HALKARA BÄSLEŞIGIŇ BUÝSANDYRYJY NETIJELERI

10.04.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 12-nji fewralynda gol çeken Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň Maksatnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan  mart aýynyň 30-na wideoaragatnaşyk arkaly ýaş hukukçylaryň arasynda onlaýn görnüşinde halkara bäsleşik geçirildi.

Bu bäsleşikde men «Ählumumy we sebit ekologiýa meseleleriniň oňyn halkara hukuk çözgütleri» atly mowzuk bilen çykyş edip, 1-nji orna mynasyp boldum.  Hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygy — adamzadyň sagdyn ýaşaýşynyň baş şertleriniň biridir. Bu ugurda halkara konwensiýalarydyr beýleki resminamalaryň işjeň agzasy bolup durýan hem-de olar boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli amal edýän ýurdumyzyň tejribesi dünýäde uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň bu ugurdaky başlangyçlary dünýäde belent ykrara eýe bolýar.

Öz saýlap alan hünärine ussat, daşary ýurt dillerini ýokary derejede özleşdiren, halkara derejesinde ýurdumyzyň abraýyny goramaga ukyply hukukçy hünärmenleri ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşik ýaşlary mundan beýläk-de hünär başarnyklaryny ösdürmäge we  kämilleşdirmäge höweslendirmekde uly ähmiýete eýe boldy.

Garaşsyz döwletimizi ösüşleriň ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri dowamat-dowam bolsun.

 

Jeýhun Atamyradow, Köpetdag etrabynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi:

 

***

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň hünär    ussatlygyny ýokarlandyrmaga, döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasaty durmuşa geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny üstünlikli amala aşyrmak, ylym-bilim, ösen tehnologiýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykarmak, olary sanly ulgama geçmek boýunça geçirilýän işlere giňden çekmek üçin şertleri döretmek hem-de ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgini terbiýelemek maksady bilen kabul edildi.

Ýaşlaryň arasynda dürli ugurlarda geçirilýän ylmy-döredijilik bäsleşikleri hem durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligini üpjün edýär. Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 30-njy martda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ýaş hukukçylaryň bäsleşiginde men hem «Halkara arbitraž kazyýetleri» atly mowzuk bilen çykyş edip, 3-nji orna mynasyp boldum.  Bu bolsa meni mundan beýläk-de kämilleşmäge, hünär başarnyklarymy has-da ýokarlandyrmaga ruhlandyrdy.

Ýaşlar baradaky aladany döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwren hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun.

 

Ýakup Aşyrow, Daşoguz welaýatynyň prokurorynyň tälim alyjy kömekçisi: