GARAŞSYZLYGY, AGZYBIRLIGI ARZUWLAN ŞAHYR

30.10.2023

Halk arasynda saklanyp galan we şu günlere çenli gelip ýeten rowaýatlara görä, kitaby guba düýä çalşan türkmeniň beýik şahyry, alymy hem akyldary Magtymguly Pyragynyň şirin şygyrlary üç asyra golaý wagt bäri il-günüň kalbyny keşdeläp, olary haýyr-sogaba hem halallyga çagyryp, erkinlige hem agzybirlige, ýagty, ýagşy ertirlere tarap ruhlandyryp gelýär. Özüniň aýdyşy ýaly: «Türkmeniň söz- lär dili» bolup, kalplarda saýran şahyr diňe bir türkmen milletiniň arasynda däl, eýsem, dünýä derejesinde meş- hur bolan nusgawy ägirtleriň hatarynda sarpalanýar.

Özünden soňkulara çeper söz äleminde nusgalyk ýol-ýörelge goýup giden akyldar şahyr hem dili — köňül kelamy bilen garaşsyz, erkin ýurdy, il-halkyň agzybirligini arzuwlapdyr. Sebäbi şahyryň ýaşan döwri halkymyzyň taryhynyň örän kyn hem çylşyrymly, gapma-garşylyklardan doly döwridi. Agzybir, garaşsyz, özbaşdak döwlet gurmak, özara ylalaşykly ýa- şamak, dost-doganlyga ýol açmak şa- hyryň düýp maksady, köňül küýsegi bolupdyr. Şahyryň şeýle möhüm meseleler bilen baglanyşykly mundan üç asyr çemesi öň aýdan dürdäne sözleri edil biziň şu günlerimizde-de täzeçe, özboluşly many-mazmuna eýe bolup, ýüreklere ýakyn ýaňlanýar.

Akyldar şahyryň tutuş döredijilik dünýäsiniň özenini özünde jemleýän meşhur «Türkmeniň» goşgusy, ondaky şu setirler hemmelere mälim bolsa gerek: “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň.”

Göwün küýsegi, ýürek telwasy güýçli, joşgunly şahyryň hyýalynda arzuwlan agzybirligi, bir saçagyň başyna jem bolmak baradaky umydy şygrynda anyk beýan edilýär.

Hor galmasyn puştdan puşdum, Berkarar döwlet islärin —

diýip, şahyryň arzuwlan berkarar döwletini gurmak diňe Garaşsyzlyk atly mukaddeslige eýe bolanymyz- dan soň mümkin boldy.

Doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli tutuljak dünýä derejeli şanly toýuna giňden taýýarlyk görülýän häzirki günlerde şahyryň öz nesillerine — bize goýup giden arassa, halal ýol-ýörelgeleriniň, öwüt-nesihatlarynyň ähmiýeti örän uludyr. Munuň özi her bir raýatyň kalbynda ata Watana, ene topraga, il-halka bolan söýginiň, has giň manyda alanyňda, hoşniýetli adamzat kowumyna bolan hormat-sarpanyň artýandygynyň we barha kök urup berkeýändiginiň alamatydyr. Pederlerimiziň, alym-ulamalarymyzyň ruhuny şat edip, tirsegine galdyryp, hatyralamaga, sarpalamaga giň ýollar açýan mähriban Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň ömürleriniň uzak, işleriniň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Serdar Annaýew, Akdepe etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.