DÖWRÜŇ TALABYNA EÝERILÝÄR

08.10.2023

Galkynyşly döwrümiziň ýyllarynda Garaşsyz, döwletimiziň ösüş-özgerişleriniň we demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde tutumly tagal- lalaryň bady artýar. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda rowaçlanýan düýpli özgertmeler raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ösdürilmegine-de bähbitli täsirini ýetirýär. Milli kanunçylygymyzy kämilleş- dirmegiň çäklerinde kabul edilýän täze kanunlar Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ösüşli ýoluna itergi berýär.

Şeýle ähmiýetli işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň başda durmagynda geçirilýän tutumly işler jemgyýetimiziň demokratiýalaşdyrylmagynda uly ähmiýete eýe bolýar. Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, döwletiň we jemgyýetiň kanuny bähbitleriniň goralmagy hemişe derwaýys wezipeligine galýar. Bu mesele babatda prokuratura edaralarynyň işgärleriniň paýyna jogapkärli wezipe düşüp, şäher prokuraturamyzyň işgärleri wezipe-borçlaryna eserdeň çemeleşýärler. Şeýle tagallalarymyz bolsa, işimizde ýokary netijeleriň gazanylmagyna degerli täsirini ýetirýär.

Seýitmyrat ARBAPOW.

Mary şäher prokuraturasynyň uly sülçüsi, ýustisiýanyň geňeşçisi.