RUGSATLARA BOLAN HUKUK

01.10.2023

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde hereket edýän kanunçylyga laýyklykda işleýänlere dynç almak üçin rugsat berilýär. Bu meseläniň çözgüdi Türkmenistanyň Zähmet kodeksinde düzgünleşdirilendir. Şu Kodeksiň VI bölüminiň 83-nji maddasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň işleýän raýatlarynyň şu Kodekse laýyklykda her ýylky tölegli esasy rugsada hukugy bardyr. Şeýle hem ady agzalan Kodekse laýyklykda işleýän raýatlaryň rugsatlaryň beýleki görnüşlerini almaga hukugy bardyr.

Bu kodeksiň 84-nji maddasynda kesgitlenilişi ýaly, rugsatlaryň birnäçe görnüşleri kepillendirilýär. Olar şu aşakdakylardan ybaratdyr:

                   her ýylky esasy rugsat;

                   goşmaça tölegli rugsat;

                   durmuş rugsady;

                   zähmet haky tölenilmeýän rugsat.

Kodeksiň 85-nji maddasynda rugsada bolan hukugyň kepillendirmeleri bellenendir. Bu Kodeksiň 84-nji maddasynda görkezilen rugsatlaryň ähli görnüşleri işgäriň ýazan arzasy esasynda iş berijiniň çykaran degişli buýrugy bilen şu Kodeksde bellenilen tertipde we şertlerde berilýär. Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan rugsadyň peýdalanylýan döwründe işgäriň iş ýeri (wezipesi) saklanyp galýar. 86-njy maddadan görnüşi ýaly, her ýylky esasy we goşmaça rugsatlary bermegiň tertibi, şertleri düzgünleşdirilendir. Onuň 1-nji bölüminde her ýylky esasy rugsadyň dowamlylygy ýylda otuz senenama güni diýlip bellenilýär. Gürrüňi edilýän Kodeksde rugsatlaryň başga-da birnäçe görnüşleriniň, olary bermegiň tertibiniň we şertleriniň kämil kanunçylygynyň kesgitlenendigini okyjylaryň dykgatyna ýetirmegi zerur hasaplaýarys.

Mergen Amanow. Wekilbazar etrap prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi.