Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

05.11.2023

Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi bellemek hakynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda hem-de täze belentliklere ýetirmekde toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmak maksady bilen, karar edýärin:

1. Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününi her ýylyň 3-nji noýabrynda belläp geçmeli.

2. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi hem-de welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň ýokary derejede guramaçylykly bellenip geçilmegini üpjün etmeli.

3. Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni hem-de Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Serdar Berdimuhamedow.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 4-nji noýabry.