MILLILIGE SARPANYŇ BELENT NUSGASY

28.11.2023

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gadymy milli medeni mirasymyza, sungatymyza, däp-dessurlarymyza uly sarpa goýulýar. Olaryň gadymy durky, milliligi saklanyp, häzirki döwrüň ruhuna görä janlandyrylýar. Ýol ýörelgelerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, medeni we ruhy gymmatlyklarymyzyň, milli mirasymyzyň gaýtadan dikeldilmegi, öwrenilmegi, halka ýaýylmagy hem-de dünýä çykarylmagy halkymyzyň baý mirasynyň ajaýyp öwüşgine eýe bolmagyna itergi berýär. Türkmen halky dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna, medeni-ruhy ösüşine örän uly goşant goşan iň gadymy halklaryň biridir.

Gelin-gyzlarymyzyň el işleri medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalary hasaplanylýar. Halkymyzyň bu ajaýyp ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilip gelinmeginde ýaşuly nesliň göreldesi, öwüt-ündewleri wajyp orun eýeläpdir. Ajaýyp zamanamyzda bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi, hormatly Prezidentimiziň enesi Ogulabat ejäniň manyly ömür ýoly, baý durmuş tejribesi göreldedir.

Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi, Türkmenistanyň at gazanan halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowa Ogulabat ejäniň göreldelik ýoly bilen halkymyza türkmen zenanyna mahsus hormatyň nusgasyny görkezýär. Ogulabat ejäniň ören alajalarynyň, olary taýýarlan iş guralynyň onuň gelni Ogulgerek Berdimuhamedowa tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyrylmagy milli sungatymyza belent sarpanyň aýdyň beýanyna öwrülip, milli däp-dessurlarymyzyň dowamatdowamdygyny görkezýär.

Ýurdumyzda hereket edýän «Medeniýet hakynda», «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakynda», «Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda», «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary milli gymmatlyklarymyz bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

Yrym-ynançlara siňen türkmen alajalary barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eserinde: «Biziň halkymyzda dagdan, düýe ýüňi, alaja ýaly zatlar ýakymsyz täsirlerden, gözden-dilden goraglylygy aňladýar» diýip, aýratyn nygtap geçýär. Alaja özünde enelerimiziň ak arzuwlaryny, päk niýetlerini jemleýär, olaryň perzendine, dünýä bolan mähir-söýgüsini beýan edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşyň sazlaşykly akymy alajany ýadyňa salýar. Reňkleriň sazlaşyp, emele getirýän ajaýyp şekilleri alajalaryň goraglylyk häsiýetini açyp görkezýär. Alaja türkmen zenanlarynyň ajaýyp el işleriniň biri bolup, halkymyzyň durmuşyna ir döwürlerde aralaşan inçe sungatdyr. Şol döwürlerde halkymyzda: «Alajada gözüň agy-garasynyň, gijäniň tümlüginiň, gündiziň ýagtylygynyň keşbi bar» diýen düşünje ýörgünli bolup, alajanyň gözdil degmekden, erbet nazarlardan goraýandygyna ynanylypdyr. Türkmen zenanlarynyň elinden çykýan alaja örmek, keşde çekmek, haly dokamak, keçe basmak ýaly nepis işlere çuňňur kämillik mahsus. Kämil zatlar bolsa adaty bir iş hökmünde däl-de, eser derejesinde baha berilmäge mynasyp. Şeýle bolansoň, Ogulabat ejäniň bejeren kürtesi, ören alajalary kämil eseriň hut özüdir.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredildi. Bu asylly iş häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň gadymyýetden şu güne çenli mukaddeslik hökmünde getiren medeni mirasy belent derejede sarpalanýar. Milliligimizi bagtyýar nesillerimize ýetirmekde, ony gorap saklamakda möhüm başlangyçlar durmuşa geçirilýär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna «Türkmen keşdeçilik sungaty», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri» hem-de «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi» ýaly maddy däl medeni mirasyň görnüşleriniň girizilmegi türkmen halky üçin buýsançly wakalaryň biri boldy.

«Türkmen keşdeçilik sungat yny ň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň-de Ogulabat ejäniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine öz eli bilen bejeren kürtesini ýadygärlik hökmünde gowşurmagyndan gözbaş alandygyny buýsanç bilen belläsim gelýär. Munuň özi zenanlarymyzyň çeper el hünäriniň şan-şöhratyny ýene-de bir gezek dünýä ýaýdy. Eger Gahryman Arkadagymyz eziz halkyna söýgüsini dürdäne kitaplaryna siňdiren bolsa, hormatly Prezidentimiz amala aşyrýan işleri bilen göwünlerde tagt gurýan bolsa, Ogulabat ejemiz çeperligiň, gözelligiň nusgasy — ajaýyp el işleri bilen görüm-göreldäniň beýik mekdebine öwrüldi.

Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda, medeni mirasymyzyň naýbaşy nusgalarynyň şan-şöhratyny has­-da dabaralandyrmakda alyp barýan bimöçber işleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys. Müňýyllyklardan gözbaşyny alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň nesilme-nesil geçip, dowamat-dowam bolmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Jennet Arazowa, Arkadag şäheriniň prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, 1-nji derejeli ýurist.