HUKUKÇYNYŇ SÖZLEÝIŞ MEDENIÝETI

15.11.2023

Medeniýetli sözleýiş oňagatnaşýan adamlaryň hünär aýratynlygy bilen berk baglanyşyklydyr. Mysal üçin, hukukçynyň dil medeniýetine edilýän aýratyn talaplar bardyr. Ýokary medeniýetli sözleýişsiz jenaýat we kazyýet önümçiligi bolup bilmez. Hukuk namalarynda bir sözüň ýa-da adalganyň nätakyk ulanylmagy raýatyň ykbaly bilen baglanyşykly düzedip bolmajak ýalňyşlygyň bolmagyna getirip biler. Hukukçynyň sözleýşinde alynma sözleriň ýa-da seýrek ulanylýan sözleriň has köplügi, köpsözlülik, sözlemde sözleriň tertibiniň bozulmagy, bir söze derek başga bir sözüň ulanylmagy, çalyşmalaryň ýerliksiz ulanylmagy sözleýşiň düşnüksiz bolmagyna getirýär. Şonuň üçin hukukçynyň diliniň sözleýişgörnüşi-de, ýazmaçagörnüşi-deýalňyşsyz, öz ugry boýunça ulanylýan kär-hünär sözlerine baý bolmalydyr.

Hukuk gatnaşyklarynda sözlemek medelaryna bolan ynamyny berkidýär. Döwletiň niýetini berjaý etmek, halkyň döwlet edaraöňündäki borçlaryna bolan jogapkärçilikli çemeleşmäni ösdürýär. Munuň özi hukukçynyň işinde oňyn netijeleri gazanmaga ýardam edýär. Raýatlary ünsli diňläp, beýan edilýän meseleleriň esasyna dessin düşünmek, takyklaýjy soraglary düşnükli we mylakatly berip, gödeklikden, äsgermezlik äheňiniň ýüze çykmagyndan, esassyz belliklerden, bikanun, mynasyp bolmadyk aýyplamalary bildirmekden we adamlarda nägileligiň döremeginden gaça durmaga ýardam berýär. Şonuň üçin hukukçylar medeniýetli sözlemegi, gulluk özüni alyp barşynyň etiki düzgünlerini, hereket edýän kanunlary, ýüze çykýan soraglary çözmegiň täze usullaryny bilmelidirler. Ondan başga-da, jemgyýetçilik howply etmişleri eden adamlaryň käbiriniň özüni gödek alyp barmaga meýilli bolýandygy hukukçylardan medeniýetli sözlemekde ýörite taýýarlygynyň, zerur ahlak-erk we ruhy häsiýetleriniň bolmagyny talap edýär.

Şoňa görä-de, hukukçylaryň dünýägaraýşy, düşünjeliligi, özüni alyp baryş medeniýeti, hünär taýýarlygynyň we işjeň, ruhy-ahlak häsiýetleriniň derejesi, döwletiň içindäki syýasy ýagdaýyň, kanunçylygyň, durmuş we ykdysady gatnaşyklarynyň özgertmeleri bilen şertlendirilen häzirki günüň talaplaryna laýyk gelmelidir.

Ýurdumyzyň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga uly üns berýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly beýik işleri rowaç bolsun.

Gunça Durdyýewa, Daşoguz welaýatynyň prokuralurasynyň guramaçylyk işi ýerine ýetirişe gözegçilik we hasaplaýyş bölüminiň müdiriniň wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.