GÜLLER AÇÝAN DIÝARYM

28.09.2023

Galkynyşly döwrümiziň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ata Watanymyzyň şan-şöhratyny mundan beýläk-de artdyrmakda edilýän tagallalar rowaç alýar. Türkmen halky hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipeleriň berjaý edilmeginde tutanýerli zähmet çekýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny amala aşyrmagyň çäklerinde uly işler bitirilýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň ylym-bilim almaklaryna, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmaklaryna, erkin zähmet çekip, döwrebap dynç almaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty yzygiderli kämilleşdirilýär. Şeýle kämil kanunçylyk bolsa, ýaşlaryň kanuny hukuklarynyň we bähbitleriniň goraglylygynyň gazanylmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen ýaşlary özleriniň rahat, abadan durmuşlary ugrunda edilýän uly aladalara gowy okamak, döredijilikli zähmet çekmek, ata Watana, hormatly Prezidentimize, halkymyza wepaly adamlar bolup ýetişmäge çalyşmak bilen jogap berýärler. Bu bolsa Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň beýik ýeňişlere beslenmegine netijeli täsirini ýetirýär.

Altyn Babaýewa. Mary şäher prokurorynyň kömekçisi, 2-nji de rejeli ýurist.