MANYLY ÖMRI MEKDEPDIR

19.11.2023

«Ýa şaýyş ene den baş lan ýar» diý en söz rast. Ene mu kad des lik, edil şonuň ýa ly ene hak da ky gür- rüň hem mu kad des dir. Gah ry man Arka dagy myzyň bel leýşi ýa ly, ene rimiz bizi durmuş da-da köp zatla ra borç ly edýär.

Biz islendik işiň başyna barmaz- dan ozal, ejemiz bilen maslahat- laşmaga, onuň ak pata bermegine howlugýarys. Çünki eneleriň ak pata bermegi bilen başy başlanan işleriň şowuna bolýandygyny durmuş hakykaty ýyllaryň, asyrlaryň dowamynda subut edip gelýär. Halkymy- zda: «Jennet eneleriň dabanynyň astyndadyr» diýen parasatly sözleriň nesilden-nesle geçip gelmeginde hem uly many bar. Eneler hakda kän-kän eserler ýazyldy, filmler surata düşürildi, ol mähribanlara bagyşlanan goşgulardan aýdymlar döredi. Enelere bagyşlanan her bir işde, onuň keşbini mynasyp dö- redip bilmekde uly jogapkärçilik bar. Nusgalyk işleri bilen eziz Diýarymyzyň oňyn özgerişlerine goşant goşup, kemally perzentleri ösdürip ýetişdirýänem, olary il hataryna goşup, Watanyň ygtyýaryna berýä- nem mähriban enelerimizdir.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, Arkadagly Serdarymyzyň enesi, ähli türkmen halkynyň käbesi bolup kalplarda orun alan Ogulabat ejemiziň ýaşan iline-gününe, Watana wepaly, zähmetsö- ýer, aňly-düşünjeli, ylymly-bilimli adamlar edip terbiýeläpdir. Özüniň şahsy göreldesi bilen perzentlerin- de töwerek-daşyňa bolan hormaty, ynsanperwerligi, dost-doganlygy, türkmene mahsus asyllylygy, edep-

ekramlylygy, milli däp-dessurlara hormaty kemala getiripdir. Mährem ene halkymyza eşretli zamanany, bagtyýarlyk döwrüni bagyş eden mähriban hem Gahryman Arkadagymyzy dünýä in- derdi.

Mähriban enäniň elinden çykan her bir çeper el işi ýaşlar üçin nusgalyk mekdep, mukaddes gym- matlyk. Gahryman Arkadagymyzyň olary aýra- tyn gadyr goýup sarpalaýandygyna biz kän gezek şaýat bolupdyk. Her gezek täze ýylyň buşlukçysy bolup, dünýä inen taýçanagyň boýnuna hormatly Arkadagymyzyň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakan pursatlary bolsa mähriban enä bolan belent sarpanyň nusgasy, milli gymmatlyklara bolan beýik söýginiň beýany bolup hakydamyza keşdelendi.

Ogulabat eje zenan dalygy, kiçigöwünliligi, merdanalygy, maşgala ojagyna wepalylygy, okumyşlygy, el hünärine ussatlygy bilen ähli enelere nusga boldy. Onuň il bähbitli, ýurt ähmiýetli wakalardan habarly bol-magy, ýurdumyzda hereket edýän kada-kanun- lary bilmegi, kitaplary, gündelik neşirleri yzy- giderli okamagy sowatlylygyny, okumyşlygyny aňlatsa, ýürek mährini siňdirip, sünnäläp bejeren ajaýyp kürtesi, inçelik bilen ören gülli joraby çeper el işlerine ussatlygyndan nyşan bolup, bu günki günde Döwlet muzeýimizi bezeýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyn- da: «Ejem dynman zähmet çekerdi, begres çabytla- ry tikerdi. Ol zenanlaryň bu arzyly eşigini tikmegiň ussadydy. Onuň ýanyna kän gelerdiler, özlerine ça-byt tikip bermegini haýyş ederdiler.

Ejem hepdede bir çabyt taýýarlap ýetişerdi, soňra çabydy satardylar. Ýadyma düşýär, 1970-nji ýyllarda bir gün meniň doganoglanymyň gyzy Kiçigyz geldi we öz toýuna kürte tikip bermegini haýyş etdi. Ejem oňa kürte tikip berdi.

Şol wakadan elli ýyl geçenden soňra, 2020-nji ýylda ol ejeme şol kürtäni getirip berdi. Bu kürte «gyýak», «okgözi», «içýan agyz», «tazy guýruk» na- gyşlary bilen bezelipdir. Aragerbisi alaja düýe ýüňi bilen örülip, merkezinde çatylypdyr. Ýakasynyň sag tarapynda kürtäniň doly taýýarlanylyp bolnan wagty görkezilipdir — «1971 ýyl» diýen ýazgy bar, bu ýazgy iňňe bilen köjeme usulynda tikilipdir. Hawa, ejem bu kürtäni ýarym asyr mundan ozal 20 günüň içinde baldyzy üçin niýetläp taýýarlapdyr» diýip, gürrüň bermegi mähriban enä bolan belent söýgi- niň, hormat sarpanyň nyşanydyr.

Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa öz agtyklary bilen Ogulabat ejäniň nusgalyk el işini sarpalap, mähriban enäniň ören alajasyny hem-de alaja örmekde ulanan iş gu- ralyny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merke- ziniň Döwlet muzeýine gowşurmagy halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza bolan belent söýgüsini goşalandyrdy. Beýik Ogly dünýä beren mähriban enäniň elinden çykan nepislikler bilen muzeýiň gymmatlyklarynyň üstüniň ýetirilmegi örän gu- wandyryjy boldy.

Halypa halyçy Ogulgerek Berdimuhamedowa Döwlet muzeýine bu gymmatlygy gowşuran pur- sadynda, türkmen zenanyna mahsus asyllylyk bi- len alajany agaç gurala berkidip, onuň nähili ula- nylýandygyny düşündirmegi parasatly eneden görüm-görelde alan mähriban zenanyň milli gym- matlyklarymyza goýýan belent sarpasynyň aýdyň nyşany boldy. Has takygy, edep-ekramdan ýüki ýetik halypanyň enä, onuň döreden el işlerine hor- matynyň çäksizdigini şol pursatlar ýene bir gezek aýan etdi. Daşyndan synlanyňda, edýän işi sypa- ýy, zyba bolanda, oňa «eli gelşip dur» diýilýändir. Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirdik.

Halypamyz Ogulgerek Berdimuhamedowa öz ag- tyklary bilen muzeýe baranda, ýüwürdilgi halynyň başyna geçip, alaja nagşyny çitdiler. Şol pursatda ene bilen agtygyň arasyndaky mähirli gatnaşykla- ryň zähmet terbiýesi bilen has-da gözelleşýändigi bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykdy.

Halkymyzyň birnäçe milli gymmatlyklary- nyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl me- deni mirasynyň sanawyna girizilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň milli medeniýetimiziň şöhratyny äleme ýaýmakda dur- muşa geçirýän beýik işleriniň dabaralanmasydyr.

Medeni mirasyň hukuk goragy öz gözbaşyny Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan alyp gaýdýar. Medeni mirasymyzyň hukuk goragy «Medeniýet hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bi- len düzgünleşdirilýär.

Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan mil- li gymmatlyklarymyzyň nesilme-nesil geçip, do- wamat-dowam bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Şirin Hodjiýewa, Ahal welaýat prokurorynyn hukuk üpjünçiligi boýunça uly kömekçisinin wezipesini ýerine ýetiriji, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi