AJAÝYP GOL­LAN­MA

23.11.2023

Hä­zir­ki dö­wür­de hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men jem­gy­ýe­ti­ni döw­re­bap­laş­dyr­mak sy­ýa­sa­ty ýaş­lar ba­ba­tyn­da öň­de goý­lan we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li çö­zül­me­gi­ne gö­nük­di­ri­lendir. Ýur­du­myz­da ösüp gel­ýän ne­sil­le­riň bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, ylym­lybi­lim­li, ýo­ka­ry dü­şün­je­li adam­lar bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri üçin äh­li amat­lyk­lar, mö­hüm şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­la­ryň hak-hu­kukla­ry­nyň yg­ty­bar­ly go­ra­gy üp­jün edil­ýär, ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni we dur­muş taý­dan go­rag­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak üçin ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny, şeý­le-de ýaş­lar bir­le­şik­le­ri­niň hu­kuk­lary­ny ama­la aşyr­ma­gy ke­pil­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň ka­nun­çyly­gy­ny kä­mil­leş­dir­mek, onuň ka­nun­çylyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­mek esa­sy we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Öm­rü­miň ma­nysy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly tä­ze ki­ta­byn­da döw­le­ti­miz ta­ra­pyn­dan bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan sy­ýa­sa­ta iç­gin syn be­ril­ýär. «Haky­da­da orun alan pur­sat­lar» at­ly bö­lüm­de ýur­du­myz­da sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň bin­ýa­dy­ny ber­kit­mek, döw­re­bap lukman­çy­lyk-şy­pa­ha­na hyz­mat­la­ry­ny ýo­la goý­mak, ça­ga­la­ryň sag­dyn ösü­şi­ni üp­jün et­mek, ýaş­la­ry äh­li­ta­rap­la­ýyn gol­da­mak ýa­ly mö­hüm iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek boýun­ça ga­za­ny­lan gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­ler be­ýan edil­ýär. Hu­su­san-da, bu bö­lüm­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­langyç­la­ry esa­syn­da dö­re­di­len Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wandar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň işi ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin gür­rüň edil­ýär.

Kitabyň «Ha­ky­da­da orun alan pur­satlar» at­ly bö­lüm­inde mil­li ru­hy gym­matlyk­la­ra esas­lan­ýan ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň mil­li ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dirmek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler hem öz be­ýa­ny­ny tap­ýar. «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­tyha­kyn­da»Türk­me­nis­ta­nyňKa­nuny­nyň re­je­le­nen gör­nü­şi­niň taý­ýar­la­ny­lyşy ba­ra­da gür­rüň be­ril­me­gi ýaş­lar ba­bat­da de­mok­ra­tik ýö­rel­ge­le­re esas­lan­ýan iş­le­riň düýp maz­mu­ny­na göz ýe­tir­mek­de tä­sir­li äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ge­çen ýyl «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­tanyň Ka­nu­ny­nyň (re­je­le­nen gör­nü­şi­niň) ka­bul edil­me­gita­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka boldy. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ge­çen ýy­lyň iýun aýyn­da bu ul­gam­da mil­li ka­nun­çy­ly­gy kä­mil­leş­dir­mek me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ýaş­lar bi­len mas­la­hat ge­çi­rip, ola­ryň pi­kir­le­ri­ni, tek­lip­le­ri­ni diň­le­di. Şeý­le­lik­de, 2013-nji ýyl­da ka­bul edi­len bu Ka­nun ýur­duň ýaş ra­ýat­la­ry­nyň döw­le­ti we jem­gy­ýe­ti ös­dürmek­dä­ki or­nu­ny güýç­len­dir­mek mak­satla­ryn­da kä­mil­leş­di­ril­di. Eser­de bu ul­gamda­ky hu­kuk bin­ýa­dy­ny kä­mil­leş­dir­mek­de ýur­du­my­zyň äh­li kün­je­gin­dä­ki ýaş­la­ryň pi­ki­ri­ni bil­me­giň, ola­ry gy­zyk­lan­dyr­ýan ýag­daý­la­ryň äh­li­si­ni göz öňün­de tut­magyň ze­rur­dy­gy ba­ra­da­ky pi­kir­den ugur al­nan­dy­gy­be­ýan edil­ýär. Ýer­ler­de dür­li ýaş­ly il­deş­le­ri­miz bi­len du­şu­şyk­lar­dan ga­lan ýat­la­ma­lar paý­la­şyl­ýar. Jem­gy­ýe­tiň iş­jeň gat­la­gy bo­lan ta­lyp­la­ryň pi­kir­le­ri­ni, okuw we dur­muş ýag­daý­la­ry­ny öw­renmek üçin ge­çi­ri­len söh­bet­deş­lik­le­riň bar­şy hem-de ne­ti­je­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Şol san­da ýur­du­my­zyň baý­ry ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niňta­ry­hy­na, olar­da işi­ne us­sat ýaş hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak ug­run­da dö­re­di­len şert­le­re hem üns çe­kil­ýär. Bu bol­sa ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­mek, ýaş­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny we azat­lyk­la­ry­ny, şeý­le-de ýaş­lar bir­le­şik­le­ri­niň hu­kuk­la­ry­ny ama­la aşyr­ma­gy ke­pil­len­dir­mä­ge gö­nük­di­ri­len bu ka­nun­çy­lyk na­ma­sy­ny iş­läp taý­ýarla­ma­ga tö­we­rek­le­ýin hem-de yl­my nukdaý­na­zar­dan çe­me­le­şi­len­di­gi­ni gör­kez­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Öm­rü­miň ma­ny­sy­nyň do­wa­ma­ty» at­ly ki­ta­byn­da ýaş­lar­da Wa­ta­na, mer­da­na hal­ky­my­za we şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za buý­san­jy art­dyr­magyň, ýaş­la­ra «Wa­tan» di­ýen be­ýik dü­şünjä­niň mu­kad­des­di­gi­ni dü­şün­dir­me­giň, ony gö­züň gö­re­ji ýa­ly go­ra­ma­gy we ýü­rek­den söý­me­gi ter­bi­ýe­le­me­giň ýaş­lar ba­ra­da­ky döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň öze­ni bo­lup dur­ýandy­gy nyg­tal­ýar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň nus­ga­lyk öm­rü­niň pur­sat­la­ryn­dan söz aç­ýan bu eser­dä­ki ýur­du­my­zy ýag­ty gel­je­ge alyp bar­mak ba­bat­da be­ril­ýän öwüt-ün­dew­ler her bi­ri­miz üçin dur­muş­da ýol gör­ke­ziji çel­gi­dir. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň aja­ýyp ki­tap­la­ryn­da yn­san­per­wer­lik, wa­tan­sö­ýü­ji­lik pi­kir­le­ri, ösüş­ler ba­batda mak­sat­na­ma­la­ýyn ösü­şiň be­ýan­la­ry, yl­my ga­ra­ýyş­la­ry, mil­li gym­mat­lyk­lary­myz, me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň ugur­la­ry, ne­sil ter­bi­ýe­si­niň öze­ni ha­sap­lan­ýan, pa­ra­sat­ly ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan döw­let­li ýö­rel­ge­le­ri­miz eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let durmu­şy­nyň dür­li ugur­la­ry­na de­giş­li bo­lan pi­kir­le­ri­ni öw­ren­mek şol döw­rüň ru­hu­na, döw­let sy­ýa­sa­ty­na, ýö­rel­ge­le­ri­ne has çuň göz ýe­tir­mä­ge, oňyn pi­kir­le­riň ös­dü­ri­lip, ne­sil ter­bi­ýe­sin­de ýol-ýö­rel­ge edil­me­gi­ne öz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär.

Atda Sähedow, Ak bugdaý etrap prokuraturasynyň sülçüsi, 1-nji derejeli ýurist