Bagtyýar çagalygyň mesgeninde

16.10.2023

Dünýä jemgyýetçiligi ata Watanymyz Türkmenistany in bagtyýar çagalaryn mekany we çagalygyn arzyly arzuwlarynyn hasyl bolýan ülkesi hökmünde ykraredýär. Bagtyýar nesillerimiziň beden, aňbilim, ruhy-ahlak we durmuş taýdan kämil bolup ýetişmegi, döwrebap bilim almagy üçin bolsa Arkadagly Serdarymyz ähli şertleri üpjün edýär.

Tomus paslynda mekdep okuwçylaryna sapaly dynç alyşlary, gyzykly pursatlary bilen hezil berýän paýtagtymyzda, welaýat merkezlerinde, etrapdyr obalarda bina edilen, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän çagalardynç alyş-sagaldyş merkezleri hem munuň aýdyň beýanydyr.

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda «Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 — 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesiller bilen geçirilýän okuw-terbiýeçilik isleriniň döwletlilik ýörelgelerimiz esasynda ösdürilýändiginiň beýanydyr. Şol birwagtda hem bu isler Türkmenistanyň halkara şertnamalar esasynda çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek barada öz üstüne alan borçnamalaryny netijeli ýerine ýetirýändigine şaýatlyk edýär. Şular barada gürrüň edilende, 2021-nji ýylyň 29-njy martynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik ynsanperwerlige ýugrulan taýsyz tagallalary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy ynsanperwerligiň dünýä nusgalyk göreldesi bolandygyny ildeşlerimiz buýsanç bilen nygtaýarlar.

Alym Arkadagymyzyň taýsyz sahawatynyň waspyna ýugrulan «Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy» atly eseriň giň okyjylara hödürlenmegi bolsa tutuş halkymyzyň ynsanperwerligini dabaralandyrýar.

Goý, dünýäde çagalaryň durmuşlarynyň röwşen bolmagy üçin ähli şertleri üpjün edýän, ynsanperwerligiň we haýyr-sahawatlylygyň nusgalyk göreldesini görkezýän hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!

Polat Nuryýew, Balkan welaýat prokuraturasynyň umumy gözegçilik bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.