14.09.2023
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hemde hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalaryndan kemala gelen Arkadag şäheri sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerine daýanýan kämil şäheriň nusgasydyr. «Akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan bu ajaýyp şäheriň binalarynyň, ýaşaýyş jaýlarynyň innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi halkyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine doly şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz: «Arkadag şäheriniň «akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň we internet serişdeleriniň sazlaşygyna esaslanýar» diýip belleýär. «Akylly» şäher konsepsiýasy öňdebaryjy maglumat aragatnaşyk tehnologiýalaryna esaslanmak bilen, şäher düzümini dolandyrmagy, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagy göz öňünde tutýar. Bu konsepsiýa ilatyň durmuş şertlerini yzygiderli kämilleşdirýär, häzirki zaman sanly hyzmatlaryň elýeterliligini artdyrýar. Şeýle hem şäher infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylanda tehniki enjamlaryň işleýşine we ýagdaýyna zerur bolan gözegçiligi üpjün edýän birnäçe amatlyklary özünde jemleýär. Arkadag şäherinde bina edilen desgalaryň dünýäniň iň kämil tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini döwrebaplaşdyrmakda, raýatlaryň abadan ýaşaýşyny gazanmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşamak, işlemek, döretmek, okamak üçin ähli şertleriň we mümkinçilikleriň döredilmegi täze şäheriň ýaşaýjylarynyň netijeli işlemekleri we rahat durmuşda döwran sürmekleri ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň netijesidir. Täze şäherde 5, 7, 9 gatly köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň, 2 gatly kottejleriň birnäçesi ulanylmaga berildi. «Akylly» öý tehnologiýalary peýdalanylyp gurlan bu döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň durmuş üpjünçiliginiň, howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün etmekde sanly ulgamyň gazananlary giňden peýdalanylýar. Şonuň netijesinde, öňdebaryjy tehnologiýalar arkaly elektrik energiýasynyň, agyz suwunyň we tebigy gazyň sarp edilişini hasaba almaga mümkinçilik berýän şertler döredildi.
«Akylly» şäher konsepsiýasyny üpjün etmek maksady bilen, şäheriň ähli binalarynda akylly elektrik hasaplaýjy enjamlar gurnaldy. Olar sarp edilen elektrik energiýasyny takyk hasaplaýar we elektrik ulgamynyň ýagdaýyny hemişe gözegçilikde saklaýar. Energetika ulgamyna degişli desgalar energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Täze şäher häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän binalardyr desgalary, seýilgähleri, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport, bilim, terbiýeçilik düzümlerini, gulluk jaýlaryny özünde jemleýär. Dünýä ülňülerine kybap gelýän ýol-ulag düzümlerini emele getirýän giň şaýollar, köçeler, aýlaw ýollary, häzirki zaman yşyklandyryş, hyzmat ediş ulgamlary täze döwrebap şäherde durmuş şertlerini üpjün etmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Arkadag şäheriniň dabaraly açylyşynda bu ajaýyp şähere abraýly halkara guramalaryň şahadatnamalarynyň ençemesiniň gowşurylmagy bolsa daşky gurşawyň abadançylygy we adamlaryň asuda durmuşy hakynda edilýän tagallalaryň bütindünýä derejesindäki ykrarnamasydyr.
Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy, ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiz Gahr yman Arkadag ym yza, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde hemişe uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Maýsa Kurbanowa, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.