müdirliginiň Hukuk üpjünçiligi bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji 2-nji derejeli ýurist.