BAŞ BAÝLYGYŇ GORAGYNDA

26.10.2023

Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sagdyn durmuş ýörelgesini jemgyýetimize giňden ornaşdyrmak, raýatlaryň, aýratyn hem, ýaş nesilleriň zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak babatda uly işler alnyp barylýar. Bu ugurda wagyz-nesihat çärelerini geçirmek hem ajaýyp zamanamyzda asylly däbe öwrüldi. Ýakynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti bilen welaýat kitaphanasynda geçiren çärämiz hem şolaryň hatarynda mynasyp orun aldy. 

«Sagdyn durmuş — sagdyn jemgyýet» ady bilen geçiren wagyz-nesihat çärämizde hormatly Prezidentimiziň temmäki önümleriniň, suw çiliminiň guralynyň we şiresiniň, elektron çilimiň bikanun ýollar bilen ýurdumyza getirilmegine, olaryň bikanun söwdasyna we ulanylmagyna garşy barlyşyksyz göreş alyp barmak barada beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, bu babatda giňişleýin gürrüň edildi. Abadan jemgyýetimizde çilimkeşlik ýaly zyýanly endigi aradan aýyrmak boýunça anyk çäreleriň görülýändigi, şolara her bir raýatyň öz goşandyny goşmalydygy aýratyn nygtalyp, temmäki tüssesiniň adamyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiri barada anyk delillere salgylanylyp aýdyldy. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda bedenterbiýe, sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinmek babatda ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Halkyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgesiniň has-da rowaçlanmagy barada uly aladalary edýän Arkadagly Serdarymyza alkyş aýdyldy.

Rahman Rah­ma­now, welaýat prokuraturasynyň baş derňew bölüminiň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.