news-photo
Hormatly Prezidentimiz Ankarada Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar

26.10.2023

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Ankarada geçirilýän Türkmen-türk işewürlik forumyna gatnaşýar.

Şu gün forumyň öňüsyrasynda, döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyny esaslandyryjy we ilkinji Prezidenti Mustafa Kemal Atatürküň mawzoleýi (Anytkabir) we «Türkmenistan» seýilgähinde türkmen edebiýatynyň görnükli nusgawy wekili, Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň heýkeli gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. 

Döwlet Baştutanymyz Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň Merkezi edara binasynda geçirilýärn Türkmen-türk işewürlik forumynyň açylyş dabarasynda, şu duşuşykda hem netijeli we önjeýli gepleşikleri dowam etmegiň maksadalaýyklygy barada aýdyp, onuň dowamynda ikitaraplaýyn hereketlere hil taýdan täze itergi berjek, mundan soňra ediljek bilelikdäki işler boýunça anyk meselelere seretmäge ýardam etjek pikir alyşmalaryň boljakdygyna ynam bildirdi.