04.10.2023
Garaşsyz döwletimiziň ylym-bilim ulgamynyň işi ösüşli döwrümiziň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz bu meseläniň çözgüdine iňňän uly ähmiýet berip, nesil terbiýesi bilen bagly wajyp wezipeleri öňde goýýar. Şol bir wagtda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işiniň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagam şu günüň talaby. Türkmenistanyň “Bilim hakynda”, “Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda” Kanunlary, Maşgala kodeksi ýurdumyzda nesil terbiýesi bilen bagly meseleleriň hukuk binýadyny kesgitleýär.
Aslynda, nesil terbiýesi abadan ertirimiziň aladasy bolany üçin bu meselä iňňän uly üns berilýär. Şonuň üçinem etrap prokuraturamyzyň işgärleri okuw ýyly döwründe etrabymyzdaky orta mekdepleriň mugallymlaryna bilim ulgamynyň döwrebap kanunçylygyny düşündirýärler. Şeýle duşuşyklarda biz bilim işgärlerine kanuny hukuklary we borçlary dogrusynda gürrüň berýäris. Şeýle çärelerimiz bilim işgärleri tarapyndan gürrüňi edilýän kanunçylygyň kadalarynyň gyşarnyksyz berk berjaý edilmegine bähbitli täsirini ýetirýär.
Annaberdi Pudakow.
Ýolöten etrap prokurorynyň uly kömekçisi,
ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.