09.11.2023
Ýurdumyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwletdigini alamatlandyrýan kanunçylyk ulgamynyň barha pugtalandyrylmagy raýatyň we adamyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň ýokary derejede üpjün edilmegini şertlendirýär. Häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän milli kanunçylygyň döredilmegi her bir raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegiň ygtybarly esasy bolup, jemgyýetiňwe döwletiň bähbitleriniň goragynda durmaga,GaraşsyzTürkmenistanyň has-da ýokary durmuş-ykdysady ösüşe eýe bolmagyna ýardam bermäge, türkmen halkynyň abadan, parahat we bagtly durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hem-de yzygiderli amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty türkmen jemgyýetiniň ähli ugurlaryny kämilleşdirmek barada belent wezipeleri öňde goýýar. Türkmenistanda öz raýatlaryny hemme zerur zatlar bilen üpjün edýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutuldy. Geçen döwürlerde bu binýat kemala geldi we möhüm ugurlarda pugtalandyryldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndawajypähmiýetli syýasy çäreler durmuşa geçirildi.
Ösüşiň täze tapgyrynda jemgyýetiň we döwletiň öňünde täze talaplardyr zerurlyklar ör-boýuna galýandygy mälimdir. Olar täze jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň döremegine, öň hereket edýän gatnaşyklaryň mazmunynyň düýpli özgermegine itergi berýär. Şeýle ýagdaýda öň bar bolan hukuk serişdeleriniň täze ýüze çykan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek we halkyň, döwletiň hem adamyň utgaşýan bähbitlerine gönükdirmek üçin zerur derejede ýeterlik bolmaýandygy öz-özünden düşnüklidir. Şol sebäpli-de, döwletde jemgyýetçilik ösüşini zerur ugra gönükdirmek üçin täze, döwrebap ösüşiň täze tapgyrynyň talaplaryna laýyk gelýän hukuk serişdeleriniň kömegi bilen, jemgyýetiň syýasy ulgamy, ykdysadyýeti, medeniýeti döwrebaplaşdyrylýar. Täze kanunçylyk namalary ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüş we abadançylyk ýoly bilen ynamly öňe barýan döwletimiziň mundan beýläk-de durmuşykdysady taýdan batly depginler bilen ösdürilmegine, halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna ýardam edýär. Netijede, ýurduň ösüşi maksatnamalaýyn esasda üpjün edilýär.
Biziň ýurdumyzda halkyň, döwletiň şu günki we geljekki ösüş ýoly bilen bagly wezipeleri kesgitlemek işine örän jogapkärli, köpugurly, maslahatly çemeleşilýär. Şu ýylyň 18-nji iýulynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi hem bu ugurdaky aýdyň görkezijileriň biri bolup durýar.
Durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge jemgyýetiň her bir işjeň agzasy öz mynasyp goşandyny goşmalydyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatyny, amala aşyrýan beýik işlerini goldap, kanunlary halka düşündirmekde, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny wagyz etmekde öňümizde goýlan wezipelere amal etmek üçin halal zähmet çekeris. Nesip bolsa, mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly baýramynyň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem adamlaryň abadançylygyna, ýurdumyzyň rowaçlygyna gönükdirilen syýasy-jemgyýetçilik başlangyçlaryna baý bolar, döwrebap kanunçylyk binýadynyň kämilleşdirilmegi dowam etdiriler.
Serdar Çaryýew, Ak bugdaý etrabynyň prokurorynyň kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.