ZÄHMETI GORAMAGYŇ KADALARY

03.11.2023

Türkmenistanyň Zähmet kodeksi guramaçylyk-hukuk we eýeçiligiň görnüşlerine garamazdan, edara-kärhanalarda we guramalarda aýry-aýry şahsy taraplarda baglaşylan zähmet şertnamasynyň şertlerinde işleýän şahslaryň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär. Şu Kodeksde zähmeti goramagyň kanunçylyk kadalary kesgitlenendir. Kodeksiň 171-nji maddasynda bellenilişi ýaly, zähmeti goramak — munuň özi zähmet işiniň barşynda işgärleriniň ömrüniň we saglygynyň howpsuzlygyny üpjün ediş ulgamydyr. Muňa hukuk, durmuş-ykdysady, guramaçylyk-tehniki, sanitariýa-arassaçylyk, bejeriş-öňüni alyş, dikeldiş we beýleki çäreler we şertler girýär.

Bu Kodeksiň 172-nji maddasynda bolsa, zähmeti goramak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary düzgünleşdirilýär. Şu ugurlar işgär- leriň ömrüni we saglygyny goramagyň ileri tutulýan ugurlaryny üpjün etmekden, zähmeti goramak boýunça Türkmenistanyň kanunlaryny we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryny, şeýle hem zähmetiň şertini we ony goramagy kämilleşdirmegiň maksada laýyk maksatnamalaryny kabul etmekden we durmuşa geçirmekden, zähmeti goramagyň döwlet dolandyryşyndan, zähmeti goramagyň talaplaryny berjaý etmegiň döw- let gözegçilik barlagyndan hem-de gözegçiliginden ybaratdyr. Gürrüňi edilýän Kodeksde döwletimizde zähmeti goramagyň kämil kanunçylygy kesgitlenip, onuň gyşarnyksyz berjaý edilmegi möhüm wezipeleriň biridir.

Ýedi Ýazyýew  Wekilbazar etrap prokurorynyň uly kömekçisi, ýustisiýanyň geňeşçisi