DURMUŞ TAÝDAN GORAGLYLYGYŇ KEPILI

11.09.2023

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen döwletimiziň kanunçylygyny kämilleş dirmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň “Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda” Kanunynda türkmen halkynyň durmuş taýdan goraglylygynyň kanunçylygy kepillendirilendir. Şu Kodeksiň 3-nji babynda pensiýalaryň görnüşleriniň kanuny kadalary bellenilýär. 14-nji maddanyň 1-nji bölümine laýyklykda, Şertli pensiýa maýasy-ätiýaçlandyrylan şahslaryň başlangyç şertli pensiýa maýasynyň we döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasynyň hökmany görnüşleri boýunça gatançlarynyň möçberlerinden we olaryň indeksirlenilmegindenhasaplanylyp ýazylan şertli maýagirdejilerinden durýar. 2-nji bölüminde bolsa, ätiýaçlandyrylan şahslaryň şertli pensiýa maýasynyň miras bolup geçýän emläk bolup durýandygy kesgitlenen.

Gürrüşi edilýän Kodeksiň 15-nji maddasynda toplaýyş pensiýa maýasynyň kanuny kadalary düzgünleşdirilen. Şu maddanyň 1-nji bölüminde kesgitlenilişi ýaly, toplaýyş pensiýa maýasy-toplaýyş pensiýa usuly boýunça ätiýaçlandyrylan Şahslaryň meýletin pensiýa gatançlarynyň we olary maýagoýumyna gönükdirmekden alnan girdejiniň jemidir. 2-nji bölümde ätiýaçlandyrylan şahslaryň toplaýyş pensiýa maýasynyň miras boýunça geçýän emläk bolup durýandygy bellenilendir. 3-nji bölümde kesgitlenilii ýaly, aradan çykan ätiýaçlandyrylan şahsyň miras düşeri bolmadyk ýagdaýynda, onuň ulanylman galan pensiýa toplamalarynyň möçberi Türkmenistanyň kanun çylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň hasabyna geçirilýär.

Şatlyk Meredow. Mary etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.