Konstitusiýamyz – biziň netijämiz

29.12.2020

Türkmenistanyň Esasy Kanuny durnuklylygyň we milli ylalaşygyň kepili boldy. Geçen ýyllarda Türkmenistanda häzirki zaman döwletliligimiziň, bazar ykdysadyýetimiziň kanunçylyk esaslary döredildi. 1992-­nji ýylyň 2­-nji martynda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň agzaly­gyna gireninden başlap, döwletimiz halkara bileleşigiň deňhukukly subýekti bolup çykyş edýär. Ýurduň içindäki hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmekde, halkara hukugyny ykrar etmek işinde gazanylan ösüşiň netijesinde Esasy Kanunymyzyň içinden halkara hukugynyň ençeme kadalary eriş-­argaç bolup geçýär. Konstitusiýamyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagda­ýynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilendigi barada, şeýle hem Birleşen Milletler Gura­masynyň Baş Assambleýasynyň 1995­-nji ýylyň 12­-nji dekabryndaky hem­-de 2015-­nji ýylyň 3-­nji iýunyndaky Rezolýusiýalarynyň mazmunlary aýratyn maddada beýan edildi.

Milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlan­gyçlarynyň we teklipleriniň Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly halkara guramala­ry tarapyndan kabul edilýän örän wajyp resmi­namalarynda berkidilýändigi we ösdürilýändigi Konstitusiýamyzda kanun esasynda berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň halkara gatnaşyklaryndaky ornunyň aýdyň subutnama­sydyr. Şeýle hem dünýäde energiýa howpsuzlygy we durnukly ulag meseleleri baradaky Birleşen Milletler Guramasynyň Kararnamalaryny hem görkezmek bolar. 2017­-nji ýylyň 2-­nji fewralyn­da Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Hal­kara Bitaraplyk gününi yglan etmek hakyndaky Kararnama kabul edildi. Şoňa görä­de, 2017-­nji ýylyň 20­-nji martynda Türkmenistanyň Mejli­si tarapyndan Türkmenistanyň Zähmet kodek­siniň 81-­nji maddasynda 12-­nji dekabr «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip berkidildi. 2017-­nji ýylyň 19­-njy aprelinde Türkmenistan 2018 - 2020-­nji ýyllar üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Ça­galar gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýerine ýetiriji Ge­ňeşine, şeýle hem 2018–2022-­nji ýyllar üçin Zenanlaryň statusy boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanyldy. Türkmenistanyň abraýly halkara guramalaryň düzümine saýlanylmagy­nyň özi döwletimiziň ösüp gelýän ýaş nesle, çaga­laryň saglygyna, olaryň bilim almaklaryna, çaga we ýetginjek sportunyň ösmegine, döwletimizde çaganyň hukuklarynyň doly we hemmetarapla­ýyn üpjün edilmegine ýardam berýär.

Bilşimiz ýaly, 2019-­njy ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynyň işini kämilleşdirmek, ýurdumyzyň kanun çykaryjyly­gynda iki palataly gurluşy döretmek başlangyjy­ny öňe sürüp Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen bag­ly teklipleri işläp taýýarlamak, seljermek hem­-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döredip, onuň düzümini tassyklady.

Bu möhüm syýasy ähmiýetli iş birnäçe teklip­leriň gelip gowuşmagy bilen ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem­de raýatlaryň işjeň gatnaşmagynda alnyp baryldy.

Şeýlelikde, Kanunyň taslamasynda Türkmenis­tanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynyň jemi 27-­sine üýtgetmeler girizmek, bir maddasy­ny aýyrmak hem­de 3 sany täze maddany goşmak teklip edildi.

2020­-nji ýylyň 25-­nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Karary bi­len «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetme­ler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkme­nistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak hakynda we Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň bi­rinji saýlawlaryny bellemek hem­-de Türkmenista­nyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň işini ýola goýmak bilen bagly guramaçylyk işlerini geçirmek hakynda Karar kabul edildi.

Türkmenistanyň döwlet-­hukuk gurluşynyň türkmen nusgasynyň mazmuny milli adatlar, däp­ler, dessurlar we umumadamzat gymmatlyklardan, hususan­da, adam we raýat hukuklaryny, azatlyk­laryny erkin amala aşyrmakdan, «Jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy adamdyr» diýilýän hemmeler tarapyndan ykrar edilen ynsanperwer ýörelgäni beýan etmekden ybaratdyr.

 

Aýbölek NURSÄHEDOWA, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň umumy bölüminiň iş ýörediş bölümçesiniň müdiri.