news-photo
Hormatly Prezidentimiz YHG-nyň 16-njy sammitine gatnaşdy

09.11.2023

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk, netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu gurama döredilenden bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri YHG-nyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de gurama gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ilerletmek üçin berk binýady döredýän tejribe toplandy.

Ýurdumyz 2021-nji ýyldan bäri YHG-da başlyklyk etmeginiň dowamynda ýörite Konsepsiýany işläp taýýarlady we bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Hususan-da, bu döwür üçin Türkmenistan syýasatda, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, YHG-nyň işiniň many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny, ulag, energetika ulgamlarynda yzygiderli, anyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny, onuň sanlylaşdyrylmagyny, ekologik ulgamda tehnologiýalaryň paýlaşylmagyny hem-de tejribe alşylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Sebit, yklym we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna täsir eden ählumumy pandemiýa şertlerinde munuň özi has uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda guralandygyny we bu düzümiň taryhynda möhüm waka bolandygyny bellemek gerek. Ýokary derejedäki duşuşyklar meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, guramanyň giňişliginde sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm we ileri tutulýan ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, 15-nji sammitiň netijeleri boýunça Hereketleriň Aşgabat konsensusynyň kabul edilendigini ýatlatmak gerek. Onda söwda, ulag, kommunikasiýalar, energetika, durmuş taýdan ösüş, howanyň üýtgemegi we beýleki ulgamlar gatnaşyjy ýurtlaryň özara gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

…...Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden Daşkent şäherine ugramazdan ozal, döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekili bilen söhbetdeş boldy.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz dostlukly ýurda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitini üstünlikli geçirmegi arzuw etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyzyň şu gezekki saparynyň hem-de Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen boljak ýokary derejedäki duşuşygyň möhümdigini aýratyn belledi. Doganlyk ýurduň ilçihanasynyň wekili şu çäreleriň örän peýdaly, olaryň jemleriniň bolsa iki doganlyk ýurduň, şeýle hem gurama agza döwletleriň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin binýat boljakdygyna ynam bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparynyň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz şu saparyň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga, YHG-nyň çäklerinde ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

...Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary, Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Soňra hormatly Prezidentimiz «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkezine ugrady. Bu ýerde özbek Lideri bilen duşuşyk boldy.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow we Prezident Şawkat Mirziýoýew mähirli salamlaşyp, iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler. Soňra Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda gepleşikler geçirildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew belent mertebeli türkmen myhmanyny hem-de wekiliýet agzalaryny mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana gelmek hem-de YHG-a gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky sammitine gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Baştutanyna türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hoşniýetli arzuwlaryny hoşallyk bilen kabul edip, öz nobatynda, Gahryman Arkadagymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen halkynyň Milli Lideriniň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we giňeltmäge ägirt uly goşandyny belledi.

Şeýle-de Özbegistanyň Baştutany 2024-nji ýylda doglan gününiň 300 ýyllygy belleniljek beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ynsanperwer ýörelgelere beslenen, tutuş adamzadyň medeniýetiniň genji-hazynasyna giren ajaýyp eserleriniň Özbegistanda örän meşhurdygyny we söýlüp okalýandygyny belledi.

Öz nobatynda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ajaýyp Daşkent şäherinde özbek Lideri bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny belläp, YHG-a agza döwletleriň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmaga çakylygy hem-de şu saparyň barşynda mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda durnukly ösüşi gazanmak boýunça çözgütleriň bilelikdäki ugurlaryny işläp taýýarlamak hem-de sebitde abadançylygy has-da ýokarlandyrmak üçin ýurtlarymyzyň bilelikdäki tagallalary zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna netijeli meýdança hökmünde baha berýändigini belledi. Bu gurama indi köp ýyllaryň dowamynda agza döwletleriň umumy bähbitlerine wekilçilik edýär. Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyny, onuň üsti bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewi Özbegistanyň YHG-nyň 16-njy sammitine başlyklyk etmegi bilen gutlady we ýokary derejedäki mejlisiň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda şu günki duşuşygyň netijeleriniň gurama agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berjekdigine we ýurtlarymyzyň arasynda köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklary giňeltmekde möhüm tapgyr bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirildi.

Ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew açylýan mümkinçilikleri hem-de geljek üçin bilelikdäki ileri tutulýan meýilnamalary nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň esasy meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Özara gyzyklanma bildirilýän sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy, abraýly düzümleriň çäklerinde, şol sanda YHG-nyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri däp bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de özara bähbitlilik esasynda üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, deňhukuklylyk, hormat goýmak we birek-biregi goldamak ýörelgeleri bolsa onuň esasyny düzýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Baştutanlarynyň 16-njy sammitine gatnaşdy.

«Bilelikde ykdysady durnuklylyga we ösüşe tarap» şygary astynda geçirilýän nobatdaky sammite Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gatnaşdylar. Forumda Gazagystan Respublikasyna Premýer-ministr Alihan Smailow, Pakistan Yslam Respublikasyna Premýer-ministriň wezipesini ýerine ýetiriji Anwar ul-Hak Kakar wekilçilik etdiler. Şeýle hem sammite YHG-nyň Baş sekretary Husraw Noziri gatnaşdy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary «Tashkent City» halkara işewürlik merkeziniň Kongres merkeziniň eýwanynda mähirli salamlaşyp, duşuşyga gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Sammitiň gün tertibine YHG-nyň çäklerinde söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri, şeýle hem bu köptaraplaýyn düzümiň işini kämilleşdirmegiň mehanizmleri girizildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew ýygnananlara gutlag sözi bilen ýüzlenip, şu günki ýokary derejeli duşuşygyň YHG-a gatnaşýan ýurtlaryň umumy ösüşiň ýolunda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygynyň nobatdaky beýany bolup durýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, mundan iki ýyl ozal Aşgabat şäherinde guramanyň 15-nji sammiti üstünlikli geçirildi. Türkmenistanda geçirilen mejlisde kabul edilen möhüm çözgütler düzümiň işine täze itergi berdi. YHG-ny özgertmek we onuň netijeliligini ýokarlandyrmak, halkara giňişlikde abraýyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işlere aýratyn üns berildi. Özbek Lideri şu günki taryhy sammitiň we onuň jemleriniň netijeli hem-de täsirli düzüm hökmünde guramanyň mundan beýläk-de berkemegine, köpugurly hyzmatdaşlygy täze sepgitlere çykarmaga ýardam etjekdigini aýratyn nygtady.

Soňra Prezident Şawkat Mirziýoýew Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň Başlygyna — hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlary mübärekläp, ilki bilen, özbek Liderine YHG-nyň 16-njy sammitiniň ýokary derejede guralandygy, mähirli myhmansöýerlik we bildirilen hormat üçin minnetdarlygyny beýan etdi.

Şu günki ýokary derejeli duşuşyk ählumumy ykdysady ösüşleriň gidişine we ugurlaryna gönüden-göni täsir edýän çynlakaý geosyýasy wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolunýan döwürde geçirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we ol wehimleriň çylşyrymly häsiýetdedigine garamazdan, şol bir wagtda, täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Bellenilişi ýaly, bu mümkinçilikleri netijeli we döredijilikli görnüşde ulanmak, häzirki geoykdysady üýtgeşmeler babatda YHG-nyň eýe bolan ähli amatly ýagdaýlaryny herekete getirmek ýaly meseleler ýakyn geljek üçin guramanyň esasy wezipesi bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz munuň üçin ähli zerur şertleriň bardygyny aýtdy. Şu nukdaýnazardan, 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçirilen YHG-nyň 15-nji sammitiniň möhüm waka bolandygy bellenildi. Bu duşuşyk ähmiýetli başlangyçlara we wakalara baý bolup, bilelikdäki işlere täze itergi berdi. Onda kabul edilen Hereketleriň Aşgabat konsensusy baş resminama bolmak bilen, hyzmatdaşlygyň ähli wajyp ugurlaryny, hususan-da, söwda, ulag, aragatnaşyk, energetika, senagat, ykdysady ösüş, durmuş üpjünçiligi, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi ýaly meseleleri we beýlekileri öz içine alýar.

Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň ähli döwletleriniň Baştutanlaryna Aşgabat sammitiniň işine işjeň gatnaşandyklary we onuň üstünlikli geçirilmegine gymmatly goşantlary üçin, şeýle hem «Hereketleriň Aşgabat konsensusy» atly resminamadan gelip çykýan maksatlardyr wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça görülýän netijeli çäreler üçin YHG-nyň Sekretariatyna minnetdarlyk bildirdi.

15-nji sammitde kabul edilen resminamalara, kararlardyr ylalaşyklara esaslanyp, bize gysga wagtyň içinde özara gatnaşyklary kesgitlemek, wajyp ähmiýetli meseleleri açyp görkezmek we olary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge başlamak zerur bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de Türkmenistanyň garaýşyna laýyklykda, häzirki döwürde aýratyn ähmiýete eýe bolan käbir möhüm ugurlar barada durup geçmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny nygtady.

Ilki bilen, özara bähbitli söwda-ykdysady we maýa goýum ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek barada bellenildi. Häzirki wagtda YHG-nyň çäklerinde bu ulgamlar gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk eden döwründe guramanyň sebitinde ykdysady geçelgeleri döretmek boýunça işe başlamagy teklip edendigini ýatlatdy. Olara harytlaryň, hyzmatlaryň we maliýe serişdeleriniň hereket etmegi üçin durnukly esasy ugurlaryň ulgamy hökmünde garalýar. Bellenilişi ýaly, munuň üçin ýurtlarymyzyň öňdebaryjy senagat şereketleriniň, maýa goýum kompaniýalarynyň, banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ulgamlaýyn esasda ösdürmek zerurdyr. Bu işler häzirki zaman tilsimatlarynyň giňden ornaşdyrylmagy bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we sanly tehnologiýalar we elektron söwda boýunça YHG-nyň Çarçuwaly ylalaşygyny işläp taýýarlamagy teklip etdi.

YHG-nyň ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, serhetýaka we sebitleýin söwda mümkinçiliklerini işjeň ulanmagyň möhümdigi bellenildi. Bu babatda biziň halklarymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlary, döwrüň hakykatlaryny göz öňünde tutup, gaýtadan janlandyrylmagy, ulanylmagy hem-de baýlaşdyrylmagy zerur bolan gymmatly tejribesi bar. Munuň üçin amatly serhetüsti gurşawy döretmek, ylalaşylan artykmaçlyklar we ileri tutulýan ugurlar ulgamy bolan sebitleýin hyzmatdaşlygy höweslendirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Kiçi we orta telekeçiligiň üsti bilen işewür gatnaşyklaryň işjeňleşmegine, senagat önümleriniň käbir görnüşlerini, oba hojalyk önümlerini öndürmek, hyzmatlary ýerine ýetirmek babatda we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmaga uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek babatda ýurtlarymyzyň eýe bolan mümkinçilikleridir we meýilleri hakynda has giňden habardar bolmak üçin anyk maglumatlary, teklipleri, işewürlik taslamalaryny we beýleki zerur maglumatlary öz içine alýan maglumat portalyny döretmek baradaky pikire seretmek teklip edildi.

Biziň ykdysady hyzmatdaşlygymyzyň diňe YHG-nyň giňişligini tutuşlygyna öz içine alýan döwrebap ulag we kommunikasiýa torlary bolan halatynda üstünlikli ösjekdigi we hakykatdan hem netijeli boljakdygy äşgärdir. Ýewraziýa ulag geçelgeleriniň tutuş yklymyň ösmegine itergi beriji güýç hökmünde ähmiýeti aýdyň görünýär we artýar. Bu işde guramamyza esasy orunlaryň biri degişlidir. Şonuň üçin möhüm infrastruktura desgalary bolan ýollary, köprüleri, çatryklary, ammarlary, terminallary we beýleki desgalary gurmak babatda hyzmatdaşlygy ileri tutulýan ugur hökmünde kabul edýäris. Amaly nukdaýnazardan, degişli döwlet edaralarynyň, hususy kompaniýalaryň gatnaşmagynda bilelikdäki ulag-logistika merkezlerini döretmek baradaky meselä seretmegi teklip edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Umuman, häzirki wagtda biziň ulag edaralarymyzyň işlerini köp babatda ylalaşykly alyp barmak we özara üstüni ýetirmek talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz YHG-nyň ulag we kommunikasiýa ugurlaryny ösdürmek boýunça Maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäginde Sekretariatyň utgaşdyrmak boýunça işiniň ähmiýetini nygtady.

Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýurtlarynyň gatnaşmagynda sebitara ulag we üstaşyr geçelgeleriň döredilmegine aýratyn üns berýär diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Hytaýdan Merkezi Aziýanyň üsti bilen Hazar deňziniň, Pars aýlagynyň, Gara deňziň portlaryna çykmak arkaly multimodal ýük daşalmagyny ýola goýmak meselelerini geljekde ara alnyp maslahatlaşylmagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezdi. Şunuň bilen birlikde, halkara giňişlikde maksada okgunly we ylalaşykly ulag diplomatiýasyny alyp barmagyň, ýöriteleşdirilen guramalar bolan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, halkara we sebitleýin ulag guramalary bilen işjeň iş alyp barmagyň bu düzüm üçin möhümdigi nygtaldy.

Energetika bilelikdäki işiň ýene bir wajyp ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Dünýäniň energetika bazarlarynyň umumy durnuksyz ýagdaýda bolmagy YHG-nyň netijeli hyzmatdaşlyk modelini işläp düzmek üçin esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu, ilkinji nobatda, täze senagat we oba hojalygy pudaklarynyň kuwwatynyň artmagy, infrastruktura desgalarynyň gurulmagy, bilelikdäki önümçilik taslamalaryna badalga berilmegi boýunça biziň ýurtlarymyzyň barha artýan energetika isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan birnäçe bilelikdäki iri energetika taslamalaryny öňe sürdi, olara YHG-nyň käbir ýurtlary hem gatnaşýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady we bu guramanyň giňişligini öz içine alýan energiýa üpjünçilik ulgamyny döretmek maksady bilen, hyzmatdaş ýurtlary energetika ulgamynda özara işleri giňeltmäge çagyrdy. Men, öz tarapymdan, häzirki wagtda bar bolan we geljekde guruljak kuwwatlyklar arkaly YHG-nyň ýurtlaryna iberilýän tebigy gazyň hem-de elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmaga Türkmenistanyň taýýardygyny aýdyp bilerin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şu günki duşuşygyň dowamynda gurama gatnaşyjy ýurtlar üçin möhüm ähmiýete eýe bolan birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Şolaryň çözgüdi YHG-nyň çäginde hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge, olaryň ýerine ýetirilmegi üçin anyk meýilnamalary we gurallary işläp düzmäge ýardam berer.

Häzirki dünýä ösüşiniň çylşyrymly döwründe biziň ýurtlarymyzyň ýolbaşçylaryna mahsus bolan umumy hoşniýetlilik, birek-birege düşünişmek, doganlyk halklarymyzyň dostlugyny, hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek arkaly umumy bähbitleriň hatyrasyna özleriniň paýhaslylygyny we öňdengörüjiligini görkezjekdigine Türkmenistan doly ynanýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyşynyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça YHG-nyň Sekretariatyna ýokary jogapkärçiligiň ýüklenendigini we oňa möhüm ornuň degişlidigini nygtap, guramanyň Baş sekretaryna hem-de Sekretariatyň ähli işgärlerine bu ugurda üstünlik arzuw etdi we duşuşygyň netijeli geçirilmegine goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra YHG-nyň hereket edýän kadalaryna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň Başlygy wezipesine saýlamagy teklip etdi.

Çykyşlaryň barşynda gurama gatnaşýan ýurtlaryň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmak maksady bilen, YHG-nyň söwda ylalaşygy (ECOTA) we söwda amallaryny aňsatlaşdyrmagyň strategiýasy ýaly sebit söwdasyny kämilleşdirmegiň netijeli gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky teklipler beýan edildi. Şunuň bilen birlikde, sebitde ulag düzümini ösdürmek üçin görülmeli zerur çäreler barada aýdyldy.

Soňra sammitiň çäklerinde YHG-nyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi.

Şeýlelikde, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammiti öz işini tamamlady.

Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkendiň Yslam Karimow adyndaky Halkara howa menziline ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Özbegistanyň Premýer-ministri Abdulla Aripow we doganlyk ýurduň beýleki resmi adamlary ugratdylar.

Aşgabadyň Halkara howa menziline gelende, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar, Özbegistan Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň wekili garşyladylar.

Howa menzilinde bolan gysgaça söhbetdeşligiň barşynda diplomat döwlet Baştutanymyzy iş saparynyň üstünlikli geçmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow YHG-nyň Daşkentde geçirilen sammitiniň hem-de onuň netijeleri boýunça kabul edilen çözgütleriň gurama agza ýurtlaryň köpugurly strategik hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etmelidigini nygtady.

***

Düýn Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklarda döwrüň talaplaryna laýyklykda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi. Hususan-da, daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça, maliýe-ykdysady düzümleriň arasynda, energetika, senagat we gurluşyk önümçiligi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamlarynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.