ARKADAG ŞÄHERI— ROWAÇLYGYŇ MEKANY

12.10.2023

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» atly ajaýyp eserde nygtalyşy ýaly, Köpetdagyň eteginde, ýurdumyzyň tebigy taýdan iň gözel künjeginde göýä ertekilerdäki ýaly, ak bina lary lowurdap duran şäheriň peýda bolmagy türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasy nyň gudra tydyr.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geljegiň şäheri adyny alan, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň, ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň hem-de özygtyýarlylygynyň, onuň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygynyň, durmuş ulgamynyň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şäherde alnyp barlan ähli işler ylmy esaslara daýanmak bilen, täzeçil çemeleşmeler esasynda, döwrebap derejede ýerine ýetirildi. Bu şäherde adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikler döredildi, raýatlarymyzyň müňlerçesine täze jaýly, täze işli bolmak bagty miýesser etdi.

Habar beriş serişdelerinde buýsanmak bilen nygtalyşy ýaly, dünýäniň şähergurluşyk, inžener-tehniki ösüşiniň iň täze nusgalaryny özünde jemleýän geljegiň, netijeli dolandyryşyň, ykdysady mümkinçilikleriň, amatly gurşawyň, ýaşlaryň şäheri bolan Arkadag şäheriniň Türkmenistanyň kartasynda peýda bolmagy dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Täsin şähere meşhur daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri tarapyndan berlen köp sanly güwänama we diplomlar hem muňa şaýatlyk edýär.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Arkadag şäheriniň ýaşaýşyň hil düzümini ýokarlandyrmaga gönükdirilen gurluşy hem-de aňrybaş tehnologiýalar, amallar we çeşmeleri arkaly häzirki zaman şäher ösüşi üçin Minnetdarlyk şahadatnamasynyň, «XXI asyryň şäheri» atly ýörite şahadatnamanyň, «Türki dünýäniň ilkinji akylly şäheri» atly şahadatnamanyň, «Paýtagtlaryň we iri şäherleriň halkara assambleýasy» assosiasiýasynyň şäher gurluşynda «akylly» şäher maksatnamasynyň toplumlaýyn durmuşa geçirilendigi üçin diplomynyň, Arkadag şäherine Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary we düzüm birlikleri tarapyndan berlen iki güwänamanyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň inklýuziw, howpsuz, ýaşaýyş taýdan durnukly, «akylly» we durnukly şäheriň döredilmegi hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň, şäherleriň ösüşiniň täze gün tertibiniň uýgunlaşdyrylmagyna goşant goşmak babatda BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasy bilen hyzmatdaşlygy üçin Türkmenistanyň Arkadag şäherine Minnetdarlyk güwänamasynyň, Arkadag şäherinde Türkmenistanyň sanly ykdysadyýetine we durnukly ösüşine goşant goşjak täze sanly bilim ulgamynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi mynasybetli Gutlag hatynyň, Ählumumy ýaşyl ösüş institutynyň «Ýaşyl» we «akylly» şäher şahadatnamasynyň we beýleki resminamalaryň gowşurylmagy Arkadag şäheriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigini görkezýär

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 23-nji martynda hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi sanly çözgüt tehnologiýalarynyň iň öňdebaryjy tejribeleri ulanylyp gurlan, sebitde deňi-taýy bolmadyk bu «akylly» şäheriň hukuk ýagdaýyny, şäheriň wezipelerini amala aşyrmagy bilen baglylykda, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň hukuk, guramaçylyk we beýleki esaslaryny kesgitledi.

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 1-nji maddasynda beýan edilişi ýaly: «Arkadag şäheri üçin döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk ýagdaýy bellenilýär». Munuň özi Kanunda hem beýan edilişi ýaly, türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy tejribesiniň we döwlet gurluşynda halkara tejribesiniň häzirki zaman meýilleriniň esasynda ýurdy ösdürmegiň uzak möhletleýin geljeginiň aýratyn ähmiýetine laýykdyr.

Bu Kanunyň talaplaryna laýyklykda, ýaşaýan möhletine, doglan ýerine we milletine garamazdan, ýaşaýan ýeri Arkadag şäheri bolan Türkmenistanyň raýatlary, şonuň ýaly-da Arkadag şäheriniň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk şahslar Arkadag şäheriniň ilatyny düzýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy beýik ösüşlere besleýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.

Maýsa Kurbanowa, Mary welaýat prokurorynyň hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisiniň wezipesini ýerine ýetiriji, 1-nji derejeli ýurist.